Latin

Topraga duwlanan ägirt - 17

Total number of words is 3814
Total number of unique words is 2399
29.7 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
eýeläp,gür baglyga bürenip otyrdy.Ýaşaýan ýerini bilse-de,Altymyrat bu uzyn
boýly,agajet,ýaňaklary
dulugyna
çöken
gujurly
gojanyň
öýüne
baryp
görmändi,ýogsam,ol onuň nobura suwa düşmäge barýan ýolunyň ýakasynda
ýerleşýärdi.Beýle gür baglyga bürenen mellek obada başga ýok diýen ýalydy. Melleginiň
içinde işläp ýören goja,elini guşagyna süpürdi-de:
138
-Geleweri,köşek,”Gelen döwlet”diýipdirler.Hany çaňňalyňy uzat,görşeli.Amansaglykmydyr? Häzir şu bogulan ýorunjalary towuklaryň telärinden asaýyn,onýança öýe
girde,galmagal başlygynyň beren çaýyny içiber.Ýogsa-da,köşek,aýagyň düşdi,gelmeziň
öňünçäsi kösenip ýatan sygyrym öküzçe guzlady-diýdi.
–Höwri köp bolsun,mollum!
-Taňryýalkasyn!-diýip,goja mylaýym ýylgyrdy.Bu mähirli, nur saçýan ýüzde
rahatlyk,parasatlyk,asudalyk şemaly öwüsýärdi,ýaşynyň ýetmişe aýak basanlygyna
garamazdan,daşky sypatyna seredip,ony berip boljak däldi.Ýanyp duran gözlerinden köp
kynçylyklary başdan geçiren,durmuş tejribesini toplan uçgunlar ýaýraýardy,diňe sesini
diňleseňem,ýaşlygyň ýagmyry ýagyp duran ýalydy.
Goja işini bolýança Altymyrat bagyň içine aýlandy.Ortasy kiçeňräjik joýalary bolan
üzümler hasylyny göterip bilmän,bagryny ýere beripdi,şagal, it,ary almasyn
diýip,ýandak,gyzgyn bilen örtülipdi.Üzümiň ortasyndan geçýän ýoda iki gyrasy baga
bürenen ýorunjaly meýdana eltýärdi.Hasylyny göterip bilmeýän gyzyl,sary şatdaly
düýpleriniň şahalaryna uzyn diregler direlendi,ondan aňyrda giç bişer erikler başlaryny
egýärdiler,soň giç bişer almalar.Bişip barýan ir-iýmişleriň,ýorunja gülüniň yslary ýaz
güllerinden ýygnalan balyň ysyny ýatladyp,kalbyňy joşdurýardy.Tomsuň jokrama
yssysyna garamazdan,arassadan salkyn şemal öwüsýärdi,guşlaryň sesi,bilbiliň saýramasy
eşdilýärdi,ol bolsa hüwdülenýän ýaly täsir edýärdi.Käte,gaýradaky noburda suwa düşýän
çagalaryň galmagaly diýäýmeseň,başga ünsüňi sowjak zat ýokdy.Gür baglygyň gutarýan
ýerinde,üsti basyrylyp suwalan ýerdöle-de,agaç gapyrjaklardan başga-da,guradylan
injir,garaly,saraly,şetdaly kişdeleri ýaýrap ýatyrdy.Azyklaryň beýle rejeli,tertipli
saklanyşyna haýran galyp oturmalydy.Ortada ojak,ojagyň gyrasynda gara taňka,iki käse
we ýyrtylyp ugran ak keçe bilen ýassyk bardy.
–Ýylyň dört pasly ýerdöläniň içine täsirini ýetirenok,harydyň uzak
saklanýar,özümem ýagdaýyny tapsam munda ýaşamany gowy görýärin-diýip,ýetip gelen
goja seslendi-Tilki süreni ýalydyr,ýöne jana ýakymly.Ýetmişiň çatrygynda otursaň,sähel
zada tipil tapar ekeniň...”Myhmanyň öňünde aş goý,iki elini boş goý”diýleni, ýör,
galmagal başlygy gelnimiň hezzetini göreli!
Olar daşary çykdylar.Asmany gaplan gara bulutlardan ýagyşyň ysy gelýärdi,
baglaram has-da garalyp,bir zada garaşýan ýaly-dy.
–Bä-ä,geň zat,tomsuň ortasynda ýagyş ýagaýjakmy-ka?-diýip,goja alma
ýapraklarynyň arasy bilen asmana seretdi-Ony aýaklarym aýdýar,gör,eşegimem ykyşak
ýere sümülýär,dars-daban at çapýan syçanlaram görnenok,diýmek, ýagyn ýagjak!Ysy
gelibem dur-a!Jala bir gelmäwersin,asmandan inip,däli ýabyň ýörüşi ýaly,üstüňden
düşüp,hasylyňy puklar,bu yssyda derrewem baglara şireje düşer.
Gojanyň sözüni tamamlanyna mähetdel jala geldi.Olar kümä duwlandylar.
–Men,güýz gyrkym wagty, şeýle jala gelende dünýä inipdirin,ýagşa buýyp ölen
mallar köp bolupdyr.Başga bir tarapdan,bu ýagyn maňa eşrepi.Eşrepi diýýänim,güýzlik
bugdaý ekipdim,suwaryp bilmän,ygal düşäýse diýip ýördüm.Indi gögermesi
aňsatlaşar...Juwanlykda goşa öküzler bilen ýer sürerdik,üstünde oturyp mala
basardyk,tilsimatlar köpeldem weli,uşajyk aladalaram artdy.Öňler Murgap derýasynyň
suwy boldy.Onuň bir goly obamyza gelerdi.Şol goluň ugrundan bent-gatla gurmak üçin
ýüzlerçe müň manat gerek diýip,adamlardan pul ýygnap ugradylar.Şonda seň
kakaň,Orazdurdy pälwan “puluňyz gerek däl,bendi şeýle-de guraryn” diýdi-de,uly bir
çaýyrlyk ýerden,ýörüte gurallaryň kömegi bilen çaýyrly kerpiç taýýarlady.Onam eşegiň
iki gapdalyna örüp,ini dört ädim giňlikde noburyň bir gyrasyndan gysyp başlady.Bir
139
näçe gün geçensoň,ýaňky galdyrylan böwetdäki çaýyrlar bir-birlerine çyrmaşyp,hiç hili
suw geçip bilmez ýaly gatla emele getirdi,edil sement bilen suwalan ýaly
bolaýdy.Ine,şeýdip ol döwletiň müňlerçe serişdesini tygşytlady.Pahyr,gaty
işeňňirdi.Şunça ir turdummykam diýersiň,onda-da ol meýdandan alakjap
gelýändir,”Ýerem aldap bolmaz,ekinem”diýip.Käri suwçydyr weli,eliňdäki zähmet
guralyňy alyp,nähili işlemelidigini saňa öwretmäge ýaltanmaz.Özem ýekeje zady gözden
salmaz.Gytçylykda,kädidir-käşiri,garpyzdyr-gawuny
çägä
duwlarda,soňam
horlanýanlara: ”Hany, bişiklige çenli mydar etjek bolalyň, barja zady rejeli ulanyp,birekbiregi gözden salmalyň”diýerde,güzerany gyr-gytyzlara hemaýatly goluny uzadar,ýaňky
gömen zatlaryny paýlar. Il nepagasyny bar zatdan ileri tutýan pahyr, sowatlydy,
takwady,onda-da uçursyz takwady,nebis atyna atlanmadyk,Allanyň berenine kanagat
kylýan adamdy.
Daşarda durandan gowrak diýäýmeseň, döläniň depesinden geçýän ýagyş zerarly
dik durara deşik tapdyrmaýardy.
–Az owlak ezileniň zyýany ýok,eräp gider ýaly adam şeker däl-diýip,Rahmanberdi
aga üstüne damýan damjalara üns hem bermedi-Bu durmuşda örän gylawly bolup,gaty
berk durmasaň gara nanyň görgi boljagy ikiuçly däl.Biriniň elinde odun,beýlekiniň elinde
bagyň ýapragy,gizlin däl.Ýöne başga bir zadam äpişgeden çalaja görünýär.Irginsiz
zähmet çekseň hor bolaňok.Halal işleýän adam baý bolýar.Nygmat bolçulygyny
döretmek özüňe bagly,etme diýýän ýok,bir meşik kak,bir meşik sök,toşap-bu zatlar
eliňden gelýär.Emma işlejek bolýan ýok.Hol seň goňşyň bar-a,gulaklaryndan bozulan
kepbäň agaçlary ýaly tüýleri çykyşyp duran goňşyň?!Ol sygyr ýatak salyp bilmän
kösenip ýör,emma işjanly bolsaň,
ýylgyny örüp,daşyny suwarsyň weli,ýatak
taýyndyr.Näme kän,ýylgyn kän.Ýagyş goýaýdymy?
Olar kümeden çykdylar.Asuda şemal baglaryň ezilen ýapraklaryny sypalaýardy,ýere
gaçaýjak bolýan lember bulutlar gündogara süýşýärdi,günbatarda,käte,bulutlary böwsülip
gün görünýärdi.Günüň şöhlesi ýapraklaryň arasyndan geçip,uzaklara uzap
gidýärdi,şonda, kümüşsow reňke bürenen ýapraklar guşuň ganat kakyşy ýaly
titreýärdi.Arassa,salkyn howada muny synlamak ýakymlydy,dyz boýy ýorunjada
agynasyň gelýärdi.
Olar gojanyň köneje jaýynyň içine girdiler.Uly oglunyň aýaly,başy çargatly Gözel
daýza göwresini zordan gozgaýan dört gyraň,dolmuş aýaldy,wagtynda görmekli
bolanlygy bildirýän ýüzi gyňyr-tutuksydy.Belki şonuň üçindir Altymyradyň beren
salamyna çala jogap berdi-de,pejiň üstünde lasyrdap gaýnaýan çorbany okara guýmaga
başlady.Çäýnekdir käseler,okaradyr-çemçeler,azyk harytlary,içi suwly gap,garaz,ähli zat
eliniň ýeten ýerindedi.Şeýtmese bolaýjagam däldi.Altymyradyň nazary birden
diwardaky,syrdam boýly,dört örüm saçy öňüne goýberilen görmegeý bir gyzyň suratyna
düşdi.Onuň gözelliginde birhili hindi gyzlarynyň sypatlary-kömri gaýra duruzýan
saçy,galam gaşy,baýguşyňky ýaly garaja gözi bardy,çeýe göwresine gelip duran ýaşyl
keteni ony has-da gelşige getirýärdi.
–Ilkinji çagasyndan soň ýarsaýdy-da,ömri gysga ekeni-diýip,Rahmanberdi aga
seslendi-Bu suratyň kyrk ýyl ömri bar,şol wagtlar Jahan dilsiz,ýuwaşjady..
–Atasy,oňa derek siz gepleýärsiňiz-le -diýip,Gözel eje nahary olaryň öňünde goýdy.
–Şeýle bolmadyk bolsam gaýyn eneň göwnüni awlap bilmezdim.Gala ýalydy
pahyr...
–Ýeri bolýar, naharyňyzy sowatman iýiň!-diýip,gelin çykyp gitdi.
140
–Aýalym maňa çül çaga doguryp berjekdi,emma iki oglumdan soň çaga galmady,
özüm günäkär.Alla günämi geçirsin-dä!-diýip,Rahmanberdi aga diwarda asylgy
surata,onuň ýanyndaky Käbäniň şekline seretdi-de,içinden doga okap ýüzüne
syldy.Dogrusy,diwarda Käbäniň dürli görnüşleri,dürli aýatlar,Allanyň atlary ýazylan
ýazgylaryň ençemesi bardy.Olaryň ortasynda bolsa onuň ýaşlyk döwrüniň suraty
ýerleşýärdi. –Hötjediräk-di,pahyr!-diýip, Rahmanberdy aga seslendi-Menem bir keçjalyň
biri,ýalyn bilen ýalyn çaknyşan çagy,gujagyma gysýan oň hötjetligin,halys bolmasa
“Sesiň bilbilden zyýada”,”Çyg düşen bägülem keşbiňden ejiz”,”Beýle dilewary
görmändim heniz”diýip,uguny ýekeleýän,şeýdip,kyrk ýyl
ýaşaşdym, öýümiň
bezegidi,hoşgylow,mylakatly bolmasa-da,ojagymyň eýesidi,çagalarymyň enesidi.Birden
gidiberdi,pahyr.Turşyny görmedik ýüz turşarýan däldir diýselerem, mylaýymdan
açyk,göwni ýaz ýalydy. Şükür,gabak astyndan alarlyp bakmady,hyrçyny
dişlemedi,Gytja gybatçy ýaly harsaňlaşyp durmady...-diýip,goja birden sesini kesdi.Öte
geçäýmäýin diýendir-dä! Ol nahar töwürini edip,çaýy öňüne aldy.
-Mollum,siz çylym çekeňzok öýdýän?-diýip,Altymyrat sorady.
–Wagtynda zatdan gaýdalan däldir-diýip,goja jogap berdi.Il bilen gelen toýda
baýram, il bazara menem bazara,il gazara menem gazara...Ýöne,indi neşelerden
dynç.Käte baýramçylyklarda ile çykyp keýp çekesim,ýanymdaky pullarymy sowasym
gelýär,emma gojalygym ýadyma düşýärde saklanýaryn.Ýogsam,puly sowmak üçin
gazanylýar ahyryn.Şeýtseň başyň dik,diliň uzyn bolýar.Häzir bar arzuwym-Allanyň
hyzmatynda durup,mährinden ganmak.Ýöne,Alla mährinden doýma ýok,siňme bar
Teşneligi,açlygy gandyrmak bolar,yşkdan ganarsyň,emma Alladan ganma ýokdur.
Mäne baba:”Alla akyl ýetirmek üçin ilki bilen özüňe akyl ýetirmeli.Alla senden uzakda
däl,hal pursatyňa düşen çagyň özüňe ykjam siňseň,şonda ony görersiň”diýipdir.Aýtjak
bolýanym,Alla uýýan diýip,halal-haramy saýgaryp bilmeýänler,malyň kem bolsa
sanaýmalylar aramyzda bar...Çaýdan bolan bolsak,ýataga baraly,hojalyk bilen has içgin
tanyşdyraýyn,gerek bolar!-diýip,goja Altymyrady towuk ketegine alyp bardy-Hälki
asylan ýorunja bedelerine seret!Towuklar pürüni çokjandyrlar,indem olary alyp
sygyrlaryň öňüne dökýän,olardan galan-gaçany eşege berýän.Ýa-da,ýorunjanyň bir
dessesini taýaklap,pürüni alýan,kepek garyp gaýnadýan-da berýän,şonda towuklar
temegini galdyryp:”Baý,hezille bi”diýip,käkäleşip durandyrlar.Ýatakda çyra ýakyp,ýyly
bolar ýaly ot ýakyp,saz çaldyryp,towugyň başyny aýlap,iki guzladyp ýörenlerem
barmyşyn,men-ä,ýokardan demir taňňyr asaýýan,içine girip hezil edip guzlaýarlar,hem
arassa,hem zaýa bolanok.Keýpini kök etjek bolsaň olara köpüräjik gök bermeli.
Towuk dersi ekiniň dermany,sygyr tezegini weli,guradyp,gara gyşa odunlyk
goýýan!Görendirin,Tagtabazarda,haşal otdan başga odun tapmarsyň.Zadyňy eşrepi ýaly
saklamasaň maňlaýyňa uran ýeriň köp bolýar.Muny men seň ýaly ýetim galyp,eklenç
aladasy depämden inensoň gowy bilýän.Asyl,şo döwrüň adamlary agrasdyrlar,eklenç
aladasy oýna ýer goýanokdy.Häzirki ýaşlar-a,guşuň guýrugyna daňylan ýelgamak
ýaly,gaýmalaşyp,bir ýerde oturanoklar,aýaklaryna täze tigir dakylan ýaly...Ýogsa-da,
seniň kakaň heniz otuz ýaşamanka ýaşuly adyna eýe bolanlaň biri.Ol haçan durna
geçjek,haçan ýagyş ýagjak,haçan ýel turjak öňünden bilýär.Uçganaklap duran üç ýaşar
aty münerdi.Ömründe eşek münen däldir-Şol wagt adynyň agzalanyny aňan ýaly
ýatakdaky ak eşek aňňyrdy.Ol ses Altymyrada, ak eşek bilen ot çeken döwürlerini
ýatlatdy.Ejesi,ota gidende,ony ýany bilen alardy.Bu bolsa onuň iň bagtly günleriniň biri
hökmünde hakydasynda galypdy.Eşek öz maýdalyna jygyldysy,şakyrdysy ýetik arabany
çekip barýandyr,olam misli bir uçara atlanan ýaly begenýändir,köçede agyzlaryny açyp
141
seredýän çagalaryň gapdalyndan geçende ol hasam guwanýardy.Ýogsam,arabanyň haýsy
tigiri çukura gaçsa eşek şol tarapa,saga-çepe dönýärdi,muňa bolsa ol hasam
begenýärdi.Indi görüp otursa,onuň daýawdan gujurly,ilde ýok ak eşegi halys
garrap,arabany dogry çekmägede ýagdaýy bolmasa nätjek!Şol wagt ony bu ýagdaý
däl,arabadan böküp-düşüp,ýene yzyndan ýetip münmegi diýseň lezzet berýärdi...
-Suwsandyr,ýatladaýmasa biljegem däl-diýip,goja jaýyň öňündäki howuzdan suw
alyp,eşege berdi-Heleýleň köýnek bişjek bolanda ýeňini tyrryk edişi ýaly-da,bu
işler,mydama kemli bolýar.Ine,şu eşek,hol araba,meniň hojalygymyň diregi,ot getirmeli
bolsa,örüdäki dowarlaryň kem-körüni alyp gaýtmaly bolsa hezil berýär,ýag
guýmaly,kireý tölemeli däl,baýaminnet,öz ulagyň,nirä diýseň gidibermeli.Kakamyň
daýaw
eşeginiň üçünji nesli bi,elimden sypdyrasym gelenok.Gyzamyk oba
ýaýradygy,süýdüni içiribilseň aýyrýar.Käte,bäş oýnam geçi bilen,şu eşegi bakmaga alyp
gidýän,uluja agtygym bilen.Geçi bilen eşegiň şeýtany bir.Olaryň iýýän otlary derman
bolaýmaly diýip ýygnaýan.Ýedi ýyl geçi bakandan,üç ýyl eşek bakandan akyl sorama
diýipdirler...
Şol wagt eli gymmat baha sagatly,alty ýaşlaryndaky çaga bularyň ýanynda peýda
boldy-Köşegim,inerim geldi,goňşymyň ýedi ýyldan soň gözi düşen dikrary geldidiýip,goja ony ýitirip tapan ýaly garşylady-Ak goýnuň süýdüni içjekmi,köşek?
-Hany,sagadyňy göreýin!-diýip,Altymyrat,oglanjygyň öýlerine, gojanyň hütdüjek
jaýynyň üstüne abanyp duran äpet köşge,onuň elindäki gyzyl sagada seredip sorady.Çaga
sagady kükregine gysyp,ýok diýýän ýaly başyny ýaýkady.
–Köşek,daýyň hem sagadyňy görsün!-diýip,goja dillendi.
–Beýjek-gä!Seň nä daýzaň öldümi?-diýip,çagajyk Altymyrada seretdi.
–Ýok,enteg-ä ölenok...
–Beýjek-gä,öňem muny daýzam öleni üçin kakam maňa beýdi.
–Çagany pata alyp gitmezlik üçin şeýdendirler.Beýle diýmeli däl-ä,päheýde welin!diýip,goja başyny ýaýkady.
–Meň daýzam 93 ýaşady,”nesip bolsa basym ölerin-ä”diýýär.Öläýse görkezermiň?
-Ölmese nätjek?-diýip,çagajak Altymyrada içýakgyç sorag berdi.
–Adam pahyr ýaşap-ýaşap ahyr bir gün ölmel-ä bors.
–Onda-da ölmese nätjek?
-Bilmedim-dä...
–Men bilýän!Şunym bilen ataýyn weli,daýzaň öleý!-diýip,çagajak kisesinden
naganyny çykaryp atan boldy-da,kinolarda görýän herekedi gaýtalap ýykylan boldy.
–Wah,çaga terbiýesini telegörnüşiň üstüne atdylar-da,netijesinem görüp
dursuň,päheýde welin!-diýip,goja başyny ýaýkady.
-Ata,meni aýaba mündüýäý!
-Eşek suwuny içip bolsun,soň mündürerin!
-Ýok, şu wagt münjek!-diýip,çaga müzzerip başlady.
–Müzzerme!Ýeke bolansoň çaga
näzirgeýär,ýanynda jigisi,güýmenjesi
ýok,nämemiş, ejesi çaga etjekgäl diýenmiş.Hi,bi bolýan zatmydyr?Ýeke çaga dogrup...diýdi-de,goja çaganyň golundan tutup alyp gitdi...
Altymyrat çagajygyň yzyndan seredip doňup galdy.Edil şu wagt onuň kalbynda
şeýle çagajyga bolan höwes döredi,olam öýlense,şeýle çagasy,ogly bolsa diýen arzuw
peýda boldy.Onda eýsem,çaganyň ejesiniň başga çaga dogurjak däl diýmesine nähili
düşünmeli?Näme üçin,aslynda durmuş barada düşünjesi bolmadyk,ýöne tebigy sadalyk
bilen ösüş basgançaklaryny geçýän ösümlikler,bag-bakjalar,mör-möjekler,janly142
jandarlar,misli bir arzuwyna ýetmäge howlugýan ýaly,höwes bilen nesil
öndürýärler?Eýsem,Allanyň gudraty,pikir ýörediş beýik güýji şunda aýan dälmi?Ol
ejesiniň “Adamlardan özge ähli janly-jandarlar,ösümlikler Allanyň diline gowy
düşünýärler”diýmesini geň görüp ýördi.Asyl ol dogry ekeni.Eger şeýle bolmaýan
bolsa,onda näme üçin tebigat nesil öndürip,Allanyň ýumşuny birkemsiz berjaý edýärde
adam onuň garşysyna çykýar?
-Olar Allanyň diline düşünmediksirän bolýarlar,özlerini dünýä indereniň,iýdiripiçirip,goraglap ýetişdireniň diline düşünmeýärler,düşünselerem äsgermezlik edýärlerdiýip,onuň pikirini aňan ýaly,arabany eşege goşan goja seslendi-Men bu çaganyň ejesiniýegen gelni arassa,halal maşgala hökmünde sylaýan,hormatlaýan,ýöne şu bolşyny
welin,halamok.Erbet zat ýaýragaç bolýar-da.Tut,oglum,eşegiň jylawuny-diýip,ol eşegiň
agyzdyryklanan uýanynyň ujuny Serdarjyga uzatdy,ol bolsa hiç zada düşünmän
ýylgyrýardy-Gör-ä,muny,gör,heý beýlede bir zat bolarmy?Çaga diliňe düşünmese
nätjek?Şeýdip,köneler ýitip,täzeler ornaşyp barýar-da.Öýjükli telefon,sagat,kompýuter
diýseň düşüner, emma jylow,gaňňa,howut,çeki diýseň düşünmez.Indi,how,ulularam köp
zady bilenoklar.Hol gün:”Gelin başy baglandy,indi sanjak göräli”diýdim weli,gelnim
düşünmän dur.Sanjak köne türkmen dilinde çaga diýmegi aňladýar... Haý,bolýa-da,men
çagany ýakyn ýerden aýlap geleýin.
–Mollum,rugsat bolsa,menem gaýdaýjak.Ýanyňda oturdym,göwün açdym...
–Şeýdip gelip dur,göwnüň açylar.Sargydym,juma günden başga günler merhumlary
ýatlama.Gowy zadyň pikiriuni et,gowy zadyň...
Öýüne gelýärkä Altymyrat Serdarjygy ýatlady,özüniň şeýle oglunyň bolmagyny
isledi,birdenem, Güller ýadyna düşdi.Oňa gojanyň gowy zatlary ýatla diýmesi sebäp
bolaýdymyka?Belki,şeýledir.Gowy zady ýatlamaklygyň özi gowy ahyryn...
Güller...Güller.Näme üçindir bu at magnit ýaly özüne çekýär.Özüniň gowy
görülýänligine ýa-da gowy görýänligine düşünmese-de,garaz,onuň ýanynda dili
açylýar,söhbetleri
alyşýar.Belki,bu
ruhy
ýakynlykdandyr?Ol
birek-biregi
ýakynlaşdyrýar,gelejege bolan ynamy,ýakymly bir begenji oýarýar,saýlanmak bagtynyň
üstüňden düşenligine guwandyrýar.Ýogsam,beýle gözeliň ideginde,näçe juwanlar
ysyrganyşyp ýörendirler,şolaryň içinde özüne ýok diýilmezligi welin,onuň umytly
gapysynyň açylanlygynyň alamaty.Ol şeýle bolmaly,oňa ynanýar,has dogrusy, kalbynda
möwç alyp,gozgalaň salýan pikirler haýsydyr bir gutarnykly görnüşe ymtylýar.Başga bir
tarapdan obasyny taşlap,okuwa gaýdanda,onuň kalbynda dörän gorky ýaly gorky,häzirem
käte beýnisini çokjalaýar. Güller elimden gider diýen gorky.Ol ýanynda ýok wagty bütin
tebigat Garagumyň jowzaly çölüne meňzeýär,ýanynda wagty Erem bagyny ýadyňa
salýar.Soňky duýgy,ahal ýaly gülzarlyk kalbynda agdyklyk edýänem bolsa,heniz oňa
öwrenişip bilenok,gorkusy hem aýrylyp gidiberenok.Dogry,onuň gatnaşygy pursatsaýyn
aýdyňlaşýar,kämilleşýär,belki,ol Gülleri,Güllerem ony çyn ýürekden söýer.Oňa wagt
gerek.Gülleriň açyk,şahyrana kalby,nurana ýüzi perwaýsyz goýmaýanlygy welin,aýna
ýaly aýdyň.
Altymyrat,kalbyny
heýjana
salýan
Magtymguly,Mollanepes,Italmaz
Akmyrat,Nobatguly Rejep,Atamyrat Atabaý,Gurbannazar Eziz,Muhammetöwez
Arryk,obadaşy Allanazar Rejep ýaly şahyrlaryň käbir goşgularyny ýatdan biläýmese,özi
şygyr ýazyp gören däl,şonda-da,Gülleri gördügiçe tagaşyksyz setirler serine gelýär.Ol
çeper söz bilen ýazylan söýgi aňlatmalary.Çyn söýgüni şygyr bilen çalşyp
bolmaýar,söýgüsiz şygyr hem döremeýär.
143
Ýaşlykda,her kimiň kalbynda peýda bolan ynanjy,kalbynyň çuň ýerinde gizlenip
galýar,ýöne olaryň hasyl boljagyny ýa bolmajagyny ulalansoň bilýär.Altymyrat “ZöhreTahyr”,”Şasenem-Garyp”,”Leýli-Mejnun" ýaly dessanlary ürç edip okapdy,ejesinden
erteki baryny diňläpdi,olardaky ýaly söýgi durmuşda bolýandyr hem öýtmeýärdi,emma
Güllere duşup,ýalňyşanlygyna düşündi.Indi,onuň özi Tahyra döndi. Güller bir
sözünde:”Seniň at-abraýyň,şan-şöhratyň,mümkinçiligiň, janköýerleriň artyklygy meni
çekindirmänem duranok.Düýn bir gyz:”Bilýäňizmi,men ýolda kimi gördüm!?Ilki
düýşümdir
öýütdim,gözüme
ynanmadym,ýanymdaky
joralarym
bu
şol
diýdiler.Eginlek,edenli, syratly oglan.Yzyndan seredip galdym,özem, hakyt tigir sürüp
barýar ekeni, gyz!Men türkmeni dünýä tanadan şeýle gerçegi görenime,onuň döwründe
ýaşaýanlygyma guwanýaryn”diýdi.Dogrudanam,Altymyrat bilen tanyşmak,ýakyn
gatnaşyk açmak islegini syzdyrýan hatlar sanardan kändi.Olary Olegden başga bilýän
ýok hasap edýärdi,emma ýalňyşan ekeni.Güller, ähli zatdan habarly bolsa nätjek!
“Gatnaşygymyz,durmuş baradaky pelsepelerimiz birek-biregi tanamakda giň ýol
açýanlygy üçin biz ýygy-ýygydan duşuşyp durmaly.SSSR-iň dargamak howpy dörän
häzirki döwürde,gelejegiň garaňkylygyna garamazdan(Ýeri bu ýere SSSR nireden peýda
boldy diýsene!?)biz ýakynlaşmaly,ýygy duşuşyp durmaly.Seniň çekinýän meseläň,hat
ýazýan gyzlar babatda bolsa men bir gyzyň ýüzüne bakamok,gepleşip hem
göremok.Bagtyma gabat gelen ilkinji maşgala-sen!Ynamyňa girmek üçin synaglaryňa
taýyn.Dogry,aýdýanlarymyň ýürekdenligine gaty bir ynanýanam dälsiň,ýada,belki,ondan-mundan
soraşdyryp,niýetimiň
çyndygyna
gözüňi
ýetirjek
bolýansyň!?.Men birini söýsem ölünçäm söýýändirin...”Begjan mollanyň aýdyşy
ýaly”Men bir nika gyýsam,ýigit kosmasa gaçyp gitse-de,pozup bilmezleri” bolýar.
Ol bulary Gülleriň ýanynda aýdýandyryn öýdýärdi,emma öz-özi bilen gürleşip,
diline getirýänligine düşünenokdy.Şeýle ýagdaýda,özüni çaga ýaly ýeňil duýýardy,ähly
zatlar gülüp bakýardy,asmana bökesi,aýdym aýdasy gelýärdi,öz-özüne”Näme üçin bu
gün şeýle şatlykly-şagalaňly?”diýýärdi,soňam sebäplerini Güller bilen edýän hyýaly
duşuşyklaryndan tapýardy.Indi tebigat,oba,noburyň gyrasyndaky garry tutlar,haşal
otlar,öň arassa,indi läbik suwly ýap oňa eziz görünýärdi,onsuzam tebigatyň aşygy
bolansoň, indi olaram oňa Gülleriň ýüzi bilen seredýän ýalydy.Güller onuň üçin
ýagtylyk.Ozallar Oleg kömekçisi,maslahatçysy bolupdy,indi onuň ornuny Güller
eýeledi.Ýok,çagalyk dostlary Döwlet joňky,Aman jyk-jygy,Artyk öýkelegi,doganlaryny
ýadyndan çykaranok,hersiniň öz orny bar.Ýöne,Oleg welin,ýakyn dost.Dost-dostuň
aýnasy diýip ýönelige aýdylmaýar,telek iş etse Oleg seljerýär,Oleg telek iş etse ol
seljerýär,ikisiniň arasynda birek-birege biparhlyk ýok.Güller onuň ornuny eýelände
welin:”Dost,sen menden sowaşdyň”diýyp,ol gaty görjek bolýar.Ýok,ol sowaşmadan
däl,başga zatdan.Adama ölümden,aýylganç aýraçylykdan galýan gorky soň, ýakynlaryň
durmuşy baradaky galagoply alada öwrülýär ekeni.Şeýle ýagdaýda diňe söýgi şol
galagoplukdan saplaýar.Has dogrusy,gözýetimde Gülleriň peýda bolmagy, kükrege
ýygnanan şol galagopluklaryň azalmagyna,başga bir ýakymly duýga- söýgä öwrülmegine
getirýär.Ol ene süýdi ýaly dyňzap-dyňzap dolýan zat.Ýöne,onuň peýda bolmagy üçin
isleg,islegiň peýda bolmagyna itergi berýän Rahmanberdi aga ýaly maslahatçy hem
gerek...Hasratlary söýgüden başga azaldýan zatlaram bar,olam dost-doganlar baradaky
aladalar.Dek düýn Lebaply Ykram oňa jaň etdi we ýönekeý oba oglanyna beden-terbiýe
institudyna girmekde eden kömegi üçin minnetdarlygyny bildirdi,”Haýyşyňy ýadymdan
çykarman”diýipdiňiz,diýişiňiz ýaly hem etdiňiz.Garryja enem size salam aýdýar,”eden
ýagşylygyny ölinçäm ýadymdan çykarman , sag bolsun!”diýýär.Kimem bolsa birine
144
şeýle kömek edip bilýänligi,peýdasynyň degýänligi baradaky duýgular hem,hasratyňy
azaldyp, durmuşyňy şatlyga öwürip bilýär.Ýa-da ol aýal doganlaryny,gelnejelerini ýatlap
aňryujy ýagdaýy bolanda olaryň halyndan habar alyp dursa,başardygyndan dil,pul
kömegini berip bilse, şeýle bolýar.Şol sebäpli dek düýn ol Tirkiş kakasynyň
gyzlaryna,Kakajan kakasynyň tünegini saklap oturan Ogulbibi gelnejesine,ýetim galan
iki gyzyna,aýal doganlary Aýgözele,Gurbanbibä,Orazgüle sowgat paýlady...
Awgust aýynyň aýaklaryna,Tirkiş kakasynyň kyrkyny sowanyndan soň,Altymyrat
Lipesk şäherinde geçirilýän SSSR-iň 65-nji çempionatynda çykyş etmäge
çagyryldy.Dogrusy,oňa gitmäge hiç hili höwes hem,isleg hem ýokdy.Şonda-da,näme
ýaryş- ýaryş bolýar,gitmeli boldy.Ol ýaryşyň netijesi barada biz öňde belläp geçipdik...
Şu ýerde başga bir bellemeli zat bar.Lipesk şäherinde Altymyrat bilen Abramýanyň
ýanyna Dawid Ryçard atly bir nemes sport ussady geldi.Salamlaşykdan soň ol:
-Men SSSR de tälimçi bolup işleýärin.Altymyradyň aýratyn ukubyna göz ýetirdimde,ony Berline çagyrmagy ýüregime düwdüm.Men ine,size ýörüte çakylygymy
gowşurýaryn!-diýip,ol bir bukjany Abramýana gowşurdy.Abramýan bu çagyryşy höwes
bilen kabul etdi we degişli guramalar rugsat berseler özleiniň höwes bilen Berline
barjakdyklaryny ýaňzytdy.Hakykatdan hem olar bir hepde-den soň Berliniň sport
klubyna gatnaşyjylar tarapyndan esaslandyrylan “Gaýrat” we agyr daş göterijiler
bölümine ” bardylar.Altymyrat bu ýaryşda çykyş edip,dünýä rekordyny täzeledi, klup
onuň kömegi bilen ýokary netijeler gazandy.Bular barada “Gaýrat” we agyr daş
göterijileriň bölümi”özüniň aýlyk jurnalynda (1.1991)Altymyrat barada makala çap
etdi.Ine,”Ajaýyp egindeş, maslahatçy:Altymyrat!”atly şol makalanyň mazmuny
şeýleräk....”Meşhur sport ussady Dawid Riçard iň soňky gezek SSSR-de tälimçi bolanda
bu ýerde (Lepesk şäheri) aýratyn ukuply,zerhinli,talantly pälwan ýigidiň barlygyna göz
ýetirdi.Bu ýigit Boris Abramýan tarapyndan tälim alan Türkmen ýigidi Altymyrat
Orazdurdyýew ekeni.Bulardan başga-da biz soňra bu ýigit barada köp zatlary eşitdik we
anyk göz ýetirdik.
Siz hem,okyjylar bu ady ýatda saklaň!
Ol eýýäm 18 ýaşyndaka bir ýylyň dowamynda ýetginjekleriň arasynda geçiriljek
Dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýarlandy,1989-1990-njy ýyllarda bolsa Dünýä
çempionatyna hem Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga taýýarlandy.
Häzir bu pälwan Berlindäki “Sport klubyna gatnaşyjylaryň”hatarynda durýar.
Aşgabatly görmegeý sport talyby Altymyrat 1990-njy ýylda Budaperştyde geçiriljek
ahyrky-jemleýji tapgyra (ýaryşa) taýýarlanmaga biziň toparymyzda kämilleşmek
isleýändigini belledi,ýöne ol bu gatnaşyk barada az kem ikirjiňleýändigini
duýdurdy.Muňa garamazdan bu çärä gatnaşmaga onuň taýýarlygy ýeterliklidi.
Onuň Biziň aramyzda bolmagy we biz bilen duşuşmagy baradaky meselede dürli
esasly we esassyz garşylyklar emele geldi.Ýöne,köp sanly garşylyklardan,
päsgelçiliklerden soňra,olary ýeňmek bize başartdy we 1990-njy ýylyň aprelinde onuň
tälimçisi Abramýan bilen bilelikde Berlinde görüşmek we düşüşmak miýesser etdi.
“Meniň üçin bu çempionat sezondaky ilkinji duşuşygym diýen ýaly boldy.Indi men
nemes sport klubyna gatnaşyjy dostlarym bilen pikir alyşmak mümkünçiligini
gazandym”diýip,pälwan gürrüň berýär.
Meşhir pälwan bu jemleýji tapgyrda(ýaryşda) özüniň ezberligi aýratyn
ukuplylygy,ussatlygy bilen tapawutlanyp,iki görnüş boýunça ortaça 203,8 kg
(165+200=365)agramy göterip,dünýä rekordyny täzeläp,sport täjine eýe boldy.
Şeýlelikde,biz öz hemaýatçymyz bolan Berliniň sport klubyna gatnaşyjylaryň”Gaýrat we
145
agyr daş göterijiler bölümine”öz minnetdarlygymyzy bildirýäris,çünki indi Biziň
aramyzda gerçek pälwan,üýtgeşik bir gujurly türkmen ýigidi”Alty” bar!...”
Ine, jurnalda şeýle setirler bar.Bulary okap türkmenligiňe guwanýarsyň.Geçirilen
çempionata gatnaşyjylar bilen bir hatarda olaryň gazanan üstünliklerini wasp edýän
suratlar,giňişleýin ýazgylar hem jurnalda ýerleşdirilipdir.(Siz olar bilen kitabyň soňunda
tanyşyp bilersiňiz).Hut şu ýerde Dawid Riçard Altymyrada million dollarlyk özara
şertnama baglaşmagy teklip etdi.Emma Altymyrat ondan ýüz öwürdi...
---6—
Dogrusyny dogry aýtmaly.Sakarçägeli Oleg Komlewiň ştanga götermekde gazanýan
netijeleri Altymyradyňkydan pes däl,ýöne onuň ýeňişleri näme üçindir mydama günüň
kölegeli tarapynda galýardy,çykyşlary metbugatda az berilýärdi.Umumanam,türkmen
jurnalistleri,ýaşy ýetenligine garamazdan ýetginjekleriň hatarynda çykyş etdirilýän
Oleg,Altymyrat ýaly sportçylar barada dymanlaryny kem görmeýän ýaly.Soýuz
derejesinde olaryň üstünlikleri gazet-jurnallarda çap edilse-de,türkmen metbugatynda
agzalmaýar.Ýogsam,Altymyrat barada-ha däl,Olegiň gazanýan üstünlikleri hem örän
ýokary,ýöne ol mydama ýetginjekleriň hatarynda çykyş etdirilip gelinýär.
Ýugoslawiýanyň Saraýewo şäherinde,maý-iýun aýlarynda,ýetginjekleriň arasynda
geçirilen dünýä çempionatynda ol 82,5 kg agramda çykyş edip,352,5 kg göterip,tanymal
kuba ştangaçysy E.Laradan, we bolgarýaly M.Walçewden üstün çykyp, dünýä çempiony
boldy.Şol ýaryşda 60 kg agramda çykyş eden ildeşimiz M.Şuwalow hem öz agramynda
ikinji orna çykyp,kümüş medalyň eýesi boldy.Ýewropa boýunça ýetginjekleriň arasynda
Maltada geçirilen 16-nji çempionatda bolsa 82,5 kg agramda çykyş eden O.Komlew
ştangany götermegiň iki görnüşi boýunça 345 kg göterip,polşaly D.Sliwodan,italýaly
G.Korbudan üstün çykyp,çempion boldy,Mihail Şuwalow hem şol ýaryşda 60 kg
agramda çykyş edip,bolgarýaly D.Týanowdan,polşaly R.Ýanuşdan üstün çykyp çempion
boldy.Daniýanyň Olberg şäherinde geçirilen Ýewropa çempionatynda bolsa O.Komlew
çykyş etmedi,sebäbi,Altymyradyň 82,5 kg agramda çykyş edýänligi üçin ýaryşa
gatnaşmady.
Ine,häzirem Lepeskiý şäherinde geçirilen ýaryşdan dolanyp gelen Altymyrat Oleg
Komlewiň Saraýewoda,Maltada gazanan ajaýyp ýeňişlerini gutlamaga onuň öýüne
barýar.Oleg şol ýeňişleriniň hatyrasyna kiçiräjik üýşmeleň edýärdi.Ol ýere sport
türgenleri Orazberdi Orazdurdyýew,Garýagdy Aşyrow,etrap sport edarasynyň wekilleri
Kakamyrat Nurmämmedow,Myrat Hojagulyýew dagy hem barypdyrlar.Bulardan
başgada ýaryşlarda at gazanan köp sanly ştangaçylar ýygnanypdyr.
Umumanam,Sakarçäge agyr atletikada belli etrap.Bu ýerde ilkinji mekdebi
açan,ýaşlaryň ýüreklerinde uly hyjuw döreden Altymyradyň agasy Tirkiş.Ol örän kyn
ýagdaýa düşenligine,sport gurallarynyň,türgenleşme meýdançasynyň bolmanlygyna
garamazdan ilki oba orta mekdebinde,soň etrap merkezinde ştanga toparyny döretdi hemde welaýat,respublika çäklerinde özara ýaryşlaryň geçirilmegini gazandy.Ol türkmen
agyr etletikasynyň kerwenbaşysy.Onuň tagallasy bilen respublika,dünýä möçberinde
güýçli ştangaçylar köpelip başlady.Ol:”Ýaşlardan alym taýýarlamak we şol bir wagtda
gowy sportçy etmek aňsat däl,emma ol mümkündir.”diýmek bilen “Mekdeplerde we
ýokary bilim almak ýaly akyl zähmetini talap edýän işden soň, agyr daş göterdip,çagany
akylly etjek bolmaklyk dogry däldir”diýýänler bilen razylaşmaýar,okuw bilen ştanga birbirine päsgel däl,diňe hemaýat berýär diýýär .Onuň aýdanlarynyň nertijeleri aýdyň
146
görünýär.Daşary ýurt gazet-jurnallary Altymyradyň,Olegiň okuwda,sportda gazanýan
ajaýyp üstünlikleri barada köp ýazýarlar.”Altymyrat institutda gowy okaýanlygy bilen bir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 18
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.