Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25

Total number of words is 3844
Total number of unique words is 2040
32.5 of words are in the 2000 most common words
46.0 of words are in the 5000 most common words
53.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
barlap görmegi sorapdyr. Gyzy ajaýyp tagamly kofäni başyna çekipdir. «Men bularyň ählisinem dadyp gördüm, ýöne bulary synamak
378
bilen meniň meselämiň näme dahyly bar?» diýip, gyzy dillenipdir.
Kakasy gyzynyň başyny sypalap: «Gyzym, käşir, ýumurtga we kofe
üçüsi şol bir garşylygy gördi. Şol bir gyzgynlykdaky gaýnag suwda
deň mukdarda saklandylar. Ýöne olaryň hersi bir-birinden tapawutly
ýagdaýa geçdiler, özgerdiler. Görmeýärmiň, käşir ilkibada berk, ter
we güýçlüdi, ýöne az-kem suwda gaýnany bilen, myssaryp galdy,
ejizledi. Ýumurtganyň daşky gabygy içindäki suwuklygy şol durşuna
saklaýardy, ýöne şol suwuklyk gaýnag suwuň gyzgynlygyna uçranda,
suwuklygyny ýitirip, gatap galdy. Kofe dänelerine seret, ol öz tagamyny birjik-de ýitirmedi, gaýta suwuň öz reňkini we tagamyny üýtgetmegi başardy. Hany, sen aýt, eýsem-de sen daşyndan ter we sagdyn görünýän, ýöne sähel gyzgynlyga, dartgynlylyga, kynçylyga döz
gelmän, dessine myssarýan, güýjüni, erkini giderýän käşirmi? Ýa-da
sen ýumşak göwünli, ak ýürekli.., ýöne müşgillikler gabat gelende
gataýan we berkeýän, gatap galýan ýumurtgamy? Edil ýumurtganyň
daşky gabygyny-daşky keşbini üýtgetmeýşi ýaly, daşyňdan göräýmäge
allanäme bolsaňam, suw ýaly ýüregiň gatap galýan ýumurtgamy?
Ýa-da sen yhlasy, zandy-tebigaty bilen suwuň özüni özgerdýän kofe
dänelerimiň? Görmeýärmiň, ol suwuň özüne hem reňk, hem tagam
berdi» diýipdir. Eger sen kofe däneleri ýaly bolsaň, duş gelýän her
bir ýagdaýy we töweregiňdäki ýagdaýlary hem has gowulyga tarap
özgertmäge ukyply bolarsyň. Oýlan, gyzym» diýipdir.
HALAS EDILENINE DEGÝÄN ÖMÜR
Humam on dört ýaşyna ýetende kakasy ony ýany bilen uzak
ýere gezelenje alyp gidipdir. Ýol şaýlaryny kemsiz tutup, barmaly
şäherine ullakan gämi arkaly aşmalydyklary üçin, kenarýaka şäherine
gelipdirler. Olar gämi duralgasyna ýetipdirler. Ýolagçylar ýerli-ýerine geçenlerinden soň, gämi ýüzüp başlapdyr. Humamyň ene-atasy
garbanmaga oturypdyr. Bilesigelijiligi we özüneçekiji deňiz täsinligi
Humamy gäminiň gyrasyna alyp gelipdir. Ol asman bilen zeminiň
utgaşýan gök reňkine haýran galyp seredipdir. Töweregi synlapdyr,
379
gämiden boýnuny uzadyp, deňziň içine göz aýlapdyr. Şeýdip durka, ol birdenkä gereginden artyk eglip, gämiden aşak gaçypdyr. Ol
sesiniň ýetdiginden «Kömek ediň, kömek ediň» diýip gygyrypdyr.
Şol töwerekde duran ýaşy ellä golaýlan syýahatçylaryň biri halas ediş
gursakçasyny geýip, derhal özüni deňze oklapdyr. Baryp, bir eli bilen
Humamy saklap, beýleki eli bilen gämä tarap ýüzmäge başlapdyr.
Muňa çenli gäminiň öz işgärleri hem gelip ýetişipdir. Şeýdip Humam
sözüň doly manysyndaky göni gelen bir beladan aman sypypdyr.
Halas edilen badyna, Humam ene-atasynyň ýanyna baryp, olardan
ötünç sorapdyr. Soňra minnetdarlyk bildirmek üçin halasgärini gözläp başlapdyr. Ol öl-myžžyk bolan eşigi bilen bir sütüne arkasyny
diräp oturan eken. Humam onuň ýanyna baryp: «Men size nähili
minnetdarlyk aýtjagymy bilemok, Siz meni ölümden halas etdiňiz,
taňryýalkasyn!» diýipdir. Ol adam Humama garap: «Eý, oglum, men
diňe ýekeje zady arzuw edýärin, ol hem – seniň galan ömrüň seni halas edenime degewersin» diýipdir. Humam bu sözleri ömür boýy ýadyndan çykarmandyr. Ýogsam-da men sizdenem sorap göreýin: siziň
ömrüňiz bir halas edilenine degýändir-ä hernä? Sen bu durmuşda
üstünlikleriň aşagyna öz barmak yzyňy goýmak üçin ýaşaýansyň-a?
Durmuşy has gözelleşdirmek üçin yhlasyňy gaýgyrmajakdygyňy
ýüregiňe düwensiň? Gowy zatlary başlasyň gelýärmi, şu günden,
şu pursatdan başla. Özgermek we özgertmek üçin ýol kändir, ýöne
garaňkylyga müň gezek gargynanyňdan, ýagtylyk üçin ýekeje şem
ýakmak haýyrlydyr.
BAGTYŇ BAHASY
Siz ýaşap ýören bagtly durmuşyňyzyň gadyr-gymmaty hakda
pikir edip gördüňizmi?
Ýatara-turara jaýyň, demiňi-dynjyňy alara öýüň, ojagyňda
gaýnap duran naharly gazanyň, öýüňde ýorgan-düşegiň, egniňde birlaý egin-eşigiň bar bolsa, onda sen baýsyň.
380
Kisäňde geregiňi alara puluň, sandygyňda günüňi aýlara gazanjyň
bar bolsa we şonuň ujundan hem gyssagly günüň üçin az-owlak
süýşürip bilýän bolsaň, onda sen baýlaryň birisiň.
Bu gün irden sag-aman ören bolsaňyz, siz uly nygmata eýesiňiz.
Öý-iliňiz abadan, ýurduňyz asuda bolsa, uruş tüssesi gözüňizi
awatmadyk, pitne gowgasy ýüregiňizi ajatmadyk bolsa, garaňky zyndanlarda tenhalyk tagamyny datmadyk bolsaňyz, onda siz bagtlysyňyz.
Mekdeplerde ine-gana bilim alýan bolsaňyz, metjitlerde arkaýyn
namaz okaýan bolsaňyz, ýolda-yzda her kesden arkaýyn gezýän
bolsaňyz, nähak daralma gorkusy ýok bolsa, onda siz bagtlysyňyz.
Ene-atalaryňyz, çagalaryňyz, maşgalaňyz bilen bir ojakdan agzybir örýän bolsaňyz, onda siz Biribaryň ýalkan bendeleriniň birisiňiz.
Ýürekden ýylgyryp bilýän bolsaňyz, nygmata şükür edýän
bolsaňyz, diýmek, siz tapylgysyz nygmatyň başynda otyrsyňyz.
Dünýäde millionlarça adam, bu ýagdaýy islese-de, başaryp bilýän
däldir.
Siz ýene-de köp zatlar hakda oýlanyp, näderejede uly
bagtlydygyňyza göz ýetirip bilersiňiz.
Eger şu ýazgylary okan we oňa düşünen bolsaňyz, onda siz «okamak we düşünmek» diýen iki sany uly nygmata eýesiňiz. Eger siz
şu ýazgylary okan bolsaňyz, onda dünýädäki okap-ýazyp bilmeýän
adamlardan bagtlydygyňyzy ýadyňyzdan çykarmaň!
ÖZÜŇI KÄMILLEŞDIR!
Işine gümra bolup oturan kakasynyň nazary birdenkä kompýuteriň
başynda käýinjiräp oturan ogluna düşüpdir. Körpe ogul nämedir bir
zada gaharlanyp, «Näme üçin meňki bolanok-ka?» diýip, çyny bilen
güýmenjesine çümen ekeni. Kakasy oglunyň ýanyna barypdyr: «Seni
biynjalyk edýän zat näme? Haýsy zat bolman dur?» diýip sorapdyr. Oglanjyk kompýuterdäki oýnuny görkezip: «Men häliden bäri
kompýuterde futbol oýnap otyryn. Ýöne, her näçe çytraşsam-da,
ine, şu topary utup bilemok. Oýnuň sazlamalaryna girip, şol toparyň
381
oýunçylarynyň güýjüni peseltsem, belki, maksadyma ýeterin» diýip,
ogly kakasynyň ýüzüne bakypdyr. «Utulýan bolsaň ýa-ha olar senden
ökdedir, ýa-da sen heniz nähili oýnamalydygyny doly öwrenen dälsiň,
özleşdiren dälsiň. Sen öz ýeňlişiňi boýun alasyň gelenokmy?» diýip,
kakasy sözüni dowam edipdir – ýöne her gezek utulanyňda hyrçyňy
dişläp durmaly däl. Darykdygyňça, pikirleniş ukybyň hem daralar.
Hemmelerden nämedir bir zat öwrenip bolýar. Utmak üçin bolsa,
mekirlige ýüz urmak gowy däl ahyry. Şu wagt kompýuter oýnunda
şeýtseň, durmuşda hem hemme zady şeýdip düzedip bolar öýdüp pikir
edersiň» diýipdir. «Men bu ýerde hiç hili hilä ýüz urmadym, onsoňam
bu bir ýöne oýun ahyry, men diňe olaryň güýjüni peseltsem ýeterlik,
şonda utup bilerin. Eger-de sazlamalarda şeýle mümkinçilik bar bolsa,
ony ulanmaga hem ygtyýarymyz barlygy» diýip, ogly hem öz raýyndan gaýtmandyr. «Eger-de sazlamalaryna girip, oýunçylaryň güýjüni
peseldip, artdyryp bolýan bolsa, gel, bu işe başgaça çemeleşeli. Biz öz
güýjümizi, akylymyzy, yhlasymyzy garşydaş toparyň güýjüni peseltmäge däl-de, öz toparymyzyň ukyp-başarnygyny, güýç-gaýratyny
artdyrmaga gönükdireli. Üstesine-de, oýnuň käbir inçe tilsimlerini
hem öwreneli. Şeýtsek, biz bu oýny halal utdugymyz bolar» diýip,
kakasy ogluna bu meselä başga burçdan bakmagy öwredipdir. Ogly
kakasynyň bu sözlerini eşidip, begenjine makullamak bilen baş atypdyr. Kakasy ýylgyrypdyr-da: «Biz käteler nämedir bir zatdan asgyn
gelip, aljyran halatymyzda, kelebiň ujuny ýitirip, ters tarapyndan barmaga endik etmeli däldiris. Has uly utuş gazanmak üçin energiýamyzy bäsdeşimiziň güýjüni peseltmäge däl-de, öz güýjümizi artdyrmaga sarp etmelidiris» diýipdir.
ZEHINI YHLAS AÇÝAR
Okuwçylaryň ählisi nämedir bir zada meşgul bolsa-da, aralarynda biri hiç zada güýmenmän, gözüni bir nokada dikip oturan ekeni. Mugallym ol okuwçydan hiç zada baş galdyrman oturmagynyň
sebäbini sorapdyr. «Sen näme üçin boş otyrsyň? Sapagyň ahyrynda
382
kimde nähili zehiniň bardygyny ýüze çykararys. Ýasan ýa-da ýazan
zadyň muňa tutaryk, makul jogap bolar. Henizem giç däl, başla!»
diýip, mugallym onuň ýüzüne bakypdyr. «Ýoldaş mugallym, mende
hiç hili zehin ýok. Men diňe tabşyrylan ýumşy ýerine ýetiräýmesem,
kimdir biriniň ünsüni çeker ýaly ukyp-başarnygymyň ýokdugyna
göz ýetirdim. Menden köp zada garaşmaň» diýip, müýnli ýüzüni
aşak salypdyr. «Bu mümkin däl. Ýa sen zehinli, ýa-da dünýäde hiç
kime meňzemeýän ýeke-täk adam» diýip, mugallym okuwçysynyň
ýüzüne seredipdir. «Ýeke-täk diýýäňizmi? Nädip men ýeke-täk
bolýarkam?» diýip, okuwçy geňirgenipdir. «Sebäbi dünýäde zehinsiz dogulýan çaga ýok. Her kimde nähilidir bir zada ukyp-zehin bar.
Her ynsan bir daragtdyr: ýa saýasy bilen hezil berer, ýa-da miwesi
bilen. Eger-de sen häzire çenli özüňi zehinsiz hasaplan bolsaňam,
bu seniň gömükdigiňi däl-de, öz ukyp-başarnyklaryň hakda düýpli
pikirlenmändigiňi görkezýär» diýip, mugallym okuwçysynyň başyny
sypalapdyr. «Tebigaty synlaýaryn-da, bir zatlar ýazmak isleýärin.
Elime galam alýaryn, ýöne sözlerimi sepläp bilmän, bu pikirimden
sowaşýaryn: mende ýazmaklyga zehin ýok diýýärin. Käteler bir
zatlar düzesim, ýasasym gelýär. Gerek-ýarak zatlarymy jemleýänem, ýöne başlamagyň ebeteýini tapman, ýa-da bir başlasamam,
ugrugyp bilmän, ol pikirimden hem dänýärin: mende zehin bolan
bolsa, ol zatlary bireýýäm bitirerdim diýýärin» diýipdir. «Düşnükli»
diýip, mugallym ýylgyrypdyr we sözüni dowam edipdir – onda sen
özüňde zehin ýoklugyndan zeýrenme-de, bir işe uzak dümtünip
bilmeýändigiňi, sabyr-kanagatyň azdygyny boýnuňa al. Ukyp-zehin
gymmatbaha göwherler ýalydyr. Göwher daşlaryny gazanmak isleseň
hem ýa daglary köwlemeli, ýa-da çuň deňizleriň düýbüne çümmeli
bolýar. Zehini ýüze çykarmagyň ýoly hem hut şeýle – öz üstüňde
köp işlemeli. Yhlas etmeli, ýöne ýaltanmaly däl. Dyrjaşmaly, hergiz
yza dönmeli däl. Arzuwlaryňa wepaly bolmaly, sähel müşgillik ýüze
çyksa, ondan ýüz öwürmeli däl. Bir zada höwesiň barmy, diýmek, şol
zada zehiniň hem bardyr. Sebäbi zehin seni şol işi bitirmeklige iterip
durýar. Onsoňam, az bolsun – uz bolsun, her eden işiňi kämil ýerine
ýetir. Ýalňyş ýolda keýik deýin çapanyňdan, dogry ýolda pyşdyl ýaly
383
ýöräp, öňe ilerlemek has dogrusydyr» diýipdir. Mugallymyň bu sözleri okuwçysyna ýagşy ugrukdyryjy bolupdyr. Ol dessine öz halaýan
işini – zehiniň höwes arkaly salgy berýän işini bitirmäge girişipdir.
DURMUŞ SAPAGY
Bir adamyň dört sany ogly bar ekeni. Kakasy olara hem öz hereketi, hem-de pähimli sözleri bilen öwüt-ündew berer ekeni. Bir günem ol ogullaryna durmuşyň her menzilinde, dürli pursadynda peýdasy degjek bir sapagy bermek isläp: «Hiç wagt howul-hara netije
çykarmaň we ýagdaýlara ýüzleý seretmäň» diýipdir. Ol dört ogluny
hem ýanyna çagyrypdyr: «Şu ýerden ençeme menzil uzaklykda, pylan ýerde äpet bir daragt ösüp otyr. Şol daragty oňat synlaň we ol
hakdaky pikiriňizi aýdyň» diýip sargapdyr. Ogullaryň dördüsi hem
uzak ýola rowana bolupdyrlar. Hersi öz saýlan ýoly, öz ugry bilen gidipdir. Ýylyň ahyrynda ählisiniň başy jem bolanda, kakalary olardan
gören zatlary hakda, esasanam, şol äpet daragt hakda gürrüň bermeklerini sorapdyr. Uly ogly: «Ol agaç betgelşik we gury bir zat ekeni»
diýipdir welin, ikinji ogul ör-gökden gelipdir: «Goýaweri, asla beýle
däl, ol daragt-a ýaşyl ýapraklara çümüp otyr» diýipdir. Üçünji ogul
hem bularyň gürrüňlerine geň galypdyr: «Siz başga ýerdäki daragtyň
gürrüňini edýäňiz öýdýän. Men görenimde-hä ol daragt owadan güllere basyrynyp, töwerege gelşik berip duran ekeni. Gülleriniň hoşboý
ysy bolsa her kimsäniň göwnüne hoş ýakýardy» diýipdir. Körpe
ogul öz sözleri bilen bu daragtyň gürrüňini jemläpdir: «Ol daragtyň
datly-datly miweleri bar. Saýasynda düşlän adamlar süýji miwelerinden iýip, dem-dynçlaryny alyp, onsoň ýola düşýärdiler» diýipdir. Şol
bir daragt hakynda her ogluň biri-birinden parhly pikirleri bar ekeni. Kakasy ogullarynyň gürrüňlerini diňläpdir we munuň hikmetini
düşündiripdir: «Siziň her biriňiz ony dürli pasylda görüpsiňiz. Uly
oglum gyş paslynda görüpdir, ikinji oglumyň gürrüňi ýazdan habar
berýär. Üçünji oglum tomusda baran bolmaly. Körpe oglum bolsa
hasylly güýzde görüpdir. Hut şonuň üçin hem her bir daragta ýa-da
her bir şahsa baha berjek bolsaňyz, onuň diňe hut şol möwsümdäki
384
ýagdaýyna görä baha beriň. Diňe gyşdaky ýagdaýyny görüp oňsaňyz,
bahardaky owadanlygyny, tomusdaky saýalaryny we güýzdäki miwelerini görmezlige saldygymyz bolar. Beýtsek, olar hakda dogry-sagdyn düşünjä eýe bolmarys» diýipdir.
Diňe bir şahs ýa daragt babatynda däl, durmuşyň her pursadynda
hem şundan ugur almak gerek: ömrüňizdäki birje ýagdaýlara esaslanyp, tutuş durmuş ýa-da geljek hakda kesgitli netije çykaryp bolmaz.
Gyş ýaly görünýän käbir ýagdaýlaryň yzyndan bahar jemally bagtyň
gülüp bakýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.
ENE ÝÜREGI
Şol gün işden çykanymda öýlänçi geldi-de, dünýäni suw-sil
etdi. Üst-başym mazaly ezilipdi. Öýe girenimden doganlarym:
«Saýawanyňy ýadyňdan çykarmaly däl ekeniň» diýip igendiler. Garry enem we atam hem olaryň hörpünden gopdy: «Ýagyş diňýänçä
garaşyp, soňra ýola çykaýmaly ekeniň» diýdiler. Kakamam öz gezeginde igesini sürtüp galdy: «Ýagşa ezilip, dümewlärsiň welin, bu
bolşuň ýaramazdygyna şonda düşünip galarsyň» diýdi.
Şol wagt ejem ýanyma geldi we suwy sarkyp duran saçlarymy
sypalap: «Oglum öýe gelýänçä ýagyş birazrak garaşaýmaly dälmi?»
diýdi.
Ine, ene ýüregi şeýle bolýar.
GÖRÜP BILMEK
Mugallymlaryň biri öz talyplaryndan dünýäniň ýedi täsinligi
hakdaky pikirlerini bilmek isläp, özleri üçin ileri tutýan ýedi
ajaýyplygynyň adyny ýazmagy talap edipdir. Pikirler dürli-dürli we
hatda umumy kabul edilenlere hem çapraz çykypdyr. Hindistanyň
Täçmahaly, Müsür piramidalary, Hytaý diwary, Panama kanaly, Kolorado jülgesi… tertip babatda hem hersi dürli orunlarda bolupdyr.
Mugallym umumy pikiri jemlemek üçin talyplaryň ýazgylaryny ýygnap başlanda, bir talyp gyzyň heniz ýazyp bolmandygyny görüpdir.
«Belki, saňa kömek ederis?!» diýip, mugallym dillenipdir. «Ýoldaş
* 25. Sargyt № 975
385
mugallym, dünýäniň ajaýyplygy kän, ýöne şolaryň arasyndan has
ajaýybyny saýlap otyryn. Şu sözümi ýazsam, pikirimi jemleýärin»
diýip, mugallymdan haýyş edipdir. Soňra mugallym ondan ýazan zatlaryny okamagy sorapdyr. Talyp gyz bir salym ikirjiňlenip duransoň:
«Meniň pikirime görä, dünýäniň ýedi ajaýyplygy: görmek, eşitmek,
galtaşmak (degme), tagam duýup bilmek, duýmak, gülmek we
söýmek» diýip, jogap beripdir. Okuw otagyna ümsümlik aralaşypdyr,
hatda ol wagt halynyň üstüne gaçan iňňäniň sesini hem eşidip boljak
ekeni. Talyplaryň hiç biri bu pikiri inkär etmändir. Gyz sözüni dowam
etdiripdir: «Biz bu zatlaryň ählisini özümizde bilip ýöremizsoň, olara
endik edemizsoň gymmatyny duýmaýarys. Aslynda welin, ähli ýedi
ajaýyplyk şolardyr. Çünki bulary el bilen gurup bolmaz, pul bilen satyn alyp bolmaz» diýipdir.
Dogrudanam, dünýäniň ajaýyplygy kän. Görmek, görüp bilmek
ukybynyň ilkinji orunda goýulmagy hem dogry pikir. Göz berlensoň,
görmegi başarmaly. Gowy zatlary görmegi başarmaly. Göz berlensoň,
görmeseň aýyp boljak ýaly, ýogsam gözi açyklygynda hiç zady görmän, gözi batyllygynda geljegi görýän adamlar hem bar ahyry.
BAR BOLSA, GÖRKEZIŇ...
Hudaýa ynanmaýan mugallymlaryň biri synp otagyna giripdir. «Okuwçylar, siz şu kitaby gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip
sorapdyr. Okuwçylar: «Hawa, görýäris» diýip, jogap beripdirler. Ol:
«Görýän bolsaňyz, bu şonuň hakykatdan hem bardygyny aňladýar»
diýipdir. «Siz şu suratlary gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip, diwardaky suratlara elini uzadypdyr. «Hawa, görýäris» diýip, jogap beripdirler. Ol: «Görýän bolsaňyz, bu şonuň, hakykatdan hem, bardygyny
aňladýar» diýipdir. Soňra «Okuwçylar, siz Hudaýy gözüňiz bilen
görýärsiňizmi?» diýipdir. Olar: «Toba, ýok, göremzok» diýipdirler. Ol
mugallym: «Görünmeýän bolsa, bu onuň ýokdugyny aňladýar» diýipdir. Şol wagt synpdaky okuwçylaryň biri ör turup: «Okuwçylar, siz şu
386
mugallymyň akylyny gözüňiz bilen görýärsiňizmi?» diýip sorapdyr.
Okuwçylar: «Ýok, göremzok» diýipdirler. «Görünmeýän bolsa, bu
onuň ýokdugyny aňladýar» diýip, ol okuwçy jogap beripdir. Her bir
zadyň hakykatdygyny, bardygyny ýa-da ýokdugyny bize görünýändigi ýa-da görünmeýändigi bilen kesgitlemek ýalňyş düşünje.
Köne rowaýatlara görä, ylmyň soňuna çykandyryn öýdýän
ýaş-ýeleňleriň biri görünýän we görünmeýän zatlaryň jedelini edip,
uly pirlere hem muşakgat bolup otyrmyş. «Bar bolsa, görkeziň, subut
ediň» diýip, öz diýenine tutup oturypdyr. Ahyry onuň bu kejirligine
çydamadyk pirleriň biri ýaňky oglanyň ýüzüne şarpyk çalyp, mazaly
awundyrypdyr. «Tagsyr, edýäniňiz näme, ýüzüm awap, agyryp dur»
diýip, oglan aňk-taňk bolupdyr. «Men-ä seň ýüzüňde agyry göremok» diýip, pir aýdypdyr. «Ine, şu uran ýeriňiz agyrýar» diýip, ýigit
ýaňagyny görkezipdir. Pir oňa: «Ýok, sen maňa agyrýan ýeriňi däl-de,
agyryny görkez, ynanaýyn» diýipdir. Şondan soň oglan bardygyny
duýup bolýan her bir zadyň görkezmek ýa-da görmek arkaly subut
edilmeýändigine hem düşünipdir.
DOSTLUK
Bergä batan adamlaryň biri gurply ýaşaýan dostunyň gapysyny
kakypdyr. «Pylan kişä şunça mukdarda bergim bar. Üzlüşmäge kömek
etmeseň, teý ýagdaýym ýok» diýipdir. Dosty öýüne giripdir we diýlen
mukdardaky puly ýoldaşyna uzadypdyr. Muny yzyna gaýtarmagyň
hökman däldigini, öz çagalarynyň aladasy bilen bolmagyny hem
ýaňzydypdyr. Dosty hoşallyk bildirip, yzyna dolanypdyr. Barjamly
adam öýüne giripdir we uly sesi bilen möňňürip, aglamaga başlapdyr.
Aýaly adamsyny köşeşdirmäge çalşypdyr: «Bereniňe gynanýan
bolsaň, ýagdaýym ýok diýäýmeli ekeniň ýa-da bolanjasy şu diýip,
azrak beräýmeli ekeniň, näme üçin uly sesiň bilen aglaýaň?» diýipdir.
Ol adam: «Dostuma beren puluma birjik-de gynanamok, ýöne şu günlere düşmezinden öň näme üçin onuň halyndan habar almandygyma
ökünýärin. Şonuň üçin aglaýaryn» diýipdir.
387
ITLERE MAHSUS HÄSIÝET
Adamlaryň biri tanymal akyldary, abraýly piri öýüne zyýapata çagyrypdyr. Akyldar olaryň gapysyna ýetiberende, öý eýesi daş
çykypdyr-da: «Hormatly pirimiz, bu gün sizi hezzetläre hiç ýüzümiz
ýokdur! Soň bir gün gaýtadan çakylyk ýollarys» diýipdir. Pir hiç zat
bolmadyk ýaly yzyna dolanypdyr. Öýüne gelip ornaşan badyna ýaňky
adam piri ýene öýüne çagyrypdyr. Naharyň taýyn bolandygyny, gelibermelidigini aýdypdyr. Pir bu gezegem onuň haýyşyny bitiripdir,
zyýapata ugrapdyr, ýöne ýene-de öňki ýagdaý gaýtalanypdyr. Her
gezek çagyrylan öýe ýetiberende, öý eýesi heniz taýyn däldigini
mälim edip, akyldary yzyna gaýtaryp durupdyr. Bu ýagdaý dört gezek
gaýtalanypdyr. Pir bolsa öýüne gidip, çagyrylsa, gelip durupdyr. Ahyry öý eýesi pire ýüzlenip: «Hormatly pir, aperin saňa, şeýtmek bilen
seniň sabyr-takatyňy hem-de öz häsiýetleriňe durnuklydygyňy synamak isledim. Tüweleme, siz örän beýik adam ekeniňiz» diýip, ilki
ötünç sorapdyr, soňra bolsa piri öwmäge durupdyr. Pir bu sözlere gabagyny galdyrman, ýerden nazaryny sowman durşuna: «Itlere mahsus
häsiýetiň barlygy üçin meni öwüp oturmaň. Çagyrylanda gelip, kowlanda gitmek itlere laýyk gylykdyr, adama mahsus däldir» diýipdir.
ÝAŞAÝŞYŇ GYMMATY
Dawut pygamber bir gowaga giripdir. Gowagyň iç ýüzünde bir
adamyň mazary bolup, onuň başujyndaky tagtada şeýle ýazgylar bar
eken: «Men jahanyň yklymlaryny soran hökümdar. Müň ýyl ömür
sürdüm. Müň sany duşmany ýeňlişe sezewar etdim. Müň sany nowjuwan gyz bilen durmuş gurdum. Ahyr soňunda bir döwüm çörege
günüm galdy. Sebet-sebet dirhemleri sebitlere ýolladym, bir tegelek
çörek tapyp bilmedim. Çuwal-çuwal göwherleri uzaklara ýolladym,
bir tegelek çörek tapyp bilmedim. Göwherleri un deýin owratdym,
çöregiň ornuny tutmady. Ahyry şu ýerde jan berdim. Kimiň saçagynda bir döwüm çöregi bar bolsa, ili abadan, ojagy abat bolsa, şundan
388
soňam ýer ýüzünde özünden baý kimdir biri bardyr öýdýän bolsa, ol
ýaşaýşyň gymmatyny başga ýerden gözleýän betbagt adamdyr».
MYHMANPARAZLYK
Bir adam çarwa araplaryňkyda myhmançylyga düşläpdir. Çarwalar bu myhmany uly hormat bilen garşylapdyrlar. Atdan düşende,
aýagyny ýere degirmän, ýumşak körpençäniň üstünde oturdypdyrlar.
Ellerine mylaýym suw akydyp, göwün küýsän zadyny getirip beripdirler. Myhman bu ýerde birnäçe gün bolandan soňra, öýüne dolanmakçy bolupdyr. Ýöne gelende güler ýüz beren adamlaryň hiç biri
muňa goşuny daňyşmaga, atyna ýükleşmäge kömege gelmändir. Gaýta gyrada bir zatdan öýkeli ýaly bolup, kese bakyşyp otyrmyşynlar.
Myhman olaryň bu bolşuna geň galypdyr, özüni müýnli duýup, bu
sowuklygyň sebäbini sorapdyr. Çarwalar: «Kim bize myhman bolsa,
biz ony uly şatlyk, buýsanç bilen garşy alýarys. Bu biz üçin mertebe.
Biz gidýänlere däl-de, gelýänlere we bu ýerde bolýanlara güler ýüz
bilen bakýarys. Gidýäne gülüp bakmak, onuň gitmegine begenmek
ýaly bir zatdyr» diýipdirler.
KAGBUL-AHBARYŇ TÖWRATDAN
GÖÇÜRIP ALAN JÜMLELERI:
«Eý adam balasy, meniň hökmürowanlygym dowam edýärkä,
hökümi zorlardan howatyr etmegin, meniň hökmürowanlygym bolsa
hiç wagt soňlanýan däldir.
Eý adam balasy, hazynalarym dolup durka, rysgalyň darlygyndan zeýrenmegin, meniň hazynalarym bolsa hiç wagt tükenýän däldir.
Eý adam balasy, menden özgelere ýüregiňi berme, seniň üçin
Men bardyryn. Meni gözleseň (ideseň), meni taparsyň, menden
özgelere ýüregiňi berseň, men senden geçerin, ähli haýyr hem senden
geçer.
Eý adam balasy, seni öz ybadatym üçin ýaratdym, sen bu günüňi oýnap geçirme. Ömrüňe ýeterlik rysgyňy bölüp berdim, özüňi
389
ardurja kösäp ýörme. Artygy üçin tama etme, az (ýeter-ýetmez) bolar
öýdüp gaýga batma. Sen meniň berenlerime razy bolsaň, süňňüňem,
köňlüňem ynjalyk tapar. Berenlerime razy bolsaň, bereketini artykmaç bererin. Dergahymda abraýly adam bolarsyň. Berenlerime närza bolsaň, kanagat etmeseň, dünýäni başyňa musallat ederin, olar
seniň depäňde gury ýerde depirjekleýän ýabany haýwanlar dek oýun
görkezer, kösenersiň, örtenersiň, barybir meniň ýazanymdan başga
zady gazanyp bilmersiň. Meniň hem gözümden düşersiň.
Eý adam balasy, ýedi gat asmany we ýedi gat zemini ýaratdym.
Olary ýaratmak meni birjikde ýadatmady, ýeri onsoň saňa ýetirjek bir
döwüm çöregim maňa kyn düşer öýdýärmiň?
Eý adam balasy, ýaradanlarymyň arasynda iň ezizi sensiň, saňa
bolan söýgimiň hatyrasyna meni çyndan söý! Yhlas we ybadat et!
Eý adam balasy, ertiriň rysgyny şu gün almaga howlukma, men
hem senden ertiriň amalyny şu gün talap edemok ahyry.
Men buýrugymdan boýun towlanlary unudamok. Diýenime gulak asýanlary neneň ýatdan çykaraýyn? Men ähli zady başarýaryn
we ähli zady öz erkim, hökümim bilen gurşap alandyryn. Meni ýatla
we dünýä aladasyny gaýgy etme! Meniň bir Özümiň berjek zatlarym
saňa ýeterlik bolar!»
DARAGT
Köp wagtdan bäri ösüp oturan äpet alma daragty bardy. Bir körpeje çaga bu daragtyň aşagynda oýnap, gününi gyzykly geçirýärdi.
Şahalaryndan aslyşýardy, miwesinden iýýärdi. Soňra onuň saýasynda
uka batýardy. Ol bu daragty gowy görýärdi. Daragt hem onuň bilen
oýnamagy halaýardy. Aý-günler aýlandy. Körpeje ulaldy. Indi ol bu
daragtyň daş-töwereginde oýnamasyny bes edipdi. Bir gün ol bir alada batyp, daragtyň ýanyna geldi. Daragt ony mähir bilen garşylady:
«Gel, körpeje, meniň bilen oýnasana...». Ol ýüzi salyk jogap berdi:
«Indi seniň bilen oýnar ýaly men çaga däl. Men indi başga oýunlary
oýnasym gelýär. Şony satyn almak üçin maňa az-owlak pul gerek».
390
Daragt gussaly dillendi: «Wah, mende pul ýok-da! Ýöne sen meniň
ähli miwelerimi satyp, şol mukdardaky puly gazanyp bilersiň». Bir
çykalganyň tapylanyna oglan şeýle bir begendi. Onuň şatlananyny
görüp, daragt hem begenjinden silkindi. Oglan daragtyň şahasyndan
aslyşyp, miwelerini birin-birin çöpledi... Şondan soň esli wagtlap
oglan gara bermedi. Birnäçe wagtdan soň ol ýene daragtyň ýanyna
dolandy, ýöne indi ol oglan däl-de, daýanykly ýigitdi. Daragt onuň
gaýdyp gelenine şeýle bir begendi, depesi Gök diredi: «Gel körpeje, meniň bilen oýnasana...». Ýöne ýigidiň sesi gahar gatyşykly
çykdy: «Ýene seniň ýanyňda oýnar ýaly men oglan-uşak däl ahyry.
Öýli-işikli, çaga-çugaly boldum. Borjum artdy. Olary sygdyrar ýaly
öý-ojak gerek. Sen maňa kömek edip bilermiň?» diýdi. Daragt ýene
gussa batdy: «Nebsim agyrýar! Ýöne ähli şahalarymy pudarlap alsaň,
şondan bir öýjagaz-a gurnup bilerdiň» diýdi. Ýigit bu daragtyň ähli
şahasyny pudarlady we daragty taşlap gitdi. Ol begendi. Ony begendirip bilendigi üçin daragt hem begendi. Daragt ýigitdäki şol
şatlyk alamatlaryny ýatlap, göz öňüne getirip, ep-esli wagtlap özüni örän bagtyýar saýdy. Soňra ol wagty bilen gara bermänsoň, ýene
gynanyp, gussa batyp başlady.
Yssy günleriň biridi. Ýigit ýene daragtyň ýanyna geldi. Ol örän
ýadawdy, ýaşy hem durugşyp başlapdyr. «Dynç almak üçin gämili
gezelenje gidesim gelýär. Sen maňa gämi tapyp bilermiň?» diýip,
ýigit dillendi. Daragt oňa: «Kökümi goý-da, göwrämi al. Şondan
gämi ýasanyp bilersiň. Ol gämi bilen hem islän ýeriňe aşyp bilersiň,
arzuwyňa ýetersiň» diýdi. Ýaşy bir çene baran kişi daragtyň aýdyşy
ýaly etdi. Ýasan gämisi bilen uzak ýerlere syýahata ugrady.
Uzak aýralyklardan, birnäçe ýyllardan soňra ol ýene daragtyň
ýanyna gaýdyp geldi. Ýöne daragt öňürti dillendi: «Eý eziz ogul, gynansamam, saňa hödürlär ýaly almam ýokdur!»
«Ony alada etme» diýip, ol adam dillendi, «ony iýer ýaly dişim
ýok indi».
«Aslyşyp oýnar ýaly, saýalar ýaly şahalarym hem galmady» diýip,
daragt özi müýnli ýaly dillendi. «Men indi halys garrapdyryn, näme391
dir bir iş edere ysgynym hem galmady» diýip, ol adam hem ýüzüni
aşak saldy. Daragt oňa: «Gönüläp aýtsam, mende saňa bererlik hiç zat
galmady. Bir berip biljek zadym – çüýräp başlan köklerim» diýdi we
aglamaga başlady. Gojalan kişi daragta bakyp: «Meniň ýekeje isleýän
zadym bar, ol hem dynjymy almak. Bu geçen ýyllar meni şeýle bir
surnukdyrdy» diýdi. «Garry daragtyň köki dynç almak üçin iň laýyk
ýerdir, gel şu ýerde dynç al» diýip, daragt oňa garady. Goja kişi garry daragtyň köküne ýaplanyp, uka batdy. Garry daragt muňa monça
boldy, begenjinden ýaňa gözleriniň owasy ýaşdan doldy.
Siz şu daragtyň kimdigini bilýärsiňizmi? Ol – siziň ata-eneňiz.
Ata-eneler özleriniň tutuş ömrüni, ähli wagtyny, özlerinde bar bolan
ähli zatlary iň soňkusyna çenli size bermäge taýýar. Munuň öwezine
siziň birje begenjiňiz ýeterlikdir. Ata-eneňiziň gadyryny biliň!
SADAKA
Gadym döwürlerde biz ýaly bir adam bolupdyr. Dogry ol bize
garanyňda has akyllydyr, ýöne edýän hereketleri biziňkä çalymdaş
bolansoň, özümiz ýaly biri göz öňüňe geläýýär. Ol ýiten-ýitiren zadyny, azaşan malyny her gezek Hudaýyň ýoluna sadaka aýdar eken.
Günler aşyp, nesibesi dartyp, ýene-de şol zadyny tapaýsa, gözüni
dikip oturan zady alnyna gelen ýaly guwana-guwana garbap alar eken.
Ana onsoň bir gün bu bendäniň kazasy dolýar. Perişdeler ony alyp
gidip, jennetiň gapysyndan jykladýarlar «Ine, şu jennet» diýip, onuň
bäri gyrasyndan bir künjüni görkezýärler. Ol adam jennetiň gyrasyny
görenine monça bolýar, tamakinlik bilen aňyrlaryna göz aýlaýar. Şol
pursat perişdeler ony dowzaha süýräp başlaýarlar. Ol bende rejäniň
gowy däldigini duýýar. «Saklanyň, meni nirä alyp barýaňyz? Men
Hudaýyň ýoluna günde-günaşa sadaka aýdýardym. Heý-de şolaryň
sogaby bilen jennetiň töründen orun tapyp bilmerinmi?» diýip
soraýar. Perişdeler oňa: «Hawa, sen öz ýitiren zadyňy, iýdiren hakyňy
Hudaýyň ýoluna sadaka aýdýardyň. Soňam, tapan wagtyň ony yzyna
alýardyň. Entegem Allatagala saňa geçirimlilik etdi. Şoňa görä-de
392
biz aýdan sadakalaryň üçin-ä jennetiň gapysyndan jyklatdyk, soňra
olary yzyna alandygyň üçin hem, seni yzyňa-dowzaha alyp barýarys»
diýipdirler.
TAKWALYK WE BETGÜMANLYK
Gadym döwürde ýaşan bir hökümdaryň iki sany ýagşy gylykly
weziri bolupdyr diýilýär. Olaryň biri özüni ybadat borçlaryny kemsiz bitirmäge we adat bolan haram keýplerden gaýra durmaga werziş
eden, ybadathon-takwa bende eken. Ýöne, patyşany gyzyklandyrýan
meseläniň üstünde beýleki wezir bilen özara oňşup bilmän, bir pikire
gelmän, patyşanyň köňlüne agram salar ekenler. Patyşa bularyň
çapraz pikirlerinden ýaňa şeýle bir bizar bolupdyr, ýöne olaryň birini
aýryp, ornuna başga birini getirer ýaly mynasyby tapyp bilmänsoň,
şol kösenip ýörüpdir. Ahyry, olaryň birini aýryp dynmak hakdaky
pikir kellesine gelipdir. Has danasyny saýlamak üçin ýörite öýüň
içinde bir bukalga ýer taýynladyp, bir ynamdar adamyň şol ýere
öňünden girip gizlenmegini we iki weziri şol öýde tussag edende,
olaryň ähli sözlerini birin-birin ýat beklemegi tabşyrypdyr. Soňra iki
weziri tussag edip, şol öýe gabadypdyr. Iýgi-içgi äberer ýaly gözükden başga ýerini mäkäm bekledipdir. Olar bir günläp bir-birege habar
gatman, gürleşmän oturypdyrlar. Garaňky mazaly gatlyşanda, takwa
däl wezir ýoldaşyna: «Ýeri bu bela niçik eken, näme pikir edýärsiň?»
diýipdir. Takwa wezir: «Bu-da bir kysmatdyr, takdyra ynanyp
oturandyrys» diýipdir. Onda beýlekisi: «Men-ä özümi örän birahat
duýýaryn. Ýeri biz bu ýere nähili günä üçin atyldyk?» diýip, öz närazylygyny ýaňzydypdyr. Ýagdaýyndan hem, ýazgydyndan hem nägile
bolupdyr.
«Öz borjumy birkemsiz ýerine ýetirsem-de, säwlik goýberýän
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.