Latin

Topraga duwlanan ägirt - 30

Total number of words is 3800
Total number of unique words is 2318
32.5 of words are in the 2000 most common words
45.5 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dökün zawodynyň çykarýan zäherli tüssesiniň 35-50 kilometre ýaýramagy adamlaryň
arasynda keselçiligiň köpelmegine,pomidor,hyýar,erik,şetdaly ýaly ekinleriň guramagyna
getiripdi.Hut şonuň üçinem ol Kosmosd arassa howadan dem alardy,türkmende ilkinji
bolup uçanlaryň biri diýdirerdi.Arman ol bu barada öňräjik pikirlenmändir)
Telegörnüşiň sesi haýalam bolsa,alňasap gelen Güller :
-Waý,enaýy-da gyz,henizem ýataňokmy?-diýip,Aaltymyradyň gapdalyna,ejesinden
alan diwanynyň üstüne çökdi-Bu taýy asuda,howasy hem arassa.
–Güller jan, Büzmeýin sement zawodyny göçürdiler,baýryň ýüzüne bag
ekdiler.Mary welaýatyna seredeniňde bu ýeri elhalyrak .Munda hem öňler çala şemal
öwüsse äpişgäni ýapyp oturmaly bolýardyk.
–Oňa derek biziň Sakarçägämiziň howasy hapa,dälimizem köp.Biz oňa
öwrenişipdiris.Bu ýeriň arassa howasyna öwrenişip bilmän, ýarym ýyllap kelläm agyrdy
durdy, hapa howa halys uýgunlaşyp gidipdirin.Bir enaýydyr görseň.
–Güller jan,Çary däli kakamy göz öňüne tutýansyň sen!?Ol däli däl,ylym
uran.Bilmeýän zady ýok.Gaýgysyz Atabaýyň kerpiç zowodynyň hapaçylygyna taşlanan
248
heýkeline tagzym edýär,”Şu gerçek bolmadyk bolanda biz başga bir ýurdyň welaýaty
bolardyk”diýýär.Azat zawody barada bolsa,onuň ikinji nobatdakysyny gurjaklar,onsoň
keselçilik hasam azalar.
–Waý,enaýy-da gyz.Güýçli adamlaryňam gowşak taraplary bar-diýip,Güller
ajymtyk ýylgyrdy-da,nazaryny bir nokada dikip,pikirini tassyklaýan mysallary gözledi,
soňundanam-Däli diýilýänler,belki özüne düşünmeýänlerden gaçýandyr!?-diýdi.
–Dogry aýdýaň,Güller jan.Çary kakam “däli bolsoň dünýä seniň goluňda,hatda
dişine çenli ýaraglanan goşunyň hem bar,edeniňe däl diýýän ýok,däli bolmadyk durmuşa
düşünmez” diýýär..Käbirimiz göräýmäge mähirli,mylaýym,emma ýoldaş bolsaň gyňyr,
gaharjaň.
–Waý,enaýy-da gyz.Ýöne,ýaman bilen ýagşydan başga-da gapma-garşylyklar bar.
–Meselem, adamlaryň çaga meňzeşleri bar diýýänsiň?
-Ýok,ezizim,olam däl.Elektrik togunda goşmak bilen aýyrmagyň boluşy ýaly,şu
ikisini özünde jemleýänlerem bar.
–Güller jan,kimi göz öňünde tutýarsyň?Menimi?
-Waý enaýy-da gyz,men-ä ýöne aýdaýdym.
–Wah,jana-janym,sen muny ýönelige aýtmaly-ha däl.
-Alty,ýylyň towuk eken-ä?!
–Belki,towukdyr,dogrusy men-ä ony seljerip hem ýöremok.Özümiň näçe
ýaşandygymy,haçan dünýä inendigimi maňa ejem aýtdy,sen pylan wagt,pylan ýerde gije
sagat pylançada doguldyň diýdi.Ol aýtmadyk bolanda meniň dünýä inmegim bilen
barlygym sorag astynda bolardy.Dogulmak,dünýä inmek...Bir ýerde okadym,men ozal
iki gezek dünýä inipdirin,birinde pil,beýlekisinde pälwan bolup.Diýmek,başlangyjym
bolupdyr,soňum hem bolmaly.
–Towuk it bilen oňuşyp,ýaşaşyp bilmeýärmişin.
–Belki,şeýledir.Salpy
gulak
itimiziň
towuklarymyzy
jyrraldýanyny
görýädim.Ýeri,onsoň,näme diýjek bolýaň,ezizim?
-Men diýjek bolamok,şu kitapda okaýan zadymy aýdýaryn-diýip,Güller ýassygyň
aşagyndan çykaryp, galyň bolmadyk täleýnama kitaby görkezdi-Alymlaryň gelen
netijeleri şeýle.
–Ýogsa-da,bu sorag nireden döredi,ezizim?
-Ýylym it bolansoň aýdaýdym.
–Aý,o zatlara ynanyp ýörmesene,ezizim.Ejemiň ýyly it, kakamyň ýyly ýylan,ikisi
hymy-symy etmän ýaşapdyrlar.Ýöne ejem käte”it ýalan sözlänok,kümürsik däl, emma
ýylan kümsügräkdir”diýýänini bilýän.
–Ikimiziň
täleýimiz
bilen
gyzyklandym-da,soraýdym.Ýogsa-da,ine,kagyzgalam,ýokarky möwzükde bir surat çekip ber,barlap göreýin !
-Ol nämä gerek,ezizim?
-Soň bilersiň...
Altymyrat Gülleriň sözüni ýykmajak bolup,bagyň şahasyndaky towuga üýrüp duran
itiň şekilini çekdi.Surata sereden Gülleriň gül ýaly ýüzi çytyldy,gamgynlandy,bir surata
bir Altymyrada seretdi-de,içini çekip:
-Waý,enaýy-da gyz,muňa seret?Bagyň üstündäki towuk başga göwün berenligiň
alamaty hökmünde görülýär-diýdi.
–Hawa,dogry ezizim,men bir saňa göwün berdim.
–Towuk ýerde bolan bolsa seňki dogry diýerdim...
–Ezizim,aýdýanyň näme?Düşünýän däldirin.
249
–Iti üýrüp duran edip çekipsiň,olam kalbyňda başga bir zenana orun berenligiňi
aňladýar.Goý,ol şeýle däl diýeli,men saňa şeýdip üýrüp duramog-a?
-Ezizim,sen bu ýere nireden geldiň?
-Ýylymyň itligini bilmedik bolan bolmasana! Wah,Alty jan,bu kitapda ýazylanlar
müňlerçe adamlaryň synagyndan geçip ýazylandyr-diýip,Güller kitap elinden alynjak
bolunýan ýaly ony bagryna basdy.
–Aý,men-ä,ezizim çek diýeňsoň,degişip çekäýdim.Ýylyňy bilib-ä etmedim.
–Oň ähmiýeti ýok,meni netije gyzyklandyrýar –diýip,Güller ýaňagyndan syrygyp
gaýdan ýaşyny ýaglygy bilen süpürdi.
–Ezizim,tükezzubana tutmasana,bar,men muny çekmän ekenim-dä!-diýip,Altymyrat
kagyzy ýyrtyp,gapynyň agzyna taşlady-da,içinden”Öz-ä surat çek diýip,kel başymy
kelpelä sokýar,menem oňa günäkär” diýip,pikirlendi.
Güller bolsa ”Towugyň şahada bolany hiç diýseňem,itiň asmana bakyp üýrmegi
onuň ýüzüniň perdesini sypyrýar”diýip,galagoply ýagdaýa düşdi,başga bir
tarapdanam”Ol ir bilen ýanymdan gidýär,agşam gaýdyp gelýär-de,öýdenem
çykanok,onsoň göwnigaralyk ermäge hiç hili esas hem ýok,ýöne,täleýnamany ol
ýazmady,ony akylly-akylly adamlar,beýle meselelerde çorba sowadan bilermenler
ýazandyr”diýse-de,bu wakany aňyndan çykaryp bilmedi.Ol bolaýýarmy näme?Kitaby
elýetmez ýerde gizlese-de,ýene eli şoňa baraýýar.Onuň“it hiç bir jähtden towuk bilen
nikalaşmaly
däl,ikisiniň
gatnaşygy
gowulyk
bilrn
gutarmaýar”diýilýän
ýäzgylar,beýnisine dürtülip dur.Onsoň ol kitabyň bir ýerini açyp:
-Alty,ine şuny oka!-diýdi.
–Hawa,okadym.Näme diýjek bolýaň?
-Saňa at ýylynda doglanlar,maňa towşan ýylynda doglanlar gabat gelýär ekeni.
–Ezizim,bulary kelläňden zyňyp taşla!
-Bu ýazgylaryň ömri müň ýyldanam geçýär..
–Biz birek-biregi ýürekden söýüp,birek-bireksiz oňup bilmejegimize gözümizi
ýetirip,birleşdik ahyr,ezizim.
–Kitapda söýgi barada hiç zat aýdylmaýar.
–A-na,gördüňmi!Ezizim,biz ikimiz uzak-uzak ýaşap,alty ogly,alty gyzy dünýä
inderip,on iki çagamyza guwanyp,bagtly ýaşarys!-diýip,Altymyrat Gülleriň
aýdýanlarynyň dogrylygyna gözüni ýetirse-de,syryny bildirmejek bolup gelnini
gujaklady.
-Waý enaýy-da,gyz. Ony kim bilýär,öňüni görüp gelen ýok-diýip,Güller uludan
demini aldy,birdenem bu sözi diline getirmeli däldigine düşündi.Ýok,ol beýle diýmeli
däldi,hoş gepläne hoşal etmelidi.(Tötänlikde agzyndan çykan söz soň-soňlaram onuň
bagryna batyp,birahat edip geldi.Asyl görüp otursa,ol beýle diýmek bilen”Bäş ýyl bileje
ýaşaşarys,soňunam görüp gelen ýok”diýen ýaly bir zat aýdan ekeni.Oňa soň-soňlar göz
ýetirdi)
Gije olar uzak wagtlap uklap bilmediler.Altymyrat sagyna agdarylsa”Dogrudanam
täleýnamada ýazylanlar ýapa degýärmikä?Ol dogry gelýän bolsa nätjek? Ýok, ýalandyr.
Ýalan hem bolsa,çynam bolsa maňa-ha başga gelin gerek däl,goý,ýyly it,bolsun,at
bolsun,tapawudy ýok”diýen pikir kellesine gelýär,çepine agdarylsa ”Beýem
diýme,belki,at ýylda doglan bilen has-da gowy ýaşarsyň?Sen ony barlap
gördüňmi?”diýen pikir gününe goýanok.Güller bolsa,saga-çepe agdarylsyn”Men beýle
diýmeli däldim.Alty haýsy ýyl bolanda-da,ýumşak,mylaýym oglan,içenok,
çekenok.Ondan gowy saňa kim gerek?Meň özüm ony söýüp,onuň bilen durmuş gurmaga
250
razy boldum,çünki onuň özüne göwniýetijiligi,mertebesini saklap bilişi,pynhanlyk
hemrasyna sypaýyçylykly hem-de hormatly çemeleşişi bendi etdi.Hyjuwlary
güýçli,imrindiriji,olam özüniň kalbynyň ganatlanmagyna täsir edýär.Gabanjaň,ýöne ol öz
ejiz tarapy hasap edýär.Ony mekirlik edip tora düşürmek kyn,çünki akylly hem
öňdengörüji.Garrylygyň jümmüşine çenli onuň bagtyýar,hyjuwly nikasy bolar.Ilkinji
çagamam bagtly bolar ”diýen pikirler beýnisini mynçgalaýar...
Ertesi,säher bilen seslerini çykarman çaýlaşyp otyrkalar, olaryň depesinde, güňlenç
uçara meňzeýän gyzyl ary,özüni nirä urjagyny bilmän alakjady.Ol akja sapak ýaly geçip
barýan günleriň birinde açyk gapydan giren bolmalydy,indem köp sanly çyralara gonjak
bolup iki ýana urunýardy.Al-a ary ekeni,hat-da garynja görse-de gorkýan Güller
ylgaşlap,ýatýan jaýyna girip gitdi.Aşak-ýokary galýan bu aryny Altymyrat öldürip hem
bilýärdi,emma kebelek tutýan toryna saldy-da,jaýdan çykaryp goýberdi...
Pikirlenip oturan Altymyradyň ruhy nirädir bir ýana seýrana çykan ýaly boldy.
Ýagny ol,görülip-eşidilmedik başga bir älemde peýda boldy-da, töweregine syn etdi,soň
nazaryny asmana gönderdi.Has-da ýokarda bir ýerde ýaşyl-gök-mawy öwüsýän,üýtgeşik
owadan Ýeri gördi.Onuň sagynda Aý,çepinde,ýokarda,has daşda Gün ,onuň daşynda-da
dokuz sany tos-togalak zatlar bar.Uçara meňzeş äpet ganatly,gün şöhlesine gözüňi
gamaşdyrýan asmanyň Kosmos gämisi hem onuň beýle ýanyndan, gaýmaklaýan
gözýetime tarap geçip barýar.Bu uçaryň eýesiniň Gagarin ýaly biriniň bolmalydygyny
görmese-de bilýär.Gäminiň yzyndan haýdaşlap barýan gyzyl ary”Sen meni
syladyň,menem seni gara deşikden halas ederin”diýip,samyrdap barýar. Bu täsinliklere
haýran galyp durka,birden hol aşakda,iki elini aýaklaryny gerip, gaýyp ýören göwresine
gözi düşdi,has dogrusy,onuň ruhy gaýyp ýören göwresini gördi.Munuň özi tümligi
böwsüp çykan ýaly bir zatdy.Göwre el-aýagyny galgadyp(edil suwda ýüzeniňde öňe
gitjek boluşyň ýaly) özüne çekip barýan,doýmaz-dolmaz Gara deşikden daşlaşjak
bolýar,käte ol başardýaram,emma “Waý,ejejan-eý”,”Waý kakamjan-eý”diýip,gidip
barýanlaryň käsi bady bilen kakyp,ony ýene özüne sorýan deşige golaýlaşdyrýar.Onuň
ruhy gara deşigiň ölümdigine düşünýär. Birdenem:”Jan balam,ýör meniň
bilen”diýip,ejesi ony ýany bilen alyp barýar.Edil gara deşige gidäýmeli bolanda,onuň
ruhy köp sanly dogan garyndaşlarynyň biriniň adyny tutup”Kömek et”diýip gygyýar.Şol
pursat agasy Orazberdiniň güýçli eli ony gara deşikden hol beýläk zyňyp goýberýär.
Dere batyp pikirinden açylan Altymyrat,gorkuly wakanyň düýşidiginem,huşudygynam
bilip bilmedi,bir zada welin,özüniň gara deşikden alynyp galynanyna welin begendi.
Muny aňynda saldarlap”Hudaýa şükür!Alla jana gurban bolaýyn.Ol meni ölümden halas
etdi,ýüzde müň şükür”diýip,””gara öýde gaplaň gürlärini”edip hüňürdedi-de,tarsa
ýerinden turdy. Görse,ýokarda hälki gyzyl ary ýene-de güwläp,nirä gonjagyny bilmän
ýör.”Men ony çykarypdym ahyryn”diýip,pikirlenen Altymyrat gözüni ýumdy-da, täzeden
açdy,görse,ary ýok,ýöne bir ýerden ses eşidilýän ýaly.Bulary aýyl-saýyl edeýin diýip
garanjakla-sa,gapynyň agzynda aglap duran Güller bar.
–Näme boldy,Güller jan?
-Hiç zat –diýip,ol gözüniň ýaşyny eliniň arkasy bilen syldy-da,sözüni dowam etdiUmuman,bolan zad-a ýok,ýöne agşam düýşümde bir eýmenç wakany gördümde,perwana boldum..Göwnüme bolmasa sen gidip barýamykaň diýýän,ezizim.Şöhradyň
aşa ýokary galdy,duşmanyň köpeldi,garşyňa çykýarlar.Şoňa howpurganyp oýanypdyryn.
–Menem ýaňy täsin ýagdaýa düşdüm. Ýöne sen zatdan gorkma,gursakda hyjuwym
lasyrdaýarka,bagtymy dünýä ýaýradýan gözelim barka, alňasan ajal meni almaz.Altymyrat bulary diline getirse-de, wejeraly wakadan gorkmanam durmady.
251
–Ezizim,sen indi daşyňdan çekeräjik duraýsaň nädýär?Asyl Ýopanlarda hem işiň
ýok.Seni ýanymdan sypdyrasym gelenok.
–Güller jan,oda düşmesene.Maňa hiç zat bolanok-diýip,ol ýalan sözledi-Dogry,seni
ýekelliligiň üstesine agyraýaklygyň aljyradýandyr,gorkma.Ejem dokuz çaga
dogurdy,gorkmandyr-a.Aýallar nesil öndürmek üçin dünýä inipdirler ahyryn.Senem köp
çaga dogur,sagdyn bolarsyň.Ýadyma düşýär,Kakajan kakam pahyr mydam meni
arkasyna alyp götererdi,sagbolsyna derek menem bilmän onuň arkasyny öllärdim.Kiçi
bolsaň ululardan galan egin-eşikleri,aýakgaplary geýmeli bolýardym,şeýdip,ejemiň
onsuzam ýeterlik çykdajylaryny birneme azaltýardym...
Gülleri şeýdip köşeşdirýänem bolsa
kalbynyň galagoplugy ony aljyradyp
barýar.Göwnüne bolmasa wagt bolmalysyndan has çalt geçýän,durmuşam gözüniň
alnynda üýtgäp,ýykma-ýykylma hözürini görýän ýaly. Ýöne,ýaşlygyna garamazdan käbir
adamyň uzak ömründe edip bilmejek işini edenligini duýmaýardy ,hat-da ol barada hiç
mahal hiç ýerde dil hem ýarmandy.Bä,onuň kellesinde peýda bolýan pikirler
näteňet?Näme üçin ol uzak ýaşlylar bilen özüni deňejek bolýar?Dogry,ýalançydan
doýma ýok diýleni.Segsen ýaşan Tyrry kakasyndan ýaşyny sorasaň”Uçup barýan guşuň
kölegesinde kölegelän ýaly”diýýär.Beýik Magtymguly aýtmyşlaýyn”Her näçe ýaşasaň
ýeriň ýüzünde,Adam ogly baş gün duza myhmandyr”.Ýöne şony hem manyly,
mazmunly,il-günüňe peýdaly ýaşamagy başarjak bolmaly,”gury gelip boş gitmeli”
däl,yzyňda azda-kände yz galdyrmaly,nesilleň seni ýatlar ýaly etmeli.Ol ony
başardygyndan edýärem. Dogry, ilkinji ýeňişleri çaksyz ruhlandyryp,özüne bolan
buýsanjyny artdyrypdy,käte çalaja döşüne kakan ýerlerem bolupdy.Käbirleri”Şöhrata
kowalaşmagym kämilleşmegime kömek edýär,sebäbi öz şöhratyma laýyk boljak bolup
gije-gündiz hars urýaryn”diýýär.Dogry,olam oňa çalaja aşyk bolupdy.Şöhraty gowy
görmek ýaranjaňlykdan-a elhal bolsa gerek.Özüňi söýüp,ýaramaz gylyklardan daşlaşsaň
hasam elhal bolmaly.Jurnalist Hydyr Amangeldi(Bedew,46,1993)”Ine,Altymyrat
Orazdurdyýew üçünji gezek dünýäň çempiony boldy.Bu dilde aňsat.Bol-telkilikde,zadyň
aladasyny etmän,ers-mers bolup ulalan pyýadalaryň arasyndan saýlanyp çempion
bolaýmak ýeňil-ýelpaý iş däl.Siz entek türkmeniň yssysyny,depesinden awy sepilip
ýören pagta meýdanlaryny,Altymyrada ýöne bir türgenleşmäge mümkünçilikler
döredilen zalyňam ýokdugyny üstüne goşuň.Emma,tüweleme,iner ýigit tutuş türkmeniň
adyny sport älemine indi dördünji gezek jar edip gelýär.Elbetde,şol kilogramlary
götermek üçin irginsiz zähmet çekileni belli zat,ýöne şöhrada ýetmäge bolan isleg,hyjuw
şol agyr daşlaryň näçerägini göterdýärkä?Göwnüme,eger Altymyratda şöhrada aşyklyk
bolmasa, şol çempionlyk eýgertmejek ýaly.Sebäbi ýaryş gyzyp,mesele sähelçe kilograma
dirände adama gaýry bir gaýrat gerek.Sähel götünjekledigiň,ol ägirt daşlar biliňi
ýoljak.Emma ol barýar, ähli güýç-gaýratyny jemleýär,Allany çagyrýar, dyzaýar,
göterýärem,çempionam bolýar.”Çempion”-bu at,beýle şan-şöhrat seniň ähli azabyň
öwezini dolýar...Onda,şöhrada kowalaşmak gowy häsiýetmi?...”diýip,şöhrat baradaky
pikiriniň bir bölegini beýan edýär...
Altymyrat şöhrat meselesinde ýalňyşýanlygyna düşünip,özüne”Sen kim?Ilden
näme artyk ýeriň bar?Döşüňe kakmaga hakyň barmy?”diýen soraglary berdi.Kalbyny
gozgalaňa salýan şeýle pikirleri özünden başga bilýän hem ýokdy,hat-da Güllerem ony
bilmeýändir öýüdýärdi.Başarsa ol ili üçin saýaly bag bolup,şatlyk paýlajak,säheriň
sowujak gyrawuna olaryň ýüzlerini ýuwdurjak, gapysynda eken güller ýaly,howanyň hoş
ysyna atyryny sepelejek,üstüne gonan ýadow guşlaryň kuwwat-güýjüni jemläp,gögüň
aňry başyna galyp,ýollaryny dowam etmegine goltgy berjek,garaz, ömrüne goşulmajak
252
bişeýkel günleriň az bolmagy üçin hereket etjek.Şonuň bilen birlikde ol özüne ýakyn
adamlaryň sagdyn,bagtly ýaşamagyny,nesilleriniň(özi ýaly dokuz dogan bolmasalarda
azyndan bäş-alty çagaly bolmagyny)öz ýeten derejesine ýetmegini,ýakynlaryny
gynandyrjak hereketlerden daşda bolmagyny arzuw etdi.Ejesi pahyryň”Iller ýagşy,biz
ýaman,iller bugdaý,biz saman”diýen ýörelgesinden ugr aldy.Ejesi käte bilini galdyryp
bilmän oturandyr,emma “Keseli iş ýeňer”diýerde, ir säherde ýaşýan soňky ýyldyz
bilen,giç agşam
dogýan ýyldyz bilen salamlaşyp gününi aýlar...Bular
dogry...Ýöne..Ýöne,näme üçin soňky günler düýşüne gara reňkler,gara gargalar kän girip
ugrady?Häzirki ýaly Gara deşikli düýşi ýylyň başynda hem görüpdi,ine,indi ikinji gezek
doýmaz-dalmaz Gara deşik onuň mazasyny alýar.Eýsem,muňa nähili düşünmeli?Ýa
çeýnemeli
çöpüniň
süregine
ýetäýdimi-kä?Käte
keýpiniň
gaçyp,ýüreginiň
gysmagy,oturara ýer tapmazlygy nämeden?Birden düwünli gussa gaplanyp,katra gözýaş
dökmegi,ejizlik siliniň arzuwyny ýykmagy,umytsyzlyk odunyň hyýalyny ýakmagy
nämeden?Onuň beýle hala düşýänligini Güller aňýan bolmaly,“goşmak-aýyrmagy
özünde jemleýäniň barlygyny” dile getirmegi,”Ölüp barýarmykaň”diýipdim
“diýip,howpurganmagy,eýsem şony aňladmaýarmy!? Hawa,ol gorkuly düýşüni iň
ýakynyna aýtmalydy,aýtman ýalan sözledi.Bu onuň ömründe ikinji gezek ýalan
sözleýşi.Birinji gezek daş götermek oýnuna gaty gyzygyp ýörkä,ejesiniň”Balam
jan,sygyrlara suw görkezdiňmi?”diýen soragyna hawa diýip jogap berip,ýalan
sözläpdi.Şonda ejesi”Jan balamyň ýalan sözlemejegini bilýän”diýipdi.Eý-ho,bu sözüň
agramyny diýsene,depäňden basyp ýegşerdip barýar.Şuňa çenli söz diýilýän zadyň beýle
ýowuzdygyny bilmändi.Çökder bolanlygynda asyl ol çekip-çydardan mähnet ekeni.Ejesi
ýene bir gezek soraýdygy ol hökman dogrusyny aýtjakdy,emma ol “Balam jan,ýalan
sözlemez”diýdi-de,bedreleri alyp sygyrlara suw görkezmäge gitdi...
-Güller jan,azajyk gezim etjek,ýagyn ýagýan-a däldir?
–Waý,enaýy-da gyz.Daşaryk seret,gün ýaldyran dur.
-.Asyl şeýlemi?-diýip,sagada sereden Altymyrat hammama ylgady,ýuwunyp bir
käse kofe owurtlady-da-Gülüm,sen ölümden gorkýarmyň?-diýdi.
–Waý,enaýy-da gyz,berýän soragyň nätüýsli ?Ondan gorkmaýan barmy?Ýöne adam
gezip ýörkä ölümden alysda bolýar,ölensoň bolsa ölüm ondan alysda bolýar,şon-a bilýän.
–Düşnükli.Indi meň wagtym boldy.Gelýänçäň,sen özüňi aýagyn...
Hawa,ol Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlaryna ugramak
üçin Moskwa barmalydy.Ýaryşa 42 döwletiň sportçylary gatnaşýardy,şolaryň arasynda
Orta Aziýa döwletleri bilen bir hatarda Türkmenistan hem bardy.Hirosima şäheriniň
ýolbaşçylary sportyň uşu,kabbadi ýaly görnüşlerini,oýunlara täze goşulan döwletleriň
käbir milli oýunlaryny ýaryşyň düzüminden aýyrmak,ýaryşa gelýänleriň,
türgenleriň,jurnalistleriň wiza almak baradaky talaplaryny öňe sürdi.Öňler Aziýanyň
Olimpiýa Geňeşiniň tassyk etmeginde gatnaşýan sportçylaryň atlary ýazylan resminama
ýeterlikdi.Geňeşligiň Küweýtde geçirilen mejlisinde wizaly mesele çözülipdir,sebäbi
haýsydyr bir resminama üçin ýüze çykjak gep-gürrüňiň özleri üçin peýdaly däldigini
ýaponlar düşünipdirler.Şeýlelikde,Türkmenistandan diňe Altymyrat ýaryşa gatnaşmaly
edildi,ýogsam ýeňil atletikaçylar,şol sanda dzýu-do,sambo boýunça Türkmenistanyň
çempiony,pälwan ýigit Annagurban Annaorazow hem gitmelidi.Soňky pursatda ol
serişde ýok bahanasy bilen ýaryşa goýberilmedi.
Altymyrat gullukdaş dosty bilen bileje oturdy,pikir alyşdy,gazanan üstünliklerini
sorady,ol bolsa “Bildirilýän ynamy ödejek bolýaryn.Göwnüme bolmasa şol mahal
türkmeniň abraýy diňe saňa bagly ýaly bolup dur.Özüm-ä başardygymdan tamany
253
ödemäge çalyşýaryn.Geçen ýyl Nijniý Nowgorodda
dünýä boýunça klublaryň
arasyndaky ýaryşda ikinji ýer aldym,10-12 sentýabr aralykda geçen ýaryşda
Türkmenistanyň çempiony boldum,şol aýyň aýagyna Kanada
dünýä ýaryşyna
gitmelidim,pul ýok bahanasy bilen gidip bilmedim,indem ine,ýene ýaryşdan
galdyrýarlar”diýip jogap berdi.Sport ýolbaşçylarynyň bu meselede geleňsizlige ýüz
urmaklary nebsiňi-janyňy agyrdýardy.Güýçli oglan-gyzlarymyzy ýaryşlara çykarmaga
şert döretsek,biziň abraýymyz,şöhradymyz üçin gowy bolardy ahyryn diýesiň gelýär...
Altymyrat ilki Moskwa bardy,iki günden soňam niredesiň Hirosimo diýip uçara mündi...
--2—
Uçar on dört sagatdan soň Hirosimanyň üstünden iki-üç aýlow berdi-de,şäheriň
günorta böleginde ýerleşen menzile gonmaga başlady.Ýokardan,Hirosimanyň içinden
eriş-argaç bolup geçýän ýedi derýanyň suwlary dogup gelýän güne ýaldyrap,dürli
reňklere bölünýärdi.Altymyrat gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldy-dan ünsüni sowup,başga
ýerlere seredip ugrady.Asmandan şäher adaty şäherlere meňzeýärdi,göni
köçeleri,maşynlaryň tükeniksiz akymy dowam edýärdi.Mundan elli ýyldan azyrak wagt
ozal,has dogrusy 1945-nji ýylyň awgust aýynyň 6-na,ir bilen sekiz sagat on bäş
minutda,şäheriň üstüne atom bombasynyň taşlananlygyny aňladýan alamatlar göze
ilmeýärdi.Dogry,haçanda sportçylary awtobuslar bilen alyp gidenlerinde,olary garşylan
terjimeçi,säheriň orta gürpünde,giň köçäniň sag ganatynda asly aýlow görnüşinde üç gat
bolan,ýöne häzir çep we sag ganatlarynyň bir gaty ýykylyp,ortasy we depesiniň gupbasy
abat galan,Atom jaýy” diýip atlandyrylan,amerkanlaryň atam bolbasyny taşlanlygynyň
subutnamasy hökmünde ýykylman saklanyp galan harabany görkezdi-de:”Elli ýyl
wagtyň geçenligine garamazdan atom şöhlesinden,gan zaýalanmadan ölýanleriň sany
henizem dowam edýär.Çaga dogurýan ýaş gelinler özleriniň ilkinji dogurýan çagalarynyň
betnyşan,(ýeke gözli,bir aýakly,goşa kelleli)bolup dünýä inmeklerinden gaty
gorkýarlar,şeýle çaganyň dünýe inenini görseler özlerine el gatýarlar.Bomba şäheriň baş
etrabynyň,Hakusima,
Hoimaty,
Fudzimite,Sendemati,Kusumaty
etraplaryň
ortasyna,Temmegawa bilen Otogawa derýalarynyň arasyna taşlandy.Bu gyrgynçylyk köp
bolsun diýilip ýörüte edilen iş.Bomba taşlanan ýerde elli ýyllap hiç zat gögermez
diýdiler,emma köçeleriň gyrasyndaky meýdançalara serediň,öňki gögerýän otlar indi
görnüşlerini üýtgedip,ýene çykyp başladylar”diýip,ol ýarym-ýalta rus dilinde
düşündirdi.Terjemiçi myhmanhana alyp barýarka Altymyrat “Gyssagly jaň
etmeli”diýip,oňa
ýüzlendi,olam
oglanlary
ýerleşdirip
kömek
etjekdigini
ýaňzytdy.Aragatnaşyk jaýy asyl birinji gatda ýerleşýär ekeni.Çaga dogurýan gelinler
baradaky gürrüňi eşidip,Altymyrat ot-elek bolaýdy,gyssagly Gülleriň halyndan habar
alasy geldi,çaga bolupmy,bolan bolsa Gülleriň ýagdaýy,dogan çaganyň ýüzi-gözi nähili
anyklamak gerekdi.Bolsa-da ony kän garaşdyrmadylar.Aňyrdan Aýgözeliň sesi çykdy.
-Doganjygym senmi?Toba essagpyrulla,dünýäň aňry ujundan jaň edýänsiň?
-Salowmaleýkim,Aýýa eje!Güller nähili?
-Inim jan,buşluk,ogluň boldy.Bäbegiň ýaşy uzyn bolsun.Gülleriň ýagdaýy hem
gowy.Ýaňy ejesi onuň yzyndan keselhana gitdi.
–Taňryýalkasyn,Aýýa eje!Meni gaty begendirdiň.Çaganyň ýüzi-gözi abatdyr-a?
-Gül ýaljak,saňa meňläp duran bäbejik.Adyna näme dakmakçy bolýarsyň?
-Ady Maksat bolar,maksat edip ýetenim...
–Adynyň eýesi bolsun,berdim diýip berdigi bolsun!
254
-Aýdanyň gelsin Aýýa eje.Nesip bolsa bir hepdeden bararyn,galanynam
maslahatlaşarys.Güllere,gaýyn eneme salam aýt.
Begenjine guş bolup uçýan Altymyrat ylgap, myhmanhana geldi.Ol 1991-nji ýylda
SSSR-iň agyr atletika boýunça 65-nji çempionatynyň çempiony(100 kg agramda)Igor
Sadykow bilen bir otagda bolýardy.Boýy Altymyratdanam uzyn hem daýow Igor ony
göterip,otagyň içine üç ýola aýlap çykdy-da:”Mende Fergana üzüminden ýasalan çakyr
bar,gel,ogluňy ýuwaly”diýdi.Emma ogul ýuwmak miýesser etmedi.Olaryň baryny
ýygnap,ilkinji nobatda şäheriň ýadygärliklerine aýlamak üçin alyp gitdiler.Ilkinji nobatda
olaryň iň ulusyna-atom aýylgançlygynda ýok bolan müňlerçe adamlaryň hatyrasyna
döredilen ýadygärlige bardylar,baş egip,gül desselerini goýdular.Şäheriň günortasyndaky
Hidzi dagynda atom bombasynyň adamlara edýän täsirini öwrenýän ylmy-barlag
edarasynyň ýerleşýänligini,eger isleg bildirýän bar bolsa ulag aladasyny etjekdigini
ýaňzydan terjimeçi,soňundan:”Gowusy oňa gitmäliň .Ol ýerden günde diýen ýaly
ölenleriň jesetlerini ýakmak üçin alyp gaýdýarlar”diýdi-de, soň“Atom öýi”diýilýän
harabalyga alyp bardy.Bu ymarat 1905-nji ýylda çeh arhitektory Ýana Meseliň
taslamasy esasynda gurlup,onda şäheriň Söwda-Senagat palatasy ýerleşipdir,indi bolsa
atom bombasynyň ýetiren zyýanyny görkeziji we bigünä ölenleriň doganlyk mazary
hökmünde,dikeldilmän,medeni ýadygärlikleriň hataryna goşulypdyr.
Ýadigärliklere
aýlanýan
sportçylaryň
arasynda,amerikanyň
“Ýunaýted
press”agentliginiň Tokiodaky habarçysy “Iki sany atom bombasyny taşlasak Koreýada
dowam edýän dawalaryň soňuna çykarmyka?Siz atom bombasynyň ejirini çekenler
soragyma dogry düşünýänsiňiz!?”diýip terjimeçä ýüzlendi.Sportçylaryň köpüsi ýigrenç
bilen habarça garadylar.Terjimeçi bolsa “Bomba taşlasaňyz dünýäde özüňiziň ýeke-täk
güýçlidigiňiziň,edeniňizi edip,goýanyňyzy goýýanlygyňyzyň subutnamasy bolardy,ýöne
şondan soň dünýäde Siziň ýurduňyza bolan ynam gaçardy,ýigrenjem artardy”diýip jogap
berdi.Beýik Watançylyk urşy gutarandan soň,hiç kime howp salmaýan parahat ilatyň
üstüne atom bombalaryny taşlap,olaryň ýüz müňlerçesini ýok eden,iki esse gowragyny
maýyp-müjrük eden ýurduň habarçysynyň,ýopanlaryň mertebesini kemsidiji samsyk
soragy bermegi ýaryşa gelenleriň gaharyny getirdi.Ol öz ýurdynyň bu aýlganç herekedi
üçin nämeleriň bolup geçenini bilmän duranak ahyryn.Şol sebäpli bolsa gerek,ol
adamlaryň gözüniň öňünde öz mertebesini peseltdi,terjimeçiniň mertebesini basgylajak
bolsa-da,gaýtam ,onuň ýokary galmagyna sebäp döretdi. Mertebäniň nämedigini bolsa
Altymyrat çagalygyndan bilýär.Ýadyna düşýär,pagta ýygyp ýörkä,uçar bilen depesinden
awy sepilenýän günleriň birinde, mekdebe kino getirdiler.Ol awy sepýänler üçin
getirlipdi.Ejesi bilen olam kino görmäge bardy.Kinoda duşmana ýesir düşen esgerden,
gulluk edýän bölüminiň ýerleşýän ýerini aýtmagy talap edip gynaýardylar.Esger urga
çydap bilmän aýdaryn öýdüp,kemeri bilen özüni asýar.Bu görnüş Altymyrada gaty erbet
täsir etdi.Soň-soňlar ol özüni şol esgeriň ornunda goýup gördi,netijede kalbynda
çylşyrymly soraglaryň peýda bolmagyna getirdi.Bir tarapdan ol esgeriň herekedini goldady,beýleki tarapdanam dünýäde janyňdan eziz zadyň ýoklugyna çaga düşünjesi we
durmuş tejribesiniň azlygy bilen seretdi.Eger ölümden başga gorkuly zadyň ýoklygy çyn
bolsa,soralýan syry aýtmaýanlygyň üçinem öldüriljek bolsa,onda ony aýan edeniň gowy
dälmi?Aýan edip ölmän galaýsa,ol mertebeli adam bolup bilermidi?Şular ýaly soraglara
jogap tapyp bilmän“Näme üçin esger özüni öldürdi?”diýip,ejesinden sorady.”Jan
balam,esger syry aýtsyn-aýtmasyn,barybir ony öldürerler”diýip,ejesi jogap
berdi.Diýmek,syr bilinenden soň ol barybir öldüriljek eken-dä?Ejesiniň jogaby
ýalňyşanlygyna göz ýetirmäge kömek etdi,şonuň üçin hem ol öz-özüni ýigrenip,ýaňky
255
esgeriň herekedine bolsa guwandy. Wagtyň geçmegi,durmuş tejribesiniň artmagy bilen
mertebe,wyjdan, ygrar , utanç haýa ýaly düşünjeleri özüniň esasy ýörelgesine öwrüldi.Ol
kiçijik-kä,kakalary bazardan gelýän bir topar çaganyň yzyndan ýykylypsürşüp:”Gelýärler-ä,gelýärler”diýip barşyny,özüniň kakasy bolmansoň beýlekileriň
bagtlaryna şärik bolşuny ýatlasy gelenok .Onuň özi indi kakalyga ýetişdi...
–Bu ýerde agsak-togsak,keşpleri kemli adamlara duş gelmedik-diýip,Igor terjimeçä
ýüzlendi.
–Oňa duşmarsyňyz,birinjiden-ä ep-esli wagt geçdi,ikinjidenem,ölmän galan
çydamly, geçirimli,sada,agyr gününi hudaýdan görýän,tenleri kemli,ýüzleri başly
zenanlarymyz,ýaş ýigitler,hiç kime kemini görkezmejek bolup Okinawa ýaly köp sanly
adalara gidip ýitirim boldular,amerkanlaryň “peşgeş”beren dertleriniň garşysyna
başardyklaryndan,hiç kimden kömege garaşman göreşdiler...
Altymyrat günorta naharyny edinensoň,myhmanhanada ýerleşýän türgenleşik
meýdançasyna
bardy.Ertir
ýaryş
başlanýardy,bolmanda
iki-üç
sagat
türgenleşmelidi.Ýapon ştangasynyň ele ýakymlylygy,maýyşgaklygy,çeýeligi ony haýran
galdyrdy,sogrulyp-sogrulyp aňsat aýrylýan daşlary diýjekmi,tyýpmasyn diýip eliňi tutýan
ýeriň büdür-südürligi diýjekmi,garaz,ştanga hili boýunça hemme taraplaýyn öňki
görýänlerinden
tapawutlydy,birhili
özüne
çekijidi,ýadatmaýardy.”Ine,türkmen
oglanlaryna şular ýaly ştanga gerek!Bularyň iň bolmanda birini alyp bolaýsa-dy,ýaşlar
bilen oglum Maksatjanam türgenleşerdi”diýip pikirinde aýlady-da, türgenleşigi dowam
etdi.Bir görse,”ÝUSAKA” ady bilen dünýä belli sport harytlaryny öndürýän zawodyň
dukany hem şol ýerde ekeni.Özi ýaly sportçylar belen onuň içine aýlanyp ýörkä,
ýygnalyp,götermäge taýýar edilen täzeje ştanganyň ýanynda sakga durdy.Ondaky daşlara
göz gezdirip,iki ýüz kilo bolaýsa gerek diýip pikirlendi-de,egilip,ştanga elini
ýetirdi.Birdenem ,agramy ýok ýaly edip ony ýokary galdyrdy-da,ýuwaşlyk bilenem öňki
ýerinde goýdy.Onuň bu herekedi dukanyň içindäkileri aňk etdi.
Şol bada häki terjimeçi ylgap geldi-de “Sizi başlyk çagyrýar!” diýip,Altymyrady
yzyna düşürip,dukanyň düýbünde ýerleşen bir kaşaň otaga alyp bardy.Şu gün
meýdançada dabaraly ýagdaýda türkmen baýdagyny galdyrmaga gatnaşan,egni gyrmyzy
donly,başy ak silkme telpekli Altymyrat, türkmen däp-dessury boýunça jaýyň
bosagasyndan ätlände”Essalowmaleýkim”diýip salam berdi-de,terjimeçiniň yzyndan
girdi.Şu ýerde bir täsin waka bolup geçdi.Ägirt uly deri oturguçda oturan orta
boýly,hortap,kyrk ýaşlaryndaky adam syçrap ýerinden turdy-da,”Eý-waý,doganjygym
geläýipdir”diýip Altymyrady garsa gujaklady.Nämäň nämedigine düşünip bilmän galan
Altymyrat bir-ä,öz gujagynda aglaýan epeý adama,birem terjimeçiniň ýüzüne
seretdi.Terjimeçi öz gezeginde”ÝUSAKA” zowadynyň general direktory,professor Klyç
baý Halyl ogly”diýip,ony tanyşdyrdy,”Menem türkmenistanly sportçy Alty Orazdurdy
ogly”diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Alty,inim,saglykmy?Meni bagyşla,ýaňy daş göterişiňi äpişgeden gördüm-de,beýle
pälwan bilen habarlaşaýyn diýip,ýanyma çagyrdym.Asyl sen ildeşim ekeniň.Şu ýaşyma
çenli adyny eşitsemem türkmeni ilkinji gezek görýärin,tolgunjyma saklanyp
bilemok.Kakam pahyr türkmenim,türkmenim diýip,atom bombasynyň şöhlesinden ejir
çekip,ýaňy-ýakynlarda dünýesini täzeledi.Seni görüp bilen bolsa gör,nähili gowy
bolardy,arman...
–Kakaňyzyň ýatan ýeri ýagty,dünýäsi abat bolsun!Siz türkmençe gowy
gürleýärsiňiz...
256
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 31
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.