Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19

Total number of words is 3610
Total number of unique words is 2163
25.0 of words are in the 2000 most common words
36.1 of words are in the 5000 most common words
43.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
almasy aňsat, ýetmesi ýeňil bolmadyk abraýly, mertebeli maksat
bolsun! Sen her gün şol maksadyňa tarap täze bir ädim ät! Her gün
täze bir ädim bilen öňe ýöre!
Göwni çökgün we ýüzi tutuksy görkezip, ömri zyndana
öwürýän lapykeçlik, umytsyzlyk, her bir zady erbetlige ýormak arkaly durmuşy ýaramaz saýmak, adamlardan aýyp gözlemek, älem-jahanyň diňe galagoply, ýaman-ýaramaz wakalarynyň
gürrüňini etmek ýaly häsiýetlerden doly üzňe bol! Beýle endiklerden
ymykly araňy aç.
Iň bagty gelen adamlar terbiýesi jüpüne düşen adamlardyr. Eger-de ene-atalar, terbiýeçiler, mugallymlar olaryň dogabitdi asyllylyk häsiýetlerini ösdürip, gowy gylyklaryny sazlap,
gözýetim-garaýyşlaryny giňeldip bilen bolsalar, ýüzi açyklyga,
jomartlyga, giň göwünlilige endik etdiren bolsalar, iň asylly we
bähbitli maksadyň başardygyňdan ile-güne ýagşylyk etmekdigini
283
düşündiren bolsalar, köňlüň her bir ýagtylyk-yşy, söýgi-keremi,
haýyr-sahawaty nurlandyrýan güneşdigini, ýüregiň mähir-muhabbetden, ýagşylykdan, adamkärçilikden doly bolmalydygyny,
gatnaşyk saklaýan, gabatlaşýan her bir adam bilen mylakatly bolmalydygyny öwreden bolsalar – bular bagtly bolmaga iň mynasyp
adamlardyr.
Ýylgyrýan, göwnaçyk adam ýüz kynçylygy görer-de, ýylgyrar,
gaýta ýene bir kynçylygy ýeňjekdigine bolan ynam hoşuna geler.
Ýüzüni sowmaz, kynçylygyň ýüzüne sereder – ýylgyrar. Çäresini tapar – ýylgyrar. Hötdesinden geler – ýylgyrar. Tutuksy ýüzler
bolsa sähel kynçylygy göreninden, yzyna serpigip gaçar. Seretdigi
saýy, ýagyr gurçugy ýaly ulalar gider, erki ejizlär, süňňi gowşar,
gujur-gaýratyndan nam-nyşan galmaz. Bahana yzyna bahana agtaryp başlar. Onuň nägile bolup, gargap oturan «döwri-zamany» bolsa
özüniň ýaramaz tebigatyndan we terbiýesinden başga zat däldir. (Ol
döwürden-zamanadan her gadar nägiledir, ýöne bu nägilelik üçin
döwürde günä ýokdur, olaryň öz tebigatynda we terbiýesinde nogsanlyk bardyr).
Ol üstünlik gazanmak isleýär, ýöne onuň bahasyny töläsi gelenok – yhlas edesi, zähmet çekesi gelenok. Onuň ýönelen her bir
ýolunda agzyny açyp duran ýolbars bar ýaly, hamana. Ol asmandan ýagyş däl-de, altyn ýagaryna ýa-da ýeriň jarka ýarylyp, bir
hazynanyň ýüze çykaryna garaşyp gezýär.
Durmuş kynçylyklarynyň göwrümi-gabarasy köňlüň ony nähili
görýändigine bagly. Her bir agyr, kyn zat kiçi, ejiz köňüllerde has agyr
bolup görünýär. Belent we gaýratly köňül üçin ýeňip bolmaýan kynçylyk, geçip bolmaýan böwet diýen düşünje ýokdur. Gaýta beýik köňüller
uly işleri gördügiçe barha dogumlanyp, ýigdelip başlaýar. Ejiz, hor-har
köňüller bolsa, kynçylykdan gaçdygy saýy süňňüni der, ýüregini dert
basyp, öňküje ýagdaýyny hem ýitirýär. Kynçylyklar ýarak (diýen etmezek) it ýalydyr. Gorkup gaçýandygyňy bilse, üýrüp, yzyňdan ko284
walap başlar. Eger ähmiýet bermeýändigiňi, äwmeýändigiňi, gözüň
ýanyp durandygyny bilse, guýrugyny ýamzyna gysyp, ötere ýol berer.
Gaýta, senden gorkusyndan ýaňa öz ini düýrüger durar.
Göwnüňi çökerip, ruhuňy berbat edýän iň hatarly urgy öz
gymmatyňy bilmezlikdir. Özüňi pes, emelsiz, başarnyksyz adam
hökmünde göz öňüne getirmekdir. Uly işleri bitirip bilmejek ýa-da
özüňden uly ýagşylyga garaşylmaýan adamdyr öýtmek ýalňyş pikir. Öz
pesligiň, ejizligiň hakdaky şeýle ters pikirler özüňe, güýç-kuwwatyňa,
ukyp-başarnygyňa bolan ynamy kül edip taşlaýar. Bir işiň başyna
barsaň, başarnyga bolan müňkürlik we üstünlige bolan ikirjiňlenme
durky-düýrmegiň bilen zähmet çekmekden sowaşdyrýar. Şeýdibem,
şowsuzlyga uçraýarsyň. Unutma, Alla saňa ömür beren bolsa, sen bu
ömre gereksiň we seniň gymmatyň bardyr.
Her bir zada ynamly girişmek ýaly beýik zat ýok. Üstünligiň esasy açary – şol işi başarjakdygyňa bolan ynam. Özüňe, güýç-gaýratyňa
bolan ynam bilen özüňe aşa göwnüýetijiligiň, özüňe magrurlygyň,
hondanbärsiremegiň arasynda Ýer bilen Gök ýaly üzňelik bar. Özüňe
göwnüýetijiligiň özeninde ham-hyýallara ýugrulan, degersiz ulumsylyk ýatyr. Özüňe ynanmaklygyň özeninde jogapkärçiliklere hötde
gelmek, özüňi güýçlendirmek, taplamak we has kämil taýynlanmak
ýaly, başarnygyňa bolan ynanç ýatyr.
Şahyr Iliýa Abu Mazynyň setirlerinde şeýle diýilýär:
«Ol maňa: «Gögüň ýüzi tutuksy, garalypdyr» diýdi.
Men oňa «Garalsa, Gögüň ýüzi garalýar. Sen ýylgyr, ýüzüňi aç»
diýdim.
Ol: «Göwün asmanym hem gubarlandy, onuň içi garaňky zulmata öwrüldi.
Ýüregime salanymdan soňra, ýagdaýlar ýaramazlaşdy.
Gülere, ýylgyrara rowgatym ýok» diýdi.
Men: «Ýylgyr. Her zady ölçerip-ölçäp ýörseň, ömri birahatlyk
bilen ötürersiň» diýdim.
285
Ol: «Söwdalar hem ugrugyp gidenok. Basdaşlar kän. Teşnelikden
heläk bolup barýan mysapyr ýaly» diýdi.
Men: «Ýylgyr! Derdi hem, şypany hem sen bereňok, ýylgyryp
gör, belki, ähli zatlar düzeler.
Başga biri günä iş etse, hamana, ony özüň eden ýaly, öýde müýnli, örtenip otyrsyň» diýdim.
Ol: «Daş-töweregim basdaşdan doly, olaryň zenzelesi göge
galdy,
Daşymy duşman gaplap durka, neneňsi ýylgyraýyn?» diýdi.
Men: «Ýylgyr, olaryň günäsi üçin seni tutmazlar. Sen şolardan
däldigiňe begen we ýylgyr» diýdim.
Ol: «Ömür möwsümleri baýdagyny göterdi. Olar meniň
geýnişime hem, ýüz keşbime hem täsirini ýetirdi.
Ýakynlarymyň öňünde borjum hem başdan agdyk. Berere welin,
elimde pulum ýok» diýdi.
Men: «Ýylgyr, sen heniz diri we ýakynlaryňdan hem aýrylaňok»
diýdim.
Ol: «Gijeler maňa türşek dadyran ýaly, gözlerimden ukyny aldy»
diýdi.
Men: «Ýylgyr. Sen türşek dadan ýaly hem bolsaň, seniň bu
halyňy gören başga biri, gaýgy-hasratyny bir ýana zyňyp, sen ýaly
hiňlenmegi özüne bagt biler.
Sen näme gaýgy bilen pul gazanyp bolýandyr öýdýärmiň ýa-da
güleňde, ýylgyraňda mülküň tozar öýdýärmiň?
Eý, dostum, dodaklaryň düýrülip, ýüzüň gamaşyk bolmagynda
haýyr ýokdur.
Gül, ýylgyr. Gije tümlüge çümende, ýyldyzlar ýylgyrýandyr,
ýyldyzlary biz şonuň üçin söýýäris» diýdim.
Ol: «Bu dünýä öz erkine gelmeýän we bu dünýäden mejbury
gidýän ynsany ýylgyryş bagtly edip bilmez» diýdi.
Men: «Ýylgyr, hatda ölüm bilen araňda bir garyş aralyk galan
hem bolsa, ýylgyr. Şu wagt ýylgyrmasaň, soň güljegiň gümana»
diýdim».
286
Ýylgyryş, gülerýüzlülik, açyk we giň göwünlilik, geçirimlilik, ruhubelentlik hem-de eglişik etmeklik ynsanlara gerek esasy
häsiýetlerdir.
***
KÖSENÇLIK WE NYGMAT
Agyry-ynjy çekmek, görgi görmek elmydama ýazgarylýan, ýigrenilýän zat däldir, gaýta, käteler bendäniň görgi görmeginde, kösenmeginde onuň üçin örän köp peýda bardyr.
Kösençlik çekýän wagtyňyzda Hudaýa edýän gyzgyn
dileg-dogalaryňyz halys ýürekden çykýandyr. Dert-agyry bilen
gurşalan wagtyňyz sydky-köňülden tesbihler aýdýansyňyz. Ylym
gazanylýan möwsüminde talybyň gören kösençlikleri we gerdeninde
göteren ýüki ugurtapyjy, başarjaň bir alymy hasyl edýär. Ilkibaşda
kynçylyklar bilen ýanyp-bişen talyp, ahyrynda Gün deýin ýalbyrap
dogýar, ýagtylyk saçýar. Şahyryň durmuş ýolundaky örtenmeleri we
başdan geçirmeleri täsirli hem-de maýyl ediji eserleri döretmegine
esas bolýar. Çünki ol külpetleri kalby, süňňi bilen duýýar. Öz setirleri
bilen ony özgeleriň ýüregine haşamlap, nagyş salýar – duýgular gozganýar, ýürekler gobsunýar. Ýazyjynyň başdan geçirmeleri, durmuşda
duçar bolan kösençlikleri nakyllaryň, şekilleriň, ýatlamalaryň arasyna
siňip, ölmez-ýitmez we özüne çekiji eseriň döremegine getirýär.
Süýji, bol-telki, aladasyz durmuşda ýaşan, hiç hili kösençlik çekmedik, kynçylyklaryň neşterine awunmadyk, külpetler bilen ýygrylyp-ýazylmadyk talyp ýalta, ysgynsyz, ugursyz bolup galar. Agyry-ezýetiň nämedigini bilmeýän, durmuşyň ajysyny-turşusyny datmadyk
şahyryň goşgulary bimany gürrüňleriň topbagy we köpürjik deýin
sözleriň üýşmegidir. Sebäbi bu sözler, setirler olaryň wyždanyndan
dömmedik, düşünjesinden syrygmadyk, kalbyna, süňňüne ornamadyk duýgulardyr. Ol diňe dil ujundan çykan şygyrlardyr.
Muňa has jaýdar we nusgalyk mysal getireýin: Yslamyýetiň
ilkiçaglarynda ýaşanlar, pygamberlik daňynyň atyşyny we sag287
dyn milletiň kemala gelşini gözi bilen gören adamlar ynanç-iman,
ýürekleriniň päkligi, dilleriniň sadyklygy, ylymlarynyň çuňlugy
babatda has belentde durýarlar. Çünki olar hut kösençlikleriň,
kynçylyklaryň arasynda ýaşadylar we muňa döz geldiler. Ymmatyň iň
saýlanan, iň arassa, iň asylzada adamlary bolup galdylar. Päkizeligiň
aýdyň alamatyna, asylzadalygyň parlaýan tuguna, hak iş üçin özüňi
pida etmegiň nusgasyna öwrüldiler.
Agyr hassalyklary, kynçylyklary, kösençlikleri başdan geçiren birnäçe adamlar ajaýyp eserleri miras galdyrdylar. Sebäbi olar
durmuşyň galagoply, gaýgy-hesretli, örtenmelerden doly ýollaryndan
ýörediler. Kynçylyklar bilen bişişdiler. Şahyr Mütenebbi gyzdyrma
bilen kesellände, onuň agşamlaryna möwjeýändigini ýaňzydyp:
«Meniň bu myhmanym örän utanç-haýaly ýaly,
Ol meniň ýanyma diňe garaňkylykda gelýär» diýen setirlerini
ýazdy.
Durmuşda yz galdyran şeýle adamlar örän kändir, sebäbi olar
kynçylyklary başdan geçirip, şol derejä ýetdiler.
Onda başyňy alyp duran agyry-dert üçin gyýylma. Kynçylyklardan ejizleme, örtenmelere per berme. Päsgelçiliklerden gorkma. Seniň
bir ömürlük güýç-gaýratyň hem, guwanara-buýsanara zadyň hem bardyr. Göçgünli we joşgunly ýürek bilen ýaşap görmek, käteler örtenmek we janyňy ýakmak, kösenmek duýgulary, garaýyşlary, ýollary
has tämizleýän, parlak edýän zatlardyr. Bu ýagdaý sowuk duýgular,
mejalsyz bedenler, öçügsi göwünler bilen ýaşamakdan has haýyrlydyr. Çünki soňkularyň ynsan mertebesini galdyrmakda hiç hili haýry-peýdasy ýokdur.
Ýalynly we ýyly sözler, öwüt-ündewler ýürek gatlaryna aralaşyp,
jan çuňluklaryna çümýär. Çünki agyry-dert, ynjy-yza ýürek we jan
bilen çekilýär. Şeýle görgülerden soňra «Allatagala olaryň ýüregindäki zatlary bildi we olara ynjalyk aralaşdyrdy hem-de ýakyn geljekdäki bir ýeňşi-üstünligi bagyş etdi» diýlen söz hakykat ýüzünde hasyl
bolýar.
288
Käbir şahyrlaryň goşgularyny, şygyr diwanlaryny okarsyňyz,
emma olar şeýle bir sowuk, ol setirlerde asla joşgun, gyzgalaň
görmersiňiz. Sebäbi olar bu setirleri çendenaşa rahatlygyň içinde,
agyry-ynjyny, alada-ünjini duýman düzüpdirler. Şeýdibem, ol bir buz
bölegi ýa-da laý tokgasy ýaly bolup kemala gelipdir.
Öwüt-nesihatly käbir eserler bardyr. Diňlärsiň, bir duýgyň hem
gozganmaz. Eşidersiň, ýüregiň oýanmaz, hatda süňňüň bir zerresi
hem gymyldamaz. Çünki olar bu sözleri kynçylygy görmän, şol
zatlary başdan geçirmän, anyk göz ýetirmän ýazyp goýberýärler.
Mukaddes Kitapda aýdylyşy ýaly, «Ýüreklerinde ýok zady dillerine
getirýärler».
Öz şygryň ýa-da sözleriň bilen ile-güne täsir etmek isleseň,
zähmet we kynçylyklar bilen özüňi tapla. Şol zatlardan täsirlen. Ajy-süýji, turşy ýagdaýlaryň tagamyny dat. Kynçylyklaryň göni içine
aralaş, päsgelçilikler bilen göreş, şonda seniň aýdýan her bir sözüň,
edýän her bir hereketiň özgelere nusgalyk we täsirli bolup galar.
***
BILIM NYGMATY
«Allatagala saňa bilmeýän zatlaryňy öwretdi. Allanyň saňa bolan
merhemeti beýikdir». Sowatsyzlyk ynsabyň ölümi, durmuşyň weýran
bolmagy, ömrüň ýele sowrulmagydyr. Kurany-kerimde: «Nadan,
bilmeýän adamlardan bolmaň» diýilýär.
Ylym-bilim köňül gözgüsiniň ýagtylygy, ruhlaryň diriligi,
tebigatyňy janlandyryp, ýyladyp duran otdur.
Şatlyk-şadyýanlyk we göwnügiňlik ylym bilen gazanylýar, olara
ylym-bilim bilen ýetilýär. Ylym düşnüksiz zatlary aýdyňlaşdyrýar,
ýiten-ýitirilen zatlary gazanýar, örtülgi zatlaryň üstüni açýar. Ynsan
köňli täze zatlary bilmäge we geň-täsin zatlary synlamaga höwesekdir.
Sowatsyzlyk, nadanlyk bolsa perişanlyk we tukatlykdyr, gaýgy
we gamdyr. Sebäbi beýle ýaşaýyşda hiç hili täzelik, özüne çekijilik,
* 19. Sargyt № 975
289
täsinlik, datlylyk ýok. Onuň şu güni hem edil düýni we öňňini ýaly.
Onuň ertiri hem edil şu güni ýaly.
Bagtyýar ýaşasyň gelýän bolsa, ylym-bilim al, täze zatlary
öwren. Gözüň elmydama täzeçillikde, gowy zatlaryň gözleginde bolsun. Peýdaly maglumatlary topla. Şonda tukatlygam, gaýgy-gamam,
ýerliksiz ünjülerem senden arany açar. «Allahym, meniň ylmymy artdyr (zyýada et)» diýip, dileg et», «Ýaradan Biribaryň ady bilen oka!»,
«Allatagala kime uly ýagşylyk etmek islese, oňa din-durmuş ýollaryny
öwreder (düşündirer)». Ylym-bilimi nola deň bolan nadan ne baýlyk
bilen, ne at-abraý bilen öwünmäge haklydyr. Onuň durmuşy doly we
ömri kämil däldir. «Perwerdigärden saňa inderileniň hakykatdygyny
bilýän adam, şony bilmeýän kör kişä meňzärmi?».
Zamahşarynyň sözlerini ýatlaň:
«Ylym dörjeläp geçiren ukusyz gijelerim, maňa näzeniniň
wysalyndan we mähirli gujagyndan lezzetlidir.
Düşnüksiz meseläni çözmek üçin höwes edip yranyp oturyşym,
sakynyň meýinden has işdä açyjydyr we datlydyr.
Galamlarymyň kagyz ýüzündäki jygyldysy (sesi), dawakeşleriň
galmagalyndan we aşyklaryň pyşyrdysyndan süýjüdir.
Kagyzlarymyň ýüzünden kakyp aýyrýan gum-çägelerimiň sesi,
ýaş sazanda gyzyň kakýan nagara sesinden lezzetlidir.
Meniň derejämi arzuw bilen gazanmaga çalyşýan, eý, ynsan,
kämil bilen höwesegiň arasy, gör, nähili uzakdyr.
Men munuň üçin tüm gijeleri ýatman geçirýän, a sen ukyny
urýaň, ýene-de meniň derejäme ýetmek isleýäň».
Ylym, gör, nähili şerapatly zat. Gör, jan-köňül onuň arkasyndan
nähili şatlanýar, gursaklar köşeşýär, hatyra-hakyda hoşuňa gelýär.
«Hudaýyň bagyş eden aýdyň ýoluna eýerýän kişi, öz eden ýaman
amalyndan göwnühoş bolup, haý-höwesine eýeren kimseler ýaly bolarmy?» diýilýär.
***
290
ŞADYÝANLYK SUNGATY
Ýüregiň şadyýanlygy, durnuklylygy we rahatlygy iň uly
nygmatlaryň biridir. Ýürek şadyýanka zehiniň ýiti, döredijiligiň
hasylly, janyň joşgunlydyr. Aýtmaklaryna görä, şatlyk-begenç hökman öwrenilmeli we öwrenip bolýan sungatlaryň, ylymlaryň biridir.
Ony nähili gazanmalydygyny, hasyl edip bolýandygyny bilýän adam
durmuşyň ajaýyplyklaryndan we ýaşaýyş ýollaryndan özüne geregini
gazanar. Çar ýany nygmat bilen gurşalar we öz ömründen minnetdar
bolar. Munuň üçin nämeler etmeli? Şadyýanlyga ýetmek üçin çydamlylyk kuwwaty we her hili ýagdaýlardan baş alyp çykmaklyk gerek.
Durmuş harasatlarynyň öňünde çaýkanmaly däl, hadysalaryň öňünde
sarsmaly däl, biderek zatlara janyňy ýakmaly däldir. Ýüregiň güýç-gaýratyna we päkizeligine görä janyň röwşenlik we rahatlyk tapar.
Durnuksyz häsiýet, kynçylyklara garşy gowşak hereket etmek,
bisabyr jan alada-ünjüleriň, gaýgy-gamlaryň, derdi-yzalaryň eýerläp
münen ulagydyr. Kim kynçylyklara garşy durmaga we sabyr etmäge
endik etse, päsgelçilikleri ýeňmek oňa aňsat bolar. Arap şahyrlarynyň
birinde: «Ýigit diňe arzuwlarda ýüzmegi endik etse, Onuň ýörejek
ýeri diňe batgalyk bolar» diýen setirler bar. Diňe arzuw bilen çäklenmän, gaýrata galyp, zähmete daýanmalydyr.
Gözýetimiň darlygy, garaýşyň ýüzleýligi, diňe öz bähbidiňi
ileri sürmeklik hem-de bu dünýäni we ondaky ähli zatlary gözden
salmaklyk şadyýanlygyň ganym duşmanlarydyr. Diňe öz bähbidini bilýänler adamlaryňam, Allanyňam duşmany hasap edilýär. Allatagala şeýle adamlary «Olar diňe öz janlarynyň gamyny ederler»
diýip suratlandyrdy. Dar düşünjeli adamlar diňe özlerini tutuş barlyk hökmünde görerler. Beýlekiler hakda pikir etmezler, özgeler
üçin der dökmezler. Başgalaryň aladasyna baş galdyrmazlar. Senem,
menem ýaralarymyzy, gaýgy-hasratlarymyzy unutmak üçin käteler
özümizden ünsümizi sowup, käteler nebsimizden, öz aladalarymyzdan uzaklaşmalydyrys. Şol wagtda biz birbada iki işiň hötdesinden
geleris: hem özümizi, hem-de beýlekileri begendireris.
291
Şadyýanlyk sungatynyň ýene bir esasy ýoly pikirleriňi jylawlap,
duýgularyňy çäklendirip bilmekdir. Onuň (pikirleriň) azaşmagyna,
gaçmagyna, ýolundan gyşarmagyna, tezmegine, gaharyňy getirmegine ýol bermegin. Eger sen pikirleriňi öz ugruna goýberseň, onuň
ynjysyny, näzini çekiberseň, ol saňa dünýä ineliň bäri hatyraňda
saklanan hasratly günleriň hasap depderini gaýtadan ýadyňa salar.
Kynçylyklar, ýaramazlyklar hakdaky kitaplaryňy özüňe okap berer. Pikirleriň jylawy goýberilse, sergezdan pikirler ýaraly geçmişiň
şowsuzlyklar kyssasyny we gorkuly geljegiň galmagalyny açyp
görkezer. Ynanç sütünleriň sarsar, barlygyň çaýkanar, duýgularyň
gorjalar. Şonuň üçin duýgularyňy owsarla we olary netijeli, peýdaly
bir işi etmäge gönükdir (yhlas bilen gönükdir). Hem-de her bir haýyrly işiň başyna baranyňyzda «Hiç wagt ölmeýän Allatagala töwekgel
ediň (bil baglaň)».
Şadyýanlyk sungatyny öwrenmegiň ýene bir ýeser ýoly bar:
ýaşaýşa mynasyp baha bermek, ony öz mertebesinde görmek.
Ýaşaýyş bu bir gyzyklanma, oýun-güýmenjedir. Ýeri onsoň şeýle
häsiýetli durmuş üçin neüçin gama batýarsyň? Geçip giden her bir
güni, maddy zatlary üçin hasrat çekýärsiň?
Hadysda aýdylyşyna görä: «Ylym öwrenmek bilen gazanylýar,
çydamlylyk – tejribe bilen». Edep-terbiýe sungatyna görä, şadyýanlygy
öz häsiýetiňe öwrüp bolýar. Munuň üçin elmydama ýagşylyk etmeli,
özgeleriň ýüzüne gülüp bakmaly, pursatlary peýdalanyp bilmeli (sebäpleri tutmagy başarmaly), hemişe gowulyga tarap ädim ätmeli.
Dünýä durmuşy göz-gaşymyzy çytyp, zeýrenip, ýazgaryp, kimdir
birinden nägile bolup ýörenimize degýän däldir.
Şübhesiz bir hakykat – sen gaýgy-hasratlaryň galdyran yzyny,
täsirini durky-düýrmegi bilen durmuşyňdan aýryp bilmersiň. Çünki
durmuş şeýle ýaradylan: «Hakykatdan hem, biz ynsany mähnet-muşakgat içinde ýaratdyk», «Allatagala siziň haýsyňyzyň ýagşy amal
edýändigiňizi synamak üçin ýaratdy» diýen sözler bar. Esasy maksat
gaýgy-gamlary, alada-ünjüleri, gowgaly pikirleri, mümkin boldugyndan, azaltmakdyr. Bu dünýäniň halyny-ýagdaýyny, sypatyny-keşbini
292
tanan adam onuň jebir-jepadan, örtenmelerden doludygyna göz ýetirer. Bu zatlaryň dünýä durmuşynyň asyl tebigatydygyny, gylyk-häsiýetidigini biler. Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar:
«Ol beren wadasyna hiç wagt hyýanat etmejegine söz berdi,
Ýöne ol hiç wagt wepa bermezlige äht eden ýaly».
Eger dünýä durmuşynyň ýagdaýlary biziň aýdyşymyz ýaly bolsa,
onda akyly, üşügi, düşünjesi bolan her bir adam muny öz garşysyna
ulanmaly däldir. Özüni bolgusyz pikirlere, ötegçi hesretlere, gaýgy-gamlara ýesir-bendi etmeli däldir. Gaýta durmuşy bulaşdyrýan bu
ýagdaýlara garşy güýjünde baryny edip göreşmelidir.
***
OÝLANMA
Gamgyn bolma! Sen garyp bolsaň, başga biri bergä çümüp
oturandyr. Sende ulag ýok bolsa, başga birinde aýak ýokdur. Bir
agyrydan zeýrenýän bolsaň, özge biri ýyllarboýy düşege baglanyp
ýatandyr. Sen bir jigerbendiňi ýitiren bolsaň, başga ýerde bir hadysada birnäçe perzendini elden aldyranlar bardyr.
Gamgyn bolma! Sen musulmansyň. Allanyň birligine, pygamberlere, perişdelere, ahyret gününe, ýazgydyň haýrynyň, şeriniň Alla
tarapyn ýüze çykýandygyna ynanýarsyň. Bu zatlara ynam etmek bilen
dünýädäki iň beýik nygmata – iman nygmatyna eýesiň.
Gamgyn bolma! Günä iş etseň, dessine toba et! Ýamanlyk etseň,
dessine ötünç sora! Ýalňyşsaň, derrew düzet! Allanyň merhemeti
giň, toba gapysy elmydama açykdyr. Allanyň geçirimliligi beýikdir.
Ýürekden çykan tobalar kabul edilýändir.
Gamgyn bolma! Janyňy örteme, barlygyňy çaýkama, ýüregiňi
ýadatma, düşegiňi birahatlyga eýeletme we aladalara çümüp, gijäňi
çirim etmän geçirme! Arap şahyrlarynyň birinde şeýle setirler bar:
«Bir bela-beter üçin ýigit dargursak bolar, emma Allanyň ýanynda onuň çykalgasy bardyr.
293
Bogular, darygar, haçan-da halkalar dartylyberende, bir yş açylar, düwün çözüler. Bu düwünler öň asla çözülmejek ýaly görnen
bolsa-da».
***
DUÝGULARY JYLAWLAMAK
Joşgunlaryň möwjemegi we duýgularyň gozgalaňa düşmegi
iki sebäp bilen ýüze çykýar: çakdanaşa begeneniňde we agyr ýagdaýa ýoluganyňda. Hadyslaryň birinde: «Iki sany akmak (kelesaň)
we ýakymsyz – çirkin sesi çykarmak maňa gadagan edildi: ýakymly
ýagdaýa, nygmata çümülende we bela-betere uçralanda» diýilýär.
Kurany-kerimde hem «Eliňizden giden närsä gynanmaň we bagyş
edilen närse bilen aşa şatlanyp (howalanyp) gitmäň» diýen söz bar.
Hut şonuň üçinem pygamberimiziň hadysynda: «Hakyky sabyr ilkinji
urguda (zarbada) äşgär bolýar» diýilýär. Gaýgyly we şatlykly pursatlarynda duýgularyna erk edip bilýän adam ýanbermezlik we durnuklylyk mertebesine mynasypdyr. Ol bu häsiýetleri bilen gönençlige
we rahatlyga, bagta we bol-telkilige ýeter. Nebsinden üstün çykyş
lezzetini dadar. Allatagala ynsany öte şadyýan, gopbamsy diýip suratlandyrdy. Ýamanlyga uçrasa, gyýylýandygyny, hoş güne ýetse,
gysylýandygyny aýtdy. Diňe namazyny yzygiderli okaýanlar bu nogsanlykdan azatdyr. Olar şatlykda we begençde, gaýgyda we hasratda özlerini endigan, birsyhly durnukly alyp barýarlar. Hoş gününde
şükür edýärler, kyn gününde sabyr edýärler.
Möwjeýän duýgular, güýçli äheňler ynsany görlüp-eşidilmedik
derejede ýadadýar. Horlaýar, azar berýär, ukusyny gaçyrýar. Şeýle
ynsanlar gaharlansa, çäkden çykýar. Özüni saklap bilmeýär. Gözi
gyzarýar, agzyndan ýalyn çabraýar. Özgelere haýbat atýar. Jany
ýanýar, ýüregi otlanýar we adyllyk, deňagramlylyk çäginden çykýar.
Bir zada aşa begense, sapa-lezzetlere çümýär. Bu bagtyýar döwrana
meýmiräp, özüni unudýar. Adamkärçilik çäginden öte geçýär. Birini
halamasa, terk etse, ýazgarýar, aýybyny agtarýar. Ähli gowy taraplary294
na gözüni ýumýar. Artykmaçlyklaryny ýere gömýär (gizläp saklaýar).
Kimdir birini halasa, oňa hormat halatlaryny ýapýar. Ony kämilleriň
hatarynda arşa göterýär. Eserleriň birinde şeýle söz bar: «Dostuňy
söýseň, çäkden çykman söý, kim bilip dur, bir gün duşmanyň bolup
galaýmasyn. Duşmanyňy ýigrenseň, çäkden çykman ýigren, kim bilip
dur, bir gün dostuň bolup geläýmesin». Pygamberimiziň hadysynda:
«Eý, Allahym, gahar-gazapda hem, razy-hoşallykda hem adyllygy,
aramlygy bereweri» diýilýär.
Duýgularyny jylawlap, ony akylynyň ygtyýaryna salyp bilýän,
oňa akyly bilen höküm edip bilýän adam, her bir zadyň agramyny
ölçäp, her zada bolmalysy ýaly baha kesýän adam hak zady görer, düz
ýoly saýgarar we hakykaty gazanar.
Yslam dini ruhy-ahlak gymmatlyklar, gylyk-häsiýetler babatda
deňagramlylygy saklamagy ündeýär. Ol sagdyn ýörelgäni, makul görlen kanuny we mukaddes milleti peýda eden dindir. «Sizi iň haýyrly
kowum etdik» (Gurhan, 2-143). Biziň ýörelgelerimiz deňagramlylyk
esasynda gurlandyr. Ähli zatda adyl bolmak gerek: kanunda, hökümde,
hereketde, sözde, amalda, gylyk-häsiýetde adyllyk, deňagramlylyk
saklanmalydyr. «Perwerdigäriňiziň sözleri sydk-u-adalatda kemal
boldy» diýilýär.
***
TUKATLYGY DURMUŞYŇDAN KOW!
Birzeýilli, üýtgewsiz durmuşda ýaşaýan adam tukatlyk, içgysmalyk derdine ýolugýar. Çünki jan tiz tukat bolýandyr. Üznüksiz gaýtalanyp duran şol birmeňzeşlikler ynsany basym irizýär. Hut
şonuň üçinem Allatagala üýtgäp duran pasyllary, möwsümleri ýaratdy. Dürli-dümen naz-nygmatlar, iýgi-içgiler, her hili jandarlar, gije-gündiz, beýiklik we çöketlik, düzlük we daglyk, ak we gara, gyzgyn
we sowuk, salkyn saýa we jokrama yssy, datly we turşy ýaly zatlary
hasyl etdi. Allatagala bu köp öwüşginliligi we köpdürlüligi öz kitabynda hem ýatlady: «Onuň (balarynyň) garnyndan adamlar üçin şypaly
295
derman bolan elwan reňkli içimlik çykar», «Ol beýiklere göterilýän
we göterilmeýän baglary, hurmazarlyklary we miweleri hilme-hil
bolan ekinleri, ýapraklary biri-birine meňzeýän we miweleri bolsa
meňzemeýän zeýtuny we narlary ýaratdy», «Biz bu günleri (ýagny
ýeňiş we ýeňliş günlerini) adamlaryň arasynda aýlap durýarys».
Ysraýyl kowumy şol bir tagamdan bez bolansoň, «Birmeňzeş
tagama hiç kanagat edip bilmeýäris» diýdi. Çünki olar hernäçe gowy
hem bolsa, diňe bir tagama endik edipdiler. Mamun hezretleri Gurhany käteler oturyp, käteler dik durup, käteler ýöräp barýarka okar eken.
Ol «jan tiz tukat bolýan zatdyr (şol bir ýagdaý tiz ýürege düşýär)»
diýer eken. «Olar turanda hem, oturanda hem, ýatanda hem Allany
ýatlaýarlar».
Ybadatlar hakda pikir edip görüň, olar örän köpsanly we köp
görnüşlidir. Ýürek, söz-dil, iş-amal, pul bilen ýerine ýetirip bolýan
ybadatlar bardyr. Namaz, sadaka-zekat, oraza, haj, Hakyň ýolunda
söweşmek hem bulara degişlidir. Namazyň bir özünde dikeliş, eglim,
sežde, oturyş ýaly birnäçe dürli hereketler, ýagdaýlar bar. Kim özüni
ruhubelent, dogumly, gujurly alyp barasy gelýän bolsa, ýagşylyklary
üznüksiz dowam edesi gelýän bolsa, gündelik durmuşyna dürli-dümenlik çaýsyn. Ýerine ýetirýän işlerine dürlüçe çemeleşsin.
Ýaşaýyş hörpüni, okaýyş usulyny gaýtalanýan we tiz irizýän şol bir
hereketlerden däl-de, dürli-dürlülik bilen doldursyn. Mysal üçin,
kitap okaýarmy, dürli ugurlara degişli: Gurhan, Gurhanyň tefsirleri,
meşhur adamlaryň ömür beýanlary, hadyslar, hukuk, taryh, edebiýat,
jemgyýetçilik medeniýeti ýaly kitaplary saýlasyn. Wagtyny ybadatlary bitirmek, rugsat berlen zatlardan gönenmek, sogaply amallary
artdyrmak, dost-doganlaryny zyýapata çagyrmak ýa-da myhmançylyga gitmek, bedenterbiýe bilen meşgullanmak, gezim-gezelenç etmek, dynç almak, göwün açmak ýaly rugsat berlen zatlaryň arasynda
paýlaşdyrsyn. Şonda bu wagtky tukat we melul köňlüň dogumly we
zarbyndan ot syçrap duran joşgunly ruha öwrüler. Çünki ruh dürli-
296
-dümenligi we täzeçilligi eý görýän närsedir. Täze zatlardan joşgun
we hyruç alýandyr.
***
GAMGYN BOLMA!
Gamgyn bolma! Ýazgyt üýtgewsiz, takdyr gutulgysyzdyr.
Galamlar gurady, sahypalar ýapyldy. Ähli iş üýtgewsiz, berkarardyr.
Gaýgy-gam hökman bolaýmaly wakany öňe-de süýşürip bilmez,
yza-da. Artdyrybam bilmez, egsibem bilmez.
Gamgyn bolma! Gaýgy-gam bilen zamanaň togtamagyny,
Günüň saklanmagyny, sagat dilleriniň tersine gaýtmagyny, yza ýöremekligi, derýalaryň gözbaşyna akmagyny isleýärmiň?
Gamgyn bolma! Çünki gaýgy-gam howany bozýan, tolkunlary
seçeleýän, asmany garaldýan, ajaýyp baglarda ýaňy açylan ter gülleri
döwüp taşlaýan bozuk şemal ýalydyr.
Gamgyn bolma! Gaýgy-gamly adam deňizden gözbaş alýan
we ýene-de aýlanyp-öwrülip deňze guýýan akmak derýa ýalydyr. Öz
dokan zadyny berk-pugta bolandan soňra, üzüp-üzüp taşlaýan zenan
kysmydyr. Deşik haltany üfläp, ýelden doldurmak isleýän adam ýalydyr. Barmagy bilen suwuň ýüzüne hat ýazýan kätip mysalydyr.
Gamgyn bolma! Rahatlyk we bagtyýarlyk seniň hakyky
ömrüňdir. Bagtyýar ötmeli günleriňi gaýgy-gama sarp etme, gijeleri
aladalara paýlama. Sagatlaryňy ýele sowurma, wagtyňy durmuşyňy
zaýa etmek üçin bisarpa ulanma, çünki Allatagala isrip edýänleri –
her bir zatda bisarpalyga ýol berýänleri halaýan däldir.
***
HER BIR ZAT TAKDYRA WE
ÝAZGYDA GÖRÄDIR
Ähli zat ýazgyda we takdyra laýyk hasyl bolýar – bu ähli
musulmanyň, pygamberimiziň ýoluna eýerenleriň ynanç-ygtykaty.
Durmuşda bolýan her bir zat Allanyň ylmy, islegi we owaldan
kesgitleýşi ýaly ýüze çykýandyr.
297
Bu sözlere üns beriň! «Zemine we özüňize ýeten her bir musybet, size gelmezinden owal, ýazgyt kitabynda ýazylandyr. Elbetde, bu
Alla üçin aňsatdyr».
«Elbetde, biz her bir närsäni anyk ölçeg-takdyr bilen ýaratdyk».
«Elbetde, sizi howp-hatar, açlyk, mal-u jan we miweleri kemeltmek ýaly närseler bilen synap görýäris».
Hadyslaryň birinde şeýle diýilýär: «Möminiň hal-ýagdaýy
hemişe oňunadyr, barça zatlar onuň üçin diňe ýagşylykdyr. Hoşluga
ýetse, muňa begense we şükür etse – bu onuň üçin gowulyk bolar.
Kynçylyga uçrasa, muňa sabyr etse, bu hem oňa peýdalydyr. Beýle
mümkinçilik diňe möminlerde bardyr».
«Sorasaň, diňe Alladan sora. Ýardam isleseň, diňe Alladan ýardam isle! Bilgin, eger Alla ýazmadyk bolsa, ähli adamzat jem bolup,
saňa nähilidir bir peýda edip bilmezler. Eger Alla ýazmadyk bolsa,
ähli adamzat jem bolup, saňa birjik-de zyýan edip bilmezler. Diňe
Allanyň ýazany bolar. Galamlar göterildi, sahypalar gurady».
«Alnyňa gelen her bir zat ýalňyşyp ýa çawyp gelen däldir, ol hut
seniň nesibäňdir. Nesibäňde ýok bolsa, ýalňyşyp ýa çawyp hem duş
geläýmez» diýilýär.
Hadyslaryň birinde: «Eý, Abu Hüreýra, seniň duçar bolan
zatlaryňy ýazan galam gurady, ony üýtgedip bolmaz» diýilýär.
«Özüňe peýdaly bolan zatlara höwesek ýapyş. Elmydama Alladan ýardam dile we ejiz galma. Hiç wagt: «Eger şeýden bolsam-a,
şeýle bolardy» diýmegin, «Ähli zat Allanyň takdyry bilendir. Alla
nämäni halasa, şol hem bolar» diýgin» diýilýär.
«Alla bendesine nämäni rowa görse, ählisi hem bendesiniň bähbidi üçindir».
Bir gezek şeýhulyslam Ibn Teýmiýeden: «Günäniň bende üçin
peýdasy barmy?» diýip sorapdyrlar. Ol: «Elbetde, bar, ýöne bir
şerti bilen, munuň üçin ökünç, ötünç we çetleşmek gerek. Eden ters
işine ökünmeli, Alladan ötünç soramaly we gaýdyp ol işiň golaýyna
barmazlygy ýüregine düwmeli» diýipdir.
298
Allatagala: «Nämedir bir zady birbada halamazlygyňyz mümkin,
ýöne ol siz üçin haýyrlydyr. Nämedir bir zady halamagyňyz mümkin,
ýöne ol siz üçin zyýanlydyr. Haýsy zadyň haýyrlydygyny ýa zyýanlydygyny diňe Alla bilýär, siz bilmersiňiz» diýdi.
«Hala, ýazgar, hala, hoş bol, bu bir takdyrdyr,
Ýöne ýazgyt üýtgewsiz hasyl bolýandyr».
***
ŞATLYKLARA GARAŞ!
Ymam Tirmiziniň aýdan hadysyna görä, «Şatlyklara garaşyp
gezmek – iň haýyrly ybadatdyr». Begeniň, alada-ünjüli we gaýgy-gamly adamlaryň arzuwlan daňy agaryp göründi. Ýagtylyp barýan
güne seret we üstünlik beriji Biribardan geljek şowlulyga göz dik!
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.