Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32

Total number of words is 3752
Total number of unique words is 2095
32.3 of words are in the 2000 most common words
44.8 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
agzap başlapdyrlar, emma ýürek joşgunly urmandyr. Ahyry türkmen gyzlarynyň adyny sanap ugrapdyrlar, emma netije üýtgemändir. Tebipleriň biri «Aslynda bu ýigit nireli?» diýip soranda, onuň
türkmen illerinden ýesir edilip getirilen guldugyny, memlukdygyny aýdypdyrlar. Tebip: «Düşnükli, diýmek bu Watanyny küýseýän
bolmaly» diýipdir. «Watan» sözüni eşiden ýigidiň süňňüne gujur
aralaşyp, damar urgusy batlanyp ugrapdyr. Şeýdip onuň öz Watanyny,
ilini küýseýändigini bilipdirler. Bu waka taryh kitaplaryna siňen
türkmeniň watansöýerligi hakdaky dessanlaryň üstüni ýetiripdir.
24. MAZASYZ UKYNYŇ SEBÄBI
Hindistandaky türkmen soltanlarynyň biri birnäçe günläp diýen
ýaly uzak gije uklap bilmändir. Ýatyp karary bolmandyr. Nähilidir bir
güýç ony deňze tarap çekip duranmyşyn. Ahyry ol deňiz begleriniň
birini ýanyna çagyryp, deňze aýlanmaklaryny we şu tarapda näme
habaryň barlygyny bilmegini tabşyrypdyr. Özi bolsa otagynda töweregi synlamaga durupdyr. Deňiz begi esgerlerine gämini taýýarlamagy
we ýörişe-aňtawa çykmagy buýrupdyr.
Ertesi irden soltan töwerege aýlanmaga çykanda, öten gije
ugradan gämisiniň kenarda durandygyna gözi düşüpdir. Ol deňiz harby serkerdesini ýanyna çagyryp, näme üçin tabşyrygy ýerine ýetirmändigini sorapdyr. Serkerde deňze çykandyklaryny we tüm gijäniň
içinde deňziň ortasyna aralaşandygyny, şol ýerde hem gark bolup
487
barýan bir bendäni halas edendiklerini aýdypdyr. «Olaryň taýmyly
mundan birnäçe gün öň gark bolupdyr. Bu bende bolsa soňky deminde ýatyrka, dadyna ýetişdik» diýipdir. Soltan halas edilen adamyň
ýanyna baryp, onuň ýagdaýy bilen gyzyklanypdyr. Gark bolanlary
bäri umytdan düşmän, Taňrydan ýardam diländigini we bir halasgär
ibermegini sorandygyny aýdypdyr. Soltan hem näme sebäpli şol günden bäri ukusynyň gaçandygyna düşünipdir.
25. IBN TULUN WE HAMMAL
Günleriň birinde egninde sandyk göterip barýan bir hammala
Ibn Tulunyň gözi kaklyşypdyr. Hammal agyr ýüküň astynda sandyrap, gagşyldap barýarmyşyn. Onuň bu bolup barşy Ibn Tulunda
ikirjiňlenme döredipdir. «Eger ýüküň agyrlygyndan ýaňa aýagy tap
etmeýär diýsek, onda sandygyň agyrlygy onuň boýnunda yz galdyrardy, emma onuň boýny öňki reňňinde. Bu ýerde bir syr-a bar. Hammal göterip barýan zadyndan howatyr edip, sandyraýan bolmaly»
diýipdir. Soňra nökerlerine şol hammaly getirmeklerini we sandygy
açmaklaryny buýrupdyr. Görseler, sandygyň içinde atyň şaý-esbaby
bilen zer sowut hem-de birnäçe tylla teňňeler bar eken. «Sen näme
howanyň alaçag wagty gyş aňzagyna uçran bende ýaly bolup, sandyrap gelýäň» diýipdir. «Hökümdarym, günämi ötüň, meniň göterip
barýan bu altyn şaý-seplerim ogurlyk baýlyk bolmaly. Dört sany adam
elime pul berip, şuny gämi duralgasyna eltmegimi tabşyrdy. Ogurlyk
zatdygyny, hiç kime duýdurmaly däldigimi aýdanlarynda bolsa,
süňňüm sandyrap başlady. Ýöne, güzeran ýagdaýym agyr bolansoň,
mejbury boýun boldum» diýipdir. Ibn Tulun bu etmişi üçin hammalyň
arkasyna iki ýüz gamçy urmagy buýrupdyr. Dört sany ogryny bolsa
zyndana taşladypdyr.
26. ÝATKEŞLIK
Taryh kitaplarynda şeýle hakykat öwran-öwran teswirlenýär.
Bir mejlisde gürrüňden gürrüň çykyp, Ymam Şapygy hakda söz açylypdyr. Şonda alymlaryň biri Ymam Şapygynyň ýatkeşligine haýran
488
galypdyr. Sebäbi Ymam Şapygy üç müň jilt kitaby ýatdan bilýän
eken. Adamlar Ymam Şapygy hakda eşiden gürrüňlerini ýatlap, ony
öwüp, taryplamaga başlapdyrlar. Şol wagt çüňkde oturan, ýönekeý
geýimli biri: «Ol meniň ýadymdaky kitaplaryň diňe zekat bölegini
bilýän eken» diýipdir. Mejlisde oturan adamlar muňa haýran galypdyrlar. Hiç kim bu ýigidiň sözüni inkär edip bilmändir. Ol ýigit Ahmet
as-Sarahsy eken. Ol şol wagt on dört müň jilt eseri ýatdan bilipdir.
Ine, türkmeniň ussatlygy şeýle bolýar.
27. KÜŞDÜŇ GÖZELLIGI
As-Sulynyň döredijilik işi halyf ar-Razynyň döwründe has rowaçlanýar. Taryhçy Mesgudy gyzykly bir maglumaty berýär: «Günlerde bir gün halyf ar-Razy awa-şikara çykanda bir gülzarlygyň
üstünden barýar. Täsin öwsüp duran güller halyfyň kalbyny heýjana
salýar. Ol ýanyndaky adamlaryndan: «Heý, şundan gözel zady ozal
görüpmidiňiz?» diýip sorapdyr. Olar hem gülzarlygy biri-birinden
beýik taryp etmäge, halyfyň göwnünden turmaga jan edipdirler:
«Dünýäniň ähli gülleri jem bolsa hem, munça gözellik emele gelmezdi», «Megerem, bu behişdiň kokusy», «Gözelligiň asyl gönezligi
şu meýdandyr» diýipdirler. Emma halyf ar-Razy başyny ýaýkapdyr:
«Ýok, siz her näme diýseňizem, meniň diýjegimden juda bärden
gaýdýar. As-Sulynyň oýunlary mundan we siziň ähli wasplaryňyzdan
has owadan görünýär» diýipdir.
28. FARABYNYŇ GUDRATLY SAZY
Ibn Hallikanyň «Tanymallaryň wepaty we döwürdeşleriň
söhbedi» atly eserinde ýatlamagyna görä, «Faraby öz döwrüniň
hökümdarlarynyň biri Seýfeddöwläniň huzuryna barýar. Birnäçe
wakalardan we geň galmalardan soňra, al-Faraba göwni ýeten Seýfeddöwle sarpaly myhmanyndan göwün küýsegini soraýar. Faraby
aýdym-saza suwsandygyny aýdansoň, Seýfeddöwle özüniň iň ussat
sazandalaryny çagyrypdyr. Ýöne, olaryň haýsy biri saza başladygy,
489
Faraby onuň nogsanlygyny aýdyp otyrmyşyn. Seýfeddöwle muňa
geň galyp: «Halypamyz, sen mundan hem baş çykarýarmyň?» diýip
soraýar. Faraby «hawa» diýip, baş atansoň, ýanyndaky goştorbasyndan
saz guralyny çykaryp, saz çalyp berýär welin, oturan märekäniň ählisi
aglaşyp-eňreşip, gözýaş döküp otyrmyşyn. Soň saz guralyny täzeden
düzüp, başga bir sazy çalypdyr welin, ýaňky aglaşyp oturanlar gülşüp,
şadyýan bolşup otyrlar diýýär. Faraby sazyny üçünji ýola düzüp, täze
bir mukamy çalanda, ol ýerde oturanlaryň ählisi, çuňňur uka batyp
galypdyr. Farabynyň özi bolsa, olaryň hiç birini oýatman daşary
çykypdyr...». Rowaýata meňzeş bu ýagdaý Farabynyň döwürdeşleri
we ondan soňky alymlar tarapyndan köpsanly eserlere girizilipdir.
29. BILMEK BILMEZLIKDEN HAÝYRLY...
Abu Reýhanyň ylyma berlenligi hakda rowaýatlar örän kän.
Bir gezek ol agyr ýarawsyz ýatyrka dostlarynyň biri halyny soramaga gelipdir. Sähel mejaly bolan Biruny ondan bir mesele hakda
sorapdyr. Ol adam: «Haly teň ýagdaýda ýatyrsyň, bu wagt ylym
bilen meşgullanmak hökmanmy?» diýip sorapdyr. Biruny oňa «Men
bu dünýäden şuny bilmän gidenimden bilip gidenim haýyrly dälmi
näme?» diýip sorapdyr. Soňra ikisi bu meseläniň üstünde dürli pikir
alşypdyrlar. Ahyry Biruny kanagatlanarly jogap tapypdyr. Ol adam
çykyp gaýdýar we ýolda gelýärkä hem Birunynyň dünýäden ötendigi
hakdaky habary eşidip galýar.
30. «BU ABU BEKR HOREZMIDIR...»
Abu Bekr Horezmi şygyr düzmekligiň ussady bolupdyr. Ol bir
gezek şol döwrüň abraýly weziri, ussat we dilewar şahyr Sahyp ibn
Abbadyň huzuryna goşgy okamaga barypdyr. Abu Bekr derweze
sakçysyna: «Bar-da wezire aýt, goşgy okamaga geldim» diýipdir.
Derwezeban bu habary Sahyp ibn Abbada mälim edipdir. Sahyp oňa:
«Bar-da şol gapyda durana aýt, meniň ýanyma her dürli şahyr gelip
gitdi. Ýöne indi men arap şahyrlaryndan 20 000 (ýigrimi müň) beýt
490
goşgyny ýatdan bilmeýän adamy kabul edemok» diýipdir. Derwezeban bu sözleri Abu Bekre ýetiripdir. Abu Bekr Horezmi derwezebana:
«Bar-da weziriňden sora, şol ýigrimi müň beýt goşgy arabyň erkek
şahyryndan gerekmi ýa-da aýal şahyryndan?» diýipdir. Derwezeban
ýene Sahybyň ýanyna ýumlugypdyr. Sahyp bu sözleri diňläninden:
«Gapynyň agzynda duran Abu Bekr Horezmi bolmaly, goýberiň ony
bärik» diýip, oňa rugsat beripdir.
31. HERSINDEN ON ESSE
Ussat kätip, wezir Reşideddin Watwat örän dilewar we şerebeli
sözleri bilen söhbetdeşini dymmaga mejbur edýän ekeni. Bir gezek
Horezmşa Atsyz ýanynyň wezir-wekilleri, nökerleri bilen çarbagda gezim edip ýörkä, bir zada göwni göterilipdir-de, Watwata ýüzlenip: «Şu wagt bendesiniň berip bilýän zatlaryndan göwnüň halanyny isle, sen näme isleseň, men hem şonuň on essesini islejek»
diýipdir. Reşideddin Watwat: «Şany beýik şahym, dereje-mertebäňiz
meniňkiden müň mertebe ýokary bolsa-da, meniň isleýän zadymy
islemäge gaýratyňyz çatmaz» diýipdir. Hökümdar «Şu gezeg-ä seni
tutsam gerek» diýip, içinden pikir öwrüpdir-de: «Meýliň bolan zady,
isleýän zadyňy derhal gaşyňda häzir ederin, soraber» diýipdir. Watwat hökümdara garap: «Şu wagt men-ä ýagyrnyma ýüz gamçy urulmagyny isleýärin, senem şonuň on essesini alaý onda» diýip, jogap
beripdir. Horezmşa Atsyz bu islege näme diýjegini bilmändir we bu
gezek hem Watwatdan asgyn gelendigini boýun alypdyr.
32. ÜSTÜNLIGIŇ SYRY
Kämillik ýoluna höwesek talyplaryň biri Abu Sagyt Mäne
babanyň huzuryna baryp, ondan üstünligiň syry hakda sorapdyr. Mäne
baba birsellem içini hümledip oturypdyr-da: «Sen gowusy indiki hepde aýlan, oňa çenli üstünlige eltýän iň ygtybarly ýoluň nämedigini
anyk bilip goýaryn» diýipdir. Aýdylan hepdesi ýaş ýigit piriň öýüne
gelipdir, emma Mäne babany tapmandyr. «Ol az salym mundan öň
491
pylan tarapa rowana boldy. Siz bu gün gijä galdyňyz, indiki hepde
irräkden aýlanyp görüň, ol wagta çenli ussadymyz yzyna dolanar»
diýip, piriň şägirtleriniň biri dillenipdir. Üstünligiň ygtybarly ýoluny
bilmek höwesi ýaş ýigidi erkine goýmandyr. Garaşmak hernäçe kyn
bolsa-da, sabyr-takat edip, ýene bir hepdesini geçiripdir. Bu gezegem
gijä galaýmaýyn diýip, daň tilkiguýruk bolandan ýola düşüpdir. Piriň
howlusynda hälki şägirtleriň biri muny garşylapdyr: «Siz bu gün gaty
irläpsiňiz. Ýöne barybir pire ulaşmak miýesser etmese gerek, ol şu
säherden başlap kyrk günlük çillesine oturdy. Şol möhletden soňra
aýlanyň, belki hajatyňyz hasyl bolar» diýipdir. Ýaş ýigidiň bu sözlere damary dartylypdyr, seňrigini ýygrypdyr, emma gaharyny ýuwdup saklanypdyr. «Horasanyň at-owazaly pirinden bilmek isledim,
bary-ýogy kelam agyz söz, bilýän adam üstünligiň syryny bir demde
hem aýdyp biler, emma munça wagt yza çekdirmegiň haýry nämedekä?» diýip, içini gepledipdir. «Her zatda haýyr bar, munça bolanyna
görä, ýene bir pille sabyr edeýin, piriň keramatly agzyndan eşitmek
ak pata alan ýaly bolar» diýip, ýaş ýigit mejbury yzyna dolanypdyr.
Arasynda mahal-mahal bu pikirinden, maksat-matlabyndan däneýin
hem diýipdir, emma bir başlan işini orta ýolda bes etmek islemänsoň,
kyrk günden soňra gaýtadan Mäne babanyň huzuryna dolanypdyr.
Peşeneli pir bu ýigidi güler ýüz bilen garşylapdyr. «Oglum, üstünlige eltýän iň ygtybarly ýoluň nämedigini özüň bilýärkäň, özgelerden
soramak zerur däldir. Sen şunça wagtlap bir pikiriň, bir hyýalyň
yzynda göwnüňi bölmän ylgadyň, yhlas etdiň, garaşdyň. Üstünligiň
syrynyň nämelerden ybaratdygyna jogap agtardyň. Ahyry hem
maksadyňa ýetdiň. Üstünligiň syry – öňde goýan maksadyňa erjellik bilen ýapyşmak, yzygiderli, dowamly bolmak, belent maksadyňy
ownuk-uşak aladalardan ýokarda goýup bilmekdir. Eger-de öňüňde
maksat goýup, bizi görmek üçin eden yhlasyň mukdarynda şol ugurda
der dökseň, hökman maksadyňa ýetersiň. Ynha, üstünligiň bar syry
şundan ybarat: aýdyň maksat, erjellik, dowamlylyk we yzygiderlilik»
diýip, Mäne baba jogap beripdir.
492
33. ÝAGŞYLYGYŇ AÇARY
Mahmyt Gaznaly özüniň eý görýän akylly wezirleriniň birini
ýanyna çagyryp: «Göwnüm joşup duran mahaly, haýyşyň, hajatyň
bar bolsa, sora» diýipdir. «Soltanym, seniň husytlygyňdan howatyr,
baýlygyňdan tama edemok. Siziň saýaňyzda şu günüm düýnümden has gowy, ertirimiň bu günümden has ajap boljakdygyna umyt
edýärin. Hiç hili üýtgeşik hyzmat görkezmezden şeýle derejelere
ulaşmagym, siziň huzuryňyzda peýda bolmagymyň özi uly zat.
Eger-de buýrugyňyza boýun sunup, nämedir bir zady soramaly bolsam, onda siziň hyzmatyňyzdaky bu biçäre bendäňize söýgi-mähir
bilen bakmagyňyzy we ynanmagyňyzy sorardym!» diýipdir. «Mähir
we ynam baýlyk däl, «al» diýip, bagyş eder ýaly; ol dereje-wezipe
hem däl, soltan tarapyndan paýlanar ýaly; mähir-muhabbet, ynam,
ygrar diňe gowy zatlara sebäp bolmak bilen gazanylýar» diýip, soltan
dillenipdir. «Onda şeýle gowy zatlara sebäp bolmagym üçin siz mümkinçilik dörediň» diýip, wezir salyhatlylyk bilen dillenipdir. «Sen
näme üçin egsilmez baýlyk, mal-mülk diläp bilýärkäň, bir adamyň
ynamyny ileri tutduň?» diýip, Mahmyt Gaznaly wezirinden sorapdyr.
«Çünki ähli haýryň, gowulygyň gözbaşynda ynam we söýgi ýatyr.
Ol ýagşylyklaryň açary we ýamanlyklaryň öňüni baglaýjydyr» diýip,
akylly wezir jogap beripdir.
34. SUWUNY IÇÝÄNÇÄ...
Zenzelesi, gopguny bilen birnäçe güne çeken agyr söweşleriň
birinde Horezmşanyň atly serkerdeleriniň biri duşman tarapa ýesir
düşüpdir. Endam-jany tagna yzlaryndan dolan harbynyň teşnelikden
ýaňa dodaklary kepäp giden eken. Bu ýesiri şanyň huzuryna getiripdirler. Öz ýurdunyň habaryny, syryny biljek bolup, hernäçe şatylara
duçar etselerem, ol asla dil ýarmandyr. Şa onuň egbarlan halyny
görüpdir, emma özleriniňkiler hakda dil ýarmasa, jezalandyrjakdygyny aýdyp: «Ýesiriň eňki agyp gidipdir. Oňa içimlik suw beriň.
Şo suwy içýänçä, janyna degmäň. Soňuny özünden görsün» diýipdir.
493
Ýesir özüne uzadylan suwly küýzäni içmändir-de, ýere pylçap urupdyr. Şanyň muňa gahary gelipdir: «Alyň-da, jähenneme ýollaň» diýip,
emr edipdir. «Eý mürewwetli şa, siz meniň janyma aman berdiňiz
ahyry, indem sözüňizden dänjek bolýaňyzmy? Heý-de bu häsiýet
şalara gelşermi?» diýip, ýesir nazaryny şanyň gözüne dikanlapdyr.
«Haçan saňa aman beripdirin?» diýip, şa başyny ýerden galdyrypdyr. «Şo suwy içýänçä, janyna degmäň» diýdiňiz, emma men heniz ol
suwy içemok» diýip, ýesir aýdypdyr. Şa ýesiriň bu mekirligine güljeginem, gaharlanjagynam bilmändir. Ony boşadyp goýberipdir.
35. ŞYGYRDAN TÄSIRLI JÜMLELER
Soltan Sanjaryň köşgi edebiýat meýdanynyň ägirtleri bilen hemişe
dolup-daşar ekeni. Alys ülkelerden hem onuň şanyna goşgy okamak
üçin huzuryna geler ekenler. Şeýle günleriň birinde çetki obalardan
bir ýaşuly adam soltanyň myhmany bolupdyr. Köşgüň içi tanymal
söz ussatlaryndan ýaňa hyň berýän eken. Özleriniň goşgy-gazallary
bilen soltanyň alkyşyna eýe bolup, şöhrata öwrenişen şahyrlar bu
obaly ýaşula kän pisint etmändirler. Emma soltanyň edähedi şeýle:
ýüreginde joşgun ýa umyt bolan raýatyny hergiz lapykeç goýbermez eken. Ýaşulynyň okan goşgusynda bogun-kapyýa, tagam-dat
bolmasa-da, soltan onuň yhlasyny boş goýmak islemändir: «Ajaýyp
setirleriňiz bar, kä ýerinde sözüň ýöntemligi şygryň tagamyny gaçyrsa-da, onuň ýürekden çykýandygy şygra öwüşgin berýär. Hany aýt, bu
goşgyň üçin seň hormatyňa laýyk peşgeş bereýinmi ýa-da meň hormatyma laýyk?» diýipdir. Ýaşuly: «Soltanymyz, öz hormatyma laýyk
eçiliň» diýipdir. Soltan muny dessine ýerine ýetirmeklerini buýrupdyr.
«Ejaza berlen wagty, näme üçin meň hormatyma laýyk dilemediň,
has köpüsini gazanyp bilerdiň?!» diýip, soltan obaly ýaşula bakypdyr.
«Soltanymyz, siziň hormatyňyza laýyk hem diläp bilerdim, ýöne oňa
barabar zadyň dünýäde ýokdugyna aklym çatansoň, özüme laýygyny diledim. Dünýäniň barça mal-mülki, genji-käni jem bolanda hem
siziň hormatyňyzyň ýanynda peşeçe bolmazdy» diýip, ýaşuly jogap
495
beripdir. Bu sözler soltanyň hoşuna gelipdir. «Ýerinde jaýdar aýdylan
owadan söz müňlerçe şygyrdan täsirli ýaňlanýar» diýip, soltan onuň
engamyny ýene-de artdyrmaklaryny buýrupdyr.
36. WATAN TOPRAGY
Soltan Jelaleddin söweşip ýörkä, agyr ýaralanypdyr. Öňler dessine aýak üstüne galyp, sagalyp gidýän Jelaleddiniň tenine düşen tagna yzlarynyň bitmesi kyn bolupdyr. Tebipdir lukmanlar dürli-dümen
melhem ulanyp görüpdirler, emma netije bermändir. Ahyry soltanyň
özi: «Maňa Horezmiň gumuny we Jeýhunyň suwuny getiriň. Watan
topragy ähli derde derman, iň agyr ýara melhemdir» diýipdir. Aýdyşy
ýaly, Watan topragyny ysgap, suwuny içenden soňra, soltanyň ýagdaýy görnetin gowulanyp başlapdyr. Tiz wagtdan hem derdinden gutulyp, aman-sag aýak üstüne galypdyr.
37. EÝ GÖRÜLÝÄN EDEP
Abdylla ibn Mübärek hezretleri köpçülik bolup namaz okanyndan soňra, dessine kitap-depderlerine meşgul bolýan eken. Bir
gezek meşhur sopy alymlaryň biri Şakyk ibn Ibrahim: «Namazy bile
okaýaňyz, gowy zat welin, dessine turup gitmegiňiz bolanok-da, oturyp, özara gürrüň etmegem bolar-a» diýipdir. «Men hem hut şeýle
edýän-dä, sahabalar, öňki alymlar bilen oturyp, mesawy we ylmy
gürrüň edýärin, pikir alyşýaryn» diýip, Abdylla ibn Mübärek dillenipdir. «Sahabalardyr öten alymlar bu ýerde neneňsi peýda bolýar?»
diýip, Şakyk sorapdyr. «Olaryň kitaplaryny okaýaryn, olar hakda ýazylan taryhy gaýta-gaýta gözden geçirýärin. Şolar deýin amal etmäge
çalyşýaryn. Şeýdip, olaryň dünýäsine gatylýaryn. A siz bolsa, namaz
dynan dessine dünýä söhbedine gyzygyp, Taňry bendesiniň gybatyny
edýärsiňiz, üstünden düşýärsiňiz. Ähmiýetli zatlara ýapyşyp, manysyz, peýdasyz zatlary terk etmeklik iň eý görülýän edepdir» diýip,
Abdylla hezretleri jogap beripdir.
496
38. KÖŇÜLLERIŇ SOLTANY
Möminleriň emiri, halyf Harun ar-Reşit Rakka şäherinde eken.
Bir gezek Abdylla ibn Mübäregiň ýoly hem şol şäherden düşüpdir.
Agyr mähelle ussat alymyň degre-daşyny gurşapdyr. Atlaryň toýnagyndan göterilýän toz asmana ýetipdir. Her kim bu ussada bir ädim
golaý durup bilse, donunyň syýyna el degrip bilse, özüni hoşbagt
saýýan eken. Daşarda bolýan bu wakany köşgüň hüjresinden synlap
duran, möminleriň emiriniň ejesi ýanyndaky hyzmatkärlerinden bu
adamyň kimdigini sorapdyr. «Ol Horasandan, Merwden gelen ussat
alym, adama mahsus ähli kämil häsiýetleri özünde jemlän akyldar
Abdylla ibn Mübärek» diýip, jogap beripdirler. «Ine, hakyky hökümdar şeýle bolmaly. Ýarag bilen ýurtlary däl-de, paýhas bilen ýürekleri
eýeläp bilýän adam hakyky soltandyr» diýip, halyfyň ejesi dillenipdir.
39. WEPALYLYK
Ajaýyp ylmy we edebi eserleri bilen adygan türkmen alymlarynyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi
bilip bolýar?» diýip sorapdyrlar. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny,
sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň arassa, zannynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýişine,
Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny
göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa,
onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, kerem-ahlakly adamdyr» diýip,
jogap beripdir. «Dogduk mekanyňa bolan söýgiň aslyň päkligine delil» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
40. AÝYBYŇ SÖHBEDI
Ylym dünýäsiniň meşhur gerçegi, akyldar, köp ugurlardan ussat alym Mahmyt Zamahşary öz eserlerinde şeýle wakany ýazýar:
«Ençeme diýarlary, menzil-mekanlary sökdüm, ahyry adamlaryň
hiç bir aýyp tapmaýan bir obasynyň bardygyny bildim. Ol obanyň
goňşy-golamlar, alys-ýakynlar bilen gatnaşygy hem juda gowy eken.
* 32. Sargyt № 975
497
Ahyry men şol oba göçüp bardym. Olaryň ýagşy edeplerinden görelde
aldym. Bir mütdet aradan geçenden soňra, bu obada hem ol-bul obaň
aýyby hakdaky gürrüňler örňäp ugrady. Bular biriniň aýyby hakda
dil açdymy, beýleki obalarda hem bu obanyň aýyby-nogsanlygy hakdaky gürrüňler ýel alyp ugrady. Ýene birnäçe wagtdan soňra bu obada
özgäniň aýyby hakda asla gürrüňler edilmedi. Täsin ýeri, beýleki obalar hem bu obada aýyp bardyr öýtmediler. Men şonda şeýle bir netijä
geldim: Kämil adam ýok, emma özgäň aýybyna dil uzatmasaň, hiç
kimiň seniň aýybyň bilen işi ýok eken».
41. YBADATHON
Bir gezek meşhur sopy akyldarlaryň biri Mäne babanyň ýoly
goňşy obanyň üstünden düşüpdir. «Hezreti pir, biziň obamyzda-da
örän takwa we ybadathon biri bar. Gije-gündiz namaz okaýar, oraza
tutýar. Ybadatdan aýrylanok» diýip, adamlar öz obadaşlary hakda biri-birinden öňürdip gürrüň bermäge durupdyrlar. Taňrynyň ybadatyna
yhlasly bendesini görmek islegi Mäne babany onuň bosagasyndan
eltipdir. «Tüweleme, ybadaty birkemsiz ýerine ýetirýändigiňi aýtdylar. Ýöne meni bir sowal gyzyklandyrýar. Gije-gündiz tagat-ybadata meşgul bolup otursaň, sen nädip eklenýäň? Gündelik rysgyňy,
azyk-owkadyňy neneňsi gazanýaň?» diýipdir. «Meniň bir söwdagär
agam bar, tüçjar baý, meni şol ekleýär. Tüweleme, zor ol, zada zar
edenok, men bolsa diňe ybadata meşgul. Başga iş edemok» diýipdir. Mäne baba oňa: «Agaň senden has ybadathon eken. Uzak gün
eglip-galmak ýa-da ýylboýy agyz beklemek Taňra gullugyň ýüzden
birine barabar. Halal gazanç, maşgala eklemek bolsa, ybadatyň gylla
ýarpysyna deňdir. Saňa-da maslahat, kär-hünär öwren we ybadaty
zähmet bilen utgaşdyr» diýipdir.
42. BAŞLAN IŞIŇI TAŞLAMA...
On ýedi gezek uly ýöriş eden we ömründe bir ýola ýeňlip görmedik türkmen soltany Mahmyt Gaznalydan: «Bu üznüksiz üstünlikleriň
498
syry nämede? Älem döräli bäri Isgenderden soňra beýle mertebä
sizden başga eýe bolan hiç kimse ýok» diýip sorapdyrlar. «Munuň
üýtgeşik syry ýok. Öňümde aýdyň maksat goýanymdan soňra, men
hemişe iki zada pugta eýerýärin. Birinjisi, hiç haçan biderek işleri etmeýärin we başlan işimi taşlamaýaryn. Bir başladymmy, soňuna çenli
ýerine ýetirýärin. Ikinjisi, ähli ýerde, ähli halatda aýdýan sözüm bilen
edýän amalymyň deň çykmagy üçin yhlas edýärin. Erjellik, tutanýerlilik we dogruçyllyk üstünligiň kepilidir. Şulara yzygiderli eýeren
islendik adam üstünlikden binesip galmaz» diýip, soltan Mahmyt
jogap beripdir.
43. HYRAT KÖPRÜSI
Seljuk hökümdarlarynyň biri soltan Sanjar wezir-wekilleri
we nökerleri bilen Hyrat şäheriniň içinden geçip barýan eken. Olar
awa-şikara çykmak üçin bir ekinzarlygyň gyrasynda düşläpdirler.
Soltanyň nökerleriniň biri golaý-goltumdaky oba baryp, ol ýerde
agaýana otlap ýören mallaryň birini alypdyr we dessine huruşlyk edinipdir. Mal eýesi garryja ene bu zatlary gyradan synlap duran eken.
Ol soltana şikaýat etmek üçin derhal ýola düşýär we hökümdaryň
geçjek köprüsiniň üstünde garaşyp oturyberýär. Bir haýukdan soňra
soltan öz esgerleri we wekilleri bilen bu ýerde peýda bolupdyr. Garry
ene soltanyň atynyň üzeňňisini çekipdir. Nökerler soltany penalamak
üçin gamçylaryny ýokary bulaýlan mahaly, soltan olara saklanmagy
buýurýar. «Sütem gören adam ýürekli bolýar», bir hikmeti bolmasa, beýle töwekgellik etmezdi. Onuň arzyny diňläliň!» diýip, soltan
köşeşmegi tabşyrýar. «Eý, soltan, seniň nökerleriň gün-güzeranymy
aýlap oturan ýekeje malymy menden bidin alyp, huruşlyk edindiler.
Indi men bala-çagalarymy neneňsi ekläýin? Eger şolardan hakymy
alyp bermeseň, seniň ýakaň owal-ahyr meniň elimde bolar. Sen Hyrat köprüsinden geçseňem, syrat köprüsinden geçip bilmersiň» diýipdir. Soltan bu sözleriň haýbatyndan elheder edip, derrew atyndan
inipdir: «Mährem ene, duraweri, ol köprüde eglenmäge gaýratymyz
499
ýokdur. Kimiň sütem edenini aýt, men ondan hakyňy alyp bereýin»
diýip, soltan garry enäniň öňünde dyz epipdir. Garry ene sütemkärini görkezensoň, soltan şol nökere mazaly temmi bermegi buýurýar.
Garry eneden ötünç soraýar we oňa on baş maly bagyş edýär. Soňra
eýesinden bidin özgäniň malyna el gatanyň jezasynyň agyr boljakdygy hakda perman çykarýar. Şeýdibem, ýönekeý ýaly görünýän,
ýöne sogaby bihasap adyllygy hasyl edýär.
44. SÖZÜŇ TÄSIRI
Bir gezek ýaş zenanlaryň biri körpeje ogluny ýanyna alyp, Lukman Sarahsynyň bosagasyndan ätläpdir: «Lukman baba, oglumyň
dişi agyrýar, bir em etseňiz ýa-da melhemini salgy berseňiz» diýipdir. Lukman Sarahsy bulary az salym synlanyndan soňra: «Ýene
kyrk günden aýlanyň, oňa çenli zerur bolan ähli däri-dermanlary
bilip goýaryn» diýipdir. Aýdylan möhlet geçensoň, ýaňky zenan körpejesi bilen ýene-de Lukman babanyň huzuryna gelipdir.
«Çagaňyza süýji iýdirmäň. Onuň şu diş agyrysy diňe süýjini aşa köp
iýmekden ýüze çykýar» diýipdir. Zenan bu sözlere geňirgenipdir:
«Lukman baba, bu bir çylşyrymly em däl ýaly-la, emma kyrk gün
garaşdyrman, soran badyma hem aýdyp bilerdiňiz ahyry» diýipdir.
«Wah, keýgim, şol wagt meniň özüm agzymy dolduryp, süýji iýip
otyrdym. Özüň bir zady edip otyrkaň, başga birine «şony etme!»
diýseň, sözüň ynandyryjy bolanok. Adamlaryň köpüsi hem şundan
ejir çekýär. Özgelere bir zady ündeýärler, ýöne özleri ýerine ýetirmeýärler. Sözümiň täsirli bolmagy üçin süýjiniň täsiri süňňümden
çykýança, sizi mejbury kyrk gün garaşdyrmaly boldum» diýip, Lukman Sarahsy jogap beripdir.
45. TÖWELLA
Seljuklylar bilen gaznaly türkmenleriň arasyna tow düşensoň,
soltan Togrulbeg Mäne babany Gazna illerine töwella ibermekçi bolupdyr. «Ählimiz bir türkmen. Bir döwlete sygnyp, agzybir ýaşasak,
500
aljak galamyz köp bolar» diýen many-mazmunda abaý-syýasat ýöretmegi tabşyrypdyr. «Muňa ýok diýiň, tagsyr, gaznalylar gaty öçlüdir. Hiç
kim olaryň ýanyna barmaga het edenok. Bimany işe töwekgellik etmek,
sag başyňy mübtela etmekdir, derde sokmakdyr. Ol ýere gitmeseňiz,
gowy bolardy» diýşip, şägirtleri ýerli-ýerden dillenip, piri bu sapardan
alyp galmakçy bolupdyrlar. «Bu düýbünden beýle däl» diýip, pir ardynjyrapdyr. «Ozaly bilen ähli zat Allanyň elinde, dolanyp gelsegem,
orta ýolda galsagam, ählisi kysmatdyr. Onsoňam, Perwerdigär bir sebäp bilen ýola salsa, hötdesinden geljekdigimiz üçin salýandyr. Her
kim «ol ýerleri erbet, adamlary ýaramaz» diýşip otursa we ol tarapa
hiç kim aýagyny sekmese, olar şol bolşuna galmagy hem mümkin.
Emma ýagşy niýet bilen ýola çyksaň, ýüregiňde diňe haýyrly niýetleri
göterseň, açyk göwün bilen barsaň, olaryňam açyljakdygyna şübhe
ýok. Çünki, ynsanyň ýagşy niýeti her baran ýerine teperrik bolup, şol
ýerlere siňýär. Her ýagşy niýetli adamdan bereket we döwlet ýokýar.
Enşalla, bu saparymyzda ýagşy niýetleri ýanymyza hemra edinip ýola
düşeris we Gazna illeriniň salamy bilen dolanarys» diýip, Mäne baba
dillenipdir. Saparyň netijesi hut şeýle-de bolupdyr.
46. NÄBELLI ESGER
Ýemineddöwle Soltan Mahmyt Gürgen sebitlerindäki bir galanyň daşyny gabapdyr. Uzakdan seleňläp görünýän gala aýtymyňda
ýaly görünse-de, oňa ýetýänçäň ýoly kötel dag geçitlerinden hem
aşmaly eken. Soltan esgerlerini söweşe we ýeňşe ruhlandyryp,
galanyň alkymyna barypdyr. Gabapdyr. Gala girýän arykdyr ýaplary hem petiklänsoň, ol ýerdäkileriň öz-özi boýun eger diýip, ep-esli
gün garaşypdyr. Emma galadan tabynlyk habary gelmänsoň, ony zabt
etmekden başga çykalga görmändir. Heniz giden ýerinden gury gelmedik soltan söweşe girmäge buýruk beripdir, ýöne galany birbada
almak başartmandyr. Gaýtawul gaty güýçli bolupdyr. Galadakylar
ok we otly peýkamlar bilen galanyň düýbüne aralaşmaga maý bermeýän ekenler. Şeýdip, iki-üç güne çeken synanyşyk netije bermändir. Ençeme günläp usurgadan söweşden soňra, soltan söweş tilsimini
501
mejbury üýtgetmeli bolupdyr, ýöne neneňsi çemeleşjegini bilmändir.
Ertesi aladaňdan hüjüme geçmegi müwessa bilip, esgerlerine söweş
taýýarlygynda bolmagy tabşyrypdyr. Gaýta-gaýta synanyşyk edilipdir, emma goranyşy böwüsmek başartmandyr. Her zatda çykalga bardygyna berk ynanýan soltan «indi nähili darasamkam» diýip durka,
öz esgerlerinden biriniň galanyň gowşak ýerini tapyp, şol ýerden içeri
sümlendigini görüpdir. Onuň yzy bilen beýleki esgerler hem galanyň
içine aralaşypdyr. Şeýdip, galanyň ykbaly soltanyň ygtyýaryna geçipdir. Söweş kiparlansoň, soltan esgerlerini nyzama düzüp, galadan
sümlüp geçen şol esgeriň kimdigini sorapdyr. Oňa bu başarnygy üçin
bimöçber halat-engam ýapjakdygyny aýdypdyr, emma hiç kimden
ses-seda çykmandyr. Soltan bu sözlerini öwran-öwran gaýtalapdyr,
netije bolmandyr. Ahyry soltan şol adamy tapmagy we huzuryna getirmeklerini serkerdelerine buýrupdyr. Az salymdan soňra bir adam
soltanyň hajybynyň ýanyna gelip: «Soltana ýetirmeli bir sözüm bar,
idin bersin» diýipdir. Soltanyň huzuryna baranda ýaňky adam: «Men
şol galadan sümlüp geçen ýigidiň dosty. Men onuň kimdigini aýdyp
biljek, ýöne meniň bir şertim bar» diýipdir. Soltan muňa begenip,
dessine razylaşypdyr. «Ilki bilen onuň adyny belläp almaň. Ikinjiden,
oňa hiç zat eçilmäň. Üçünjiden, onuň nirelidigini we haýsy ildendigini soramaň» diýip, ýaňky ýigit äht alypdyr. «Söz berýän» diýip,
soltan begençli seslenipdir. «Şol ýigit men» - ýigitden eşiden bu sözi
soltany aljyradypdyr. Özüniň gerçek esgeriniň kimdigini tanamak
islese-de, eden ähdine görä, ne onuň adyny sorap bilipdir, ne-de ilini.
Esgerleriniň at-abraý, mal-mülk, baýlyk ýa-da şöhrat üçin däl-de, hut
ak ýürekden wepalydyklaryny, yhlaslydyklaryna buýsanypdyr. Diňe,
gije-gündiz Alladan edýän dileglerine ýene bir dileg goşulypdyr:
«Perwerdigärim, meni şol ýigide ýoldaş et!».
47. MUNUŇ ÜÇIN ÝARADYLMANDYŇ...
Bir gezek Horasanyň meşhur pirleriniň biri Ybraýym ibn Edhem
heniz derwüşlik ýoluna düşmänkä, ýagny onuň kakasy Balhda tagt
üstünde oturyp, yklymlaryň halyny, habaryny, ykbalyny soraýarka,
502
ýakyn adamlaryny alyp, awa-şikara çykypdyr. Aw tazylaryny öňden
goýberip, barha jeňňeliň jümmüşine aralaşypdyrlar. Şol ýerde ullakan ak maral towşana onuň gözi düşüpdir. Haýal-ýagallyga ýol
bermän, okuny ýaýa salyp, kirşini dartdyrypdyr welin, golaýdan
biriniň pyşyrdysy eşidilipdir: «Eý, Ybraýym, sen munuň üçin-ä
ýaradylmandyň, saňa bu zatlar buýrulmandy». Ybraýym Edhem sakga
durup, daş-töweregine garanjaklapdyr, emma şeýle sözi aýdyp biljek
janly-jemendä gözi düşmändir. «Iblis, meni awumdan goýjak bolýar
öýdýän» diýip, ýene ýaňky towşany kowalap başlapdyr. Pyşyrdy
ikinji ýola, ýöne öňküden batlyrak gaýtalanypdyr: «Eý, Ybraýym,
sen munuň üçin ýaradylmandyň, saňa bu zatlar buýrulmandy». «Bu
mahal golaý-goltumda şeýle öwüt berjek kim bolup bilerkä?» diýip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.