Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12

Total number of words is 3729
Total number of unique words is 1989
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ýumma! Seriňde duýdansyz ýylpyldaýan, ýöne işiň bähbidine, haýryna bolmadyk pikirleriň aňyňda ornaşmagyna eglişik etme, beýle pikirleri özüňden kowmagy başar. Galam bilen ýönekeý çyzyklary çekip
oturma we bimany, ähmiýetsiz sözler bilen kagyzy doldurma. Her
ýazanyň, çekeniň edip oturan işiňe laýyk bolsun. Goh-galmagally, her
pursatda ünsüňi bölýän garma-gürme ýerlerde işe berilme. Bardy-geldi başga mümkinçilik, şert ýok bolsa, onda özüňi ol gowurdylaryň,
gep-gürrüňleriň içinden sogur-da, bir gyra çekil we öz dünýäňe çüm.
Ýene-de özüňi edýän işleriňe bagyş et. Aşakda ýatlap geçjek birnäçe
usullarymyza eýerseň, sen ähli halatda hem öz işiňe berilmegiň hötdesinden gelersiň.
«Men işe girişen mahalym, hamala, hut şol pursat dünýäde
şondan başga hiç zat ýok ýaly duýýaryn».
Sen indiki mysal getirjek paýhasly sözlerimi hem ýatla: «Ünsüňi
isleýän zadyňa gönükdirmegi başarmasaň, hiç wagt özüňe erk edip
bilmersiň. Indiki sagatlarda pikirlenjek zadyňy öňünden kesgitlemegi
başarmasaň, sen hiç wagt bagtly bolup bilmersiň».
Şonuň üçinem hut şu pursatdan başlap, öňümizdäki indiki sagatlarda etjek işleriňi oýlap-biçip, tertibini taýýarla. Indiki ädimleriňi
anyk kesgitle. Işe girişmeli wagty gelende ünsüňi böljek her bir sebäp-bahanany ýeňsäňe taşla-da, ynam bilen işe başla. Işläp oturan
mahalyň, hiç kimsäniň we hiç bir zadyň ünsüňi bölmegine, pikirleriňi
duw-dagyn etmegine maý berme. Ähli ünsüňi edip oturan işiňe jemle. Şonda sen şeýle bir täsin netijeleri gazanarsyň, göz haýran galar,
göwün ynjalar.
Hereket et:
1. Öňümizdäki 24 sagadyň dowamynda etjek işleriňi belli et.
2. Her işi-amaly ýerine ýetirer ýaly ýerini, ýagdaýyny taýýarla.
3. Öňüňde we eliň astynda hem diňe şol işiňe dahylly zatlar dursun. Işe dahyly bolmadyk her bir zady öňüňden aýyr.
173
4. Ünsüňi dagadyp biljek islendik bir sebäpleri aýdyňla we heniz
işe ymykly girişmänkäň, olary özüňden uzakda goý.
5. Ähli ünsüňi we pikirleriňi diňe edip oturan işiňe jemle (gönükdir).
6. Şol işe sarp eden wagtyňy hasapla we işiň hiline, netijesine
göz aýla. Şonda bir hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň: Ähli ünsüňi
edýän işiňe jemlän halatyňda, öňkülerden has az wagtyň dowamynda has uly netijelere, has beýik derejelere ýetmegi başarandygyňy
görersiň.
Ýene bir gezek özümize sesleneli – «Adamlar, üns beriň!».
***
ÝÜREGIŇE AGRAM SALMA
Ýürege has köp agram salýan, ony tiz ýadadýan zatlar näme
diýip sorasam, dessine ýagly naharlary ýa-da käbir ýokumsyz
iýmitleriň adyny sanap başlarsyň. Bu-da dogry, belki, meniň senden
eşitmek isleýän, senden garaşýan jogabymam şoldur. Ýöne arada
ýazyjylaryň biri bilen gümür-ýamyr edip otyrkak, sözden söz açylyp
gitdi-de, ýürege has köp agram salýan iki sany endik hakda aýtdy
welin, dogrusy, bu meniň üçin duýdansyz bir täzelik bolup ýaňlandy.
Halypa ýazyjynyň ýatlan iki endiginiň biri maňa öňdenem belet ýagdaýdy, ony inkär etjegem bolmadym, makullaýjylyk bilen baş atdym.
Emma beýleki endigiň üstüni täzeden açdym diýsem öte geçdigim
däl. Ikinji endik meni has geň galdyrdy we maňa uly täsir etdi. Sebäbi oýumda-hyýalymda beýle düşünje ýokdy. Şeýle hakykata öň üns
bermändigime göz ýetirdim. Garaşmaýan zatlaryň alnyňdan çyksa,
bir salym haýran galyp seredýärsiň ahyry. Jaý aýdylan sözler, ýerine
düşen manylar hemişe täsirli ýaňlanýar. Gel, bu halypa ýazyjynyň
ýüregi ynjaldyrýan bu sözlerini bilelikde okaly:
«Ýüregi ýadadýan iki sany endik bar. Birinjisi, basgançaklar
bilen ýokary galmak. Ikinjisi, adamlaryň mertebesini pese düşürmäge
çalyşmak».
Bularyň birinjisi ýaşy goýalyşan, gartaşan adamlara ýa-da
ýüreginde bir dert-sökellik bolan adamlara degişli (Allatagala her
174
birimize saglyk-salamatlyk nesip etsin!). Emma ikinji ýadawlyk
hemmelerde bolup bilýär. Adamlara kembaha garamak, olaryň
abraý-mertebesine çirk ýetirjek bolmak, sähel maý bolsa sebäp ýok
ýerinden gara ýöňkemäge çalyşmak ýüregi has beter usurgadýan
ýagdaýlardyr. Ýüregi ulumsylyk eýelän bolsa, kine-kitüw, öç almak
duýgulary ony mäkäm gurşan bolsa, ýürege şondan başga merkem gerek däl. Özgeleriň abraý-mertebesini özüňden pes görkezmäge meýilli
bolmak, illeriň ýanynda ap-aýdyň ýüze çykarmasaň-da, ýüregiňde
beýlekileriň şowsuzlygyna heşelle kakmak, senden öňňe her kesiň büdremegini islemek, ine, şeýle duýgy-düşünjeler we şol düşünjelerden
dömýän gylyk-häsiýetler ýüregi bitap edýän, onuň güýç-gaýratyny
lagşadýan ýagdaýlardyr. Ýüregiňi ýadatmak islemeýän bolsaň, onda
beýleki adamlara gyýa göz bilen bakma. Olaryň abraý-mertebesini
pes saýma. Özüňe ýagşylyk isleýşiň deýin, olara hem gowusynyň nesip etmegini dile. Ýagyşylyk etmekden ejiz bolsaň, onda ýamanlyk bir
isleme. Hiç wagt özüňi beýlekilerden beýik ýa-da artykmaç görme.
Şeýdeniňde, ýüregiň rahat, göwnüň ynjalykly, köňlüň asuda bolar.
Gylyk-häsiýetleriňe we hereketleriňe üns ber:
1. Biri hakda äsgermezçilik edip gürleme.
2. Başga biriniň ýanynda beýleki birini ýamanlap, onuň
gadyr-gymmatyny, sylag-hormatyny peseltme.
3. Hiç kime erbet niýetde bolma, ýaramaz zady arzuw etme.
Aslynda, ýaramaz päl-niýet ýüregiň ýele ýanyndanam geçmesin.
***
GÖGERÇINI NIREDE SAKLARYS?
Günleriň birinde maşgaladaky çagalar bir wajyp meseläniň
üstünde dawalaşyp başlapdyrlar. Dawa-jedel şeýle bir ula ýazypdyr welin, her kes sesine bat berip gürlemäge mejbur bolupdyr.
Goh-galmagal, gykylyk öýüň içini doldurypdyr. Gürrüň howludaky
gögerçini öýüň niresinde saklamak hakda gidýän ekeni. Bu göger175
çin maşgala agzalarynyň her biri üçin juda eziz bolansoň, her kim
oňa özüçe mynasyp ýer taýýarlapdyr. Birinji ogul bu gögerçin üçin iň
gowy ýeriň howlynyň içindäki baglaryň arasydygyny ýaňzydypdyr.
Emma ikinji ogul bu pikir bilen düýbünden ylalaşmandyr. Sesine bat
berip: «Oňa iň laýyk ýer bagyň arasy däl-de, bagyň gyrasy» diýip,
ýer depip durupdyr. Üçünji ogul düýbünden başga hörpden gopupdyr: «Ony bagyň içinde däl-de, öýüň içinde saklamagy» akyla laýyk
görüpdir. Dördünji ogly heniz pikirini aýdyp ýetişmänkä, aşhanadan
ejeleriniň sesi eşidilipdir: «Hany indi, dawaňyzy bes ediň, şol gögerçin şu wagt nirede duran bolsa, şol ýerde galybersin» diýipdir. Garaz, olar näme hakda dawa-pikir edýändir öýdýäňiz? Bu zatlary
aýdyp otyrkam, öýünde gögerçin oturan dört-bäş çagaly maşgala göz
öňüňize gelendir. Menem bu kyssany ilki okanymda hut şeýle göz
öňüne getiripdim, ýöne kyssanyň soňuna göz gezdirenimde, olaryň
öýlerinde heniz hiç hili gögerçiniň ýokdugyny, üýşüp-çaşyp, ellerinde
ýok zadyň dawasyny edýändiklerini bilip galdym. Olar geljekde satyn aljak gögerçinleri hakda öňünden şeýle dawa girip bilýän ekenler.
Ilki bilen bar ünsüňi eliňde bar zatlaryň gadryny bilmäge, gymmatyna
düşünmäge gönükdirmeli. Hemişe gözel pikirler bilen hereket etmeli. Mahal-mahal terse ýorup boljak wakalaryň hem gowy tarapyny
görmäge çalyşmaly. Özgelere ýagşy pikir ýaýmaly we özüňem diňe
gowy pikirlere gulak asmaly.
Şuňa meňzeş ýene bir kyssany ýatlaýyn. Göçme manyda beýan
edilýän bu kyssada şeýle diýilýär. Günleriň birinde tokaýda ýaşaýan
syçan haýwanlaryň şasy bolan arslanyň üstüne sürnüpdir. Arslan ony
tokaýdan kowjakdygy bilen haýbat atypdyr. Şol wagt syçan geň bir
teklip bilen ýüzlenipdir: bu gezeklikçe geçirimlilik etmegini hem-de
bir aý puryja bermegini sorapdyr. Bir aýdan soňra syçan arslan bilen
başa-baş söweşe girjekdigini aýdyp: «Eger men ýeňäýsem, onda bu
tokaýda tarhan bolup gezmäge ygtyýarym bolsun. Tersine bolsa, onda
siziň diýeniňiz bolsun» diýip şertleşipdir. Arslan syçanyň bu şertiniň
üstünden gülüpdir. Diňe bir arslan däl, tokaýda ýaşaýan ähli janly-jan176
darlar hem syçanyň bu hereketlerini kinaýa bilen kabul edipdirler.
Syçan welin, şertini kabul etdirmek üçin ýer depip durmuşyn. Bir gysym göwresi bolan syçanyň arslan bilen darkaş gurup bilmegine arslan
hiç ynanmandyr. Syçany äsgermezlik edip, onuň şertine razy bolupdyr. Syçanyň bu sözi arslanyň gulagynyň ýele ýanyndan geçipdir, oňa
ähmiýet bermegini bes edipdir. Syçan welin, hut şol pursatdan başlap,
bir aýdan soňra arslany nähili güne saljakdygy barada tokaýda wagyz edip başlapdyr. Her gezek arslan bilen pete-pet gabatlaşanlarynda
oňa: «Hä, arslan baý, sen taýýarlanyber. Men seni şeýle bir guma gararyn welin, gaýdyp garyňa galmaga mejalyň bolmaz» diýer ekeni.
Özi-de bu sözleri uly ynam bilen, gülüp aýdar ekeni. Arslan birbada öňki bolşy ýaly syçanyň bu bolşuna biperwaý bakypdyr. Emma
günde-günaşa gaýtalanyp duransoň, ol sözler ahyry arslana täsir edip
başlapdyr. Gün geçdigisaýy ýüregine dowul ornaşypdyr. «Şunuň
aýdýanlarynyň jany bar bolaýmasyn? Örän ynamly aýdýar welin, ýa
tokaý haýwanlary bilen dilleşip, ählisi üstüme sürnäýjekmikä? Güýçli bolsaňam gowy däl, ýagyň köpeliberýär» diýip, barha alada edip
ugrapdyr. Gaýgy-gamy, alada-ünjüsi şeýle bir artypdyr, içki pikirleri
bilen ikiçäk galansoň, igläp gidipdir. Wakanyň ýigriminji gününde
tokaýa bir habar ýaýrapdyr: Arslan dünýäden ötüpdir. Ine, kyssanyň
mazmuny we netijesi şeýle. Ýogsam, syçan onuň bilen heniz söweşe
galkmady, heniz öňünde dikelmedi. Syçan arslana el götermedi.
Syçan hiç kes bilen arslanyň garşysyna dildüwşük gurnamady. Arslan
diňe öz içki pikirleri, içki howsalasy bilen özüni heläk etdi. Çagalaryň
heniz alynmadyk gögerçin hakda dawa-jenjele girmekleri, arslanyň
geljekden howatyrlanyp, öz pikirleri bilen özüni bogmagy - wagtyňy
yrýa etmek, ömrüňi zaýalamak. Eger-de ýagşy we gözel pikirlere
duwlanan bolsa, ýakymsyz geljek hakda ýalan dowullara ýüregini
eýeletmedik bolsa, gaýgy-gamlara özüni ýesir etdirmedik bolsa, belki-de, arslanyň güni başgaça bolardy.
Eýsem, biziň aramyzda şol çagalar ýa-da arslan ýaly çemeleşýänler ýokmy? Bolmadyk we aslynda hem bolmajak zatlaryň aladasyna
* 12. Sargyt № 975
177
çümüp, gerekmejek howsala gark bolýanlar seýrekdir öýdýäňizmi?
Ýüregini geljekde bolar öýdülýän apy-tupanlara aldyrýan, gününi
gaýgy-hasrata, alada-ünjä eýeledýän, özüni lapykeç duýgulara we
galagoplugyň şum çeňňeklerine ildirýänler bar ahyry. «Men hut şeýle
adam-da» diýýänler bar bolsa, olara aýtmak isleýän sözlerim bar: lapykeç duýgulardan dessine araňyzy açyň. Özüňize haýpyňyz gelsin,
batyl duýgulardan saplanyň. Geljegiňiziň ýagtydygyna, gowudygyna,
özüňiziň bagta mynasyp biridigiňize ynanyň. Beýik işleri bitirmek
üçin bagyş edilen takat-energiýalaryňyzy we wagtyňyzy halas ediň ol duýgulardan üzňe boluň!
Emma bu sözler geljek hakda hiç hili pikir etmeli däldigini we
gelejegiň maksat-meýlini düzmeli däldigini aňladanok. Asla beýle
däl. Durmuşyňyzda täsiri mese-mälim bildirýän zatlary hiç wagt
goýbolsun etmäň, gözden salmaň. Gaýta arzwularyňyzy aýaman,
geljek üçin her ädimiňizi ölçeriň we geljege taýýarlykly barmaga endik ediň. Ýöne geljek hakdaky pikirleriňizde lapykeçlige, göwnüçökgünlige, umytsyzlyga ýerem bermäň, perem bermäň. Özüňizde bar
bolan mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanyň. Wagtymyzy we güýçgaýratymyzy bolmadyk we bolup hem bilmejek zatlaryň howsalasyna sarp etmäliň. Özümizi şum pikirlere pida etmäliň. Kesellerden
goranmak üçin düzgün-nyzamly iýip-içmek bilen bir kesele ýolugyp,
soňra, özümiz hakda howsalaly hem-de dowamly pikir etmegiň arasynda uly tapawut bar. Geljekki hünärini öňünden kesgitleýän we
onuň sepgitlerini ädimme-ädim göz öňüne getirýän, etjek işlerini, barjak we gezjek-görjek ýerlerini meýilleşdirýän talyp bilen sapaklaryna biparh çemeleşýän, okuwyna taýýarlyksyz barýan, geljege bolan
ynamy gowşak, okuwyny tamamlanyndan soňra hem iş tapylarmy,
tapylmazmy diýip özüni düşnüksizligiň dumanyna gabsaýan talybyň
arasynda ullakan parh bar. Öz etmeli işine yhlas bilen çemeleşýän,
özgelere elgarama bolmazlyk üçin geljeginiň aladasyny edýän adam
bilen birden-kä garyp düşäýmäýin gorkusy bilen ýaşaýan we hiç
zada eli barmaýan adamyň arasynda ullakan tapawut bar. Geljek
178
hakdaky pikirlerimiz diňe ýagşy arzuw-maksatlara hem-de päkize
pikirlere ýugrulan bolmaly. Biziň her bir pikirimiz hem, hereketimiz
hem geljegimiziň taýýarlygy bolmaly. Ýürege dowul tohumlaryny
sepeleşdirýän, düşnüksiz pyşyrdylar bilen waswasa salýan we yhlasly
zähmet çekmekden göwnümizi hem, elimizi hem sowaşdyrýan pikirlerden uzak durmagymyz gerek. Hiç bir ýaramaz duýgy, düýpsüz
howsala bizi öňe ilerlemekden bökdemesin. Ýüreklerimiz umytdan
we has gowy geljege bolan ynamdan dolup dursun. Geljege ynamly
we umytly bakyşlar bilen seredeliň!
Hereket et!
1. Geljek hakdaky ýaramaz pikirlerden özüňi sapla.
2. Näbelli geljegiň içinde ýaşama. Aýdyň arzuwlara eýe bol.
3. Ýüregiňe çiglik ýa-da howsala düşmezligi üçin her indiki
ädimiňi planly we ynamly ät.
4. Geljege bolan garaýyşlaryň, bakyşlaryň umyt hem-de ynam
bilen dolup dursun!
***
DARAGTYŇ ÇÜR BAŞYNA ÇYKMAK
Göz öňüne getirip gör, garşyňda gol bilen gujaklap bolmajak äpet
daragt bar diýeli. Şol agajyň çür depesine çykasyň gelýär, ýöne nädip
çykmalydygy hakda kelle döwer oturarsyň. Ýeri bolýar, taýýar çözgütler barka, artykmaç pikirler bilen kelläňe agram salma. Ine, seniň edip
biläýjek zatlaryň:
Daragtyň çür başyna çykmagy göwün eden bolsaň, muňa üç
ýol bilen çemeleşersiň. Birinjisi, daragtyň düýbüne bararsyň we şol
ýerde «nädip çykyp bolarka?» diýip, çuň pikirlere çümer oturarsyň.
Emma diňe höwes hem-de pikir edeniň bilen-ä iş çözülmeýär – agajyň
üstüne çykyp bilmersiň. Ikinji bir etjek zadyň, wagt ýitirmezden, uzak
pikirlenip oturmazdan, şahalaryna aslyşyp, aslyşyp, barha ýokary
galyp başlarsyň. Bu hem o diýen göwün gandyryjy bolmaz, netijesi
179
hem gümana - ýetmegiňem mümkin, ýetmezligiňem. Sebäbi öňünden
ymykly taýýarlyk hem-de ýeterlik güýç-gaýrat bolmasa, birbada
höwesli ýapyşsaň-da, birsellemden güýjüň gowzap, özüňi ýadaw-argyn we lapykeç duýup başlaýarsyň. Hälki höwes ýöwsellige ýazýar
duruberýär. Maksat her neneň arzyly hem bolsa, ýuwaş-ýuwaşdan
ondan ýüz dönderip başlaýarsyň. Başga zatlara güýmeneniň, ünsüňi
gaýry zatlara sowanyň kem däl ýaly bolup dur. Ine, üçünji ýol bilen
welin, sen daragtyň çür depesine çykyp bilersiň. Munuň üçin seni arkasynda göterip biljek äpet guş bilen dost bolmagyň gerek.
Bu ýöntemje mysal bize beýige galmagyň iň aňsat hem-de ygtybarly ýoluny salgy berýär. Äpet guş diýsem, ertekilerdäki ýa-da
Kap dagyndaky Anka guşuny göz öňüne getirmäň. Olar şol ýerlerden
gelýänçäler hem ep-esli wagt gerek. Biz bolsa garaşyp bilemzok, üstesine wagtam geçip barýar, gyssanýarys. Emma biziň durmuşymyzda,
öz dünýämizde şol äpet guşlar deýin beýik adamlar bar. Özümizden
has sowatly, durmuş we hünär tejribesi artyk, dünýä meselesinde köp
çaý we çorba sowadan, eder işini bilýän, her zada pähim-paýhas bilen
çemeleşýän adamlar bilen dostlaşmak ýa-da iň bolmanda, şolar bilen
tanyşmak gerek. Olar özleriniň maslahatlary we pikirleri bilen edil
şol äpet guşlar deýin, bize islendik beýiklige galmaga ýardam berýär.
Şeýle adamlar bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak ep-esli wagtymyzy tygşytlaýar. Olar öz tejribelerini paýlaşýarlar, zerur maslahatlar
bilen üpjün edýärler, gymmatly garaýyşlaryny gysganmaýarlar, ajaýyp
tekliplerini hödürleýärler. Hytaýlylar munuň şeýledigine birmahallar
akyl ýetiren bolmaly, çünki olarda şeýle bir ýörgünli düşünje bar:
«Kiçijik saçagyň başynda paýhasly biri bilen birazajyk oturmagyň
özi bir aýlap kitap okanyňdan has peýdalydyr».
Tejribeli ussatlaryň maslahatlaryny diňläp, olaryň aýdýan
sözleriniň aýdyň täsirini, oňyn netijesini öz durmuşynda görenler bolsa, şeýle pikiri öňe sürýärler:
«Paýhasly biri bilen bir gijeki gürrüňdeşlik on ýyllap ders
öwreneniňden peýdalydyr».
180
Bir zady anyk ýaňzydyp biljek – köp adamlar durmuşda öz
barmaly menzil-derejesine gijigip gowuşýarlar ýa-da güýç-gaýraty
bolubam, ýetip biljek ýerinden has bärde eglenýärler. Çünki olaryň
durmuşynda paýhasy we tejribesi bilen özlerine goltgy berjek
akylly-başly adamlar ýok. Olara öňe ilerlemäge joşgun we ruh berip
biljek, gursaklaryny guýç-gaýrat bilen doldurjak adamlar ýetmezçilik
edýär. Olar özlerini diňleýän we degerli maslahat berip bilýän adamlara mätäç. Olara müşgil meseleleriň çözgüdini, agyry-dertleriň anyk
dermanyny salgy berýän, arzuw-umytlaryň hasyl bolmagy üçin nähili hereketler etmelidigini ündeýän adamlar gerek. Hut meniň özüm
durmuşda şeýle gowy adamlaryň ençemesine şaýat boldum. Olar
şol äpet guş deýin örän köp adamlara goltgy berdiler. Köp adamlary
garysyna galdyryp, üstünligiň ýoluna atardylar. Aň-düşünje taýdan
ösmegine, kämilleşmegine sebäp boldular. Şeýdibem, özlerini tapan
ynsanlary äpet bir guş mysaly üstünligiň çür başyna çykardylar.
Bize-de şeýle adamlary sorap-idemegiň wagty gelip ýetdi.
Özümizden has tejribeli, has sowatly, has işjanly adamlary gözlemegimiz, tapmagymyz, olaryň ýanyna barmagymyz, olar bilen
tanyşmagymyz gerek. Şeýle adamlar bilen salamlaşmagyň özi
ýüregiňe ylham berip, köňlüňe ganat bitirýär, ýeri onsoň, durmuş
we iş meseleleri hakda gümür-ýamyr edip, pikir alyşsaň dagyn,
maňzyňa batjak müňlerçe täze we täsin pikirleriň üstünden bararys. «Birini tapdyk, ýeterlik» diýip, kanagat etmeli däl, baý tejribeli
näçe adam bar bolsa, şonça-da tanyşlyk açybermeli. Hersinden bir
zat öwrenip galanymyzda hem paýhas gorumyz artar gider. Dürli
ugurlarda zähmet çekýän, dürli ugurlardan hünärli, tejribeli adamlar
bilen gatnaşyklary ýola goýmaly. Olar bilen tanyşmaga, olaryň iş we
durmuş tejribesinden öwrenmäge döwtalap bolmaly. Belki, ilkinji
tanyşlyklar, gürrüňdir söhbetdeşlikler halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna
ýazyp gitmegi mümkin. Şeýle adamlar bilen gatnaşyklary berkitmeli. Wagt we pursat, mümkinçilik ýa-da maý tapylsa, olaryň ýanyna
köpräk barmaly, köpräk oturmaly, aýdýan sözlerini diňlemeli we
181
olardan görelde-nusga almaly. Duşuşmaga, ýüzbe-ýüz oturyp, söhbete çümmäge mümkinçilik ýok bolsa, hat üsti bilen habarlaşyp
durmaly. Olaryň paýhas gaýmagy deýin pähimli sözlerinden, maslahatlaryndan peýdalanmaly. Ýagşy adamlar bilen gatnaşyklary ýola
goýmak, berkitmek üçin özümiziň başarýan zatlarymyzy hem teklip
edibermeli, bu hiç hili aýyp zat däldir. «Hemişe her bir ýumuşlaryna
taýýardygymyzy» ýaňzytmakda utanyp-uýalar ýaly hiç zat ýok ahyry,
gaýta özara ynam we bilelikdäki iş özara gatnaşyklary has berkidýän
serişdedir. «Bizlik näme ýumşuňyz bar bolsa, arkaýyn aýdyberiň,
başardygymyzdan şeýle işlere taýýardyrys» diýip, bile işleşmäge
mähetdeldigiňizi, göwünjeňdigiňizi bildiriň. Şeýle gatnaşyklar,
duşuşyklar az wagtda köp zady öwrenmegimizi hem-de gerekli zatlary
gazanmagymyzy üpjün edýär. Şol maslahatlara eýersek, uzak-uzak
eglenip we agyr-agyr emgenip ýetmeli sepgitlerimiz gysga wagtyň
içinde halys kösenmezden hasyl bolýar duruberýär. Şu ýerde gowy
adamlaryň biriniň aýdan sözüni ýatlasym gelýär: «Her gezek özümde
doňýürekligiň ýa-da bir ýaramaz duýgularyň dömüp başlandygyny
duýsam, ruhumy ýat pikirlerden saplamak üçin ertesi ir bilen Muhammet ibn Wasygyň ýüzüne nazar salmak üçin ýola çykardym...»
diýýär. Üns beriň, diňe nazar salmagyň özi ýüregiňi ter-tämiz duýgular bilen doldurýan bolsa, olaryň sözüni diňlemegiň, maslahatyna
gulak asmagyň neneňsi haýrynyň, peýdasynyň bardygyny özüňiz
kesgitläberiň. Ol adam üçin Muhammet ibn Wasygyň özi güýç-gurbat
we ylham çeşmesi, ýagşy işlere bolan gaýratyny we höwesini oýarýan
ynsan. Onuň üçin Muhammet ibn Wasyg gürrüňini edýän şol äpet
guşumyz ýaly, bu salyh adam arkasyna alyp, ony daragtyň gödeňsi
düýbünden onuň näzik şahaly depesine, ýagny doňýürekliginden
ýüregiýukalygyň çür başyna eltip bilýän kysmydy. Biziň ählijämiz
beýiklige ymtylmak hem-de ýetmek üçin şeýle adamlara mätäçdiris.
Gel, biraz özümiz hakda pikir edeliň. Siziň durmuşyňyzda hem
şeýle adamlar barmy? Özleriniň ýakymly sözleri, süýji söhbetleri,
ýürege ornaýan maslahatlary bilen sizi asylly işlere ruhlandyrýan,
182
durmuşyň hemişe gowy taraplaryny görmeklige iterýän, elmydama
maksada okgunly bolup, ýaramaz duýgulara asla per bermeli däldigini ýatladýan, pikirleri we sözleri bilen siziň elleriňizden tutup,
üstünligiň seýilbagyna aýlaýan, äpet symrug guşy deýin, arkasyna
alyp, beýikligiň çür depesine eltýän adamlar barmy? Şeýle adamlara gabat gelen bolsaňyz, siziň durmuşyňyzda şeýle gowy adamlar bar bolsa, tüweleme, bagtyňyzyň gelendigi. Heniz ýok bolsa, bu
betbagtlygyň alamaty däl, daş-töweregiňize ünslüje göz aýlasaňyz,
şeýle gowy adamlary hökman görersiňiz. Galany, özüňize bagly.
Hereket et:
1. Özüňden has sowatly, has ugurtapyjy, has tejribelidir öýdýän
bir ýa-da birnäçe adamlaryňy belläp al.
2. Şol adamlar bilen dostlukly gatnaşygy ýola goýar ýaly, olar
bilen oturyp, söhbet eder ýaly sebäpleri, bahanalary gözle.
3. Olar bilen hemişe habarlaşyp, gatnaşyp dur.
***
SEN NÄHILI ÇEMELEŞERDIŇ?
Mekdepleriň birinde okuwçylar ýaz gezelenjine çykarman bolupdyrlar. Mekdebiň müdiri ýolbaşçy mugallyma çagalara nähili garamalydygy hakda täsin we täsirli bir maslahat beripdir:
«Çagalar bilen iş salşanyňda hemişe şu usul hakda pikir et: hamana, ene-atalary hem olaryň ýanynda seni synlap duran ýaly duý!».
Munuň degerli maslahatdygyna şübhe ýok. Aslynda, heniz ýaş
mahaly mekdep müdiriniň özüne berlen maslahatlary ýatlasaň dagyn,
muny asla geň görmersiň. Şol mahallar ene-atasy oňa: «Has gowy
görýän adamlaryň hemişe seni synlap duran ýaly ýaşagyn» diýip,
yzygiderli sargar ekeni.
Özümizi nirede nähili alyp barmalydygymyzy göz öňüne getireliň.
Pikir edip görüň, biz üçin has eziz, has gymmatly adamlar biziň her
bir hereketimizi, sözümizi hut ýanymyzda durup, synlap duran ýaly
göz öňüne getireliň. Şonda biz özümizi has nusgalyk, görelde alar183
lyk terzde alyp barmaga çalşarys. Adamlar bilen gatnaşyklarymyzda
has mähriban, has mylakatly bolarys. Işlerimize has jogapkärli, has
ynamly we yhlasly ýapyşarys. Biz bu ýerde durmuşymyzdaky iň eziz
adamlaryň bakyşy we berjek bahasy bilen çäklenmäliň. Muňa başga
tarapyndan garap görsek, has-da jogapkärli çemeleşmegiň hötdesinden geleris. Özümizi has köp adamlaryň üns merkezinde göz öňüne
getireliň:
«Bir işi etmekçi bolsaň, hatda şol wagt seni hiç kes görmeýän,
bilmeýän hem bolsa, özüňe sowal bilen ýüzlen: eger-de tutuş älem
halky maňa seredip duran bolsa, şonda men muny nähili ýerine ýetirerdim? Bu işi nähili ederdim?» – diý.
Gel, iň bolmanda bir günümizi bir şeýle duýgular hem-de hyýallar bilen ýaşap göreliň. Hamana, ähli älem halky – seni söýýänlerem,
saňa başgaça garaýanlaram, öz işlerini bes edip, diňe seni synlap duran ýaly, seniň edýän işleriňe tiňkesini dikip oturan ýaly göz öňüne
getir. Belki, bu aslynda-da şeýledir, sen duýýanam dälsiň, emma
il-günüň synçy nazary seniň edýän her bir hereketiňden habarlydyr.
Hereket et:
Bir günüňi şeýle geçir: seniň üçin iň mähriban, eziz adamlar
hem, saňa biparh bakýan adamlar hem hamana seniň ýanyňda jem
bolup, diňe seniň işleriňi synlamaga gelen ýaly göz öňüne getir. Şonda
özüňe jogapkärli çemeleşmegiň diňe özüňi terbiýelemek babatda däl,
eýsem, ýerine ýetirýän işleriň hem has netijeli bolmagyna getirýändigine göz ýetirersiň.
***
AHMYR YNSANY BEZEMEÝÄR
Ol uzak ýyllaryň dowamynda orta mekdebiň müdiri bolup
işledi. Ahyry pensiýa ýaşyna ýetdi. Geçen abraýly zähmet ýoly üçin
şägirtleri, kärdeşleri we okuwçylaryň ene-atalary onuň hormatly dynç
alyşa gitmeginiň şanyna bir dabara gurnadylar. Bu ýaşuly şeýle hor184
mata juda mynasypdy. Gerdeninde uzak ýyllaryň ýüki, tejribesi bolan müdir üstünligiň, adamkärçiligiň, il-gün bilen ýagşy gatnaşykda
bolmagyň nusgasydy. Her kimiň şol müdire meňzäsi gelýärdi. Her
kim, iň bolmanda çagalarynyň şol müdir ýaly üstünlik gazanmagyny
isleýärdi. Aýdym-sazly, şowhunly dabarada her kim özüniň ýürek
buýsanjyny, mähir-muhabbetini, hoşallygyny ýaňzydýardy. Şunça
ýyllaryň dowamynda irmän-arman zähmet çekenligi, üstesine, iň bir
kyn hem-de jogapkärli kär bolan mugallymçylykda gazanan at-abraýy
üçin ol aýratyn hormat-sarpa mynasypdy. Şadyýan, göwün açyjy,
şagalaňly gijeleriň biridi. Söz berlenleriň ählisi bu ýaşulynyň ussat
mugallymdygyny, jemgyýetiň öňündäki wezipe-borçlaryny abraý we
üstünlik bilen ýerine ýetirendigini, hemmeleriň ondan görelde alýandygyny, şeýle halypa mugallymyň elinde ýetişendikleri ýa-da onuň
bilen bir ýerde bile işleşendikleri üçin özlerini bagtly saýýandyklaryny uly höwes bilen ýaňzydýardylar. Dabaranyň ahyrynda hormatly
mugallymyň özüne hem söz berildi. Ýöne, mugallymyň aýdan ilkinji sözlemi hemmeleri geňirgendirdi. Müsürlileriň dili bilen aýtsak,
«Oturan kürsüsini ýanyndaky pelteli çyranyň üstünden eňteren» ýaly
boldy. Bu ýerdäki pelteli çyra – ynsanyň gazanan abraý-derejesi, kürsi bolsa her kimiň il içindäki orny-mertebesi, ýagny ol şeýtmek bilen
özüne abraý getirip, ýoluny ýagtylandyryp duran zady weýran etdi
diýmekligi aňladýar. Ol hakykatdan hem şeýtdi, ýogsam hemmeler
ony ähli babatda nusgalyk, gahryman bir gerçek hökmünde, ýüregine
düwen zadyny hasyl edýän, maksadyna ýetýän we ruhubelent ýaşaýan
adam mysalynda görýärdiler. Emma «Meniň ýigrimi üç ýaşlarymdaky
iň uly arzuwym Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti bolmakdy. Arman, başa barmady…» diýip, ahmyr bilen gürlemesi, dabara
gatnaşýan myhmanlary düşnüksiz duýgularyň girdabyna oklady. Indi
tomaşaçylaryň öňünde abraýly zähmet ýoluny mertlik bilen külterlän
halypalaryň biri däl-de, geçmişiň hasyl bolmadyk arzuwlaryna ahmyr
edip, köne pikirlere daňylyp oturan gözgyny bir adamyň keşbi janlandy duruberdi. Her kim özüni oňaýsyz duýdy. Halypa mugallymyň
185
bitiren işleri, gazanan üstünlikleri hem şol arzuwy unutdyryp bilmändir. Hasyl bolmadyk, has dogrusy, indiden soň hasyl bolmak ähtimallygy nola deň bolan arzuwy arman bilen ýatlamak ýakymly duýgy
paýlanok. Başga gürrüň, eger-de şol arzuwyň hasyl bolmazlygynyň
sebäbi hakdaky pikirlerini paýlaşan bolsa, durmuşda üstünlik gazanmak üçin nähili hereketleri etmelidigini ündän bolsa, adamlaram ondan köp zatlar öwrenerdi. Başa barmadyk arzuwyny munça ýyllardan
soňra köpçüligiň öňünde ahmyr-arman bilen ýatlap oturmak gelşiksiz.
Bu eýýäm arzuwyny hasyl edip bilmeýän, daşyndan göräýmäge
ähli işi şowuna, emma içi harasatdan doly biriniň keşbini örboýuna
galdyrýar. Arzuwlary bökdeýän sebäpler we olary ýeňip geçmegiň
ýollary hakdaky pikirleriňi paýlaşsaň, bu hemmeleriň hoşuna gitjek,
göwnünden turjak gürrüň bolardy. Emma mugallym gyzykly we
gerekli zatlary däl-de, diňe hasyl bolmadyk arzuwyny ahmyr bilen
ýatlap oňdy.
Arzuw etmek gerek we ol gowy zat. Muňa garamazdan olaryň bolup bilmezlik ähtimallygyny hem göz öňünde tutmaly. Dolanyp gelmejek geçmişiň hiç wagt hasyl bolmajak arzuwlaryna örklenip galsaň,
agyl giňişligi aralykdan uzaga ýetip bolmaz. Arzuwlar, maksatlar bizi
uzak menzillere, beýik sepgitlere eltýär, emma hasyl bolmadyk käbir
arzuwlara gark bolup oturmak welin, bizi ukyp-başarnygymyza görä
doly hereket etmekden saklaýar. Üstesine, halypa mugallymyň geçen
abraýly zähmet ýoly, gazanan derejeleri, ýeten bagtly menzilleri, gursagyny dolduran şatlyklar, abraýyny artdyran üstünlikler, ýeten sepgitleri hasyl bolmadyk bir arzuwyň ahmyryny ýadyndan çykardyp
bilmändir.
Meýilnamalar beýle düzülmeýär, durmuş beýle gurnalmaýar. Ahmyr-armana ýugrulan ýol bagtyýarlyga eltmeýär. Sen diňe geçmişiň
bir möwsümindäki bir arzuwyň ahmyryna garylmak bilen özüňi ruhy
argynlyklaryň we hassalyklaryň girdabyna itekleýärsiň.
Şu sözi kim aýdanam bolsa dogry aýdypdyr: «Agyryly, ynjyly
sözleriň içinde «wah, käşgä men şeýle-şeýle etsemdim» diýen söz186
den agyryly ýaňlanýan başga bir söz ýokdur». «Käşgä»-lere daňylyp
ýaşamak ýüregi ýaralaýan we gutulmaýan dertlere ýolukdyrýan ýagdaýdyr. Çünki ol berjaý etmeli zadyna hötde gelip bilmändigini, içiniň
ahmyrdan doludygyny görkezýär. Bu oý-pikir ynsany hemişe geçmişe
dartyp durýar. Şol pursatda iň bolmanda, arzuwyň bir özüni ýatlaman,
nähili hereket edenliginde gowy boljakdygyny göz öňüne getirsedi,
täzeden girişmäge gaýrat we mümkinçilik tapyp, işiň başyna barsady,
onda ol ahmyr däl-de, umyt bolup ýaňlanardy. Ýöne paşmadyk arzuwyň
bir özüni ýatlap ýörmek, ahmyrlary ýatlamak bagtykeçligiň alamatydyr. Bir zady isläniňizde, ony arzuwa, arzuwy maksada öwreniňizde,
onuň bolup bilmek ähtimallygyny saldarlamak wajypdyr.
Köpimiziň ýaşaýyş hörpümiz şol adamyň durmuşy-dünýäsi
bilen juda meňzeş. Olar wagtyň köpüsini bimahal arzuwlara – birmahal geçip giden wakalara ahmyr edip geçirýärler. Ýere dökülen
süýt üçin gözýaş dökýärler. Hiç wagt gaýtaryp bolmajak zatlar üçin
endişä batýarlar. Wagtyň haçan-eýýäm düýrläp goýan kagyz letdelerini ýatlap, şikaýat edýärler. «Wah, käşgä, şeýle bolsady, menem
şol zatlary etsemdim» diýen ýaly ýüregiň ýarasyny gorjalaýan sözleri hem gaýtalaýarlar. Bu ahmyr ýüregi eýeledigiçe, beden özüniň
güýç-kuwwatyny, işjeňligini ýitirip ugraýar.
Many-netije çykarmak maksady bilen geçmişe garasaň bolar. Säwliklerden sapak almak, degerli netije çykarmak, durmuşa
peýdasy degjek çözgütleriň üstünden barmak üçin geçen wakalary
ýatlamagyň hiç hili aýby ýok, has dogrusy, munuň üçin şol wakalary
ýatlamak zerur. Ýöne oňa häli-häzirlerem ahmyr bilen ýuwdunyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.