Latin

Topraga duwlanan ägirt - 15

Total number of words is 3905
Total number of unique words is 2334
31.1 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aňladýan alamat,ýagny,meniň dawa etmek islemeýänligimi aňladýar.Eger kimdir biri
bilen söweşmeklik zerurlygy seniň ar-namysyňa,at-abraýyňa zeper ýetirmekligi bilen
“baglanyşykly” bolmazdan ýüze çyksa,onda “Bu”diýmeli,baglanyşykly bolsa “Budo”diýmeli.Birinji jümle söweşe girişmezden ötri otur,pikir et we hökmany zerurlyk
bolmasa gönümel gyzylýumryga girişmeklige gezek berme diýildigi bolýar...Adatça,ýaş
beden hyjuwly,adalatly bolýar,garşylyklara,kynçylyklara,men-menlige duş gelse
eýmenýär.Eger şeýle ýigit karate sungaty bilen utgaşsa onda ol onuň häsiýetini
gowulandyrar,ol wepadarlygyň,adalatyň goraýjysyna öwrüler...
–Taýagyň iki ujy bar ahyryn,dost jan?!
-Ol dogry.Eger ýaş beden rehimsizlige sataşyp,olam karete bilen utgaşsa,ol jemgiýet
üçin howply bolup biler.Seň hälki bolşuň ýaly,pikir etmezden ýumrugyňy öz ugruna
goýberseň,gerekli-gereksiz ýerlerde ulansaň,onda öz-özüňe duşmançylyk etdigiň
bolar,dost-ýarlaryňy ýitirersiň.Dogry,menem seň bolşuňa düşünmedim.Edil beýdäýer
ýaly men saňa zat diýmedim-ä?
-Dost,bagyşla.”Iglyje,agzy emziklije” sözüň taryhy bar.Dogry,men iglije
boldum,alty ýaşyma çenli ejemi emip geldim,ýöne käbir adamlar ony meniň çetime
degmek üçin köp gaýtaladylar.Şondan bärem ony eşitsem gaharym geljek bolup
dur.Ýogsam,indi düşünip ugraýan welin,bu ýerde gahar getirer ýaly zadam ýok ýaly...
–Çagalykdan galýan häsiýetler hemmämizde-de bardyr...
–Ol mende bar-da,dost jan.Kakam,dünýä inmänkäm ýogalypdyr,ýüzüni
görmedim,ýetim ösüp-ulaldym.Deň-duşlarym:”Kakamy gowy görýärin,ol meniň bilen
oýnaýar,ýany bilen işine alyp gidýär,maşynyna mündirýär”diýse kemsindim.Ejem jan
maňa kaka ornuny tutdy,ýöne,bilýäň-ä,eje-eje bolýar,öýüň keşigi,mal-gara,çagalaryň
aladasy.Saňa mydam eli degip duranok.Şu günlerem meni gowy tanamaýanlar
käte”Kakaň nirede işleýär?”diýip,soradyklary agym tutýar.Ýene näçe wagtdan bu
häsiýetimiň aýrylyp gitjegini bilemok.Ejem jan diri wagty ýarym ýetimdim,geçen ýyldan
bäri bolsa doly ýetim galdym.-diýip,Altymyrat ýüzüni sallap dymdy.
–Hawa,eje ýaly mukaddas zat ýokdur...
–Ýadyma düşýär,mekdepden gelsem ejem jan mydama gök,gyzyl keteni köýnegini
geýip,misli bir toýa barýan ýaly bezenip meni garşylardy,ýumşajyk eli bilen saçymy
sypalardy,ýaňagynşmdan öperdi,şonda atyrly sabynyň ýakymly ysy burnuma
urardy.Biziň uly maşgalamyzyň diregi,mydary,baýlygy
onuň özüdi.Men,bizi
eklemek,iýdirip-içirmek üçin onuň görýän görgülerini,käte,daň atmanka, dört
kilometrlikde ýerleşýän etrap merkezine gidip,azyk getirişini,bize ertirlik
taýýarlap,sygyrlary sagyp,öý-içerini tämizläbem işine gidişini ýöne bir bolaýmaly zat
hökmünde görüpdirin,ýok,asla ony düýbünden bilmändirin.Asyl ol meniň gözümiň
öňünde adatdan daşary görmegeý,şonuň bilen birlikde iň eziz,mähriban adam bolup
galmak üçin aladalanypdyr.Ýogsa-da,bagyşla,biz esasy gürrüňden birneme daşlaşdyk
öýdýän!Sen karate barada bir kitap ýazýaň diýip eşitdim,jany barmydyr,dost jan?
-Hawa,synanýan,özün-ä,başaryp bilsem.
–Ol barada ýazylan kytaplar köp bolmaly.
–Kitap kän,ýöne olaryň köpüsi okyjyny gyzyklandyryp biläýjek erteki otarmalara
üns berýärler-de,öwrenmeli ýa-da öwredilmeli “harby sungatyň”ýek-tük hususy
kadalaryny kitaba goşýarlar.Türkmen dilinde henize çenli Gündogaryň göreş sungatyna
122
degişli kitaplar terjime hem edilenok,ýazylanogam.Men şol sebäpli bu ýazgyma
başladym...Umuman,ylmy ugr hökmünde Gündogaryň bu harby sungatyna
“kempo”diýilýär.Ol adamzat şahsiýetiniň öz-özüň we daşky dünýä bilen sazlaşykly
bolmagynyň zerurlygyny,olaryň bir bütewüligini ündeýän we ony görkezýän
ýoldur.Kempo-gaýnag suw ýaly gyzgyn bolmagyň üçin gündelik türgenleşik gerek.Ol
saňa ýanyp duran oduň suwy gyzdyryşy ýaly,içky beden güýjüňy berýär,gazaply
dogumlylyga ýetirýär,şatlykly durmuşda ýaşadýar,ol seniň ýaşaýşyňa zerur bolan
ýagtylyk berip,ýörejek ýoluňy ýagtyldýar,düşbüligiňi,dünýä garaýşyňy giňeldýär.
–Azda-kände maňa-da öwret.Men-de gazaply dogumlylyk ýetenok,dost jan.
–Sen-de onuň alamatlary bar!Daniýada Ýewropa çempiony bolanyňda,Amerikada
dünýäniň we Ýewropanyň çempiony bolanyňda men ony aňdym.Ştangany eliňe
alanyňdan ony duýup bolýar,ýöne käbir hereketleri etmek zyýan bermez.Ony
öwrederin...Kofe içdik,indi bir zat garbanalymy?
-Men-ä zat iýjek däl, oraza tutýaryn,dost jan.
–Gowy edýärsiň,açlyk adamynyň aňyny çarhlaýar.Bodhitharma diýen bir hindi
ruhanysy öz ündewüni subut etmek üçin dokuz ýyl çemesi hiç hili hereket
etmezden,azajyk suw we arpa uny bilen oňupdyr.Beýle etmeklik hökman däl,ýöne oraza
saglygyňa peýdaly.
–Onuň nähili taglymaty bar,dost?
-Ol ähli zadyň aňyrsy ýeke-täk birlige syrygýar,dünýädäki ähli zat bir-birinden
aýrylmaz baglanyşykly diýýär.
–Musulmanlaryň ündeýänem şol ahyryn!Bir Alla dünýäni döretdi,ony aýlaýar,
hemme zady görýär,hemme zady bilýär,hereketleri özara baglanyşdyrýar.Karate sungaty
hem onuň bir ülňüsi.Ony kim oýlap tapypdy,dost jan?
-Ony garakçylar, alym-derwüşleri,monahlary,ruhanylary talamak üçin oýlap
tapypdyrlar.Aslynda
bu
oýun
ilki
hindilerde
dörän,soň
hitaýa,ondanam
ýaponlara,koreýlere
ýaýrapdyr.Ine,onsoň,ýaňky derwüşdir-galandarlar
ýygnanja
zatlaryny ,özlerini goramak üçin,öz-özüňi goraýyş harby oýunlaryny oýlap
tapypdyrlar.Garakçylar soň olaryň golaýlaryna baranlaryndan ýaragly esgerleri
talanlaryny gowy görüpdirler.Karate 1940-njy ýyllaryň aýaklarynda ornaşyp başlapdyr.
–Dost jan,bulary özbaşdak kitap edip bilseň, sport janköýerleri minnetdar
bolardylar.
–Nesip bolsa şonuň ugrunda özün-ä! Ony ýazyp bolsa karaete-do göreş sungaty
okyjylary ummanyň kenaryna elter.Olar kitapdaky sözlerden sal ýasanyp,gelejekde bu
sungat ummanynda ýüzmeklige zerur bolan endigi,güýç-gaýraty,gujury özünde jemleýän
umumy güýje eýe bolarlar.Aňyrsy Ýaradan-Huda-galanynam görübermeli bolardadiýip,Muhammetjuma sözüni jemledi.
Altymyrat wagt tapyp beren gyzykly gürrüňleri,peýdaly maslahatlary üçin oňa
minnetdarlyk bildirip,turmakçy boldy.Dostlar,birek-biregi ýatdan çakarmazlygy şertleşip
aýrylyşdylar...
--3—
Türgenleşigiň bir güni Altymyrat özüni ýarowsyz duýdy,içi geçip,gyzgyny
galdy,ysgyny gaçdy.Boşan kalby güýjüni ýitirmedik teninde urundy.Şeýle pursatda,
türgenleşig-ä beýlede dursun,hat-da gymyldasyň hem gelenokdy,käte bedeniňi
ýakymlydan bir täsirli duýgy gaplap alýan ýalydy.Ol özüniň ýakymlylygy bilen
gorkulydy.Rahmanberdi aganyň aýdyşy ýaly”Adam erbet ýoňlanda, sowuklanda,iýen
123
zadyndan zäherlense haldan düşüp horlanýar”.Altymyrat ony Aşgabatda,“Teke
bazarynyň”gabadyndaky awtobus merkezinde ýerleşýän naharhanada iýen,içi soganly
somsasyndan gördi.Şu ýerde naharlanmaly diýip,oňa kagyz beripdiler,onsoň olam
görkezilen ýerde naharlanmaly bolýardy.Pöwrüzedäki gündelik türgenleşigi
sypdyrman,ol özüne gerek bolýan süýt önümleriniň gözlegine çykdy.Dogry,gyzgyny
gaçar ýaly derman içmeli,sanjym almaly,ýöne olar bedeniňi gowşadýardy.Onuň
bedeniniň ýagdaýyny sazlaýan duýgurlygy bardy.Oňa gatyk,çekize gerekdi.Ähli ünsüňi
ýygnap,bedeniň sazlaşykly yşlemegini gazanmaly.Ol şeýle hem etdi,jülgä ýakyn
obalaryň birinden gatyk getirdi.Üç günden soň gyzgyny gaýtdy,içi sazlaşdy,burnuna
ýeriň,orulan ýorunjanyň,dogduk mekanyň ysy geldi.Bu onuň ýoňdan saplananlygynyň
alamatydy.Obada önüp-ösüp,ýer,mal-gara bilen bagry badaşanlygy üçin ol bu ysy gowy
görýärdi,ony hiç bir zat bilen,hat-da Pöwrüzäniň jana şypaly jülgesi bilenem çalyşjak
däldi.Şäherliler mekan diýlende jaýlaryny,öý goşlaryny,dost-ýarlaryny,öz gowy görýän
zatlaryny göz öňüne getirýärdiler,emma olar ýer ýaly müdümi däldi.
Adam kim bolsa-da,nirede bolsa-da,göbek ganynyň daman ýerini küýsär
ekeni.Onuň obany taşlap gaýdanyna alty ýyl boldy,emma ol döwür altmyş ýyla
döndi.Asyl obasy oňa maddy nygmatam,ruhy höregem bolýar ekeni.Her gezek ýaryşdan
dolanyp geldigi,goruny täzelejek,uly üstünliklere badalga berjek ýerine-obasyna höwes
ederdi,baryp
ejesini
gujaklasa,agalary,gelnejeleri
aýal
doganlary
bilen
görüşse,soňundanam melleklerine aýlanyp,daş bolmadyk ýerden akyp geçýän nobura
suwa düşse,birhili köňli rahatlanyp,dünýäsi giňän ýaly bolýardy.Düşündirip bolmajak bu
täsin ýagdaý şol göbek ganly gürrüňe bagly bolmalydy,ýogsam, obasy beýleki obalardan
gaty bir üýtgeşik däldi,bedre bilen akar ýapdan suw getyrersiň,ýapdan daşyrakda bolsaň
maşyna pul berip getirdersiň,gazyň bolsa ne ýagşy,bolmasa solýarka peji bilen porsap
gyşyňy geçirersiň.
Hawa,oba beýleki obalardan üýtgeşik däl,emma Altymyrat üçin üýtgeşikdi.
Irginsiz türgenleşik käte onuň ýüregine düşýärdi,şonda ähli güýji birden gaçyp,dyzyny
epmäge mejaly galmaýardy.Çekilýän zähmetler,horluklar,jebir-süremler edip ýören
hereketleriniň ähmiýetini ýoga çykarýan derejä çenli ýetirýärdi,şonda dik gaýaly ýapdan
suw içjek bolşy
ýaly,ýa-da aýdaly öýdäki sallançak ýaly durnuksyz ýagdaýa
düşýärdi.Sallançagy näçe üwreseňem belli bir belentlikden aňry geçmersiň,ýene şol bir
gaýtalanýan zatdyr.Onuňky hem şeýle.Amerkada çempion bolmagy belli bir belentlige
galdyryp,kalbynyň hyjuwlaryny gowzadanam bolsa,indi ol Daniýada boljak çempionat
üçin täzeden hyjuwlanmalydy,soň Budapeşt ýaryşy.Garaz,ol ýene täze bir basgançaga
ýetmegiň hyjuwy bilen ýaşamaly bolýardy.Adam hyjuw,arzuw bilen ganatlanar
ekeni.Olaryň gutaran wagty megerem adamyň ömrüniň soňky pursatlarynyň
golaýlaşmagy bolsa gerek.
Altymyrat öňki hyjuwlaryndan saplanyp,täze basgançaga ýetmek üçin güýç toplajak
bolanda tebigatyň gözelliklerine syn edip,guwanyp,şondanam lezzet alardy.Gapdalyndan
akja kebelejik geçse-de guwanmany başarýardy,şeýdip,tebigaty göwün göteriji halypasy
saýyp güýç toplaýardy.Götermek üçin agyr daşyň ýanyna gelende ol ilki bilen
ejesini,doganlaryny,tebigatyň gözelliklerini,akja kebelejigi,akja kepderini,şildiräp akýan
çeşmejigi,garalyp görünýän daglary ýada salýardy.Şonda özüniň mümkünçiliginden
daşarda bolan daş, kellesini goýýan per ýassyga öwrülýärdi,gudrat bilen inen üýtgeşik
güýç peýda bolup,ýaňky ýassygy göterýän ýaly göterýärdi.Has dogrusy ol agyr daşy
götermäge özüniň taýýarlygyny durky bilen syzýardy.Hawa,ýaryşlarda ony şeýle
124
duýgular gurşaýar.Käte bolsa(şeýle duýgy onda bir ýa iki gezek bolandyr) oňa kimdir biri
daş götermäge kömekleşýär.Ol muny anyk bilýär.Ol Dawut pygamber bolmaly.
Belki,şoldur,belki,däldir,ýöne şeýle ýagdaý onda iki gezek bolup geçdi.Birinji gezek
1987-nji ýylda Aşgabatda,ýaşlaryň arasynda 75 kg agramda çykyş edip,322 kilogram
göterende,1988-nji ýylda SSSR boýunça ýaşlaryň arasynda şol agramda çykyş edip,355
kg göterende bolupdy.Germaniýanyň Magdeburg şäherinde,Samarkantda,Amerikada
geçirilen ýaryşlarda bolsa oňa ejesi,doganlary we tebigat goltgy beripdi.
Ejesi pahyr,soňky pursatlarda:”Ilki ýanýoldaşym,çagalaryna guwanmaly wagty,soň
Çaryýarym,günä iş etmänjik, öýlenmänjik,akja guşa öwrülip,soň garry gaýyn atamyň ady
dakylan Kakajanym ýurduny täzeledi.Olar ýygy-ýygydan düýşüme girýär,meni
ýanlaryna çagyrýar.Men olar bilen anyk gepleşýärin”diýerdi.Hawa,onuň ejesi çagalaryny
ýitirip tapan ýaly gowy görerdi,hersini özboluşly hezzetlärdi.”Çagalara berilmekliknesiliň bagtly ýaşamagynyň gönezligidir”diýip,Rahmanberdi aga ýönelige aýdmaýardy.
Soňky günlerde Altymyrat hem ejesi bilen,dünýäden öten agalary bilen gepleşip
başlady.Kakajan:“Tüweleme,inim,
beren
öwüt-nesihatyma
eýerip,tamamy
ödediň!”diýse,Çaryýar:”Gaýrata gal,inijigim,bizi ýüňsakgal etme!”diýýär.Bu sözler
Altymyrada ýakymly täsir edýär.Öleniň ruhy bilen gepleşse adam täsirlenip bilýär.Ol
hasam ejesiniň ruhy bilen gepleşenden soň bütin süňňüniň ýeňleýänligine,bu duşuşyga
ejesiniň hem şatlanýanlygyna ynanýar.Ol şeýle bolaýmaly.Ejesi Bibi daýzalaryna,Meret
daýylaryna bir işi çykyp gidende,ol özüne ýer tapman kösenýär,ejesini sesini telefonda
eşidip,suwsan kalbyny köşeşdirýär.Häzir bolsa ejesi bir günlük däl,müdümilik
daýzalaryna giden ýaly.Telefonda hem gepleşip bilenok,ýöne onuň ruhy bilen gepleşse
ajy aýralygyny gowzadyp bilýär,derdini ýeňledýär.
Öten agşam düýşüne Tirkiş kakasi girdi.(Umumanam soňky günlerde agasy onuň
ýadyna köp düşýär).Horlanypdyr,zordan demini alýar:”Ini batyr,bir gelip gidäýmeseň-ä,
bolanok!”diýýär.Bu näme boldugy-ka?Dogry,”düýş- ruhy tenden boşadýar,ýatanda adam
günde ölüp direlýär,düýş Hudaýyň açyp goýan derwezesi,oňa girip ýakynlaryň ruhlary
bilen gepleşýärsiň”diýýärler.Belki,ol dogrudyr,ýöne näme üçin diri gezip ýören agasy
düýşüne girdi?Adamynyň eden pikir-hyýaly gije düýşüne girermiş diýselerem,ol ýaňaýakynlarda agasyny ýatlamandy ahyryn.Onsoň munda nähilidir bir galagoplugyň
ýatanlygy howsola salmazmy?Tirkiş kakasy beýle ýagdaýda:”Bedeniňi gowşatsaň ruhyň
azatlyga çykar,häzir bol”diýerdi.Ýogsa-da,bu meniň ýoňlamam bilen bagly
bolaýmasyn?Ýok,ol onuň açyk,anyk,naýynjar sesini eşitdi ahyryn!Şu agasydy,bütin
Sakarçägä etrabyna ştanga sportunyň ýaýramagynyň gözbaşynda duran.Onuň elinden
onlarça ştangaçylar ösüp ýetişdiler.Altymyrat hem olaryň içinde.Ata hökmünde
durup,ýetim galan çagalaryň ösüp ulalmagy üçin azap baryny çeken ol dälmi?Ejesi işlikä
goltugyna alyp,Altymyrady köşeşdiren şol dälmi?Ýa-da,ýadyna düşýär,ejesi öýde ýok
wagty Tirkiş kakasy, ilkinji gezek nobura suwa düşmäge rugsat beripdi.Ejesi bolan bolsa
gidip biljek däldi.Hut şol dälmi,onuň uly sporta bolan ilkinji höwesini oýadan!...
Döwlet joňk,Aman jyk-jyk üçüsi güzere baranlarynda,ol ýerde iňlär siňek
ýokdy.Ýabyň suwy duruja,düýbündäki balyjaklaram görünýärdi.Iki kenary tutýan garry
taldyr,tutlar,leýlisaçlar,başlaryny egýän ýaly,suwa gollaryny goýberipdiler.Her bir ädimde selme,kertikli,ysmanak,düýedaban,ýandak,buýan ýaly haşal otlaryň sarç bolan
ýerlerini görse bolýardy.Olarda suwa düşýän çagalaryň ýasan ýodajyklary mese-mälim
bildirýärdi.Otlardan melul ediji,tagamly bir ys gelýän ýalydy.Altymyrat,aýratyn hem
buýan otuny ýygmany gowy görerdi,ýok,buýanyň sygyr üçin ýokumlylygy däl,sygyr
süýdüni hasam süýjedýänligi üçin ýygardy,galyberse-de,ony ýygmagam aňsatdy.
125
Döwlet joňk, eýýäm çykarynyp,talyň şahasyna dyrmaşyp,özüni suwa urupdy,Aman hem
tala dyrmaşyp barýardy.
-Gumgüzeriň çuňlugyny barlaman suwa bökme,dost jan!-diýip,Altymyrat agasynyň
öwüdini gaýtalap,Amana gygyrdy.
–Öňki gezek gelemde barladym-diýdi-de,ol özüni suwa oklady.
Altymyrat hem eşiklerini çykaryp,tala dyrmyşyp başlady,emma kimdir biriniň eli
emaý bilen ony taldan düşürdi.Alty yzyna seretse,belli mirasgär,halk
rowaýatlaryny,aýdymdyr-tymsallaryny toplaýjy Ümür Esen dur.Onuň kellesinde arzan
bahaly gara telpegi,baglaryň,otlaryň kerebi çolaşan mele dony,geýilip şyrrygy çykan gara
penjegi,gök köýnegi,sag elinde sürtülip lüti çykan mele gaýyş bukjasy bardy.Gazaga
meňzeş ýüzünde mähir çogup durdy,gözleri gülýärdi.Ol Altymyradyň şar gara saçyny
sypalap:
-Hiç mahal beýle hereket etme.Ýabyň çuňlugyny barlan bolsaňam etme.Suw çäge
çökündisinden doly,az pursatda çuňluk üýtgäp bilýär.Arada bir oglanjyk ejesine gulak
asman,şeýdip, boýnuny omurtdy-diýdi.
Ümür aganyň suw görerligi ýok, ýany bilen derrew Altymyrady hem alyp suwa
girdi-de,bir eli bilen burnuny tutup,iki gezek çümdi,şobada hem kenara çykdy,
geýindi.Altymyradyň köýneginiň kisesinden çykyp duran kiçijik demir ştangany eline
aldy-da synlady,soňam:-Muny özüň ýasadyňmy?
–Hawa,özüm ýasadym.
–Bo-how,kiseleriň nurbatmydyr-çüýlerden doly-la,seniň?Adyň näme?
-Altymyrat!-diýip,ol çekinjeňlik bilen suwdan çykdy-da,köýnegine ýapyşdy.
–Tüweleme,altynjy çaga diýsene!Men seniň kimiň çagasydygyňy,nirede
ýaşaýanlygyňy sorajak bolamok,ýöne, sen şu obaly bolmaly.Bu obada bolsa
perreňler,garahmetler,ýemreliler ýaşaýarlar.Be,jalbaryň kisesinde hem demir bary bar
ýaly?
-Ýolda gelýärkäm iki nurbat,bir bölejik magnit tapdym.Demir görsem kisäme
atýan.Endik bolupdyr.
–Berekella!Menem edil seň ýaly demir baryny ýygnaýan,ençeme traktor,maşyn
ýygnadym...
–Olary nätjek,daýy jan?
-Çagalara görkezmek üçin muzeýimde goýýan.
–Sen onda gaty baý adamsyň,daýy jan?
-Hawa,men baý!Baý we jadygöý!-Bu sözi eşidenden Altymyrat gözüni mölerdip,iki
ädim yza çekildi.Hakykatdanam,jadygöýüňki ýaly,bu adamynyň gözleri ýanyp durdy-Sen
gorkma.Akyllyja,iglije oglanjyk ekeniň,ýöne ejeňden soraman gaýdypsyň.Onyň-a
bolanok!
-Men Tirkiş kakamdan rugsat aldym,ýöne ejem jandan soramadym.Daýy jan,sen
ony nireden bilýäň?
-Jagygöýüň bilmeýän zady barmy.Ejeň nirede?
- Bibi daýzamlara gitdi.
–Ol häzirem ejesini emýär!-diýip, suwa düşse-de,bolýan gürrüňlere diň salmany
başarýan Aman jyk-jyk şallaklap suwdan çykdy.
–Emýär diýýäňmi?Ene süýdi gudratdyr,tenekärdir,goý,emsin!Ene süýdünden
ganmadyk çaga ulalansoň,işlemäge,oýnamaga gezek gelende uzakçyl bolmaz,duýgulary
döwük,tutanýerliliugi ýabygorly,hyjuwy haýal bolar.Ata-babalar iki-üç ýyllap çagany
emdirmegi ündär ekenler,ýöne...Sen näçe ýaşadyň,Alty jan?
126
-Alty ýaşa aýak basdym,daýy.
–Şu güne çenli ejeňi emýän bolsaň,onda senden bir zat çykar!-diýip,Ümür aga
depderine bir zatlary belledi-Tüýs pälwan ýetişdirmek isleýän eneler çagasyny otuz aýlap
emdirer ekenler-Ol bukjasyndan bir owadanja tomazajygy çykardy-da-Dur,inerim,meni
azajyk diňle!Men bu oba ýygy-ýygydan gelýärin,Rahmanberdi mollum,Annaberdi
mollum,Annaberdi aga ýaly adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn, rowaýatlary,
aýdymlary,nakyllary,atalar sözüni ýygnaýaryn-ol tomazaga syn edip bolansoň,ony kükürt
gabyna saldy-da,oňa derek ýylan gowagynyň bir bölegini agzyna atyp goýberdi-Men bir
zady açyk aýdyp biljek-diýip,ol gürrüňini dowam etdi-Sen ulalyp,adyň dünýä belli
pälwan kişi bolup ýetişersiň,abraýyň,mertebäň beýge galar,obadaşlaryň guwanarlar.Sen
güllere bezelen gülzarlykda ýaşarsyň.Ähly zadyň,meniň şu bukjamdaky otlar,mörmöjekler ýaly bol bolar,şeýle bir bol bolar welin,ýyldyzlar asmandan inip,seni gutlamaga
gelerler.Bir peri bolsa duluňy bezär.
–Daýy jan,bularyň bary meniň bilen bolup geçermi?Ertek-ä däldir?
-Erteki ýalydyr,ýöne erteki däldir.Hut şeýle hem bolar,peri zenanam seni ýürekden
söýer..
–Meni-mi?!-diýip,ol Ümür aganyň jadyly,sary giden mele bukjasyna gorkuly
bakdy.Onda ýok zat ýokdy.Birden perinem çykaraýsa nätjek?Ýa-da,ondan jadyly guş
çykaryp,perä öwüräýse nätjek?Gowusy bu ýerden gideýin!-Daýy jan,ol peri diýýäniň
garagol gyz-a däldir?Meniň bilen uruşmazmy?
-Uruşmaz.Ol seni ýürekden söýer,maňa ynanaý!-diýip,Ümür aga Altymyradyň şar
garaja,buýraja saçyny sypalady-Gitjek bolýarmyň?Sag bol.Ejeň gelmänkä öýüňe
bar,ýöne,şu aýdanlarymy ýadyňdan çykarma!Bar!Ykbalyň ýelek ýaly mylaýym,ýumşak
bolsun!
Altymyrat bukjasy jadyly jady adam bilen hoşlaşyp gaýtdy.Ýolda ol emzikli gürrüňi
del adamynyň ýanynda agzany üçin,Amanyň ýüzüni aldy,Döwlet joňkdan bolsa:”Bir peri
gyz seni söýer”diýdi welin,söýgi näme bolýar?-diýip sorady.
–Bilmedim,gowy görýän diýmek bolaýmasa!Ho gün ýetişen gyz doganym:”Men
Sapary gowy görýän-ä”diýdi,ejemem oňa:”Sypatyň gursun,ütülip ölmüş!Söýüşüp ýörün
diýsene!Bir kemiň şody-da,seniň”diýip,onuň al-petinden aldy.Galanynam özüň bildiýip,Döwlet kibtini gysdy...
Altymyrat öýe gelşine, mellekde üzümiň örňäp-ösen gollaryny ýygyp ýören Tirkiş
kakasynyň elindäki oragyna ýapyşdy-da:
-Tirkiş kaka,diňle,bir zat aýtjak! Gumgüzeriň boýuna jadyly bukjaly adam geldi.Ol
başymy sypap:”Tanymal,goçak adam bolarsyň”diýdi.Köneje gaýyş bukjasynda jykjyk,tomazak,kebelek,ýylanyň dony(goňagy),her hili otlar,daşlar bar ekeni.
–Şeýlemi,jigim,ol Ümür Esendir!Ol hakykatdanam jady adama meňzeýär.Şeý diýen
bolsa,sen dünýä belli adam bolup ýetişersiň.Men onuň üçin elimde barymy,ýogumy
ederin,ertirden seni sporta gönükdirerin.Ýöne,indi nobura Bäşim bilen git,ýeke gitme!diýip,ol elindäki oragy taşlady-da,oturyp,jigisini gujaklady.Altymyrat özüne berk
daraýanlygy üçin mydama Tirkiş kakasyndan gorkuly gezerdi.Bu gün welin,ol
düýbünden başga adamdy.
–Tirkiş kaka jan,indi ol adam gelermi?
-Geler!Saňa beýle arzuw eden bolsa,arzuwynyň hasyl bolýanyny görmek üçin
hökman geler!
-Tirkiş kaka jan,ejem jandan soraman nobura gidenimi ol bilip otyr,”indi
beýtmegin” diýdi.Senem ony ejeme aýdaýma,bomy?!
127
-Bor,jigim!
Altymyradyň dünýäsi giňedi,gözüni ýumdy,agasynyň gursagyna kellesini
goýup,şobada uka gitdi.
Tirkiş ony oýarmajak bolup,ýuwaşlyk bilen göterdi-de,öýüň içindäki düşekde
ýatyrdy.Öz içinden bolsa:“Ýat, belent arzuwlara beslenen jigim”diýdi...
Şol günüň ertesi köçä çykanda ol”Eý,emzikli,agşam asmandaky ýyldyzlar seni
görmäge geldimi!”diýen sesi eşitdi,görse bir topar özi ýaly çagalar gülüşip,dillerini
çykaryşyp,dodaklaryny çöwrüp durlar,Aman jyk-jygam olaryň arasynda,eýýäm
şugullapdyr.
Altymyrat sesini çykarman öýüne ýumlugaýdy...
Häzir ol bu wakalary ýatlap,Ümür aganyň welilik bilen eden arzuwlarynyň amala
aşmagynda Tirkiş kakasynyň ornunyň ägirtligine düşündi.Ol daşyňda hozanok bolup
ýörmese-de,gaýtam,käte telek işi üçin şarpyk bermekden gaýtmaýan hem bolsa,başga
tarapdan göze görünmeýän hereketleri bilen,bildirmän goldap gelenligi gizlin däl.Öýe
baryp gaýtmaly bolaňda kisäň bilbiliň ketegi ýalydyr,birdenem nireden düşenligi näbelli
pullar peýda bolar,ýa-da garnyň ýarym aç ýagdaýda okap ýörensiň, birdenem
”obadaşlaryň iberdi”diýip,pul getirip giderler.Bu zatlaryň Tirkiş kakasynyň işidigine ol
indi-indi düşünip galýar.
Ýogsa-da,okuw barada hem kelam agyz ýatlanylsa kem bolmazdy.Dogrusy, ýylyň
dowamynda geçirilýän ençeme ýaryşlara gatnaşjak bolsaň,onuň öňünden azyndan iki
aýlap daş ýerlerde türgenleşik geçjek bolsaň,okamaga eliň hem degjek däldi.Ýöne ol
okuwa gatnaşyp bilmese-de,mugallymlaryň gaýybana ýumuşlary boýunça sapaklaryna
taýýarlyk görýärdi.Kyn hem bolsa ony edýärdi.Başga bir tarapdan bedenterbiýe we sport
institudynda işläýän käbir mugallymlaryň sapak okadyşlaryna,bilim öwredişine haýran
galýardy.Olar bir-iki bolsa owarram,ýöne üç-dörde ýetse eýýäm talybyň bagty ýatdygy
hasap edäýmeli.Dogry,oglanlaryň içinde hem her hilisi bar,käbir talyp
şeýle”okadylyşy”halaýar.Ondan sapak soralmasa,sapaga gatnaş-gatnaşma idelmese
bolany.Bir mugallym( onuň adyny agzamaly)garagollyk eden talyby burça gabap,iki elini
ýokary galdyryp duruzýar, ýadap elini goýberäýdigi öjügip,öňküdenem mojuk jeza
tapýar,bu gezek el-aýaklaryňy ýere diräp,it bolup üýrmelisiň.Şeýdip käte sapak
unudylýar,muňa göwnihoş bolýan talyplar hikirdeşýärdiler.Altymyrat ol mugallymy
tanaýar.Ol jany-teni bilen sapak öwredesi,bilim-ylym beresi, bezzat okuwça jeza
berip,gorkuzyp,galanlaryň ünsüni sapaga jemläsi gelýär.Emma netijesi tersine bolup
çykýar.Her bir okuwçy gowy bilim almasa soň durmuşda köp kynçylyklara gabat
geljegini göz öňüne getirmän heläk bolýar,dogrusy oňa şol wagt düşünmeýär.Haçan-da
alan biliminiň durmuş tejribesinde gerek bolup durýanlygyna düşünende,ol eýýäm
giç.Ökünýär,yzyndan ýetip bilmeýär,köplenjem, öz körzehinliligiň sebäplerini
mugallymyň üstüne atýär.Bu häsiýet biziň barymyzda bar.Öz günäňi başganyň üstüne
atmak edil adyr ýer ýalydyr.Indi gorkmak meselesinde.Altymyrat heniz hiç zatdan
gorkan,heder eden adam däl,ýöne olam bir gezek gaty gorkdy.Ýedi-sekiz ýaşlarynda
Tirkiş kakasy balyk tutmaga alyp gitdi.Olaryň öýleriniň gündogarynda,bolaýsa iki-üç
ýüz metrlikde gamyşa bürenen zeýkeş bar.Içi zyr-zybylden doly,akýanlygy onçakly bir
bildirip durmaýan hapa ýerde balyk bardyr öýdüp hiç kimiň kellesinede gelmeýär.Eger
muny Orazberdi bilýän bolsa,allaowarralara balyga diýip gidip ýörmezdi ahyryn.Diýmek
ol bilýän däldir.Tirkiş welin,bilýär ekeni.Ol aýagyna gonjy kesilen ädigi sokdy-da,ýazyň
howasynyň birneme çigrekligine garamazdan,eşiklerini çykaryp zeýkeşe girdi,maňa
bolsa”gyrada dur-da, balyk tutup zyňsam gaparsyň, halta salarsyň”diýdi.Ine,ol giren
128
ýerinde,zeýkeşiň gyrasyndaky gamyşlaryryň düýbüni iki eli bilen barlap
başlady,birdenem “Tut”diýip zyňdy welin,ot iýýän balygyň goşar ýalysy
bökjekläp,beýläme düşdi.Men ony derrew haltama saldym.Az salymyň içinde dört-bäş
balyk halta girdi.Nobatdaky, beýlekilerden has ulurak balygy elime alan badyma,gorkup,
gaty gygyryp,ýere taşladym-da gaçdym.Asyl ol balyk däl-de ýylan bolup
çykdy.Uzynlygy tirsekçe bardyr.Göwnüme bolmasa ol boýnuma oralan ýalydy.Tirkiş
kakam zeýkeşden çykyp,meni köşeşdirdi,suwda ýaşaýan ýylanlaryň çakmaýanlygyny
düşündirdi.Şonda-da,näme,ýylan diýilse iniň söýmez ekeni,ýogsam olam beýleki
jandarlar ýaly jandardyr weli...
Bu waka zerarly men agzymy uçukladyp bir hepde ýatdym.Ejemden käýinç
alsamam,ýylanly gürrüňi agzamadym.Ony agzasam tükeniksiz soraglara,igençlere
sezewar boljakdym,onuň bir ujy Tirkiş kakama-da ýetjekdi.Ondan gowusy dilimi
dişlänimi amatly gördüm.Şondan ep-esli wagt geçensoňam,şol ýylan üstüme topulyp
gelýän
ýaly,howpurgap
oýanardym.Men
häzirem,başga
hiç
zatdan
gorkmasamam,ýylandan gorkýaryn.Gorkaklykdan kesel galarmyş diýýärler,ejem
aýtmyşlaýyn”hudaýa şükür,hiç zat bolmady”.Şondan soň,”dilime berkligim” üçin Tirkiş
kakam meni öňküdenem gowy görüp başlapdy...
Tirkiş ýüz görüp gapyrga syrýanlardan däldi,rehimly,parasatly,adalatlydy.Adyllygy
üçin käte kösenýärdem,şonda-da yza tesmeýärdi.Onuň bir mugallym tanşyny “ogluňa
sünnet etdiripsiň”diýip,işden çykarmakçy boldular,prokuroram iş gozgap,azar berip
başlady.Beýle zatlara durumsyz Tirkiş prokuroryň ýanyna barýarda,azmly sesi bilen senmen ýok:”Balagyňy çykar,eý,ýigit!”diýip seslenýär.Aňk-taňk bolan prokuror:”Näme
diýýärsiň?”diýip soraýar.Tirkiş bolsa:”Men saňa balagyňy çykar diýýärin.Sünnet edilen
bolsaň-a hiç zat diýjek däl,edilmedik bolsaňam sünnet etjek!Sen näme sünnet etdiripsiň
diýip mugallyma azar berýäň?Kelläň ýerindemi?”diýip,haýbatly seslenýär.Nämäň
nämedigine düşünen ýaş prokuror:”Ýaşuly,bagyşla!Gaýdyp men şol mollyma azar
bermäýin.Şu gezeklikçe bagyşla!”diýip jogap berýär we gaýdyp ony çagyrmaýär.Ýöne,
oňa derek işleýän ýerinden ýazmaça berk käýinç almaly bolýar...”Tirkişem edil kakaň
ýaly gönýmel,dogrygep adamdyr”diýip,ejem bir gezek kakam bilen bolan şeýle wakany
gürrüň berdi.Şol wagtlar obalaryň arasynda festiwal diýdimi,nämemi,uly bir medeni,sport
çäreleri geçirilýän ekeni.Oňa etrabyň ähli obalaryndan adamlar gatnaşyp özara ýaryşar
ekenler.Bu uly çäräniň ýolbaşçysy ermeni ýigit, göreşmek üçin orta çykan,gyrmyzy
donly,gara silkme telpekli,aýagy ädikli kakaňy görýärde,töwerekdäki adamlara
ýüzlenýän ýaly:”Sen medeni çärelere gatnaşmak üçin gelen bolsaň geýimiň hem
medeniýetli bolmaly”diýipdir.Onda ol:”Medeniýetli bolaňda nähili geýinmeli?”diýip
sorapdyr,”Aý,akja köýnek,akja balak,başyň açyk bolmaly”diýen jogaby eşidip,ol derrew
duran ýerinde daşky eşiklerini sypyryp,içki ak köýnegini,ak balagyny görkezipdirde:”Indi boldumy,ermeni batyr?Indi göreşe çykyp bilýänmi?”diýipdir.
Şol gezek ol göreşde etrapda birinji orny alyp,öýe bir tokly getiripdi...
Bu gün ol Tirkişi köp ýatlamagyny nädip düşündirjegini bilenok, kellesinden
çykmaýar,bar bolany.Bu ýönelige däl bolmaly.”Gel,gowusy aragatnaşyk nokadyna baryp
oba bilen gepleşeýin,ýagdaýlary bileýin,barybir türgenleşik üçin “Dinama”sport
merkezine gitmeli”diýip pikirlenen Altymyrat öýünden çykdy,şobada hem agasy Bäşime
gabat geldi.Ol Tirkişiň ýaraman ýatanlygy baradaky habary gitiripdi...
Şol günüň özünde ol gyssagly oba gitmeli boldy...
--4—
129
Altymyrat Tirkiş kakasyna ýetişmedi.Ol,ýaňy 42 ýaşa ýetende,bagyrda erbet daş
döräp dünýäsini täzeläpdi.Ýogsam,ömründe agzyna arak ýa başga zährimary alan adam
däl.Ugradylm..anka razylaşmaly boldy,”Agam jan,bilip-bilmezlikden bir hata eden
bolsam bagyşla,günämi öt!”diýip,ol aglady.Türlmençilikde öleniň ýanynda aglamak
bolmaýar.Ol weli saklanyp bilmedi.Merhumyň ruhy üçi geçýänçä töwereginde aýlanyp
ýörmüş diýýärler.Şol dogry bolmaly.Rahmanberdi aga adamlary oňa-muňa
ugradyp:”Tirkişiň ugradyljak wagty ertir sagat ondadyr, eşitdiriň,başga obalardan
geljeklerede habar ediň,aýdylman galanlary bolmasyn"diýip,tabşyrýardy,merhumyň
ogullaryna,gyzlaryna we inilerine bolsa:”Gaýrat ediň,mertlik bilen,abyraýly,gyk-baksyz
ugradalyň.Ugradylmanka çarpaýa galyp,gaty ses bilen aglap,masgara bolmaweriň.Ol il
ýüzünde gowy däl,Allatagalanyň hem edenine kaýyl bolmazlykdyr,taňra ten
bermezlikdir"diýýärdi.Onda-da Aýgözel saklanyp bilmän,çyny bilen aglap:”Heý,eziz
görýän adamyň-a öler,onam iň soňky ýoluna alyp gitseler,senem aglaman oturyp
bilermiň?”diýýärdi.”Gyzym,onyň dogry,ýöne,gaty ses bilen aglap,ile göz bolmazlygyňy
isleýän,ony Hudaýam halamaz,bendesem.Gepiň gysgasy gaýrat edip,şu pendimi saklajak
boluň!”diýip,ol jogap berdi...
Gijara ýurduny täzelän merhumy myhman aldylar.Onuň ýanynda inileri
Orazberdi,Bäşim,Altymyrat,merhumyň uly ogly Kakyş dagy uzakly gije oturdylar.Daş
bir ýere giden kiçi ogly ertesi gelip,kakasynyň ýanynda ses edende merhum gözüni
açdy.Bu üç günläp öýden daşlaşmaýan ruhuň işi.Altymyrat şunça aglamajak bolsa-da
bolmady,agy özüňe bagly zat däl eken.”Ýakynlaryňy ýatla, ruhlaryny çagyr,pikir
alyş,gürleş,şonda teselli taparsyň”diýip,Rahmanberdi aga köşeşdirýär...Emma
bolaýýarmy näme?
Bütin oba merhumy ahyrky ýoluna ugratmaga geldi.Aýak basara ýer ýok.Edilmeli
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 16
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.