Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 1979
31.3 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
görelde bolardylar. Üstesine, beýlekiler hem onuň isleg-talabyna
laýyk jogap bererdiler. Gel, onda bu döwletli tutumy hut şu ýerden –
özümizden başlaly!
Özüň bol
«Älemiň dilinden düşmejek özgerişlik sen bol». Mahatma
Gandiniň bu sözlerini biz öwran-öwran gaýtalaýarys. Sen bu dünýä
nähili ýagşy häsiýetleri ýaýratmak isleýän bolsaň, şol häsiýetler ilki
203
bilen özüňde bolsun. Şol häsiýetler äleme senden çogup çyksyn. Älemiň
nusga alýany sen bol! Diliňden öňürti daşky keşbiň, sypat-syratyň
we bitirýän amallaryň seniň kimdigiňi dünýä ýaýsyn dursun. Özüňi
alyp barşyň, bitirýän işleriň, çekýän zähmetiň, hereketleriň bilen
özgerişligiň altyn nusgasyna öwrül. Özgerişligiň düzgünlerini
älem-jahana sen ýaýrat. Goý, şol asylly gylyk-häsiýetleriň dünýä
ýaýraýan merkezi sen bol. Beýle diýsek, hiç kese asla üns bermän,
diňe özüňi özgert, özüň bilen bol diýdigimiz däl. Esasy zat, özgelerde
haýsy ýagşy häsiýetleriň bolmagyny isleýän bolsak, şol häsiýetler ilki
bilen biziň özümizde bolsun. Başgalardan edýän tamamyzyň mukdary
özümizi alyp barşymyzdan artyk gelmesin. Ikisi sazlaşykly, utgaşykly
gitsin. Şeýdilende her iki tarap bu asylly ýolda birek-birege ýardamarka bolýar gidiberýär. Şeýle bir şygyr setirleri bar:
«Özgelere öwüt berýän, eý, ynsan,
Şol öwüdi özüňe hem ber.
Gel, şony ilki bilen özüňden başlaly,
Hötde gelip bilseň, sen bir hekimsiň».
Ine, biz ilki özümizden talap edip bilsek, özümizi has gowulyga
tarap özgerdip bilsek, onda aýdan sözlerimizi diňlärler, bizden nusga
alarlar, biziň täsirimiz köpe ýaýrar…
Şu ýerden we şundan başla!
Dünýäniň gurluşyny, durmuşyň dowam edişini has gowy usulda
üýtgetmek islesek kimden başlamaly? Iň oňat başlangyç, ýüz görülýän aýna seredeniňizde kimi görýän bolsaňyz, hut şondanam başlaň.
Eger-de ertirimiziň kir-kimirsiz, päkize we nurana bolmagyny isleýän bolsak, onda şu günden, hut şu pursatdan başlap,
durmuşymyzyň we düşünjelerimiziň ýüzüne ýokaşan tegmilleri,
nogsanlyklary, aýyplary aýyrmagy özümize borç edineliň. Nogsanly
ýerlerini kämil edeliň, säwlik-hatalaryny düzedeliň. Özi hem heniz
özgelere maslahat bermänkäk, özgeleriň şeýle gopmagyny tama etmänkäk, ilki özümizi şol düzgüne girizeliň. Özüni düzedip bilýän
adam özgelere hem täsirini ýetirip bilýändir.
204
Hereket et:
1. Özgelere «ýaman» diýmegiňi bes et.
2. Öz nogsanlygyň, bärden gaýdýan ýa-da öte geçýän häsiýet-hereketleriň hakda mazaly pikirlen we olardan halas bolmagyň alajyny et.
3. Şahsy nogsanlyklaryňy, edýän işiňde goýberýän kemçilikleriňi
öwren we olary düzetmäge çalyş.
4. Şol ýagşy amala ilkinji meýletinleriň biridigiňi aýan et we
şondan soň beýlekileriň hem saňa eýermegi üçin gaýrat et.
***
SENIŇ GELJEGIŇI BILÝÄRDIM…
Tom we onuň süýtdeş dogany ikisi-de gyzgalaňly söweşleriň
birinde duşmana gaýtawul berip ýördüler. Dartgynly pursatlaryň
birinde Tomuň dogany agyr ýaralandy, özi bolsa aman-esen sypyp
bildi. Tom we onuň ýoldaşlary bir buky ýere özlerini atyp, demini
dürsemäge durdular. Az-kem seri durlanan Tom gidip, doganyny gözlemäge goşun serkerdesinden ejaza sorady. Ýöne serkerde mundan
çürt-kesik boýun towlady: «Tom, ýalňyşmaýan bolsam, hälki dartgynly pursatlarda seniň doganyň heläk bolandyr. Gowusy, özüňi hem
heläkçilige iterme. Janyňy nähak ýere orta goýma». Tom serkerdesiniň
bu gadaganlygyna bakmazdan, öz islegini erjellik bilen gaýtalap, talap etdi durdy. Serkerde esgeriniň bu üznüksiz talabyna ahyry razylyk
berdi. Tom söweş bolan ýere dolanyp geldi. Ol duşmana görünmezlik üçin elde baryny edýärdi. Tom ahyry doganyny gözläp tapdy.
Agyr ýaralanan dogany soňky demini sanap ýatyrdy. Tom doganynyň
ýanyna bardy we ony gujagyna gysdy. Köp wagt geçmänkä hem dogany şol ýerde – Tomuň gujagynda amanadyny tabşyrdy. Tom yzyna
dolanyp gelende serkerde ondan agasynyň halyny we ýitigini tapyp-tapmanlygyny sorady. «Gideniňe görä, yhlasyň ýerine düşdümi?
Doganyňy görüp bildiňmi? Janyňy gaty töwekgelçilige sokýarsyň,
Tom. Ýeri, doganyňy getirdiňmi?» diýip, serkerde sorapdyr.
205
Tom oňa: «Ýok, serkerde, doganymy getirip bilmedim. Oňa derek men onuň umydyny ödedim. Onuň menden garaşan zadyny ýerine
ýetirdim. Süýşenekläp, doganymyň ýanyna baramda we ony elime
alyp, gujagyma gysamda, doganym maňa: «Tom, men seniň geljegiňi
bilýärdim, seniň geljegiňi duýýardym…» diýdi…
Umydy ödemek hem iň uly sylag ahyry... Dogany Tom hakynda ýagşy pikirde bolupdyr, onuň geljekdigine, özüni idejekdigine
ynanypdyr. Tom hem doganynyň umydyny puç etmändir. Şu kyssany okanym bäri, bir sowal bagrymy byjyklap, hiç ynjalyk berenok.
«Il-gün biz hakda nähili pikir edýärkä? Il-gün biziň nähili hereket etmegimizi isleýärkä?».
Beýleki adamlar biz hakda hemişe ýakymly we gowy pikir edýän
bolsalar, olar bizden hemişe ýagşy bir işe ýa-da ýagşylyga garaşýan
bolsalar, bizde arassa we asylly ahlak sypatlaryny görýän bolsalar,
bizden beýik işleri, belent häsiýetleri towakga edýän bolsalar, bu örän
oňat ýagdaý. Mundan has oňady bolsa biziň şol ynamlary, umytlary
ödäp bilmegimiz. Gel, men saňa birnäçe sowal bilen ýüzleneýin:
1. Pikirleriňiz gabat gelmedik halatynda özgeler sizden nämä
garaşýar?
2. Gaharyňyz gelende, özgeler sizden nämä garaşýar?
3. Uly üstünlige ýeteniňizde, özgeler sizden nämä garaşýar?
4. Beýlekiler agyr derdi-bela uçranlarynda, olar sizden nämä
garaşýar?
5. Gaýgy-alada çümen wagtyňyz, özgeler sizden nämä garaşýar?
6. Size mätäçdiklerini ýaňzydan wagtlary, özgeler sizden nämä
garaşýar?
7. Beýleki ýagdaýlarda özgeler sizden nämä garaşýar?
Eger-de olaryň senden garaşýan tamasy göwün göterjek bir
zat bolmasa, onda indiki berjek sowallarym saňa hökmanam däl. Iň
gowusy sen ilki bilen özgeleriň sen hakdaky pikir-garaýyşlarynyň has
gowy bolmagyny gazan. Yhlas et. Bu olara däl, ilkinji nobatda seniň
206
özüňe gerek. Seniň özüňe ähmiýetli. Özüňe peýdaly. Beýlekiler bize
gör, nähili päk niýet, ýagşy umyt, ynam we ylham beriji umytlar bilen
bakýandyr.
Eger-de olaryň senden garaşýan tamasy gowy bolsa, onda indiki
sowala geçeli:
Sen, çyndanam, özgeleriň sen hakda edýän ýagşy pikirlerine mynasypmyň? Degýärmiň, ödeýärmiň?». Muňa nähili jogap
berseňem, hawa ýa-da ýok diýseňem, saňa bir maslahat bermekçi, biz
öz edýän asylly işlerimiz, ýagşylyklarymyz bilen özgelerde özümiz
hakda has süýji we ýakymly garaýyşlary döretmäge yhlas etmelidiris.
Ine, durmuşymyzy we hemmeleriň durmuşyny süýjetjek sebäpleriň
biri hem şudur.
Hereket et:
1. Senden üýtgeşik tama etmeýän adamlar hakda oýlan we nähili işleri bitireniňde olarda hem ýakymly täsir galdyryp biljekdigiňi
öwren.
2. Sen hakda ýagşy pikir, umyt edýän adamlary kesgitle we olaryň
umyt-tamalaryny, towakgalaryny has kämil bitirmek üçin jan et.
***
ULY ÝÜREK
Orta mekdebiň soňky synpynda okaýan Brus birdenkä agyr
derde ýolukdy. Onuň elleri hem, aýaklary hem şel açdy-da, hereket
edip bilmez hala düşdi. Ol diňe kellesini we barmaklaryny gymyldadyp bilýärdi. Muňa garamazdan, ol orta mekdebi üstünlikli tamamlap, uniwersitetleriň birine okuwa girdi. Uniwersitetde okaýan döwri
hem hiç kimse Brusyň nämedir bir zatdan zeýrenýändigini, şikaýat
edýändigini görmedi. Gaýta, onuň gursagy maksada okgunlylyk
bilen güýç-gaýratdan dolup-daşýan ýalydy. Şadyýan hem degişgendi.
Dostlary ol hakda söz açanlarynda: «Kellesiniň içinde ullakan akyl
bar. Gursagynda ullakan ýüregi bar» diýişýärdiler. Günleriň birinde
dostlarynyň biri ondan şikaýat edere, zeýrenere köp sebäbiň bardy207
gyna garamazdan, bu güler ýüzlüligiň, umytlylygyň, ruhubelentligiň
syry-sebäbi hakda sorady. «Ikisinden birini saýlamaly boldum.
Durmuşymyň galan bölegini ýa agy-perýat edip geçirmelidim.
Ýa-da bu ýagdaýymy boýun almak bilen öz maksatlarymy hasyl etmäge ymtylmalydym. Oňyn we işjeň herekete dowam etmelidim».
Brus ikinji ýoly saýlap alypdyr. Zeýrenmän, nalaman ýaşamagy, öz
ýagdaýyna düşünip, kaýyl bolup, hereket etmegi ileri tutupdyr. Ol
ýylgyrmagy we umytly bolmagy eý görüpdir. Hereket etmegi we
zähmet çekmegi, amal etmegi saýlapdyr. Brus uzak ömür sürmedi.
Ol otuz bir ýaşynda gözüni müdimilik ýumdy. Ýöne onuň teni sowasa-da, köplere nusga bolan özüni alyp barşy gursaklarda mekdep
bolup ýaşaýar. Onuň galdyran mirasy hemmelere peýdaly. «Brus
mejalsyz göwresini alyp gitse-de, ägirt uly düşünje baýlygyny miras
goýup gitdi. Onuň durmuş meýdanynda galdyran barmak yzlaryny
her kim öz durmuşynda peýdalanyp biler» diýip, Brusyň dostlarynyň
biri ýatlaýar. Brus diňe bir öz durmuşynda peýda bolan adamlara
däl, eýsem, onuň bilen bagly durmuş hekaýatyny okanlaryň hemmesine-de täsir etdi. Hemmeleriň kalbynda öz yzyny goýmagy başardy.
Ol ýagdaýlaryň nähilidigine garamazdan, asla zeýrenmeli däldigi,
bela-beterler gara bulut deýin başyňy gaplanynda hem agy-iňňildä
per we ser bermeli däldigi, takdyr-täleýi, ýazylan kysmaty kaýyllyk
bilen kabul edip, ýagşy maksatlar, süýji umytlar bilen öňe hereket
etmelidigi, işjanly, maksada okgunly, ruhubelent bolmalydygy hakdaky habary ýaýdy. Onuň uly akly bardy, ol akly agyr-kyn pursatlaryň
hiç biri-de birjik-de garjaşdyryp bilmedi. Onuň beýik ýüregi bardy,
ol ýüregi agyryly, gözgyny hal-ýagdaýlaryň, hadysa-wakalaryň hiç
biri-de ejizledip bilmedi. Ol ýaşaýşy zeýrençdir nalalaryň arasynda
däl-de, durmuşyň her pursadyndan lezzet alyp durmuşyň her sagadyny peýdalanyp ýaşamalydygy hakdaky çagyryşdy.
Zeýrençsiz 24 sagat. Ine, biziň berjek teklibimiz. Çynlakaý
synanyşyp göreliň. Öňümizdäki 24 sagadyň dowamynda hiç zatdan
zeýrenmän, hiç kimsä käýinmän, durmuşdan nalaman, ýagdaýlardan
208
nadyl bolman ýaşap göreliň. Gujur-gaýratly, ynamly we dogumly,
işjanly we umytly hereket edeliň. Duş gelen her bir ynsanyň kalbynda
ägirt uly hoşallygy, ýakymly täsirleri miras goýalyň. Has dogrusy, bu
meniň teklibim däl. Bu sözler Brusyň ýazyjy dostunyň teklipleridir.
Hereket et:
Öňümizdäki 24 sagady hiç kimden we hiç zatdan zeýrenmän
geçirjekdigiňi pugta ýüregiňe düw.
***
HAÝYR DÄNELERI
«Kalbyň çuňluklaryna aralaş, onuň içinde haýryň däneleri gömülendir. Her gezek ýüregiňi açdygyňça, içine çümdügiňçe, haýyr
däneleri hem has köp ýüze çykmak bilen bolar».
Her birimiziň kalbymyza ýagşylygyň tohumlary sepilen. Ýöne
onuň üstüni örtüp duran inçe-ýogyn gatlaklar bar. Köwläberseň,
şol gatlary aýryberseň, ahyr soňunda ýagşylyk däneleriniň üstüni
açýarsyň. Ana, şondan soň ýagşylyk şeýle bir boý alýar, oňa ideg-esewan etdigimizçe, ol pür-pudak ýaýradyp, ajaýyp miwelerini
berip başlar. Size çypbakaý-çynymy aýdýaryn, şu sözlerimde hiç
galatlyk we çişirme ýokdur. Kimdir biriniň göwnüne degýän bolsak
ýa-da ynjydýan bolsak, biziň kalbymyzda ýagşylyk tohumlarynyň
ýokdugyny aňlatmaýar. Ilki bilen onuň kalbymyzda bardygyna ynanmagymyz gerek. Ilki ony saklaýan böwetleri, perdeleri köwläp aýyrmaly. Soňra ony ýeterlik üns-alada bilen gurşamaly. Ýüreklerimize
ynjalyk we rahatlyk salyp biler ýaly derejede oňa ideg etmeli. Şol
ýagşylyk tohumlary bilen özgelere mähir-muhabbet, haýyr-yhsan
paýlamaly. Geçirimlilik etmegi, bagyşlap bilmegi esasy häsiýetimize öwürmeli. Käteler başgaça görünýändigine garamazdan, bizi
gurşap alan her bir adamyň kalbynda hem hut şunuň ýaly ýagşylyk
tohumlarynyň bardygyny bilmegimiz, ynanmagymyz gerek. Eger
olar hem birbada bu däneleriň üstüni köwläp, açyp bilmedik bolsa* 14. Sargyt № 975
209
lar, olar häzirlikçe biziň olara düşünmegimize, olara mähir-mylakatly garamagymyza, olara gadyr-hormat goýmagymyza mätäçdir. Olar
biziň hoşamaýlygymyza, sabyr etmegimize mätäç. Biz özümizden
bitýän hereketleri etsek, olaryň kalbyndaky ýagşylygyň hem mäkäm
kök urup, ösüp çykjakdygyna, hemmelere haýyr miwelerini eçiljekdigine şek-şübhe ýok.
Bar zatdan ähmiýetlisi biz ilki bilen öz kalbymyzdaky ýagşylyk
däneleriniň boý almagy üçin yhlas etmeli. Ýagşylygyň haýyrly miwelerini ilki bilen biz eçilmeli. Ýagşylygyň iň lezzetlisi, iň datlysy
hem şu ahyry – ýagşylygy ilki özüň etmek.
***
SUWUŇ ZAÝALANMAZLYGY ÜÇIN...
«Suw akman dursa, onuň zaýalanýandygyny gördüm,
Syýahat etse sag ol, dursa durşuna sökel.
Şir hem gowagyny ýassanyp ýatsa, aw edip bilmez,
Peýkam ýaýdan aýrylmasa, nyşana degip bilmez».
Suwy zaýalaýan zat – onuň akman, hereket etmän, bir ýerde saklanmagy. Hereket etdigiçe, akdygyça, suwuň tagamy hem, ýokumy hem
juda gowy bolýar. Ýolbarslar hem hut şeýle, gowagyndan, süreninden
çykman ýatsa, awunyň yzynda ylgamasa, hiç zat gazanyp bilmez. Şir
bolsa-da, rysgy ýatan ýerinde agzyna gelmez. Peýkamyň ujy her näçe
ýiti bolubersin, ýaýdan aýrylmasa, uzaga atylmasa, hereket etmese,
nyşana degip bilmez. Hatda degmek beýle-de dursun, hereket etmese,
golaýyna-da baryp bilmez. Ynsan hem edil şular ýaly, yhlas-hereket etmese, bilini bek guşamasa, bir ýerden başga ýere ýöremese, ýönelmese,
jan we tagalla etmese, onuň akly-da, kalby-da bulanyp, harlanyp başlar
we durmuşda hiç wagt maksadyna ýetip bilmez.
Durmuş hakda ýazylan kitaplardan, aýdylan sözlerden, hikmetli
depderlerden belläp alan we gaýta-gaýta ýatlaýan şu sözlerimi seniň
bilen paýlaşaýyn.
210
Hereket et... Hereket edýärkäň, belki-de bir ajaýyp zadyň üstünden basarsyň. Duran aýagyň täze bir zadyň üstünden basandygyny
eşitmersiňiz.
Dogry ýoldan ýöräp barýan hem bolsaň..., otursaň..., aýaklaryň
üýtgeşik zat basmaz, gaýta gurşup galar.
Hereketsiz göwre hemişe hereketsizlige, mejalsyzlyga ýykgyn
eder. Hereketli göwre hemişe hereketlilige, janlylyga ýykgyn eder.
Hereket, hereket, hereket...
Gaýrat, tagalla, janypkeşlik...
Dek durma, ýaýdanma, biagyry bolma, ýaltanma, köp ýatma...
Ine, aýtmak isleýän zatlarymyz şulardan ybarat. Hereketlilik
biziň durmuşymyzy özgerdýän esasy güýç. Ýaýdanmak, ýaltanmak ýaly häsiýetler hereketiň öňüne böwet bolmasyn. Sähel salymlyk şowsuzlyklar hereketi togtatmasyn. Saňa iki sany wakany gürrüň
bereýin.
Ol ýerde umyt bar…
Dostlarymyň biri hemişe hemme zatdan nägile bolar ýörerdi.
Durmuş wakalaryndan, her dürli ýagdaýlardan, amatly pursatlaryň
döremeýänliginden, iş tapmaýanlygyndan, ondan, mundan, senden,
menden… Bir gün oňa bildiriş berilýän gazetleri getirmegi we hödür
edilýän işler bilen gyzyklanmagyny maslahat berdim. Soňra iki bolup
dükanlara, bazarlara aýlandyk. Nirede nähili bildiriş bar bolsa, ählisiniň
belgilerini belläp aldyk we habarlaşyp başladyk. Şeýle günleriň birinde
ol göwün diýýän işiniň üstünden bardy. «Synanyşmakdan ýitirýän zadymyz ýok» diýip, maslahat etdik-de, şol ýer bilen habarlaşdyk. Gitdi,
gürleşdi, işiň talaby we zähmet haky bilen gyzyklandy, ýörite synaglaryny tabşyrdy. Gaýdyp geleninde işe kabul ediljekdigine birjik-de
ynamy ýokdy. Ýene-de öňki bolşy ýaly umytsyz we göwnüçökgündi.
Aradan köp wagt geçmedi. Şol edaradan gelen hat dostumyň işe kabul
edilendigini habar berýärdi. Häzir dostum şol edarada uly wezipelerde
abraý bilen işläp ýör. Özümize sowal bereliň, eger-de dostumyz hiç hili
hereket etmän, ugruna çykman, şol bir duran ýerinde saklanan bolsa,
211
hereket etmäge derek zeýrenip, nalap, özünden gaýry hemme zady
ýazgaryp ýörenliginde şu zatlar amala aşarmydy?
Şeýle wakalaryň ýene birini gürrüň bereýin. Bu dünýäbelli bir
restoran eýesiniň başyndan geçen wakalar. Ol özüniň oýlap tapan täze
tagamlaryny hödürläp, ýany bilenem iş sorap, müň sany restorana ýüz
tutupdyr. Emma hiç restoran onuň islegini kanagatlandyrmandyr, teklibini hem, özüni hem işe kabul etmändir. Ýöne durmuş dowam edýär.
Müň gezekde bolmandygy onuň asla bolmajakdygyny aňladanok. Ol
şondan soňam ýan bermändir. Göwni isleýär, ýüregi atygsap dur. Soňam
onlarça ýere ýüz tutupdyr, ukyp-başarnygyny teklip edipdir. Ahyry hem
bir restorana işe kabul edilipdir. Ilki şol ýerde işläpdir, özüni görkezipdir. Häzir bolsa uly bir restoranyň eýesi bolup otyr.
Örän köp adamlar öz hereketlerine, ukyp-başarnyklaryna özleri
çäk goýýarlar. Bir ýa-da iki gezek synanyşyp görýärler, ugrugybermese, umytdan düşüp, lapykeç bolup, indiki hereketlerden elleri sowap
galyberýär. Hereket etmekden saklanýarlar. Şeýle adamlar bilen birje
pikiri paýlaşasym gelýär: «Hereket ediň, ýagşy pursatlar alnymyzda.
Hereket ediň, has gowy günler entek öňümizde. Hereket ediň, bikär we
gamgyn oturmakda, ömri bimany ötürmekde nä haýyr bar?».
Durmuşdaky ençeme ýagdaýlar hereket eden ýerimizde bir netijä
ýetendigimizi tassyklar durar. Hut özüm hakda aýtsam, durmuşymda
iň köp säwlik goýberen ýerlerim, haçanda bir-iki synanyşykdan soňra,
hereket etmegi däl-de, işe berilmän oturmagy ileri tutan pursatlarymdyr. Ana, şol ýagdaýda men has köp hata goýberýän ekenim. Ýadamakdan çekinip, özümi rahatlyga, arkaýynlyga beren çagymda nebir
pursatlar elden gidip, ajaýyp pursatlar zaýalanyp, ýitip gidýän ekeni,
gaýta has beter şowsuz bolýan ekeniň.
Hereket et, hatda durmuşyň asuda-endigan, hemme zat ýerbe-ýer
bolsa-da, hereket et. Täze zatlary öwren. Has ajaýyp işleri bitirmäge
pursat ara. Täze hünärlerde, täze ugurlarda synanyş we kämilleş. Täze
gatnaşyklary ýola goý. Aýaklaryň täze zatlary basýança dek durma,
arkaýyn bolma, hereket et. Durmuş tigrinden düşýänçäň hereket et, he212
reketde bol. Belki-de, maksatly we ynamly ädilýän gadamlaryň seni has
ajaýyp, has abadan, has belent bir ýerlere elter. Saňa ähmiýetli ýerlere
elter. Ýa-da dostuňa öwrüljek bir kämil şahs bilen gabatlaşdyrar. Ýa-da
miwesini ýoljak, hözirini görjek pursatlaryň bilen ýüzbe-ýüz eder.
Hereket et:
1. Has işjanly we has köp hereket etmegiň ýollaryny kesgitle,
planyny çyz.
2. Gereginden artyk uka berilýän bolsaň, ukynyň sagat sanyny
azalt. Kadaly ýatmaga endik et.
3. Bimany zatlara sarp edýän wagtyňy peýdaly zatlara harçlamaga çalyş. Wagt iň gymmatbaha puldur. Ony nämä harçlaýandygyňa
üns ber – peýdaly zatlara sowýarmyň ýa-da juda bimany zatlara?
***
GOWUSYNDAN GOWUSY
Amerikada basketbol toparynyň bir tälimçisi ogluna hem-de
oýunçylaryna kämillik, ajaýyplyk, gowulyk hakda gaýta-gaýta berk
sargar ekeni: «Haçandyr bir gün has gowy bolaryna garaşmaň-da, hut
şu pursadyňyzyň has gowy bolmagy üçin çalşyň».
Tälimçi haýsydyr bir has möhüm ýaryşyň has tapawutly, has
çekeleşikli, has ýatda galyjy bolmagy üçin garaşman, her günki
ýaryşlaryň, türgenleşikleriň has gyzykly, has ajaýyp bolmagy üçin
yhlas etmelidigini pugta ýatladar ekeni. Olara has ähmiýetli we has
çuňňur zady düşündireninden soňra, hatda uly üstünlik gazanylmadyk her bir güni hem has gowy geçirmeklerini ündär ekeni. Her birimiz her günümizi ajaýyp etmegiň hötdesinden gelip bilýäris. Her
birimiz muny başarýarys. Her gün özümizi begendirjek, göwnümizi
hoşal etjek köp işleri bitirip bilýäris. Beýleki adamlary begendirjek,
hoşuna gitjek, maňzyna batjak, tüwelemesine we alkyşyna eýe etjek
ýagşy ahlak-häsiýetlere bürenip bilýäris. Başlan işimizi doly we
kämil berjaý etmegi başarýarys. Haýyr-yhsan, ýagşylyk, sahawat
213
edip, perwerdigäri razy etmegi hem başaryp bilýäris. Beýlekilerde
özümiz hakda ýagşy pikirleri kemala getirdip bilýäris. Öňümizde
ýagşy işleriň niýetini düwüp, maksadyny goýup, olara amal edip,
günüň ahyrynda bitiren işlerimize şükür edip, asuda, ynjalykly
göwün bilen hoş hal we bagtyýar halda uka batyp bilýäris. Çünki
biz bir günümizi iň ajaýyp şekilde ýaşadyk ahyry.
Hereket et:
1. Öňüňde aýdyň bir meýil goý, nämeler edeniňde şol günüňi has
ýatda galyjy, has ajaýyp edip bilersiň? Şol işi bitireniňde şol günüňi
has ajaýyp etjek işleriň çyzgysyny çek.
2. Şol günüňi şeýle geçir we soňra şol günüň ahyrynda düşege
geçeniňde nähili rahat duýgulara hemra bolandygyňy biz bilen
paýlaşmagy unutma.
***
SENIŇ BAHANAŇ NÄME?
«Mümkinçilik köpeldigi saýy iş etmezlige hem şonça bahana
tapylýar». Haýsy kitapdan okandygym ýadyma düşenok, ýöne bu
jümläniň köp adamlar babatda rastdygyny welin, ýüz görmän aýdyp
biljek. Başgalary mysal getirmän, hut özüm hakynda aýtsam, ilki-ilkiler bu meniň özümde hem agdyklyk edýän häsiýetleriň biridi. Durabara bahanalara duwlanmak endigimden saplanyp başladym. Her gezek
iş etmezlige bahana tapylanda, öňümde bir şerti keserdip goýdum:
«Durmuşda üçünji ýol ýok. Iki ýol bar. Birinjisi – bahana, ýagny bahanalara duwlanmak we hiç zat etmezlik, hiç zat gazanmazlyk. Ikinjisi
– netije, ýagny iş etmezlige ýeterlik bahana bar ýaly hem bolsa, oňa asla
ýüz bermän, işiň netijesine gyzykmaklyk we işi dowam etmeklik». Ýa
netije, ýa bahana. Men netijäni saýlap aldym we bahanalary terk edip
başladym. Käteler uzakly günki işden ýa-da duýdansyz peýda bolan
aladadan ýaňa beýnim ýarylara gelse-de, öňümde maksat edip goýan
işlerimi hökman ýerine ýetirýärin. Mysal üçin, her gün ýatmazymdan
214
ozal kitap okaýaryn, ýogsam käbir günleriň aladasy, argynlygy «beýdip özüňi köseme, bu gün ýat-da, dynjyňy al. Ertir iki paý okaýarsyň»
diýip, gulagyma pyşyrdap durýar. Ýöne meni bahanalar gyzyklandyrmaýar. Meni diňe netije gyzyklandyrýar.
Tanymal ýazyjy Jon Fobuň «Seniň bahanaň näme?» atly bir gowy
kitaby bar. Adatça, şeýle mazmundaky kitaplarda her ýazyjynyň öz
durmuş ýoly, gören kynçylykdyr görgüleri, gelen netijeleri we okyjylara hödürleýän maslahatlary orun alýar. Käte bolsa, hatda, özleriniň
ömründe etmedik, ýerine ýetirmedik, ýöne dogry-makul saýan zatlaryny hem maslahat berýärler. Emma Jonuň bu kitaby başga hörpden
gopýar. Ol arzuw-isleglerimizi amal etmekden alyp galýan bahanalarymyz hakda soraýar. Bahana duwlanmagy düýpgöter terk etmegi maslahat berýär. Bahanalara daýanmagy endige öwürmeli däldigini berk
sargaýar we bahanalardan gaça durmagy talap edýär. Şu mowzukda
söz açýan kimdir birine ynanmaly bolsa, onda şu awtora ynanmagymyz gerek. Kimdir biriniň pikirine eýermeli bolsa, onda ýene-de Jon
Fobuň pikirlerine üns bermegimiz gerek. Sebäbi Jon Fob dünýä inende
iki goly bolmadyk, kemis perzent bolup inipdir. Emma ol durmuşyň
öz öňünde keserden bu päsgelçiligini ýeňip geçmegi başardy. Ejizläp,
bahana duwlanyp, ýan berip oturmady. Döwrüniň iň meşhur we tanymal söz ussatlarynyň, suhangöýleriniň biri boldy. Biz şeýle adamlaryň
işleýşinden, geljegi isleýşinden nusga almaly. Durmuş ýüküni mertlik bilen çekmeli bolanymyzda hem-de arzuw-umytlarymyzy amala
aşyrmakda, maksatlarymyzyň ugrunda ylgamaly, yhlas etmeli bolanymyzda hergiz bahana duwlanmaly däldiris. Arzuw-umytlaryň sesine,
üstünligiň çakylygyna oňyn jogap bermegimiz gerek.
Ýeri, seniň bahanalaryň nähili?
Ýüregiňdäki süýji arzuwlary, gursagyňy ylhamdan yaňa ýarara getirýän beýik maksatlaryňy amal etmekden alyp galýan nähili
bahanalaryň bar? Seniň ýalňyşlaryňa we säwlikleriňe, şowsuzlyklaryňa
jogapkär bolan ol bahana şemleri nähili zat? Heniz bu bahanalaryňy
215
sanap, saldarlap ýetişmänkäň, men saňa başga bir sowal bilen ýüzleneýin. Psiholog lukmanlaryň biri ýörite synag geçirip görüpdir. Ol öz
hassalarynyň durmuşdaky şowsuzlyklary we ony nähili kabul edişleri
hakda gürrüň bermegini sorapdyr. Hassalaryň her biri lukmanyň ýanynda içini döküpdir. Şeýle bir saýrapdyrlar, şondan soň olary basmarlap
duran agyr güýç hem bir ýana aýrylyp giden ýaly bolupdyr. Akyllary
durlanypdyr. Göwünleri ynjalyk tapypdyr. (Iç döküşmäge bir adamyň
tapylmagy hem ykbalyň sowgadydyr. Sizi üns bilen diňleýän we
size düşünýän, siz bilen pikir alşyp bilýän adamlar bar bolsa, olardan
daşlaşmaň. Şeýle adamlara hemişe ýakyn boluň). Hassalar ýüreklerini
gowzadanlaryndan soňra, lukman olara özleriniň arzy, bahanasy ýazdyrylan kassetany diňledipdir. Olaryň käbiri, hatda köpüsi bu kassetany
diňlänlerinde, onuň diňleýjä örän uly agram salýandygyny, ters täsir
edýändigini duýupdyrlar. Üstesine, bahana hökmünde aýdan zatlarynyň
dile çolanyňa degmeýän bir hokgadygyny hem boýun alypdyrlar. Öz
seslerini, zeýrençlerini olaryň özleriniň hem diňläsi gelmändir.
Daş-töweregiňe we özüňe gara. Arzuw-islegleriňi, maksatlaryňy
gözden geçir. Berjaý etmezligiňe nähili we näçe «böwet, päsgelçilik»
görýän bolsaň, bu bahanalaryň hemmesini birin-birin belläp al, kagyza
ýaz. Soňra başga biri saňa şol zatlary gürrüň berýän ýaly göz öňüne
getir. Şol ýagdaýda sen olara näme maslahat, neneňsi ýol-usul salgy
bererdiň. Hut şol maslahaty hem ilki özüň ýerine ýetirip başla.
Men – güýç:
Uly üstünlikler gazanan, öňde goýan arzuw-maksatlaryny amal
eden hünärmenleriň biri özi hakda söz açanda «men – güýç» diýip
ýatlaýar. Ýogsam, ol hem durmuşynda kän kynçylyklary gören, kötel ýollardan, dartgynly pursatlardan ýeterlik paýyny alan adam.
«Men –güýç» diýen durmuş şygaryny bolsa şeýle düşündirýär: «Men
– güýç. Öz durmuşymyň serkerdesi – özüm. Nirede nähili hereket
etmelidigimi diňe özüm çözýärin. Şahsy bagtyýarlygyma-da, şahsy
şowsuzlygyma-da diňe özüm jogapkär. Durmuşymy haýsy tarapa sow216
malydygym, nirä ugrukdyrmalydygym diňe Özüme bagly. Durmuşymy men ugrukdyrýaryn, durmuş meni ugrukdyrmaýar. Men ömür kerwenindäki hiç zada ygtyýary bolmadyk ýönekeý bir ötegçi däl. Men
ömür kerwenimiň kerwenbaşysy».
Şu sözleri bizem özümize pyşyrdamagymyz gerek. Şu hakykatlara biziňem ynanmagymyz gerek. Ähli bahanalary ýeňsämize taşlap,
üstünlik serpaýlary häzirlenip goýlan durmuş ýollaryna bahanasyz
dowam etmegimiz gerek. Durmuş menzillerini külterlänimizde we
arzuw-isleglerimizi amala aşyrmak üçin çynlakaý girişenimizde bahanalara durmuşymyzdan orun bermäliň. Bahanalar bizi aldamasyn,
maksadymyzdan alyp galmasyn.
Hereket et:
1. Arzuw-maksatlaryň hasyl bolmagyna böwet bolýan
bahanalaryňy, sebäpleriňi seljer.
2. Şol bahanalaryňy gaýta-gaýta gözden geçir we hakykata bap
gelmeýänlerini ilki bilen çyzyp aýyr. Hakykatdan saklap duran bahanalar hakda biraz oýlan.
3. Durmuşyňy täzeden ýaşap başla. Gaýtadan gaýrata gal we
bahanalara öz durmuşyňdan gaýdyp orun bermejekdigiňi ýüregiňe
düw, bir karara gel. Öz durmuşyň serkerdesi özüň bol, ol ýerdäki
adaty bir ötegçi ýa-da kerwene saý-sebäpden daklyşan bir pyýada
bolma.
***
BIR ÝYLDAN ÖMRÜŇ PAÝAWLAR...
Birdenkä lukmanlar seniň bir agyr derde ýolugandygyňy (Hernä,
Hudaýym, beýle günleri görkezmesin, hemmämize jan saglygyny,
baş bitinligini nesip etsin) we bir ýyldan ömrüň paýawlajakdygyny
ýaňzytsalar, sen nähili duýgulary başdan geçirersiň we haýsy amallary bitirmegi has ileri tutarsyň?
217
Bu zatlar hakda biraz pikirlenip ýetişenem bolsaň, gel onda men
saňa hut şeýle ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolan bir adam hakda gürrüň
bereýin. Antoni atly kyrk ýaşlaryndaky birine lukmanlar agyr derdiň
diagnozyny goýupdyrlar: «Sen bir ýyldan uzak ýaşamarsyň». Antoni
asla garaşmadyk bu habaryna birbada oýurganyp dursa-da, ol özüni
ýitirmändir. Derdiniň öňünde ejizlemändir, ýan bermändir. Antoniniň
öňki işi o diýen göwün gandyryjy, düşewüntli hem däl ekeni. Antoni aýalyna we çagalaryna bir gowy ýatlama galdyrasy gelipdir.
Ol bir agyr dert bilen barlyşyksyz göreşe girýändigini hem ünsden
düşürmändir. Antoni özüniň ähli ukyp-başarnyklaryny gözden geçiripdir. Çagalygyndan tä şol ýaşyna çenli höwes eden, meşgullanan,
ýüregine düwen, ýerine ýetiren zatlaryny birin-birin ýatlanynda,
özünde ýazyjylyk, ýazmak ukybynyň bardygyna göz ýetiripdir. Ýöne
onuň ýazan zatlary henize-bu güne çenli hiç bir ýerde çap edilmän
ekeni. Gowy, düşnükli, many-mazmunly, çeper ýazyp bilýändigine
garamazdan, ýazan zatlaryny çap etdirip, gazanç-girdeji edip görmän
ekeni. Antoni bir kagyz alypdyr we öňünde goýan birje maksady üçin
ýazyp başlapdyr. Ol aýalyna aýdasy gelen ähli zatlaryny ýazmak isläpdir. Bu ýazjak zatlarynyň giň okyjylar köpçüligine ýaýrajakdygyna welin, asla ynanmandyr. Ýöne onuň öňünde başga saýlaw, başga
çykalga barmy? Üstesine, bary-ýogy bir ýyl wagty bar… Antoni uly
höwes we yhlas bilen ýazyp başlapdyr. Ol öz işine erjellik bilen berlipdir. Şeýdip, bir ýylyň dowamynda uly göwrümli bäş sany edebi
eseri ýazmagyň hötdesinden gelipdir. Olary neşir etdirip, uly girdeji
hem gazanypdyr. Akyldarlar aýdýar ahyry, «wagt diýeniň suw ýalydyr, ýyl diýeniň «hä» diýmänkäň geçip gidýär». Bir ýyl wagt geçipdir,
ýöne Antoni amanadyny tabşyrmandyr. Dogrudanam, ol lukmanlaryň
aýdýan möhletinde durmuşyny soňlamady. Ony gurşap alan agyr
derdiň öjügme möwriti ötüşipdir-de, ol dert bedene zyýan bermeýän
ýagdaýa geçen ekeni. Durmuş şeýle, «Sanalgyň dolmasa bir sagat
öň gidilmeýär. Wagty dolsa, bir sagat gijä hem galynmaýar». Antoni
218
uzak ömür sürüpdir. Eline galamy çynlakaý alyp, ýazyp başlan mahalyndan bäri 70 sany kitaby neşir etdiripdir. Eger-de şol agyr dert ony
ölüm bilen dikleşmäge mejbur etmedik bolsa, belki-de, Antoni özi
we öz maşgalasy hakda, öz ukyp-başarnyklary hakda düýpli pikirlenmezdi.
Bu täsin durmuş wakasy bize ugur alar ýaly birnäçe ýagşy ýatlamalara hemra edýär. Ol eserden köp netije çykaryp, many alyp bolýar.
Birinjisi, haýsy bir dert bolaýsyn, onuň öňünde ejizlemesek, müzzermesek, ony derdi-mähnete däl-de, miweli zähmete öwrüp bilýäris.
Elbetde dertden gutulmagyň hem alajyny iýmeli. Esasy zat, ýene-de
zähmete, herekete, ruhubelentlige has köp ýykgyn etsek, köp dertleri
ýeňip bileris.
Ikinji bir ähmiýeti, wagtyňy bir asylly maksat, öndürijilikli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.