Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 2100
31.4 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Rahmet Gylyjow
TÜRKMENLER HAKDA 100 HEKAÝAT
(Orta asyr arap çeşmelerinden saýlanyp alyndy)
1. ŞÜBHELERI SYRÝAN DELIL
Balhda ýaşan pirleriň biri wagtal-wagtal adamlary ýanyna
üýşürip wagyz-ündew eder eken. Ol: «Mende Allanyň bardygyny
subut edýän ýüz sany delil bar. Geliň, öwredeýin» diýip, ýörite sapak berer eken. Emma şol ýere täzelikde göçüp baran bir ýaş ýigidiň
onuň maslahatyna barmaýandygyny pire aýdypdyrlar. Pir bu ýigidi
öýüne getirmek üçin her hili usullar ulanyp görüpdir, emma ol öz
okuwy, ylym-bilimi bilen meşgul bolup ýörüpdir. Ahyry piriň özi
ýigidiň huzuryna barypdyr. Onuň näme üçin öz söhbetlerine gatnamaýandygyny, özünde Allanyň hakykatyny subut edýän ýüz deliliň
bardygyny aýdypdyr. Ýigit edep bilen jogap beripdir: «Hormatly pir,
delil şübhäni aradan aýyrmak üçin gerek. Mende bolsa Allanyň barlygyna hiç hili şübhe ýok, şonuň üçin bu zadyň maňa ähmiýeti ýok.
Men özüme gerekli zatlary öwrenmek isleýärin» diýipdir. Taryhçylar
bu ýigidiň Nejmeddin Kubradygyny öz eserlerinde ýatlapdyrlar.
2. HYDYR GÖREN BEDEW
Ylym-bilimde, takwalykda ady uzaklara ýaýran Abdylla ibn
Mübärek Merwezi dor atyny depip, duşmana garşy söweşip ýörkä,
472
birdenkä aty büdräp ýykylypdyr. Ol näderini bilmän aljyrapdyr.
Töweregine garanjaklapdyr. Birdenkä alnynda jowur ak sakally bir
adam peýda bolup: «Sen ýene-de şu atyň bilen söweşe galkmak
isleýärmiň?» diýip sorapdyr. Abdylla ibn Mübärek Merwezi «Elbetde» diýip jogap beripdir. Ak sakally adam başyndan sagrysyna
çenli aty birlaý sypalap goýberipdir welin, ol tarsa aýak üstüne galypdyr. Abdylla hezretleri haýal etmän jeňe girişipdir. Duşmanlaryny
tary-mar edip, ýeňiş şemaly ýüzüni ýelpände, ýaňky ýaşulynyň hem
özleri bilen şol meýdanda söweşip ýörendigini görüpdir. Abdylla hezretleri «Ýaşuly, meniň atymy bejeren siz dälmi? Siz kim bolarsyňyz?»
diýip sorapdyr. Ak sakally, perişde pisint ýaşuly oňa özüniň Hydyr
atadygyny tanadypdyr. Şondan soň Abdylla hezretleri bu keramata
düşünipdir we behişdi bedewleriň ýanynda elmydama Hydyr atanyň
gezýändigine göz ýetiripdir.
3. GOŇŞY BAHASY
Abdylla ibn Mübäregiň bir jöhit goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky jöhide nahar dadyrar eken. Çagalaryndan öňürti,
ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek
isleýänleriň biri jöhidiň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir.
Jöhit: «Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Müň dinar onuň hakyky gymmaty. Müň dinar bolsa gowy goňşymyň barlygy üçin» diýipdir. Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: «Biz-ä jaýyň bahasynyň
üstüne goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok» diýipdir.
Emma jöhit pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden
Abdylla ibn Mübärek jöhit goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa
öňküsindenem has gowy seredipdir.
4. MUGTASYM WE FETH IBN HAKAN
Günleriň birinde halyf Mugtasym özüniň aýratyn hormat goýýan
türkmen weziri Hakanyň öýüne barypdyr. Howluda ýedi ýaşlyja Feth
oýnap ýören ekeni. Halyf Mugtasym Fethiň ýanyna baryp: «Hany sen
473
aýt, emiriň öýümi ýa-da öz howlyňyz – haýsysy has gowy?» diýip
sorapdyr. Kiçijik Feth säginmändir: «Emir biziň howlymyzdaka has
gowy». Halyf Mugtasymyň kiçijik Fethiň bu dilewarlygyna göwni
göterilipdir. Ony ýene gürletmek isläpdir. Barmagyndaky gymmatbaha gaşly ýüzügini görkezip: «Heý-de dünýäde şundan ajaýyp zady
görüpmidiň?» diýip sorapdyr. Fethiň jogaby nagt bolupdyr: «Hawa
görüpdim. Şol ýüzügi dakynýan barmaklar ondan has ajaýypdyr».
Halyf Mugtasym näme diýjegini bilmändir.
5. WATAN KÜÝSEGI
Gadym döwürlerde goňşy ýurtlaryň bir hökümdary awa-şikara
çykypdyr. Bir keýigi yzarlap barşyna ýoldaşlaryndan aýra düşüp,
azaşypdyr. Ýurduň çäginden daşlaşanyny, türkmen illerine aralaşanyny duýmandyr. Surnugan atyna dem-dynç bermek üçin golaýdaky
çarwa düşelgesinde düşläpdir. Mazaly özüni dürsäpdir. Hökümdaryň
ol çarwa türkmen bilen gepi-sözi alşypdyr, juda göwnüne ýarapdyr.
Ony öz ýany bilen alyp gitjekdigini, uly wezipeler we engamlar, gymmatbaha halatlar we serpaýlar berjekdigini aýdypdyr. Çarwa hernäçe
boýun towlasa-da, hökümdar onuň «ýoguna» bakman, ýany bilen
öz ýurduna alyp gidipdir. Özünden gowy iýdiripdir, özünden gowy
geýdiripdir. Emma çarwa türkmeniň ýüzi açylyp gidibermändir. Müň
tilsimli darbazlar, hokgabazlar oýun görkezipdir, çarwanyň ýüzünde
bir ýylgyryş peýda bolmandyr. Hökümdar ahyry onuň öz ilini ýiti
küýseýändigini bilipdir, emma çarwa dostuny gözüniň alnyndan gideresi gelmändir. Köşgüň tanymal ymaratçylaryny, binagärlerini
çagyryp, çarwanyň ýaşaýan ýeriniň – dogduk iliniň çyzgysyny, suratyny çekip getirmegi we şonuň esasynda edil şoňa meňzäp duran
ýaşaýyş mähellesini bina etmegi buýrupdyr. Buýruk kemsiz ýerine
ýetirilipdir. Hökümdar çarwany ýanyna alyp, täze mesgenlere aýlanmaga çykypdyr. Çarwa türkmen haýran galypdyr: jaýlaram, baglaram
– ähli zat edil öz ilindäki ýaly, topragy bilen göçürilip getirilen kysmy diýýär. Çarwa bu meňzeşlige birsellem haýran galyjylyk bilen
474
seredipdir, ýöne göwni açylmandyr. Sebäbi jaýynda-bagynda müň
meňzeşlik, ýüz artykmaçlyk tapsaňam, ol seniň Watanyň däl ahyry,
iliňdäki ajaýyp adamlary göçürip getiräýeňde näme, ýeri onuň müň
derde melhem howasyny niçiksi alyp gaýtjak? Ahyry bolmajagyna
gözi ýetensoň, hökümdar çarwa dostuny öz iline ugradypdyr.
6. JENNET TOPRAGY
Bagdat medreseleriniň birinde müderris talyplarynyň üşügini,
zehinini, ylym-bilim derejesini barlap görmek isläpdir. Ol talyplaryny
ýanyna çagyryp: «Zeminiň bir künjünde jennet topragy bar, şondan
bir gysym alyp geliň» diýipdir. Her talyp okan, öwrenen zadyny
hatyrynda gaýtalapdyr, küti-küti kitaplary dörjelemäge başlapdyr.
«Ajaýybul-mahlukat we garaýibul-mewjudat» ýaly eserleri hem
sahypalap söküpdirler. Jennet topragynyň nirede ýerleşýändiginiň
haýsy kitapda ýazylandygyny bilmek üçin ürç edipdirler. Şol
günleriň birinde Al-Merwezi lakamly bir şägirdiň müderrisden rugsat alyp, Merwe gidendigini talyplar bilip galýar. Olar öz aralarynda
pyşyrdaşyp: «Diýmek, jennet topragy Merwde bolmaly. Öňki alymlaram Merwi jennetiň nusgasyna ýönelige deňän däldirler, şol ýerde
bir mukaddes ýer bardyr, ony hem şu ýoldaşymyz bilýändir. Biziň
bu zatlary bilmeýşimizi diýsene» diýşipdirler. Birnäçe günden soň al-Merwezi bir gysym topragy müderrisiň öňünde goýupdyr: «Tagsyr,
ynha, size jennetden bir gysym toprak getirdim» diýipdir. Müderris
hiç zat bolmadyk ýaly düwünçegi kabul edipdir we ony ähli talybyň
öňünde açyp görkezipdir. Üýtgeşik topragy görmäge höwesek talyplar düwünçegiň daşyna egele bolupdyrlar. Görseler, adaty bir gum.
Talyplar bu wakanyň syryna akyl ýetirip bilmändirler. Müderris ondan «Hany, şägirt, munuň jennet topragydygyny ýoldaşlaryňa hem
düşündir, ýogsam, olar ynam etmeýäne meňzeýär» diýipdir. «Tagsyr,
hezreti Pygamberimiziň «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr»
diýen mübärek sözleri bar. Men hem obama baryp, enemiň basyp
giden aýak yzyndan bir goşawuç gum aldym, ine, şu hem jennet top475
ragydyr» diýip jogap beripdir. Müderris bu jogapdan hoşal bolupdyr.
Beýleki talyplaryň bolsa haýran galmakdan başga çykalgasy galmandyr. Öwrenen zatlarynyň ýadynda galmandygyna we talap edilýän
zadyň asyl hikmetine göz ýetirmän, ony düýbünden başga ýerden
gözländiklerine düşünipdirler.
7. GOWY ADAMLAR ADAMYŇ
GOWY TARAPYNY GÖRÝÄR
Anuşirwan patyşa ogly Hürmüzi mirasdüşer bellemek üçin,
wezirlerine, hekimlerine geňeşipdir. Ýurduň sözi täsirli adamlary,
wezir-wekiller Hürmüziň mirasdüşer patyşa bolaryny islemändirler, käbirleri bolsa kes-kelläm garşy çykypdyrlar. Müň dürli
bahana agtaryp başlapdyrlar: «Onuň ejesi türkmen ahyry. A sen
bilmeýärmiň, türkmenler zatdan gorkanok, barsdan, börüden heder
edenok. Kowalasa tutýar, gaçmany bolsa bilenok. Gaharyny getirseň,
gözüniň okuny aýap, elindäki oky bilen urýar. Olaryň ýanynda sähel
säwlige uçran özüň bolma, geçirimlilik etjek gümany ýok» diýipdirler. Anuşirwan bu pikir bilen ylalaşmandyr: «Ogullar enesine däl-de,
atasyna çekýär. Enesine çekende hem ýaman ýeri ýok, ine, Kubadyň
ejesi hem türkmen ahyry. Gör, ol nähili ýagşy gylykly, pähimli. Her
bir hereketini paýhas bilen ýerine ýetirýär. Kubadyň nähili ynsandygyny özüňiz görüp ýörsüňiz, ýogsam şonuň damarynda hem türkmen
gany aýlanýar» diýipdir. Wezir-wekiller ýene öz eňegine tutupdyr:
«Hürmüziň boýy hem kelte. Bir zadyň üstüne mündürip ýa-da tagtda
oturanda synlaýmasaň, känbir görjek gümanyň ýok» diýşipdirler. «Ol
hem uly ýitgi däl» diýip, Anuşirwan dillenipdir. Ahyry wezir-wekiller öz nägileligini halkyň adyndan ýaňzydypdyrlar: «Il-günem Hürmüzi känbir gowy görüp baranok» diýşip, barha tersine tutupdyrlar.
«Görýän welin, siz Hürmüzi bu mertebä rowa görjek däl öýdýän.
Köneden gelýän bir söz bar, «Bir adamyň müň sany haýyrly,
ýagşy tarapy bolubersin, şol haýyrlaryň arasynda il-günüňi söýmek
diýen düşünje ýok bolsa, ol adamda jinnek ýaly haýyr ýokdur. Bir
476
adamyň müň sany aýyby-nogsany bolubersin, şol aýyplaryň arasynda il-günüňe gyýa garamak diýen düşünje ýok bolsa, ol adamda
jinnek ýaly hem aýyp ýokdur» diýilýär. Adam bir zady gowy görse,
onuň diňe gowy taraplary gözüne ilýär. Bir zada jyny atlansa, onuň
diňe ýaramaz ýerlerini görmek bilen çäklenýär. Ýagşy niýet adamyň
diňe ýagşy taraplaryny, ýagny özüňe gerek häsiýetleri açýar. Ýaman
niýet adamlaryň diňe nogsanly ýerini, hatda ýagşy ýerini hem tersine çöwrüp görkezýär. Her bir zadyň gowy tarapyny görmäge çalşyň,
hökman görersiňiz» diýipdir.
8. ÖZÜŇE UZAN ELLERI BOŞ GOÝBERME
Müsüriň türkmen hökümdary Ahmet ibn Tulun örän jomart we
köp sadaka berýän adam bolupdyr. Ol mätäçlere we ýeter-ýetmezlere
paýlaýan sadakasyndan, adamlara ýapýan serpaýyndan, eçilýän engamyndan, sadaka sandygyna atýan harjyndan başga-da her aýda
müň dinary ýörite paýladar ekeni. Onuň bu sadakasyny bu wezipä
ýörite bellenen Selim hadym ýerine ýetiripdir. Bir gün Selim hadym
hökümdaryň huzuryndan çykmanka, oňa bir mesele bilen ýüzlenipdir: «Hökümdarym, illeri gezip, gapylary kakyp, sadaka mätäç adamlary sorap ideýärkäm, «men mätäç» diýip, elini uzadýan her dürli
adama gabat gelýärin. Olaryň käbiri elleri hynaly. Käbiriniň barmagynda tylla ýüzük ýa-da goşarynda altyn bilezik bar. Men şolara-da
sadaka bereýinmi ýa-da bermäýin?» diýipdir. Ahmet ibn Tulun biraz pikirlenip oturypdyr we «Ýanyňda sadakalyk harjyň we eçilere
ýagdaýyň barka, özüňe uzan elleri boş goýbermegin. Hökman sadaka
bergin» diýipdir.
9. BIR ÄDIM ARALYK
Taryhy çeşmeleriň birinde şeýle waka gürrüň berilýär. Bedew
atyny özünden hem eý görýän türkmen serkerdeleriniň biri ganym
duşman bilen garpyşmak üçin ala meýdana başa-baş söweşe çykypdyr. Bedewiň üstünde aňyrdan howalap gelşine, naýzasyny elinden
477
düşürmän duşmana tagna saljak bolýarmyşyn welin, bir ädim aralyk
ýetmän dur diýýär. Türkmen serkerdesi üç gezek dagy bu hüjümini
gaýtalapdyr, emma her gezegem bir ädim ýeter-ýetmez aralyk galanda, duşman hyrra yzyna öwrülip, sypara maý tapýan eken. Türkmen
yzyna lapykeç dolanypdyr. Mundan öň bu bedewi bilen kowalan awuny tutandygyny göz öňünde aýlapdyr. Bu bärden gaýtmagyň sebäbine
teý düşünip bilmändir. Ahyry şol pikirlerine ulaşyp, uka batypdyr.
Düýşünde aty oňa adam dilinde: «Hojaýyn, düýn sen maňa bir çuwal
iýmlik arpa alaňda, söwdagäre bir dirhem puly kem berdiň. Ana şol
bir dirhem hem seni maksadyňa ýetirmän, bir ädim bärde saklaýar.
Atyň arpasy halal, ýigidiň alny-arkasy arassa bolanda, alynmaýan
sepgit, aşylmaýan menzil galmaz» diýipdir. Düýşünden oýanan dessine, türkmen ol söwdagäre bilmezlikden kem tölän bahasynyň üstüni
ýetiripdir we şol gün hem maksadyna ýetipdir. Halal hörek hökman
maksada ýetirýändir.
10. BIR TÜRKMENIŇ DOGASY
Gadym döwürde türkmenleriň biri haj zyýaratyna ugrapdyr.
Ähli däp-dessurlary berjaý edip, egnine yhram atynyp, beýlekiler
näme etse, şony gaýtalap geziberipdir. Gara daşyň daşyndan ýedi
gezek aýlanypdyr. Ýöne bu türkmen zyýarata gelenleriň, ýerli halkyň
biriniň hem diline düşünmeýän eken. Olaryň näme aýdýandyklaryna,
Alladan näme dileýändiklerine hiç aň ýetirip bilmändir. Ahyry ol hem
bir ýere çekilipdir-de, Alladan dileg edipdir: «Perwerdigärim, bu gün
seniň huzuryňa geldim, Käbäni zyýarat etdim. Gurbumyň çatdygyndan barça ybadaty berjaý etdim. Bu wagt senden dileg-doga edilýän
pursady. Eý, hak Allam, men töweregimdäki adamlaryň senden näme
soraýandyklaryny bilemok, ýöne meniň Senden etjek dilegim, şu
adamlaryň yhlasyny ýerine düşürip, olaryň ählisiniň dileg-dogalaryny
kabul et. Meniň senden ähli dilegim şu!» diýipdir. Däp boýunça, ähli
däp-dessur berjaý edilenden soňra, hajyň kabul bolup-bolmandygyny
bilmek üçin, zyýaratçylar şol gijäni Käbede ýatyp geçirer ekenler.
478
Her hajyň netijesi düýşde aýan bolýarmyş. Şol gije zyýaratçylaryň
ählisi hem birmeňzeş düýş görüpdirler. Düýşlerinde: «Halaýyk, siziň
bu gezekki zyýaratyňyz, dileg-dogaňyz bir türkmeniň özüne pespällik bilen garap, siz üçin eden dogasy sebäpli kabul edildi» diýen
ses ýaňlanypdyr. Şeýdip, bir türkmeniň hatyrasyna şol gezekki ähli
hajynyň yhlasy hasyl bolupdyr.
11. TÜRKMENIŇ MERDANALYK HÄSIÝETI
Arap hökümdarlarynyň biri hakda şeýle kyssa bar. Hökümdaryň
uzak wagtlap perzende gözi düşmändir. Ahyry uzaga çeken bejergilerden, dileg-dogalardan soňra onuň ogly bolupdyr. Hökümdar
şol sebitlere habar iberip, ogly üçin mynasyp terbiýeçini görmek
isleýändigini jar çekdiripdir. Wezir-wekilleriniň maslahaty esasynda,
ahyry bir gojany saýlap alypdyr. Goja hökümdardan oglunda nähili häsiýetleri görmek isleýändigini sorapdyr. Hökümdar: «Meniň
oglumda araplaryň myhmansöýerligi, parslaryň paýhaslylygy we
türkmenleriň merdanalyk häsiýeti jemlensin» diýipdir.
12. WATANSÖÝER PIR
Gündogaryň keramatly adamlarynyň biri Nejmeddin Kubra bilen
bagly şeýle rowaýat bar. Bir gün pir hezretlerine bir alamat aýan bolýar.
Ol öz ýetişdiren şägirtlerini ýanyna ýygnap, toplanan ylym-bilimiň
köýüp gitmezligi üçin, olaryň ählisiniň Horasana tarap göç etmegini
tabşyrýar. Nejmeddin Kubra şägirtlerine: «Gündogarda bir ot-ýalyn
peýda boldy, ol günbataryň bäri ýanlaryny hem ýakyp taşlar. Bu örän
uly apatdyr, bu ymmat, bu halk beýle apaty mundan öň gören däldir» diýýär. Aryplyk, pirlik derejesine ýeten we beýleki ähli şägirtleri
oňa bu belanyň başdan sowulmagy üçin Alladan dileg-doga etmekligi
soraýar, emma Nejmeddin Kubra olara: «Bu Allanyň gutulgysyz takdyry we üýtgewsiz ýazgydydyr. Dileg-dogalaryň muňa hiç hili peýdasy bolmaz» diýip jogap berýär. Şägirtleri ulag mümkinçiliginiň
bardygyny, piriň hem özleri bilen şäherden çykyp gitmegini soraýar479
lar, emma ol: «Maňa Hakdan gelen buýruk bu şäherden gitmezlik we
bu söweşde jan bermeklikdir» diýýär. Mundan soňra şägirtleri piriň
tabşyrygy bilen şäherden çykyp gidýär. Onuň özi bolsa ýanynda galan
ýoldaşlary bilen duşmana garşy göreşe girýär.
Söweş başlamazyndan öň asmany gara bulut gaplap alypdyr
we şähere hüjüm etmek mümkin bolmandyr. Piriň keramaty bilen
ep-esli wagtlap, howa açylmandyr. Diňe bu hadysanyň gutulgysyzdygy pire aýan bolandan soň, duman syrylýar we mongol leşgerleri
şähere hüjüm etmäge girişýär. Nejmeddin Kubra göterip bilen sapan
daşlaryny ýanyna alyp, duşmana zyňyp başlaýar. Her daşyň düşen
ýeri uly ot-ýalyn bilen gabsalypdyr. Daşy gutaran badyna, piriň gursagyna ok çümýär. Şol wagt Nejmeddin Kubra ol oky aýryp, asmana sary zyňyp goýberýär we özüniň iň soňky sözlerini şygyr bilen
aýdýar. Köne çeşmelerde pir bu sözlerini öz ene dilinde aýdypdyr
diýip tekrarlaýarlar. Ol goşgynyň manysynyň «Isleseň meni wysal
bilen, isleseň pyrak bilen öldür – bu pikirlerden azatdyryn. Maňa
seniň söýgiň ýeterlikdir» diýen sözlerdigi beýan edilýär.
13. GARŞYDAŞ GARAŞMAÝAR
Gadym döwürlerde gaýry ýurtdan gelýän agyr kerwen bir türkmen obasynyň üstünden geçmeli bolupdyr. Bag-bakjasy seleňläp
oturan bir obanyň gyrasynda eli okly, ýaýly ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk çöküne düşüp, aglap oturan eken. Kerwenbaşy oglanjygyň ýanyna baryp: «Oglum, näme boldy, näme üçin aglaýarsyň?» diýip sorapdyr. Oglanjyk gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturyşyna, ok atym
aralykdaky gara agajy görkezip: «Men nyşanany urup bilmedim,
şonuň üçin namys edip otyryn, özüme gaharym gelýär» diýip jogap
beripdir. «Heý-de onuň üçinem gözýaş dökerlermi. Sagdagyň okdan doly, ýene birini alyp, atyp goýber» diýip, kerwenbaşy dillenipdir. Onda oglanjyk: «Ýöne duşman meniň ýene bir okumy alaryma
garaşyp durarmy näme?» diýip, kerwenbaşynyň ýüzüne soragly nazaryny dikipdir. Kerwenbaşy bu jogaba haýran galypdyr: «Türkmeniň
480
ýedi ýaşlysy şeýle pikir edýän bolsa, ýaşy ýetip, akly goýalyşanlarda
Watan, namys duýgusy has kämil bolmaly» diýip, türkmeniň bu duýgusyna telpek goýupdyr.
14. HOREZMŞA WE ŞADYÝAN ÝIGIT
Muhammet Horezmşanyň zamanynda ýurtda uly gahatçylyk
ýüze çykypdyr. Ýaplaryň suwy çekilip, ýeriň berekedi göterilipdir. Mal-garanyň garamatyna gabak galdyrmag-a beýle-de dursun,
galyň bende çeýnäre çörege zar bolupdyr. Aý aşdygy saýy alaçsyz
bendeleriň haly has-da egbarlapdyr. Uzagyndan umyt edere hem
yş galman eken. Köpçülik halys ruhdan we tapdan düşüpdir. Şeýle
ýagdaýda soltan bir perman çykaryp, ýurduň içinde toý-dabaranyň,
göçgüniň peseldilmegini, aýdym-sazyň bes edilmegini buýrupdyr.
Perwerdigäre çyn ýürekden dileg-doga etmegi, köňli pakyr bolup
gezmegi, geljegiň gaýgysynda şatlyk-şagalaňy unutmagy tabşyrypdyr.
Bogazyndan owurt suw ýa-da döwüm çörek ötmedik bendeleriň onsuzam gaýry zada mejaly ýok eken. Ýurt şeýle bir tukatlyga bürenipdir welin, her soňky ýagdaý öňki hallarynyň üstüne urna bolýan eken.
Şeýle günleriň birinde köşgüniň penjiresinden töweregi synlap duran
soltanyň köçeden aýdyma hiňlenip gelýän, şadyýan bir ýigide gözi
düşüpdir. Derhal ony ýanyna getirmeklerini buýrupdyr. «Ýeri, ýigit, ulus iliň ýüzi ýokary galanok welin, seniň ökjäň ýere degenokla. Joşgunyňa bäs etmez ýaly, beýle begendirýän zat näme?» diýip,
soltan sorapdyr. «Hökümdarym, ýeri men nämäni gaýgy edeýin. Ähli
zady ýerbe-ýer, ýagdaýy gurat hojaýynym bar. Hor-har edenok. Yhlasyma görä hak-heşdegimi ýetirip dur. Gowy zada begenip bilmegiň
özi gowulyk» diýipdir. Soltan bir sellem oýurganyp oturyp: «Bu ýigit
özüniň hojaýynyna arkalanyp, dünýäde arkaýyn gezýän bolsa, hiç
wagt hazynasy tükenmeýän Perwerdigäre daýanmak has-da ygtybarlydyr. Halky şatlyk-şowhundan gabap goýmaýyn-da, bolanjasyna begenmeklerine ejaza bereýin. Kimiň göwni giň bolsa, rysgy hem giň
bolar. Galanyny Taňryň özi ýetirer» diýipdir. Şondan soň ýurdunyň
* 31. Sargyt № 975
481
raýatlaryna zady gaýgy etmän, giň göwünli we umytly gezmeklerini buýrupdyr. Tiz wagtdan bolsa ýurduň ýagdaýy düzlenip, ýaşaýyş
has-da gowulanypdyr. Şonda soltan Taňrydan umytly gezmegiň juda
uly gudratynyň bardygyna göz ýetiripdir.
15. AHMET IBN TULUNYŇ ADYLLYGY
Müsüriň türkmen hökümdarlarynyň biri Ahmet ibn Tulunyň
adyllyk çawy alyslara ýaýylan eken. Ol hepdäniň her gününde
raýatlaryň arzy-halyna, şikaýatyna sereder ýaly ýörite wagt kesgitläpdir. Her kimiň haýyşyny hut öz gulagy bilen diňläp, kanuna laýyk
höküm çykarypdyr. «Döwletiň sütüni adalatdyr. Hökümdar adalatdan ýüz öwürse, raýatlar tagatdan ýüz öwrer» diýýän eken. Günleriň
birinde onuň ogly Apbas eline tüýdük alyp, ýol boýy zoguldadyp,
çalyp gelýän eken. Bir adam onuň öňünden çykypdyr-da, ur-tut
Apbasyň elinden tüýdügini alyp, ony şarta iki bölüpdir. Kiçijik Apbas muňa öýkeläp, kakasynyň huzuryna barypdyr. Ýolda sataşan
adamdan şikaýat edipdir. Hökümdaryň buýrugy bilen ol adam dessine köşge getirilipdir. «Tüýdügi döwen adam senmi?» diýip, Ahmet
ibn Tulun ondan sorapdyr. «Elbetde, men» diýip, ol adam eda bilen
başyny egipdir. «A sen onuň kimiňkidigini bilýärmiň?» diýende, «Elbetde, hökümdarym, ol siziň ogluňyz Apbasyň tüýdügi» diýipdir.
Soltan bu jogaba gaharlanmandyr, ýöne geňirgenmek bilen sorapdyr: «Ýeri, mundan habarly bolsaň, ony meniň hormatym üçin bir
sylaýmaly ekeniň» diýipdir. «Hökümdarym, çaga edebi bilen ezizdir. Onuň bolmasyz bir hereketine biperwaý garamak soňlugy bilen
biabraýlyk getirer. Ýörär ýoluňdan aýrylmadyk üzüm çöpi, nemiň
ýetmegi bilen kök urar we şaha ýaýradyp, seniň öňüňi beklär. Bu wagt
göz ýumulan ownuk edepsizlik, soňlugy bilen uly düzgün bozmalara
batyrynmagyna ýol açar. Apbas tüýdügini oňa muwapyk ýerde çalmalydy. Öten-geçeniň ýüzüne üfläp durmaly däldi. Köpüň oňlamajak,
Hakyň halamajak işinden gaça durmaly» diýipdir. Bu sözler hökümdara ýarapdyr: «Edebe sygmaýan zady gören ýeriňde derhal düzelt,
arkaňda men duraryn» diýip, gaýta ol adama hoşallyk bildiripdir.
482
16. HAK IŞ BILEN ALDASYN
Taryhda ýaşan türkmen begleriniň biri Muzaffareddin Gökböri
jomartlykda we sahawatlylykda juda adygan eken. Ol her ýylda
birnäçe guly ýa-da bendi-ýesiri hojaýynyndan satyn alyp, erkinlige
çykarar eken. Muzaffareddiniň öz howlusynda hem köpsanly hyzmatkär bolupdyr. Şolaryň arasynda haýsysy haýyr işi köp edip, tagat-parzyny birkemsiz berjaý etse, Muzaffareddin olary hem azatlyga goýberer eken. Munuň şeýledigini bilen hyzmatkärleriň köpüsi, il gözüne
namaz okamaga başlapdyr. Bäş wagtyna eglip-galyp, parz-nepil
ýerine ýetirip, begiň ünsüne ilmegi başarypdyr. Beg hem olary öňki
endigine görä erkinlige goýberipdir. Muzaffareddiniň birnäçe ýoldaşy
hyzmatkärleriň şeýtmek bilen ony aldaýandygyny, bu diňe azatlyga
gowuşmak üçin hile bolup durýandygyny ýaňzydypdyr. Muzaffareddin muňa darykmandyr: «Goý, Taňry bendesi bizi aldasa-da, hak iş
bilen aldasyn» diýip, jogap beripdir.
17. EDEBI BOZULYP UGRASA...
Türkmen soltanlarynyň biri ogluny terbiýelemek üçin tanymal
atabegiň eline beripdir. Bir gün ogly mekdepden öýüne dolanyp
gelende, hökümdaryň onuň ýüzünde gyzaryp duran şarpyk yzlaryna
gözi düşüpdir. «Kim seni bu hala saldy?» diýip, hökümdar oglundan
sorapdyr. «Atabegim» diýip, oglanjyk jogap beripdir. Hökümdar derrew oglunyň mugallymyny getirmeklerini buýrupdyr. Atabeg huzuryna gelende, hökümdar onuň bilen mesawy söhbede başlapdyr. Saçak
başynda bile oturyp, iýip-içipdirler. Soňra köşgüň howlusyndaky
bossanlyga gezim edipdirler. Şonda hökümdar atabege ýüzlenip: «Şu
gün oglumyň ýüzünde mazaly düşen şarpyk yzlaryna gözüm kaklyşdy.
Oglumyň özüni alyp barşy nähili?» diýip sorapdyr. Atabeg: «Hökümdarym, ol meniň buýruklaryma boýun sunmady we maňa gödek sözler
bilen ýüzlendi. Men hem gaharyma bäs edip bilmän, ýüzüne şarpyk
çalanymy duýman galypdyryn» diýip, müýnli we özürli ýüzüni aşak
salypdyr. Hökümdaryň ogluna gahary gelipdir: «Eger mugallymynyň
diýenini etmeýän bolsa, urmak beýle-de dursun, ganyna galsaňam,
483
adyňa zat diýmerin. Edebi bozuk bolanyndan, goý onuň barlygyndan tamamyz üzük bolsun» diýip, atabegiň bu çäresini makullaýjylyk
bilen kabul edipdir.
18. GUDAÇYLYK GEŇEŞI
Merwiň kazysy Nuh ibn Merýemiň ýaşy ýeten uly gyzy bar
eken-de, onuň üçin gudaçylyga gelýänleriň haýsy biriniň sözüni kabul etjegini bilmeýän eken. Ol ahyry bu mesele bilen özüniň jöhit
goňşusyna sala salypdyr. Goňşusy muňa ör-gökden gelipdir: «Ähli
mähelle senden maslahat soraýar, saňa geňeş edýär, sen bolsa bu
mesele bilen maňa ýüz tutýarsyň» diýipdir. Nuh kazy hem öz diýenine
tutupdyr: «Ýakyn goňşymyň maslahaty göwnüme jaý görünýär. Sen
maňa hökman salgy bermelisiň» diýipdir. Jöhit goňşusy: «Parslaryň
patyşasy Kesra baýlygyna seredip saýlaýardy. Rumlaryň hökümdary
Kaýsar gözelligine seredip saýlaýardy. Araplaryň hökümdary ata-baba aslyna seredip saýlaýardy. Siziň hökümdaryňyz adamkärçiligine
we arassalygyna seredip saýlaýardy. Sen bularyň haýsyna eýerýän
bolsaň, şoňa görä hem saýlaber» diýipdir.
19. TERBIÝE
Bir gezek Ybraýym as-Sulydan: «Sen munça edep-terbiýäni kimden öwrendiň?» diýip sorapdyrlar. Ybraýym: «Öz-özüm öwrendim»
diýip, jogap beripdir. «Heý-de, terbiýe diýilýän zady biri öwretmese,
öz-özüňden öwrenip bolýarmy?» diýip, adamlar geň galyjylyk nazary
bilen bakypdyrlar. «Kimde gowy häsiýet görsem, özümde terbiýeledim, özleşdirdim. Halamadyk zatlarymy inkär etdim, gaça durdum. Ine,
şeýdibem özümi terbiýeledim. Her bir işde halypadan ýa ussatdan öňürti
özüňde höwesiň bolmagy has zerur» diýip, as-Suly jogap beripdir.
20. TÜRKAN HATYNYŇ GYZYNA NESIHATY
Türkan hatyn durmuşa çykjak gyzyny ýanyna çagyryp, oňa şeýle
pent edipdir: «Menden on häsiýeti nusga al, saňa hem hazyna, hem
484
abraý bolar. Ýanýoldaşyňa sabyr we kanagat bilen höwür bol, sözlerini ýagşy diňle we islegini ýerine ýetir. Gözüne we burnuna esewan
et: hapa-hapysa zada gözi düşmesin we üstüňden diňe hoşboý ys alsyn. Göwnünden turmak üçin özüňe serenjam bermegi unutma. Suw
(tämizlik) bilen sürme (gözellik) iň eý görülýän zatdyr. Ajygan wagty,
naharyny gijikdirme. Ukuda ýatan wagty rahatlygyny bozma. Çünki
açlyk howry ýakyjydyr, bozulan ýa birahat uky bolsa ömri tutuksy
edýändir. Öýüne we baýlygyna eýeçilik gözi bilen gara. Özüne we
kowum-garyndaşlaryna hormat-sylag bilen bak. Hergiz syryny ile paş
etme we diýeninden çykma. Gamgyn wagty, ýanynda gülüp, bälçiräp
oturma ýa-da begençli wagty, ýüzüňi salyp oturma. Sen ony näçe
beýik görseň, sylasaň, ol hem seni şol gadar ezizlär. Sen ne gadar onuň
göwnünden tursaň, ol hem şol derejede seni ýanyndan goýmaz. Onuň
göwnüni öz göwnüňden beýik tutmasaň, onuň islegini öz islegiňden
ileri tutmasaň, ýanýoldaşyň söýgüsini gazanyp bilmersiň. Onuň halan
zadyny söý we halamadyk zadyny ýigren. Şonda Alla size her zadyň
haýyrlysyny miýesser eder».
21. DEŇ BOLMA, BEÝIK BOL!
Seljuk hökümdary Soltan Sanjar geçirimlilikde juda adygan eken.
Bir gün wezir-wekilleri we nökerleri bilen bir obanyň deňesinden
geçip barýarka, ýaşaýjylaryň biri soltana gödek sözler bilen ýüzlenipdir. Nökerler salymyny bermän, ýaňky şyltakçynyň goluny gandallap, soltanyň ýanyna getiripdirler. «Muňa degmäň, elini çözüň we
öz ýoluna goýberiň. Goý, diýesi gelen zadyny diýip, içini sowatsyn.
Göwnünde arman galmasyn» diýip, soltan parahatlyk bilen buýruk
beripdir. «..Emma, hökümdarymyz, bu siziň şanyňyza dil ýetirdi
ahyry.. edepsizlige eglişik etmek, bigadyra ýagşylyk etmek, şor ýere
tohum sepmekdir. Yhlasyňyz yrýa bolmakdan başga hiç zat gazanyp
bilmersiňiz» diýşip, wezir-wekiller soltana gylaw bermäge çalşypdyr.
«Bendesiniň dil uzadany bilen ynsanyň mertebesi peselmez. Deň bolmaly däl, beýik bolmaly. Geçirimlilik bilen, iň möhüm zat – ömrüň
berekedi gazanylýandyr» diýip, soltan jogap beripdir.
485
22. ARKASYNDA ADAM BOLANYŇ...
Pirlik ýolunda uly keramata ulaşan Sarahs babanyň birnäçe
şägirdi bar eken. Şolaryň arasynda iki sanysy ylym-bilim, düşbülik babatda beýlekilerden has-da tapawutlanypdyr. Bir gün pir şägirtleriniň
öwrenen zadyna amal edişlerini we ynamlaryny synamak maksady
bilen, ýaňky ikisini uzak ýola sapar-syýahata ugradypdyr. Ençeme
aýdan soň şägirtler sag-salamat öz illerine – piriň huzuryna dolanyp
gelipdirler. Olaryň biri öňküsinden-de ýigdelen ýaly juda gujurly we
dogumly, beýlekisi bolsa nämedir bir zada akyl ýetirip bilmeýän ýaly
ünjüli eken. Pir şägirtleriniň habaryny sorapdyr. Munça wagtyň dowamynda gören-eşidenleri, başdan geçirenleri, öwrenen we özleşdiren
zatlary hakda öz dillerinden eşitmek isläpdir, ýogsa bu zatlaryň ählisi
pire owaldanam aýan eken. Birinji şägirt ähli zadyň şowly bolandygyny, dünýäniň pynhanlyklaryna we gözelliklerine nazar salyp, her zatdan ybrat alandygyny, örän köp zat öwrenendigini, iň esasy zat hem
ähli işleriň duýdansyz ýüze çykýan bir sebäp bilen öz-özünden ugrugyp gidendigini gürrüň beripdir. Beýleki ýigit bu hörpden gopmandyr.
Adaty adamlar ýaly kynçylyklara gabat gelendigini, gaýta her gezek
«Arkamda pir atam bar» diýip, işe başlan pursady, oslanmaýan bir sebäp bilen işiniň paşman galandygyny aýdypdyr. Pir bularyň söhbedini
diňländen soň: «Bu hut şeýle-de bolmaly» diýip, öz netijesini, pikirini ýaňzydypdyr. Şägirtleriň ikisi hem geňirgenmek bilen ussadynyň
ýüzüne bakypdyr. «Arkamda adam bar diýýäniň, garşysynda hem bir
adam peýda bolar, emma arkamda Alla bar diýýäniň öňüni hiç kim
bökdäp bilmez. Siziň biriňiz haka töwekgellik edipsiňiz, beýlekiňiz
adama. Netijesi hem hökman bolaýmaly zat bilen jemlenipdir, bu
ýerde başga syr ýok» diýip, Sarahs baba düşündiripdir. Bu hikmet
şägirtlere ýene bir durmuş sapagy bolupdyr.
23. WATAN SÖÝGÜSI
Ýat illere ýesir düşen memluk türkmenleriniň biri hökümdaryň
janpenasy hökmünde hyzmata alnypdyr. Bu ýigidiň wepalylygy,
486
çalasyn-çeýeligi, işine erjelligi hökümdaryň hoşuna gelipdir. Ony
elmydama ýanyndan goýmandyr. Ýöne gün geçdigiçe bu ýigidiň
meňzi saralyp, bitap bolup barýandygy hökümdaryň nazaryndan
sowa düşmändir. Ýigidiň özünden habar alsa, ol kesgitli jogap bermändir. Onsoň hökümdar bialaç ýurduň ökde tebiplerini çagyryp,
özüniň wepaly esgerini bejermeklerini talap edipdir. Lukmanlar
ýigidiň ýüzüne seredip, derrew bir netijä gelipdirler: «Onuň bu
derdi kimdir birini ýürekden küýseýändigini aňladýar». Şeýdip,
köne edähede görä, yşka düşen bu ýigidiň damar urgularyna barmak goýup, şol jelegaýda bar bolan gyzlaryň adyny birin-birin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.