Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24

Total number of words is 3740
Total number of unique words is 2155
29.2 of words are in the 2000 most common words
42.2 of words are in the 5000 most common words
48.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Allatagala laýyň arasyndaky gurçuga, höwürtgelerdäki guşlara,
suwuň astyndaky balyklara rysgyny ýetirýär. «Ýerde süýrenip ýören
her bir jandaryň, asmanda ganat kakýan her bir guşuň rysgy hem edil
siziňki ýaly Biziň gol astymyzdadyr» diýlip, Gurhanda ýatlanylýar.
Garny aç gidip, doýup gelýän guşlara hem rysgyny berýän, her kesi
iýdirip-içirýän Alladyr. Sen gurçukdan, guş-gumrudan, balykdan has
eziz we akylly bolup durkaň, hiç wagt rysgyňy gaýgy etme!
Käbir tanyş adamlarym bar, olaryň başyna düşen garyplygyň,
gaýgy-hasratyň, dargursaklygyň aňyrsynda Hudaýdan üzňelik we hak
ýoldan uzaklyk ýatyr. Allatagala olaryň birnäçesine baýlyk, bol-telki
nygmatlar eçildi, rysgyny giňden ýaýdy. Allanyň beren saglygynyň,
haýrynyň içinde ýaşadylar, emma ündelen hak ýoluny tutmadylar,
parzlaryny-borçlaryny berjaý etmediler. Ne sadaka, ne zekat berdiler,
ne ýagşylyk etdiler. Gaýta, meslige başyny sämedip, uly günälere
dokundylar. Şondan soň Allatagala olaryň süňňüniň sagdynlygyny,
rysgynyň giňligini syryp aýryp, garyplyga, gaýgy-gama, alada-ünjä
duçar etdi. Olar kynçylykdan kösençlige, barha beterinden beterine
sataşdylar. Ýogsamam, Allany unudýan adamlar üçin, elbetde, bagtsyz durmuş bardyr. Adamlar öz häsiýetlerini üýtgetmeseler, Alla hem
olara berýän nygmatyny üýtgetmez. «Eý, ynsanlar, size bir bela ýetse,
diňe öz eliňiz bilen eden närsäňiz – günäňiz sebäpli ýeter» diýlip,
Gurhanda ýatlanylýar.
Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar: «Biperwaýlyk bilen
elden gideren Leýliň üçin gözýaş dökmek biderekdir». Rysgyňy gaýgy etme, ýöne eliňde bar nygmaty harlap, onuň köýmegine hem sebäp
bolma!
***
DOGRY ÝOLA GÖNÜKMEGIŇ SYRY
Dogry ýoldan ýöremeýän adam gönençlige gowuşmaz, bagta
ýetmez we sapaly döwrandan lezzet alyp bilmez. Bu hak ýoluň bäri
363
başynda arassa ahlak, tertip-düzgün, ahyrynda bolsa bagtyýarlyk we
jennet bar. Dogry ýola ulaşan ynsan gözel akybetden hatyrjem bolar,
gowy günleriň bardygyna ynanar, Perwerdigäriň wada beren zatlaryndan köňli aram tapar. Ýaradanyň takdyryna razy bolar. Özüni dogry
ýola gönükdirijiniň bardygyny biler. Şeýle adam günä işlerden daş
durar, bimany sözlemez, haý-höwesine berlip gürlemez, ýaramaz ýoly
yzlamaz. Onuň sözleri halk üçin ýol görkeziji çelgidir. Ol şeýtanyň
taýdyrmasyndan, deň-duşlarynyň büdretmesinden we ynsana mahsus
nogsanlyklardan amandyr.
Taňry bendesi şu ýolda ýöreýändigi üçin hem özüni bagtly duýmaly. Çünki ol özüni dogry ýola gönükdirip duran Perwerdigäriň, ahlagyndan, edebinden nusga alarlyk Pygamberiň, golunda kitabyň, kalbynda nuruň, hak zady ündäp duran ynsabynyň bardygyny biler. Ol
adam elmydama ýagşylyga tarap gönüger, tagatlary kemsiz bitirmek
üçin yhlas eder, haýyr işlere höwesek ýapyşar. «Alla öz söýen bendelerini öz ýoluna salýar».
Bu dünýäde haý-höwes, nebis çeňňekleri Taňry bendesini
özüne maýyl edip, ýoldan azdyrmaga synanyşar. Her bir ynsan bu
kötelliklerden hökman geçäýmelidir. Bu dünýäde ynamy-imany,
ylmy-amaly bilen dogry ýoldan ýörän adam çarkandakly we hatarly
ýollardan sag-aman ötüp biler. Dogry ýolda ýöreýän adamlaryň gaýgysy, ünji-aladasy we derdi basym syrylyp aýrylýandyr.
***
AJAÝYP DURMUŞY ISLEÝÄN ADAMYŇ
ÝOLMALY ON GÜLI
1. Säher bilen turup, toba etmek
2. Pikirlenmek üçin ýalňyz bolmak we wagt tapmak
3. Ýagşy adamlar bilen söhbetdeş bolmak
4. Zikr, şükür etmek
5. Ýürekden berlip, iki eglim namaz okamak
364
6. Okaýan zadyňa amal etmek niýeti bilen, kitap (Gurhan) okamak
7. Jöwzaly, yssy günlerde hem agyz beklemek
8. Ile äşgär etmän sadaka bermek
9. Musulman doganyň gaýgy-gamyny egismek
10. Dünýä durmuşyna gereginden artyk köňül bermezlik.
Nuh pygamberiň oglunyň näme sebäpli betbagt bolandygyny
bilýänsiň. Ol «Bir dagyň üstüne özümi ataryn, ol meni tupandan, suwdan gorar» diýipdi. Eger-de ol barça zadyň eýesi, älemleriň Perwerdigärine ýykylan bolsa, has gowy, has bagtly, has howpsuz bolardy.
Nemrudyň näme zerarly betbagt bolandygyny bilýänsiň. Ol
«Men direldibem bilýän, öldüribem» diýipdi. Ol özüne gelişmeýän
dona bürendi, lap urdy, uly gürledi, özüne laýyk bolmaýan şekile girdi, diýmäge haky bolmadyk sözleri diýdi. Şeýdibem ol gözden düşdi,
işi bulaşdy, ahyry weýran boldy.
Bagtyýarlygyň açary bir sözdür, milletiň mirasy bir sözlemdir,
üstünligiň tugy bir jümledir. Bu söz, sözlem we jümle bolsa şudur: Lä
ilähe illallah, Muhammedur-rasululullah.
Ýerde bu sözleri aýdan ynsanyň bagtyýarlygy – asmanda oňa
«hak sözlediň» diýler.
Bu sözlere amal eden ynsanyň bagtyýarlygy – ol heläk bolmakdan, şermendelikden we dowzah odundan aman bolar.
Bu sözleri ündän adamyň bagtyýarlygy – ol elmydama Allanyň
ýardam-enaýatynyň astynda gezer.
Bu sözleri diýen adamyň bagtyýarlygy, Hak dergähinde we halk
arasynda eziz hem-de hormatly bolar.
Bilal gul bu sözleri pyşyrdap, erkinlige ýetdi. Ebu Leheb Haşymy
ol sözleri aýtmagy agyr gördi, hiç hili gadyry bolmadyk hor-homsy
bolup dünýäden ötdi. Ol söz ynsanyýet akymyny (toparyny) päkize
ylahy beýikliklerine alyp çykýan dirilik suwudyr.
365
Ýagşy işlerden ýüz öwren bolsaň, bu dünýä üçin söýünme. Çünki
tükeniksiz ejir seniň ýoluňdadyr, bagtsyzlyk seni ýuwutmak meýlindedir.
Biribar Taňrydan ýüz öwren bolsaň, beren perzendi bilen söýünmegin. Biribardan ýüz öwürmek tükel hor-harlyk, düýpli ýitgä uçramak we mertebäňi ýitirmekligiň aňry çägidir.
Amallaryň ýaramaz bolsa, mal-mülküň bilen söýünmegin, çünki
ýaman amalyň soňy «waý» bolar, dowamy zowal bolar. Ahyrynda bolsa nälete uçrarsyň.
***
ÝAGDAÝLARA GÖRÄ HEREKET ET!
Kyn zatlary zat sanmasaň, ol öz-özünden ýeňlär gider. Nämedir
bir zatdan tamaňy üzseň, ýüregiň tiz teselli tapar. Käbir adam başyna
düşen betbagtlygy ýa-da bir wakany, hadysany ýatlap, göwnüçökgünlige düşýär. Ähli zatdan, durmuşdan tamasyny üzýär. Bu düýbünden
ýazgarylýan, bolmaýan zatdyr.
Şeýle bir wakany okapdym. Adamlaryň biri penjireden bökende, onuň çep elindäki ýüzük penjirä kakylan çüýe ilişipdir we ol
çüý ýüzükli barmagy goparypdyr. Ýere düşende, ol bir barmagynyň
düýbünden döwlendigini, bir eli dört barmakly adam bolup galandygyny bilipdir. Ol özi hakda gürrüň berende: «Diňe şol wakany
ýatlanymda, elimde dört barmagyň bardygy ýa-da bir barmagymy
aldyrandygym ýadyma düşýär. Ýogsam, ýazgytdan razylygym bu
ýagdaýymy asla ýadyma salmaýar. «Ähli zat Allanyň takdyry bilendir. Ol halan zadyny eder. Alla näme isleýän bolsa, şol hem biz üçin
bähbitlidir» diýer eken.
Bir kesel zerarly çep goly düýbünden kesilen bir adamy
tanaýaryn. Ol muňa garamazdan, uzak ömür sürdi, maşgala gurdy,
perzent gördi. Ol bir eli bilenem ulaga aňsatlyk bilen erk edýär. Işini,
amalyny kemsiz-köstsüz, kynçylyk görmezden ýerine ýetirýär. Göýä
diýersiň, Allatagala ony aslynda bir elli ýaradan ýaly, hadyslaryň
366
birinde: «Allanyň saňa ýazan kysmatyna razy bol, adamlaryň iň baýy
bolarsyň» diýilýär.
Biz ýagdaýlara şeýle bir çalt öwrenişýäris. Hakyky durmuş ýagdaýlarymyza görä pikirlerimizi, oý-hyýallarymyzy hem üýtgedýäris.
Ählimiz, şeýle-de bolmaly, ýagdaýymyza görä hereket etmeli.
Nygmatyň bir tarapy egsilen bolsa, başga bir tarapynyň agdyk ýa-da
artyk bolýandygyny unutmaly däl.
Elli ýyl mundan ozal hem öýlerimiziň töründe gamyş boýra
düşelerdi. Bir küýze suw, bir arka odun, bir ýakymlyk kömür, agaç
tabak-mejime, kündük durardy. Durmuş öz akymyna gitdi, ýaşaýyş
şular bilenem dowam ediberdi. Sebäbi biz şol zatlara-da razydyk,
kanagatlydyk we ýagdaýlara görä hereket edipdik.
Bir şygyrda şeýle setirler bar:
«Küýsedigiňçe, nebsiň islegi artar gider,
Kanagat etseň, az bilenem oňňut eder».
Gadym döwürde Kufe şäherindäki juma metjidinde iki toparyň
arasyna oňşuksyzlyk düşüpdir. Her tarap gylyjyny ýalaňaçlap, naýzasyny gezäp, gahar-gazaba münüpdir. Bu ýagdaý töwerekdäkileri hem
gozgalaňa salypdyr. Birine sähel ýel berseň ýa-da ýol berseň, gyzgyn
kelleler eginden taýyp düşjek eken. Şol wagt metjitdäki adamlaryň
biri iki tarapy ýaraşdyryp biljek paýhasly we mürewwetli adam Ahnaf
ibn Kaýsy idäp, bu ýerden çykyp gidipdir. Ol öz öýünde geçisini sagyp duran eken. Hälki adam egninde bahasy on dirheme degmeýän
dony bolan, hor we aýagy çaýşyk adama (Ahnaf diýen söz aslynda
çaýşyk diýmek) bu wakany mälim edipdir, emma muny eşidende,
Ahnafyň bir tüýi hem gymyldamandyr, birjik-de howsala düşmändir.
Sebäbi ol munuň ýaly hadysalary köp gören eken. Ahnaf darykman
jogap beripdir: «Enşalla, ählisi gowy bolar». Ol hiç zat bolmadyk
ýaly, özüni arkaýyn, asuda alyp barypdyr. Soňra oňa ertirligini getiripdirler. Onuň saçagynda bir döwüm gury çörek, ýag, duz we bir
käse suw bar eken. Ahnaf «Bismillah» diýip, çörege elini uzadypdyr.
Naharlanypdyr, ýetiren nygmaty-tagamy üçin töwir okap, Hudaýa
şükür edipdir. Soňra: «Yragyň bugdaýy, Şamyň ýagy, Dejle (Tigr)
367
derýasynyň suwy, Merwiň duzy – elbetde, bularyň ählisi bu dünýäniň
iň beýik nygmatlarydyr» diýipdir. Soňra donuny egnine atyp, taýagyny eline alyp, ýuwaşja ýöräp, adamlaryň ýanyna ugrapdyr. Ahnafy görenlerinden, adamlaryň bady köşeşip, boýny eglipdir. Gözleriň
ählisi oňa gönügipdir. Hemmeler onuň aýtjak sözlerine gulak güýdüpdirler. Ahnaf ol ýere ýygnananlara ylalaşyk sözlerini aýdypdyr, iki
tarapy ýaraşdyrypdyr we her kimiň öýli-öýüne dagamagyny talap
edipdir. Adamlar birek-birege gaty-gaýrym söz aýtman, göýä hiç zat
bolmadyk ýaly, öýlerine dolanypdyrlar. Şeýdip, bu ýerde örňän jenjel
köşeşipdir, bir pitnäniň öňi alnypdyr.
Şahyrlaryň birinde şeýle setir bar: «Dony köne, köýnegi ýamaly
bolsa-da, ýigit akyly bilen uly derejelere ýetip biler».
Bu kyssada sapak alyp boljak birnäçe manylar bar:
Beýiklik daşky gözellikde we görnüşde däldir. Maddy ýeter-ýetmezlik bagtsyzlygyň alamaty saýylmaz. Şonuň bilen birlikde zatlaryň
köplügi we baýlyk bagtlydygyňy aňlatmaýar. Muňa garamazdan,
käbir ynsanlar ters pikir edýär we «Perwerdigär ynsany synamak üçin,
ony ýalkasa we nygmat eçilse, ol derrew: «Hezzet-hormata laýyk bolanym üçin Taňry meni ezizledi» diýer. Rysgyny ýeter-ýetmez edip
goýsa, derrew: «Taňrym meni hor etdi» diýer» diýilýär.
Ynsanyň gymmaty onuň başarnygynda, zehininde we beýik
ahlak sypatlarynda. Ynsanyň agramy, abraýy onuň egin-eşigi, aýakgaby, öýi-öwzary ýa-da köşgi-saraýy bilen ölçelmän, ylmy-bilimi,
aň-düşünjesi, zehini, akyly we adamkärçiligi bilen kesgitlenilýär.
«Allanyň ýanynda iň hormatlyňyz siziň takwalaryňyzdyr» diýen söz
muňa delildir.
Bu zatlaryň biziň bu söhbedimize dahyllydygynyň sebäbi, ummasyz baýlyk, kaşaň köşk, altyn-kümüş – bularyň hiç biri bagtlydygyňy
görkezenok. Hakyky bagt ynamly-imanly, ýazgydyndan razy, gününden göwnühoş, dostlaryndan hoşnut we ak ýüregiň bolmagydyr. Hiç
wagt özgeleriň mal-mülkleri we bala-çagalary sizi gyzykdyrmasyn,
«Allanyň fazly-merhemeti we Onuň rahmet-mähribanlygy bilen –
şady-horram bolsunlar. Çünki Allanyň eçilen her bir nygmat-merhe368
meti olaryň toplaýan mal-dünýälerinden has ýagşydyr» diýen sözleri
ýadyňyzdan çykarmaň.
Ýazgyda razy bolup, ýagdaýlara görä hereket etmegi, hyýal bilen
däl-de, hakyky durmuş bilen ýaşamagy özüňe endik et. Arzuwlaryňy
şoňa öwür we öwrenişdir. Takdyry-täleýi inkär edip, ýaka ýyrtyp, bu
zatlara boýun bolmanyňda nämeler edip bilerin öýdýäň?! Ýeri köwüp,
onuň çuňlugyna aralaşjakmy ýa-da bir basgançak bilen asmana
dyrmaşjakmy?! Bularyň hiç biriniň peýdasy bolmaz we bu çytraşmalar
takdyrda bar zatdan halas edip bilmez. Ýeri onda, bu zatlaryň çykalgasy näme? Onuň ýeke-täk çykalgasy, çözgüdi: Ýazgyda kaýyl bolmak we ýagdaýlara görä hereket etmek.
Durmuşymdaky iň agyr wakalaryň, ömrümdäki iň aýylganç
wagtlaryň birini ýatlaýyn. Ussat lukmanlaryň biri keseliniň has beterlemezligi üçin, agamyň elini kesmeli boljakdygyny habar etdi. Bu
habary eşidenimde, gulagymyň ýanynda top atylan ýaly boldy. Ýöne
men içki pikirlerime basylmadym. Allatagalanyň «Kimdir birine bir
bela-musybet ýetse, elbetde, Allanyň izni-ygtyýary bilen ýetýändir.
Kim Allaha iman etse, onuň ýüregini dogry ýola salar» hem-de «Bir
agramçylyk, musybet gelende: «Biz Allanyň bendeleridiris we bir
gün Onuň ýanyna dönmelidiris» diýýän sabyrly adamlara hoş habar
aýdyň» diýen sözleri gulagymda ýaňlandy durdy. Bu jümleler, aýatlar
maňa uly teselli we ynjalyk berdi.
Ýazgydy yzyna serpikdirmek golumyzdan gelmez, onuň çäresi
iman etmek we kaýyl bolmakdyr. Allatagala bir işi hasyl etmek islese,
«Bol!» diýer we ol iş hökman hasyl bolar.
Taryhdan bir pursady ýatlaýyn: Hansa an-Naha’yýýa Kadysyýa
jeňinde birbada dört oglunyň şehit bolandygyny habar berýärler. Ol
nädendir öýdýäň?! Allaha şükür edip, senalar aýdypdyr. Perwerdigäriň
beren ýazgydyna, ömür ahyrynyň gözelligine, şeýle mertebäni ýazandygyna şükür edipdir. Sebäbi olaryň ýüregindäki iman olaryň üznüksiz
ýardamçysydyr. Ynam ähli kynçylyklaryň üstünden geçmäge kuwwat
berýär. Şunuň ýaly şükür edýän adamlar iki dünýäde hem sogap-sylag gazanýar. Eger şuny şeýtmeseler, olaryň golundan näme gelerdi?!
* 24. Sargyt № 975
369
Olar ýazgydy üýtgedip bilermidiler?! Gaýta, ýazgytdan nägile bolup, Taňrynyň gahar-gazabyna uçrardylar, gününi-geljegini nägilelik, zeýrenç bilen ötürip, bar ömürlerini (iki dünýälerini) hem hasrata
goýardylar. Hadyslarda aýdylýan bir söze ünsüňi çekeýin: «Kim razy
bolsa, biz hem ondan razydyrys. Kim nägile bolsa, biz hem ondan nägilediris».
Hernä gowulyk bolsun, ýöne oslamaýan ýeriňden bir ýakymsyz
habar aýtsalar, «Pylan ýerde ýangyn boldy», «Pylany heläk boldy»
diýen ýaly sözleri ýetirseler, näme ederdiň? Häzirden ähli ýagdaýlara
kaýyllygy özüňe werziş etdir, takdyrdan gaçmak hiç hili peýda bermez. Aslynda, ýazgytdan gutulmak mümkin däl. Gowusy, takdyra
kaýyl, ýazgyda razy bol. Hakyky ýagdaýy boýun al we kaýyllyk,
şükranalyk bilen sogap gazan. Seniň öňüňde şondan başga bähbitli
ýol ýok. Dogry, ol ýerde başga ýollar, usullar hem bar, ýöne öňünden
duýduraýyn, beýlekileriniň ählisi şu günüňe-de, ahyryňa-da zyýanly.
Zelelden doly ol ýol: Bolan işden närazy bolup, janyňy ýakmak, gahar-gazaba münüp, özüňden we özgelerden öýkeli gezmek, dat edip
ýörmek... Ýöne bulara derek näme gazanjakdygyňy hem oýlan: Beýle
ýagdaýda Perwerdigäriň gazabyna, adamlaryň özüňden daşlaşmagyna,
sogabyň köýmegine, günäleriň köpelmegine ýol açarsyň. Üstesine-de,
başyňa gelen zat sowulmaz, bela-beter göterilip gitmez we gutulgysyz
takdyr hem üýtgemez.
SUSSUPESLIK (DEPRESSIÝA)
– BAGTSYZLYGYŇ ÝOLY
Käbir žurnallardaky maglumatlara görä, ýer ýüzünde 200 million
adam sussupeslikden, tukatlykdan ejir çekýär. Sussupeslik Zeminiň
magryp-maşrygyny, baýy-garybyny, garaz, ähli älemi gurşap aldy. Bu
kesel her kime ýokaşyp bilýär... Aglaba halatda hem bu derdiň soňy
pajyga bilen tamamlanýar.
Öz ömrüňe kast etmek hiç bir atdanam, wezipedenem, döwletdenem çekinenok, ol diňe gursagy imandan, ynamdan doly adamlardan
gorkýar. Käbir maglumatlar bu derdiň pidalarynyň sanynyň iki ýüz
370
milliona ýetendigini görkezse, beýleki maglumatlar ýer ýüzündäki her
on adamdan biriniň şu howply kesele ýolugandygyny habar berýär.
Has ynjalyksyzlandyrýan ýeri hem, bu dert diňe uly ýaşlylarda däl,
ene göwresindäki çagalara hem kast edilmek hetdine ýetdi. Çünki sussupes we ruhy sarsgyna berlen ene göwresindäki perzendine zyýan edýär.
Sussupeslik – heläkçilik gapysy.
«Ýagşylyk ediň! Elbetde, Alla ýagşylyk edýänleri söýýär».
Köplenç, meşhur, tanymal adamlar, esasanam, sungat ugrunda
işleýänler bu derde özüni aldyrýar. Mysal üçin, meşhur şahyr Salyh
Jahynyň pajygaly ykbalynyň birinji sebäbi hökmünde onuň lapykeç,
göwnüçökgün bolandygyny öňe sürýärler.
Akyldarlaryň birinde şeýle söz bar: «Turşy limondan datly
şerbet ýasa». «Girdejisini artdyrýan däl-de, ýitgisini gazanja öwrüp
bilýän adam akylly we zehinlidir» hem diýilýär. Durmuşdaky her
bir ýakymsyz wakanyň gowy we bähbitli tarapyny görjek bolmaly.
Nakylda aýdylyşy ýaly, «Diwary süsjek bolmaly däl», ýagny tutanýerlilik bilen ýapyşanyňda hem hiç hili haýyr görmejek bolsaň,
oňa ýapyşyp ýatma diýildigi. Şahyrlaryň birinde «Bir işiň hötdesinden gelmeseň, ony goý-da, başga bir başarýan işiňe geç» diýilýär.
Ýogsamam, üwelen uny gaýtadan degirmene guý diýmezler. Dynylan, tamam bolan, öň görlen işleri gaýtadan gozgamak we gaýtalamak diňe birahatlyga, tolgunmaklyga we wagtyňy bisarpa ötürmeklige alyp gelýär. «Agaç ýonuşgalaryny gaýtadan ýonma» diýen
iňlis nakyly hem şuny tassyklaýar. Bu nakyl ähmiýetsiz, biderek
zatlar bilen güýmenip, özlerini tukatlygyň girdabyna oklaýan we lapykeçlige düşeninden soň, öňki ýagdaýynyň, öňki günleriniň gaýdyp
gelmegini isleýän adamlara degişli.
Wagtyňy bimany we boş ötürmezlik üçin birnäçe mümkinçilikler, ýagşy işler, salyh amallar bar. Bu işler adamyň ýüregine giňlik
salýar. Ýagşylyk etmek, adamlara peýda bermek, hassa-sökelleriň
halyny soramak, gonamçylyklara zyýarat etmek, metjit-mekdeplere hemaýat etmek, haýyr-sahawat işlerine işeňňir gatnaşmak,
371
dost-doganlar bilen didarlaşyp, hal-ahwal soraşyp durmak, öý-içerini,
kitaplaryňy tertiplemek, peýdaly sport oýunlary bilen meşgullanmak,
garyp-gasarlara, ejiz-mätäçlere, garry we dul adamlara ýardam edip
durmak sogaby bimöçber we ýüregi giňeldýän amallardyr. «Ýagşylyk
ýaly gözel zat görmedim: Tagamy süýji, görki ajaýyp» diýen sözler
arap şahyryna degişli.
Başy dertli, gaýgy-gamly, aladaly adamlary tapjak bolsaň,
tanajak bolsaň, taryhy eserleri oka. Munça kelamdan soň men saňa
gaýgy-hasrata düşen adamlaryň ykbalyndan söz açaýyn. Diňle we
many al hem-de kynçylyklar bilen taplanyp, beýgelip bolýandygyna
aýratyn ähmiýet ber. Arap şahyrlarynyň biri: «Taryhy oka, ol ýerde
many kändir. Taryhy okamaýan adam ýolundan azaşan haýwandyr»
diýip ýazýar. Gurhany-kerimiň hem birnäçe ýerinde taryhy kyssalary
okamak ündelýär: «Size pygamberleriň habaryndan ýüregiňizi kuwwatlandyrýan kyssalary aýdyp berýäris we bu kimselerde size hakykat we pent-nesihat hem-de barça möminler üçin ýatlatmalar geler»,
«Hakykatdan hem, olaryň kyssalarynda akyl eýeleri üçin many-ybrat
bardyr» , «Olaryň oýlanmaklary üçin şu kyssalary aýdyň».
Hezreti Omar: «Durmuşdaky ähli islegim ýazgydymda bar zatlardan lezzet almakdyr» diýýär. Perwerdigäriň ýazan takdyrynyň
onuň üçin süýji ýa-da ajydygyna garamazdan, ol ýazgydyndan razy
we hoşal. Käbir akyldarlaryň şu manyda aýdan sözi bar: «Haýsy bedewde çapýanlygyma parh edemok: Garyplyk bolsa, sabyr edýärin.
Baýlyk bolsa, şükür edýärin. Ikisiniň hem ahyry gözel». Taryhy maglumatlara görä, halkyň başyna düşen agyr gyrgyn zerarly, bir ýylda
Abu Zueýb ad-Dueliniň sekiz perzendi dünýäden ötüpdir. Ol nähili
bolandyr öýdýäň, takdyra boýun sunup, ähli işini-ýagdaýyny Perwerdigäre tabşyrypdyr. Taňry kazasyny kaýyllyk bilen kabul edipdir.
Onuň ýazan setirleri şeýle ýaňlanýar:
«Zamananyň işlerinden köňlüm bozulmaz,
Sabrym kalbyma teselli berer.
Takdyr öz dyrnagyny sanjanda,
Haýsy doga-tumar peýda berer?!».
372
Alladan bidin çöp başy gymyldamaz. Bende başyna näme gelýän
bolsa, ondan Allanyň habary hem, oňa Allanyň ygtyýary hem bardyr.
Meşhur alymlaryň biri Ibn Abbasyň gözi görmekden galanda,
özüni şeýle sözler bilen köşeşdiripdir:
«Perwerdigär gözlerimden nuruny alsa-da,
Ol nurlar, ol gözler kalbymda bardyr.
Kalbym, aklym-aňym düşbi bolsa,
Gylyç deý kesgir sözler dilimde bardyr».
Bu az zady ýitirmek bilen özüňde bar bolan beýleki köp nygmatlara kanagat etmekligi, şükür etmekligi aňladýar. Onsoňam, ýitiren
zadyňa sabyr etmek bilen gazanylýan ummasyz sogap hem adamy
hoşal etmelidir.
Agyr ýara zerarly Urwa ibn az-Zübeýriň bir aýagy kesilmeli bolupdyr. Hut şol gün onuň bir ogly hem dünýäden ötüpdir. «Perwerdigärim, her edeniňe şükür. Alýanam sensiň, berýänem. Derde salýanam sensiň, sagaldýanam. Dört agza berdiň, birini aldyň. Dört ogul
berdiň, birini aldyň. Ähli halda Saňa şükürler bolsun!» diýipdir. «Hak
ýoldaky kynçylyklara sabyr-takat edeniňiz sebäpli, size dynçlyk-asudalyk bolar».
Düreýdiň dogany Abdylla ibn as-Summa jeň meýdanynda wepat
bolupdyr. Doganyny goramak üçin elinden gelen ähli zady edendigine
garamazdan, hiç bir hiläniň, çäräniň takdyrdan halas edip bilmeýändigine akyl ýetiripdir.
Başy gowgaly, matamly adamlara Şapygy hezretleriniň goşgusy
teselli berýär:
«Goý, günler islänini etsin, Başa bela inse, özüňi rahat tut (kaýyl
bol).
Zeminde kimiň üstüne kaza inse, Asman-zemin ony gaýtaryp
bilýän däldir».
Şahyr Abu al-Atahyýanyň setirlerini ýatlasym gelýär:
«Ençeme gezek ýakymsyz wakalar daşyňy aldy. Ilkibaşda
halamadyň, emma Alla seniň üçin haýyrlysyny saýlady».
Oýlanyp görüň, näçe gezek ölümden gorkduk, ölmedik?!
373
Näçe gezek bu ömrüň ahyrydyr, soňudyr diýip güman etdik,
emma ol gaýtadan dönüş, täzeden güýç toplaýyş, dowamat ekendigini
bildik.
Näçe gezek ýörejek ýollarymyz daraldy, umyt ýüplerimiz üzüldi,
gözýetimler garalyp göründi, birdenkä-de ýeňiş, üstünlik, haýyr we
hoş habar bolup çykdy. «Allanyň Özi sizi ol belalardan we barça gamlardan halas eder».
Näçe gezek dünýämiz garaldy, giň Ýer bize dar göründi, soň görüp
otursak, bular diňe ýaýbaň haýyr, ýakymly ýeňillik we Ýaradandan
goldaw bolup çykdy. «Allanyň beren derdini Onuň özünden başga
bejerýän (dep edýän) ýokdur».
Allanyň ähli zatdan üstündigini bilýän adam, özgeleriň emelinden, işinden neneňsi howatyr edýärkä? Ähli zadyň Alladan pesdigini, ejizdigini bilýän adam, neçün ejizleriň piriminden çekinip, dowla düşýärkä? Alladan gorkýan adam, näme üçin beýlekilerden hem
gorkýarka?
Ibn Kesiriň Gurhana beren tefsirinde şeýle hadys getirilýär:
«Bendäm diňe menden delalat islese, asman-zemin gapyşsa-da, oňa
bir çykalga bererin. Eger bendäm, menden özgelerden tama etse, onda
dabanynyň astynda ýeri hopduraryn». Ymam ibn Teýmiýäniň aýtmagyna görä, «Alladan başga hiç kimde güýç-kuwwat ýokdur» diýen
söz bilen ýükler aýrylar, gorkular ýatyşar we ajaýyp hal-ýagdaýlara
ýetiler» diýýär. Bu sözleri unutma, çünki ol uçmah hazynalaryndan
bir gençdir. Bagtyýarlygyň bir bendidir, rahatlyga eltýän bir ýoldur we
ýüregiň giňligidir.
***
DURMUŞY ÖWREDÝÄN
TYMSALLAR
(Arap dilindäki dürli çeşmelerden alnan)
IŞE IŞGÄR BOLUP ÝAPYŞ
Ylma höwesek jomart baýlaryň biri döwrüniň tanymal sopusyny görmek we ondan maslahat almak üçin ir säherde ýola şaýlanyp,
sopularyň bolýan hanakasyna barypdyr. Giň howlynyň içinde odun
çapyp duran gojadan başga janly-jemendä gözi düşmändir. Baý
şol gojanyň ýanyna baryp: «Bu hanaka örän uly ekeni. Maňa ussat
pir gerekdi. Men ony nireden tapyp bilerin?» diýip sorapdyr. Goja
daş-töweregine seredipdir. Soňra birsellem gözlerini ýumup durşuna,
pikirini ýaňzydypdyr:
– Edil häzir-ä ony hiç ýerdenem tapyp bilmersiňiz.
Baý adam bu jogaba ör-gökden gelipdir:
– Näme, ol uzak bir ýere ýola düşdümi? – diýip, geň galyjylyk
bilen sorapdyr.
– Ol hiç ýere-de gidenok. Ol siziň öňüňizde odun çapyp dur.
Odun çapýan adam pir däl-de, odunçydyr. Eger size goja pir gerek
bolsa, hanakaň içine giriň we şol ýerde garaşyň. Pir sizi hökman kabul
eder – diýipdir.
Baý bu gojanyň nämeler aýdýandygyny oňly saýgarmasa-da,
«garaşyberiň» diýen sözi eşidensoň, aýdylan ýerde irikge bolup durupdyr. Bir haýukdan soňra goja ussat pir lybasynda onuň öňünden
375
çykyp, baýy garşylapdyr. «Gullugyňyza taýýar. Näme hyzmat?»
diýip, goja pir oňa ýüzlenipdir. Baý bu pir bilen elleşip görşüpdir,
ýöne pir eşigine girse-de, onuň ýaňky odunçydygyny ýüzünden tanapdyr. «Size hormatym bolsun, nähili soraglaryňyz bar?» diýip, goja pir
gürrüňi dowam edipdir. Baý: «Size berjek soraglarym örän köp, ýöne
mundan öň başga bir zady anyklasym gelýär. Siz ýaňky odunçy dälmi
näme?» diýipdir. Goja pir: «Ýok, men häzir ol odunçy däl. Indi ýagdaýlar üýtgedi. Men bu wagt ýönekeý adam we şu hanakanyň ussady.
Biziň ýüzümiz meňzeşem bolsa, ol odunçydy, men bolsa ussat» diýip,
jogap beripdir. Baý bu ýagdaýa geňirgenipdir, hiç düşünip bilmändir.
Öýüne geleninden soňam bu hakda kän pikirlenipdir. Ahyry hyzmatkärini çagyryp, bolup geçen wakalary gürrüň beripdir. Hyzmatkär hiç
zat bolmadyk ýaly jogap beripdir: «Bu ýerde geň galarlyk ýagdaý
ýok. Odunçy hem, ussat hem şol bir adam. Ýöne ol odun çapanda,
işe hakyky odunçy bolup girişýär. Ders berende, sapaga hakyky ussat
bolup girýär. Her amala özüni tutuşlygyna bagyş edýär» diýipdir.
Ynsan haýsy işe ýapyşanda hem durky-düýrmegi bilen şoňa
berilmegi başarmalydyr.
HIÇ KIM ÝAZGYDY ÜÝTGEDIP BILMEZ
Serkerdeleriň biri agyr ýygyn bilen gelen duşmana garşy çykmak üçin esgerlerini söweş meýdanyna çykarypdyr. Duşmanlaryň
sany bularyňkydan ep-esli agdyk ekeni. Äpet manjanyklar, gorkunç
naýzalar, hatar-hatar piller we düýeler esgerleriň has-da howuny
basypdyr. Serkerde bu duşmany ýeňjekdigine ynansa-da, esgerler
dowla düşüp, birneme ejizläp başlapdyr. Goşunyň ruhy ýagdaýyny
sazlamak, olary söweşe ruhlandyrmak üçin, serkerde şol ýerdäki bir
okumyş adamy ýanyny çagyrypydr. Esgerlerini töweregine jemläpdir.
«Esgerler! Hiç kim ýazgydy üýtgedip bilenok. Ine, meniň elimde tylla
şaýlyk bar. Onuň bir ýüzünde ok-ýaýyň suraty, beýleki ýüzünde iki
tarapa bakyp duran laçynyň suraty bar. Goý, aramyzdaky iň okumyş
adam bu şaýlygy göge sülsün. Eger şaýlyk ok-ýaýly ýüzüne düşse,
376
biz hökman ýeňeris. Takdyr biziň tarapymyzda bolar. Eger laçyn
guşly tarapyna düşse, onda biz ýeňleris, belki, uruşmagyň hajaty
hem bolmaz» diýipdir. Okumyş adam tylla şaýlygy göge sülüpdir we
aýasyny açyp görkezipdir: Ok-ýaý. Diýmek, ýeňiş biziň tarapymyzda
bolmaly. Esgerler bu yryma şeýle bir ruhlanypdyrlar, duşmana sary
at goýup, olary kül-peýekun edipdirler. Ummasyz olja eýe bolupdyrlar. Yzlaryna gaýdyşyn esgerleriň biri serkerdäniň ýany bilen gelýän
ekeni. Ol serkerdä bakyp: «Dogrudanam, ýazgydy hiç kim üýtgedip
bilenok ekeni. Biz az sanly bolubam, sany bimoçber, agyr ýygyndan
üstün çykdyk» diýipdir. Serkerde: «Hawa, ýazgydy hiç kim üýtgedip bilmez» diýip ýylgyrypdyr-da, esgerlerini söweşe ruhlandyran
tylla şaýlygyny aýasynda ýene bir töwra gysymlapdyr: Şaýlygyň iki
ýüzünde hem ok-ýaýyň suraty bardy.
KÄKILIGIŇ GÜWÄLIGI
Ir döwürlerde ýol urup ýören galtamanlaryň biri kerweniň öňüni
bekläpdir. Ählisiniň goş-golamlaryny talapdyrlar, kerwendäkileriň
bolsa ganyna galmak üçin, südenekledip başlapdyrlar. Kerwenbaşy
bu galtamanlara özelenip ýalbarypdyr, «Her kimiň yzynda bala-çagasy, gözüni dikip oturan perzentleri, ene-atalary, söwer ýarlary bar.
Zadymyzy alsaňyzam, janymyzy halas ediň» diýipdir. Emma birehim
galtaman it ýylgyryşyny edipdir, gözlerinde welin, bir zerre şepagat
ýylpyldysy peýda bolmandyr. Hernäçe ýalbarsa-da, bolmajagyna gözi
ýetensoň, kerwenbaşy baýryň depesindäki iki sany käkiligi görkezip,
«Goý, onda ho-ol duran iki käkilik siziň adalatsyzlygyňyzyň,
zalymlygyňyzyň şaýady bolsun» diýipdir. Galtamanbaşy bu ýagdaýa
hahahaýlap gülüpdir, «Haý, sen-ä paňkelle ekeniň, heý-de käkiligem
bir şaýat tutularmy?» diýipdir we olara zabun darap, oljalary sürüp
äkidipdirler.
Aradan birnäçe ýyllar geçipdir. Bir gün şol sebitiň sözi ýörgünli emiri uly toý tutupdyr. Hemmeleriň hökman toýa görünmegini
towakga edipdir. Uludan saçak ýazylypdyr. Ýaşlygynda ýol urup
377
ýören şol galtamanbaşy hem toýda bar ekeni. Dürli-dümen naz-nygmatlar orta goýlupdyr. Datly tagamlar, süýji naharlar, göwün küýsän
zatlaryň tapdyryp duran eken. Şol wagt saçaga iki sany gowrulan
käkilik getiripdirler. Bu käkilikleri görüp, galtamanbaşy ýene gülmäge başlapdyr. Emir bu ýagdaýa geň galypdyr, onuň sebäbini sorapdyr. Galtamanbaşy: «Ýaşkam ýol urup ýörkäm, bir kerwene sataşdyk.
Şonda kerwenbaşy «Malymyzy al, janymyza degme» diýip, hernäçe
ýalbarsa-da, üns bermändik. Şonda ol tentek baýryň depesindäki iki
sany käkiligi görkezip, «Şu ikisi bize şaýat bolsun» diýipdi. Şu wagt
iki sany käkilik gördüm-de, şony ýatlaýdym» diýip, gülküsini dowam
edipdir. Emir bu zalymlyga sebäp bolan galtamanbaşyny, onuň ähli
hemşerilerini tutdurypdyr we jezalandyrypdyr. Hudaýyň adalaty
hasyl edişine haýran galypdyr.
KÄŞIR, ÝUMURTGA WE KOFE DÄNESI
Ýaş gyzlaryň biri kakasynyň ýanynda durmuşda duş gelýän
käbir kynçylyklary ýeňmegiň kynlygyndan zeýrenipdir. Olara garşy
durardan ejizdigini, boýun bolmakdan başga çykalgasynyň galmandygyny, her bir zada janyny ýakyp ýörmekden irendigini aýdypdyr.
Kakasy gyzyny aşhana çagyrypdyr, sebäbi ol aşpez bolup işleýän
eken. Ol üç jamy suwdan dolduryp, gyzgyn oduň üstünde goýupdyr.
Dessine üç tabagam gaýnap başlapdyr. Kakasy birinji jama käşir,
ikinjisine ýumurtga, üçünjisine birnäçe kofe dänelerini atypdyr.
Soňra gyzyna bakyp: «Hawa, nämeleri görýärsiň?» diýip sorapdyr.
Gyzy: «käşir, ýumurtga we kofe...» diýip jogap beripdir. Kakasy bu
jogap bilen çäklenmändir, käşiri elläp we dadyp görmegi gyzyndan
sorapdyr. Gyzy kakasynyň diýenini edipdir. Ol käşiriň gaýnap mazaly bişendigini we bişmekden ýaňa salparandygyny bilipdir. Soňra
ýumurtganyň gabygyny aýyrmagy tabşyrypdyr. Ýumurtganyň içi
agy ak ýerinde, sarysy sary ýerinde gatapdyr. Soňra kofe dänelerini
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.