Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01

Total number of words is 3584
Total number of unique words is 2047
29.9 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
HALALLYK
KYSSALARY
Aşgabat
Türkmen döwlet neşirýat gullugy
2018

Halallyk kyssalary. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018.
Taryhda dünýä halklaryny we yklymlary biri-birine jebis
baglanyşdyryp gelen Beýik Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda has kämil we döwrebap röwüşde
täzeden dikeldilýär. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda
bu hakykata has-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda
ýerleşen ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, sungaty, edebiýaty bilen
ýakyndan tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredilýär.
Gadymy döwürlerde ylmy we edebi eserleri bilen dünýä taryhynda uly
abraýa eýe bolmagy başaran arap edebiýaty häzirki döwürde hem ajaýyp
eserleri, peýdaly pikirleri bilen okyjylaryň ünsüni özüne çekmegi başarýar.
Nesil terbiýesine, şahsyýet kämilligine dahylly dürli pikirleri öňe sürýän bu
eserler terbiýeçilik nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.
Arap dilinden terjime eden
Rahmet Gylyjow
TDKP №91, 2018
KBK 84 Tür 7
© Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2018
ÝOLLAR BIZI BIRIKDIRÝÄR
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeniýetiň
bitirýän hyzmaty örän uly. Her halkyň medeniýetinde şol halkyň
ruhy mertebesi bar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly,
«Medeniýet halkyň kalbydyr». Özeninde durmuş paýhasyny saklaýan milli medeniýetimiziň has kämilleşmegi hem ösmegi üçin ähli
mümkinçilikler döredilýär. Doganlyk halklaryň medeniýeti, sungaty
bilen tanyşmak we öz medeniýetimizi dünýä ýaýmak üçin ähli
amatly şertler bar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeniýetiň örän uly ähmiýeti bardyr. Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerini okamak arkaly
biz şol halklaryň dünýägaraýşy, durmuş pelsepeleri, däp-dessurlary
bilen ýakyndan tanşyp bilýäris. Ruhy-medeni pikir ýöretmeler babatda taryhyň dowamynda agzybir hem-de goňşy oturan halklarda
umumylyklaryň, meňzeşlikleriň, şol bir babatda her halkyň, milletiň
özüne mahsus aýratynlyklarynyň bolup bilýändigi ikuçsyz. Arap
edebiýatynyň ruhy hem türkmen okyjylaryna öňden tanyş bolsa gerek.
Eger nähilidir bir sebäp bilen arap edebiýatyndan üzňe galan bolsaňyz,
onda eliňizdäki bu kitap size şol boşlugy doldurmaga, üzňeligi aradan
aýryp, Gündogar edebiýatynyň özboluşly bir dünýäsine aralaşmaga
kömek eder. Bu kitaba zehinli žurnalist, terjimeçi Rahmet Gylyjowyň
dürli ýyllarda terjime eden we metbugat sahypalarynda yzygiderli çap
edilen eserleriniň birnäçesi girizildi.
Rahmet Gylyjow asyl hünäri boýunça arap dili mugallymy. Ol 1996-njy ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türk3
men milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri fakultetiniň
arap dili bölümini tamamlady. Talyplyk döwründe Kuweýt döwlet
uniwersitetiniň Diller merkeziniň ýokary kursunda tejribe geçmegi,
onuň arap dilini doly özleşdirmegine giň ýol açdy. Türkmenistanyň
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat
institutynyň Magtymgulyny öwreniş bölüminde sowatly edebiýatçy
we dilçi alymlaryň, halypalaryň ýanynda işläp, ylmy gözlegler bilen
meşgullandy. Milli golýazmalar institutynda nusgawy hem-de orta
asyr edebiýatynyň altyn eserleri bilen tanşyp, ol ýerde türkmen
halkynyň edebi we ylmy mirasyna, buýsançly taryhyna degişli arap
dilinde ýazylan köpsanly eserleri türkmen diline terjime etdi. Şol
eserleriň agramly böleginiň dünýä ylmynda meşhurdygyna garamazdan, heniz türkmen ylmy wekilleri üçin täzelikdi.
Döredijilik dünýäsindäki ilkinji ädimlerine heniz kiçi ýaşly mekdep okuwçysyka başlan awtoryň ylmy we edebi döredijiligi bilen
ýakyndan tanşan okyjylar onuň öz ýazýan ýa-da terjime edýän eserlerinde arassa ahlak gymmatlyklaryna, şahsyýeti kämilleşdirmegiň
ýollaryna, türkmen halkynyň buýsançly taryhyna, watansöýüjilige
dahylly ugurlara aýratyn üns berilýändigini kesgitländirler.
Her terjime edilen kitap özboluşly bir mekdep. Terjimeçiniň
döredijilik gorunda bolsa şeýle eserleriň sany onlarça. Ynha, Rahmet
Gylyjowyň dürli ýyllarda arap dilinden terjime eden uly göwrümli
eserleriniň sanawy:
1. Pygamber tebipçiligi. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2000.
2. Gursaklaryň şypasy. Hoja Abdylbaky, 2000.
3. Mertebeler we kemlikler. Reýhan Horezmi, 2001.
4. Meşhurlaryň wepaty. Muhammet Gaýmaz Türkmen, 2001.
5. Döwleti dolandyrmakda patyşanyň ýörelgesi. Ibn Abi Rabi,
2002.
6. Gylyk-häsiýetleriň patyşalyk hazynasy. Ýusup ibn Gyzogly,
2003.
4
7. Kämil taryh (I tom). Ibn Esir, 2003.
8. Oýlap tapyşlar kitaby. Ysmaýyl Jezeri, 2005.
9. Göwher känlerindäki gizlin ýakutlar. Muhammet Ýahýa Gyfary, 2005.
10. Meşhur adamlaryň sözlügi. Muhammet Gaýmaz Türkmen,
2005.
11. Dür däneler we merjen monjuklar. Abu Mansur as-Sagalyby,
2005.
12. Müsür we Kair patyşalygyndaky röwşen ýyldyzlar (I–V tomlar). Ýusup ibn Taňryberdi, 2006.
13. Uly haýwanat dünýäsi (I tom). Muhammet Demiri, 2006.
14. Taryhdaky yslam döwletleri. Muhammet Gaýmaz Türkmen,
2006.
15. Ýadygäri ibn Şerif. Ibn Şerif, 2007.
16. Türkmen döwletleriniň dür sapaklary (I–III tomlar). Hasan
ibn Omar ibn Habyp, 2007.
17. Türki dilleriň diwany (I–III tomlar). Mahmyt Kaşgarly, 2008.
18. Gamgyn bolma! Aid al-Karni, 2010.
19. Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary. Kerim aş-Şazili,
2014.
20. Durmuş meýdanynyň gerçekleri. Aşraf Şahin, 2016.
«Halallyk kyssalary» atly bu kitaba häzirki zaman arap
edebiýatynda söýlüp okalýan eserleriň birnäçesi girizildi. Kerim aş-Şaziliniň «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary», Aşraf Şahiniň
«Durmuş meýdanynyň gerçekleri», Aid al-Karniniň «Gamgyn
bolma!» atly eserleri diňe bir arap dünýäsinde meşhur bolman,
eýsem, olar dünýäniň birnäçe dillerine hem terjime edilen eserlerdir.
«Durmuşy öwredýän tymsallar» atly bölümde ýerleşdirilen gysgadan
manyly tymsallar bolsa häzirki zaman arap eserlerinden saýlanyp terjime edildi. Edil şonuň ýaly «Türkmenler hakda 100 hekaýat» atly
bölümde ýerleşdirilen rowaýatlar hem orta asyr arap çeşmeleri esasynda terjime edilendir. «Halallyk kyssalary» atly jemleýji bölüm
5
bolsa Rahmet Gylyjowyň şol ugra dahylly taryhy kyssalara, durmuşy
wakalara özboluşly döredijilikli çemeleşmesiniň miwesidir.
Her bir işe döredijilikli çemeleşmek milli Liderimiziň aýratyn
ündeýän zatlarynyň biri. Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir raýat,
her bir adam «Döwletiň berkemegi we gülläp ösmegi üçin men näme
edip bilerin?» diýen sowaly öz-özüne bermelidir» diýen pähim-parasatly we maksada ugrukdyryjy sözleri döredijilik işgärleri üçin esasy
çelgidir. Milli Liderimiziň her bir beýik tagallasy bolsa döredijilik
adamlary üçin ylham çeşmesi bolup durýar. «Halallyk kyssalary»
atly eliňizdäki kitap hem şeýle mümkinçilikleriň bir miwesidir.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky halklaryň edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän bu kitaba milli Liderimiziň beýik
sözlerinden ruhlanyp, arap dilinden terjime edilen we taýýarlanan
eserler girizildi.
Aşyrmät Garlyýew
KERIM AŞ-ŞAZILI
ATAMYŇ DURMUŞ HAKDA
AÝTMADYK ZATLARY
ÝAZYJY BILEN TANYŞLYK
Ýazyjy Kerim aş-Şaziliniň häzirki zaman arap dünýäsinde iň
naýbaşy eserleriň biri hasaplanýan «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary» atly kitaby dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi.
Kerim aş-Şazili 1979-njy ýylda Müsür Arap Respublikasynyň Dakhaliýýe welaýatynda dogulýar. Nesil we şahsyýet terbiýesi hakdaky
eserleri bilen sanlyja ýylyň içinde dünýäde adygyp bilmegi başaran
we millionlarça okyjynyň söýgüsini gazanan awtor «Ejýal (Nesiller)»
atly neşirýaty esaslandyran adamdyr. Ýazyjynyň galamynyň astyndan
çykan eserleriň ählisi gönüden-göni ýaşlara niýetlenen. Durmuşda
öňüňde anyk we beýik maksat goýup ýaşamak, hemişe halal pişelere
we arassa serişdelere gol ýapmak, durmuşyň dürli pursatlarynda
darykdyrýan ýagdaýlara uçranyňda hem päkize pällere we tämiz
niýetlere hemra bolmak, durmuşy, dostlaryňy, daş-töweregiňdäkileri
we tutuş dünýäni söýmek arkaly söýülmek – ýazyjynyň ömrüniň
şygary. Onuň döreden ähli eserlerinde hem ýaşlaryň diňe şu güne däl,
eýsem, geljege hem häzirden taýýarlyk görmegi ündelýär. Ýazyjynyň
7
«Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary» atly eseri bilen birlikde
«Özüne çekiji şahsyýet», «Durmuş – küşt öýjügi», «Uly durmuş üçin
kiçi pikirler», «250 hikmet», «Beýik bolup ýaşa!», «Aýratyn hilli zenan» ýaly ýene birnäçe kitaplary edep-terbiýe, aň-düşünje nazaryndan ýazylandyr. «Tomus buludy», «Söýginiň dili», «Söýginiň taryhy», «Söýgi damjalary» atly eserleri bolsa maşgala gatnaşyklaryny
berkitmeklige degişlidir. «Size indi düşündim» hem-de «Indi sen
kaka bolduň!» ýaly birnäçe eserleri bolsa ene-atalar bilen çagalaryň
arasyndaky baglanyşygy, düşünişmegi has-da berkitmek üçin ýazylan durmuşy we ylmy gollanmalardyr. Ýazyjynyň her bir eserini
tamamlanyňda, onuň okalan kitaplaryň täsirinden däl-de, toplan
durmuş tejribeleriniň esasynda öz pikirini düşnükli beýan edýändigine göz ýetirip bolýar. «Üstünlik gazanmak üçin seniň haklydygyň
ýeterlik däl. Sen özüňe bagly işleri doly ýerine ýetirmäge borçlusyň»
diýýän awtoryň durmuş hakdaky pikirleri onuň eserleriniň içinden
eriş-argaç bolup geçýär. «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary»
adamlaryň, esasan hem, geljegi öňünde bolan ýaşlaryň ruhubelent,
şadyýan bolmagyny, ähli wagtda hem umytdan düşmezligini ündeýär.
Geljegiňe ynamy, şeýle hem duş gelýän böwetleri we kynçylyklary
ýeňmäge gaýraty terbiýeleýär. Ahlak arassalygy, watansöýüjilik, her
bir zady ýagşa ýormaklyk, maksada okgunly hereket etmeklik ýaly
ilkinji nobatda ýaşlara gerekli gylyk-häsiýetleri özüňde jemlemegiň
ýollaryny salgy berýär.
GIRIŞ
Perzent terbiýesine biparh garamaly däldigi gadymdan bäri gulagymyza guýulýan ýörelge. Möminleriň emiri Aly ibn Abu Talyp:
«Çagalaryňyzy diňe şu döwür üçin däl, geljek zamanlary hem göz
öňünde tutup terbiýeläň» diýer eken. Gysga hem bolsa, akyla muwapyk söz. Terbiýeçiler, mugallymlar, ene-atalar çagalaryň edep-terbiýesini kämilleşdirmek arkaly olara ýaşaýşyň täze gözýetimlerini,
üstünligiň heniz el degmedik gapylaryny açyp bermäge, bagta eltýän
arassa we halal ýollary öwretmäge – geljege mynasyp taýýarlamaga
borçludyrlar. Şu wagtdan perzentleriň aňyna sepilen tälim tohumlary,
ýüreklerine oturdylan ýagşylyk nahallary mäkäm boý alsa, tüýs diýen
çaglarynda ol düşünjeleriň hasyl berip başlajakdygy hemmämize
mälim. Ynsanlar geljege taýýarlykly bolmaly, taýýarlykly barmaly.
Atalaryň öz perzentlerini ýürekden söýýändigine şek ýok. Käteler
biziň hereketlerimize olaryň gaharlanmagy, käýemegi hem biziň has
gowy bolmagymyz üçin abaý-syýasat. Biz hemişe olaryň söýgüsini
duýasymyz gelýär. Ene-atanyň söýgüsi bilen gurşalmak ýaly şatlykly
ýagdaý ýok, ýöne bagtly bolmagymyz üçin diňe ene-ata söýgüsiniň
ýeterlik däldigi barymyza aýan. Durmuşyň mahal-mahal ýollaýan
serpaýlary, käteler öňümizde keserdýän kötel ýollary, kynçylyklary
dürli-dürli bolýar. Hemişe şol bir kynçylyk, birmeňzeş müşgillik, öň
görlen päsgelçilik gaýtalanyp durmaýar. Ýüzbe-ýüz bolýan durmuş
wakalarymyza başga burçdan, üýtgeşik nazar bilen bakmaly pursatlarymyz hem az ýüze çykanok. Meňzeş hadysalar gaýtalansa, onda
öň okan, eşiden söhbetlerimizi ýadymyza salyp, şol ýerde aýdylýan
öwüt-ündewlere eýermek ýeterlik. Galan ýagdaýda, okalan her bir zat
dogry çykalga ugrukdyryjy, dürs ýola gönükdiriji bolup hyzmat edýär.
Döwrüň çalt özgerýändigi, çalt ösýändigi üçin bir zada anyk
göz ýetirdim: geçmişden miras galan düşünjeleri elekden geçirip
kabul etmeli. Has uzak geljeklere hem hut şu günden, şu pursatdan
taýýarlanmaly. Şu günüňi hem, geljegiňi hem asla gözden salmaly
däl. Men bu gün durmuş tejribäme esaslanyp, özümde peýda bolan pikir-düşünjeleri gürrüň bermek üçin saýlap alan durmuş waka9
larymy siz bilen paýlaşmak isledim. Bilýän, bu zatlaryň aňyrsynda
birnäçe kynçylyklar, görlen kösençlikler ýatyr, ýogsam, şol zatlary
görmeseň, durmuşda taplanyp bolmaýar ahyry. Her näme-de bolsa bu
ýazgylarym durmuş ýolunda ugur-çykalga tapyp berýän ýönekeý çelgi bolsa-da, eden yhlasymyň ýerine düşdügi bolardy. Özüme berlen
edep-terbiýe bilen durmuş hakykatlarynyň bap gelmedik ýerlerinde
kelläme gelen pikirleri, çykaran netijelerimi bir ýere jemledim-de,
olara «Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary» diýen at goýdum.
Okaň, belki pikirlerimiz meňzeş geler.
1. BAŞLAMAK HEMIŞE KYN
Süýji-süýji göwün ýüwürtmeler, arzuwlar şeýle bir kän, emma
olaryň aglaba bölegi ýazylmadyk we hiç wagt ýazylmaýan taryhyň
arhiwine siňip galýar. Heý-de siz «Arzuwlaryň senenamasy» ýa-da
«Arzuwlaryň taryhy», «Arzuwlaryň ömri» atly eseri okap gördüňizmi?
Beýle eseri tapmarsyňyz, çünki iş ýüzünde amal edilmedik, hasyl
edilmedik zatlar hakda agyz dolduryp söhbet edilmeýär. Maksadyň
beýikligine, arzuwyň süýjüligine, berjaý edilişiniň kämilligine görä, ol
işleriň, eserleriň gadyr-gymmaty artyp gidýär. Süýji arzuwlaryň joşguny
bütin süňňümizi gurşap, oňa ylham berip duran wagty, uzak-uzak menzilleri, ajaýyp geljegi göz öňüne getirýän mahalymyz, keýpimiziň çag
çagynda hemme zat aňsat ýaly görünýär. Arzuwly ýollary külterlemek
hem arka agram salmaýan kysmy. Ýöne az salymdan yhlasymyza
sowuklyk aralaşyp, Arktikanyň ak hem bolsa, agyr buzlarynyň arasynda gysylyp galan gämi deýin öňe ilerlemäge ne mejal, ne gaýrat, ne
höwes tapýarys. Sebäbi azrak emgensek, ahyr soňunda gönendirjek şol
arzuwlarymyza başlamakdan, girişmekden çekinýäris.
Haýsydyr bir täze işe girişmekçi bolanyňda onuň iň kyn nokady
– başyna barmak, başlamak, işe girişmek pursady. Şonuň üçinem
häzirki zaman arap ýazyjylarynyň biri bu hakda söz açanda, başlamak
müşgilliginiň syry hakda dil ýaryp: «Her gezek şeýle ýagdaý bilen
ýüzbe-ýüz bolanymda, täze bir işiň gyrasyndan girenimde ýa-da
10
täze bir kitap ýazmaga girişenimde has artykmaç güýç sarp edýärin.
Başlamak howsalasyny, başlamagyma böwet bolýan galagoply
duýgyny basyp ýatyrmak üçin şeýle bir ýazýaryn, şeýle bir ýazýaryn,
başagaý bolup, ýazyp oturyşymy daşymdan görseňiz-ä «eýýäm bir
kitaby ýarpylandyr» öýdersiňiz. Diňe şondan soň geçen menzillerime
ser salýarynda, özümi adaty, endigan ýagdaýa getirip, öňki ýazan-dolduran zatlarymy düzedişdirip, goşup-aýryşdyryp başlaýaryn. Çünki
mende «ilkinji ädimiň» howatyrlanmasy, «başlamak» gorkusy aýrylypdy» diýýär.
Bu biziň köpimize mahsus ýagdaý. Hatda özümem birnäçe etsem-petsemleri diňe şol duýgynyň täsiri astynda ýa soňa süýşüripdim,
ýa-da «başlaýyn, başlaýyn» diýip, heniz başlamankam taşlapdym.
Köpleriň özleri we öz arzuwlary-geljekleri babatda şu hörpden gopýandygyna, şol ýagdaýdan ejir çekýändigine gözüň ýetýär. Aslynda
bu giňden ýaýran ýagdaýlaryň biri. Başlamak gorkusynyň astynda
neneňsi syryň ýatandygy hakda dürli pikirleri, ölçerip-seljermeleri
gözden geçirenimizde, jogaby göwni kanagatlandyrjak şeýle bir netijä gelip bolýar: biz hemişe ahyrky netijäni görmäge howlugýarys.
Täze işe girişýäris, emma köp wagt geçmänkä başga bir işiň täsirine
düşüp, bu işimizden sowaşyp başlaýarys. Munuň hem iki sany esasy sebäbi bar. Birinjisi, täze peýda bolan käbir zatlar öňküden has
özüne çekiji, has gowy, has bähbitli ýaly duýulýar. Emma şu wagtky
işimiziň üstünden böküp, ol işe girişsek, ýene-de şol öňki duýgular
bilen gurşalýarys. Ikinjisi, biziň ýöränje ýolumyz heniz «garaşylýan»
ahyrky netijäni aýdyň görkezip bilenok. Sebäbi biz gyssanýarys, şu
gün düýbi tutulan jaýyň üçegini ertir göresimiz gelýär. Ilkinji ädimler
bolsa ahyrky üstünlige çenli ýeterlik ýol däl.
Täze paltanyň daragta ilkinji urgusy kesgir bolman biler,
kitabyň birinji setiri juda täsirli ýa-da şowly çykman biler. Hususy
meýilnamadaky ilkinji aýlar beýik maksatlaryň ugrunda görnetin
öňe ilerleýändigiňi görkezmän biler, emma bar hupbat şu zatlary öz
akylyňa düşündirip, ynandyryp bilmekde. Bir demde, bir sözde bina
etmek ygtyýary diňe Haka degişli. Biz bolsa munuň üçin ähli ädimleri
birme-bir ýöräp geçmeli bolýarys.
11
Gözüň tebigaty – diňe iri zatlary görýär. Iri zatlara ýetýänçäk
arada duran ownuk-uşak hysyrdylary, hal-ýagdaýlary bolsa görmek
islämzok. Bularyň ählisine sabyr edere takatymyz ýok, aslynda welin uly sabyr beýik we belent ruhy hasyl edýär. Şonuň üçin hem
işiň başyndaky bu päsgelçilik, garşylyk durmuşda duçar bolýan iň
uly päsgelçiliklerimiziň biridir. Muňa «başlamak garşylygy» ýa-da
«başlamak päsgelçiligi» diýilýär. Şol päsgelçiligi ýeňip geçmek üçin
endigan bir ýola düşýänçäň, endigiňe öwrülýänçä, ähli güýjüňi sarp
edip işlemegiň gerek.
Belki bilýänsiň, belki-de bihabarsyň – raketa ilki bat alanda
özüniň has köp ýangyjyny, energiýasyny ýakýar. Ol asmana göterilmezinden öň ilki bilen bar güýjüni bat almaga berýär.
Ir säher awtoulag bilen ýola düşmekçi bolsaň, onuň motory
ýuwaş-ýuwaşdan gyzýança, oňa garaşmaly bolýarsyň. Ol diňe gyzandan soň sürmäge ýaraýar. Her zadyň ilkinji ädimi, ýönekeýi, kiçisi
göze ilmeýär, emma şol ädimleriň her biri ýokary derejede ähmiýetli.
Göräýmäge ilkinji ädimler işiň soňundan has kyn we zerur.
Öňüňde maksadyň anyk bolsa, ýöremeli ýoluň, barmaly ýeriň,
ýetmeli menziliň kesgitli bolsa, hem-de şol ýolda uly gaýrata bürenmek isleýän bolsaň, ilkinji ädimleriňe uly üns ber we egsilmez güýç
sarp et. Ilkinji ädimlere sarp edilen yhlas bize goşa-goşa gaýrat eçilýär.
Gursagymyza ynam guýýar. Kalbymyza umyt çaýýar. Bizi ahyrky
maksadyň gyzyklandyrýandygyna garamazdan, ilkinji ädimlere kembaha garamaly däldiris. Her indiki ädimi aňymyzda berkän pikirler,
toplanan tejribeler bilen ýene-de berkidip, ösdürip, öňe ynamly ätlemek gerek. Şeýle bir hikmetli söz bar: «Niýet nirä öwrülse, aýaklar
hem şol tarapa ädilýär». Yza öwrülme, saga-sola dönme, maksadyňa
tarap diňe öňe ýöre.
Ýaňy ýörjen-ýörjen çaga ilkinji ädimlerinde tiz ýadap, büdräp,
bizar bolup oturýar, emma biz – tebigy durmuşymyzdaky tejribelerden
bilýäris ahyry, şu büdremeler, säginmeler, yza çekilmeler biziň soňra
batly ýöremegimize, ylgamagymyza getirýär. Biz bolsa howlugýarys,
gyssanýarys. Soňky netijeler bizi şeýle bir gyzyklandyrýar, hatda käte
heniz näbelli şol netijelere irikge bolup, esasy işimizden ünsümizi
12
sowaşdyrýarys. Sähel kynçylyk ýüz beräýse dagyn öňümizde aşyp
bolmajak dag keseren ýaly derrew lapykeç aşak çökäýýäris. Emma
Zemin döräli bäri asyl örkünden gobsunmadyk, gozganmadyk ýekeje
dag hem ýokdur. Ýa-da adamzadyň aýagy galtaşmadyk dag gerşini
hem tapyp bilmersiňiz. Hemme zada sabyr, yhlas, tijenmek arkaly
ýetip bolýar. Taryh daňy atanyndan häzirki günümize çenli adamzada
abanan iň uly apatlaryň biri – netijelere howlukmaklyk.
Taryhdan bir mysala ýüzleneliň. Muhammet al-Fatyh heniz kiçijik oglanka, deňziň gyrasyna gelip, Konstantinopolyň gala diwarlaryna seredip durar eken. Ümzügini uzaklara aýlap: «Men ertir seniň
mäkäm galalaryňy ýere ýumraryn» diýer ekeni. Ahyrynda, ýigrimi
ýaşyndaka şol ýeri basyp almak nesibesini Allatagala bu gerçege
miýesser etdi. Eýsem, bu ýigdekçe gylyjynyň sapyndan ilkinji gezek
tutanda, ussat söweşiji boljakdygyny, bu ýolda uly üstünlik gazanjakdygyny bildimikä? Uly ynam bilen tassyklap bilerin: ol muňa elbetde
ynanandyr. Şol sarsmadyk ynam hem ahyry maksada alyp gelýär.
Beýik ynam beýik işleri amala aşyrmaga gurbat, kuwwat berýär.
Ynamyny gowşatmaýar, yhlasyny egismeýär. Ahyry arzuwyny hasyl
edýär.
Öňünde beýik maksatlary goýýanlaryň ýönekeý başlangyçlaryň
hupbatyna çydamagy gerek. Her bir ädim, her edilen iş şol beýik
maksada barýan ýoluňda uly medet, goldaw bolmalydyr.
Ilkinji ädimleriňe biperwaý garama, olary kiçeltme, egsik görme.
Sabyr we yzygiderlilik bilen iş salyş. Şol ýönekeý, sada hem-de kiçijik
görünýän ilkinji ädimler iň beýik maksatlara eltip bilýändir. Eflatunyň
aýdyşy ýaly: «Işiň iň ähmiýetli bölegi – onuň başydyr». Bir başlap
bilseňiz, girişmegi başarsaňyz, soňuna çenli alyp çykjakdygyňyza,
her işi doly başarjakdygyňyza şübhe bolmaz.
Ilkinji ädimleriňe – işiň başyna nähili yhlas siňdirseň, garaşylýan
we gazanylýan netije göz öňüne getirişiňden hem zyýada bolar. Işiň
iň ähmiýetli bölegi netijesidir, ýöne şol netijä sag-aman eltjek we
gurbatyňy gowzatmajak güýç ilkinji ädimlerdäki yhlasyňda jemlenýändir.
13
2. YLGAMASAŇ, ÜSTÜNLIK ÝOK
Özümiz bir ýerde durup, ýaşaýşymyzyň has gowulaşmagyny
isleýän bolsak, onda durmuşy gözelleşdirmek üçin hiç zat etmeýändigimiz bolýar. Ýaşaýşa nämedir bir zatlar bermek, eliňde baryndan eçilmek, ukybyňda baryny paýlaşmak, bagyş etmek – ömre
many çaýýan zatlaryň biri. Munuň üçin ýaşaýşy, durmuşy söýmek
gerek. Daş-töwerege, özümizi gurşan hal-ýagdaýlara söýünç bilen
bakmak gerek. Durmuşa çynlakaý çemeleşmeli, ony öňküsinden-de
has gowy etmäge, has ajaýyp etmäge çalyşmaly. Sebäbi ýaşamagyň
maksady şol – has gowusyna ymtylmaly. Özi hem özgelere agyr ýük
bolmazdan, gaýry adamlaryň hak-hukugyny kemsitmezden, hut öz
başarnygymyz, öz yhlasymyz, öz arassa we halal zähmetimiz bilen
berjaý etmeli. Diňe öz bähbidimize däl, hemmeleriň haýryna bolar
ýaly ylgamaly. Gazanýan her bir zadymyz, ýerine ýetirýän işimiz,
edýän hereketimiz bütin ömrümiz üçin haýyrly bolmalydyr.
Döwürden üzňe bolmak, ýaşaýşa doýgun nazar, tutuksy garaýyş
bilen bakmak ynsana gelişýän zat däldir. Hatda dindar bolsaňam,
dünýewiligiňi unutmaly däldir. Hersinden özüňe geregini al: diňe
dünýä gymmatyna gyzygyp, halaly-sogaby köýdürme. Diňe dine
berlip, döwrüňi, durmuşyňy ýatdan çykarma. Ýaşamak we ýaşaýşy
has-da gözelleşdirmek üçin dünýewi gyzyklanmalary birjik-de gözden salmaly däldir. Başarsaň eser ýaz, kitap oka, öwret. Höwesiň,
yhlasyň bar bolsa, git, bazara çyk, söwda et. Jaý gur, bina galdyr.
Harytlar nirede geçginli bolsa, haýsy ýeriň bazary şüweleňli geçýän
bolsa, şol ýerlere bar-da, öz başarnygyňy görkez. Bu özüňi açmagyň
ygtybarly we halal ýoludyr.
Sahabalardan Abdyrahman ibn Awf ýigrimi üç ýaşynda Hebeşistana göç etdi. Ondan soňra Medinä hijret etdi. Abdyrahman Medinä
baranynda owrat ýerini örter ýaly geýiminden başga elinde ýa egninde hiç bir zady ýokdy. Diňe ýüreginde ynamy, imany bardy.
Medinä baryp ýetenlerinde, onuň aýdan ilkinji sözi: «Maňa bazary
görkeziň» diýen söz bolupdyr. Soňlugy bilen ol iň baý adamlaryň biri
14
boldy. Üstesine, behişde girjegi öňünden buşlanan on adamyň biri
hem Abdyrahman ibn Awfdyr. Hatda jomartlykda deňsiz-taýsyz görlen Talha ibn Abdyllah hem ol hakda: «Medinäniň ilaty Abdyrahman
ibn Awfa mätäçdiler, ony juda gowy görýärdiler, çünki ol baýlygynyň
üçden bir bölegini karz bererdi. Üçden bir bölegini garyp-gasarlaryň
bergisini üzlüşmek üçin sarp ederdi. Üçden bir bölegini özi alardy»
diýip aýdýar.
Şeýle bolelinlik, rysgy giňlik içinde ýaşasa-da, hiç bir alada-pikir
onuň baş maksatlaryndan öňe geçen däldir. Sebäbi ol owalyny-ahyryny ýaşaýan durmuşy bilen utgaşdyryp, sazlaşdyryp alyp gidýärdi. Ol
ömrüniň manysyna öwrülen beýik maksady üçin irginsiz, üznüksiz
yhlas ederdi. Şol beýik maksady birjik-de unutmazdy. Her ädimi, her
pygly-amaly şol maksadyna laýyk berjaý ederdi.
Dostum, eger-de tanymal şahslaryň terjimehallaryny ýa-da
sahabalaryň, beýik adamlaryň taryhy kyssalaryny okap görseň, olaryň
örän baý, gurply we abraýly adamlardygyny bilersiň. Abubekr Syddyk, Osman ibn Affan we ş.m.
Durmuş ýolunda üstünliklere gyzygýan, ýokary galmaklyga ymtylýan dostum, maksadyňdan dänme, ýöne bu dünýä üçin agyr ýüke
hem öwrülme. Dünýäni göterip bilmejek agyr ýüküňe hem öwürme.
Üstünlikler, şowlulyklar bilen bezelen durmuş ýollarynda maksatly
hereket et. Hak ýoly, dogry ýoly sypdyrman alyp gitmek, yzygiderli
we önjeýli zähmet çekmek üstünlikdir. Ýaşa we ýaşaýşy gözelleşdir.
Iň bolmanda öz pikirleriň, niýetleriň, arzuwlaryň bilen bir gatanç goş.
Maksat goýanyňda, şol maksadyň ugrunda yhlas etmegi ýüregiňe
düweniňde bir hakykaty hergiz unutma: Ýaramaz zada sarp edýän
güýjümiziň ýarysyny ýagşy zada gönükdirip bilsek, biz has uly utuş
gazanarys.
3. HER KIM ÖZ DURMUŞYNYŇ SERKERDESI
Durmuşda üstünlik gazanýanlaryň, ýeňijileriň ählisiniň öz işlerine
jogapkärli çemeleşendiklerine seni ynandyrmagym üçin, meniň bu
15
hakykatlary saňa gaýta-gaýta ýanjap oturmagym gerekmikä? Olar
ömürleriniň bir sekundyny hem ýüzbe-ýüz bolan ýaramaz ýagdaýlary,
teň hallary üçin kimdir birini ýazgarmaga sarp etmediler. Gaýta,
durmuş bulara köp zatlary öwretdi – ýetip barýarka, öň açyk duran
gapynyň bulara ýapylandygy üçin ýa-da ýollaryna oklanan mydarsyz
päsgelçilik üçin kimdir birini ýazgarjak, kimdir birine iňirdejek, igenjek bolmadylar. Hemme zady adaty bolaýmaly, hökman bolaýmaly
bir waka, hadysa hökmünde kabul etdiler.
Beýlekileriň bize eden «ýamanlyklary», «bilgeşleýin döreden
päsgelçilikleri» hakda gürlemek şeýle bir ýeňil. Hatda kähalatda öte
geçip, perzentlere siňdirilen terbiýe babatda ata-babalarymyzy ýazgarmakdan hem gaýdamzok. Nämemişin «Olar bize üstünlige ýetmegiň,
maksada okgunlylygyň ýörelgelerini, dogry ýollaryny öwretmändirler. Öwretmek beýle-de dursun, gaýta bize durmuş hakynda düýbünden başgaça düşünje beripdirler». Öz säwlikleri zerarly hemişe
beýlekileri tankytlaýan adamlar bar. Sebäbi ähli müşgilliklerimizi,
çözülmän galan meseleleri onuň-munuň üstüne atmak gaýrat talap
edenok. Biz şeýdip durmuş bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan gaça durýarys.
Ýazygy, günäni gaýry biriniň üstüne atsak, özümiz jogapkärçilikden
boşaýan ýaly, uludan dem alýarys. Öz götermeli ýükümizi özgeleriň
ýagyrnysyna ýüklejek bolýarys.
Emma durmuş tejribeleri bir zady öwretdi, durmuş – bu tolkuny
gomap duran giň we çuňňur deňiz. Her kim öz durmuş gämisiniň
serkerdesi. Ony saga, çepe, öňe, arka öwürmek öz eliňde. Kenara
aman-asuda aşmak, sag-salamat gowuşmak, Allanyň fazly-merhemetinden soňra, öz ussatlygyňa, gämä – durmuşyňa erk edişiňe bagly.
Haýp, biziň köpimizde özümizi aklajak bolmagyň taýyn duran
galyplary bar: sähel büdresek ýa-da bir mesele ýüze çyksa, dessine
ähli «çözgüdi» şol galyplaryň birine sygdyrýarys-da, öz etmişimiz
zerarly peýda bolan netijeleriň jogapkärçiliginden ýüz öwürýäris.
«Hemme ýaramaz zatda kimdir biri günäli, emma bizde jinnek ýaly
günä ýok...» hasap edýäris. Ine, köpimiziň aglaba halatda, iň bolmanda, kähalatda ulanýan esasy bahanalarymyz.
16
* 2. Sargyt № 975
Men saňa gönümel we açyk aýdaýyn, sen üstünligiň çakylyklaryna seslenmekçi bolsaň, durmuşyň nygmatly saçagyna zyýapata barmak isleseň, her baran ýeriňe laýyk, mynasyp görünmek isleseň, onda
öz müşgillikleriňi we şowsuzlyklaryňy aklamak üçin galkan edinýän bahanalaryňdan hökman we dessine saplanmalysyň. Durmuşyň
çykarýan netijelerini ynam we mertlik bilen ykrar etmäge borçlusyň.
Sen mundan öň durmuş deňlemesi hakda eşidipmidiň?
Onuň kesgitlemesi şeýle: durmuşyň netijesi bolýan zatlara jogap
berşiňe deň bolýar, başgaça beýan etsek: ýagdaý+jogap hereketi=netije. Üstün adamlaryň üstünligi hem şu deňlemäniň çäginde çözülýär.
Şowsuz adamlaryň şowsuzlygy hem şu deňleme bilen ölçelýär. Hemmeler haýsy hem bolsa bir ýagdaýa sezewar bolýarlar, ýöne olaryň
hersi öz garaýşyna, pikir-düşünjesine görä hereket edýär. Ine, şu jogap
hereketi hem – gaýtargy pygyl hem biziň häzirki görýän netijämizi
ýüze çykarýar, hasyl edýär.
Şowsuz ýa-da göwnüçökgün adam şol ýagdaýda saklanýar we
zeýrenip, nadyl bolup, özüni aklap başlaýar. Sähel zatdan bahana,
tutaryk agtarýar. Müdiri oňa düşünenok, ykdysady ýagdaýlar durnuksyz, goşmaça öwrenmäge boş wagty ýok, üstesine daş-töweregini
gurşaýan adamlar hem ýaramazmyş we ş.m.
Muňa garamazdan, edil şol ýagdaýa düşen, şol menzili geçen,
şol ýagdaýda ýaşaýan adamlaryň birnäçesi welin, hatda ýagdaýlary
olaryňkydan hem agyr bolandygyna, çekip-çydardan, zeýrenerden
çökder bolandygyna garamazdan, üstünlige ýetdiler. Ýeňiş gazanmagy başardylar. Sebäbi nämede?
Sebäbi oňyn garaýyşly, üstünlik gazanýan adamlar gymmatly wagtlaryny zeýrenje sarp etmän, her bir zatdan pursat, çykalga,
mümkinçilik, täze bir ýol agtardylar. «Boljak zat boldy, bolan zady
üýtgedip bolmaz, emma indi boljak zatlara hökman täsir edip bolar» diýen düşünjä eýerdiler. Şeýdibem haýra garaşdylar, ymtyldylar
we gazandylar. Ýeri gelende bir sözi ýatladaýyn – «kynçylyk – bu
täze bir mümkinçilik» diýmekdir. Ýagdaýa ýesir bolup oturmaly däl,
islendik zadyň hökman bir gowy tarapynyň bardygyny unutmazlygymyz gerek. Şol düşünje hem bizi has öňe iterýär, aýaga galdyrýar. Her
18
täze pursada eserdeň göz bilen bakýarys we şol jygba-jyglykda hem
özümize gerekli zatlary görmegi, tutmagy başarýarys. Ýa-da iň bärkisi, şol ýagdaýdan ujypsyzja zeper bilen sag-aman gutulyp bilýäris.
Bu-da gazanmak ahyry.
Şeýle kyn ýagdaýlarda kimdir birinden maslahat soramalydyrys.
Öz işlerimize ber-başagaý bolup, köpden bäri gatnaşyklarymyz
seýreklän gapylara täzeden barmalydyrys. Täze gatnaşyklary açmalydyrys ýa-da käbir pikirlere üýtgeşmeler girizmelidiris. Käbir
gylyk-häsiýetlerimizi gaýtadan gözden geçirmelidiris. Maksadymyzy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.