Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28

Total number of words is 3731
Total number of unique words is 2125
30.8 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
başarnygyny we başaryp biljek zatlaryny aýdyp ýetişipdir. Emma zenan maşgala ýene bir ýola bu oglanjygyň teklibini ret edipdir.
Oglanjyk uludan dem alyp, özünden hoşallyk bilen şadyýan ýylgyrypdyr-da, telefon trubkasyny ýerinde goýupdyr.
Bu gürrüňdeşligi ýakyndan diňläp oturan telefon eýesi oglanjygyň janaýamazaklygyna, hümmet-gaýratyna, zähmetden gaçmaýan
isleg-höwesine seredip: «Han ogul, saňa göwnüm ýetdi. Isleseň, men
seni öz howlymyzda işlemäge çagyryp bilerin» diýipdir. Oglanjyk:
«Teklibiňize sag boluň ýaşuly, men diňe öz hojaýynymyň meniň
edýän işlerimden razy ýa-da hoşal däldigini barlamak, bilmek üçin
şeýtdim. Ýaňky zenanyň öýünde işleýän oglan meniň özüm» diýip
jogap beripdir.
Käteler biz özümizi barlap, synap, daşyndan synlap durmaly.
Bärden gaýdýan ýerimiz ýa-da egrelen ýolumyz bar bolsa, düzetmeli. Özgeleriň edýän işimizden hoşallygyna seredip, ynsabymyzy
425
ynjaldyryp durmaly. Bu hem özüňi tanamagyň we taplap durmagyň
bir ýoly.
ELÝAGLYK SATÝAN GYZJAGAZ
Bir gün telewizorda bir filme tomaşa edip otyrdym. Filmde
alty ýaşlaryny ýaňy dolduran gyzjagaz köçede aýlanyp, goltugynda
göterip ýören kagyz elýaglyklaryny satýardy.
Birdenkä gyzjagaz aglap duran bir zenanyň gabadynda saklandy. Oňa dykgat bilen üns berdi. Zenan maşgala başyny galdyryp,
gözýaşa ezilen ýüzi bilen seredende, gyzjagazyň oňa bir elýaglygy uzadyp durandygyny gördi. Gyzjagazyň ýüzündäki mähirli
ýylgyryşyň çuň ýürekden çykýandygyny duýmak kyn däldi. Gyzjagaz şadyýan ýylgyryş bilen ol zenanyň ýanyndan uzaklaşdy. Hatda
zenan maşgala oňa elýaglygyň bahasyny töläbem ýetişmedi. Birnäçe
ädim uzaklaşanyndan soňra, gyzjagaz yzyna garady-da, şol mähirli
ýylgyryşy bilen zenan maşgala elini galgadyp, ýene-de ýoluny dowam
etdi. Bu çaga ýylgyryşy zenanyň kalbyna giňlik salypdy.
Aglap duran zenan öňki pikirlerine dolandy. Soňra el telefonyny
çykaryp, şeýle mazmunly hat ýollady: «Meni bagyşla, sen bu babatda
mamla!».
Bu sms-habar şäheriň restoranlarynyň birinde gaýgyly oturan
adamsyna baryp ýetdi. Hatyň mazmunyny okanda, onuň ýüzi ýagtylyp gitdi. Hyzmatçyny çagyryp, begenjine bäş teňňelik çaý hakyna
derek elli teňňe töledi.
Hyzmatçy beýle rysgala garaşmaýardy. Ýönekeý çaý üçin uly
hasap tölenmegine guş bolup uçdy we restorandan çykyp, ýanýodanyň
gyrasynda süýji-halwa satýan garry enäniň ýanyna bardy. Ondan iki
teňňelik halwa satyn aldy we bahasyna derek ýigrimi teňňe töläp, galan on sekiz teňňäni sadaka hökmünde berdi.
Garry enäniň bu pullara gözi doňup galdy. Ol muňa örän begendi. Begençden ýaňa ýüregi owsun atýardy. Ol halwa-süýji ýa426
zylan düşegini ýygnap, bazara bardy we satyjydan bir bölek et satyn
aldy. Garry ene öýüne dolanyp, nahar-şor taýýarlamaga başlady. Uly
şöýünç bilen basym dolanyp gelmeli agtyjagyna garaşýardy. Agtyjagy onuň üçin dünýädäki iň eziz zatdy.
Birnäçe wagtdan soň gapy açyldy we agtyjagy bosagadan ätledi.
Onuň ýüzüniň begenji-şatlygy öýüň içini nura doldurýana meňzeýärdi.
Bu hälki elýaglyk satýan gyzjagazdy.
Bu günki nahar-şorly bereketli tagamyň we wakanyň dowamyndaky ähli begençleriň şol gyzjagazyň başdaky ýekeje ýylgyryşyndan
ugur alandygyny ýadyňyzdan çykarmaň. Il arasynda «Dost-doganyň
ýüzüne ýylgyryp bakmak hem sadakadyr» diýilýär. Birje ýylgyryş
birnäçe adamyň ruhy dünýäsine ýagtylyk çaýyp bilýärkä, ony
gysganmagyň hiç hili hajaty ýok.
Biziň her birimizde şu çaganyňky ýaly arassa ýylgyryş bar, ýöne
biz şony özgelere bagyş edip bilýärismi?
Gaýgyly adamyň ýüzüne ýürekden çykýan ýylgyryş bilen bakyp
gördüňizmi?
Ýakymly sözleri süýji ýylgyryşlar bilen utgaşdyryp, ulanyp
gördüňizmi?
Şeýdeniňizde, ykbal size çekýän zähmetiňiziň gaýtargysyny
esse-esse edip özüňize dolar.
BARY-ÝOGY BÄŞ MINUT...
Akylly-üşükli adamlaryň arasynda şeýle bir kada-düzgün bar.
Bu düzgüniň ady «Bary-ýogy bäş minut». Özüňi terbiýelemekde
juda ähmiýetli bolan bu usul esasynda bary-ýogy bäş minutyň içinde
örän ähmiýetli, wajyp, zerur zatlara hötde gelip bolýar.
Bu düzgün hemme işleri dynmak üçin bäş minutyň ýeterlikdigini aňlatmaýar. Ýöne bäş minut hakdaky şol düşünjäniň esasynda özüňi mazaly terbiýeläp, işjanlylyk we zähmetsöýerlik babatda,
427
dogry-düz ýola düşmegiňe, işleri netijeli tamamlamagyňa sebäp bolup biler.
Mysal üçin, haýsydyr bir möhüm işe girişmeli bolsaňyz, sagat
dillerini bary-ýogy bäş minut öňe süýşüriň we bäş minut ir girişiň.
Bu şol ýagdaýa tiz uýgunlaşmagyňyzy üpjün eder.
Eger-de kitaphanadan dessine çykyp gitmegi ýüregiňe düwen
bolsaň, «bary-ýogy bäş minut» tagapyl et we ýene-de birnäçe zatlary okap, maglumat goruň üstüni ýetir.
Eger-de kitap okamaga, täze zatlary öwrenmäge ýaltanýan
bolsaň, dessine kitaplary eliňe al we «bary-ýogry bäş minut» oka,
dowamy öz-özünden biter.
Eger-de işe höwessizlik haýsydyr bir haýyrly işiň başyna barmakdan saklaýan bolsa, «bary-ýogy bäş minut» diý-de, gözüňi ýumup, şol işiň bir ujundan gir.
Eger-de ylmy eserler özüne çekmeýän, imrindirmeýän bolsa, «bary-ýogy bäş minut» wagtyňy sarp edip, okamaga giriş, bir
başlasaň, eseriň yzy seni täsirine gaplar.
Belli-belli işleri zol-zol wagtyndan soňa süýşürýän bolsaň,
«bary-ýogy bäş minut» wagtyňy sarp et we irgözinden işe giriş.
Galany ugrugar gider.
Anyk bir wagta çenli bitirmeli borjuň bar bolsa, her gezek işe
başlanyňda «bary-ýogy bäş minut» ir başla we ir dyn, iň bolmanda
wagtynda dynarsyň.
Ulag süreniňde tizlige üns berip, howlukmaçlyk edýän bolsaň,
«bary-ýogy bäş minut» diýip, tizligiňi peselt we asuda sürüşe geç.
Gaýta, şeýdeniňde barmaly menziliňe wagtynda aman-asuda ýetersiň.
Eger-de hökman görünmeli tanyş-bilşiň bar bolsa we şol wagt
hem başga bir zerur iş ýüze çykan bolsa, işleriňi saldarlap gör, eger-de
soňky çykan iş az ähmiýetli bolsa we göwnüň didar küýseýän bolsa,
«bary-ýogy bäş minut» wagtyňy zyýarata sarp et, soňra işiňe dolan.
Eger-de ýakyn garyndaşlaryň babatynda haksyzlyk edip, kimdir
biriniň göwnüne degen bolsaň, telefonyňy eliňe al we «bary-ýogy bäş
428
minut» wagtyňy sarp edip, olar bilen gürleş, öýkesini ýaz. Aslynda-da,
siziň bu hereketiňiz bäş minutdan köp wagt almaz.
Eger özüňizde semizlik duýup başlan bolsaňyz, nahara wagtynda başlasaňyz hem, eliňizi nahardan «bary-ýogy bäş minut» ir çekiň.
Şonda ýagdaýyňyz ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşar.
Eger-de «bary-ýogy bäş minut» düzgün-kadasy saňa ýaramaýan
bolsa: «Bähbit bolsun, her näme-de bolsa muny okamak üçin bary-ýogy bäş minut sarp etdim» diýip, ýene-de begenip bilersiňiz.
ARZ ALLAHA
Agamyň ýanynda böwrümdäki agyry-sanjydan zeýrenäýmenmi,
al-petimden aldy. «Inim, agam ogly, başyňa düşen zat dogrusynda hiç
kimsäniň ýanynda dil ýarmagyn. Adamlar iki tüýslüdir: göwni ynjajak
dostuň bardyr, begenjek duşmanyň bardyr. Inim, şunuň ýaly agyryny
özünden dep edip bilmeýän özüň ýaly mahlugyň (biçäräniň) ýanynda
içiňi döküp oturma. Arzyňy diňe seni bu günlere salana - Allaha aýt.
Diňe şol bu derdiň dermanyny bermäge kadyrdyr. Inim, kyrk ýylyň
içidir iki gözümiň biri depäni-düzi oňly saýgaranok. Emma men şu
ýagdaýymy ne aýalymyň, ne bala-çagalarymyň, ne garyndaşlarymyň
ýanynda ýatladym. Meniň bu halymdan bir Alla habarly. Bir salyh
bendäniň aýdan sözleri bar, pugta ýadyňda sakla:
«Zelel-zepere uçranlara geň galýaryn, olar neneň «Maňa zeper
ýetdi. Şepagat edijileriň hem iň rehimdary Sensiň» diýen sözleri aýtmagy ýadyndan çykarýarlar. Allatagala munuň yz ýanyndan: «Onuň
nalyşyna (dogasyna) gulak asdyk we ony zyýan-zelelden halas etdik»
diýýär.
Gaýgy-gama uçranlara geň galýaryn, olar neneň «Senden
başga hiç hili ylah ýok, eý Päk Perwerdigärim, men özüme jebir etdim» diýmegi unudýarlar. Allatagala bu sözüň yz ýanyndan: «Onuň
nalyşyna (dogasyna) gulak asdyk, ony gaýgy-gamdan halas etdik.
Ine, biz möminleri şeýle halas edýäris» diýýär.
429
Nämedir bir zatdan gorkýan, çekinýän adamlara geň galýaryn,
olar neneň: «Bize bir Allahyň özi ýeterlikdir, ol iň ynamdar wekildir»
diýen sözlerini diýmekden gapyl galýarka?! Allatagala şol sözüň yzysüre: «Mundan soňra Allahyň nygmaty we keremi bilen gowy günlere
erişdiler, olar birjikde ýamanlyk ýüzüni görmediler» diýýär.
Özüne hile-mekirlik edilýän adam, neneň-neçün «Işlerimi Allaha
tabşyrdym, Allatagala ähli bendelerini görüp-bilip durandyr» diýmegi
unudýarka? Çünki şol sözüň yz ýanyndan Allatagala: «Allatagala ony
özgeleriň ýaman hile-mekirliklerinden gorady» diýip aýdýar ahyry.
Allatagala bol nygmat eçilen mahaly onuň yzy tükener, kesiler öýdüp gorka çümýän adamlara geň galýaryn, olar neneň-neçün
Perwerdigäriň: «Bagyňa giren mahalyň «Bu Allahyň islänidir (Bu Allahdandyr, meniň güýjüm bilen däldir. Allahyň kuwwaty bilen boldy).
Allahdan başga hiç kimde güýç-gudrat ýokdur» diýseňdiň...» diýen
sözlerini unudýarkalar? Çünki munuň yzyndan Allatagala: «Allatagala maňa seniň bagyňdan hem (mundan hem) haýyrlysyny berer»
diýýändir.
Sen arzyňy, dileg-dogaňy, haýyş-mynajatyňy diňe Allaha aýt,
Allah onuň jogabyny gijikdirýän däldir.
KIM KÖP IŞLEÝÄR?
Adamlaryň biri gündeki işiniň argynlygyndan basylyp, psiholog lukmana ýüz tutupdyr. «Göwün göteriji bir hoşamaý söz aýdyp,
derdimi egismeseňiz ýa-da däri-derman maslahat bermeseňiz, halys
ýadadym» diýipdir.
«Siz kim bolup işleýärsiňiz, wezipäňiz, käriňiz näme?» diýip,
lukman soragly nazaryny hassa dikipdir. «Men banklaryň birinde
hasapçy bolup işleýärin» diýip, ol adam argyn göreçlerini aşak egipdir. «Aýalyňyz kim bolup işleýär?» diýip, lukman sorapdyr. «Aýalym
öý hojalykçy, ol hiç ýerde işlänok» diýip, hassa uludan dem alypdyr.
430
Lukman: «Irden sizi we çagalaryňyzy kim ukudan oýarýar,
size, çagalaryňyza ertirligi kim taýýarlaýar?» diýip, sorag bermesini
dowam edipdir.
«Aýalym taýýarlaýar, sebäbi ol başga ýerde işlänok» diýip,
adamsy müýnürgemän hakykaty ýaňzydypdyr. «Aýalyňyz sagat
näçede oýanýar we siz sagat näçede ukudan galkýarsyňyz?» diýip
lukman soranda, «Aýalym irden sagat bäşde oýanýar, men sagat
ýedide. Sebäbi ol ir turup ertirlik taýýarlaýar, soňra çagalary iýdirip-içirýär, geýindirýär we mekdebe eltip gelýär. Sebäbi ol başga hiç
ýerde işlänok» diýip, ýadaw adam jogap beripdir. «Çagalary mekdebe
eltip gaýdanyndan soň aýalyňyz näme bilen meşgullanýar?» diýip,
lukman sorapdyr. «Mekdepden gelensoň, ol günortanlyk taýýarlap
başlaýar. Egin-eşikleri ýuwýar, öýi syryp-süpürýär, çagalaryň okuwdan gelerine garaşýar. Sebäbi onuň başga işi, wezipesi ýok... Men
bolsa irden işime gidip, öýlän bäşe çenli şol ýerde bolýaryn» diýipdir. «Giçlik öýe dolananyňdan soň, siz nämeler edýärsiňiz, aýalyňyz
näme iş edýär?» diýip, lukman sorapdyr. «Ilki agşamlyk edinýärin.
Soňra uzak günki işiň ýadawlygyndan ýaňa dem-dynç alýaryn. Ondan
soňra gazet-žurnallara göz gezdirýärin. Telewizora tomaşa edýärin.
Aýalym bolsa çagalar bilen bilelikde olaryň öý işlerine kömekleşýär,
sapaklaryna ugrukdyrýar. Soňra gap-gaçlary ýuwuşdyrýar, öýi, otaglary arassalaşdyrýar, çagalaryň ýorgan-düşegini ýazyp, olary uka
batyrýar» diýipdir.
Lukman bu gürrüňlerden soňra ol adama bakyp: «Hiç ýerde
işlänok» diýýäniňiz sizden has köp işleýän ýaly-la. Daň atandan giç
agşama çenli öý-hojalyk, maşgala aladasy bilen ber-başagaý bolup,
munuň üçin haksyz-heşdeksiz işläp ýören adam dem-dynja mätäçmi ýa-da irden dokuzdan öýlän bäşe çenli bir oturan ýerinde bir işe
meşgul bolýan we üstesine bu işleri üçin zähmet hakyny hem alyp
oturan adam? Kim has köp işleýär we kim dynç almaga has mynasyp,
özüň pikirlenip gör!» diýip, lukman maslahat beripdir.
431
Bu adaty bir maşgalanyň gürrüňi, ýöne bu tymsal käteler
ýadawlyga ýan berip, özüňi beýlekilerden artyk işleýändirin öýden
pursatlaryň sizden has köp işleýän, ýöne muny ýaňzydyp ýörmeýän
adamlaryň bardygyny unutmazlyk üçin gerek.
SAÝYL
Saýyl-sergezdanlaryň biri uly ýoluň gyrasynda, köneje sandygyň
üstünde oturyp, ötenden-geçenden zat hantama bolýan ekeni. Bir
gün saýry biriniň bu ýerlere ýoly düşüpdir. «Maňa az-owlak pul
berseňizläň» diýip, saýyl delmuryp dillenipdir. Ol adam saýyly we
onuň oturan ýerini siňňitli synlapdyr. «Ýanymda berere-goýara
artyk-süýşük zadym-a ýok, ýöne üstünde oturan bu zadyň näme, diňe
şonuň bahasam-a ýyllyk garamatyňy ödejek ýaly?» diýipdir. «Bu bir
içi boş köne sandyk, kim näme etsin muny» diýip, saýyl ýüzüni kese
sowupdyr. «Her näme-de bolsa nirede we nämede oturýandygyňy
bilseň gowy» diýip, ötegçi hem per bermändir. Ahyry talap edip
duransoň, saýyl ýerinden turupdyr we iki bolup sandygy açypdyrlar. Görseler, sandygyň içi altyn-kümüş hazynadan doly ekeni. Saýyl
bütin ömrüni dilegçilik edip, mätäçlikde ötüripdir, emma özi altyn
humuň üstünde oturandygyny asla aňşyrmandyr, bilmändirem.
Biraz sägin-de, bu tymsaly seriňde aýla, oýlan. Käteler işiň
şowlamazlygy zerarly lapykeçlige özümizi aldyrýan pursatlarymyz
bolýar. Islendik bir kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolan halatyňyz, näderiňi
bilmän aljyran mahalyňyz, ýaňky saýyl ýaly şol duran ýeriňizde
çöküp galman, daş-töweregiňize göz aýlaň, belki, elýeteriňizde altyn hum ýa-da altyn pursatlar üsti basyrylgy ýatandyr. Aýtmaklaryna
görä, eger-de geljek biziň şu günki pikirlerimize, işlerimize görä ýüze
çykýan bolsa, onda biziň şu günki ýagdaýymyz düýnki işlerimiziň,
pikirdir niýetlerimiziň netijesi bolup durýar. Ykbal hiç wagt hiç kime
gyýa bakmaýar, çünki ykbal beýle pes hereketleri ederden beýikdir. Islegleriň gowşakdygy, yhlaslaryň ýeterlik däldigi bizi maksada
ýetmekden bökdeýän zatlaryň biri. Hemme şowsuzlygy ýazgydyň
432
üstüne atmaklyk bolsa öz ejizligiňi aklajak bolmakdan başga zat däldir. Durmuşyňy has gowulyga tarap özgert.
ÖLI DEŇIZ
Çagalaryň biri geografiýa kartasyny gözden geçirip otyrka, «Öli
deňiz» diýen bir deňziň üstünden barypdyr. Deňziň adyny geň gören
çagajyk munuň sebäbini kakasyndan sorapdyr: «Oňa kim kast etdikä?»
diýipdir. Kakasy ýylgyrypdyr: «Oglum, ol deňiz, ýagyn-ýagmyrlaryň
we derýa-çaýlaryň guýýan pes ýerinde, pesliginde ýerleşýär. Onuň
suwy hiç tarapa akanok, hiç ýana syzanok, topraga-da siňenok. Netijede, ol deňziň duzy-mineraly köpelipdir we içindäki ähli janly-jandarlar heläk bolupdyr. Hatda ol suwda balyklaram ýaşap bilenok,
ynsanyň içmegi-hä beýlede dursun. Ine, diňe özüni bilmeklik ol deňzi
heläk edipdir, sebäbi ol deňiz diňe alýar, deregine hiç zat berenok»
diýip, kakasy bu ýagdaýy düşündiripdir.
Deregine hiç zat bermezden diňe alyp oturmagy hatda tebigatam
oňlamaýan ekeni. Adamzat durmuşy babatda-ha bu has-da ýörgünli.
Käbir ýürekler edil Öli deňiz ýaly beýlekilere mähir-muhabbetden,
duýgudaşlykdan hiç zat eçilmeýär, paýlaşmaýar. Okalan zatlary,
öwrenilen ylym-bilimleri, ýardam-enaýaty, haýyr-sahawaty, duýgy-täsirleri... paýlaşmak bu dirilikdir, ýaşaýyşdyr.
ARALYK
Danalaryň biri şägirtlerini hem ýanyna alyp, Gang derýasynyň
kenaryna gezelenje çykypdyr. Derýanyň iki kenarynda hem birnäçe
adam bolup, olar birek-birege gaharlanyşyp, ala goh bolşup batly
gygyryşýan ekenler. Dana bu adamlaryň bolşuna ýylgyrypdyr-da,
şägirtlerinden: «Näme üçin adamlar gaharlanan wagty seslerine bat
berýärler?» diýip sorapdyr. Şägirtleri biraz diňşirgenip oýlanypdyrlar-da: «Haçanda biz öz asudalygymyzy, rahatlygymyzy ýitirenimizde, seslerimiz batly çykýan bolmaly» diýşipdirler. Dana olara ýene
bir sowal bilen ýüzlenipdir: «Ýöne ýüzlenýän adamyň hut ýanyňda
* 28. Sargyt № 975
433
durka, batly ses bilen gygyrmagyň näme zerurlygy bar? Sözüňi
arkaýyn, asuda aýtsaňam ol eşitjek ahyry» diýipdir. Şägirtleriniň
her biri özüçe pikirlenip, dürlüçe netije çykarypdyr, ýöne jogaplaryň
hiç biri hem danany kanagatlandyrmandyr. Ahyry dananyň özi bu
ýagdaýy düşündiripdir: «Adamlar birek-birege gaharlanýan wagtlary olaryň ýürekleri bir-birinden örän uzaklaşýar. Sesiňi şol aralyga
ýetirmek üçin, uzak aralykdan habarlaşmak üçin sesiňi batlandyrmaly bolýar. Olaryň ikisi hem seslerine bat berýär. Eger-de iki adam
bir-birini halan wagty näme bolýar onda? Elbetde, olar bir-biriniň
ýüzüne bakyp gygyryp duranoklar, asuda, arkaýyn gürleşýärler, sebäbi olaryň ýürekleri birek-birege juda ýakyn, olaryň ýürekleri şeýle
bir ýakyn aralykda, belki, ol ýürekleriň arasynda aralyk hem ýokdur» diýipdir.
Soňra sözüni dowam edipdir: «Iki adam birek-biregi ýürekden halaýan bolsa, olar pyşyrdabrak gürleşseler hem düşünişerler,
sebäbi olaryň ýürekleri has ýakyn. Ahyrynda, hatda olaryň özara
gürleşmegine hem zerurlyk galmaz, olar birek-biregiň ýüzlerine
serederler-de, aýtmak, ýaňzytmak isleýän zatlaryna magat düşünerler
oturarlar. Ine, şu hem ynsanyň birek-birege iň ýakyn, iň golaý durýan
aralygydyr, bular bir-birini söýýän adamlardyr» diýip düşündiripdir.
Dana adam şägirtlerine ýüzlenipdir: «Hut şonuň üçin hem, eger-de
bir meseläniň üstünde pikirleriňiz çatak düşýän wagtlarynda, bir zat
dogrusynda jedelleşýän, pikir alyşýan wagtyňyzda ýürekleriňiziň
birek-birekden uzaklaşmagyna ýol bermäň. Ýürekleri bir-birekden
uzaga zyňjak sözleri dile almajak boluň. Ýogsam, ýürekleriň arasyna
şeýle bir üzňelik, uzaklyk düşer welin, hatda soňabaka gygyrybam
birek-birege sesiňizi eşitdirip bilmersiňiz, ol aralygy yzyna dolamak
hakda gürrüňem bolmaz…» diýipdir.
ÜNS
Ýaş ýigitleriň biri bir akyldaryň huzuryna barypdyr. «Men bir ýaş-ýetginjek, arzuwlarym örän kän, ýöne nebsime basalyk berip bilemok,
434
özüne çekiji haý-höweslere nädip meýil edenimi duýman galýaryn.
Maksadymy hasyl etmek üçin nämeler etsemkäm?» diýip, ýigit arzyny
mälim edipdir.
Garry pir oňa erňegine çenli püre-pür bolan bir käse süýt beripdir we şol käsäni dökmän-saçman pylan ýere eltmegini tabşyrypdyr.
Ol ýere ýetjek bolsaňam, jemendesi hümer bazarlaryň, seýil baglaryň
içinden hem geçip gitmeli ekeni. Soňra pir ýene bir şägirdini ýanyna
çagyrypdyr we ýaňky ýigide göz-gulak bolup gitmegi, eger-de sähel
ünsüni sowup, süýdi dökmekçi bolaýsa dagyn ähli adamlaryň öňünde
ýagyrnysyna çybyk bilen çalmagy tabşyrypdyr. Ýigit süýtli käsäniň
gaýmagyny bozman tabşyrylan ýere eltipdir. Pir ondan: «Ýeri, daş-töweregiňde ünsüňi özüne çekýän, haý-höwesleriňi odukdyrýan näçe
adamy gördüň?» diýip sorapdyr. «Ussadym, men daş-töweregimde hiç
bir adamy, hiç bir zady görmedim. Bar ünsümi elimdäki käsä jemledim,
süýdi döküp, adamlaryň gözüniň öňünde urlup durmak islemedim»
diýipdir. Pir oňa: «Hemişe-de şeýledir, ähli ünsüňi esasy maksadyňa
jemleseň, gaýry ownuk-uşak zatlar seniň ünsüňi bölüp durmaz. Ünsüňi
jemlemegi başar» diýipdir.
SUWDAN ÖWRENIŇ!
Ýagynly günleriň birinde halypa ussat öz şägirtlerini açyk meýdana çykaryp, daş-töwerekdäki tebigy hadysadan sapak almagy
tabşyrypdyr. Soňra olary dagdan syrygyp gaýdýan çeşmäniň, soňra
çasly akyp ýatan derýanyň, ondan soňra hem käteler möwjeýän, käteler bolsa endigan tolkun atýan deňziň kenaryna alyp gelipdir. «Öwüt
alara, öwrenere zat kän, ýöne biziň bu günki sapagymyz suw bilen
baglanyşykly. Mazaly synlaň-da, netije çykaryň, kimden nämeleri
öwrenip bolýar?» diýipdir. Şägirtleriň hersi özboluşly pikir aýdypdyrlar. Käsi ussadyň göwnünden turupdyr, käbirini ýüzleý görüpdir.
Soňra şägirtlerine ýüzlenip, şeýle diýipdir: «Suwdan köp zat öwrenip
bolýar, öwrenen zatlarymyz bilen hem biz özümizi kämilleşdirip
bilýäris.
435
Suw ýaly deň garaň! Asmandan inýän ýagmyrlara serediň, ol
hemmeleriň üstünden deň ýagýandyr. «Pylany gowy, diňe şonuň üstüne
ýagjak. Pylany ýaramaz, asla golaýyna barjak däl» diýýän däldirler.
Sizem edil şol ýagyn-ýagmyrlar kibi adamlara deň garamalysyňyz.
Suw ýaly ýumşak boluň, ýumşak häsiýetli bolmagy suwdan
öwreniň. Ol dürli görnüşli, al-elwan reňkli, agyr we ýumşak zatlaryň,
daşlaryň üstüne düşende, şolara görä öz şekilini üýtgedýändir... ýöne
öz durkuny, asyl düzümini üýtgedýän däldir. Adamlaryň her birine
mylakatly gatnaşykda boluň, ýöne ähli ýagdaýlarda hem özüňiziň
asylly häsiýetiňizi üýtgetmän saklaň.
Suw ýaly arassa boluň! Arassa bolmagy suwdan öwreniň.
Eýsem-de deňizleriň suwunyň arassadygyny, päkdigini göreňzokmy?
Oňa bir daş ýa-da kesek oklaýanyňda hem suwuň ýüzi bir pursat
bulanar, ýöne dessine öňki katdyna – arassalygyna we päkligine dolanyp barar. Kimdir biri size ýürek gobsundyrjak hakly we nähak
sözi aýdanynda hem birbada maňzyňyza batmasa-da, dessine tämiz
niýetleriňizden ugur alyp, ol kişi barada ýaman pikir saklamaň. Kimdir biri bolmaýan ýeriňizi ýaňzytsa hem dogry düşüniň we dessine bu
ýaramaz häsiýetden tämizleniň.
Suw ýaly ýuwup duruň! Diňe özüňizi däl, özgeleriň hem endik-häsiýetlerini, aýybyny, nogsanlyklaryny ýaýyp ýörmän, ýuwup
geziň. Ýagşy häsiýetleriňiz bilen nusga bolup, olaryň hem has gözel
häsiýetlere eýe bolmagyny gazanyň.
Suw ýaly paýhasly boluň! Görmeýärmiň, howa gyzyp ugrasa, ol
buga öwrülip, asman sary beýige galar. Howa sowap ýa-da salkynlap
ugradygy, gatbar-gatbar bulutlara garylyp, asman ýagmyryna öwrülip, bereket bolup, ýere iner. Hemişe ýagşy gylyk-häsiýetlere bürenip,
il derdine ýaramaga çalşyň.
Suw ýaly çydamly, tutanýerli boluň! Çydamly, tutanýerli bolmagy suwdan öwreniň. Suw tolkunlarynyň dag gaýalaryna üznüksiz
urulýandygyna nazar aýla! Her günde, her hepdede, her ýylda urlup
durandygyna üns ber! Şeýde-şeýde ol sessiz-üýnsüz, dymma daglaryň
436
döşünde hem öz yzyny goýýandyr. Öňüňizde bir maksat goýsaňyz,
suw ýaly tutanýerli boluň, maksatlaryňyzy hasyl ediň we üstünligiň
üstünde öz yzyňyzy goýuň.
Suw ýaly ugurtapyjy boluň! Ugurtapyjylygy suwdan öwreniň.
Öňünden böwet çyksa, maý tapsa, suwlaryň sowlup geçýändigini, akjak ýerini özi tapýandygyny we şundan mysal alyp, her bir ýagdaýda
çykalga tapyp boljakdygyny pugta belläň!
Suw ýaly pespäl boluň! Görmeýärmiň, ol al-asmana galkan
bulutlardan seçelenip gelşine zeminiň çuňluklaryna siňip gidýär,
ýöne özlügini welin ýitirmeýär. Beýige galanda hem, zemine inende hem suw bolup, ýagşylyk bolup, merhemet bolup inýär. Beýige
galsaňyzam, pese düşseňizem, hemişe ýagşy niýetden ugur alyň.
Suw ýaly söýgüli, näzik boluň! Her gün säher ýaşyl maýsalaryň,
ýapraklaryň we daragtlaryň ýüzüni öpüp, säheriň sergin şemalyna
syrygyp gaýdan çyglary ýadyňyza salyň! Olar tebigata hem ajaýyplyk, hem terlik, hem peýda berip dur. Şolar ýaly kalby näziklik, göwni
ýumşaklyk bilen adamlaryň ýüreginden özüňe orun gözle we olaryň
derdine ýarajak boluň! Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bardyr. Her baran
ýeriňizde, gabat gelen adamlaryňyza ýaşaýyş nuruny paýlap, olary
durmuşa höweslendiriň» diýipdir. Bu mysallar şägirtler üçin uly sapak bolupdyr.
TIKEN WE MÄHIR
Kirpileriň durmuşyny göz öňüne getirip görüň – endam-jany
tiken bilen örtülen. Bir-birlerine golaýlaşdyklary ýitije uçlaryň sanjysy böwrüni awudýar. Bu tikenler diňe duşmanlaryny däl, eýsem,
öz ýakynlaryny hem yzyna iterýär. Ýöne gyşyň aňzakly günlerinde
sowuk howadan goranmak, ýylanmak üçin olar tikenleriň ynjysyna
sabyr edip, bir-birine gysmyljyraşýarlar. Süňňi ýylandan soňra,
uzaklaşýarlar we ýene-de tenlerini sowuk dalap başlanda, ýyly gujaklara mätäç bolup, öňki ýerlerine gelýärler. Olar tutuş gijäni şeýdip
geçirýärler. Eger hemişe ýakyn boljak bolsalar, köpsanly ýara437
-agyrylara çydamaly bolýar. Hemişelik üzňelik bolsa, durmuşyňy
sowadýar.
Adamzat durmuşynda hem edil şunuň ýaly, käteler birek-biregiň
gylyk-häsiýetini çekip-çydamzok, edil endam-janymyz tiken bilen
örtülen ýaly, kimiň ýanyna barsak, ýa awunyp, hem awundyryp
gaýdýarys. Ýöne ýüregi ýakynlyk, ruhy ýylylyk hemmämize zerur.
Bir aýyby ýok hiç kim ýok. Köneler aýdypdyr ahyry «Aýypsyz dost
gözleýän adam dostsuz galar. Birkemsiz ýanýoldaş gözleýän adam,
müjerret öter, bagtsyz galar». Aýyby-nogsany bolmadyk ýoldaş
isleýärmiň... haýsy bir adamyň iň bolmanda bir aýyby ýok? Eger-de
sen ýalňyşlyklara, sähel säwliklere çydamaýan bolsaň, ownuk büdremeleri uly sesiň bilen ýazgarýan bolsaň, ýekeje ýalňyşlygy hem gözden sypdyrman belläp alýan we tagnaly sözler bilen ýüzüne basýan
bolsaň, onda sen köpçülik içinde ýeke-ýalňyz galarsyň. Öýüňde özüňi
keseki ýaly duýarsyň. Onsoň, ýola çyksaňam, ýoldaş tapylmaz. Ýylylykdyr mähir isleýän bolsak, biz beýlekileriň wawwaly tikenlerine
döz gelmäge endik etmelidiris. Mahal-mahal däl-de, hemişe özgeleriň
sanjyly häsiýetlerine hem döz gelmegi başarsak, durmuşyň zowkuny,
mazasyny, bagtyň mährini we tagamyny aýdyň duýup bileris.
AKYLLY ÝANÝOLDAŞ
Aýaly bilen ertirlik edinen adamsy, işe gitmäge taýýarlanyp
başlady. Açaryny almak üçin içerki otagdaky iş stolunyň ýanyna
bardy. Birdenkä stoluň üstüni we telewizoryň ýüzüni çala örten çaň-tozana gözi düşdi. Ol açaryny öňki ýerinde goýdy-da, usullyk bilen
otagdan çykdy we parahat äheňde aýalyna ýüzlendi: «Keýwany, iş
stolumyň üstündäki açarlarymy alyp goýber» diýdi.
Aýaly otaga girip, stoluň üstündäki açarlary almakçy bolanda,
çaňlaryň ortasynda barmak bilen ýazylan: «Meniň ezizim» diýen ýazga gözi düşdi. Aýaly bu ýazgyny okady we açary alyp, otagdan çykmakçy bolanda, telewizoryň ýüzündäki «Ömrümiň hemrasyna söýgi
bilen!» diýen ýazgyny hem gördi. Aýaly adamsyna açary gowşurdy
438
we müýn gatyşykly ýylgyryş bilen ýoldaşynyň ýüzüne garady. Bu
ýylgyryşda: «Öýüň arassaçylygy üçin mundan beýläk has çynlakaý
alada ederin» diýen manyny okamak müşgil däldi. Adamsy ýazgysyna magat düşünendigine göz ýetirdi we ýylgyryşa ýylgyryş bilen
jogap berdi.
Ol ýanýoldaşynyň bärden gaýdýan käbir hereketlerine azgyryljak, gygyrjak, haýbat atjak ýa-da ýazgaryp, köteklejek bolmady. Her
bir zada mylakatly we göwne degmezlik bilen çemeleşdi, garaşylýan
netijäni hem aldy. Ähli ýagdaýda hem mylakatly, hoşgylaw bolmagy
unutmaly däldir.
ARZUWLARYŇYZY AÝAP SAKLAŇ!
Mugallym okuwçylaryndan geljekki etsem-goýsamlary,
arzuw-maksatlary dogrusynda düzme ýazmaklygy talap etdi.
Okuwçylaryň birinden öňňesi düzmelerini dessine tamamlap, mugallyma tabşyrdy. Emma bir okuwçy şol ýazyp gidip otyrdy. Ol
kagyzyň bir ýüzüni dolduryp, beýleki ýüzüni hem süýji we beýik arzuwlary bilen bezemäge başlady. Onuň arzuwlarynyň arasynda kaşaň
köşk, naýbaşy ulag, iň owadan we işeňňir ýanýoldaş we beýleki has
gowy zatlar bardy. Mugallym düzmeleri gözden geçirip, olara baha
goýdy-da, kagyzlary yzyna berdi. Ýöne arzuwçyl oglana pes baha
goýdy. «Sen öz ýagdaýyňa seret, günemaňy zordan aýlaýaň. Beýle
zatlara ýetmek saňa miýesser etmez. Ýetip biljek zatlaryňy arzuw et.
Asmany arzuwlanyňda hem aýagyňy ýerden üzmeli däl. Bolmajak
zatlary arzuw etme. Gowy baha alasyň gelýän bolsa, arzuwlaryňy
täzeden ýaz, uly baha goýaýyn» diýip, mugallym netijesini delillendirdi. Okuwçy uly ynam we gaýratlylyk bilen: «Minnetdar, ýoldaş
mugallym, berjek bahaňyz özüňizde galsyn, men öz arzuwlarym
bilen galaýyn» diýdi. Durmuş uzak garaşdyrmady. Ýaňky arzuwly
oglan göz öňüne getirýän we çyndan isleýän zatlarynyň hemmesini
gazandy, maksatlaryny hasyl etdi. Hatda arzuwyndan hem has artyk
gazandy we has ajaýyp günlere ýetdi.
439
Özleri bilmezden, asylly maksatlaryňyza aýak direýän ýa-da
ýagşy arzuwlaryň ganatyny gyrýan adamlar durmuşda käte gabat
gelýär. Olaryň käbiri raýymyzdan gaýtarmak üçin şeýle bir yhlas
edýärler, ýüz dürli oý-pikir suňşuryp, badyňyzy alýarlar, ünsüňizi
başga tarapa sowýarlar. Şeýle adamlara her ýerde, hatda öz golaýyňda
hem gabat gelip bolýar. Mahlasy, seni arzuwlaryňdan dändirmek
isleýän, ep-esli hokga ýa hekaýat toslap, asylly işiňden alyp galýan,
beýik arzuwlary «bolmajaklygy» bilen dowula salmak isleýän adamlardan eserdeň bol – arzuwlaryňy hiç kime ogurlatma!
PYŞDYL
Bir çagajygyň kiçijik pyşdyly bar eken. Onuň bilen oýnapdyr,
otjagaz beripdir, iýmläpdir. Dostuna şeýle bir öwrenişipdir. Gyş
günleriniň birinde oglanjyk pyşdyl dosty bilen oýnasy gelipdir, ýöne
pyşdyl çanagyna gysmyljyrap, asla oýun bilen höwesi bolmandyr.
Oglanjyk eli bilen pyşdylyň çanagyna kakyp görüpdir, netije bolmandyr. Soňra çöpjagaz alyp, gorjalap görüpdir, haýry degmändir. Ahyry
taýak alyp, çanagyna urupdyr, gygyrypdyr, haýbat atypdyr, emma
pyşdylyň şol bir durşy ekeni. Gaýta pyşdylyň kejirligi artýan ýaly,
barha çanagynyň içine ýygrylypdyr. Olaryň üstüne oglanjygyň kakasy
gelipdir. Gahar-gazaba münen oglunyň başyny sypalap, ondan nämä
gaharlanýandygyny sorapdyr. Oglanjyk ähli zady bolşy ýaly gürrüň
beripdir. Kakasy ýylgyrypdyr we pyşdyly öz gününe goýmagy ündäp:
«Gel, gowusy, ikimiz söhbet edeli» diýipdir. Olar peji ýakypdyrlar we
ýyly howra çoýunyp, özara gürrüň edişip başlapdyrlar. Pyşdyl hem
ýylynmak üçin ýuwaş-ýuwaşdan bularyň golaýyna gelipdir. Kakasy
ogluna ýylgyryp bakyp: «Oglum, hemmelerem edil şu pyşdyl ýalydyr, öz meýliňe laýyk gopmaklaryny isleseň, olara mylakatly bol,
mähirli bol, ýyly gara, gepiňi gögertjek bolup, taýak bilen depelerine
kakyp durma» diýip, maslahat beripdir.
Işbaşarjaň adamlaryň üstünliginiň esasy syry şundan ybarat.
Olar ilki adamlary özleriniň ýyly sözi, ýumşak häsiýeti bilen özle440
rine çekýärler we soňra özara bähbitli ugurlarda bile işleşip, has uly
maksatlaryna ýetýärler.
Kim bilen iş salyşýan bolsaň, işleşýän bolsaň, olaryň hem
pikirlerine düşünmäge çalyş, mähir bilen gara, ýumşak häsiýetli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.