Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37

Total number of words is 3694
Total number of unique words is 2103
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.7 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
nähili biziňki bolýar? Ýok, ýaşuly, bu siziňki. Bize öz halal zähmetimize düşen hak ýeterlik» diýip, almakdan ýüz öwrüpdir. «Diňle, ogul,
bu pullar aslynda meniňki hem däl. Ýöne sahawatly adamlaryň biri
zandyhalal birine ýagşylyk etmegi pugta ýüregine düwen ekeni. Ol
meni ýanyna çagyrdy-da: «Senden bir haýyşym bar. Adamlaryň köp
gelip-gidýän we ýagşy amal edýän ýerlerine içinde müň dinar bolan
şu düwünçegi taşla. Eger-de biri tapyp alsa, soňra hem eýesini idäp
başlasa, ilkinji gün sesiňi çykarma. Ertesi gün gaýtadan idemese, şol
müň dinar şoňa halal bolsun. Ýöne her bir hereketini has halallamak
isleýän biri bolsa we ertesi gün eýesine gowşurmak üçin ýene-de idäp
başlasa, bu hereketleri üçin oňa goşmaça dokuz müň dinary gowşur.
Bu şonuň kalbyny päk, niýetini tämiz saklap, her bir amalynda, işinde
takwalyga, halallyga per berýändigi üçin bizden ýollanan ujypsyzja
bir ýagşylyk bolsun» diýdi. Ine, bolan wakalara özüň şaýat. Şonuň
üçin hem şol sahy-jomardyň haýyşyny göz öňünde tutup, bu pullaryň
ählisini öz halal ojagyňyza siňdirmegiňizi towakga edýärin» diýipdir.
Ynsan hemişe halal hereket etmegi ýüregine düwse we muňa
amal etse, ykbal oňa garaşmaýan ýerinden bol-bol bereketleri we
üstünlikleri miýesser eder. Her bir müşgil işiň aňsat çykalgasyny
görkezer. Işlerini ugrukdyrar we zada zar etmez.
***
«Size ynanylan her bir zat amanat» – bu öten-geçen eždatlarymyzyň sözi.
Amanata hyýanat etmeklik, hakyny ödemezlik bolsa halk arasynda iň ýek ýigrenilýän häsiýet. Syrly söz, wezipe, borç ýa-da
kimdir biriniň garamaty, hemaýaty, mahlasy, bize ynanylan her bir
zada ygrarlylyk, wepalylyk bilen çemeleşmek gerek. Her bir zady öz
hak-hukugynda berjaý etmek wajyp.
563
Biriniň ynamyny ödemekden uly zat ýokdur. Kimdir birini aldamak we ynamyna kast etmek pikirini seriňe salmazlyk ündelýär,
hatda rysgyny dürli ýol bilen gazanýan adamlaram amanata wepalylyk bilen oňa kast etmekligiň arasynda uly parh goýýar.
Bir gün gijaralar goltugy pully düwünçekli bir adam hammama
gidip barýan eken. Gözi bilen her kesiň ýagdaýyny, gurbuny ölçäp
bilýän ogrularyň biri garama-garama onuň yzyna düşüpdir. Onuň bar
maksady amatyny peýläp, sähel bir maý bolsa, oljasyny alyp, sumat
bolmak eken. Ahyry bu adam hammamyň gapysyna ýetipdir. Ogry
hem onuň edil yzynda duran ekeni. Birdenkä ol adam yzyna öwrülipdir-de: «Eger-de siz, hammama girmek niýetiňiz ýok bolsa, men
girip çykýançam, şu düwünçegimi saklap berseňizläň» diýip, pully
düwünçegini ogra gowşurypdyr.
Pul eýesi birhaýukdan soňra hammamdan çykypdyr we ýoluny dowam edipdir. «Ahow, ýaşuly, aýak çekseňizläň!» diýen sese
ýalta yzyna bakypdyr. Görse, hälki düwünçegini ynanan adamsy.
«Ýaşuly, düwünçegiňizi unutdyňyz, me, alyň» diýip, ony uzadypdyr. «Taňryýalkasyn, inim! Içki pikirlerime gümra bolup, geçip
gidenimi hem duýmandyryn. Uly ýagşylyk etdiňiz, sag boluň, siz
kim bolarsyňyz?» diýip, ýaşuly sorapdyr. Ol: «Men ogry» diýip,
jogap beripdir. «Ogry diýýäňizmi? Aý, goýsana, degişmesene» diýip,
ýaşuly ýylgyrypdyr. «Ýok, ýaşuly, men, hakykatdanam, ogry, gündelik rysgymy ogurlyk edip gazanýaryn» diýip, ol müýnli başyny aşak
egipdir. «Onda näme üçin bu düwünçegi ogurlap gidibermediň?»
diýip, ýaşuly geňirgenip sorapdyr. «Men şu düwünçegi ogurlamak
üçin sizi yzarlap gaýtdym. Ýöne hammama girmeziňizden ozal siz
menden muny saklap bermegi haýyş etdiňiz. Eger-de men şondan
owal muny ogurlan bolsam, özümi az-kem ynjalykly duýardym, ýöne
ynam edilen zady ogurlamak, ynama kast etmek uly hyýanatdyr.
Ogurlygyň hem ynsaba berýän yzasy kän, ýöne amanata hyýanatyň
ejirini wyždan asla çekip bilmeýär. Ol hemişe örtenmeler içinde
gezýär» diýipdir. «Munuň ýaly düşünjeleriň barka, saňa ogurlyk et564
mek gelişmez. Göwneseň, bir teklibim bar, meniň hyzmatkärim bol.
Rysgyňy-harjyňy ýeterlik ödärin» diýip, ýaşuly ol ogra teklip edipdir.
Ogry hem şol pursat ähli etmişine toba edip, mundan buýana rysgyny
halal gazanmagy ýüregine düwüpdir.
***
Işlerimiziň ugrukmagy, maksatlarymyzyň şowlulygy köplenç
halatda özümize bagly. Käbir halatlarda işiň şowlamazlygynyň
düýp sebäbini ýazgydyň üstüne atmaga endik edinendigimize garamazdan, ykbalymyzyň biziň öz hereketlerimize, niýetlerimize, pygyl-pällerimize dahylly ýeri has köp ýaly görünýär. Sagdyn kamatly
ykbalymyzyň dikelmegi, bize maksatlarymyza ulaşdyrýan ýollaryň
arassalanmagy, ýörejek ýollarymyzyň tämiz bolmagy we göze görner-görünmez bela-beterlerden aman-esen gezmegimiz üçin, ilkinji
nobatda, özümizi dogry-dürs alyp barmagymyz gerek. Niýet-päliň
dürslügi, gönüligi ykbalyň tagtyny hem berkarar saklaýandyr.
Mahal-mahal Süleýman pygamber uçýan halysyna münüp,
älem-jahany, yklymlary seýil eder eken. Bu haly örän äpet haly bolup,
onuň bir burçunda adamlar, beýleki bir burçunda döw-periler, ýene
bir burçunda guş-gumrular, beýleki bir burçunda bolsa haýwanlar
ýerleşýän eken. Her görnüşden müňlerçesi şol halynyň üstünde orun
alypdyr. Halynyň ortarasynda bolsa Süleýmanyň kürsüsi ýerleşipdir.
Günleriň birinde Süleýman pygamber ýene-de ýaňky janly-jemendeleri halysyna mündürip, jahana gezelenje çykypdyr. Al-asmanda
howalanyp barýan halynyň üstünde daş-töweregi, tebigaty mazaly
synlap bolýan eken. Bu täsinlige göwni göterilen Süleýman pygamber öz ýanyndan, içinden öwünmäge başlapdyr: «Maňa nähili uly
we täsin zatlar bagyş edildi. Men asman-zemini üstden-astdan synlap bilýärin. Meniň ynsa-jynsa, ähli janly-jandara sözüm ýöreýär,
olaryň hiç biri aýdanymdan çykyp bilenok...» diýipdir. Süleýman şu
pikirleri kellesine getireni hem şol eken welin, halynyň bir tarapy bir
ýana agyp başlapdyr. Muňa dergazap bolan Süleýman pygamber hala
565
hemle atypdyr: «Eý, haly, gönel hany!» diýip, azmly buýrupdyr. Bu
sözlerden soňra halynyň beýleki tarapy hem agypdyr. Müňlerçe janly-jandar aşak ýykylyp, heläk bolupdyr. Süleýmanyň gahary has-da
möwjäpdir: «Saňa soňky gezek buýurýaryn, gönel!» diýip seslenipdir. Şol wagt haly: «Ilki özüň gönel. Meniň erkim saňa baglanan, sen
gönelseň, men öz-özümden gönelerin» diýip jogap beripdir. Süleýman
içki pikirleriniň hala nähili aýan bolandygynyň syryna düşünmese-de,
bu ýerde ähli günäniň özüniň hekemsiremegindedigine magat göz ýetiripdir. Içinden toba edip, öňki pikirlerine ökünipdir. Hatda şojagaz
içki pikirleriň hem halynyň ýagdaýyny üýtgedip bilýändigine haýran
galypdyr. Dessine tobasyna daýanan Süleýman uçýan halysynyň hem
endigan uçup başlandygynyň şaýady bolupdyr.
Biziň pikirlerimiz, niýetlerimiz, maksat-hyýallarymyz, hereketlerimiz – biziň uçar halymyz. Ykbal halysynyň belentden ýa
pesden uçmagynyň, bir menzil ýa-da müň menzil aşmagynyň, oňa bir
adamyň ýa-da müňlerçe ynsan ykbalynyň ýerleşmeginiň, hemişe badyrowan hereket etmeginiň özümize bagly tarapy – biziň niýetlerimize
baglydyr.
Amallar niýetlere görädir.
***
Alyn deriň siňen, öz eliň degen halal zähmetiň tagamy, täsiri
üýtgeşik bolýar. Indiki ädimleriň batly we rowan bolmagy üçinem
halallygyň uly ähmiýeti bar. Käteler ýagşy amallara döwtalap topulmaklygy, höwesli ýapyşmaklygy bir gyrada goýup, ýüregimiziň
arassalygyny, päkligini, kir-kimirli niýetlerden tämizligini ileri
sürýäris. «Esasy zat, ýüregiň ak bolmagy gerek» diýen düşünjelere
per berýäris. Ýöne kämil bagty üpjün etmek üçin ýüregiň aklygy
ýeterlik bolmaýar. Ynsan öz ykbalyny zähmet bilen bezän halatynda,
onuň öwüşgini, ýüzüniň nury artyp başlaýar. Gadym döwürlerde uly
pirleriň biri Bahaweddin Nagyşbendiniň ýanyna şägirtlige höwesek
ýaşlar sil deýin akym edip durmuşyn. Olaryň ählisinde hem şol bir
matlap, maksat bar – ussat piriň şägirdi bolmak, tälim-terbiýe al566
mak. Pir hezretleri şägirtlige gelen her bir talybyndan ylym-bilimden
öňürti haýsy hünäriň hötdesinden gelýändigini soraýan eken. «Näme
hünäriň bar? Haýsy işleri başarýarsyň?» diýen mazmunly sowallar
şägirtlige kabul edilmegiň ilkinji şertleri eken. Eger-de haýsydyr bir
ugurdan, hünärden başy çykýan bolsa, ony şägirtlige kabul edipdir.
Hiç bir zähmetiň garasyny görmedik bolsa, ol dalaşgäri yzyna ugradar eken: «Oglum, ylym öwrenjekligiň çynyň bolsa, git-de bir hünär
öwrenip gel. Biziň ýolumyzda başga biriniň eklenjinde ýaşamak,
garamatyňy özgeleriň üstüne atmak, gaýrylara tama gözi bilen bakmak hergiz makul görülýän däldir. Her kim öz başyny çarar derejede
taýýarlykly bolmalydyr. Aňyň ylym-pikir bilen, kalbyň diliň-zikir
bilen, eliň hünär bilen bolmalydyr» diýer eken.
***
Danyşment öýüne myhman bolan ýigitleriň biri ýagşylyk
etmegiň, sadaka bermegiň sogaby-pazylaty hakda gyzyklanypdyr.
«Ýagşylyk ýaşyryn edilse gowumy ýa-da açyk-äşgär edilse?» diýip
sorapdyr. Danyşment oňa: «Ikisi-de ýagşy, esasy zat – göz üçin edilmese bolýar» diýip jogap beripdir. «Ýagşylygy ýaşyryn etmegiň
ähmiýetli tarapy, beýleki tarap seniň öňüňde özüni müýnli, bergidar duýanok. Ýetiren zady üçin Ýaradana şükür edip geziberýär.
Açyk-äşgär etmegiň pazylatly tarapy bolsa, beýlekileriň hem görelde
almagy üçindir» diýip, sözüniň üstüni ýetiripdir.
Ir eýýamlarda bir sebiti guraklyk, gahatlyk gurşapdyr. Asmandan nem dammandyr, toprakda ot bitmändir. Mahal-mahal şeýle
hadysalaryň bolmagy adamlaryň özara gatnaşygyny, birek-birege
garaýşyny, husytlygyny ýa jomartlygyny synamak üçinem bir pursat
saýylar eken. Bir maşgalanyň keşigi boýnunda bolan adamlaryň biri
haýsy bir işiň başyny tutjagyny bilmändir. «Ýykylsaň, ýere ýapyş»
diýen sözem ol döwre uýgun bolmandyr, sebäbi toprakdanam bereket
göterlene meňzeýän eken. Günlükçi bolmaga-da kaýyl ekeni, ýöne
bu ýagdaý ulus-ili gurşansoň, işem tapdyryp durmandyr. Birine ýüz
tutmagy bolsa, ýek ýigrenýän ekeni. Ýöne käteler hiç kimiň öňünde
567
epilmedik biller durmuş ýagdaýlarynyň öňünde epilmeli bolýar. Ähli
çykalgasy petige diränsoň, barjamly birine ýüz tutup, bu gahatlyk
aradan aýrylýança karz-kowal almagy ýüregine düwüpdir. Birdenkä
hem goňşy obada ýaşaýan dogany ýadyna düşüpdir. Onuň hojalygy
gurpluja ekeni. Ömrüni söwda-satyga bagyş edensoň, puly gazanmagyň
we sowmagyň, gerek ýerinde harja dözmegiň ugur-utgusyny bilýän
ekeni. Ol agasynyň gapysyny kakypdyr. Töre ornaşyp-ornaşmazdan,
ýagdaýyny mälim edip, biraz mütdetlik karz-kowal isläpdir. Ýöne
dogany yzgytsyz nazar bilen bakyp, «Men her gelene eçilip dursam, bu mülkümden nam-nyşan galmaz. Bu zamanada özüňi bilmek
gerek. Saňa hiç zat berip biljek däl» diýip, ýüzüni kese sowupdyr.
Dilege geleniň karzdan umydy uly bolmasa-da, beýdip ýüzüne urulmagyna asla garaşmaýan ekeni. Şeýdip, ol doganynyň huzuryndan
öýkeli halda yzyna dolanypdyr. Gapydan çykar-çykmazam hüňürdäp
başlapdyr: «Nä döwür, nä zamana boldy. Doganyňdan delalat ýok,
beýlekilerden haraý islemegiň hajaty nä? Menem ony giden-gitdi
soramog-a, ýagdaýym boldugyndan üzmekçidim. Bähbit bolsun
diýäýmekden başga ýol galmady..» diýip, lapykeç didelerini aşak salyp, öýüne tarap ugraberipdir. Inisi howlynyň gapysyndan uzaklaşan
badyna, ýaňky barjamly dogany bir hyzmatkärini ýanyna çagyrypdyr.
Içinde iki müň dirhem bolan haltajygy eline tutduryp, inisiniň geçýän
ýolunda oturmagy tabşyrypdyr. «Gatyryň üstüne iki halta uny ýükle
we şol jelegaýlarda garaş. Inim görnen badyna, ony ýanyňa çagyr we
özüňe kömekleşmegini sora. Eger kömekleşse, boş goýmajakdygyňy,
zähmetiňe düşýän haky berjekdigiňi aýt. Bu unlaryň bir haltasyny
gatyra ýükleşer welin, beýleki haltany we bu dirhemleri onuň eline
tutdur. Goý, ol bu zatlary özi gazanan ýaly görsün» diýipdir. «Hojaýyn, munuň ýaly oýun gurmak nämä gerek? Ýaňy gelende berip
goýberen bolsaňyz, hem ummasyz alkyşa eýe bolardyňyz, hem-de
iniňiz beýle lapykeç dolanmazdy» diýip, hyzmatkär geňirgenipdir.
«Sen aýdylanlary ýerine ýetir. Men oňa karz bersem, ol hemişe özüni
meniň öňümde bergidar duýar, men inimiň beýle gezmegini islämok,
568
hatda üzmek hökman däl diýsemem, barybir üzlüşmek üçin artykmaç alada eder» diýip, hojaýyn etmeli-goýmaly zatlary hyzmatkärine
pugta tabşyrypdyr. Hyzmatkär aýdyşy ýaly berjaý edipdir. Onuň
geçer ýolunda garaşypdyr. Peýda bolanyndan, kömege çagyrypdyr
we bu zähmeti üçin ýaňky pullary we dirhemleri oňa halallyk bilen
gowşurypdyr. Inisi muňa örän begenipdir: «Biraz sabyr edip, agama
ýüz saraltmadyk bolsamam boljak ekeni. «Agyz beren, aş berer»
diýleni, pikir etmeýän ýeriňden Hudaý ýetirýär» diýip begenip, öýüne
ýetipdir.
Aradan ep-esli ýyllar geçipdir. Gytçylyk, gurakçylyk hem aýrylypdyr. Her kim kadaly durmuşyna, endigan ýaşaýşyna dolanypdyr.
Ýaňky inisi bolsa ol gazanan pulunyň berekedi bilen özüni tutupdyr, has-da baýapdyr. Bir gün sebitiň uly baýy toý tutupdyr we golaý-goltumdaky ähli adamlara çakylyk ýollapdyr. Gürrüňden-gürrüň
çykyp, birek-birege ýagşylyk etmek, kyn günlerde ýardamyna ýetmek ýaly söhbetler gyzyp ugrapdyr. Şonda ýaňky inisi agasyna bolan öýkesini saklap bilmän, daşyna çykarypdyr: «Mundan birnäçe ýyl
ozal ýardam isläp, gapyňyzdan ätlänimde, meni kowup goýberdiňiz.
Ine, bu gün Hudaýa şükür, meniňem ganymat günüm bar. Ýöne
men seniň ýaly bolmaryn. Ýagdaýym boldugyndan ile-güne kömek
ederin» diýipdir. Doganynyň ýanynda bu zatlardan habarly hyzmatkäri hem bar ekeni. Ol bu gürrüňleri diňlänsoň, hojaýynyndan ähli
hakykaty bolşy-bolşy ýaly aýtmagyny sorapdyr. Ýöne dogany oňa hiç
zat ýaňzytmazlygy tabşyrypdyr: «Ýagşylyk etseň, kämil et» diýilýär.
Biz öz niýetimizden ugur alyp, ýagşylyk etdik, derýa atdyk. Balygyň
bilmegi hökman däl, Halygyň bilýändigi ýeterlik» diýip, sesini çykarman oturypdyr. Sebäbi aslynda hem onuň maksady ýagşylygy kimiň
edendigini bildirmek däl-de, ak ýürekden ýagşylyk etmekdi.
***
Berekediň zyýada bolmagy üçin terezini dogry ölçemek gerek.
Köplenç halatda biz bu düşünje hakda pikir ýöredenimizde, bazarlarda hem-de söwda merkezlerindäki asma ýa-da daşly tereziler göz
569
öňümizde janlanýar. Agramyny egsip ölçemezlik, hatda gramyny hem
iýmezlik talap edilýär diýip düşünýäris. Ýöne diňe satyjylarda däl,
eýsem, biziň her birimizde hem özboluşly terezi bar. Kimler ony «ynsap terezisi» diýip atlandyrsa, kimleriň aňynda ol «Wyždanyň mizany» ady bilen mäkäm orun alypdyr. «Ynsap» sözüniň hem aslynda
«adalat» manysyny berýändigini ýatlasak, onda biziň aýdýan her bir
sözümiziň, mälim edýän çözgüdimiziň, gelýän netijämiziň mümkingadar adalatly bolmagy gerek. Bu özgeleriň ukyp-başarnygyna, gylyk-häsiýetine, ýerine ýetirýän işlerine baha berenimizde hem adalatly bolmalydygyny, tereziniň bir gyrasyna barmak bilen basyp, beýleki
tarapynyň agramyny üýtgetmeli däldigini aňladýar. Berýän bahalarymyzda öte geçmegem, bärden gaýtmagam nädogry. Megerem, ynsap
terezisinde nähak ölçemek bazar terezisinden hem has jogapkärlidir.
Sebäbi bazarda harytlaryň ykbaly, bu ýerde bolsa ynsanyň ykbaly orta
goýulýar.
Gadym döwürlerde iki sany goňşy obanyň sapak – tälim alýan
ýaşlary bir ýerde jem bolupdyrlar. Goltugy kitap-depderli, başy selleli ýaş-ýeleňleri obanyň tanymal baýy zyýapata çagyran eken. Ylym
ýolunda yhlas edýänlere haýyr-yhsan etmek iň sogaply amallaryň
biri hasaplanýar. Üstesine-de, bu beýleki oba adamlarynyň hem ylma bolan höwesini artdyrmak üçin uly mümkinçilik ekeni. Talyplar zyýapatyň dowamynda öwrenen, özleşdiren ylym-bilim gorlaryny synap görer ekenler. Her obanyň has bilermen talyplary özara
bäsleşipdirler. Olara baha bermek üçin hem bu ýere gelen sowatly
myhmanlaryň biri bekewül bellenipdir. Özara ylmy çekişme hem
gyzypdyr. Elipden başlap, ebjediň ähli hasaby tükel edilipdir. Bir ýerde
durulmandyr, ýedi gat Zeminden ýedi gat asmana deňiç ähli aralyk
dörjelenipdir. Mahlasy, gyzgalaňly ylmy çekişmäniň dowamynda
oba adamlary hem köp zatlary öwrenip, dünýäniň ýaradylyşyndan
öz günlerine çenli bolan taryhy wakalardan hem habarly bolupdyrlar.
Söhbediň iň gyzykly ýerleriniň birine – bekewüliň baş baýragy kime
berjekligine gelip ýetipdir. «Pylany ýeňiji» diýip, iki sözde aýdyp
570
oňmak hiç laýyk görülmändir, bekewül kimiň name üçin üstündigini
delillendirmäge we köpçüligiň ynamyny gazanmaga borçly ekeni.
Bekewül söze başlapdyr: «Oglanlaryň ählisiniň ýetişigi-de, taýýarlygy-da örän gowy. Diňe öwrenenlerini gaýtadan aýdyp bermekleri
däl, eýsem, özbaşdak pikirlenmäge ukyplydyklary, dürli çözgütleri
orta atyp bilýändikleri öwgä mynasyp ýagdaý. Ýöne ýaryşyň şertine
görä, bir ýeňijini saýlamak gerek. Meniň, ine, şu oglanda synym
oturdy. Tüweleme, gepi-sözi jaýba-jaý. Özüni alyp barşy juda edepli, salykatly. Häsiýeti ýumşak. Kalbynda, köňlünde zerre ulumsylyk
ýok. Ýersiz-ýere gülümsiräp oturanok. Öz pikirlerini takyk beýan
edýär, sowallara nagt jogap berýär…». Bekewüliň bu ýaş ýigide bolan alkyşy, tarypy gutarar ýerde hem soňlanmandyr. Oba adamlary
hem birbada bu netijäni degerli hasaplapdyrlar, ýöne öwgüleriň soňy
tükeniksizlige ýazansoň, hyşy-wyşylar artyp ugrapdyr. Sebäbi her bir
zat öz çäginde bolsa ýagşy, «Çäginden ýa-da çäkden çykan islendik
zat, öz aslynyň tersine öwrülýändir» diýen söz bar. Märekede oturan
ýaşulularyň biri ardynjyrap, «netijäniň» arasyny bölüpdir. Bekewüle
ýüzlenip: «Dogrudanam, bu oglanda synyň eglenipdir. Ýöne baha
bereniňde, akyly duýgulardan ýokarda goýmak gerek. Seniň bu
öwgüleriň ol ýigidiň häzirki derejesine berilýän dogry baha bolsa-da,
onuň geljegine basýan böwediňdir. Çünki daragtlary guratmagyň iki
ýoly bar. Birinjisi, olary suwsuz goýmak, ikinjisi, olara gereginden
artyk suw bermeklik. Zehini guratmagyň hem iki ýoly bar. Birinjisi,
olary ünssüz goýmaklyk, gadyryny bilmezlik. Ikinjisi, olara gereginden artyk alkyş aýtmaklyk, taryp etmeklik. Tereziniň iki tarapyny
deňlemeseň, hasap dürs çykýan däldir» diýipdir. Bekewül şondan soň,
ol ýigidiň mynasypdygyna garamazdan, öz öwgüsinde öte geçendigine düşünipdir.
Şeýle ýagdaý biziň her birimizde bolup bilýär. Kimdir birine baha
bermekçi bolanymyzda, öz duýgularymyzy akyldan üstün goýýan
pursatlarymyz ýa-da asyl hakykatyna göz gezdirmän, kimdir biriniň
gepine güp ynanyp, «belli-külli» karara gelýän… we ýalňyşýan pursatlarymyz az däl. Bu bolsa gazançdyr girdejä hem täsirini ýetirýär.
571
Eger-de rysgaldyr berekedimizde göwün gandyryjy gönençlik göze
ilmeýän bolsa, diýmek, bizem käteler nirededir bir ýerde tereziniň bir
tarapyna barmak bilen basyp, agramyny üýtgetmäge synanyşan bolmaly…
***
Käteler eklenç aladalaryna gümra bolup, gazanjymyzyň berekedini artdyrýan ýönekeý zatlary ünsden düşürýäris. Ynama ygrarly bolmak, amanat zady haýal etmän hak eýesine gowşurmak, beren
sözümizi wagtynda bitirmek, tölenýän hak-heşdegi ýeterlik zähmet
bilen ödemek ýaly zatlar hem rysgyň giňemegine, berekediň zyýada bolmagyna ýardam edýär. Ata-babalarymyzyň pähimli pentlerinde «Eger-de işleriň ugrukmasa, ýagşylyk et. Eger-de dünýäň
gysby, göwnüň dar görünse, ýagşylyk et. Bir maksadyň şowly amala
aşmagyny isleseň, öňünden bir ýagşylyk et. Bir dertden aýňalmak
isleseň, ýagşylyk et». Mahlasy, işleriň ugrukmagyny, barha rowaç almagyny isleýän bolsak, hemişe ýagşylyk edibermeli. Bu gadymdan
gelýän ýörelgedir. Berekedi artdyrýan ýene-de bir ähmiýetli zat bar.
Munuň hakykatyny her kim öz durmuşynda hem görüp biler.
Gyşyn-ýazyn argyşa gidip, uzak menzilleri sökýän we giden-gezen ýerlerinden del harytlar getirýän, ady-çawy çar tarapa
ýaýran, tanymal söwdagärleriň biri akyldaryň bosagasyndan ätläpdir.
«Dana baba, rysgalyň ondan dokuz bölegi halal söwdada» diýilýär.
Nirä barsam, gelsem, halal söwda etdim. Öz bähbidimi ileri tutup,
kimdir biriniň hakyny iýjek bolmadym. Bir kesi çürkemek meýli
asla döremedi. Gije-gündiz ýortup, ýadawlygy ýada salman, elimde
baryny etsemem, haryt baryny getirip, horjun-horjun dirhem-dinarlary, gülber-gülber harytlary toplasamam, munuň hiç bir berekedini
duýamok-la. Her gezekki argyşdan ummasyz girdeji galýan ýaly welin,
gelen puluň nämä gidýänine akyl ýetirip bilemok. Şeýle ylgaýşyma,
ezenegim ýerden galaýjak ýaly welin, hiç bir täsiri bildirenok. Hamana, haltalap çöplän gazanjym, halpyk agyzdan dökülýän ýaly, munuň
572
sebäbi nämedekä? Men nirelerde nähili hata goýberýärkäm?» diýip,
arzyny mälim edipdir.
«Rysgalyň ondan dokuz böleginiň söwdada jemlenýändigi rast
aýdylan söz, emma bereket diýip ýene bir zat bar. Gepiň hörpünden
aňlaýşyma görä, sen söwda öte gyzygypsyň. Berekedi üpjün edýän
zatlaryň iň esasylarynyň birini welin, unudana meňzeýäň» diýip, dana
baba dillenipdir. «Näme syry bar bolsa, aýdyň, gurbum-güýjüm ýetdiginden ýerine ýetirerin. Bilip-durub-a hataly joýadan ätlemedim,
belki-de, bilmän goýberýän säwliklerim berekediň gelmegini bökdäp durandyr» diýip, söwdagär hatanyň özünde bolup biljekdigini
ýaňzydypdyr.
«Söwda-satyga gyzygyp, ýurt baryny sökýänsiň. Sen obanyň
toý-märekesine gatnaşmaga, ýakyn garyndaşlaryň bilen hal-ahwal soraşmaga wagt tapýarmyň?» diýip, dana baba oňa sorag
bilen ýüzlenipdir. «Oba-gara hakda aýtsam-a, her kim öz pişesi
bilen gümra. Toý-märekänem mahal-mahal jemläp aýlanyberýän.
Dogan-garyndaşlarym hakda aýtsam, olaryň hem maňa galyp duran
güni ýok, öz başlaryny özleri çaraýar. Menem göwün hoşuna söwda edemok, çagalaryň geljegi diýip, gije ukudan, gündiz dynçdan
galyp, ýollar sökýän. Hemişe-de halal hereket etjek bolýan» diýip,
söwdagär özüniň gündelik durmuş ýagdaýyny gürrüň beripdir. «Sen
gazanç çeşmesi hökmünde söwdany ileri tutupsyň, halal pişä baş
urupsyň. Ýöne garyndaşlaryň bilen gatnaşmagy we köpçüligiň toýuna-märekesine gatylmagy unudypsyň. Islendik zady iň bereketli zada
öwürýän sebäp – garyndaşlyk gatnaşygy hem-de toý-märekelere
wagtynda baryp, il derdine ýarap, hyzmat edip durmakdyr. Her gezek
gelip-gideňde, ýakynlaryň halyndan habar alyp, salama baryp dursaň,
eliňden gelen ýagşylygy edip bilseň, il-günüň toý-tomgusyna, märekesine gatnaşyp, halka bolan hormat-sylagyňy hakykat ýüzünde mälim
edip bilseň, berekediň bahar ýagmyry ýaly guýlup başlajakdygyna
şübhe bolmaz» diýip, dana baba jogap beripdir. Aýtmaklaryna görä,
garyndaşlary bilen gatnaşmaýan we köpçülikden gaça durýan adamyň
573
özünde hem, öýünde hem, tapdym diýýän rysgal-döwletinde hem
bereket bolmaýarmyşyn.
***
Unudylmaýan zatlaryň biri ýagşylyk. Magtymgulynyň «Garyp,
misgin bilen bir ýere gitseň, ýadyndan çykarmaz, ýagşylyk etseň»
diýen setirleri bu durmuş hakykatynyň beýanydyr. Diňe edilen
ýagşylyklar däl, eýsem, aýdylan ýagşy sözleriň özi biziň dünýämizden asla-asla çykmaýar. Hoşamaý sözde tutuş bir ömre ýeterlik täsir bolup bilýär. «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar», «Hoşamaý söz
süňk döwdürer» mazmunyndaky atalar sözleriniňdir nakyllaryň nesillerden-nesillere geçmegi, süýji sözüň köňle ornaýandygy hakdaky
söz-söhbetleriň hiç wagt kiparlamaýandygy hem belki, şonuň üçindir. Ýaşaýyş-durmuş we iş meselesinde, öý-maşgala gatnaşyklarynda
hem ýakymly sözüň bitirýän işini gaýry hiç bir zat bitirmeýär. Muňa
gündelik durmuşymyzyň mysalynda hem, göz ýetire-ýetire gelýäris.
Maşgala durmuşlaryndan, ata-eneler bilen çagalaryň arasyndaky
gatnaşyklardan mysal alyp göräýeli. Käteler gahar-gazaba eýlenip,
sesiňe bat bermegi bir gyrada goýup, demiňi dürsäp, özüňi rastlap,
mylakatlylyk bilen iş alyp barmagyň netijesi juda guwandyryjy ahyryn. Gorkuzyp, mejbur edip işletmek bilen göwnedip işletmegiň arasynda Ýer bilen Gök ýaly tapawut bar. Saýlamak – özümize bagly.
Bir gezek bir gurluşyk firmasynyň hojaýyny zerur gurluşyk harytlary bilen üpjün edilmeýändigi üçin hyzmatdaş kärhana ýüz tutupdyr. Emma olardan ne-hä isleg bildirilen haryt gelipdir, ne-de göwün
gandyryjy jogap. Onsoň hojaýynyň kejebesi darygyp başlapdyr. Ol
kätibine ol edara hat ýazmagy tabşyrypdyr. Hatyň umumy mazmunyny aýdypdyr: «Siziň geleňsizligiňiziň uzak ýyllaryň dowamyndaky
özara gatnaşyklarymyza zyýan ýetirmegi mümkin. Biz özümize zerur
bolan gurluşyk harytlary üçin degerli tölegi mundan birnäçe aý öň
geçiripdik, muňa garamazdan, ol harytlar heniz gelip gowşanok. Şol
sebäpli biziňem işimiz togtamagyň öňüsyrasynda. Eger-de bu hatdan degerli netije çykarmasaňyz, onda biz gurluşyk harytlary bilen
574
üpjün edýän başga bir kärhana ýüz tutmaly bolarys. Gaýdyp siz bilen
hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwreris. Bazar gatnaşyklarynda bolsa,
ygtybarly hyzmatdaşyňy ýitirmek uly ýitgidir...». Şu mazmundaky
haty ýazmagy tabşyrypdyr-da, ol ýüz ugruna çykyp gidipdir.
Biraz wagtdan kätip taýýar edilen haty uzadyp: «Hojaýyn, hut öz
aýdyşyňyz ýaly beýan etdim» diýipdir. Gahar dumany sowlup, özüni
dürsän hojaýyn bu haty okap, ör-gökden gelipdir. «Ýok, ýok, bolmaz.
Beýle haty asla ugradyp bolmaz. Olar biziň köpýyllyk hyzmatdaşymyz
ahyry» diýipdir. Kätip haýran galmakdan ýaňa ör-gökden gelipdir.
Derhal özüni goramagyň aladasyna geçipdir: «Hojaýyn, men diňe
siziň öz aýdanlaryňyzy ýazdym, artyk hiç bir zat goşmadym ahyryn»
diýipdir. Kätibiniň ýagdaýyna düşünen ýolbaşçy: «Bilýän, ýadymda, men ol wagt juda gaharlydym we gaharymy sowaşdyrmalydym.
Maňa gaharymy ýumşadar ýaly bir zat gerekdi. Şonuň üçin hem men
şu haty ýazmagy tabşyrdym. Ýöne, öýkedir gahara ýugrulan sözler
beýleki tarapda hem söýgi döredip durmaz. Biz öz bähbidimizi bilmeli ahyry. Şonuň üçin hem ähli gaharymy özüne siňdiren bu haty zibilli
gutujyga ataly-da, olara şeýle mazmundaky haty ýazaly: «Siz tutuş
sebitde tanalýan kärhana. Siziň bilen işleşmek isleýänleriň sanynyň
barha artýan wagtynda biziň käbir ýüztutmalarymyzyň biraz gijigip gelmegi kabul ederlikli ýagdaý. Siziň täze hyzmatdaşlaryňyzyň
sany artýan hem bolsa, biz siziň bilen köne dostdugymyza, ýyllaryň
synagyndan geçen hyzmatdaşdygymyza örän buýsanýandyrys.
Gatnaşyklarymyzyň mundan bu ýana hem jebis boljakdygyny ýene
bir ýola nygtaýarys. Tüýs ýürekden ynanýarys. Pursatdan peýdalanyp,
gurluşyk harytlarynyň täze tapgyry üçin zerur bolan pul mukdarynyň
kärhanaňyzyň hasabyna geçirilendigini hem ýatladýarys. Size uly
hormat bilen ...».
Birnäçe wagtdan soň garaşylýan ýük gelipdir. Ýüküň ýanynda
şeýle mazmunly ugrukdyryjy hat hem bar eken: «Soňky döwürlerde
bize gelip gowşan hatlaryň arasynda biziň işlerimize dogry baha
berip bilen ýeke-täk hatyň Size degişlidigi bizi örän begendirdi.
575
Siziň ynamyňyz özara gatnaşyklarymyzyň has-da ilerlemegine itergi
berer diýip umyt edýärin. Pursatdan peýdalanyp, biz öz ygtybarly
hyzmatdaşymyza gurluşyk harytlaryny elýeterli bahalardan bermegi
niýet edendigimizi hem ýatlatmak isleýäris...».
Görşüňiz ýaly, gurluşyk firmasynyň ýolbaşçysy gahar eden bolsa, heniz açyk duran gapyny gaýdyp açylmaz ýaly derejede ýapardy. Emma mylakatly gatnaşyklaryň geriminiň giňelmegine badalga
boldy. Hoş söz diňe bir bagly duran gapyny däl, eýsem, onuň ýany
bilen mümkinçilikleriň ýene birnäçesiniň gapysyny açyp berýän eken.
***
«Tekepbiri Taňry söýmez». Diňe Hakyň däl, halkyňam halamaýan häsiýetleri tekepbirlik hem ulumsylykdyr. Özüňe ynamly
garamak bilen badyhowalygyň, çendenaşa göwnüýetijiligiň arasynda
ullakan parh bar. Ony duýmak kyn däl. Baý durmuş tejribesi bolan
ata-babalarymyzyň aýtmaklaryna görä, ulumsylygyň hem iki görnüşi
bar.
Gezen ýerleriňde özüňi hondan bärsi alyp barmak, ylym-bilimde, baýlykdyr başarnykda köp kişiden rüstemdirin öýtmek, beýlekilere göwnüýetmezçilik bilen garamak, sähel ýeri-ýagdaýy gelende,
olary özüňden pes saýmak ýaly häsiýetlere açyk ulumsylyk diýilýär.
Ikinjisi bolsa, ýaşyryn ulumsylyk, ýagny tekepbirlik. Beýle adamlar
il arasynda özüni asuda-parahat alyp barýanam bolsa, içinden beýlekilerden has gowudygyny mazamlap, özüni magtap, ýaşyryn ulumsylyk edýär.
Emma bularyň ikisi hem ýazgarylýan häsiýetler. Aslynda,
durmuşda zehinsiz, başarnyksyz ýaradylýan adam ýok. Islendik adam
haýsydyr bir tarapdan asgyn gelse-de, başga bir tarapdan üstündir.
Diýmek, artykmaç adamyň bolmaýşy ýaly, kem adam hem ýok. Eger
bar bolsa, onda ol kem adam hiç bir tutaryksyz, sebäpsiz özüni artyk saýýan kişidir. Üstesine-de, «Kemsidilen kemal tapar» diýen söz
halkymyzyň arasynda ençeme ýüzýyllyklardan bäri ýörgünli. Beýle
ýagdaýlar barada ata-babalarymyzyň hiç hili düşündiriş talap et576
meýän «Altyn gapylynyň hem agaç gapyla dilegi düşer» diýlen atalar
sözi üns bererliklidir.
Rowaýat edişlerine görä, bir adam tomzagy synlapdyr hem-de
göwnüýetmezçilik bilen: «Bu jandaryň ne owadan keşbi bar, ne
ýakymly ysy bar, aslynda, bu näme üçin ýaradyldyka?» diýenmiş.
Aradan köp wagt geçmänkä, ýaňky adam bir dert tapynyp
nähoşlaýypdyr. Lukmandyr tebipler ony bejermekden asgyn gelipdirler. Däri-dermanlar hiç hili haýyr bermändir. Emma aýdylmadyk zat
barmy näme?! «Hassa sagaljak bolsa, tebibi üstüne gelermiş» diýipdirler ahyryn. Bu hassanyňky hem şeýle bolupdyr. Uzak illerden bu
sebitlere ýoly düşen bir tebipde, ejirlere döz gelip ýatan bu hassanyň
halyndan habar almak islegi döräpdir. Bu tebibiň ylmy aňyrdan eken,
aýdylyşy ýaly, ol örän sowatly bolupdyr. Lukman syrkawyň meňzine
seredeninden, derdini we derdiniň dermanyny aňypmyşyn. Şonuň
üçin hem ol dessine: «Maňa tomzak getiriň» diýip buýrupdyr. Soňra
tebip tomzagy ýakypdyr we onuň külüni hassanyň agyryly ýarasynyň
üstünden sepeläpdir. Köp wagt geçmänkä mübtela hassa derdinden
saplanypdyr.
Diňe şondan soň ol: «Meni şunça wagt kösän bu agyr dert üçin
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.