Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41

Total number of words is 2500
Total number of unique words is 1561
32.6 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
beripdir öýdýän. Özüňize seretmegiňiz, saglygyňyzy bejertmegiňiz
gerek» diýipdir. Şeýdip, lukmanyň salgy beren däri-dermanlaryny içip, bir ýyla golaý wagtyny geçiripdir. Mellegiň, ekin-dikiniň
haly hem göz-görtele pese düşüpdir. Ýerleri şor basyp ugrapdyr.
Ýuwaş-ýuwaşdan berekedem ol hojalygy terk edipdir. Üstesine hassalyk. Däri-dermana pul ýetirjek bolsaňam, ýyllarboýy gazanjy ýetmän dur diýýär. Has birahat edýän ýeri, hassa aýak üstüne galyp
gidibermändir. Gaýta bitap hal, bimejal göwre, ysgynsyz aýaklar
has-da lapyny keç edipdir. Lukmanam ýyla golaý siňdirilen bejergiden soňra bir hakykaty boýun alypdyr. «Ýaşuly, başda çaklaýşymyz
dogry çykmady. Bu guragyrynyň oýny däl ýaly. Munuň heniz ylyma
mälim bolmadyk başga bir sebäbi bar bolmaly» diýipdir. Sähel ýarawsyzlyk gurşasa, ynsan geljegini däl-de, aglaba halatda geçmişini
620
göz öňüne getirýär. Öte geçen ýa-da bärden gaýdan ýerleri, göwne
degen ýa-da göz-görtele ýamanlyk eden ýerleri, birin-birin göz
öňünden geçýär durýar. Ýylboýy düşege baglanyp ýatansoň, pikirden
gaýry zada mejaly galmadyk ýaşulam öz hereketleri dogrusynda pikir
öwrüp ýetişen ekeni. «Hawa, bu guragyrynyň işi däl. Ýöne ylymda
üsti açylmadyk, aýdylmadyk bir hakykatam däl. Munuň dermany
tobada» diýipdir. Soňra çagalaryny üýşürip, eden işlerini birin-birin
beýan edipdir. Şol bir sere ýeri bildirmezden öňki katdyna getirmeklerini sorapdyr. Ogullary aýdyşy ýaly edipdir. Täsin ýeri, şondan köp
wagt geçmänkä keseliň güýjemesi aýrylypdyr. Ýene biraz wagtdan
soňra saglygy göwün gandyryjy dikelipdir. Goňşusy «Bir sere ýer, bir
gara nebis üçin aýakdan-serden jyda düşmänkäk, toba edip ýetişdik.
Galan ömrüme – özüme-de, nesillerime-de sapak bolar. Az bolsun,
ýöne halal bolsun. Her halal zadyň haýry-berekedi öz içinde bolýandyr» diýipdir. Ol ýene-de mellegine, öňki zähmetine dolanypdyr.
Ýöne muňa garamazdan rysgy-berekedi wagty bilen oýanmandyr.
Sebäbi, aýtmaklaryna görä, birini nähak ýere ynjytsaň, hakyny iýseň,
şol säwligiňi düzedeniňden soňra hem şol adamdan bu hereketleriň
üçin ötünç soramasaň, bärden gaýtdygyň hasap edilýär. Rowaýatlara
görä, öňem biri «bagyşla» diýmändigi üçin şol sözüň her harpyna bir
ýyl mukdarynda ýedi ýyl rysgy baglanypdyr diýilýär.
Käteler her bir hereketimizi tasa getirjek bolup, ýüz hokgany orta
atýarys, müň pelsepe otarýarys. Ýöne halallygyň hemmeler üçin sadadan düşnükli ölçeg-kadasy bar. Oňa aýratyn bir ylmy derňew hökman däl.
***
Halal zähmetiň haýry-höziri, ähmiýeti hakda ençeme erteki, kyssa, nakyl bar. Dessandyr eposlaryň süňňünde, özeninde hem ahyrynda
haky ödelmeýän hiç bir hereketiň ýokdugy öwran-öwran ýatlanylýar.
Haçandyr bir wagt nirededir bir ýerde nähilidir bir usul-ýol ýa-da
sebäp-serişde bilen şol edilen ýagşylyklar, halal hereketler özüňe dolanyp gelýär. Kähalatlarda özgeleriň rysgy-rozy, durmuşda gazanýan
621
üstünlikleri, ýetýän sepgitleri, eýe bolýan alkyş-sylaglary hakda söz
açylanda, käbir adamlar şeýle uly sylag-hormata mynasyp däl ýaly
hem görnüp biler. Ýöne bu biziň diňe daşyndan synlap, berýän bahalarymyz. Onsoňam, gadymy akyldarlaryň kitabynda şeýle bir jümle
bar: «Ykbalyň ýapýan her bir serpaýy hut şoňa mynasypdygyň üçin
berlenok. Olaryň käbiri sylag, emma käbiri synagdyr. Ýöne şoňa
mynasypdygyňy yhlasyň, zähmetiň, şüküriň bilen görkezmegiň, subut etmegiň hökmandyr». Belki-de, wakalaryň içinden, jümmüşinden
asla habarymyz ýokdur. Köprüde ýa-da dar geçitde edilen ýagşylyk
üçin diňe köprüniň üstünde sylaglanmaly diýlen düzgün ýok. Nirededir bir ýerde bitiren halal hereketi, yhlasly zähmeti üçin başga bir ýerlerde eý görülmegi, eziz görülmegi durmuş kanunlarynyň, kada laýyk
ýagdaýlaryň biridir. Şeýle hasap halala sygmaýan hereketler babatda
hem ýörgünli. Dogry-dürs hereketlere rysgal-bereket, şowlulyk hemra
bolýan bolsa, nähak hereketler ýa-da oňlanylmaýan niýet-zähmetler
ahyry mazalyja suwuňa degýän, degnaňy garjaşdyryp, hasap tapmaz
ýaly derejä eltýän wakalara duçar edýär.
Gürrüň bermeklerine görä, öň bir obada özgeleriň zähmetini
ulanyp, olary aldap-ogşap söwda çekýän, emma söz bereninden
we düşýän gymmatyndan örän az hak berip, olaryň hakyny iýýän,
çürkeýän biri bolupdyr. Şeýdip, ýygnap-ýygşyran gazanjy bilen gurpluja birine öwrülipdir. Baýapdyr. Birmahallar diňe ýörejek ýollaryna
seredýän tiňkesi ýuwaş-ýuwaş ýokary göterilipdir. Onsoň, «temegini
göge dikýänleriň» biri bolup galyberipdir. Söwdasynyň gerimini hem
barha giňeldipdir. Iş-aladasy artdygyça il-günden hem çetleşip ugrapdyr. Köpüň toýuna, ýasyna, märekesine görünmäge boş wagty hem,
isleg-höwesi hem galmanmyşyn. Hatda soňabaka berlen salamy almaga-da wagty bolmandyr. Köne külbesiniň ornuna köşk ýaly jaý dikeldip, daşyna ogry-jümri golaýlaşmaz ýaly demir çitenekden germew
aýlapdyr. Zadyň artdygyça aladaň artýar diýleni, öňler diňe gazanmak
maksady bilen çarp urýan söwdagär indi gazanan zatlaryny saklamak
üçinem pikir edip başlapdyr. Üstesine, kimdir biri öz mal-mülküne
622
göz dikýän ýaly howsaladyr howatyrlanmalara hem hemra bolupdyr.
Sebäbi, henizem ili çürkemekden elini çekmän ekeni. Şeýle günleriň
birinde ýene-de öňki edähedi bilen söwda-satyga gidermen bolupdyr. Öýde galýan çagalaryna hem berk sargapdyr: «Hergiz howludan
daşyna çykmaň. Bir sebäp bilen çykmaly bolsaňyz hem gapyny
mäkäm gulplaň. Del adam görseňiz, ýanyna barmaň, golaýlaşmaň.
Adamlara ynam ýokdur, ýüzüňe gülüp bakar, ýöne ýüregi bet pygyldan
ýaňa gara-örtdür…». Garaz, hemme zady berk sargadym diýip, ýola
rowana bolupdyr. Ýöne, näme çaga üçin giňiş meýdan dar howludan
has täsirli. Onsoň çagalar oýna höweslenip, beýleki deň-duşlary bilen
oýnaslary gelipdir. Howlynyň derwezesini hem mäkäm gulplapdyrlar. Gaýta-gaýta çekip görüp, gulpludygyna göz ýetirensoňlar hem
obanyň çetine oýnamaga gidipdirler. Il arasynda şeýle bir söz bar:
«Alla gorasa, açyk gapydan hem bela girmez. Alla goramajak bolsa, demir gapyňy hem döwüp girerler». Aradan köp wagt geçmänkä
howludan burugsap ýokary galan gara tüsse goňşy-golamlaryň hemmesini haýykdyrypdyr. Ot-ýalnyň şatyrdysy diňe bir agaçlary däl,
demir esbaplary hem gemrip barýan ýaly ekeni. Ýene-de kyn günüňde
dadyňa ýetişjek il-gün. Her kim çeleklerini suwdan dolduryp, ýalyna
gabsalan goňşy öýüň oduny söndürmäge howlugypdyr. Ýöne.., hiç
kimse ne beýik haýatdan aşyp bilipdir, ne-de demir gapynyň kildini
ýazdyryp, içeri girip bilipdir. Az pursatlyk salymdan bolsa birmahalky
kaşaň öýli howly, jaý we içi doly baýlyk gara köýük bolup galyberipdir. Ylgaşlap gelen çagalaram gijä galypdyrlar. Howla girenlerinde
eýýäm iş-işden geçen ekeni. Şonda adamlar ojakdan uçran kiçijik
bir uçgunyň kaşaň öýli howlyny dem salymda köýdürip bilýändigine
haýran galypdyrlar. Iň esasy zat hem ili çürkemegiň ahyrky netijesiniň
neneňsidigine magat göz ýetiripdirler. Haklaşyk üçin ummasyz zadyň
zerur däldigine, kiçijik bir uçgunyň hemme zady çözüp bilýändigine
akyl ýetiripdirler. Söwdagär bolsa öňki gününem tapmandyr. Gugaryp
galan howluda towuga ýükläre-de zat galman ekeni. Hernä jan ýitgisi
ýok – şükür edere zady kän. Nähilidigiňe garamazdan nebsi agyrýan,
623
dadyňa ýetişýän goňşy-golamyň, il-günüň. Her kim teselli berip, elinden gelen ýardamyny edipdir. Bir öý dikeldip beripdirler. Söwdagärem
şondan soň ymykly toba edipdir.
Ýaşulular ýöne ýere aýtmaýar: «Hemişe päli pes, kalbyň tobaly gezmeli. Hemişe halal zähmet çekmeli. Iliň hakynam iýmeli däl,
zähmetini hem nähak ulanmaly däl. Ykbal bir salym garaşyk eder,
emma sabyr käsesi daşyp, puryja möhleti dolansoň, ýörejek ýollaryň
büdür-südür bolmagy hökman däl. Takdyr bekine tutanda ynsan tekiz
ýerde hem büdräp başlaýar». Mahal-mahal nemrud nebsimize «haýt»
diýmesek, ol ynsany has kötel ýodalara sokar. Hemme zada owsun atyp
oturyşyna gerek-gerekmejek ähli zady holtumyna sorasy, goltugyna
gysasy gelip durýar. Onsoň, karun nebsini, nemrud nähaklygyny mugyra getirmek üçin öňden niýetlenen ýörite düzgünler herekete girýär.
Gözüň gorkup, toba daýanmagyň üçin bolsa Gökde Günüň tutulmagy,
aşakda zeminiň zenzelä gaplanmagy hökman däl. Gaty ýönekeýje zat,
ýöntemje sebäp hemme zady çözýär oturyberýär. Ýakyn-u alyslara
hökümini ýöreden, diýdimzor Nemrudy dyza çökeren zat ýekeje çybyn ahyry.
***
Her kim öz durmuşynda ykbalyň bagyş edýän şowlulyklary
bilen ýüzbe-ýüz bolandyr. Käwagt garaşylmadyk utuşlar, müň
bijäniň içinden seniň paýyň çykmagy, durmuş menzillerinde Hydyr ata kibi sataşýan we derdiňe derman bolýan ynsanlar, dogry
çözgüdi tapmagyňyza iteren sözler we pikirler, käwagt öňüňizde
tüýs size gerekli zatlaryň peýda bolmagy… şeýle pursatlaryň ýazgysyny ýöredýän bolsaňyz-a depderleriňizi dörüp, gaýtadan okap, ýene
bir ýola göz ýetirip bilersiňiz. Beýle ýazgylaryňyz ýok bolsa-da,
ýadyňyzda galan juda täsirli wakalar siziň şowlulyk we bagt üçin
ýaradylan ynsandygyňyzy delillendirýän ýüzlerçe pursatlar bilen ýüzbe-ýüz eder. Şeýle sowgatlaryň köpdügine garamazdan, ykbalyň ýörite
niýetlän paýy hökmünde kabul edýän ýene birnäçe zatlarymyz bar.
Ählisini hem «nesibä» syrykdyrýarys. Aslynda kimiň paýy, ykbaly,
624
nesibesidigi bilen gyzyklanjak ýa pikirlenjek bolamzok. Käbir zatlary
bolsa ýerine ýetirmän, aýtman, gowşurman geziberýäris. «Nesibämde
bitirmek ýokdur, ýogsam bir sebäp bolardy-da, berjaý ederdim» hörpündäki düşünjeler käýarym bolsa-da köpümiziň serimizden geçýändir. Ugrajak mahalymyz ýörite sargalan salamlar tä ýolda-yzda
sataşýançak eýesine gowşuberenok. Diňe gabat gelenimizde ýadymyza salýarys. «Wi, ýogsa-da, arada pylan ýere gidip-gelenimde,
size salam aýtdylar». Üstesine käteler «elin gowşuraryn» diýip, äht
edip diýen ýaly alyp gaýdan zadymyzy, beýleki adama jaň edip, «Size
bir zat iberdiler welin, özüňiz alyp gitjekmisiňiz?» diýibem bilýäris.
Ýöne bu hemmelere mahsus ýagdaý däl.
***
Ynsan durmuşynda eklenç-gazanç meselesi hemişe ilkinji orunda
durýar. Köp adamlar düşewüntli, girdejili iş bolsa kem görenok. Düşýän
puluň sany köp, agramy artyk bolsa-da düşewüntlilige ýorýar. Ýöne
ähli döwürleriň akyldarlary düşewünt meselesine birmeňzeş baha
beripdirler diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Akyldarlaryň biri aýdýar:
«Her bir adama bütin ömrüne ýeter ýaly ýeterlik rysgal berilýär. Emma
adamlaryň käbiri tygşytlamagyň ýa-da neneňsi sowmagyň ugur-utgusyny bilmän, ýetde-gütde güzeran bilen gün aýlaýar. Onsoňam,
girdejisiz kär, hünär ýokdur. Her işi oňaryp etseň, kämil bitirseň, şol
hünäriň müşderisem, muşdagam, girdejisem artar gider» diýipdir. Şu
wagta çenli eklenç-gazanç, girdeji-düşewünt meselesinde nähilidir
bir ylmy ýa-da çeper eser ýazan alymdyr akyldarlaryň ählisi diýen
ýaly biragyzdan (käbirleri açyk pyşgyrmasa-da, aýdýan sözüniň düýp
özeninde şeýle many bar) – «gazanç näçe halal boldugyça, şonça-da
onuň berekedi, haýry-höziri zyýada bolýar» diýen pikiri tassyklaýar.
Güzeran keşigi egnine düşen ýaş ýigitleriň biri bazara söwda
etmäge çykypdyr. Heniz söwda-satykda bagtyny synap görmänsoň,
birbada işe nähili girişjegini, neneňsi çemeleşjegini bilmeýän ekeni.
Ol bazardaky ýan goňşusyndan maslahat sorapdyr: «Agam, menem
* 40. Sargyt № 975
625
bir illäp-günläp ýola salaweriň. Ýagdaýym-a özüňiz bilýäňiz. Bu
ugurda-da ne sowadym, ne tejribäm bar. Başga-da çykalgam ýok.
«Rysgalyň ondan dokuz bölegi halal söwdada» diýlensoň, elimi barlap göresim gelýär. Belki, indiki gazanjak rysgallarym söwdadandyr»
diýipdir. Köpi gören söwdagärem muňa söwda-satygyň ýollaryny,
pirimlerini öwredipdir, her kime açmaýan käbir pikirlerini aýdypdyr.
Halypa söwdagäri diňläp oturyşyna, onuň käbir maslahatlaryna ýaş
oglan ör-gökden gelipdir. «Agam, beýle söwda etsek, il-günüň hakyny iýsek, olar nägile-närza bolmazmy? Onsoň, olar bu hakykata göz
ýetirse, käýinse, gargynsa, işimiz ugrukman dursa…» diýip, halypa
söwdagäriň ýüzüne çiňerilipdir. «Inim, bazarda söwda etjek bolsaň,
bir gulagyň dykyk bolsun. Beýleki gulagyň bilenem diňe özüňe bähbitli zatlaryň gürrüňini eşit. Her kim diýer goýar, ertesi gün geljek
ýeri ýene bazar bolar. Üstesine, olaryň haýsy bir käýinen, gargan sözi
hasyl bolup dur? Garaz, ýaş oglanam söwda etmegiň ýoly şeýledir
öýdüp, ýuwaş-ýuwaşdan halypa bazarçynyň aýdyşy ýaly hereket edip
ugrapdyr. Nebsiň bir häsiýeti, ol gazandygyça köp gazanasy gelýär,
hiç wagt kanagaty bolmaýar. Ýaş ýigidiňem bazar-söwdada işdäsi
açylyp, işi «ilerläp» ugrapdyr. Ýagny, köpräk pul düşürmegiň «ýoluny» öwrenipdir. Ýöne gelýän girdeji günsaýyn artýan hem bolsa
öý-hojalyk meseleleri hiç çözülip gidibermändir. Ýigit bolsa «köp
meseläni çözmek üçin köp pul zerur» diýip düşünipdir. Bir gün adatdakysy ýaly bazarda söwda edip oturan ekeni. Şol wagt sada geýnüwli
bir müşderi gabat garşysyna gelip durupdyr. Harytlaryň bahasy bilen
gyzyklanypdyr, özüne bir-iki sebet gök-miwe önümlerinden çekip
bermegini sorapdyr. Ýaş ýigidem endigine görä çekipdir-de, ýörite
sebetlere dolap, müşderä uzadypdyr. Bu müşderem juda synçy biri
ekeni. Gapan urşundan tereziniň bir tarapyny egisýändigini duýupdyr. Ýogsamam, könelerden galan bir aýtgy-söz bar, «Siňe synlasaň,
sepini bildirmeýän ýalançy ýokdur». Müşderi ýaş ýigidiň gulagyna
eşitdiribräk: «Inim, terezini kem çekäýdiň öýdýän» diýipdir. Ýigidem ýan bermändir. «Ýok, agam, heý-de iliň hakyny iýip bolarmy?
626
Bizem siz ýaly çaga ekleýäris. Halal iýdirýäris» diýip, jogap beripdir. Müşderem erjel biri ekeni, ahyry ýaş oglanyň nähak hereketini
düşündirmegi başarypdyr. Ýigit müýnli gözlerini aşak dikip: «Agam,
aýyp-syn etmäweriň, şu ýerdäkileriň hemmesem şeýdýär. Menem
gyrp-çyrp edip gazanmasam, ýetirinip bilemok. Üstesine, öýde hassamyzam bar. Däri-derman üçinem ençeme çykdajy gerek» diýipdir.
Bu sözleri eşiden müşderi ör-gökden gelipdir. «Inim, sen bu telek
hereketleriňden tiz el çek. Hassaňyz bar bolsa dagy hasam halal işle
ahyry. Seniň nähak gazanan puluňa alýan däri-dermanyň ol hassa
birjigem peýda etmez. Gaýta «Ýene ol gerek, indi bu derman gerek.
Pylan otuň suwuny içirmeli» diýip, düýbünden başga ýana ýazyp gider. Gaýra tesmese, gowulanmaz. Ynanmaýan bolsaňam, göz öňüne
getir-de göräý, nähak gazanjyň puly hiç bir hassanam aýak üstüne
galdyran däldir. Sen «az bolsun, ýöne halal bolsun» diýseň, onda
hem berekediň zyýada bolar, hem-de hassaňyz tiz aýak üstüne galar»
diýipdir. Ýaş ýigit bu sözlere birbada pitiwa bermändir. Halypasynyň
sargaýşy ýaly, «pul getirmejek pikirlere bir gulagy ýapyk» ekeni.
Ýöne her bir aýdylan pikir aňa sepilen tohum, ol öz-özi gämikläp, boý
alyp, ösüp-örňäp gidiberýär. Ýigidem ahyry şol müşderiniň pikirine
görä hereket edipdir. Halal zähmet çekipdir. Iliň hakyny iýmek
hakda jinnek ýaly oý-hyýaly hem serine salmandyr. Şondan köp
wagt geçmänkä hem ýyllar boýy düşege baglanyp ýatan hassa bäri
bakyp başlapdyr. Ýene biraz wagtdan soň özüni tutupdyr, gutulyp,
aýak üstüne galypdyr. Ýigit şonda halal gazanjyň diňe bir adamyň
däl, eýsem özüňe dahylly ýene köp adamyň hem ykbalyna ýiti täsir
edýändigine göz ýetiripdir.
DURMUŞYŇ GAÝTARGYSY
Her gezek halallyk hakda söhbet edilende, onuň bilen baglanyşykly durmuşy kyssalaryň, wakalaryň birnäçesi göz öňüňde janlanýar.
Her gezek halallyk hakda gürrüň gozgalanda, näme üçindir gaýtargy
meselesi güpbe ýadyňa düşýär. Men bu ýerde şahsy gatnaşyklardaky,
627
söwda-satyklardaky gaýtargy pullary däl-de, her kesiň eden işine,
amalyna görä hut durmuşyň berýän gaýtargysyny göz öňünde tutýaryn. Durmuş şu babatda şeýle bir adyl – gaýtargysyny almaýan adam
ýok. Eger özüňe berlen gaýtargyny halamasaň, gözüňi ýumanyň,
gulagyňy dykanyň bilen ol gaýtargydan ýüz öwrübem bolanok.
Seňkimi – sen alaýmaly. Ol öz gazanjyň ahyry, başgalara gitjek gümany ýok. Özi hem bu hasap-hesip ähli adam babatda birmeňzeş, göýä
durmuşyň hiç wagt bozulmaýan kanuny ýaly bolup dur. Bu düzgün
ömrüňe, ýaşyňa, şejeräňe ýa neberäňe, akyl-huşuňa, ukyp-zehiniňe,
görk-görmegiňe seredip duranok, ol diňe ýürekde göterýän niýetleriňe
we ýerine ýetiren amallaryňa seredýär. Özgelere näçe we näme beren
bolsaň, özüňe-de iň bolmanda şony we şonça mukdaryny ýa-da şonuň
esse-essesini gaýdyp berýär. Hawa, durmuş bu bir bank, amallarymyz
bolsa şol ýerde saklanýan süýşürintgiler ýaly bolup dur. Halal işler,
salyh amallar, ýagşy hereketler eden bolsaň, şoňa laýyk; ýaramaz
päller, amallar üçin hem şoňa muwapyk girdejili gaýtargy berilýär.
Gadymy gündogar akyldarlarynyň paýhasly sözlerinde ýaşaýyş,
durmuş, geljek hakynda ýüregiňe jaý bolan bir jümle bar: «Durmuş
– bu biziň edýän işlerimiziň, özümizi alyp barşymyzyň ýaňydyr,
hut şonuň özümiz babatda hem gaýtalanmasydyr». Ýogsamam, bu
gaýtalanmanyň, bu gaýtargynyň halallyk bilen näme dahyly barka? Eger-de, biziň şu günki hereketlerimiz, şu günki özümizi alyp
barşymyz, haçandyr bir wagt ýene özümize dolanyp gelýän bolsa, biz
şu gün özgelere nähili garasak, ýene pylança ýyldan özümize hem
hut şeýle garaljak bolsa, biz şu gün nämeleri nähili ýol bilen etsek,
birnäçe wagtdan soň özümize hem şeýle daraljak bolsa, onda halallyk
hakda çuňňur oýlara batanyňa degýär diýip düşünýärin.
Halallygyň, arassalygyň artykmaç taraplary örän kän. Ýaşulularyň aýtmagyna görä, edýän amalyň, iýýän tagamyň halal bolsa, özüňi
duýşuň sagat, göwnüň giň, keýpiň çag bolýar. Halal hereket edýän
adamyň işleri ugruna, ukusy hem rahat bolýar. Biz öz geljegimizde
özümize nähili hezzet-hormaty görmek isleýän bolsak, şu gün şoňa
laýyk hereketleri, işleri etmeli bolýarys. Niýet-pälimiz hemişe alny628
myzdan pete-pet çykýar ahyry. Özümiz nähili bolsak, durmuş hem biz
babatda hut şeýle göçüm edýär.
Biziň edýän her bir işimiz, göterýän niýetimiz geljegimize
düşelýän ýol. Biz öz hereketlerimiz bilen ömrümizi ýasaýarys, oňa
bezeg, zynat, gelşik we görk çaýýarys. Halallyk we ýagşylyk – bu
ömür ýollaryna ýagtylyk. Ýagdaýy barka, elinden gelen haýyr-yhsanyny gaýgyrmadyk adamyň diňe bir öz geljegi däl, ýedi arkasy,
nesil-neberesi döwlet tapýar. Bu hakda gündogaryň gadymy dessanlarynda kän nygtalýar. Ertirki gün nähili durmuşda ýaşasymyz gelse,
nähili ýollarda ýöremegi, gezmegi ýüregimize düwen bolsak, şu günki gün şoňa laýyk iş etmek zerur. Sebäbi ömrüň başlangyç pursatlary
– geljegiň ekin meýdany.
Eliň bilen deprege kaksaň, onuň sesi töwerege ýaňlanýar. Ykbal elimizdäki deprek, oňa nähili kaksak, şoňa görä hem ses, owaz
ömrümize ýaýylýar. Ile-güne nähili çemeleşsek, özgeler bilen
gatnaşygymyzda nähili edep kadalaryna uýgun hereket etsek,
göwünde, ýürekde neneňsi arzuw-niýetleri götersek, ertirki gün şol
ýagdaýyň essesini görmek miýesser edýär. Ine, şuňa hem durmuşyň
gaýtargysy diýilýär.
MAZMUNY
Ýollar bizi birikdirýär ................................................................................ 3
Kerim aş-Şazili. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary ............................. 7
Aşraf Şahin. Durmuş meýdanynyň gerçekleri............................................... 158
Aid al-Karni. Gamgyn bolma!..................................................................... 241
Durmuşy öwredýän tymsallar ..................................................................... 375
Hakydalara ornan hakykatlar ...................................................................... 464
Türkmenler hakda 100 hekaýat.......................................................................... 472
Halallyk kyssalary .................................................................................... 552
HALALLYK
KYSSALARY
Redaktor
Surat redaktory
Teh. redaktor
Suratçy
Kompýuter bezegi
Jogapkär redaktor
N. Aşyrmämmedow
O. Çerkezowa
O. Nurýagdyýewa
L. Toýlyýewa
D. Piriýewa,
A. Nurýagdyýew
A. Garlyýew
A-94017
Çap etmäge rugsat edildi 24.05.2018.
Möçberi 60x84 1/16. Edebi garniturasy.
Şertli çap listi 36,74. Şertli reňkli ottiski 66,99
Hasap-neşir listi 32,83 Çap listi 39,5 Sargyt № 975. Sany 8000.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy.
744000. Aşgabat. Garaşsyzlyk şaýoly, 100.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi.
744015. Aşgabat. 2127-nji (G. Gulyýew) köçe, 51/1.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.