Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29

Total number of words is 3773
Total number of unique words is 2019
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
51.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bol. Iňlislerde şeýle bir nakyl bar: «Aty zor bilen arygyň ýakasyna
eltip bilersiň, ýöne oňa zor bilen suw içirip bilmersiň». Adamlaram
hut şeýle, haýbat-hemle bilen bakanyňdan, göwnedip, ruhlandyryp
işletseň, netijesi hem, girdejisi hem has tapawutly bolar. Çünki her bir
zat we hemme zat ýyly mähre maýyldyr.
ARASYNDA DEMIŇI DÜRSE!
Günleriň birinde uzak ýaşan danalaryň birinden sagdynlygyň we
uzak ýaşamagyň syryny sorapdyrlar. «Ne ýaşyňyzda, ne huşuňyzda
ýaşuzaklygyň täsiri bildirýär. Munuň syry näme?» diýipdirler. Ol:
«Size aýtsamam, ynanmazlygyňyz mümkin. Aslynda bu kitap dörüp
öwrenilmeli pynhan pikirlerden däl. Adaty durmuş ýörelgesi. Men
her bir zady islän wagtymda ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Islän
wagtym iýýärin, islän wagtym içýärin. Islän wagtym ýatyp ukymy
alýaryn. Islän wagtymam işleýärin» diýipdir. Bu jogap adamlary doly
kanagatlandyrmandyr. «Bizem islän wagtymyz iýip-içýäris, islän
wagtymyzam dynç alýarys. Ýöne bizde beýle arkaýyn-asudalyk ýok,
süňňi sagdynlyk ýok. Gaýta ýaş geçdigisaýy süňňümize argynlyk
ymykly ornaşyp barýar» diýşipdirler. Dana adam olara bakyp: «Ýok,
beýle däl, siz özüňiz barada galat aýdýarsyňyz. Siz islän wagtyňyz
iýip-içeňizok-da, pursat tapan wagtyňyz garbanýarsyňyz. Bir işe
başlaýansyňyz, ajygarsyňyz, emma «şujagaz işimi dynyp, soňra naharlanaryn» diýersiňiz. Bir zada güýmenersiňiz, kelläňiz gyzar gider,
ajygandygyňyzy unudarsyňyz, wagtynda gelen ukyny mejbury basjak
bolarsyňyz. Dürli dermanlar ýa-da içgiler bilen uklamajak bolup yhlas edersiňiz. Ýeterlik uky alynmasa-da, kelläňiz agyrar durar. Tebigat öz ýaradan zadynyň ýagdaýyny anyk bilýär. Şonuň üçin işdäňiz
alan ýa-da pursat tapan wagtyňyz däl-de, hakyky ajygan wagtyňyz
441
iýip-içiň. Hakyky ukyňyz tutan wagty, ýatyp-turuň. Işläň, oýnaň,
ýöne wagtynda dynç almagy hem, beýniňize rahatlyk bermegi hem
unutmaň» diýipdir. Biz käteler durkumyz-düýrmegimiz bilen özümizi
haýsydyr bir işe bagyş edýäris. Yhlasly zähmet örän gowy zat, emma
arasynda özümize dem-dynç berip, duýgulary seýisläp durmasak,
süňňümize gujur-kuwwat toplamagyna maý bermesek, işleriň ahyrky
netijesi göwün edenimizden gowşak çykmagy mümkin. Ata-babalarymyzda şeýle bir sözler bar: «Arasynda demini dürsemeýän adamyň
ädimleriniň arasy barha gysgalar we barmaly menzili-de uzaklaşar».
TAPYLGYSYZ MELHEM
Kerwen bilen uzak ýola çykan adamlaryň biri ýolda agyr kesele
ýolugypdyr. Ýoldaşlary birbada bu keseliň sebäbini, alajyny tapardan
ejiz gelipdir. Külterlenen uzak ýol oňa mazaly täsirini ýetiren eken.
Şonuň üçin ony ýola ýakyn obalaryň birinde goýup gitmegi makul
bilipdirler. Bu näsaga seretmekleri we soňky harajatlary üçin kerwendäki düýeleriň birini bermäge ylalaşypdyrlar.
Kerwen söwda-satyk işlerini bitirip, yzyna dolanypdyr. Öýlerine
gelenlerinde ýaňky hassanyň öz öňlerinde sag-aman gezip ýörendigine geň galypdyrlar. Bu sagdynlygyň sebäbini sorapdyrlar. Ol adam:
«Men şol obada bir goja tebibe gabat geldim. Ol birlaý ýagdaýymy
barlaşdyryp, ýanyndaky ogul-çowlugyna çöl-beýewandan bir ýylan
tutup getirmeklerini tabşyrdy. Ýagdaýym has egbarlap barýardy.
Gözümiň öňi garaňkyrap, daş-töweregi hem doly saýgarmaýardym.
Olar iň zäherli ýylanlaryň biri bolan apyny tutup getiripdirler. Goja
lukman bu ýylanyň guýrugyny, kellesini aýryp, göwresini kesip
aldy we maňa gowrup berdi. Şony iýip, uklap galanymy hem duýmandyryn. Oýananymda, üst-başym derlemeden ýaňa öl-myžžyk
bolupdyr. Süňňüm welin sagatdy. Özümi juda ýeňil duýýardym. Sagalandygyma anyk göz ýetýänçä, goja lukman maňa dürli däri-dermanlary berdi, em etdi. Asyl, apy ýylanyň eti şol keseliň bire-bir emi
eken» diýipdir. Soňra ýoldaşlaryna garap: «Men şol gezekki wakalar442
dan soň başga bir zada göz ýetirdim. Aglaba halatda biziň gorkýan,
dowla düşýän we gaçýan zadymyz derdimize bire-bir derman bolup
çykýar. Her bir zadyň bir haýyrly tarapy, her bir adamyň, hatda ol
käteler bize ýaramaýan hem bolsa, birnäçe gowy häsiýeti bardyr»
diýipdir.
DURMUŞYŇ TAGAMY
Ýaşlaryň biri ylym-bilimde ady-çawy uzaklara ýaýran bir ussadyň
habaryny eşidip, onuň ýanyna ýola düşüpdir. Aýtmaklaryna görä, bu
ussat ähli zatdan diýen ýaly baş alyp çykýan ekeni. Ýaş ýigidiň esasy
arzuwlarynyň biri hem jadygöý bolmak ekeni. Ol ussadyň huzuryna
barypdyr. Özüne ähli ylymlary, ilki bilenem jadygöýlügi öwretmegi
haýyş edipdir. Ussat ýigidi boýdan-başa synlapdyr-da: «Ylmyň ähli
ýüküni götermek saňa agyr düşer. Haýsy hem bolsa bir ugry saýlap
alsaň, özüňi şoňa bagyş etseň gowy bolar» diýipdir. Ýigit jadygöýlügi saýlap alypdyr. Ussat hem ýigidiň raýyny ýykmandyr we oňa bu
ugruň inçe tilsimlerini, syrlaryny özüne ýeterlik derejede öwredipdir.
«Ogul, ylym isläp geldiň, bizden eden tamaň köýmesin diýip, saňa
bu ugruň esasy taraplaryny öwretdim. Men seni diňe ýola saldym,
galanyny görmek, öwrenmek, kämilleşmek özüňe bagly. Ylmyňy
ulan, ýöne bir şerti bar, gazanan ukybyňy hemişe ýagşy niýetlere
sarp etgin. Ýogsam, ýaman päliň özi seni agsadar durar» diýipdir.
Ýigit ussady bilen hoşlaşyp, obasyna dolanypdyr. Ol juda köp zady
başarýan bir jadygöý bolup ýetişen ekeni. Iýesi gelen, alasy-goýasy
gelen zady, bitiresi gelen işi göz ýumup-açasy salymda hasyl bolupdyr. Ol alada-ünji, pikir-endişe diýen zady unudypdyr. Tä obasyna
ýetýänçä, öwrenenje zatlaryny dürli hili ulanyp görüpdir. Obasyna
gelende hem dowam edipdir. Her kim bu ýigidiň başarnygyna haýran
galyp, aperin diýýän ekeni. Ýaş-ýeleňleriň köpüsi hem şonuň gününi,
derejesini arzuwlapdyr. Ýogsam näme, hemme zat «häh» diýeňde,
hasyl bolup dursa..., emgeneňok, egleneňok... Ýöne welin, bir pikir
ýigidiň serinden hiç aýrylmandyr. Gün geçdigiçe hem has berkäp443
dir. Sebäbi ol hemme zady bir demde hasyl edip ýörşüne, durmuşyň
tagamyny duýup bilmändir. Ne şirin halwa, ne bagu-bakja ýaşaýyş
lezzetiniň öwezini ödäpdir. Ahyry ýüregi karar tapmansoň, gaýtadan
hälki ussadynyň ýanyna barypdyr. Durmuşy manyly we gyzykly
ýaşamagyň syryny öwretmegini haýyş edipdir. Ussat ýylgyrypdyr-da:
«Sen eýýäm durmuş babatda bir zada akyl ýetirdiň, köp zat öwrendiň.
Durmuşyň gyzygy halal zähmet bilen utgaşanda aýdyň ýüze çykýar.
Eklenç aladalary, ile-güne ýagşylyk etmek hakdaky pikirler, endişeler
biziň durmuşymyzyň duzudyr. Duzy şeýle datsaň, diliňi zowzuldadar.
Eger duz atmasaň, aş tagamsyz bolup galar. Şonuň üçin turşumtyk
duýulýan duýgular, ajymtyk kakýan aladalar durmuşymyza süýjülik
berýän zatlar bolup durýar. Sen öň jadygöýlik arkaly, ýeňillik bilen
ýeten zatlaryňy, halal zähmet çekip gazan, şonda sen durmuşyň datlylygyny duýup ýaşarsyň» diýipdir.
AKYL ÝETIRMEK
Ýaşlaryň biri akyldaryň bosagasyndan ätläpdir. «Dana baba,
maňa bir öwüt-nesihat beriň, ýöne ol menden öň hiç kime aýdylmadyk bolsun we menden soňam hiç kime aýdylmasyn. Goý, adamlar ol
sözi diňe menden öwrensinler» diýipdir. Ömürboýy beýle täsin talaba
ilkinji gezek gabat geleni üçin akyldaryň özi hem birbada aljyrapdyr. Oňa näme aýtjagyny, goýjagyny serinde saldarlap başlapdyr. Ilki
oglanyň özünden sorapdyr: «Beýle zady öwrenmegiň syry näme?
Näme üçin beýlekileriň bilmezligini isleýärsiň?» diýipdir. «Men
olardan bir ädim öňde, bir mertebe ýokarda bolasym gelýär. Men
şöhratyň muşdagy we aşygy. Goý, olar meni has akylly saýsynlar»
diýipdir. Dana baba myssa ýylgyrypdyr: «Ogul, diňle, aýdylmadyk
söz ýadyma düşenok, ýöne öňden bäri aýdylyp gelinýän bir sözi ýatlaýyn. Belki, bu-da seniň üçin bir täzelikdir. Iň ýakymly zat, abraý
bilen şöhrat, ýöne ikisinden birini saýlamaly bolsa, sen abraýy saýla,
çünki abraý uzak dowam edýär, şöhrat – wagtlaýyn. Iň gerekli zat
sabyr bilen şükür, ýöne ikisinden birini saýlamaly bolsa, sen şüküri
444
saýla. Sebäbi şükür ruhy hoşnutlygyň nyşany, sabyr bolsa mejbury
çydamlylygyň. Iň gowusy baýlyk bilen saglyk, ýöne ikisinden birini
saýlamaly bolsa, sen saglygy saýla. Sebäbi saglyk ýok ýerinde hiç
zat ýok» diýipdir. «Ýene bir zat, hiç wagt ýeke özüň akylly boljak
bolma, bilýän zadyňy hemmelere öwret. Çünki seniň akyllydygyňy
bilmekleri üçin olaryň hem akylly bolmagy gerek. Kemakyl adam
seniň akyllydygyňa nädip akyl ýetirsin?» diýipdir.
GÖRÜLMEDIK HOKGA WE ONUŇ HAKY
Adamlaryň biri hanyň huzuryna baryp, öz başarjaňlygyny, oýna
ezberligini, ussatlygyny görkezmek isläpdir. Ol birnäçe kagyz sahypalaryny alypdyr. Ählisini ýyrtym-ýyrtym edip, ýokaryk seçeläpdir.
Ol gaýmalaşyp gelýän ownuk kagyz bölejikleriniň birini hem ýere gaçyrman gapyp almagyň hötdesinden gelipdir. Soňra bir iňňe çykarypdyr. Ikinji iňňäni onuň gözüginden geçiripdir. Şeýdip ýüz iňňäni biri-birine sapyp çykypdyr. Adamlar munuň ussatlygyna haýran galyp
duran ekenler. Hokgabaz oýnuny tamamlanda, han hyzmatkärlerine
buýrupdyr: onuň bu ussatlygy üçin müň dirhem bermekligi we hiç hili
ähmiýeti ýok zat bilen adamlaryň wagtyny yrýa edendigi üçin hem
müň dürre gamçy bilen urmagy buýrupdyr. Adamyň başarýan her bir
zady, hatda ol görülmedik hokga ýa-da oýun hem bolaýsyn, ýerliksiz
wagt ýitirmek däl-de, haýyrly bir iş bolmalydyr.
GÖWHER PURSATLAR
Günleriň birinde heniz jahan ýagtylmanka balykçylaryň biri
deňziň ýakasyna gezim etmäge çykypdyr. Suw tolkunlarynyň kenary
ýuwýan ýerinde ýöräp barýarka, birdenkä bir zada büdräp gidipdir.
Aýagynyň astyna seretse, ownuk-uşak daşlardan doldurylan bir haltajyk ekeni. Balykçy aw toruny bir gyra goýupdyr-da, Günüň dogaryna garaşyp başlapdyr. Daň atdygy ol deňze tor taşlamakçy ekeni.
Ol ýaňky haltany ýaltalyk bilen ýerden göterip, eline alypdyr. Içindä445
ki daşlary bir-birden suwa zyňmaga başlapdyr. Daşjagazlar suwuň
ýüzüne galtaşanda birenaýy ses edýän ekenler. Balykçy şol sesiň
hatyrasyna bir, iki, üç daş.. hemme daşlary diýen ýaly suwa zyňypdyr.
Elinde ýekeje daş galypdyr.
Şol wagt Gün hem dogupdyr we töwerek aýdyňlanyp başlapdyr.
Balykçynyň aýasynda bolsa deňze oklanmaly iň soňky daşjagaz
bardy. Ol daşjagazy zyňmak üçin häzirlenende görýän zadyna hiç
ynanyp bilmändir. Onuň elindäki daş göwher bölejigi ekeni. Bu hut
şeýle bolupdyr – balykçy bir halta göwheri suwa zyňyp oturan ekeni. Balykçy bu täleýine, şowsuzlygyna, özüne gerekli zatlary tanap
bilmeýänligine ökünipdir. Aýaklaryna çolaşyp, balykçyny büdreden
bir çuwal baýlyk onuň durmuşyny göz-görtele üýtgedip biljekdi.
Ýöne garaňkylygyň içindekä hiç zady saýgarman, olary birme-bir
deňze oklan balykçynyň hut özüdi.
Her näme bolsa-da bu balykçy bagtly ekeni. Onuň elinde bir
däne göwher bar. Deňze oklamazyndan ozal ýagtylyk bu göwheri
ýalpyldatdy we bu pursada düşünmäge mümkinçilik döretdi. Şunuň
özi hem uly nesibe ahyry. Bagtly adamlaryň ykbalynda Güneş ahyry
dogýandyr, olaryň elindäki göwherleri ýylpyldatmak üçin... hatda
munuň üçin ep-esli wagt garaşmaly bolsa-da… Ýöne durmuşyň ähli
pursatlarynda hem özüňe oklanan göwher nesibeleriňi adaty daş saýyp, deňze oklap otursaň ýa-da durmuş gymmatlyklaryna biperwaý
baksaň, onda ömrüň manysyna we mümkinçiliklerine düşünmezligiň
mümkin.
Ýitirilen pursatlara däl-de, eliňdäki mümkinçiliklere seret. Belki, ýene biraz wagtdan soň jahan ýagtylar we sen özüňde uly mümkinçilikleriň, pursatlaryň bardygyna, bagtlydygyňa, ýalkanandygyňa
aýdyň göz ýetirersiň. Onsoňam, durmuş diňe küpürsäp duran toprakdan ýa-da daşlardan ybarat däl. Olaryň astynda basyrylgy ýatan hikmetlerine gara. Eger-de sen özüňi mazaly synlap, seljerip, özüňe nazar salyp bilseň, hut şu wagt hem tutuş ömrüňi nurlandyrjak göwher
pursatlara eýedigiňi bilersiň.
446
OL MENI TANAR…
Kömür magdanlarynyň birinde bir oglanjyk irikgä bolup, liftiň
ýokary çykaryna garaşyp oturan ekeni. Bu oglanjygyň tiňkesini bir
nokada dikip oturmasy magdan gözegçisiniň ünsüni çekipdir. «Sen
bu ýerde näme işleýärsiň?» diýip, gözegçi oglanjykdan soranda, ol:
«Kakama garaşýaryn» diýip jogap beripdir. «Sen munça adamyň
içinden kakaňy tanap bilmersiň. Häzir olaryň ählisi birmeňzeş eşikde,
birmeňzeş başgapda, ýüzleri kömür tozlaryndan ýaňa garagäz bolup çykarlar. Gowusy, öýňüze gaýt, kakaň özi barar» diýip, gözegçi
oňa maslahat beripdir. «Ýöne, kakam meni tanar-a» diýip, oglanjygam raýyndan gaýtmandyr. Bu jogap gözegçini haýran galdyrypdyr.
Birmeňzeş lybasly ýüzlerçe adamyň içinden birbada saýgaryp bilmese-de, kakasynyň özüni tanajakdygyna we ýanyna geljekdigine
bolan ynamynyň güýçlüdigine göz ýetiripdir.
Eýsem, şeýle pugta ynam biziň her birimize mahsusmy?
Durmuşyň ähli pursatlarynda özümiziň tenha däldigimize, biz görüp
bilmeýän bolsagam, bagtly nesibäniň bizi görýändigine, onuň hut
häzir ýanymyzda peýda boljakdygyna ynanyp bilýärismi? Durmuşda
hemişe şol jogaby özüňe hemra edin: «Sen ony birbada saýgarmasaň
hem, saňa ýazylan bagt, üstünlik we şowlulyk seni hökman tanar, seni
hökman tapar. Esasy zat – ynan we umyt bilen garaş!».
GUDRATYŇ GYMMATY
Oglanjyklaryň biri eline düşen az-owlak teňňesini, kitaplarynyň
astynda ýygşyryp goýýan gapjygynyň içine salypdyr. «Ýene biraz toplasam, belki, gudraty satyn almaga ýeter» diýip, uludan dem
alypdyr. Aradan birnäçe gün geçipdir we oglanjygyň gapjygy ýene
bäş-on teňňelik galňapdyr. «Her näme-de bolsa bagtymy synap
göreýin ýa-da şuňa düşenje gudraty satyn alaryn» diýipdir. Ol golaýdaky dermanhanalaryň birine barypdyr. Boýy zordan ýetýändigi
üçin ökjesini galdyryp, ýanyndaky ähli puluny uzadypdyr. «Maňa
şuňa düşýän gudraty beräýiň» diýipdir. Dermanhanaçy bu kiçijik
447
oglanyň näme soraýandygyny birbada aňşyrmandyr. «Näme gerek
diýdiňiz? Men düşünmedim» diýipdir. «Maňa gudrat gerekdi» diýip,
oglanjyk soragly gözlerini dermanhanaça dikipdir. «Gudrat?! Ýöne
bu ýerde diňe derman satylýar ahyry, gudraty başga ýerden gözlemeli bolaýmasyn» diýip, dermanhanaçy bu oglanjyk bilen has içgin
gyzyklanyp başlapdyr. «Ýogsa-da, gudrat saňa näme üçin gerekdi?» diýip sorapdyr. «Meniň bir ýarawsyz jigim bar. Kakam-ejem
özara gürrüň edenlerinde, «Indi muny diňe gudrat halas edäýmese»
diýişdiler. Men şol günden başlap olara kömek edeýin diýip, süýji
satyn almagym üçin özüme berlen pullary toplap başladym. Şuňa
näme gudrat düşse, satyn alyp, kakam-ejemi begendiresim gelýär»
diýipdir. Bu sözler dermanhanaça ýiti täsir edipdir. Ol oglanjygyň
elinden tutup, «Ýör, gowusy, meni öýňüze alyp bar. Belki-de, men
size elimden gelen kömegi ederin» diýip, dermanhanaçy oglanjyga
teklip edipdir. Soň olar bile tirkeşip, oglanjygyň öýlerine gidipdirler.
Dermanhanaçy öýüň ýagdaýy bilen tanşypdyr hem-de olaryň körpelerine kömek etmegi öz üstüne alypdyr. Asyl, şol dermanhanaçy bu
ýerlere lukman dostuny görmäge zyýarata gelen, ýurduň şol ugurdan ýöriteleşen iň tanymal lukmanlarynyň biri ekeni. Hut şol gün
dostunyň bir zerur işi çykandygy üçin onuň ýerine dermanhanada
özi oturmagyny towakga edipdir. Birnäçe lukmançylyk çärelerinden we emlerinden soň, oglanjygyň jigisi mese-mälim gowulaşyp,
derdinden gutulypdyr.
Bu kyssadan nämeleri öwrenip bolýar? Durmuşda tötänlik ýok,
her bir zadyň özüne ýetik sebäbi, hikmeti bar. Niýet bilen ynamyň
magnitiňki ýaly ukyby we güýji bardyr. Gudrata bolan ynam, edil
magnit ýaly bolup, ony özüne çekýär. Ony garşylamaga bolan
niýet bolsa alnyňa getirýär. Hemme zat özümiz bilmezden taýýarlanyp, taýynlanyp, hasyl bolup başlaýar. Iň esasy zatlaryň biri hem
ene-atalaryňyzy we özüňizden uly-kiçileri begendirmegi, olara
ýagşylyk etmegi ömrüňiziň baş maksadyna öwrüň, şonda gudratyň
özi ýanyňyzda häzir bolar.
448
MATEMATIKA DERSI
Ýokary okuw mekdepleriniň birinde talyplar matematika sapagyna girip, giňiş auditoriýanyň içinde ýerli-ýerinde oturypdyrlar. Yzky
partada oturan we uzak gijeläp sapaklaryna taýýarlanan talyplaryň
biri özüni uka basmarladyp, irkilenini duýman galypdyr. Sapagyň
ahyrynda beýleki talyplaryň gowurdysyna oýananda, mugallymyň
tagtanyň ýüzüne ýazan iki sany meselesini howul-hara göçürip, dessine sapakdan çykypdyr.
Öýüne dolanyp geleninden soň, hälki iki meseläniň çözgüdi dogrusynda pikirlenipdir. Olar şeýle bir çylşyrymly ekeni, ähli
güýç-gaýratyňy sarp edeniňde hem goşmaça maglumatlar, bilimler
bilen üstüni ýetirmeseň, hiç çözdürjek dälmişin. Ol gerek esbaplaryny
alypdyr-da, kitaphana tarap ýola düşüpdir. Dört günden soňra zordan
birinji meseläni çözmegi başarypdyr. Mugallymyň şeýle agyr öý işini
tabşyrmasyna hem hiç düşünip bilmändir.
Indiki matematika sapagynda hemme talyplar ýerli-ýerine geçip
oturypdyrlar. Ýaňky talyp mugallymyň ýanyna baryp, diňe birinji
meseläni çözendigini, ikinji meseläni çözmäge wagt tapmandygyny,
çünki bir meseläniň özi üçin dört gününi sarp edendigini aýdyp, ötünç
sorapdyr. Ýene az-owlak puryja berse, ikinji meseläni hem çözmäge
synanyşjakdygyny ýaňzydypdyr.
Mugallym bu sözlere geň galypdyr. Ol talyplara hiç hili öý
ýumşuny tabşyrmandygyny aýdypdyr. Tagtanyň ýüzüne ýazan
iki sany meselesi bolsa häzirki güne çenli ylmy çözgüdi tapylmadyk meseledigini, alymlaryň başarmadyk zadydygyny aýdypdyr.
Alymlaryň aglabasy bu meseläniň kyndygyny bilenlerinden soňra,
az-owlak dümtünme bilen kanagat edip, şondan aňry ätlemäge
synanyşyp hem görmän ekenler. Sebäbi olaryň aňynda onuň kyndygy hakyndaky ynam mazaly berkän ekeni. Eger-de bu talyp hem
şol gürrüňleri öňünden eşiden bolsa, köpleriň aňyny eýelän düşünje
bilen kanagat ederdi we çözmäge-de synanyşmazdy. Ynsanda çäksiz
başarnyk bar, ýöne köplenç halatda dürli düşünjeler, pikirler bilen öz
ukyp-başarnyklaryna özleri serhet goýýarlar. Ummasyz ukyby bir
* 29. Sargyt № 975
449
çäkli meýdanyň içine sygdyrmaga çalyşýarlar. Eger-de sen islendik
bir meselä «kyndyr» öýtseň, ol kyn ýaly hem görner, eger «mümkindir» öýtseň, hernäçe kyn hem bolsa, çözmegiň hötdesinden gelersiňiz.
Durmuşyňyzdaky «kyn» sözüni «mümkin» sözi bilen çalyşsaňyz, has
köp zatlary gazanarsyňyz.
MERTEBÄNIŇ BAHASY
Bir gezek gadym eýýamlarda baýlyk, ylym we mertebe üçüsi
bir saçagyň başyna jem bolup, özara gürrüňe gyzypdyrlar. Baýlyk
özüni magtap başlapdyr: «Meniň adamlara täsirim örän uly. Olary
parlaklygym bilen özüme çekýärin. Her bir ýagdaýda meni ýatlamaga, maňa arka diremäge mejbur bolýarlar. Köp kynçylyklar meniň
bilen çözülýär gidýär. Meniň ýok ýerimde argynlyk, tukatlyk höküm
sürýär» diýipdir.
Soňra ylym söze başlapdyr: «Men hemişe akyllar bilen iş
salyşýaryn. Işleriň çözgüdini paýhas, mantyk we düzgün-kanun
bilen çözmegi başarýaryn. Hatda baýlyk gazanmagyň ýollaryny hem
men salgy berýärin. Bisowatlyk, garyplyk, sökellik ýaly dertleriň
garşysyna hem berk göreşýärin. Adamzadyň geljegi üçin zerur zatlary
hem men öwredýärin» diýipdir.
Soňra söz gezegi mertebä ýetipdir: «Ikiňize-de hormatym uly,
ýöne mertebäniň ýok ýerinde baýlygyň hem, ylymdarlygyň hem bahasy egsilýändir. Mertebäniň bahasy örän uly, ol satylmaýaram, satyn
alybam bolmaýar. Kim mertebeli bolmaga jan etse, oňa özümi bagyş
edýärin. Kim meni harlasa, men hem ondan ýüz öwürýärin» diýipdir.
Soňra olar hoşlaşyp, birek-birek bilen didarlaşyp durmagy arzuw edipdirler. «Biz birek-biregi nireden tapyp bileris?» diýip
soraşypdyrlar. «Men gitsem, meni baýlaryň mülkünden, täjirleriň
howlusyndan gözläň, taparsyňyz» diýip, baýlyk dillenipdir.
«Men gitsem, meni mekdep-medreselerden, alymlaryň söhbetinden gözläň, taparsyňyz» diýip, ylym hem öz salgysyny beripdir.
Mertebe näme diýjegini bilmän, dymyp duruberipdir. «Sen näme üçin
450
hiç zat ýaňzydaňok, gitseň, biz seni nireden taparys?» diýip soranlarynda, ol: «Men gitsem, gaýdyp dolanmaryn. Men bir gitsem, meni
hiç ýerden tapmarsyňyz» diýip jogap beripdir.
Durmuşda ählimize gerekli hökmany gymmatlyklar bar. Olaryň
birini ýokary tutup, beýlekisini peselder ýaly däl, hersi öz ornunda
juda ähmiýetli, emma ylma hem, baýlyga hem, mahlasy ýaşaýşa,
durmuşa hem has kämil öwüşgin çaýýan zatlaryň biri mertebedir.
ÖZÜŇE YNAN!
Metro geçelgeleriniň birinde hortap bedenli bir bugdaýreňk
oglanjyk galam satýan ekeni. Öten-geçen oňa mähir-mylakat bilen
baksa-da, ol oglanjykdan hiç zat satyn almaýan ekenler.
Günleriň birinde bir işewüriň ýoly hut şu ýerlerden düşüpdir. Ol
bu oglanjygy görüp, nebsi agyrypdyr. Oňa kömek etmek isläp, onuň
kisesine 100 dollarlyk puly salypdyr-da, metro münmäge howlugypdyr. Aýagyny içeri salany hem şol ekeni, birden-kä, bir zatlar kellesine gelen ýaly yzyna öwrülipdir-de, ýaňky oglanjygyň ýanyna gelipdir. Oglanjygyň öňündäki galamlardan birnäçesini eline alyp, ötünç
soraýan äheňinde: «Puluny töläp, galamlarymy almagy unudypdyryn.
Senem edil meniň ýaly işewür adam. Harytlaryňy satýarsyň, üstesine
degýän bahadan satýarsyň» diýip, ýene-de dessine metro münüp gidipdir.
Aradan ep-esli ýyl geçipdir. Işewür adamlaryň maslahatynda
ýaş ýigdekçeleriň biri ýaňky adamy gözläp tapypdyr. «Siz meni
tanaýanam dälsiňiz, menem siziň adyňyzy bilemok, ýöne sizi hiç
wagt ýadymdan çykarmaryn. Çünki siz maňa meniň nähili adamdygymy ýatlatdyňyz, ýogsam, şol pursatlara çenli men özümi ýönekeý
bir galam satýan, işi şowsuz bir kişi hökmünde görýärdim. Haçanda siz maňa «meniňem edil özüňiz ýaly işewür adamdygymy»
aýdanyňyzda, meniň dünýämde uly özgerişlikler bolup geçdi. Özüme
bolan hormatym, ynamym artyp başlady. Pikirlerim üýtgedigi saýy,
durmuşa we dünýä bolan garaýşym hem üýtgedi. Men şol günden soň
451
özümde işewür adamyň ruhuny duýup başladym. Şol pikir bilenem
ýaşadym, zähmet çekdim. Bu gün bolsa siz ýaly adamlar bilen bir
ýerde duşuşmak bagty miýesser etdi» diýipdir.
***
Danalaryň birinde şeýle bir hikmetli söz bar: «Adamlaryň köpüsi
özgeleriň özlerine bildiren ynamy esasynda göz öňünde tutýan derejelerinden hem has uzaklara gitmegi başarýarlar. Ýürekden syzdyrylan söz, bildirilen ynam ynsanyň durmuşynda uly öwrülişik etmäge
ukyplydyr» diýýär.
Biz özümiz hakda nähili pikir edýäris? Ýa-da biz bu wagtkymyzdan hem has köp zatlary başarmaga ukyplydygymyza ynanmak
üçin kimdir biriniň durmuşymyzda peýda bolaryna garaşmalymy?
Geçmişde nähili wakalaryň bolandygyna üns berme, sen diňe şu
günüňe we geljegiňe gara – nähili adam bolmak isleýän bolsaň, şol
ruhda hereket et. Seniň durmuşyň has gowulyga tarap özgermegi üçin
beýleki adamlaryň däl-de, ilki bilen seniň özüň özgermegiň gerek.
Sen düýnüňi hiç wagtam üýtgedip bilmersiň, sen şu günüňi hem üýtgetmek kyn düşer, emma öwrenmek we özleşdirmek arkaly geljegiňi
üýtgedip biljekdigiňe şübhe ýokdur. Durmuşda has köp üstünlik
gazanmak üçin öz başarnygyňa iň bolmanda bir göterim ýokary baha
ber. Geljekde näme bolup-bolmazlyk seniň öz eliňde. Danalaryň hikmetli sözünde şeýle diýilýär: «Hemişe beýik maksadyňy nazarlap, öňe
ýöre. Ynam bilen ilerle! Güýç-gaýratyňy arzuwlaryňy amala aşyrmaga
gönükdir: Sen ýa-ha üstünlik gazanarsyň, ýa-da öňküleriňden has köp
zat öwrenip, bir gez beýgelersiň». Eger-de sen üstünlik gazanmak
hakdaky pikirlere hemra bolsaň, şübhesiz, şol pikirler seni arzyly
menzilleriňe hökman ýetirer. Eger-de şowsuzlyk hakdaky pikirler
seriňi gaplan bolsa, onda sen durmuşyňdaky we daş-töweregiňdäki
ýüzlerçe mümkinçilikleri görmekden mahrum galarsyň. Onsoňam,
üstünlik hakdaky karar hiç wagt ertä goýulmaýar, ony şu gün we hut
şu pursat kabul etmek gerek. Bellibir karara gelmek seniň eliňde.
452
KÖŇÜL AÝNASY
Ýaş oglanlaryň biri diwarda asylgy duran dürbini alyp,
daş-töweregini synlapdyr. Täsin zat – uzak aralykdaky zatlar hut
ýanyňda ýaly görünýän ekeni. Ol atasynyň ýanyna baryp, bu täsinligiň
täsirini paýlaşmak isläpdir. «Ata, seret, dürbi diýilýän zat örän täsin
ekeni. Hol uzakdaky zat hem edil aýaňda ýaly görünýär. Ýöne ýakyndan gördügiňçe, siňe synladygyňça, olaryň reňki öçügsi ýa-da tutuksy
bolýan ekeni. Köp zady golaýdan däl-de, uzakdan tanap ýörseň, has
gözel görünýär» diýipdir. Atasy agtygynyň elindäki dürbini alypdyr
we az salym eýlesine-beýlesine seredişdirip, soňra yzyna uzadypdyr. «Käteler bir zat hakdaky pikirlerimiz dogry düşmänem bilýär.
Birbada maňzymyza batmaýan, halamaýan zatlarymyz soňlugy
bilen biziň üçin haýyrly, peýdaly bolup çykýar. Şonuň üçin bir gezek
synlanyňdan soň kesgitli netije çykarmaga howlukmaly däl, belki-de,
biziň özümiz dogry saýgaryp, aýdyň görüp bilýän däldiris. Belki-de..
özümiz görmek isleýän däldiris...» diýip, atasy ýylgyrypdyr. «Ýok,
ata, asla beýle däl, gowy, gözel zady näçe golaýyňda gördügiňçe ýakymly ahyry, ýöne, ine, seredip gör, ýakynlaşdygyça bularyň reňki
we görki ýitip başlaýar» diýip, dürbini gaýtadan eline alyp, synlamaga başlapdyr. Nazar aýlasa, daş-töwerek şeýle bir dury, nurly, her
bir zat – agaçlaram, adamlaram, guş-gumrularam öz reňki-roýunda,
parlaklygynda, röwşenliginde ekeni. «Ata, siziň eliňiz degdi welin, bu dürbi has dury görkezip başlady. Munuň syry nämede?»
diýip, ýaş oglan bilesigeliji nazaryny atasyna dikipdir. «Oglum, bu
ýerde men üýtgeşik zat etmedim, men diňe dürbiniň aýnasyna siňen
çaň-tozanlary süpürişdirdim. Biz käteler başga zatlara gümra bolup,
öz köňül aýnamyza üns bermegi unudýarys. Kalbyň öňüni gubar bagladygyça, dünýäni we durmuşy öz gözelliginde görmek mümkinçiliginden mahrum bolýarys. Her bir zady çaň gatyşykly şekilde kabul
edýäris. Şonuň üçin, wagtal-wagtal kalp aýnasyna, köňül gözgüsine
elimizi degirsek, ol ýere setanda-seýranda siňen we ýalňyş düşünjeleri
oýarýan çaň-tozanlary syryp-süpürip dursak, onda biz her bir zady
453
hakyky öz keşbinde, owadanlygynda görüp bileris» diýip, atasy jogap
beripdir.
SALGYM
Jokrama jöwzaly tomus günleriniň birinde ataly-ogul giň
sähra gezelenje çykypdyr. Gün dik depä galyberende olar çölüň
jümmüşine aralaşan ekeni. Şol ýerde düşlemek isläp, arkalaryndaky goş-golamlaryny, iýip-içgilerini ýerleşdiripdirler. «Bu ýollary geçmek aňsadam däl ekeni. Ýöne täze zatlary bilmek, görmek,
öwrenmek höwesi ol kynçylyklardan rüstem gelýär. Men bu ýere
gelenime örän şat» diýip, ogly ýüregindäki begenjini mälim edipdir. Giňiş sährada, ýaýylyp ýatan ýaýlada, töwerekde ataly-oguldan
başga janly-jemende hem ýok ekeni. Tebigatyň howruna çoýunyp,
okuw, ylym-bilim, dünýä, durmuş hakdaky mesawy söhbete çümüp oturyşlaryna gün öýleden agypdyr. Iýip-içgiler hem tükenipdir.
«Oglum, sabyr etmesek boljak däl, bir içimlik suw hem galmandyr.
Howa salkynlaberende yzymyza döneris, ýogsam, bu tüp yssyda
halys egbarlap, ýöremäge-de rowgatymyz galmaz» diýipdir. Emma
wagt geçdigisaýy, üstesine-de suwuň ýokdugyny bilip duran ogul has
beter suwsap başlapdyr. Bir owurt suw galanlygynda, içmän oňsa-da,
kanagat etjek welin, onuň ýoklugy oglanyň ýüregini howsala salypdyr. «Ata, belki, şu tarapa ugur alarys, görýärmiň, hanha ol ýerde,
ýaýylyp ýatan deňiz bar ýaly-la, häli gözümize ilmändir» diýip, oglan
dillenipdir. «Her bir zat gerekli wagty gözümize ilýän ekeni, ýogsam,
häliden bäri şol tarapa seredip otursagam, hiç aňşyrmandyrys» diýip,
oglan begenipdir. «Ýok, oglum, ol ýaýylyp ýatan zat deňiz däl-de,
salgym. Üstesine, has jöwzaly günlerde teşneleriň nazaryna ilýän ilkinji zat şol. Sebäbi teşne adam suwa mätäç. Salgym bilen aralykda
dessine aşyp boljak bir menzil görünýändir, emma, sen şoňa tarap
süýşdügiňçe, ol hem şonça aňryk süýşer we oňa eňek basmak hergiz
miýesser etmez. Suwa teşne mahalyň, salgyma kowalaşmaly däldir»
diýipdir. Atasy her näçe düşündirmäge çalyşsa-da, oglan tiňkesini
454
dikip, asuda tolkunly şol «deňze» seredip otyrmyşyn. Gün ikindiden
agypdyr. Iňrik garalyp ugraberende, ýaňky deňiz hem gözden ýitip
başlapdyr. «Görýärmiň, oglum, biraz sabyr etsek, bizi aldaýan salgymlar hem gözden ýitjek ekeni. Eger-de häli yzyna düşüp, ugruna
eňen bolsak, bujagaz güýjümizi ýitirip, ysgyn-mydardan gaçardyk.
Indi, öýe köwlenmäge-de maý boldy, howa salkynlady. Arkaýyn
yzymyza aşyp bileris» diýip, atasy ýaňzydypdyr. Olar goşlaryny
ýygnaşdyryp durkalar, heniz açylman galan bir çüýşe suwuň üstünden barypdyrlar. «Ata, seret, biz nähak ýere örtenipdiris. Ynha, bir
çüýşe suw, bilenligimizde, salgymlara göz dikip, sary-sadylla bolup
oturmazdyk» diýip, ogly dillenipdir. «Ýok, oglum, asla beýle däl. Biz
bu gün bu ýerde durmuş sapaklarynyň birini öwrendik. Muňa meňzeş
wakalar seniň öňüňde entekler kän peýda bolar. Birdenkä durmuş
hadysalary aljyradyp, çykalgalara suwsan mahalyň, seni öz girdabyna çekjek dürli-dümen salgymlar – bolar-bolmaz pikirler, düşünjeler,
oňar-oňmaz teklipler peýda bolar durar. Şol pursatda aladalara ýesir
düşen seriňi durlap, onsoň özüňe geregiňi dury akyl bilen saýlagyn.
Çünki salgym suw bolup görünse-de, olar hiç wagt suwa öwrülýän
däldirler. Belki, şol wagt sabyr etmelisiň, aldaýjy salgymlar gözden
ýitip, hakyky aýdyňlyk bilen gurşalarsyň. Soňra ýene-de öz saýlan
ýoluňa endigan dowam etjeksiň. Onsoňam, biz unutsagam, bizi unutmaýan ykbal bar ahyry, ykbalyň ýardamy bize aýny wagtynda şu bir
çüýşe suw deýin ýeter durar» diýip, atasy bu wakalaryň syryny, sebäbini ogluna düşündiripdir.
DERMAN
Mekdebiň howlusyndaky daragtlaryň saýasynda bir zada
tiňkesini dikip oturan okuwçy mugallymyň ünsüni özüne çekipdir.
Ep-esli wagtlap bir durkuny üýtgetmän, nirädir bir ýere garap oturmasy, ýüzünde joşgun alamatlarynyň bolmazlygy, onuň ýüreginde düýpli
aladalaryň köwsarlaýandygyndan habar berip duran ekeni. Mugallym
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.