Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34

Total number of words is 3801
Total number of unique words is 2085
32.1 of words are in the 2000 most common words
44.3 of words are in the 5000 most common words
51.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolsa, üýtgeşik zähmet çekeňzok, emma rysgyňyz biziňkiden egsik
däl. Aladasyz ýaşamagyň syry nämede?» diýip sorapdyrlar. «Islendik
zadyň iki ujy bar: boljagy ýa bolmajagy. Onsoň, pikir edip görüň, alada-gaýgy edenim bilen hem barybir boljak bolsa, men ony näme üçin
alada etmelişim? Ýa-da gaýgy-alada edenim bilen barybir bolmajak
bolsa, men näme üçin bolmajak zat üçin kelle agyrtmalymyşym?
Şeýdibem hemişe şu iki pikiri özüme hasa ýaly tutunýaryn: ýazgytda
bar bolsa, hökman bolaýmaly bolsa, barybir boljak zat, alada edeniňe
degenok. Tersine bolaýanynda-da: ýazgytda asla ýok bolsa, hiç wagt
bolmajak bolsa, barybir bolmajak zat – bu-da asla alada edeniňe degenok. Üstesine-de, gursak giňedigiçe, rysgyň hem giňäberýär» diýip,
jogap beripdir.
65. ÝAZMAK GOWY, ÝÜZMEK HAS ZERUR
Türkmen atabegleriniň biri öz döwrüniň arap hökümdarlarynyň
ogullaryna tälim berýän eken. Bir gün hökümdar oglunyň okuwyndan we halyndan habar alaýyn diýip, bularyň ýanyna gelipdir. Emma
okuw üçin niýetlenen hüjreden olaryň hiç birini tapmandyr. Muňa
birneme gahary gelen hökümdar derrew atabegi we ogluny tapyp
getirmegi buýrupdyr. Gözleg ep-esli wagty alypdyr. Atabeg hem-de
hökümdaryň ogly Dejle derýasynyň kenarynda suwa düşüp ýören
ekenler. Hökümdaryň gahar siňen gaşlary asla ýazylmany bilmeýän
eken, emma bu ikisi özlerini asla müýnsüz alyp barypdyr. «Okuw
öwretmeli halyňyza, derýanyň kenarynda oýnap ýörmek edebe
sygýan zatmydyr. Men size oglumy durmuşa taýýarla diýdim, bilim
ber, hat ýazmagy öwret diýdim, siz bolsa, ynamdan peýdalanyp, oýna
güýmenip ýören ekeniňiz» diýipdir. «Eý, atam, ussadym maňa oýun
däl-de, suwda ýüzmegi öwredip ýördi» diýip, hökümdaryň ogly dillenipdir. Bu sözlere az-kem köşeşen hökümdar barybir öz pikiriniň
dogrudygyny ýanjamak isläpdir: «Ýüzüp bilmegem gowy zat, emma
518
hat ýazmagy öwrenmek has zerur, durmuş deňzinde ýüzmek üçin ýazyp we okap bilmek gerek» diýipdir. «Hak aýdýaňyz, hökümdarym,
hat-ýazuw has gowusy, emma suwda ýüzüp bilmek has wajyby. Çünki ol özüne derek ýazyp berjek kimdir birini tapyp biler, emma özüne
derek ýüzüp berjek adamy tapyp bilmez. Her adamyň özi ýüzmelidir»
diýip, atabeg jogap beripdir. Atabegiň bu sözleri hökümdaryň hoşuna
gelensoň, oňa goşmaça engam ýapmagy buýrupdyr we oglunyň
tälim-sowadyny oňa doly ynanypdyr.
66. MÜŇ ÝYL GARAŞAN KÖPRI
Ýusup ibn Taňryberdi Atabegiň «Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar» atly köp jiltlik eserinde şeýle taryhy waka
ýatlanylýar.
«539-njy hijri ýylynda (1144-nji milady ýyly) birnäçe uruşlardan
we söweşlerden soňra Zeňňi ibn Ak Sunkar Roha şäherini pereňlileriň
elinden gaňryp aldy. Olaryň berkitmelerini ýumurdy, emma galadaky
raýatlara aman berýändigini ýazdy. Olaryň ählisine adyllyk bilen garady. Ýeňiş güni bu ýerde täsin bir waka boldy. Duýdansyz bir ýerden
gelen sil düýbi zemine çümüp oturan köne sütünleriň üstüni açdy.
Sütünleriň ýüzünde gadymy surýany dilindäki ýazgylar bardy. Bu
ýerdäki uzak ýaşly oturymly ilat hem şeýle sütünler hakda hiç zat
bilmeýän eken. Hatda onuň ýüzündäki ýazgylary hem okap bilýän
adam tapylmandyr. Diňe şol töwerekde ýaşaýan garry jöhidi getirenlerinde, ol bu täsin ýazgyny çözüp, ony arapça geçiripdir. Ol ýerde
şeýle ýazgylar bar eken:
«Asfar nesilşalygyndan bäri ýatdan çykarylypdym,
Käteler çelgi, käteler münber bolup göründim.
Soňra ara ep-esli boşluk düşdi.
Eger-de Zeňňi ibn Sunkar bolmadyk bolsa, men asla ýüze-de
çykmazdym». Alym sözlerini şeýle jemleýär: «Heniz Zeňňi ibn Ak
Sunkar dünýä inmezinden owal müňlerçe ýyl öň onuň adynyň sütün519
lere ýazylmagy, juda täsin! Zemine basyrnyp ýatan ol sütün müňlerçe
ýyllap Zeňňi ibn Ak Sunkaryň peýda bolaryna garaşypdyr».
67. IŇ HOWPLY ZAT
Bir gezek Soltan Sanjar köşgüniň ähli akyldarlaryny jemläp, olardan dünýädäki iň howply zadyň nämedigini sorapdyr. Dürli ugurlardan sowatly, ylym ýüki ýetik ulamalar, sözi täsirli suhangöý şahyrlar,
kätipler bu mejlise ýygnanan eken. Olaryň her biri öz garaýyşlaryna
görä, iň howply zadyň nämedigini öňe sürüpdir. Müneçjimler
«bisähet ýyldyz» diýse, salgytçylar bereketsiz hasyly, serraplar puluň
hümmetiniň gaçmagyny, şahyrlar hoş sözi diňleýänleriň azalmagyny, alymlar ylyma höwesiň peselmegini, garaz, hersi öz kärine,
hünärine görä bir pikiri, garaýşy orta atypdyr. Iň howply zadyň
zäherli mör-möjekler ýa-da ýyrtyjy haýwanlar hem bolup biljekdigini
ýaňzydypdyrlar. Soltan Sanjaryň mejlisinde her bir paýhasly söze gulak güýdülse-de, aglaba halatda agramy-mertebesi artyk adamlaryň
garaýşyna hemmeler diň salar eken. Şolaryň biri şahyr Muyzzy bolupdyr. Soltan Sanjar şahyryň pikirini sorapdyr. «Dünýäde howply
zatlar kän, emma yalňyş sözden, ýalňyş düşünjeden howply zat ýokdur. Esasan-da, kitaplarda ýalňyş ýazylan söz has hatarly. «Bijaý söz
baş alar» diýilýär. Ýerini bilip sözlemeseň, ýa-da ýalňyş bir jümläni
dile alsaň, janyň howp astyna düşer, bir jan kösener. Eger-de kitapda,
depderde haýsydyr bir sözi ýa-da sözlemi ýalňyş ýazsaň, onda şony
okaýan birnäçe adam kösener. Ýalňyş ýazylan ýekeje söz durmuşyň
akymyny düýbünden başga tarapa hem öwrüp biler. Hut şonuň üçinem men-ä ýalňyş sözden howply başga bir zat bardyr öýdemok»
diýipdir. Soltan Sanjar Muyzzynyň sözlerini has ileri tutupdyr.
68. BIRI BILEN ÇÄKLENMÄŇ
Günleriň birinde Mälik şa baş wezirini ýanyna çagyryp:
«Köşgüň iň sowatly alymy kim?» diýip sorapdyr. Baş wezir köşkdäki
alymlary we olaryň ýagdaýyny birin-birin sanap ugrapdyr. «Pylany
520
alym hasap-hesipden, binagärlikden ökde. Pylany müneçjimlikden
gowy baş çykarýar. O pylany bolsa hak-hukukdan ussat. Ýene biri
bar, harby tilsimlere ezber. Ýene birisi bar, ýer-ýurtlar ylmyny, geografiýany takyk bilýär...» diýip, her birini suratlandyrypdyr. Mälik şa
ertesi irden ähli alymlaryň we wezir-wekilleriň diwanhana üýşmegini
tabşyrypdyr. Aýdylan gün, bellenen wagt gelip ýetipdir. Mälik şa
alymlaryň birine ýüzlenip, ondan bir mesele hakda sorapdyr. Alym
edep bilen tagzym edipdir-de: «Soltanym, siziň bu soraýanyňyz
hak-hukuk ylymlaryna degişli, muny pylanydan soraň» diýipdir.
Soltan ady tutulan alyma bakyp, oňa başga bir ylymdan sowal beripdir.
Ol alym hem ýaňky jogaby gaýtalapdyr: «Soltanym, bu meniň ugrum
däl, muňa pylany ökdedir» diýipdir. Soltan oňa gaýry bir sorag bilen
ýüzlenipdir, emma jogaplar üýtgemändir: «Meniň ugrum hasap-hesip, emma bu sowal ýer-ýurt ýagdaýlaryna degişli, muňa pylany alym
ussatdyr» diýipdir. Garaz, alymlaryň hiç biri özlerine berlen sowallara jogap berip bilmändirler. Mälik şa olara ýüzlenip: «Şunuň ýaly
uly-uly kitaphanalaryň bar şäherinde, mümkinçilikleriň bol ýerinde,
diňe ýekeje ylym bilen çäklenip oturmagyňyz geň galdyrýar. Alym
öz ugruny çuňňur bilmelidir, emma bu onuň beýleki ugurlara biparh
garamalydygyny aňladanok. Hakyky ussat alymlar bir ylyma däl-de,
birnäçesine eýe bolmalydyr. Biri bilen çäklenip oturmak, göwün gandyryjy kämillige eltmez» diýip, jogap beripdir.
69. MÄTÄÇLIK BIR GOWY ZAT
Söz ussady Abu Bekr Horezmi heran-haçan toýdur märekede,
mejlisdir saz-söhbetde: «Mätäçlik bir gowy zat, şondan aýyrmasyn» diýip, dileg eder eken. Maý tapsa, sözüniň arasyna goşup,
mätäçligi üçin şükür edipdir. «Alym aýdýan bolsa, bir hikmeti, syry
bardyr, heniz biz düşünýän däldiris» diýip, adamlar hem bir meýdan bu gürrüňe gulak gabardyp gezipdirler. Emma, sözde şeýle bir
täsir bolýar, gulagyňa bir ileninden soňra, onuň anygyna ýetmeseň,
ynjalyk tapaňok. Ahyry adamlaryň käbiri alymyň ýanyna baryp:
521
«Il-gün mätäçlikden aýyrsyn» diýip, gije-gündiz Alladan dileýär, sen
bolsa olaryň tersine, mätäçlikden aýrylmajak bolýaň. Şu sözi näme
üçin öwran-öwran gaýtalaýandygyňy düşündiräýmeseň, biz-ä zada
düşünmän, barha kejigip barýarys. Anyk habaryny eşidip, ýüregimizi
bir ynjaldaly» diýipdirler. «Mätäçlik bir gowy zat, şondan aýyrmasyn.
Ýöne men mätäçlik diýemde, özgelere el serip, gün görüp ýörmegi
göz öňünde tutamok. Käteler kimdir birine nämedir bir zat üçin mätäç
bolmasak, onda adamlaryň arasyndaky ysnyşykly, mähir-muhabbetli gatnaşyklar ýiter giderdi. Eger-de bizde hemme zat ýerbe-ýer we
gülala-güllük bolsa, hiç zada mätäç bolmasak, onda ne Ýaradany
ýatlardyk, ne-de bendesini. Öz başymyza bir töwra bolar ýörerdik.
Mätäçlik welin, biziň birek-birege iş salşyp durmagymyza, hal-ahwal
soraşmagymyza, didarlaşyp durmagymyza sebäp bolýar. Eger-de sizde hem şol sözüň anyk manysyny bilmeklige zerurlyk, mätäçlik ýüze
çykmadyk bolsa, onda bu hakda ençeme wagtlap kelle döwmezdiňiz
ýa-da iň bolmanda meniň ýanyma salama-da gelmezdiňiz. Hut şonuň
üçinem, adamlary birek-birege baglanyşdyryp, gatnaşyklary berkidip duran mätäçlikden bizi aýyrmasyn» diýip, alym jogap beripdir.
Adamlar bu sözleri eşidip, uludan demini alypdyrlar.
70. NAZARY KERAMATLY PIR
Şam illerine dünýäniň çar künjünden jem bolan alymlar,
söwdagärdir syýahatçylar şol ýerdäki hanakalaryň birinde öz illeriniň
alymlaryny magtap, taryplap oturan ekenler. «Biziň ilimizde şeýle
bir alym bar, elinde üç ýyl okasaň, gaýry ýerdäki dokuz ýylky bilimi gazanýaň» diýse, ýene biri «Biziň ilimiziň alymlary bir okan,
eşiden zatlaryny hiç wagt ýadyndan çykarmaýarlar. Şägirtlerini hem
şol usulda ýetişdirýärler» diýipdir. Garaz, her kes öz alymlarynyň
özgelerden tapawutlanýan, saýlanýan tarapyny taryplapdyr. Ýene bir
ýurduň wekili: «Bilýäňizmi näme, biziň ilimizde şeýle bir keramatly adam bar, ol eli bilen başyňy sypasa, eýýäm berekedi ýokýar. Ol
örän keramatly» diýipdir. Bu ýerde Horezmden baran jahankeşdeler
522
hem bar eken. «Haý, duraweriň, keramat mertebesine Horezmden
öňňe eýe çykjak ýokdur. Biziň ilimiziň bir alymy bar, ol nazary bilen
adamy öwlüýä derejesine – keramata eýe edýär. Diňe ynsanlara däl,
guş-gumrulardyr janly-jandarlara hem täsir edýär. Eger şuňa bäs edip
biljek ýekeje alymyňyz bar bolsa, aýdyberiň» diýipdirler. Emma hiç
kimden ses-seda çykmandyr, çünki nazary bilen öwlüýä mertebesine
eýe edip bilen Nejmeddin Kubranyň at-owazasy şonsuzam ol ýerlere
mälim eken.
71. GAZANDA NÄME BAR BOLSA...
Abu Bekr as-Sulynyň at-abraýy, şöhraty, çawy yklymlara ýaýran
eken. Ol küşt oýnundan daşary, edebiýatdan, suhangöýlükden hem juda
ezber, ussat eken. Halyf ony özüniň baş maslahatçysy edip ýanyna alanyndan soňra, oňa gyýa göz bilen garaýan adamlar artyp ugrapdyr. Abu
Bekriň halyfyň ýanyndaky hormatyna ilki bilen onuň meslekdeşleri
– öz ýoldaşlary bahyllyk edipdirler. Olar her edip, hesip edip, Abu
Bekriň elini işden sowaşar ýaly etmegiň kül-külüne düşüpdirler. Bir
gün göwnünde kine daşy baslygyp ýatan wezirleriň biri Abu Bekr
as-Sulynyň ýanyna barypdyr. «Hormatly wezir, köşgüň içinde hem-de
il arasynda adyňyza aýdylýan hoşamaý sözleriň çeni-çägi ýok, hemmeler siziň iş alyp barşyňyza haýran galýar, emma ilçilik, muňa
düşünýän bar, düşünmeýän bar, hatda töwerekde, golaý-goltumda hem
käbir adamlar gepiňizi edäýýän ýaly... » diýipdir. Abu Bekr as-Suly
muňa ýylgyrypdyr: «Müň dürli ýagşylyk edibem, ähli kişiniň göwnüni
görmek mümkin däl, emma ýekeje näşükürlik ýa-da adyňa aýdylýan
ýaramaz söz ýagşy amaldan eliňi sowaşdyrmaly däldir. Eger-de her
gepe gulak güýdüp, damak ýyrtyp otursam, onda bu wagt meni bu
ýerde däl-de öz şäherimde hammal hökmünde tapardyň. Düşünýäne-de, düşünmeýäne-de, hatda eden ýagşylyklaryňy görmezlige
salyp, kejirlik edýäne-de geçirimlilik edip bilmek uly häsiýet.
Onsoňam, ýedi yklymlary soran hökümdarlar hem ýedi bent derwezeleri bagladan bolsalar-da, olar hiç wagt adamlaryň agzyny baglap
523
bilen däldirler. «Gazanda näme bar bolsa, daşyna şol dökülýär». Ýerliksiz aýdylýan ýakymsyz sözler bizi uly maksatlardan dändirip bilmez. Goý, olar diýip-diýip, diliniň hözirini görsünler, biz bolsa edýän
amalymyzyň» diýipdir. Hiç bir sözüň ony raýyndan gaýtarmajagyny,
göwnüni çökermejegini bilensoň, wezir lapykeç yzyna dolanypdyr.
72. DÜNÝÄNI ÖZGERTMEK ÜÇIN
Sopy alymlarynyň biri Baýezit Bistamy ýaş wagty, dünýäni
özgertmek isläp, gije-gündiz Ýaradandan gujur-gaýrat diläpdir: «Perwerdigärim, maňa şu dünýäni üýtgeder ýaly güýç-kuwwat ber!»
diýipdir. Ol şeýtmek bilen ýer ýüzüni bir salymda derrew özgerdesi
gelipdir. Az-kem ulalyp, aňy durlanyp başlan çaglary: «Meniň bu
dileýän zadym gaty uly zat bolaýmasyn, diläp-diläp alan zadymy
soň özüm çekip bilmesem, aýyp bolar, eýýäm ömrüň ýarpysy geçdi,
men bolsa henize çenli bir zady hem üýtgedip bilmedim. Gowusy,
Perwerdigärim, maňa öz maşgalamy özgerder ýaly akyl-paýhas,
güýç-kuwwat bersin!» diýip, dileg edipdir. Ýigitlik ýelginlerinden
saplanyp, akyly durlanyp başlanda, bir maşgalany özgertmegiň hem
ýeňil-ýelpaý zat däldigine, hupbaty kän ýükdügine düşünipdir. Şol
wagt ol bir maşgalany däl-de, bir özüni üýtgetmegi karar edipdir.
«Özümi üýtgedip bilsemem, uly zat ahyry» diýipdir. «Perwerdigärim,
maňa özümi üýtgetmäge erk-ygtyýar ber. Iň bolmanda maňa şuny bir
miýesser et» diýipdir. Şol gije düýşünde oňa bir ylahy ýaň eşidilipdir:
«Sen muny başda dilän bolsaň, bu wagta çenli bütin dünýäni özgerdip
bilerdiň. Henizem bir pille, mundan soň iň bolmanda özüňi özgerdip bilersiň» diýipdir. Dünýäni özgertmek üçin ilki bilen özümiziň
gowulyga tarap özgermegimiz gerek, iň bolmanda gowulyga ýykgyn
etmegi ýüregimize düwmek gerek.
73. YLYM – ÝAGTYLYK
Uzak ýoldan gelen derwüşleriň biri Abdylla ibn Mübärek
Merweziniň howlusynda düşläpdir. Iki sany ylym gory ýetik pir dünýä,
524
durmuş, ýaşaýyş, syrly ylymlar hakda uzak-uzak söhbete gümra bolupdyrlar. Jahankeşde derwüş gören-eşiden täsin gürrüňlerinden dür
saçsa, Abdylla ibn Mübärek halypalaryndan alan öwdi hakda gürrüň
beripdir. Iki ägirdiň söhbediniň soňy ylym we onuň gadyryny bilmeklige syrygypdyr. Söhbediň arasynda bular birek-birekden özlerini has
geň galdyrýan zatlar hakda sorapdyrlar. Derwüş: «Men adamlara geň
galýaryn, olar dünýä mülküne eýe bolsam diýýärler, emma şeýle mülke eýe bolmak we ony eliňde saklamak üçin ylmyň zerurdygyna welin pisint etmeýärler. Ylym – ähli ýoluň açary, hazynalaryň salgysy,
hatda ýerlikli ylym arkaly ýönekeý zady hem altyna öwrüp bolýar»
diýipdir. Abdylla hezretleri derwüşiň bu sözüni makullap: «Hak
aýdýarsyň, ylym bir nur. Ol bize gerekli we ähmiýetli zatlaryň nirededigini görkezip duran ýagtylyk. Dünýä tümlüge bürenende hem ýene
şol ýagtylyk ýol görkezýär. Ýöne, meni geň galdyrýan zat, adamlaryň
aglabasynyň şol ýagtylyga tarap owsun atmaýandygy. Ylmy bilen
meleklerden ýokarda bolmaly halyna, mör-möjeklerden hem pese
düşüşine geň galýaryn. Hatda hiç hili akyly ýok çybyn-çirkeýlerdir mör-möjekler hem ýagtylyga tarap dyzaýar, ylmyň gadyryny
bilmeýänler bolsa munuň tersine» diýip jogap beripdir.
74. DÜŞÜNIP, ŞÜKÜR ET
Piriň ýoluna eýerip, şägirtlige ýaňy başlan ýigitler özara gürrüň
edip oturan ekeni: «Käteler durmuşdan zeýrenjek bolýarys, işlerimiz
göwün diýşimizçe bolanokmy-nämemi, ýa bir müşgillik bilen pete-pet
gabat gelsek, ony ýeňip geçmegi ýokuş görýärismi, agyr degýärmi,
garaz, käteler şükür jylawy elden sypyp, zeýrenje beriläýýäs, zeýrenmek adamyň zannynda bardyr-da, birbada saplanyb-a bolanok. Her
näme-de bolsa, «Beýigi gör-de, pikir et, pesi gör-de, şükür et» diýlen
söz dadymyza ýetişäýýär. Teselli berýär. Şonda daş-töwerekdäki
ýa-da tanyş-biliş käbir adamlar bilen öz günümizi deňeşdirip görýäris
welin, ýene biziňkiden ganymady ýok, muňa-da şükür» diýşip, oturan
ekenler. Şägirtleriniň bu söhbedini diňläp oturan Mäne baba: «Balala525
rym, nygmaty zyýada etmegiň ilkinji açary şükranalykdyr, şükür etmekdir. Teý oňarmasaňyz, özüňizi özgeler bilen deňeşdiriň, begenere
artyk zady köp taparsyňyz, emma indi siz galaba halkdan bir gez
ýokarda ýöremeli, deňeşdirip däl-de, şeýle nygmatlaryň özüňizde bihasap kändigine düşünip şükür ediň. Düşünip şükür etmegiň sogaby,
deňeşdirme şükürden esse-esse artykdyr» diýipdir.
75. NALAÇLYK
Jalaý ýigitleriň biri Nejmeddin Kubranyň huzuryna barypdyr.
«Tagsyr, men-ä ýaramaz endigimden saplanyp bilemok. Il ýanynda
edebimi saklasam-da, ýer çolaryp başladygy, meni bolmasyz niýetler
jylawlap başlaýar, nirä çapýanymy, näme edýänimi bilemok. Uzakdan bir gara göründigi, ýene-de menden salykatly adam ýok. Birini
görüp durkam, şer işden saklanyp bilýän, emma maý boldugy, ýene
ters ýola gaýşyp başlaýan. Nalaç gezip ýörün» diýipdir. «Ogul, aslynda bu hereket ikiýüzlüligiň alamaty, emma şeýle häsiýetiň bardygyny
boýun almagyň we ondan saplanmaga ymtylyşyň ýagşy niýetiňden
habar berýär. Her wagt ýanyňy alyp durjak adam tapylmaz, ýöne indiki gezek şeýle pişä barmak uzadanyňdan, derrew Asmana seret – şol
ýerdäkini ýadyňa sal we seni biriniň gowy synlap oturandygyny ýatla,
utan. Ýok, eger ol hem täsir etmese, onda aýagyň astyndaky topraga
seret we ol ýerdäkileri – öten-geçen merhumlary ýadyňa sal we utan.
Ana şondan soň çola ýerdigine garamazdan, özüňiň ýeke däldigiňi
duýarsyň, bet işleriň asla golaýyna barmarsyň» – diýip, Nejmeddin
Kubra jogap beripdir.
76. ÖZÜŇ ÜÝTGEMESEŇ,
NETIJE ÜÝTGEMEZ
Abu Bekr Horezmi örän sowatly adam eken. Ylym-bilimde,
edebiýatda şeýle uly mertebelere ýeten alym hemmeleri haýran
galdyrypdyr. Onuň çeper sözlüligine öz döwründe taý tapylmandyr.
Nesibesi dartyp, ençeme şäherlerde ýaşamaly we okamaly bolýar.
526
Ahyry şol döwürdäki ylym merkezleriniň biri Bagdada göçüp barýar.
Bu ýerde halyfyň köşgünde uly abraý-hormatdan peýdalanýar. Şol
döwürde şäheriň barjamly adamlarynyň birinde kätip bolup işleýän
ýaş ýigdekçe Abu Bekr Horezminiň ýanyna barypdyr. «Ussat,
günümden närazy halym ýok, emma mundanam has gowy ýaşasym
gelýär. Muňa garamazdan käteler bir pikir iňkise gidirýär: «Meniň
şu küýsegim kanagatsyzlyk bolaýmasyn» diýýärin. Göwnüm has
gowusynda, gije-gündiz Alladan rysgal-baýlyk dileýärin, emma şu
wagtky ýerimden hem aýrylasym gelenok. Bu ýerde maňa garaşyk
edişleri, hak-heşdek berişleri ganymat. Men nädenimde mundanam
has gowy ýaşap bilerin?» diýip sorapdyr. Abu Bekr Horezmi: «Ilki
bilen pikiriňi üýtget, maksadyňy aýyl-saýyl et, soňra şoňa görä iş
ýörediş ýoluňy sazla. Göwnüň has gowusyny küýseýän bolsa, munuň
üçin gije-gündiz Ýaradandan dileýän bolsaň, şoňa laýyk hereket et.
Ýüregiňe salynýan pikirlere gulak as. Öwrenişen zadyňa ýapyşyp
otursaň, şu wagtkydan üýtgeşik netijäni tama etme. Özüň üýtgemeseň,
netije üýtgemez. Onsoňam, has gowusyny islemek tamakinlik ýa-da
kanagatsyzlyk däldir. Eger-de men has gowusyny islemedik bolsam,
onda men durmuşda hiç hili üstünlik gazanyp bilmezdim, hatda şu
derejäme hem ýetip bilmezdim. Eger-de has gowusyny islemedik
bolsam, onda men öwrenen harplarymdan sanaýmalyja sözi ýerlikli ulanardym, başga zada baş galdyrmazdym, şygryýetiň gapysyny
kakmaga milt etmezdim. Emma has gowusyna bolan islegim meni
barha taplady we has gowy ýerlere hem getirdi. Üstesine-de «Özüm
üýtgemesem, netijäniň üýtgemeýändigine» ýaşlykda akyl ýetirenim
has köp peýda berdi» diýipdir.
77. ALTY HÄSIÝET
Müňlerçe şägirt ýetişdiren Kubra hezretleriniň howlusy hemişe
jemendeden doly eken. Ussadyň şägirdi mertebesine eýe bolmak üçin
diňe akyl-üşügiň, ukyp-zehiniň, ylma höwesekligiň ýeterlik bolman,
haýsydyr bir hünärden baş çykarmak esasy şertleriň biri eken. Sebäbi
527
kimdir biriniň boýnunda oturman, öz iýjek-içjegiňi öz halal zähmetiň
bilen gazanmak hökman saýylypdyr. Olaryň özlerini alyp barşy,
edep-terbiýesi hem piriň ünsünde bolupdyr. Täze gelen şägirtlerine
öwüt berende ilki bilen şu alty häsiýete pugta eýermegi tabşyrar
eken: «Birinjiden, her öňýeten ýa-da geldi-geçer zatlara gaharlanyp
ýörmäň. Onda göwnüňize ýaramaýan bir häsiýetiniň bardygy, gahar-kinä sebäp bolup bilmez. Ikinjiden, bimany we ähmiýetsiz sözleri
aýtmaň. Üçünjiden, nämynasyp adama serpaý ýapmaň, nygmaty isrip
etmäň. Dördünjiden, her öňýeteniň ýanynda syryňyzy ýaýyp ýörmäň.
Bäşinjiden, hemmelere ynanyp ýörmäň. Altynjysy, ýagşy bilen ýamany, dost bilen duşmany saýgarmagy başaryň. Ilkinji duşmanyňyz
bolsa şeýtandyr, şonuň üçin edýän işleriňiziň soňuny seljeriň» diýer
eken
78. GURSAGYŇ GIŇLIGI - RYSGALYŇ GIŇLIGI
Bir gezek Ybraýym ibn Edhem ýol bilen ýöräp barýarka, ýüzünden gam damjasy ýagyp duran bir ýaş ýigidiň üstünden barypdyr.
Daşyndan göräýmäge, süňňi sagat, jany gurat, emma gaýgy-gama
ýan berip oturmasy piriň ünsüni çekipdir. Ýaş ýigidiň ýanyna baryp,
onuň ýagdaýyny sorapdyr. Gün-güzeran aladasynyň başdan agdykdygyny, gazanç edere şertiň ýokdugyny aýdyp, ýigit ýüzüni aşak
salypdyr. Ybraýym Edhem: «Saňa üç sowalym bar, şoňa dogry jogap
berseň, saňa rysgyňy tapmagyň ýoluny salgy bereýin» diýipdir. Ýigit
bu sözlere begenipdir. Ybraýym Edhem: «Heý-de dünýäde, durmuşda
Allanyň islemedik ýagdaýy ýüze çykyp bilermi?» diýip sorapdyr.
Ýigit: «Ýok, ýüze çykyp bilmez. Durmuşda näme ýüze çykýan bolsa,
ählisi Allanyň erk-eradasy bilendir» diýipdir. «Ýagşy, saňa ikinji sowalym: Nämedir bir zat seniň maňlaýyňa ýazylan rysgaly egsip bilermi?» diýip, pir ýene sorag beripdir. Ýigit: «Ýok, hiç bir zat maňa
takdyr edilen zady menden sowubam bilmez, nesibämden alybam
bilmez» diýip, jogap beripdir. «Ýagşy, onda saňa üçünji sowalym
bar, nämedir bir zat saňa ýazylan ömürden ýekeje pursady ogurlap bi528
lermi?» diýip, pir üçünji soragyny beripdir. «Hiç bir zat meniň görmeli, meniň ýaşamaly ömrümiň pursatlaryny ogurlap bilmez» diýip, ýigit
aýdypdyr. «Ýeri, onda näme üçin gaýgy-gama batyp, tukat otyrsyň.
Durmuşda bolýan her bir zat, her bir waka biziň barha taplanmagymyz we dogry ýola düşmegimiz üçin ýüze çykýar. Bolýan zatlaryň
ählisi biziň diňe bähbidimize. Ýeriňden tur, üst-başyňy kakyşdyr we
ýola düş. Gursagyňy giň tut. Esasy syr şu zatda – rysgalyň giňligi
gursagyň giňligi bilen ýüze çykýandyr» diýip, Ybraýym Edhem oňa
ömrüne degýän öwüt beripdir.
79. KERAMAT ÇYRASY
Ussat alymlaryň biri Kasym ibn Muhammet türkmen alymy we
serkerdesi Abdylla ibn Mübärek bilen sapara çykypdyr. Ýolboýy
Kasym ibn Muhammediň serinde bir pikir tüweleý ýaly köwsarlap,
oňa hiç ynjalyk bermeýän eken: «Il içinde şeýle uly abraýa eýe bolar ýaly Abdylla ibn Mübärek bizden üýtgeşik nämäni başarýarka?!
Namaz okaýar diýseň, namazy bizem okaýarys. Kitap okaýar diýseň,
kitaby bizem okaýarys. Agyz bekleýär diýseň, bizem säher selälige turup, agyz bekleýäris. Söweşe gatnaşýar diýseň, bizem elimize naýzadyr gylyç alyp, söweşe gatnaşýarys. Haja gidýär diýseň, bizem haj
parzyny berjaý edip gördük. Bu adamyň bizden artyk ýeri nämekä?»
diýip, bar ünsi-pikiri Abdylla ibn Mübärek hakda eken. Olar Şama
barýar ekenler we ýol ugrunda bir öýde düşläp, gijesini şol ýerde
geçirmegi müwessa bilipdirler. Ýarygije söhbediň mazaly gyzan
wagty çyranyň ýagy gutarypdyr-da, onuň ýagtylyk berip duran peltesi
öçüpdir. Adamlaryň birnäçesi ör turup, bir tär bilen çyrany ýakmagyň
ugruna çykypdyrlar, emma daş-töwerekden ýa-da golaý-goltumdan
derde ýarar ýaly zat tapmandyrlar. Halys alajy bolmansoň, hemmeler
eli boş yzyna dolanypdyr. Kitaply söhbediň bolsa arasyny üzer ýaly
däl eken, ol juda gyzykly eken. Hemmeler dolansa-da, Abdylla ibn
Mübärek wagty bilen gara bermändir. Birhaýukdan soňra jowur ak
* 34. Sargyt № 975
529
sakgaly gözýaşa ezilen Abdylla ibn Mübärek eli ýagty çyraly öýe
giripdir. Hemmeler muňa haýran galypdyr. Özi aýtmasa-da, oturan
adamlar soramasa-da, olaryň göwünlerine ornan bir pyşyrdy bu
çyranyň Abdylla ibn Mübäregiň keramaty bilen ýakylandygyny
welin ynandyrypdyr. Bu ahwalaty gören Kasym ibn Muhammet
şondan soňra ýolboýy özüni biynjalyk eden garjaşyk sowallardan
halas bolup, ussat alymyň beýikligini ýüregi bilen ykrar edipdir. Bu
şeýle-de bolaýmaly, beýiklik gözden gizlin galmaýar, ol haçandyr
bir wagt nähilidir bir wakanyň üsti bilen ykrar ediler ýaly röwüşde
ýüze çykýar.
80. GUŞ RYSGY
Bir gezek Mälikşa ýanynyň leşgerleri bilen uzak ýola ýörişe
çykypdyr. Ýörelmedik ýerlerden ýol ýasap baryşlaryna olar gizlin dag geçitleriniň arasynda, görer gözden pynhan ýerde ullakan
bir hazynanyň üstünden barypdyrlar. Soltan nökerlerine we hammallaryna ähli hazynany arabalara ýüklemegi buýrupdyr. Az salym
ýöränlerinden soňra, gür ilatly bir obanyň gyrasyndan çykypdyrlar.
Soltan ýaňky hazynalardan, tylla-kümüşlerden her esgeriň paýyny
bereninden soňra, galan ähli zady oba ilatyna paýlamagy buýrupdyr.
«Soltanym, beýle tarhandökerlik etmäliň, munça hazynany şeýle berip
goýbermek akylly iş bolmasa gerek. Döwlet hazynasyny doldurmak
üçin haýry-nepi köp bolardy» diýip, wezir-wekiller soltany bu pikirinden gaýtarmaga dyrjaşypdyrlar. Emma soltan raýyndan dänmändir:
«Biziň rysgymyz guşuň rysgaly ýalydyr, guş hiç zady gaýgy etmez,
ir bilen höwürtgesinden aç garnyna uçup gider, agzy dolubam dolanar. Töwekgeliň işini Taňry oňarar. Gerek rysgalymyz aýny wagtynda öňümizden çykar. Şol wagt paýymyz Asmanda bolsa, Ýere düşer.
Ýeriň astynda bolsa, ýüzüne çykar. Uzakda bolsa, golaýa geler. Golaýda bolsa, almasy ýeňil düşer. Az bolsa, köpeler. Köp bolsa, barha
berekedi artar. Şeýle paýdyr nesibe bilen gurşalyp durkaň, rysgaly
gaýgy etmek hata bolar» diýip, Soltan Mälikşa jogap beripdir.
530
81. ÝOLBARSLY HIKMET
Keramatly pir Nejmeddin Kubranyň huzuryna gelen ýaş
ýigitleriň biri okap-öwrenen zatlarynyň ýadynda galmaýandygyndan zeýrenipdir. Dura-bara onuň özünden göwni geçip, lapykeçligi
umydyndan rüstem çykyp başlapdyr. Şägirdiniň içki hysyrdylaryny
daşyndan aňýan keramatly pir, ony ýanyna çagyryp, ahwalyny sorapdyr: «Tagsyr, ylym isläp geldim, emma soňky günler başarnygyma
güman edip başladym, ýatkeşligim kütelýär, okan zatlarym doly ýadymda galanok, alajyny bolsa teý bilemok» diýipdir. «Bu diňe sende
däl, ol ýagşy işe ýol goýan her bir adamda bolýan ýagdaý. Uly höwes
bilen işe girişersiň welin, az salymdan oslagsyz bir ýerden gümandyr
ikirjiňlenme peýda bolup başlar. Ine, şu ýagdaý ilkinji we iň esasy
synagdyr. Kim şu synaga hötde gelmese, ondan üstün çykmasa, derrew maksadyndan dänýär. Haýyrly işlerem bitmän galýar. Eger-de
şeýle ýagdaý ýüz berende, ol pikirlere per bermän, asyl maksadyňy
gözden salman, ýene erjellik bilen dowam etseň, saýlan ýoluňa berk
ýapyşsaň, ýaňky ünjüler dumany syrylar gider. Öňüňde haýyrly
maksadyň barka, ownuk-uşak aladalara hem, ýagşy niýetiňden sowmak isleýän adamlara hem ähmiýet berme. Hemişe ýolbars ýaly
bolgun. Çybyn-çirkeýler onuň göz-gaşyna gonup, ünsüni bozmaga
synanyşarlar, emma ýolbars olara ähmiýet bermän, diňe öz awuna
– öz maksadyna nazaryny diker oturar. Şeýdibem öz isleýän zadyny gazanar» diýip, pir jogap beripdir. Halypasynyň hikmetli sözleri
şägirdini galkyndyrypdyr. Aýtmaklaryna görä, ol şägirt soňlugy bilen
piriň iň ökde talyplarynyň biri bolup ýetişipdir.
82. TÜMLÜGE GÖZÜŇ ÖWRENIŞSE
Günleriň birinde Abdylla ibn Mübärek şägirtleriniň biri bilen
uzak ýola sapara çykypdyr. Gün ýaşyp, garaňky gatlyşyberende, gije
ýol ýöremegi uslyp bilmän, golaý-goltumdaky bir guýynyň ýanynda
goş ýazdyrypdyrlar. Olaryň biri ylym ýüki ýetik dana, beýlekisi ýaňy
bu ýola düşen şägirt. Olaryň arasyndaky her bir söz, pikir, garaýyş
531
durşuna paýhasa ýugrulan eken. Bimany ýa-da howaýy jümleler olara
düýbünden ýat zat bolupdyr. Agşamlyk edinensoňlar şägirdi Abdylla
ibn Mübärege: «Köpräk eglenseň, garaňkylyga hem gözüň öwrenişýän
eken, hemme zady aýyl-saýyl görüp bolýar» diýipdir. Halypasy bu
sözleri başgaça äheň bilen dowam etdiripdir: «Hak söz, tümlükde
uzak saklansaň, oňa-da gözüň öwrenişýär, emma garaňkylyk her
bir zadyň diňe suduryny görkezýär, ap-aýdyň görkezmeýär. Barybir
ýagtylyga taý geljek zat ýok, edil ylym bilen sowatsyzlyk ýaly, näçe
köp okadygyňça, her zada aýdyň göz ýetirýärsiň. Eger-de diňe harp
öwrenip, okap bilýäniňe kanagat edip otursaň, onda durmuşyň hem
diňe suduryna düşünip bilersiň. Köp okamak, köp öwrenmek gerek»
diýip, Abdylla ibn Mübärek jogap beripdir.
83. HALALLYK
Abdylla ibn Mübärek hezretleri söweşe ugramazynyň
öňüsyrasynda bedewine atlanjak bolup duran eken. Birdenkä ol öz
malynyň goňşy atyzdan bir agyz maýsa iýenine gözi kaklyşypdyr. Ol:
«Watan goragy mukaddes zatdyr. Beýle mukaddeslige ugrajak bolup
durkam, her zadymyň halallygy wajyp. Men bu maly şol goňşyma
sowgat bersem, halalladygym bolar» diýipdir we pikir edişi ýaly hem
ýerine ýetiripdir. Alym watansöýüjiligi iň mukaddes duýgy hasaplap,
Watana dahylly bir iş etjek bolsa süňňüniň we köňlüniň hemişe halal,
arassa bolmagyny ileri tutupdyr.
84. GUDRAT WE GEÇIRIMLILIK
Soltan Mahmyt Gaznalynyň ýörişleriniň birinde älem-jahany
gara bulutlar gaplap alypdyr. Ýerli porhanlar, jadygöýler we tilsimbazlar Soltanyň goşunlarynyň öňe ilerlemegine, öz ýurtlarynyň
jümmüşine aralaşmagyna päsgel bermek üçin ähli hokgalaryny,
pirimlerini ulanyp, howany bulaşdyrýan ekenler. Şeýdip, Mahmyt
Gaznalynyň goşuny çar tarapy daglyk bilen örtülen gür tokaýlygyň
içinde gabalyp galyberipdir. Zemin bilen Asman arasyny tutan we
532
birnäçe gün bäri dowam edýän ýagyş-ýagmyrdyr ümür-dumandan
ýaňa haýsy tarapyň Kybla, haýsy tarapyň gaýradygyny hem aňşyrar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.