Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21

Total number of words is 3582
Total number of unique words is 2136
26.0 of words are in the 2000 most common words
38.6 of words are in the 5000 most common words
45.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Üzňelik – owrat ýerleriňi ýapmak diýmekdir. Özbaşyňa oturan
wagtyň birnäçe aýybyňy, säwligiňi örtüp bilýäň: dilde büdremekden,
hereketde öte geçmekden, zehiniň säwliginden, nebsiň paýhassyzlygyndan arkaýyn bolýarsyň.
Üzňelik ýagşy häsiýetleriň ýüzüne nikap, pazylat dürleriniň
daşyna sadap, mertebe miweleriniň degresine güldür. Kitap bilen
ikiçäk otursaň welin, oňa ýetesi näme bar – ömrüň uzaýşyny, dünýäň
giňeýşini, hylwatyň şadyýanlygyny, ybadata sapary, pikirlere syýahaty taparsyň.
315
Üzňelikde adam many dürlerine ymtylýar, näzik jümleleri toplaýar, maksatlary hakda pikirlenýär, öz garaýşynyň pikir köşgüni
gurýar, akyl heýkelini berkidýär (ornaşdyrýar).
Üzňelikde adamyň ruhy şadyýanlykda, kalby rahatlykda, akyly
hatyrjemlikde we peýdaly maglumatlary toplamakda bolýar.
Üzňelikde seni ýalňyz Alladan başga hiç kim görenok. Seniň
sözleriňi, dileg-dogalaryňy, ähli zady eşidýän we görýän Alladan
başga hiç kim eşidenok.
Her bir parlak we peýdaly adamlar, zamananyň sütünleri bolan
gudratly, gujurly, gaýratly ynsanlar, taryhşynaslar, fazylat eýeleri,
döwrüň serçeşmeleri, toý-meýlisiň, söz-söhbediň ýyldyzlary –
bularyň ählisi özleriniň mertebe nahallaryny üzňelik suwy bilen gandyrdylar we baldagyna, tirsegine galdyrdylar. Bularyň mertebe daragty ese-boýa galyp, Perwerdigäriň idin-eradasy bilen miwe hasyl
berýändir.
Şahyr Aly Abdyleziz al-Jürjäni: «Eger maksadyňy dürli ýol
bilen – özüňçe ýok bihepbelere haýyş etmek bilen hem hasyl etmek rast görülýän bolsady, öten-geçen akyldarlar ony ündärdiler.
Emma olar abraýyňy döküp, mertebe gazanylmaýandygyny aýtdylar. Näkesler saňa suwly güzeri görkezip, iç-gan diýerler, emma erkin adamyň peslik suwundan ganmagynyň deregine, teşnelige çydam edeni ýegdir» diýip belleýär. «Öýümde kitap-depdere gyzygyp
oturýançam, süýji durmuşyň datly tagamyny dadyp bilmändirin.
Ynsan üçin ylymdan beýik mertebe ýokdur, iň ýagşy ýoldaş hem
şoldur. Köpçülige gatylsaň welin, özüňi kemsitjek ýagdaýlara hem
uçrarsyň. Olara üns berme-de, öz öýüňde han-soltan ýaly bolup rahat ýaşa» diýýär.
Şahyr Ahmet ibn Halyl al-Hanbeli köpçüligiň arasyna garym-gatym bolsaň, göwne ýakar-ýakmaz sözlerden ýaňa gulagyň kamata
geljekdigini, özbaşyňa kitaba güýmenip otursaň welin, ol çylkasyz
gülkülerden we suwjuk gürrüňlerden asuda gezjekdigiňi ýatlaýar.
«Bar gazanjak zadyň gep-gybat ýa-da galmagal boljak bolsa,
onda, ol adamlaryň ýanynda bolmaklygyň nä hajaty bar? Ylym öwren316
mejek bolsaň ýa-da gün-güzeran üçin gazanç-haýyr etmejek bolsaň,
onda olaryň ýanyna barmagyňy azalt» diýip, şahyr al-Humaýdynyň
setirlerinde duşýar.
Aýtmaklaryna görä, üzňelik beýiklik isleýän üçin beýiklikdir.
***
BELA-BETER ÜÇIN GAM ÇEKME!
Kynçylyk-kösençlikler, bela-beterler ýüregiňi güýçlendirýär,
ýazyklaryňy ýuwýar, özüňe aşa göwnüýetijiligi syndyrýar, ulumsylygy syryp aýyrýar. Gapyllygy ýok edip, hüşgärligi oýarýar.
Janly-jandaryň mährini çekip, salyh adamlaryň dileg-dogasyna rowa
görýär. Ýaradana tabyn edýär. Bar zady höküm ediji we üstün geliji
Taňra baglaýar.
Kynçylyk-kösençlikler wagtlaýyn birahatlykdyr, sogaby öňünden buşlaýan habarçydyr. Perwerdigäri ýatlamak üçin direlişdir.
Sydky-köňülden sabyr we dileg-doga etmek üçin sebäpdir. Dünýä
durmuşyna artykmaç bil baglamakdan, ötegçi lezzetlere hetdenaşa
köňül bermekden, hiç bir peýdaly işe meşgul bolman oturmakdan
saklaýan ýagdaýdyr. Kynçylyk-kösençligiň astynda Taňrynyň gizlin
merhemeti, sylagy-ýalkawy bardyr. Heý-de, geçilen günälerden uly,
ötülen hatalardan beýik sogaby gördüňizmi?
***
Gamgyn bolma! Gaýgy-gam ybadata sarp edýän güýç-kuwwatyňy egser we ejizleder, maksada yhlasly ýapyşmakdan bökdär,
şowsuzlyklar bilen büdreder, her kes babatda betgüman eder we lapykeçlige salar.
Gamgyn bolma! Gaýgy-gam we üznüksiz birahatlyk ruhy
keselleriň gönezligidir. Nerw-degna agyrylarynyň serçeşmesidir.
Tapdan düşmegiň, waswasa uçramaklygyň we heran-haçan elewräp
ýörmegiň esasy maddasydyr (iýmitlendiriji maddasydyr).
Gamgyn bolma! Seniň Kuranyň, zikriň, dogaň, namazyň,
sadakaň, ýagşylyklaryň, netijeli we miweli amallaryň bar.
317
Gamgyn bolma! Peýdaly işe meşgul bolmazlyk we boş oturmaklyk bilen özüňi gaýgy-gamlara bendi-ýesir etme! Namaz oka we
tesbih aýt. Oka we ýaz. Işle we kabul et. Zyýapata çagyr we zyýarata
bar. Oýlan we pikir et. Bendelerine diňe ýagşylyk edýän Perwerdigär
«Maňa doga ediň, kabul edeýin», «Yhlas bilen ybadat edip, Alladan
dileg-doga ediň» diýip, Kurany-kerimde aýdandyr.
***
BAGTYÝARLYK KADALARY
(BAGTYŇ ESASY DÜZGÜNLERI)
1. Diňe şu günüňi manyly ötürmegiň aladasyny etmeseň (şu
günüň bilen ýaşamasaň), zehiniň dagynyk, işleriň bulaşyk, gaýgy-gamyň artyk bolar. «Sag-aman ertire çykan bolsaň, agşamy alada
etme. Sag-aman agşama ýeten bolsaň, ertiriň gamyny iýme» diýilýän
sözleriň manysy hem şeýledir.
2. Bolup geçen ýakymsyz zatlary-geçmişi durky-düýrmegi
bilen unut. Geçen güne, öten ýagdaýlara aýratyn ähmiýet bermek
akmaklyk we dälilik hasap edilýär.
3. Geljegiň gaýgysyny etme. Ol heniz barlyk äleminde däl-de,
gaýyp-ýokluk älemindäki zat. Gelýänçä, onuň pikirini edip, ünjä
batyp oturma.
4. Gybatyň, tankytlaryň öňünde yranyp, çaýkanyp (sarsyp) durma, berk dur. Gybatyň (tankydyň) derejesi seniň gymmatyňa görädir.
5. Biribara bolan iman we salyh amallar abadan we bagtyýar
durmuşyň baş sebäpleridir.
6. Ynjalyk, rahatlyk we asudalyk isleýärmiň, diňe gowy zatlaryň
pikirini et, Biribaryň zikrini köpelt.
7. Taňry bendesi ähli zadyň ýazgyda-takdyra görä hasyl bolýandygyny unutmaly däldir.
8. Diňe ýagşylyk et, ýöne hiç kimden taňryýalkasyna garaşma.
318
9. Özüňi käte oňaýsyz ýagdaýlaryň içinde hem göz öňüne getirip gör, soň ýeňip geçmek ýeňil düşer.
10. Belki, bu bolýan zatlaryň ählisi seniň üçin diňe bähbitdir.
11. Ähli ýagdaýda hem haýyr bardyr.
12. Özüňe berlen nygmatlar (Biribaryň beren nygmatlary) hakda oýlan we şükür et.
13. Özüňde bar ençeme zat bilen şu wagtam köplerden
beýikdesiň.
14. Göz ýumup açasy salymda şatlyk peýda bolup biler.
15. Durmuş synaglary arkaly dileg-dogalar halys ýürekden
çykýar.
16. Kynçylyk-kösençlikler gözleriň melhemi, ýürekleriň kuwwatydyr.
17. Her bir kynçylygyň ýanynda hökman ýeňillik bardyr.
18. Bolgusyz zatlar üçin birahat bolma.
19. Taňrynyň merhemeti giň, geçirimi uludyr.
20. Gaharlanma, gaharlanma, gaharlanma.
21. Ýumşak çörek, süýji suw we goýry saýa – hakyky durmuş.
Galan zatlar üçin ynjalykdan düşme.
22. Bu dünýäde we Asmanlarda hem siziň rysgyňyz bardyr, size
ýeterlik rysk we ýagşylyklar wada edilendir.
23. Gorkulýan zatlaryň köpüsi hasyl bolmaýar.
24. Özüňden agyr dertlileriň gününe göz aýla we ybrat al.
25. Allatagala kimi halasa, ony müň dürli synap görer.
26. Gaýgy-gamlardan, tukatlykdan saplaýan dileg-dogalary
üznüksiz oka.
27. Netijeli amala yhlas bilen ýapyş. Hiç wagt boş, bikär oturma.
28. Gep-gybatlara gulak gabartma we myş-myşlara ynanma.
29. Ar almaga bolan ymtylyşyň we kine-kitüwiň seniň özüňe
bäsdeşiňden has agyr zelel berýändir.
30. Başa gelýän her bir dert-bela günälerden saplamak üçin sebäpdir.
***
319
ALTY HÄSIÝET WE
GAÝGYDAN SAPLANMAK
«Kynçylygyň soňundaky gönençlik» (Teňlikden soňky giňlik)
atly eseriň awtory şeýle ýazýar: «Hekimleriň biri bir derde mübtela bolupdyr. Dost-ýarlary halyndan habar almak we teselli bermek
üçin onuň ýanyna barypdyrlar. «Men alty häsiýet bilen özüme melhem taýýarladym. Şol melhem ähli derdimiň şypasy» diýipdir. «O
nähili üýtgeşik melhem?» diýip, gelenler gyzyklanyp sorapdyrlar.
«Birinjisi, Hudaýa bolan ynam. Ikinjisi, takdyr edilen zatlaryň hökman hasyl boljakdygyny bilýänligim. Üçünjisi, bir ýagdaýa mübtela
bolanlaryň, synaga uçranlaryň peýdalanýan iň täsirli dermany bolan sabyr. Dördünjisi, bu ýagdaýda sabyr etmäýenimde, näme edip
bilerin?! Gynanyp-gyýylmak bilen özüme agram salýaryn diýmesem, derdimi-hä egsip bilmerin. Bäşinjisi, sabyr-dözüm bilen geçirmesem, mundan beterine uçramagym ahmal (Mundan beteri hem bolup bilerdi). Altynjysy, göz ýumup açasy salymda şatlyk peýda bolup
bilýändir (Her sagatda şatlyk bardyr)» diýip, jogap beripdir.
Kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, müşgilliklere uçrasaň,
aşmasy agyr, ötmesi kyn böwetler peýda bolsa, gynanma, darykma
we ruhdan düşme. Sabyr et we çyda! Sabyr zeýrençden haýyrlydyr.
Çydamlylyk gowşaklykdan we yrgalykdan şerapatlydyr. Bu zatlara
meýletin sabyr etmeýän, barybir mejbury döz gelmeli bolar. Şahyr
Abulmuzaffar al-Abiwerdi şeýle diýýär: «Durmuş müň öwsüp, meni
synap görýär. Men bolsa her halatdan beleň alýan, barha batlanýan we
begenýän. Ol kynçylyklar bilen maňa özüniň kimligini bildirýär. Men
hem sabyr bilen oňa özümiň nähilidigimi görkezýän». Agaç küme,
saman çadyr, arpa çörek bilen abraýyňy dökmän, mertebäňi basgylatman, namysyňy kemsitmän ýaşamaklyk – agzala, gaýgy-gama
eýlenen we gamaşyk-bulaşyk durmuşy bolan owadan saraýlardaky
(köşklerdäki), ajaýyp baglardaky durmuşdan beýikdir we lezzetlidir.
Kynçylyk-mähnet edil kesel ýaly bir zatdyr, ýüze çykar, möwjär
we ahyry hem hökman aýrylar. Bişişmedik agyryny wagtyndan öň
320
aýyrmaga howlukmak gaýta onuň üstüne urna bolar. Derdiň barha
beterlemegi mümkin. Durmuş synaglary we kynçylyklar hem edil
şonuň ýaly, olaryňam ahyry sowulmaly, aýrylmaly wagty bolýar.
Allanyň synagyndaky bendelere sabyr etmek, şatlyklara garaşmak we
dileg-doga etmek wajypdyr.
***
KITAPDAN GOWY DOST ÝOK
Bagtly bolmagyň baş ýollarynyň biri kitaplara göz gezdirmek,
ähmiýetli zatlary okamak we täze maglumatlar bilen akyly ösdürmek, kämilleşdirmekdir. Al-Jahyz gaýgy-aladadan saplanmak,
ýürege teselli bermek, çykgynsyz ýagdaýdan çykalga tapmak üçin
kitap okamagy maslahat berýär: «Kitap – ol iň gowy söhbetdeşdir,
seni erbetlige yrmaýan dostdur, seni tukatlandyrmaýan ýoldaşdyr,
saňa sabyrsyzlyk bilen garaşýan goňşudyr, ol ýalan söz bilen saňa
ýaranjaňlyk etmeýän, aldawçylyga ýüz urmaýan, mekirlik etmeýän,
saňa garşy hile gurmaýan we seniň malyňy eliňden almak islemeýän
şärikdeş işdeşdir» diýip ýazýar.
Kitap okamagyň haýry-peýdasy örän köp. Okadygyňça, kitaba
bolan höwesiň artar. Pikirleriň durlanar, zehiniň ýiteler, diliň ýazylar (açylar), sözleriň täsirli ýaňlanar, göwnüň göteriler, gursagyň
(göwrümiň) giňär. Kitap okamak saňa halk hormatyny, hökümdarlaryň
dostlugyny bagyş eder. Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip
bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň. Sen muny
hiç hili zyýan görmezden, artykmaç muşakgat çekmezden, öwretmek bilen gün görýän öwredijileriň (hakyna tutulan mugallymlaryň)
gapysyny kakmazdan, arassa gylyk-häsiýet we asylly kök-soý (nesil-nebere) babatda deňiňçe ýoklar bilen köňül söhbedini etmezden,
halamaýanlaryň bilen oturyp-turuşmazdan gazanyp bilýärsiň.
Kitap gündizlerine tabyn bolşy ýaly, gijelerine hem hyzmatyňdadyr. Öýde gulak asyşy ýaly, ýolda-saparda hem gol astyňdadyr. Kitapda uky keseli ýokdur, uzak gijeläp irkilmekden halasdyr. Ol her wagt
* 21. Sargyt № 975
321
dadyňa ýetişýän Hydyr ata ýalydyr. Sen ondan üzülseňem, ol saňa
berýän peýdasyny üzmez (bes etmez). Sen ondan çetleşseňem, ol saňa
boýun bolmagyny dowam eder. Garşydaşyň döwi rüstem gelip, onuň
ýeňiş ýeli öwsende hem, ol aňry tarapa geçip, seniň garşyňa çykmaz.
Sen saý-sebäp bilen ýa-da ýürekden kitaba ýapyşsaň, ol seni özgeleriň
maslahatyna mätäç etmez. Kitabyň ýardamçylygy ýeterlik bolar. Sen
kitap bilen bolsaň, ýalňyzlyk duýmarsyň, ýaramaz söhbetdeşe mätäç
bolmarsyň. Kitabyň saňa berýän peýdasyny-haýryny ýatlamasagam,
iň bolmanda, seni gapynyň agzynda oturyp, öten-geçeni synlamakdan, nämährem kişilere artykmaç göz aýlamakdan, bimany gepleri
eşitmekden, bihuda işlere meşgul bolmakdan, pes häsiýetli kimseleriň
gybatyna goşulyp, olaryň gödek sözlerine, bozuk manylaryna, ýaramaz
häsiýetlerine, ýazgarylmaga laýyk nadanlyklaryna gulak gabartmakdan saklaýandygy hem uly nygmat ahyry. Bu saňa, bir tarapdan, salamatlyk, beýleki tarapdan bolsa olja-baýlykdyr. Bir haýryň şahasyna
aslyşyp, süňňüni sag saklaýan kökünden haýyr görmekdir. Onuň,
iň bolmanda, bozuk hyýallardan, ýaltalyga, işýakmazlyga, bikärlige
werziş bolmakdan, oýun-güýmenjelere endik etmekden saklaýandygy
we ýoldaşyna haýyr-nygmat, abraý hem-de hoşallyk getirýändigi üçin
hem, ol dost hasaplanmaga örän laýykdyr.
Dem-dynç alýan adamlar gündizlerini, bilesigeliji kimseler gijelerini kitap okap geçirýärler. Durmuş tejribelerini artdyrmak, akyly
we adamkärçiligi ösdürmek, abraý-mertebäni saklamak, ýörejek ýoluny saýlamak, baýlyk goruny artdyrmak, hünär eýesi bolmak we bir
haýyrly işe başlamak, döwletli tutumy ugrukdyrmak üçin kitapdan
peýdaly närse ýokdur.
Tanymal şahslaryň kitap hakda aýdan sözleri muňa delildir.
Al-Mühelleb çagalaryna öwüt-ündew edende: «Perzentlerim, bazara
barsaňyz, ilki bilen sowutçy ussalaryň we kagyzçylaryň (kitapçylaryň)
dükanyna aýlanyň» diýer eken. Dostlarymyň biri maňa Şeýh Şamynyň
kitabyny okandygyny we ol ýerde bir jümlä aýratyn üns berendigini aýtdy: «Adamlardan hümmet aýrylsa-da, kitaplardan gymmat
aýrylmaz». Hasan al-Lulunyň ýazgylaryna görä, ol: «Kyrk ýylyň içi322
dir, haçanda bir wagt ýatan, gyşaran ýa-da irkilen bolsam, gursagymyň
üstünde hökman kitap bardyr» diýipdir. Ibn al-Jehm bolsa kitap hakda şeýle ýatlaýar: «Biwagt (ýatar wagty bolmadyk pursatlarda) uky
basmarlasa (gereginden artyk uklamak bolsa örän ýaman iş), hikmet
kitaplaryndan birini elime alyp okap başlaýaryn. Şol wagt özümde
täze zatlary öwrenmeklige bolan höwes oýanýar. Dür gözleýän guwwas ýaly, barha kitabyň içine çümýärin. Maksadyna ýeten adamyňky
ýaly joşguna gaplanýaryn. Ýüregim rahatlyk bilen gurşalýar. Täze
zatlary öwrenmäge bolan höwes iň oýaryjy zatdyr. Hatda eşekleriň
aňňyrmasy ýa-da beýleki zatlaryň zoňtar sesi hem ukudan şonça
oýarýan däldir». Ol ýene şeýle ýazýar: «Bir kitaby halasam, gowy
görsem, ondan kän zatlary öwrenip biljekdigime gözüm ýetse, dessine okap başlaýaryn we wagtal-wagtal näçe sahypanyň galandygyny
göz çaky bilen ölçerýärin. Sebäbi gowy zadyň tiz soňlanmagyny islämok. Eger-de uly göwrümli, köp sahypaly, gyzykly, peýdaly bir
kitaby tapaýsam-a, onda meniň bagtyýarlygymyň we begenjimiň çägi
bolanok». Meşhur alymlaryň biri Al-Utby öňki akyldarlaryň käbir
eserlerini ýatlap, «Eger şu kitap örän uly we galyň bolmadyk bolsa,
öz elim bilen göçürmäge ýaltanmazdym» diýip belleýär. Iň beýik,
şerapatly we hormatly kitap bolsa «möminler üçin bir ýatlatma bolsun
diýip inderilen kitapdyr».
Kitap okamagyň berýän birnäçe peýdalary:
1. Kitap okamaklyk ýürege ornaýan was-wasy, gaýgy-gamy, tukatlygy aýyrýar.
2. Her bir işde nähaklyk etmekden saklaýar.
3. Bikär, işýakmaz adamlardan çetde bolýarsyň.
4. Sakynyp-säginmekden saklap, sözleriňe çeperlik we şirinlik
çaýýar.
5. Akylyň ösýär, zehiniň joşýar, pikiriň durlanýar.
6. Bilime baý bolup, ýatkeşligiň we düşünjäň ýitileşýär.
7. Ynsanlaryň tejribelerini, hekimleriň hikmetlerini, alymlaryň
ylymlaryny özleşdirýärsiň.
8. Ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny tapýarsyň.
323
9. Imanyň zyýada bolýar, hususan-da, öz ynanç-ygtykadyňa
laýyk gelýän, dogry-düz ýola degişli kitaplary okamak peýdalydyr.
Çünki kitap iň beýik nesihatçy, haýry ündeýji (ündewçi) we ýamanlykdan gaýtaryjydyr.
10. Akyly perişanlykdan, kalby birahatlykdan, wagty bimany
geçirmekden (zaýalamakdan) saklaýar.
11. Sözüň manysyna çuňňur düşünmäge, öwrenilen zatlary pugta ýatda saklamaga, aýdylýan zadyň maksadyny aňmaga we pynhan
hikmetleriň syryny bilmäge kömek edýär.
Janyň iýmiti iýmek we içmekde däl-de täze zatlary öwrenmekde
we manylara düşünmekdedir.
***
ÝENE-DE SABYR HAKDA
Sabyr-takatlylyk durmuşyň ähli ýagdaýynda gerek. Omar ibn
Hattap: «Biz sapaly durmuşa sabyr bilen ýetdik. Eger sabyr adam
sypatynda göze görünse, ol iň mertebeli adamlardan biri bolardy»
diýipdir. Aly ibn Abu Talyp: «Sabyr imandandyr. Başyň göwre üçin
nähili ähmiýeti bar bolsa, sabryň imandaky ähmiýeti hem şonuň ýalydyr. Baş bolmasa, göwre bolmaz. Sabyr bolmasa, iman bolmaz»,
«Sabyr büdremeýän bedew atdyr» diýipdir. «Sabyr ýagşylyk hazynalaryndan biridir. Allatagala ony özüniň gowy gören bendelerine
berer» diýilýär. Omar ibn Abdyleziz: «Allatagala bendesine bir
nygmat berse, soňra ony alyp, deregine sabyr nygmatyny berse, bu
nygmat öňküsinden has ýagşyrakdyr» diýýär. Meýmun bin Mihran
bolsa: «Sabyr bolmasa, kämil bagtdan hiç zat gazanyp bolmaz» diýip
belleýär. Süleýman ibn al-Kasym: «Barça amalyň sogaby mälimdir,
sabryň sogaby bolsa bihasapdyr» diýýär. «Hiç hili şek-şübhe ýok,
sabyr-takat edýänlere sylaglary hasap-kitapsyz kemsiz – doly berler»
diýip, Kurany-kerimde ýatlanylýar.
***
324
DURMUŞ MEÝDANYNDA TOPLANAN TEJRIBELER
HAKDA AÝDYLAN SÖZLER
Robert Luis Stiwenson: «Her bir ynsan bir günüň dowamynda
näçe kynçylyk çekse-de, öz wezipesini ýerine ýetirmäge ukyplydyr.
Her bir ynsan daň atandan gün batynça özüni bagtly duýar ýaly bir
pursady tapmaga we ýaşamaga ukyplydyr. Ine, bagtyýarlygyň bar
manysy şudur» diýip ýazýar. Öten-geçenleriň birinde şeýle söze duş
geldim: «Durmuşyňda diňe şu gün bar. Düýn eýýäm geçip gitdi, ertir bolsa heniz gelenok». Stifen Likok şeýle ýazýar: «Çagajyk «derrew ulalsam, oglan bolsam» diýýär. Oglanjyk «derrew ulalsam, ýigit
çyksam» diýip, göwün ýüwürdýär. Ýigit çykanda «derrew öýlensem»
diýip, arzuwlara berilýär. Ýöne öýlenmekden soň näme? Bu basgançaklary geçmekden soň nämäni göz öňünde tutýarsyň? Bu pikirler
tä «pensiýa çykýançam ony ederin, muny ederin» diýen üznüksizlik
bilen birmeňzeş gaýtalanýar. Garrylyk gyşynyň sowuk ýeli öwsüberende bolsa, geçen ömür ýoluna ser salyp görýär we bu ömründe bir
minut hem ýaşamandygyna göz ýetirýär. Diňe wagt geçip gidenden
soň biz ömrümiziň şol minutlardan we diňe şu günümizden ybaratdygyny bilip galýarys». Adamlaryň aglabasy häzirki wagtda, edil şu
minutda ýerine ýetirip biljek işini hem soňa goýýarlar. Günä işleri edip,
«soň tobama daýanaryn» diýýänlerem şular ýaly. Akyldarlaryň biri:
«soň...» diýen sözden seresap boluň. Bu sözi ulanmaga endik etmäň.
Bu söz örän köp ýagşy işi bitmekden saklar, birnäçe oňyn işleriň hem
öňüni bökdär» diýipdir. Allatagala hem Kuranda «Goý, olar iýip-içip
hezil etsinler, arzuw-höwesleri bilen meşgul bolubersinler. Tiz wagtda bu etmişleriniň soňunyň näme boljagyny bilerler» diýip ýatladýar.
Fransuz pelsepeçisi Monten: «Meniň durmuşym maňa rehim etmedik
şumluklardan doludy» diýip ýazýar. Emma şeýle zeýrenç gatyşykly
gürlemek dürs däldir. Aslynda bular zehine we ylma eýe bolsalaram,
özleriniň näme üçin ýaradylandygy hakda pikir etmändirler. Allanyň
Resulallanyň üsti bilen ýollan dogry ýoluna düşünmändirler. Her
bir zadyň özüne ýetik hikmeti bar. «Alla kime nury-iman bermese,
onuň üçin hiç hili nur bolmaz». Dante bolsa: «Hut şu günüň ikinji
325
gezek gaýtalanmajakdygy hakda oýlan» diýipdir. Pygamberimiziň:
«Her gezek namaz okanyňyzda iň soňky gezek okaýan ýaly yhlasly
boluň» diýen sözleri ondanam ýaraşykly ýaňlanýar. Ýaşalýan ömrüň
her ýaşalýan bir günden ybaratdygyny oýlaýan ynsan ýürekden toba
edip, her işine yhlas siňdirer. Allanyň tagatyna berlip, Resulallanyň
ýoluna eýerer.
«Kalidasa» atly meşhur hindi drama eserinde agaryp atýan daň
şeýle garşylanýar:
«Al daňlara salam bolsun,
Seret bu ajaýyp güne.
Bu gün – bu durmuşdyr. Durmuşyň hut özüdir.
Bir günüň dowamynda dürli ajaýyplyklary görersiň:
Galkynyş nygmaty,
Şöhratly amal,
Parlak üstünlik.
Düýn diňe ýatlama öwrüldi,
Ertirem diňe hyýalda bar.
Sen şu güni şadyýan ýaşasaň,
Düýni hasyl bolan süýji arzuwlara öwrersiň,
Ertiri hasyl boljak umytlara öwrersiň.
Sen şu güne üns ber, oňat synla,
Eý, agaryp gelýän daň, saňa salam!»
***
ÖZÜŇDEN SORAP GÖR!
Gaýdyp dolanmajak geçmişiň we heniz gelmedik geljegiň demir
gapylaryny ýap-da, şu günüň, şu pursadyň minutlary bilen ýaşa. Sen
özüňden sora:
1. Geljek hakdaky aladalara berlip ýa-da gözýetimiň aňyrsyndaky
bossanlyklara höwes edip, men şu günki bagtly durmuşymdan ýüz
öwürmelimi?
2. Bir wagt bolup geçen ýakymsyz wakalary ýatlap, men şu günki abadan durmuşymy ajadyp goýmalymy?
326
3. Ir ertir oýanyp, alnymdaky ýigrimi dört sagady öndümli
peýdalanmaga mümkinçiligim barka, men başga zady niýet etmelimi?
4. Men şu günümiň minutlaryny ýaşap bilmesem, geljekki
durmuşymdan peýdalanyp bilerinmi?
5. Men şu günüm bilen haçan ýaşap başlaryn? Indiki hepdemi...?
Ertirmi...? Ýa-da şu gün üçin şu gün başlamalydyryn?
Özüňden «Iň ýaman iş, iň ýaman ýagdaý näme?» diýip sora.
Soňra şolara döz geler ýaly gaýrat bilen özüňi tapla. Asuda, arkaýyn
bolup, işe başla we hiç zatdan çekinme. Allatagalanyň aýdan sözi
ýadyňda bolsun: «Adamlar jem bolup, siziň garşyňyza aýaga galdylar, olardan gorkuň!» diýenlerinde, gaýta, olaryň ynamy-imany artyp:
«Bize bir Allanyň berýän goldawy ýeterlikdir we her bir ýagdaýda ol
iň gözel wekildir» diýerler».
***
Sen rysgaly ýa-da her bir agyr ýagdaýdan çykalgany alada
edýärmiň? Onda diňle: «Kim Taňrynyň buýrugyny yhlas bilen ýerine
ýetirse, Ol oňa ähli gam-külpetlerden çykalga (çykmak ýoluny) berer
we oňa öz oslamadyk tarapyndan rysk ýetirer. Kim Allaha töwekgel
etse, Allanyň özi oňa ýeterlikdir. Elbetde, Alla öz islän işine ýetýändir (Onuň islegine garşy durjak hiç kim ýokdur). Hakykatdan, Alla
ähli närse üçin mukdar-ölçeg edip goýandyr», ýagny durmuşda ýüze
çykýan her bir ýagşy-ýaman waka-hadysa ýalňyz Allanyň islän-belgilän wagtynda we ölçeg-mukdarynda ýüze çykýar.
«Allatagala kynçylyk-garyplykdan soň, ýeňillik-baýlyk berer»,
«Bilgin, sabyr bilen üstünlik, gaýgy bilen şatlyk gelýändir. Her bir
kynçylygyň ýanynda ýeňillik hem bardyr». «Bendäm men hakda nähili güman etse, men bendäme şol pikirine görä gararyn. Bendäm men
hakda isledigiçe pikir, güman etsin». «Allanyň berýäni size ýeterlik
bolar we ol her bir zady eşidip, bilip durandyr», «Ölmez-ýitmez Dirä-Ýaradana töwekgel et». «Ony Allatagaladan başga açjak ýokdur».
***
327
GAÝGY GÜÝÇ-KUWWATYŇY PARÇALAP,
SÜŇŇÜŇI WEÝRAN EDÝÄR
Lukmançylyk ylymlary boýunça Nobel baýragynyň eýesi Aleksis
Karl: «Ynjalyksyz, başagaýlyk bilen gün geçirýän işewür adamlar ir
ýaşlarynda dünýäden ötýärler» diýip ýazýar. Elbetde, ähli zat takdyr-ýazgyt boýunça amala aşýar, emma adam özüni birahatlyga eýeletmezlik üçin, özünden bitýän ädimleri hem ätmelidir. Süňňi lagşadyp
(tozduryp), barlygyňy ýumurýan sebäpleriň biri – ynjalyksyzlyk, birahatlyk. Bu hak aýdylan söz. «Gaýgy-gam bejerip bolmajak ýaralary
hem döredýär» diýilýär. Doktor Jozef F.Montagýo: «Gaharjaňlygyň
müşgillikleri» atly eserinde: «Saňa iýýän tagamlaryň sebäpli ýara
düşenok-da, seni iýýän närseler (pikirler) zerarly ýara düşýär» diýip
belleýär. Al-Mütenebbide bolsa: «Gaýgy-pikir süňňüňi gemirýär
we gara saçy çalardyp, ýaşkaň goja öwürýär» diýen setirler bar.
«Life» žurnalynyň ýazmagyna görä, gaýgy-birahatlyk on sany ölüm
howply agyr dertleriň biri hökmünde görülýär. Ýakynda maňa Edward Podolskiniň «Birahatlygy goý we ajaýyplyga tarap ýönel» atly
kitabynyň terjimesini getirip berdiler. Men ol ýerdäki sözbaşylaryň
diňe adyny bersemem, mazmunyny kesgitläp bilersiň:
– Birahatlygyň ýürege täsiri
– Birahatlygyň ýokary gan basyşyna täsiri
– Birahatlygyň guragyra (rewmatizme) täsiri
– Birahatlyk we iç-aşgazan keselleri
– Birahatlygyň sowuklama täsiri
– Birahatlyk we galkan şekilli mäz
– Birahatlyk we süýji kesel
Psihologiýa ugrundan ýöriteleşen ussat alym lukmanlaryň biri
Doktor Karl Maninger «Özüne garşy ynsan» atly kitabynda şeýle
ýazýar: «Doktor Maninger size birahatlykdan nädip uzaklaşmagyň
ýollaryny salgy bermez, ýöne ol birahatlyk, gaharjaňlyk, bet päl-niýetler, kine-kitüw, ýigrenç, öçlülik, gorky ýaly duýgular bilen
süňňümizi we akylymyzy weýran edişimiz hakda örän täsin haky328
katlary açyp berer». Birahatlykdan, üznüksiz ynjalykdan, tükeniksiz
dartgynlylykdan saklanmagyň we saplanmagyň iň ygtybarly ýoly,
Ýaradanyň ündän zatlaryna eýermekdir: Adamlary bagyşlap bilmek,
ruhy rahatlyk, asuda pikirlilik, giň göwünlilik, hatyrjemlik...
Fransiýanyň Bordo şäheriniň häkimi filosof Montin: «Siziň
müşgil meseleleriňizi bagrym we öýkenim bilen däl-de, elim bilen
çözesim gelýär» diýipdir. Eýsem, gaýgy-gam, gaharjaňlyk, depressiýa nämä täsir edýär? Kornil uniwersitetiniň lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň professory doktor Rasil Seýsel bogunagyrynyň ýüze
çykmagyna itergi berýän dört sebäbi ýatlap geçýär. Olar:
1. Maşgala-öý durmuşyndaky agzalalyklar
2. Maddy ýitgiler we gaýgy-gamlar
3. Özüňi ýeke-ýalňyz duýmak we birahatlyk
4. Kine-kitüw, ýigrenç we ar almaga bolan ymtylyş.
Doktor Uilýam Mark Goingil Amerikanyň stomatologlar
birleşiginde eden çykyşynda: «Birahatlyk, ynjalyksyzlyk... ýaly
ýaramaz duýgular süňňümizdäki kalsiniň pytramagyna sebäp bolýar,
netijede hem dişleriň zaýalanmagyna getirýär» diýipdir. Şonuň üçin
mümkin boldugyndan asuda, arkaýyn, rahat ýaşa. Deýl Karnegi
«Ýurduň günortasynda ýaşaýan garatenliler (negrler) we hytaýlylar
birahatlykdan döreýän ýürek agyry kesellerine seýrek ýolugýarlar.
Sebäbi olar her bir ýagdaýda özlerini asuda, parahat alyp barýarlar»
diýip belleýär. Onsoňam «Göwnüçökgünlikden ejir çekip, özüne el
göterýän amerikalylaryň sany bäş sany agyr dertden ýogalýanlaryň
sanyndan has artykdyr» diýip maglumat berýär. Hawa, bu ynanyp
bolmajak aýylganç hakykat.
***
ÝARADAN HAKDA ÝAGŞY PIKIR ET!
«Allatagala biziň ýalňyşlyklarymyzy bagyşlar, emma biziň nerw
ulgamymyz muny hiç wagt başaranok» diýip, Uilýam Jeýms ýazýar.
«Allanyň merhemetinden we sahawatyndan umyt edýän bende üçin
329
pursat gapylary giňden açylar, ol tagat-ybadatlara yhlasly, ýagşy işleri
bitirmäge höwesli ýapyşar» diýlip, Ibn al-Weziriň «Al-awasim welkawasim» atly kitabynda getirilýär. Allatagala hakda elmydama ýagşy
pikirde bolmak, onuň ýagşylygy, geçirimliligi, bagyşlamagy, eçilýän
nygmatlary, edýän kömekleri hakda oýlanmak has-da işiň ugrukmagyna, Haka ýakyn bolmagyňa, zähmete yhlasly ýapyşmagyňa, el uran
zadyň bereketli bolmagyna ýol açar. Bu, hakykatdan hem, hut şeýle.
Ýaradanyň saňa elmydama gowy garaýandygyna öz durmuşyňdan
kän mysal taparsyň. Pikirleriň dagynyk bolup, hyýallaryň ýolundan
azaşyp başlasa, özüňe bolan ynam kertilen ýüp ýaly inçelip ugrasa, ýatla, sen Ýaradanyň nazaryndan sowa dälsiň. Tomas Edisonyň
ýazmagyna görä «Alada-ünjülerden, pikirlerden saplanmagyň (gaçyp
gutulmagyň) ýeke-täk ýoly Taňryny ýatlamakdyr». Özüňe gowy garaýany ýatlamak, gowy zatlary ýatlamak ýene-de ynamlylygy oýarýar.
Durmuş wakalarynda, toplanan tejribelerde hem muňa anyk göz ýetirip bolýar. Ynsan okaýan, ýazýan wagtlary hem kellesinde müň pikir
köwsarlaýar. Emma ýaramaz pikirleriň daşyna agyl aýlap, diňe gowy
pikirlere, umytlara, ynamlara berilmek üçin dessine gowy zatlary göz
öňüne getirmeli, peýdaly işe meşgul bolmaly. Diňe işýakmaz, bikär
adamlaryň kellesinde göçgünli ham-hyýal, gep-gybat we myş-myşdan
başga zat orun almaýar.
***
MASLAHATA DOGRY DÜŞÜN!
«Şahsy bähbitlerimize laýyk gelýän her bir zat dogry ýaly
görünýär. Maňzymyza batmaýan islendik zat bolsa, derrew gaharymyzy getirýär» diýip, Andre Morua ýazýar. Nesihatlar, öwüt-ündewler, maslahatlar, tankytlar hem edil şunuň ýaly, aglaba halatda,
ýalanam bolsa, özümizi öwseler, gulaga hoş ýakýar. Öwseler, gowy
görýäris. Ýerlikli hem bolsa, adymyza aýdylýan tankytlary welin, teý
islämizok. Ony özümizden aýyp gözlemek, ýalňyş düşünmek diýip
kabul edýäris. Aslynda welin, bu biziň öz aýybymyz we hatamyz.
330
«Dawalaryny adyl ýol bilen çözmek üçin Allanyň kitabyna hem-de
Pygamberiň sözlerine salgylanmaga çagyrylsa, olaryň bir topary
mundan boýun towlar. Emma özleriniň haklydygyny bilseler welin,
Pygamberiň ýanyna tabyn bolup, haýdap-haýdap gelerler».
«Haýsy hem bolsa bir işi şol günde bitirmegi ymykly ýüregiňe
düwen bolsaň, şoňa päsgel berip biljek beýleki pikirlerden baş-bitin
halas bolarsyň» diýip, Uilýam Jeýms ýazýar. Bu nämäni aňladýar?
Edil şol wagtda hasyl edip boljak bir sagdyn karara gelen bolsaň,
desbi-dähel şony bitirmäge giriş. Ýüze çykjak müşgillikler hakda
pikirlenip, ikirjiňlenmelere we birahatlyklara özüňi eýeletme. Asylly
maksadyňdan bir ädim hem yza dönme. Ýola düşeňsoň, şübhelenme,
çünki, ýekeje şübhe ýüzlerçe iňkisi yzyna tirkäp geler. Onsoňam, öňe
gitjekmi, öňe ýöre, yzyňa gaňrylyp, düýne nazar saljak bolma. Öňüňde
anyk we aýdyň bir maksat goýsaň, ony amala aşyrmak çen-çakyňdan
aňsat bolar. Birbada birnäçe dürli pikiri kelläňde göterip ýörseň,
ol-a bitirmek eken, ilki haýsy birinden başlajagyňy bilmänem, köp
kösenersiň. Arap şahyrlarynyň biri: «Müň dürli maksatly adam ömrüni aljyraňňylykda geçirer, ol ne ýanyp biler, ne-de sönüp» diýýär.
Beýleki bir şahyrda bolsa: «Bir pikiriň bar bolsa, kararyň hem bir bolsun, köp pikire berlip, ikirjiňlenmek, maksadyň apatydyr» diýilýär.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.