Latin

Topraga duwlanan ägirt - 03

Total number of words is 3835
Total number of unique words is 2248
30.4 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ol käte maňa jürlewük ýasap berýärde:”Al,ogul,çal,şähdiň açylsyn!”diýýär...Altymyrat
daşy agardylan,kä ýeri gopan,kä ýeri jaýryk-jaýryk pessejik kerpiç jaýlaryna söýenip
durşuna, ýenede bir zat diýjek boldy, ol:”Eje maňa pukaranyň çagasy diýýärler weli,ol
näme bolýar?”diýip sorajakdy,soramady,oňa derek:”Eje,Döwlet joňklara gidäýeýin!?”
diýdi. Rugsat alyp,joňklara bardy-da,onuň bilen obanyň ses ýetim ilersinden geçýän
demir ýolunyň ýakasyna gitdi.Bu onuň ömründe ilkinji gezek özbaşdak öýden
çykyşydy.Şeýle pursatlar hiç mahal ýadyňdan çykmaz ekeni
Olar demir ýoluň ýakasyny syryp,gezim etdiler.Şol wagt bagtlaryna negada bir
geçýän otly hem ýetip geldi.Otly hamana hiç ýere gyssanmaýan ýaly,göwnihoş haşşyldap
geçip gitdi.Altymyrat beýle zady ömründe ilkinji gezek görýärdi.Birnemejik gorkanam
bolsa,Döwlet joňk ony köşeşdirdi.Ol asyl,öňem kakasy bilen bu ýerlerde bolup otlyny
gören ekeni,hat-da “ oňa münenligini”mazamladam.Birden bir zat ýadyna düşen
ýaly:”Daýzam myhmançylyga gelmelidi,öýe gaýdaly”diýip,Altymyrat seslendi.
Öýüne gelse,çaky dogry
çykdy.Sakarçäge şäherçesinde ýaşaýan Ogulbike
daýzasy,ejesiniň uýasy gezmäge gelipdir,özem bir sebet alma,erik,garaly hem-de
köpsanly çagalaryndan galan geýim-gejim getiripdir.Ol biziň mätäçlik çekýänimizi
bilýärdi.Mätäçlik ýaly erbet zat ýok ekeni.Ol
paýhasyňy öçürýärdi,ruhuňy
uçurýardy,ömrüňi zäherleýärdi,şonda-da ondan gaçyp gitjek ýeriň ýokdy.Ýeterýetmezçilik günleri ýatlanda,kör köpük pullary bolmasa-da,bir döwüm çörek tapmak
hillalla bolsa-da,Altymyrat üçin o günler ýakymlydy.Sebäbi onuň üstüne döşüni gerip
duran ejesi bardy. Käte ir-iýmişden,egin-eşikden ýüklenip gelýän iki sany daýzasy,olaryň
kyn günlerine dözmezçilik edip,hallaryndan habar alyşlary onuň ýadynda ýakymly
19
ýatlamalary galdyrýardy.Başga bir tarapdan mätäçlik onuň arzuwlaryny çarhlaýardy.Käte
ýagyş ýaganda ,ýokardan damýan damjalardan ýaňa,dyzyňy epmäge ýer ýokdur,emma
ol pursat ýadyn-da gowy galýardy.Häzir başgaça,şol döwürler-ä,obada has gurplyrak
hasap edilýän Nury Muhatlaryň güni hem biziňkiden üýtgeşik däldi.Käte,köneküşül,hopul-sopul geýinmeli bolýanlygy,odunlary gutaryp,üşemezlik üçin gyz doganlary
bilen,birek-birege gyslyşyp ýatýanlygy hem onuň ýadynda ýakymly duýgulary
oýarýardy.Uzakly gije üşäp çykýanam bolsa,ertesi ejesini gördügi ähli zady
unudýardy,dünýäde ejesini görüp durmakdan, mährinden ganmakdan başga gowy zat
bardyr öýdüp kellesine hem getirmeýärdi.Şeýle ýagdaýda ol hiç zada mätäç däldi.Ejesi
bolsa käte:”Şu ýeter-ýetmezlik,bir zadym gutaraýsa näderkäm diýip howsala düşmeklik
meni gaty gorkuzýar,halys surnukdyrýar,aljyradýar. Durmuşda iň elhenç zat şol
ekeni”diýýär.Altymyrat bolsa oňa:”Eje,ulalaýsam saňa gowuja bir köýnek alyp
bererin!”diýip,ejesiniň ýyrtylan ýeňini sypalaýar.Wah,çagalara azyk tapdyrsa ejesi
ýama-ýama köýnegi bilenem oňňut etjekdi ahyryn...
Pälwan oýunlara gyzygýar.
Bu oýny kimiň oýlap tapany belli däl,ýöne ejesi-hä:”Ata-babalar hem ony
oýnaýardylar” diýýär.Ol oýnuň ady çilik.Altymyrat bir gün hek bilen agardylan
jaýlarynyň arkasyna,köçe tarapa çyksa,Döwlet joňkuň başda durmagynda oglanlar çilik
oýnap ýörler.Olaryň arasynda syryk ýaly boýuny sömeldip Orazmyrat Ýasy hem
bar.Özüniň üç tigirli traktory bilen ekin meýdanlarynda zähmet çekýän bu ýigide”orak
bilen ot ýygmagyň pälwany”diýýärdiler.Bir käse çaý içim salymda mes eşegiň
göteribiljek otuny ýygýar.Häzirem ol traktoryny gumak ýoluň gyrasynda goýup,çilik
oýnaýan çagalara goşulypdy.Orazmyrat Ýasynyň ata-babalary hat-da ýedi arkasy hem
örän daýaw adamlar bolan,şol sebäplem olara Ýasylar diýýärdiler.Diýmänem bir
gör,derrew bolýa diýdiräýýädiler...
-Alty,gel-eý,oýnaly!Bize goşul!-diýip,Döwlet joňk gygyrdy. Çagalaryň ellerinde
ululy-kiçili taýajyklar, ortada kiçeňräjik çukur.Çilik diýilýän zadam goýnuň oňurga
süňki.Orazmyrat ýasy belli bir aralykda çyzyk çyzar, taýaklar çukura tarap
zyňylýar,kimiň taýagy çukurdan daşa düşse şolam eşekçi bolýar. Orazmyrat
:”Hany,başladyk!”diýip,çiligi taşlaýar.Kim ony ortadaky çukura salyp bilse,şolam utuk
gazanýar,emma eşekçi şol pursatda kimiň böwrüne taýagyny degirse,indiki eşelçi şol
bolýar.Oýnalýan meýdanyň belli bir ölçegi ýok,esasy ölçeg çiligi sypdyrman çukura
atmak.
Oglanlar soň topar gaçdy oýnap başladylar.Döwlet joňk,Mylly myllyk ikisiniň
toparynyň adyna “Akýap”,Aman jyk-jyk,,Artyk öýkelek,Orazmyrat Ýasynyň toparynyň
adyna “Garaýap” diýip at dakdylar.Artyk bu ada garşy çykyp:”Goý,biziň toparymyzyň
ady “Keseýap” bolsun,sebäbi daýzamlar ol ýerde ýaşaýar”diýdi,emma oňa “Daýza
seňki,at biziňki”diýdiler.
Döwlet,Altymyrada oýnuň
düzgünini
düşündyreninden soň, oýun
başlandy.Gumak ýolda şeýle bir tozan turdy welin,birek-biregi saýgarar ýaly
bolmady.Diňe oglanlaryň haşşyldysy,hykgyldysy çykýardy.Nätekiz meýdançada büdräp
ýykylýany hem,top degýäni hem bardy,ýöne birek-birekden topy aljak bolup,öleniöçenini bilmeýardiler.Ilkinji gezek gatnaşýanlygyna garamazdan Altymyrat oýna gaty
gyzykdy.Içine mata dykylyp ýasalan topy aýlawly ýollar bilen garşydaşyň elinden
alyp,,sypdyrman olaryň derwezesine çenli ýetirmek,ýetibem topy derwezä dürs
20
düşürmek-her bir oýunçy üçin hem buýsançdy welin,Altymyrat üçin-ä hasam
buýsançdy.Ol oýnuň ilkinji pursatlaryndan
janyny aýamady,bar ünsüni
topa
berdi.Netijede,ol oýna goşulanyndan soň, Akýaplylar hasaby deňlemegi
başardylar.Indi,haýsy topar topy derwezä öň taşlasa şol utýardy.
Artyk öýkelek hiç kime bermän,topy alyp barýar, Orazmyrat oňa goltgy berýär.
Artygyň bu gezek çyny ýaly.Edýän herekedi utjaga meňzeş.Emma utulmak abraýdan
gaçmak ahyryn.Muny bilýän Döwlet joňk:”Bir zad-a etmeli”diýip seslenen badyna,
Altymyrat Artygyň elinden çalasynlyk bilen topy aldy-da,derwezä batly zyňdy.
-Gol!-diýip,Orazmyrat ýasy gygyrdy.
-Gol!-diýip,Döwlet joňk gygyrdy.
-Oýnajak-gäl,oýnajak-gäl!Alty karam etdi.Topy zyňanda çyzykdan geçdi
diýip,Artyk derrew öýkeledi,hat-da agladam.
Bu sese Oguldurdy daýza ylgaşlap geldi.Hamana onuň ogluny urýarmyşlar.Öý
işlerine güýmense-de, onuň bar ünsi köçede-di,oglunyň her bir herekedini gözünden
sypdyrmaýardy.Endamy birneme bekeşsin diýip, goýberipdi,ýogsam, erkekleriň bu
gödeksi oýnuny halabam baranokdy.Her zatda bolsa ogly ýakynynda,gözüniň alnyndady,öýde bezzatlyk etmäge eli degjek däldi,ýaramaz güýmenjelerden daşda boljakdy.
–Müzzerme!-diýip,ol Artygyň sümügini elýaglygy bilen süpürdi.
–Karam oýnady,karam-diýip,Artyk sesini kesdi-de,gözüniň ýaşyny eliniň tersi bilen
syldy.
–Orazmyrat,işigaýdan,saňa näme gerek!?Sen bir gyzyl eňek jahyl,seretmeli dälmi
muňa?Özüňem, gowaça bejergisinde işlemeli traktoryňy aýagulag
edäýipsiň!? Utanaňokmy?
-Aý,işe gidip barýadym-da,çagalaryň oýnuna höweslenäýdim.
–Köwegräjik-dä,sen,Orazmyrat!
Işde,oýunda
düzgünden
çykylsa-ha
bolmaz.Altymyrat jan,dogry dälmi?
-Eje,çyzykdan geçmek bolmaýar ekeni, aňmandyryn.
-Balam jan, akyllyja bol, bilmeýän zadyňy sora, ýöne düzgünden çykma.
-Eje,indi gaýtalaman.
Oguldurdy daýza öýüne giren badyna Orazmyrat Ýasy başga bir has mojugrajyk
oýun tapdy.
–Altymyradyň gulagyna eliňi degirseň öýkäň ýazylýar-diýip,ol gyjy-gyjy edip,Artygy
küşgürdi.Artyk gulaga elini degirjek bolýar,Altymyrat degirtmejek bolýar,başlandy bir
goh-galmagal.Ýöne, Altymyratdan ses çykaýsa nädersiň.Ol kän bir
geplemäni
bilenokdy.dymmady,kiçigöwünlidi,göze-başa düşmäni halamazdy.Birinden göwni galsada, uzak wagtlap ol barada dil ýarmazdy,başga birine gowy görünjek bolma häsiýeti hem
ýokdy.Asla,onuň
içki
dünýäsine
aralaşyp
bilen
bardyr
öýdemok.Onuň
dymmalygy,özünde syr saklap bilmegi,käbir adamlary howatyrlandyrýardy.Onda
hähilidir bir gizlin we güýçli syr gizlenip ýatan ýaly görýärdiler..Göni garagyna bakyp bir
zady pert soraýmasaň,kän bir gürrüňe goşulybam ýörmezdi.Hiç kime goşulman gezýän
wagty, Rahmanberdi aga oňa jürlewük ýasap berýärdi we :”Çal,ogul,şähdiň açylsyn!”
diýýärdi.Hemmelerden çepiksije bolanlygy üçin ol urulýardy, ýykylýardy, ýöne dil
ýarmaýardy.Iň soňunda ol:”Ulalaýsam bolýa,şonda seni uraryn!”diýip,garşydaşynyň
ýüzüne gelýärdi.
Göreniň
Orazmyrat
Ýasy-da,:”Indi
men
size:”Ýesir
tutdy”
oýnuny
öwretjek”diýip,başga bir oýnuň başyny başlady...
21
Orazmyradyň ata-babalary-ha,pälwançylykdan başga-da, çopan-çoluk bolup ýal
iýenler.Juma Ýasy çopan çykyşly nesilden bolsa-da,al kakdymy,ýel kakdymy,dil
kakdymy belli däl,garaz, bir gün:”Besdir,iki jahan owarrasy boldum,indi traktor
sürjek,tarladyp!”diýip,tüýsüni üýtgetdi duryberdi.Diňe bir özem däl,ogly Orazmyrady
hem bu yşe çekdi.Orazmyrat,traktoryň çylşyrymly tilsimatyna ökde bolsa-da,
çopantaplygyny edip,käte uly adama gelişmeýän pöwheräk
hereketleri hem
edäýýärdi.Bir seretseň uly adam ýalydyr, bir seretseňem çagalaryň biri ýaly,olar bilen
deňleşip,dikleşip
durandyr.Özem
dürli
oýunlary
tapmagyň
ussady-dy..
Ine, “Ýesir tutdy” oýnuny oýnanlarynda,ýesir tutulan Artyk öýkelegiň elini sarap,türmä
salmaly boldy,ýagny ony agaja daňyp,soňam ýatlaryndan çykardylar.Artyk muny
Altymyratdan görüp,soň-soňlaram öýkeli gezdi.Lakamy öýkelek –dä!Ýokarda,okan
bolsaňyz beýleki oglanlaryň lakamlary hem üýtgeşikdir.Lakamlar öz-özünden döreýän
zatlar,bazara baryp satyn almaly däl.Aman jyk-jyk meselem,gapyny çala
açyp,jyklap,içeri girmäge ýaýdanyp durýanlygy üçin bu lakamy aldy,Döwlet joňka-da,
boýy kiçijik,jübä salaýmaly bolansoň joňk diýildi.Artyk öýkelegiň bu lakamyndan
başga-da,”Tambow”lakamy hem bar.Oňa onuň kakasy Kakajan aga sebäp
bolupdy.Kakajan aga Tambow şäherinde gullukda bolanlygy üçin,öýüne gaýdyp
gelende,gapylaryna,işiklerindäki çelege,baglara hat-da eşeginiň gaňňasyna-da:”Tambow”
diýen ýazgyny ýazdy.Indi Kakajan diýseň ony tanaýan ýok,Tambow diýmelidi.Soňa
baka bu lakam Artyga hem geçipdi.Mylly bolsa mydam myllarypjyk gepleýärdi,edil gyz
ýaly utanjaňdy,wagty bilen soragyňa jogap alyp bolmaýardy.Şonuň üçin myllyk lakamy
alypdy.Altymyradyň özüne hem:”Alty emzik”diýerdiler,ýöne ol ony diýdirmejek bolup
urşardy,şonda ejesi: ”Balam jan,lakam üçin bozulyp ýörmezler. Daýylaryň lakamlarynyha däl, atlaryny eşitseňem gülküň tutar. Garry daýylaryň atlary şeýleräjik,Amma,
Motja,Myha,Çepi,Tüwli,Taýşan,Galla,Çüýşe,Jojuk ýaly atlar, daýzalaryň bolsa
Gyçan,Uçan,Ötjan,Ýatjan,Otjan ýaly atlary bar,şonuň üçin men-ä kemsinemok”diýip,ony
köşeşdirýärdi.
Umumanam,iglije bolsa-da,Altymyrat öz siňegini özi kowup, keşigini özi çekip
bilýänlerdendi.Özünden üç-dört ýaş ulular bilenem salyşyberýärdi,ýeňilse-de per
bermezdi,ýeňilse ýeňildim,urulsa uruldym diýmezdi.Erjellik,boýun synmazlyk onuň
ganynda bardy.Beýle gan nesilme-nesil orta çykyp,göreşip gelýän pälwanlarda bardy
Olar hiç mahal boýun synmaýardylar.Şeýle göreşjeň ruh bolmasa orta çykyp,göreş tutup
bolmaýardy.Dogry,Altymyrat pälwan däl,ştangaçy,ýöne ştanga göterilýän meýdanam
ägirt uly göreş mekany,bu ýerde-de telim ýyllyklaryň dowamynda kämilleşen
ýanbermezek häsiýet hem gara güýç gerek.Şu ikisiniň ýok ýerinde göreş ýok,ýeňiş
ýok.Hut şol sebäplem ejesi ony ýaşlygyndan gara işe uýgunlaşdyrmagyň aladasynda
gezýärdi.Altymyrat hem,ejesi haýsy ýumuş tabşyrsa,şony bir kemsiz ýerine ýetirjek
bolýardy.Ejesi:”Bar,oglum,ýabyň böwebini aç,mellegi suwaraly,baglar suwsapdyr”diýsede, ýogy ýok.Böwedi açmaga barsa daýaw-daýaw oglanlar,ony saklap otyrlar.Güýçleri
deň däl.Onsoň ol:”Üç gezek başymdan aşyp,hezil oýun görkezsem, maňa suwy
berermisiňiz?”diýen teklibi orta atdy.Oglanlar çeplksije,ýeserje oglanyň teklibine geň
galdylar,ýöne razylaşdylar.Altymyrat bat bilen ylgady-da,üç gezek üstaşyr
böküp,dördünji gezekde dyzynyň üstünde oturdy.Bu,türgenleşik döwründe, agalarynyň
oňa öwreden nobatdaky oýnudy.Oglanlar gülüşip böwedi açyp berdiler,şeýdip, ol
mellegine suw getirdi.Onuň üst-başynyň tot-tozanyny gören ejesi:”Betlik etme diýdimä,saňa,balam jan!Bet oglanlar bilen tirkeşme.Olar seni sandan çykararlar”diýip
22
igendi.Ejesiniň igenji gaýtam onuň elini gijedýärdi,.Ol şonda hasam köp betçilik edesi
gelýärdi.
Bir gün ejesi ony, etrap merkezinde ýaşaýan Bibi daýzalaryna awtobusly alyp gitjek
boldy,emma Altymyrat:”Men oňa münjek däl,gowy maşyna münjek”diýip,hötjetlik
etdi.Ejesi:”Wah,balam,ony özüňe kiçilik bilme,ýeňil maşyna müner ýaly pulumyz
barmy?” diýse-de etmän:”Men senden öň daýzamlara barjak”diýýär.Gabat gelen ýeňil
maşyna mündüler welin,onuň içi her hili ýagly esgilerden,başly-barat ýatan
demirlerden,poh-yrryhdan doly bolup,oturmaga hem oňly ýerleri bolmady.Ejesi
“Ine,hötjetlik etseň şular ýaly hapa ulaga münersiň”diýip igendi.Şondan soň ol ejesiniň
garşysyna gidip,hötjetlik etmedi.
Altymyradyň okaýan mekdep-internady ýatymlykdy.Onuň çykdajylaryň ýaryny
kolhoz,ýarysyny döwlet çekýärdi.Başda obalardan gelip,ýatyp okaýanlar bilen bir
hatarda,çagalary köp bolup, eklenji agyr düşýän hojalyklaryň çagalary-da
okaýardylar.Oňa Altymyradyň maşgalasy hem girýärdi.Bu ýerde dört wagtyna
nahar,egin-eşik,aýakgap berilýärdi.Sapakdan soň sapaga taýynlyk diýip ýene sapak
geçilerdi,berilen öý işleri öwrenilýärdi.Şeýle bolansoň mekdep-internady gutarýan
çagalaryň bilimi beýleki mekdepleriňkiden görnetin tapawutlanýardy.Mekdep direktory
Narly mugallym,Rahmanberdi aga,Tirkiş Tagan dagy diýseň janypkeş,ezber,çagalara
doly bilim berjek bolup dyrjaşyp ýatyrdylar.
Altymyradyň okaýan synpynda ýigrimi bir oglan,ýekeje-de saryýagyzja,keltejik gyz
bardy. Olam Gylyçly lukmanyň gyzydy.Ýekeligi,keltejik saryja saçlyly üçin Altymyrat
ony goraglaýardy.Başga bir tarapdan gyzjagaz hemmelerden gaty ylgaýardy.Adyny doly
bilmese-de,ol ýaryşda öňdeligi eýelän gyzyň üstünligine guwanýardy, özi ylgap, onuň
yzyndan ýetäýse dagy, şonda özünden başga bagtly oglan ýokdur diýip hasap
edýärdi,gyzam gözüne ýakymly görünýärdi,jübüsindäki ýekeje süýjüsini beräýesi
gelýärdi.Ýöne, gyzjagaz ertesi öňküsindenem gaty ylgap,ony tozana garyp giden-de
bolsa,ol onuň üçin niýetlän süýjüsini Artyga beriýärdi.Şeýdip,özünden öňe düşen gyz
onuň üns merkezinden düşüp galýardy.
Altymyrat hem okaýardy hem türgenleşýärdi,okuwdan boş wagty öýde mala-hala
kömekleşýärdi.Şeýdibem ol zähmete bişişýärdi,zähmetde taplanýardy.Ota gidende
tebigata,töweregine synçylyk bilen serederdi.Ähli zatlaryň hereketdeligi ony özüne
çekerdi.Serçe ony-muny tutup,höwürtgesine alyp gidip,çagalaryny eklemek bilen
başagaý bolsa,belent deregiň başynda oturan gyrgy serçeleri awlamagyň çemini
gözlemek bilen başagaýdy.Adamlaryňam işden boşy ýok.Kim traktor sürýär,kim gowaça
bejerýär,kim daragtlara suw berýär,garaz hereketsizi ýok.Bu hereket olary
kämilleşdirýär,işine ezber edýär.Tükeniksiz hereketiň içinde bolan Altymyradam has
bekäsi,has kämilleşesi gelýär.Ol ot orup ýören,mallara ot berip ýören pursatlaram,demir
görse durup bilmeýär.Onuň demire bolan höwesi Hudaý tarapyn bir zat,ol özüni bilip
ugran döwürlerinden kalbynda peýda bolan bolmaly.Ot ýygyp ýörkä meýdanda bir
demir gördügi ot bilen bilelikde öýüne getirýär, şonda gyz doganlary:”Sen demir
getirme-de ot getir,sygyr demir iýenok”diýip gatyrganardylar.
Altymyrat indi öýüň keşgini ulular bilen deň derejede çekmäge synanýardy,ýok
synanmak däl,agalary ony işlemäge mejbur edýärdiler.Öýde,ýamanja ak eşek bardy.Ol
şol eşege horjun atyp,horjuna hem çäge ýükläp,Aşgabatda okaýan okuwyndan boş
wagy,kerpiç guýyp gazanç edýän agasy Orazberdä kömekleşerdi.Uly agasy Tirkiş sport
ugrundan türgen bolup işleýärdi,Kakajan ýarawsyzragam bolsa,işden boş wagty öý işine
kömek ederdi,Bäşim,Aýgözel,Gurbanbibi,Orazgül dagy okuwdan boş wagtlary kolhoz
23
işine giderdiler,öýe gaýdanlarynda ot getirerdiler.Altymyrat hem käte Gökje eşegi bilen
ot getirerdi.Sygyrlaryň ot iýişine haýran galaýmalydy.Oty öňlerine dökdügiň ýalumýulum edäýýärdiler.Rahmanberdi aga"sygyr türkmeniň maly däl”diýýär welin,şol dogry
bolmaly.Ýöne,dyngysyz iş Altymyrady ýadatmaýardy,gaýta onuň bedenini
berkidýärdi.Ol deň-duşlaryndan hortap,çepiksi görünse-de,köp babatlarda olara aňry
otur-diýdirýärdi...Bularyň barysynyň aňyrsynda onuň ejesi durýardy.
Oguldurdy daýza orta boýly,dolmuşyrakdan görmegeý zenandy.Eli işsiz
durmaýardy.Galjaň,etjek işini bilýän,diýseň sabyrly aýaldy.Dokuz çagany dünýä
inderenem bolsa,heniz ýaş görünýärdi.Hiç mahal çagalaryna käýýemeýärdi,olaryň
meniklije,edep-terbiýeli,”pylan çaga pylan hili”diýdirmän,ýaramaza goşulman
ulalmaklaryny isleýärdi.”Hudaýa şükür,heniz-ä biabraý edenoklar”diýip,ýene-de şeýle
dowam etmegini diläp,doga okaýardy.Altymyrady Bäşime tabşyryp:”Nirä gitse gözgulak bol!” diýýärdi.Bäşimem kelte tirkelen ýaly Altymyradyň ýanyndan
aýrylmaýardy,betlik etse tertibe çagyrýardy,juda göze-başa düşüberse elini aýlaýmasam
bardy.Şol sebäp;i Altymyradyň gaçgyny Bäşimdi.Ol Orazberdini,hasam Kakajany gowy
görýärdi.Käte Bäşimiň gözüne Gül salyp,oba keselhanasynda lukman bolup işleýän
Kakajanyň ýanyna gaçyp giderdi,onuň bilen gürleşerdi,pikir alyşardy,öz
ýanyndan;”Ulalaýsam,menem Kakajan ýaly lukman bolup,ak halat geýerin,adamlary
keselden açaryn”diýip,arzuw edýärdi.Şeýle ýagdaýda Bäşim ony görse:”Diýenimi
edenok,gitme diýsemem gulak asanok”diýip,ejesine ýamanlaýardy.Rahmanberdi aganyň
goldawy bilen internadyň otag süpürijisi bolup işe giren ejesi,indi öňküler ýaly
galagoply,agras däldi,ep-esli giňelipdi.Obada türkmen maşgalasy üçin her aýda aýlyk
tölenýän iş tapmak,munuň özi edil huma büdrän ýaly bir zatdy.Näme üçin
diýeniňde,kolhozda aýlyk,hasylyň soňky netijesi boýunça,ýylyň aýagynda
berilýärdi.Onda lomaýja pul alýanlaram bardy,boş galýanlaram.Çül-çagaly hojalykda her
aýda aýlyk berilip durulsa gowudy.Onuň işlemegi nähili hem bolsa maşgala birneme
ýalyzganlyk beripdi.Ýeter-ýetmezlikden gutarnykly halas bolunmasa-da,garaz,öňküler
ýaly aljyrap,töweregiňe garanjaklap,nätjegiňi
bilmän oturylmaýardy.Şular sebäp
boldumy,garaz,şeýle ýagdaýda Oguldurdy daýza arz edene birnemejik käýýeýänem
bolsa,şu gün-ä ony etmedi,asyl Bäşimiň şugulyny eşitmediksirän boldy..Orazberdi bilen
Kakajanyň ýumşak häsiýetleri, mylaýymlygy, ýakymlylygy,köp zatlara gözlerini
ýumýanlygy,ejesine gelip”Buşlamaýanlygy” Altymyradyň hoşuna gelýärdi.Ol hasam
Kakajany gowy görýärdi.Belki,atasynyň ady dakylany üçin şeýledir?
Altymyrat okuwdan soň öýüne gaýtman,böwregi agyryp,işleýän keselhanasynda
keselini bejerdýän Kakajanyň ýanyna soramaga bardy.Ol,syratly,görmekli,daşyndan
seredeniňde keseli bar diýer ýaly däldi, günde ir bilen sowuk suwa düşýärdi,keselhanada
beýle mümkünçilik bolmansoň bilinden ýokarysyny ýuwup oňýardy.Häzir hem onuň
guramadyk şar gara saçy çyranyň ýagtysyna ýalpyldaýardy.Gyş paslynda gün ir
ýaşýardy,onsoň çyrany hem ir ýakmaly bolýardy.Kakajan gowy görýän inijiginiň ýanyna
gelmegine diýseň begendi.Sportda,hasam ylgamakda özüniň
öwredýän
hereketlerini,onuň aňry ýany bilen ýerine ýetirişine guwandy.Salam helikden soň –
-Pyonerlige ýetipsiň,gutlaýaryn!Ýöne, şu gyzyl galstugyňy özüňçe,birhiliräk
edip,üýtgeşik daňyşyň bolanok,Ony ine,şeýle daňmaly.Ine,şeýle! Öwren!-diýip,ony
düzedip berdi,soňam:-Bar,şepagat uýasyny çagyr-diýdi.
Altymyrat agasynyň ýanynda bolup,näme diýse ýumuşyny bitirdi,beýleki otaglarda
ýatan kesellileriň hem möhümlerini bitirip berdi.Ak halatly şepagat uýalarynyň
keşbi,ýatylýan otaglaryň arassalygy,kesellileriň hemmesiniň bir görnüşde geýýän
24
eşikleri Altymyrady gyzyklandyrýardy.Hut şu pursatda onuň kalbynda lukman bolmak
baradaky pikir dörän bolmalydy.Agasynyň ylgamak,woleýbol,futbol baradaky
gürrüňlerini diňläp otyrka-da,. onuň kellesinden şu pikir çykmaýardy.Kakajan agyr
atletika barada-ha gürrüňem gozgamaýardy,çepiksije göwrä ol gabat gelmeýärdi.
-Eger sen her haçan ylgamakçy bolaýsaň,(Tirkiş ikimiz seni şu ugurda
türgenleşdiripdik),ýeňil etletika boýunça Türkmenistan ýaryşynda uly orunlaryň birini
eýelän daýyň Berdi Göki ýaly ylgagyn ýa-da woleýbolda öz mugallymyň Akmyrat çepbe
ýaly oýnagyn.Ol “Çepbe” adyny oýnamaga alan däldir.Çep eli bilen pökgi
ursa,garşysynda durjak ýokdur-Bu gürrüňler Altymyrady şeýle bir gyzyklandyrdy
welin,indi ol garaňky düşenligine garamazdan onuň ýanyndan aýrylasy hem
gelenokdy.Ajaýyp gürrüňçil,mylaýymdan sypaýy Kakajan,bir zat aýtmazyndan öň
oýlanyp,soň gürleýärdi,agzyndan çykan sözünden dänmeýärdi-Jigim,bir zat sorajak!diýip,Kakajan sözüni dowam etdi-Ulalaňsoň kim bolasyň gelýär?
-Men birki ýyllykda ylgamakda birinden yza galdym,(ol bir gyzjagazdan diýip
bilmedi)şondan bäri hem ylgasym gelýär.Ýöne,bir hünärem edinmeli.Belki, sen ýaly
lukman bolaryn!?
-Ýaman däl,ýöne lukmançylyk üçin adatdan daşary köp okamaly,gerek ýerinde
ýumşak,gerek ýerinde polatdanam gaty bolmaly.Adamyň bir ýerini kesip,keselini
bejerjek bolsaň gaty bolmaly.Nämede bolsa sportçy boljog-a diýmediň.Professional
bolmasaň,onda sport iň gowusy, esasy käriňden daşardaky güýmenjäň
bolup
galsyn...Lukmançylyk üçin himiýany,anatomiýany gaty gowy bilmelidir,özün-ä...
-Näme bilmän,garagyna gül salaryn,ýöne...-Altymyrat şeýle diýse-de, Kakajanyň
aýdýanlarynyň hem jany ýok däldi.Bu okuwyň gaty agyrlygyny,käbir adamlaryň oňa
çydap bilmän,başda,ortada,hat-da ahyrky synplarda
hem okuwyny taşlamaly
bolýanlygyny Kakajan gürrüň berdi.Ýöne bir zat welin bellidi.Sowatly bolmak,bilim
almaklyk durmuşdaky zerur zatlaryň biridi.Lukman bolmanyňda-da,ony gutarsaň latynça
okap bilersiň,öz diliňde çykýan”Körpeje”,”Ýaşlyk” jurnallaryny,”Edebiýat we Sungaty”
okap bilersiň,onuň başgada peýdaly ýerleri kändir...-Ýöne...Men sygyrlara ot ýygmaly
bolaryn.Näçe getirsemem olar otdan-a doýanok!-diýip,Altymyrat,özüniň okajak
okuwynyň öňüne böwet boljak ilkinji päsgelçiligi diline getirdi.
-Şoň üçin-dä,adyna sygyr diýilýäni.Ol türkmeniň maly däl.Ýazda,az pursatlyk
bolaýmasa bizde dyzyňa ýetip duran haşal ot ýok.
-Okuw näderis,onda?
-Sen barybir okuwa taýýarlanmaga wagt tapmaly bolarsyň.Sygyr hem gerek!Ol
hurşuň
ýary,çekize,çig
gaýmak,mesge,süýt,gatyk,peýnir...Sen
gowy
görýän
jigimsiň,aýdanlarymy ýadyňdan çykarma,berk belle!Hiç wagt burnuň sümügini
akdyraýma!...
Şu gürrüňleriň bolup geçeni ýap-ýaňydy...
Gyşyň bir aýazlyja güni Altymyrat keselhananyň golaýyndaky meýdançada
woleýbol oýnaýardy.Beden terbiýe sapak boýunça mugallym Akmyrat çepbe hem
çagalar bilen pökgi oýnaýardy.Çagalar bilen oýnaýany ýadyndan çykdymy,nämemi,ýa-da
“elimi bir synap göreýin” diýdimi,onuň uran güýçli pökgüsi zymdyrylyp,keselhananyň
golaýyna baryp saklandy.Pökgüni alyp gelmek üçin ylgan Altymyrat,iki adamynyň
hersiniň Kakajanyň goltugyndan söýget berip,keselhananyň otagyna salyşlaryny
gördi.Ol şu gün nobatçydy.Ýöne bu görnüş nobatçylykdan habar bermeýärdi.Şol
sebäplem ol,pökgini ýadyndan çykaryp,keselhananyň gapysyndan kürsäp girdi25
de:”Kakajan kaka!”diýip gygyrdy.Ony iteläp daşary çykardylar.Ylgaşlap ýetip gelen
ejesini,Tirkişi,Orazberdini hemjaýa salmadylar.
-Sagatja balama ne döw çaldy,jan Allam!-diýip,ejesi aglamaga başlady.
Aljyraňňylykdan-my nämemi,şu wagt ol
Altymyrady görmeýän ýalydy.
-Tutgaýy tutdy,ýürek işlemesini bes etdi!Ýanyna baraýyň!Biziň edip biljek çärämiz
ýok!-diýip,gapydan çykan lukman habar berdi.
Beýlekiler bilen Altymyrat hem gapydan girdi.Ýüzi kagyzdanam beter agaran
Kakajan bütin göwresi bilen titräp,ýaşaýyş üçin urunýardy.Tirkiş,Orazberdi ikisi onuň
el-aýagyny hem saklap bilmeýärdiler.Ejesi uly ili bilen aglaýardy.Altymyrat bolsa:”Oňa
kömek
ediň!Oňa
kömek
ediň
ahyryn!”diýip,ýanynda
duran
lukmany
ýumruklaýardy.Lukman ony göterip
otagdan çykardy-da:”Ýuwaş,indi oňa biziň
kömegimiz degmez!”diýdi.
-Agam urunýar,kömek soraýar,sen bolsa gaçdyň,borjuňy unutdyň!-diýip,Altymyrat
,lukmany ýumruklaýardy we aglaýardy.
-Ýuwaş ogul,ýuwaş!Çalaja aglaber,ýüregiň gowzar!-diýip.ol ony gujagyna
gysýardy.Altymyrat ondan sypjak bolup urunýardy,emma gujakdan syparly däldi.Şeýdip
esli oturdylar.
-Agam-a gutardy-diýip,otagdan çykan Orazberdi uly sesi bilen aglady.Boldy bir
yzlaşyk...
Şeýdip,Kakajan,1978-nji ýylyň 30-nji dekabryndan 31-nji dakabryna geçylýän gije
27 ýaşynyň içinde tarpa-taýyn aradan çykdy...
Şu aýylganç wakadan soň Altymyrat ýatyp bilmedi.Gözüniň öňünde ölmejek bolup
urunýan Kakajanyň keşbi,ýatsa düýşünde,gezse huşunda.Kä gije keselhanada onuň
ýatan düşeginde,özüni düýşünde görýär,iki dişi agzyndan çykyp duran lukman üstüne
abanyp;”Sen meni urduň.Arymy almaga pursat geldi”diýip,ony bogýar.Dem almasy
kesilip,öldüm-öldüm-de elini goýberýär.Goýberdigem:”Agamy öldürdiň!Arymy men
senden alaryn!” diýip,Altymyrat ony ýumruklaýar.”Seni gygyrmaz ýaly edeýin-le!”
diýip,lukman ony has beter bogup başlaýar.Şonda ol oýanýar, öl-suw bolan eşiklerini
çalşyrmaly bolýar.Şeýle düýşleri ol soň-soňlaram gördi.Ýöne bu waka onuň lukman
bolmak arzuwyna welin palta urdy.Indi ak halatly görse şol lukman ýadyna
düşýärde,ondan daşlaşmak bilen bolýardy.
..
Ilkinji üstünlikleri.
Altymyradyň agyr atletika gelmeginiň öz sebäbi bardy.Onuň agasy Orazberdi
Türkmen döwlet uniwersitetiniň bedenterbiýe bölüminiň agyr atletika boýunça tälimçisi
hünärini 1976-nji ýylda ele alsa-da,bäş ýyllap Sakarçäge etrabynda basketbolyň tälimçisi
bolmaly boldy,sebäbi onuň gutaran ugry boýunça
iş birnäçe ýyl mundan öň
ýapylypdy.Hut Orazberdiniň irginsiz tagallasy bilen 1981-nji ýylyň başynda şol etrapda
çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde, agyr atletika bölümi açyldy.Şol günleriň yz
ýanyndanam Altymyradyň uly sporta ilkinji ädimleri başlanypdy.
Dogry,agyr atletika bilen meşgullanardan onuň müçesini kiçi görenler az
bolmady,ýöne Altymyrat müçesi kiçi-de bolsa agramlyjadygyny,guntdan duýlandygyny
subut etdi.Ol 1979-1980-nji ýyllar agasy,sport mugallymy Orazberdiniň ýolbaşçylygynda
woleýbol,basketbol oýunlary bilen gyzyklanyp başlady.Her bir adamyň durmuşynda
şeýle pursatlar bolýar.Ol özüni haýsy hem bolsa bir zatda öňde göresi gelýär.Muňa
ýaşlyk ýelgini diýseňem boljak,deň-duşlarynyň öňünde özüniň nämä ukuplydygyny
26
görkezjek bolmak diýseňem boljak,haýsy bolanda-da,ol esasy zat däl.Esasy zat adamyň
öz mümkünçiliginiň çäginde,belki ondanam has aňyrrakda nähili başarnygynyň
barlygyny özünde synap görmekligi.Surat çekmek üçin dogulan bolsaň,eliňe galam
alyp,nämedir bir keşbi döredýänçäň saňa rahatlyk ýoldaş bolmaz,başga biri saz çalmasa
oturyp bilmez,ýene biri aýdym aýtmasa oňup bilenok.Her adam içki dünýäsindäki özüne
çekýän basgançakdan has ýokary galasy gelýär,käte öz mümkünçiliginiň çägindenem
ýokary galasy gelýär.Ony etjegem bolsaň irginsiz zähmet bilen taplanmaly.Gowy
taplanyp,arzuw edýän basgançagyňa-maksadyňa ýetýänçäň
arkaýyn oturma
ýok.Maksatly durmuş barada Altymyradyň öz garaýşy bar.Ol Ýolaman kakasy ýaly
maksadyna okgunly bolasy gelýär.
Bu wakany oňa ejesi gürrüň beripdi:”Sen o döwürler ýaňy bir ýaşapdyň.-diýip,ejesi
gürrüňe başlady-Gyşyň soňy ygally geldi.Kolhozyň goýunlary gyrkylypdy öýdýän.Şol
günem örän güýçli çagba ýagdy.Kolhoz mallaryny heläkçilikden gorajak bolup,kakaň
Orazdurdy ýaly,ynsaplylygyň,tutanýerliligiň görlüp-eşdilmedfik derejesini görkezýän
halal adam –Ýolaman neresse ýogalypdyr diýen habar oba ýaýrady.Ol çopan taýagyny
taşlamadyk mert ýigitleriň biridi.Ýogsam,obalarda çopan tapmaklyk hillalla boldy.
Ine,birdenem güýçli ýel,yzyndanam tükeniksiz jala.Gyrkylan goýunlar ýeliň ugruna
burunlaryny aşak egip gidip barýarlar,Ýolaman neressede gije ýarymdan bäri onuň
yzynda.Bu günki gün hem ýaşyp barýar.Onuň bolsa şol bir açlygy-suwsuzlygy.”Gaýrat
et,ýene gaýrat et!”diýip,ol öz-özüni köşeşdirýär.Öl-myjjyk eşikleri agralyp, depesinden
basýar.Eşigi
teniniň gyzgynyna bugarýar,aýaklary özüniňki däl,barha ysgyny
gaçýar.Şonda-da, sürüni gözden salmajak bolup dyrjaşýar.Ýöremäge mejaly bolmansoň
indi emedekleýär.Süri bilen ara daşlaşýar.Başy aýlanyp huşuny ýitirip başlaýar.Adam
buýanda gaty erbet boljak ekeni.Çyg onuň bedeniniň güýjüni alyp barýar.Ol depeden
aşjak bolup, barmaklaryny yzgarly topraga sokup,öňe,öňe ymtylýar.Onuň ümzügi
öňe,diňe öňe gitmek.Emma...
Iki günden soň ýagyşa buýan Ýolamany,şol ýapyň ýüzünde,egni penjeksiz,aýaklary
ýygrylan,köwşüniň biri gaçyp galan görnüşde tapdylar.Ol goýunlary ýitirmezlik
maksady bilen hereket edip, ölüp galypdyr,has dogrusy,maksadyndan bir ädimem yza
tesmändir, şol maksady bilenem ölüpdir..Altymyradyň kakasy Orazdurdy aga hem
halkyň emlägini-akar suwy aýawly ulanmak üçin göreşip,ölüpdi...
”Wah, Ýolaman neresse gitdem,çopan taýagy eşek gazyga öwrüldi,türkmen öz
kesbi-kärini ýitirdi.Ýaşmagyny boýnuna orap,beýik-pesini görkezýän, ýakasyz köýnek
geýýän kökkesilen gelinleriň,göwünli-göwünsiz dogurýan mütüje dogmalary seniň
çopançylygyňy-beýlekiňi näbilsin.Ine,ýatakdaky molaşyp öten mojalary näler sürä
goşjak,emma Akýabyň erkek göbeklisi gapyşan ýaly.Eňegime ýelýyrtan ýaglyk
daňakgetdin,sygyrlary bakybersem,galyň dili duzly,bir gijäniň ukusyny harama çykaran
wenezzynalaryň dili ýetjek”diýip,ejesi gamgyn hala geldi.
–Eje jan,gazaklaryň aýallary-ha çölde çopançylyk edýärler-diýip,Altymyrat
seslendi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 04
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.