Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20

Total number of words is 3676
Total number of unique words is 1991
27.7 of words are in the 2000 most common words
39.6 of words are in the 5000 most common words
45.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Araplaryň nakyly bar: «Ýüp dartylyberse, ahyry üzülýändir».
Munuň manysy ýagdaýlar çylşyrymlaşyberse, hökman bir şatlyga we
çykalga garaş diýildigi.
«Kim Alladan çekinse we diýenini etse, Allatagala onuň üçin her
bir zatda çykalga berer». «Kim Allanyň diýenini etse, onuň günälerini
bagyşlar we beýik sogap-sylag berer», «Kim Allanyň diýenini etse,
onuň işini aňsat eder, oňa ýeňillik, rowaçlyk berer».
Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar:
«Lapykeçlikden soň birnäçe şatlyklara ýetildi,
Kösençlikden soňra, gör, näçe begenje ýetildi.
Arşyň eýesi hakda ýagşy pikir edýänler,
Hatda tiken-samanlaryň içinden hem iň süýji miweleri ýolar».
Ygtybarly-sahyh hadyslaryň birinde: «Bendäm men hakda nähili
pikir edýän bolsa, men oňa şonuň ýaly hem gararyn. Men hakda isledigiçe pikir etsin» diýilýär. Bu Ýaradanyň bize elmydama ýagşylyk
edýändigini we diňe ýagşylyk edýändigini pikir etmegimiz üçin
öwütdir, ýatlatmadyr.
«Her bir kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr. Elbetde, her bir
kynçylygyň ýanynda ýeňillik bardyr». Bu sözlere düşündiriş beren
299
käbir alymlar: «Hiç wagt bir kynçylyk iki ýeňillikden üstün gelip bilmez» diýdiler.
Sabryň ýanynda üstünlik bardyr. Derdiň ýanynda gutulyş.
Ýene bir şahyr şeýle diýýär:
«Boljak we bolmajak işleriň pikirini edip,
Kä gözler çirim eder, käbiri uklar.
Başardygyňdan gaýgy-alada etmejek bol, çünki
Gaýgy ýüküni göterip ýörmek dälilikdir.
Alla düýnki güni sag-aman ötüren bolsa,
Ertiriň hem aladasyny etmek üçin Özi ýeterlikdir».
Ýene biri şeýle diýýär:
«Garşy gitme, takdyr aty çapanda,
Seriň sap bolsun ünjüden, ýataňda.
Göz ýumup-açasy salymda Alla,
Ýagdaýlary düýbünden üýtgedip bilýär».
***
Gamgyn bolma! Gaýgy-gam, tukatlyk hazyna doly baýlygyň,
beýik köşkleriň, ýaşyl bag-bossanlyklaryň hözirini görmäge mümkinçilik bermez, gaýta, ol derdiň üstüne urna bolar, kynçylyk bilen
ökünç-ahmyryňy artdyrar, aladaňy köpelder.
Gamgyn bolma! Ýüregiňde hasrat mesgen tutan bolsa, gözleriň
üstünde oňa orun beren bolsaň, el-aýagyňa ýazan bolsaň, endamyňa
ýapynjaň şol bolsa, melhemlik öt-çöpler, lukmanlaryň dermany,
tebipleriň emleri seni bagtly edip bilmez.
Gamgyn bolma! Alladan dileg-doga edip, Onuň bosagasyna ýüz
tutup bilýäň, ähli zadyň eýesi bolan Allanyň dergähinde özüňi edepli
alyp baryp bilýäň. Seniň ygtyýaryňda yhlasly edilen dileg-dogalaryň
hökman hasyl bolýan pursady – gijäniň soňky üçden bir bölegi bar.
Alnyňy seždä goýup bilýän sagadyň bar.
Gamgyn bolma! Allatagala bu Zemini we ondaky ähli zady
seniň üçin ýaratdy! Gözel bag-bakjalary seniň üçin ösdürdi, ol baglar300
da her dürli salkym-salkym miweleri ýaratdy, datly miweleri bolan
hurmalary ýetişdirdi, şugla saçýan ýyldyzlary, çasly akýan derýalary
we bulaklary seniň üçin akdyrdy, sen bolsa gaýgy çekip ýörsüň!
Gamgyn bolma! Ýaramly dury suw içýäň, arassa howadan dem
alýaň, aýak üstünde sag-salamat gezýäň, gijelerine asuda-rahat uka
batýaň!
***
TOBA SÖZÜNI KÖP GAÝTALA
«Perwerdigäriňiz Alladan ötünç soraň, elbetde, Ol örän geçirimlidir. Şonda ol asmandan üstüňize ýagyş-ýagmyr ýagdyrar. Size
mal-dünýä, bala-çaga bilen medet berer. Size bagu-bossanlar eçiler
we size akar derýalar berer» (Gurhan, 71-10,11,12).
«Alladan ötünç sora, şonda sen munuň miwesini tiz görersiň:
şadyýanlyk we ruhy rahatlyk, halal rysgal we bol-telki baýlyk, ýagşy
perzentler, bereketli ýagmyrlar gazanarsyň».
«Perwerdigäriňizden geçirimlilik soraň. Soňra Onuň Özüne toba
ediň, şonda Ol sizi mälim mütdete (ömrüňiziň ahyryna) çenli gözel
rysk bilen şadyýan eder we ýagşylyk edýän her bir adama merhemet
eder» (Gurhan, 11-3).
Hadysda şeýle diýilýär: «Kim toba sözlerini köp aýtsa, Allatagala ony her hili gam-külpetden gutarar we her bir çykgynsyz ýagdaýda
çykalga berer».
Buharynyň gürrüň beren hadysyndaky toba sözlerini (istigfary) gaýtalamak saňa wesýet bolsun: «Eý, Allahym, sen meniň Perwerdigärim, senden başga hudaý ýokdur. Meni ýaradan Sen we men
seniň bendäňdirin. Başardygymdan saňa beren ähdi-wadamda duraryn. Eden işlerimiň şerinden goramagyň üçin senden pena soraýaryn.
Maňa beren nygmatlaryň üçin Saňa gulluk ederin. Günälerim üçin
toba edip, Senden ötünç soraryn. Meni geçir, Allahym, çünki günäleri
senden başga bagyşlaýjy ýokdur».
***
301
ÝAMANLYK EDENI
BAGYŞLAMAGY BAŞAR
Özgelerden ar almak isleýän, öçli, kine-kitüwli adam munuň
üçin nähili baha töleýändir öýdýäň: kalbyndan, etinden, siňirinden
we damaryndan, beýnisinden we rahatlygyndan, bagtyndan we
şatlygyndan bölüp alýar. Ar almak islese, olara gaharlansa ýa-da
içinde kine saklasa, gürrüňsiz, ol uly ýitgä uçran adamdyr.
Allatagala bu dertden saplanmagyň ýoluny salgy berdi: «Gaharlaryny ýuwudýan we adamlaryň hatalaryny bagyşlaýan kişiler»
(Gurhan, 3-134), «Birek-birege merhemetli bolup, ýagşylygy ündäp,
bozgaklardan ýüz öwürýän adamlar» (Gurhan, 7-199). «Ýagşylyk
bilen ýamanlyk barabar bolmaz. Siz her hili ýamanlyga iň gözel sözler, ýagşy hereketler bilen jogap gaýtaryň! Şonda siz bilen arasynda
ýamanlyk bolan kimse öz-özünden ýürekdeş-wepaly dost bolup galar» (Gurhan, 41-34).
***
SENDE KÖP NYGMAT BAR
Allanyň saňa bihasap we bolelin eçilen nygmatlary hakda oýlan,
bu nygmatlara, ýagşylyklara şükür et. Sen boýdan-başa nygmat
kölüne çümüp oturandygyňy unutma!
Allatagala «Allanyň nygmatlaryny sanap, soňuna çykyp
bilmersiňiz», «Ol sizi aýdyň we gizlin nygmatlar bilen boýady», «Size
berlen her bir nygmat Allanyň berenidir» diýdi. Allatagala bendesine
beren nygmatyny ýatlap şeýle diýýär: «Oňa iki göz bermedikmi? Bir
dil we iki dodak bermedikmi? Dogry ýola gönükdirmedikmi?» diýýär.
Bir dil we iki – gulak, dodak hem Allanyň nygmatydyr.
Üznüksiz nygmatlar: ýaşaýyş-jan nygmaty, saglyk nygmaty,
eşidiş (ukyby) nygmaty, görmek nygmaty, el we aýak, suw we howa,
iýmit... iň uly nygmat bolsa Allanyň gönükdiren dogry ýoly – Yslamdyr. Adamlaryň biri şeýle diýdi: «Gözüňe derek milliard dollar,
gulagyňa derek milliard dollar, aýagyňa derek milliard dollar, eliňe
302
derek milliard dollar, ýüregiňe derek milliard dollar hödürleseler
çalşarmydyň? Sende, gör, näçe nygmat bar, emma bu zatlara şükür
etmeýärsiň».
***
DÜNÝÄ HASRAT ÇEKENIŇE
DEGÝÄN DÄLDIR
Bagtyýarlygy berkidýän, ösdürýän we çuňlaşdyrýan zatlaryň biri
– bolgusyz, biderek zatlara janyňy ýakmazlykdyr. Ruhubelent, göwni giň adamlar her bir gowulygyň belent derejesine mynasypdyrlar.
Öten ata-babalarymyz dostlarynyň birine öwüt beripdir: «Diňe ýekeje
zady alada et: Allatagala bilen didarlaşmak aladasy, ahyret aladasy,
Perwerdigäriň öňünde duruş aladasy». «Ol gün eden işleriňiziň ählisi
görkeziler we hiç bir zat ýaşyryn galmaz».
Dünýä gamlary ahyret gamyndan pesdir. Çünki dünýä gamy
wezipe, altyn, kümüş, perzent, baýlyk, abraý-şöhrat, öý-howly, köşkden
ybaratdyr – başga zat däldir.
Allatagala özüniň mynapyk duşmanlaryny suratlandyryp şeýle
diýdi: «Olar diňe öz gaýgylaryny etdiler we Alla hakda bet gümanda
(nähak pikirde) boldular». Olaryň gaýgysy nämedir öýdýäň: garynlary,
haý-höwesleri, şehwetleri... olarda ýekeje-de beýik maksat ýokdur!
Pygamber alaýhyssalam daragtyň saýasynda äht-kasam edende,
mynapyklaryň biri gyzyl düýesini gözläp, bu ýerden uzaklaşypdyr. Ol:
«Gyzyl düýämi tapmak siziň ähdiňizden has haýyrly» diýipdir. Şol pursatda wahy inipdir: «Gyzyl düýäň eýesinden galanlaryň günäsi ötüldi».
Mynapyklaryň biri öz gaýgysyny edip, ýanynda duran ýoldaşlaryna: «Beýdip, epgekde yssylap durmalyň» diýipdir. Allatagala:
«Dowzah ody mundanam has gyzgyndyr» diýdi (Gurhan, 9-81).
Ýene biri öz janyny gaýgy edip: «Maňa jeňden galmaga rugsat
bergil, meni gozgalaňa salmagyl» (Gurhan, 9-49) diýdi. Allatagala
munuň jogaby hökmünde «Eýsem, olar jeňden galmak islegi sebäpli,
eýýäm gozgalaňyň içine düşdüler» diýdi (Gurhan, 9-49).
303
«Başga bir topar adamlar mal-mülküni, baýlygyny we öýlerini
gaýgy edip: «Mal-mülkümize we maşgalamyza gümra bolupdyrys, bizi
bagyşlaň» diýdiler» (Gurhan, 48-11). Bu gaýgylar bolgusyz-biderek,
ähmiýetsiz we ýeňil-ýelpaý zatlaryň aladasydyr. Beýle pikir diňe ýeňles
adamlaryň beýnisinde mesgen tutýar. Beýik adamlar bolsa elmydama
Alladan fazly-merhemet we razylyk diläp gezýärler.
***
GAMGYN BOLMA,
ÜNJÜLERI TERK ET!
Aşa rahatlyga çümmek mömin üçin gapyllykdyr. Işsiz, boş oturmaklyk ölüm howpludyr. Işsizlik bikärlikdir. Gününi gaýgy-gam
bilen geçirýänleriň, göwnüçökgünlige düşýänleriň köpüsi hem hiç
bir zada meşgul bolmaýan, haýyr işe güýmenmeýän we wagtyny boş
geçirýänlerdir. Wagtyňy boş geçirmek hoş geçirmek däldir. Netijeli
we sogaply işi edip bilmeýän bu biçäreleriň, bikärleriň sermaýasy bolgusyz gep-gybatlardan we howaýy hem-de howsalaly myş-myşlardan
başga zat däldir.
Gozgan we işle, hereket et! Bir peýdaly işiň başyna bar. Gerekli
kitaplary oka. Sežde et, tesbih aýt. Bir zatlar ýaz. Dost-doganlaryňa
zyýarata bar. Biperwaý oturma, wagtyňy peýdaly ötür. Hatda bir
minutyňy hem boş we bimany geçirmejek bol. Işsiz oturan günleriňde
ýakymsyz duýgular, howsalalar we waswasylar oslamaýan ýeriňden
hüjüm edip, ýüregiňi eýelär. Kalbyň-süňňüň şeýtanyň oýun meýdançasy bolup galar.
***
SOGABYNY ÝARADANDAN
UMYT ET!
Kimdir birine eden ýagşylygyň üçin ondan minnetdarlyk tamakin
bolma. Hudaýyň haky üçin halys ýürekden ýagşylyk et we Onuň berjek sogabyna bil bagla. Edilen ýagşylygyň gadyryny bilmeýän adam304
lara sataşsaň, munuň üçin janyňy ýakyp, gyýlyp-gynanyp gezmegin.
Olar bu sahawatly eliň we özlerine edilen sylagyň gadyryny bilmezler, emma Alla onuň sogabyny bihasap eçiler.
Allatagala özüne ýakyn adamlary şeýle suratlandyrar: «Olar Alladan fazly-merhemet we razylyk diläp gezerler» (Gurhan, 59-8),
«Munuň üçin sizden hak-heşdek soramaýarys» (Gurhan, 25-57), «Biz
sizi diňe Allanyň haky üçin naharlaýarys, munuň üçin sizden sowgat-sylag we minnetdarlyk tama etmeýäris» (Gurhan, 6-9).
Şahyrlaryň birinde şeýle setirler bar:
«Haýyr iş edýän adam her wagt gadyr biljeklerden boş bolmaz,
Allanyň we adamlaryň arasynda bu däp dowam eder».
Minnetdarlyk ýa-da sowgat-sylag tamasy bilen däl-de, halys
Allanyň haky üçin eliňizden gelen ýagşylygy ediň. Her bir haýryň
sogabyny berýänem, nygmat eçilýänem, sylaýanam, sylaglaýanam
Alladyr. Etmişlere görä temmi berýänem, her bir zady hasaplaýanam
Alladyr. Eden amallaryňyzdan hoşal bolýanam, gaharlanýanam Alladyr. Ol Päk we Beýikdir.
Uzak ýerdäki söweşleriň birinde birnäçe adam şehit bolupdyr. Hezreti Omar olaryň kimdigini soranda, adamlar kibtini gysyp,
olaryň köpüsini tanamaýandyklaryny aýdypdyrlar. Gözýaşy ýaňagyna
syrygan hezreti Omar: «Olary hiç kim bilmese-de, Alla bilýändir»
diýipdir.
Ýagşyzadalaryň biri gözi batyl adamy bahasy gymmat buzgaýmak bilen hezzetläpdir. «Bu bir batyl adam ahyry, näme hödür edeniňi
bilip durmy, ýönekeýräk zat berseňem bolar?» diýip, maşgalasy dillenipdir. «Kim bilmese-de, Alla bilýändir» diýip, ol adam jogap
beripdir.
Allatagala seniň eden her bir ýagşylygyňy, sogaply amalyňy,
sahawatyňy, kömek-ýardamyňy görüp, bilip, eşidip dur. Ýeri mundan
soň özlerine edilen ýagşylygy adamlaryň bilmegi seniň üçin hökmanam däldir.
***
* 20. Sargyt № 975
305
TEÝENE WE KEMSIDILME
«Olar size azar bermekden başga hiç hili zyýan edip bilmezler»,
«Olaryň hile-mekirliklerinden asla dargursak bolmagyn», «Olaryň
ezýetine üns berme, her bir işiňde Hudaýa bil bagla. Hudaýa bil baglamak ýeterlik bolar», «Allatagala ony olaryň nähak töhmetlerinden,
ýöňkemelerinden halas etdi».
Şahyrlaryň birinde şeýle setir bar:
«Bir çaganyň kesek oklany bilen,
Deňizleriň suwy bulanýan däldir».
Pygamberimiziň hadysynda «Sahabalarym hakda maňa ýaman
habar aýtmaň, men siziň ýanyňyza päk kalbym bilen barasym gelýär»
diýilýär.
ELI ÝUKALYKDAN ZEÝRENMÄŇ,
MUNDA HEM SALAMATLYK BARDYR
Aýşy-eşretlere, lezzetlere çümdügiçe ynsan ruhy gödekleşip,
gatap başlaýar. Käteler eli ýukalygyň, pakyr-pukaralygyň hem özüne
ýetik hikmeti bardyr. Dünýä mülküne nebsewürlik bilen topulmaýan
adamyň jany sag, başy esendir. Allatagala beýle rahatlygy, dynçlygy öz halan bendelerine berýändir: «Bu Ýeriň we ondaky bar
janly-jandaryň mirasdary bizdiris».
«Suw, çörek hem salkyn saýa – iň beýik nygmatdyr bular.
Mundan soň «Men garyp» diýsem,
Allanyň beren nygmatyna şükür etmedigim bolar».
Eýsem, dünýäde sowuk suwdan, ýyljak çörekden we salkyn
saýadan ýakymly näme bar?
***
ÝAKYMSYZ WAKA BOLAR ÖÝDÜP,
HOWSALA DÜŞME!
Töwratda şeýle sözler ýazylgy eken: «Gorkulýan zatlaryň köpüsi
asla hasyl bolmaýar». Munuň manysy adamlaryň geljekde bolar öýdüp
306
gorkýan birnäçe ýakymsyz wakalary diňe hopukdyryjy hyýal bolup
galýar, asla hasyl bolmaýar diýildigi. Çünki aňda-hyýalda köwsarlaýan ýaramaz we gorkunç wehimlerimiz gözümiz bilen görýän hadysalarymyzdan birnäçe esse artykmaçdyr.
Bardy-geldi bir ýakymsyz wakanyň habaryny getirseler ýa-da
bir bela-beter hakda eşitseň, tagapyl et, howlukma, oýlan, ölçer
we gam çekme! Gözüň bilen görmeseň, gulagyň eşidýän her bir
habaryna ynanyp ýörme. Çünki ýetirilýän habarlaryň, hadysalaryň,
myş-myşlaryň düýbünde jinnek ýaly hakykat ýoklary hem az däl.
Eger çyn bolaýanda hem, ýazgydy üýtgedip biljek adam barmy
näme? Üýtgedip bolmajak zatlar üçin birahat bolma. «Men öz işimi
Alla tabşyraryn. Elbetde, Alla bendelerini görüp durýandyr. Alla ony
olaryň ýaman mekru-allaryndan saklar» diýiber.
***
GÖRIPLERIŇ WE NADANLARYŇ
TANKYDY
Olaryň göripligine we tankydyna sabyr etseň, sogap gazanarsyň.
Galyberse-de, olaryň tankydy seniň gymmatyňy artdyrar. Bolgusyz,
boş adamlara göriplik etmeýär.
Bir akyldar şeýle diýipdir: «Beýik adamlaryň her ýerde göribi
bardyr. Diňe näkesleriň göribi ýokdur».
Ýene birinde şeýle sözler bar: «Adamlar ondaky ukyp-zehine,
berlen nygmata göriplik ederler. Adamlar oňa göriplik etdigiçe, Allatagala oňa berýän şol nygmatyny ýene-de artdyrar».
Bir şahyryň goşgusynda: «Gepçileriň gürrüňinden zeýrenýärsiň,
göribi bolmadyk abraýly adamy tapmarsyň. Mertebeli kowumyň
nesilikäň, hökman göriplik ediler. Çünki diňe nalajedeýin, boş
adamlaryň göribi ýokdur» diýilýär.
Bir gezek Musa pygamber Hudaýa arz edipdir: «Eý, Perwerdigärim, adamlar üstümden gülýär, ýaňsylaýar, olar dilini çeker ýaly
etsene!» diýipdir. Allatagala: «Eý, Musa, bu soraýan zadyňy hatda men
özüme-de rowa görmedim. Olary ýaradanam, olaryň gündelik rysgyny
307
berip duranam men, ýöne şonda-da ýene menden nägile bolup, menden
zeýrenip, maňa gargynýarlar (Menden nägile bolup, menden zeýrenip,
maňa gargynýarlar, emma olara berýän rysgymy kesmeýärin). Sen giň
bol!» diýipdir.
Pygamberimiziň sahyh hadyslarynda şeýle diýilýär: «Allatagala aýtdy: Adam ogly maňa sögünýär, menden zeýrenýär. Ýogsam,
beýtmäge onuň hiç hili haky hem ýok. Onuň maňa bir sögünji döwre,
pelege sögünmesidir. Çünki pelek meniňkidir. Gijäni-gündizi çalşyryp
duran Özümdirin» diýipdir.
Sen at-abraýyňy adamlaryň ýaman dillerinden saklap bilmersiň.
Muňa garamazdan, sen ýagşy işleri edip bilýärsiň. Edýän her bir gowy
işiň bilen olaryň teýeneli sözlerinden we esassyz tankytlaryndan gutulmagy başararsyň. Hatam Taýyň goşgusynda: «Men göriplerimiň sözüni eşitsem-de, olara ähmiýet beremok. Duşumdan geçirip goýberýän.
Munuň üçin adamlar meni ýazgarýaram. Ýöne ol tankytlar meni ýadatmaýar we haýyr iş etmekden elimi sowaşdyrmaýar» diýilýär. Ýene
bir şahyrda «Maňa sögünip duran bihaýanyň ýanyndan geçip gitdim.
Maňa gerekmejek sözlere ähmiýet bermedim» diýilýär. Ýene biri
şeýle diýýär: «Süpük adam sözläbersin, diýibersin. Oňa iň oňat jogap
– dymmak we öz işiňi, ýoluňy dowam etmekdir».
Eger-de ýagşy gylykly adamlar olara ähmiýet bermän geçseler,
bihepbe we görip adamlar özlerini lapykeç, kemsidilen ýaly görerler.
Günbatar şahyrlarynyň birinde şeýle sözler bar: «Sen dogry-dürs
işleri ýerine ýetir. Soňra her bir bolgusyz tankyda biparh gara».
Şu babatda durmuşda synalyp görlen peýdaly tejribelerden käbirini ýatlaýyn: ýüregiňe ýara salýan sözlere-söhbede, şygra-gürrüňe
jogap gaýtarma. Bu zatlara çydam etmek aýybyňy ýaşyrar. Ýumşak
göwünlilik beýiklikdir. Dymmaklyk duşmanlaryňy dyza çökerer.
Geçirimlilik sogap we mertebedir. Seniň şanyňa aýdylan tankydy
okanlaryň ýarysy eýýäm ony unutdy. Galan ýarysy okan zatlarynyň
näme sebäplidigine asla düşünmediler. Bu tankyt-teýenelere gaýtargy
bermek bilen, adamlaryň unudyp başlan bu ýerliksiz meselesini özüň
308
gozgap, çuňlaşdyryp oturmagyň nämä geregi bar? Akyldarlaryň biri
aýdypdyr: «Bir döwüm çöregiň aladasyny edip ýören adamlaryň sen
we men bilen asla işleri hem, habarlary hem ýok. Olar teşneligini gandyrýan bir gultum suw içmegiň isleginde gezip ýörkäler, seniň, meniň
dünýäden ötenimizi hem bilmän galarlar».
Arpa çöregi bar bolan asuda öý, dürli-dümen naz-nygmatlardan
doly, ýöne galmagal-gopgun bilen gurşalan howludan haýyrlydyr.
***
GAMGYN BOLMA!
Gamgyn bolma! Kesel aýrylar, hassa-sökel sagalar. Günäler ötüler. Bergi-borçlar ödeler. Bendi-ýesirler azatlyga çykar. Gaýyp adam
gaýdyp geler. Günäkär tobasyna daýanar. Garyp gurplanar, özüni tutar.
Gamgyn bolma! Eýsem, sen gara we galyň bulutlaryň dagaýşyny,
tüm garaňky gijäniň syrylyşyny, çapgynly ýeliň köşeşişini, gaý-tupanyň
kiparlaýşyny görmediňmi? Diýmek, agyr günleriň arkasynda hoşluk,
gönençlik we bagtyýar durmuş bardyr.
Gamgyn bolma! Salkyn saýa Günüň ýandyryp barýan çoguny
öçürýändir. Dury suw günortanyň teşneligini sowadýandyr. Ýylyjak
çörek açlyk ejirini aýyrýandyr. Ýatylmadyk gijeleriň ahyrynda süýji
ukular bardyr. Saglygyň sapasy agyrynyň yzasyny unutdyrar. Saňa
diňe birazajyk sabyr-çydam etmek we bir pursatjyk garaşmak gerek.
Gamgyn bolma! Gutulgysyz takdyryň, hökman bolaýmaly
hadysalaryň öňünde tebipler akyly haýran, alymlar ejiz, hekimler
biçäredir. Hile-çäreler täsir ederden asgyndyr.
***
ÝARADANYŇ SAÝLAP-SEÇENINI
KABUL ET!
Alla seni dik duruzsa, tur. Oturtsa, otur. Garyp-mätäç etse, sabyr
et. Gurply, baý etse, şükür et. «Allany perwerdigär, Yslamy din, Muhammedi pygamber» hasap edenler bu zatlary unutmaly däldir. Bir
şygyrda: «Özüň üçin her dürli işleri ediberme. Birnäçe çärelere ýüz
309
uranlar heläk bolup gidendir. Biziň hökümlerimize (ýagny Allanyň ýazan zadyna) razy bolgun. Çünki biz saňa seniň özüňden hem ýakyndyrys» diýilýär.
ÝAGŞYLYK
Ýagşylyk bagta eltýän iň asuda we giň ýollaryň biridir. Ak ýürekden edilen ýagşylyklar, haýyr-yhsanlar adamy beýik mertebelere
gowuşdyrýar. Ysraýyl kowumyndan bolan bir zenan teşnelikden ýaňa
eňki agan ite öz köwşi bilen suw içirendigi üçin, günäsinden saplanyp, jennet nesibesini gazanypdyr. Ajy doýurýan, teşnäni gandyrýan,
kynçylyga uçranlara kömek edýän, agyr ýagdaýa düşenleriň derdini
egisýän adamlar şeýle bagta mynasypdyr.
***
«Artykmaç azygy bar adam owkady bolmadyklaryň halyndan
habar alsyn. Artykmaç ulagy bar adam ulagy bolmadyklara kömek
etsin» diýlip, pygamberimiziň hadysynda ündelýär. Eliňden gelýän
ýagşylygy ak göwünlilik bilen etmekligiň sogaby has-da beýikdir.
Haýyr-sahawat, ýürekden edilýän ýagşylyklar hakda Hatam Taýyň
goşgularynda ajaýyp setirler bar. Ol hyzmatkär gyza ýüzlenip: «Ody
uludan ýak, gije sowukdyr. Eger seniň ýakan oduňy görüp, öýümize
bir myhman gelse, men seni azat ederin» diýse, öý bikesine ýüzlenip:
«Azyk-owkat taýýarlasaň, ony iýer ýaly ýoldaş hem tapgyn. Men hiç
wagt nahary ýeke iýjek däldirin» diýýär. Ol ýene bir ýerde: «Baýlyk
gider, geler, artar, azalar. Haýra sarp edilen baýlykdan hoş söhbetler
we ýagşy ýatlamalar galar. Ýogsam jan kekirdege gelip, nepes daralanda baýlygyň berip bilýän peýdasy ýokdur» diýip ýazýar.
Abdylla ibn Mübäregiň bir jöhit goňşusy bolupdyr. Ol çagalaryndan öňürti ýaňky jöhide nahar dadyrar eken. Çagalaryndan öňürti,
ony geýindirer eken. Günleriň birinde bu ýerden howly edinmek
isleýänleriň biri jöhidiň ýanyna gelip, jaýyny satmagy teklip edipdir.
Jöhit: «Öýüm, howlym iki müň dinara durýar. Müň dinar onuň hakyky
gymmaty. Müň dinar bolsa, gowy goňşymyň barlygy üçin» diýipdir.
310
Müşderi bu sözlere ör-gökden gelipdir: «Biz-ä jaýyň bahasynyň üstüne
goňşy hakynyň urulýandygyny heniz eşidemzok» diýipdir. Emma jöhit
pikirinden dänmejegini ýaňzydypdyr. Bu sözleri eşiden Abdylla ibn
Mübärek jöhit goňşusyna ýagşy dilegler edipdir. Oňa öňküsindenem
has gowy seredipdir.
Şuňa kybap rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: Abdylla ibn
Mübärek bir kerwene dakylyşyp, haja ugrapdyr. Ýolda ol zir-zibiliň
arasyndan öli gargany alyp duran zenana gözi kaklyşypdyr. Baryp,
onuň halyndan habar alypdyr. Haj niýeti bilen ýola çykan hem bolsa,
ýanynda bolan ähli zadyny oňa beripdir. Özi bolsa yzyna dolanypdyr.
Öýüne gelende ol düýş görüpdir. Düýşünde oňa «Hajyň mübärek.
Yhlasyň ýerine düşen. Günäň ötülen!» diýipdirler. Garyp hem bolsalar, özlerine dözüp, özgelere ýardam edýän adamlar Allatagalanyň
dergähinde huzurly bendelerdir.
Edebiýatçylaryň birinde: «Men dostumdan uzakda bolsam-da, aramyzda asman-zemin bar bolsa-da, oňa ýardam goluny uzadyp, kömek
edýärin. Derdinden saplap, isleg-dilegini bitirýärin. Onuň haýyşyna
gulak asýaryn. Egnine gelşikli lybas atsam-da, «Bu ýagşylygy men
etdim» diýip, dilime almaýaryn» diýen sözler bar.
Ine, iň beýik häsiýet şu: ýagşylyk etmeli, ýöne diliňe almaly däl.
Yzynda minnetli sözi bolan sadakanyň, ýagşylygyň, haýyr-yhsanyň
ähli sogabynyň şol minnet zerarly köýýändigini bilýänsiňiz. Käbir
pes adamlar bar, bir ýagşylyk etse, ömürboýy dillerine alyp ýörerler. Taňry söýmedik bendeler şu hili bolýar. Beýikler bolsa, ýagşylyk
ederler. Sogabyny Hakdan islärler, ýöne hergiz minnet etmezler. Bular Allanyň ýalkan we iň gowy häsiýetleri bagyş eden ynsanlarydyr.
Asylly adamlaryň hiç biri eden ýagşylygyna ökünmez, hatda artykmaç
ýagşylyk edenem bolsa. Emma bir hata iş üçin ökünerler, hatda ol örän
az hem bolsa. Şonuň üçinem şahyrlaryň birinde: «Üstünden aý-günler ötse-de ýagşylyk üýtgewsiz galýandyr. Ýamanlyk bolsa iň bir pis
ys-kokly nejasatdan hem ýaramazdyr» diýilýär.
***
311
Gamgyn bolma! Allatagala seni goraýar, gaýta her kimiň eden
hile-mekirligini gös-göni özüne serpikdirýär. Şamu-säher perişdeler
ýagşy adamlaryň günäleriniň ötülmegini, ýazyklarynyň geçilmegini
Ýaradandan dileýär. Her bir namazda, orazada dost-doganlaryň sen
hakda ýagşy dilegler edýär. Pygamberimiziň şepagaty bar. Kurany-kerim saňa iň ajaýyp zatlary wada berýär. Bularyň ählisinden beýikde
bolsa Allatagalanyň saňa bolan çäksiz mähir-muhabbeti bar.
Gamgyn bolma! Bir ýagşylyk on esseden ýedi ýüz essä çenli,
hatda şondanam artyk sogap getirýändir. Bir ýamanlyk, eger Perwerdigär ony bagyşlamasa, bir ýamanlyk bolup ýazylýandyr, bagyşlasa,
ol hem aýrylýandyr. Eýsem, sen şunuň ýaly ýalkawly we geçirimli,
sahawatly we jomart başga biri hakda, heý eşidipmidiň.
Gamgyn bolma! Sen arassa ahlaklylyk tuguny eliňde göterip,
özgelere we nesillere nusga bolmaly adamsyň. Hata iş etseň, ökünip,
haýyr işe şatlanýan ynsansyň. Seniň huzuryňda haýyr iş etmäge şeýle
bir köp mümkinçilik bar, emma sen bu zatlardan bihabar otyrsyň.
Gamgyn bolma! Gaýgyly ýa şadyýan, garyp ýa baý, agyr ýa
ýeňil günüňde hem elmydama nähilidir bir haýryň arasyndasyň.
«Möminiň hal-ýagdaýy hemişe oňunadyr: Hoş güne ýetse, şükür etse,
bu onuň üçin haýyrlydyr. Kyn güne düşse, sabyr etse, bu hem onuň
üçin haýyrlydyr» diýen sözler bar.
***
Ýeňşiň, üstünligiň we bagtyýarlygyň ýene bir ýoly – ýakymsyz wakalara çydam, kynçylyklara sabyr etmekdir.
Kurany-kerimde hem başyňa düşen zatlara sabyr-çydam etmeklik, sabyrly gullaryň arkasynda Allanyň ýardam-enaýatynyň bardygy,
her bir işe sabyrly, ynamly we erjel ýapyşmak ündelýändigi, her
sabryň ölçegine görä sylagyň boljakdygy nygtalýar. Hezreti Omar:
«Sabyr etmek bilen sapaly durmuşa gowuşdyk» diýipdir. Ata-babalarymyz öňlerinde bir kynçylyk keserse ýa-da ýakymsyz bir waka
ýüz berse, üç zady ýerine ýetiripdirler: sabyrlylyk, ýagşy dileg-doga
312
we şatlyklara, gutulyşa bolan umyt. Bularyň üçüsi hem iň pazylatly
ybadatlaryň hatarynda durýar.
Sabyrlylyk, çydamlylyk, dözümlilik ähli halatda gerek. Hatda
birinden öz adyňa aýdylan, ýakymsyz, ýöne ýerliksiz gep-gürrüňlere
edilen sabryň sogaby hem beýikdir. «Bu babatda taňry bendesi
öz Eýesinden nusga alsyn. Her ýerde Allanyň şanyna aýdylýan,
ýöňkelýän zatlar ýok däl, emma Allatagala hem şol sözlere belli bir
mütdete çenli sabyr edip gezýär» diýilýär. Ýa-da Musa pygamberiň
özüne aýdylan ýaňsylamalara sabyr-çydam edişini ýadyňyza salyň.
«Iň bolmanda, sabyrly bolmagy ýüregiňize düwseňiz, Allatagala size
sabyr eder ýaly gaýrat berer» diýilýär.
Şahyrlaryň birinde şeýle setirler bar: «Abraý, şan-şöhrat üçin
men hem il hatarynda yhlas etdim. Her kim yhlas atyna mündi, bilini
berk guşady. Emma köpüsi basym bu kynçylyklardan ýadady, basyldy, asgyn geldi. Emma soňuna çenli sabyr edenler, baryp üstünligiň
boýnundan guçdy. Sen üstünligi ýeňil ýuwdup bolýan igdedir öýtme.
Sabryň ajylygyny sormadyklar ol mertebä ýetip bilmezler».
***
RYSGY DARLYGY ALADA ETME
Her kimiň gündelik we geljek rysgyny ýetirip duran Allatagaladyr. Bendeleriniň ähli rysgyny berýänem Oldur. «Hatda asmanlarda
hem siziň rysgyňyz we size wada edilen zatlar bardyr» diýlip, Kuranda aýdylýar. Her kesiň rysgyny berýän Allatagala bolsa, onda kimdir
birine ýaramsalyk edinip, gün görmek, kimdir biriniň öňünde ýüzüň
suwuny döküp, ýalbarmak, mertebäňi peseltmek nämä gerek? «Ýer
ýüzündäki (ýerde ýörmelän) her bir janly-jandaryň rysgy Alladandyr»
diýilýär. «Allatagala kime ýagşylyk etmek islese, nygmat eçilse, hiç
kim onuň öňüni bekläp bilmez. Kimdir birine bermek islemese, hiç
kim ony alyp bilmez» diýen söz ýadyňyzda bolsun. Bu zatlar adamlardan däl, Alladan çözülýändir.
***
313
DERDI-BELANY ÝEŇLEDÝÄN
SEBÄPLER
Başa düşen kynçylygy, bela-beteri, derdi-elemi, mümkingadar,
ýeňil ýeňip geçmegiň birnäçe ýollary bar:
1. Her bir sogaby, sylagy Alladan umyt etmek. «Her kes öz eden
sabryna görä bihasap mukdarda sylanar» diýen sözler Kuranda gelýär.
2. «Töweregimde dost-ýarlarynyň gününe aglaýan adamlary
görmedik bolsam, men hem bu derdimden basylyp, has ejizlärdim»
diýýän şahyra üns ber. Töweregiňe göz aýla: sagda-solda Taňrynyň
haýsy hem bolsa bir synagyna uçramadyk kim bar? Adamlar diňe
kösençlik bilen däl, baýlyk we hoşluk bilenem synalýandyr.
3. Oýlanyp görseň, mundanam agyr kösençlikler ýadyňa düşer.
Beterinden saklasyn!
4. Bu kösençlikler ötegçi dünýäde galýandyr, diniňe, imanyňa
nogsany degýän däldir.
5. Agyr günlere sabyr-çydam edip, derdi-belany çekmek kähalatda hoşluk bilen synalmakdan beýikdir.
6. Gutulgysyz takdyry dep etmek üçin hiç hili çäre ýok, muny diňe
kysmata kaýyllyk, ýazgyda tabynlyk bilen ýeňip geçmeli. «Kähalatda
erbetligi gowulyga öwürmegiň çäresi – ýazgydy öz ugruna goýup,
munuň üçin hiç bir çäre gözlemezlikdir» diýen setirler bar.
7. Alnymyza gelen zadyň biz üçin haýyrlydygy ýa-da däldigi
diňe Alla mälim: «Nämedir bir zady birbada halamazlygyňyz mümkin,
ýöne ol siz üçin haýyrlydyr».
***
ÜZŇELIKDÄKI HAÝYR
Üzňelik diýip, ýamanlykdan uzak durmagy göz öňünde tutýaryn.
Ýaramaz adamlardan we amallardan, hatda diňe zerur halatda etmäge rugsat berlen zatlardan hem, mümkin boldugyça, çetde durulsa, has gowy. Bu ýagdaý kelläňi agyr we aladaly pikirlerden
boşadyp, oňa rahatlyk berýän, gaýgy-gamlardan saplaýan sebäpleriň
314
biridir. Ibn Teýmiýe ybadat, zikir, okamak, özüňden hasabat soramak, dileg-doga etmek, ýamanlykdan, şer işden uzak durmak üçin
hylwatyň, asudalygyň, üzňeligiň gerekdigini aýdýar. Belli alym Ibn
Jewziniň «Saýd al-hatyr» atly üç tomluk eseriniň maňzy-maýasy şu
sözlere gelip direýär: «Ýaramaz deň-duşlardan, ýaman adamlardan
daş durmak üçin, abraýyňy we gymmatly wagtyňy gorap saklamak
üçin, ömrüňi manyly ötürmek üçin, göriplerden, päli we dili bozuk
adamlardan arkaýyn gezmek üçin, ahyret aladasy, Allanyň didary,
tagatlaryň sogaby, özüňe peýdaly zatlaryň pikirini etmek, paýhas
hazynalaryny ýüze çykarmak, kitaplardan gerekli maglumatyňy susup almak üçin tenhalykdan gowy zat görmedim. Bu tenhalyk janyň
rahatlygy, mertebäniň beýikligi, hormatyň kämilligi üçin zerurdyr».
Dogrudanam, pikirlenmek, oýlanmak üçin ýalňyzlyk, tenhalyk gerek,
pikir alyşmak üçin bolsa köpçülik gerek.
Adam bir özi oturan wagty öz akylynyň miwelerini ýolýar.
Pikirleriniň hasylyny ýygnaýar. Kalby aram tapýar. Janyna ýakmajak
sözden gulagy dynç. Ýagşy zatlar hakda pikir öwürmek bilen, ýene-de
sogap gazanýar. Gadagan edilen zatlardan saklanýar. Alan demi,
öwren pikiri ybadata syrygýar. Geçirimli Taňryny ýatlaýar. Wagty
bisarpa sowdurýan bimany güýmenjelerden we oýunlardan uzak
durýar. Gep-gürrüňden, galmagaldan sag-salamat gezýär. Bahyllaryň
hilegärliginden, göripleriň hilesinden, ýaman gözlüleriň alyndan,
betpälleriň bulaşdyrmasyndan, her söze ötünç sorap ýörmeklikden,
akmaklara sabyr etmeklikden gorap saklaýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.