Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10

Total number of words is 3680
Total number of unique words is 2110
28.0 of words are in the 2000 most common words
40.9 of words are in the 5000 most common words
48.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
şäherlileriň gulagyna ýarapdyr. Şäheriň birmahalky tüçjar baýlary
onuň ýanyna eňipdir. Öz illerine göçüp barmagyny, şäherleriniň
öňki abraýyny dikeltmegini haýyş edipdirler. Gaýta-gaýta, ençeme
ýola gymmatbaha sowgat-serpaýlary ugradypdyrlar. Bu jadygöý hilegär hem öz bähbidiniň ugrunda müň dürli hereket edipdir. Ahyry
138
şäherliler halys ýalbaryp duransoň, şol ýylyň aýaklarynda Wenesiýa
şäherine göçüp barypdyr. Onuň ýanynda iki sany äpet iti hem bar
ekeni. Hemmeler ony gorky-howsala bilen gallap alypdyr. Sebäbi
ol daşyndan seredeniňde hem howuňy basýan keşbe eýe ekeni. Ýiti
nazarlary içiňden parran geçse, biri-birine bitişik gür gaşlary hem
bu ýagdaýy has artdyrypdyr.
Şäheriň häkimi oňa gowy garaşyk edipdir. Iň gymmatbaha
köşkde ýaşadypdyr. Gaýgy-aladasy, ünjüsi bolmandyr, göwün
isleýän her bir zady gaşynda häzir bolar eken. Şäher ilaty hem
özleriniň ähli gymmatbaha, nepis zatlaryny muňa getirip beripdir. Ony günde-günaşa nahar-zyýapata çagyrypdyrlar. Olaryň bar
isleg-arzuwlary Wenesiýa şäherini öňki abraýyna, öňki şöhratyna
dolasa, gaýtaryp getirse bolany.
Emma Bragadino altyn ýasap, Wenesiýanyň harap halyny
dikeltmegiň deregine, özüniň keýpi-sapaly döwranyny sürüpdir. Muňa garamazdan, onuň şan-şöhraty barha artyp gidipdir.
Ýewropanyň çar künjünden iberilýän sowgat-serpaýlar, onuň
ukybyna, başarnygyna aşyk zyýaratçylar, okuwyny dowam etdirmäge höwesli şägirtler yzy üzülmän gelip durupdyr. Emma uzak
wagt geçse-de, şäheriň ykdysady ýagdaýy dikelmändir. Adamlar
ýuwaş-ýuwaşdan nägilelik bildirip başlapdyrlar, häkim bolsa: «Ýene
biraz sabyr edeliň, göwnüne degmäliň, birdenkä, bar azabymyz puç
bolaýmasyn» diýip, olary köşeşdiripdir. Bragadino hem adamlary
aldamagyny dowam edipdir: «Şäheriň gaznasynda meniň jadyly
daşym dur, onuň syryny size soň açaryn. Şol daş hem adaty metaly
altyna öwürýär. Ýöne hiliniň gowy bolmagy üçin köp wagt alýar.
Tagapyl ediň, ynha, ýakyn wagtda bal kölüne batarsyňyz» diýipdir. Ýene köp wagt geçipdir, emma netije özgermändir. Bragadino
ýene ýedi ýyl garaşmaklaryny haýyş edipdir, emma şäher ilatynyň
agramly bölegi mundan soňra çydam edip bilmejekdiklerini, dessine netijesini görmek isleýändiklerini aýdyp, galmagal turzupdyr.
139
Iň bolmanda göwün gandyrar ýaly ýönekeýje bir delili tutaryk etmegini, görkezmegini talap edipdirler.
Bragadino hem özüne ynamyň gowşandygyny bilipdir we ele
düşmänkä bu jelegaýlardan göterilmegiň wajypdygyna göz ýetiripdir. Ol ähli ukybyny, yhlasyny halka bagyş etse-de, gadyryny
bilmändikleri üçin gaharlanyp, şäher ilatyndan gaty görüpdir. Wenesiýalylardan öýkeländigini ýaňzydypdyr. Bir günem göteribilen
ähli baýlygyny, mülküni alyp, bu şäheri terk edipdir. Bawariýanyň
häkiminiň çakylygy esasynda Mýunhen şäherine baryp, öz sapaly
döwranynyň eşretini görüp başlapdyr. Wenesiýanyň ilaty bolsa
öňküsinden hem gözgyny hala düşüpdir.
Üstünlik we at-abraý gazanjak bolup, hakyky, düz ýoldan
çetleşsek; bizi ellerinde oýnaýan hilegär-mekirleriň huzuryna baryp
özümize dalda gözlesek; at-abraýa, üstünlige samsyk ýollar, gabahat usullar bilen eýe bolmak islesek; üstesine-de ýaltalyga per berip,
rahatlyga nebsimizi aldyrsak, nähili bolýandygyny gördüňizmi?
Wenesiýanyň ilaty özleriniň şeýle hala düşmekleriniň düýp sebäplerini öwrenmegiň, bilmegiň deregine, demi bilen demre üfleýän we
ony altyna öwürýän hokgabazyň hilesine daýananlaryny eý gördüler. Olar öz göwünlerine osdular, altyn-kümüşler, dirhem-dinarlar
öz-özünden köpelip, artyp gitmelidi, on, ýüz, müň, million sany bolmalydy...
Biziň aramyzda Bragadino ýalylaryň müňlerçesi bar:
degişýärler, gülüşýärler, hilelije süýjüje sözlerini aýdyp, özlerine gerek baýlyklary, bähbitleri çöpleýärler. Biz bar zatdan gapyl
gezýäris, olar bolsa amallarynyň hasylyny ýygnaýarlar.
Biziň daş-töweregimizde täsin-täsin zatlary döredýändikleri
bilen ýüreklerimize gorky, dowul, howsala salýan, bizi bir demde
ähli aladalardan, gaýgy-gamlardan, bela-külpetlerden saplamaga söz
berýän mekir adamlaryň ençemesi bar. Kümüş çaýylan tabakda üsti
ýaglyk bilen örtülen üstünligi aňsat alyp bolýandygyny öwredýän
näçe adamlar bar.
140
Diňe käteler we onda-da käbir adamlar özi hakda ýaramaz
pikir edýär. Diňe az sanly adamlar ähli müşgillikleriň düýp sebäbini özüni alyp barşyndan, pikirlerinden we kanagatyndan gözleýär.
Şowsuzlygy we zeýrenji kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir ýagdaýyň
üstüne atmak ýaly, töhmet barmagyny kimdir birine uzatmak dogry
görülýär. Hiç wagt ýalňyşlyklary özümizden gözlämzok, biz hemişe
arassa, päk, ak ýürekli, akylly, düşünjeli adamlarmyşyk...
Eger-de Bragadino sandyk doly kagyzlary, kitaplary göterip,
Wenesiýanyň ilatynyň ýanyna baryp: «Mende sizi ykdysady çökgünlikden çykarjak dürli ylmy usullar bar, ýöne bu wagt alar» diýen
bolsa, hiç kim oňa gulak asmazdy. Sebäbi adamlar has ýeňil, aňsat
we tiz ýetilýän zada ýykgyn edenlerini gowy görýärler.
Üznüksiz pikir edip, ýöne oňa amal etmeseň, mesele çözülenok. Ýa-da garabaşagaý bolup, hysyrdyly işläp, hiç hili oýlanyşykly
pikir etmezlik hem meseläniň dogry çözgüdi bolup bilmez.
Bu ýerde ýekeje deňleme, ýekeje mesele bar. Eger-de
Wenesiýanyň birmahalky abraýyny, şöhratyny gaýdyp getirmek
isleseler, şäher ilatynyň, şäheriň häzirki ogullarynyň edil ata-babalary ýaly pikirlenmegi, şolar ýaly işlemekleri gerek. Ata-babalary
bu şäheri nädip ösdüren bolsalar, nähili ýol, ugur, çäre tapan bolsalar, nesilleriň hem şeýle etmekleri gerek. Kimdir biri akyl-zehinini
tijemese, başyna barmasa, işe girişmese, hiç zat öz-özünden ugrugyp gitmeýär ahyry.
Şahsyýeti kämilleşdirýän, ukyp-başarnyklaryny ösdürýän
kitaplarym bilen köpçüligiň arasynda leksiýa berenimde, hemişe
ýaşlar bilen söhbetdeşlikde ýüzbe-ýüz bolýan bir sowalym bar:
olaryň ählisi diýen ýaly üstünligi ýeňil we çalt gazanmagyň ýollaryny, syrlaryny soraýarlar. Munuň üçin okamak, öwrenmek, hünär
edinmek, özüňden ýokary bökmek we ş.m. zatlar gerek. Bu zatlar
hakda asla diňläsleri gelenok, olara üstünligiň ýeňil we ýakyn ýoly
gerek.
141
Olar üznüksiz türgenleşikler, gündizine işläp, gijesine okamak, dowamly we düşünip okamak hakdaky gürrüňleri diňlemäge
çydanoklar. Olara «üstünligiň jadyly taýajygy», «on sany usuly»,
«ýedi sany açary», «bagta eltýän bäş ädim», «üstünligiň üç syry»
ýaly aňsat we ýeňil zatlar gerek. Bir şerti bilen, bularyň hiç birinde
«sabyr etmeli, çydamaly, gaýrat etmeli, döz gelmeli, täzeden,
gaýtadan synanyşmaly, umytdan düşme» diýen ýaly sözlerem bolmasa gowumyş.
Olary artykmaç der dökmäge çagyryp, üstünligiň başga-başga
ýollaryny, usullaryny tapmaga höweslendirmegimi, durmuş tejribelerini peýdalanmagy, gözýetimi giňeltmegi, şol hakda ugrukdyrmagymy islänoklar.
Olar meniň Bragadino ýaly bolmagymy isleýärler.
Men olaryň eşitmek, diňlemek isleýän zatlary hakda gürrüň
bermeli, şonda olaryň güýji, ynamy, ukyby oýanýarmyş.
44. HAKYKY ÜSTÜNLIK
Ynsanyň ömür taryhynyň ilkinji kerpiçlerini takdyr-ýazgyt
goýýar. Bu binanyň boýuny ýetirmek özüňe bagly.
Muhammediň bar islegi basketbolçy bolmakdy, emma dzýudo
ugrundan ussat türgenleriň biri onda üýtgeşik ukybyň, başarnygyň
bardygyny görýär we ony türgenleşdirýän toparyna goşulmaga çagyrýar.
Muhammediň isleg-arzuwynyň beýikdigine garamazdan, bu
gürrüňleriň ilkinji kysmyny nesibe hakdaky sözler doldurýar. Dzýudo
bilen meşgullanýanlaryň hataryna çagyrylan Muhammet ýaponiýaly
ussat türgen Ýama Motonyň elinde türgenleşýär. Öz deň-duşlarynyň
arasynda mese-mälim öňe saýlanan Muhammet dünýä ýaryşlaryna
gatnaşyp başlaýar.
Dünýä ýaryşlaryna gatnaşan ilkinji söweşlerinde ol şowsuzlyga
uçraýar. Esasy sebäpleriň biri hem heniz beýle ýaryşlarda tejribesi
ýokdy we şonuň üçin hem howy basylýardy.
142
Dürli ýurtlardan gelen kameralaryň, habarçylaryň öňünde
aljyraman durmak hem ýeňil-ýelpaý iş däl. Ilkinji ädimleri şowsuz
bolandygyna garamazdan, ol kem-kemden özüni tutýar we dünýä
derejesindäki ýaryşlarda altyn, kümüş, bürünç medallaryň ençemesini gazanýar.
Bosagada Los-Anjelesdäki olimpiada. Muhammet muňa taýýarlanyp başlaýar. Ol biregne üç aýlap taýýarlyk görýär. Bu olimpiýa
oýunlary hem oňa ýeňiji bolmak üçin pursatdy.
Olimpiada başlaýar. Ýaryşlar gyzyşýar. Bäsdeşleriniň hemmesinden rüstem gelen Muhammet indi jemleýji ýaryşa çykypdy. Ol
finalda ýaponiýaly Ýama Şito bilen çykmalydy. Bütin müsür halky öz
gerçekleriniň ýene bir altyn medal gazanjakdygyna ynam edip, uka
batypdy.
Emma duýdansyz habar hemmeleri geňirgendirdi. Gazetlerde
gynançly waka beýan edilýärdi. Uly umyt bildirilen Muhammet
olimpiadanyň çempiony däl-de, ýöne bir ýeňijisi bolupdy. Hemmeler
bu waka geň galdy...
Ýöne geliň, şu kyssanyň asyl manysyna seredeliň.
Jemleýji duşuşykda Muhammet ýaponiýaly ussat Ýama Şito
bilen çykmalydy. Ýaryşyň başynda Muhammet ähli ünsüni göreşe
jemläpdi. Ýaryşyň ilki başynda ýaponiýaly türgen aýagyny gowy
agyrdýar, Muhammet şol aýaga sähel kaksa ýa-da ebşitläp tutsa, ony
dessine alyp ýatjak – ýeňiş onuň nesibesine öwrüljek.
Emma Muhammet agyryly aýaga ýekeje urgy hem etmeýär.
Onuň urgulary hem, özüni alyp barşy hem ýeňşe bolan islegini ýitiren
ýaly ekeni.
Tälimçisi Muhammediň ýanyna baryp, bäsdeşiniň agyryly aýagyna kakmagy buýurýar. Emma Muhammet ýylgyrýar we oňa: «Dinim, ynanjym maňa beýle etmäge rugsat bermeýär» diýýär.
Muhammet Ruşwan öz isleg-eradasy bilen ýaponiýaly türgeniň
öňünde ýykylýar. Bütin älem, dünýä muňa haýran galýar.
143
Muhammet ýylgyryp ýykyldy. Ol bäsdeşini altyn medal bilen
gutlady we özüniň kümüş medalyny ýokary göterip, hiç wagt unutmadyk çagalyk ýylgyryşyny gaýtalady.
Şol pursatda Muhammet dünýä ýüzüne täsin we nusga alarlyk sapak berdi: durmuş, dirilik, sagdynlyk sport ýaryşlaryndaky ýeňişden
has ähmiýetlidir.
Eger-de öz göreşini halal ýol, mertlik bilen gazanmajak bolsa,
onuň sporta bolan arzuwynyň, ýyllar boýy geçiren türgenleşikleriniň,
altyn medaly gazanmaga dörän ajaýyp pursatlarynyň hiç hili manysy
boljak däldi.
Birwagtlar oňa: «Taryh diňe gahrymanlary we altyn medal alanlary ýadynda saklaýar, galan zady unudýar» diýip aýdypdylar. Emma
ol bu eden işine birjik-de ökünmedi. Aslynda, mertebäňi belent
saklamagyň we halal hereket etmegiň özi hakyky taryhdyr. Bu taryh
bilen her wagtam buýsanyp, arkaýyn gürläp bolar.
Oňa: «Bäsdeşiň agyryly aýagyna kakyp, ony ýeňen bolsaňam, hiç
kim saňa şeýtdiň diýmezdi. Garşydaşyň ejiz ýerini tapyp, peýdalanmak hem pursat ahyry, hemmelerem şeýdýär» diýenlerinde, ol diňe
ýylgyrmak bilen jogap beripdi we hoşlaşypdy. Ol şeýtmek bilen olara
şeýle diýmek isleýärdi: «Beýik adamlar özlerini örän berk tankyt
ederler, özlerine käýinerler, özlerinden görerler. Olaryň özgeleriň
melamatyna hiç hili mätäçligi ýok».
Bu dünýä derejesindäki uly we geň wakady... Oňa berlen jogap
hem edil şol wakanyň özi ýaly täsirli boldy. ÝUNESKO Muhammet
Ruşwanyň bu hereketlerini nazara alyp, ony 1985-nji ýylyň iň halal, arassa oýunçysy diýip yglan etdi. Ol «Iň oňat türgen» atly sylaga eýe boldy. Olimpiýa oýunlarynda iň adalatly oýunçy adyny gazandy. Müsüriň döwlet ýolbaşçysy ony uly hormat-sylag bilen kabul
etdi. Oňa beýik ordenleri, medallary dakdy. Türgene mahsus beýik
häsiýeti üçin taryplady. Ýaponiýanyň halky bu türgeni öz ýurtlarynda
görmegi arzuw edip, ýörite çakylyk ýollady. Muhammet Ruşwan çakylyga seslendi we Ýaponiýa gitdi. Ol özüni bu ýerde sanaýmaly144
ja sport wekilleriniň garşylamagyna garaşýardy, emma baranynda
garaşylmadyk waka bilen ýüzbe-ýüz boldy. Muhammedi garşy almaga çykan adamlar köçeleri, ýollary dolduryp durdy. Olaryň arasynda
syýasatçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türgenler we dürli
kärdäki, wezipedäki adamlar bardy.
Şeýle-de ol 1984-nji ýylda hem iň oňat, halal häsiýetli türgen
diýen baýraga eýe boldy.
Her gezek Muhammet Ruşwandan: «Aňsat ýeňiş gazanyp boljak mümkinçilikden ýüz öwürmek nämä gerekdi?» diýlip soralanda,
ol: «Sebäbi dinim, ynanç-ygtykadym, durmuş ýörelgäm, pikirlerim
beýle etmäge rugsat berenok» diýip jogap berýärdi.
Bu sözleriň jadyly täsiri boldy. Müňlerçe ýaponiýaly bu sözleriň
üsti bilen «Şeýle halal hereketlere iterýän bu din nähili dinkä?» diýip,
yslam dinini okap, öwrenmäge başlady. Yslama mahsus lybaslary
geýnip, musulmançylyga mahsus gylyklara bürenip başladylar.
Müňlerçe ýaponiýaly yslam dinine girendiklerini yglan etdi.
Gel, biraz oýlanaly, biziň hemmämiz Muhammet Ruşwan ýaly
hereket edermidik ýa-da ilki bilen garşydaşymyzyň, bäsdeşimiziň
agyryly aýagyna depermidik?!
Bu örän gorkunç sowal. Gör, näçe adam her günde, her sagatda,
her pursatda, öz mertebesini we namysyny egisýän hereketleri edip,
durmuşyň we durmuşyň öňdebaryjy adamlarynyň aýagyna depýär.
Bu meniň üçin örän agyryly, ynjyly sowal... seniň üçin hem, belki,
şeýledir!
45. DURMUŞYŇ KANUNY
Rowaýatlara görä, iki sany at bar eken, olaryň arkasyna ummasyz goşy ýükläpdirler. Biri-birine tirkegli atlaryň öňdäkisi örän çeýe
we sagdyn ýöreýän ekeni, ýüküň agramyny duýmaz eken. Yzdaky at
bolsa büdräp, haýal ýöräp, ýüküň agramyny öz ýaltalygy bilen has
agraldyp barýan eken. Ahyry ýolagçylar yzdaky atyň ýüküni hem
öňdäki atyň üstüne ýükläpdirler. Yzdaky at muňa begenipdir. Ýalta* 10. Sargyt № 975
145
syran bolup, hile etmegiň hem netije berýändigine ynanypdyr. Öňdäki
ata garap: «Ýada we deriňi döküber. Seniň bu işjanlylygyň ýadawlykdan hem-de kösençlikden başga zat getirmez» diýipdir.
Olar barmaly ýerlerine ýetenlerinde, atlaryň eýesi: «Iki aty iýmläp durmagyň näme geregi bar, ähli goşumy, ýükümi bir ata geçirenime görä, ähli ot-iými hem şol ata bereýin, beýleki aty bolsa, soýup,
huruşlyk edineýin. Iň bolmanda onuň hamyndan peýda görerin»
diýipdir. Ol aýdyşy ýaly hem edipdir.
Ine, bu köpbilmiş ata serediň – käbir akyly ýerlikli ulanmasaň,
özüňe zyýan edýär. Ol durmuşy hile-mekirlik bilen hem dolandyryp
bolýandyr öýtdi. Isle höwesli, janly işle, isle ýaltalyk et, zähmet haky,
iým haky hemmä deň düşýändir öýdüp pikir etdi.
Täsin ýeri, şu kyssa biziň durmuşymyzda örän köp gaýtalanýar.
Ýaramaz düşünjeli adam durmuşdaky ähli zady hilegär, mekir adamlar gazanýandyr öýdýär. Oýnuň kanunlaryny, düzgünlerini diňe ol
mekirlikler, mekir adamlar düzýän ýaly görýär. Emma olar durmuşyň
üýtgewsiz kanunlarynyň bardygyna akyl ýetirmeýärler we betbagt
galýarlar.
Hernä biziň bagtymyza, oýnuň düzgüni Allanyň elinde. Ýaradan
durmuşyň kanun-ýörelgesini öz Kitabynda şeýle beýan etdi: «Işläň,
amal ediň. Allatagala we onuň resuly hem-de mömin-musulmanlar
siziň amallaryňyzy görer». Hiç hili ikirjiňlenme, şek-şübhe, bulam-bujarlyk bolmazdan, gara pikirlere ýer goýmazdan, Allatagala
bize durmuşyň kanunlaryny açyklap, aýdyňlap berýär. Durmuşyň iň
möhüm, iň ähmiýetli kanunlarynyň biri amal, iş etmek, zähmet çekmek, yhlas etmek, der dökmek... Şonda diňe bu dünýäň däl, ahyretiň
hem düzeler.
Sebäp we netije kanuny, ýagdaý we jogap beriş, gaýtaryş kanuny, şeýle hem hindi medeniýetindäki Karma kanuny, bularyň ählisi
amallaryň aýdyň netijelere eýe edýändigini, bu kanunyň, düzgüniň
durmuşyň ähli ýerinde uly-kiçisine deň derejede ýöreýändigini
aýdýar.
146
Dogryňy aýt, haçanda senden kiçiler senden köp ýeňýärkä, senden sowatsyzlar senden köp gazanýarka, olar durmuşdan seniň alan
paýyňdan has köp alýarka... bu zatlaryň syry-hikmeti dogrusynda
pikir edip, gynanyp gördüňmi?
Gynanma... Allatagala zerre mysgal agramyndaky yhlasyňy hem
yrýa edýän däldir. Işle, ýada, der dök, jan et, çalyş, ýoluň soňunda hak
eden sylagyňy, abraýyňy hökman gazanarsyň. Ýöne hergiz igenme
we zeýrenme. Işlemezden öňe dyrjaşýan adamlara hem ýol ber, olar
öz görýän nygmatlaryny, arzuwlaryny, goý, gazansynlar. Kim bilýär,
olar nämä owsun atýar? Mynasyp zadyna hallan atýan bolsa, baş
üstüne, alsynlar, gowuşsynlar. Mynasyp däl zadyny gazanjak bolýan
bolsalar, ahyry ýokarda beýan edilen yzdan ýöreýän atyň ýagdaýyna
düşerler.
MEKDEPDE ÖWRENMEDIK
ZATLARYMYZ
Dostum:
•Her ýalpyldaýan zat altyn däldir, ýylgyrýanlaryň köpüsi bagtyýar däldir, saňa ýagşy dileg edýänleriň aglabasy hem diýýän
zatlarynyň hasyl boljagyna ynanýan däldir.
•Ýagdaýlar seni sandyratmasyn! Haýsydyr bir haýyrly, peýdaly, ähmiýetli işi etmek üçin arassa niýetden ugur alan mahalyň,
diller (kähalatda eller hem) saňa garşy uzalyp, ýaramaz söz, gury
töhmet, ýalan gybat bilen azar berýän bolsalar (nähak azaryň azaby özlerine bolar), iş-amalyňa, bitirişiňe, yhlasyňa, niýetleriňe
ikirjiňlenip, şübhelenip başlasaň, ýatla, jebir-jepa we muşakgatlyk,
agyrlyk käsesinden datmadyk pygamber barmy? Hiç hili ynjamadyk,
süňňi syzlamadyk, agyry-elem görmedik ýagşyzada barmy? Salyh
adamlaryň terjimehallaryny okap gördüm, takwadygyna garamazdan, ähli adamyň söýgüsine, ynamyna girip bilen ýekeje adam hem
ýokdur.
147
•Durmuşda köp ýerde ederiňi bilmän, ikirjiňlenip galarsyň.
Tereziniň bir jamynda öz etsem-petsemleriňi (prinsipleriňi) goýarsyň,
beýleki jamyna bolsa adamzadyň ähli oý-garaýyş sülekeýi syrylyp,
akyp durar. Barybir dogry karary kabul etmek, bir karara gelmek
erki, hukugy özüňdedir. Saýlamazyňdan öňürti ymykly oýlan, ynan,
sen şowlulyga, towpyga örän mätäçsiň. Sen dogry maslahatlara,
jaýdar öwüt-ündewlere şeýle bir mätäçsiň, ýöne sen öz pikirleriňde
mizemän durmaga we anyk, aýdyň maksatlara müň mertebe, müň
mertebe mätäçsiň.
•Synalyp görülmänkä adamlaryň ählisi hem salyh, ygtybarly,
ynamdar, arassa, halal. Sähel bir synagyň soňunda salyh kim, betpäl kim, sadyk kim, sadyksyraýan kim – aýan bolýar duruberýär.
Hemme adamlar edil men we sen ýaly, ol we olar ýaly, şonuň üçin
gel, ikimiz deň durup, Alladan dileg edeli, synag wagtynda ynamymyz we özgeleriň bize bolan ynamy synmasyn!
•Adamlar agyz dolduryp gürrüň etmeýän hem bolsalar, eden
ýagşylygyňa asla ökünme! Aýdan bir dogry sözüň üçin soňundan
kösenýän hem bolsaň, munuň üçin ruhuňa yza berme. Adamlar unutsa-da, unudansyran bolsa-da, Allatagala unudýan däldir! Adamlar
bir ýagşylygyň hormat-sarpasyny tutmasalar-da, Allatagala edilen ýagşy amalyň hakyny-sylagyny köýdürýän däldir. Eden her bir
ýagşylygyň onuň dergähinde mälimdir. Allatagalanyň ýagşylyklary
saklaýan ýörite hazynasy-sandygy bar, hiç kim olary ogurlamaga,
ýa-da zaýalamaga, ýa-da gymmatyny egismäge milt edip bilmez, hiç
kim ony başarmaz. Ynjal we ýene-de haýyr iş etmegiňi dowam et.
Gadyrbilmeziň ýa-da sowatsyz biriniň sözi seni gamgyn etmesin.
•Aýdýan zadyňa düşünmeýändikleri üçin adamlaryň seni tankyt
etmegi mümkin, emma olaryň tankydy seni we seniň şahsyýetiňi,
mertebäňi egismez. Ýüregiňi geçirimlilikden we asudalykdan
püre-pür et. Gyzyp barýan ruhuň üstüne dury paýhasyň sowadylan
suwlaryny sep, guý. Garaýşyňy ýene bir ýola, ikinji gezek, üçünji
148
gezek, onunjy gezek aýt, düşündirmäge çalyş, ýöne hergiz ulumsylyk edip, gyra çekilme.
•Garnyň açlygyny doýurmak üçin tiz taýýar bolýan aşlary satyn
alyp bolar, emma ol iýmit göwräňe we zehiniňe peýda etmeýär. Sebäbi olar hem dogry iýmitlenmegi üçin ýokumly maddalara mätäç.
Tiz we aňsat gazanylýan üstünlik hem edil şonuň ýaly, käwagt bagtyň
çüwüp gazanylýan üstünlik ýa-da eliňdäki az-owlak zada begenmek,
guwanmak duýgusy hem hut şeýle, sen bu zatlara bir sagat, iki sagat
begenersiň, emma hakyky üstünlikleriň, berjaý edilen işleriň sanawyna girizmäge esas bolup bilmez.
•Biziň döwrümiz alyş-beriş, söwda-satyk, bazarlama zamany,
eger-de şol iki ugry mazaly özleşdirmeseň, gürrüňsiz ýitgä uçrarsyň
diýýärler. Esasan hem, bu ýagdaý biziň şu günlerimizde mese-mälim, aýdyň görünýär. Ýöne bu ýagdaýyň hatarly ýeri, zada bolan
ündew-höwes, şol zadyň hut öz gymmatyndan has beýik.
Amal hakdaky söz şol amalyň öz boýundan has beýik.
Emma wagt, zamana ähli zadyň üstüni açýar. Şonda zadyň
daş-töweregindäki göz gamaşdyryjy parlaklyk solup başlaýar. Ana,
şonda saňa ündew-mahabat hem haýyr etmez. Söwda hem saňa ýardam goluny uzatmaz.
•Iň süýji dil, iş bitirip görkezmekligiň – başarnyklaryň dilidir.
Özüň hakda artykmaç gürlejek bolma, özüň hakda gürlemegi edýän
işleriňe goý, şol beýik işler sen hakda gürrüň berer durar. Seniň özüňi
alyp barşyň, gylyk-häsiýetleriň, abraýyň hakda özleri hoşboý ysyny
saçarlar. Edýän işleriň älemiň nazaryny saňa we seniň beýikligiňe
gönükdirer. Sen diňe bu zatlar üçin irginsiz zähmet çekseň, işleseň
bolýar. Ýürekden yhlas etseň bolýar. Gereginden artyk derejede zähmet siňdir, deriňi dök, ondan soňra birsellem dymyp bilersiň. Özüň
hakda gürlemek wezipesini amallaryňa tabşyr, seniň adyňdan resmi
gürleýji seniň amallaryň bolsun. Ana, şol müňlerçe nokgy-nokgudan
we uzaga çekýän sözlerden, leksiýalardan hem has ynandyryjy we
täsirli dildir, sözdür.
149
•Baş durmuş ýörelgeleriňi syýagalam bilen ýaz, olar hiç bozulmasyn, berk we mäkäm dursun, aýdyň görünsin. Garaýyşlaryňy,
pikirleriňi adaty galam bilen ýaz, gerek ýerinde olara üýtgetmeler,
düzedişler girizip, gaýtadan gözden geçirmeli bolarsyň. Ýagdaýa
rast gelmeýän pikirleriňi bozmagy, üýtgetmegi hem mertlik bilen kabul et, pikir bozgujyny hem edeplilik bilen ulan. Ýalňyşlygy aýan
bolan pikirleriňden saplanmak dürsdür.
Iň ýamany ýokarky ikisiniň ýerini çalşyp ýazmak: esasy durmuş
ýörelgeleriňi yz ýany bozup boljak galam bilen ýazyp, her gije-gündizde üýtgedip otursaň we garaýyşlaryňy, pikirleriňi syýagalam
bilen ýazyp, ony asla üýtgewsiz saklamaga çalyşmagyň, düzedişler
girizmezligiň, üýtgetjek bolmazlygyň ýaman işdir.
•Şeýtan eli çarşakly mahluk däl, onuň guýrugy hem, iki sany
şahy hem ýok. Eger-de ol şol gülkünç-gorkunç sypatynda gelse, hiç
kim oňa ynanmazdy. Şeýtan biziň ýanymyza iň gymmatbaha lybaslarda, owadan we parlak ýüz bilen gelýär. Süýji sözler, datly jümleler, şelaýyn bakyşlar we näzli garaýyşlar bilen bizi öz maksadyna
çekýär. Şeýdip köpleri öz hilesine çolaşdyrýar.
Ol ynamdar dostuň ýa-da halaýan adamyň sypatynda hem gelip
biler. Biz birbada oňa güp ynanýarys. Wagt geçenden soňra bu betbagtçylyga sebäp bolan zadyň arkasynda diňe şonuň durandygyny
onuň perdesi syrylandan soň bilip galýarys.
•Ähli ýumurtgalary bir sebetde goý we olara gowy üns ber! Olary
dürli sebetlerde goýuşdyr we olara asla ähmiýet hem berme! Enemiň
aýdyşy ýaly, «Bir elde iki garpyz tutdurmaz». Pikiri dagynyk bolan
adam ygtybarly, sadyk hasaplanmaz.
•Durmuş hakykatlarynyň biri hem – ýaltalara juda agyryly görünmegi hem mümkin – ynsan isleýän zadyny alanok, mynasyp bolan zadyny alýar.
•Käbir adamlar kebelegi barmagynyň ujy bilen däl-de, gysymy
bilen garbap tutýar. Güýç-kuwwatlylygy, zorluk ulanmagy, pugtalygy
çynlakaýlygyň delili hökmünde görýärler.
150
Olaryň düşünje ölçegi hem, şoňa eýerişleri hem ýalňyş.
•Çekip bilmejegiňden artyk örtenmek islemeseň, gereginden artykmaç söýme. Her bir zat öz çäginde, mukdarynda bolsa ýagşy. Hatda
duýgular we rehimdarlyklar, söýgi we ýigrenç hem özüne laýyk ýerde,
mynasyp mukdarynda bolsun. Çäkden çykan, artykmaç her bir zat
zyýanlydyr.
•Allatagala aýdýar: «Ynsan özüni aklasa-da, öz edýän işine özi
beletdir».
Özüňi aklamak üçin bahanaň köpdügine, ýeterlikdigine garamazdan, ýeriň ýüzünde seni okap biljek, seniň içiňi gözden geçirjek,
ynjyklygyňy, näzikligiňi ýa gatylygyňy, ýumşak ýa-da gödekdigiňi
bilmäge ukyply, iň ökde adam Seniň özüňsiň. Ýaradan hiç wagt saňa
sütem etmez. Şeýle hem ol şahsy çäkleriňi, mümkinçilikleriňi kesgitläp biljek derejede ýeterlik akyl berendir.
•Ähli şowsuzlyklar sowatsyzlykdan, bilmezlikden gözbaş alýar.
Allatagalanyň beýikliginiň öňünde nadanlygymyz zerarly asy-günäkär
bolýarys. Kanunlary bilmeýändigimiz zerarly durmuşda büdreýäris.
Adamlaryň gylyk-häsiýetlerini ýa-da öz tebigatymyzy bilmezden,
öwrenmezden öz söýýänlerimizi we bizi söýýänleri ýitirýäris. Allatagala sowatsyzlygy ýok etsin.
AHYRYNDA ÝEŇIŞ
GAZANDYK
Ol pursatlaryň üstünden onlarça ýylyň geçendigine garamazdan,
henizlerem ony ýatlaýaryn... Bäş ýaşly oglan wagtymdan bäri atam
şeýh Hilal aş-Şazylynyň miras galdyran desse-desse kitaplarynyň
arasynda gezýärdim. Ýaşaýan öýümiziň üçegi dürli kitaplardan,
žurnallardan doludy. Terbiýeçi, edep beriji ussadym garry atam
dünýäden ötmezinden öň ummasyz we kämil miras galdyrypdy. Men
ol wagtlar bu kagyz üýşmekleriniň nähili gymmatynyň bardygyny
bilemokdym, aňşyramokdym, ýöne näme üçindir men şol kitaplara
aşykdym.
151
Bir gün howlymyzdaky bagyň astynda kitaba güýmenip otyrkam,
garry enemiň sesini eşitdim. Ol «jaýyň üçegindäki kagyz letdelerini
arassalamagy» buýurýardy. Sebäbi şol ýerde towuk saklamak üçin
giňiş ýer gerekdi. Enemiň permany ýakyn günlerde ýerine ýetirilmelidi. Müňlerçe kitapdyr žurnallaryň çal-gara tüssesi ýokary göterildi.
Men ol wagt on üç ýaşly oglandym we durmuşyň şol ýowuzlygy
henizlerem göz öňümden gidenok.
Men ol wagtlar sapagyna doly ýetişmeýän okuwçydym, emma
kitap okamaklyga şeýle bir gyzygýardym. Şonuň üçin okuwyma doly
ýetişmegim üçin bu islegimiň garşysyna berk karara geldiler.
Ýene-de perman ýaňlandy.
Meniň ähli kitaplarymy öýüň howlusyndaky bagda jemlediler.
Ähli zat ýekeje otluçöp bilen ýerine ýetirildi... Şeýh Hilalyň howlusyndan ikinji gezek alaw-tütün ýokary göterildi. Ençeme ýyllaryň
geçendigine garamazdan, bu waka göz öňümden gidenok, aňymdan
çykanok. Meniň terk etmegimi isleýän zadyma bolan söýgim gün geldigiçe möwjedi. Söýgim artdygyça, özümi pida etmeli ýagdaýlarym
hem köpeldi...
Şol waka hut düýn bolan mysaly, her bir ajysy bilen henizem
ýatlap biljek. Men ol işden bu işe geçenimde hem hemişe ýanym
sebet-sebet kitaplydy. Käbir adamlar bu bolşuma keseden bakyp,
ýaňsylap, üstümden gülerdiler: «Filosoflaryň zamany bireýýäm geçip
gitmedim-aý» diýip, kinaýa bilen habar gatardylar.
Bir gezek gatnaşýan dostlarymyzdan biriniň maşgalasy: «Seniň
güýmenjäň, gyzyklanýan zadyň kitap okamak diýip eşitdim, şol
dogrumy?» diýip sorady.
Men olara: «Okamak meniň gyzyklanýan zadym däl, okamak – meniň durmuşym, meniň diriligim. Iýmek-içmegi islegiňe
görä bölüşdirip, paýlaşdyryp, synplaşdyryp bolar, emma okamak
durmuşym üçin zerurlyk» diýipdim.
Dem almagym, durmuşda ýaşamagym, bakylygym üçin sebäp
bolsa, okamak maňa özümi aklamaga, durmuşda mynasyp ýaşaýanlygyma ynamymy artdyrmaga sebäpdir.
152
Men ulaldym... Ulaldygymça hem okamaklyga bolan yşgym we
höwesim, söýgim hem artdy. Men häzir üçünji onlukda gezip ýörün,
her bir söýýän aşyk kibi bolup, ýatlamalaryma çümýärin... Geçilen
menzillere we ýetilen şu günlere ser salýaryn... Neşir önümçiligi ulgamynda kiçeňräk neşirýat açmak nesibämde bar eken. Ine, bu gün
arap dünýäsine kitap önümçiligi bilen hyzmat edýärin... Täze-täze
pikirleriň döremegi üçin pikir senagatyny, pikir sungatyny ösdürýärin. Şonda şol çagalyk, oglanlyk we ýaşlyk pursatlarymda
başymdan geçen, kitap bilen bagly agyryly günlerimi ýatlaýaryn...
Häzirki uly kitaphanama we çaphanama göz aýlap, uludan demimi
alýaryn. Göwün gulagyma pyşyrdaýaryn: «Hudaýa şükür, ahyry biz
ýeňdik».
ÇUGDAM PIKIRLER
•Her gün düşnüksiz durmuşyň bir tarapyny öwrenmesek, onuň
syrly tilsimlerinden biriniň syryny çözlemesek, onda bu durmuşy
doly we kämil ýaşaýarys diýip pikir etmeli däldiris.
•Ata-babalarymyzyň ýagşy niýetleri – olara bolan garaýşymyza,
berýän bahamyza garamazdan, biziň terbiýe asmanymyzy (boşlugymyzy) doly örtmeýär ýa-da durmuş kynçylyklarynda, päsgelçiliklerinde ýüzbe-ýüz durmaga ýeterlik bolmaýar.
•Has ynamly, höwesli we erjel ýapyşmagymyz üçin has beýik
maksatlardan bir pursat hem gözümizi sowmaly däldiris. Ilkinji ädimleri hem pes saýmaly däldiris, gaýta şol ädimleri has-da güýçlendirip,
batlandyryp hem-de gadamymyzy has-da berk basyp, öňe ynamly ätmelidiris.
•Dünýä mülki adamzat köpçüligini azaşdyrmaga, ony özüne
bendi etmäge juda ökde. Özi üçin darkaş gurdurýar. Adamlar bagtyýar we sapaly günlerini, beýik arzuwlaryny, maksatlaryny, pikirlerini dünýäniň tiz sowulýan wagtlaýyn lezzetine bagyş etmäge taýýar
hem-de juda höwesek görünýär.
153
•Bermegi, sahawat etmegi başarmagy üçin musulman adam
durmuşy söýmäge borçludyr. Ol durmuşa çynlakaý çemeleşmeli we
ýaşaýşa öz goşandyny goşmalydyr. Öňkülerden hem has gowy zatlara
ymtylmaly we has gowusyny döretmelidir. Ýöne bu işleri özgeleriň
berim-peşgeşiniň, gaýrylaryň çeken zähmetiniň ýa-da atasynyň
abraýynyň hasabyna etmeli däldir.
•Boş ýaňramazlyk we gerek ýerinde diliň jylawyny çekmek üçin
sözleýiş edebini öwrenýän adam güýç-kuwwat gazanmak babatda,
güýçli bolmak babatda abyrsyz köp zähmeti bitiren adamdyr. Gapyllyk içinde aýdan sözleri üçin malyndan, baýlygyndan we abraýyndan
jyda düşen ençeme adamlar bar... Käbiri dili zerarly kellesinden hem
jyda düşdi...
•Şeýle bir pursatlar bolýar, şonda adamlara mätäçdigimizi has
ýiti duýýarys. Adam üçin adam, musulman üçin onuň dogany howa
deýin zerur. Ýürekdeş ynsany bolmasa, adam durmuş kötelliklerini
bir özi geçip bilmeýär. Ýürekde berç baglan pikirleriňi, derdiňi birine
gürrüň bereniňden soňra, gursagyň giňäp gidýär – wyždanymyza rahatlyk, ynjalyk, sagdynlyk ornaýar (aralaşýar).
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.