Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03

Total number of words is 3623
Total number of unique words is 2039
28.2 of words are in the 2000 most common words
41.2 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sen mundan öň 18-40-60 diýen kada hakda heý-de bir zatlar
eşidipmidiň? Ýok, bu gözelligiň ölçegi däl, bu ömrüň ölçegindäki kesgitleýji nokatlar. Has dogrusy, ömür menzillerindäki iň täsirli möwsümler. Sen on sekiz ýaşyňda özgeleriň, beýleki adamlaryň sen hakda näme
diýýändikleri bilen çuňdan we çyndan gyzyklanýarsyň. Olaryň sen
hakda aýdýan-goýýan her bir sözüne berilýärsiň. Näme diýýändiklerine
pugta üns berýärsiň. Öz etmeli işiňden ünsüňi sowup, bu sözlerden
olaryň matlap-pälini seljerýärsiň. Sen hakda nähili pikir edýändiklerinden biynjalyk bolýarsyň. Kyrk ýaşa ýeteniňde welin, özgeleriň sen hakda nähili gep-gürrüňe gümra bolandyklaryna pisint edeňok. Olara asla
üns bereňok, gyzyklanaňok. Olaryň öwmesi ýa-da ýamanlamasy asla
seniň perwaýyňa däl. Altmyş ýaşa ýeteňde bir hakykata akyl ýetirýärsiň.
Ýyllar boýy ýanyňa hemra bolan, aňyňda göterip gelen iň wawwaly
sowalyň: «Il-gün men hakda näme diýýärkä?» diýen pikiriň üznüksiz
pikire öwrer derejede asla ähmiýetli däldigine, juda biderekdigine akyl
ýetirýärsiň. Ine, 18-40-60 kadasynyň kesgitlemesi şeýle.
Öz maksatlarymyzy ähmiýeti babatda ikinji derejeli zada
öwürmegimize özümiz günäkär. Munuň gözbaşy hem, başgalaryň
özümiz hakdaky oý-pikirlerine gereginden artykmaç üns berýändigimiz. Her gezek başyna baran, ýerine ýetiren ýa-da hyýallanýan işimizi
olara ýarap-ýaramaýandygy bilen ölçerjek bolsak, öz göwnümizi,
* 3. Sargyt № 975
33
ýürekde beslän arzuwlarymyzy gaýra goýsak, diňe töwerekden baha
ýa-da dalda garaşsak, öňe ilerläp bilmeris. Hiç wagt hemme kişiniň
göwnünden turjak iş edip bilmersiň. Ogly bilen bazardan gelýän Hoja
Nasreddiniň kyssasyny ýatla. Hoja Nasreddin ogly bilen eşekli bazardan gelýän ekeni. Olaryň ikisi-de eşege artlaşyp münen ekenler. Bularyň
şeýdip barýanyny gören birtopar adam: «Bulara serediň-ä, iki bolup
bir eşege münüpdirler. Eşek janawara haýpyňyz gelsin» diýipdirler.
Hoja Nasreddin ogluny eşekden düşürip, bir özi oturypdyr. Az salym
ýöräpdirler. Öňlerinden ýene birtopar adam çykyp: «Muňa serediň,
garry atasy eşegiň üstünde, körpe ogul bolsa pyýada barýar, heý-de,
boljak zatmy?» diýşipdirler. Nasreddin eşekden düşüpdir we ogluny
mündüripdir. Az salym ýöränlerinden soňra öňlerinden çykan ýene
birtopar adam bu ahwalaty geň görüpdir: «Bulara serediň, ogly eşegiň
üstünde, garry atasy bolsa pyýada barýar, heý-de, gelişýän zatmy?»
diýşipdirler. Nasreddin ogluny eşegiň üstünden düşürip, ikisi hem
eşegiň ýanyndan pyýada ýöräp gidiberipdirler. Biraz salymdan birnäçe
adam bularyň ýoluny kesipdir: «Bulara serediň, eşegiň-ä üsti boş,
adamlar hem ýanyndan pyýada ýöräp barýar. Nähili düşünjesizlik?»
diýşipdirler. Hoja Nasreddin ogluna ýüzlenip: «Oglum, il-günüň her
sözüne gulak asyp ýaşajak bolsaň, gaty kyndyr, iň gowusy öz bilýänimizi edibereli» diýipdir.
Aslynda, biziň näme maksadymyzyň barlygy, nähili hyýallary
gursakda göterýändigimiz bilen özgeleriň işi-dahyly bolmaly däl.
Ýöne ilçilik, her hili häsiýetli adam bar, özi ýagşy bir päli maksat
edeninden geçen, gaýta tiňkesini gaýrylaryň hereketine dikip oturanlar
setanda-seýranda gabat gelýär. Adamlaryň ýüreklerini gözden geçirip,
barlap görseň, garaşylmadyk täsinlikler bilen gurşalarsyň. «Adam öz
ýüreginde şunça zady nädip göterip bilýärkä?» diýen sowaly berersiň.
«Beýle-de pikir edip bolýan ekeni» diýip, has-da geňirgenersiň.
Daş-töweregiňi gurşan adamlar hem hil-hildir. Daşyndan dost ýaly
görünýänler bardyr, asla seni indemeýänler bardyr. Emma dost ýaly
görünýän käbirleriniň ýüregi bahyllyga eýlenendir. Saňa biperwaýdyr
öýdýän käbir adamlaryň bolsa saňa ak ýürekden üstünlik arzuw edip
oturandyrlar. Adamyň ýamany – özgeleriň büdremeginden ýüregine
34
teselli tapýan, kimdir biri ýykylsa begenýän, maksadyna gönügen
adamyň orta ýolda eglenmegine heşelle kakýan adamdyr. Gynansagam, şeýle adamlar käteler alnymyzda ýa-da ýanymyzda peýda bolýar. Ýeri onsoň, sen öz geljegiňi, arzuw-maksadyňy şeýle adamlaryň
pikiri, berjek bahasy, çykarjak netijesi esasynda gurnamak isleýärmiň?
Ýagşy bolsun, ýaramaz bolsun, şol pikirler esasynda bir netije çykaryp,
şondan soňra belli karara gelmekçimiň? Bu hemişe dogry çözgüdiň
üstünden eltmez.
Elbetde, özgeleriň pikirini diňlemeli. Köpçüligi inkär etmeli diýen
zat ýok. Olaryň aýdýan sözünden, edýän hereketinden niýetlerini duýmagy öwreniň. Özüňe diýilýän zatlary diňle, nesihatlar, tankytlar, ýüzlenmeler hakda oýlan. Olar hakda ymykly pikirlen, akyl eleginden
geçir. Mundan soňra bir işi ymykly ýüregiňe düwdüňmi, maksadyňdan
dänme, hiç kimsäniň pikiri-garaýşy seni ýoluňdan sowmasyn, yhlasyňy
sowatmasyn. Özleri iş etmekden bizar, bikär oturanlar, maksatly ýöräp
bilmeýän adamlar seniň badyňy bökdemesin.
Hezreti Pygamberimiz käbir adamlaryň özüne «mejnun» diýendiklerine üns beren bolsady, yslamyýet beýle ýaýrap-ýaýylmazdy.
Emma onuň öz ýoluna, beýik maksatlaryna berk ýapyşyp, öňe hereket
etmegi bize köp zatlary öwretdi. Özümize bähbitli gymmatlyklarymyzy we ýörelgelerimizi berkitmelidigimizi öwretdi. Bilmeýän we
zatdan bihabar adamlaryň pikirlerine gulak gabartmaly däldigimizi
öwretdi.
Köpimize mahsus ýagdaýlaryň biri – beýik maksatlara
ýapyşanymyzda «özgeler näme diýerkä?» diýen sowal serimizden
aýrylanok. Bir ädim ädýäris we töweregimize garanjaklaýarys –
beriljek baha garaşýarys. Ýene ýöräbermeli welin, heniz şol ädimleriň
bahasyny eşitmezden, öňe gidibermelidigine akyl ýetiremzok. Indiki
ädimlerimizi, has dogrusy şeýle ädimlerden düzülýän tutuş geljegimizi
özgeleriň pikirine baglap goýýarys. Bu käbirimiz üçin bejerip bolmajak, geçip bolmajak päsgelçilik, böwet ýaly bolup görünýär. Şol
duýgulardan saplanyp bilsek, has uly işleri wagtynda bitirmäge gaýratymyzam, güýjümizem azlyk edenok. Şeýle pikirlere garşy durdugymyzça, üns bermedigimizçe, biz şonça-da beýik bolarys.
35
Akyl taýdan özbaşdaklyk we özgeleriň täsirine berilmezlik, işe ilgeziklik – arzuw-maksatlaryňy hasyl etmek üçin iň ähmiýetli zatlaryň
biridir. Eger-de seniň ynamyň we pikirleriň, şeýle hem arzuw-umytlaryň
berk, aýdyň we mäkäm esaslarda gurnalan bolsa, ol galdaw häsiýetler
saňa täsir etmez. Bu ruhy binýat ýüregiňizde şek-şübhe, ikirjiňlenme,
ünji peýda bolan pursady we özgeleriň tankydyna uçran wagtyňyzda
olaryň garşysyna melhem bolup hyzmat eder.
Stolumyň üstünde şeýle ýazgy dur. Muny durmuş tejribelerinden netije çykaran bir akyldar hut bize niýetläp aýdan ýaly: «Ýuwaş-ýuwaşdan ýokary galmagyň esasy ýoly özüňi mümkin bolan ýollar
bilen ösdürmekdir. Seni ösüş ýolundan alyp galmaga synanyşýan,
böwet bolýan adamlardan zeýrenmezlikdir. Diňe öňe seret! Awraam
Linkoln».
9. ŞOWSUZLYK GORKUSY
Saňa birnäçe sowal: «Şowsuzlykdan gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp,
synanyşyp görmekden gaça durýarmyň?». Eger-de sen «hawa» diýip
jogap berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam, ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl
edip bilmersiň.
Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk üstünligiň ganatydyr,
ruhudyr, barlygynyň jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt
büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç
adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç bir
adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda: «Bu ýolda üstünlik hemişe
meniň hemram boldy» diýip, aýtmaga milt edip bilmez.
Şowsuzlyk – her birimiziň taplanmagymyz üçin tejribeler toplumy. Ol dogry ýolundan sowlan we egrelen maksatlarymyzy düzedýän
zat. Üstünlik üçin düýp esas we özen.
Beýik Britaniýanyň öňki premýer-ministri Uinston Çerçill
üstünlik hakda söz açanda: «Bir şowsuzlykdan başga bir şowsuzlyga
ynamyňy, yhlasyňy ýitirmän geçip bilmek hem üstünlikdir» diýip
belleýär. Ol şowsuzlygy üstünligiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde
36
görýär we şowsuzlyk bolmazdan üstünligiň kämil bolmaýandygyny,
şowsuzlyk bolmasa üstünligiň sap tagamyny duýup bolmaýandygyny
nygtaýar. Ýöne beýle diýildigi şowsuzlyklara kaýyl bolup, arkaýyn
oturmalydygymyzy aňladanok.
Bir zada aýratyn ähmiýet ber: nämedir bir zady döretmegi, ýasamagy, ýerine ýetirmegi ýüregiňe düwseň, şol ýerde şowsuzlygyň hem
peýda bolup biljekdigini unutma. Esasanam, has gowy tarapa özgermegi ýüregine düwen – özgeriş heňini çalýan adamyň hut ýanynda
şowsuzlyk bukulyp durandyr.
Iň ýönekeýi adaty durmuşy alyp göreliň. Her gezek gujurly,
işeňňir, işewür boldugyňça, artykmaç işläp, zyýada hereket etdigiňçe,
gaýrat etdigiňçe, her gezek hem säwlikler, hatalar ýüze çykyp biler.
Ýöne özüne, jemgyýete, il-güne haýry bolmadyk adamlar ýata suw
mysaly. Diňe şolar, ýagny işlemeýän, jan etmeýän adam ýalňyşanok.
Ýöne bu ýagdaý onuň tutuş ömrüniň ýalňyşlykdygyny, hatadygyny,
günädigini görkezýär.
Şowsuzlyga iň mynasyp gaýtawuly hiç bir halatda umytdan
düşmeýän we her neneň bolsa-da, hemişe üstünlige ymtylýan adam
berip bilýär. Şowsuzlygyň garşysyna iň jaýdar hereket öz maksadyň
üçin gaýta-gaýta synanyşmakdyr, erjel we tutanýerli bolmakdyr.
Ýeňip geçmek, üstün çykmak üçin şol şowsuzlygyň sebäbini öwrenmekdir. Sebäbini bileniňden soňra, onuň alajyny, çözgüdini tapmak
aňsat we arzan düşýär.
Gynansak-da, birnäçe adam duçar bolan sähel şowsuzlyklary
zerarly dyza çökdi, ýan berdi. Ugrukmadyk işi üçin lapykeçlige,
göwnüçökgünlige özlerini aldyrdy. Netijede, synanyşyk we amal
gapysyny baglap goýdular. Maksatlaryndan ýüz öwürdiler. Ine,
şeýdýänler hakyky şowsuzlardyr. Pikir edip görüň, hut şeýle ýagdaý
zerarly dünýä ýüzünde milliardlarça asylly maksat ýola goýulman
galýar.
Şeýle şowsuzlaryň köpüsi birje hakykatdan bihabar galýarlar: olar
şowsuzlyga boýun egip, saklanmagy, bes etmegi ýüregine düwen pursatlary hakyky we beýik üstünligiň bary-ýogy bir ädim bärsinde ýa-da
edil alkymynda durdular. Üstünlige bary-ýogy bir ädim galypdy...
37
Biziň däp-dessurlarymyzda, ynanç-ygtykatymyzda işe yhlasly
ýapyşmak babatda ajaýyp ýörelgeler bar. «Eger-de ýagşy bir işi
ýüregiňe düwüp, hasyl etmek üçin ugruna çyksaň, ýalňyşaýan
halatyňda hem bir sogap ýazylýar, berjaý etseň welin, iki esse ýa-da
şondan hem köp sogaba eýe bolýarsyň».
Bu ýörelge, däp-dessur ynsanlary maksada okgunly, gaýduwsyz,
tutanýerli we erjel bolmaga, gaýta-gaýta synanyşmaga höweslendirýär. Bir zat bilen olary arkaýyn edýär: olaryň bu ýoldaky
zähmet-yhlaslarynyň birjigi-de boş galmaýar. Sebäplere daýanmak
we ädimlerini dykgatly öwrenmek şerti bilen, hatda ýalňyşlyklary
üçin hem sogap ýazylýar. Diýmek, hiç bir zähmetiň köýmeýär.
Birdenkä säwlige uçrasaň ýa-da ýalňyşsaň, durmuş deňzinde
ömür gämisi bilen ýüzüp barýarkaň gaý-tupanlar bilen ýüzbe-ýüz
durmaly bolsaň, seriňi eýelän we «gorkana goşa görkezýän» gaýgy-gamdyr howsala-dowullardan, bimany ünji-aladalardan dessine
saplan – ýene-de öz ýöremeli ýoluňa düş. Her zatda haýyr bar.
Işimiziň ugrukmaýan, ýerinden gozganmaýan, öňe ilerlemeýän
pursatlary nämeler edip bileris? Käteler ýöreýän uly ýolumyz
şowsuzlyk ýodalaryna sapsa, ondan aman-esen aşmak üçin aşakdaky
häsiýetler, hereketler bize peýda berip biler:
1. Şowsuzlyk seniň şowsuz, işi ugruna bolmaýan adamdygyňy
aňladanok.
Şowsuzlyga uçranyňda gynanmak, işiň ugrukmadyk wagty alada
batmak adaty tebigy zat. Ýöne oňaýsyz pikirlere we ýakymsyz duýgulara özüňi eýeletmezlik has möhümdir. Alada-ünjülere artykmaç üns
berseň, olar boýnuňa oralyp, dem almagyňa päsgel berer. Ýalňyşlardan,
säwliklerden netije çykarmak üçin özüňden hasabat soramak bir başga
zat, bolup geçen zatlar üçin özüňi köteklemek, ýazgarmak, gam
deňzine çümmek aýry bir zat. Özüňi nalaçlykda, kelesaňlykda, hiç zady
oňarmaýanlykda aýyplamak düýbünden ýalňyş hereketdir. Hadyslarda
«Hiç kimse özüne kembaha garamasyn, özüni peseltmesin» diýilýär.
Hemişe her bir zadyň gowy tarapynyň bardygyny unutmaly däldir.
2. Şowsuzlyk seniň şol işi başarmaýandygyňy aňlatmaýar.
38
Mysal üçin, durmuş gurmakda şowsuz ädimler seniň
şowsuz ýanýoldaşdygyňy, geljekde durmuş meselesinde üstünlik
gazanmajakdygyňy aňlatmaýar. Bir işde birbada işiň ugrukmazlygy
seniň şol ugra – şol işe mynasyp däldigiňi, hakly däldigiňi görkezenok. Ýa-da bu ýagdaý seniň başga iş gözlemelidigiňe yşarat etmeýär.
Asla beýle däl... tejribelerdäki, iş ýüzündäki şowsuzlyklar, alasarmyk şol ýagdaýlar seni has eserdeň, ünsli bolmaga iterýär. Sen öňki
ýalňyşlyklaryňa bataryn öýdüp asla howatyrlanmaly däl, çünki seniň
toplan tejribeleriň öňküden bir ädim däl-de, on ädim öňe ilerlemäge
mümkinçilik berýär.
Ýöne bir şerti bar, sen öňki goýberen säwlikleriňden, gözden
sypyp galan hereketlerden many alyp, netije çykarmalysyň.
3. Ýol saýlamakdaky şowsuzlyk bilen maksat saýlamakdaky
şowsuzlygyň arasyny aç.
Käbir adamlar maksatlaryna barýan ýolda bir şowsuzlyga
uçrasalar, olar derrew maksatlary babatda ikirjiňlenip başlaýarlar.
Aslynda, bar mesele, müşgillik maksatda däl-de, şol maksada ýetmek
üçin saýlanyp alnan ýolda. Ine, şu düşnüksizlik, bulam-bujarlyk hem
adamyň ýüzbe-ýüz bolýan iň hatarly zadydyr. Sebäbi ol bir maksatdan başga maksada göçüp-gonup ýörmäge iterýär we ömrümiziň köp
bölegini bihuda sarp etmegimize sebäp bolýar. Isleýän zadymyz babatda pikirlerimiziň dagynyk, pytraňňy bolmagyna getirýär. «Näme
isleýändigimizi hem bilmeýäris» diýen bahana duwlanýarys. Aslynda
welin, biz isleýän zadymyza eltýän başga bir ýoly gözlemäge, öwrenmäge mätäçdiris. Munuň üçin maksatlara şübhelenip bakmak nädogrudyr.
4. Seret, şowsuzlyk seniň ömrüňden hiç zat ogurlan däldir.
Haýsydyr bir işe gümra bolup geçiren günleriňe, ýöne munuň
üçin gazanmadyk üstünlikleriňe gözýaş döküp ýörme, aglamaga endik etme. Sen häzirlikçe maksadyňa ýetmedik hem bolsaň, gazanan
zatlaryň örän gymmatlydyr – seniň tejribeler sandygyna goşan –
öwrenen zatlaryň, ynanaý, gymmatyny baha bilen kesgitläp bolmajak zatlardyr. Aslynda-da durmuş tejribeleriň toplumydyr. Resulalla
hezretleri hemişe bizi şu sözler bilen ruhlandyrardy: «Işler ahyryna,
39
netijesine görädir». Ahyryna göz aýlamak, nusga almak gerek. Bir
günde bolmasa-da, bir gün bolar.
5. Şowsuzlyk seniň şowsuzdygyňy aňlatmaýar.
Geň görme, şowsuzlyk bu şowsuzlyk şahadatnamasyna eýe
bolandygyňy aňladanok. Ol dünýä ýüzüniň saňa barmagyny çommaldyp, töhmet atyjylyk nazary bilen bakýandygyny aňlatmaýar. Seni inkär
edijilik we saňa şübheli garaýyş bilen seredýändigini hem aňlatmaýar.
Ol mundan soň hemişe biabraýlyk dony bilen kanagat etmegiň
saňa ýazgytdygyny, galan ömrüňi işi şowlamaýanlaryň hatarynda
geçirmelidigiňi aňlatmaýar, asla beýle däl...
Bir şowsuzlyk... ol diňe synanyşyk, ol diňe tejribe. Ol heniz
ahyrky we gutarnykly netije däl... ol wakalaryň ýüze çykýan ýeri, ýöne
uruş-jeň ýeri däl... ol indikä geçiş nokady, ol iň soňky öwrüm däl...
Maňa ynan, öňüne şowsuzlygyň kölegesi düşmese, üstünligiň şuglasy
göz gamaşdyryjy bolmaz.
Mahlasy, ondan öwrenýän zatlaryň bilen şowsuzlykdan lezzet almagy öwren. Lapykeçlik we şowsuzlyk pursatlarynda çuňňur oýlan
hem-de şol tümlügiň içindäki tutuş ömrüňi (ömür ýodalaryny) nurlandyrjak ýagtylygy görmäge, duýmaga döwtalap bol.
Hakyky şowsuz adam sähel şowsuzlykdan soňra indiki
synanyşykdan sowaşýan we göwnüni çökerýän adamdyr. Aslynda
üstünlik galasynyň esasy kerpiçleri şowsuzlyk we ugursyzlyk kerpiçlerinden ybaratdyr.
Jon Çarlzyň şowsuzlyk hakda aýdan bir sözi bar: «Şowsuzlyk
iki hilidir: birinjisi, pikirini edýäň, emma oňa ýeterlik we yzygider
amal edeňok. Ikinjisi, öňünden pikirini etmän, nähilidir bir zada amal
etmekçi bolýaň...».
10. DURMUŞA BARMAK ARASYNDAN BAKMA!
Sen gorkakmy?
Belki, bu soragym saňa juda gömelteý eşidilen bolmagy mümkin. Has giňişleýin aýtsam – eger-de durmuşyňda nämedir bir zady
şu wagtkysyndan has gowulyga tarap üýtgetmekçi bolanyňda, üýt40
getmegi ýüregiňe düweniňde, nähilidir bir gorky-ürkini, çekinjeňligi
duýýarmyň diýdigim.
Bir zady ýa-da ýagdaýy üýtgetmek islänimizde ýa-da öň
öwrenişmedik zadymyzyň başyna barmagy pikir edenimizde nähilidir bir gorky-ünjiniň bizi gaplap almagy tebigy ýagdaý. Töwekgellik
artdygyça birahatlyk hem güýçlenýär, gorky hem ulalýar.
Psiholog lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, gorky – ýüze çykyp
biläýjek howp-hatarlardan (şolary gozgaýan zatlardan, sebäplerinden) goraýan zat, emma käbir halatlarda ol ösüşiň öňündäki esasy
päsgelçilik we böwetdir. Artykmaç gorky işe yhlasly ýapyşmaga, zähmet çekmäge, öňe ilerlemäge päsgel berýär. Şeýle ýagdaýdan halas
bolmak we ol gorkyny bejermek mümkindir.
Öňden bar bolan zady üýtgetmek isleýän adama her-hili ýakymsyz
(otrisatel) we göwnüçökgün duýgularyň esger kimin hüjüm edýändigi
subut edilen zat. Şeýle oňaýsyz pikirler ony maksat--myradyny hasyl
etmekden alyp galmaga synanyşýar. Şolaryň has möhümleriniň biri
hem gorky duýgularydyr. Gorky adamy ýesir edýär. Ýaramaz nebsine
bat berip, duýgularyna hökümini ýöredýär. Eger-de gorkusy rüstem
gelse, ol adam hasrata çümýär, ünji, çekinjeňlik, birahatlyk duýgularyna şam bolýar. Gowy zatlar hakda pikir ýöredip bilenok. Älem-jahany
tümlüge gark bolan mysaly kabul edýär. Dünýäni barmaklarynyň arasyndan synlap başlaýar. Çünki biz näbellilikden şeýle bir gorkýarys.
Täze gapylary kakmakdan çekinýäris. Öňki bilýän we öň öwrenişen
zatlarymyza ýa-da öň köpleriň synap gören zadyna ýapyşanymyzy eý
görýäris.
Emma garadangaýtmaz, ýürekli, maksadaokgunly adamlar
ömrüň bir gezek berilýändigini we ol ýerde ikinji ömre pursat ýokdugyny, bu ömri gorky-ürkä gaplanyp ýaşamaly däl-de, şol näbelli zatlara hem dokunyp görmegi, täze tejribelerden lezzet alyp ýaşamagy,
töwekgelçiliklerden we her täzeçillige ýürekli topulmakdan lezzet
alyp ýaşamagy eý görýär. Munuň üstesine amerikan ýazyjysy Mark
Twen biziň her birimize juda ähmiýetli bir maglumaty habar berýär.
Ol uzak we asuda ömür sürüpdir. Ýüreginde bolsa ençeme dowul,
howatyr bar eken. Ýazyjynyň aýtmagyna görä, onuň kalbyna dolaşan
41
gorkularyň hiç biri hem hasyl bolmandyr. Ol bize biziň has erbet
gorkýan zatlarymyzyň hiç wagt başymyza gelmeýändigini, biziň şol
gorkulary görmezden dünýäden ötüp gidýändigimizi nygtaýar.
Biziň içimizdäki nebis hemişe bizi nähilidir bir howsala, gorky
bilen gurşaýar. Biziň köpimiz hereket edýäris we kellämizde hem iň
ýaramaz zatlaryň ssenarisi dur. Şol ýaramaz ssenariler hem biziň gündelik durmuşdaky kararlarymyza täsir edýär we geljegimiz üçin kabul
edilmeli möhüm çözgütleriň öňüni, badyny alýar.
Ähmiýetli durmuş kadalarynyň ýene birini ýaňzydaýyn, üns
ber – üstünlik hiç wagt sowgat berilmeýär. Üstünlik gazanylýar. Ony
göreşip, çekip almaly.
Sen iki sany ýagdaýyň birini saýlamaga borçly: ýa-ha adaty
ynsan (belki adatylykdan az-kem tapawutlysyň) bolup, aman-asuda ýaşa, ýa-da beýik adam bolup, töwekgelçilik edip, kynçylyklary
ýeňip geç-de, has ajaýyp durmuşda ýaşa! Isle barmak uçlarynda
ýöräp, daraklygyňa basyp, «ýer birden jygyldaýmasyn, dünýäniň nazary maňa gönügäýmesin» diýip, gorky-howsala bilen ýaşa ýa-da
sesiňi beýgeldip, bardygyňy subut edip, özüňi ykrar etdirip, durmuşda
batyrgaý we şadyýan ýaşa!
«Baý kaka, garyp kaka» atly ajaýyp eserinde Robert Kiosaki
şeýle ýazýar: «Garyplaryň toparyndan baýlaryň hataryna goşulmak
üçin beýnimizi garyplaryň pikir-düşünjesinden, olaryň pikirleniş
ukybyndan we durmuşa bolan garaýşyndan halas edip, baýlaryň pikir
ýöredişini we özlerini alyp barşyny öwrenmeli, şol esasda ýöremeli. Iň möhüm zatlaryň biri töwekgelçilik etmekden saklaýan ýerliksiz gorkudan saplanmakdyr. Şol gorky adamlary şowsuzlyk toruna,
ugursyzlyk çeňňegine daňyp, baglap, asyp goýýar. Şeýle adamlar
arkaýyn asuda we aňsat zada ýapyşýarlar hem-de hemişe örän az zat
bilen kanagat edip ýaşaýarlar...
Adamlaryň aglabasy öz maksatlaryny ujypsyz (minimal) derejede hasyl etjek, üpjün etjek ýoly saýlap tutýar. Durmuş ýollarynda
sähelçe howp-hatara düşjegini syzsa, töwekgelçilikli öňe okdurylmaga beýlede dursun, gaýta maksatlaryna şübhelenip başlaýar.
42
Howp-hatar görseň, gözsüzbatyrlyk bilen okduryl diýemok,
ýa-da hemişe alada-birahatlyk içinde ýaşa diýjek bolamok. Ýöne bir
zat hemişe ýadyňda bolsun – eger-de sen beýik maksatlara, belent
arzuwlara beslenen döredijilikli, oýlaptapyjylykly adam bolmagy
ýüregiňe düwen bolsaň, unutma, howp-hatar, gorky-ürki, birahatlyk
ýaly zatlar hem saňa hüjüm eder durar. Bu gorkular seniň maksadyňa
çynlakaý ýapyşyp-ýapyşmandygyňy bilmek üçin bir synagdyr.
Hemişe taýýarlykly we hemme zada taýyn bol!
Mahlasy, her bir üýtgeşikligiň, özgerişiň saňa birnäçe ýadawlyklary tirkäp geljekdigini bil, ýöne olardan gorkma. Olara garşy
biliňi berk guşa. Ruhy taýdan taplanan, taýýarlykly bolsaň, olary
ýeňip, geçip gitmek müşgil zat däl. Özüňi işeňňirleriň hatarynda,
işewürleriň toparynda görmek isleseň, her bir işe jogapkärçilikli
çemeleş. Gorkynyň özüňi eýelemegine pursat berme, ýogsam, beýik
adam bolmaga ukybyň we mümkinçiligiň barka, ýönekeý adamlaryň
biri bolup galarsyň.
Ýazyjylaryň biriniň gorky we ikirjiňlenme hakda aýdan bir sözi
bar: «Şübhelerimiz hemişe bize hyýanat edýärler. Olar synanyşmak
arkaly gazanyp biljek mümkinçiliklerimizi, haýyrlarymyzy elden gidermegimize getirýär».
11. ÜSTÜNLIGIŇ BAHASYNY TÖLE
Beýik sahabalaryň biri Suheýb ar-Rumy Resulalla hezretleriniň
ýanyna barmak üçin Mekgeden Medinä göç etmegi ýüregine düwende,
kuraýyşyň betpälleri ony yzarlap, ýol ugrunda bir ýerde gabapdyrlar.
Suheýb şol ýerdäki dag aýrydynyň bir ýerinde bukulyp, penalanyp
başlapdyr. Ol ýaý atmaga örän ezber bolansoň, duşmanlarynyň hiç
biri munuň golaýyna barmaga milt etmändir. Ony ele salmak tamasyny ýitirenlerinden soňra, iň bolmanda mal-mülküne eýe bolmak
höwesi nebislerini odukdyrypdyr. Niýetini tersine düwen betpäller:
«Ähli emlägini, mal-mülküni taşlasa, öz ugruna goýberjekdiklerini,
ýogsam, gitmäge idin bermejekdiklerini» aýdypdyrlar. «Sen aramyza
geleňde, ýer urup, ýerde galan garyp biridiň. Ýanymyza geleniňden
43
soň, rysgyň açylyp gitdi, baýlygyň artdy. Aramyzda iň uly baýlaryň
birine öwrüldiň. Indi seni şol baýlygyň bilen goýbermejekdigimiz
hak» diýşipdiler.
Suheýb olara hazynasynyň, mülküniň gömlen ýerini salgy beripdir. Gömülgi genjiň salgysyny eşiden betpäller, ony şol ýerde taşlap,
hazynany talamaga gidipdirler. Suheýb hem sag-salamat Medinä
aşypdyr we dessine Pygamber hezretleriniň huzuryna barypdyr. Bolan wakalary gürrüň beripdir. «Bu-da bir söwdadyr. Söwdaň oňuna
bolsun, Suheýb» diýip, Pygamberimiz dillenipdir. Suheýb öňünde
goýan maksadyna ýetmek üçin ähli baýlygyny, malyny, hazynasyny
berdi. Ol isleýän zadyny gazanmak üçin gelen bu geleşiginde bir
sekunt hem, birjigem ikirjiňlenmedi.
Her bir üstünligiň özboluşly bahasy, töleg nyrhy, gymmaty bar.
Parhy ýok, ol üstünlik maddy, edebi, jemgyýetçilik ýa-da ahyrete
dahylly üstünlik bolaýsyn, hökman bahasyny ödemelidiris. Eger-de
üstünlik mugt ýa-da mugta ýakyn bir zat bolsa, her bir işýakmaz, ýalta, biweç adamlaram ony islän çagynda gazanardy. Der dökmezden
alardy.
Işewürlik dünýäsinde adygan, girdejisi, gazanjy bilen beýlekilerden bir ädim öňe düşmegi başaran adamlaryň ählisi diýen ýaly
şu hakykaty tekrarlaýar: üstünligiň bahasy bar, ony gazanmak üçin
öňürti şol bahany hökman ödemegiň gerek.
Agynjak zehiniň we gudratyň özi hasaplanylýan tanymal
suratkeş Maýkl Angelo üstünlik hakda oý-hyýallara çümýänlere,
ukyp-başarnygyň ýüze çykmagy ýa-da bagtyň çüwmegi üçin üstünlik gerek diýýänlere şu zady maslahat berýär: «Üstünlik üçin harç
eden yhlasymy bilsediňiz, üstünlik üçin ýerine ýetiren zähmetlerimi
görsediňiz, Maýkl Angelo bolmak üçin nähili çytraşandygymy göz
öňüne getirsediňiz, meniň başarnygym size asla geň zat bolup görünmezdi. Sisten ybadathanasynyň gümmeziniň iç ýüzüne surat çekmek
üçin dört ýyllap arkanlygyna ýatyp-turdum, ukymy şeýdip aldym»
diýipdir.
44
Muhammet Abu Terike Müsüriň we tutuş arap dünýäsiniň ençeme ýyllap meşhur türgeni bolmagy başaran adam. Ol ähli arap
dünýäsiniň berekellasyna, söýgüsine, hormatyna mynasyp boldy.
Adamkärçiligi, erjelligi we tutanýerliligi bilen jemgyýetiň hem-de
milletiniň gyzyklanmasyna dogry bakyp bilýändigi bilen şol mertebä eýe boldy. Bir gezek men ondan bu artykmaçlygynyň syry hakda
soranymda: «Dogrusy, men üýtgeşik zat edemok. Meniň edýän her
bir zadym meniň hökman edäýmeli zatlarym. Türgenleşik döwründe
özümden ödelmeli yhlasy, erjelligi ýerine ýetirýärin, tälimçilerimiň
görkezmelerini gyşarnyksyz we doly kämil ýerine ýetirmäge
çalyşýaryn, şeýdibem, tomaşa etmäge gelýän janköýerleriň hormatyny gazanýaryn» diýip jogap berdi.
Ewerest dagynyň çür başyna çykan ilkinji müsürli Omar Sümre.
Bir gezek onuň bilen bolan duşuşykda Ginnessiň rekordlar kitabyna
ýazylan bu batyrgaýlygy we muny başaran ilkinji müsürli hökmünde
taryha girmegi bilen gutlap, muňa nähili hötde gelendigini soradym.
Ol maňa şu hakykaty äşgär etdi: «Ewerest dagynyň depesine iki hepdede çykdyk, ýöne munuň üçin ilki dört ýyllap taýýarlandyk». Ol
göz öňüne getirişinden has agyr bolan pursatlar hakda hem gürrüň
berdi. Muňa garamazdan, üstünligiň iki ädim bäri ýanynda durkaň,
maksatlary hasyl etmekden, doly amala aşyrmakdan saklanmazlyk
gerekdi. Ol hyýalynda göterip gezen dag belentligine dyrmaşmak
meselesinden birjik dänmedi. Üstünligiň bahasyny öňünden töleseň –
taýýarlygyň, taýynlygyň we laýyklygyň kämil bolsa, orta ýoldan yza
gaýtmak gelşiksiz ahyry.
Doktor Nebil Faruk – arap edebiýatynda ýaşlaryň söýgüli gahrymany, arkadaýanjy, Ýakyn Gündogarda aňtawçylyk edebiýatynyň
öňbaşçysy. Ol bir gezek şeýle gürrüň berdi: «Bir maksady ýüregime
düwdüm, ýöne munuň ummasyz tölegi bardy, ödemegim borçdy.
Eger-de men üstünlige ymtylýan bolsam, maňa üstünlik gerek bolsa,
men şol tölegi ödemelidim. Ýogsam, göz öňünde tutan işimi hasyl
edip biljek däldim. Ahyry bellibir karara geldim. Öz islegim boýun45
ça saglyk ministri wezipesinden boşadym we adaty lukman bolup
işlemegi ileri tutdum. Işimiň daşyndan göz öňünde tutan maksadyma
amal ederim ýaly boş wagtlarym tapyldy. Edebiýat bilen has içgin
gyzyklandym we owaldan ýürekde lowlap duran islege ot berdim –
elime galam aldym we eser ýazyp başladym. Öňümde goýan beýik
maksadyma ýetmek üçin wezipämden meýletinlik bilen ýüz öwürdim.
Ýogsam, lukmançylyk ugry şol wagt hem adamzada bähbitli we girdejili hünärleriň biridi».
Edara ediş-dolandyryş işleriniň ussady hasaplanylýan Stiwen
Kofi hem şu sözleri tassyklaýar: «Maddy, mal-mülk ýa-da amaly
üstünlik gazanan adamlaryň ählisi biragyzdan ykrar eder: üstünlik
gazanmak üçin ilki akylyňy işlet, soňra şol ugurda der döküp işle.
Üstünligiň bahasyny öňünden we doly-kämil tölemegiň gerek. Üstünlik üçin iň gysga ýol şundan ybarat».
Üstünligiň bahasyny tölemäge sen şeýle bir borçly, şeýle bir
mejbursyň. Tölegiň görnüşleri dürli-dürli bolup biler: şol ugra degişli
zatlary köp okamalysyň, köp maglumat toplamaly bolarsyň ýa-da
ýadawlygy ýada salman, dynç gerek diýip göwün bölmän, irginsiz we yzygider işlemek hem bolup biler. Belki, häzirki iş ornuňy
üýtgetmegiň gerekdir. Täze tanyşlyklar, dostluklar zerurdyr. Garaz,
her üstünlik üçin nämeleri näçe mukdarda tölemelidigini, neneňsi yhlas-tagalla etmelidigini bilmegiň we berjaý etmegiň gerek. Hernäçe
arzuw-maksada eýlenseňem, hal-ýagdaýyň öňki bolşundan üýtgäp
gitmeýän bolsa, diýmek, seniň bu ugurda ýeterlik alada ýa-da dogry
hereket etmeýänligiňi aňladýar.
Öňüňde goýuljak üstünlik tortunyň tagamy we göwrümi – seniň
tölän bahaňa, muzduňa, ýagny sarp eden yhlas-zähmetiňe bagly bolar. Gorkaklar, çekinjeňler üýtgeşik zat gazanyp bilmezler. Rahatlyk,
arkaýynlyk bilen üstünligi utgaşdyrmak isleýän adamlar haýpygelijilikden başga zat tapmazlar. «Yhlaslary» puç bolar.
Özüňe berlen akyl-zehini peýdalanyp, öňde goýan maksatlaryňda
üstünlige ýetesiň gelýän bolsa, ýaltalyga iterýän aldawçy duýgulara,
46
salgymlara boýun egmän, töwekgellik bilen ähli gorky-ürkini dep
edip, batyrgaýlyk bilen öňe ýöre. Hereket et we gazan!
Üstünlik hergiz mugt däldir. Her üstünligiň bahasy bardyr we
onuň bahasyny hemişe öňünden tölemelidir. Üstünlik karzyna gazanylmaýar. Yhlasyňa, ýadawsyzlyk bilen çeken zähmetiňe, gaýratyňa,
sabryňa görä hem sowgat-serpaý, sylag we miwe – gadyr gazanarsyň.
12. BARABAR BÄHBITLERI
PEÝDALANMAGY BAŞAR
Futbol çempionatynda bir düzgün bar – çempion bir bolmaly.
Edil kazyýetde bolşy ýaly, dawalaşýan taraplaryň haýsy hem bolsa biri
ýeňmeli we beýlekisi ýeňilmeli.
Bu käbir adamlaryň düşünjesinde hut şeýle. Ýogsa-da, durmuş,
dogrudanam, hiç hili deňligi bilmeýän, diňe bir tarapyň utup, beýleki
tarapyň utulmagy bilen tamamlanýan futbol oýnumy ýa-da kazyýet
derňewi?
Eýsem, adamlar «Meňki bitsin, seňki ýitsin» diýen pikire uýup
ýaşamalymy? Bu gün biri, ertir ýene biri ýeňiş gazanybersin diýen
pikir bilen gezmelimi?
Aslynda, durmuşdaky üstünlik gazanyş we ýitgi-hasrat babatdaky barabarlyk hem-de tapawut adamlaryň öz esaslandyrýan ynançlaryndan gözbaş alýar. Käbir adamlar özünden gaýry kişä pisint etmeýär we özgeleriň bähbidi, aladasy asla perwaýyna däl. Käbir adamlar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.