Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09

Total number of words is 3665
Total number of unique words is 2099
28.6 of words are in the 2000 most common words
41.1 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ine, yzygiderli, üznüksiz ylgaw şunuň ýaly bolýar. Bu ýagdaý
saňa birjik-de lellim bolmaga, maksadyňdan sowaşmaga, gowşamaga
sebäp döretmez.
Bu sözlere çuňňur düşünmegiň üçin men saňa durmuşdan alnan bir kyssany gürrüň bereýin. Şeýle waka biziň daş-töweregimizde
örän köp gabat gelýär. Özlerindäki artykmaç agramdan dynmak üçin
haýsydyr bir reje ýa-da berhiz boýunça ýaşaýan birnäçe adam bar.
Olar bez eden agyr agramdan halas bolanlaryndan soňra, bu ýeten
derejelerine, üstünligine juda arkaýynlaşýarlar. Öňki bol-telki günlerine ýa-da gün aýlaýyş ýollaryna dessine dolanyp gelýärler we
agramlary öňküsinden hem has artmak bilen bolýar. Sebäbi olaryň
öňki maksatlary bitdi, täze maksadam goýmadylar. Agramlaryny
azaltmak meselesinde bir çäge ýetenlerinden soňra, rahatlyk künjünde öte arkaýyn gezdiler.
Şuňa meňzeş ýagdaýlara futbolda hem gabat gelip bolýar. Güýçli
toparlaryň biri bilen duşuşmak üçin örän çekeleşikli we dartgynly boljak ýaryşa gowy taýýarlyk görýärler. Ahyry hem göz öňünde tutulan
netijäni gazanýarlar – utýarlar. Emma şonuň yz ýanyndaky oýunda
123
özlerinden näçe esse asgyn topardan hem utulýarlar. Sebäbi olar
öňlerinde goýan uly maksatlaryna hötde geldiler, ýöne täze maksat
goýmadylar, juda arkaýynlyga düşdüler, şeýdibem utuldylar. Şeýle
mysallar örän kän, olary sen öz durmuşyňda hem köp görýänsiň.
Olaryň ählisi hem şeýle netijä getirýär: nämedir bir zatdan howatyrlanma duýgusy köp halatlarda has gowy işlemäge, tijenmäge iterýär.
Sebäp döredýär. Rahat-asudalyga, meý-meslige werziş bolmak,
hemişe bu duýgular bilen gezmek bolsa käbir halatda örän zyýanlydyr.
Ýene bir gezek tekrarlaýaryn, eger-de şol müşgilliklerden üstün
bolmak isleseň, üznüksiz maksatlary döret, ýasa, hemişe işlemäge
iterýän ymtylmalary, ylhamlary tap, has köp gaýrat we işjeňlik sarp
etdirjek delilleri gözle.
Ýandepderçäme Fridrih Nisşäniň şeýle sözlerini belläp alypdyryn: «Maňa ynan, durmuşda has uly nygmatlary, has uly miweleri
we hasyllary ýygnamak isleseň, hemişe bir alada içinde ýaşa!».
39. ÇYKALGA
Pygamber alaýhyssalamyň hadyslarynda agzybirlige ündeýän
sözler, manylar örän köp. Şolarda jemgyýetiň has bagtyýar we gönenç
içinde ýaşamagy üçin her birimiziň üstümize düşýän borç-wezipe
dogrusynda hem ýatlanylýar. Resulallanyň aýtmagyna görä, biziň her
birimiz daş-töweregimizde bolýan zatlar bilen gyzyklanmalydyrys.
Paýhasly, akylly we dana adamlar bilen el-ele berip, zalymy, akmagy,
ýoldan çykany pälinden gaýtarjak güýje eýe bolmak ýaly bir bitewi,
sarsmaz güýji – jemgyýeti emele getirmelidigimizi aýdýar. Özüňi
ýaramaz esger ýaly alyp barmazlyk ündelýär. Bu esger örän asuda dur
we ýatan çöpi galdyrmaýar. Durmuş meselesinde-de irkilip galany
oýaryp, herekete getirjek bolmaýar. Daş-töweregindäki düzgün bozmalara, ýalňyş-hatalara biparhlyk bilen nazar salýar. Şeýtmek bilen
bu zatlary düzeltmek, göneltmek, bejermek üçin öz üstüne düşýän
borjy unudýar. Jemgyýetde öz ornunyň bardygyna ynanmaýar.
124
Gynansak-da, şeýle ahwalat her birimize diýen ýaly mahsus.
Jemgyýetdäki ýa-da adamlaryň arasyndaky bir nähaklyk, özümize
dahylly bolmasa ýa-da gönüden-göni özümize galtaşmasa, degmese,
gapyny içinden gulplap oňýarys. Hamana, biz ony görmesek, duýmasak, basym sowlar, geçer gider we onuň täsiri bize asla ýetmez
diýen ýaly düşünjä uýýarys. Ol howp-hatarlar, gorky-ürküler, ynjylar, ezýet-yzalar bize degmejek ýaly, ýöne... hemişe beýle bolup duranok. Taýagyň ujy ahyry öz depäňde hem gaýmalap başlaýar.
Ýörär ýoluňdan aýrylmadyk ýandak dänesi, nemiň ýetmegi bilen
kök urar we şaha ýaýradyp, seniň öňüňi beklär. Bu wagt göz ýumulan
ownuk düzgün bozmalar, soňlugy bilen uly günälere batyrynmaga
ýol açar. Bir wagtlar birini köýdüren nähaklyk, wagty gelende, diňe
bir adamy däl, tutuş jemgyýeti ýakar. Tupan asmandan inende, diňe
biriniň gapysynyň öňüne gütüläp düşmeýär ahyry. Kimdir biri güýç
birikdirip öňüni almasa, öňünden alajyny gözlemese, äpet tupanlar,
gomlar, tüweleýler tutuş jemgyýeti, ili kökünden sogurara getirýär.
Beýik we paýhasly adamlar jemgyýetiň öňündäki borçlaryna
magat düşünýärler we näsazlyk ýüze çykan ýerlerini derrew düzeltmek bilen bolýarlar. Näsaz ýerlerini gözläp tapýarlar we derrew alajyny hem edýärler.
Her kim şahsy bähbidini boýnuna tumar, başyna täç edip dakynsa, özünden başgasyny görjegem bolmasa, görmegem islemese,
agzybirlik we berklik yraň atyp başlar. Hetdenaşa men-menlik, diňe
özüňi bilmeklik döwletlilik sütünleriniň düýbüni berbat edýän ýagdaý ekeni.
Afinynyň akyldarlary bir çykalga tapmak üçin köp wagtlap kelle
döwüpdirler. Ýöne adamlary içki oý-pikirleri üçin kazyýete çekip
bolmaýandygy düşnükli. Şeýle hem açyk-aýdyň, görnetin bildirip durandygyna garamazdan, ýaramaz niýeti tutaryk edinip, olara höküm
çykarmak ýalňyş boljakdy. Uzak gözleglerden we kelle agyrtmalardan soňra, olar täsin bir çykalganyň üstünden barypdyrlar.
125
Ýurduň raýatlary bir ýere üýşüp, ses bermeli edilipdir. Olar küýze
böleginiň ýüzüne 10 ýyllap sürgün edilmäge laýyk gören adamynyň
adyny ýazypdyrlar. Eger bir adamyň ady 6000 sany ýazgyda jemlense, onda şol adamy on ýyllap ýurduň daşyna sürgün edipdirler.
Şeýdip, ýurt hem, döwlet hem, raýatlar hem ýaramaz gylykly, öz
häsiýetine jogapkärçiliksiz çemeleşýän adamlardan saplanyp, rahatlanyp başlapdyrlar.
Täsin ýeri, bu ses berişlik akyly haýran edýän netijelere alyp gelipdir. Şeýdip, taryh afinylylaryň ulumsy, tekepbir, zalym adamlardan
dynmagyň medeniýetli we akylly-başly ýoluny tapandygyny öz sahypasyna ýazypdyr.
Taryh ýene bir zada şaýat bolupdyr. Haçanda afinylylar ýola
goýlan kada-kanunlary bozup başlanlarynda, ýokarda ýatlanylan jeza-temmiler adamlara täsir etmän başlanynda, ogrular, galtamanlar öz
emrlerini arkaýyn ýöredipdirler. Azgynçylyk artypdyr, zulum-sütem
köpelipdir... Afiny hem dargapdyr.
Sagdyn garaýyşly, arassa ahlakly jemgyýet düzüw jemgyýetdir.
Şeýle jemgyýetde ýaşaýan ynsanlar hemişe hapa-ýaramaz zatlardan
saplanmagyň aladasynda gezýär. Ýamanlyk ýa-da şer deňiz köpügi deýin ýokary galyp başladygy, adamlar sesini beýgeldýär. Tä ol
ýaramazlygy aradan aýyrýança hem ynjalmaýar.
Bu jemgyýetde ýaşaýan her bir adam düşünýär: haýyr, ýagşylyk
hemmä barabar gelýär, şer hem hemmäniň başyna birden inýär. Şonuň
üçin her bir adam ilki bilen özüni, soňra töweregini düzetmäge, arassalamaga başlaýar. Köne dertlerden, hapa gylyklardan bir özi saplanyp bilmeýänlere ýardam goluny uzadýar. Egri ýerini düzedýär we
ony hem dogry ýola salýar. Onuň aýybyndan aýňalmagyna, säwligini
düzetmegine sebäp bolýar. Şeýle oňyn ruh bilen hem tutuş jemgyýet
– hemmeler gönençlik tapýar. Ruhubelentlik, joşgunly ýaşaýyş, ylhamly döredijilik hemme ýere ýaýraýar.
Taryh muňa şaýat... taryhy okap görüň.
126
Başgalaryň aladasyna we derdine göz ýummaklyk ýaramaz
adamlaryň häsiýetidir.
40. ÝOLBAŞÇYLYK PAJY
Beýik arzuwlary etmek – her kimiň kanuny hukugy, ýöne onuň
çykdajylaryny ödemegi unutmaň. Ýolbaşçylyk hemme kişä ýaraýar,
ýöne hemmeler onuň hötdesinden gelmeýär, her kim onuň çykdajysyny çekmeýär.
Ýolbaşçylyk jylawy bir pursat eline iläýse, diňe töweregiňe
däl, dünýä höküm etmegem müşgil däl ýaly görünýär. Eline erk-ygtyýar berseler, göz ýumup-açasy salymda hemme zady ýerbe-ýer,
düpbe-düzüw etjek ýalysyň. Döwletleriň arasyndaky dawa-jenjeli
togtatmak, dürli garaýyşdaky adamlary ylalaşdyrmak üçin ummasyz
güýç sarp edip ýörmän, azajyk akyl-huş, az-owlak çäre ýeterlik ýaly
görünýär... Hawa, oňa ýekeje gezek pursat berseler, bir demde dünýäni düzetjekden.
Biziň ählimiz tankyt etmek meselesinde hiç kime per beremzok,
esasanam, bolup geçen wakalary seljermek babatda ussatlyk derejesine çykypdyrys. Hatda köpimiziň şol ugurlardan hiç hili başymyzyň
çykmaýandygyna, sowadymyzyň ýokdugyna garamazdan, eger
elimize erk ýa-da mümkinçilik berilse, şolaryň eden işiniň gylla ýarysyny ýa-da ýönekeýje bir bölegini edip bilmejekdigimize garamazdan, olary tankytdyr teýeneden mazaly doýurýarys.
Hakyky ýolbaşçylar, serdarlar, il öňüne düşmäge mynasyp
adamlar, ýolbaşçylyk wezipesine geçmezinden ozal, şol wezipäniň
öňündäki öz ukyp-başarnyklaryny mazaly saldarlap görýärler: bardy-geldi şol wezipe ynanylaýsa, oňa ýeterlik derejede hötde gelip
biljekmi, ynamy ödejekmi, özüni doly bagyş edip biljekmi? Şol zatlar bilen öz başarnyklaryny deňeşdirip görýärler: bu wezipe üçin sarp
edilmeli wagty, aladany, güýç-kuwwaty, gaýraty ýeterlik derejede
ikirjiňlenmän berip biljekmi? – ana, şol zatlar hakda pikir edýärler.
127
Sahabalaryň biri Hendek söweşi günlerinde açlykdan ýaňa garnyna daş daňyp gezer eken. Käbirleri bolsa pygamberimiziň ýanyna
baryp, arz edipdir, zeýrenipdir. Pygamberimiz ýylgyryp: «Özüňize
agram salmaň, özüňizi köşeşdiriň» diýipdir we köýnegini serpip
görkezende, onuň garnynda iki sany daşyň daňylgy durandygyny
görüpdirler.
Sahaba öňküsi ýaly öz ornuna dolanyp barypdyr. Şonda ol
ýolbaşçy adamyň öz aladasyndan öňürti köpçüligiň aladasyny edýändigine, öz üstüne düşen wezipäni doly we dogry berjaý edýändigine
düşünipdir.
Hakyky ýolbaşçy ilki bilen öz yzyna eýerýänlere berilmelidir, şolaryň aladasyny birjik-de ünsden düşürmeli däldir. Ol özüniň
gylyk-häsiýeti, özüni alyp barşy bilen töweregindäkilere nusga bolmalydyr. Olary joşgunly, umytly, ynamly we ruhubelent ýaşamaga
höweslendirip durmalydyr.
Merdana adamlar beýiklik mertebesine ýöne ýöräp ýetäýenoklar, olaryň ählisi hem şeýle kynçylyklary, kösençlikleri gerdenlerinde
göterip, şol ýoly geçdiler. Aňrybaş mertlik, synmaz erk we mäkäm
ruh, oňyn häsiýetler, gowy-düz garaýyşlar, päkize niýet we beýik
ahlak, çydamlylyk hemişe göz öňünde boldy. Şol häsiýetler hem
gylaw we gaýrat berdi, öňe ilerlemäge ynam döretdi. Olar kyn pursatlary ýeňip geçmegi, şol ýagdaýda nähili karara gelmelidigini öwrendiler. Ýogsam, örän köp adamlar sähel kynçylygyň öňünde müzzerilip, el-aýagyny ýitirýär ahyry.
Dariniň yzyndan kowýan Isgender hakyndaky kyssalaryň birinde
şeýle waka beýan edilýär. Isgenderiň goşunlary Şam ýakalarynda
Dariniň yzyndan kowup, mazaly surnugypdyr. On bir güne çeken
dynuwsyz kowgy esgerleriň halys eňkini agdyrypdyr. Suw ýetmezçiligi peýda bolupdyr. Teşnelik, suwsuzlyk olary heläk etmek hetdine
ýeten eken. Örän köp esger serkerdä garşy baş götermek, gelen ýerlerine gitmek barada pikir edip başlapdyr.
128
Olaryň öz aralarynda Isgenderiň özlerine zabun daraýandygy,
suwsuzlyk bilen ölüme iterýändigi hakda hyşy-wyşy gürrüňler
edýän pursady, garagörnümden ýanlaryndan geçip barýan bir kerwende nazarlary eglenipdir. Kerwendäkiler bu esgerleriň Isgendere
degişlidigini, olaryň arasynda hut Isgenderiň özüniň hem bardygyny,
ählisiniň hem suwsuz-mydarsyz heläk bolmak uçudynda gezip ýörendiklerini bilipdirler. Olar suw dadyrmak üçin meşigini Isgendere
uzadypdyrlar. Isgender içmek üçin suwly meşigi ýokary göterende,
birnäçe teşne boýunlaryň özüne tarap dikanlap seredip durandygyny
görüpdir. Olar hem şol suwa gultunyp seredip duran ekenler. Isgender meşikden bir damja hem suw içmändir-de, ony ýanyndaky adama
uzadypdyr: «Eger bir özüm suw içsem, goşunyň ruhy kuwwaty synjak» diýipdir.
Esgerler öz serkerdesiniň bu hereketini görüpdirler. Teşnedigine
garamazdan, bir damja suw hem owurtlaman, esgerleri içmese,
özüniň hem içmän saklanýandygyny gören esgerler, onuň mertligine,
çydamlylygyna, gaýduwsyzlygyna haýran galypdyrlar. Esgerleriň
hemmesi bu waka barada öz aralarynda pyşyrdaşypdyrlar hem-de
ählisi hem birlikde öňe ilerlemäge güýç-gurbat tapan ýaly bolupdyrlar. Ynam we ruh, güýç-kuwwat bilen alawlanan esgerler desbi-dähel
atlaryna münüpdirler. «Ýanymyzda şeýle serkerde barka, biz islendik
teşneligi we ýadawlygy ýeňip geçmäge, onuň güýç-kuwwatynyň we
zabunlygynyň, berkliginiň ýitidigine garamazdan, emr-buýruklaryny
ýerine ýetirmäge doly taýýardyrys» diýipdirler.
Ine, ýolbaşçy bolmak isleýän, ýöne ýolbaşçylyk üçin artykmaç
güýç, yhlas sarp etmelidir öýtmeýän käbir adamlaryň tölemeýän harjy, salgydy. Serkerdäniň pikiri, hyýaly birjik-de öz esgerlerinden üzňe
bolmaly däldir. Olardan öňürti özi kösenmelidir, özi örtenmelidir. Öz
etmeli işini olara tabşyrmaly däldir.
Serkerde, ýolbaşçy hemişe öňki hatarda bolmaly, ilkinji zarbany
özi urmaly, sözünden owal amaly, hereketi bilen töweregindäkilere
has beýik we ynandyryjy ders bermeli.
* 9. Sargyt № 975
129
Ýolbaşçy diýenimde, diňe döwlet ýolbaşçysyny ýa-da goşun
serkerdesini göz öňünde tutamok. Köpçüligi yzyna tirkäp, olary beýik
maksatlara alyp gidip bilýän islendik adam, partiýanyň baştutany,
ylmy-barlag işleriniň ýolbaşçysy, ýa-da öýdäki hojalykçy ata, ýa-da
hökümet edarasynda maslahat berýän, dolandyrýan müdir ýa-da
sanaýmaly adama ýolbaşçylyk edýän adam bolsun, hatda golastynda
az sanly işgär bolaýsyn – hemmesine degişli, hemmesini göz öňünde
tutýaryn.
Ine, hakyky ýolbaşçylyk şeýle bolmaly, ol jogapkärçiligiň, özüňi
pida edip bilmekligiň, özüňi bagyş edip bilmekligiň sinonimi. Kim
ýolbaşçy bolasy gelýän bolsa, onuň şunuň ýaly pajyny töläp biljekmi-bilmejekmi, gowuja oýlansyn.
Uly wezipelere geçmeziňden ozal özüňden sora, dogrudanam,
sen şol ýere laýykmy, mynasypmy?
Öýlenmeziňden öň az salym sägin, bir özbaşdak öýi dolandyrmaga, maşgalaň öňündäki wezipeleri bitirmäge gaýratyň, güýjüň,
ynamyň ýeterlik barmy?
Her gezek «Şol ýere ýa-da şoňa men mynasyp» diýmeziňden
öňürti hemişe pikirlen we özüňden sora, sen hakykatdanam şoňa
mynasypmy?!
Mahlasy, il öňüne düşmegi isleýän bolsaň, nebsiň-ruhuň
ýolbaşçylyk mertebesine owsun atýan bolsa, onuň çykdajysyny
ödemäge ýagdaýyň barlygyny ýa-da ýoklugyny derňe. Ýagdaýyň
bar bolsa, başararyn öýtseň, isle, işle we talap et, ýogsamam öz
başarnyklaryň çäginde saklan we özüňe gelişýän dony geý!
Hemişe ýadyňda sakla, serkerde öňe alyp gidijidir, ýolbeletdir, ol
hemişe öňde bolmalydyr.
41. ABRAÝ OWAZY WE ŞÖHRAT
ÝYLPYLDYSY
Şöhratparazlygy ömrüň iň ileri maksadyna öwürmek makullanylmaýan häsiýet. Käbir adamlar diňe şöhrat isleýär, tanymal-meşhur
130
bolasy gelýär. Şöhrat gazanmak üçin ylgaýar, yhlas edýär. Şöhratyň
yzynda ýelk ýasaýar. Ol gününi, ömrüni şeýdip geçirer: Şöhrat gazanmak üçin kitap ýazar, göze görünmek üçin köpçüligiň öňünde söz
sözlär, kameralary özüne gönükdirmek üçin ýygnanyşyklarda hemişe
ortada hem-de üns merkezinde bolmaga çalşar. Ol şeýdip ömür
şahadatnamasyna sowukganlylyk bilen goluny goýar we dünýäden
öter.
Beýik adamlaryň ýörelgesi beýle bolmaýar. Beýikler köpçüligiň
arasynda orta çykýan hem bolsa, dürli düşünjeler, akyllar bilen
tanyşmak, pikir alyşmak üçin çykýar. Hakykaty sözlemek, gözelligi gözlemek, haýry we ajaýyplygy ýaýratmak üçin çykýar. Kagyza ýazmak üçin bilini egýän bolsa, ýazmakdan maksady akyllara
müşgillik döreden zatlary açyklamak, düşünmesi kyn bolan meseleleri düşündirmek üçin ýazýar. Ol parlaklygy, ýagtylygy gözlemeýär,
parlaklyk onuň özüni gözleýär. Parlaklygyň, meşhurlygyň özi oňa
aşyk.
Heý-de sen pikir etdiňmi, ýazyjy Mustafa Sadyk ar-Rafygy
«Galamyň ylhamy» atly eserini ýazyp otyrka, oý-pikiri, küýi-hyýaly
adamlara görünjek bolmak, şöhrat gazanmakdyr öýdýärmiň?! Filosof
we pikirmen adam Seýýid Kutb «Kuranyň saýasynda» atly eserini
ýazýarka, öz okyjylaryny, muşdaklaryny haýrana goýmak islegi bilen
ýazandyr öýdýärsiňizmi? Professor Abdyl al-Mesiri özüniň «Sion ensiklopediýasy» atly uly göwrümli işini ýazan wagty «Adamlar men
hakda näme pikir ederlerkä, maňa näme diýerlerkä?» diýen niýet
bilen, özüne şeýle sorag berip ýazandyr öýdýärsiňizmi? Asla beýle
pikir etmeýärin... bu beýik ynsanlar özlerine ynanylan beýik wezipäni berjaý etmek üçin hereket edýärler. Olaryň iň beýik maksady:
adamlaryň eşitmeli sözlerini aýdyp ýetişmek.
Olaryň biri mähelläniň öňünde bir söz sözlär, bu sözler Zeminiň
ähli ujuna ýaýylar. Adamlar näme aýdylandygy, näme üçin aýdylandygy, nähili aýdylandygy hakda gürrüňe, söhbede gyzygarlar,
bu sözleriň aňyrsynda nähili manylaryň, maksatlaryň ýatandygyny
131
çöşlemäge synanyşarlar. Şeýdip, olaryň at-abraýy ýüreklerde, aňlarda
orun alar.
Şonuň üçin hem olar hemişe biziň aňlarymyzda, hatyralarymyzda, akyllarymyzda mesgen tutýar. Hatda biziň dünýägaraýşymyz
olaryň pikiri bilen gabat gelmeýän hem bolsa, biri-birine çapraz
düşýänem bolsa, olaryň käbir pikirlerine bütinleý garşy çyksagam, biz
islesek-de, inkär etsek-de, dünýäden ötendiklerine garamazdan, olar
özleriniň beýik pikirleri, ideýalary arkaly biz bilen bile ýaşaýarlar.
Şöhrata höwesek bilen abraýa mynasyp adamyň arasynda nähili
parh bar? Şöhrata höwesegiň ýanynda hemişe şöhratyň gyzgynlygyny ölçeýän termometr bar. Ol şol termometr arkaly adamlaryň özi
hakda edýän gürrüňlerini, öz şanyna aýdýan sözlerini ölçeýär. Abraýa
mynasyp adamy bolsa özge adamlaryň, il-günüň öwgüsi hem, tankydy garaýyşlary hem gyzyklandyrmaýar. Ol özüni, özüniň etjek işini
anyk bilýär, öz bilýän hakykatynyň ýanynda berk durýar. Adamlaryň
sowatsyzlygy, düşünjesizligi ondan üstün çykmaýar, çünki ol hakykata, öz etmeli we etjek işlerine gowy düşünýär.
Ol öz amalyna berlen, hünärini, edýän işini söýýär, yhlas bilen
ýapyşýar, hut şonuň üçinem üstünlik we mertebe-dereje hemişe oňa
ýakyn durýar.
Gaýta-gaýta ýanjaýan bir sözüm bar: şöhratyň elinden aman
sypan ýokdur. Filosoflaryň biriniň aýtmagyna görä, şöhrat balary ýalydyr. Ol bize arassa, süýji tagamly bal berýär, şol bir wagtda
onuň agyryly neşteri hem bar. Muňa garamazdan, has üns bermeli
ýeri, onuň iki ganaty hem bar. Saňa gonan wagty sen bal kölünde
gulaçlap, şöhrat deňzinde guwwas deýin ýüzýärsiň. Seniň adyň şol
wagt ýyldyzlaryň arasynda, belki şondanam beýiklerde gezip ýör.
Muňa garamazdan, birdenkä onuň uçup gitmegi we seni unudylmalar
taryhyna ýazmagy mümkin.
Gizlin zat däl – şanymyza el çarpylmagy hemmämize ýaraýar.
Bu ynsan tebigatynda bar bolan, özüne çekiji häsiýetleriň biri. Ol
özlügimizi, barlygymyzy berkitmek üçin tebigy teşneligi gandyrma132
ga kömek edýär. Ýöne aýtmak isleýän zadym, sen ähli ünsüňi edýän
amalyňa gönükdir, şonda iru-giç olaryň özi alnyňa, şanyňa, ýanyňa
geler. Sen özüňe ynanylan wezipäni ýa-da ýüregiňi berip, başyna
baran işiňi has kämil berjaý etmäge çalyş. Işiňi kämil ýerine ýetir.
Wyždanyňdan we ruhuňdan öz işiňe yhlas guý. Birjik-de säginme,
irme, bizar bolma, hatda maksadyňy, arzuwyňy birbada hasyl edip
bilmeýän hem bolsaň, umytdan düşme.
Nemes filosofy Şopengaueri hemmämiz bilýäris. Bu şahs bütin
ömrüni gat-gat kitaplaryň arasynda geçirdi, gözledi, tapdy, okady,
ýazdy. Sapak berdi, adamlary okatdy, leksiýa berdi. Täsin ýeri, ömründe ony hiç kim tanamady diýen ýaly, üýtgeşik şöhrata, abraýa
çümmedi. Abraýdyr hormatyň, sylagdyr sarpanyň özi oňa akdy durdy. Hemmeler Şopengauer hakda gürrüň etdi. Hemmeler Şopengaueri
okady. Gazetler diňe şol hakda ýazdy. Tankytçylar onuň pikirlerini we
işlerini, ylmyny öwüp, tarypladylar.
Şonda ol çuňňur manyly bir söz aýtdy: «Bütin ömrümi
ýeke-ýalňyzlykda, unudylyp ýaşadym, bu gün bolsa birdenkä adamlar depli-surnaýly topar tutup, meni – soňky ýoluma şowhun-dabara
bilen ugratmak üçin geldiler».
Eger-de bu adam ömründe şöhrat gazanmak bilen gyzyklanan
bolsa, ol ýazýan, okaýan, düzýän mahaly, dürli pikirleri we netijeleri
çykarýan wagty, öz asyl işlerine üns bermän, hemmeleriň özi hakda
gürlemegine garaşardy.
Dünýä belli suratkeş Wan Gog bütin ömrüni ýeter-ýetmezlikde,
pakyr-pukaralykda geçirdi, hiç kim onuň bardygyny hem duýmady.
Haýran galdyrýan ýeri, hatda ölüm pillesinde ýatyrka ol süýtdeş doganyna nebsi agyryp: «Sen surat çekmek üçin maňa satyn alyp beren
esbaplaryň bahasyny, puluny bir üzeweri» diýip haýyş edipdir.
Ony dogany ekläpdir. Surat çekmek üçin gerek bolan zatlary, esbaplary dogany satyn alyp berýän ekeni. Onuň çeken suratlaryny bazara çykaryp satar ekeni, emma ölmez-ödi iýip-içgä ýeterlik bahadan
ýokary satmaz eken.
133
Wan Gog näme üçin işlemekden, täze zatlary döretmekden
saklanmady? Oňa şöhrat gerek dälmidi? Ol şöhrat gazanmak üçin
göreşmedimi? Sebäbi ol şan-şöhraty esasy maksadyna öwürmedi, onuň esasy maksady ajaýyp suratlary çekip, sungaty ýüreklere
ornaşdyrmakdy.
Aýtmak isleýän zadyma düşünensiňiz diýip umyt edýärin. Şöhrat
düýbi-teýkary bilen erbet zat däl, ýöne şöhratyň bir özi esasy maksada
öwrülse, ine, bu ýaman ýagdaýdyr. Ine, şonda şöhrat şere öwrüler durar.
Hiç wagt eden işiň üçin dessine alkyş aýtmasalar ýa-da gadyryny, gymmatyny duýmasalar, bu häsiýet seniň işden sowaşmagyňa,
öndürijiligi gowşatmagyňa, täze zatlary döretmegiňe päsgel bermesin.
Munuň çözgüdi – edýän her bir işiňe söýgi bilen çemeleş, söýgi bilen giriş. Döredijilik kuwwatyňa, pikiriňe, sungatyňa, ýerine
ýetirişiňe ynan.
Bir zat welin anyk, Allatagala öz işini kämil we doly ýerine
ýetirenleriň yhlasyny, zähmetini birjik-de köýdürýän däldir.
Meşhur arap ýazyjysy Muhammet Afifiniň şeýle sözleri bar:
«Şöhratyň gözýetimleri gurşap, dünýäni dolduran hem bolsa, şol
dünýäniň içinde sen hakda asla eşitmedikler, seni düýbünden tanamaýan adamlar hemişe bolup biler».
42. GARYPLYKDAN GAÇ
«Garyplyk, ýoksullyk» diýenimde maddy taýdan ýeter-ýetmezligi, mätäçligi göz öňünde tutamok, ol zatlardan gaça durmaklyk, ol
zatlara kowalaşmazlyk nesihat ýa ündew etmezden hem düşnükli,
aýdyň zat. Men medeni, aň-düşünje, sowat-bilim taýdan garyplygy
göz öňünde tutýaryn.
Bu babatda az zat bilen kanagat etjek bolma, maglumat goruňy
baýlaşdyrmak islegine we zähmetine asla ýaltalyk etme. Küti-küti
kitaplaryň, žurnallaryň, gazetleriň, internet sahypalarynyň içine siň,
guwwas deýin çüm, dür tapman hem yzyňa dolanma. Seniň maglumat
134
goruňy, ylym-bilimiňi baýlaşdyrjak zatlara yhlas bilen çemeleş. Şonuň
bilen birlikde öz ummasyz pikirleriňi, düşünjeleriňi, ylhamlaryňy
hem belläp al.
Käbir adamlar özünde bar bolan mümkinçiligi artdyrmak,
ukyp-başarnygy kämilleşdirmek üçin baş galdyranoklar. Olar hemişe
dar çygyrda ýaşap, şol bir duýgy bilen gezip ýören ýaly görünýär.
Olaryň pikir-düşünjesi, gyzykly pikir alyşmalar üçin gerek bolan
gözýetimleri giňelmeýär. Megerem, pikir gurluşlary, pikir binalary
başga hili hereket etmäge mümkinçilik bermeýän bolarly.
Ýogsamam, bar küýi-pikiri seýilgählerde, barlarda, kafelerde,
internet saýtlaryndaky gürrüňlerden ybarat bolsa, olar neneň ýaşap
ýören döwri we dünýäsi bilen deň, aýakdaş ýöresinler, beýlekiler
bilen neneň medeniýetli, salyhatly söhbet etsinler? Ýekeje gün hem
olaryň elinde kitap görmersiň, ýa-da bir gün nähilidir bir zat hakda
çynlakaý oýlanyp, pikir edip durandygyna gözüň kaklyşmaz.
Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanymda, olar köplenç maňa
synaga giren we ýylandan başga hiç zat hakda bilmeýän talybyň
gününi ýadyma salýar. Ol talypda ýylanlar hakda baý maglumat gory
toplanypdyr, ýöne durmuş meselesi diňe ýylanlaryň kesgitlemesi
bilen çözülmeýär.
Synagda oňa piller hakyndaky sorag düşüpdir. Mugallym pili
ilik-düwme, gowy edip suratlandyrmagy haýyş edipdir. Talyp uzak
wagtlap pikire çümüpdir, beýnisine agram salyp pikir edipdir, ahyry
şeýle jogap beripdir: «Pil örän äpet haýwan, onuň uzyn holtumy bar.
Piliň bu holtumy uly ýylanlary ýadyňa salýar. Ýylan bu...». Soňra ol
ýylanlar hakda bilýän bar zadyny jikme-jik gürrüň beripdir.
Ine, şu talyp aň-düşünje misginlerine meňzeýär. Olar nämedir bir
zat hakda bir habar ýa maglumat eşidýärler, oňýarlar. Şol maglumat
hakda pikirlenjek, oýlanjak, ol hakda täze zatlary biljek, öwrenjek bolanok. Täze maglumatlary we pikirleri gözlänok, şeýdibem düşünjesi
dar çygyrda galyberýär. Şeýle adamlar bilen söhbetdeş bolanyňda hem
kyn güne galýaň. Käteler özüň şolaryň derejesine çenli peseläýmeseň,
135
olar bilen düşünişip ýa-da düşündirip biljek gümanyň ýok. Olaryň
düşünje meýdany şeýle bir dar welin, hatda ol ýere täze maglumat sygjaga hem meňzänok. Ilki bilen düşünje örüsini, meýdanyny
giňeltmeli. Olar tankydy dagyn asla kabul edenoklar. Özüne aýdylýan
bellikleri hem bilgeşleýin edilýän hüjümlere deňeýärler. Gaýta,
özgeleri düşünjesizlikde, durmuşdan yzagalaklykda aýyplaýarlar.
Kellesini gyzdyryp, sesine bat berip, gürleýärler welin, hamana ähli
zatda hakly bir özi ýaly. Durmuşy goh bilen gazanjak bolýarlar.
Emma sen bu duzaga, çirtmege özüňi aldyrma! Ylym-bilimiňi,
aň-düşünjäňi, medeni derejäňi artdyrmak bilen sen bu duzakdan halas
bolup bilersiň.
Okaýan wagtyň, sen akylyňdan bir sahypa ýokary galýarsyň, ol
ýerdäki durmuş tejribeleriniň, pikirleriň, çaklamalaryň, teklipleriň
üstüni açýarsyň. Bu bolsa seni adaty adamlardan ýokary göterýär.
Beýikleriň we alymlaryň öňünde oturmagyň seniň ömrüňe ýene
bir ömür goşýar. Ukyp-başarnygyň we güýç-kuwwatyň artmagyna
getirýär.
Adamzadyň hal-ýagdaýy, ýaşaýşy, durmuşy hakda pikir edýärkäň,
takdyr we ýazgyt meselesine düşünmek isleýärkäň, Allatagalanyň
ryzk we ondan mahrum bolmak, beýige göterilmek we pese düşmek
dogrusyndaky hikmetleri hakda kelle döwýärkäň, bir zada haýran
galýarsyň: durmuş hakdaky düşünjeleriň depesine çykmak üçin barmak ujunyň hakykatyň zerre bölejiklerine sähel galtaşmagy hem
ýeterlik.
Aýtmaklaryna görä, düşünjeli adam hemme zat hakdaky bir zady
we bir zat hakdaky hemme zady bilýär diýilýär. Ine, sagdyn düşünjeli,
pikirli adamlaryň bir häsiýeti, alamaty şeýledir.
Seniň etmeli işiň, saňa berjek maslahatym: hemme zat hakda
oka, hemme zat barada özüňe ýeterlik düşünjäň, sowadyň bolsun,
ýöne haýsy hem bolsa bir ugry has çuňňur öwren.
Ylmy gözlegleriň, okaýan, öwrenýän zatlaryň ýüzde 50 göterimini öz ugruňa, hünäriňe degişli bolsun. Galan elli göterimini
136
beýleki ugurlara bagyş et. Gazet sahypalaryny gözden geçireniňde,
ilki bilen ol ýerden öz ugruňa degişli, soňra hökmany ýagdaýda
medeni, aň-paýhas, sport, ylym we sungat, syýasat hakdaky ýazgylary oka.
Ilki göräýmäge ýönekeý ýa-da juda ähmiýetli, gyzykly görnendigine garamazdan, seniň okan, öwrenen, gözden geçiren her bir
maglumatyň nähilidir bir usul bilen, haçandyr birwagt saňa hökman
haýry deger. Okalan zatlaryň miwesini ýolmaly, hasylyny çöplemeli
wagty hem hökman geler.
Ýene bir zada aýratyn üns bermegiňi towakga edýärin: Okaýan
her bir zadyňy maksatly oka! Nämedir bir zady öwrenmek, öwrenen
zadyňy özleşdirmek, durmuşa ornaşdyrmak, gowy zatlary özgelere-de
öwretmek niýeti bilen oka. Has köp we çuňňur okamasaň, aň-düşünjäň
artýan däldir.
Adamlaryň iki görnüşi: az we dar düşünjeli adamlar ýa-da köp
okaýan, ýöne pytraňňy düşünjeli adamlar özleri üçin hem, öz halky,
milleti üçin hem at-abraý getirip bilmezler. Taryh ýazmak üçin, taryha
ýazylmak üçin düşünjäň giň bolmagy zerur.
Mahlasy, hemme zatlar hakda umumy düşünjäň bolsun, ýöne
haýsy hem bolsa bir ugurda kämilleş, haýsy hem bolsa bir hünärde
ýöriteleş.
43. HOWSALA ALHIMIÝASY
Ruhy sarsgynlyk we dartgynlylyk wagtynda adam ap-aňsatja
hile-mekirligiň, nadanlygyň, gözboýagçylygyň pidasy bolýar. Hatda döwletler we jemgyýetler hem başynda şowsuzlyk gögerçinleri
gaýmalaşyp ýörkä, hususan-da uly abraýdan we şöhratdan soňra, ters
pikirleriň, ýalan düşünjeleriň bol hasyl berjek topragyna öwrülýärler.
Olar pirim-duzaklaryň halkasyna, täsirine tiz düşýärler. Şonda olar
öz harytlaryny güjeňleýän we geçirmek isleýän mekir-mekgarlaryň
süýji we suwjuk sözleriniň nädip gurbany bolandyklaryny bilmän
galýarlar.
137
Taryhy kitaplarda ýazylmagyna görä, Wenesiýa şäheri orta asyrlarda Ýewropanyň iň meşhur we abadan şäherleriniň biri bolupdyr.
Sebäbi bu ýerde gündogar şäherleri bilen jebis söwda baglanyşygy
ýola goýlupdyr. Hökümet adyl we arassa, halal işläpdir. Bu ýagdaýlar bu şäheri diňe bir baý, abadan däl, eýsem, erkinlikden, adyllykdan
lezzet alyp, hözirini görüp ýaşap bolýan ajaýyp künjege öwrüpdir.
Wenesiýanyň ilaty bu hözirli, gönençli durmuş hemişe dowam
eder öýdüp pikir edipdir. Asman şalygy ony beýleki şäherleriň
arasyndan saýlap alan ýaly eken. Bu şäheriň bol rysgy, genji-hazynasy, berekedi agdyk we artyk bolupdyr. Ýöne takdyr olaryň
oslamaýan zadyny taýýarlap, gizläp goýan ekeni. Söwda-satyk
agalygy ilki ispanlaryň we portugallaryň, soňra gollandlaryň
we iňlisleriň eline geçýär. Güýç-kuwwat açarlary kem-kemden
wenesiýalylaryň elinden gaçyşyp başlapdyr. Bu şäher dura-bara
ykdysady agalygyny ýitiripdir. Birwagt beýik güýje öwrülen şäher
ähli güýjüni ýitireninden soňra, türkler ony wenesiýalylaryň elinden gaňryp, basyp alypdyr. Bu waka on bäşinji asyryň aýaklarynda bolup geçýär.
Şonda baý maşgalalar tozup galýar. Hiç kimiň kellesine gelmedik garyplyk bulutlary olaryň ählisiniň başyny gaplaýar. Hemmeler
geçen hoşwagt günlere gyýylyp, gynanyp, ahmyr bilen ýatlaşyp,
öten günlere nazar salyp gezipdirler. Olaryň lapykeçligi, göwnüçökgünligi aňryçäk derejelere ýetipdir.
1589-njy ýylda adamlaryň gulagyna Marko Bragadino atly
bir jadygöýiň habary gelýär. Bu adam akyl ýetmez ençeme işleriň
hötdesinden gelip, adaty metaly altyna öwürmegiň ussady ekeni.
Soňra şol altynlary hem esse-esse köpeldip bilýän eken. Bu habar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.