Latin

Topraga duwlanan ägirt - 22

Total number of words is 3867
Total number of unique words is 2277
30.9 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şol wagt golaýdaky oba metjidiniň minarasyndan Seýitje azançynyň täsin labyzly
sesi geldi.Alty edip oturan gürrüňini bada-bat kesip,azanyň sözüni süňňüne siňdirýän
ýaly,içinden bir zatlar gaýtalady,elini ýüzüne sylyp,töwür galdyrdy.Altymyrat namaz
okamasa-da,atdaşynyň bolup oturşyna tolgunman seredip bilmedi,öz ýanyndanam:”Eger
azan şeýle oda-köze salýan bolsa,onda atdaşynyň yslama bolan höwesi,ynanjy gör,nähili
ajaýyp”diýip pikirlendi...
Akýap obasynda gün ýaşdy.Günbatar ilki gyrmyzy öwsüp soňam
melewşä,yzyndanam goýy mawy reňke öwrüldi,töweregi garaňkylyk gaplady.Kä ýerdäki
ýol gyrasyndaky çyralar öçügsi şöhlesini ýaýradýar.Garaňkylyga gaplanan obanyň göze
görünmeýän durmuşy möwç urýar,kimdir biri çagasyna käýýeýär,ýene biri balasyny
hüwdüleýär,bir ýerdenem aýdym sesi çykýar.Günorta-günbatardaky demir ýoldan otly
şakydyklap geçip barýar,onuň yz ýanyndan şagallaryň täsin uwwuldysy,ýazyna
günorta,güýzüne yzyna gaýdyp gelýän durnalaryň şarpyk dadan çagaň sesine meňzeş
sesleri eşidilýär...
Altymyrat öýlerine baranda doganlary oňa garaşyp dursalar nätjek!
-Toba,essagpurylla,jigim,jan,gözümizi ýolda goýduň-la!-diýip,aýal dogany Aýgözel
nägililigini bildirdi-Seni öýüňde-de arkaýyn oturdanoklar.
–Mekdebe gidende aýagyna köwüş tapylmadyk wagty doganjygymy
idemediler,indem idemesinler-diýip,dillije Orazgül janykdy.
–Jigim,sen biziň ata-ene ojagymyzyň başy,nesil ulgamymyzyň dowamysyň,biziň
gözümiziň guwanjy,dyzymyzyň daýanjy,bilimiziň kuwwatysyň.Berjek maslahatymyzy
ünsli diňle,ynamymyzy öde,ýagşy görelde bol.Dogry,sen özgäniň bagtyna guwanyp,il
bähbnidini özüňkiden ileri tutýarsyň,ýöne,aýal doganlaryň halyndan habar alýarsyň.Biz
“gyzyl ýüzli ýigidiň gyz uýasy bolmasyn,gyz uýasy bolsa-da gyzyl ýüzi
solmasyn”diýlene uýýarys,ýüzüňi gizartmaýarys,biz...
–Wah,jan dogan ol bu zatlary bilenok ahyryn,men...-diýip,Orazgül,Aýgözelin
sözüni bölüp,sesini gataltdy.
–Toba,essagpurylla,Orazgül,gaty gepleme,diliňe bat berme,haýaňy sakla!-diýdide,Aýgözel,jigisi üçin saýlap alan maşgalasyny wasp edip,dilinden düşürmedi-“Her kim
deňini tanasyn” dyýen gep bar.Biz öz adamçylyk derejämizi, ýagdaýymyzy, durmuş
gurjaklaryň bir-birine mynasyplygyny nazarda tutmaly,öňi bilen munda seni
181
diňlemeli,senden soramaly.Ýeri,doganlaryň bu işlerine rugsat berýärmiň ýa öz saýlapseçeniň barmy?
-Onuň saýlap-seçeni bolmaz,dogry-da walla-diýip,aýal doganlarynyň arasynda çaý
süzüp oturan Orazberdi seslendi-Bize onuň köçe jypytdysy gerek däl.
–Toba essagpurylla,beý diýme,Oraz!Çagasyny erbet görýän ýokdur,garga-da öz
çagasyna ap-akja diýermiş.Kim bolsa-da,oňa özgäniň gözi bilen seretmäni başarmaly,ähli
zady ýerinde dogry çözmeli.Maňa gudaçylyga gelenlerinde,ejem pahyr”Bir goýundan ak
hem dogar,gara-da”diýipdirler,men gyzymyň kime çekip beýle bolanyny bilemok,ýöne ol
ýeke geplidir,ýüze gelegiräkdir, gaharjaňyrakdyr” diýip,burkazlardan bolanlary üçin
gaýtarmak isledimi nämemi,gudalaryň ýüzüne gelipdi.Bilşiňiz ýaly ejem öz gyzynyň
kemini kesekilere aýdyp bilýän gönümel adamdy...
–Hawa,maňa gudaçylyga gelenlerinde hem ejem jan“Gyzym birneme şerçiräkdir”
diýip dur,jan dogan!-diýip,Orazgül söze goşuldy.
–Gyz maşgalanyňky kyn,sawçy gelmese garaşyp oturmaly,ogul öýermek
aňsat,gudaçylyga barybermeli...Aýtjak bolýanym,bize gelen ýeri bilen bolup ýören,halal
süýt emen maşgala gerek!
-Aýýa,,özem şol maşgala hojalygy el ujundan aýlaýan,sygyr sagyp bilýän bolsun,
dogru-da walla!-diýip,Orazberdi seslendi-Adyny aýdyp oturmaýyn,hol goňşymyzyň täze
gelni,aýaklarynyň arasyndan geçip ýörmeli ýuwaş sygry sagyp bilmän,ile masgara
boldy.Ysy aýylganç atyr sepinseň ýatan sygyram sagdyrmaz.
–Agam jan,edil beýle däldir-le!Şo aýdýan gelniň şu gün ir bilen sygryny sagyp
durdy-diýip,Altymyrat agasyna garşy çykdy.
–Men onuň adamsyna malyň niresinden,nädip barmaly,näme diýmeli,ýene nämeler
etmeli,düşündiripdim,indi
sagsa
sagýandyram,dogry-da
walla-diýip,Orazberdi
ylalaşdy,yzyndanam-Hany,sen aýt,inibatyr,bize näme jogap berjek?!-diýip,inisine
çiňerildi.
–Aý,men-ä agam jan,bilmedim-diýip,Altymyrat ýylgyrdy.
–O nähili bilmeýäň?Sen aýt,biz gudaçylyga gitmelimi ýa öz saýlanyň barmy,dogryda walla?-diýip,Orazberdi gyssady.
–Jigimiň idegi uly,oňa tanyşmak isläp hat ýazýan gyzlaryň sany kän.Belki,ol şolaryň
içinden birini saýlandyr,saýlan bolsa aýtsyn!
-Hawa,Aý dogan,goý aýtsyn.Biz gyzyň aslyny,ýagdaýyny,adam çykýan
ýermi,uzagyndan gatnaşyp biljekmi,şular ýaly soraglara jogap tapmaly.Gürrüň öýe bir
göleli sygyr getirmek barada däl-de,saçakdaky rysgalyňa şärik boljak gelin barada
barýar,dogry-da walla.Türkmende:”Enesini gör-de gyzyny al,gyrasyny gör-de
bizini”diýen aýtgy bardyr-diýip,her bir gepinde ejesi pahyr ýaly,sygryny ýadyndan
çykarmaýan Orazberdy janykdy.
–Toba,agam jan,oglany beýdip gyssap durmaly,sabyrly bolaly-diýip,Aýgözel
diwardaky sagada seretdi-de,sözüni dowam etdi-Her hili ýagdaýda-da,muny
maşgalamyzyň agzyny birikdirip,bir çukura tüýkürip çözmeli.
–Aý,men-ä,öýlenjegem däl-le!-diýip,Altymyrat morta bir zat aýtdy oturyberdi.
–Toba essagpurylla,näme diýýäň!?Waý,bagtym ýatdy-diýip,ýaňy öýüne hyýallanan
Aýgözel gaýtadan oturdy-Ogluny öýermek,gyzyny durmuşa çykarmak her bir ene-atanyň
borjy.Biziň ata-enemiz ýok.Olara iman baýlygyny,ýatan ýerleriniň ýagty bolmagyny
dileýäs.Bu gün bolsa biz, rysgalymyz aýra doganlar bolup,kakamyz-ejemiz bar ýaly
edip,seni öýermegiň maslahatyny edýäs.Diýmejegiňi bilýäsem welin,”Ejem bolan bolsa
182
bir wagt öýlendirerdi”diýseň,ýa-da muny goňşy-golamlar diýse, biz üçin gowy däl.Isleisleme,biz seni öýlendiräýmeli.
–Näme,müjerret ötesiň gelýämi,dogry-da walla?!-diýip,Orazberdi gaharlandy-Alty
erkek dogandan men,sen,Bäşim üçümiz galdyk,Başim-ä,bu zatlara goşulanok,men
welin,aýal doganlarymyň maslahatyny oňlaýan.Biz bir öýe gelin getirip,göleli sygry
ýatagyňda daňaly,soň nätseň şeýt.Pylan kakamyň ogluny tanaýansyň,olam sen
ýaly”öýlenjekgäl”diýip,öýünden gaçyp gezdi,haçanda gelniniň ýanynda bir gije
bolanyndan soň,ony taýaklabam öýden çykaryp bilmediler,iki ýylda ekiz-ekizden dört
çagasy boldy.Sen nä ondan oňly doňuzmy?Onsoňam,”ýetimi ýetip urup” öýermek
türkmeniň edehädi,dogru-da walla.
-Bor-la,agam jan,gyzybermesene!-diýip,Altymyrat ony köşeşdirmek isledi.
–Şeýt-de,düzel,düzelmeseň hezil bermen,dogru-da walla.Saňa bir hepde möhlet,
belliňi et!
-Bor,agam jan!-diýip,Altymyrat ylalaşdy...
Ol uzakly gije Gülleri göz öňüne getirip ýatyp bilmedi.Olar misli bir uly dukanyň
işigindäki toplum gülleriň arasyndaky goşa duran akja bagüller ýalydy.Olaryň biri
Güller,beýlekisem özi.Üç ýyl bäri olar mähirlerinden ganyp bilmän,bir-birlerine bakyp
durlar.Ýaryşdan sypyp oba gelen wagty ol dessine Gülleri görmese ýatyp bilenok,hat-da
şondan soňam ýerine girende öýdäki telefondan”Gülüm,gijäň rahat bolsun”diýmäni
ýadyndan çykaranok.Dünýäde ondan başga gyz bardyr hem öýdenok.Şol sebäpli ol ýaňy
agasyna pylanylara sawçylyga baryberiň diýip bilýärdi,diýmedi.Sebäbi ol heniz Güller
bilen toý etmek,ykballary birleşdirmek,goşa bägüller ýaly durmuşa goşa gadam basmak
barada gutarnykly gürrüň etmändi...
Ine,bu günem ol,orta bilim berýän saglyk mekdebiniň ikinji synpyny gutaryp öýüne
gelen Güller bilen duşuşdy.Özem,ejesi-kakasynyň bir ýere gidenligi sebäpli,onuň
öýlerinde.
–Waý enaýy-da gyz,göni öýe geläýdiňmi,Alty?-diýip,gap-gaçlary ýuwup duran
Güller aljyrady,özüni ýitirdi,edenini-goýanyny bilmedi,bir zat diýjek bolýar,bokurdagy
gurap aýdyp bilenok.Beýtme diýjek bolýar,emma kalby oňa garşy çykyp,ýigidiň ýanyna
uçup barýar-Men häzir şulary ýuwaýyn...
–Güller,gorkma,men hiç zat edemok,gürleşmäge,mesele çözmäge geldim.Göni
geläýmesem,başga çykalgam galmady.Agşam meni gyssadylar,belliňi et diýdiler...
–Waý enaýy-da, gyz,nämäň bellisini et diýdiler?Ýok,men gorkamok,bir azajyk
çekinýän,utanýan.Gep bu ýerde gorkuda däl,sen meniň göwnüme degersiň diýip,ýarsamtursam oýuma-da getiremok,seniň sadadan adamkärçiligiňi ýaňy bilmeli däl,ýöne,şular
ýaly göni öýe gelmegin azajyk howatyrlandyrýar-Gülleriň sözlerinde gorka ýugrulan
galagoplyk duýulsa-da,balkyllaýan gözlerinde mähire ýugrulan mahmal ýaly ýumşaklyk
bardy.
–Göni gelmesem bolmady-diýip,Altymyrat öňki sözüni gaýtalady-Onuň iki sebäbi
bar.Birinjiden,men mundan artyk çydap bilemok,men seni söýýän,sensiz oňup biljek
däl,gije-gündüz didaryňa zar gözler seni küýseýärMen bulary şu gün saňa aýtmasam
bolanok.Men seniň jogabyňy hem şu gün eşitmeli.
–Waý,enaýy-da,gyz.Sabyrly bolmaly,oglan!
-Sabyrly bolmaga wagt goýmadylar.Men ýüregimi aýdýaryn.Sen maňa git
diý,giderin,gel diý,gelerin,näme et diýseň ederin,ýöne jogabymy alman gitmerin.
–Waý enaýy-da,gyz.Meseläni beýle kesgitli goýaýdyň-la,oglan!-diýip,Güller elini
süpürdi-de,balkyldaýan gara gözlerini oňa dikdi.
183
–Sebäbi,maňa hem kesgitli aýtdylar,bir hepde-den gelinlik gözlegine
çykjakdyklaryny duýdurdylar.”Gatnaşyk edýän maşgalaň bar bolsa aýt,bolmasa-da bize
rugsat ber” diýdiler.
–Sen näme diýdiň?-diýip,Güller howsala düşen gözlerini oňa gönükdirdi.
–Bir hepde möhlet beriň,jogabyňyzy şonda bererin diýdim.
–Waý,enaýy-da,gyz,şeýle diýdiňmi?-diýip,Güller başam barmagyny döwäýjek
boldy.
–Indy doganlaryma näme jogap bereýin,jan Güller?
-Ýüregiň näme isleýän bolsa şony diý!
-Meň ýüregim diňe sen diýip urýar.Maňa diňe sen gerek!
-Waý enaýy-da,gyz.Bolýa,onda maňada azajyk puryja ber,enem-atam bilen
maslahat edeýin-diýip,Güller ýöne bir agzyna gelenini aýdyp goýberdi,hakykatda
welin,ol Altymyrat barada ejesine syzdyrypdy.Bulara gözi ýetip dursa-da,ol özüni
gerekledesi,mertebesini has-da artdyrasy gelýärdi.
–Gülüm,Güllerim,indi garaşmaga wagtym ýok.
–Waý enaýy-da gyz,,iki-üç gün garaşarsyň ahyr?!
-Garaşaryn-diýip,Altymyrat jogap berdi...
Güller balkyldaýan gözleri bilen Altymyrady ugratdy-da,ýüzüni tutup, begenjine
sessiz aglady.Bu çäksiz begenjiň çäksiz agysydy... Hawa,ol begenjine aglady.Neneň
aglamasyn?Sebäp bolmasa adam aglamaz ahyr...
Güller Oleg Komlewiň aýal dogany Ýelena bilen orta mekdebi bile
gutarypdy,indem, saglygy saklaýyş mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda bile
ýaşaýardylar.Ýelena hem Oleg ýaly sport oýunlary bilen gyzyklanýardy,ylgamakda
talyplaryň arasyndan öňe saýlanypdy,şonuň bilen birlikde sport gazet-jurnallarynyň bir
näçesini alyp okamany halaýardy.Bir gün ol “Sowetskiý sport” gazetinde çykan
makalany görkezip”Şuny oka!” diýdi.Ilki bilen makala däl-de,gazetdäki
surata,Altymyradyň merdana keşbine gözi düşen Gülleriň ini jigläp giden ýaly
boldy.Suraty synlap oturdy-da:”Şu ýigide durmuşa çykjak gyz gör nähili bagtly
bolar”diýip,gazeti patladyp jorasynyň öňüne taşlady.Ol bolsa “Jora,göreşsiz zat
ýok,söýginem göreşip gazanmaly.Şol bagtly bolmaly gyzlardan seniň nämäň
kem?”Aýgytly ädim”kinosyndaky Aýna meňzeş görk-görmegiň bar,bilimiň,edebiň ilden
kem däl.Onsoňam,sen ony düýşümde hem gördüm diýýärsiň ahyr?Söýgiň üçin
göreş,ýogsam ony eliňden aldyrarsyň,sebäbi Oleg:”Altymyrada gyzlardan günde onlarça
hat gelýär”diýýär’’diýipdi..
-Hawa,men ony düýşümde görüpdüm-diýip,Güller şol pursaty ýatlady...
Ol şo gün “Biziň golumyz däl-de Aýşa-Patmanyň goly”diýip,özi üçin dokajak
halynyň gazygyny kakypdy.Ejesi,goňşy golamlary “Işiň ilerik!”diýip,oňa ak ýol arzuw
etdiler.Ak niýetli gyz dokmanyň “Bismilläsini”özüniň ak biziň ýüzüne çeken asman
gümmezinden başlady.Asmanyň düşegini gök ýüplükden çitip,soňra ýokardan Günüň
şeklini çekmekçi bolanda,ol uly alada galdy,sebäbi Alladan başga zat aglaba jübüt
bolýardy.Eýsem ol ony nätmeli?Günüň hemrasy barmyka?Şeýle pikirler bilen ol
dokmasynyň çitimini goýup,oda oturdan taňkasyny barlady,çäýnegini çaýkady,onuň
daşyny-içini,jüründigini arassalap,içi çaýly gülli gapyrjakdan däne-däne bolup duran
çaýdan ajyrak atdy.lasyrdap gaýnaýan içi çorbaly gazanyň oduny peseltdi.Mugallym
bolup işläýan ata-enäni naharlamaly,öňlerinde çaý goýmaly.Onýança-da,tüňçe “lasyrlasyr”gaýnady.Ol çaý demledi-de,ony üç gezrek gaýtaryp,basyrdy.Ene-ata işden
gelenlerinde,olary naharlady,çäýnegi uzatdy,özi welin,nahar bilen ugry bolman bar oý184
pikiri Günüň töweregi boldy.Bir dokmasyna seredip,bir daş çykyp,sapaklaryny göwünligöwünsiz okap,ahyrym uklap galdy.Düýşünde-de ol Güni,onuň daşynyň dokuz sany
hemrasyny gördi,şol bir wagtda Günüň gapdaly bilen ilki sudur,soň kem-kemden anyk
keşbe giren Altymyrady gördi.Ol ilki “Ine,men Günüň taýy”diýýän ýalydy,emma
ol:”Ine,men Gülleriň taýy”diýýär ekeni,hat-da elini uzadyp Gülleri özüne çekmekçi
bolanda ol oýandy.Görse,öz öýünde,düşeginde ýatyr.Ol bu waka haýran galyp,gören
zatlaryny saldarlap :”Waý enaýy-da,gyz,Alla maňa taý tapyp,yhlasymy kabul etdi”diýdide,dokmasynyň ýanyna ylgap bardy.Oňa indi ähli zat düşnükli boldy duryberdi...
--3—
Ine,häzir ol bu wakany hem-de özüniň jorasyna aýdan sözüni ýatlap,onuň soňunyň
hut düýşündäki çözgüt bilen gabat gelýänligine gözüni ýetirensoň,begenjine aglaýardy...
Bir näçe günden soň Altymyrat uly dukanyň öňündäki bägülli meýdançada Güller
bilen duşuşdy.Gülleriň egnindäki gögerçin ýaly öwşün atýan göwderi köýnegi,başyndaky
gyrmyzy ýaglyk,aýagyndaky melewşe köwüş ony hasam gelşige getirýärdi,geýilen lybas
gözelleşdirýärmi ýa-da ol lybasy görke getirýärmi saýgarar ýaly däldi.Ýaglygynyň
aşagyndan iki örüm bolup gaýdýan gara saçlary uz boýuny yzarlap,ýere ýetmäge
ymtylýardy.
Olar dukanyň günbatar ganatyndaky çynaryň aşagynda ýerleşen oturgyçda oturmak
islediler,emma güllere timar berip ýören Mälik aga:-Balalarym,men gülleriň içine hiç
kimi salmaýardym,ýöne,türkmeniň abraýyny arşa göteren gerçek we onuň ýanyndaky
näzenin gözel üçin iki gözümiň ortasynda orny bardyr.Dünýe merdiwandyr,biri müner
biri düşer,ýöne ogul,seniň pälwanlygyň şan-şöhrady,maňa “tigirli goja”diýişleri ýaly,
ýyllar geçdigiçe arşa galar.Baryň,hol goşa bägülli gülüň düýbünde meniň oturýan
oturgyjym bardyr,şoňa ikiňizem ýerleşersiňiz-diýdi.
–Mälik aga,Alla siziň ömrüňizi uzak etsin,taňryýalkasyn!-diýip,Altymyrat
hoşallygyny bildirip,gülälekli meýdançanyň ortasyndaky gür bägül düýbüniň aşagyndaky
oturgyja bardy.
–Alla maňa uzak ömür miýesser etmez,ony aňýan.Özümi bilenimden tigir
sürüp,türkmen sportuna azda-kände goşandymy goşanam bolsam,indi garradym.Günleriň
birinde birehim ajal:”Bol,goşuňy düw,synaglyň doldy”diýerde,duýdansyz gapymy
açar.Entek etmeli işlerim-ä kän,sen ýaly bir agtyk oglumy öýermeli,agtyk gyzymy
durmuşa çykarmaly,hat-da,ogullarym bilen gürleşip oturmaga-da wagtym ýok...Siz,şu
bägüllere meňzeş ýaş nesillem,owadan gülleriň içinde oturanyňyzda,meniň bitiren bu
işlerimi ýatlasaňyz,şo dem-de men gelip,ýanjagazyňyzda oturaryn we bagtyňyza
guwanaryn...Ýöne,men ölsem bu bägülleri gopararlar-diýip,gözüniň owasyny ýaşdan
doly goja Altymyrady bagryna basdy...(Bir aýdan soň Mälik aga dünýesini täzeledi
welin,köçäni giňeltmeli bahana bilen bägülli meýdançany tekizlediler.Tigirli goja öňüni
bilýär ekeni)
-Güller,gyssaýar diýip birahat bolma,menem gyssaýarlar,nädeýin!-diýip,hal-ahwal
soralşykdan soň Altymyrat dillendi.
–Meniň bolup ýörşüm uly gyza gelişýän alamat däl,gyssap duraňsoň gelmeli
boldum.Kän garaşdyrdym-my?
-Ölünçäň garaş diý,garaşaryn!
-Waý, enaýy-da gyz,näme diýsem etjek-dä,onda!?Mejnun ýaly düze-daga
çyk,aklyňdan azaşda däli-porhan bol diýsemem etjekmi?
185
-Näme etmän!Sen meniň üçin asman ýaly arassa,zemin ýaly agras,daglar ýaly
beýiksiň,bagtym diýip arzuwlanymsyň.Seniň aýaklaryň ädimi,garaja gözleriň,syh-syh
kirpikleriň,gül jemalyňa,kaddy-kamatyňa gelişip duran lybasyň meni derýa dek
joşdurýar.
–Waý,enaýy-da,gyz,dogrudanam,eşiklerim gelişýärmi?
-Ýok,syratyň,görmegiň lybasyňa gelşik berýär.
–Ýaňy aýnanyň öňünde özümi synlap durkam,ejem gapydan girdi-de:”Toba,
estagfirulla!Bolup durşuň dagy näteňet,gyz!?Nä hyýala münüp ýörsüň?Wah,meniň muňa
“eýle bolma,beýle bolma”diýip,gulagyndan çekip sarganlarym,ýele ýanyndanam
geçmedik ýaly-la!Hä,nä hyýala mündüň?Aýdyp otur!Wah,belanyň körügi kakaňdada,”gyzym akyllydyr,gyzym pylandyr”diýip arkasyn alyp,meň badymy alýarda”diýdi.Onsoň menem oňa şu güne çenli aýdyp bilmedik zatlarymy aýtmaga mejbur
boldum,seniň
bilen
gatnaşygymy,sawçy
gelse
habarlaryny
almalydygyny
syzdyrdym.Ejem bolsa:”Asyl şeý diýsene!Soňky günlerde ony alyp ber,muny alyp beriň
gutarmady diýýänle!Mawläp ýörmiň asyl?”diýýär,menem:”Eje, mawlar ýaly men pişik
däl-ä!”diýsem,ol:”Gyzym,gowy görüşýän joralaryň ikisi durmuşa çykdy,bile okan
oglanlaryň üçüsi öýlendi,töweregiň çolarlaberdi.Senem käte aýdanymy eşitmedik
bolup,iki dyzyňy gujaklap,uzaklara seredip oturmany çykardyň,munuň özi seniň
ýetişenligiňi aňladýan alamatlar.Senem,hol daşkyrak goňşymyzyň gyzy,adyny aýdyp
oturmaýyn,özüň bilýänsiň, işigini syryp ýörkä samsyklyga salan bolup:”Men bir
mugallymyň gyzy,özüm kenizjek,iller ýaly başa topbujyk geýjek”diýşi ýaly
diýmeseňem,bolup durşuň şony aňladýar”diýip,ejem daşyma geçdi.Garaz,bu günem
joralarym bilen surata düşmäge gitjek diýip zordan sypdym...
–Diýmek,sawçy ugradybermeli-dä!?-diýip,Altymyrat onuň egnine elini goýdy.
–Waý,enaýy-da,gyz.Eliňi bir egnimden aýyr!-diýip,Güller gaýra çekildiTürmençilikde edebiňe we diliňe bek bolmalydyr,duluňa duwlaýançaň eliňi gatmaly
däldir.”Dogan duýsa kiçeler,duşman duýsa goçalar”diýipdirler.
–Sawçylar habar alsynlar,soraşdyrsynlar,guda bolunsa mende bir teklip bar.Indiki
ýyl meniň ömrümde iň bir jogapkärli,öwrülişik pursat döreýär,olam Olimpiýa
oýunlary.Meniň iň uly arzuwym onda çykyş etmek.Men oňa mundan dört ýyl öň
gatnaşmalydym,emma meniň gazanan ýeňişlerime seretmän ýaşyma seretdiler,sen heniz
ýaş,geljegiň öňde diýdiler.Bu ýyl SSSR-iň dargamagy bilen köp zat bulaşdy,biziň ýaryşa
gatnaşjagymyzam belli däl,sebäbi ol indi Moskwadan däl,Türkmenistandan
çözülmeli.Onuň üçin şu günden däl,mundan bir ýyl öňden Türkmenistan öz Olimpiýa
guramasyny döretmeli,şol gurama indiki ýyl ýaryşa gatnaşmaly sportçylar barada Dünýä
Olimpiýa guramasyny habarly etmeli.Belki,ol ediler,belki eýýäm edilendir.Eger men şol
ýaryşa gatnaşsam, ýokary sylaga mynasyp bolup,gyzyl medally dolanyp gelsem,şonda
biz iki toýy-ikimiziň durmuş toýymyzy we Olimpiýa ýeňişimiň toýuny toýlarys.
–Geljek ýyl menem saglygy saklaýyş uçilişäni tamamlaýaryn,diýmek üç toýy
birleşdirmeli bolýarsyň.
–Şeýlemi?Ol-a hasam ajap,üç toýy birleşdirip,üç gün toý toýlarys!
-Waý enaýy-da,oglan,ýöne,türkmençilikde şeýle ýagdaýda“nesip bolsa”diýilýändir.
–Nesip bolsa-diýip,Altymyrat mylaýym ýylgyrdy-Agam saňa türkmençiligi hat-da
türkmen dilini hem bilenokmyşyn diýýär welin,asyl,sen-ä oba gyzlaryna gaýra dur
diýdirýäň!
-Atam-enem obada önüp-ösen,menem obada ýaşamagy halaýaryn.
186
– Ol aýnada ýaly görünip dur!-diýdi-de,Altymyrat goşa duran bägül şahalaryny aşak
egip,ysgamak isledi,emma tikenler ony awundyrdy.
–Bilýän,tikenler eliňi pers-ala edendir.Ol gülüň pudagyndan tutup,ebeteýini
tapmaýanlygyň üçin bolýar,bir awunarsyň,ikinjiňde ugruny taparsyň!Durmuşda hem
şeýledir...Bolýar,oglan,onda meň-ä surat aldyrma wagtym doldy,gitmeli!-diýip,Güller
şowurdap ýerinden galdy.
–Gidäýjek-mi?Azajyk oturaýaly?
-Ýok,gideýin.Meni ugratma...
–-Gitseň,ýene görüşýänçäk sag bol!-diýip,Altymyrat ony guwançly gözi bilen
ugratdy.
–Gowy,asylly,agras maşgala ekeni,ikiňiz birek-birege mynasyp.Bagtly boluň!diýip,Mälik aga onsuzam aýna ýaly ýalpyldaýan pilini arassalap başlady...
Altymyradyň “Pylanylara sawçylyga gidiberiň”diýmegi Orazberdiniň gonjuna gor
guýdy.Ol şol gün aýal doganlaryny çagyryp,”inimiz-ä şeýle-şeýle diýýä weli,men oňa
göwnämok,birinjiden ol gyz sygyr sagyp bilenokmyşyn,ikinjiden ors mekdebini
gutaryp,türkmen däp-dessuryny,hat-da türkmen dilini hem bilmeýärmişin,özem,oba-da
däl,şäherde
ýaşajak
diýip,eýýämden
şert
goýýarmyşyn,dördünjiden
saçy
kesikmişin”diýip,patarrakyny urup başlan badyna,Altymyrat onuň sözüni böldi.
–Agam jan,goýaweri,goýaweri,aýdýanlaryň ýapa hem degenok.Aslynda sawçylyga
baryň diýip men ýaňy aýtdym-a,sen bolsa eýýämden ony tanaýan ýaly gürleýärsiň!
-Bizem piliň gulagynda uklamzok,adam bakýas,dogry-da walla.Seniň kim
bilen,näçe wagtdan bäri gatnaşyk edýänligiňi bilýäs-diýip,soragly nazaryny Aýgözele
gönükdirdi.
–Hawa,jigimiň şo gyzyň töwereginde gaýmalaýanlygyny saňa aýdypdym,ýöne sen
bu aýdýanlaryňy nireden tapýaň!?-diýip,Aýgözel Orazberdä soragly nazaryny dikdi.
–Işleýän ýerim olaryň golaýynda,käte,şol jaýdan çykýan gyzy görýän.Ondanmundan soraşdyrdym,eşidenlerimi,görenlerimi size ýetirdim,dogryda walla.
–Toba essagpurulla,kim aýdýanam bolsa ýalan sözläpdir,menem şo töwerekde
ýaşaýan,günde bolmasa-da ejesini,käte gyzyny görýän.Düýn ejesi bilen
gürleşdimem:”Gyzly bolsaň kyn,haçan bagty açylar,nesibesi göteriler diýip
ýörmeli”diýýä.Onuň gül ýaly gyzy bar,gözi sürmeli,gaşy burmaly,tutma ýok,öpme
ýok,garap durmaly diýilýänlerden..
–Men Orazberdi kakamyň aýdanlaryna goşulýan,jigimize obaly gyz gerek,dogan
jan-diýip,Orazgül seslendi.
–Aý menem...-diýdi-de,Gurbanbibi sakyndy.
–Senem Oraz kakaňa goşulýarmyň?-diýip,Aýgözel Gürbanbibä alarlyp bakdy-Gör,
munyň
saçyny?Tokmak ýaly.Bir ýaşyna çenli kellä tüý çykmandy.Ejem yrym
edip,Amanmuhammet daýysyna päki degirtdi weli,şodur-da şodur munyň saçy çaýyr
ýaly ýaýrap gidiberdi.Hany aýt,yrym bilen saçly bolan jigim jan, sen Alty doganyňy
goldaýaňmy?
-Goldaýan-diýip,ol çala başyny atdy.
–Toba,essagpurulla,biz ikä bölündik.Maşgalada agzybirlik bolmasa,bir çukura
tüýkürilmese gudaçylyga gidilmeýär-diýip,Aýgözel seslendi.
–Biz köplük,azlyk köplüge boýun bolaýmaly,galanynam Rahmanberdi aga gelerde
hemmesini çöp döwen ýaly eder-diýip,Altymyrat agasyna derek jogap berdi.
Şol pursatda “Bagty gelse paşmakçy hem şa bolar,bagty ýatsa şa hem tagtdan
iner”diýilşi ýaly,gapyda Rahmanberdi aga göründi.
187
–Hä-ä-ä!Gudaçylyk gürrüňini edýäňizmi?Berekella,ýagşy niýetiňiz bar,işiňizi Alla
oňarsyn!Öýde otyrdym weli,birden pälwanyň “gelip git”diýen owazyny eşitdim-de,
gaýdyberdim.Ol öňden görýär diýsem ynanmarsyňyz,ýöne ol hut şeýle ýigit.Ýene bir zatpälwan sen-de bir gysym toprak bolmaly,gizläp goýan ýeriňden şony alyp gel-diýip,ol
Altymyrat içki otagdan ýumruk ýaly düwünçegi alyp gelýänçä sesini çykarmady,soňamSen jennetden alynan bir gysym topragym bar diýýärdiň,munyň hähili beýle
bolýanlygyny düşündir!-diýip,Altymyrada ýüzlendi.
–Hezreti Pygamberimiz”Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr”diýen mübärek sözi
bar,şondan ugr alyp,ejem aýatda dirikä men onuň basyp giden yzyndan bir gysym toprak
alyp gizläp goýupdym.Muny menden başga bilýän ýokdy.
–Hany,onda balalarym,jennet topragyny maňlaýyňyza sylyňda,ejeňiziň wesýet edişi
ýaly agzybir boluň,päheýde welin
-Ol
dogryla
walla,ýöne...-diýip,
Orazberdi
bir
zat
diýmekçi
boldy,soňundanam,diýmäň ebeteýini tapman-Bolýar,men razy,inim birini saýlan bolsa
bolýar-diýdi.
–Mollum,sag boluň,abraý bilen müň ýaşaň!-diýip,Altymyrat Rahmanberdi aganyň
elini gysdy.
–Pälwan,abraý bilen müň ýaşamaly men däl-de sen!
-Bä,Rahmenberdi aga,arzuw edilende-de bolup biljek zady arzuwlamaly,adam nire
müň ýaşama nire,dogru-da walla?-diýip,Orazberdi janykdy.
–Adamyň ömri jesediň ömrüne bagly däl.Ol topraga garylandan soňam bitiren
işi,gazanan ýeňşi,ady,abyraýy,şan-şöhrady bilen müňlerçe ýyl ýaşap bilýär.Pälwanyňky
hut şeýle.Ol sporta uly söýgüsi bolan açgöz galandar, basym ýokary bilim hem
alýar,Pygamberimiz ol barada “Alymyň ybadathondan artyklygy ondördi gijäniň aýynyň
şöhlesiniň hemme ýyldyzlaryň şöhlesinden artyk bolşy ýalydyr”diýipdir.Siziň kakaňyz
hem alym-daýhan adamdy,ýeriň,ekiniň dilini gowy bilýärdi,bäş wagt namazyny
sypdyrmaýardy.69-yň gazaply gyşynda metjide,juma namazyny okamaga bardy,ýanynda
täret suwy,ondan maňa-da berdi.Görsem, suw ýyly.”Muny nädip gyzdyrýaň?”diýsem
“suwly çüýşeni goltugyma salyp gezýän”diýýär.Ol möjek bilen garpyşyp,boýnuny
towlan pälwan.Men kakaňyz baradaky gürrüňi ýene uzaldyp bilerdim,emma wagt bir
çene bardy.
–Rahmanberdi aga,gudaçylygyň sähedini bellemeli,wagtyňyz bolsa biziň öňümize
düşüp gidip beriň!-diýip,Aýgözel seslendi.
–Bu möhümi bitirerin-diýip,Rahmanberdi aga turmakçy boldy...
--4—
Rahmanberdi aga ýanyna Aýgözeli alyp,sähetli gün gudaçylyga rowana boldy.Bu
haýyrly
işe
çykylanda,türkmeniň
däp-dessury
boýunça,”Ak
zat
alnyňa
ýagşylaryny”edip,sawçylaryň gabaklaryna ak pagta ýelmeýärler,un çalýarlar,şol sebäpli
käte olara “gözi pagtaly”diýilmegi şonuň üçin bolsa gerek.Gojanyň egninde haly
horjun,onuň içinde bir bölek çörek,bir çümmük duz bar.Olary başga bir gaba salyp
gitseňem bolman durjak däl,emma haly horjun gudaçylyk ýaly sogap işiň bezegi,iş
oňjaklygyň garamaty hökmünde görülýär
-Aşyry tanaýan-diýip,her ýerden bir ätläp barýan uzyn boýly goja seslendi-Ol meniň
ýaly mugallym,käte ýygnaklarda gabatlaşýas.Içgin tanamasamam, ygrarly, adam çykýan
maşgaladan bolmaly,maşgalasam erbet däldir. Belki,şeýle hem bolsun-da!
188
-Rahmanberdi akga, menem sorap-idäp görüşdirdim,”öz halal zähmeti bilen
çagalaryny ekläp ýören,enesi terbiýeçi,kakasy mugallym ,”bir akan ýerinden akarmyş
aryk”diýilýän döwletli maşgaladan” diýýärler-diýip,gojanyň yzyna zordan eýerýän
Aýgözel seslendi.Onsoň,gyzlary hem akylly,asylly bolmaly...
Olar etrap merkezinde ýerleşýän Akmyrat agalaryň howlusyna salam berip ätledilerde,daşarda öý işleri bilen garabaşyna gaý bolup ýören dolmuş,syratly aýal bilen gadyrly
salamlaşdylar,saglyk-amanlyk soraşdylar.
–Geleweriň,myhmanlar,geliň-geçiň,jaýa giriň!-diýip,öý eýesi mürähet etdi-Şu gün
hamyr ýuwrup otyrkam hamyrym syçrady,edil gapdaljygymda eýgörmüş pişigim
ýuwunyp otyr,onsoň şu günä myhman gelse gerek diýip,naharymyň üstüne azajyk
gaýnag suw guýdym-Ol myhmanlary öýüň töründe oturdyp,öňlerine saçak ýazdy.
–Aý,sähetleje gün diýip gaýdyberdik-dä,bizem,öňünden habaram etmedikdiýip,Rahmanberdi aga,aşagyndaky kiçeňräjik halyny sypalady,arkasyna geçen gölleri
synlady,soňam jaýyň içine gözüni aýlady.
-Myhman rysgaly bilen gelýär,geleniňiz gowy-diýip,öý eýesi jogap berdi-Şojagaz
halyny Güller dokady,tüweleme,elli-aýakly,ähli işimi edýär.Türkmençilikde kakamyz
maşgalamyzyň mizemez sütüni,her ädimde,her demde ählimize ýagşy görelde görkezip
gelýär,ýöne ol işi köp bolansoň şu öýüň ähli garamatyny meniň üstüme ataýdy.Gyzly
bolsaň gelim-gidimiň köpeler ekeni,şol sebäpli kakasy”Haý, keýwany, gelýänleriň
habaryny gyzyň bilen özüň alaweri,maňa ýetirme,men ol zatlara goşulyp bilmen”diýip,
işine gitdi.(Oňa “Sen otur,sen nämäni bilýäň”diýlen bolmaly).Wah,men guraýyn,size
çaý-nahar bermän samrap oturypdyryn-diýip,öý eýesi gowsundy.
–Habarymyzy alsaňyz uzak oturjak däl! –diýen Rahmanberdi aga,maşgalabaşynyň
öýde bolmazlygyny,onuň maşgalasyny sylaýanlygynyň,hormatlaýanlygynyň alamaty
hökmünde görse-de,başga bir tarapdan ”Diýmek,bu öýüň bikesi erkli,ezber, aýdanyny
gögerdýän bolmaly ”diýip pikirlendi.
-Ýok,ýaşuly,duzumy datmasaňyz habaryňyz alynmaz-diýip,öý eýesi çaý
demläp,çäýnek käseleri olaryň öňçünde goýdy,soň ýaşuly üçin bir okara,Aýgözel üçin bir
okara çorba getirdi.Myhmanlar nahar iýip,bir käse çaý içenlerinden soň-Ine,indi
habaryňyz bolsa aýdyp oturyň!-diýip,saçagy ýygnady.
–Aýtsak biz-ä ýitigimizi gözläp geldik.
–Gelen
bolsaňyz
ýaşuly
diňläň.Türkmende
gyzyň
ykbaly
eneatasynyň,doganlarynyň elinde bolýanam bolsa,biz gelen-gidenlere gyzymyzyň özüniň
jogap bermegine razy bolduk.
–Bä,bä,gelin guda,bu neneňsi täzelik,päheýde welin?!Ýa,bi gaýdyberiň
diýdigiňizmi?-diýip,Rahmanberdi aga töweregine ýaltaklady-Gelip-gidýänlerden asgyn
çykmajak,ylym-bilimi ýetik gyzly bolanlar,dogan-garyndaşlarynyň rugsadyny alyp,şeýle
herekede razylyk berýärler,beýle däbi öňler ulanypdyrlar,onuň aýby-ha ýok,ýöne..
–Siz ýaşuly aga,geň-taň görmäň,ýagdaý-a şeýle.
–Gelin,“Baryň ötägidiň”diýseňiz mundan gowy bolardy.Biz indi aljak gelnimiz
bilen aç-açan gepleşmelimişik.Bi, gören-eşiden zadymyz däl,päheýde welin.
–Toba,estagpurulla!-diýip,Aýgözel ýakasyna tüýkürdi.
–Ýaşuly,siz mugallym,men terbiýeçi,kärdeş diýen ýaly.Düşüniň,bulary gülki ýa
özüňizi masgara etmek üçin aýdandyryn öýütmäň.Siziň pikiriňiz dogry,ýöne muny
diýmekde meniňem göz öňüme tutýan maksadym bar,ýagny...
–Gelin baý,sawçylara şular ýaly şert goýýaňyzmy,päheýde welin?-diýip,goja onuň
sözüni böldi.
189
–Beýle şerti siziň öňüňizde goýýaryn...Ýogsa-da,öňräjik başga sawçylaram şeýtdim.
Öýe gelip-gidýänler köpeldi weli gyzym :”Eje,indi gyz sorap gelen sawçylara ”Hon-ha,
gyz,onuň özi öz ykbalyny çözýär,özi näme diýse eşidiň”diý-de,oturyber, galanynam
özüm bir zat ederin”diýdi.Şeýle diýdim welin,Ilkinji gelen sawçylara seslerini çykarman
çykyp gitdiler,indem siz geldiňiz.Ýörüň,aýp görmeseňiz,sizi haly dokap oturan gyzymyň
ýanyna
elteýin,duşuraýyn.Gürleşiň,synlaň,saçy
kesilenmi,türkmençe
gepläp
bilýärmi,däp-dessurymyzy saklaýarmy,barlaň!
-Toba estagpurulla,asyl siziň gulagyňyza hem bu samahyllamalar gelip ýetipmidi?diýip,Aýgözel Orazberdiniň aýdanlaryny ýatlady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 23
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.