Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15

Total number of words is 3704
Total number of unique words is 1893
29.5 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zähmet bilen ötürseň, örän köp dertden üstün çykyp bolýandygyny
görkezýär. Zähmete berilmek alada-ünjülerden, gaýgy-hasratlardan
saplaýan, sökelliklere däri-melhem bolýan iň ygtybarly serişdeleriň,
dermanlaryň biridir. Emma ýaramaz oý-hyýallara çümüp, içimizi
hümledip otursak, ol keseldir dertleriň berýän zyýanyndan has beter
egbarladýar. Göwnüçökgünlik ýürege, aňa we ruha bela-beterlerden
hem has agyr zarba urýar. Barlyşyksyz we uzaga çeken söweşleriň
birinde esgerleriň degnasy halys ýadan ekeni. Serkerde lukmanlaryň
birinden nähili däri-dermanyň haýyr etjekdigini soranda, lukman bu
meseläniň çözgüdi hökmünde: «Olary nähilidir bir zähmete meşgul
et» diýipdir. Çerçillden «Uzaga çeken uruşlar sizi surnukdyrmaýarmy,
alada goýmaýarmy?» diýip soranlarynda, ol: «Birahatlyk hakda pikir
etmäge wagtym ýok» diýip, jogap beripdir.
Bu kyssa beýleki bir tarapdan öz ukyp-başarnyklarymyzy ýüze
çykarmak üçin agyr-kyn ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garaşyp oturmalydygyny aňladanok. Öz başarnygymyzy ýüze çykarmak üçin
bir agyr ýagdaýa mejbur-mübtela bolmaly diýlen zat ýok. Gyzykly
durmuş kyssalaryndan many alara, netije çykarara we aýgytly ädimler
üçin ylham alara zat kän.
219
Hereket et:
1. Her derdi-mähnetde miweli bir zähmet bardyr.
2. Kynçylyklaryň içinde basyrylgy ýatan mümkinçilikleri gözle.
3. Uzak wagtlap iş etmän, bikär oturma.
4. Ünjä gurşalan mahalyň, peýdaly bir işe güýmen.
5. Şu sowala jogap ber: Bir ýyl ömrüň galan bolsa, haýsy işleri
ilki bitirmek islärdiň?
6. Şol işleri şu pursatdan ýerine ýetirip başla. Ýene bir zady ýatlatmagymy aýyp görme, kim bilýär, belki-de ömürden ýaşamaly pursat mundanam az galandyr, bolup biler…
***
UGURDAŞ GAPMA-GARŞYLYK
Iki sany jümle bar. Göräýmäge, manysy boýunça biri-birine
gapma-garşy, ýöne ikisi-de örän çuň manyly we üns bermeli sözler.
Birinjisi «Boş oturma!» (Boşluga orun ýok!) diýen söz. Durmuşyňda
boş wagt az bolsun. Käwagt boş otursaňyz, köp dynç alýan ýalysyňyz,
emma ýadyňyzdan çykarmaň, boşluk has beter ýadadýandyr. Boşluk,
boş oturmak ýaramaz pikirleriň gämikleýän topragydyr. Ýalňyş
amallaryň, hataly ädimleriň peýda bolýan menzilidir. Boş oturmak
alada-ünjüleriň artmagyna, gaýgy-gamyň has agyr labyryny atmagyna sebäp bolýar. «Zähmet hanjary bilen boş wagtyň derisini soý»
diýen atalar sözi bar. Boş wagtyňy manyly wagta öwürmek we
peýdalanmak üçin miweli bir amala özüňi bagyş et. Şol amallaryňda
özüňem, özgelerem bolsun. Üstesine şol işleriň agramly bölegini öýde
oturan ýeriňde däl-de, öýden daşarda - başga ýerde ýerine ýetirmeli
işler bolsun. «Boş wagtam hemişe tapdyryp duran zat däl, olam bir
nygmat» diýersiňiz, ýöne boş wagt kimler üçin nygmat? – ymykly
düşünmegimiz gerek. Boş wagt şol wagty manyly bir zähmete sarp
edýänler üçin nygmatdyr. Boş wagty hiç zat etmän oturyp geçirmek
asla nygmat saýylmaz. Boş wagtyňy altyna öwür, peýdalan, zähmet
çek, ýöne hiç zat etmän, boş-bikär oturma.
220
Ikinji bir söz we ýokarky mana ters gelýän gadaganlyk «Surnugýançaň işleme!». Köp adamlar iň soňky demine çenli ýadap-surnugyp, özlerini şeýle bir işe berýärler, hatda olar öz maşgalasy, çagalary
bilen oturmaga hem wagt goýanoklar. Öz durmuşy, etsem-goýsamlary,
maksat-myratlaryny gözden geçirmek üçinem wagt goýanoklar. Işi, tagat-ybadaty we dem-dynjy sazlaşdyryp bilmeýärler. Kär-hünär, gazançdüşewünt tarapyna agdyk üns berýärler, emma jemgyýetçilik we diniman taraplaryny gözden salýarlar. Şeýdibem olaryň durmuşy üznüksiz
ýadawlygyň, çökder argynlygyň içinde geçip gidýär. Özlerini ösdürmek,
ýaşaýyş derejesini kämilleşdirmek, has gowy durmuşda ýaşamak üçin
ýeterlik derejede pikir etmeýärler. Has dogrusy, ýaşaýşyň sapasyny
sürmeýärler, durmuşdan lezzet almaýarlar. Şonuň üçinem şeýle diýmeli
bolýarys: Boş oturma, ýöne halys surnugýançaň hem işleme!
Hereket et:
1. Gündelik boş wagtlaryňy hasapla we şol wagtlary nähili haýyrly işlere sarp edip biljekdigiňi öwren.
2. Wagtyň bir bölegini özüň, öz durmuşyň hakdaky arzuw-islegler,
maksat-myratlar hakda pikirlenmäge bagyş et.
3. Durmuşyň ähli taraplaryny sazlaşykly, utgaşykly alyp git. Onuň
bir tarapy beýleki tarapyndan agdyk ýa artyk gelip durmasyn. Öýmaşgala, iş-gazanç, dem-dynç - ählisine-de ýeterlik mukdarda wagt tap.
***
ŞULARY IDE
Dost-jora hakda pikirlenip görmedik hiç kimse ýokdur. «Çyn dost,
ýalan dost, pikirdeş dost, ýürekdeş dost...» garaz, göwnümize ýa-da
özümize ýakyn durýan her adamy dost-jora hasaplamak dogrumy?
Dost saýýanlarymyz hemişe biziň şatlygymyza şärik, derdimizi
deň egismäge taýýarmy? Olar özümizi bagtly duýmagymyza sebäp
bolýarmy? Zehinli ýazyjylaryň biri «Bir kimsäniň öz durmuşyndan
hoşaldygyny ýa-da närazydygyny bilmekçi bolsaň, onuň bankda goýan
pullarynyň mukdaryny ýa-da aýlyk girdeji-düşewündini soramaň. On221
dan dostlarynyň kimdigini soraň» diýip ýazypdyr. Has irki döwürde
ýaşan şahyrlaryň biri hem şu manyda şeýle belläp geçýär:
«Ýigit hakda özünden sorama, dostlarynyň kimdigini sora,
Çünki dost dostuň hut özüdir, ondan ýol-ugur alýandyr».
Çyn dostlar hakyky bagtyýarlygyň hut özi. Biziň şahsy bitewüligimizi, barlygymyzy saklaýan esasy elementleriň biri hem çyn dostlardyr. Kim bilen dost we duz-emek bolsak, gatnaşsak, islesek-islemesek, olaryň käbir gylyk-häsiýetleri hökman bize ornaşýar.
Çyn dostlugyň berýän esasy peýdalarynyň ýene biri - hakyky
dostlar biziň güýç-kuwwatymyzy hem artdyrýar. Hut şonuň üçinem
«Kimiň adalatly we dogruçyl dosty bar bolsa, şol adam iki esse artyk
güýç-kuwwata eýedir» diýlen söz bar.
Çyn dostlar begenen pursadymyz biziň begenjimizi goşalandyrýan, şatlygymyzy artdyrýan ynsanlardyr. Gynanja çümen wagtymyz,
gaýgymyzy egisýän ýagşyzadalardyr. «Şatlygyňy deň paýlaşsaň, ol
artar gider. Hasratyňy deň paýlaşsalar, ol egsiler gider» diýen sözlere
üns ber.
Çyn dostlar biziň her bir aýdanymyzy diňleýärler we gulak
asýarlar, her sözümize üns berýärler. Uly höwes bilen dogry maslahat
berýärler. Bize ýürekdeş we mährem garaýarlar. «Sizi diňleýän, gulak
asýan, size ýürekden maslahat berýän adam bilen gürrüňdeş bolmak
size ägirt uly şypaly güýji bagyş edýär» diýen sözi doly ödeýärler.
Ýaşaýyşda iň eziz we ýakymly zatlaryň biri bizi diňleýän, bize
düşünýän, biziň ýanymyzda bolýan, biz bilen deň pikirlenýän, bizi
ruhlandyrýan, beýik işlere höwesimizi oýarýan, pikirdeş we raýdaş
bolýan, gaýgy-hasratlarymyzy egisýän, begenjimizi goşalandyrýan
dostlarymyzyň bolmagy. Dogry, beýle dostlar azdyr, ýöne ýok däldir, çyn dost isleýänler üçin bardyr. Özlerine uzan dostluk ellerini
mähir bilen gysmaga taýýar adamlar köpdür. Hemme adamlar şeýle
dostlarynyň bolmagyny isleýärler, ýöne näme üçindir hemmelere çyn
dost nesip etmeýär. Sebäbi, hemmeler şol dostluk goluny ilki özgeleriň
uzadaryna, ilki beýlekileriň hereket ederine garaşýar. Ilkinji ädim
222
özümizden bolsun. Ýene bir topar adamlar bar, olar käbir adamlar
bilen çynlakaý dost bolasy gelýär, emma beýleki tarap bularyň göwünden çykaran tekliplerine biparh garaýar. Hergiz umytdan düşmäň.
Siziň ýürekden çykýan çakylygyňyza seslenjek, oňa oňyn jogap berjek adamlar hökman tapylar. Isle, ide, hökman taparsyň. Iş ýeriňde,
okuw ýerinde, kitaphanada, medeni ojaklarda, ýaşaýan ýeriňizde siziň
sadyk dostlugyňyza seslenjek adam alnyňyzda, durmuşyňyzda peýda
bolar. Gözläň, hökman taparsyňyz. Birbada tapmasaňyz hem umytdan
düşmäň, ýöne siz çyn dost hakdaky pikirleriňize pugta eýeriň, şeýle
dostlary size ykbalyň özi sowgat eder.
Ýöne biziň häzirki dost diýýänlerimiz ýokarda ýatlanan hemme
talaplary ödäp bilýärmika? Belki, sen bu sowala «ýok, ödänok» diýip,
jogap bermegiň mümkin. Aýtmak isleýän zadymyza çuňňur düşünmek
üçin aşakdaky goşgy setirlerine üns ber:
«Nadan bilen dost bolma, seresap bol, häzir bol
Gör näçe nadan ýagşy adam bilen dost bolup, onuň ömrüni berbat
etdi.
Her bir adamyň hormat, mertebesi onuň dosty, ýoldaşy bilen
ölçelýändir,
Bir zady tanamak üçin ony ýanyndaky zat bilen deňeşdirýärler.
Gabat geleninde ol ýürege barýan ýoly tapar».
Ýene bir goşguda şeýle diýilýär:
«Ýagşylara ýoldaş bol, artar abraý-mertebäň
Eýe bolarsyň uly şöhrat-şana.
Ýokar dürli-dürli bela-beter
Bidöwlete ýoldaş bolana».
Gepiň küle ýeri, kimleri dost hasaplap bolar, kimler bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýup bolar? Onda diňle, ine, şu häsiýetlere
eýe bolan adamlary dost tutunyp bilersiňiz.
Sizi ruhlandyrýan, maksada okgunly bolmaga höwes döredýän,
täze-täze pikirler bilen maslahat berýän; göwnüňizi çökermeýän,
223
asylly maksadyňyzdan alyp galmaýan; sizi üns bilen diňleýän we öz
pikirini aýdyp bilýän; Ahlak taýdan özüni jogapkärli alyp barýan; siziň
kämilleşmegiňize, ösmegiňize ýardam-goldaw edýän; sizi abraýyňyzy
peseltjek işlere iteklemeýän; üstünligi we has gowy durmuşa ymtylmagy
eý görýän; ýaltanmaýan, işýakmaz bolmaýan we ýaýdanmaýan; pikirleri, pikirlenişi seniňkä golaý ýa-da meňzeş bolan ynsanlar. Şeýle-de
ýene bir üns bermeli zadymyz - gyz oglana, oglan hem gyza asla dost
bolup bilmez (gyz bilen oglanyň, oglan bilen gyzyň arasynda dostluk
bolup bilmez).
Eziz okyjy, salyhatly, ýagşy adamlaryň bir endik-edähedi bardyr.
Kimdir birine peýda edip biljekdigini bilseler, şonuň bilen tanyşmaga,
dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga tagalla eder ekenler. Biz hem
şeýle hereket edeliň. Çekinmezden, utanmazdan kimdir birine nepimiz
deger öýdýän bolsak, şonuň kämilleşmegine, ösmegine goşandymyz
bolar öýtsek, baralyň, habarlaşalyň, dost bolalyň.
Onda bu talap-şertlere gabat gelmeýän dostlarymyzy näderis?
Juda ähmiýetli sowal. Özümiň şu sowala nähili çemeleşýändigimi
aýdaýyn. Şeýle dostlaryňyz bar bolsa, olaryň nähili gylyk-häsiýetlere
eýedigine seretmezden, olar bilenem mümkin bolan iň dostlukly, iň
ýürekdeş, iň gowy gatnaşyklaryňyzy ýola goýuň. Bir şerti bar, olaryň
bärden gaýdýan gylyk-häsiýetlerini özüňize ýokaşdyrmaň-da, öz
häsiýetleriňiz bilen olara görelde boluň. Olara siziň özüňiz täsir ediň.
Emma biziň hem ýaramazlaşmagymyza täsir edýän bolsa, belli-külli
gep, olar bilen gatnaşygy çürt-kesik bes etmeli. Sebäbi olar bilen uzak
wagtlap tirkeşmek, gatnaşmak olaryň ýaramaz häsiýetlerini, gabahat
endiklerini bize adaty zat edip görkezer we biziň yza tesmegimize
sebäp bolar. Şol bir wagtda hem biz özümiziň ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza laýyk hereket etmägimizi dowam etmelidiris. Utanmaly
däldiris. Käbir adamlar bar, özlerini alyp barşy ruhy-ahlak gymmatlyklaryna laýyk gelýär, emma şol gymmatlyklary goramaly, nusga
bolmaly, özüni görkezmeli ýerinde çekinjeňlige ýa-da ýaýdanjaňlyga
224
ýol berýärler. Arassa ahlak kadalaryna uýgun hereket edýän dostum,
hiç zatdan utanma we çekinme, bu ýerde utanmaly sen dälsiň. Bu
ýerde başyny belent tutmaga hakly sensiň. Arassa ahlak-häsiýetlere,
tertip-düzgünlere laýyk hereket edýän mahalyň, özgeleriň gatygaýrym, açyk-ýaşyryn näme diýip-goýýandyklaryna asla üns berme,
sen hemişe başyňy dik tut. Sen şol asylly häsiýetleriň mekdebi bolup
dowam etmelisiň. Şol ruhy gymmatlyklary, düzgün-tertipliligi, edepliligi sen ýaýmalysyň. Sen güýçli bol. Kinaýa ýa-da ýaňsy bilen söz
gatýanlara, özüni hondanbärsi tutup, lap urýanlara sen güýçli gaýtawul
bermelisiň. Bu ýerde urgy ýa-da uly ses bilen gaýtawul bermelidigini
aýdamok, sen öz ýagşy häsiýetleriň, ynamlylygyň, asudalygyň, dogry
ýola pugta eýerýänligiň bilen olara jogap bermelisiň.
Hereket et:
1. Çyndan dostlaşmak isleýän adamlaryň hakda pikirlen we olar
bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga tagalla et.
2. Saňa ýaramaz täsir edýän adamlar bilen aragatnaşygyňy
azalt ýa-da üz.
3. Hemmeleriň öňünde arassa ahlak-häsiýetlere pugta
eýerýändigiňi we munuň üçin özüňi buýsançly hem-de ynamly
duýýandygyňy ýaşyrmazdan mälim et.
4. Hemmelere oňyn täsir etmäge çalyş.
***
ESASY AÝRATYNLYK
Işi rowaç adamlaryň birinden: «Üstünlik gazanmak hem-de
bagtly ýaşamak üçin nähili şahsy artykmaçlyklar we beýik häsiýetler
zerur?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Üstünlik üçin ilkinji nobatda zerur
häsiýet-endik – başarýan işiňi doly bitirmek» diýip, jogap beripdir.
Ilki öz ukyp-başarnygymyza göz ýetirmek, soňra şoňa muwapyk
asylly maksady kesgitlemek aňsat iş däl. Ýöne birneme görgüsi-hup* 15. Sargyt № 975
225
baty bolsa-da, ol juda gyzykly zat. Biz özümizi öwrenen mahalymyz
geljegimizi öwrenýändigimize düşünmelidiris. Mundan soňra şol
maksadymyz bilen deň gadam urup, arzyly menzillere, dereje-mertebelere ýetmek üçin biz nämeleri etmeli? Saýlap tutan işlerimiziň hemmesini doly ýerine ýetirmelimi ýa-da täze bir mümkinçilik dörände,
ol pursady elden gidermezlik üçin täze işe meşgul bolmalymy?
Bu biziň her birimiziň jogap bermeli soraglarymyz. Sebäbi
biziň köpümize mahsus ýagdaýlaryň biri şu – ilkinji nobatda hökman etmeli işlerimize sowuk-sala garaýarys. Nämemişin, başga
işlere meşgul bolup ýadanmyşyk, ýaltanýarmyşyk ýa-da şol işi
asla halamzokmyşyk… Muňa wagtly-wagtynda okalmaly namazlary, mekdep-okuw we öý işlerini, işe çynlakaý berilmek we şuňa
meňzeş zatlary mysal getirip bolar. Şeýlelik bilen ilkinji nobatda
üns berilmeli ençeme işlerimiz bitirilmän galýar. Üns bermeli esasy
şahsy aýratynlygymyz şundan ybarat – şol işi biz halasagam, halamasagam, ilkinji nobatda etmeli işimizi hökman ýerine ýetirmeli.
Ýöne ony nähili amal edip başlamalydygyny sorasaň, gel, şu
ýerde men saňa şu mana kybap bir kyssany gürrüň bereýin:
Itleriň arasynda özüniň çakganlygy, tiz ylgaýanlygy bilen
buýsanýan, gomparýan, gabarylýan bir it bar ekeni. Hemmelerden
öňürti gelýändigini diline çolap, hiç goýmaz ekeni. Günleriň birinde
bu itiň öňünden bir towşan ylgap geçipdir. It şol wagt aç hem däl
ekeni, towşana galan güni hem ýok ekeni, ýöne oýun etmegiň,
biriniň mazasyny alyp, göwün solpusyndan çykmagyň hatyrasyna
ýaňky towşanyň yzyndan ylgapdyr. Täsin ýeri, it her näçe çalasyn
hem bolsa towşanyň yzyndan ýetip bilmändir. Beýleki itler bu itiň
üstünden gülüpdirler. «Päheý-de welin, bar öwüneniň guýa gaçdy
öýdýän. Özüňçe ýok towşany kowalap, ýetip bilmediň, tutmag-a
beýle-de dursun, yzyndanam ýetmediň-ä» diýip, gyjalat beripdirler.
Çalasyn it özüni aklamaga başlapdyr: «Bir zady unutmaň, bu tizlik,
çalasynlyk boýunça bir bäsleşik däl. Men keýpine, oýun etmek üçin
ylgadym. Ol bolsa janhowluna, ölümden sypmak üçin ylgady. Iki
ylgawyň arasynda ullakan parh bar» diýipdir.
226
Ýaşaýyş ýa-da ölüm hakdaky pikire aýratyn ünsüňi çekesim
gelýär. Biz hem ilkinji nobatda ýaşaýşymyza dahylly bolan işleri
doly berjaý etmegimiz gerek. Hökman etmeli işlerimiz dogrusynda
pikirlenip, oýa batyp, saýlap-seçip oturasy pursat-puryja ýok, biz
olary hökman edäýmeli. Biz şol işleri ýaşaýyş we jan bilen berk
bagly bir zat hökmünde görmeli. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli.
Öňem bir akyldar: «Biz bu dünýä aşyk oýnamaga gelmedik. Biz
beýik maksatlary hasyl etmäge geldik» diýer ekeni. Biz iň möhüm
işlerimizi ilkinji nobatda berjaý edýän bolsak, diýmek, bu biziň
hakykatdan-da ýaşaýandygymyzyň subutnamasydyr. Eger geleňsiz
garap, duşumyzdan biperwaý ötürýän bolsak, onda ýaşaýşyň manysyna, durmuşyň gymmatyna hem juda geleňsiz garaýandygymyzyň
subutnamasydyr.
Ilkinji nobatda bitirmeli işlerimizi bileliň. Soňra şol işi berjaý
etmegi özümizden talap edeliň. Endigimize öwreliň we özümizi
ösdürip, kämilleşdireliň. Biziň şol işi edesimiz gelýändigine ýa-da
gelmeýändigine garamazdan, zerurdygy düşnükli bolsa, galan sebäp-bahanalary bir gyrada goýalyň-da, işimize girişeliň.
Hereket et:
1. Her gün etmeli hökmany işleriň sanawyny düz.
2. Ony ikirjiňlenmezden doly we kämil berjaý etmegi ýüregiňe
düw.
3. Ýerine ýetirip başla.
***
OWNUK SÖWDADAN
HOJAÝYNLYGA ÇENLI
«Ökjäňi galdyryp, öňüňi görüp bolanok» diýen aýtgy bar. Bu
geljegiň bize nähili sowgatlary we synaglary taýýarlap goýandygyny
öňünden bilip bolanok diýen manydaky bir söz. Ýöne muňa garamazdan, geljegimizden hemişe gowulyga garaşyp, öňümizde maksat
227
goýup ýaşamaklyk adamzat ähmiýetli ähli taglymatlaryň öňe sürýän
pikiridir. Hereket ediň, yhlas ediň. Ykbal yhlasyňyzy boş goýmaz.
Yhlasyňyza görä ykbalyňyz bolar.
Bu hakyky bolan waka. Gürrüňini edýän şahsymyz ilki-ilkiler
ownuk-uşak ýorgan-düşekleri satyp, oňşugyny gazanýardy. Şol
wagt ol aýyna bary-ýogy 45 dollar hak alýardy. Birnäçe ýyllardan
soňra ol birnäçe firmalaryň hojaýyny, ýene köpsanly firmalaryň bolsa esasy maslahatçysy bolup işledi. Bu şahsy şol derejelere ýetiren
syr hemmeleri ýönekeýlikden belent derejelere çykaran syrdyr. Ol syr
şulardan ybarat – üstünlige eltýän ygtybarly ýoly bilmek we şoňa görä
hereket etmek. Ownuk-uşak zatlaryň söwdasyndan uly firmalaryň hojaýynlygyna elten syr hem şol. Üstünlige ýetmek üçin:
– Üstünlik üçin synalyp görlen we dogry netije beren her bir usuly öwren hem-de peýdalan;
– Şol ugurlary, usullary öz ugurtapyjylygyň bilen has-da
baýlaşdyr, kämilleşdir. Hemişe kämilligiň, has gowy usullaryň gözleginde bol. Çekinmezden herekete geç.
Şuňa kybap ýene bir kyssany gürrüň bereýin. Bu şahs hem söwda-satyg ýerlerinde işleýärdi. Ýöne hiç hili göwün gandyryjy üstünliklere ýetip bilmändi. Soňra ol täze bir işiň başyny tutdy. Işe täzeçe
çemeleşdi. Her gezek üstünligiň syry hakda soralanda gürrüňiň hörpüni ilkibaşdaky ädimlerine syrykdyryp: «Şol başlan işim meniň
durmuşymy doly özgertdi» diýip, gürrüň berýär.
Ol nähili üýtgeşik iş ýa-da üýtgeşik usul bolup biler? Ol nädendir
öýdýäňiz. Harydyny geçginli etmegiň alajyny, pikirini edip ýörşüne,
söwdadan gowy baş çykarýan ussat täjirleriň ýanyna gidipdir. Olaryň
her birinden has uly üstünlik, girdeji gazanmak üçin näme etmelidigini sorapdyr. Täjirler hem ondan özleriniň syryny gizlemändirler
we ýigide bilýän usullaryny mälim edipdirler. Ýigit öwrenen, bilen
zatlaryny iş ýüzünde amal etmäge girişipdir. Olaryň maslahatlaryny
berjaý edipdir. Ündän pikirlerine görä hereket edipdir. Öwrenen we
özleşdiren, iş ýüzünde amal eden zatlaryna şahsy oý-düşünjelerini
228
hem goşup, ol usullary has-da kämilleşdiripdir. Söwdasynyň gerimi giňäpdir, müşderisi gün-günden artypdyr. Netijede, işi rowaç,
edeni ugruna bolýan üstünlikli birine öwrülmegi başarypdyr. Soňra
uly söwda merkeziniň müdiri bolupdyr. Müdir bolanyndan soň hem
öwrenmegini bes etmändir. Beýleki müdirleriň iş ýörediş usullaryny
öwrenipdir. Amal edipdir, ýerine ýetiripdir, öz pikirleri bilen has-da
kämilleşdiripdir. Üstünligiň syry hakda söz açan ol ýigit: «Öwrenmek we öwrenen zatlaryňy iş ýüzünde amal etmek meniň durmuşymy
düýpli özgerden esasy sebäplerdir. Bu syryň şeýle sada we şeýle uly
üstünlikleri getirýändigine men şu wagt hem haýran galýaryn» diýer
ekeni.
Çuňňur göz ýetirmek üçin ýene bir durmuşy wakany beýan
edeýin:
Bu hem bir söwda merkeziniň adaty wekili hakda. Ol hem
ilkibaşda göz öňünde tutýan üstünligine ýetmändir. Her gezek söwda geleşiginde işi paşmasa, harytlaryny satyn almakdan ýüz öwren
adamlaryň ýanyna barypdyr. «Men sizden özelenip haýyş etmäge
gelemok. Ýöne menden satyn almazlygyňyza näme sebäp bolandygyny bilesim gelýär. Meniň goýberýän ýalňyşym näme?» diýer ekeni.
Ine, şeýlekin usul bilen ol öz säwliklerini, hatalaryny düzetmegi
başarypdyr. Beýleki tarapdan hem müşderiler bilen mähir-mylakatly
bolup, olaryň isleg-talaplaryny öwrenipdir. Şeýdibem, onuň söwdasy
ulalyp, girdejisi artyp gidipdir.
Mahlasy, üstünlige eltýän iň ygtybarly ýoldan ýöremek üçin:
– Üstünlige eltýän, her bir synalan ýoly öwren we peýdalan.
– Köp oka we köp öwren.
– Ýörite kurslara gatna we öwren.
– Işi rowaç adamlaryň ýanyna bar we olaryň iş ýörediş usullaryndan öwren.
– Işi ugruna adamlardan üstünliginiň syryny sorap öwren.
– Üstünlikli adamlar hakdaky eserleri okap öwren.
– Iş salyşýan adamlaryňdan işiň hilini nähili gowulandyrmagy
hakda sorap öwren.
229
– Yzygiderli tejribeler arkaly öwren.
– Yzygiderli türgenleşikler, amallar arkaly öwren.
– Öz ýalňyşlaryňdan netije çykaryp öwren.
Bu zatlardan soňra üstünlik gazanmak üçin zerur bolan ikinji
ädimiň nämedigini hem öwrenersiň:
– Bilen, öwrenen zatlaryňy birin-birin ýerine ýetir, berjaý et,
yzygiderli kämilleşdir. Diňe aýdanyň ýa eşideniň ýeterlik bolmaz.
Maglumatlaryň, maslahatlaryň, öwüt-nesihatlaryň bir özi ýeterlik
bolmaz. Sebäp-serişdeleriň, pursatlaryň bir özi ýeterlik bolmaz. Şol
mümkinçilikleri, pursatlary, öwrenen zatlaryňy iş ýüzünde amala
aşyryp başlan badyňa üstünligiň belent derwezesi saňa giňden açylyp
başlar. Hemişe gaýratly bol we dowam et.
Hereket et:
1. Haýsy ugurlarda has ýokary derejelere ýetmegiňi arzuw
edýändigiňi kesgitle.
2. Şol ugurda üstünlik gazanmak üçin nämeleri öwrenmelidigiňi,
özleşdirmelidigiňi (gerekli prinsipleri we serişdeleri) öwren.
3. Şol sebäp-serişdeleri hemişe peýdalan we olara yzygiderli
amal et.
***
ULY GÖWHERI YRÝA ETME
Durmuşyňdaky iň gymmatbaha göwheriň näme? Gönüläp sorasak, durmuşyňdaky iň ähmiýetli zat näme? Iň gymmatbaha göwhere
deňäp biljek zadyň barmy? Soňra ondan bärde we ondan hem bärde
durýan göwherleri - göwher deýin gymmaty bolan zatlaryň hakda
oýlanyp, düýpli pikir edip gördüňmi?
Göwün isleglerine tükenme ýok, ýöne ilkinji nobatda özüňe,
maşgalaňa, durmuşyňa juda ähmiýetli bolan zatlaryň sanawyny düz.
Ol zatlaryň her birini gymmatbaha göwher hökmünde gör. Iň parlak
göwher, soňra onuň söbügini basyp duran gymmatly göwher we şu
230
tertipde dowam edersiň. Ýogsam-da, bu daşlara näme sebäpli gymmatbaha diýilýändigi hakda düýpli oýlanyp gördüňizmi? Haýsy
daşda ynsana peýdaly häsiýet, aýratynlyk, täsir köp bolsa, şonça-da
şol daşlaryň gymmaty ýokarydyr. Şonuň üçin şahsy durmuşyňyzyň
gymmatbaha göwherleri hakda oýlanyp, olary kesgitläniňizde hem
şol häsiýetleri göz öňünde tutuň. Şol göwherleri aýap, ter-tämiz we
arassa sakladygyňyzça, olar özüniň röwşenligi, parlaklygy, ruhuňyza
ýetirýän oňyn täsiri bilen sizi hoşnut we razy eder, sizi begendirer.
Şol göwherleri kesgitlän bolsaňyz, onda başga zatlara güýmenmäli-de, şu wagta çenli biderek ýere sarp eden ýa-da degerli garamadyk göwherleriň hakda pikir öwür. Ol göwherleri yrýa etmegiňe
iteren sebäp näme? Ol göwherleri haçan we näme zerarly ýitirdiň?
Bu zatlar hakda oý-pikir derýasynda gulaçlap ýörkäň, belki, senem
alym-akyldarlaryň: «Uşak daşlary çöpläp ýörşüme uly göwherlerimi
unudandygymy duýmandyryn» diýen sözlerini gaýtalarsyň. Ine, gysgajyk kyssa şeýle: «Onuň bir göwheri ýitdi, sebäbi ol öz göwherine
ýeterlik üns bermedi. Gerekli mukdarda aladasyny etmedi. Aýawly
saklamaga çalyşmady. Sebäbi ol bar ünsüni, küýüni ownuk daşlary
ýygnamaga, uşak çagyllary çöplemäge gönükdiripdi».
Eziz okyjy, haýsy zatlaryň bize gymmatbaha göwher deýin zerurdygyny kesgitlemegimiz gerek. Olara ýeterlik alada-üns bermesek,
wagtymyzy, pikirlerimizi şolara sarp etmesek, onda ownuk-uşak
daşlara gyzygyp ýörşümize, göwherlerimizi nirede unudandygymyz
hem ýadymyza düşmez. Dogry, uşak daşlaryňam gerek ýeri, peýdalanmaly pursady bardyr, emma uly göwherleri ünsden düşüreniňe asla
degýän däldir.
«Biderek işlere gereginden artyk ähmiýet berýän adamlar has
zerur işlerine gerekli mukdarda üns bermekden ejiz gelerler». Juda
bir ähmiýeti, haýry-peýdasy bolmadyk işlere ençeme wagtymyzy
ýitirýäris. Ondan soňra bolsa uly işlere hötde gelmekden asgyn-ejiz
gelýäris. Etjek işlerimiziň saldamly-saýhally bolmagy üçin öz pikirlerimizi, dünýägaraýşymyzy bellibir taba, düzgüne salalyň. Munuň
üçin şu soraglara doly we dogry jogap berip geçeliň:
231
1. Durmuşymyzdaky iň gymmatly göwherler haýsylar?
2. Şol göwherleri gymmatyna degýän alada-üns, wagt, oý-pikir
bilen gurşaýarysmy?
3. Nähili ownuk-uşak we biderek daşlara gerekmejek wagty hem
has köp wagt sarp edýäris?
4. Has artykmaç güýmenýän işlerimiz şonça wagt we güýç sarp
edenimize degýärmi?
5. Çynlakaý üns berenimize degýän işler haýsylar?
6. Biz nämä gynanýarys we ol zatlar gynananyňa degýärmi?
7. Biz nämä gaharlanýarys we şol zatlar gahar edeniňe degýärmi?
Şu sowallara dogry jogap berip, özümize ähmiýetli we ähmiýetsiz zatlary aýdyň kesgitläp bilsek, onda öňümizde durmuşyň aýna deý
lowurdap duran täze gapylary giňlik bilen açylar. Biz hut şu pursatdan
başlap dowam edip duran durmuş ýörelgämize täzeçillik girizip, has
ynamly öňe ilerläp bileris.
Hereket et:
1. Durmuşyňdaky iň gymmatly göwherleri - iň ähmiýetli işleriň
nämedigini kesgitle.
2. Olara derejesine görä ýeterlik alada-üns bermek üçin nämeler etmelidigiňi, haýsy biderek işleriňden we bimany hereketleriňden
saplanmalydygyňy öwren.
***
ÖZÜŇE KAST ETME
Munuň şübhesiz uly günädiginden hemmeler habarly. Ol assyrynlyk bilen teniňe ýaýraýan awuly zäher. Bu dert ynsanyň gözüni,
gulagyny gapyp, ony juda degerli zatlary görmekden, duýmakdan
mahrum edýär. Diňe az sanly ynsanlar bu heläkçilikden aman-esen
gutulyp bilýär. Ol özüňe kast etmek jenaýatydyr. Ýöne bu jenaýatda
ne bir gural bar, ne-de bir bildirip duran agyry bar, ne bir özüňe agram
salmak bar. Şeýle seretseň bu iň ýeňil jenaýat, emma ýetirýän täsirini
232
göreniňde iň agyr, iň hatarly jenaýatlaryň biri bolup durýar. Ine, şol
jenaýaty şeýle suratlandyrýarlar:
«Wagtyna kast edýän adam özüne kast edýän ýalydyr. Bu jenaýat
ynsanyň gözüni, gulagyny gapýar we ahyry hem heläk edýär. Üstesine, munuň üçin görnüp duran jeza çäresi hem ýok…».
«Wagtyňy peýdasyz zatlara sarp etmek janyňa kast etmegiň
bir görnüşidir». Biz näçe sagadymyzy, has dogrusy, aýlarymyzy we
ýyllarymyzy juda ähmiýetsiz pişelere, bimany zatlara sarp edýäris.
Şol aý-günleriň öz ömrümiziň bir bölegidigini duýmaýarys, wagtyň
ykbalymyzyň esasy sermaýasydygyna üns bermeýäris. Wagtymyzy
bimany işlere, oýun-güýmenjelere, gep-gybatlara sarp edýäris. Wagtymyzy degmeýän zatlara harçlaýarys. Bu şol wagty däl-de, öz ömrümizi, öz durmuşymyzy yrýa edýändigimizi aňladýar. Gysgaça aýtsak, bu gynandyryjy ýagdaý özümize kast etmekdir. Wagty bihuda
ötürmek – wagta kast etmek – iň agyr jenaýat. Beýle gabahat işden
derhal saklanmagymyz gerek, çünki onuň pidasy diňe özümizdiris.
Peýdasy hem ýene özümizedir.
Hereket et:
Gerekmejek zatlara sarp edýän wagtyňy hasapla, esasanam,
günde-günaşa gaýtalanyp duran we biderek ötürilýän wagtyň hakda
oýlan. Soňra birbada şol wagtyň ýarpysyny haýyrly işlere sarp et.
Birnäçe wagtdan soň bolsa ählisini haýyrly işlere harçla. Şu pursatdan başla, wagtyňy bisarpa ulanyp, özüňe el göterme!
***
GEREKLI ZAT ÜÇIN PULUŇY
GYSGANMA
Il arasynda gezip ýörkäň, gazanç-girdeji mazmunyndaky
gürrüňler gaýta-gaýta gulagyňa ilýär. Köp ýaňzydylýan gürrüňleriň
biri hem «Hatda indiki aýlygyň hem ýeri gazylgy dur» manysyndaky sözlerden ybarat. Kimler az gazansa-da, ýetirinip bilýär, ýene
biri artdyrybam bilýär. Başga biri bolsa durmuş arabasyny bu aýlyk233
dan indiki aýlyga ýeter ýaly edip taraşlaýar. Gelen dessine, bergisine
sarp edip, indiki aýyny täze bergide ötürýänlerem bar. Ýöne haýsy
biri bolanda hem özümize gerekli zatlar üçin pulumyzy gysganmaly
däl. Haýyrly zatlara sowmagy, dözmegi başarmaly. Esasanam, peýdasy, bähbidi uzagyndan has aýdyň bildirýän zatlara sarp etseň, onda
puluňy dolanyşyga girizen ýalysyň. Bir kyssa okapdym. Şol hekaýada kakasy ogluna puly nähili gazanmalydygyny we nähili sowmalydygyny öwredýärdi. Ogluna beren bir maslahaty göwnüme ýarady:
«Oglum, heniz sen ýaly mahalym kakam maňa şeýle diýipdi: «Iýjekiçjek zatlaryň hem-de jaý hakyny tölemek üçin beýleki çykdajylaryňy
birneme azalt, tygşytly sarp et. Emma kitap satyn almak üçin ýygnaýan puluňy azaltma. Kitapdan puluňy gysganma» diýipdi. Şondan
bäri şu pikir hemişe aňyma hemra boldy. Käbir kitaplar seniň
dünýägaraýşyňy düýpgöter üýtgetjek pikirleri berip bilýär. Bu pikir
hem hut şeýle boldy. Kakamyň bu sözleri maňa gerekli kitaplarymy
pulumy gysganman satyn almalydygymy ýatladýardy. Şu sebäpli hem
öýümiz kitapdan doly. Iş-aladamyň hernäçe agdykdygyna garamazdan, her gün bir sagat wagtymy kitap okamaga sarp edýärin. Bu maňa
endik bolup galypdyr. Kitap okamak endigi bolsa meniň durmuşymy
düýpgöter özgertdi. Kitap okamaga adat edinmedik adamlar ýaşaýşyň
şeýle zowkundan mahrumdyklaryny bilýärlermikä? Beren ähli
maslahatlaryň üçin saňa minnetdar, kaka!».
Şu ogla gabat gelýän zat bize hem laýykdyr. Her günde bir sagat
wagtymyzy kitap okamaga sarp etsek, durmuşymyzyň has gowulyga
tarap düýpgöter özgerjekdigine güman ýok. Tapawudy ýok, kitaby
eliňe alyp okasaňam, ýa-da internet sahypalarynda gowy-gowy kitaplary tapyp okasaňam, ýa-da elektron kitaplary okasaňam bolýar,
esasy zat peýdaly bir zat okamak. Diňe gündeki dünýä habarlaryny
ýa-da sport täzeliklerini, degişmedir henekleri okap çäklenmeli däl.
Düýbünde öwrenip, durmuşda özleşdirip boljak düýpli eserleri, kitaplary okamak gerek. Dogrusy özüm-ä, kitaby eliňe alyp okamagy
has ileri tutýaryn. Şonda okaýan zadyň ýadyňda gowy galýar, hatda
234
kitabyň özboluşly jadysy, üýtgeşik bir täsirem bar. Şol täsir näme
üçindir beýleki elektron kitaplarda ýok. Kitaba eliň galtaşmagynyň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.