Latin

Topraga duwlanan ägirt - 29

Total number of words is 3771
Total number of unique words is 2402
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gabat gelşine haýran galyp durun.Altymyrat üçin ertiriň aýgytly gün bolşy ýaly,meniň
üçin hem ertir aýgytly gündi.Kinoda oýnaýan oýnumyň iň soňky synagy ertirdi.Synaga
gitsem,Altymyradyň çykyşyna seredip biljek däldim,gitmesemem
synagdan
galyp,oýnaýan oýnum bilen hoşlaşmaly boljakdy,meni sylaýan,özümiň hem gowy görýän
kinorejissorym bilen ara tow düşjekdi.Ine,galmazmyň onsoň iki jahan owarrasy
bolup!Her zatda bolsa,meniň kinoda oýnap,türkmen halkyna getirjek şanşöhradymyň,Altymyradyňkydan derejesi boýunça has pesde durýanlygyna
düşünip,galyberse-de, Altymyradyň ýeňiş gazanjagyna ynamym güýçli bolansoň,näme
bolsa şol bolsuna urup,”Kelläm agyrýar”diýen “bahana”bilen şol gün myhmanhanadan
çykmadym.Hat-da, naharhana hem barman,Altymyradyň çykyşyna sabyrsyzlyk bilen
garaşdym,jaýy içinden gulplap,telefonlary hem öçürdim.Siz bilýänsiňiz,artist özüniň
oýnaýan oýnunyň manysyny içki,daşky düýgusy,hereketleri bilen halka
ýetirýändir,gynanjyndan aglaýandyr,begenjinden gülýändir.Men artist hökmünde,şol gün
Altymyradyň çykyşyna seredip,şeýle bir lezzet aldym,şeýle bir tolgundym,şeýle bir
buýsandym,şeýle bir begendim,begense gülýändirler welin, men ömrümde ilkinji ýola
agladym.Beýle tolgunma,beýle buýsanma öňde-soňda duşmadym.Türkmeniň
gerçeginiň,ýolbars ýürekli pälwanyň bu beýik ýeňişi meniň kalbyma,süňňüme köp ýyllyk
ruhy galkynyş bolup girdi.Hat-da belli rejissor hem nämäň nämedigine düşünip,bu
ýeňişiň hatyrasyna meniň synaga barmanlygym üçin käýinip durmady,gaýtam,şol gün
synagy goýbolsun eden ekeni.Ýaryş gününiň ertesi ýanyna baranymda ol:
-Käte şeýle buýsançly duýguny başdan geçirmek adam üçin edil howa ýaly
gerek.Menem ýaryşy gördüm,buýsandym.Buýsanma-edebiýat,sungat işgärleriniň ruhy
galkynyşyna badalga berýär-diýdi.
Men-ä bir ýönekeý artist,eýsem,dünýä belli rejissoryň dilinden beýle sözi
eşitmek,onda-da,ol duýgularyň döremegine itergi bereniň,türkmen gerçegi Altymyrat
240
Orazdurdyýewdigini bilmek uly bir bagt dälmi?Men,ine,şeýle bagtly adam!Bu gün
bagtym çekip,onuň obasyna gelipdirin,onuň oturan ýerinde oturdym,onuň aýagynyň
tozunyň düşen ýerlerine aýagymy basdym,duz dadan saçagyndan duz datdym,eýsen
munuň özi bagt dälmi?Kakow,Baýram,sizem edebiýat we sungat işgärleri,meniň bu
aýdýanlaryma düşünýänsiňiz-le?Bilýän,düşünýänsiňiz...Indi bolsa,eger rugsat etseňiz
duzuň,saçagyň,şu öýüň hatyrasyna,özi bilen duşuşyp bilmedik bolsagam, Altymyrat
janyň saglygyny diläp bir aýat-töwür etjek!Meniň dilegim kabul bolsun-da!!Men ýaly
näçe ynsan oňa dileg edýändir.”Köpüň dilegi köl bolar”diýipdirler.
Artyk Jallynyň aýat-töwürimden soň myhmanlar turmak bilen boldular.Tirkiş bilen
olary ugratmaga çykanymda,özümiň Altymyrat barada çaklaňja bir kitap
ýazandygymy,nesip etse ony gowşurjakdygymy Artyga aýtdym.Artyk oňa gaty
begendi,çaga ýaly ýylgyrdy-da,arkama kakyp:
-Gowy iş edipsiň,gadamyň ileri bolsun!Edebiýat hem sungat ýaly ýöne bir zat
däldir,ony öz bähbidiňe däl,il bähbidine gönükdirmeli,sebäbi edebiýatda we sungatda
milletiň aňy,däp-dessury,milli duýgusy,buýsanjy baş tema bolmagynda galýandyr,ýalan
duýgulardan saplanmaly,ýasama keşplerden gaçmaly,medeni,ruhy baýlykda millilige
tarap ýüzüňi öwürmeli.Meniň üçin-ä sungat ýöne bir güýmenje ýa gazanç çeşmesi däl.Ol
örän ýokarda durýar,durmuşymyň manysy diýsemem boljak.-diýdi.
–Siz “Şükür bagşy” filminde artistlik ukubyňyzy görkezip,ilhalar adama
öwrüldiňiz.Beýle üstünlik köp zähmet talap edýändir,şeýlemi?
-1959-nji ýylda ilkinji gezek “Aýna” filiminde surata düşdüm.Alty Garly çagyranda
begenjimiň çägi ýokdy.Şol beýik adam, men ýaly ýaş oglana
uly ynam
bildirip,ugrukdyryp goýberen,ýola salan.Galanynam näme, öz üstüňde işlemel,irginsiz
zähmet çekmek bilen gazanylýar.Altymyrat,irginsiz zähmet çekişi,ýeňşe bolan
ynamy,tutanýerliligi bilen ýeňşe ýetip bolýanlygyny subut etdi.Wah,şolar ýaly pälwan
barada kino döredäýseň,höwes bilen oýnardym.Ýogsa-da,Aman jan,sen şol kinonyň
ssenariýasyny ýazyp bilersiň ahyryn!?-Ol maşynyň ýanyna bardy-da,
ýüregini
tutup,azajyk egildi:-Soňky günlerde birneme agyrjak bolýar welin,entejik öňde etsempetsemleriň känligini bilmeýän ýaly,muňa”akyllyja bol”diýip tabşyrýaryn.”
“Keremlidigine janym-tenim bilen ynanýanlygym üçin,Taňry maňa “entejik
ýaşa”diýdi,şol sebäplem ýüregime “Akyllyja bol”diýýärin.Altymyrat,özüniň şu ýaşynda
ägirt uly ýoly geçdi,köp işleri bitirdi,men diýen birnäçe gerçegiň bitirip bilmejek işini
bitirdi.Menem durmuşda,edil Altymyrat ýaly,ot bolup, lowlap ýanmaly diýip
düşünýärin.Altymyrat ot bolup ýandy,ýanardag dek gaýnady,her zat etdi,öňde goýan
maksadyna ýetdi.Ýöne men onuň öňünde özümi ýazykly duýýaryn.Näme üçin
diýeniňde,oňa ýakyn durup bilmedim,köňül islegini kanahatlandyrmadym,agyrsynaünjüsine goşulmadym,onuň ady,şöhrady bilen atly,şöhratly bolup,agyran gününde
hemaýat bermedim,çöken köňlüni göterjek bolmadym-Ol sesini kesdi-de,uludan demini
alyp ýüregini tutdy,maşynyň içinde “Bol,bol”diýip garaşyp oturan ýoldaşlaryna gözüni
aýlap,başyny ýaýkady,soňom:-Aman jan,sen gowy ýigit ekeniň!-diýip,meni bagryna
basdy-Ýanyňdan aýrylasym gelenok welin,nädeýin,gitmeli-dä...Bir Aşgabada bar,hezzethormat edeýin,öýümiň töründe oturdyp guwanaýyn-da,jomartlyk edeýin.Men myhmany
gaty gowy görýärin,barsaň göz ýetirersiň!
Men üýtgeşik mähirli bu adam bilen düşüşyp,ähli alada-ünjüni ýadymdan
çykarypdym,ertekili bir dünýä düşen ýaly bolupdym.Ýanyndan aýrylasym gelmesede,ugramaga wagt bolupdy.
241
–Artyk aga,siz sungatda türkmeniň abraýyny galdyran Baba Annan,Nury
Halmämmet,Alty Garly,Akmyrat Bäşim,Hommat Müllük,Taňryguly Seýitguly,Hojaguly
Narly ýaly gerçekler bilen bile işlediňiz,duz-emek bolduňyz.Hoşlaşyp,Siziň eliňizi
gysanymda men ýokarky gerçekleriň hem ellerini gysýan ýaly bolýaryn.Onuň
şeýledigine
şübhelenmeýärin!Adyňyz
ýagşylykda
ýatlansyn,ömrüňiz
uzak
bolsun!Saglykda
görüşeli!-diýip,mem
onuň
bilen
mähirli
hoşlaşdym.
Artyk Jally elini elimden ýuwaşlyk bilen sypdyrdy-da,nähiliudir bir uly güýç onuň içki
dünýäsine aralaşyp,heýjana salýan ýaly,gözüniň ýaşyny ýaglygy bilen syldy.Ýüzünde
gussa hem alada bardy...
(Şu duşuşykdan soň üç ýyl geçdi.Meşhur artist Artyk Jallynyň aradan çykanlygy
baradaky habary eşidip”Taňry maňa ÝAŞA DIÝIP ÖMÜR BERDI”diýenini ýatladym.Ol
Taňra gerek bolupdyr,Taňry ony ýanyna çagyrypdyr.Şeýdip,Altymyrat neresseden iki ýyl
soň,özüniň köňül paýhasy,ýürek medeniýeti,bimöçber döredijilik joşguny hem hyjuwy
bilen türkmen sungatynda öçmejek yz galdyran artist aramyzdan gitdi...)
Tirkiş Tagan gürrüňini gutaran badyna Altymyrat etrapdan gaýdyp geldi.Ol Oleg
Komlewiň ýarowsyz ejesiniň halyny soramaga gidipdi.Salam-helikden soň ol:
-Adamlar,meni bagyşlaň, dabaradan gaçýar diýmäň.Bagşy Bally Hajy “Eger Alty
ýanyňa geläýse meniň bilen gepleşdir”diýip,Olege tabşyrypdyr.Ine,onsoň onuň bilen
gepleşjek bolup eglenmeli boldy-diýdi-de,ol sözüni dowam etdi-Bally meni tüýs
ýürekden gutlady we 1987-nji ýylda ikimiziň ilkinji duşuşygymyzy ýatlap,Kawkaz
kurortlarynyň birine gidip bile dynç almagy teklip etdi.Menem elimiň boş wagtyny
saýlap habar ederin diýip söz berdim.
–Alty,oň bilen nirede duşuşyp ýörsüň,,dogruda walla?-diýip, Orazberdi sorady.
-1987-nji ýylyň tomus aýlary men Brest şäherinde geçirilen bütinsoýuz ýaryşa
gatnaşmak üçin Moskwadan Belorusa uçmakçy boldum.Uçar erte sagat onlarda gidýär
ekeni. Ine onsoň,Moskwanyň Izmaýlowa myhmanhanasynda bolýan ýerimden
,garbanmak üçin aşak düşdüm.Ol gün bu ýerde dürli ýurtlardan gelip,Moskwada
okuwlaryny tamamlan talyplaryň gutardyş agşamy geçýär ekeni.Şeýle şowhunly aýdymsaz,tans gidip durka birdenem, saz tapba kesildi.Saz çalýan oglan ýarowsyzlyk tapypdyr
diýdiler.Dabarany alyp baryjy saz guralyndan başy çykýan bar bolsa,gaýrat edip,çalyp
bermegini,bolmanda tans eder ýaly sazlary çalyp bermegini haýyş edip,telim gezek
oturanlara ýüzlendi.Ine,birdenem menden beýlerälde oturan görmegeý ýigit,ýerinden
turdy-da:”Men çalyp beräýsem nähili bolar?”diýip seslendi.Alyp baryjy derrew onuň
aňyna-maňyna garaman,beýleki sazandalaryň ýanyna eltdi.Ýigit täze ýaýran ýapon saz
guralynda hindi,rus.türk,özbek sazlaryny ussatlyk bilen çalanda,dabara belleýän
talyplaram, naharlanyp oturan beýleki adamlaram uly hoşallyk bildirdiler.Ine,
birdenem,meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmediň kino üçin döreden,hiç kimi
parhsyz goýmaýan sazlaryndan bölekler ýaňlanyp başlanda men syçrap ýerimden
turdym-da,sazandanyň ýanyna ylgap bardym,”sagja bol” diýip ony gujakladym.
Ol asyl meşhur Bally Hajy bolsa nätjek.Men oňa minnetdarlygymy bildirdim we
“Durdy bagşy”sazyny çalyp bermegini soradym.Ol ony höwes bilen ýerine ýetirdi we
yzyny “Küştdepdä”ýazdyrdy.Oturanlaryň hemmesi küşt depip,şowhuny hasam
artdyrdy.”Sungatda çäk ýok”diýleni dogry ekeni.Ballynyň şol günki çalan sazlary
henizem gulagymda ýaňlanyp dur...
---5—
242
-Alty jan,özüň-ä öýlendiň welin,Tyrry kakaňy gözden salaýdyň-da?-diýip,häliden
bäri özüne gezek ýetenine garaşan Tyrry aga seslendi-Hi,bir zat gözüňe ilmedimi?
-Oňa azar berme,diýmäýin diýsem-diýip,Annaberdi aga jogap berdi-Başy boş
heleýleriň bary kellelerini ýaýkaşyp durlar,pylanyny pylan edeýinleň biräm
göwnänok,gaýtam,dodoklaryny çöwürýärler.
–Aý,hawa-da,indi äre barjak bolup duranam ýok-da!
-Olar bar,ýöne sen ýaly sandan galan garryny başyna ýapsynlarmy?Iki aýagyňy göre
sokup otyrsyň welin,diýmäýin diýseme heleý gerekmişin,ýagşam bir...
–Köşek,gezen ýeriňde başy boşuň biri gözüňde bolsun-diýip,Tyrry aga Annaberdi
aga diýýämiňem diýmän Altymyrada ýüzlendi-de,gitmek üçin ýerinden turdy.
–Bor,Tyrry kaka jan.Indi ol aňsat,şeýle-şeýle bilen tanyşjak diýip,internede
salaýmaly,derrew jogaby gelýär.
–Puluňy gysganmasaň menem başlyk, saňa nika gyýyp bereýin,özem şeýle bir
gyýaryn welin,sen Aýa uçsaňam aýalyň yzyňdan galmaz ýaly ederin-diýip,Begjan molla
onuň yzyndan gygyrdy.
–Gör-ä,diýmäýin diýsem,aýagy duşakly mal ýaly bolup barşyny,ýene oňa heleý
gerekmişin,heý-ý...diýip,Annaberdi
aga
sögündi-Geçmişde
aýallara
peri
diýipdirler,indikiler-ä,diýmäýin diýsem,gatan gurbakga ýaly.Çöregiň şu gytçylygynda
heleýi başyňa ýapjakmy diýsene?
-Hawa,akgamlar,bir hili döwür boldy,bugdaýdyr-arpa bişeýkelçilige uçrady,Mary
iline heniz görülmedik gahatçylyk aralaşdy,hut “Ýer gaty-da,gök yrak”diýenleri boldydiýip,Ümür aga gürrüňe başlady-Çöpi gutaryp ugran adamlaryň garynlary sala
dönende,iliň çorbaçykar gojalary ýygnanyp,bir çukura tüýkürdilerde,maňa”Ümür,aýaga
gal-da,her zat et welin,onsuzam agyr günümizi ýowuz belaň demine düşürme,gaýrat etde”diýdiler.Ine,onsoň,”Kyýamat
güni
goňşydan”diýip,ýüzüme
çarh
çekişime,gitmezmiň,Tejen,Saragt etraplaryna.Ilki Tejen etrabynyň häkiminiň ýanyna
baryp
salamlaşdym.”Bo-how,Ümür
aga,hoş
gördük”diýip,häkim
mylaýym
garşylady.”Jan ogul,hoş-a görensiňiz welin,men-ä”Aýrana gelen tabagyny
gizlemez”diýenlerini edip,galla tamakynçylygy bilen geläýendirin”diýdim.”Ümür
aga,gelen döwlet diýipdirler,hany, myhmanhana baryp,dem-dynjyňy al,nahar-şor
edin,”Galla”diýip dogry geleňsoň,oňam bir alajyny ederis,arta-taşa bolmasa-da”diýen
häkim meni alyp gitdi.Şeýdip,ýazylyp-ýaýrap otyrkam,öňüme ilk-ä noýbadyrnohut,kädidir-käşir,kakdyr-sok,mekgedir-kişmiş,almadyr-armyt
ýaly
nygmatlar
äberdi,olaryň hersinden azajyk datdym welin,ýuwaş-ýuwaşdan aňryma il gonan ýaly
boldum.Onýança-da,çörek bilen palow çekildi welin,dürli-dümenden dadanym
üçin,naharyň başynam bozmadym.Muny gören häkim:”Ýeri-how,Ümür akga,palowyň
bişirilişi ýaramadymy ýa başga bir zada närazy dag-a bolan dälsiň-dä,hernä?”diýdi,men
bolsa”Ýok-la,jan ogul,,gaýtam men-ä öňde goýlan zatlaň hersinden bir lukma-ýarym
lukma datdym welin,palow gelinçä garyn otumy alyberipdirin”diýdim,”Onda Ümür
aga,menem başardygymdan jemläp,elli-altmyş tonna bugdaýy berip goýbereýin,az
görme!”diýip,häkim meni begendirdi.”Sag bol,jan ini,sagja bol,şu bereniň maňa
bor”diýip,minnetdarlygymy bildiremde ol”Bor-a däl welin,nädeýin,marylylaryň düşen
gününe gynanýan.Onsoňam,özüňki doýumlyk,özgäňki dadymlyk bolmalydyr,galybersede,ine,öňüňde bar zatlary gördüň,ýeke bugdaýdyr-arpa dikgilinip oturmaly däl-de,diňe ak
ekin emgeklände däl,eýsem,başga wagtlaram nana ýarna bolaýjak närseleri
ekerançylygyň
gapdalyndan
goýmaly
däldigini,daýhanlara
ýatladyp
durmalydyr”diýip,dogry,manyly maslahat berdi.
243
Meniň Kössek Aşyr diýen aşnam bar,ýer eýesi.Ol hut şu ýokarky aýdylandan ugr
alýar,berekedem artýar.Saragtdanam şonçarak däne alyp,oba harazynda çykardyp,halka
paýladym.
–Ümür,sen il öňüne düşüp,ketdeleriň etmeli işini edýärsiň,olaryň bolsa diýmäýin
diýsem,diňe öz aladalary...-diýip,Annaberdi aga sögündi-de sözüni dowam etdi-Bi
gahatçylygy Welaýat häkimi Gurban Orazdan görýärler,göýäki ol,kakasy Oraz baýyň çöl
içindäki guýysynyň agzyna baryp:”Kaka,saňa görkezen hupbatlary üçin olaryň
nesillerinden aryňy alýandyryn”diýenmişin.Dogrusy,diýmäýin diýsem,men-ä oňa ynanyp
hem baramok,ýöne,şol dogry diýip,ant içip awy ýalaýanlar-a bar.Başga bir tarapdan bu
hereket Gurbanyň at-abraýyny peseltmek üçin ýokardan ýörüte gurnalanam diýýärler.
–Annaberdi aga,siziň soňky aýdanyňyz ýaly bolmagy gaty ahmaldyr.Bulary
Gurbandan soranymda ol guýyly wakany kes-kelle boýnuna almady,ýöne Maryda bar
bolan ätiýaçlik bugdaýyň daşary ýurda iberilendigini,onuň ýerini dolmanam welaýatda
emeli gytçylygyň döredilendigini gürrüň berdi.Ondan çen tutsaň-a,bu waka ýörüte
gurnalana meňzeýär.
–Bilmedim-dä,diýmänim diýsem,gürrüň-ä kän.Altymyradyň gazanan üstünliklerini
hem obadaşymyz bolany üçin şonuň kömegi bilen amala aşypdyr diýýänler bar.
–Aý,Annaberdi,olaň-a,baryp ýatan toslama,päheýde welin.Pälwanyň göterýän
agramy daşardan berilýän goltga däl,onuň öz gujur-gaýratyna bagly ahyr.
–Onam diýme,ýoldaş mollum,diýmäýin diýsem,türkmende “Pul gökden ýol
ýasar”diýilýär.Pul bolmasa adamlar älem giňişligine aralaşyp bilmezdiler.Diýmäýin
diýsem,Şammy kel-ä:”Aýda mülk edinjegiň bolsa bahasy şunçarak”diýip,ummasyz bir
zady aýdyp otyrmyş.Adyny aýtmaýyn welin,ho pylanyny pylan edeýin-ä:”Maňa bäş
gektar mülk alyp ber”diýip,onuň yzyna düşýärmiş.
–Aý,o gürrüňleriňi goýsana,mantor,päheýde welin.
–Mantor däl,mantior men,mantior,diýmäýin diýsem...
–Goý,şol bolsun,päheýde welin,aýtjak bolýanym,ýaňky peläket ýerdäki mülküni bir
oňardymy?Ekin ekmän haşal ota basdyranlygy üçin ýerini elinden aldylar,indem kellesi
üýtgänmişin,itde san bar,onda san ýokmyş.
–Beý diýme,başlyk,dälide hem göwün bardyr diýjek men-ä.Sen akyllylar azalyp
barýar diý.Häzir akyllyny duşman saýýarlar.
–Diýmäýin diýsem,bi pylanyny pylan edeýinler bar-a,akmak,nadan artdygyça olary
aldamak aňsat diýen düşünjä eýerýärler.Hut şeýle.Mysal üçin obamyzdaiki ýüzden
gowrak traktor,onlarça maşyn bardy.Olary ýaňky akmaklaryň ellerinden alyp
satdylar,ýok etdiler,emma edýäniň näme diýen ýekeje akylly tapylmady.Diýmäýin
diýsem,du
durmuşda
Çary
däli
ýaly
çyn
däli
bolup
ýaşanyň
gowy,iýdirýärler,içirýärler,geýdirýärler,hezillik,emma şolaňam kör bolasy gelýän däldir.
–“Dälini taýak düzederlerine”uýup,ýaňky gepe düşmezleri urup dursaňam-a
gelşiksiz bolar welin...Kakasy nadan ogly däliden sorag edilýänem däldir.Däli halymyza
akyllysyrabam ýörmäliň-le,päheýde welin.Ýöne,başardygyňdan iliňe gowulyk etjek
bolmalydygyň welin aýan.
–Altymyradam şeýle oglan-diýip,Döwlet joňk ara goşuldy-Oň ýanynda
tüýkürinsemem “Güzere tüýkürme,how!”diýip,alkymyma dykylyp gelýär.Beýle ýaga
düşer ýaly näme bar diýsene.
–Bal suwly,tereň bagly güzere tüýkürseň gözüň kör bolýar,dost jan-diýip,Altymyrat
jogap berdi..
244
–Baý,senem-ä,Alty,obamyz,mal-garamyz,gelin-gyzymyz ilden üýtgeşik diýip alýaňaýt,indi oňa güzerem girýämi?
-Bilýäňmi,ejem
jan”Ýagşy päl hemişe pes göwünleri galdyrgyç
bolýandyr”diýerdi.Hiç wagt päliňi ýamana tutmagyn.
Dogrudanam,Altymyrat häli-häzirem bu arzyly güzerden aýrylasy gelmeýärdi,onuň
iki gyrasy tutdyr-tally,erikdir-şetdalyly boýuna aýlanmany gowy görýärdi.Şemalyň
ugruna şahalary hellewleýän daragtlar,suwuň kenara gelip degmesinden çykýan
şilpildiler,haşal otlaryň yslary,bag ýapraklarynyň şybyrdylary ony bendi
edýärdi.Megerem,tebigatyň
bu
ajaýyp
kämilligi,onuň
kämilliginiň
nusgasydyr?Belki,şeýledir,ýogsam ol her gezek güzere gelende aýagyna tiken çümdürip
aýlanyp ýörmezdi ahyryn.
–Altymyrat jan,bi döşüňdäki nyşan nämäň alamaty?-diýip,Ümür aga sorady.
–Ol Polşa respublikasynyň Gdanski gämi duralgasynyň şekili.Halkara derejesinde
geçirilýän
her
bir
ýaryşyň
aýratynlygy,şol
milletiň
ýol-ýörelgeleri,däpdessurlary,milliligi,ruhy baýlyklary,maddy we maddy däl medeni gymmatlyklary bilen
aýrylmaz baglanyşykda bolup,olar şol ýurtda boljak ýaryşlaryň nyşanlaryna
siňdirilýär.Polşada bolan ýaryşyň nyşany,tumary,şekili hem-de bezeg nusgasy milletiň
amaly-haşam sungatynyň däp bolan bezeg serişdeleri esasynda,döwrebap döredijilik
ýörelgelerine laýyklykda taýýarlanýar.Mendäki nyşan hem şolaryň biri.Haýsy ýurtda
çykyş etsem,şol ýurduň nyşanlaryny ýygnap,öýde tertipleşdirip goýýan.Häzir onuň
bahasy ýok,wagt geçdigiçe gymmaty artýandyr.
–Mollum,ýaňy dälilik,akyllylyk,ýagşy işler barada gürrüň etdiňiz-diýip,Garýagdy
aga söze goşuldy-Ynha,aramyzda ýazyjy Anna Paýtyk bar.Ýazýan zatlaryna synym
oturýar hat-da bir eserine “Ýurt eýesi”ady bilen kino hem çykardylar...
–Aý,Garýagdy geplejek bolsa men-ä turaýjak-diýip,Anna rejäniň geň däldigini,
Garýagdynyň kim bolsa-da kemçiligini ýüzüne aýdyp bilýänligini aňansoň turmak bilen
boldy-Otur,how, Paýtyk!Sen bol,bolma,men etjek gürrüňimi ederin-diýip,ol onuň
yzyndan gygyrdy-da,sözüni dowam etdi-Kolhoz başlygy Myrat Çary ýaňka giň
mellek,jaý salmaga çyg mal,pul,goltgy berdi,hat-da işgärleri bilen jaý salyp,içine
giräýmeli hem etdi.Şol salan jaýyna toý tutmakçy bolup,maňa aşpezligi haýyş etdi, iki
sany uly gazanda palow taýýarlamagy buýurdy.Men oňa:”Bir gazan palow ýetik
bolar”diýsem, öz diýenini gögerdip,iki gazan palow atartdy.Gazandaky palowy
agdaryp,ýaňy bir ýanyndan aýryldym welin,kowalaşyp gelýän çagalaryň biri gazana
gaçdy duryberdi.Nämede bolsa gaty ýanmanka çagany çykardym.”Indi muny nätmeli
bolar?”diýip,Anna sorady, menem,ilkä aşpezligi ynanyp,soňam gepini gögerdýänligi
üçin
gaharlanyp”Itiň
öňüne
dökersiň”diýdim-de,susagymy,beýlekimi
alyp
gaýtdym.Ömrüme ile hyzmat edip gelsem-de,beýle wakany birinji gezek görýädim.
–Ýa,Garýagdy senem-ä,düşnüksiz bir zatlary diýäýýäň-le,edil beýle-de däldirle,päheýde welin-diýip,Rahmanberdi aga seslendi-Seniň gaharyň tiz gelýär.Giň
bolarlar.Ýaňky bir il içinde okalýan kitaplary ýazýan,tanalýan ýazyjy ahyryn.Il
sylaýamy,syla. Bir seretseň-ä, özüň ýaly syrdam Hudaýyň atyna atlanyp(Rahmanberdi
aga uçmahy haýwanlar Ýakup pygamberiň börüsi,Ýedi welileriň iti-kytmyr,Salyh
pygamberiň düýesi,Şir Hudanyň-Hezreti Alinyň düldüli barada gürrüň edýärdi) hiç kime
gulak asman,ýandakly meýdan bilen çekene bakýan çagalaryň gapdalyndan geçip tozap
barýarsyň,birdenem, jylowuny çeýneýän atyň keşbine girip,garşydaşyň garşysyna
ganatyňy gerip,bürgüt ýaly topulýarsyň-da, ýüregiňe düwen maksadyňy amala aşyrjak
bolýarsyň.Şeýle ýagdaýda erbet sögünýärsiň,aýalyňa gödek daraýarsyň,agzyňa almasyz
245
zatlaram alaýýarsyň,päheýde welin.Dogry,bu häsiýetleriň seni onçakly bezänok,ýöne,iki
ýagdaýda-da,hasam kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolaňda,gowşak ýerleriňi taşlap,etjek işiňi
anyk bilýärsiň.Oýnamaga seni sowhozyň boltyrlygyndan salgyt gullugyna işe
almadylar.Iş bilýänligiň,dogry sözlüligiň,döwrüň talabyna baha berip bilýänligiň üçin
şeýtdiler.Ýöne,her hal, il hereketiňden hoşal bolar ýaly mylaýymlygy,hoşamaýlygy
ýadyňdan çykarma.
–Rahmanberdi molla,Isa pygamber bir günde on sany agyr kesellini keselinden
açypdyr,ýöne şolaryň diňe biri oňa minnetdarlygyny bildiripdir,onsoň biz ne sebäpden
Isadanam köp minnetdarlygy aljak bolmaly?!Men Altymyrat ýaly ile ýagşylyk paýlap
bilmesemem,garaz, güýjümiň ýetdiginden hereket edýärin.
–Garýagdy kaka,ýakynlaryňa ýagşylyk etmek bilen men ilkinji nobatda özüme
kömek edýärin-diýip,Altymyrat jogap berdi-de sözüni dowam etdi-Size bir hoş habary
hem ýetirjek.Men Maksat atly oglumyň dünýä inmegine garaşýaryn.
–Tüweleme,tüweleme,Hudaý
köp görmesin-dä hernä-diýip,Rahmanberdi aga
seslendi-Pälwan,oglum bolar diýip gaty ynamly gepleýän-ä dälsiň-dä,päheýde welin!?
-Ilkinji çagamyň ogul boljagyny bilýän,sebäbi kakamyň hem ilkinjisi ogul bolupdyr.
–Hä,sen şondan ugr alýan diýsene,päheýde welin?Olam bolup biler,bolup biler,ýöne
sen gelniňi agyr işlerden,her hili gybatlardan,iýgi-içgilerdfen goragyn,atam öýüme ýa
beýlekä diýip alys ýola çykyjy bolaýmasyn
-Şeýtgin ogul,göwreli wagty gaty häzir bolgun,ýogsam,iliň çagasy dünýä inende
“Eje”diýip dil açýan bolsa seňki “Ejeň”diýip duran bolmasyn!-diýip,Garýagdy aga
ýylgyrdy.
–Bolýar,ýaşuly-diýip,Altymyrat özüne hoş maslahatlary berýän adamlara
hoşallygyny bildirdi.
Şundan soň Tirkiş Taganyň aýdym sazly dabarasy başlandy...
Uzak gündogara-Ýapon topragyna sary
.
Altymyrat 1994-nji ýylda Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde geçiriljek Aziýa
oýunlarynda çykyş etmäge taýýarlyk görüp başlady.Onda bir häsiýet bar,(dogrusy beýle
häsiýet köpümize ýetmezçilik edýär)haýsy ýurda gitmeli bolsa şol ýurt barada ýagdaýyny
tapdygyndan köp zady biljek bolýardy.Ony etjegem bolsaň kitaplary,gazet-jurnallary
dörmelidi ýa-da şol ýurdyň içinde azda-kände ýaşamalydy,oňa bolsa mümkümçiligi
ýokdy.Onsoň gazet-jurnallary dörmeli bolýardy.Hawa,ol hut şol niýet bilenem
Aşgabadyň merkezi kitaphanasyna bardy.Ýaponiýa özüniň Beýik Watançylyk uruşyndan
soňky ýyllarda yktisady,medeni,senagat pudaklarynda gazanan ägirt uly ösüzşleri bilen
diýseň özüne çekýärdi.Altymyratda beýle gyzyklanma has-da güýçlidi.Uzak gündogarda
ýerleşýän ýurt barada hemmetaraplaýyn bolmasa-da,iň bolmanda zähmetsöýer ýapan
halkynyň ýaşaýşy,durmuşy,däp-dessury,yktisadyýeti,ylmy-tehnikasy barada belmek
gerekdi,sebäbi ol ýaponlaryň türkmen toýlaryny surata düşürýän kinogurallaryny,aýdymsaz bilen bezeýän D-20 atly saz toplumyny az görmändi.
Ony gyzyklandyrýan diňe bularam däl,1960-njy ýyllardan soňky gysga möhletde
dünýäde senagat merkezi diýlip ykrar edilen ikinji döwlet bolanlygy üçinem däl-de,
ýaponlaryň däp-dessury,taryhy-medeni mirasy,edebiýatdyr-sungaty,sport we onuň
görnüşleri
gyzyklandyrýardy,galyberse-de,ýaryşa
baranda
olar
bilen
pikir
alyşmaga,düşünişmäge ýol açýan ugrlary bilmegi hem gerekdi,olarsyz bolsa düşünişmek
mümkin däldi. Başga bir tarapdan çar tarapy suw bilen gurşalan döwlet daşary ýurtlar
246
bilen gatnaşyk meselesine örän sowuk-salady.Diliniň we ýazuwynyň aýratynlygyny göz
öňünde tutsaň,onda bu döwlet barada agyz dolduryp aýdar ýaly maglumat taparyn
öýütmändi.Her zat-da bolsa geçen asyryň başlaryndan bäri rus dilinde peýda bolan ýapon
söz ussatlarynyň eserlerine gözi ildi.Çeper eseriň,edebiýat-sungatyň serhedi bolmaz
diýleni dogry ekeni.Ol Kobo Abe,Ýukio Misima,Akutagaba Rünoske,Kendzaburo
Oýe,Saýto Mokiti ýaly ýazyjy-şahyrlaryň,ýapon edebiýatynyň binýadyny tutanlaryň
kitaplaryna gabat geldi.Özüniň rus dilini suwara bilýänligi ýokardaky ýazyjylaryň
kitaplary bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.Olardan ol ýapon halkynyň edebi
däplerini ,geografiýasyny, tebigatyny öwrendi,islendik ugurda öz milli däplerine sarpa
goýýandyklaryny bildi.Ýurduň nusgawy şygyrýetiniň özboluşly ugry häli-häzire çenli
derwaýyslygyny ýitirmän gelipdir,hatda ýokary gatlagyň wekilleriniň arasynda şygyr
ýazmagy başarmaýanlar sylanmandyr.Saýto Mokitiniň “Gyzyl şöhle”atly şygyrlar
ýygyndysynda,şahyryň dünýeden gaýdan ejesini ýatlap ýazan elegiýalaryny okanda,
ejesini ýatlap, ony hem aglamaga mejbur etdi,hat-da ejesi ölen güni guýrugyny ýamzyna
gysan güjükleriniň asmana garap üýürmesini,pişikleriniň bir burça bukulyp ýuwaşja
mawlamasyny hem gören ýaly boldy.Dürli öwüşgünli ýapon ýazyjy-şahyrlaryň içinde
Akutagabanyň eserleri ony perwaýsyz goýmady.Ýazyjynyň “Düşdüş kerebi”,”Dowzah
jebri”,”Hudaýlaryň gülküsi” we beýleki eserleri ýapon edebiýatynyň abraýyny ýokary
göterilmegine ýardam edipdir.Kobo Abeniň “Gumdaky aýal”romanyny iki gezek okap
çyksa-da doýmady.Ol okan kitaplaryndan häzirkizaman ýapon kompazitorynyň adynyň
Masaru Takemisudygyny,sýo diýmegiň tüýdükdigini,so diýmegiň on üç tarly saz
guralydygyny,biwa dört tarly saz guralydygyny,Sumidagabo-Tokiýa şäheriň içinden
akyp geçýän derýanyň adydygyny,Masuýama-Tokiýa barýan ýoldaky dagyň
adydygyny,Tuýuokoron-ýüz ýyldan gowrak wagtdan bäri çykyp gelýän köpçülik
syýasy,edebi jurnalyň adydygyny,Kadokura-söwda merkeziniň adydygyny we ýene ş-mleri bildi.Dogrusy wagt çäklilik mundan artyk güýmenmäge oňa pursat bermedi,ýogsam,
ol ýopan ýurdynyň içine has-da çuň aralaşyp biljekligine gözüni ýetirdi.Ony bir
gynandyran zat-bu ýurdyň sportçylary barada ýazga gabat gelmezligi boldy.Onuň üstüni
doldurmak üçin ol
karate göreş sungaty bilen meşgullanýan Muhammetjuma
Döwletowyň ýanyna bardy.Ondan Ýaponiýa-Hytaý aralygynda ýerleşen Okinawa
adasynda karate göreş sungatynyň dörändigini,ony özleşdirmek üçin şirin janyňa dözmeli
bolýanlygyny,munuň üstüne ussatlygyň,tälimiň,emeliň hem gerekligini bildi.Şäherde
halky daşyňa üýşürmek üçin geň galdyryjy hereketleri,göze görünýän ýöne olaryň ýerine
ýetirip bilmeýän täsinliklerini görkezip bilýän adamlar köpelip başlapdyr.Bişen kerpijiň
birini,ikisini,üçüsini birlikde,soňra ona çenlisini üsti-üstüne goýup,olaryň hemmesini bir
urgynyň zarbyna çym-pytrak edip,döwüp bilýänler köpelipdir,ýa-da garpyzy,kädini
barmagy bilen deşmek,tagta bölegini palta bilen çapan ýaly,ýumruklarynyň,aýak
urgylarynyň üsti bilen böleklere bölmek,güýjüniň baryndan ýüwrüp,ýetip gelýän däli
öküziň şahyny gamyş kesen ýaly kesmek,eli ýaragly garşydaşyny göz-açyp ýumasy
salymda ýaragsyzlandyrmak ýaly hereketleri edipdirler.Ondan başga-da ýopanlarda
göreş,ýaý atmak,suwda ýüzmek, gylyçlaşmak ýaly ýene ençeme sport görnüşleri
ösüpdir.
Beýik Watançylyk uruşyndan soň Okinawa adasy amerkanlaryň harby bazasynyň
merkezine öwrülipdir.Olar 1945-nji ýylyň awgust aýynda ýaponiýanyň Hirosima we
Nagasaki şäherleriniň üstüne atom bombasyny taşlapdyrlar.Ýüzlerçe,müňlerçe adamlar
onuň pidasy bolypdyr,ol pidalar şu günlere çenli dowam edýärmiş.Bu aýylganç waka
barada ýazyjy Kendzaburo Oýeniň “Hirosim ýazgylaryna” göz gezdiren Altymyrat köp
247
zat bildi. Ýapon döwletiniň şol wagtky ýolbaşçylarynyň ikiýüzliligini,öz halkynyň
ykbalyna parhsyzlygyny subut edýän wakany okamagy welin ony diýseň
tolgundyrdy,geň galdyrdy,sebäbi bomba taşlanmagyndan bir näçe wagt soň,ony gurnan
we amala aşyran amerkan harby howa güýçleriniň baş ştabynyň naçalnigi general Kertis
Limeýe ýurduň iň ýokary ordeniniň gowşurylmagy eýsem geň dälmi?.Generalyň döşüne
dabaraly ýagdaýda orden dakan ýokary wezipeli adamynyň:”Siziň bombaňyzyň kömegi
bien meniň hem öýüm ýandy,çagalarymyň öleni,ýaralanany boldy,ýöne ol ýigrimi ýyl
mundan öň bolup geçipdi.Indem,ýüregimdäki gahar-gazabymy,ýigrenjimi ýuwdup,
şähermiziň,şol sanda meniň üstüme atom bombasyny taşlan adamynyň döşüne öz elim
bilen
ýokary
harby
ordeni
dakmagym,milletimiziň
geçirimliliginiň,edepekramlylygynyň,”Daş bilen urany aş bilen urýanlygynyň”subutnamasydyr”diýmegi
hasam geň görünýärdi.Bir-ä şäheri ýer bilen ýegsan edýär,müňlerçe,millionlarça adamy
öldürýär,beýlekem “onuň eden işine minnetdarlyk bildirip”orden dakýar.Beýle ýagdaýda Rahmanberdi aganyň “Diýýän sözüni,edýän herekedini seljermeýän adam biriniň guly
bolýandyr”diýen sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär.
Dogrusy,Altymyrat ýapon ýurdy barada entegem köp zady bilesi gelýärdi,emma ol
türkmeniň”Ýorganyňa görä aýagyňy uzat”diýen aýtgysyna eýerdi-de,Jumamyradyň
ýanyndan gaýtdy.Öýüne gelende gije bir çene barypdy.Güller elini serip,birahat ýatyrdy,
göwreliligi agyr geçýärdi.Ogul çaga dogjak bolanda agyr geçermiş diýýärler.Oglunyň
boljagyny bolsa aýnada gören ýaly bilýär.
Ol
beýleki
jaýda
ýerleşen
telewizory
açdy.Ilki
sazanda
Durdy
Myradyň”Zöhrejanyny”,Baky Maşadyň tüýdügini,Annageldi Jülgäniň gyjagyny
diňledi.Sazyň sesi onuň duýgusyny oýarýardy,duýgy kalbyň ýelkeni bolanlygy üçin
durmuşa bolan tükeniksiz söýgüni joşdurýardy.Ol käte käte şeýdip duýgusyny çarhlap
ösdürýärdi,döwre görä täzeleýärdi.Telegörnüşiň başga bir sahypasyny açanda Gagariniň
kosmosa uçuşy barada gepleşik berilýärdi.Otuz üç ýyl mundan öň bolan döwürde ol
heniz dünýä inmändi,şonda-da,Gagariniň gaýduwsyzlygy,ikirjiňlenmän howply-hatarly
ýola rowana bolmagy ony haýrana goýýardy,ol hiç kimide parhsyz goýjak däldi.Eger
ynansalar olam edil Gagarin ýaly pikirlenmän,alakjaýan bulutlardan ýüzlerçe esse
ýokardaky Kosmosa uçardy,gök asmanyň arassa howasyndan nebsewürlik bilen demini
alardy.(Dogrusy,taslama boýunça şäherden ýetmiş kilometr daşlykda gurulmagy göz
öňüne tutulan hem bolsa,Mary şäheriniň baş-alty kilometrlik golaýynda gurulan azot
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 30
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.