Latin

Topraga duwlanan ägirt - 04

Total number of words is 3799
Total number of unique words is 2213
30.2 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Çarwa döwürler bizem galan-gaçan dowarlara serederdik.Indi,öňki göçüp-gonup
ýören çarwaçylyk durmuşyndan,oturymly daýhan durmuşyna geçdik-de,iki jahan
owarrasy bolup ýörüs,ne çarwa,ne daýhan diýleni.Yrsgalyňam onsoň, iki arada, kellesine
taýak degen ýaly, nirä,kime barjagyny bilmän, sähralarda,dag-düzlerde,aglap-eňräp
aýlanyp ýör.
–Eje jan,ony tutup,getirip bolmaýarmy?
-Ulalaňsoň, nätmelidigini bilersiň,balam jan!-diýip,ejesi onuň başyny sypalady...
27
Hawa,Ýolaman kakasynyň tutanýerlilik bilen maksadyna okgunly hereket etmesi
Altymyradyň göwnünden turupdy,ony öz durmuşynda gabat geljek kynçylyklary ýeňip
geçmekdäki ýol görkezijisi, halypasy hasap edipdi.Her zatda
bolsa Ýolaman,
onuň,maksatsyz ygyşyp ýören,çilim çekip,nas atýan käbir ýoldaşlaryndan
eziz
görünýärdi.
Altymyrat bu gün heniz guşlar oýanmanka,gündogar ýaňy ýagtylyp ugranda ýerinden
turdy.Öň onuň beýle häsiýeti ýokdy.Muny nädip düşündirjegini bilenok.Turşuna
daşarda,sygyr ýatagyň ýanynda,ot ýyganda tapyp getiren her hili demirleri
asyşdyryp,göteräýmeli edilen “ştangasynyň”ýanyna bardy.Ol muny agşam taýýarlap,ir
turup götererin diýipdi.Indem,hor çekip ýatan Orazberdini oýarjak hem
bolman,demirleriň ýanynda her hili maşklary etdi-de,eline tüýkürip,ştanga ýapyşdy.Bir
silkende ýokary galdyryp,depesinde ep-esli saklady-da,taşlady.Şakyrda oýanan Orazberdi
gözüni açalak-ýumalak edip geldi-de:
-Inim bu tutanýerliligiňe guwanýaryn,ýöne sen gaty ýaş.Maýyp borsyň diýip
gorkýaryn.Dogry-da walla!-diýdi.
-Agam,şuny galdyraryn diýdim,galdyrdymam.
-Woleýboluňy oýnaber,inibatyr!
-Onam oýnajak,ýöne muny hem barlap göreýin diýip arzuw etdim-dä,agam jan!
-Arzuw etmek gowy zat.Arzuwçyl adam gorky-ürküni bilmez,hat-da ony amala
aşyrmagyň ölüm howpy bilen deňeçerräkligini bilse-de saklanmaz.Ýöne, arzuwlaryň
arzuwlygyna galaýmasa-da biri..Dogru-da,walla...
-Galmaz,agam jan!Her kimiň öz ýol-ýodasy bar.Onsoňam,biziň maşgalamyz sport
maşgalasy,Tirkiş kakam, Kakajan kakam,sen,Bäşim kakam.Men sizden galsam bolmaza...Menem...
Altymyradyň aýdýanlarynyň jany bardy.Orazdurdyýewleriň maşgalasynda sportçy
nesiller bardy.Orazdurdy aganyň
özi göreş tutardy,göreşde ýykylan gezegi
ýokdy,belki,tälimçisi bolanda Ginnesiň rekordlar kitabyna düşerdi.Onuň ýedi arkasyna
Gara pälwan diýer ekenler.Belki,bu gyzyklanmalar şondan gaýdýandyr? Orazdurdy
aganyň maşgalasyndaky dokuz çaganyň ulusy Tirkiş, bedenterbiýe okuwyna girende,
tälimçi Abramýanyň eline düşdi.Şeýdip agyr atletika boýunça
türgenleşige
başlady.Ýöne,ol onuň öň bil tutuşyp ýa bokslaşyp ýörüşi ýaly zat däldigine,munda her
türgenleşikde onlarça tonna agyrlyk götermeli bolýanlygyna düşündi.Oňa şonça-da güýç
sarp etmelidi.Türgenleşik bolsa ýüzlerçe gezek gaýtalanyp dur.Bu diýseň agyr
zehmet,özem adam saýlaýan zähmet.Ýöne onuň öň göreş,boks ýaryşlarynda gören
taýýarlyklary
gaty
gowy
kömek
etdi,gysga
möhletde
taplanmagy
başardy.Şeýdip,Pribaltika-da,Moldawiýada
çykyş edip,Türkmenistanyň abraýyny
gorady.1970-nji ýylda Türkmenistanda ştanganyň iki görnüşi boýunça 332 kilogram
göterip,ussatlyga dalaşgäriň normasyny ýerine ýetirdi hem-de öz agramynda onuň bilen
bäsdeşlik etjek tapylmady.Mümkünçilik bolan ýagdaýynda ol Soýuz möçberide
geçirilýän ýaryşlarda hem uly üstünlikleri gazanyp biljekdi,ýöne talyp ýyllary okuwy
hem bardy,ony bir günem taşlamaly däldi.Talyplyk ýyllaryny tamamlap,Sakarçäge
etrabyna gaýdyp gelensoň,agyr atletika boýunça bölümiň açylmagyny gazanyp,oňa
höwesekleriň otuza golaýyny ýygnamagy başardy.Şeýdip,Akýap obasynda,etrapda
ýaşlaryň arasynda sportyň bu görnüşine uly höwes döretdi.Bu bolsa iň esasy zatlaryň
biridi.Onuň elinde tälim alanlar SSSR-iň sport ussady diýen normalary dolduryp
ugradylar.Nurmyrat Çaryýew,Garýagdy Aşyrow,Bäşim Ybraýymow,Amangeldi
Muhaýew, inisi Bäşim Orazdurdyýew,Orazguly Annagulyýew ýaly ussatlar peýda
28
boldy.Olar
ussatlyga
dalaşgäriň
birinji
razrýadynyň
normasyny
doldurdylar.Şeýdip,Tirkişiň tagallasy bilen köp oglanlar Türkmenistanyň sport abraýyny
goradylar.Arman,näbelli sebäplere görä, sportyň bu görnüşin,asyl sport sapaklaryny hem
ýapdylar oturyberdiler.
Tirkişiň inisi Orazberdi hem heniz 9-nji synpda okaýarka agyr atletika bilen
meşgullanyp başlady.Soň agasynyň okan ugruny dowam edip okuwa girdi.Tälimçi
Abramýan onuň ruhy ýagdaýyna,fiziki güýjüne dogry baha beryp,türgenleşigiň irginsiz
dowam etdirilmegini gazandy hem-de gysga wagtyň içinde uly ýaryşlara gatnaşar
derejede alyp çykdy.Ol Orazberdini gözünden salmady,her bir üstünligine deň
guwandy,şowsuzlygyna gynandy.Şowsuzlygyň üstünde bile,jikme-jik işledi.Netijede
1973-nji ýylda Orazberdi ýaşlaryň arasynda respublikanyň çempiony boldy.Pikir beriň,18
ýaşy dolup dolmanka
çempion!1974-nji ýylda,Lebapda bolan ýaryşda
sport
ussatlygynyň dalaşgäriniň normasyny berjaý etdi,ýaşlaryň arasynda çempion boldy,1975nji ýylda Belorussiýanyň Brest şäherinde geçirilen Soýuz ýaryşynda 75 kilagram
agramda çykyş edip,dördünji orna çykdy.Şol wagt Soýuza 15 döwlet girýärdi,şolaryň
arasynda dördünji bolmak,kiçi üstünlik däl.1976-nji ýylda Bütinsoýuz ýaryşlarynyň
üçüsine gatnaşyp,hemmesinde hem baýrakly orunlary eýeläp geldi.Hut şo ýylam ol
Ýerewanda geçirilen Bütinsoýuz ýaryşyna gatnaşyp,ştanganyň iki görnüşi boýunça 290
kilogram göterip,SSSR-iň sport ussadynyň normasyny doldurdy.Ol 1976-nji ýylda
ýokary bilim alyp gelse-de,bäş ýyllap basketbolyň tälimçisi bolmaly boldy,sebäbi onuň
gutaran ugry boýunça iş ýokdy,ýokarda belleýşimiz ýaly ýapylypdy.Ine,onsoň,hut
Orazberdiniň tagallasy bilen etrapda ýene,çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde agyr
atletika bölümi açyldy...
Agasy Bäşimem, ýaşlygyna garamazdan az üstünlik gazanmady.Aýal dogany
Orazgül obada bedenterbiýe we sporty köpçülikleýin ýaýratmakda we ýaryşlary
guramakda hünärmen bolup yşledi.Ol etrap boýunça öz işini oňat ýola goýan
hasaplanýardy.Tirkişiň aýaly Oguljahan gelneje bolsa çagalary bilen sporta işiňňir
gatnaşýanlaryň biri.Ol küşt,şaşka oýnaýar.Küşt ýaryşy boýunça Mary welaýatynyň
çempiony hem boldy.Gadymy türkmen oýnunyň hakyky muşdagy bolan Oguljahan,bu
oýny çagalaryna we beýlekilere öwretmek,giňden ýaýratmak barada alada baryny
edýär.Ol gyzlary Maýagözele,Zybagözele,ogullary Orazdurda,(Kakyşa)Baýramgeldä
küşt oýnuny öwretdi.Dogry,onuň çagalary bu ugur boýunça uly ýeňişler gazanmasalarda,olaryň gelejekde ýokary belentliklere ýetjekdiklerine ynansa bolýar.Sebäbi,oýunçy
günsaýyn,aýsaýyn däl-de,ýaryşsaýyn taplanyp gidýär.Ýaryşa bolsa Orazdurdyýewleriň
maşgalasynyň hemmesi gatnaşýar.Arman,etrapda sport bazasyny baýlaşdyrmak,sportköpçülik işlerini gurnamak meselelerinde haýal-ýagallyga ýol berilýär,ýaşlaryň sporta
bolan höwesine azajyk hem bolsa goltgy berilmeýär,ýöne bu iş Orazdurdyýewleriň
maşgalasynyň edişi ýaly, diňe bir maşgala işi däl-de,döwletiň hem işi bolup durýar
ahyryn...
Bulary pikirinde aýlan Altymyrat burnunyň sümügini ýeňine çaldy-da:
-Menem,agam jan, siz ýaly ştangaçy boljak!Bu gaty gyzykly oýun!- diýdi.
–Häzir türgenleşýän ýaşlaryň arasynda gowy netijeleri görkäzjekler kän.Komlew
diýip biri bar.Ondan bir zat çyksa gerek.Dogry-da walla,hökman çykar.
–Mendenem bir zat çykar!Ine,görersiň,agam jan!
-Demiri götermek üçin ilki gorkyňy aýyrmaly,islegiňi güýje,güýjüňi ýumrugyňa
ýygnap,ilki döşüňe,soň depäňe galdyrmaly.Ýok,sen demir bilen göreşeňok,öz-özüň bilen
29
göreşýäň!Özüňi ýeňip bilseň şol ýeňiş durmuşyňy bagtly pursatlardan doldurar!Sen
şulary bilmeli.Sümügiňi oňaraňok welin, gody-gody gürleýäň.Dogru-da walla!
-Agam jan,ol meniň sözüm däl,seň aýdanlaryň.Sen maňa “sendenem bir zat çyksa
gerek”diýipdiň.Ony men ýöne gaýtalaýdym.
-Ýa,şeýlemi?Bor-la!Bar,onda,sygyrlara ot dök!Dogry-da walla-diýip,Orazberdi
ýuwunmak üçin hammama ýöneldi.
–Agam jan,agşam düýşümde ejem meni ak sakgal,ak eşikli, peşeneli gojanyň
ýanyna
eltip:”Dawyt
aga,ogluma
bir
ak
pata
ber!”diýdi.Dawud
aga
bolsa,Wlasow,Alekseýew ýaly daýaw-daýaw perişdeleriniň ikisini çagyryp:”Şu oglana
goltgy beriň!”diýdi welin,olar meni göterip,asmana alyp gitdiler. ..
–Asyl,agşam,zarplyja-zarplyja
goýbermäň bar diýdim-le!Dogru-da walla!diýip,Orazberdi gülüp,hammama girdi.
Altymyrat sygyrlara ot dökdi.Soň ýene gelip özüniň ýasama ştangasyna
ýapyşdy.Çepiksije göwresinde tükeniksiz güýç-kuwwat basyrlyp ýatan ýalydy,ýörände
hem ýeňil gopup,ýöräp däl,uçup barýana çalym edýärdi.Türgenleşige irginsizligini
göreniňde,hiç wagt ýadaýan däldir diýdirýärdi,gaýtam ,birini görse öňküsindenem çalt
türgenleşip başlaýardy,şeýle hem ol her bir täzeligiň,çäreleriň başynda-dy.Şeýdip,gowy
türgenleşiberse, çepiksije bedeni
bekäp,kynçylyklardan asgyn gelmese gerek
diýdirýärdi.Ýöne onuň bir ýetmezi bardy.Ol soňky nokatda,indi ýokary basgançaga
ýetdim-ýetdim diýlende,edýän işine bolan gyzyklanmasyny gowşadýardy,bu bolsa
ýokary netijeleri gazanmakdan daşlaşdyrýardy.
–Näme,how,bu bolgusyz demirleriňe ýapyşyp ýatyrsyň?-diýip,hammamdan çykan
Orazberdi seslendi-Sportda başga-da güýmenjeler gyt däl ahyryn.Sen gowusy
ylgamak,woleýbol oýunlary,welosiped bilen güýmeniber.Ştanga agyr,ol igliň oýny
däl.Dogru-da walla!
–Agam jan,agyr bolansoň muňa ýapyşýan-da!Elim gijäp
dur.Onsoňam,agalarymdan görelde alýan!Neneň ýapyşmaýyn!?-diýip,ol,öýe girip barýan
agasyna jogaby berdi-de, ýene güýmenjesine başlady,emma
gözagyrysy ýaly
bolup,Döwlet joňk bir ýerden peýda boldy.
–Eý,igli-emzikli,ýaňky,demir baryny şakyrdadyp, bolup durşuň nätüýsli?
-Joňk,dost ,men saňa şony diýme diýmedimmi?Aýtdym dälmi?-diýip,Altymyrat
ýumrugyny düwüp,onuň alkymyna bardy.
–Aýtdyň özün-ä!Ýaňky,ýöne senem maňa joňk diýme-dä onda?
-Bolýa,diýmenem.-Altymyrat özüne bu ady kimiň dakanyny bilenokdy,ony
halamaýanlygy üçin kän ýakalaşmalam bolupdy.Onsoň ol öz-özünden aýrylyp gider
diýseň-ä boljak däl,ony aýyrar ýaly uly bir üstünlik,üýtgeşik bir hereket,gahrymançylyk
görkezmelidi,diňe şonda o ýakymsyz lakamdan dynsa boljakdy.Dogry,käbir ýurtlarda
lakamlar hiç hili many aňlatmaýardy,onsoň ony geňlejegem ýokdy,türkmenlerde
welin,lakam gös-göni ady tutulýanyň häsiýetini,herekedini,geçmişini aňladýardy.
Meselem,ine,Döwlet joňk,Aman jyk-jyk,Artyk öýkelek we ýene-ýeneler...Altymyrat
bulary aňynda aýlanyndan soň:-Sen dost jan ýaňky ýürekbulanç sözüňi aýtmak üçin
geldiňmi?-diýdi.
-Ýok,ýaňky,medeniýet köşgümize “Baý we batrak”atly oýun gelipdir,şoňa gideli
diýjekdim.
–Dost jan,näme ol baý we batrak meniň bi hajymelik sygyrlaryma ot ýygyşýarmy?
Özüňjik gidiber.
–Ot ýygyşsam,ýaňky, gidersiň gerek?
30
-Depme bir halta ot ýygsaň gidäýerin,dost jan-diýip,Altymyrat razylaşdy.
Şol wagt şaňňyja sesli bir çagajyk ylgap geldi-de:
-Buşluk,buşluk,ogul jigimiz boldy!-diýdi.
Çagajygyň sesine egni süpürgiçli Orazberdi,ejesi Oguldurdy daýza,Aýgözel dagy
otagdan çykdylar.
–Häh,ekäňi aladygym,Ata Kalininiň şo heleýi ho günem-ä bir çaga dogurdy.Mena,aklyk berjek-gäl,eje sen beräý,dogru-da walla!-diýip,Orazberdi çagaň ýüzüni aldy.
–Hawa-la,gyz,biziň obamyzda şoň heleýinden başga çaga dogurýanam ýok!
-Toba,essagpurylla,eje,bu günki
çaga Ata Kalininiňki däl,goňşymyz
Nepesiňki.Buşlaýanam Nepesiň uly oguljygy-diýip,Aýgözel ejesine düzediş berdi.
–Goýsana tula,sen nä ony agaň Orazberdiden gowy tanaýamyň?-diýip,ejesi öz
diýenini tutdy.
–Toba,eje,sen Ata Kalininiň aýaly gaýyn atasynyň öňünde ýaşmagyny syrdy diýip
ýigrenýänsiň,ýöne, seniň ýigrenmäň başga,çaga dogurýan başga.Onsoňam,eje men muny
oňlamok!-diýip,taryh bilen içgin gyzykýan Aýgözel seslendi-Gadymýeti öwrenýän
alymlaryň biri:”Teke zananlary Orta Aziýanyň özge ýerlerindäki ýaly, öz ýanýoldaşynyň
guly däldir,ol adamsy bilen deň derejede hukuga eýedir.Olar hiç mahal perde bilen
ýüzüni ýapmandyrlar,ýaşmak ýaşynmandyrlar.Zenanalr diňe bir maşgalada täsirli
bolman,eýsem,ähli işlere goşulypdyrlar,beýlekiler bilen deň-derejede oňa hem gulak
asylypdyr”diýip belläpdir.Seniň bu ýaşmakly meseläň häzirki zaman mollasumaklaryň
tapýan hokgalary.
-Häý,balam jan,şol alymlar bar bolsun,şolar dälmi,dünýäni bulaşdyrýan!Özlerine
alym diýdirjek bolup toslap tapýarlar...Belki,seniň aýdýanlaryň hem jany bardyr,ýöne
men ýaşmakly zamanyň maşgalasy bolup geldim.Başgasyny bilemok.
-Toba estagfirulla,eje,sen olary hem bilmeli.Agam,senem, goňşyň çagasyny-da
tanaňok-da!?
-Bäý,dogrudanam,bujagaz Nepesiň çagasy eken-ä!Tanamandyryn.Men oňa bir
aklyjak bereýin,dogru-da walla!-diýip,Orazberdi kiselerini dörüşdirdi.
–Ä-heý,balam jan,Orazberdi-hä, öz çagasynam tanaýan däldir welin,şeý diýip
duransoň menem oňa goşulaýdym-da-diýip,Oguldurdy daýza çagajyga aklyk
berip,kellesini sypalap ugradyp goýberdi.Döwlet joňk
gelerin diýip öýüne
gitdi.Orazberdi howul-hala geýinip işine ugrady.Emma onuň jalbarynyň ortaky ilikleri
ötürülmedik-di,kemeri bolmaly ýerinde däl-di, garnynyň üstünde-di.
–Agam jan,işe diýip barýaň,özüňem jalbaryň iliklerinem dakmansyňdiýip,Altymyrat onuň yzyndan gygyrdy.
–Wah,nädeýin,balam
jan,Orazberdim
meniň
şeýleräk-dä!Hapyl-supulyrakda!Altymyrat jan, sen bir onuň geýim- gejimine syn edeweri,nähili hem bolsa
agaňdyr.Onuň abraýy seniň abraýyňdyr-diýip,ejesi bedresini alyp,ýeňillik bilen
sygyrlaryny sagmaga howlukdy.Aýgözelem dukana,iş ýerine ugrady...
Oguldurdy daýza bir gün atasy öýüniň goňşylary, tigir sürüji agasy Berdi Göküniň
ýanyna baryp:”Dogan jan,gyzym ep-esli wagt bäri işsiz gezip ýör.Sen her zadam bolsa
köpi gören.Maňa kömek etmeseň ýagdaýym agyr”diýdi.Berdi bolsa
Welberdi
mugallymy öňüne salyp,alyjylar jemgiýetiniň başlygy Nasyryň ýanyna bardy.Nasyr
özüni okadan mugallymynyň sözünden çykyp bilmän Aýgözeli köp sanly dukanlarynyň
birine işe aldy.Muňa begenen Oguldurdy daýza Berdi Gök-ä:”Sag bol,dogan jan!Çül
çagamyň rysgalyna,maşgalama uly kömek etdiň!Alla ýaşyňy uzak etsin!”diýip,hoşallyk
bildirdi.Ine,Aýgözel häzir şol işine barýardy.Her zatda bolsa hojalykda iýijileriň sany
31
azalyp,girdeji getirijileriň sany artyp başlapdy.Ine,häzir Oguldurdy daýzanyň süňňüni
ýeňlädýän zat şulardy...
Adam başy daşdan gaty diýleni.Köp çagaly bolsaň mydama ýeter-ýetmezlik,ýeňi
keltelik hem bolaýýar.Huruşlyk et hakda-ha gürrüňem ýok,un tapmak hilalla.Şonda
Oguldurdy daýza mellekden ýorunja ýygyp,iki sapar ýuwurardy-da gaýnadardy,soň duz
sepip,tokgalap çagalaryna bererdi.Günem kän,käte ýorunja tapdyrmaýan wagty hem
bolýardy.Şonda Altymyrat:”Eje,çiggaýmak iýesim
gelýär”diýip, özelenýärdi, ejesi:
”Wah,balam jan,sygrymyz
sagdyranok”diýse,Aýgözel:”Gaýmak
iýseň
gözüň
gyşarar”diýip,ony kowalaýardy.Gaýmagy köp iýseň gözüň gyşarar diýselerem,Altymyrat
ynanmaýardy,sebäbi süýt,gatyk, gaýmak,çekize öýüň esasy gazanç çeşmesidi,olary satyp
öýe gerek zatlary almaly bolýardy.Öýe bolsa gaty köp zat gerekdi...
Şeýle günleriň birinde Oguldurdy daýza
çagalaryna näme iýdirjegini
bilmän,töweregine garanjaklap otyrdy.Zol elindäki pyçaga,duz torbasyndaky duza
serederdi,oklawy
bir
alyp,bir
goýardy.Öýleden
soň
okuwa
gidýän
Gurbanbibi,Orazgül,Altymyrat üçisi sapaklaryna taýýarlyk görýärdiler.Altymyradyň
aýagyna kellesini goýup ýatan äper ak pişik käte dodagyny ýalap gerinýärdi we:”Ma-uu!” diýip,mawlaýardy.Oguldurdy daýza bolsa:”Allajan,çagajyklarymy hor etme!Kömek
et!Men bulara bir zat iýdirmeli ahyryn.Aýnanyň ýüzi ýaly asuda asmandan,Allajan
senden,medet!Kömek et!”diýip,pyçagyny teletiniň ýüzüne çalýardy.Pişik onuň dilegini
eşiden ýaly,ýerinden turdy-da:”Ma-u”diýip,ilki eýesiniň ýüzüne seretdi,soňam kellesi
bilen gapyny açyp çykyp gitdi.Az pursatdan ol aýagy bilen gapyny açyp girdi-de,agzyna
alyp gitiren ep-esli eti Oguldurdy daýzanyň öňündäki et dograýan tagtanyň üstüne
taşlady.
–Bu näme?Muny nireden aldyň?-diýip,ol eti ysgaşdyryp gördü-de,täzeligine gözüni
ýetirip,pişige seretdi. “Ma-u!”-diýip,pişik dodaklaryny ýalady.
“Muny goňşylardan ogurlandyr!Bize ogurlyk düşenok!”-diýdi-de, ol eti kagyza
dolap,ilki sag goňşysy Hallygözellere,soň çep goňşysy Ogulgözellere baryp:”Pişik getirdi
welin sizden alan bolaýmasyn?”diýdi.Emma olar:”A-gyz,aklyňdan azaşyp ýörmüň?Hi
pişigem et getirermi?!Töwerekde mal soýýanam-a ýok!”diýdiler.Onsoň ol köçä
çykyp:”Etini aldyran bar bolsa seslensin-u!?”diýip,üç gezek gygyrdy-da,jogap tapman
öýüne geldi,börek bükdi,nahar atardy.Çagalar naharyň başyna geçenlerinde Aýgözel hem
işinden gaýdyp geldi.
–Toba,essagfirulla,eje,hurş almaga harjym ýok
diýseňem bar eken-ä?diýip,Aýgözel naharyň başyna geçdi.
–Alla ýetirýär-dä,balam jan!-diýip,ejesi jogap berdi.
Aýgözel böregiň ýaňy bir bölegini agzyna atdy welin:
-Etiň nireden gelenini men bilýän,jan dogan.Ony pişigimiz getirdi-diýip,nahardan
symyşlap oturan Orazgül,agzyny-burnuny oýnadyp jogap berdi.
–Toba,pişik getirdi?Muny neneň iýip bilýäňiz?-diýip,Aýgözel agzyna atan böregini
çykaryp,nahardan çekildi.
–A gyz,tula,diliňi saklap bileňokmy?!-diýip,ejesi Orazgüle azgyryldy.
–Eje,näme ýalanmy?Ony menem gördüm!-diýip,Altymyrat Orazgüliň sözüni
tassyklady-Ýöne,nahar gaty süýji bolupdyr,iýseň ökünmersiň!...(Hawa,Altymyrat soňsoňlaram pişigiň getiren etinden ejesiniň taýýarlan böreginiň tagamyny ýadyndan
çykarmady,beýle tagamly nahary ol öňde-soňda iýip görmändi.)
-Gyzym,jan balam,gözümiň nury,başymyň täji!Sen aç otursaň eneň gyýylar...
–Ýok,eje,iýjek-gäl diýdim-ä!
32
-Jan balam,pişigiň agzyna alan ýerini aýyrdym,soň mazaly ýuwdum...
–Toba,ýuwaňda näme?Pişik syçan,alaka tutýar.Senem..
–Wah,başyňa döneýin,balam jan,meň ýeke özüme bu zatlar aňsatdyr
öýdýärmiň?Indi kömekçim bolmaly halyňa, sähelçe bir zat üçin öýkeläp dursaň bolmaza!
-Eje,bagyşla-diýip,Aýgözel ejesini gujaklady-Sähelçe günden
aýlygymy
alýan.Lükgeligi bilen eliňe gowşuraryn.
-Bilýan,jan balam,gowşurarsyň!-diýip,ejesi gyzynyň çeýe,terezilenip duran
eginlerini,kümüş ýüzükli barmagyny,şar gara saçyny sypalap jogap berdiTüweleme,balam,ýetişip gidipsiň-ä!.Ejeň ony aňmandyram.Uýalaňam,yzyňy basyp
gelýärler,boýlary derek ýaly.Gyz kişi maşgalasy.Durmuşa çykmaly,biriniň öýüni
bezemeli...Sawçylar gelip başladylar.
–Eje,toba et!Altymyrat ýetişip,adam bolýança durmuşa çykjak däl,şuny berk belle!diýip,Aýgözel bir bölek gaty-guty nany çaýa batyryp iýdi.
–Eje jan,indi gyzlar söýüşip durmuşa çykýarlar-diýip,Gurbanbibi Aýgözele syrly
bakyp,seslendi.
–Ä-heý,söýüşip çykýanlaram görýäs-le,balam!Olaň söýgüsi jyzlan ýaly tiz
sowulýar.Men kakaňyzy bir gezegem görmän geldim.Ýaşap ýörün-ä!
-Eje,jan eje,aýdaýsana,kakamy daşyndanam görmediňmi?-diýip,Orazgül sorady.
–A gyz,balam,Allanyň öňünde ýalan sözlemen ahyryn...Hawa,atgulak äkiden aýallar
gudalaryň
ýaşaýşyny
görüp
gelenlerinde,pylança
ýorganlary
bar,pylança
keçesi,käsesi,çäýnegi,kürreli eşegi bar diýşyp,ejemiň ýanynda gürrüň edýärler,emma
körekeniň pylan hili ekeni diýen gürrüňiň üstünden baranoklar.Men ýigit barada eşdesym
gelýär,görk-görmegi nähili,nirede işleýär,synasy ýerindemi,boýy uzynmy...Olar bolsa
diňe zadyň gürrüňini edýärdiler...O döwürler guda bolunandan soň işden-zatdan
galynardy,öýdenem çykylmazdy,toýa çenli eşikleriň tikin-çatymyny taýýarlap ýetişseň
zor boldugyňdy.
-Waý,ejemjanyň ýüreklidigini!-diýip,Orazgül ejesini gujaklady.
–Ejem ýürekli hem gaýratly hem.Häzirki döwrüň gyzlary onuň eden herekedini
edip bilmezler-diýip,Aýgözel janykdy.
–Balam,oňa derek,bolgusyz sebäplere görä oňuşman aýrylyşýanlar köpeldi.Biziň
döwrümizde beýle zatlar seýrekdi.
–Eje,başgalary-ha bilemok,ýöne seniň gyzlaryň-a ýüzüňi gyzartmaz!-diýip,Aýgözel
pert jogap berdi-de,işine ugrady.
Ejesi,gyzynyň, ýeriň gaýmagyny bozmajak bolýan ýaly bolup barşyna seredip
doňup galdy...
Şu gürrüňden soň iki ýyl geçdi.Bir gün Aýgözel işden gelende ejesi ony ýanyna
çagyrdy.
–Balam,gyz kişi maşgalasy,”gyzly öý Soltanly öý,ýüzi geler biri alar”diýleni,şondada edil beýledir öýdmeýärdim weli...Gyz agajy hoz agajy,her ötegçi bir daş
atýar...Doganlaň ýokka bir zat aýtjak. Gudaçylyga gelýän sawçylaryň yzy üzülenok.Işimi
arkaýyn edip bilemok.Senden halys ýadadym.Gelýänleriň haýsam bolsa birine göwün
bermeseň goýjak däller.Hany,ber maslahatyňy!?
-Toba,eje,men öň Alty ýola düşüp ugrasa durmuşa çykjak diýdim-ä.
–Alty jan başyny çarar.Balam,sen jogabyňy ber!
-Toba,juda goýmajak bolsaňy..-diýip,Aýgözel ýaýdandy-Raýon merkezinden
gelseler ,habarlaryny alaýyň bolmasa
33
-Balam,olar kimler?Asly nireli?Kimlerden?Men ony tanaýanmy?
-Tanaýan
dälsiň.Oglanyň
ejesi
öý
hojalykçy,kakasy
jurnalist,gazetde
işleýär,Şammet Şyrty diýýärler.
–Toba,balam,oň ady dagy näteňet?
-Ady bilen işim ýok,eje.Men onuň adyny däl,Baýram atly ogluny tanaýan.
.Burkazlardan.
–Toba,toba,burkaz
diýdiňmi?-diýip,ejesi
ýakasyna
ýapyşdy-Balam,heniz
tohumymyzda burkaz bilen gatnaşyk eden ýerimiz ýokdy,etmeris hem,enşalla!
-Eje, kim bolanda-da men şol oglan bilen halaşýan!
-Balam,burkaz bilen halaşýaňmy?Toba,toba.Gezip ýörseň her zat eşitjek
ekeniň.Wah,şu halaşýan diýen sözi eşidesim gelenokdy-da,meň!Nädeýin...Bagryňdan
önen çagaň şeý diýip dursa.Öljekmi,ýitjekmi?
-Eje,nätjek,Baýrama baryberiň diýeýinmi,ýa-da,gelmesinlermi?
-Gyssamasana,jan
balam.Juda
eneň
sözi
geçmejek
bolsa,sorag-ideg
edeýin,agalaň,dogan-garyndaşlaryň bilen maslahatlaşaýyn.Göçüň geçip baranog-a!Soň
aýdaryn...
Şeýdip,dört ýyllap gyzynyň aýlygynyň hözürini gören ene,indi ony durmuşa
çykarmaga razy boldy...
Ýol Aşgabada tarap.
Altymyrat okuwdan boş wagy sport mugallymy,agasy Orazberdiniň
ýolbaşçylygynda, woleýbol oýunlaryna gyzyklanyp başlady,ýöne öýünde,öz ýasan
ştangasyny götermegi welin, gündelik ýola goýdy.Şol wagtlar ştanga bölümi heniz
açylmandy.Onuň sporta aşa gyzykmagy,gapydaky mallaryň aç durmagyna alyp
geldi.Gündelik ep-eslije ot ýygaýmasaň,hajymelikler molaşyp durlar.Oňa-da wagt
gerek.Dogry,ol ot ýygýardy,özem kän ýygýardy,şonda-da,näme,ýetişip bilmese
nätsin!Gygyrlar goza maşyny ýaly aty agzyna alyp,yzyndan çykaryp durlar.
Bir gün Orazberdi:”Saňa, “mallara gündelik ýeterlik ot ýyg” diýip
ýadadym.Düşünersiň öýtdim,düşünmediň.Düşünýänçäň, woleýbol
oýnundan
çetleşdirýärin”diýip,ony türgenleşige goýbermedi.Altymyrat bu ýagdaýy ejesine aýdyp
kömek sorady,emma ejesiniň haýyşyna garamazdan,ol,gaýdyp sportyň golaýyna barmaga
Altymyrada rugsat bermedi.Emma bu hereketler onuň sporta bolan höwesini gaçyrar
ýaly däldi.Sen bolmasaň senemjan edip,ol doganoglan agasy Garýagdy Aşyryň ştanga
götermek boýunça bölümine gatnaberdi,özem oňa“Senden tälim alýanlygymy Orazberdi
bir bilmesin!”diýip ýalbardy.Garýagdy-da az wagtlyk saklanyp,soň Orazberdiniň ştanga
boýunça täze açan bölüminde tälim alyp başlady.Hut şu günlerdenem ol uly sporta ilkinji
ädimlerini ätdi.
Oba oglanlaryna mahsus sada,açyk göwün ýigidiň köňlünde heniz özüne hem doly
mälim bolmadyk sagdyn okgunlylyk-haýsy işi ýerine ýetirse ony hemmelerden gowy
etmeli diýen ynam bardy.Hut şu ynam hem,ony üç aýdan soň, 12 ýaşynda, 31 kilogram
agramy bolup-da,agyr atletikadan türgenleşlige başlamagyna getirdi.Orazberdi:”Müçäň
näme!Sen daş göterip bilmersiň!Gör-ä,elleriň ysgyny ýok,aýaklaryň inçejik.Bir ýeriňi
maýyp edersiň!”diýip,onuň ştangadan el çekmegini sorady.Altymyrat :”Sen maňa bir aý
möhlet ber,nämä ukyplydygymy subut edeýin,edip bilmesem başga ugra
gideýin!?”diýeninden soň Orazberdi ony türgenleşige goýberdi.Şondan 26 gün
geçende,ýagny, 28-nji dekabrda geçirilen Sakarçäge sport mekdebiniň etrap ýaryşynda
60 kilogram daş göteryp,15-nji orny eýeledi.Bu onuň ömründe ilkinji çykyşydy.Bäş
34
aýdan soň,1982-nji ýylyň 16-nji maýynda bolsa, 32-35 kilogram agramda çykyş
edip,daşy birbada götermekde 30 kilogram,itekläp götermekde 40 kilogram,jemi 70
kilogram göterip,agyr atletika bölüminiň açylanyna bir ýyl bolmanka, sport mekdebiniň
ilkinji ýaryşynda birinji orna çykdy.Şeýdip,ol ştanga gatnady,mekdep internatda
okady,daşyndanam kolhozda işledi,mallara ot ýygmaga kömek etdi.
Bir gün gowaça meýdanlaryna külte,okuşnik geçirýän traktorçylaryň çaýyny
gaýnadyp durka,onuň ýanyna Orazmyrat ýasy(onuň Oraz ýewreý lakamly hem bardy)
gelip:”Saňa sport mekdebiniň çempiony diýýärler welin,meni gujagyňa alyp göterip
bilseň,ol diýilýänleriň dogrydygyna ynanjak,bolmasa-da...”diýip dur.Ol bir uzyn boýly
lokgaja adam,agramy ýetmiş bäş kilo dagy bardyr.Altymyrat mäkäm eline tüýkürdide,gujaklap,Oraz ýasynyň aýagyny ýerden saýlady.”Boldy,boldy,indi
men saňa
ynanýan!”diýip,ol Altymyradyň arkasyna kakyp,öwgüsini ýetirdi.
Güýçli bolmak ähli çaganyň köňlünde-de bardyr,emma Altymyratda ol has
ýokarydy.Bu üstünlikler onuň abraýyny günsaýyn
göterdi.Onsoňam,oňa,oba
adamlarynyň arasynda bolmak,zähmet çekmek,köp zatlara göz ýetirmäge,durmuşa
düşünmäge,agy-garany saýlamaga kömek etdi.Käte gowaça meýdanynda ýatmaly
boldy,akar ýapdan eňegini berip suw içdi,gamyşly zeýkeşlerden balyk tutdy,daýhanlaryň
gürrüňlerini,demirçi ussa Möjek aganyň Dawud pygamber baradaky gürrüňlerini
diňledi.Soňky gürrüňler oňa,özüniň agyr daşlary götermekde hiç-hili gorky-ürkini
bilmeýänligine gözüni ýetirmäge kömek etdi,özüne bolan ynamyny has-da
artdyrdy.Ilkinji ýeňişinde ejesiniň:”Balam,Dawut pygamberden pata alandyryn,indi
ümzügiň ileri bolar,enşalla”diýmegi-de, onuň kalbyny ganatlandyrypdy.
Dogry,öňler,oba adamlary setanda-seýranda bolsa-da, göreşerdiler,ýaglyga
towsardylar,düzzüm oýnardylar,topar gaçdy,çilik oýnardylar,ýöne,Altymyradyňky ýaly,
beýle daş götermek oýnuny heniz görmändiler.Altymyrat özüniň ýasama ştangasy bilen
beýleki çagalary hem örüzdi.Çagalar indi her öýde diýen ýaly öz ýasama ştangalary bilen
güýmenip başladylar.Bu bolsa köçeleriň çatryklarynda ýary gijä çenli oturyp,ýaramaz
endiklere ýüz urýanlaryň sanyny görnetin azaldypdy.Bu üýtgeşmelere oba aksakallary
düşünip bilmediler.Olar bir-birleriniň ýüzlerine soragly nazaryny dikdiler.Kimdir
biri:”Bilmedik,öz-ä şu oýun Orazdurdy pälwanyň dogmalaryndan çykanmyş diýýp
aýallar gürrüň edýärler”diýdi.”Aýallar gürrüň edýän bolsa dogrudyr.Olar Oraz ýasynyň
dogurman oturan heleýiniň dogurjagyny üç ýyl öňünden aýtdylar,dogry çykdy,döwlet
emlägini öz zady ýaly sowurýan Şamyrat goturyň oba arçyny saýlanjagy hem dogry
çykdy,mal lukmany Ata alkaşyň oba keselhanasynyň müdüri,onuň ynamdan gaçyp
aýrylan öňki müdüriniň,käri boýunça ýokary bilimli lukman bolup-da,obanyň baş
agranomy boljagam dogry çykdy,bu hem dogrudyr”diýdiler.
Akýap obasynda-ha,ýagdaýlar şeýle,beýleki obalarda hem şeýledir.Obada
ýaşaýarmyň,daýhanlara kömek edäýmelidir.Gyşda ekin meýdanlara eşek arabaly ders
çekişmeli,gowaça
ekişmeli,ýekelemeli,otamaly,çürtmeli,pagta
ýygmaly,bularyň
daşyndanam okuwyňy okamaly,öý işlerine kömek etmeli.Bu hysyrdylaryň bary
Altymyratdan sowlup geçmändi,geçmeli hem däldi.Ol bir zada imrikse irmezekdi,ony
etjek bolup ähli güýjüni sarp edýärdi.
Ine,bir günem ol,tüp yssy howada,beýleki okuwçylar bile gowaça ýekelemeklige
gidipdi.Biregne, aşak egilip gowaça ýekelemek aňsat iş däldi,ýöne,ejesi aýtmyşlaýyn
zehmet çekmegiň aňsady kyny bolmaly däldi.Onsoň Altymyrat hem öz başardygyndan
işleýärdi,irmän işleýärdi.Onuň bu häsiýeti merhum agasy Kakabaýdan galan
bolmalydy.Başlangyç synplarda zybrym bäşlik okamagy hem onuň berk talabyndan
35
döräpdi,sebäbi sapaga ýaramaz taýýarlanan güni çäre görerdi,özi ýaly oglanlar bilen
göreş tutdurardy,güýji deň bolmadyk garşydaşy bilen karate göreşine
çykarardy,ejesine:”Sen muny gaty lälik saklaýarsyň”diýip igenerdi,duýdansyz sowuk
suwy üstünden guýardy.Şulardan soň Altymyrada lälik saklanan diýmäge diliň
barmaýardy.Bulary kellesinde aýlap,gowaça ýekeleýän Altymyrat,ýanyna gelen agasy
Orazberdini görende:”Biý-ä ýene-de,haýal işleýäň diýip maňa käýemäge gel-dow!”diýip
pikirlendi,emma Orazberdiniň:”Sen Aşgabada,ýörüte sport mekdebine okuwa
gitmeli,çakylyk gelipdir”diýmesine ynanjagynam, bilmedi,ynanmajagynam.Hakykata
gözüni ýetirip guş bolup uçdy...Ol hat-da oba nädip geleninem bilmedi,begenjine iki ýana
zowzuldap,iýim-içim bilenem ugry bolmady.Hoş habaryň netijesinde dörän tolgunmalar
öz täsirini ýetiren bolmalydy.Tolgunmaz ýaly hem däldi.Bäş welaýatda-da Altymyrat
ýaly ştanga göterip bilýän ýaşajyk gullar bardy.Şolaryň arasyndan özüniň saýlanyp
alynmagy bu bir tötänlik diýip hasap etdi,ýöne bu tötänligiň özüniň arzyly zadydygyna
welin begendi.
Dogry,ol welaýat ýaryşlarynda,hat-da bir gezek Aşgabatda hem çykyş edip,gowy
netijeleri gazanypdy,ýöne,ýörüte sport mekdebine çagyrylaryn
diýip gumanam
edenokdy.Ol ýaňy on üç ýaşyny doldurypdy,Türkmenistanda ondan başga-da
tejribeli,güýçli ştangaçylar sanardan kändi ahyryn...
Ol özüniň şapbat ýaly radiosynyň nokadyna basdy-da,ýassyga kellesini
goýdy.Radionyň gepleýjisi:”1980-nji ýylyň iýul aýynda ştanga oýnunyň höwesekleri,22nji Olmpiada oýunlarynyň Moskwada geçýän ýerine-Izmaýlowa köşgüne
ýygnandylar.SSSR-iň 1975-nji ýyldan bäri baş tälimçisi,iki gezek Olimpiýa çempiony
Medwedew bu gezek hem üçünji Olimpiýa altyn medalyny alar diýen umytda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 05
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.