Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08

Total number of words is 3716
Total number of unique words is 2139
29.2 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
mek, kesgitlemek wajyp. Ýogsam, birnäçelerimiz meýilleşdirmek üçin
pikirlenmegi wagty yrýa etmek ýaly görýäris.
Oýlanyşykly hereket edýän adamlar aýdýar: «Gyssanmaçlyk
bilen iş bitirjek bolýan adamlar pikirlenmezden gelen kararlary,
başyna baran işleri üçin azyndan şonuň ýarysyna barabar wagty gaýtadan şol işe sarp etmeli bolarlar. Eger-de öňünden azajyk
pikirlenip, oýlanyşykly hereket eden bolsalar, howlukmadyk bolsalar, gaýta, has haýyrly, bähbitli bolardy we ep-esli wagt utardy».
Ýandepderçäme şeýle ýazgyny belläp alypdyryn: «Tiz bitirmeli
işleriň ählisi önjeýli iş däldir. Ýalta adam işini ýüzleý bitiribem, ýaltalyga howlugyp biler (Abbas Mahmud al-Akkad)».
33. BARYNDAN LEZZET AL
Köneden gelýän bir adata göwnüm gidensoň, ony esasy durmuş
ýörelgäme öwürdim: «Özümde ýok zada ýa-da özümiňki däl zada göz
aýlamazlyk hem-de gazanyp bilmejek zadymy küýsemezlik gerek».
Hemişe özüme gelişýän lybaslary geýinýärin, özüme kybap
donlara bürenýärin. Meni az salymlyk ýokary galdyryp, soňam öňki
tebigy ýagdaýyma getirip goýjak towsuşlardan, böküşlerden lezzet
almaýaryn.
Ulag satyn almak üçin karz alýan dostumdan gaty görýärdim.
Ol özüne-de, maşgalasyna-da agyr ýük, urna bolýardy. Oňa: «Öz
derejäňde ýaşaber, eliňde bar zatlardan lezzet al, şolaryň hözirini gör.
Sen heniz beýle ulag satyn alardan bäş ýyl dagyn ir terpenýärsiň.
Heniz gazanmadyk derejäňde ýaşamaga neçün howlugýarsyň?»
diýip, nägile bolýardym.
Soňra daş-töweregimdäki adamlara göz aýlap, döwrümizde örän
köp adamyň öz mümkinçiliklerinden bir ýa-da birnäçe ädim öňde
ýöreýändiklerine düşündim.
Bir gün meşhur hekimleriň biriniň ömür beýanyny okanymda
şeýle wakanyň üstünden bardym. Akylyň goýalyşyp, durmuş wakala108
ryna siňe-siňe nazar salanyňdan soňra, bu sözleriň manysyna has-da
çuň düşünýärsiň.
Günleriň birinde bir dananyň ogly elem-tas bolup, ylgap gelipdir:
«Kaka, buşluk, bir hoş habar bar, bazarda kilosy bir dinardan hurma
satylýan eken. Satyja bir çuwal hurmany aýryp goýmagyny haýyş etdim, pulumy alyp gelýänçäm garaşmagyny soradym...» diýipdir. Dana
ýaşuly bu sözlere ýylgyrypdyr we ogluna bakyp: «Şu iki dinary al-da,
oňa düşýän zerur zatlary al» diýipdir.
Ogly kakasynyň sözlerine geňirgenipdir-de, hiç hili garşylyk
görkezmezden, bazara eňipdir. Aradan köp wagt geçmänkä, kakasy
ogluny ýanyna çagyrypdyr: «Bu günler bazarda hurmanyň nyrhy
näçe boldy?» diýip sorapdyr. Ogly: «Bir kilosy bäş dinara çykdy»
diýipdir. Kakasy: «Bar, onda, gitde, bir çuwal hurma getir» diýip,
ogluna pul uzadypdyr. Ogly muňa geň galypdyr: «Kaka, seniň bolşuň
birgeňsi, hurmaň bahasy bir dinarka almakdan ýüz öwürýäň. Bäş
dinarka bolsa göwünjeň satyn alýaň» diýipdir. Kakasy: «Oglum,
hurmaň bahasy bir dinarka meniň ýanymda iki dinardan başga pul
ýokdy, emma bu wagt pulum kän, gurbum bar, şonuň üçin hem
arkaýyn alýaryn» diýipdir.
Akyldarlaryň ýöreýän iň dogry durmuş ýörelgesi – zada zar
bolmazlyk strategiýasy. Gazanyp bilmeýän, häzirki pursatda ýagdaýyň
ýok zady küýsäp, isläp başlasaň, dessine onuň tamasyny hem, pikirini
hem kalbyňdan çykar. Diňe şeýtmek bilen ony gazanmak tomaşasyndan
we onuň täsirine berilmekden halas bolarsyň. Ýogsam, ýagdaýyň ýok
zada gultunyp, gaýta-gaýta ýatlap ýa-da göz gezdirip dursaň, ol seni
birahat we ynjalyksyz eder. Köp zatlara ünsüňi jemlemekden sowar.
Has ýamany-da, özüňde bar zatlaryň we daş-töweregiňdäki zatlaryň
ajaýyplygyny, gözelligini görmekden mahrum bolarsyň, ýakymly
zatlaryň gözelligini duýup bilmersiň.
Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp bilmeýäris ahyry. Ýöne
göwnüň, nebsiň küýseýän ol-bu zatlary hemişe peýda bolar durar. Şunuň ýaly ýagdaýlarda ýüregimizi we ruhumyzy ynjaldyrmak
islesek, biz Allanyň beren nygmatlaryna, akyl-ukyplaryna razylyk
109
we kaýyl-kabullyk gözi bilen bakmalydyrys. Şonda biz heniz köp
adamlaryň özümizde bar zatlary arzuw edýändiklerine göz ýetireris. Özümiziň nygmat kölünde gulaçlap ýüzýän ynsanlardygymyzy
duýarys. Emma näme üçindir biz şeýle ajaýyplyklary duýmaýarys
ýa-da olaryň barlygyndan hem bihabar gezýäris.
Omar ibn al-Hattab bir dirhem bahasy bolan bir nahary iýmek
islese, ony bir ýyl soňa süýşürer eken. Ol nahary hakykatdan hem özüniň iýmek isländigini ýa-da nebsiniň islegidini bilmek üçin şeýder eken.
34. BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...
Ol gözüniň öňündäki ähli hazynalaryny ýygnamak isledi. Elinde
bar ähli zadyny satdy we düşen bahasyna hem bir altyn guýmasyny
satyn aldy. Soňra öýüniň howlusyndaky bir ýaşyryn ýere gelip, çuň
çukur gazdy we altyn guýmasyny şol ýere gömdi.
Her aýda genji-baýlygyny görmek üçin çukury gaýtadan gazardy. Gündiziň ep-esli bölegini çukuryň gabat garşysynda oturyp geçirerdi. Höwesini, güýmenjesini, küýsegini, hyýalyny şoňa gönükdirer
oturardy. Soňra başga biri göräýmesin diýen howatyrlanma bilen
ýene-de onuň üstüne gaýtadan gum sürerdi.
Şeýle-de bolsa takdyr ony hoşuna gelmejek duýdansyz bir zada
uçratdy. Onuň çukuryň öňünde ep-esli wagt sermisal bolup oturanyny
adamlaryň biri görüpdir hem-de bu işde nähilidir bir syryň bardygyna
anyk göz ýetiripdir. Hum eýesiniň giderine mähetdel, ol ýeri köwüp
başlady we altyn guýmasynyň üstünden baryp, ony ogurlady...
Hum eýesi öňki endigine görä hazynasyny görmäge geldi. Ony
tapmady we akylyny ýitirene döndi. Zenan maşgala ýaly hünübirýan
aglap, gözýaş döküp başlady. Goňşusy onuň bu halyny görensoň,
«eýgilikmi?» diýip sorady. Hum eýesi ähli wakany we pajygaly soňy
beýan etdi.
Goňşusy bu adamyň öte husytdygyny, barmagyndan damanyny
dodagy bilen ýalap alýan syrnyh biridigini, ne özüne, ne çagalary110
na hiç bir zadyny dözmeýändigini magat bilýärdi. Goňşusy oňa
bir üýtgeşik teklip etdi. «Hol zyňylgy daşlaryň arasyndan bir daşy
al-da, şol ýere gömüp goý. Sen ony şol altyn guýmasy hökmünde
görüber» diýdi. Hum eýesi bu teklibe ör-gökden geldi. Goňşusy:
«Barybir bütin durmuşyňda sen ony ulanyp, peýdalanyp, keýpini-hözirini görüp bilmejek bolsaň, ol ýere gömüljek daşyň haýsy
gymmatlykdaky daş bolmagynyň näme tapawudy bar?» diýip, bu
teklibini düşündiripdir.
Bu ýönekeýje kyssadan durmuş sapagyny alyp bolýar. Käbir
adamlar özlerindäki gymmatbaha zatlara şeýle bir berilýär, özleri
şol zadyň bendi-ýesirine öwrülýärler. Onuň hözirini görüp, özlerine hyzmat etdirmegiň deregine, ähli pikirlerini, güýç-gaýratlaryny,
yhlaslaryny şonuň hyzmatyna sarp edýärler. Harç edýärler.
Ine, gorkynyň bütin durmuşymyza ýetirýän täsiri. Gorky gözlerimizi baglaýar we işleriň hakykatyna düşünmekden saklaýar. Nämedir bir zady ýitirmek gorkusy seni onuň ýesirine öwürýär duruberýär.
Pygamber alaýhyssalam zatly bolmagyň hakyky manysyny
açyklanda çuňňur manyny berýär: «Adam ogly: «Malym-halym-baýlygym» diýer. Ýöne iýip-içeniňden, sadaka bereniňden ýa-da
özüňe siňdireniňden, geýip tozduranyňdan başga zat seniň malyň bolup bilmeýär».
Zatly bolmagyň, zada eýe bolmagyň hakyky manysy, eger-de şol
zat seniň hyzmatyňa ýaraýan bolsa, haýry degýän bolsa, seniňkidir.
Saňa haýry degmeýän zady, hatda öz adyňda durandygyna garamazdan, özüňki däl ýaly duýuber.
Demir sandyklaryň içinde agzy gulply ýatan bihasap mukdardaky puluň eýesi garyplykdan we mätäçlikden ejir çekýän bolsa, onça
baýlyk derdine ýaramaýan bolsa, ol pullaryň, nämä haýry bar?
Öňki bölümlerde biz heniz ýetmedik derejesinde ýaşaýan, ellerinde ýok zat bilen sapa sürmäge ymtylýan adamlar hakda ýatlapdyk. Bu
bölümde bolsa ýagdaýy-gurby bolubam, ýaşamaly derejesinden has
111
pes ýagdaýda bolýanlaryň söhbedini etdik. Şeýdip, olar ellerinde bar
baýlygyň hözirini görmekden özlerini mahrum edýärler.
Beýle adamyň nebsi-dünýäsi, onuň syrnyhlygy, husytlygy we
baýlyk-hazynasy hakda oýlandym. Her täze gün onuň wawwaly derdi, aladasy, birahatlygy. Onuň bolşy ertirine, Allanyň ýetirjek rysgyna
ynanmazçylygyň alamaty. Adamlara ynamsyzlyk bilen bakmagyň
nyşany.
Şeýle adamlar özleriniň ýaşaýan durmuşyny jähennemiň bir
bölegine öwürýärler. Olaryň dartgynly we galagoply ýagdaýlary,
gorky-ürküleri, gazananyny maşgalalaryna harç etmezlikleri, elini
açmazlyklary ýanýoldaşynyň we bala-zürýatlarynyň öňündäki jogapkärçiligi ödemezlikdir.
Olar imisala we rahat adamlaryň tersinedir. Imisala adamlaryň
ertesinden gorkusy ýok. Elinde bar zady isrip etmezden we gysganmazdan özüne dözüp bilýärler. Her ätjek ädimini, etjek işini
ölçerip dökýärler. Sebäplere we pursatlara ýapyşýarlar. Sebäplere
görä hereket edýärler.
Mahlasy, Allatagalanyň bagyş eden naz-nygmatynyň, akyl-zehininiň eşretini gör. Husyt-syrnyh bolma, hözirden özüňi mahrum
etme. Allanyň berenini özüňe dözüp bilseň, Ýaradan özüňe we haýra
siňdiren her zadyň öwezini esseläp dolýandyr.
35. HATASYZ ADAM ÝOK
Bir alymyň örän köp şägirdi we talyby bar eken. Onuň ylmyndan
öwrenmek, peýdalanmak üçin müňlerçe adam onuň huzuryna geler
eken. Çözmesi kyn bolan meseleleri, aňlaryny garjaşdyran sowallary
hakda oňa ýüz tutar ekenler. Emma günleriň birinde ol bende bir günä
işe baş goşupdyr, şondan soň adamlar ondan daşlaşyp, ony terk edipdirler. Talyplar hem öz halypalaryndan ýüz öwrüpdirler. Onuň günä
işe batyrynmasyny özleri üçin hem biabraýlyk hasaplapdyrlar.
112
Alym öýünde içini hümledip otyrka, gapy kakylypdyr. Açyp
görse, bosagada ylym öwrenmek isleýän ýaş oglanlaryň biri duran
ekeni. Ýaş oglan girmäge we alymdan sapak almaga, öwrenmäge idin
sorapdyr. Alym muňa geň galyp: «Sen näme üçin beýlekiler ýaly meni
terk edip, taşlap gitmediň?» diýip sorapdyr. Ol oglan: «Öň hem sizi
pygamber hökmünde däl, adam hökmünde görýärdim. Adam bolsa
ýalňyşyp biler» diýip jogap beripdir.
Üşükli bu ýaş oglan her birimiziň üns bermeli esasy hikmetimize
– durmuş paýhasyna ten berýär – durmuşda, dünýäde hiç bir ýazygy
bolmadyk adam ýok. Ýalňyşmaýan, hata goýbermeýän, säwlige uçramaýan adam ýok. Şonuň üçin hem hiç kim beýlekilerden perişde ýaly
päkize, arassa bolmagyny talap etmeli däldir.
Adamlar, ähli adamlar, hemme adamlar säwlik-hata goýberýär.
Haýsydyr bir adamy bir dar ýere gabap hem-de olara birtaraplaýyn
esasda höküm çykarsak, ony öz ýalňyşynyň ýesiri, bendisi edip goýsak, onda öte ýalňyşdygymyz, oňa aýdyň sütem etdigimiz, inkär etdigimiz bolar.
Bagyşlamagy, geçirimlilik etmegi, ýazygyny ötmegi, başarmaly.
Bir gezek Isa pygamber günä işe baş goşan zenanyň daşyna hümerlenişip duran adamlaryň ýanyna barypdyr. Adamlaryň her biriniň
elinde birlän-ikilän daş bar eken. Zenany bu ýazygy üçin daşlajak bolup duranmyşlar.
Isa pygamber bu adamlara bakyp, asyrlara siňen sözlerini aýdypdyr: «Kim ömründe hata iş edip görmedik bolsa, şol daşlasyn...».
Adamlar biri-birine bakypdyrlar. Soňam, hersi öz ýoluna gidiberipdir,
çünki hatasyz adam ýok.
Pygamber alaýhyssalam hem hata iş edýänlere giňgöwünlilik
bilen garaýar, ýaş-ýeleňlere mähirli, mylaýym, ýumşak daraýar. Hata
goýberýäniň ýalňyş hereketlerini aýratyn bir tegelege salýar, emma ol
adamyň tutuş özüni şol tegelege girizmeýär. Paýhasly adamlar hem
işleriň hakykatyny şeýle görýär.
* 8. Sargyt № 975
113
Hemmeler ýalňyşýar... olaryň käbiri has bet işlere hem baş
goşýar... Zulum... nähaklyk... eger-de sähel säwlik ýa-da hata goýberenleri aramyzdan sogrup aýryp, günälerden ýülünilýän ýere
sürgüne iberjek bolsak, olaryň öz aramyzda gezip ýörmegini islemejek bolsak, olara toba etmäge maý bermejek bolsak, ine, bu hem uly
zulumdyr.
Ýüregini Hakdan üzmeýän adamlar bar, olar örän geçirimli,
mylakatly, olaryň şu durmuşda barlygy hem durmuşa gözellik, owadanlyk çaýýar. Haýsydyr bir säwligi, büdremesi, hatasy üçin adamlary
inkär etjek ýa-da özünden çetleşdirjek bolanok. Gaýta suwuň giňişlige
ýaýramagy üçin çüýşäniň dar bogazyndan geçişi deýin, durmuşyň dar
we dartgynly ýerlerinde olar bilen ýanma-ýan ýöreýär, olara kömek,
ýardam goluny uzadýar. Şeýdibem, olary özleriniň ýöreýän dogry
ýollaryna alyp gelýärler.
Biz perişde, melek däl. Biz pygamber däl. Biz adaty adamzat
nesli. Adamzat neberesinde günäsiz, hatasyz hiç kimse ýokdur.
36. HALALHONLYK
Käbir adamlar beýiklik, epeýlik, adamkärçilik, amanada ygrarlylyk, her kesiň hak-hukugyny ödemek diýen ýaly düşünjelere juda
biparh garaýar.
Mekgede bolan bu waka taryhy eserlere siňip gidendir.
Söwdagärleriň biri Mekgä barypdyr. Mekgede uly abraýdan
peýdalanýan Asy ibn al-Wail atly biri onuň ähli harytlaryny satyn
alypdyr... hawa, satyn alypdyr, emma ... onuň eýesine gara şaýam
bermändir, hatda berjegem bolmandyr. Il içindäki ornuna, gara
güýjüne, kuwwatyna daýanyp alypdyr. Harytlaryň eýesi kureýşiň uly
adamlarynyň ýanyna baryp, hakyny alyp bermeklerini towakga edipdir. «Kimden? – Asy ibn al-Wailden... ýok, ýok, asla beýle bolmaz,
bar öz işiň bilen bol» diýip, onuň üstünden gülüpdirler. Harytlaryň
eýesine kömek etmekden geçen, gaýta üstünden gülüp, ýaňsylap,
kemsidipdirler.
114
Haýyr bolmajagyna gözi ýetende, hakyny alyp berjek adamyň
ýoklugynda, ol uly sesi bilen goşgy okap başlapdyr. Onuň bu goşgusy
amanada ygrarlylygyň, lebzihalallygyň, mertebäniň ölümi hakdaky
elegiýa eken. Ol mukaddes toprakda ynsan hakynyň ödelmeýändiginden, sarpasynyň tutulmaýandygyndan, kemsidilýändiginden şikaýat
edipdir.
Bu elegiýa köplere täsir edipdir. Şol ýerde birnäçe adam ýerinden turup, hakykatyň tarapynda durmaga äht edipdirler. Dogry, bularda baýlyk ýok, ýöne mazlumyň hakyny gorap biljek gaýrat bar, galat
söze garşy durup biljek mertlik bar. Parhy ýok, zulum eden adam her
neneň gaýratly, güýçli, zabun, haýbatly bolubersin, mundan soňra
adalata daýanyp, her kimiň hakynyň ödeljegi çyn.
Bular zulum-sütemiň garşysynda bir el, bir göwre bolmak hakda
äht edişipdirler. Asy ibn al-Wailiň howlusyna tarap akyn edip, ondan
hälki täjiriň hakyny zorluk bilen alyp beripdirler. Şondan soň bu jelegaýlarda özüne nähak garalan her kimse bularyň ýanyna baryp, ýagdaýyny mälim edipdir we hakyny gazanypdyr.
Ahlak pajygasy adamzada, jemgyýete abanýan äpet howpdur. Haksyzlygyň garşysyna oýa, hüşgär ynsap bilen, iň bolmanda,
niýetlerimiz bilen hereket etmeli. Bu ähte eýermegiň ilkinji talaby –
özüňden başlamak, ilki bilen özüň özgeleriň, gaýrylaryň hakyny iýmezlik.
Haýyr miwelerini ýolmak ýolunda, gowy mertebeleri gazanmak
meýdanynda hemişe beýik we asylly häsiýetlere eýer, birjik-de şol
mertebelerden aşak düşme. Ýogsa, aldawçy we ser sämediji höwesler,
baş aýlaýjy duýgular tiz unudylýan tagamyna maýyl edişine seni
şowsuzlyklar guýusyna gabap goýar.
Gazanç-girdejiniň näçedigine, nähilidigine garamazdan, hemişe
hak sözlemäge, hakykatyň tarapynda durmaga kasam et. Kynçylyklar, päsgelçilikler herneneň bolsa-da, hemişe mazluma, sütem görene,
haky iýlene tarapdar bolmaga çalyş. Howp-hatary, neneňsi uly bolsa-da, zalymyň eline kakyp, dur diýmäge gaýratlan.
115
Gara nebsiniň ryzasy üçin öz dostlaryny satanlara, olara hyýanat
edenlere, lebzine tüýkürenlere, hameleon ýaly dessine üýtgeýänlere gabat gelensiňiz. Aglaba halatda hem şeýle ýoldan ýöränleriň gazanan zady
ujypsyz we wagtlaýyndyr, üstesine asla berekedi ýokdur. Soňra bolsa
olar şol nähak hereketleriniň wyždan jezasyny, ynsap yzasyny çekýärler.
Ýykylan birini görse gözüni ýumýanlar, kömek soraýan birini
eşitseler gulagyny dykýanlar, uzakdan bir garyp-biçärä, kömege mätäç
bendä garasy kaklyşandan, derrew ýüzlerini beýle ýana sowýanlar bar
durmuşda... emma şahsy peýdasyny jandan eziz görýänler mekir-hilä,
aldawçylyga duwlanmagy, göz ýumup-açasy salymda müň öwüsmegi hiç zatça-da görenoklar. Özlerini aklamak üçin ulanýan delili
hem – dünýäniň özi durky-düýrmegi bilen mekirlik, hilebazlyk, duzak guruşmak oýnumyşyn.
Şeýle adamlaryň gözgyny halyna serediň. Olar her kesi aldap, oýnap, ýakyp bolýandyr öýdüp düşünýärler, emma uzak wagt
geçmänkä pelek olara şeýle bir daraýar welin, ýene-de nebsi agyrýan
il-gün. Birje nähak hereket üçin öňküden esse-esse artyk zatlaryny
ýitirip, hasrat ýuwdup başlaýarlar. Hasapsyz zat ýok – her hereket,
söz, amal, niýet, päl-pygyl – hemmesine hasap bar. Nähaklyga, haram
ýol bilen baýamaga ýykgyn edýänler ilki bilen özlerini, öz ruhlaryny, ynsaplaryny, wyždanlaryny ýitirýärler. Bu zatlardan aýrylaňsoň,
seniň ynsanlygyň nirede bolsun?
Durmuşyň duýdansyz apatlaryndan mümkingadar goranmak üçin
dogry ýoldan ýöre, mertebelilik, mertlik, abraýlylyk ýaly gymmatlyklary asla inkär etme. Beýik ýoldan düşüp, soňy çöp-çalama urýan
gumaksy ýodalara aýak basma. Daşyndan göräýmäge asuda-arkaýyn
ýaly görünse-de, beýle pisint adamlaryň içleri hasratly ahwalatlara
giriftar bolýar.
Adam üçin il gözünden düşmek ýaly biabraýlyk ýok. Hiç bir teselli bu ýitginiň öwezini dolup, aradan aýryp bilmez. Şonuň üçin özüme
we saňa bir zady pugta ýaňzytmagyma rugsat ber – biz öz içimizdäki
milli gymmatlyklara, başlangyçlara, arassa pikirlere, halal duýgulara
116
äsgermezçilik bilen garamaly däldiris. Ynanç-ygtykadymyzy söwda
terezisine salmaly däldiris, onuň üstünden ätlenilip, hereket edilende
gözümizi ýummaly däldiris.
Ýadyňda bolsun, halkyň arassa däp-dessurlaryny, päkize ýörelgelerini alyp götermek, şolar esasynda durmuş ýoluna gadam basmak
ýeňil-ýelpaý iş däl, emma arassa kalp, asuda ten, ynjalykly ynsap,
razy köňül bilen ýaşasak, ýagşylyklary sungat deýin ýasasak, hereket
etsek, durmuş ýüküni gerdenimizde götermek aňsat düşer.
Ýaramaz işler etseň, hiç kim «towugyňa tok» diýmese-de,
içiňdäki ynsap pyşyrdylary päliňi düzetmegiňi ýatladar durar. Ýandepderçämde belläp alan, aşakda ýatlanyljak adamlaryň gününe düşme:
«Olar şeýle bir ýaňraýarlar, şeýle bir gürleýärler, bir pursat hem dymmaýarlar... Olar ýürek çuňluklaryndaky ynsap sedasyny eşitmekden
gorkýandyklary üçin şeýdýärler (Gadet as-Seman)».
37. ZEHINIŇI HALAL ULAN
Ol örän owadandy, syratlydy, hemmeler bilen mylakatly
gürleşerdi, ýylgyryp habar gatardy. Günleriň birinde ýaşaýan ýeriniň
gabat garşysyndaky dükandan gök-bakja önümlerini satyn almak
üçin daşary çykdy. Garry satyjy onuň diýýän gök önümlerini çekip,
ölçeşdirip, gaplap berdi we munuň bahasy hökmünde ýigrimi dollarlyk puluny aldy. Dollary gapjygyna saldy we birdenkä bir zada gözi
kaklyşdy.
Satyjynyň öl elinde nähilidir bir syýa ýokundysy bardy. Ol
gaýtadan seredeninde şol syratly we sypaýy adamyň beren ýigrimi
dollaryndaky syýalaryň hem pozulandygyny görüpdir. Içine güman gidipdir: «Bu galp pulmuka? Özi ýasaýan-a däldir-dä...» diýipdir. Şol wagt ýigrimi dollar hem uly pul eken. Satyjy uly iliň sylag-hormatyna eýe bolan adamdan soramaga, oňa şübhesini mälim
etmäge çekinipdir. Ýöne bilesigelijiligi gününe goýmansoň, her zadyň anygyna-şänigine ýetmek üçin polisiýa ýüz tutupdyr. Polisiýa
117
işgärleri haýran galypdyr: «Eger-de bu galp pul bolsa, onda ony
ýasan adam örän zehinlidir, oýlap tapyjylygy, başarnygy üçin-ä sylaga mynasypdyr» diýşipdirler.
Soňra deliller we şübheler esasynda onuň öýüni barlamaga rugsatnama berilýär. Görlüp oturylsa, onuň öýüniň bir gizlin çüňkünde
hakykatdan hem maliýe pullaryny galp ýasar ýaly stanok, abzal bar
eken. Şeýle hem şol ýerde öz eli bilen çeken we aşagynda goluny hem
goýan üç sany surat kartinasy bar eken.
Bu adam hakykatdan-da sungat adamy bolup çykypdyr. Edýän
işlerine örän zehinli, oýlap tapyjylykly, döredijilikli çemeleşýän eken.
Hatda şol pullaryň suratyny hem eli bilen çekýän ekeni. Eger-de
ýaňky ýaly ýönekeý bir sebäp ýüze çykmadyk bolsa, onuň bu halyny
hiç kim biljegem däl ekeni.
Emma kyssa munuň bilen tamamlananok.
Polisiýa işgärleri ýaňky abzaly we ol ýerdäki üç sany kartinany
hem döwletiň haýryna geçirýär. Kartinalar auksiona çykarylýar we üç
suraty jemi 16000 dollara satýarlar. Bu ýagdaýy gören öý eýesi haýran
galyp, essinden aýylýar, sebäbi ol ýigrimi dollarlyk bir kupýurany
ýasamak üçin sarp edýän wagtynda şonuň ýaly bir kartinany çekýän
eken.
Bu adam hakykatdan hem zehini, başarjaňlygy babatda aýratyn
hormata, öwgä mynasyp adam, emma ol zehinini biderek zatlara sarp
etdi. Halal ýol bilen has uly girdeji gazanmaga ýagdaýy, ukyby barka,
onuň nä günlere düşüp ýörşüne serediň.
Bu etmişi dogrusynda sorag edilende, ol: «Men bu bolan zatlar üçin jeza çekmäge doly mynasyp. Çünki özgelerden öňürti men
özümi, öz zehinimi taladym. Ony nädogry ýerde ulandym» diýipdir.
Bu kyssa bize şeýle bir sapagy berýär, biz köplenç halatda
özgelere däl-de, özümize garşy hyýanatçylykly hereket edýäris.
Özümizi, zehinimizi ogurlaýarys. Özümizi talaýarys, özümizi zaýalaýarys, arzuwlarymyzy wagtyndan öň düşürýäris. Biz özümize
duşmanlarymyzdan we göriplerimizden has köp zyýan berýäris.
118
Köplenç halatda kine-kibir, töhmet we aýyplama barmagyny
jemgyýete, ata-babalarymyza, durmuşa gönükdirýäris, aslynda welin,
şol gümanly, şübheli barmagy ilki bilen özümize gönükdirmeli. Öz
etmişlerimiz dogrusynda pikirlenmeli.
Gör, zehinli, başarnykly adamlaryň näçesi bar, öz ukyplaryny
ýeliň ugruna sarp etdiler, ýönekeý, pes arzuwlar, ujypsyz düşewüntler
bilen karar tutdular. Beýik maksatlary hem bolgusyz islegleriniň
çäginde ýitip, ýok bolup gitdi.
Gör, näçe adam bütin ömrüni az-owlak dünýälige satyp,
mertebesinden jyda düşýär?! Özi hem, köpimiz şeýle hereket edýäris.
Ukyp-zehinimizi, güýç-gaýratymyzy mynasyp ýerine sarp etmeýäris.
Durmuşyň hakykatyny görüp bilmezlik iň uly apatlaryň biri,
oňa gyýylyp-gynanmak hem juda çökder. Allatagalanyň beren
ukyp-başarnyklaryny, energiýasyny bolgusyz işlere sarp etmek akyl
ýetirip bolmajak apat. Gynansagam ömür geçýär, günler biri-birine
dolaşyp, ömür sahypalaryny düýrläp barýar. Biz bolsa bu zatlara iň
soňunda akyl ýetirýäris.
Belki, biziň aramyzda wagtynda oýanjaklar, wagtynda düşünjekler bardyr.
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: «Adam diňe özüni aldap
bilýär, beýlekileri aldap bilmeýär. «Özgeleri aldamak» diýen düşünje
kadadan çykma we käwagt bolýan zatdyr».
38. DUÝGULARYŇ AŇSAT AWLANYŞY
Ählimiziň aman-asudalygy we ynjalyk-rahatlygy gözlemegimiz
tebigy ýagdaý. Nirede bolsalar hem, biz şol ikisiniň gözleginde.
Wyždan rahatlygy, maşgala abatlygy, jemgyýetiň asudalygy – hemme
ýerde bize, ilki bilen, şolar gerek.
Asudalygy küýsemek, mundan öň bolşy ýaly, hemişe-de ynsanyň
asylky islegi we iň ilkinji talaplarynyň biri bolup galar. Pygamber
alaýhyssalam hem asudalygy ynsanyýete gerekli iň ähmiýetli zatlaryň
çür başynda goýup: «Kim öz ilinde aman-asuda, süňňi sagat, günde119
lik iýjek-içjegi tapdyryp duran bolsa, dünýä mülki eline geçen ýalydyr» diýýär. Psiholog lukmanlar we mugallymlar hem üns berilmeli
ilkinji zerurlyklaryň hatarynda ynjalyk-rahatlygy ileri tutýar. Abadan
we asuda-endigan ýaşaýyş üçin zerur bolan ilkinji zat şoldur. Abraham Maslou özüniň «Mätäçlik üçburçlugy» atly eserinde asudalygy
ynsanyň mätäç bolan iň zerur zatlarynyň içinde, iýip-içmeden soňra,
ikinji orunda goýýar.
Ýöne arkaýynlygyň, asudalygyň içinde hemmeleriň görüp
bilmeýän başga bir pynhan duzagy bar. Köp kynçylyklardan soň eşrete
çümýän adamlar we uzaga çeken göreşden soň gönenýän ynsanlar bu
rahatlyga özlerini aldyryp, pynhan duzaga aýagyny daladýarlar.
Asudalyga, rahatlyga, arkaýynlyga aşa meýil etmek, gaýrat
güýjüni, yhlas alawyny, ylham joşgunyny kem-kemden öçürip bilýär.
Örän köp adamlar dynç alýan mahaly, özlerini rahat duýýan wagtlary
iş etmeklerini, haýyr-sahawat, ýardam-enaýat etmeklerini bes edýärler. Nämedir bir zadyň alada-ünjüsi, birahatlygy, howp-hatary olary
işlemäge iterip duran hyjuw. Bir zatdan howatyrlanmak duýgusy bolsa iş-amal etmäge, ýerine ýetirmäge iterýär.
Zehinli rus ýazyjysy Dostoýewskiý hut şeýle ýagdaýlary
başyndan geçiren adam. Ýazan ajaýyp eserlerinden gelýän galam
hakyny, harjyny, puluny hezil edip sowýan wagty, Dostoýewskiniň
döredijilik zehini ýagy gutaran pelteli çyra ýaly bolýan eken. Haçanda döredijilikli zähmetden eli sowaşyp, gazanan ähli pullaryny sowup
gutaranynda, zerurlyk, mätäçlik ony ýene garysyna galmaga, täze
güýç, zehin bilen ýazmaga iterýän eken. Ine, Dostoýewskiý özüniň
rahatlygyny diňe şeýle ýollar bilen gazanar ekeni.
Ahyry Dostoýewskiý durnukly, irginsiz işlemegi ýüregine
düwýär. Birnäçe wagtlap oý-pikire çümeninden soňra, ahyry munuň
bir çykalgasyny tapýar: «Has gowy ýazmak, has täze zatlary döretmek
üçin puluň gutararyna garaşyp ýörmeli däl-de, derrew sowup gutarmaly we şol gün ýene-de täzeden joşguna berlip, ýazyp başlamaly».
120
Ol şeýle hem edýär – her günki ýazanjasyndan düşen puluny meýlishanalarda harç edýär. Puluny sowup gutaran dessine, öýüne dolanýar
we täzeden ýazyp başlaýar... Dostoýewskiý bütin ömrüni şeýdip
geçirýär.
Dogry, bu hem has gowy ýazmak üçin bir çykalga, özboluşly
hile, ýöne ýaramaz, erbet çykalga. Dostoýewskiý bu hilesi arkaly
özüniň zada zar däl wagty peýda bolýan ýaltalygyny, işe eliň barmazlygyny ýeňmek isläpdir. Belki-de, ol gerk-gäbe doýmagyň hem ýaltalyga iterip bilýändigine üns beren däldir.
Oýlaptapyjy, ýazyjy, dörediji we işewür adamlaryň aglabasynda
şeýle ýagdaýa ýygy-ýygy duş gelip bolýar. Olar, köplenç halatda ýaltalyga, gowşamaga ýykgyn edýärler ýa-da eden işleriniň doly netijesini görýänçäler, hözirini duýýançalar, täze bir işe girişmekden saklanýarlar. Şeýdibem, gursaklarynda gizlenen we sähel maý boldugy
daşary çykmaga atygsaýan ylham beriji, ruhlandyryjy güýjüň synmagyna sebäp bolýarlar.
Döredijilik işini şeýle hörpde gurnan ýazyjy-şahyrlaryň bu haly
ýykylmaga ýakyn öýi ýadyňa salýar. Olar «Has amatly pursady peýda
bolýança» diýip, ajaýyp eseri ýazmagy soňa süýşürýärler. Ýa-da gazanç meselesi «ölmez-ödä» dirände, nämedir bir zat ýazmak, döretmek olara zerurlyk bolup galýar, haýsydyr bir işi tamamlamak, jemlemek uly mätäçlige öwrülýär (has täsin ýeri hem, ýazyp bilýän zehinli
adamlar-a özlerini şeýle alyp barýar, emma döredijilikden zehini bolmadyk birnäçeleri bolsa, ondan-mundan maglumat, söz jemläp, jemendäni güýmäp bilýär). Tä bir ýiti zerurlyk ýüze çykmasa, oňa el
degirjek, baş galdyrjak gümanlary ýok. Haçanda agyry-iňňildi artyp
başlanda, depesindäki üçegiň bir gün üstlerinden gaçjagyny duýup
gorkanda, derrew onuň içindäki zatlary we özüni halas etmegiň ugruna çykýar. Bu häsiýet diňe döredijilik adamlarynyň däl, eýsem, ähli
adamzada mahsus ýagdaýlaryň biridir. Aglaba adamlaryň durmuş
hörpi hut şunuň ýalydyr.
121
Bu çylşyrymly meseläniň çözgüdi bar. Onuň çykalgasy özümizde gizlin ýatyr. Biziň içimizde hemişe bir güýç oýa durmaly. Ol güýç
bizi täze eserleri döretmäge itermeli, eger-de yhlas bilen işlemesek,
zähmet çekmesek, döretmesek, ýazmasak, öndürmesek, hemişe ruhy
dartgynlykda gezjekdigimizi ýatladyp durmaly. Döredijilik adamlary
ýazmasa, täze bir zat döretmese, asla ynjalyk tapyp bilmez.
Hemişe ýadymyzda bolsun, ýaltalyga per bermek, hyýal baldaklaryny ösüntgisiz goýar. Ýaltalyk bedewleri bilen ýaryşa goşulyp
bolanok. Hemmeleriň synyny jemlejek häsiýetlere büren: oýa zehin,
sagdyn akyl-huş we kynçylyklary ýeňip geçmek duýgusy hemişe ilkinji hatarlarda dursun.
Durmuşymyza ornaşdyrmaly ähmiýetli zatlaryň ýene biri – ynsan wagtal-wagtal özüniň işleýiş we durmuş ýörediş ýol-ýörelgesini üýtgedip, oňa täzeçillik girizip durmaly. Işleýiş hörpüni üýtgedip, çygryny giňeltmeli. Oňa käbir üýtgetmeleri we goşmaçalary,
düzedişleri girizip dursaň, edýän işiňden asla irmersiň. Her gezek täze
bir işe girişen ýaly ter duýgulara gaplanarsyň. Munuň üstesine, ýaltalyga we rahatlyga aşa meýil etmek ýaly duýgulary basyp ýatyrýan
täze-täze usullary, ugurlary hem gözlemelidir.
Üstünlik şükür edeniňe degýän nygmat, ýöne ol bizi täze üstünlikleri gazanmaga höweslendirmeýän, itermeýän bolsa, şol bir
durkunda saklanýan bolsa, ol nygmat däl-de, mähnet-beladyr, jezadyr. Hakyky üstünlik bizi öňküden hem has beýik derejelere, has
kämilleşmäge iterýändir.
Elbetde, öz üstünliklerimizi toýlamaly. Bu üstünligiň datly
tagamyny duýmaly, bagtyýar durmuşdan lezzet alyp, asuda-rahatlykda ýaşamaly. Ýöne bu zatlaryň hiç biri hem öňki depginimizi
gowşatmaga – rahatlyga çümmegiň aldaýjy duzagyna düşmäge esas
bolmasyn. Eger-de ýeten sepgidimize guwanyp, begenip, şükür edýän
wagtymyz, «heniz dynç al, özüňi mazaly dürse, şondan soň işlärsiň»
diýýän, öte rahatlyga iterýän pyşyrdylar göwün gulagyňa eşidilip
ugrasa, ol pyşyrdylara oňyn jogap bermekden, gulak asmakdan sak122
lan. Ýene-de has uly menzilleri aşmaga gaýratyň bardygyny we öňe
ýöremäge borçludygyňy ýadyňa sal.
Dolandyryş işiniň ussatlary şeýle bir hakykaty beýan edýärler: biziň her birimizde uzakmöhletleýin arzuw-maksatlaryň uly bir
toplumy bolmaly. Olar öz içinde birnäçe tapgyrlara, böleklere bölünmeli. Tutuş ömrüňi öz içine alýan maksat arzuwlaryň iň ajaýyby,
iň beýigidir. Mysal üçin, ýüzýyllyk ömre niýetlenen maksadyňy
düz. Onuň içinde ýetmek isleýän beýik derejeleriňi, gazanmak
isleýän abraý-mertebeleriňi, maddy zatlaryňy birin-birin ýaz. Soňra
maksatlaryň beýikligine, ähmiýetine görä olary ýyllara we tapgyrlara böl. Ýagny belli bir menzile ýetirýän we tapgyr-tapgyr amala
aşyrylmaly işleriňi aýdyň kesgitle. Her maksat indiki has beýik
maksada ýol açsyn. Şonda bir tapgyrdaky maksadyň hasyl bolanda,
indiki tapgyrdaky maksada şol öňki höwes, hyjuw, ylham bilen geçip
bilersiň.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.