Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35

Total number of words is 3810
Total number of unique words is 2135
31.7 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýaly bolmandyr. Soltan ähli müneçjimlerini, alymlaryny, harby serkerdelerini çagyryp, geňeş edipdir, bu ýagdaýyň çykalgasyny sorapdyr, emma orta atylan pikirleriň bary netijesiz tamamlanypdyr. Soltan
birsellem oýurganyp oturypdyr. Soňra dyzyna kakyp: «Wah, bar günä
özümde, ilki etmeli zadym iň soňunda akylyma gelýär. Her zadyň
alajyny adamlardan öňürti Alladan dilemegim gerek ahyry. Töwekgelligimi puç etmäýin» diýipdir. Soňra bir gyra çekilip, Perwerdigäre
mynajat edip başlapdyr: «Eý, Ýaradan Allam, säwligimiz sebäpli, bize gudratyňy görkezdiň, indi geçirimliligiňi hem görkez. Çünki Seniň
geçirimliligiň gazabyňdan rüstemdir» diýip, dileg-doga edipdir. Täsin ýeri, şondan soňra tiz wagtda howa açylyp, daş-töwerek mazaly
durlanypdyr. Soltan bolsa töwekgelçilige ýugrulan ýeňişli ýollaryna
tarap ugur alypdyr.
85. ÝÜREKDEN ISLEMEK
Ylmy bilen zamanasyny aňk eden türkmen alymy Abu Nasr
Faraby özüniň taý tapylmaz zehinidir ukyby bilen mal-mülk gazanmaga ýagdaýy bolsa-da, gündelik azyk-owkadyny üpjün etjek dört
dirhem bilen mydar edipdir. Bir gezek ol gaty çöregi suwa ezip, iýip
oturan eken. Tanyşlarynyň biri şeýle düşünjeli we sowatly alymyň
gaty çörek bilen ýürekselik edinýändigini görüp, oňa degmek isläpdir.
«Halypa, naz-nygmatdan doly saçaga eýe bolup bilýärkäň, gaty çörek
bilen oňňut etmek oňlanýan zatmydyr? Git-de, wezirden köpräk zat
sora, zähmetiňe görä eçilenini al, iý-iç, garnyňy göje. Men-ä haýran,
bu gaty çöregi nädip işdäň alýar?» diýipdir. Alym bu sözleri parahat diňläp oturypdyr. Soňra: «Iýmekden, garaz, açlygyňy gidermek
bolsa, el ýaly çörek ýeterlik. Nahar iýlende aşgazany üçe bölmeli:
iýmit üçin, suw üçin we dem üçin, ýagny dem alara ýer goýmalydyr.
Onsoňam, men-ä işdäm alýança tagapyl edäýýän. Işdäm alýança iýemogam. Mazaly ajygaňsoň, işdämenlik bilen iýýän her bir höregiň
533
lezzeti-berekedi düýbünden başgaça bolýar. Bu ýagdaý iş we ylym
babatda hem şeýledir, ýürekden höwes edip, yhlas bilen ýapyşýan her
bir zadyňy, hatda ol ýönekeý gum hem bolsa, huma öwrüp bolýar.
Esasy zat – ýürekden isläp ýapyşmak» diýip, alym jogap beripdir.
86. ÝAGŞYLYGYŇ LEZZETI
Her ýyl haj möwsümi gelende Abdylla ibn Mübäregiň howlusyna onuň goňşy-golamlary, dost-doganlary jemlener eken. «Halypa,
bizi hem gözden salmaweri, ýanyň bilen zyýarata alyp git. Ýol
harjymyzyň ählisini, ine, size ynanýarys. Hasap-hesibini hem özüňiz
ýöredeweriň» diýşipdirler. Abdylla ibn Mübärek olaryň pikirlerini
makullap, beren pullaryny ýygnap alypdyr. Soňra hiç kime bildirmezden alan her pulunyň ýanyna eýesiniň adyny ýazypdyr-da,
olaryň ählisini bir sandygyň düýbüne atypdyr. Soňra bazara baryp,
haj zyýaratyna gidip-gelere ýarajak birnäçe ulagdyr düýäni kireýne
tutupdyr. Ildeşlerini hem ýanyna alyp, Käbä sary ýola düşüpdir. Ilki
bilen Pygamberimiziň ýatan ýerine zyýarat edipdirler. Zyýarat bitenden soň, ýoldaşlaryny ýanyna alyp, olary Medinäniň bazaryna aýlapdyr: «Çagalaryňyz sizden näme sargapdy? Nämäni gowy görýärdi?»
diýip sorapdyr. Ýoldaşlarynyň her biri özlerinden sargalan zady
aýdansoňlar, Abdylla ibn Mübärek şonuň hem iň gowusyndan saýlap, satyn alar eken. «Halypa, pulumyzyň ýagdaýyny özüňiz bilýäňiz,
ýetenjesini algyn» diýýän ýoldaşlaryna, «Ýogsam näme, men hem
diňe şeýdýän-dä» diýip jogap beripdir. Soňra Mekgä baryp, Käbede
ähli haj parzlaryny bitiripdirler. Mekge bazarynda hem hut şol ýagdaý gaýtalanypdyr. Hem zyýarat, hem söwda-tijarat bilen geçirilen
günlerden soňra, bular öz illerine dolanypdyrlar. Üç günden soňra
Abdylla ibn Mübärek ildeşlerini öz öýüne zyýapata çagyrypdyr. Hezzet-hormatdan soňra, olara Mekge-Medineden satyn alan zatlaryny
gowşurypdyr. Soňra bolsa hälki sandygy getirmeklerini buýrupdyr.
Ildeşleriniň ählisiniň puluny özlerine gaýtaryp beripdir. Hajylar bu
ýagdaýa geň galyp, birbada aňk-taňk bolupdyrlar. Mekge-Medinäniň
534
bazarlarynda «Maňa ol gerek, bu gerek» diýip aldyran zatlarynyň
öz pullaryndan däl-de, halypalarynyň hasabyndan alnandygyna göz
ýetirip, äm-säm hala düşüpdirler. Iň bolmanda, öz pullaryny bir doly
almagy haýyş edipdirler. Emma Abdylla ibn Mübärek hersiniň puluny özlerine gaýtaryp beripdir: «Bu harçlar meniň sadakam bolsun. Eger-de kimdir birine zerre ýagşylyk etmekden neneňsi lezzet
alýandygymy bilsediňiz, bu puluňyzy desbi-dähel yzyna alardyňyz.
Ýagşylygyň lezzetinden datly zat tapmarsyňyz. Meniň üçin iň uly
begenç – başardygymdan ýagşylyk etmek» diýip, ussat jogap beripdir.
87. AMALSYZ ARZUW
Sopy pirleriň biri Baýezid Bistamynyň ýanyna bir adam gelipdir. «Siziň tälim-taglymatyňyz meniň bar ömrümi weýran etdi. Ýigrimi ýyl mundan ozal, ylym öwrenmek üçin bosagaňyzdan ätlämde,
maňa üç zady pugta sargadyňyz – hiç hili baýlyk soramasaň, onuň
özi geler durar. Hiç zat gözlemeseň, onuň öz-özi tapylar durar. Hiç
gyzy küýsemesiňiz – iň owadan näzenin nesibäňiz bolar – diýipdiňiz.
Ondan bäri laýyk ýigrimi ýyl geçdi. Owadan jenan-ha beýle-de dursun, betgelşik biri-de geläýse nädersiň. Baýlyk hakda-ha asla aýdyp
oturmaýyn. Şunça ýyllap sabyr etdim, halys lagşadym. Emma aýdan zatlaryňyzyň biri hem hasyl bolmady. Ýeri, indi näme maslahat berýäňiz?» diýipdir. «Sen arzuwlara öte gyzygyp, esasy zady
duşuňdan geçiripsiň. Baýlyk soramansyň, emma «häzir öz-özünden
peýda bolar» diýip garaşyp oturypsyň. Zenan soramansyň, emma
«häzir bir owadan gyz gapydan girer» diýip, gultunyp galypsyň.
Men saňa amal bilen berkidilmedik islendik arzuwyň gury hyýaldygyny aýdyp, netijä üns berme-de, esasan, yhlasyňa üns ber diýipdim.
Yhlasyň jaýdar bolanda, netijäniň gitjek ýeri bolmaz. Diňe netijä
garaşyp, zähmetiňi ýatdan çykarsaň welin, ýene ýüz ýyldan gaýdyp geleniňde hem eliň boş bolar» diýip, Baýezid Bistamy hezretleri
jogap beripdir.
535
88. GARAŞAN WAGTYŇDA DÄL,
GEREK WAGTYNDA...
Her halda şükürli bolmak uly derejeleriň biri. Bolýan wakalaryň
syrly hikmetine aýdyň göz ýetirýän pirler üçin bolsa bu adaty zat.
Bir gezek Nejmeddin Kubranyň şägirtleriniň biri kerwene daklyşyp,
onuň tabşyrygy bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Ep-esli ýöränsoňlar,
garaňky gatlyşypdyr. Golaý-goltumda oba-gara bolmansoň, kerwendäkiler şol ýerde düşlemegi müwessa bilipdirler. Howanyň çigrekligi bulary az-kem aljyradypdyr. Töwerekden tutaşdyrlyk odun
tapmak hem hyllalla bolupdyr. Garaz, ahyry bir saý-sebäp bilen
oňşarlyk odun çöpläpdirler. Boldugyndan nahar-şor edinipdirler.
Kerwendäkiler az-kem zeýrenip başlapdyr. «Hernä, sag-aman menzilimize bir aşsak, ýogsam bu sowuk aldajy ýaly, gagşadyp goýanok.
Irgözinden ýola düşen bolsak, belki-de bu çola ýerde düşlemezdik»
diýşipdirler. Emma piriň şägirdi zeýrenmek beýle-de, dursun, Hudaýa senalar aýdyp, şükür edip oturan eken. «Biz-ä şeýle zyýada
şükür eder ýaly ýagdaý göremzok. Gijäniň tümlügi. Gyşyň aňzagy.
Daşymyzda köwejekläp ýören aç möjekler. Ýeri, şükür eder ýaly
näme bar?» diýşip, adamlaryň käbiri geňirgenipdir. «Ýaradan bize
näme görkezýän bolsa, bizi synamak ýa-da taplamak üçin görkezýär.
Hikmetsiz çöp başy gymyldamaz. Biz şu mahal nähili ýagdaý bilen
gurşalan bolsak, bu biziň üçin iň haýyrly ýagdaýdyr. Şükür edýänlere
mundanam gowusy garaşýandyr. Onsoňam, Allanyň enaýaty biziň
oňa garaşan wagtymyz däl-de, tüýs bize gerek wagty, aýny wagtynda
gelýändir» diýip, şägirt jogap beripdir.
89. ADALAT WE ŞEPAGAT
Bir gün nökerleriniň biri Soltan Sanjara goltuk doly garpyz getirip beripdir. Soltan ondan bu hasyly nireden alandygyny soranda,
«Pylan ýerde düme ekini bar eken, şondan aldym» diýip, jogap beripdir. «Ol ekinler saňa degişlimidi?» diýip, soltan azmly sorapdyr. Şa
haýbatynyň öňünde ejizlän nöker sandyrap durşuna, zordan: «Ýok,
soltanym, ol maňa degişli däl» diýip, jogap beripdir. «Onda seniň bu
536
pyglyň ogurlyk bolýar» diýip, soltan dillenipdir. «Her kim eýesinden
birugsat onuň bagyna ýa bakjasyna girse, kişiniň emlägine el ursa, ondan her hili pyssy-pyjurlyk çykyp biler. Nädürs hereketleriň öňüni almasak, ol bitmeýän baş ýalydyr, bedeniňe bir ýaýrasa, gutulmak çetin
bolar. Goý, soňuny saýman eden bu etmişiň hemmelere sapak bolsun»
diýip, soltan ony jezalandyrmagy buýrupdyr. «Ýöne, soltanym, men
eýesi gelýänçä diýip, ýarym gün garaşdym, emma gara bermänsoň,
birini göterip gaýtdym, günämi ötüň» diýip ýalbarypdyr. Beýleki
wezir-wekiller hem nökeriň günäsini ötmegi soltandan haýyş edipdirler. Hatda soltanyň iň hormatly weziri hem şeýle towakga bilen ýüz
tutupdyr, emma soltan sözünden dänmändir: «Onuň günäsi juda agyr»
diýip, ýüzüni sowupdyr. Wezir oňa: «Günäsiniň uludygy üçin sizden
towakga edýäris, ownuk-uşak günäleri töwellasyz hem geçip bolýar»
diýipdir. Bu söz soltanyň maňzyna batansoň, oňa agyr jeza derek
ýeňilräk temmi bermeklerini buýrupdyr. Soňra: «Her näçe göwün
küýsäp dursa-da, eýesinden bidin bir zada hem el urmaly däl. Adalat
soltanyň şepagatyndan üstün bolmalydyr» diýip, jar çekdiripdir.
90. TAPYLGYSYZ BOSSANLYK
Soltan Mahmyt Gazna şäherinde örän uly bag-bossanlygy bina
etdiripdir. Zeminiň ýedi yklymynda bitýän öt-çöpdür daragtlar, hoş
owazly dürli guşlar bu bagyň zynatyna öwrülipdir. Bossanlygyň
gurluşyk hem timar işleri bitensoň, Mahmyt Gaznaly kakasy Söbüktegini bu baga gezelenje çagyrypdyr. Şahana desserhanlar ýazylyp,
uly hezzet edilipdir. Soltanyň gurduran Gazna bagy jennetden bir
parça ýaly bolup durmuşyn. Hezzet-hormatdan, duz-tagamdan soňra
Soltan Mahmyt kakasyndan bu bag hakdaky pikirini sorapdyr. «Eziz
ogul, bu bagyň howasy şeýle bir näzik. Guşlaryň sesi göwün açyjy,
emma beýle bagy gurby bolan islendik adam bina edip biler. Hökümdarlar her kesiň gurup bilmejek we miwesi özge baglarda tapylmajak bag-bossanyny gurmalydyr» diýipdir. «O nähili bag? Salgysyny
berseň, öwüt-sargydyňy ýerde goýmaryn» diýip, Soltan Mahmyt
537
sorapdyr. «Ol bagyň miweleri şeýle bir datly, şeýle bir enaýy, hatda gyşyň aňzagy, tomsuň jöwzasy, ýazyň ýeli, güýzüň şemaly hem
ol miwelere hiç hili täsir edip bilmeýär. Bu bossanlygyň topragy –
ýagşyzadalaryň, akyldarlaryň, alymlaryň we şahyrlaryň ýüregidir. Bu
bossanlygyň daragtlary – jomartlyk we ýagşylyk nahallarydyr. Ana,
sen şeýle bossanlygy hasyl etseň, bu babatda hiç kimse seniň bilen
bäs edip bilmez» diýip, Söbüktegin jogap beripdir.
91. ARASSA PIKIRLERIŇ PEÝDASY
Öňki döwürde mugallymlar öz şägirtlerine ilki bilen dogry, dürs
we sagdyn pikirlenip bilmegi öwreder ekenler. Dürli durmuş wakalary, synaglary bilen okuwçylarynyň ruhy dünýäsini taplamagyň hötdesinden gelipdirler. Çünki päl-niýetiň ynsan durmuşyna, ösüşine,
dünýägaraýşyna nähili täsir edýändigi göre-göre gelinýän aýdyňlyk
ahyry. Şeýle günleriň birinde ussat pir Mäne baba şägirdini ýanyna
çagyrypdyr. «Sen gaýraky syrgynda oturýan pylany hakda nähili pikir
edýärsiň?» diýip, häsiýeti ýaramazrak biriniň adyny tutupdyr. Şägirdi
desbi-dähel jogap beripdir: «Men ony gowy tanaýaryn. Häsiýeti
ýaramaz, gödek. Paýyş sözleri diline almakdan çekinenok...» diýip,
dowam edipdir. Halypasy şägirdini soňuna çenli diňläpdir, soňra:
«Hany sen şol hakda ymykly pikirlen, on gün puryja berýärin, menem
ol ýigidi gowy tanaýyn-la» diýipdir. Bellenilen möhlet tamamlanypdyr. Mäne baba şägirdini ýanyna çagyryp, ondan pikirini sorapdyr.
«Şol öňki pikirlerim barha berkedi gitdi, has çuňňur düşünip başladym,
ol diýseň ýaramaz adam» diýip, şägirt dillenipdir. Halypasy söhbediň
arasynda gürrüňiň hörpüni başga tarapa gönükdiripdir. «Hany sen aýt,
saglyk, iş ýagdaýlary, özüňi duýşuň gowumy? Arkaýyn ýatyp, säher
bilen dessine ýeriňden galkýarmyň?» diýen ýaly soraglar beripdir.
Şägirt: «Dogrusyny diýsem, howalar üýtgeýärmi, ne ukymda rahatlyk, ne dynjymda maza bar. Edenimem boluberenok. Göz degdimi,
jyn urdumy, çile düşdümi, garaz, bir bolmaýan zat-ha bar» diýipdir. «Onda sen ýaňky adam hakda diňe gowy pikirleri hem edip gör,
538
şonda nähili bolýar» diýip, halypasy şägirdine sargapdyr. «Ýöne men
onuň erbetdigini bilip durun ahyry» diýip, şägirt kejirlik edip, ýer depip duranmyşyn. «Bilýänem bolsaň, diňe gowy taraplaryny görjek
bol. Mysal üçin, gördügiň gaçma-da, ilki özüň salam berip gör, belki,
göwni-ýüzi açylar. Özüň ýaly gör, özüne bolan ynamy artar. Bolup
biläýjek gowy taraplaryny göz öňüne getir. Saňa on gün möhlet»
diýipdir. Ýene-de bellenilen gün gelip ýetipdir. Halypa şägirdinden
şol adam hakdaky pikirini sorapdyr «Göräýmäge erbedem däl ol, gaýta käbir taraplaryny alsaň, menden artygam gelýär, ine, şu häsiýeti..,
ine, bu häsiýeti..» diýip, bilýänjelerini sanapdyr. Halypasy: «Ýeri,
onsoň özüňi duýşuň nähili?» diýipdir. «Hudaýa şükür, düýp sebäbini bilemok weli, ýöne ähli zat ugruna. Ukularym rahat, ne gara, ne
garma-gürmelik basýar...» diýip dillenipdir. Şonda halypasy oňa: «Bu
zatlaryň düýp sebäbi kelläňde göterýän pikirleriň, ýürekde saklaýan
niýetleriň sebäpli. Şolar arassa, tämiz we owadan bolsa, arşdan şoňa
laýyk nur gelýändir, işler ugrugýandyr. Ýaramaz pikir etdigiň, nuruň
egsilip, galaň gädilip başlandygyny duýaý. Ýaramaz adamam bolsa,
sen ol hakda ýaramaz pikir saklama. Iň bolmanda öz edýän arassa
pikirleriň bilenem bir bendäni dogry ýola salyp bolýandygyny unutma. Hem sogap, hem gönençlik taparsyň» diýipdir.
92. ÝAGŞY NIÝETLER BIRIGENDE
Gökleriň ýagmyry kesilip, zeminiň berekedi egsilen bir döwürde
uzak Gündogaryň türkmen hökümdary Hakan il-ulsy alaň-açyk meýdana çagyryp, ýagmyr dogasyny okamaga başlapdyr. Emma hernäçe
okalsa-da, Asmandan nem dammandyr. Raýatlaryň haly teň bolupdyr.
Ýagdaýlar barha kynlaşypdyr. Açlyk-gahatlyk ýurdy gurşap alypdyr.
Asmandan enaýat bolmansoň, ahyry öz gara güýçlerine daýanmagy
müwessa bilipdirler. Zemine ýapyşypdyrlar, emma gazylan guýular,
kärizler hem netije bermändir. Nämedir bir zat ähli suwy sokga soran ýalymyşyn. Diňe uzakdan seleňläp görünýän daglaryň göwsünde içimlik suwuň bardygyny, emma ony bärik aşyrmagyň örän
müşgildigini şol jelegaýyň çopan-çolugyndan bilip bolýan eken. Iň
539
soňky çykalga hökmünde gara demre güýji ýetýän her bir ýaş-ýeleň,
garry-gartaň adamlar şol daga bakan ýönelipdir. Bir, iki, üç gün
işläpdirler, emma şu gün dilseler, ertesi gün öňki katdyna dolanýan
Kap dagy ýaly, bu dagy hiç köwüp bilmändirler. Ahyry lapykeç bolup, ählisi yzlaryna dolanypdyrlar. Hakan näderini bilmändir. Ýurduň
ähli alymlaryny, akyldarlaryny ýygnapdyr. «Her bir zadyň hökman
bir çäresi ýa çykalgasy bolaýmaly. Biz bilýän zatlarymyzy, akylymyza gelenleri berjaý etdik, ýöne netije gazanmadyk. Kimde nähili jaý maslahat bar bolsa, içini döksün, pikirini paýlaşsyn. Bu wagt
ýerlikli pikirden gymmatly hiç zat ýok» diýipdir. Dürli-dürli pikirler,
garaýyşlar, çaklamalar, bolsadylar orta atylypdyr. Olaryň arasynda biri
beýlekisine gabat gelýäni hem, çapraz düşýäni hem bar eken. Ýöne
ählisi syrygyp, ýene-de şol öňki ýerine ýetirilen amallara baryberýän
eken. Bu pikirleriň hiç biri Hakanyň göwnünden turmandyr. Ahyry
Gürgençde tälim alan bir ýaş oglan söze idin sorap, ör turupdyr: «Kyblaýy älem, bize ders beren ussadymyz käteler käbir işleri niýetleriň
güýji bilen bitirip bolýandygyny kän ýaňzydýardy. Durmuşdan dürli
mysallar getirerdi. Ýagmyr isläp, elimizi Asmana göterenimizde, her
kimiň kellesinde dürli pikir öwüsýän bolsa, her kim diňe öz bähbidini göz öňüne getirýän bolsa, pikirler dagynyk, hyýallar çapraz bolsa, netije bolmaz diýerdi. Ýagşy niýetler bir asylly maksat üçin birigende, arzuwlar hökman hasyl bolýar diýip aýdardy. Ýagmyr üçin
açyk meýdana çykmagyň zerurlygy ýok, her kim niýetinde birmeňzeş
maksady saklasa, ol uzaga çekmän, hökman hasyl bolar» diýipdir. Galan ähli çäreler birlaý edilensoň, ýene-de täze pikirden başga göwnüňi
ýelejiredip, umyt çaýjak başga bir zat ýok. Ýaş oglanyň pikirini ileri tutup, her kimiň şol maksatdyr niýet bilen gezmelidigi ündelipdir.
Aradan üç gün geçensoň, ilat uzakdan eşidilýän bir sese oýanypdyr.
Hälki dagyň bir gyrasy opurylypdyr-da, asyrlar boýy depede saklanyp
duran suw aşak inipdir. Ýaplar-aryklar süýji suwdan dolupdyr. Hakan
ýaş oglanyň pikirine uýanyna monça bolupdyr. Dogrudanam, ýagşy
niýetler bir asylly maksat üçin birigende bitmän galýan hiç bir iş ýok,
hatda ol asyrlar boýy sarsman duran daglary hem gobsundyryp bilýär.
540
93. DURMUŞYŇ GAÝTARGYSY
Bir adam diýen etmezek perzentlerinden zeýrenip, kätip Abu Bekr
As-Sulynyň ýanyna barypdyr. «Men-ä çagalaryma zat düşündirip bilemok. Her öwreden zadym, aýdan öwüdim, şor ýere sepilen tohum
ýaly, täsiri ýok. Çagalaryň özlerini alyp barşy meni barha kejikdirýär.
Boýy-syraty hiç kesden pes dälem welin, guwanyp oturmaly amallary ýok. Her kim perzendine guwanasy, söýünesi gelýär. Biziňki-hä
boluberenok. Çagalaryň asylly, ene-atasyna gulak asýan, edep-terbiýeli bolmagy üçin näme etsem ýerlikli bolar, men-ä jaý maslahata mätäçdirin» diýip özelenipdir. Abu Bekr as-Suly ol adamy parasat nazary bilen synlanyndan soň: «Ene-atalar toprak, perzentler şol
toprakda biten ösümlikdir. Her ösümligiň ýagdaýy topragyň hiline
bagly. Çagany eý görmeli, ýöne oňa gowy terbiýe hem bermeli. Her
islegine höre-köşe etmegiň deregine, diýenine «bolýar» diýip otursaň,
diýeniňi etmeýän çagalar kemala geler. Ýa-da bu ýagdaý durmuşyň
gaýtargysydyr» diýipdir. «Durmuşyň gaýtargysy bolanda näme
bolýar?» diýip, ol adam düşündirip bermegini sorapdyr. «Sen öň
özüňi nähili alyp baran bolsaň, soňlugy bilen saňa-da şeýle garalýar.
Eger sen ene-atany gygyrtsaň, çagalaryň seni hem gygyrdýar. Şu gün
birini ursaň, bir gün hökman seni urýarlar. Şu gün biriniň göwnüne
degseň, gürrüňsiz, haçandyr bir gün seniňem göwnüňi ýykýarlar. Şu
gün birine kömek etseň, zerur ýerinde adamlar Hydyr ata ýaly bolup
saňa hem kömek edýärler. Garaz, söýseň, seni hem söýerler, sögseň,
saňa hem sögerler. Ine, durmuşyň gaýtargysy şu, görkezenimizi
görmeli, edenimizi egnimiz bilen çekmeli bolýarys. Bu ýerde başga
syr ýok» diýip jogap beripdir. «Onda meniň bu ýagdaýym gutulgysyz
ekeni, menem wagtynda şeýledim, ene-atamy kän ynjydypdym. Men
şol göwne degmeleriň hupbatyny çekýärin onda» diýip, başyny aşak
salypdyr. «Ýöne Ýaradanyň merhemeti çäksizdir, umytdan düşmek
bendesine ýaraşmaz. Çagalaryňa hoşamaýlyk bilen gara, gerek ýerinde dara, talap et, daragtyň heniz bekemedik şahasyny öz islän ugruňa
egip bolýandyr. Yhlasyňa görä netije gazanjakdygyňa şübhe ýok.
Onsoňam, çagalaryňa durmuşyň gaýtargysynyň nähili bolýandygyny
541
düşündir we olaryň öz geljegini ýatlaryna sal. Şonda ähli yhlasyň
ýerine düşer» diýip, ussat kätip jogap beripdir.
94. BÄSLEŞIK
Arap illerindäki bir obada gurply baýlaryň biri garyp-gasarlara uludan sadaka beripdir. Bu habar goňşy oba baryp ýetende, ol
obanyň jomardy hem onuň iki essesine barabar haýyr-yhsan edipdir. Uludan tutulan sahawatyň habary çar tarapa ýaýrapdyr. Muny
eşiden hälki baý ondan asgyn galmajak bolup, şonuň iki essesine
deň bolan harajat bilen, täzeden sadaka beripdir. Her bir dabaraly
märekäniň çawy tiz ýaýraýar ahyry. Goňşy obadaky hem bu habardan soň, onuňkydan iki esse artyk baýlygyny sahawata harç edipdir.
Şeýdip, bu iki baý birek-birekden gala sadaka berjek bolup, ençeme
günläp, ep-esli emlägi, tagam-duzy, dirhem-dinary, haly-palasy ile-güne paýlapdyrlar. Jomartlaryň waspy-tarypy dag aşyp, dumly-duşa
ýaýrapdyr. «Tüweleme, iki sany baý birnäçe günläp şunça mukdarda
sadaka berdiler. Bu görlüp-eşidilen zat däl. Her ýerde göwni giň, eli
açyk, sahy adamlar bar» diýşip, agramly il bu ikisiniň we berlen bol
sadakalaryň söhbedini edýän eken. Bu gürrüňleri diňläp oturan Mahmyt Zamahşary: «Siz sadakalaryň däl-de, gyzgalaňly bir bäsleşigiň
gürrüňini edip otyrsyňyz. Dogry, ilkinji berleni hakyky sadaka bolup
biler, emma galanlary birek-birekden kem galmajak bolup oýnalan
oýun, bäsleşik bolýar. Ol ýerde şöhratparazlyk, öwünjeňlik, il gözüne
gowy görünjek bolmaklyk ýatyr. Halys ýürekden edilen amalda beýle
häsiýetler bolmaýar» diýipdir. Alymyň bu sözünden soňra hem ol
baýlaryň söhbedi kiparlamandyr, ýöne indi düýbünden başga hörpden
gopýan gürrüňlere öwrülipdir.
95. NIÝETIŇ AGRAMY
Bir gezek ussat pir Sarahs baba şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Häzir siziň ýürekde göterýän arzuw-niýetleriňiziň agramyny
ölçejek» diýipdir. Öň beýle synaga duçar bolmadyk şägirtler birbada äm-säm bolupdyrlar. Geňirgenmä gark bolup oturyşlaryna,
542
ekabyrraklaryň biri: «Ussat, eliňe alyp bolmaýan, diňe ýürekde
göterilýän zadyň agramy niçik bilinýär?» diýip sorapdyr. «Muny
bilmek kyn däl» diýip, pir synagyna, soragyna başlapdyr. Soňra
şägirtleriniň dile getirýän arzuwyna görä, olaryň bahasyny beripdir. Birnäçesine: «Sen-ä, han ogul, öz başyňy çarap bilersiň» diýse,
käbirlerine: «Sen bu arzuw-niýetleriň bilen bir maşgalanyň keşigini
çekip bilersiň» diýipdir. Beýleki birine: «Heniz munyň bir adamlyk
arzuwa-da ýetenok, juda bärden gaýdýarsyň. Öwren we özger» diýip
tabşyrsa, syny oturan şägirtlerine: «Siz il keşigini götermäge häzirden
werziş ekeniňiz. Sizde halk ykbalyny göterer ýaly arzuw-niýet bar»
diýip, netijä gelipdir. «Ynsan ýüreginde nähili arzuw göterýän bolsa,
soňra şol arzuw-niýetler ynsanyň özüni göterip, muwapyk ýerlere
dartyp başlaýar. Şonuň üçin her bir adam ýürekdäki arzuw-niýetiniň
ezizligine, süýjüligine, beýikligine we gözelligine görä durmuş gazanýar» diýip, ussat sözüni jemläpdir.
96. ÖWRENMEK HIÇ WAGT GIÇ DÄL
Öz döwrüniň meşhur alymlarynyň biri Abu Bekr Kaffal Merwezi
hakda şeýle rowaýat bar. Günleriň birinde ussat alym we senetkär Kaffal Şaşynyň ýasan gulpunyň tarypy çar yklyma ýaýrapdyr. Onuň ýasan
gulpunyň agramy bary-ýogy elli grama barabar eken. Muny eşiden
Kaffal Merwezi («Kaffal» sözi gulp ýasaýjy diýmekligi aňladýar) hem
kiçijik açar bilen açyp bolýan bir gulp ýasapdyr. Bu gulpuň agramy
0,12 grama deň bolupdyr. Hemmeler Kaffal Merweziniň ýasan gulpuny synlapdyr, ýöne «hä-hüm» bermekden başga, onuň tarypyny
ýetiren tapylmandyr. Kaffal Merwezi ildeşlerinden nägile bolupdyr.
«Kaffal Şaşynyň ýasan gulpunyň dabarasy dag aşdy. Özge iller özlerinde çala bir zat oňarýan birini tapsalar, şony goldap, götergiläp, waspyny äleme ýaýýarlar. Meniň ildeşlerimiň bolsa bu zatlar piňine-de
däl. Ýa-da bularyň geň galmaly zatlara-da halys gözleri öwrenişipdir.
Adaty bir zat synlaýan ýaly, biparh geçip bilýärler. Kaffal Şaşyny her
kim ýatlaýar, meni bolsa hiç kim ýatlanok» diýip öýkeläpdir. Adam543
lar oňa: «Iller Kaffal Şaşyny gulp ýasandygy üçin däl-de, alymdygy
üçin has köp ýatlaýar» diýensoň, öýkesinden az-kem açylyşan Kaffal
Merwezi şondan soň ylym öwrenmekligi pugta ýüregine düwüpdir.
Şol wagt Kaffal Merwezi laýyk kyrk ýaşynda eken. Bir gün merwli
alymlaryň biri Kaffal Merweziniň ýanyna salama gelipdir. Kaffalyň
ylym öwrenmeklige höwesiniň uludygyna göz ýetirip, oňa ilkinji
nobatda öwrenmeli we özleşdirmeli kitaplaryň sanawyny, tertibini
düzüp beripdir. Ylmyň ilkinji basgançaklaryny salgy beripdir. Alym
oňa ertesi irden baryp, okan zatlaryny öz ýanynda düşündirip, gürrüň
bermegini talap edipdir. Kaffal Merwezi uzak gijeläp, bu kitabyň
daşynda eglenipdir. Halypasynyň ýanyna baranda ýabygorluk bilen
bir zat aýdyp bermek üçin, kitabyň başyndaky «Men bu kitaby gysgaltdym» diýen dört sözi ýat tutmak isläpdir. Uzak gijeläp bu sözleri
daşyndan-içinden gaýtalap, ahyry daň atar wagtlary uka batypdyr.
Irden turanda, agşamky sözlerini eýýäm ýadyndan çykaran eken.
«Halypama näme diýsemkäm, ýa ylym maňa eýgertjek zat dälmikä?» diýip, gaýga batyp otyrka, Kaffalyň goňşusy peýda bolup oňa:
«Goňşy, sag-aman ördüňizmi, öten agşam «Men bu kitaby gysgaltdym» diýen sözleri gaýtalap, bizi ýatyrmadyň» diýipdir. Kaffal Merwezi muňa begenipdir. Hydyr ata ýaly görnen bu goňşusyny garsa
gujaklap, salymyny ýitirmän, halypasynyň ýanyna gelipdir. Bolan
wakalary oňa gürrüň beripdir. «Bu ýagdaý seniň höwesiňe böwet
bolup bilmez. Edil şu bolşy ýaly, zerur bolanda, bilýäniňi ýadyňa
salýan we nähili hereket etmelidigini ündeýän aýat-alamatlar, sözler,
sebäpler peýda bolar durar. Gerekli adamlar we jaý pursatlar tüýs
zerur wagty ýüze çykýandyr» diýipdir. Bu sözlerden ruhlanan Kaffal Merwezi şondan soň bilini has-da bek guşap, galan ömrüni ylym
öwrenmeklige bagyş edýär. Ol zamanasynyň iň ökde we tanymal
alymlarynyň biri bolup ýetişýär. Ýazan kitaby ýüzýyllyklaryň dowamynda ürç edilip okalýan kitaplaryň birine öwrülýär. Segsen ýyldan
gowrak ömür süren Kaffal Merwezi hakda gürrüň gozgalanda, ony
ömrüniň başky kyrk ýylyny sowatsyzlykda, soňky kyrk ýylyny bolsa
544
alymlykda geçiren ussat hökmünde ýatlaýarlar. Kaffal Merweziniň
özünden nusga alyp, özgelere ündeýän öwüt-nesihatlarynda «Öwrenmek hiç wagt giç däl» diýen sözler has köp gaýtalanýan eken.
97. TÜRKMEN GYZYNYŇ ÝESERLIGI
Usama ibn Munkyzyň «El-Ygtybar» atly kitabynda şeýle waka
beýan edilýär: «Meniň araplardan bir şahyr dostum bardy. Oňa
Müeýýid şahyr el-Bagdady diýerdiler. Mahal-mahal onuň bilen seleň
sährada, ýaýlada awlaga çykardyk. Ol bir gün şeýle gürrüň berdi:
«Halyf meniň kakama ep-esli meýdany mülk ýer hökmünde bagyş
edipdi. Kakam küren obanyň emiridi. Golaý-goltumdaky obadyr
kentlere hem sözi ýöreýärdi. Ol wagtal-wagtal mülk ýerine aýlanyp gaýdardy. Emma şol ýoluň ugrunda golaý-goltumdaky obadyr
kentlere, kerwenlere ýazylganlyk bermeýän galtamanlar hereket
edýärdi. Kakam her edip, hesip edip, bu galtamanlaryň ugruny tapdy.
Olara aýlyk pajyny töläp, oba ilatyna degmezligi gazandy. Käýarym
olar hem düşen oljasyndan kakama dadymlyk paý ýollaýardylar.
Şeýdip biziň obamyz galtamanlaryň talaňçylykçy çozuşyndan ýa-da
kerwenimize el degirmeklerinden halas boldy. Barjamly bolanymyz
üçin her kim ötene-geçene kakamyň öýüni salgy bererdi. Bir gün
tüp yssyda daragtyň astynda kölegeläp otyrkak, owadan gamyşgulak
dal bedewli bir türkmen ýigidi atdan indi. Ýanynda bir ineri bolup,
onuň üsti horjundan mas ýüklenendi. Şol horjunlaryň üstünde hem
bir ýaş owadan türkmen gyzy otyrdy. Ol türkmen ýaş gyzy elinden
tutup aşak düşürdi. Soňra bize ýüzlenip: «Heý, ogullar, geliň-de şu
ýükleri düşürmäge kömekleşiň. Biz demimizi dürseýänçäk, bularam
dynjyny alsyn» diýdi. Biz ylgaşlap baryp, ýaňky horjunlary, sandyklary düşürmäge kömekleşdik. Görsek, şol horjunlaryň ählisi sap
altyndan guýlan dinarlardan doly eken. Soň bu türkmen ýanyndaky
gyz bilen bizde az-kem garbandy-da, turarman boldy. Kakam hernäçe
mürähet etse-de, bu gijäni bizde düşläp, ertesi ir bilen ýola düşmegi
ündese-de, bu türkmeni raýyndan gaýtaryp bilmedi. «Hany, ogullar,
* 35. Sargyt № 975
545
şu ýüki düýäň üstüne ýükleşiň» diýdi. Biz horjunlary gaýtadan öňki
ýerinde jaýba-jaý ýerleşdirdik. Ol türkmen barmaly ýerine eltýän iň
ýakyn ýoluň salgysyny sorady. Kakam oňa: «Myhman, siziň barjak
ýeriňize örän ýakyn ýol bar, emma ol ýerde rehim-şepagatsyz galtamanlar höküm sürýär. Jemi altmyş sany galtaman. Janyna haýpy
gelýän adam ýarym gün eglenmegi ýük görmez, aýlanyp gider.
Munuň üçin bolsa, holha, gaýraky ýol bardyr. Pylan obaň degresinden
geçýär. Hiç kimse adyňyzy tutmaz, arkaýyn ýöräp bilersiňiz» diýdi.
Emma ýaňky türkmen: «Ýaşuly, bize iň ýakyn ýoly salgy ber, men
basym aşasym gelýär» diýdi. «Ýöne ýakyn ýol galtamandan doly,
gaty gorkunç, janyňyzdan howatyr edýän» diýip, kakam bu türkmeni
bu pikirinden dändirjek boldy. «Gorkunç diýýäňmi, ha-ha-ha, men
indi galtamanlardan gorkmalymy» diýip, ýaňky türkmen loh-lohlap
güldi. Türkmeniň bu bolşy kakama ýaramady. Olar bilen hoşlaşdy-da,
göni galtamanlaryň ýanyna ýelk ýasady. Baran dessine hem ähli
wakany we olaryň ýanyndaky ummasyz altyn dinarlaryň habaryny
berdi. Galtamanlar beýle bol oljanyň gelerine garaşyp, takat edip
bilmediler. Atlandylar-da, özleri ýaňky türkmeniň öňünden çykdylar.
Olaryň ýoluny kesdiler. Türkmen bulary görenden çalasynlyk bilen
ýaýyny eline alyp, olary ok bilen urmakçy boldy, emma ýaýyň kirşi
üzüldi-de, alaçsyz galaýdy. Galtamanlar türkmeniň daşyny gabap,
onuň ähli altynlaryny, inerini, atyny olja, ýanyndaky gyzy bolsa ýesir aldylar. Altmyş galtamanyň öňünde ýaragsyz bir türkmeniň döwi
ejiz geldi. Ýaňky türkmen gyzy olara: «Ýigitler, Taňrynyň haky üçin
haýyş edýärin, namysyma el degirmäň. Meni we şu iner düýäni ýaňky
ýigidiň aýagyndaky bäş ýüz dinarlyk göwhere çalşyň. Bizi aýra
salmaň» diýdi. Galtamanlar gyzyň bu teklibine razylaşdylar. Soňra
gyz olara: «Men häzir bu ýagdaýy ýanymdaky ýigide hem aýdaýyn,
ony hem razy edeýin. Sizden birnäçesi ýanymyzda durup biler» diýdi. Galtamanbaşy olara rugsat berensoň, daşy birnäçe garawully gyz
ýaňky türkmeniň ýanyna baryp: «Men özümi hem-de ineri sendäki
bäş ýüz dinarlyk gymmaty bolan göwhere çalyşdym. Çep gonjuňdaky
546
göwherleri maňa ber, eliňi uzat» diýdi. Ýigit gyzyň aýdyşy ýaly etdi.
Gyz hem ony almak üçin elini uzatdy we golundan bir zat çykardy-da,
galtamanlara bildirmän, ýigide gowşurdy. Ol ýaýyň täze kirşi eken.
Soňra gyz hiç zat bolmadyk ýaly yzyna öwrülip gaýtdy. Ýaňky türkmen çalasynlyk bilen kirşini ýaýyna ildirdi-de, galtamanlary paýhynlap başlady. Alasarmyk ýagdaýa düşen galtamanlar näme bolandygyny duýup ýetişmänkä, türkmen ýigidi olary birme-bir urup ýetişýärdi.
Eý, Hudaý, bu türkmeniň çalasynlygyna aperin diýip oturmaly. Ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.