Latin

Topraga duwlanan ägirt - 26

Total number of words is 3881
Total number of unique words is 2419
29.8 of words are in the 2000 most common words
41.5 of words are in the 5000 most common words
48.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
seredeniňde ýetim ýaly,bagryny ýere berip oturan,öňi bezelen,daşy agardylan pessejik
jaýynda bu gün uly dabara.Aýaly gaýdanyndan bäri çekilen,bili birneme bükülen
Rahmanberdi aga bu dabaranyň beýemçisi.,Begjan mollanyň nagtaýşy ýaly,onuň”boýam
öňküsinden uzalypdyr”.Soňky günler ol bir täsin ýylgyrmany tapdy,özem ýütgeşik
214
ýylgyryş.Bir zatdan ätiýäç edýän ýaly, gorky gatyşykly ýylgyrýar.Garry zenanlar
“Heý,görgüsi ýamanyň nebir güni bardy..”diýşip,ýaşmaklarynyň aşagyndan
pyşyrdaşýarlar,gojalar bolsa agras dymýarlar.
–Halaýyk,çölde göçüp-gonuň ýören türkmen,ömür etek alty ýeň ýedi bolup
geldi,şonda-da, bu gün biz ýetimimizi öýermek edähedimiz boýunça uly toýa
başlaýarys.Gülüp,oýnap,şatlanmaly wagt boldy.Topazlar, garahmetler, ýemreliler,
hojalar,alasakgal-alajagözler köplük bolup,toýa süýşüp geldiler,Lebapdan, Ahaldan,
Balkandan,Daşoguzdan myhmanlara garaşylýar,telim dürli aş taýýarlap,olary güler ýüzli
garşylamaly.Biz topazlaryň geçili teresi bolup,ýemreliler bu ýere göçüp gelende olara
arka durupdyk,indem şony dowam etdirýäris.Şol sebäpli biz,mydam akyldarlaryň
mesgeni bolan,Maryda akyllylaryň köpelenligini subut etmelidiris.Ýöne,öňürti,gudalara
atgulak eltmek,durmuş-ýaşaýyşlaryny synlamak ýaly köne däbimiz bar.Men häzir oňa
gitjeklere ak pata berjek!-diýip,Rahmanberdi aga ýola düşen iki-üç sany kiçi maşynyň,bir
awtobusyň öňüne geçip,aýat-töwür etdi-de,ýüzüne syldy,olar ugranlaryndan soňam,öňki
ýerinde oturdy.
-Goja,gudaçylyga gideniňem eşitdik weli,bitüki,diýmäýin diýsem,ýaşlar süwümsiz
söýüşip ýörler öýüdýän?-diýip,Annaberdi aga dillendi.
–Söýgä beýle baha bermek gelişýän däldir,päheýde welin. Ata-baba yşk
bardyr,bolaram.Sen nä mantor,Lenli-Mejnuny,Zöhre-Tahyry,Şasenem-Garyby ýa beýleki
söýgi dessanlary okamadyňmy?-diýip,Rahmanberdi aga eýýäm, Begjan molla bilen küşt
oýnuna başlan Annaberdi aga tikgesini dikdi-Sen-ä,meniň wejimi gaçyrdyň
oturyberdiň,päheýde welin..Dogry,häzir ýokardakylar ýaly dessanlar ýok,belki indi
dörär,belki döremez,ýöne,söýgi ýalandan eräp-akan bolup,nakyslyk edýänleriň ýoly
däldir,ol
wepanyň,gaýratyň,namysyň-aryň,ajy-süýjüligiň
gönezligidir,özem
mukaddesdir,onsuz türkmeniň tohumy-da dalaşly bolar.
–Päheý,sakgallaş
diýsänim,diýmäýin
diýsem,seniň
basga
düşüp
ýören
zadyňy.Türkmende tohum galdymy,gaýmagy 30-37-de,süýdi 41-45-de,kesmegi 48-de
ýok boldy,indi içi boş gazany gujaklap ýörüs!-diýip,Annaberdi aga sögündi-de,näme
göçsemkäm diýip pikirlenip oturan Begjana azgyryldy-Bol,how,tamdyryň içini
dörjeleýän ýaly, barmagyňy burnuňa sokup oturma-da,göçjek bolsoň göç!
-Boş gazany gujaklaýas diýseňem-ä,çül çagaň bar!
-Aý,olar ,häki bir,gazan bos galmasyn diýip,elujundan ýasalanlar,olardan aňsyz bir
zada garaşamok,bolsa bäş,bolmasa ýigrimi bäş diýenleri.Belki,içinde maňyzlysy hem
tapylar edip...Bol,göç,how,molla!Ata ýurdum atardym,harman işim bitirdim diýenleri.
–Heý,ýagşam bir gep tapdyň.Näme o zatlar häki bir,tatar heleýiň ýanynda ýataňda,
sagyňdan çepiňe öwrülişiň ýaly bir zatdyr öýdýärmiň?Wah,seň diliň gursun
diýsene,päheýde welin!Başa bela näden geler,iki barmak dilden geler.Kakam
pahyr:”Dişiňi tut-dişiň synmasyn,diliňi tut-diliň synmasyn”diýmäni halardydiýip,Rahmanberdi aga janykdy.
–Hä,göçdüňmi?Gel.men ýatyp galandan atyp galaýyn,janymy barlap,atymy göçeýinde, mollasumagyň çamalagyny çaşyraýyn.Küşt!...Ozal birdi çeňňilim,iki boldy
heňňilim.Ýöneden gaç,köneden,kesdim kilim,uzaldy dilim.Ähe,gaçýar yza,berýä
ýan,jogap berd-ä,hä,Begjan!-diýip,Annaberdi aga öz-özl bilen warsaky urup,keýpini
kökläp otyr.
–Wah,munyň serpikleri çekiz bagly,ýüregi ýüz müň hyýally,bolşyny,päheýde
welin?Barjamlyja oglanlary bar-da,ýogsam-a,geplejek bolanda jähennemden diň
salyp,dilini dişlärdi weli...
215
–Goja,Annaberdi bilen dikleşip oturmada,oýnar ýaly, bize sadranç tap!diýip,Garýagdy aga Rahmanberdi aganyň sözüniň arasyny böldi.
–Dogrudanam,küşt-şaşka,keçe-keçe
oýunlaryň
ýaryşyny
şu
gün
geçireliň,baýaminnet,oýnajaklaryň bary üýşdi-diýip,Rahmanberdi aga ýassygynyň
aşagyndan üç sany küşt tagtasyny çykaryp,Garýagda berdi.
Şeýlelikde,Garýagdy Annaberdiden utulan Begjan molla bilen,Rahmanberdi aga
Annaberdi aga bilen,Ata Çoluk Gylyçly dugtar bilen küşt dikdiler,Tirkiş Tagan bilen Ata
Täzebaý bolsa damka oýnap,özara ýaryşa başladylar.Bir näçe wagtdan soň:
-Hany,how,özüne göwni ýetýäniň bolsa otursyn,gaşymda!Aslynda obamyzda gaty bir o
diýen oýunçam ýokdur-la!-diýip,Ata Täzebaý töweregine garanjaklady.
–Men oýnajak!-diýip,onuň ogly Aşgabat garşysyna geçdi.
–Adamyň aýtmadygy ýog-ow!”Ogluň ulalsa erkiň gider,gyzyň ulalsa
görküň”diýipdirler.Seň bilen-ä,oýnajak däldim weli...
–Kaka,erkim
gider
diýip,utulýanyňy
öňünden
aýdyp
oturma-da,çynyňy
et,belki,utarsyň!-diýip,ogly oýna başlady.
–Wah,nebsim gursun,diýmäýin diýsem,mugtdyr öýdüp pyýadany alaýdym-da!diýip,Annaberdi aga başyny ýaýkady.
–Naçar ýaly nalamada samsygyňy işlet,päheýde welin.Gorka oýnasaň utuga ýüzüň
düşmez.Aýdypdyrlar-a”petir nan otdan gorkmaz,ýaman heleý ärden”diýip...
–Bä,mollum”Düýämi gutaran gotur,nanymyň gowusy petir”diýilýän gepem bardyr
weli,sen meni diýmäýin diýsem,zenana deňejek bolýan-a dälsiň-dä?Birden gaharym
geläýmesin?
-Deňejek bolamak,nalama,kelläňi işlet diýýän,päheýde welin!Ýogsa-da,telefon
sütüninden ýykylanyňdan bäry sende kelle galdymy diýsene!Bol,öwelip oturmada göç!diýip,Rahmanberdi aga gyssady.
–Şu gün-ä men “yşgy ýok eşege,keýpi ýok köşege”döndüm,göçenim ters
bolaýýar,diýmäýin
diýsem,ýogsam,
bu
oýny
öwrenjek
bolup,owurdymy
suwladym,sakawumda iýmledim,bege bitimi berdim,hana gaşymy gerdim...
–Annaberdi başlyk,,sen garşyňda oturanyň kimligini bilibem,nalan bolýarsyň-la?Üç
göçümde utulmanyňa şükür et-de oýnaber!-diýip,Begjan molla habar gatdy.
–Begjan,diýmäýin diýsem,musulmançylykda din kär däl-de,hünär kärdir,şony
ýadyňdan çykarma!Özüňem,hemme zady bilýänlerden,täretini tüpeňleýänlerden bolan
bolma-diýip,utulyp barýanyna gahary gelýän Annaberdi janagyryly jogap berdi.
–Annaberdi,gaharlanma,özüňem Tyrry agaň gaýyňy ýaly aňkarma-da,göçüm et,ýa-da
utulanyňy boýnuňa al!
-Ondan-a ölenim gowudyr-diýip,Annaberdi aga paýyş sögündi.
–Täzeden düz,men keçe-keçe oýnaýanlaryň ýanyna baryp gaýdaýyndiýip,Rahmanberdi aga ýerinden turdy.
Giňden ýazylan keçäniň üstünde iki hatar oturanlaryň arasynda orta boýly,çokgarak,
bolgusyzja sakgally,garaýagyz,çepiksije adam iki ýana gatnap,adamlaryň ýüzlerine
çiňerip-çiňerip bakýardy,käsiniň ýakasyny açyp,boýun damarlarynyň urşumy
barlaýardy,käsiniň elini eline alyp,tiken gözleýän ýaly,siňe-siňe seredýärdi,hat-da käsiniň
aýasyny gulagyna tutup,doňuz diňini hem salýardy,birdenem”Sen boş!”diýip,biriniň
egnine kakýardy.Her kimiň bir göle ýykyşy bar diýlişi ýaly,ine,indi ikinji gezek,goňşy
obadan bolan çepiksizjäň topary öňe saýlanýardy.Ikinji utulyşa sezewar bolan Baýram
Nury öz obadaşlaryna igendi.
216
–O-how,biz indi şu akylymyz bilen keçäniň kimdeligini bilmän utulsak utanç
bolmazmy?Dünýäni aňk eden Altymyrat pälwan bizden, küştde, mugallymçylykda,
ylym-bilimde,däp-dessurymyzda welaýaty baglan Rahmanberdi aga bizden,göreşde deňitaýy bolmadyk Rejep pälwan bizden,edebi kemterräk bolsa-da,akylly eserleri bilen
tanalýan ýazyjy Anna Paýtyk bizden,ýeňiljek tal ýapraklaryny ulanyp kesel bejerýän
Gylyçly dugtor bizden,men bu sanlary uzaldyp oturmaýyn,ýöne...
–Köşek,öwgüli sözüňi diňlemek aňsat däl,utýan bolsaň ne ýagşy,utulaýsaň weli
“wäh”diýlen ýaly,biz oba masgara bolarys!-diýip,Rahmanberdi aga Baýrama teýeneli
sözüni atdy-da,gaýdyp gelip:-Annaberdi,düzdüňmi?Aýtdy-aýtmady diýme,biliňi berk
guşa,päheýde welin,şu gezegem utulaýsaň,ornuňy başga bermeli bolarsyň-diýdi.
– O nähili?Biz ýaly ussat oýunçylar bäş öwra darkaş gurmaly bor-a!-diýip,Annaberdi
aga jogap berdi...
Aý,garaz,bu gün agşama çenli ýaryşlar dowam etdi,ýeňijilere baýraklar berildi,halat
serpaý bilen ugradyldy.Küşt oýnunda Annaberdi aga dawa edip, birinjiligi aldy,Gylyçly
dugtar ikinji ýeri eýeledi.Keçe-keçe oýunda öz toparynyň üstün çykanlygyna monça
bolan Baýram,gyrmyzy donuna sygman, iki ýana gezim edip,gutlaýanlara çala başyny
atdy-da,toýuň agşamky şagalaňyny sowmaga gelen Tirkiş Taganyň ogullaryny,aýalyny
hormat bilen garşylady.Olaryň ýüzlerinde göreniňden aňyp oturmaly nuranalyk,wagty
hoşluk bardy.Gündüzki ýaryşlardan soň,Tirkiş Tagan öz maşgala agzalary bilen agşamky
şagalaňy sowmalydy.Nahar-şoruň berilenligi,tabaklaryň ýygnananlygy sebäpli aýdymsazyň ýanynda tans etjeklere hem rugsat berilýärdi.Tirkişiň,buýralary seçelenip duran ak
silkme telpekli başyny ýaýkap-ýaýkap çalýan şirinden-şirin sazlaryny biparh diňlemek
mümkin däldi,dogrusy meýmiredýärdi.Pylan sazy çalyp ber diýseňem ääsi bolmaz.
–Men size,zerur işi çykyp,toýa gelip bilmeýänligi üçin ötünç soran bagşy Öwezgeldi
Tekä çalan ilkinji sazymy”Ýaşylbaşy”çalyp berjek!-diýip,ol akkardionda joşup saz
çaldy,yzyndanam-Toýa meşhur bagşy Bally Hajynyň gelmegine,türkmeniň şahandaz
diýýän köneräk adamlarynyň matasyndan bolan sazandalar Han Aky,Amannazar Ata
daga garaşylýar...
( Ýeri gelende bellemeli zat,şu setirleriň ýazary meşhur sazanda Han Aky bilen
duşuşyp,toýa barmazlygynyň sebäbini soranda ol:”Biz ol toýa barmalydyk,özem höwes
bilen saz çalmalydyk,ýöne,siziň samahyldap ýören biriňiz-ä bar,Şamyrat
diýdimi,nämemi,ine şol”taýyn bolup oturyň,men sizi pylan wagt gelip alyp gitjek”
diýip,Amannazar Ata ikimizi garaşdyryp,daňyp goýdy,özem gelmedi”diýip,çyny bilen
zeýrendi.Ine,öz-ä toýda“Men olara habar etdim,hökman gelerler,ýöne azajyk pul
gerek”diýip,ýalan sözläp,şu iki aralykda hem ondan alyp muňa sokjak bolýan,puldan
başga zady bilmeýän adamyň gabahat herekedi şeýleräk,ýogsam Altymyrat oňa näçe
diýse pul berýär-ä)
-Indi bolsa,men öz ornumy şorta sözüň ussady Nuryşka(Nurmuhamet Nazarow)
bermekçi-diýip,Tirkiş sözüni dowam etdi-Ol Altymyradyň beýik ýeňişleriniň täsirinden
dörän degişmesini,Begmyrat kakasy baradaky degişmesini ilkinji gezek şu ýerde aýdyp
bermekçi-diýip,ol mikrofonyny oňa geçirdi.
–Essalowmeleýkim,Akýap obasynyň hormatly adamlary,toýa gelen myhmandyrmeduwanlar we beýlekiler!Şu gün gurjak ýaly ýurdymyzyň bir ýaşyny dolduryp barýan
wagty,türkmeniň pälwan ogly Altymyradyň Güller ýaly gül gelin bilen gurýan durmuş
toýuny gutlamaga geldim.Olara egsilmejek bagt,tükeniksiz rowaçlyk arzuw edýärin.Olar
ýetmiş ýyllap bizi ezip gelen,iýmejek bolsagam kolbasa,konserwa diýen bir belalary
agzymyza dykyp,her dördünji günem balyk iýdirip,gäbimizi azdyran orslaryň elinden
217
gutulan döwrümiz dabaraly toý tutýarlar.Hudaýa şükür,indi goňşydan ýüz manat
sorasaň,hany,ertire bir çykaly”diýýär,erte barsaňam onuň aýylganç ajan ýüzüni
görüp:”Aý,näme eçileniňi beräýsene”diýýärsiň.Şoňky ýaly, aýlygymyza derek,
eçilenlerini alyp,döşümizi açyp,gül ýaly ýaşap ýörüs.Ýok,gurjak ýaly ýurdumyz bar,söz
diýjek däl.Üsti-asty,gapdallary saman bilen suwalan ne bir gül ýaly kepbämizi şifer
diýen bir bela bilen çalyşyp,onuň aşagynda yssydan ýaňa demigip,gaty heläk
bolýas.Muny biziň boýnumyza ors dakdy.Orsuň ORT-sem bize gerek däl,bize
türkmeniňki bolýar.Mekdeplerde beden terbiýe sapaklaryny ýatyrdyk,sport
meýdançalaryna gowaça ekdik,”pagta ýygymda türkmeniň sporty ýetik
bolýar”diýdik.Şeýdip,pagta ekip,otap,ýekeläp,ujuny çürtüp,pagta ýygyp,aýak-aýaga
çolaşyp başagaý bolup ýörkäk,ýo-okardan bir perman peýda bolanmyş,bäş million
türkmenden bir sportçy Morakka-da geçiriljek ýaryşa gatnaşmalymyş.Ine,onsoň epeýepeý adamlar şonuň gözlegine çykmaly bolýarlar.Pagta ýygymdan-a bir adamy
kemeltmek bolmaz.Ine,onsoň ýaňkylar,Baýramalyda ýaşy bir krug geçen,bir gözi
platmas,bir gözi çüýşe,dilem ýylanyň çakgyjy ýaly çykyp duran kempiriň,günde ýedisekiz öküzi ýumrugy bilen ýykýan,gözi gandan doýan gassap ogly bar diýip
eşidýärler.Onuň ýanyna baryp:”Agam,dabaraňy eşitdik,gözüň gandan doýan
diýýäler,Morakka ýaryşa gitmäge adam tapamzok.Gaýrat etmeseň bolýan
däldir”diýdiler.Olam “Pyçak-paltam elimde bolsa,haýsy millet bolsa tohumyny tükedip
bilýän”diýip,döşüne kakdy.”Ýok,Begmyrat kaka,sen ýumruklaşyp uruşmaly!”.”Wah,men
şony oňarýanda,günde ençeme öküzi şu ýumrygym bilen ýykýan.Maňa öküz boldy,adam
boldy tapawudy ýok”diýensoň,şertini ylalaşyp Morakka gitdiler.Ortadaky,daşyna ýüp
aýlanan tapjanda,bir öküz ýaly negr dur diýýä,reňki,sürtülip köýen pakryşka ýaly.Ol
“Babaý,sypatyň nätüýsli,aýagyňdaky,ýüzüň görnüp duran orsyň ýalpyldowuk,ellilik
kaloşyňy,türkmeniň gyýmasyny çykar!”diýýä.”Aýagymda türkmen montanasy bolsada,men düýäň üstünde oturanyň aýagyna depip ýere düşürýarin.Balak çykar diýme,ol bir
çyksa geýme ýokdur.Gowusy,gel ylalaşaly,basym daýhana pagta dohody beriljek,şonda
hasaplaşarys,ýa-da myhmanhanada gadyryňy bilerin”diýip,Begmyrat ýalbardy,emma
bolmady.Ine,onsoň oňa keýpine namaz okabermeli nepis geýim geýdirýärler.Tälimçi oňa
“Begmyrat kaka,häzir bol,gözüňi-ýüzüňi gora”diýýär.”Gara kakamyň ogluna meňzäp
duran negr gowy ýigit ýaly-la?Pagtaň ýagdaýy neneňdir?Depe birneme
beýgelýärmi?”diýip-diýmänkä negr gelip ony bat bilen urdy.
Tomaşaçylar”Brawo”diýip,gygyryşdylar.”Haýyş
edýän,hyzzynlama,başym
aýlanýar,dişim gopdy,birden gaharym geläýmesin!”diýip,Begmyrat seslenen badyna
“Agam gaýrat et,ýene iki raundyň galdy”diýip,tälimçi habar berdi.”Wah,raundyň gowy
welin,meniň ragbatym gidip barýar,nädeýin?”diýse,tälimçi”Indi goranmada hüjüme
geç,ur”diýenine mähetdel “Erkek bolsaň gel ýanyma.Seni kän sylandyryn,Garamyrat
ýegen.Ýüz ýyllap ýalbarsalarda ýeriňden galmaz ýaly edeýin”diýip, ýumrugy bilen
negriň iki gözüniň arasyna bir ýelmedi welin,ol gaýdyp ýerinden galyp
bilmedi...Ine,ýapyşan ýerini sakyrtga ýaly şeýdip goparýan Begmyrat kakam
ýaly,dünýäniň üç gezek,Ýewropanyň ençeme gezek çempiony Altymrat Orazdyrdyýew
ýaly pälwanlaryň sany köp dolsun diýip,arzuw edýärin...
Garaz,şeýdip,Nuryşka gije ýaryma barýança gyzyl-gyran edip,oturanlary gülüşdirip
bildi...
--6—
218
Ine,Gülleriň gelnalyjylap alynyp gidilmeli güni hem gelip ýetdi.Ir ertirden onuň
öýüniň töweregi gaýda-gaýmalaşyk.Gije sakyrdaşyp ýatylmansoň,gözleri pökgerip duran
joralarynyň keýpleri diýseň köp,hamala özleri durmuşa çykýan ýaly,daşyndan pyr-pyr
aýlanyp,Gülleriň geýimlerini sypap-sermäp geýdirýärler.Ilkinji çagasyndan soň ,ýüzi
birneme doluşyp,hasam owadanlaşan Lena,jigisi Aýlar ýanynda.Ýaşlykda äri ýogalyp bir
çagasy bilen dul galan Sadap gelinem,geýim geýmekde öz tejribesini paýlaşýar.”Kürtäni
eliň bilen berk tutgyn,ýogsam,agyr şaý-sepi bilen başyňdan sypyrylyp,patylap ýere
gaçaýmasyn”diýip,öwüt berýär.Lena bolsa “A,gyz joralar,Gülleriň gelnalyjysy nähili
bolarka?Öýlenýän oglany görüp bolarmyka?Onuň bir gözi şullymyşam-a
diýýärler”diýip,hikir-hikir gülýär,Güller tasdanam”Seniň öz gözüň şully”diýip,jogap
gaýtarypdy,ýöne Sadap gelin ondan öňürtdi-de”Gyzlar,siziň häzir iň hezil
döwrüňiz,mydama böwregiňiz böküp durandyr,birine bererler weli,gyz maşgala kişi
maşgalasy diýen sözüň manysyna düşünersiňiz.Ine,Güller,kellesini akja ýaglykly,saçyny
öňüne goýberip oturandyr,gaýdyp gelende görseňiz saçy ýagyrnysynda,mapraç,owadan
gelin bolup oturandyr.Nirä durmuşa çyksaňyzam bagtly boluň”diýdi.Güller bolsa aryny
saljak bolýan ýaly:”Jora,durmuşa çykmankaň-a saçyň tokmak ýslydy,bir taryda
gymyldanokdy,indi bolsa büýr-bulaşyk,ne güne düşüp beýle bolaýdy?”diýip,Lena
teýeneli
sözüni
aýtdy,Aýlar”Ýüzi-gözi
güne
çürşen
ýaly
däl,özboluşly
owadanlaşypdyr,ol-a” diýse,gyzlaryň ýene biri”Hany “ekzamenleriň”barada gür ber,biziň
hem öňümizde synag köprüsi bar”diýýär,ýaş gelinleriň biri bolsa”Jübüt ýaşamak hezil
ekenimi?”diýýär.Lenanyň ýüzi çapady ýaly gyzardy,jogap bermän çalaja ýylgyrýar.Onuň
haly harap bolup oturşyna nebsi agyrdymy nämemi,Sadap gelin söze
goşuldy.”Wah,gyzlar,ýigit bilen bir jaýa salyp gidensoňlar saç-sakgalyň galarmy?Özözüňe näme üçin gyz bolup doguldym-kam diýersiň.Pylanynyň gyzy bolupdyr
diýenlerinde “wiý”diýilýändirler welin,bi durşuna görgi owuşýan.Içiňden eneň-ataňa
“Bir döwüm çöregi gysgandyňyzmy,heniz garrap baramokdym ahyryn”diýip,
igenýärsiň.Ýöne,biliň ene bolmak ýaly mukaddes zat ýokdur,dünýäniň,durmuşyň başy
eneden başlanýandyr.Ilkinji gije kynrak düşer,ýöne soň birek-birekden aýrylyp
bilmersiňiz.”Sadap gözüni süzüp dymdy.Ýatlamalar ony tolgundyran bolmaga
çemeli,ýüzi gyzardy,owadanlaşan ýaly boldy.Gyzlar yzyny aýt diýip ezelenip durmasalar
gürlejek däldi,sebäbi, ýatlamalar ony aýralygyň girdabyna oklaýardy.”Meni
gaýtaranlarynda ol“Giýewlemäge baraýsam saman kepbäňiziň içinde garaşgyn”
diýipdi.Kakam,hasanaklaşyp ýören erkek doganlarym bar,nädeýin.Doganlarym gije
wagty bilen ýatmansoň,duşuşyga çykmadym welin,neressäm içiniň ýangynjyna çekize
haltamyzy dökän-saçan edip gidipdir.Kakam”Pişigiň işidir”diýýär,meň bolsa ýüregime
jüňk,kimiň işidigini bilip otyryn.Wah,neressejigim goç ýigitdi-le,gepi-sözi
ýerindedi.Şeýle bilen ýaşasaň arkaň ýapyly ýaly bolýandyr,buýsanjyň,bagtyň
şondadyr...”Güller Sadabyň gözlerinden syrygýan damjalary görüp bozuldy,
bagtsyzlygyna gynandy,onsoň öz durmuşyndaky näbellilik,garaňkylyk hasam garalyp
barýan ýaly boldy.Keşte çekmege,haly dokamaga ezber ellerine heniz iňňe
çümmändi,häzir bolsa öz eli däl ýaly.Bu gürrüň beýleki gyzlarada täsir eden
bolmaly,olaram işlerini goýup oýa batdylar...
Geýim hysyrdysy bilen wagtyň nähili geçenini bilip bolanok.Güller özüni ýaman
arkaýyn duýýar.Lena “A,gyz,wagtyň ýakynlaşýaram weli,ýaman arkaýyn otyrsyňla?”diýip,goýanok.Arkaýyn oturman näme ol begenjine aýdym aýdyp,läle kakyp
ýörmelimi?Sadap “Hawa-la,gyz,arkaýyn biz bilen gülüşip otyr.Biz-ä durmuşa çykan
günümiz öýden gidýäs diýip aglapdyk”diýýär.Ol näme üçin aglasyn?Ol bagtly,öz
219
söýenine durmuşa çykýar ahyr.Onuň bir arzuwy,Altymyradyň özüniň gelip,öýden
çykarmagy.Birden gelmän dursa nätjek?.”Wah,bagtym garaldy,elim diýen etmez
boldy”diýip,Güller,iňňe çümen barmagyny dişledi. Lena bolsa “Tolgunýansyň,
jorajan.Durmuş hakda menem oýlanýan,käte ýagşy umytlarym üzülýär,ýöne maňlaýa
ýazylandan çykma ýok ekeni.Durmuşda ýansaň,ýanan günüňe bile aglaly,solsaň solan
günüňe aglaly,bagtly bolsaň bagtyňa bile aglaly,ýöne ejizligi aglap ýeňip
bolmaýanlygyny ýadyňdan çykarmagyn” diýýär...Şol wagtam “A-na gelýär-de,a-na
gelýär!”bolşup,uly-kiçi şagalaň turuzdy.Häliden bäri gaty mert oturanam bolsa,galmagal
täsir etdimi ýa başga sebäbemi,Gülleriň ýüregi elesläp barýan ýaly boldy-da,birdenem
horkullap aglanyny özem duýmady.Lenanyň”Hany köreken nirede gyz,gelmändirem
öýüdýän”diýen sesi eşidilýär,Aýlar bolsa uzyn boýly,daýanykly bagşy Akyş Sapary
görkezip”Şu köreken bolaýmasa”diýip,jykyr-jykyr gülýär.Onuň ýanynda Altymyrat hem
bar.Ol söýgülisini almaga gelipdir,özem gyzyň öýlerine,gaýynlaryna gelipdir.Aşykda
haýa bolmaz diýýärler,emma çyn aşykda haýa,namys ar has artyk bolaýmasa diýlen
gürrüňem bar.
Gelnalja gelen gelin -gyzlar gapynyň agzynda(bosaganyň muzduny tölemeseň jaýa
girjek gumanyň barmy)saklandylarda,aljak gelinleriniň tarypyny etmäge başladylar.
Gelnimiziň iýmiti,işjek goýnuň bagrydyr,
Guşagyndan ýokarsy,süýnüp ýatan sagrydyr.
Çynyň bilen seretseň,çep gözüde egridir...
Goýberiň bizi öýe,gelni kejebä saljak...
Gyz ýeriň gelin-gyzlary hem olardan kem galmajak bolup:
Düýemidir,atmydyr,ýörüşi patdyk-putdyk,
Gözi çala körmüdir?Giýewä biz seretdik.
Boýy beýikmi,pesmi,ýa serhoşmy,ýa mesmi,
Gepleýär lagyr-lugur,dili peltek,nähoşmy?
-diýip,giýewä at dakan bolýarlar.
Waý-eý,toba,bu gyzyň,saçbaglary ýüpmüdir,
Oba gezip gep tapýan,ýa şildirim-şipmidir?-diýip,oglan ýeriň gelin-gyzlary olaryň
petigylysyny berýär.
Etrabyň alma-nary,şekerlidir,ballydyr,
Gyýew boljak ýigidiň,kör-keldigi bellidir.
Gyzymyz bar,görmekli,gülküsi-de ýaz ýaly,
Seýkin basyp ýörände,aýdym bilen saz ýaly.
Toý aýdymy ýaňlansyn,bu howluda çar ýana!
Wah,çar ýana,çar ýana!
-diýişip,gyz ýeriň gelin gyzlaram pes oturanoklar.
Şol aralykda belli bagşy Akyş Sapar Tirkiş Taganyň sazandarlyk etmeginde özüniň
söýgüli aýdymlaryna başlady,ýaşlar tans etdiler.Gapa baran gelin-gyzlar gapy sakçy
gelinlere
ýalbaryp-ýalbaryp,ahyrym
bolmajagyny
bilip,bermeli
aklyklaryny
berdilerde,öýe girdiler.Girseňem,göni baryp gelni alyp gaýdyp bilmersiň,ony saklaýan,
tanapyna towsup duranja daýaw-daýaw,”hyňranyşýan”gelinler bilen göreşip
almalysyň.Olar “Gyýw,gyzlar,Gülläni berk saklaň,gelen aýallar gaty mekirdirler,garmagürmelik edip ony alaýmasynlar”diýýärdiler.Ine,onsoň otagyň içinde şeýle bir basabaslyk höküm sürer,kim kimi basýar,aňşyrar ýaly däl.Gelin almaga baranlaryň içinde
gany ýüzünden damaýyn diýýän bir şerçi aýal bar,ol bir topulaýsa iki-üç gelni aşagyna
basar diýersiň,emme syçalakga barmak ýaly gyzdan ýykylyp,çäşerip ýatyr.Ol kynlyk
220
bilen ýerinden turup”A-heý,ýüzügaralar,bular heniz bişmedik gawun-da,biriniň gujagyna
dolaýsa bilýäs-le,bujagaz güýjüňiziň nirä gidýänini”diýip,ýykylanyna namys edýän ýaly
üst-başyny kakyşdyran bolýar.Ahyrym,haýsy tarapdanam bolsa bir sakgally ýaşuly
“ähm-ühm”edip,gapydan boýnuny uzatdy-da”Päheýde weli,hany bes ediň oýnuňyzy”
diýdi weli,urşup duran itleriň üstüne suw sepilen ýaly boldy.Onsoň,Altymyrat,törde
oturan gözi ýaşly gelniniň elini gysyp,turuzdy-da”Aglama ezizim,aglama”diýip, alyp
çykdy.(Gözi ýaşlylygyň sebäbi-bu türkmeniň öňden gelýän däbi,durmuşa çykýanlygyňa
begenýänligiňi ile bildirmek masgaraçylyk hasap edilýär,onsoň çyndan aglaýarlar,käbiri
ýalan aglan bolýar.Aglamaga bolsa esas bar.Sen öz göbek ganyň daman ojagyndan
çykyp,başga ojaga düşýärsiň ahyr).Jaýdan çykan çapraz-çaňňally gyzyl kürtäni çümre
atynan gelin, iňňeden çykma bezenipdir,eşikleri birneme dikgerdenem ýaly.Egninde
täzeje el ketenisi,aýagy gülli joraply,köýneginiň öňi apbasyly,başy çapraz-çaňňaly
şowurdap barýar.Rahmanberdi aga “ol eşikler gelin-gyzlaryň bezegi bolman,gyzlyk
dünýäsi bilen gelinlik dünýäsiniň arasynda duran çäkdir”diýýär.Şonuň üçinem “gyz
maşgala saçy örüme gelenden beýläk,bary-ýogy bir aý,kyrk gün atynjak kürtesine ähli
yhlasyny siňdirip-sünnelärmiş”.Keteni barada ol”onuň ysy ýigitdir-gyzy biri-birine
imrikdirýärmiş,ol ysy alan çala göwünli ýigidem owsun atyberermiş,hut şol sebäplem
gyz maşgala hemişe keteni geýip durmuşa çykarmyş”...Ine,häzirem , söýülerin
öýtmedik,”şeýle ýigide durmuşa çykjak gyz iň bagtlylaryň biri bolar”diýensoň,özi şol
bagta eýe bolanlygyna guwanýan bagtly gyz,şowurdap,geçip barýar.Onuň boýdaşlary,öz
joralarynyň ýat ýerlere düşýänligine gynanyp,göz ýaş etdiler,gynandylar,läle kakdylar.
Bilbil uçdy,ýar,ýar,guýa gaçdy ýar,ýar,
Ýat ýerlere ykbalyň,seni seçdi ýar,ýar..
Türkmende gyzyny durmuşa çykarýan ata öz duýgusyny bildirmek gelişikli däl
diýen düşünje bar,şol sebäpli gyzynyň çykjak güni ol öýünde bolmaýar,oňa derek ejesi öz
balasynyň ýat ýerlere düşjegine gynanyp(ýa-da,ahyrym gyzyny durmuşa çykarýanlygyna
begenip)gözýaş edýär,ýürek arzyny gowzadýar.
Elden guşum aldylar,alabilmen ýar,ýar,
A-na,gidip barýa-la,galybilmen ýar,ýar...
Gülleriň jigisi Aýlar şeý diýip läle kakýar.
Öý daşynyň gamşyna,syrgyn düşdi,ýar,ýar,
Nätanyş ýat illere,dogan düşdi,ýar,ýar...
Aýdymçy Akyş Saparyň üç-dört aýdymyndan soň,Altymyrat Gülleri we onuň jigisi
Aýlary,dosty Artygy alyp bir maşyna atlandylar. Akyş Sapar Altymyrady ýene bir gezek
gutlap,ýaşlaryň
bagtly bolmagyny arzuwlap,özüniň Gyrgyzistana çykyş etmäge
barýanlygy üçin ötünç sorap,hatardan galdy.Gelnalyjy maşynlar ýüzlerini oba tarap
öwürdi.Gyz çykýan ýeriň çagalary,ýaş-u-garry aýallary,ýaşulylary “Sag-aman
baryň”diýip,ellerini ýüzlerine syldylar we köne däbimiz boýunça”baran ýerinde
gyzymyzyň aýagy düşsün,öýüne gaýdyp gelmesin “diýen arzuw bilen,ellerine çüýrük
alma,şetdaly,pomador ýaly bişen miweleri alyp, gelnalyjy maşynlary “eseklediler” ...
Indi habary toý ýerden alalyň!Onlarça gazanda onlarça malyň eti gaýnaýar.Egni
süpürgiçli orta boýly garynlak aşpez olaryň oduna-suwuna seredýär,oglanlaryň bir-näçesi
sogandyr-käşir artmak bilen güýmenýärler.Olar özara gürrüň edýärler,gülüşýärler.
–Agşam “Aýgytly ädimi”gördüm-diýip,Döwlet joňk seslenýär-Halnazar baý ogly
Balla Aýnany alyp berip bilmän,başga gelin almaly bolýar.Gaýyn enesi Sadap,gelnimi
bir synlaýyn diýip,kürtäni açyp görse,dar maňlaý,hajjyk agyzly biri otyr diýýä.Gelniniň
ýaglygyny zadyny düzedişdirip”Häýt,myň terbiýesini kürtelikä çekeläp bermesem soň
221
hezil bermez”diýen gaýyn ene, eýle bol,beýle bolma diýip,öwüt brerip başlady,şonda
gelin agzyna ýaglygyny tutup”Aklyňy çykmadyk gyzyňa öwret,men hemme zady
bilýän”diýýär.Şoň üçinem oňa ataýry gelin diýýärler.Dar maňlaýly gelin gaharjaň
bolýarmyş,onuň ýaglygy ýokardan daňýlarmyş,saçy gaşy bilen bitişip durmyş,şondan
gaçmalymyş.Ýöne,näme edeniňde-de,maňlaýyň bolsun diýsene.Alan gelniň asly
bolsun.Gelniň gowy bolsa öýe bereket ýagýar
-Sen muny Altymyradyň aljak gelnine ýaňzydýarmyň?-diýip,Kakamyrat onuň alpetinden aldy.
–Ýok-laýt,ýöne aýdaýdym,men-ä.Aljak gelnimiz menikli bolsun diýjek boldum.
–Geçen ýyl Gözel eje gelip,”pylanylara gudaçylyga bardym weli,nähilikä?”diýip,
kakamdan sorady-diýip,Kakamyrat gürrüňe başlady-Olam “Dogan,gizläp nädeýin,gyz
gaty ýamandyr,onuň bir kemi şodur,hojalygy el ujundan aýlar”diýdi,onda Gözel eje
“Wah,maňa-da şolar ýaly maşgala gerek-dä”diýip,ogluny öýerdi.Indem bolar ýaly däl
diýýär,bir zat diýsem maňada dil gaýtaraýýar diýýä.Indi ol kakamyň ýanyna
gelip”Wah,ýegen jan,ýamanjadyr diýip aýtdyňam,agzyma salyp göýberdiňem
weli,düşünmändirin,edil beýle ajdarhadyr öýüdmeýärdim”diýip zeýrendi.Alan gelniňde
bagtyň çüwsün diýsene.Hudaýa şükür,meniň gelnim-ä gowy,eýýäm iki gyz dogrup berdi.
–Men Altydan on günlük uly.Ştanga onuň bilen bile gatnap başladym.Türgenleşip
ýörkäm garahassalyk keseline duçar bolup,galmaly boldum.Men ondan agyr agramda
çykyş edýärdim.Galmaly bolanyma gynanýan,gowy ştangaçy bolup ýetişerdim...Ýadyma
düşýär,Altyň daýawdan,garynlak,ýaman bet ak eşeginiň burnunyň üç deşigi bardy,ol
deşik nireden peýda boldy,bilmedim,ýöne,bize gülüşmek,eýesiniň gaharyny getirmek
üçin bahana-ha bolýardy.Alta emziklije tüňňüje diýseň gaharlanýar, tilki diýseň göwni
bir ýalydyr.Bilmedim,beýle lakamlar nireden kellä gelýär,ýöne biziň deň duşlarymyzyň
içinde lakamsyzy ýokdur...
Men bu gün öýümde,Altymyradyň aşgabatly dostlaryny kabul edip, aýratyn hyzmat
etmeli,görüp geleýin-diýip,Döwlet tarsa turdy-da,öýlerine tarap ýelk ýasady.
Şol wagt “Heýjan-elek,jan elek,gelnaljy gelýän ýalak”diýişip,çagalar köçä ylgaşyp
çykdylar.”Aýtsaňyzlaň,bu toý nämäniň toýy”diýip,Tyrry kaka eli taýakly patdyk-putdyk
ýöräp,gelnalyjy
bilen
bile
öýe
geldi.Il
gün
edil
suwsan
ýaly
bolup,sahylykda,eliaçyklykda ady belli pälwanyň toýuna gatanjymyz bolsun diýip,zat
baryny gurralygna guýdylar.Atbaşçylara,toýa giden maşynlaryň sürüjilerine toý
baýraklary paýlandy,ýaşlaryň tans etmeginde,aýdym-sazyň şowhuny bilen juwanlar
jaýa tarap ugradyldy.Baýryç ,Orazberdi,Kakamyrat,Artyk ,Aýgözel,Orazgül dagy
ýaşlaryň üstüne pul,süýji-köke seçdiler,täze şlýapasyna derek köne şypyrtmasyny
kellesine geýen Orazberdiniň telpegini,Baýryşyň,Artygyň papaklaryny asmana
zyňdylar.Türkmen telpegini göge zyňyp,şeýdip toý toýlaýar.Ahyrym,gelin jaýa
salyndy.Toýa gelenlere nahar çekildi.Şondan soňam aýal-gyzlaryň arasynda küşt-şaşka
oýny boýunça,göreşde,bäş ýüz metre ylgamakda ,ştanga götermekde ,ýaglyga
towusmakda ýaryşlar başlandy.
Geliň,biz ilki bilen Tirkişiň aýaly Oguljahan gelniň ýolbaşçylygynda gurulan küştşaşka ýaryşyna syn edelin.Oňa jemi sekiz zenan gatnaşdy.Maýagözel bilen Zybagözel
olaryň baryny utdular,soňky ikisiniň arasyndaky ýaryş bolsa Maýagözeliň peýdasyna
gutardy.Ine,onsoň ýeke-täk öňe çykan gyz buýsançly
nazaryny töweregine
aýlap,özünden ökdäni göresi,ondan nämedir bir zat öwrenesi gelýär.Başga özüne taý
tapylmansoň
ol”Bolmasa,obamyzda
oýun bilýän jahyllar bardyr,şolary
çagyryň"diýdi.Onsoň jahyl bary ýygnanyp,bir-birinden öňürti gyzy ýeňjek bolup,galdylar
222
azara,ýöne utaýmak aňsat ýalam bolsa,jahyllar ýuwaş-ýuwaşdan sypyrylmak bilen
boluberdiler.”Bä,obada meni utup biljek tapdyrmasa,etrapdan aňyrraga-da habar
ýollaň,belki,başga ýeriň jahyllary has ukyplyrakdyrlar”diýip,Maýagözel tomaşa etmäge
gelenlere
gözüni aýlady.Al,saňa gerek bolsa!Ýigit bolup,kelläňe telpek geýýän
bolsaň,dur-da,onuň öňünde...Ine,onsoň,asly şu obaly,özi paýtagtyň bedenterbiýe
institudynda okap,toýy gutlamaga gelen Azat atly bir oglan durup bilmän öňe çykdy.Olar
iki gezek deňme-deň oýnadylar,üçünji gezek gatylar bilen oýnaýan Azat agyr ýagdaýa
düşdi,pilini mugt berdi.Güjüni deňleşdirjek bolup,gara dere batdy,ahyrym deň
oýnap,ýigitlik namysyny goramagy başardy,ýogsam,aýdyşlaryna görä,ol küşt oýny
boýunça ussatlyga ýetmegiň bosagasyndaky oýunçy ekeni.Ine,bu obada şeýle ezber
oýunçylar bardyr,görseňiz!Göreş ýaryşy hem örän çekeleşikli geçdi.Etrabyň
“Daýhan”obasyndan gelen Allaberdi pälwan hiç kime per bermedi,şaýlelikde ol
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 27
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.