Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05

Total number of words is 3741
Total number of unique words is 2122
28.1 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
we çydamaklary zerur. Çünki üstünligiň bahasyny öňünden tölemeli.
Aýlawly ýoluň ahyrynda datly miweli, goýy saýaly jennetiň bardygyny bilýän adam, yhlas bedewini debsilemegiň deregine nebis
atyny çapsa, wagtlaýyn lezzetleriň löderesini başyna çekip, bulanyk
duýgular bilen başyny sämetse, onuň pellehana ýetmezden atdan agjakdygy hem-de hakyky sylagy, mertebäni, beýikligi, belentligi gazanyp bilmejekdigi köre hasa.
Köpimiz öz ýanymyzdan durmuşda uly üstünliklere ýetendigimiz bilen buýsanýarys, özgelere aýdyp, ýaňzydyp ýörmesegem,
içimizden bir ses biziň «juda akylly we ugurtapyjydygymyzy»,
öňümizde anyk we aýdyň maksatlary goýmak arkaly köp zady gazanandygymyzy, uly üstünliklere ýetendigimizi pyşyrdap dur. Ýöne
köpimiz, geň görünse-de, durmuşda nämäniň dowamly we nämäniň
wagtlaýyndygyny hem anyk-aýdyň kesgitläp bilemzok. Biz halala
sogabyň, harama azabyň bardygyna ynanýarys, maksatlarymyzy
nähak ýol bilen hasyl etmeli däldigine, haram pişäniň ahyry bir ýerden
62
urup çykýandygyna hem akylymyz ýetip dur, emma öňde goýýan
maksatlarymyz we oňa sarp edýän zähmetlerimiz şolaryň gowusyna
gowuşmakdan üzňe görünýär.
Ybraýym Edhemiň üsti bilen biziň günlerimize gelip ýeten bu
tymsalyň manysy, hikmeti näme? Abraý, mertebe, ynsap we wyždan
hüjresi gowy adamlaryň hiç wagt terk etmejek menzili, düşelgesi bolmalydyr. Ahyryndaky sowulmaz abraý üçin alnymyzdaky az-owlak
zatlara sabyr etmegimiz gerek.
Durmuşyň azdyryjy we ymyzgandyryjy, gaflata batyryjy zatlaryna aňymyzy gidermezlik, sabyr etmeklik hakyky we ebedi bagtyýarlyga eltýän ilkinji hem-de iň ygtybarly ýoldur. Iň arzyly we ajaýyp
maksatlary hasyl etmek, beýik mertebeler gazanmak üçin birnäçe
sagadyňy sarp etmäge ýaltanma.
Arap alymy Ýusuf al-Karzawynyň şeýle sözleri bar: «Bagtyýarlyk ynsanyň öz içinden dömýändir, ol daşyndan getirilýän zat däldir. Eger-de bagtyýarlyk ynsan kalbynda biten bir daragt bolsa, onda
ynam we ynanç şol daragtyň içýän suwy... iýmiti... howasy... we ýagtylygy-nurudyr». Mahlasy, öz beýik maksatlaryň üçin irginsiz zähmet
çek. Şonda durmuşyň hupbat däl-de, eýsem, muhabbetdigine aýdyň
göz ýetirersiň.
16. HAS ÄHMIÝETLI ZATLARA
ÜNS BER
Ownuk-uşak gündelik alada-hysyrdylara güýmenip ýörşümize
ömrümiz üçin gaýragoýulmasyz işlere perwaý etmeýäris. Özümize ähmiýetli zatlary adaty zatlardan aýyl-saýyl edip bilşimize görä, ömrüň
gymmaty we manysy artýar. Durmuşymyzdaky möhüm hem-de has
möhüm zatlary saýgaryp-seljermek üçin akyldyr düşbüligimizden
peýdalanmak gerek. Ilkinji nobatda, biziň üçin iň haýyrly zadyň we
iň zyýanly zadyň nämedigini bilmek, olary inçeligi bilen öwrenmek,
takyklamak wajyp. Ýogsam bu ikisiniň parhyny kesgitläp, arasyny
açmakçy bolanymyzda, köplenç halatda, özümizi aldaýarys ýa-da
63
özge täsirlere düşüp aldanýarys. Bizi şeýle bir işler gurşaýar, olaryň
ählisi hem juda wajyp ýaly görünýär. Gabat gelşine görä hemmesine
hötde geljek bolýarys. Emma käteler maksadymyza gönükdirýän
ýol çelgileri bulam-bujar, garym-gatym görünýär. Aladalardan ýaňa
ümezläp duran göz nirä ýörejegini, haýsy zadyň has haýyrly boljagyny anyklap bilmän kösenýär. Biz işimizden, hereketimizden az-owlak
haýyr tapaýsak dagy özümizi bagtly saýyp, şeýle bir begenýäris..,
ýöne azajyk dykgat etsek, şol ýerden has köp haýyr gazanyp boljakdygyna üns bermeýäris.
Ýeterlik yhlas edilmese her arzuwyň öz apaty, her maksadyň
öňünde keserip duran çili hem, çilesi hem ýeterlik. Her ädiminde
hile, duzak, gapan gurulgy dur. Bu diňe gaýrylaryň gyýa garaýşy
zerarly däl, eýsem, özümiziň biperwaýlygymyz, ýaltalygymyz,
ugur bilmezligimiz sebäpli peýda bolan böwetlerdir. «Maksadyňy
hasyl etmek üçin özüňi lenç edip işlemek» hem şeýle duzaklaryň
biri bolup biler, eger-de gaýratyňy sarp etmeli ýerini anyk bilmedik
halatyňda... Biraz geňirgenen bolmagyň ahmal, öz maksadyň üçin
ýeterlik yhlas etmelidigini gaýta-gaýta ýaňzydyp durkam, bu sözüň
ör-gökden getirmegi mümkin. Aýtmak isleýän zadym, seniň döken
deriň, aýamadyk janyň, sarp eden güýç-gaýratyň, siňdiren yhlasyň
baş maksadyň ölçeglerine laýyk gelip, sarp eden wagtyňa degýän
bolsa... käteler biz surnugyp-surnugyp işleýäris, ne dynç alýarys, ne
indiki ädimler üçin özümizi dürseýäris, ahyrsoňunda welin, ujypsyz
hak-heşdek ýa-da göwrümi gaba bolmadyk üstünlik bilen kanagatlanmaly bolýarys. Yhlasymyzyň ýerine düşmegi üçin ony siňdirýän
ýerimizi magat bilmegimiz gerek – ine, durmuşda möhüm zatlary
däl-de, has möhüm zatlaryň nämedigini bilmek zerurlygy şunda
aýdyň görünýär.
Ählimiziň şaýat bolýan bir ýagdaýymyz bar. Özara gatnaşyklary
gowulandyrmak üçin bilýän zadyňy özgeler bilen paýlaşmak, gyzykly gören maglumatyňy olara ýetirmek möhüm we zerur zat, emma
durmuşda möhüm zatlardan hem has möhüm zatlar bar – şol edýän
64
hereketleriň, ädýän ädimleriň seniň baş maksadyňa, arzuwyňa çapraz
gelmesin. Bu ýagdaý öz arzuwlaryňy terk edip, esasy maksadyňy gyrada goýup, özüňi maksatsyz pişä bagyş etmek bolýar.
Beýleki ýagdaýlary hem hut şeýle röwüşde ölçäber! Eger-de
edýän işleriň esasy maksadyňa gabat gelmeýän bolsa, ýa amalyňa
görä maksat-ugur saýla, ýa-da maksadyň bilen utgaşykly işleriň
başyna bar.
Kenaryň gyrasyndaky ot maýagynda garawul bolup işleýän
birini göz öňüne getir. Eger-de onuň aýlyk gazanjyna düşýän zat
ýene-de şol minaradaky çyrany ýakmaga ýetjek bolsa... (ýetýär
diýeli)... Bu oglanyň ýuka ýüreklidigi, ýagşy niýetlidigi, hemmelere
mähir-mylakat we şepagat gözi bilen bakýandygy uly ile aýan bolupdyr. Ol ýagşylyk etmegi şeýle bir söýer eken. Hemmeler bu ýigidi şol
häsiýeti bilenem tanapdyr. Sebäbi ol öz iş-aladasyna gümra bolup,
şäherden çykmaýanam eken. Heran-haçan ony gözleseň, ýerinden
tapyp bolýan ekeni. Şäher adamlary bolsa... haýsysynyň öýünde çyra
ýakarlyk ýagy gutarsa, bu ýigitden birki käse ýag haýyş edip, alyp
gaýdar ekenler. Ýigidiňem «ýogy» bolmandyr, «baryndan eçilipdir».
Günleriň birinde golaý-goltumda ýaşaýan zenanlaryň biri ýag
haýyşy bilen ýüz tutupdyr. Maşgalasyna ýag zerur bolupdyr. Ýene
bir ýaşuly gelipdir, öýde çyra ýakar ýaly ýagyň gutarandygyny
aýdypdyr. Az salymdan soňra ýene bir adam arabasyny ýaglamak
üçin ýag gerekdigini aýdypdyr. Ýigit adamlaryň özüne ýüz tutmasyny makul görüpdir, begenipdir. Olara ynsanperwer garapdyr, olaryň
haýyşyny bitirmegi adamkärçilik hasaplapdyr. Hiç bir adamy eli
boş goýbermeýän minara goragçysy olara ýag guýup bermek üçin
çelegini açanda... ýakarlyk ýagyň juda azalandygyna, diňe düýbünde
sähelçe ýagyň galandygyna göz ýetiripdir. Ol bolsa minarany ýagtyltmak üçinem ýetjek dälmişin. Birdenkä minaranyň yşygy öçüpdir.
Şol gije hem birnäçe gämi ugur-ýol bilmezden, heläkçilige uçrapdyr. Käbirleri azaşypdyr. Örän köp adam gark bolupdyr. Boljak zat
bolandan soňra garawul bu zatlara çyndan ökünipdir. Jogap bermeli
* 5. Sargyt № 975
65
adamlaryň öňünde ýalňyşyna ökünýändigini ýaňzydyp, ötünç sorapdyr. Ýolbaşçylar onuň ýagşy niýetden ugur alandygyny, özüniň asylly
we ak ýürekli ýigitdigini tassyklapdyrlar, ýöne olaryň aýdan sözleri zol-zol gulagynda gaýtalanyp durar ekeni: «Biz şol ýagy saňa
özgelere paýlamak üçin däl-de, minaranyň yşygynyň hemişe ýanyp
durmagy üçin beripdik...». Ýagşylyk gowy zat, emma ýerini, ýagdaýyny bilip etmek gerek. Hemişe käbir adamlaryň bähbidi üçin hars
urup, özüňi we jemgyýetiňi gözden salmak hem dürs hereket däldir.
Özgelere ýagşylyk edeniňde öz ýagdaýyňy bilmezligiň ahyry ahmyra
goýmagy ahmal.
Bu kyssadan öwrenip, many çykaryp boljak öwütler kän, iň esasysy hem biz gowy zat etjek bolup, has gowusyny ahmal edýäris. Has
gowusyny ýerine ýetirmekde bärden gaýdýarys, harsallyga pursat,
nogsanlyga ýüz berýäris. Iňlislerde şeýle bir nakyl bar: «Hatda dowzaha eltýän ýollaryň köpüsi hem ýagşy niýetden ugur alýar».
Bu gürrüňler belli musulman alymy Ymam Mälik ibn Enes bilen
bagly bir wakany ýatladýar: Ymam ibn Wehbiň ýazmagyna görä, ol
bir gezek Ymam Mäligiň mejlisinde ylmy söhbet diňläp, köp zatlary
öwrenip oturan ekeni. Birdenkä ol hat-sowat öwrenýän tagtasyny
bir gyra goýupdyr-da, namaz okamaga çykypdyr. Gaýtadan ýerine
dolanyp gelende Ymam ondan nähili namazy okandygyny sorapdyr. Okuwçysy (ýagny ibn Wehbiň özi) endik eden napile (goşmaça)
namazynyň kazasyny alandygyny aýdypdyr. Ymam oňa has möhüm
zat barka möhüm zady soňa goýmalydygyny ýaňzydyp: «Seniň sapakdan turup, okap gelen zadyň, bu ýerde terk eden zadyňdan asla
haýyrly däldir» diýipdir. Ýagny ylym-sowat we okuw öwrenmek
goşmaça namaz okamakdan has haýyrly we sogaplydyr. Sebäbi
ýitirilen ylym sagadynyň öwezini gaýtadan dolup bilmersiň, emma
goşmaça namazlary islendik wagt hem okap bilersiň.
Bu ýerde Ymam Mälik, ilkinji nobatda, has möhüm, has ähmiýetli, has zerur zatlara üns bermelidigini okuwçysyna öwredýär.
Hatda şol edýän işiň Allanyň razylygy üçin okalan goşmaça namaz
66
bolsa-da, ondan has haýyrly, has ähmiýetli bir iş barka, şoňa eýermek,
şony bitirmek eý görülýändir.
Şonuň üçin, dostum, saňa maslahatym bolsun – seniň üçin iň esasy zatlar, esasy arzuwlar, baş maksatlar hemişe aňyňda we ýadyňda
bolsun. Ilkinji nobatda, bitirilmeli amallar göz öňüňde gaýtalanyp we
gaýmalaşyp, ýadyňa düşüp dursun. Seniň maksatlaryň süňňüňe we
köňlüňe, dahanyňdan dökülýän sözüňe we ýerine ýetirýän amallaryňa
siňsin. Ýekeje pursadyňy hem asyl maksadyňa laýyk gelmeýän,
arzuwlaryňa bap bolmadyk zatlara sarp etme. Ýogsam, özüň duýmazdan, ädimme-ädim asyl maksadyňdan uzaklaşar gidersiň.
Her edýän amalyň, her bitirýän möhüm işiň seni garyş-garyş,
ädim-ädim baş maksadyňa ilerledýän iş bolsun. Maksatlaryň bilen
ýan-ýana bile ýöreseň, ony hökman hasyl edersiň. Başgaça dowam
etseň welin, netije hem başgaça jemlener.
Mahlasy, ilki bilen esasy maksadyň nämedigini bil, amallaryň
ähmiýetini baş maksadyňa, özüňe has mynasybyna, laýygyna görä
kesgitle. Eger-de seniň maksatlaryňa muwapyk gopup, onuň öňe ilerlemegine getirýän bolsa, bu has ähmiýetli amallardyr. Edýän işiň bilen
öňüňde goýan maksadyň hiç hili galtaşygy ýok bolsa, onda ol işi juda
bir gerekli bolmadyk zähmetleriň hataryna goşup bolar. Pikirlenip gör,
belki-de has möhüm işler, has ähmiýetli maksatlar üçin möhümdir
beýleki birnäçe zatlar terk edeniňe degýändir.
17. AÝAKLAR TAÝANDA...
Ymam Müslimiň «Sahyh» eserinde şeýle bir waka ýatlanylýar.
Rabia ibn Kagbyň gürrüň bermegine görä: «Resulalla maňa hem-de
meniň ýanymdan Abu Bekre bir ýer bölüp berdi. Şonda bir hurma
daragtynyň haýsy mellege degişlidigi dogrusynda sözümiz çapraz geldi, aramyza dünýä düşdi».
Abu Bekr bu ýeriň özüne degişlidigini, menem özüme degişlidigini öňe sürdüm. Özümizi dünýä höwesine, mülk-mellek meýline
eýerledendigimizi duýmandyrys. Gep arasynda Abu Bekriň aýdan bir
67
sözi maňa juda ýokuş degdi. Bürjeren gaşymdan, damar dartylmasyndan ýaňa tirpildäp duran ýüzümden çen tutup, gödegräk darandygyna
Abu Bekr hem göz ýetirdi we ökündi. Soň menden haýyş edip, edil
şol sözi özüne diýmegimi, şeýdibem birek-birekden öýke-kine etmän,
üzlüşmegimizi, ýaraşmagymyzy sorady. Emma men kes-kelläm garşy
çykdym: «Ýok, Abu Bekr, men size gowy sözden başga hiç zat diýmerin, gödek sözi asla dilime almaryn» diýdim. Abu Bekr herneneň haýyş
etse-de, menem şol bir heňime tutdum. Ahyry bolmajagyna gözi ýetende, Abu Bekriň gahary geldi: «Eger-de sen şol sözi maňa diýmeseň,
senden öýkelidigimi pygambere arz etjek» diýdi. Töwerek-daş bu ýagdaýa gaty geňirgendi. «Gödek sözläp, göwne degen Abu Bekriň özi
bolsa hem, öýke edýän hem ýene şol» diýişdiler. Abu Bekr bu meýlini
soňa goýman pygambere mälim etdi. Pygamber hezretleri hem bizi
ýaraşdyrmak üçin adalatly höküm çykardy – şol sözi Abu Bekriň
özüne diýmegimi we bu endişe-kineleri hemişelik unutmagymyzy
tabşyrdy. «Eý, Resulalla, men Abu Bekriň şanyna ýagşy sözden başga
zat diýmerin. Munuň üçin gaýtadan ýüz tutmagyň hajaty ýok» diýip,
bir depen ýerimi depdim durdum. Resulalla hezretleri bu ýagdaýda iň
göwnemakul sözüň, çykalganyň Alladan geçirimlilik diläp, birek-biregi
bagyşlamakdygyny ýaňzytdy. Men hem aýdyşy ýaly etdim. Abu Bekr
bu sözleri eşideninden soňra, bir gyra çekildi we gözünden ýaş damjalary paýyrdap gitdi. Ol hem-ä goýberen säwligine ökünýärdi, hem-de
nähak daran adamsynyň özüni bagyşlandygyna begenýärdi.
Bu hekaýatda her birimiziň ünsümizi çekjek çuňňur many bar.
Gürrüň bir ekin meýdany hakda gidýär. Ýan-ýana, goňşuçylykda oturan
iki sany ýagşy adamyň sözüniň azaşmagyna sebäp bolan zat – ynsana
mahsus tamakinlik. «Aramyza dünýä düşdi» diýmegi hem hut şondan.
Geň görünýän bolmagy mümkin, hatda pygamberiň sahabasyny
hem dünýä söýgüsi, nebis islegi aldap bilýär, ýeri onsoň ýer ýüzünde
gezip ýören beýleki ynsanlar bu duýgudan azatdyr öýdýärmiň? Bir santimetr ýer üçin bir-biri bilen gyrlyşmak hetdine ýetýän, «bu meňki-de,
bu meňki» boluşýan adamlar örän köp ahyry.
68
Mertebesi mukaddes, hormaty keramat derejesinde saýylýan
şeýle beýik adamlaryň ýüregine hem dünýämentlik söýgüsi ornap
bilýär. Bu ynsany at-abraý we gaýry zatlar babatda heläk edýän
ýagdaýlaryň biri. Muňa göz ýumup, «aý, bor-da» diýip geçibermek,
ýaramaz häsiýetleriňe dözmezçilik etmek bolmaz. Heran-haçan we
her hal-hemişe özümizden dürslügi talap edip durmaly. Şonda-da
durmuşda şeýle ýagdaýlar bolup durar. Ýogsam säwlik bilen dürslügi,
hata bilen dogryny aýdyňlap bilmän, göwünleriň synmagyna hem-de
berekediň dynmagyna sebäp bolarys. Nebis tamasy hemmeleriň,
hatda beýik adamlaryň hem ýüregine ornaýar, ýöne olaryň parhly
tarapy – bu ýagdaýa dessine akyl ýetirýärler, düşünýärler, hata hereket edendigini bilýärler, ötünç soraýarlar. Bu ýaramaz häsiýeti, tamakinligi umma kowmaga çalyşýarlar, etmişlerine ökünýärler we
şol pursadyň özünde ýaraşmagy towakga edýärler. Nebis tamasynyň
ýürege girmeýändigi beýiklik däl-de, ondan dessine saplanmak
beýiklikdir.
Abu Bekriň beýik häsiýetleriniň ýene biri şu ýerde aýdyň görünýär.
Ol dosty bilen jetleşmegiň öňüsyrasynda durka, aňrybaş çep pursatdaka, aňrybaş sag tarapa dönmegi başarýar, dostundan bagyşlamagyny
soraýar – bu peslik däl-de, beýiklikdir.
Aýdan ýaramaz sözüne ökünmegi aýypmy? Elbetde, ýok. Gaýta ol şol aýybyny desbi-dähil ötünji bilen ýuwmagy başarypdyr. Ine,
şunuň ýaly wakalaryň üsti bilen bize geçirimlilik etmek, toba etmek,
bagyşlamak ündelýär, sapak berilýär.
Heý-de, mundan öň biriniň özünden ar almagyny soraýan, özi
bilen edil öz edişi ýaly haklaşmagyny soraýan adamy görüpmidiňiz?
Abu Bekr şeýtdi ahyry..!
Dostum, men bu ýerde saňa «ýalňyşlyk goýberme» diýip maslahat berjek däl, bu maslahaty menden öňem näçe adam ýatladandyr.
Ýöne Abu Bekriň şu häsiýetini welin, öwrenmegiňi umyt edýärin. Sen
bu hekaýatdan dessine toba edip, ötünç soramak dessuryny, geçirimlilik etmek dersini öwrenip bilersiň. Şol häsiýetler bolsa adamkärçiligiň
esasy sütünleriniň biridir.
69
Käteler şeýle bir duýgulara gaplanýarys... Ýürege ornaýan howur,
duýgy bir säwlik goýberendigiňi ýatladýar, kalbyňda ökünç uçgunlary
gaýmalaşyp başlaýar, ruhuňda bir zatdan howp-howatyr harasatlary
möwjeýär... bu nämäniň alamaty? Onda düşün, kimiň hak-hukugy babatda öte geçen ýa-da bärden gaýdan bolsaň, haýal etmän, wagt ýitirmän ýanyna bar-da ötünç sora, şonda ýüregiňi gaplaýan ökünç alawlary kem-kemden sowaşar we ruhuň rahatlyk tapar.
Muhammet Ahmet ar-Raşidiň aýdan bir jümlesi bar: «Mömin
ýalňyşýandyr, adam bolandygy üçin.., ýöne onuň nebsi-köňli dessine
dogry ýola düşmäge ukyplydyr, gaflatdan dessine oýanmagy başarýandyr. Päk adamyň köňli-raýy gaflat çuňluklarynda uzak eglenmez».
18. GOPBAMSYLYK – HELÄK
EDÝÄN HÄSIÝET
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýesi doktor Ahmet Züweýlden
hakyky alymyň aýratynlyklary we çyn alym bilen alymsumagy nähili
tanamalydygyny sorapdyrlar.
«Eger-de özüniň beýikdigi, başarnyklydygy, ylymlydygy, asyllydygy hakda söz açýan bolsa, ony diňläbem oturmaň. Çünki hakyky
alymlar ylymda bir basgançak ýokary galdygysaýy öňlerinde özleriniň
bilmeýän, özlerine düşnüksiz giden bir giňişligiň peýda bolýandygyny
görýärler. Melekut äleminiň ýanynda öz bilýänleriniň peşe ganatyça
hem ýokdugyna göz ýetirýärler. Ylym we magryfet deňzinde sadaja
bir nokatdyklaryna düşünýärler» diýip, ol jogap beripdir.
Beýikligiň möhüm esbaplarynyň biri – durmuş mekdebinde
hemişe okuwçydygyňy unutmazlyk. Beýiklere mahsus bir häsiýet –
olar öz bilýän zatlarynyň çäginde hereket edýärler we aň-düşünjeleriniň
gurşaýan zatlaryny okap bilmäge ukyply bolýarlar.
Jemgyýetiň iň haýyrly adamlarynyň biri – bilýän zadyna asylly amal edýän alymlar. Beýiklige eltýän esasy derwezeleriň biri
hem ylym-bilim öwrenmeklik. Öwrenmeli, bilmeli, özleşdirmeli,
ýöne hernäçe sowatly bolsaňam, ulumsylyk edip, gaýşaryp ýörmek
70
gelşiksiz. «Ökdeden ökde bar» diýlen sözi hem ýatdan çykarmaly
däldir.
Öz ýeten derejesi bilen buýsanyp, temegini göge dikýänler, wagtal-wagtal özgeleriň ýanynda gazanan zatlaryny ýatlap oturýanlar,
aň ýetiren, öwrenen zatlaryny nygtaýanlar we özi bilen magtanýanlar – olar, aslynda, köňüllerindäki boşlukdan we öz başarnyklaryna
ynamsyzlyklaryndan ejir çekýän adamlardyr. Üstesine, olar barlykdaky esasy hakykatdan bihabar adamlar, çünki ylma, hakykata, magryfete doly göz ýetirip bilmek adamzada berlen zat däldir. Diňe Allatagala ylym zerrelerini öwrenmegi öz halan bendesine bagyş eder.
Bir gün geler, aslynda hiç hili üns-ähmiýet berilmeýän ýönekeý
adamlaryň biri olaryň hiç zat bilmeýändigini paş eder goýbär. Bu,
köplenç şeýle bolýar.
Şu ýerde şoňa laýyk bir wakany ýatlasym gelýär. Olaryň biri
köp zat bilýändigine hondan bärsi bolýan adam, beýlekisi akylly
we üşüklidigine garamazdan, düşbüligi her göze ilmeýän ýönekeý
adam.
Günleriň birinde bir çagajyk dellekhanalaryň birine giripdir. Ony
göreninden, dellek kinaýa-ýaňsy bilen ýylgyrypdyr. Öňünde oturan
adamyň gulagyna pyşyrdap: «Ine, şu çagajyk dünýädäki iň samsyk
çaga! Häzir garaş, men sözümi subut edeýin» diýipdir.
Soňra dellek çagajygyň ýanyna barypdyr. Bir eline bir manatlyk
pul, beýleki eline elli teňňelik pul goýupdyr-da: «Hany, körpe, şu ikisinden haýsy birini saýlajak?» diýipdir.
Çagajyk elli teňňelik puly saýlapdyr we gidipdir.
Dellek ýene-de kinaýaly ýylgyrypdyr, bu täsin tejribesi üçin
özünden hoşallyk bilen gülüpdir. Öňünde oturan müşderisine garap:
«Aýtdyma saňa, bu iň samsyk çaga diýip. Ol her gezek gelende şol
bir hereketlerini gaýtalaýar. Hemişe az mukdardaky puly saýlaýar»
diýip, loh-loh gülüpdir.
Saçyny bejerdeninden soňra, ýaňky adam dellekhanadan çykypdyr we oglanjygy gözläp tapypdyr. Ol süýji dükanynyň agzynda du71
ran ekeni. Elindäki puluna işdäsi alan, iýesi gelen halwalaryny satyn
alanyndan soňra, ýaňky adam çagajygyň ýanyna barypdyr. Özüni biynjalyk eden soragy beripdir: «Sen näme üçin her gezek has köp puly
alyp bilýärkäň az mukdardaky puly saýlaýarsyň?» diýipdir.
Oglanjyk ol adamyň gözlerine dikanlap seredip: «Eger-de ondan bir manat puly alan günüm ol meniň bilen oýun oýnamagyny
bes eder. Onsoňam, şol alan pulum maňa bir günlük süýji satyn almagyma ýetýär. Artykmajy özümde duranyndan, goý, ony dellekçi
daýy saklap bersin» diýipdir.
Ol adam bu jogaba – bu herekete haýran galypdyr.
Pespällik hem Allatagalanyň bagyş eden rysgy. Ulumsylyk
we hondan bärsilik bolsa kem-kem uçuda golaýlaşdyrýan ýaramaz
häsiýet. «Men, men» diýip, diňe özüni bilýän adamlaryň ahyrsoňunda
niçiksi duzaga düşýändiklerine durmuş şaýat. Olar dünýäni özi hakdaky gürrüňlerden, söhbetlerden doldurýarlar, üstesine özlerini aşa akylly görkezjek bolup, gözden düşýärler. Soňra ol adama öwrenişýärler
we gaýta äsgermän geçýärler, üstünden gülýärler. Ymam Şapygynyň
bize duýduryp aýdan bir sözi bar: «Kimde-kim özüne degýän gymmatyndan ýokary baha berse, barybir Allatagala ony hakyky bahasyna
gaýtaryp getirer».
Pespälligi özüne hemra edinen adamlar hakyky beýiklerdir.
Dostum, özüne magrur ýaňky dellek ýaly akmak bolma! Özündäki «ýiti üşüge» daýanyp, beýlekileriň ýalňyşlyklarynyň üstünden gülýän dellek ýaly bolma. Hyýal dünýäsinde ýaşap, pöwhelik ýollarynda
gezseň, beýlekiler seni oýnar ýörerler.
Mahlasy, beýikligiň aňry çägini, kemalyny Alladan başga bilýän
ýok. Her näçe üşügiň, zehiniň, akylyň, sowadyň bolsa-da, özüňe
ýa-da öz edýän işleriňe magrur bolma, gomparma, hondan bärsi bolup, hekgerip gezme. Pespällik diwaryndan arkaňy aýyrma. Şonda
Allanyň ýollan beýikligi, abraý-şerepi we mertebe-derejesi, sen talap
etmezdenem, öz-özi gaşyňa geler we başyňa gonar.
72
19. BIR ÇÄRESINI TAP...
Uly işler üçin ýaradylan, beýik maksatly, batyrgaý pikirli
adamlar hemişe uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şol uly
kynçylyklaryň biri hem hak zady ykrar etmeýän we ajaýyp pikirleri,
täzeçilligi inkär edýän düşünjeler bilen garpyşykdyr.
Ýagdaýyň bir çeti haýbatdyr söweşe diräberse has-da howply.
Şol halatda işleri ugrukdyrmak we ornundan gozgamak üçin bir çärä
ýüz urmaly bolýar. Hyjr süresinde: «Biz olara Asmandan bir gapy
açsak we olar şondan ýokary çykyp, melekut äleminiň täsinliklerini
görseler hem ynanmazlar, gaýta: «Biziň gözlerimiz baglanypdyr, bize
jady edilipdir» diýerler» diýilýär. Garaz, kalby garaňky, aňy ýapyk
ynanmajak adamy ynandyrmak hyllalla.
Bu mübärek aýatda adamzady eýelän kejirligiň bir görnüşi beýan
edilýär. Kejirlik olaryň akyllaryny şeýle bir gurşapdyr welin, hatda bu
häsiýet olary ähli nygmaty, barça ajaýyplygy hasap etmezlige itekläp
dur. Bular göze dürtülip duran islendik hakykaty hem inkär etmäge,
ýalan saýmaga taýyn. Bular öz boluşlaryny, öz aýyplaryny duýanoklar, gaýta, aýdyň hakykata akyl ýetirmäge derek, «akylymyz sämäp
dur öýdýän» diýip, özleri jadylanan ýaly, ile töhmet atýarlar.
Şeýle ýagdaýlarda asylly maksatdan ugur alýan adam näderini
bilmeýär. Her bir täzeçilligi inkär etmäge uýgunlaşan adamlary ynandyrmak, yrmak üçin mynasyp ýol, usul agtarýar. Bir hilä ýüz urmasaň,
sagdyn we bişen akyl arkaly olar bilen iş salyşmak mümkin däl. Şonuň
ýaly pursatlarda dadyňa ýetişjek bir çäräm bar, şony ulanmagyňy
maslahat berýärin.
Aslynda, köp wagtlarda şahsy duýgular we medeni aň, ruhy
gözýetim mantykdyr akyldan rüstem gelýär.
Käbir adamlar öňki düşünjesine pugta ýapyşyp durýar, hatda
şol işleriniň soňy-netijesi göwne ýarar ýagdaý bilen tamamlanmaýan
hem bolsa, täze bir zadyň durmuşlaryna ornaşyp, öňküje öwrenişen
gününi, ýagdaýyny özgertmeginden çekinýärler. Şeýle bir söz bar:
«Ynsan bilmeýän zadynyň duşmanydyr (ýagysydyr)», ýagny adamlar
73
özleriniň bilmeýän, akyl ýetirmeýän zatlaryny inkär edýärler, ýalňyş
hasap edýärler. Şeýle ýagdaýda akylyňy işledip, bir hile-mekirlige ýüz
urmagyň haýry degse gerek. Özüňdäki akyl we hüşgärlik, ýitilik we
zehin arkaly olaryň akyllaryny özüňe çekjek bir hakykaty pikirlen.
Saňa gürrüň berjek bir taryhy wakam aýtmak isleýän zadymy has
aýdyň düşündirip berer.
On sekizinji asyrda Beýik Britaniýada şeýle waka bolup geçýär.
Kristofer Fraýn örän zehinli, seýrek talantly adam ekeni. Ol
döwrüniň ylym-bilim deňzinde gulaçlap ýüzüpdir, gaty köp ugurlardan ussatlyk bilen baş çykarypdyr. Esasanam, astronomiýa, asman-pelek ylymlary, matematika, geometriýa ugurlaryndan zehinli
ekeni. Günleriň birinde Westminster şäheriniň häkimligi oňa bir
ýumuş tabşyrypdyr. Häkimlik üçin kaşaň binanyň taslamasyny sorapdyr. Guruljak binanyň çyzgylary bilen tanşan häkim bu taslamany kabul etmekden ýüz öwrüpdir: «Bu teklibiň kabul ederlikli däl. Çyzga
seredeniňden eýýäm ikinji gatyň çökmek howpuny duýup bolýar»
diýipdir.
Fraýn häkimiň ýagdaýyna düşünipdir. Sebäbi häkimiň aňynda
ikinji gatyň howpludygy we onuň çökäýmek ähtimallygy hakdaky
düşünje berçin ýaly mäkäm orun alan ekeni.
Kristofer bu pikirleriň gury howsaladygyny düşündirmäge
synanyşypdyr. Şäherdäki kaşaň jaýlary mysal getirip, ol ýerde gurnalan her bir sütüniň binanyň durkuny saklaýandygynyň boş gürrüňdigini
tekrarlapdyr. Emma häkim öz pikirinden dänmändir. Kristofer
gönümel aýdylan hakykatyň oňa täsir etmejekdigine göz ýetiripdir.
Ylmyň gazananlary, inženerçilik kanunlary we binagärlik aýratynlyklary bilenem häkimi raýyndan gaýtaryp bilmändir. Garaýşyny
gozgamagy başarmandyr. Kristofer başga çykalga tapmansoň, bir
mekirlige ýüz urupdyr.
Ol häkimiň nämeden gorkýandygyny içgin sorapdyr. Häkim oňa
binanyň pylan ýeriniň çökäýmeginiň ähtimaldygyny ýaňzydyp, «Şol
74
ýerde iki sany sütün goýulsa, ikinji gat aşak çökmez ýaly ygtybarly
bolardy» diýipdir.
Inženerçilik çözgüt babatda şol iki sütüniň gerekli däldigine garamazdan, Kristofer häkimiň pikirini kabul edip, işe girişmäge rugsat
alypdyr. Şeýtmese, bilýän ähli ylmynyň, başarýan barça zadynyň häkimi bu gorkulardan halas edip bilmejekdigine göz ýetiripdir.
Kristofer binanyň gurluşygyna başlapdyr. Şäher häkiminiň
aýdyşy ýaly, hut şol ýerde iki sany sütün hem galdyrypdyr. Ajaýyp
we kaşaň ymarat peýda bolupdyr.
Aý-günler aýlanypdyr, birnäçe ýyllardan soňra binany rejelemek, käbir ýerini, durkuny täzelemek kararyna gelipdirler. Şol ýerde
işgärler bir täsin ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar. Birinji gatda
gurlan iki sany sütün ikinji gata birnäçe santimetr ýetmezden tamamlanýan ekeni.
Kristofer näme edipdir?
Daşky görnüşi şol adamyň – häkimiň aýdyşy ýaly, ýöne beýleki tarapdan, öz bilimi, başarjaňlygy we sungaty bilen, häkimiň
garaýşynyň ýalňyşdygyny subut edipdir. Häkimiň özi hem birnäçe
ýyldan soňra muňa göz ýetiripdir – şol iki sütün bolmasa-da, bina öz
durkuny bozman saklajak ekeni.
Ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän bir hikmetli sözi bar: «Hiç
hili çäre tapmasaň, onda bir hile tap».
Söhbetdeşiň gaýa deýin gozganmaz garaýşynyň öňünde deprenip
durma, daş gaýalara maňlaýyň bilen nagyş saljak bolma.
Pikir et we amal et. Ýagdaýa ähli taraplaýyn seret we bir çykalga-çözgüt, usul-yş, hile-çäre gözle, hökman taparsyň.
Işiňde ýa öýüňde, ýanýoldaşyň ýa-da başlygyň bilen bagly wakalarda, ýa-da dostlaryň bilen gatnaşyklarda şu zeýilli ýagdaýlar bilen
gabatlaşyp bilersiň. Şonda olaryň üýtgewsiz garaýyşlary seni ýadatsa-da, pikir et, oýlan, bir çäresini tap we täsir et.
Ýogsamam, aýan-aýdyň zatlary düşündirmek iň kyn işleriň,
ýagdaýlaryň biri hasaplanylýar.
75
20. ORTASYNA ÝETENDE ÜZÜLÝÄN
HEKAÝATLAR...
Durmuş hakdaky pikirlerden nähili peýdalanyp bileris?
Bu sowalda üýtgeşik zat ýok we ol göwnüçökgünlige getirjek
şum pikirleri oýaranok. Men diňe şeýle sowalyň üsti arkaly gazanyp
bolýan peýdalara we manylara ünsüňizi çekmek isleýärin.
Şek-şübhesiz bu kitabyň awtory ýa-da bu setirleri okap oturan
adam günleriň birinde Zeminiň ýüzündäki syýahatyny kesip, täze
durmuşa başlar – elwan nygmatly jennete ýa-da azaply tamuga düşer.
Akyly goýalyşan adamlaryň ählisi hem haçandyr bir wagt
ýaşaýyş, durmuş we ölüm hakda çynlakaý pikir edendirler. Hatda
dünýäniň zer-zynatyna, ter gunçasyna, meýlisdir gyzygyna meşgul
bolanlar hem bu hakda pikir öwren bolmaly. Kalby we akyly oýa
adamlaryň ýaşaýyş we durmuş hakda hersiniň özboluşly garaýşy bardyr. Ömrüň paýawlamagy hakda hem pikir etmeli, emma berlen ömri
manyly ötürmek hakda has çynlakaý oýlanmak gerek. Ömürboýy bir
niýete gulluk edip, pille paýawlan çaglary ähli edenleriňe ökündirjek,
ahmyra goýjak amallara irgözinden akyl ýetirmek döwletlilikdir.
Durmuşdaky gözellikleri görmegi başarmaly, gözel işleri etmeli
we özgelere hem şatlyk paýlamagy maksat edinmeli. Eýsem, sen
adamlara şatlyk umytlaryny çaýýarmyň ýa-da tukatlyk duýgularyny
paýlaýarmyň?!
Tanymal nemes filosofy Gýote tukat we diýseň gamgyn durmuş
sürüpdir. Ol her gün agşam uka batanynda ýassygynyň aşagynda
hanjar goýup ýatar ekeni. Dünýä durmuşyndan irenligi üçin, bir gün
oýanyp, şol hanjar bilen dünýewi durmuşynyň soňuna nokat goýmak
niýetinde eken. Ýöne özüne kast etmek islegi başa barmansoň, bu
gözgyny durmuş hakda gürrüň bermegi, hasratly ýaşaýşy eserlere
siňdirmegi ýüregine düwýär. Her ýazan hekaýasynyň soňunda gahrymanyny pajygaly ýagdaýa uçradýar.
Ýazan gaýgyly eserleri bilen müňlerçe adamy agladan Alam
Werter segsenden gowrak ýaşady. «Hemmeler meni bagtly adam
76
hasap edýärdi. Ömrümiň bir pursadyndan nadyl bolan ýerim ýokdur,
emma boýnuma alýaryn, muňa garamazdan bütin ömrümiň dowamynda adamlara diňe gaýgy-gam, gynanç, alada, agy we agyr duýgulardan başga zady paýlamadym. Ömrüm boýy bir aý rahat ýaşandyryn
öýdemok. Meniň durmuşym bir agyr daşy depä iterip çykarmaklyga
meňzeýärdi – her gezek şol daşy depesine çykardym diýenimde, ol
ýene-de aşak togalanyp gaýdýardy. Men ýene-de şol geçen ýolumy
gaýtadan geçýärdim, täzeden synanyşýardym» diýip ýazýar.
Arasynda ajaýyp pursatlaryň, gönençlikleriň kändigine garamazdan – olaryň pikiriçe, ýaşaýyş diňe görgi we kösençlik. «Ýaşlygymdan
başlap garrylygyma çenli her geçen menzilimi göz öňüne getirýärin.
Ýaşlyk döwrümde ýanymdan aýrylmadyk dostlarym bireýýäm panyny terk etdiler. Şol zatlar hakda oýlanyp oturyşyma, bu dünýä tomusky dynç alynýan wagtlaýyn myhmanhana ýaly görünýär» diýip,
Gýote ýazýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.