Latin

Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33

Total number of words is 3820
Total number of unique words is 2009
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.3 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ybraýym Edhem töweregine göz gezdiripdir. Emma, hiç gara gözi
düşmänsoň, ýoluny dowam etdiripdir. Hälki kowalaýan towşanynyň
söbügine münüpdir. Dartylan kirşi goýberäýmeli pursady, ýaňky
pyşyrdy aýdyň sese öwrülipdir: «A-how, Ybraýym, düşünmediňmi,
sen munuň üçin ýaradylmandyň, saňa bu zatlar buýrulmandy».
Ybraýym Edhem atynyň jylawyny çekipdir, okly ýaýyny ýere oklapdyr-da: «Indi, düşündim, her kim näme üçin ýaradylan bolsa, onuň şol
ýolda yhlas etmegi gerek. Allanyň beren akylyny we ukyp-zehinini
gaýry zada sarp etmek – nygmaty yrýa etmek. Bu maňa gaýypdan
gelen ýatladyjy ses bolmaly» diýipdir. Şondan soňra Ybraýym Edhem
aw-şikar höwesini we gaýry lezzetleri bir ýana goýup, diňe ylym we
hakykat ýoluna düşüpdir. Döwrüniň iň keramatly adamlarynyň birine
öwrülipdir. Ol heran-haçan özüniň hak ýola düşmegine sebäp bolan
şol sesi öz şägirtlerine hem ündeýän eken: «Durmuşda her adamyň
bitirmeli öz wezipesi bar. Näme üçin ýaradylandygyňyza akyl ýetiriň
we özüňizi şol ýola bagyş ediň».
48. MÜŞGILLIKLERIŇ ÜÇ AÇARY
Bir adamyň hiç işi ugrukmaýan eken. Gije-gündiz tagat-ybadata
berilse-de, yhlasy kem düşýärmi, ýa-da nesibesi duşanokmy, garaz
503
hiç bolubermändir. Ahyry ol döwrüniň meşhur alymlarynyň biri, dili
dogaly ulama Muhammet al-Abiwerdiniň ýanyna baryp, başyny alyp
duran bu müşgilliklerden halas bolmagyň alajyny sorapdyr. Alym
ondan iň soňky gezek haçan sadaka berendigini sorapdyr. «Özümi
zordan ekleýän. Gün-güzeranym ýabygorly. Elimiň uzadan ýerime
ýetmegi beýle-de dursun, hatda bir lukmany agzyma hem ýetirip bilemok, bu ýagdaýda nädip sadaka bereýin. Käşgä weşeň-weşeň pulum
bolsa, onda başga gürrüň» diýip, ýere bakypdyr. «Ýeri bolýar, onda
iň soňky gezek haçan ýagşylyk etdiň?» diýip, alym ýene sorag bilen
ýüzlenipdir. «Öz derdime mübtela bolup ýörşüme, özgelere ýagşylyk
etmek pikiri asla kelläme gelmändir» diýip, ýigit göwünli-göwünsiz
dillenipdir. «Ýeri bolýar, mundanam geçeli, onda iň soňky gezek haçan kitap okadyň?» diýip, alym sorapdyr. «Kitaby soňky gezek elime
alanyma ýyl ýarym wagta bolandyr» diýipdir, ýigit bu gezek kanagatlanarly jogap berendigine ekezlenipdir. «Baý-boow, heý, beýle-de
bir zat bolarmy. Adam üç günläp kitap okamasa, onuň ýüregi poslap
başlaýar. Onsoň ol adam hiç bir şowlulygy hem, gowulygy hem görüp
ýa-da duýup bilmeýär. Halypamyzyň aňymyza guýan öwütleri bar:
«Eger bir işiňiz ugrukmasa, şu üç zadyň birini berjaý ediň, enşalla,
ähli düwünler çözüler» diýerdi. Şol üç zat: ýagdaýyň boldugyndan sadaka bermek, başardygyňdan ýagşylyk etmek we kitap okamak. Haýsysy ýagdaýyňa muwapyk bolsa, ýerine ýetiribermeli. Ana, şondan
soň işiň ugrugyp gidişine haýran galarsyň» diýip, jogap beripdir.
49. AMANATA WEPALYLYK
Abdylla ibn Mübärek hezretleri ylym öwrenmek üçin sapar-syýahata köp çykypdyr. Ýurt goramak üçin söweş-jeňe kän gatnaşypdyr.
Ol halalhon adam hökmünde meşhurdyr. Bir gün ol bir meseläniň
çözgüdiniň üstünde kän oýlanyp, teý-ahyr alajyny tapmansoň, ýol
şaýyny tutup, şol ugurdan döwrüniň sowatly, ussat alymlarynyň biriniň
ýanyna tarap – Şam illerine ýola rowana bolupdyr. Birnäçe aýlardan
soňra, şol alymyň huzurynda peýda bolupdyr. Söhbet mazaly gyzypdyr. Dürli meselelere degip geçipdirler. Gürrüňiň arasynda Abdylla
504
ibn Mübärek ussat alymdan az salymlyk galamyny bermegini soran
eken. Sebäbi, öz galamy gutarypdyr-da, bazara gidip-gelýänçäler
ep-esli wagt gerek bolupdyr. Bu täsirli jümlelerden, ähmiýetli maglumatlardan bolsa, asla aýrylar ýaly däl eken. Bu alymyňkyda birnäçe
gün myhman bolansoň, Abdylla ibn Mübärek ahyry öz iline – Merwe
dolanypdyr. Merwe gelip, aýagyny atyň üzeňňisinden düşüren wagty, elini goştorbasyna sokanda, şol ussatdan alan galamyna eli ilipdir. Ine, soralyp alnan amanat galam. Muňa birhili bolan Abdylla ibn
Mübärek şol pursat gaýtadan atlanypdyr we ýaňky galamy öz eýesine
gowşurmak üçin Şama tarap ýola düşüpdir. Ol ýere baransoň, halypa
alymdan ötünç sorap, galamyny oňa gowşurypdyr. Şeýdip, Abdylla
ibn Mübärek ýatdan çykaran bir galamy üçin şol menzilleri gaýtadan
geçmäge ýaltanmandyr.
50. GARYNDAŞLYK GATNAŞYGY
Gyşyn-ýazyn argyşa gidip, uzak menzilleri sökýän we
giden-gezen ýerlerinden del harytlar getirýän söwdagärleriň biri sowatly alym Abu Muhammet al-Bagawyny idäp gelipdir. «Ussat alym,
rysgalyň ondan dokuz bölegi halal söwdada» diýilýär. Nirä barsam,
gelsem, halal söwda etdim. Öz bähbidimi ileri tutup, kimdir birini
çürkemek meýli asla döremedi. Gije-gündiz ýortup, ýadawlygy ýada
salman, elimde baryny etsemem, haryt baryny getirip, horjun-horjun
dirhem-dinarlary toplasamam, munuň hiç bir berekedini duýamokla. Her gezekki argyşdan ummasyz girdeji galýan ýaly welin, gelen puluň nämä gidýänine akyl ýetirip bilemok. Şeýle ylgaýşyma,
ezenegim ýerden galaýjak ýaly welin, hiç bir täsiri bildirenok, sebäbi
näme bolup biler?» diýipdir. «Rysgalyň ondan dokuz böleginiň söwdada jemlenýändigi rast aýdylan söz, emma bereket diýip ýene bir zat
bar. Gepiň hörpünden aňlaýşyma görä, sen söwda öte gyzygypsyň.
Berekedi üpjün edýän zatlaryň iň esasylarynyň birini welin unudana
meňzeýäň» – diýip, alym dillenipdir. Bu jogapdan kanagatlanmadyk
söwdagär: «Men-ä berekediň halallykdan başga syry bardyr öýdemok. Ony hem mümkingadar ýerine ýetirýän. Bilmän goýberen
505
säwligim bolmasa, bilgeşlän ters ýola ýüz uran däldirin» diýipdir.
«Hak aýdýaň, köp säwlikler bilmezlikden döreýär, emma nämedir
bir zady bilmeýändigiň seni onuň jogapkärçiliginden boşadanok»
diýip, alym ardynjyrapdyr. «Sen söwda berlipsiň, halal pişä baş
urupsyň, emma garyndaşlaryň bilen gatnaşmagy unudypsyň. Islendik
zady iň bereketli zada öwürýän sebäp – garyndaşlyk gatnaşygy. Her
gezek gelip-gideňde, ýakynlaryň halyndan habar alyp, salama baryp
dursaň, eliňden gelen ýagşylygy edip bilseň, berekediň bahar ýagmyry ýaly guýlup başlajakdygyna şübhe bolmaz» diýip, ussat alym
jogap beripdir. Aýtmaklaryna görä, garyndaşlary bilen gatnaşmaýan
adamyň özünde hem, öýünde hem, tapdym diýýän rysgal-döwletinde
hem bereket bolmaýarmyşyn.
51. EZIZ ADAMLARY EÝ GÖRÜŇ
Günleriň birinde Mäne baba şägirtleri bilen uzak ýola sapara çykypdyr. Alymyň ýanynda ýol ugrunyň söhbedi hem ýa ylym,
ýa-da öwüt-ündew bolýar. Şeýle gürrüňleriň birinde Mäne baba:
«Başardygyňyzdan halaýan adamyňyza ýamanlyk etmäň. Özüňize
eziz adamlary eý görüň» diýipdir. Göräýmäge sadadan düşnükli söz,
emma bu öwüt şägirtleriň arasynda geň galyjylyk döredipdir. «Tagsyr,
ýamanlyk halamaýan adamyňa edilýär, halaýan adamsyna kim ýamanlyk edip biler?» diýşip, olar ýerli-ýerden sorag baryny ýagdyrypdyr. «Her kime iň eziz adam ilki bilen onuň özi. Boýun alsa-almasa,
her kim ilki bilen özüni eý görýär. Şonuň üçinem, ýazyga uçradýan
ýaramaz işlere mübtela bolmak özüňize ýamanlyk etmekdir» diýip,
Mäne baba bu hikmetli sözleriniň manysyny açyklapdyr.
52. BAÝEZIDIŇ HALYPASY
Her gezek Baýezit Bistamydan «Ömrüňde saňa iň ýiti täsir eden
adam kim?» diýip soranlarynda, ol şu wakany uly söýünç bilen gürrüň
berer eken. Waka şeýle bolupdyr:
Baýezit Bistamy hezretleri sähralygyň gyrasy bilen gidip barýarka öňünde özünden ýaşuly bir adama gabat gelipdir. Ýaşuly bir daňy
506
oduny arkasyna atjak bolup duran ekeni. Baýezit Bistamy ýaşulynyň
ýanyna baryp, oňa kömek etmek isläpdir: «Häzir men saňa kömek
ederin» diýipdir. Baýezit Bistamy keramatly adam. Ol sähralykda
gezip ýören ýolbarslaryň birini ýanyna çagyryp, ýaşulynyň odunyny
öýlerine eltip bermegi buýrupdyr. Ýolbars boýun sunujylyk bilen tagzym edip duran eken. Öwgi hemme kişä ýaraýar, Baýezit Bistamy
hem ýaşuludan: «Ýeri ýaşuly, şähere baraňsoň sährada nähili adamy
gördüm» diýip aýtjak?» diýipdir. Ýaşuly dikelipdir-de: «Men-ä şähere baramda bir ulumsy, zalym, öwünjeň adamy gördüm diýip gürrüň
ederin» – diýipdir. Baýezit Bistamy ör-gökden gelipdir: «Men-ä saňa
kömek edýän, sen bolsa maňa töhmet atýaň-la, sebäbi näme?» diýipdir. Ýaşuly: «Ilki bilen öz güýjüňe, ylmyňa, keramatyňa buýsanyp,
ulumsylyk edip, menden soramazdan, kömek teklip etdiň, ýolbarsy
çagyrdyň – bu ulumsylyk bolýar. Onsoňam ýolbarsyň arkasyna odunymy ýüklediň. Ýolbars ýük daşamak üçin ýaradylan haýwan däl, bu
seniň oňa zulum etdigiň bolýar. Onsoňam soňky soragyň bilen özüňi
öwmeklerini islediň, bu eýýäm öwünjeňlik bolýar» diýipdir. Baýezit
Bistamy sähralykda sataşan şol ýaşulyny özüniň iň beýik halypasy
hasaplapdyr.
53. SÄHETLI GÜNÜŇ SALGYSY
Ýyldyzlar we pelek (astronomiýa) ylmyndan iňňän sowatly bolan türkmen alymlarynyň biri Hebeş ibn Abdylla Hasyp al-Merwezi
ýüz töweregi ýaşapdyr. Ol ömrüniň agramly bölegini Merwdäki obserwatoriýada geçirip, bu ugra degişli birnäçe ylmy işleri ýazypdyr.
Şol döwürde halkyň arasynda sähetli we bisähet günler hakdaky
gürrüňler barha örç alan eken. Her kim ol ýyldyzyň haçan dogýandygyny bilmese-de, her günki etjek işinden howatyr edip başlapdyr.
«Sähedini bilmän başyna barsak, soňy bijaý gutaraýmasyn» diýşip,
haýyrly işlerini hem birbada goýbolsun edipdirler. Ahyry şu ugurdan
sowatly alymdan sorap görmegi müwessa bilip, Hebeş Hasybyň ýanyna barypdyrlar. «Bize sähetli günüň takyk salgysy gerek. Işlerimiz
507
barha ugrugyp gider ýaly, dogry wagty maslahat ber» diýip, bu ýerdäki jemende haýyş edipdir. «Onda, hergiz ýadyňyzdan çykmaz ýaly bir
ýere belläp alyň. Owaldan ahyra sähetli günler şeýle bölünýär. Siziň
bagt ýyldyzlaryňyz hem şoňa görä dogar: Haýyr iş üçin her gün sähet.
Ýaman iş üçin hiç günem sähet ýok» diýip, Hebeş Hasyp olara jogap
beripdir.
54. ÝÜZÜŇ NURY
Abulapbas Taýýyp Sarahsy ýüzi nurana adam eken. Bir gezek
ondan bu tapawutly nuranalygyň sebäbini, syryny-hikmetini sorapdyrlar. «Heniz ýaş oglan wagtym, goýunlary alyp, örä bakmaga
çykamda, öňümden ýüzi peşeneli bir ýaşuly çykdy. Ol ýüzüme dikanlap seretdi-de: «Ogul, ýüzüňde Hakyň nury bar. Ýazykdyr günä
bilen bu nury öçüräýmegin» diýdi. Bu söz maňa uly täsir etdi. Jahyl
ýigitkäm hem ýelgin höweslere başymy sämetmekden halas eden şol
duýgy boldy. Gündelik gazanç, kesp-kär bilen meşgullanamda hem
bu söz halallyga pugta eýermegime tekge boldy. Soň-soňlaram bir iş
etjek bolsam, şol ýaşulynyň aýdan sözleri ýadyma düşdi durdy. Her
etjek işimi ölçerip-döküp, saldarlap görüp, soňra başyna barýaryn.
Haýsydyr bir säwligiň ýa-da ýazygyň ýüzümdäki nury öçürmegini
islemeýärin. Çünki, adam näçe halal boldugyça, onuň ýüzi nurlanyp,
ýüregi barha röwşenlik tapýar» diýip, Abulapbas Sarahsy nuranalygyň sebäbini aýan edipdir.
55. ALADA
Müsüriň türkmen hökümdary Ahmet ibn Tulun ir bilen turup,
töwerege gezim eder eken. Soňra metjide baryp, karylaryň ol ýerde
Gurhan okaýşyny diňlär eken. Bir gün ol ýoldaşlarynyň birini ýanyna
çagyryp: «Şu dinarlary pylan ýerdäki ymama gowşur. Goý, bu pullary
alsyn we aladalaryny bitirsin» diýipdir. Ýoldaşy aýdyşy ýaly edipdir.
Gürrüň arasynda ymam täze perzende garaşýandyklaryny, aýalynyň
dogum wagtynyň golaýlandygyny, ýöne lukmana görkezere harjynyň
508
ýokdugy üçin gaty alada edýändigini ýaňzydypdyr. Ýoldaşy gelip
Ibn Tuluna bu wakalary gürrüň beripdir. «Ýöne onuň şeýledigini
soramazdan nädip bildiňiz?» diýip, ýoldaşy geňirgenipdir. «Düýn
göremde, ol Gurhany okanda arasynda käbir sözleri ýalňyşyp, aljyrap
okady. Öňler beýle däldi. Şondan çen tutup, munuň serinde başga
bir aladanyň köwsarlaýandygyny bildim. Sebäbi, başyňy alyp duran
zerur alada işe ünsli çemeleşmekden saklaýar» diýip, Ahmet ibn Tulun jogap beripdir.
56. MANYSY BIR, TÄSIRI TAPAWUTLY
Orta ýaşa ýeten adamlaryň biri Ymam Nesewiden sorapdyr:
«Tagsyr, ýaramaz endigimden hiç saplanyp bilmedim. Ýürekden
ökünsemem, şolardan-a el çekip bilemok, gaýta her gezek «gaýdyp
şu hereketi etmäýin» diýýän welin elim-aýagym şoňa dartylyp dur.
Meniňem abraý bilen il hataryna goşulasym gelýär. Heý, bir alajy
barmydyr?» diýipdir. «Ajaldan başga zadyň alajy bardyr, ogul» diýip,
Ymam söze başlapdyr. «Ýöne, aýt, etmişiňe ökünip, toba edeňde, şol işe
gaýdyp golaýlaşmajakdygyň hakda özüňe söz berip gördüňmi?» diýip
sorapdyr. Ýigit bu sowala: «Wah, her gün ýüzlerçe gezek äht edýän,
ýöne birine hem eýerip bilemok. Ýa amalyma yhlassyz çemeleşýän,
ýa ähdiň wepasyna az düşünýän» diýip, ýüzüni aşak salypdyr. «Ýeri,
onsoň, öz ýanyňdan nähili äht edýäň?» diýip, Ymam meselä has içgin
girişip başlapdyr. «Mysal üçin, gel, adamlaryň göwnüne degmäýin,
abraýyna dil, emlägine el uzatmaýyn diýýärin, emma köp wagt
geçmänkä kelläm ýene ýaňky pikirlerden doly, başga zat küýüme
gelenok, gaýry zat gözüme görnenok» diýip, ýigit öz bolşundan
zeýrenipdir. «Ine, ilkinji säwligiň şu ýerden başlanýar» diýip, Ymam
oňa düşündiripdir. Ýigit bu sözlere geňirgenipdir, soňuna çenli takat
edip oturyp bilmändir: «Heý-de, ýürekden edilýän ökünçde-de bir
nogsanlyk bolarmy? Niýetiňi ýagşa düwmek amallaryň iň gowusy
dälmi näme?» diýende, ymam oňa: «Hak aýdýaň, ogul, häsiýetiňi düzeltmäge ymtylmak Hakyň iň eý görýän zatlarynyň biridir. Emma her
509
gezek öz ýanyňdan «men gaýdyp ýalan sözlemäýin» diýseň, kelläňde,
seriňde ýalan söz hakdaky düşünje öwrüm eder durar, ogurlyk
etmäýin diýseň, ilki bilen ýadyňa ogurlyk düşer, göwnüne degmäýin
diýseň, pikiriňi ilki gurşaýan zat göwnedegme bolar. Bu ýerde
yhlasyňam kemter däldir, ýeterlikdir, emma söz bilen iş salşaňda seresap bol, hergiz ýaman-ýaramaz zatlary ýadyňa saljak sözler bilen äht
etmegin. Hiç wagt «göwnüne degmäýin» diýme, «mylakatly bolaýyn»
diý. Hiç wagt «ogurlyk etmäýin» diýme, «halal bolaýyn» diý. Hiç
wagt «ýalan sözlemäýin» diýme, «hemişe dogruçyl bolaýyn» diý. Hiç
wagt «şer işden daş duraýyn» diýme, «ýagşy işe ýakyn duraýyn» diý.
Hemişe sözleriň ýagşysyny, süýjüsini saýla. Diňe gowy zady ýadyňa
saljak sözleri saýla. Şeri ýeňip geçmegiň iň ygtybarly ýoly haýyrly
tarapyna artykmaç üns bermekdir. Her gezek ökünmek üçin öňki
häsiýetiňi ýatlasaň, şolary etmezlige çalyşsaň, sen bu hereketleriňden
asla saplanyp bilmersiň, emma «geçen geçdi, ol zatlar owarram bolsun, men indi her bir zadyň haýyrly tarapyna seretjek, diňe ýagşy
amallar etjek» diýseň, enşalla, ädimme-ädim özgerer bararsyň. Şonuň
üçin, ogul, saňa pent bolsun, şer işden daşlaşjak bolma, bu pikiri asla
ýadyňa salma, sen diňe ýagşy işlere öňküden-de has köp ýapyşjak
bol. Bu sözleriň ikisiniňem manysy bir, emma täsiri we netijesi düýpgöter tapawutlydyr» diýip, ymam Nesewi oňa özüňi nähili alyp barmalydygyny hem-de sözüň edýän täsirini düşündiripdir.
57. DIŇE ŞOWLULYK
«Ynsana ýagşy-ýaman, ugur-ugursyzlyk, şowlulyk-şowsuzlyk
garym-gatym edilip berlipdir. Gowusyna guwanyp, ýaramazyna sabyr
etmeli. Ýagdaýyň boldugyndan ýagşylyk etmeli. Galan zat öz akymy
bilen gider durar» diýip, märekede bir adam söz açypdyr. Emma ýaş
ýigitleriň biri bu söz bilen ylalaşmandyr: «Mende hiç haçan şowsuzlyk
bolanok, siziň bu pikiriňiz maňa-ha laýyk däl» diýipdir. «Sen neneň
şowsuzlykdan aman sypyp bilýärmişiň? Ýa asmandan inen melekmiň,
beýleki adamlardan saýlanar ýaly?» diýip, ýaňky gatyrganypdyr.
510
«Menem siz ýaly adam, emma mende hiç wagt şowsuzlyk bolanok.
Şeýle bir ýagdaýlar ýüze çykýar, olar meni öňküden-de taplap, ýene
üstünliklere ugrukdyrýar, şonuň üçin men olary hem şowlulyk hasap
edýärin» diýipdir. Bu düşünjeleriň haýsy birine ten berjegini bilmän
adamlaryň pikiri garjaşyp başlansoň, döwrüň sowatly adamlarynyň
biri Ymam Suhrawerdiniň ýanyna maslahat sorap barypdyrlar. «Iki
pikir bar: birinjisi, ynsan ömründe şowlulyk we şowsuzlyk garym-gatym ýüze çykýar, ikisi-de hökman duş gelýär» diýýär. Ikinjisi, hiç
wagt şowsuzlyk bolanok, hemişe işim ugruna ýa-da işimi ugrukdyrýan
sebäpler ýüze çykýar» diýýär. Bularyň haýsysy hakykata has ýakyn?»
diýip sorapdyrlar. Pir olara: «Ikisem dogry» diýip, jogap beripdir.
«O nädip ikisem dogry bolýarka, şol bir zadyň iki hakykaty, şol bir
meseläniň iki jogaby bolmaýar ahyry» diýşip, adamlar geň galypdyr.
«Durmuş meselesinde bularyň ikisem dogry, gaýta munuň üstüne
üçünji birinem goşup bolar. Siz durmuş hakda nähili pikir etseňiz, ol
size edil şonuň ýaly sereder. «Şowly-şowsuzlyk garym-gatym goýlupdyr, ikisini hem göräýmeli» diýseňiz, bu ikisi öňüňizden gezekleşip
çykar durar. «Meniň ömrüme uzaboýuna şowsuzlyk» diýse, öňünden
çykjak zat hem diňe şowsuzlyk bolar, gowy zady hem duýup bilmez.
«Mende hiç wagt şowsuzlyk bolanok, diňe üstünliklere ugrukdyrýan
ýagdaýlar ýüze çykýar» diýse, ähli mesele hut şeýle-de çözüler.
Wakalary nämä ýorsaňyz, durmuşy nähili görseňiz, ol hem size edil
şol düşünjä laýyk garar. Şonuň üçin bu meselede haýsysy has ýaramly
we ýakymly bolsa, şol jogaby hem saýlap alyp bilersiňiz» diýip, pir
olara durmuşyň bu hikmetini düşündiripdir.
58. ÖMRE ÝETERLIK PENTLER
Kubra hezretleriniň huzuryna şägirtlige höwesli ýigitler suw akyşy deýin üznüksiz geler durar eken. Onuň elinde ýetişen öwlüýäler juda
köp bolup, oňa «Welitaraş» ýa-da «Sanygul-ewliýa», ýagny «Welileri
ýetişdiriji» diýen dereje-lakam berlipdir. Säliklerden, ýagny şägirtlerden başga hem onuň hikmetli pentlerini diňlemäge ýakyn-alyslar511
dan gelýänleriň yzy üzülmez eken. Şeýle günleriň birinde Gürgenjiň
üsti bilen Merwe barýan kerwendäki jahankeşdeler piriň ak patasyny
almak hem-de onuň öwüt-nesihatyny diňlemek üçin şol jelegaýda goş
ýazdyrypdyrlar. «Hezretli pir, biz bir jahankeşde adamlar. Baran-gelen ýerlerimizden del haryt alyp, öz illerimize äkidýäris. Söwda-satyk edýäris. Ýurtlaryň ahwalyny, habaryny ýetirýäris. Kimden nähili
ýagşy söz, öwüt eşitsek, hemmeler bilen paýlaşýarys. Hemişe ýol
üstünde gezýän adamlar nämä meşgul bolsalar gowy? Bize şeýle bir
öwüt ber, goý ol öwütleriň hikmeti, täsiri bütin ömrümize ýeterlik
bolsun» diýip, haýyş edipdirler. Pir hezretleri bu gelen myhmanlaryň
raýyny diňlänsoň, olara şeýle nesihat edipdir: «Ömür ýeňil-ýelpaý
ötülýän menzil däl, emma şu alty amaly berjaý etseňiz, dünýäniň
ekin meýdanyna taşlan her bir dänäňiz juda hasylly bolar. Daýym
ýadyňyzda bolsun, adamlar köp işlemäge meşgul bolsalar, siz her bir
eden zadyňyzy gowy işlemäge meşgul boluň. Adamlar artykmaç ybadata meşgul bolsalar, siz ilki bilen möhüm borçlaryňyzy bitirmäge
meşgul boluň. Adamlar daşky keşbini bezemäge meşgul bolsalar, siz
içki dünýäňizi bezemäge meşgul boluň. Adamlar özgäniň aýybyny
gözlemäge meşgul bolsalar, siz öz aýybyňyzy düzetmäge meşgul
boluň. Adamlar haraba nebsini dikeltmäge meşgul bolsalar, siz synyk
göwünleri dikeltmäge meşgul boluň. Adamlar kimdir biriniň göwnüni
görmäge meşgul bolsalar, siz haýyrly amallar bilen Ýaradanyň ryzasyny gazanmaga meşgul boluň» diýipdir. Şeýdibem, piriň dogaýy
jümlelerini ömürleriniň baş şygaryna öwren jahankeşdeler bu hikmetli sözleri äleme hem ýaýypdyrlar.
59. AZYNDAN EÇILMEÝÄN,
KÖPÜNDEN BERMEZ
Gurby ganymat adamlaryň biri hökümdar Ahmet ibn Tulunyň
ýanynda ýagşylykdyr sadaka hakda söz açypdyr. «Şu wagt az-owlak
oňňudym bar, emma elim giňese, menem ile-güne ýagşylyk edip, sadaka berip başlajak. Hudaýyň rysgymy giňelderine garaşyp otyryn,
512
çyndan niýetime düwdüm» diýipdir. Hökümdar oňa: «Bilmedim
welin, sen rysgyň giňände hem sadaka berersiň öýdemok» diýipdir.
«Walla, şu-la meň çypbakaý-çynym. Şeýle bir höwes edýärin, niýetime görä bolsa, enşalla, hökman sahawat ederin» diýip, gurply adam
ynamly gürläpdir. «Niýetlerem iki dürli bolýar: çyn we ýalan niýetler.
Synym sowa düşmeýän bolsa, onda seniň ýüregiňe ýalan niýet
ornaşana meňzeýär» diýip, hökümdar oňa bakypdyr. «Ýalan niýetiň
bardygyny ilkinji gezek eşidýärin. Niýetiň orny ýürek bolar-da, heý
onuňam ýalany bolarmy?» diýip, gurply adam geň galypdyr. «Owaldan gelýän bir pähim bar. Adamyň niýetiniň dogrumy ýa-da ýalandygyny bilmek üçin şol pähime esaslanýarlar. Onda şeýle diýilýär:
«Käbir adamlar öz ýanyndan «eger-de mende şunça-şunça mukdarda
mal-mülk bolsa, menem şonuň pylança bölegini haýyr-sahawat etjek
diýerler, emma şonça baýlyga eýe bolanda hem ne sahawat eçilerler,
ne-de sadaka bererler. Sebäbi, şu wagtky iki teňňesiniň birini bermäge
dözmeýän adam, Allanyň eçilen iki müň teňňesiniň ýaryny ýa-da ondan birini bermäge ýürek eder öýdýäňizmi? Azyny gysganýan adam,
köpünden asla bermez» diýilýär. Şonuň üçinem rysgyň giňemegini
isleýän bolsaň, ýa baryňdan eçilmegi öwren, ýa-da derrew niýetiňi
üýtget. Onsoňam, hak bendesi rysgynyň giňeýändigi üçin eçilmeýär,
ilki baryndan eçilýändigi üçin Alla onuň rysgyny giňeldýär. Sebäbi ol
öz amaly bilen niýetiniň çyndygyny subut edýär» diýip, Ahmet ibn
Tulun oňa düşündiripdir.
60. DAŞLARYŇ ARASYNDA
GÖWHER BAR...
Märekede oturan adamlaryň biri obanyň beýle çetinde ýaşaýan
biriniň üstünden düşüpdir. «Şol adamy hiç sulhum alanok. Gabat
gelişsek, Taňry salamyny gysganmasam-da, şondan aňry bir söze-de
geçip bilemok, beýle-de bir ýaramaz adam bolar eken. Goňşulary hem
şondan halys-bizar bolupdyr» – diýip zeýrenipdir. «Ol gowy adamdyr,
ýöne biz gowy tarapyny görüp bilmeýän bolmaly» diýip, şol ýerde
* 33. Sargyt № 975
513
oturan ussatlaryň biri – Ybraýym as-Suly dillenipdir. «Aý, ýok, şol-a
durky-zanny ýaramaz bir zada meňzeýär. Ol ýaramaz adam» diýip,
ýaňky adam per bermändir. «Ýaramaz adam bolmaýar, ýöne ýaramaz
häsiýetler bolýar. Käbir adamlarda şeýle häsiýet artygrak bolup biler,
ýöne bu onuň durky-düýrmegi bilen erbetdigini aňlatmaýar. Ýüregi
daş ýaly diýjeksiň, emma gymmatbaha göwherler hem daşlaryň arasynda ýatýar – onuň hökman bir gowy tarapy bardyr. Hergiz ýürekde
adama bolan kine götermäň. Sähel kine köňül gözüni kör edýär,
onsoň her bir zadyň gowy tarapyny görmekden mahrum galýarys.
Güman bolsa käte agyr günälere-de eltip bilýär. Geliň, şu günden
başlap, onuň diňe gowy tarapyny gözläp başlalyň, şonda daşlaryň astynda basyrylgy ýatan göwherleriň üstünden hökman bararys» diýip,
Ybraýym as-Suly jogap beripdir. Bu sözlerden soňra ýaňky adam
toba edip, gümandan daş durjakdygyna söz beripdir.
61. BIR SÖZDEN YBARAT TERBIÝE
Heniz beglik derejesine çykmanka Ymadeddin Zeňňi harby
tälimçi we atabeg eken. Atabegler öz şägirtlerine dürli ylymlary
we harby sungaty birkemsiz öwredip, olary durmuşa ählitaraplaýyn
taýýarlar eken. Şonuň üçinem türkmeniň atabeglik mekdebi gaýry
halklara hem nusga, görelde bolupdyr.
Bir gezek Ymadeddin Zeňňi öz şägirdiniň çydamlylygyny taplamak üçin ony dürli synaglara sezewar edipdir. Arkasyna agyr
daşlary alyp, olary baýryň depesine daşamagy buýrupdyr. Soňra
heniz demini dürsäp ýetişmänkä, ony jeňňele, tokaýa äkidip, ýabany haýwanlar bilen başa-baş darkaş gurmagy tabşyrypdyr. Özi hem
golaý-goltumynda durup onuň her bir hereketini, özüni alyp barşyny
synlapdyr. Halys ysgyn-mejaly galmadyk şägirdine Ymadeddin Zeňňi
bary-ýogy ýekeje sözi gaýta-gaýta ýaňzydar eken. Diňe şol sözüň özi
şägirdiniň her bir işe çydamly çemeleşmegine, ruhdan düşmezligine,
ýene gylaw tapyp, gara güýjüne we sagdyn akylyna daýanyp, öňe okdurylmagyna sebäp bolar eken. Her gezek şägirdi «mundan aňyrda
514
mejalym ýok» diýen terzde halypasynyň ýüzüne dikanlap bakanda, Ymadeddin Zeňňi oňa: «Çyda, ýene azajyk çyda» diýer eken.
Şägirdi hem halypasynyň ynamyny ödemek üçin her gezek «ýene
azajyk çydar» eken. Şeýdibem, bary-ýogy birje sözüň – ýene azajyk
çydamagyň gudraty bilen şägirdi bir günde birnäçe işiň hötdesinden
gelipdir. Gün ikindiden aganda Ymadeddin Zeňňi şägirdini ýanyna
çagyryp: «Her wagt özüňi ýadaw ýa argyn duýsaň, ýa-da nämedir bir
zada hötde gelmek çetin düşer öýtseň, «ýene azajyk çydaýyn, azajyk
gaýrat edeýin» diýip, ýadawlyga-da, ýaýdanjaňlyga-da per bermän,
öňe dyzasaň, hökman iş bitirersiň. Üstesine bu ýagdaý soňra endige,
häsiýete öwrülip galar we barha kämil bolarsyň» diýipdir.
62. BU DONY HEMMELER GEÝER...
Soltan Ýemineddöwle Mahmyt ibn Söbüktegin ogly Mesudyň
gymmatbaha lybaslara bürenmegi eý görýändigini bilende, ony ýanyna çagyryp: «Oglum, seniň bu geýen donuňy hemmeler hem geýip
bilýär. Tirme guşak, gonçly ädik, jöwher hanjar ähli ýerde tapylýar.
Sen hiç bir hazynada tapylmaýan we hiç kimiň aňsatlyk bilen geýip
bilmeýän donuny geýmäge, şol dona ýaraşyk guşagy dakynmaga
mynasypsyň. Şol dona bürenseň, gelşigiň has artar» diýipdir. «Bulardan zyýada lybas nähili bolýar?» diýip, Mesut kakasyndan sorapdyr.
«Ol takwalyk, halallyk, sap ýüreklilik we yhlaslylyk donudyr» diýip,
soltan Mahmyt ogluna pent beripdir. «Hiç bir hazynada tapdyrmaýan
bolsa, ol donlary, lybaslary nireden nädip gazanyp bolýar?» diýip,
Mesut gyzyklanypdyr. «Munuň üçin dört zady unutmazlyk gerek.
Islendik ýagşy häsiýetiň we salyh amalyň özeninde şu dört zat çarh
kibi aýlanyp durandyr. Ilki bilen islendik zada girişmeziňden ozal,
ol iş hakda habaryň, bilimiň bolsun. Näme edýändigiňe akyl ýetirip bilmeseň, gazanjak netijäň haýryndan zeleli artyk bolar. Ikinjisi,
islendik amala girişeňde ýagşy we mäkäm niýet bilen başla. Her hereketi ymykly ýüregiňe düw. «Her kim niýetine görä gazanar» diýlen
pähime eýer. Üçünjisi, işe girişeňsoň, daýym ümzügiň öňe bolsun, bir
515
başlan işiňi orta gürpünde taşlama, soňuna çenli alyp çyk. Dördünjisi,
işe, amala halys ýüregiň bilen ýapyş. Sowuk-sala baş urmak göwün
halar netijä eltip bilmez. Şu zatlary amal etseň, seniň zynatyň, syratyň
öňkülerden has zyýada bolar. Egninde halallyk lybasy bolan ynsan
halkyňam, Hakyňam sylagyna eýe bolar» diýip, soltan Mahmyt ogly
Mesuda nesihat beripdir.
63. ÜZÜLMEJEK ÝÜP
Mäne baba bir gün öz şägirtlerini synagdan geçiripdir.
Olaryň okap, öwrenen zatlaryny hakyky durmuş ýüzünde neneňsi
özleşdirýändiklerini bilmek isläpdir. Ýogsam, diňe bir şägirtler däl,
galaba adamzat bir zada gyzygyp, diňe şoňa dümtünip oturyşyna,
käteler durmuşyň başga taraplaryny gözden salaýmasy hem bar. Olaryň
ählisine şol bir ýumuş buýrulypdyr. Ýumuşlaryň biri hem obalara we
şäherlere siňip, mätäç adamlara ýagdaýyň boldugyndan kömek etmek,
olaryň müşgilliklerini çözmäge ýol tapyşmak, göwünlerini göterip,
ýaşaýşa ruhlandyrmak, täze umytlara we maksatlara höweslendirmek eken. Elbetde, ýumşuň şerti birmeňzeş bolsa-da, olaryň her
biriniň muňa özüçe çemeleşjekdigi düşnükli. Birnäçe wagtdan soň
şägirtleri arasyna salym salman, yzygiderlilikde piriň bosagasyndan
ätläpdir. Her biri öz başdan geçiren, duçar bolan wakalary hakda pire
gyzygyp-gyzygyp gürrüň beripdir. Mesele çözmegiň, il-güne nepagatly bolmagyň inçe ýollary, öz ulanan tilsimleri, ukyp-başarnyklary
hakda söhbet edipdirler. Mäne baba bularyň her birini dykgat bilen
diňläpdir, ýogsam onsuzam şägirtleriniň ahwaly pire aýan eken. Ýöne
söhbetdeşiňi diňläp bilmek iň uly edep saýylansoň, pir ahyryna çenli
baş atyp, makullamak bilen gulak asar oturar eken. Olaryň her biri
özleriniň gabat gelen meselesine özboluşly usul bilen çemeleşipdir:
biri mylaýym sözi ileri tutsa, beýlekisi diňe erjelligiň netije berýändigini ýaňzydypdyr. Ýene biri käte söze bat bermegiň, äheňe haýbat
garmagyň hem netijeli usuldygyny nygtapdyr. Ýeri gelende, gaharyny
getiren adamlaryň hem ýek-ýarym duşandygyny ussadyndan gizläp
516
oturmandyrlar. Diňe Mäne babanyň huzuryna täzeräk gelen şägirtleriň
biri öz öňünden birjik-de ýaramaz adamyň çykmandygyny hem-de
çözülmän galan meselesiniň ýokdugyny aýdansoň, beýleki şägirtleriň
arasynda az-kem gowur artyp başlapdyr: «Heý-de köpçüligiň içinde
sagy barka, sökeli, akyllysy barka, dälisi bolmazmy? Ilçilikde her
töwra adam hökman gabat geläýmeli. Bu sözleriň-ä birneme badyhowa görünýär» diýşipdirler. Emma ýaş şägirt gürleýiş hörpüni üýtgetmändir. «Meniň üzülmejek ýüpüm bar, nirä uzatsam ýetýär. Men
hemişe şoňa ýapyşýaryn we maksadyma ýetýärin» diýipdir. Beýleki
şägirtler bu söze ör-gökden gelipdir: «Seniň juda gögeledigiň aýan
boldy. Hiç wagt jadygöýlüge bil baglamagyn, halanýan häsiýet däldir» diýşip, ýüzlerini kese sowupdyrlar. Pir hezretleri bolsa, bu
bolýan wakalara myssa ýylgyryp oturan eken. «Men bu ýerde jadygöýlük hakda asla dil ýaramok, aňymda, oýumda beýle pikir asla
köwsarlamasa näme?» diýip ýaş şägirt geňirgenipdir. «Ýeri, onda
seniň ol göze görünmeýän ýüpüň näme bolýar? Biz-ä seni boýnuň
urganly-ýüpli görmedik» diýşip, şägirtler ýerli-ýerden oňa sorag
baryny ýagdyrypdyrlar. «Meniň hiç wagt üzülmeýän ýüpüm – ynanjym we imanym. Bir ýola düşsem, ýa-da islendik bir işe ýapyşsam,
başarjakdygyma ýürekden ynanýaryn. Çünki, halypamdan öwrenen
pentlerimiň birinde «Eger-de siz ýürekden ynansaňyz, siz hiç wagt
ejizlemersiňiz we hiç wagt gamgyn hala düşmersiňiz, hemişe üstün
bolarsyňyz» diýilýär. Şeýdibem, men şol ynam ýüpünden ýapyşyp,
islendik ýere ynam bilen arkaýyn barýaryn» diýipdir. Bu sözlerden
soň beýleki şägirtler heniz öwrenmeli we özleşdirmeli zatlaryň gaty
kändigine düşünipdirler.
64. BARYBIR BOLJAK BOLSA...
Günleriň birinde Käbä goňşuçylykda oturan Mahmyt
Zamahşarynyň ýanyna birnäçe adam baryp, ondan maslahat sorapdyr.
«Siz nädip dünýä pitiwa etmän, hiç zady piňe alman, gaýgy-gamsyz,
arkaýyn ýaşap bilýärsiňiz? Biz-ä şu günkümizi tapsak, ertiriň aladasy,
517
gaýgysy bilen garabaşagaý bolýarys. Siz bolsa örän asuda. Üstesine-de,
biz-ä uzakly gün hysyrdanybam, bir doýumlyk owkat edinýäris. Siz
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
  • Parts
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 01
    Total number of words is 3584
    Total number of unique words is 2047
    29.9 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 02
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2077
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 03
    Total number of words is 3623
    Total number of unique words is 2039
    28.2 of words are in the 2000 most common words
    41.2 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 04
    Total number of words is 3643
    Total number of unique words is 2063
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.3 of words are in the 5000 most common words
    46.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 05
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2122
    28.1 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 06
    Total number of words is 3687
    Total number of unique words is 2141
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 07
    Total number of words is 3695
    Total number of unique words is 2165
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    39.2 of words are in the 5000 most common words
    45.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 08
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2139
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 09
    Total number of words is 3665
    Total number of unique words is 2099
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 10
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2110
    28.0 of words are in the 2000 most common words
    40.9 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 11
    Total number of words is 3583
    Total number of unique words is 1913
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    46.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 12
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 1989
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 13
    Total number of words is 3788
    Total number of unique words is 1992
    29.0 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 14
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 1979
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 15
    Total number of words is 3704
    Total number of unique words is 1893
    29.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 16
    Total number of words is 3666
    Total number of unique words is 2093
    26.1 of words are in the 2000 most common words
    38.9 of words are in the 5000 most common words
    46.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 17
    Total number of words is 3717
    Total number of unique words is 2169
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    37.0 of words are in the 5000 most common words
    43.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 18
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 2267
    24.4 of words are in the 2000 most common words
    36.8 of words are in the 5000 most common words
    43.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 19
    Total number of words is 3610
    Total number of unique words is 2163
    25.0 of words are in the 2000 most common words
    36.1 of words are in the 5000 most common words
    43.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 20
    Total number of words is 3676
    Total number of unique words is 1991
    27.7 of words are in the 2000 most common words
    39.6 of words are in the 5000 most common words
    45.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 21
    Total number of words is 3582
    Total number of unique words is 2136
    26.0 of words are in the 2000 most common words
    38.6 of words are in the 5000 most common words
    45.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 22
    Total number of words is 3700
    Total number of unique words is 2154
    28.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 23
    Total number of words is 3653
    Total number of unique words is 2093
    25.4 of words are in the 2000 most common words
    36.0 of words are in the 5000 most common words
    42.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 24
    Total number of words is 3740
    Total number of unique words is 2155
    29.2 of words are in the 2000 most common words
    42.2 of words are in the 5000 most common words
    48.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 25
    Total number of words is 3844
    Total number of unique words is 2040
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 26
    Total number of words is 3794
    Total number of unique words is 2094
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 27
    Total number of words is 3777
    Total number of unique words is 2062
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 28
    Total number of words is 3731
    Total number of unique words is 2125
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 29
    Total number of words is 3773
    Total number of unique words is 2019
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 30
    Total number of words is 3592
    Total number of unique words is 2019
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 31
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2100
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    53.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 32
    Total number of words is 3752
    Total number of unique words is 2095
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    44.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 33
    Total number of words is 3820
    Total number of unique words is 2009
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 34
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2085
    32.1 of words are in the 2000 most common words
    44.3 of words are in the 5000 most common words
    51.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 35
    Total number of words is 3810
    Total number of unique words is 2135
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 36
    Total number of words is 3743
    Total number of unique words is 2119
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 37
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2103
    28.6 of words are in the 2000 most common words
    41.7 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 38
    Total number of words is 3801
    Total number of unique words is 2037
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 39
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2140
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 40
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 2156
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Halallyk kyssalary-2018`Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 41
    Total number of words is 2500
    Total number of unique words is 1561
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.