Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11

Total number of words is 3583
Total number of unique words is 1913
27.6 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
46.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
•Käbir adamlary tanaýaryn, olar özlerine gelişýän egin-eşigi
saýlap alyp bilenoklar. Onuň dostlary we ýakynlary bolsa, bir müşgil
mesele-de ýene şoňa sala salýarlar... juda düşnüksiz... Öz geýjek
köwşüni özi saýlap bilmeýän adamyň özgeleriň ýörejek ýoluny saýlap
bilmegi mümkin däl!
•Ukyp-başarnyklarymyzyň örän köpdügine garamazdan, ownuk-uşak arzuwlar bilen kanagat etmek ynsan üçin iň hatarly zatdyr. Ýerine ýetirmek akylymyza mümkin däl ýaly görünýän beýik
zatlar babatda öňkülerden az-owlak ýa-da şoňa barabar ölçegde yhlas etsek hem köp zat hasyl edip bilerdik, emma pes arzuwlar bilen
kanagat edýäris we durmuş belentliklerine aralaşyp bilmän, pesde
çör-çöpürleriň arasynda gezenimizi eý görýäris.
•Bir özüň ýeňmek, diňe seniň utmagyň beýik üstünlik däldir. Iň uly ýeňiş, iň bähbitli düşewünt «Men gazanýaryn-sen hem
gazanýarsyň» diýen durmuş deňlemesine laýyk gelmelidir!
154
•Garaňky, tutuksy günler uzak bolsa, ýeňişli, ýagty günler hem
edil şonuň ýaly uzakdyr. Haçanda biz şowsuzlyklaryň agyry-ynjysyndan saplanmak üçin başymyzy ýokary galdyrmak islesek, günleriň
ötegçidigini we tiz çalşyp durýandygyny ýadymyzdan çykarmaly däl.
Ýörejek ýollarymyzy syntgylar ýaly, oňa düzedişler girizer ýaly ýeterlik wagt hökman tapylýar. Şowsuzlyklara adyl hem-de sagdyn akyl
bilen jogap bermegiň iň ygtybarly usuly – asuda, arkaýyn pikirlenip,
bir netijä gelmek. Gaharly wagtyň gelnen netijede hakykat ýokdur.
Iň nusgalyk saýlaw – gahar-gazaba berilmän, howlukman, asuda –
arkaýynlyk bilen pikirlenmekdir.
•Arzuwlaryň öňünde duran duzak-gapanlar örän köp. Şol
duzaklaryň biri hem seni işden sowaşdyrýan sebäpler ýa-da wagt sarp
edeniňe degmeýän zatlary has gowy berjaý etjek bolup bar gaýratyňy
harçlamakdyr.
•Özleriniň mal-mülki bilen gomparyp, temegini göge dikýänler,
wagtal-wagtal öz zatlaryny, bilýän zatlaryny, öwrenen we özleşdiren
zatlaryny, ylym-bilimlerini oňa-muňa güjeňleýänler... olar aslynda
özlerindäki ruhy-psihologik bir nogsanlykdan ejir çekýän, kösenýän
adamlardyr. Olar öňe ilerlemek üçin hemişe öz ukyp-başarnyklaryna
ynamsyz garaýan adamlardyr. Munuň üstesine hem ýaşaýyş kanunlaryndan düýbünden gömükdigi, sowatsyzdygydyr. Çünki ähli ylmy,
hakykaty, magryfeti Alladan başga kämil bilýän ýok. Allatagala öz
fazly-keremi bilen ony islän bendesine bagyş edip biler.
•Ajal aglaba halatda garry hasyllary ýygnaýandygyna garamazdan, wagtal-wagtal heniz bişmedik miweleri hem ýolýar. Şonuň üçin
hiç wagt ölüm uzakdadyr öýdüp özüňi aldama!
•Ýaşaýyşda yz galdyrjak bol. Her günüňi, sagadyňy, sekundyňy,
demiňi sanap ötürme, manyly bir iş etmek üçin çalyş.
•Durmuşda ýokary göterilmek we üstünlik gazanmak hiç bir
adam üçin hem bolmajak zat däl (hemmeler üçin hem mümkin). Ýöne
munuň garşylygyny ödemegi her kes boýnuna alanok. Bahasyny
öňünden tölemedik adam ony ele salyp, gazanyp bilmez. Üstünligiň
155
bahasy hiç zatdan arz-şikaýat etmän, hiç wagt zeýrenmän, maňlaý
deriňi döküp işlemekdir.
•Iň töwekgelçilikli, gorkuly, hatarly durmuş içinde hiç hili
gorky-howsala bolmadyk durmuşdyr. Iň uly howp-gorky bolsa hiç
zatdan gorkusyz ýaşalan ömürdir. Iň uly şowsuzlyk – şowsuzlykdan
gorkup, hiç hili hereket etmän durmaklykdyr.
•Kimdir biri bir ýa-da birnäçe kitap okap, özüni filosof, akyldar,
döredijilik adamy hasap etse, ol diňe hyýalbent adamdyr. Kimdir biri
on-on iki sany hadys ýa-da käbir kiçijik süreleri ýat bekläp, bir mesele
dogrusynda pitiwa-höküm çykarsa, ol özbaşyna gümra biridir.
•Haýyr miwesini berjek bir daragty ekmeýän bolsak, ýa-da
hakykatyň tohumlaryny sepelemeýän bolsak, ýa-da bizden soňky nesiller peýdalanar ýaly ylym daragtyny oturtmaýan bolsak, ine, bu iň
ýaramaz durmuşdyr. Adam dünýäden gidenden soň hem ony dowzah
azabyndan gorajak we yzyndan sogap ýollajak zat şolardyr.
•Ynsanyýetiň iň uly betbagtçylygy hakly adamy pisint etmezlik,
äsgermezlik. Öz nogsanlygy, bärden gaýtmasy üçin beýleki adamlardan hasap soramak. Gepi-sözi öz göwnüne jaý bolmasa, olara temmi
bermekden hem gaýtmaýan adamdyr.
•Ýagşy pikirleri ýaýyjy adamlar ýüreklere eltýän ýoly tapmak üçin durmuş derslerinden pugta sapak almaly. Biz diňe ýagşy
ýola çakylykçylar, aýdyjylar, ýetirijiler. Biz kazylar – derňeýjiler,
baha berijiler däl. Biz diňe şuglaly şemi göterijiler, biz hökümleri
ýerine ýetirijiler däl. Biz diňe pikir we düşünje eýeleri, şonuň üçin
ýüreklerimizi, gursaklarymyzy gapma-garşylyklar bilen doldurmalyň
we daraltmalyň.
•Akylly adamlaryň iň uly maksatlarynyň biri – mätäç bolmazlyk.
Gazanyp bilmejek ýa-da elýeteriňden alysda bolan zady isleseň, ol
pikirleri dessine kalbyňdan, ýüregiňden çykar. Şeýtmeseň, gazanmak
islegine – işdämenlik nebsiňe «haý» diýip, ony durzup bilmersiň.
Diňe şeýtmek bilen nebsiň täsirinden aýňalyp bilersiň.
156
•Dem almak durmuşda ýaşamak mümkinçiligini berýär, okamak
ýaşamaga mynasypdygyňy görkezýär.
•Hak ýolda ýöreýändigimize, hakykatyň biziň tarapymyzdadygyna garamazdan, hiç bir adamyň başga birini öz ynanjyna, ýoluna
mejbury girizmäge haky ýokdur. Ýa-da öz pikirlerini, garaýyşlaryny
goldamasalar, olara töhmet atmaklyga, ýanamaklyga haky-hukugy
ýokdur.
•Biz isleýän her bir zadymyzy gazanyp bilmeýäris. Heniz isleýän,
tama edýän zatlarymyz ýene-de köp bolar. Eger-de gözlerimiziň dok,
ruhumyzyň rahat bolmagyny isleýän bolsak, onda Allatagalanyň bize
bagyş eden nygmatlaryna kaýyllyk, kanagatlylyk we razylyk nazary
bilen bakmalydyrys. Şeýle hem bir zady unutmaly däldiris – biziň
elimizde bar zatlar hut şu wagt kimdir biriniň iň elýetmez, aňrybaş
arzuwlary bolup durýandyr.
AŞRAF ŞAHIN
DURMUŞ MEÝDANYNYŇ GERÇEKLERI
ÝAZYJY BILEN TANYŞLYK
Häzirki zaman arap dünýäsinde tanymal ýazyjylaryň we ussat
psihologlaryň biri hökmünde tanalýan Aşraf Şahiniň aglaba eserleri şahsyýeti terbiýelemek, olary döwrebap sagdyn düşünjeler bilen
kemala getirmek we terbiýäniň köptaraplylygyny göz öňünde tutmak
hakyndadyr. Her bir şahsa täsir etmek üçin mümkin bolan ähli ýagşy
usullary ulanmalydygyny, munuň üçin ylym-bilimiň ählisiniň hem juda
zerurdygyny öňe sürýän alym ýazýan eserlerine öz garaýyşlaryny,
pikirlerini siňdiripdir. Ol arap dünýäsinde giňden tomaşa edilýän köpsanly telegepleşiklerde, hususan-da «Durmuşyňy täzele», «Ýürekleriň
söhbeti», «Durmuşyň genji-hazynasy», «Merhemet mejlisi», «Ertiriň
hyýaly» ýaly tomaşaçylary özüne kökeren telegepleşiklerde bu ugra
dahylly süýji we çuňňur manyly gürrüňler bilen yzygiderli çykyş
edýär. Onuň şol gepleşikler we okyjylar bilen gurnalan duşuşyklar
esasynda ýazan ençeme kitaby neşir edildi. Ol «Ýüregiň dogluşy»,
«Seniň süýji durmuşyň», «Säwliklerden şeýdip saplanylýar», «Maksat
şeýle kesgitlenilýär», «Mynasyp ýanýoldaş bolmak üçin 101 pikir»,
158
«Özüňi öwren, soňra hereket et» ýaly birnäçe kitaplaryň awtorydyr. Ol terbiýeçilik, jemgyýetçilik we psihologiýa meseleleri boýunça
maslahatçy hökmünde ýörite gurnaklarda we internet saýtlarynda iş
alyp barýar. Ýaşlara öz geljeklerini kesgitlemegiň ähmiýetini, şeýle
hem ýollaryny, usullaryny öwredýär. Ýörite leksiýalar bilen çykyş
edýär. Doktor Aşraf Şahiniň «Durmuş meýdanynyň gerçekleri» atly
eseri dünýäniň birnäçe dillerine terjime edildi. Bu kitapda özüňe akyl
ýetirmegiň, öz mümkinçilikleriňi peýdalanyp bilmegiň we durmuş
meýdanynda aýgytly gadam urmagyň ýollary öwredilýär. Aýdylýan
pikirler we mysallar durmuş wakalary bilen berkidilip, beýan edilýär.
DURMUŞ MEÝDANYNYŇ GERÇEKLERI
Bu kitap durmuş meýdanynda dogumly hereket etmäge ukyply
her bir okyja niýetlenen. Biziň her birimiz durmuş meýdanynyň gaýratly gerçegine, batyrgaý perzendine öwrülmek üçin ynamsyzlygyň gazygyna örklenen «dagy gobsundyrjak» gaýratlarymyzy duşagyndan
çözmäge we öňe ynamly ilerletmäge mynasypdyrys.
Bu kitabyň her bir okyjysyny gutlamak bilen birlikde, şeýle
eseri ýazmaga gaýrat tapanym üçin özümi hem gözden salamok.
Sebäbi bu setirleriň, pikirleriň içine çümen mahalym özümi hem
durmuşyň bir gerçegi hökmünde görmegi başardym – bu gutlanylmaga mynasyp ýagdaý. Üstesine, şeýle gutlagy bu kitaby eline
alyp, okap başlan her bir okyja hem aýdýaryn. Çünki okalan setirlerden soňra ýürek çuňluklarynda peýda bolan bir ses ýa-da
pyşyrdy (hatda onuň birbada pessaý ýaňlanýandygyna garamazdan)
siziň hem durmuşyň gerçegine öwrülmäge ukyp-gaýratyňyzyň bardygyny buşladygydyr. Özümi we sizi gutlamak bilen çäklenmän,
ýürek jümmüşinden barha ýokary göterilýän we siziň ynamyňyza
öwrülip barýan şol pyşyrdynyň, şol sesiň, şol sözüň çyn sözdügini size buşlasym gelýär. Ol sesde hiç bir galatlyk ýokdur. Ol
ýüregiň hak sözüdir, çyn sözüdir. Her birimiz durmuş meýdanynda
aýgytly ädimleri ätmäge, gaýratly, dogumly hereketleri etmäge,
şeýdibem arzyly maksatlarymyza ýetmäge mynasypdyrys. Biziň
her birimiziň durmuş meýdanynda görelde görkezmäge, hemmelere
nusgalyk bolmaga mümkinçiligimiz bar. Eger-de durmuşyň özüne
dil bitsedi, ol özünde şeýle perzentleriň bardygy bilen buýsanardy.
160
Durmuş siz bilen buýsanardy. Bagtyň özi size guwanardy. Walla,
ynanaýyň, şu sözümde hiç bir çişirme ýa-da ulaltma ýok, biziň her
birimiz boýumyzyň, ýaşymyzyň, reňkimiziň, dilimiziň, dinimiziň,
milletimiziň we ýenegörleriň parh edýändigine garamazdan, durmuş
meýdanynyň dogumly gerçegi bolmagy başaryp bilýäris. Birje şertitalaby - muňa düşünmegimiz, ynanmagymyz, şol derejelere ýetmek,
mertebe münberlerine çykmak üçin yhlasly zähmet çekmegimiz,
gaýrat etmegimiz gerek. Üstesine, gaýratymyzy tijemek üçin göterip
bolmajak ýüküň ýokdugyna, bu ýollarda janlyja hereket etmegiň
juda bir kyn zat däldigine hem göz ýetirersiňiz. Şeýdibem, birekbirege arkadaýanç bolup, arzyly sepgitlere tiz ýetmegi başararys.
Her bir işiň hötdesinden geleris.
Eziz okyjylar!
Eliňizdäki bu kitap «Durmuş meýdanynyň gerçekleri» ady
bilen ýazylan köpsanly kitaplar toplumynyň bir bölümi. Bu ýerde
aýdylan zatlar, ýazylan sözler gazyga örklenen gaýratymyzy örkünden boşatmaga, irkilip galan we beýik işleriň hatyrasyna oýarylmaly ukyp-başarnyklarymyzy herekete getirmäge hem-de durmuşyň
dogumly, edenli perzendine öwrülmäge ýardam berer.
***
Meniň garaýşyma görä…
Meniň garaýşyma görä, gaýratly gerçekler ähli ýerde ynamly hereket edýär, dogumly we batyrgaý gadam urýar, her bir işe töwekgellik bilen girişýär we guwandyrýan netije bilen alyp çykýar, işinde ýa
okuwynda tutanýerli hem-de erjel bolýar, edep-terbiýesinde dogumly, aň-düşünjesinde medeniýetli, gylyk-häsiýetinde salykatly bolýar.
Özara adamkärçilik gatnaşyklarynda mähir-mylakatly, tagat-ybadatynda yhlasly we sabyr-takatly, ykbalyň ynanan wezipelerini bitirmekde
ynamly we gaýratly bolýar.
***
* 11. Sargyt № 975
161
Meniň garaýşyma görä, gaýratly gerçekler özlerini alyp barşy
bilen hemmelere nusgalyk bolýar, her bir haýyrly işde görelde görkezýär, asylly hereketleri we başarnyklary bilen köplerden tapawutlanmagy başarýar. Beýleki adamlar olaryň özlerini alyp baryşlaryna
we berjaý edýän beýik işlerine haýran galyjylyk bilen seredýär. Dillerinde bolsa «Aperin» hem-de alkyş sözleri ýaňlanýar.
***
Meniň garaýşyma görä, gaýratly gerçekler hemişe we hemmelere
güler ýüzli, hemme ýagdaýda tutanaýerli, her bir işde janypkeş bolýar.
Olar güýç-gaýratly, ruhubelent we yhlasly bolýar. Hemişe beýik işlere
ymtylýarlar. Il-güne sylag-muhabbetlidir, olaryň ýüreginde ýigrenjiň
zerre ýokundysy ýokdur. Hemişe mähir-mylakatlydyr, ýüreklerinde
hiç kime kine-kitüw ýokdur. Hemişe geçirimlidir, kimdir birinden öç
almak duýgusy ýokdur. Diňe özleri bagtyýar bolmak bilen çäklenmeýär, olar beýlekiler üçin hem bagtyýarlygyň, güýç-gaýratyň we
ylhamyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.
***
Meniň garaýşyma görä, gaýratly gerçekler her bir iş-amalyna
erjellik we janaýamazlyk bilen çemeleşýär. Il arasynda hemişe işjanly
we güler ýüzli gezýär. Dileg-dogasynda yhlasly we özüni pespäl alyp
barýar. Mahlasy, gaýratly gerçekler durmuşyň ähli meýdanynda, ähli
pursatynda gaýratyny aýamaýar. Olar ähli ýerde köňülleriň tümlügini
syryp aýyrýan şamçyrag şuglasy bolup hereket edýär.
***
Men durmuşyň gaýratly gerçeklerini hut şeýle göz öňüne getirýärin we siziň hem şol derejelere ýetmäge mynasypdygyňyza,
başarýandygyňyza doly ynam edýärin.
Durmuşyň gaýratly gerçekleri bolmaga wagt ýetdi.
***
162
GERÇEKLIK ÝOLUNDA AMAL EDIP
BOLJAK PIKIRLER
Kim bolasyň geler?
Gysgadan anyk we çuňňur manyly şu sowaly saňa-da, özüme-de
beresim gelýär: «Eger-de şu durmuşy täzeden ýaşap bilýän bolsak,
onda kim bolup ýaşamagy saýlardyňyz?». Taryhda bar bolan ýa-da
tanyşlaryňyzdan haýsy şahsyýetiň ykbalyny saýlap tutardyňyz? Siziň
saýlan adamyňyz kim? Näme üçin hut şony saýladyňyz? Onuň haýsy
häsiýetlerini, nähili gylyklaryny eý görýärsiňiz?
Ýadyňda saklanan şahsyýetlerden birini saýlanyňdan soň, onuň
göwnüňe eý görnen häsiýetlerini, aýratynlyklaryny ýatla. Göz öňüne
getirdiňmi? Pikiriňi jemlediň dälmi? Gel, onda ikimiz bilelikde goşgy
setirlerinden süzülip alnan aşaky jümleleri üns bilen okaly:
«Eger-de käbir adamlar göwnüňe ýaran bolsa, sen hem şolaryňky
ýaly häsiýetlere büren. Şonda şeýle abraý sende hem bolar. Diňe
haýran galmak ýa-da halamak bilen çäklenseň, beýikleriň hatarynda
ornuň bolmaz».
Hak aýdylan söz, makul jümle. Käbir adamlar ýa-da olaryň
käbir häsiýetleri babatda diňe täsire gaplanyp otursak, halamak bilen
kanagat etsek, şol häsiýetleri özümizde terbiýelemäge, bürenmäge
yhlas-tagalla etmezlik asla kabul ederlikli däldir. Beýik mertebelere,
abraýly derejelere ýetmek üçin olary köre-körlük bilen gaýtalamak
gerek däl. Ýa-da özümizde heniz ýokdugy, özgelerde bardygy üçin
gyýylyp-gynanyp, kine-kitüwe çümmekligem bimany. Özümize erk
etmegi öwrensek, özümize diýen etdirip bilsek, tijensek, şol ýagşy gylyk-häsiýetleri, ajaýyp keşpleri özleşdirip bileris. Gylyk-häsiýetleriň
zerbap lybasyna bürenmegi başararys. Käbirmiziň eý görýän adamlarymyzdaky ýaly häsiýetleri doly özleşdirip, ählisini gaýtalap bilmezligimiz mümkin. Belki-de, şol şahsyýetiň hut özi ýaly bolmagy
başarmarys. Muňa garamazdan, biziň her birimiz häsiýetlerini eý
görýän birnäçe ýagşy adamlarymyzy saýlap bileris. Olaryň hersinden
bir gowy häsiýeti öwrensegem, özgelere abraý-mertebe gazandyran
163
köpsanly häsiýetleri özümizde kemala getirip bileris. Şeýdibem, başga
bir adam bolmagy başarmarys, emma özümiz bolup galarys bu bolsa,
iň uly utuşlaryň biri hasaplanýar. Özümizi iň ajaýyp häsiýetler bilen
bezemegiň hötdesinden geleris. Şu hakykaty hemişe peýdalanmagy
başaralyň – ýagşy gylyk-häsiýetlere beslenmek üçin hiç bir zat bize
päsgel berýän däldir. Has gowy adam bolmak üçin hiç bir zat biziň
öňümizi bökdeýän däldir. Eger, nämedir bir zat bize päsgel berýän
ýaly görünýänem bolsa, ynanaýyň, bu diňe bahanadyr.
Gel, ýene bir ýola gaýtadan göz gezdireli:
1. Özüňden başga kim bolmagy arzuw edersiň?
2. Ol şahsyň nähili ajaýyp häsiýetleri bar?
3. Seniň göwnüňden turýan 5 sany has gowy adamlar kimler?
4. Seniň garaýşyňa görä, olaryň haýsy häsiýetleri seniň ünsüňi
çekdi?
5. Indi bolsa, sen şolaryň şonça ýagşy häsiýetleriniň içinden birini ýa-da iki sanysyny saýla we hut şu günden, şu pursatdan başlap,
özüňi şol häsiýete laýyk alyp barmaga çalyş. Şol häsiýetleri ymykly
özleşdireniňden soňra, beýleki gowy görýän häsiýetleriňe geçmegiňi
dowam et. Seniň ädim-ädim ymtylyşyň kämillige eltýän ymykly
güýje öwrüler.
***
JESSIKANYŇ GÜNI
Ynsany käteler düşnüksiz tukatlyk gurşap alýar. Hemme zat ýerbe-ýer ýaly görünse-de, nämedir bir zadyň ünjüsi ýürege ynjy berýär
durýar. Şeýle ýagdaý köplenç indiki arzuwlarymyza, etsem-goýsamlarymyza ynamsyzlyk bilen çemeleşen halatymyzda ýa-da geljegimiz
üçin göwün gandyrjak bir zady ýüregimize düwmedik halatymyzda
peýda bolýar. Ýa-da hökman ýerine ýetirmeli işlerimizi etmeýän wagtymyzda hem ýüze çykyp bilýär. Geljegimiziň arzuw-maksatlaryny
nähili saýlamaly?
***
165
Jessika ýigrimi ýaşlaryndaky gözel gyz. Ol bir gün geçen günleri,
durmuşy hakda çuňňur oý-hyýallara çümdi. Şol wagta çenli serinde
öwrüm eden, ýüreginde orun alan, ýöne arman bilen soňa goýlan ýa-da
bir sebäp bilen unudylan, garaz, amala aşmadyk arzuwlarynyň uzyn
sanawyny düzmäge başlady. Soňra olary ýadyna düşüşi ýaly tertibine
göräräk kagyza ýazmaga oturdy. Jessikanyň hasyl bolmadyk ululy-kiçili arzuwlarynyň sany 30-a ýetdi. Olaryň arasynda öwrenmegi
ýüregine düwen, ýöne öwrenip bilmedik, bir işi bitirmäge ilgezik bolan, ýöne doly hötde gelmedik ýaly ownukly-irili ençeme arzuwlary,
etsem-goýsamlary bardy. Hatda ol ulagynyň ýagyny çalyşdyrmagy
hem ýüregine düwüpdir, ýöne hiç-hili ugruna çykmandyr. Jessika
ömrüniň paşmadyk arzuwlarynyň sanawyny ýerli gazetleriň birine
iberdi. Gazetde ýalpyldap duran makalasyny gören Jessika bu arzuwlaryny täze ruh we hyjuw bilen amala aşyrmaga girişdi. Jessikanyň
bu hörpi örän köp adamlary hem ruhlandyrdy. Onuň uslybyndan ugur
alan adamlar öz ömürlerindäki hasyl bolmadyk arzuw-maksatlaryny
kagyza ýazmaga, sanawa düzmäge başladylar. Amala aşmadyk arzuwlaryny gazete berdiler, birek-birek bilen paýlaşdylar. Soňra bolsa
olary hasyl etmäge girişdiler.
***
Indi, özümize dolanyp geleliň. Biz hem edil şol adamlar ýaly
hereket etsek, nähili görersiň? Şu wagta çenli ýüregimizde orun almagy, yz goýmagy başaran, ýöne amala aşmadyk arzuwlarymyzyň
sanawyny düzmegi neneňsi görýärsiň? Haçandyr bir wagt ýürekden
islän, emma paşmadyk arzuw-hyýallarymyz bardyr. Ol arzuw uly
bolsun, kiçeňsi-kindiwan bolsun, aýratyn hormat goýýan bir adam
bilen tanyşmak islegi bolsun, belki-de öwrenmek islän bir zadymyzdyr, ýa-da özleşdirmek islän bir kärimizdir, hünärimizdir, ýa-da berjaý etmek islän bir işimiz bolup biler, hemmesini bir sydyrgyn tertibe
düzsek, indiki ädimlerimiz üçin örän ähmiýetli boljakdygy ikuçsuz.
Käbir adamlar paşmadyk arzuwlary ymykly unudyň diýýändir, emma
men şolaryň içinden hasyl edip boljaklarynyň heniz bardygyny ýat166
ladasym gelýär. Belki, ol arzuwlar öz wagtyna çenli - şu güne çenli
garaşandyrlar.
***
Gel, onda, galam-kagyz alaly-da, şol arzuwlarymyzyň sanawyny
düzmäge girişeli. Biz bu sanawy ol arzuwlarymyza ahmyrly bakmak
üçin däl-de, hasyl bolmak mümkinçiligi bar bolan arzuwlarymyzy
amala aşyrmak üçin, şolaryň ugrunda ýeterlik yhlas-tagalla etmegimiz
üçin düzýäris. Eger hasyl bolmak mümkinçiligi ýok bolsa, onda
şeýle arzuwlarymyzy bökdän şowsuzlyklaryň sebäbine düşünmegi
başararys.
***
Hereket et!
1. Ýürekden islän, ýöne hasyl bolmadyk arzuwlaryň sanawyny
düz.
2. Ol arzuwlary «hasyl etmek mümkin» we «indi giç (ýa-da «indi
mümkin däl)» diýen toparlara bölüşdir.
3. Arzuwlaryň amala aşmagyny bökdän päsgelçilikleriň nämedigini kesgitle.
4. Şolaryň içinden ýakyn wagtda hasyl edip boljak bir ýa-da iki
sany arzuwyňy saýlap al we şolaryň ugrunda hereket etmäge giriş.
Ynamyňy bire bagla we yhlasyňy aýama! Pikirleriň dagynyk bolmasyn, hatyrjem bol. Bir-ikisini hasyl edeniňden soňra, ömrüňe, ykbalyňa
ähmiýeti bar bolan beýleki arzuwlaryňa hötde gelmegiň ugruna çyk.
Sen hökman başararsyň. Arzuwlaryňa berleniňde bir şerti-talaby hergiz ýadyňdan çykarma - arzuwlaryň ählisi arassa we halal arzuwlar
bolsun.
Ikirjiňlenme, dessine başla!
***
GEL, ŞEÝLE BOLALY!
Bir gezek Jorj Bernard Şoudan «Ömrüňi tazeden ýaşap bolýan
bolsa, kim bolup ýaşamagy saýlardyňyz?» diýip sorapdyrlar. Ol biraz
167
säginipdir-de, köpleri haýran eden şeýle täsin jogaby beripdir: «Jorj
Bernard Şou bolup ýaşamaga ýagdaýy bolan, ýöne hiç wagt bolup
bilmedik adamyň ömrüni saýlardym».
Men ussadyň bu jogabyny örän ajaýyp we jaýdar hasap edýärin.
Şol bir wagtda bu jogabyň içinde gamgynlyk we tukatlyk hem
duýulýar. Jogabyň täsinliginiň we ajaýyplygynyň syry onuň hakykylygynda we başgalara meňzemeýänliginde. Gamgynlygynyň
syry bolsa onuň bolmak isleýän zadynyň hakykatynda jemlenýär.
Adamzat taryhynda özi bolmagy başaran ynsanlar, ýagny bolmak
isleýän ýagdaýynda, ýetmek isleýän derejesinde gezenler juda azdyr.
Göz öňünde tutan maksadyna ýetmek üçin özüniň ähli güýç-gaýratyny, ähli ukyp-başarnyklaryny doly peýdalanmagy başaran ynsanlar
sähelçedir. Ýürek gyýyjy bu hakykat başga bir zady ýadymyza salýar
– özümizi tijäp biljekdigimizi buşlaýar. Bu ugurda ýörite geçirilen
ylmy barlaglara, seljermelere görä, ynsan öz mümkinçiliginiň,
ukyp-başarnygynyň we takat-güýjüniň sadaja 10 %-ini peýdalanýar.
Galanlarynyň hözirini görmek, ulanmak, herekete girizmek miýesser
etmeýär. Ine, şu özümize dahylly ajy hakykat. Sebäbi ulanylman galan
şol takatlar (energiýalar), ukyp-başarnyklar durmuş basgançagynyň iň
aşaky gatlarynda saklanmagymyza, ýönekeý we ýöntem zatlar bilen
eglenmegimize getirýär. Ýogsam, şol basgançagyň depesine çykmaga
doly mümkinçiligimiz, ukyp-gaýratymyz, takatymyz, ýagdaýymyz
ýeterlik derejede bar. Bu hakykata düşünmekligiň özi buşluk habary
ýalydyr, sebäbi biziň şu wagta çenli nähili ulanmalydygyny bilmesegem, geljekde olary ulanyp biljekdigimizi ýadymyza salýar. Has guwançly geljege umydymyzy artdyrýar. Biziň aglabamyz şu wagt öz
ukyplarymyzyň ujypsyzja miweleri bilen oňňut edip otyrys, ýöne bizde has uly işleri amala aşyrmaga gaýrat hem, ukyp-başarnyk hem,
mümkinçilik hem bar.
***
Indi bolsa, häzirki wagtda mümkinçiligimiz bolan, ýöne häli-häzire çenli şol bolup bilmedik adamlarymyzyň aýratynlyklaryny,
168
häsiýetlerini göz öňüne getireliň, hyýalymyzda janlandyralyň. Işewür
adamlaryň ýa-da zenanlaryň, maksada okgunly oglanlaryň ýa-da
gyzlaryň özboluşlyklary, aýratynlyklary nämeden ybarat? Gel, elimize
galam-kagyz alyp, şol derejelere ýetmek üçin nähili häsiýetleriň gerekdigini bir başyndan ýazgy edeli, belläp alaly. Bu ýagdaý biziň öz
mümkinçiliklerimize we ukyp-başarnyklarymyza çuňňur göz ýetirmegimize şert döreder. Üstesine, şolar ýaly ajaýyp şahs bolmagyň
biz üçin hem mümkin zatdygyna, elýeterdigine düşüneris. Munuň ýany
bilen bizi tukatlyga iterýän, zol-zol gaýtalaýan bir sözümizi gaýdyp
dilimize almajakdygymyza hem äht edeliň. Robert Brawninjiň aýtmagyna görä: «Dilimiz bilen aýdýan ýa-da galamymyz bilen ýazýan
sözlerimiziň arasynda iň gamgyn ýaňlanýan söz: «Men şeýle bolup
bilýärdim…», «Şeýle bolmaga mümkinçilik bardy...», «Hasyl etmäge
ýagdaýym bardy…» diýen sözlerdir…» diýip ýazýar.
***
Şu günden we hut şu pursatdan başlap, mümkinçiligimizi doly
peýdalanyp, ýetip biljek derejämizden hem has ajaýyp, has gözel,
has özüne çekiji bolmak üçin jan edeliň. Günleriň birinde «Wah, şol
wagt ýeterlik tijenen bolsam, men pylan hili bolup bilýärdim, ýöne
bolmadym..» diýen sözüň dilimizde gaýtalanmazlygy üçin şu wagt
özümize hormat goýmagymyz - ukyp-başarnyklarymyzy herekete getirmegimiz hökmandyr.
Hereket et!
1. Munuň üçin ilki şu zatlary aýdyňla: Bolmak isleýän, ýöne bolup bilmedik şahsyňyzyň aýratynlyklary we ýerine ýetirýän işleri, sarp
edýän gaýraty, iş ýörediş usullary nämelerden ybarat?
2. Şol aýratynlyklaryň we sypat-häsiýetleriň iki sany esasysyny,
has ähmiýetli göreniňi belläp al. Şeýle adamlaryň ýerine ýetirýän iş
usullaryndan birini ýa-da ikisini belle. Öz ukyp-başarnyklaryňy gözden geçir, şu wagtky endik eden ýol-ýörelgäňden, iş-amalyňdan daşary
ýene nämeler edip biljekdigiňi kesgitle. Soňra bimany gaýry zatlara
169
wagt ýitirme-de, dessine hereket etmäge giriş. Özüňi şol häsiýetlere
laýyk alyp bar. Çünki sen şol derejelere ýetmäge mynasypsyň we muny
başararsyň!
***
POÇTA MARKASY
Häzirki zaman maglumatlar dünýäsinde elektron poçtalar arkaly habarlaşmagyň ýa-da hat-habar, maglumat ugratmagyň giňden
ýaýrandygy üçin köp adamlar indi poçta markasyny ulanmaýarlar. Muňa garamazdan, biziň ählimiz diýen ýaly poçta markasynyň
keşbini, görnüşini, häsiýetini anyk bilýäris. Adaty hat bukjalarynyň
ýüzüne ýelmenilýän dürli görnüşli poçta markalarynyň esasy
aýratynlyklarynyň biri hem bukja bir ýelmenenden soň, tä barmaly
salgysyna gowuşýança, menziline, maksadyna ýetýänçä, bukjanyň
ýüzünden aýrylmaýandygy. Şoňa mäkäm ýapyşýandygy. Hatda salgysyna baranyndan soň hem ony şol ýerden goparyp aýyrmak hyllalla.
Bu sözüň-kelamyň, bu mysalyň biziň bu günki söhbedimiz bilen
näme dahyly bar diýip soramagyň mümkin. Gaýa-gopuz ýok ýerinden,
bir mysal orta atylsa we gepiň hörpüniň nämä syrygýandygy heniz
mälim bolmasa, şeýle sowalyň aňymyzda peýda bolmagy tebigy ýagdaý. Garma-gürme sowallar aňymyzy doly eýelemänkä, men muny
düşündirmäge we düşünksizligi aradan aýyrmaga synanyşaýyn. Men
saňa durmuş meýdanynda uly üstünliklere ýeten, işi ugruna bolan bir
işewür adamyň aýdan nesihatyny ýetireýin: «Hemişe poçta markasy
ýaly bol, bir zada ýapyşdyňmy, tä maksadyňa ýetýänçäň ondan aýrylma». Bu şahs bize ýerine ýetirýän işimizi, başyna baran amallarymyzy doly bitirýänçäk, öňde goýan maksatlarymyza, arzuwly sepgitlerimize ymykly ýetýänçäk, ol işlerimizden we maksatlarymyzdan
birjikde sowaşmaly däldigimizi maslahat berýär. Ol halypa ugur alan
we ýöräp barýan dogry ýolumyzy başyndan soňuna çenli geçmegimizi
isleýär. Pikirlerimizi bölýän, ünsümizi dagynyk edýän, güýjümizi
170
syndyrýan, gaýratymyzy egisýän sebäplere ýan bermeli däldigimizi,
ýaltalyk we işýakmazlyk zerarly ýabygorly ýöreýişe düşmeli däldigimizi sargaýar. Ýoldan alyp galýan ownuk-iri bahanalara duwlanman, hemişe maksada okgunlylyk bilen öňe ilerlemegimizi ündeýär.
Ýoly ýarpylanymyzdan soňra, bir nokatda durmagyň bolmaýandygyny, ýalňyşdygy görnetin bildirip durmasa, bir saýlan ýolumyzdan
çykmaly däldigini salgy berýär.
Ýadymyza salaly, başyna baranymyzdan soňra, terk eden näçe
ýollarymyz bar, biz ol ýollara ahyryna çenli eýerip bilmedik. Birbada
yhlaslylyk bilen ymtylan, soňra ýoluň ortasyna ýetenimizde ýük ýazdyryp, ondan aňry ätmäge aýagymyz ysmadyk näçe maksatlarymyz
bar, biz olary hasyl edip bilmedik. Gel, ýüregimizi bire baglaly, bellikülli bir karara geleli we mundan bu ýana hemişe «poçta markasy»
ýaly bolaly. Başladykmy, bitireli, soňuna çenli alyp çykaly. Bu ýollarda ynamly we yhlasly, yzygiderli hereket etmek üçin peýdasy degjek
käbir zatlara göz gezdirmegimiz göwnejaý bolardy.
* Ilki bilen öňümizdäki ýakyn wagtyň içinde amala aşyrmak
isleýän maksatlaryňy kesgitle.
* Onuň taslamasyny, meýilnamasyny düz. Haýsy amaly haçan,
nirede we nähili usulda hasyl edesiň gelýändigini hyýalyňda saldarla.
* Ahyrky netijesine gowuşýançaň, şol maksadyňa poçta markasy
ýaly ýapyşmagy ýüregiňe düw.
Haýyşym, orta ýoldan yzyňa dönme!
Dowam et, ýaltanma we ýaýdanma!
Gaçgalaklyk etme we argynlyga özüňi eýeletme - heniz birini
bitirmedik bolsaň, maksatlaryňy gaýta-gaýta çalşyryp durma.
Ýapyş, maksatlaryňa poçta markasy ýaly bolup ýapyş!
***
BITIRMESEŇ, YNJALMARSYŇ
Şeýle bir ýörgünli düşünje bar: «Hiç wagt hiç zady bitirmek
islemeýän bolsaň, onda hiç wagt ynjalyga hem gowuşmarsyň».
171
Maksatlaryňy hasyl etmäge sowuk-sala çemeleşýän bolsaň, ýokarky sözler hut saňa degişli jümle ekeni – ne-hä iş bitirersiň, ne-de
ynjalarsyň.
Bir pähimi ýadyňa salaýyn. Çykgynsyzlykdan zeýrenýän adamlara maslahat berenlerinde «Ölümden başga zadyň dermany bar, gabyrdan başga zadyň çykalgasy bar» diýilýändir. Işi bitirmekligiň,
hötde gelmekligiň hem ýoly-usuly bar we üstesine ol hiç ýerden tapylmaýan altyn açarjygam däl. Sen dünýä deňizlerinden tapmajak tylla
balygyňy öz dünýäňden, köňül we pikir ummanyndan tapyp bilersiň.
Onuň esasy syry – ünsüňi jemläp bilmek, gönügip bilmek. «Kimiň
ünsi gowşak bolsa, ol hiç wagt hiç zadyň hötdesinden gelmez we hiç
mahal özüni rahat duýmaz». Üns ber, «güýji gowşak bolsa» diýýän
däldir, «ünsi gowşak bolsa» diýýändir.
«Bitertiplik içinde ýaşasaň,
Garma-garjaşyk pikirlere hemra bolsaň,
Hiç wagt ünsüňi jemläp bilmersiň.
Ýene saňa şu hakykaty aýdaýyn:
Hiç wagt hiç zada hötde gelmersiň,
Hiç wagt gönenmersiň hem ynjalmarsyň».
Eziz okyjylar, öňde goýan maksatlarymyz babatda görnükli
netijeleri gazanmak isleýän bolsak, şeýle-de sapaly köňül rahatlygyna
ýetmek meýlimiz bar bolsa, onda edýän işlerimize ünsümizi jemlemegi başarmaly. Sarç bedew deýin çar tarapa syçraýan pikirlerimizi
jylawlamaly we olary maksatlarymyzyň üstünlikli hasyl bolmagyna
gönükdirmeli. Köpsanly akyldar-danalar we dünýä durmuşyna akyl
ýetiren pelsepeçiler hut şuny ündäp, damak ýyrtdylar diýsem, sowa
düşdügim däl. Olaryň has köp gaýtalan we özleriniň hem uly ähmiýet beren sözleriniň biri: «Adamlar, üns beriň!». Belki-de, köpräk
gaýtalanýandygy üçin bu sözlere degerli garaýanam däldiris. Ýöne
üns bermegiň ähmiýeti we bermezligiň hatarly taraplary öňden bäri
mälim. Biz şu wagt öten akyldarlardan eşidilýän şol ýaňy gaýtalap,
şoňa pyşyrdap otyrys: «Adamlar, üns beriň!». Edýän işleriňe üns
ber… hiç bir zadyň seniň ünsüňi dagatmagyna ýol berme... işe berlen
172
mahalyň, işe çümen wagtyň, el telefonuňy uzakda goý ýa-da öçür...
hiç kimiň seniň döredijilikli we yhlasly dünýäňe aralaşmagyna göz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.