Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27

Total number of words is 3777
Total number of unique words is 2062
33.0 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
53.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barmagyny dişleşeli» diýipdir. Olar şeýle hem edipdirler. Dişlerinde
bar güýji bilen beýlekiň barmagyny gysar ekenler. Şol ýagdaýlaryň
409
birinde ýaş oglan: «Eý, wäk, tas barmagymy goparypdyň-a» diýipdir. Pälwan oňa: «Ýene biraz saklanan bolsaň, şol sözi men saňa
diýjekdim. Mertligiň, pälwanlygyň bar syry agyrylara, şatylara, kynçylyklara biraz salym dözüm edip, garaşyp, sabyr edip bilmeklikde.
«Mertlik – bir sagatlyk sabyr-çydam» diýen söz bardyr» diýipdir.
Ol oglan bu hergiz ýadyndan çykmajak sapak alyp pälwanyň
ýanyndan uly buýsanç, göwnühoşluk bilen dolanypdyr. Ýogsam,
ol mertligiň, pälwanlygyň syryny her zatdan agtarardy, ýöne biri
düşündirmedik bolsa, onuň şeýle syryny özbaşdak ömürylla öwrenip
bilmezdi.
Biz käteler özümize degerli meseläniň çözgüdi elmydama
çylşyrymly we aňymyzda, ýanymyzda ýa-da ýadymyzda ýok zatlardyr öýdüp pikir edýäris. Ýönekeý zatlardan netije gözlemeýäris.
Ýogsam, ähli gözellikler, ähli başlangyçlar ýönekeýlikden gözbaş
alyp, soňra kämillige ymtylýarlar ahyry.
ÇÜÝŞÄNIŇ IÇINDÄKI JÜÝJE
Ýokary okuw jaýynda sapak berýän mugallymlaryň biri okuw
ýyly tamamlanyp, synag möwsümi golaýlan wagty bir mesele bilen
ýüzbe-ýüz bolupdyr. Sapagy düşündirip duran wagty, talyplaryň biri
mugallymyň sözüni kesipdir:
– Ýoldaş mugallym... iňlis dili örän kyn sapak...
Bu talyp sözüni soňlaryna mähetdel, beýleki talyplar hem
onuň pikirini alyp göteripdirler. Olar iňlis dilini öwrenmegiň we
özleşdirmegiň örän kyndygyny biragyzdan ýaňzydypdyrlar. Biri bu
ýerden, beýlekisi o ýerden, garaz, ählisi garşydaş bir topar ýaly bolup, dersiň kynlygyndan zeýrenşip otyrmyşynlar. Şeýdip olar wagtyň
bisarpa, biderek ulanylmagyna ýol açypdyrlar. Mugallym biraz
säginipdir. Sähel pikirlenip oturansoň, şeýle diýipdir:
– Ýagşy.., geliň onda bu gün sapak geçmäliň... sapaga derek bir
oýun oýnalyň.
Talyplaryň hemmesi muňa el çarpyşyp begenipdirler.
410
Mugallym tagtanyň ýüzüne agzy dar çüýşäniň suratyny çyzypdyr. Şol çüýşäniň içinde hem bir jüýjäni çekipdir. Soňra talyplara
şeýle sorag bilen ýüzlenipdir:
– Kim şu çüýşäni döwmän, jüýjäni daşyna çykaryp biler, ýöne
jüýjä hem hiç hili zeper ýetmeli däldir – diýipdir. Şondan soň talyplar her dürli çaklamany orta atypdyrlar, emma olaryň hiç biriniň jogaby kanagatlanarly bolmandyr. Ýa çüýşäni döwmeli bolupdyr, ýa-da
jüýjäni...
– Ýoldaş mugallym, çüýşäni ýa-da jüýjäni döwmeseň, ony şol
ýerden çykaryp bolanok...
– Ýok, oýnuň şerti şeýle, bozmak bolanok – diýip, mugallym
hem öňki şertini tutupdyr.
Ahyry talyplaryň biri degşip:
– Ýoldaş mugallym, kim jüýjäni çüýşäniň içine salan bolsa, şoňa
aýdyň, nädip salan bolsa, şeýdibem özi çykarsyn.
Talyplaryň ählisi muňa gülşüpdir, emma gülki uzaga çekmändir. Mugallymyň: dogry..., örän dogry... diýen sözleri talyplary
geňirgenmä gark edipdir:
– Edil özüňiz ýaly... sizem şeýdiň... iňlis dili agyr diýen düşünjäni
akylyňyza mazaly siňdiripsiňiz. Men size sapagy her näçe yhlas bilen
öwretmekçi bolsamam, ol pikir aňsat zady agyr edip görkezýär, siziň
kabul etmek mümkinçiligiňize böwet bolýar. Özüňizdäki bu düşünjäni
özüňiz beýniňizden aýryp taşlamasaňyz, men hiç hili netije gazanyp
bilmerin. Hiç kimden kömek soramazdan şol pikiri kelläňize nähili
salan bolsaňyz, şeýdibem ony ol ýerden çykaryň» – diýipdir.
TÜWI DÄNESI
Hojaýynyň melleginde kärendesine işleýän daýhan öz ýanynda
göwün ýüwürdipdir: «... menem baýlygymy az-owlak artdyrsam,
ekip-bejerer ýaly özbaşdak ýer alyp bilerdim... menem durmuşymdan
lezzet alyp ýaşasym gelýär... işdäm alan tagamy iýesim gelýär... rahat
jaýda ýaşap, örňäsim gelýär...». Şeýle hyýallara gark bolup barýarka,
411
ol biriniň jar çekdirýän sesini eşidip, özüne gelipdir. Jarçy: «Indiki
hepde şu melleklere ýanaşyk ýerlerden patyşa alyhezretleri geçjekdir.
Hökümdaryň mübärek ýüzüni görmek isleýänler şu ýola gelip bilerler» diýipdir.
Daýhan içinden pikirlenipdir: «Ine, bu meniň üçin iň gowy pursat... ýerdäki dilegimiň ýerde, şu günki dilegimiň hut ertesi gowuşdygy.
Patyşadan az-owlak gyzyl pul haýyş etsem, ol meniň arzuwlarymyň
hasyl boljakdygynyň kepili... ol haýyşymy ret etmez, men onuň juda
jomart we açyk göwünli adamdygyny kän eşitdim» diýipdir. Daýhan
bir hepdeläp şeýle pikirler bilen ýaşapdyr.
Ahyry aýdylan gün gelip ýetipdir. Daýhanlar hormatly hökümdary garşylamak üçin ýoluň gyrasynda, mellekleriň raýyşynda hatara
düzülipdirler. Uzakdan yzyna araba tirkelgi atlar peýda bolupdur.
Daýhan patyşanyň arabasyna golaýlapdyr we hökümdara ýüzlenip:
«Hormatly şahym, hormatly şahym... meniň bir haýyşym bar» diýipdir.
Patyşa arabany saklamagy buýrupdyr we daýhandan sorapdyr:
«Näme arzyň bar, aýt, bakaly».
Daýhan sandyrap durşuna: «Maňa ýer satyn alar ýaly az-owlak
altyn pul gerek...».
Patyşa ýylgyrypdyr: «Ilki sen maňa özüňden bir zat ber» diýipdir.
Daýhanyň galpyldysy artypdyr, ol içinden: «Bü-ýä bir husyt
hökümdar eken... men-ä mundan soraýan, olam menden soraýar...»
diýip, içini gepledipdir.
Ol azajyk oýurganyp duransoň, elindäki tüwi haltasyndan bir tüwi
dänejigi alyp, patyşa uzadypdyr. Patyşa muňa hoşallyk bildiripdir we
daýhana kelam agyz söz diýmän, atlylara ýola düşmegi buýrupdyr.
Daýhan lapykeç we tukat halda öýüne dolanypdyr. Göwün eden
zady göz öňüne getirişi ýaly bolmansoň, dünýeden doýgun, arzuwy
namut hala düşüpdir. Öýüne gelende, bilindäki tüwi haltajygyny aýalyna
uzadypdyr we arassalamagy buýrupdyr. Birdenkä aýalynyň sesi gelipdir:
«Tüwüleriň arasynda arassa altyndan guýlan bir tüwi dänesini tapdym».
412
Daýhan muňa geň galypdyr, bolan wakalary serinde aýlapdyr,
soňra uludan dem alyp, gynanypdyr: «Wah, men hökümdara ähli tüwimi bermeli ekenim. Şeýdenimde, bir halta tyllam boljakdy» – diýipdir.
Biziň köpimiz şu daýhan ýaly, özümizde bar zady bermäge gysylýarys
we ýene-de özgelerden juda köp zady hantama bolýarys. Iň bolmanda
her amala öz mukdaryndaky yhlasdyr zähmetimizi bir gysganmalyň.
SERIŇI DURLA!
Bir adam öýüni satyp, başga has gowy öýe göçermen bolupdyr.
Bir işewür, söwdagär dostunyň ýanyna baryp, öýüni satmak üçin
oňat bildiriş ýazyp bermegini towakga edipdir. Dosty ol öýe belet
bolansoň, ony şeýle bir gowy edip suratlandyrypdyr: öýüň gowy
ýerde ýerleşýändigi, tutýan meýdanynyň giňdigi, taslama-gurluşynyň
ajaýypdygy, goýry saýaly baglaryň bardygy, suw howdany we hammamy... hemmesini birin-birin ýazyşdyrypdyr. Ol ýazan zadyny
dostuna okap beripdir. Öýüni satarman adam bu bildirişi üns bilen
diňläpdir, ýene bir gezek okamagyny haýyş edipdir. Dosty muny
gaýtadan okanda, öýüni satmakçy adam uly sesi bilen begençli gürläpdir:
Men ömür boýy şeýle jaýda ýaşamagy arzuw edip gezdim.
Aslynda men şeýle jaýda ýaşaýandygymy senden eşidýänçäm, muny
asla duýman gezipdirin – diýipdir. Soňra ýylgyrypdyr-da: «Haýyş
edýän, gowusy, bu bildirişi hiç ýere ýaýratma. Meniň öýüm satuwa
çykarylmaýar» diýipdir. Biz käteler öz ýaşaýşymyza başganyň gözi
bilen hem garap göreliň, şonda şükür edere zadyň oýlaýşymyzdan
örän köpdügine ýene bir ýola göz ýetireris.
BAGTA ELTEN «ŞUM» TÄLEÝ
Siz gollandiýaly Wan Klofert atly daýhanyň ykbaly hakda gyzyklanyp görüpmidiňiz? Ol abadan we owadan durmuşyň arzuwynda öz
ýurduny terk edip, Günorta Afrika göçüp gitmegi, ol ýerde ekerançy413
lyk meýdanyny satyn alyp, gowy girdeji gazanmagy ýüregine düwüpdir. Täze satyn aljak ýerini bakyp-bejerip, bol hasylly etmek maksady
bilen Gollandiýadaky ähli mal-mülküni satyp, arzuwynyň salgy beren
ýurduna tarap ýola düşüpdir. Ýöne juda ýaşdygy we toprakdan başy
çykmaýandygy üçin ekerançylyga ýaramly bolmadyk ýeri satyn alandygyny soň bilip galypdyr. Ol ýer diňe bir şor bolmak bilen çäklenmän, gaýta satyn alan ýerinde içýanlar, zäherli ýylanlar hem örän köp
eken... Arzuwment daýhan özüniň bu täleýine näme diýjegini bilmän
durka, kellesine bir pikir gelipdir. Ol ekerançylyk hakdaky pikirlerini
bir gyra taşlap, zyýanly we zäherli mör-möjeklere garşy serişdeleri
oýlap tapmak hyýalyna münüpdir. Sebäbi zäherli jandarlar ähli ýerde
hem bar we bu ugurdan meşgullanmak hem az girdeji getirjek däldi.
Onuň gije-gündiz hyýaly-huşy, oýalygy-düýşi täze arzuwy bilen bagly bolýar. Täze-täze serişdeleri, dermanlary oýlap tapýar. Ol gysga
wagtyň dowamynda şeýle bir göz gamaşdyryjy üstünlige ýetipdir.
Onuň ekerançylyk üçin satyn alan meýdany häzirki wagtda zäherli
mör-möjeklere garşy iň netijeli serişdäni öndürýän zawod bolup dur.
Bu kyssa maňa täleýiň oňaýsyz bijesini gowulyga tarap özgerdip bolýandygyny öwretdi. Munuň üçin üýtgeşik ýük götermek ýa-da
hupbat çekmek gerek däl, diňe kelläňi işletmek we ýagdaýlara görä
hereket etmek arkaly maksatlaryňy ugurly tarapa üýtgedip bilmek gerek. Käbir adamlar bir hyýala münensoň, onuň jylawyny goýbermelidir öýdenoklar. Şol bir arzuwyny üýtgedesi gelmeýär, başgarak, has
bähbitliräk zady pikir etmäge, mahlasy täze arzuw etmäge ýaltanýar.
Başgaça-da bolup biljekdigi hakda asla pikir edenok. Bu kyssa işi
ugrukmaýan we lapykeç her bir adama sowgat bolsun. Biziň döwülen
arzuwlarymyz dessine dürli başlangyçlara we öň hyýala sygmadyk
pursatlara öwrülýär duruberýär. Biziň şu gün halamaýan zadymyz az
wagtdan soňra biziň bähbidimize bolýar, bularyň ählisi «Nämedir bir
zady halamazlygyňyz mümkin, ýöne ol siziň üçin haýyrlydyr» diýen
owaldan gelýän düzgün-kada laýykdyr. Üstünlige ýeten adamlaryň
ykbalyny okap görseň hem ilkibaşda olaryň köp muşakgaty başdan
414
geçirendiklerini bilersiň. Şol kynçylyklar olaryň hakyky baýlyga we
şöhrata tarap bat, ugur alyş nokatlary bolupdy. Üstesine, şeýle üstünlikli adamlaryň köpüsiniň ýokary bilimleriniň ýokdugyny ýatlatmak
hem artykmaçlyk etmezdi.
MESELE ÖZÜMIZDE...
Bir adam aýalynyň gowy eşitmeýändiginden endişe edip
başlapdyr. Beýdip gidiberse, günleriň birinde onuň ker bolup galaýmagy gaty mümkin... Ol gulak lukmanynyň ýanyna barmagy ýüregine
düwüpdir. Aýaly bilen gürleşmekde kynçylyk çekýändigini arz edip,
onuň gulagynyň agyrdygyny ýaňzytmak isläpdir. Lukmanyň maslahatyna görä hereket etmegi ýüregine düwüpdir.
Maşgala lukmany oňa: «Eşidiş ukybyny, derejesini barlap
görmegiň köneden gelýän, däp bolup galan bir ýoly bar. Adamsy
aýalyndan kyrk ädim uzaklykda durmaly we aýaly bilen adaty äheňde
gürleşmeli. Saňa jogap berse, bu gowudygy, ýogsamam otuz ädimden
gürleşmeli. Jogap berse, oňuna, ýogsam ýigrimi ädimden gürleşmeli.
Seslense, eşidýändigi, ýogsam on ädimden gürleşmeli. Şeýdip, tä
eşidýänçä aralygy ýygjamlatmaly».
Agşamara adamsy işden öýüne dolanypdyr. Aýaly aşhanada
biş-düş bilen meşgul eken. Ol içinden maşgala lukmanynyň maslahatyny synap görmegiň tüýs wagty diýip, pikir edipdir. Ol aşhana otagyna tarap gidipdir we kyrk ädim çemesi uzaklykdan adaty ses bilen
aýalyna habar gatypdyr:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, jogap
bolmandyr.
Soňra ol otuz ädim aralyga süýşüp, ýaňky soragyny gaýtalapdyr.
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, ýene-de
jogapsyz galypdyr.
Soňra ýigrimi ädim golaýa süýşüpdir:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, jogap
bolmandyr.
415
Ol on ädim aralyga süýşüpdir:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň? – emma, ýene-de
jogap bolmandyr.
Ol ahyry aşhana giripdir we aýalynyň arkasynda durup, ýaňky
soragyny gaýtalapdyr:
– Ezizim, bu gün bize näme nahar taýýarladyň?
Aýaly ýylgyryp: - Ezizim, men saňa bäşinji gezek jogap berýärin
– bu gün gowrulan towuk.
Kähalatda ähli mesele beýleki tarapdadyr öýdýäris, ýöne köplenç özümizde boluberýär. Diňe aýtmagy däl, beýlekileri diňlemegi
hem başarmaly.
HER KIMDE EJIZLIK NOKADY BAR
Biziň bärden gaýtmalarymyz we ejiz nokatlarymyz nähilidir bir
ýol ýa-da ýagdaý bilen öz durmuşymyza mazaly täsir edýär.
Bir gün edara işgärleri ir bilen işe gelenlerinde esasy girelgäniň
gapysynda ullakan harplar bilen ýazylan şeýle sözlere gözleri düşüpdir:
«Düýn şu edarada siziň öňe gitmegiňizi bökdeýän, ösmegiňize
päsgel berýän adam dünýäden ötdi. Ýörite matam otagynda onuň
tabydynyň ýanynda, merhumyň ýasyny tutup bilersiňiz!».
Birbada hemmeler bu habara – işdeş ýoldaşlarynyň ýogalandygyna gynanypdyrlar. Az salymdan soňra öňlerine bökdençlik döreden
ol işgäriň kimdigini bilmek höwesi barha artyp başlapdyr.
Işgärler matam jaýyna tarap ýönelipdirler. Otagyň ortarasynda tabyt goýlan eken. «Merhumyň ruhy ynjamasyn, seresap boluň,
ýuwaşrak görüň» – diýip, gorag işgärleri otaga adamlary bir-birden
goýberipdirler. Tabydyň içindäki adamyň kimdigini görjek, tanajak bolup her kim oňa boýnuny uzadanda geň galýan eken we aýdara-diýere söz diline gelmeýän eken. Nähilidir bir zat olaryň ruhlarynyň
çuňlugyna täsir edýän ýalymyş. Sebäbi tabydyň düýbünde kepenleriň
arasynda ýüz görülýän aýna goýlan eken-de, her kim oňa seredende,
öz keşbini görýän eken. Aýnanyň gapdalynda kiçeňräk ýazgyda bolsa:
416
«Diňe şu ýerdäki adam siziň arzuwlaryňyzy, maksatlaryňyzy
bökdäp, ösmekden alyp galyp biler. Şondan başga hiç kim sizi bökdemez. Size päsgel berýän adam bu diňe siziň özüňiz» diýlip ýazylan
eken.
Müdiriňiz ýa-da işdeşleriňiz, dostlaryňyz ýa-da aýalyňyz üýtgäni bilen, iş ýeriňiz ýa-da maddy ýagdaýyňyz üýtgäni bilen siziň
durmuşyňyz üýtgemez. Öwrenişen ýagdaýyňyzdan, öz kesgitlän
çägiňizden, serhediňizden çykman otursaňyz, görjek günüňizem
öňküsi ýaly bolar. Pikir-düşünjeleriňiz, dünýägaraýşyňyz üýtgände,
siziňem ykbalyňyz üýtgäp başlar. Has gowy ýaşasyň gelýärmi, has
gowy zatlara hem ymtyl. Şahsyýetiňe we başarnygyňa göz aýla we
daýan. Kynçylyklardan, şowsuzlyklardan, gözüňe mümkin däl bolup
görünýän zatlardan asla çekinme!
YLYM ÜÇ GARYŞDYR
Ussat pirleriň biri şägirtlerine ylym hakda gürrüň berip oturan
eken: «Ylym üç garyşdan ybarat. Ylymda bir garyş öňe süýşenler, ähli
ylmy ele aldyk diýip oýlanarlar we burunlaryny temege tutup, adamy
äsgermezler. Ylymda iki garyş öňe süýşenleriň nebsi köşeşer we hiç
hili ylymlarynyň ýokdugyna düşünerler. Üç garyş öňe süýşmek welin, her kese miýesser edip durmaz».
MÜŇ DIRHEMLIK GAŞ
Omar ibn Abdyleziziň ogullarynyň biri elindäki ýüzüge müň
dirhemlik gaş satyn alypdyr. Kakasy oňa hat ýazypdyr: «Oglum,
eliňdäki ýüzüge müň dirhemlik gaş satyn alandygyňy eşitdim. Sen
şol gaşy sat-da, onuň puluna müň sany ajy doýur. Barmagyňa halys
ýüzük ötürmek isleseň, demir ýüzük satyn alyp, onuň ýüzüne «Özüniň
ýagdaýyny bilýän adama Alla rehim eder» diýen sözleri ýazdyr. Her
wagt ýüzüge göz aýlanyňda, bu ýazgy saňa köp zady ýatlatsyn dursun» diýipdir.
* 27. Sargyt № 975
417
PURSAT PAÝLAÝAN BAGT
Deňziň kenarynda bir daşyň üstünde soňky döwürdäki ýagdaýlarymy göz öňüne getirip, gamgyn otyrdym. «Indi näçe aýyň içidir,
hususy kärhanamyň işi ýatyp galdy. Öndürýän harytlarymyz geçiberenok. Döwtalap topulýan müşderiler mese-mälim azaldy. Üstesine,
saglygym hem mazaly ýaramazlaşyp başlady. Lukmanyň «Özüňe
seretdir, böwregiňe sanjym, derman al» diýenine alty ýyl geçipdir.
Işleriň agdyklygyny bahana edinip, saglygyma birjik-de üns bermändirin. Aýalymam toýly, köpelmegiň öňüsyrasynda durus. Maşgalada
täze perzende garaşýarys. Lukmançylyk çykdajylaryny nähili ödejegimi teý bilemok. Tizara çagalaryň hem okuwy başlar. Täze egin-eşik,
kitap-depder... Bu zatlara nireden pul taparkam?» diýip oýlanýardym.
Esasanam, yzygiderli üstünliklerden soňra birdenkä beýle çykgynsyz
ýagdaýa duçar bolandygym ýadyma düşende, has darykýardym.
Şeýle oý-hyýallara çümüp otyrkam, bir geň wakanyň şaýady
boldum. Deňziň kenaryndaky, meniň oturan şol daşymyň beýle gyrasyna bir poçtalýon gelip oturdy. Ýüzünden nur ýagyp duran bu adam
diýseň şadyýandy, dünýäniň bir zerre derdi bardyr öýdenokdy. Nämedir bir zada göwni göterilip gelene meňzeýärdi. Ol meniň golaýymda
ornaşansoň, ýantorbasyny açdy. Ondan bir, iki, üç ... birnäçe hatly
bukjalary çykardy we ony şol töwerekden ötüp geçýän, özüne salam
berýän adamlara paýlap başlady. Ol hatyň kimden gelendiginem, kime
ýazylandygynam aýdanokdy, ýöne kim ýanyna gelse, her biriniň eline
bir bukjany tutdurýardy. Poçtalýon ähli bukjalary şunuň ýaly geň
usulda paýlap gutardy. Men hem onuň ýanjagazynda otyrdym. Bolýan
wakalary nazarymdan sypdyrman synladym. Bukjadan doly torbanyň
içi sähel salymda gutaryp galdy. Ol işini gutardym edensoň, myssa
ýylgyrdy-da, torbasyny ýapdy we öz ýoluna gidiberdi. «Bu bir akylyndan azaşan, däli bolmaly» diýip, öz ýanymdan pikirlendim. «Beýdip
ýörşüne basym işden kowlar we meniň günüme düşer». Bu poçtalýon
hakdaky pikirlere duwlanyp otyrkam, ýanymdan geçip barýan, ýaşy
goýalyşan, paýhasy nazaryndan bildirip duran adamlaryň biri sakga
418
sägindi. Ol meniň bu poçtalýony şeýle geň galyjylyk bilen synlandygymy gören bolmaly. Ol: «Sen ýanyňda oturyp giden adamyň kimdigini bilýärmiň?» diýip sorady. «Ol akylyndan azaşan, däli-mejnun
biri bolmaly» diýip, desbi-dähel jogap berdim. Ol myssa ýylgyrdy-da:
«Ýok, ol däli-mejnun däl, ol bagt. Kim özüne tarap ýönelse, şoňa amatly we ajaýyp pursatlary, şowly nesibeleri bagyş edýän bagt ol... emma
sen bagtyň hut ýanjagazynda oturybam, diňe içki pikirleriňe gümra bolup, geň galdyň oturdyň, iň bolmanda, «Siz kim bolarsyňyz?» diýibem
soramadyň. Diňe şol hereketi edenligiňizde hem, bagt özüni tanatjakdy
we ýüz tutandygyňyz üçin siziň amatly pursatlardan nesibäňizi berjekdi» diýdi.
Käte biz alada-ünjülere şeýle bir berilýäris. Diňe özümizi görüp,
içki pikirlere boglup oturyşymyza, alnymyzda duran amatly pursatlary
duýman galýarys. Her hili çykgynsyz ýagdaýa düşeniňde hem, üstünlige eltýän ýollaryň hut öz ýanyňyzdan gözbaş alýandygyny, ýöräp,
ýetip biljek ýeriňizden tapylýandygyny unutmaň.
AKYLDAR WE IÇÝAN
Akyldarlaryň biri derýanyň kenarynda töweregiň gözelliklerini
synlap, tebigatdan lezzet alyp oturan ekeni. Birdenkä onuň gözi suwa
gaçan içýana kaklyşypdyr. Ol gark bolmakdan halas bolmak üçin janhowluna urunýan ekeni. Akyldar elini uzadypdyr-da, içýany alyp, halas
etmek isläpdir. Elini ýetireni hem şol ekeni içýan onuň barmagyndan
çakypdyr. «Eý, wäk» diýip akyldar elini yza çekipdir. Agyrysy mazaly bildirýän bolmaly, emma muňa garamazdan aradan minut salym
geçmänkä ýene-de şol içýany bu apatdan gutarmak üçin elini uzadypdyr. Içýan onuň elinden ikinji gezek çakypdyr. Akyldar ýene elini yzyna
çekipdir we agyrysyna çydap, az salym oturypdyr. Içýany halas etmek
üçin üçünji gezek elini uzadypdyr. Bu bolýan wakalary golaýrakdan
synlap oturan başga biri akyldara seslenipdir: «Eý, akyldar goja, sen
birinji gezekden hem, ikinji gezekden hem netije çykarmadyň öýdýän,
awunan ýeriňe eýýäm üçünji gezek eliňi uzadýaň... özüňi çakýan
419
içýany halas etmek nä derkar?» diýipdir. Akyldar bu sözleri eşitse-de,
oňa baş galdyrmandyr. Üçünji gezek hem elini uzadypdyr we bir tärini
tapyp, içýany suwdan halas edipdir. Soňra ýaňky seslenen adamyň
ýanyna barypdyr. Egnine eline goýup: «Oglum, içýanyň häsiýeti –
çakmak, meniň häsiýetim – bagyşlamak we kömek etmek. Näme üçin
onuň häsiýetiniň meniň häsiýetimden üstün çykmagyny isleýärsiň?»
diýipdir. Adamlara öz häsiýetiň bilen gara, öz bolşuň ýaly bol, olaryň
häsiýetine görä bolma, olara görä üýtgeme. Hatda olaryň hereketleri,
aýdan sözleri, edýän işleri käteler içýan awusy deýin janyňdan ötýän
hem bolsa sen öz häsiýetiňe mynasyp jogap ber.
AKYLLY KAZY
Tüçjar baýlaryň biri daýhana özüniň guýusyny satypdyr. Ekin
möwsümi gelende daýhan ýaňky guýusynyň suwuny peýdalanmak
isläpdir, emma tüçjar baý: «Men saňa guýyny satdym, onuň içindäki
suwy satmadym. Eger-de ekiniňi suwarmakçy bolsaň, suwuň bahasyny aýratyn tölemeli bolarsyň» diýipdir. Daýhan bu geleşige razy
bolmandyr we kaza ýüz tutupdyr. Kazy hem taraplary diňlemek üçin
tüçjary kazyýete çagyrypdyr. Kazy tüçjar baýa: «Eger-de sen diňe
guýyny satyp, içiniň suwuny satmadyk bolsaň, onda sen öz suwuňy
onuň guýusynda saklandygyň üçin daýhana hak tölemeli bolýarsyň.
Bolmasa-da guýyň ähli suwuny oňa bagyş etmeli bolýarsyň» diýipdir.
Tüçjar baý bu ýerde ähli hile-piriminiň, öňden taslan ýaman päliniň
ýol almajakdygyna düşünipdir we öýüne lapykeç dolanmaly bolupdyr.
ÄHMIÝETLI ŞAHS
Edara ýolbaşçylarynyň biri töweregindäkilerde özüniň juda gerekli we ähmiýetli adamdygy hakdaky pikiri oýarmak isleýän eken.
Her gezek kimdir biri gapyny kakanda, dessine telefonyny eline alyp,
özüni biri bilen gürleşýän kysmy alyp barypdyr. Gapydan giren adama bolsa: «Geliň, geçiň, oturyň. Ýöne bir minutjyk tagapyl ediň,
420
men şu wagt bir möhüm meseläniň çözgüdini tapjak bolup otyryn»
diýer ekeni. Soňra bolsa telefona dowam edip: «Hä, hawa... ýaňky
aýdyşym ýaly ýerine ýetirseňiz, hökman netijeli bolar.. elbetde..
bolýar, habarlaşyp duruň» diýer ekeni. Bu gezek hem şu ýerine çenli
hut şeýle bolupdyr. Ol telefon trubkasyny goýupdyr-da: «Aýdyberiň,
näme mesele bilen geldiňiz?» diýip, täze gelen adamdan sorapdyr. Ol
adam elindäki gurallary görkezip: «Hojaýyn, men siziň işlemän duran
telefonuňyzy bejermäge gelipdim..» diýip jogap beripdir.
Ýasama häsiýet haçandyr bir wagt sepini bildirýär. Şonuň üçin
adamlara ýa-da ýagdaýlara görä öwsüp ýörmän, öz bolşumyz ýaly
görnübereliň.
ÝEKE NILLI TÜPEŇ
Çagajyklaryň biri kakasyndan nyşana ok atmak üçin oýnawaç
aw tüpeňlerinden alyp bermegini haýyş edipdir. Ertesi ir bilen kakasy
hem-de ogly oýunjak dükanyna baryp, satyjydan özlerine gerekli
harydy sorapdyrlar. Satyjy olara oýnawaç aw tüpeňleriniň birnäçe
görnüşini görkezip, içinden saýlamagyny olaryň özüne goýupdyr.
Emma kakaly-ogul haýsysyny saýlajagyny bilmän kän ikirjiňlenipdir.
Ahyry hem satyjynyň öz pikirini bilmek isläpdirler. Satyjy ýylgyrypdyr-da, olara düşündirip başlapdyr: «Ine, bu ýeke nilli tüpeň. Bu bolsa
goşatar. Muňa birbada bir ok salyp bolýar, beýlekisine bolsa iki ok.
Ýöne, özüme galsa-ha ýeke nilli tüpeňi saýlardym» diýipdir. Kakaly-ogul bu jogaba geň galypdyr: «Birbada iki ok sürüp bolsa gowy
dälmi näme?» diýipdir. Satyjy: «Ýeke nilli tüpeňde ähli ünsüňi şol atjak okuňa jemleýärsiň we nyşanany urmak mümkinçiligi ýokarlanýar.
Goşatarda bolsa: «Muny boş geçiräýsem, ýene bir okum bar, munda
almasam, onda almaga synanyşaryn» diýýärsiň hem-de ünsüň dagynyk bolýar. Ünsüň dagynyk ýerinde bolsa nyşanany urmak müşgil
bolup galýar» diýipdir. Şeýdip kakaly-ogul ýeke nilli oýunjak tüpeňini
satyn alypdyrlar. Ýolda gelýärkä ogly kakasyna: «Kaka, men şu gün
oýunjak dükanyndaky satyjydan bütin ömrüme ýetjek sapagy öwren421
dim. Durmuşyň ähli ýagdaýlarynda ünsüňi ilkinji gezekde nyşanany
urmaga jemlemeli. Soňa süýşürdigiňçe, onuň hasyl bolmazlygy has
artyp gidýär» diýipdir. Mümkinçilikleri, pursatlary sypdyrman, ony
ilkinji gezekde peýdalanmagy başarmaly. «Ýene bir gezek pursat bolar» diýip, ýeterlik üns bermesek, üstünlikden mahrum galynmagy
mümkin, çünki şol bir pursat ikinji gezek gaýtalanmaýar.
SEKIZ ZAT
Akyldarlaryň birinden: «Wajyp we has wajyp, täsin we has täsin,
agyr we has agyr, ýakyn we has ýakyn zatlar näme?» diýip sorapdyrlar. Akyldar olara şeýle jogap beripdir: «Ýazygyňa dessine ökünmek we toba etmek wajyp, emma ýaramaz işlerden, oňlanylmaýan
hereketlerden gaça durmak, çetleşmek has wajyp. Wagtyň juda çalt
geçýändigi täsin, ýöne ynsanyň muňa asla ähmiýet bermeýändigi,
gapyl galýandygy has täsin. Kynçylykly günlerde sabyr etmek agyr,
emma ondan gazanjak sogabyňy zeýrenç arkaly ýele gidermek,
ýitirmek has agyr. Umyt edýän her bir zadyň ýakyn, emma, duýup
bilýän adam üçin, olara eltýän ynam olardan-da has ýakyn».
GALAM BILEN USSANYŇ SÖHBEDI
Ussa ýaňy ýasap bolan galamyna ýüzlenipdir:
«Seni uzak ýola ibermezimden owal bäş sany ýagdaýy bilmegiňi
isleýärin, şonda sen iň gowy galam bolarsyň:
Birinjiden, ýagşylyk edýän adamlaryň eline düşmäge çalyş,
şonda sen örän beýik işleri amala aşyryp bilersiň.
Ikinjiden, kähalatda ýitelmegiň üçin agyry-ynjylara uçrarsyň,
emma has gowy bolmagyň üçin bu zerurlykdyr.
Üçünjiden, sen öz ýalňyşyňy özüň düzedip bilmäge ukyplysyň.
Dördünjiden, elmydama iň ähmiýetli bölegiň seniň içiňde bolar.
Bäşinjiden, ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen ýazmagy
dowam etmelisiň... ýagdaýlaryň her näçe gatydygyna garamazdan,
sen öz yzyňda düşnükli ýazgy galdyrmalysyň.
422
Galam ussanyň özüni ýasanda aýdan bu sözlerine düşünipdir we
galam gutusynyň içine girip, gitmäge taýýarlanypdyr.
Indi, sen özüňi şu galamyň ornunda goý we ýokarky bäş ýagdaýy ýadyňdan çykarma:
Birinjisi, sen birnäçe beýik işleri edip bilersiň, ýöne bir şerti
bilen – hemişe ýagşylara ýoldaş bolsaň, ýagşy niýetden ugur alsaň...
Başarnygyňy görkez, şonda gerekli adamlaryň özi seni idäp gelerler.
Ikinjisi, wagtal-wagtal ýonularsyň... Has güýçli we durmuşa
taýýarlykly adam bolmagyň üçin ýüz berýän kynçylyklar seni ýonar
durar. Has kämilleşmegiň hatyrasyna sen bu zatlara döz gelmelisiň.
Üçünjisi, öz goýberen ýalňyşlyklaryňy, säwlik-hatalaryňy özüň
düzedip, ýene-de öňe ilerlemäge ukyplysyň.
Dördünjisi, seniň iň möhüm bölegiň seniň gursagyňdadyr.
Bäşinjisi, haýsy ýoldan ýöreýän hem bolsaň, ömür ummanynyň
durmuş kenarynda aýak yzlaryňy galdyrmalysyň – hemişe ýagşy iş
edip, ýagşylyk bilen ýatda galmalysyň.
Biziň her birimiz şeýle galam. Olaryň her biriniň maksady, ýöremeli ýoly, ötmeli menzili bar. Zeminde özümize niýetlenen durmuş
düşeginde ornaşmagymyz we ýüreklerimize guýlan maksatlara ýetmegimiz üçin biziň bu zatlara düşünmegimiz we ýatlamagymyz, ýerine ýetirmegimiz gerek.
PILLER NÄME ÜÇIN GAÇMAÝAR?
Birnäçe ýyl mundan ozal uly şäherleriň birinde gezip ýörkäm, şol
ýerdäki sirke baryp görmek miýesser etdi. Bu diýseň täsirli gezelenç
bolupdy. Şonda ýolbarslaryň, gaplaňlaryň, žirafalaryň, pilleriň arasynda aýlanyp görmäge mümkinçilik tapdym. Sirkiň ähli haýwanlary
täsindi.
Pilleriň arasynda gezip ýörkäm, birdenkä sakga durdum. Kellämde ýylpyldan bir pikir meni geň galdyrdy. Bu äpet haýwanyň
öňdäki bir aýagy sadaja bir ýüpe baglangy durdy. Ne zynjyr bardy,
ne-de kapasa.. Piller ümdüzine tutsa ýa-da güýjüne daýansa, islen423
dik bagy üzüp biljekdigini bilýärdim, emma bu pil beýtmeýärdi. Men
pilbandan munuň sebäbini soradym: «Näme üçin bu haýwan jadylanan ýaly bolup, butnaman dur, gaçjak-goýjak bolanok?» diýdim.
Pilban: «Bu piller heniz çagaka biz olary şunuň ýaly gowşajyk ýüp
bilen daňýarys, sebäbi şol ýaşda şol ýüp olary saklamaga ýeterlik
bolýar. Ulalanlarynda hem olar şol pikirlerinde galýarlar: «Bu ýüpden
boşanyp bolmaz, bu ýüp bizi goýbermez» diýen ynanç bilen gezýärler
we boşamaga asla synanyşmaýarlar» diýdi.
Bu piller maňa aglaba adamzat köpçüligini ýadyma saldy.
Durmuşda meňzeşlikler örän kän. Köpimiz edil piller ýaly ýaşaýarys,
ýöne aňymyzda berkän ýalňyş düşünjelere baglanyp galýarys we hiç zat
etmegi başarmaýarys, hiç zadyň hötdesinden gelmeýäris. Diňe şunuň
özi uly şowsuzlyk. Gör, näçe adam täze bir zada synanyşyp görmekden gaça durýar... sebäbi oňa päsgel berýän we kämilleşmekden,
özgermekden saklaýan zat biziň ýalňyş düşünjelere uýýanlygymyz.
Has ýaramazy, adamlaryň käbiri diňe öz pikiri bilen däl, eýsem, başga
biriniň ýalňyş sözi, galp düşünjesi zerarly hem öz amatly awundan
– hasyl edip boljak beýik arzuwyndan mahrum galýar. Piller ýaly bolsak, onda haçandyr bir wagt täsirine berlen ýalňyş sözümiz bizi öňe
batly ýöremekden saklar durar. Hemişe aýdylýan bir söz bar: «Haýsy
zat babatda berk pikire gelseň, şony amala aşyrmak şonça-da mümkindir».
Betbagt pil ýaly bolma... ýyllaryň dowamynda dörän ýalňyş
düşünje sebäpli durmuşyňy maksatsyz ýaşama! Durmuşyň öňündäki
jogapkärçiligiňe dogry düşün we boýnuňa al! Arzuwlaryňy döwýän
adamlardan we ýagdaýlardan ägä bol! Ýaşap biljek iň aňrybaş
derejäňde ýaşa! Çünki sen has gowusyna mynasypsyň.
ÖZÜŇI BARLAMAK
Kiçijik oglanlaryň biri bazaryň gaýra gyrasyndaky awtomat
telefonlaryň ýanyna barypdyr. Heniz boýy ýeterden ir bolandygy
424
üçin, şol ýerdäki sandyjagy telefon trubkasynyň aşagyna süýşüripdir.
Sandygyň üstüne münüp, telefon trubkasyny alypdyr we san düwmelerini basyp, gerekli belgisini aýlapdyr. Telefonlara seredýän adam
bu oglanjygyň özüni alyp barşyna syny oturypdyr. Olaryň näme
gürleşýändiklerini bilmek isläpdir.
Telefon trubkasyny gulagyna ýetiren oglanjyk: «Garry ene, men
size işe durmak isleýärin, belki-de bagyňyzdaky otlary orup bererdim»
diýipdir. Emma aňyrdan ýaňlanan zenan sesi oglanjygyň bu islegini
ret edipdir: «Sag bol, balam. Bizde bagymyzyň otuny orup berýän bir
oglanjyk bar» diýipdir. «Ýöne, maňa şoňa töleýän hakyňyzyň ýarpysyny töleseňiz hem razy bolardym» diýip, oglanjyk per bermän, erjellik bilen sözüni dowam edipdir. Aňyrdan gürleýän zenan bu gezegem
şol oglanjygyň edýän işlerinden, hyzmatyndan hoşaldygyny, onuň ornuny başga biri bilen çalyşmak hyýallarynyň ýokdugyny mälim edipdir. Oglanjyk hem yza tesmändir: «Men howlyňyzyň daş-töweregini,
ýanýodalaryny, öýüň öňündäki teläriňizi hem arassalaryn. Siziň öýüňiz
şäherdäki iň owadan bag-bakjaly, owadan howly bolar» diýip, ähli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.