Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06

Total number of words is 3687
Total number of unique words is 2141
28.9 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Gýotäniň bu durmuşy tomusky myhmanhana meňzetmesi hakynda oýlanýaryn. Ol bu ýerde bolýan adamyň asuda, arkaýyn gezmejekdigini, basym gitmeli boljakdygyny bilýän ýaly görünýär. Ynsan
basym bir otla ýa-da uçara münüp, bu ýerden gitmeli ýolagçy kysmy.
Ol ýantorbasyna zerur gerekli esbaplaryny alyp, ýol şaýyny tutup,
taýýarlykly oturmaly. Bu wagtky ornaşan ýeri bolsa, arkaýyn oturyp
boljak ýer däl. Ol diňe basym ýola düşmeli ýolagçynyň sähel salymlyk demini dürsemek üçin düşleýän menziline meňzeýär.
Meşhur musulman alymy Muhammet al-Gazalyda hem hut
şeýle pikirler bar. Ol sapar-syýahatlary mahalynda bir myhmanhanada düşläpdir we öz oturan otagy hakda pikirlenip: «Menden öňem bu
hüjrede, otagda, gör, näçe adam düşläp ötendir. Menden soňam ençeme adam bu otagda bolup gider, meniň ornumy hem biri alar. Bu otaga
meniň dahylymyň ýokdugyny, bolsa-da örän gowşakdygyny diýsene.
Bu otag, aslynda şu myhmanhana maňa dünýä durmuşyny ýatladýar.
Wagtlaýyn bolunýan menzil düşelgä meňzeýär».
Dogrudanam, bu ýerde her kim öz aladasy bilen başagaý. Myhmanhanada düşlänler her kimsäniň öz işine gümradygyna göz ýeti77
rerler. Olary diňe birek-birege mähirli ýylgyryşlar we salamdyr baş
atyşlar birikdirýär diýmeseň, başga baglanyşygy bara meňzänok. Ine,
her täze nesil şeýdip bu saraýa düşleýär we wagty-pursady dolanda,
göçüp gidýär.
Bu subut edilmezden düşünip bolýan hakykat bolsa-da, oňa görä
edýän hereketlerimiz, özümizi alyp barşymyz juda parhly gelýär. Çünki biziň edýän işlerimiz, ýerine ýetirýän amallarymyz bu zatlara bolan
ynam-imanymyzyň ölçegini, derejesini delillendirýär.
Dünýä lezzetine gereginden artyk çümmek, nebis meýline artykmaç imrinmek, maksatlarymyzy hasyl etmek üçin hapa-haram müň
dürli usuly, ýoly ulanmak... biziň bu düşünjelerden gapyl gezip ýörendigimizi görkezýär.
Durmuş bir sapar-syýahatdyr. Ädimleriňi haýallatjak, ýüküňi
agraltjak ýa-da seni aşak dartjak amallary, pygyllary etmezlige çalyş.
21. ÖMRÜŇ SOŇKY
TOGSAN GÜNI...
Kimdir biri «Seniň ömrüňden togsan gün galdy» diýse, bu gulaga iň ýakymsyz habarlaryň biri bolup ýaňlanar. Emma bu sözler
hakykatdan-da bir adama diýlipdi...
Gürrüň berjek zatlarym hakynda çuňňur pikirlen, oýlan, göz
öňüne getir we gerekli manylary çykar... Men saňa şol sözleri gulagy
bilen eşiden bir adam hakynda gürrüň bereýin. Ol şondan soň millionlarça adamyň ýüregine ornan iň owadan, ajaýyp we täsirli çykyşy
bilen hemmeleri geň galdyryp bildi, ýogsam ömrüniň sanaýmaly
gününiň galandygyna hem akyly çatyp durdy.
Ol Rendi Pauş, Karnegi uniwersitetiniň kompýuter ylymlary
boýunça professory, ABC bekedini gurnaýjy, 2007-nji ýylda dünýädäki iň täsirli 3 adamyň biri, «Taýms» žurnalynyň kesgitlemegine görä,
dünýädäki 100 sany iň täsirli adamlaryň biri. Ine, şu adama, haçanda ol kyrk ýedi ýaşyndaka, ömrüniň bary-ýogy togsan gününiň
galandygyny habar beripdirler. Sebäbi ol ötüşen rak keselinden ejir
çekýän ekeni.
78
Bu habary eşiden Rendi talyplaryny, dostlaryny we eý görýän
adamlaryny, ýakynlaryny ýygnap, olaryň öňünde «Çagalyk arzuwlaryny hasyl etmegiň hakyky ýollary» atly meşhur leksiýasyny okap
beripdir. Ol adamlara bu leksiýasynyň iň soňky söhbetdigini we bu
dünýäni terk etmeli bolýandygyny, ýakynda ahyrýete göç etmeli boljakdygyny habar beripdir. Ol munuň üçin gözýaş dökmändir, sebäbi
berk, çydamly adam eken. Üstesine onuň esasy maksady adamlary
ýagşy işlere, durmuşa höweslendirmekden, maksatlaryny hasyl etmäge ruhlandyrmakdan ybarat eken.
«Munuň iň soňky leksiýaňdygyny bilip durkaň, sen nämeler
aýdyp ýetişerdiň? Sende iň soňky pursatlar barka, sen bu dünýäde
nämeleri amal edip bilerdiň? Seniň bu dünýä üçin galdyrjak wesýetiň
we mirasyň näme bolardy?» diýip, Rendi olara ýüzlenipdir.
Rendi şähdaçyk, şadyýan adam ekeni. Gelenleriň biri ondan
«Durmuşdan lezzet alyp ýaşamagyň ýollaryny we ähmiýetini» aýtmagy haýyş edipdir. «Men ony has giňişleýin beýan ederdim welin, ol sözlerimi eşitseňiz, suwa suwsaýan balyk ýaly görünmegim
mümkin» diýip degşipdir. «Aslynda men, nädip lezzet alman ýaşap
bolýandygyny bilemok. Hatda soňky demimde hem degşip-gülşüp,
şähdaçyklykdan el üzmän giderin. Şu wagta çenli hemra bolan bu
häsiýetimi ömrümiň ahyryna çenli hem dowam ederin (terk etmerin).
Dogrusy, şeýtmekden başga ýol hem ýok» diýip jogap beripdir.
Soňra ol öz durmuşy, başdan geçirmeleri, öňünde keseren
kösençlikler, dulugyny gyzardan şowsuzlyk şarpyklary, ýeňip geçen
kynçylyklary hakda gürrüň beripdir. Ol näçe gezek uniwersitetden yzyna gaýtarylypdyr, pikirine gulak gabardylmandyr, emma ol
umydyny asla ýitirmändir. Soňra köplere täsir eden bir wakasyny ýatlapdyr. Ol uniwersitetde okaýarka okadylýan sapaklaryň juda kynlygyndan ejesiniň ýanynda zeýrenipdir. Ejesi oňa: «Şunuň ýaly juwan
ýaşyndaka kakaň Ikinji jahan urşunda duşmanlara garşy göreşýärdi»
diýipdir. Bu sözler Rendä aýratyn güýç-kuwwat, takat we ylham
beren ýaly bolupdyr. Ol bir özi oturypdyr we mundan soňra hiç wagt
79
lapykeçlige düşmeli däldigine, diňe ynamly öňe ilerlemelidigine göz
ýetiripdir. Hatda iň agyr, kyn halatlarda hem özüňi çawýan oklaryň
penjesine oklamaly däldigine, teşnelikden ýa-da kösençlikden ejizläp,
jan bermeli däldigine düşünipdir.
Rendiniň aýtmagyna görä, eger-de ynsan zeýrençdir lapykeçlige
sarp edýän energiýasynyň ondan birini müşgil meselesini çözmäge
bagyş etsedi, ol duýdansyz örän köp çözgütleriň üstünden barardy.
Soňra ol agyr bergä batan bir zenanyň kyssasyny gürrüň beripdir.
Örtenmelerden, birahatlyklardan we çaýkanmalardan halas bolmak
hem-de durmuşyň egninden basýan agyr labyryny unutmak üçin ol
zenan ýoga bilen meşgullanyp başlapdyr. Ýoga bilen özüne teselli tapmagy, özüni bejermegi ileri sürüpdir. Rendi: «Eger-de şol aýal ýoga
üçin sarp eden wagtyny haýyrly amala ýa-da şol amaly salgy berjek
pikirlere sarp eden bolsa, onda ol karz keselinden birwagt gutulardy.
Sag-aman üzlüşerdi. Biz karz keselinden dynmagyň pikirini etmeli,
onuň agyr täsirini azaltmagyň däl-de...» diýipdir.
Bir gün ol heniz çaga wagty Disneýlende gidipdir. Ol ýerdäki
täsinliklerden, dürli oýunlardan lezzet almaga derek, onuň kellesinde
«Şunuň ýaly üýtgeşik zatlary nädip ýasap bolarka?» diýen pikir
aýlanyp duran eken.
Karnegi uniwersitetini tamamlanyndan soňra, ol işe ýerleşmek
maksady bilen diplomyny we arzasyny Uolt Disneý kompaniýasyna
hödürläpdir. Emma kompaniýa onuň islegini ret edipdir. Rendi umytdan düşmändir. Ol: «Öňümizde keserýän her bir böwet bizi has beýik
maksatlara gönükdirmek üçindir» diýen pikire uýýan eken.
Ol durmuş kötelliklerini adaty bolaýmaly ýagdaýlar, pursatlar
hökmünde kabul edipdir. «Hudaý bu kynçylyklary, böwetleri bize
päsgel bermek, maksatlarymyzdan, arzuwlarymyzdan bökdemek
üçin ýaratmady... asla beýle däl... bu ýaltalaryň pikiri... Ýaradan ol
kynçylyklary bizi barha taplamak, taýýarlamak we has uly ýeňişleri
gazanmagymyz üçin döretdi. Böwetler, kynçylyklar beýik maksatlary
amala aşyrmak üçin döredilen, ýasalan zatdyr» diýer eken.
80
Soňra ol ene-atalary we terbiýeçileri, mugallymlary öz çagalarynda oýlap tapyjylyk, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, oýarmaga çagyrypdyr: «Goý, çagalaryňyz özlerinde bar zehini, ukyby
ýüze çykarsynlar. Olaryň zehinlerini ýaşyryp saklamaň ýa-da öňüni
bökdemäň. Goý, olar isleseler öýüň diwaryna, köçelere surat çeksinler, ol suratlara öz islän reňklerini bersinler. Bu çagalaryň öz
ukyp-başarnyklaryny, isleg-arzuwlaryny ýüze çykarmagyň tebigy
ýoly. Şunuň ýaly ýagdaýlarda dürli bahanalary, delilleri tutaryk edinip, olara gadaganlyk girizmek hatarly netijelere eltip biler.
Kiçijikkäm menem hut şeýderdim, enem-atam munuň üçin maňa
gaharlanmazdy, käýemezdi, gaýta edýän işlerimden lezzet almagym,
has höwesli ýapyşmagym üçin meni ruhlandyryp durýardylar» diýipdir.
Soňra ol sözüniň üstüni ýetiripdir: «Mundan birnäçe ýyl ozal
bolan bir wakany gürrüň bereýin. Täze satyn alan ulagym bilen
uýamyň çagalaryny hem alyp, maşynda gezelenç etmegi ýüregime
düwdüm. Uýam bu pikirimi oňlady we çagalarynyň ýanyna gelip,
olara duýduryş baryny berip başlady: «Daýyňyzyň ulagynyň arassalygyna üns beriň, ol täzeje maşyn, onuň içinde bökjekleşmek bolanok, aýnalaryny açmak bolanok, nämedir bir zadyny zaýalamak bolanok, ulagyň içini hapalamazlyk üçin buzgaýmak iýmek bolanok...».
Ol şeýle duýduryşlaryny birnäçe gezek gaýtalady.
Bu duýduryşlary gaýta-gaýta diňlänimden soň näme edendirin
öýdýäňiz? Elbetde, munuň üçin uýama hoşallyk bildirmedim, alkyş
aýtmadym. Gaýta, gazly suwlaryň birini açdymda, onuň içini ýaňky
maşynyň üstünden eňterdim.
Bu hereketimde hiç hili dälilik ýokundysy ýok. Ynsanyň edip
biläýjek ýa-da edesi gelýän zatlarynyň öňünde böwet goýsaň, ol
üstünlik gazanyp bilmeýär. Onuň şu wagtky isleglerini bökdemek
geljekde gazanjak üstünlikleriniň öňüne böwet bolmak bilen barabardyr. Ömür boýy «ony eýdäýmäň, muny beýdäýmäň» diýen ýaly
duýduryşlar bilen gulaklary ganan çagalar, ulalansoňlar hem edesleri
* 6. Sargyt № 975
81
gelýän zatlaryny ýerine ýetirmekden çekinýärler, hatda özleriniň eý
görýän arzuwlary, islegleri, maksatlary babatda hem aňynda berkän
şol gadaganlyklar ýaramaz täsirini ýetirip durýar... iň gowusy, hemişe
haýyr işe ruhlandyrmaly we tutuş jemgyýete zyýany ýetmeýän bolsa,
öz arzuw-isleglerini özleriniň amala aşyrmagyna pursat bermeli. Bu
ýagdaý olaryň terbiýesine göz ýummaly, her bir häsiýetine sowuksalalyk bilen garamaly diýdigim däl, ýöne öz isleglerini ýüze çykarmagyny öwretmeli.
Men şeýtmek bilen, uýama, onuň çagalaryna we hemmelere şu
hakykaty ýaňzytmak isleýärin – «ynsan zatdan gymmatdyr, hemme
zatdan ähmiýetlidir».
Soňra Rendi durmuş sapaklarynyň ýene birini gürrüň beripdir.
Ol hem adamkärçilik häsiýetlerini we mähir-muhabbeti hemişe ilkinji
orunda goýmak hakynda ekeni. Rendiniň gürrüň bermegine görä, ol
işe başlaýan uçurlary kompýuter-hasap ylmyndan sapak berýän ekeni.
Ýöne talyplaryň biri sapaga ünssüz çemeleşip, synagdan geçip bilmändir. Tasdanam okuwdan kowlan ekeni. Rendi derrew dekanyň ýanyna
baryp, bu talybyň kompýuter babatda adaty däl başarnyklarynyň bardygyny, onuň bu sapaklary doly özleşdirip biljekdigini, talybyň okuwyny dowam etdirmeginiň tarapdarydygyny aýdypdyr. Dekan Rendi
bilen ylalaşypdyr. Ýöne eger-de talyp ähli derslerini özleşdirmese we
tapawutlanmasa, onda Rendiniň sözüni ygtybarsyz hasaplap biljekdigini duýdurypdyr. Rendi munuň bilen razylaşypdyr. Ol başga bir
adama kepil geçmek bilen öz geljegini howp astynda goýupdyr. Ýöne
Ýaradan Rendiniň umydyny puç etmändir.
Şu ýerde bir sowal beresim gelýär: Bizden näçe kaka öz ogly
bir sapagy özleşdirip bilmese, üstünlik gazanmasa, onuň geljegine
kepil geçip bilýär? Onuň geljekde beýik we sowatly adam bolup
ýetişmegine näderejede ynanyp bilýär?
Rendi okuwçysyny ýanyna çagyryp, şeýle öwüt beripdir: «Oýnuň
(Kartyň) kagyzlary köne, ýaramaz diýip, oýny bes edip bilýärmiň?
Oýundan çykmaly däl-de, ýagdaýa görä hereket edip, has gowy, has
82
ussatlarça oýnamaga synanyşmaly. Älem gowşak serkerdeleri ykrar
edýän däldir. Nalajedeýin adamlar äleme zyýan-zelelden başga zat
getirip bilmeýär. Diňe gaýratly, dogumly, tutanýerli, erjel adamlar ähli
adamzat üçin beýik işleri bitirmäge ukyplydyrlar. Ejiz, iş başarmaz
adamlaryň ady taryhda baky galmaýar, hatda olaryň ady gündelik
ýa-da hepdelik gazet-žurnallara hem çykmaýar ahyry» diýipdir.
Elinde ýanyp duran alawy göterip, kynçylyk temençeleriniň,
kösençlik myhlarynyň hem-de tiken deý awuşadýan közleriň üstünden aýakýalaň ýöremeýänleri taryh ykrar etmeýär. Diňe şeýdeniňde
dünýä nusgalyk ösüşleriň hötdesinden gelersiň. Diňe tutanýerli, erjel
bolan halatyňda Zemin adalatyny, Asman nuruny, Ýaradan ýardamyny gazanyp bolýar. Bularyň üsti bilen köpe ýaşyryn bolan kiçi we uly
aýat-alamatlary hem saýgarýarsyň, görýärsiň.
Rendi öz söhbedini şeýle sözler bilen tamamlapdyr: «Meniň bu
leksiýam üç oglum üçin ýol kartasy bolar». Soňra ýylgyrypdyr we olar
bilen mähirli hoşlaşypdyr. Ol öz söhbedini talyplarynyň şowhunly el
çarpyşmalarynyň we gözýaşlarynyň arasynda jemläpdir.
Rendi 2008-nji ýylyň 25-nji iýulynda 47 ýaşynda dünýäden ötdi.
Emma onuň aýdan sözleri, ýüzleriniň mähiri we durmuşa bolan joşguny bu leksiýany internet arkaly tomaşa eden millionlarça
ynsanyň wyždanyndan aýrylmady. Rendi özüniň ýazan kitabyny okan
millionlarça adamyň ýüreginden gitmedi. Onuň kitaplary otuzdan
gowrak dile terjime edildi.
Ölümiň ýyldyrym çaltlygynda bäri süýşüp gelýändigini bilip
durkaň hem gaýratly, mert bolmagy hemmeler başarmasa gerek.
Emma onuň sözlerinden we özüni alyp barşyndan welin, nusga almak
gerek.
Rendi özüniň soňky günlerini bilip durka hem şeýle haýyrly
işlerden elini sowatmandyr. Sagat janymyz, sagdyn düşünjämiz barka, biz dünýäniň gadyr bilen gujaklajak, mähir bilen garşylajak ençeme işlerini edip bileris.
83
Halk arasynda şeýle bir söz bar: «Ömür uzak ýaşanlygyň bilen
däl-de, il-güne näme bagyş edenligiň (berenligiň) bilen ölçelýär».
22. RUHUŇ ÖZÜŇDE BOLSUN!
Bu waka henizem gowy ýadymda.
Öýlän sagat ikide kakam işden gelýär. Elindäki zatlary eýwandaky stoluň üstünde goýanyndan soňra öz otagyna girýär we birsellem
demini dürseýär, irkilýär. Öýle nahary taýýar bolanda, ejem ony ukudan oýarýar. Nahar iýeninden soňra ol gazetlere azrak göz gezdirýär.
Käwagtlar çaýyň lezzetini alyp, telewizora tomaşa edýär. Garaňky
gatlyşandan soňra dostlary bilen gümür-ýamyr etmek üçin gidýär we
ýatar wagtlary öýe dolanýar. Ol irden oýanmak we endik eden gününi
täzeden gaýtalamak üçin uka batýar. Şonda-da olar dünýä, durmuş
hakda özlerine ýeterlik zatlary bilýärdiler we özlerine agram salmazdan, döwran sürýärdiler.
Ynsan ähli argynlygyny, jyrlap goýmaýan el telefonyny,
yşyjaklary ýanyp-öçüp duran elektron poçtasyny unudyp, rahat
dem-dynç alyp bilermi? Durmuşyň hakyky mazasyny duýup bilermi?
Nädip ýaşaýyşdan lezzet alyp biler?
Munuň çykalgasyny dessine aýdarsyňyz: has gowy ýaşamak üçin
ylgamaly, yhlas etmeli, irginsiz zähmet çekmeli diýersiňiz. Köplenç
we gaýta-gaýta ýatlaýan bir jümlämizi hem suňşuryp galarsyňyz:
«Ýogsam-da, elimizden başga näme gelýär?»
Nebis islegleri hakyky isleglerden öňe geçende, ynsan bu zynatly
dünýäniň guluna öwrülip galýar – rahatlygyny we gaýry hemme zadyny üpjün durmuşyň hyzmatyna gönükdirýär. Doýmaz-dolmazlygy
zerarly ähli zadyň öz penjesine ýygnanmagyny isleýär. Elindäki
hemme zady pida edip, öňküdenem has köp zady gazanmaga çalyşýar.
Bahasynyň örän ýokarydygyna, galadygyna garamazdan, onuň ahyrynda peýdasynyň bolup-bolmajakdygyna üns bermezden, hemme
zady holtumyna sygdyrmak isleýär. Hamana, teninde ruhy gaýyp bo84
lup, oňa derek diňe nebis ornaşan ýaly bolup dur. Onsoň barha işdäňi
açýan dünýä eşretine gözüňi ýumup – baryňa kanagat edip, uludan rahat demiňi almak çetin zada öwrüliberýär. Biz nebse gyzygyp, ruhuň
isleglerini unudypdyrys. Ruhuň göwnüni görmegi arka zyňypdyrys.
Käteler dälize çykyp ýa-da penjireden daş-töweregi, tebigaty
synlap, bu gözellikler, barlyklar hakynda oýlanyp, pikirlenip, tomsuň
gijeki salkynlygyndan lezzet alyp bolar ahyry... şeýtmek bilen biz
ruhumyzy ýokary göterjek maşklary ýerine ýetirýäris. Ruhumyz
gowşak ýa-da ýorgun bolsa, onda süňňümiz ondan birnäçe esse argyn
we tapsyz zada öwrüler.
Adamlaryň biri gözleg-agtaryş işlerini geçirmek üçin birnäçe
işçini hakyna tutup, ýola düşüpdir. Derrew maksatlaryna ýetseler,
olara esse-esse hak tölejekdigini wada beripdir. Aljak haklaryny göz
öňüne getirip, işçiler arabany we ähli ýükleri çekip başlapdyrlar.
Ýöne birnäçe sagatdan soňra olaryň ählisi uludan dem alyp, daljygyp, ýere ýykylypdyrlar. Gözlegçi adam olara has artyk, öňküden-de
artyk baýlyk, pul, sylag bilen höweslendirmäge çalşypdyr. Emma bu
hoşamaý wadalar hem olary gurbatyna getirmändir: «Hojaýyn, biz
başda ýola düşenimizde hiç bir maksatsyz, hiç bir pikirsiz girişipdiris.
Indi ruhumyz özümize dolanýança biraz dynç almakdan başga
çärämiz ýok» diýipdirler. Beýik maksatlar üçin uly nebis däl-de, sagdyn we gaýratly ruh gerek.
Haçan özümize gelip bileris, haçan batyl düşünjeleri döredýän
düýşlerden oýanyp bileris?
Haçan gaýratymyza galyp, öz ýagdaýymyza hem göz aýlarys..
durmuş hakdaky garaýyşlarymyza üýtgeşiklik girizeris... haçan gerek
ýerinde dynç alyp, gerek ýerinde öňe ýöräris...
Mahlasy, özüňe, ruhuňa rahatlyk bermezden, diňe nebis çarpaýyna atlanmak, bedew bolup çapýan durmuşyň yzyndan pyýada
kowalap ýetjek bolmakdyr. Tutuşlaýyn tutup bolmaýan dünýäniň
yzyndan at salmakdyr. Arzuwlar hiç mahal hem tükenmeýär. Dünýä
durmuşyndaky wakalar, aý-günler, döwürler bu hakykaty bize gaý85
ta-gaýta ýaňzydýar, emma biz oňa gulak asamzok: ähli arzuwlaryny
hasyl eden we dünýäden geregini kämil alan hiç kim ýokdur.
Arzuw etmeli, öňüňde beýik maksat goýmaly. Köp işlemek
bilen netijeli işlemegiň arasyndaky parha, tapawuda akyl ýetirmeli. Dünýäniň, durmuşyň gözelliginden üzňe bolmazlyk hem-de
ruhumyzyň özümize ýadyrgamazlygy üçin gerek ýerinde nepesimizi
dürsemek, dem-dynç almak hökmandyr.
23. AHYRYNDA KIM BOLARYN...
Hemmelerden hemişe gizlemek isleýän bir zadym bar, emma her
zada garamazdan ol mende bar!
Men size özüňe göwnüýetijilik, magrurlyk, şöhratparazlyk, ada
kowalaşmak hakda gürrüň bermek isleýärin.
Eden işlerime, jaýdar aýdan sözlerime ýa-da köpleriň göwnüne
ýaran çykyşlarym üçin öz ýanymdan monça bolan gezeklerim örän
kändir.
Ähli ukyp-başarnygy, üstünligi, şowlulygy bir Allanyň berýändigini anyk bilip durun, ýöne nebsiň hökümi zory, haý-höwesleriň aldaýjy hile-pirimleri hem bir ýanyňdan galanok.
Käwagtlar özbaşyma oturýan-da, oýlanmalara çümýärin, özümden soraýaryn: Gara ýeriň gujagynda, gör, nijeme adam bar, menden
öň bu ýerlerde at segredip gezenler, menden has güýçli bolanlar... onlarça.. ýüzlerçe, müňlerçe.. millionlarça..
Erkekler we zenanlar.. çagalar we garrylar... baýlar we garyplar..
möminler we asylar... bizi badyhowa şöhrata odukdyrýan, iterýän sebäp näme?
Özüňdäki akyl-üşügi iliňkiden artykdyr öýdüp, gollaryňy ganaty
petekesine sygmaýan guşlar kibi gabardyp ýöremek, özgelere äsgermezlik bilen bakmak, ulumsy gezmek, şöhrata kowalaşmak tebigatyň
oňlamaýan, makullamaýan häsiýetidir.
86
24. ŞOWSUZLYGA PER BERME
Öňüňde belent maksat goýmak we öz geljegiňi şol maksada
laýyk meýilleşdirmek, myradyňa muwapyk ýol kartasyny çyzmak her
birimize wajyp.
Has beýik zatlar hakda göwün ýüwürdip, ýene-de adaty durmuşa
endik etmek akyllylyk däl. Wagtyň ählisiniň ownuk-uşak hysyrdylara, dagynyk pikirlere sarp edilmegi, ähmiýetli zada degerli üns
berilmezligi bitertip we garma-gürme durmuşdan başga zady bagyş
edip bilmez.
Öz geljegiňi göz öňüne getirip, ätjek her ädimiňi, geçjek menziliňi
öňünden saldarlanyňda, geljekki maksat-hyýallar, meýiller babatda
pikir öwreniňde, öňüňden çykjak kösençlikleri, päsgelçilikleri, adatdan daşary ýagdaýlary hem gözden salmagyn. Hemişe hemme ýagdaýa taýyn we taýýarlykly bol – özüňi ýagdaýlara görä sazla, rastla
we tapla!
Alnyňdan çykjak şeýle ýakymsyz garşylyklaryň iň möhümleriniň, iň agyrlarynyň we iň kynlarynyň biri hem zabun tankytdyr.
Şeýle şek-şübheler, inkär etmeler, kinaýa-kemsidilmeler, tankytlar bilen ýüzbe-ýüz bolsaň, bu zatlaryň ählisiniň seniň taplanmagyň
üçin ýene bir goşmaça okuwdygyna düşün we ýylgyr-da oň.
Bilgeşleýin tankyt ýa-da ýürek agyrtmak üçin atylan oklardan
ejizläp, uly sesimiz bilen gykylyk-gopgun turuzmagyň asla hajaty
ýok. Üstünlige, abraýa, şöhrata, beýiklige barýan ýollaryňda şonuň
ýaly kötellikler köpeliberse hem öňe ýöremegiňi, maksadyňa sary at
çapmagy bes etme. Üstünlik beýiklige ymtylýan we öňe okdurylýan
adamlara nesip edýär. Ruhy ejiz adamlar bolsa şeýle kynçylyklardan
ýaňa lapykeç bolup, bu böwetleri neneňsi geçmelidigi ýa-da nähili
çözgüt tapmalydygy hakynda uzakly gije pikir edip geçýär.
Saňa aýdasym gelýän bu hakykata düşünýänçäm, özüm hem şol
ýollary, böwetleri geçmeli boldum. Ýadyňda sakla: Mertebäňe görä
tankydyň bolar! Şonuň üçin hem bize gönügen bu «tankytlardan» goranmak üçin töwerege delmuryp bakmagyň we ýowuz-zabun gepleri
87
dep etmegiň alajyny soramagyň, oňa-muňa ýüz tutmagyň hiç hili wajyplygy ýok.
Munuň ýönekeý sebäbi bar – sen ýöremesi kyn ýoly saýlap aldyň.
Adaty derejelerden ýokary galmagy, belentde ýöremegi ýüregiňe
düwdüň. Temegini Göge dikýän tekepbirler diňe özünden ýokarylary görýändir, şonuň üçin olaryň syýyňdan aslyşmagy adaty hörp.
Eger-de sen ýokary galyp saýlanmadyk bolsaň, olar seni görmezdi.
Şonda olar gep haltasynyň daňysyny çözüp, tankyt ýaýynyň peýkamlaryny saňa gönükdirip atyp başlar. Maksady – başyň aşak eglip, seniň
hem edil özleri ýaly biri bolmagyňy, ýönekeý, adaty ýa-da pes adam
bolmagyňy islärler.
Munuň çykalgasy – bu sürtülýän agyry-ünjülerden üstün bol
we gaýta bat alyp uç. Hüjüm etdikleri saýy sen has gowy işlemegiňi,
öňküden-de manyly deprenmegiňi dowam et. Edýän her bir işiňi
gowy bitirmäge, aýdýan her bir sözüňi öňkülerden hem has gowy, has
ajaýyp, has täsirli aýtmaga çalyş.
Her gezek tankyt edenlerinde, aýdylýan sözüň asyl manysyny,
onuň ruhuňy awadýan tagna-ýaralarynyň syryny oka, diňle, düşün –
gahar-gazabyňy, agyry-ynjyňy, gaýgy-gamyňy gizläp, öz ýanyňdan
myssa ýylgyr. Özüňi we olary dogry ýola gönükdirmegini Alladan
dile we bagyşlamagyny isle.
Şu zatlary endigiňe öwürseň, sen hiç wagt ejizlemersiň, asgyn
bolmarsyň, ýykylmarsyň we asla ýan bermersiň.
Her kimiň öz pikirini aýtmaga, tankyt etmäge haky bar, emma
goltugyňdan göterip, maksadyňa ýetirjek merhemetiň has ýokardan
inýändigini ýadyňdan çykarma.
25. DUÝGULARYŇ GARAÝYŞLARA
TÄSIRI...
Biz duýgularyň täsirindäki adamlar – süýji we mylaýym sözler
hoşumyza gelýär, joşurýan sözlemler gaýratymyzy alawlandyrýar.
Maksat-myratlarymyza ýetmek üçin käteler duýgularymyzyň taryna
kakmak hem zerur bolup bolýar.
88
Duýguçyllyk, täsirlilik aýyp zat däl. Birek-birege saz we göwün
göteriji duýgularda – duýgudaşlykda bolmak halanylýan hulk. Tersine, olar köp ýerlerde bize gaýrat-gylaw berip, hereketlendirýän, bizden beýik we manyly zat çykarýan, haýyr-yhsan etmeklige iterýän,
adamkärçilikli işlere meýletinlik bilen barmagymyza höwes döredýän
häsiýetdir. Göwün galkyndyrýan sözlerden gulagy gananda, halkyň
mümkin däl görnen zatlaryň hem hötdesinden gelýändigini, başaryp
bolmaz öýdülen zatlary hem başarýandygyny, hatda bütin dünýäni
dikeltmäge hem gaýratlydygyny görýäris. Ol biziň güýç-gaýratymyzy alawlandyrýan, beýik we ýagşy işleri bitirmeklige bolan ynamdyr yhlasymyzy tijeýän güýçdür.
Biziň uýýan din-ygtykadymyzda hem duýgulara, şeýle hem
duýgudaşlyga uly orun berilýär. Duýgudaşlyga aýratyn ähmiýet
berýän adamlaryň ýüregi rehim-şepagatdan, adamkärçilik häsiýetlerinden doludyr.
Ýöne, duýgulary akyl we mantyk (logika) jylawlary bilen çekip,
bir kada salmasaň, onuň özüniň hakyky ýolundan, çäginden çykaýýan
halatlary-da bolýar. Çäginden çykan duýgular bize birnäçe nogsanlyklary, aýyplary we şahsy kynçylyklary peşgeş berýär.
Duýga berlen adamlarda has köp göze ilýän aýyplaryň biri
– özüňi saklap bilmezlik – kimdir birini tankytlanyňda ýa-da
pikir-garaýyşlaryňy ýaňzydanyňda bellibir ölçegiň bolmazlygy.
Salykatly adam haýsydyr bir garaýşa eýe boljak bolsa ýa-da nämedir bir zat, kimdir biri hakda bir netijä geljek bolsa, nukdaýnazaryny kesgitlejek bolsa, ýa-da höküm çykarjak bolsa, ol işlere şahsy
duýgularyny garyşdyrmaly däldir. Anyk ölçeglere laýyk gelýän, sagdyn we ygtybarly esaslara daýanmak arkaly netije çykarmalydyr, anyk
bir pikire gelmelidir. Özüňe basalykly duýgy bilen çemeleşmelidir.
Ine, köplenç halatda, eýelik edip bilmeýän bir häsiýetimiz şudur.
Aramyzda käbir adamlar öz şahsy duýgularyna esaslanyp, netijä
gelýärler. Şahsy duýgularymyza baglylykda öwýäris, duýgularymyza berlip, duşman bolýarys. Duýgularymyza berlip, tankyt edýäris.
Duýgularymyza daňlyp, öwüp arşa çykarýarys. Emma duýgy we sag89
dyn akyl – hersi bir başga. Olaryň hersiniň öz ölçegleri, öz orunlary
bar.
Kimdir biri ýa-da haýsydyr bir iş hakynda pikirimiz soralsa,
ýa-da şolar hakda öz pikirimizi ýaňzytjak bolsak, köplenç, has giň
delillere we ölçeglere mätäçdiris. Kazy hiç wagt taraplaryň ikisini
hem diňlemezden, höküm çykarmaga hakly däldir. Diňe duýgularymyzy diňläp, netije çykarmak diňe bir tarapy diňläp, ony hakly tutmak ýaly bir zat bolar. Käbir adamlaryň bärden gaýdýan ýeri hem
şunda jemlenýär: tanaýanlarym we ýanymdakylar – meniň dostlarym;
tanamaýanlarym ýa-da ýanymda däller – meniň garşydaşlarym.
Bu hergiz dogry garaýyş däldir.
Maslahatym, her bir pikir-netijäň, garaýyşlaryň akyl-mantyga
laýyk bolsun. Birini tankytlamazdan ýa-da ol hakdaky pikirleriňi
ýaňzytmazdan ozal hakykatyň başga-başga taraplarynyň hem bolup
biljek ähtimallygyny aňyňdan öçürme.
Üns bermeli zatlaryň ýene biri – eger-de tankydy garaýşymyzy
mälim etmek isleýän bolsak, işiň ýa-da ýagdaýyň bolmaýan taraplaryny belläp geçmelidiris, bu bolsa tankyt edilýän zady tutuşlygyna
halamazlyk üçin asla esas bolup bilmez. Mysal üçin, okap oturan şu
kitabyň hakdaky pikiriňi soraýyn, belki-de kitap göwnüňe ýarandyr. Belki-de öz pikirleriňe laýyk gelmeýändigi üçin bu kitaby satyn alandygyňa ökünibem başlansyň. Emma bu ýagdaýlaryň hiç
biri seni bu sözleriň awtory babatda aýdyň we gutarnykly netijä
getirip bilmeýär. Belki-de onuň bu işi we kitaby örän gowudyr,
sebäbi ol sözleri ýerlikli, sazlaşykly we manyly ulanmak babatda
örän köp zähmet ýoluny geçendir, ýöne durmuşdaky käbir zatlar
dogrusynda pikirleriňiz çapraz düşüp biler. Belki, tersinedir, munda aýdylýan zatlar, aslynda pikirleriňe we zehiniňe örän golaý hem
bolsa, akylyňy, höwesiňi özüne maýyl edip bilen däldir. Şonuň
üçin hem eger-de kesgitli bir netije çykarjak bolsaň, baha bermek
isleseň, sen bu ýerde awtoryň tutuş özüni ýamanlaman, onuň ýazan we seniň göwnüňden turmadyk şu kitabyny tankytlap bilersiň.
90
Onuň haýsy hem bolsa bir pikirine öz nägileligiňi ýaňzydyp
bilersiň, emma ony özüň ýaly ynsan hökmünde hormatlamaga we
sylamaga borçlusyň.
Ömrümiň bellibir ýyllarynda endige öwrülip galan bir häsiýetim
bardy: öz pikirlerimiň tarapdarydym. Kim meniň bilen ylalaşsa, kimiň
pikiri meniň pikirim bilen gabat gelse, oňa ýüregimiň töründen orun
bererdim. Meni makullamaýanlar ýa-da pikirim bilen ylalaşmaýanlara
zabun darardym, uruş yglan eden ýaly bolardym.
Eý Allam, men şeýle endiklerim, şol häsiýetim zerarly, gör, näçe
zat ýitirdim. Dura-bara, hiç hili söweşdir darkaşa girmezden hem
duşman saýanlarymyň sany artdy gitdi.
Biri bardy, meniň bilen diňe birje zat barada pikiri deň gelenokdy, köp zat babatda bolsa gabat gelýärdi. Emma gabat gelmeýän
şol bir zadyň üstünde günuzyn eňekleşip, dürli deliller, bahanalar
suňşuryp, ony öz pikirime tabyn etjek bolup, başymdan ot, dilimden
ýalyn sowurýanym ýadymda. Ahyrsoňunda, ýa ony boýun edýärdim
ýa-da oňa gaharlanyp, öýkeläp, gaty görüp hoşlaşýardym.
Men, ine, şeýle endikler, häsiýetler bilen özümi oda tarap
itekleýän ekenim.
Birnäçe görgüleri görenimden, ýitgileri çekenimden soňra aň
ýetirdim – nämedir bir zat ýa-da kimdir biri hakdaky bahalarymyz,
garaýyşlarymyz, pikirlerimiz duýgy esasynda kesgitlenilmeli däl
eken. Maňzyma batmaýan ýekeje ýaramaz häsiýeti üçin bir ynsany
«ýere gömmeli» däldigime düşündim. Gutarnykly netijä gelmekde
hem duýgulary däl-de, akyly we logikany ileri tutmalydygyna akyl
ýetirdim.
Bularyň üstesine, meniň hem hemişe dogry-dürs pikir edip
bilmeýänligime, edil beýleki adamlar ýaly meniň hem ýalňyş pikir
edip biljekdigime, meniň ýalňyşmak ähtimallygymyň hem örän
uludygyna göz ýetirdim. Şondan bäri, kimdir biri hakda öz garaýşymy
ýaňzytmak islesem, oňa öz pikirlerimi, garaýyşlarymy we tankydy
belliklerimi pespällik bilen aýdýaryn.
91
Ýandepderçäme şeýle bellik edipdirin: «Kejir, küýli adamlarda
sagdyn garaýyş, nukdaýnazar ýokdur, olar diňe duýgularyň elindäki
ýesirdir».
26. EÝNŞTEÝNIŇ DÄLILIK HAKDAKY
SAPAGY
On bäş ýyldan bäri dostum Jelil şol bir zatlary ýerine ýetirýär...
Ol henizem şol şereketde işleýär, şol öňküsi ýaly pikir edýär. Ol
henizem şol öňküsi ýaly ýol-ulag gatnawynyň ýaramazdygyndan,
aýlyk gazanjynyň azlygyndan, janköýerlik edýän sport toparynyň
ýeňlendiginden we işiniň üznüksiz paşmaýandygyndan zeýrenýär.
Henizem ol dostumyz çagalary we maşgalasy bilen dynç almak
üçin her tomsuň başynda karz alýar we bütin gyşyny şol karzlaryny
üzüp geçirýär... on bäş ýyldan bäri hiç zat üýtgemedi, özgermedi...
Henizem dostumyz Jelil «Sabyr soňunyň sap altyndygyna», sabyr
edeninden soňra hökman arzuwyna ýetjekdigine, garaşylýan günüň
ahyry geljekdigine pugta ynanýar.
Dostumyň bu bolşuny görüp, Eýnşteýniň dälilik hakdaky sözleri
serime dolýar. «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak dälilikdir» diýen sözleri aňymda öwrüm edip dur.
Özümiz aman-asudalyk, ýeňil ýetilýän rahatlyk isläp, munuň öwezine töwekgellik etmekden, täze gözýetimlere aralaşmakdan we täze
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.