Latin

Topraga duwlanan ägirt - 33

Total number of words is 3855
Total number of unique words is 2313
31.6 of words are in the 2000 most common words
45.6 of words are in the 5000 most common words
53.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Ogluňyzyň günäsini geçseňiz,ol mendenem gowy hyzmat eder.Onsoňam,men onuň
mazalyja çetine degdim,azajyk gorkuzdymam,sapak bolsun diýip,bir elim bilen
ýakasyndan tutup galdyrdymam.Oňarypdyrynmy?
-Oňarmansyň.Birinjiden onuň üçin sözüňi zaýalanyňa degenok,ikinjiden saňa ýük
galdyrmak gadagan...Adamyň haýyşyny aljak däldim,emma seň sada köňlüňi ýykasym
gelenok.Sen muňa soň düşünersiň.Bolýa,çagyr dogmamy...
Altymyrat daşarda garaşyp duran ýigidi içeri çagyrdy-da,azar bermezlik üçin özi daş
çykdy.Onuň kalby begençden dolupdy,çalaja ýylgyrýardam.Özüniň eden bu haýyr
işine,mahaçgalaly bir näbelli ýaşula
eden ýagşylygyna begenip,aňyrsyna ýetip
bilmeýärdi.Şol gün ol her iki günden ýörüte enjamlaryň üsti bilen gan arassalamak
çäresiniň nobadyny ýaşula berip,tas uly howpuň aşagynda galypdy.Onuň bu häsiýetine
belet bolan lukman,işden soň,bu çäräni amala aşyrdy-da,Altymyradyň ýagdaýyny nähili
hem bolsa ganymatlaşdyrdy,ýogsam,kişi üstünligine guwanýan,kişi hasratyna
gynanýan,ýagşylyk etmeli bolanda Hatam taý bolýan gerçegiň ömür tanapy
üzüljekdi.Her iki günden ölüp-direldýän,böwrek işlemänsoň gana goşulýan peşewi
arassalamak çäresini hökman ýerine ýetirläýmelidi,ony etmeseňem ýüregiň işlemesi
togtaýardy...
Salam aganyň ogly bäş gün kakasyna seretdi,soňam nirädir bir ýerlere ýitirim
boldy.Oglunyň aýtman zat etmän gitmegi Salam aganyň ýagdaýyny agraltdy.Ol nähilidir
bir birahatlyk tapdy-da, gan basyşy birden ýokary galdy.Sanjym baryny eden lukmanlar
ony ölümden alyp galyp bilmediler.Şol pursat ýaşulynyň ogly eli ep-es;i kagyzly içeri
kürsäp girdi-de,kakasynyň işini bitirenligini aňyp:”Bir zat ediň ahyr,ony
dikeldiň.Bolmanda şu kagyzlara gol çekýänçä dikeldiň.Ol ähli emlägini meň adyma
ýazmaga boýun boldy ahyr”diýip,iki ýana zowzullaýar.Altymyrat şu ýerde Salam aganyň
“küýküni gabyr düzeder”diýmeginiň asyl manysyna düşünip galdy.Asyl ol kakasyny
soramaga däl,başga niýet bilen gelen ekeni.Nätjek,onuň adam tanap bilşi şeýleräkdi-dä....
Şu wakadan soň,halys keýpi gaçan Altymyrat telegramma iberip,Gülleriň öz ýanyna
gelmegini sorady. Güller geldi.Ol ogly Maksady Tirkiş kakasynyň gyzy Miwä goýup
gaýdypdyr.Ogluny
getirmänligi üçin Altymyrat Güllere igendi,”Goýnuňky
gijedir,oglanyňky ejedir”çagany hiç wagt ýanyňdan goýmaly däldir”diýdi.Güller
bolsa”Ilki bilen seniň ýatan keselhanaň golaýyndan ýaşar ýaly jaý tapmaly,böwrek
çalşylandan soňam Maksat jany gitirmeli,bolmasa saňa seretmäge maňa päsgel
berer”diýip jagap berdi. Olar şeýle hem etdiler...
274
1996-njy ýyluyň 6-njy iýulynda,Leningrad şäherinde ýol hadysasynda heläk bolan
özi ýaly ýaş ýigidiň böwregini oňa oturtdylar,bir aýlap agzyna hasa saralgy keselhananyň
gözegçiliginde bolmaly diýdiler.Güller öýe jaň edip Kakyşdan Maksadyň getirilmegini
haýyş etdi.Şeýdip olar maşgala bolup,kireýine alynan jaýda aýyň aýaklaryna çenli
ýaşadylar,soň öýlerine gaýtdylar.(Aşgabada gelen badyna Altymyrady Türkmenistan
boýunça agyr atletikanyň baş tälimçisi edip işe bellediler.Ol töweregine ýaş ştangaçylary
ýygnap,tälim berip başlady.1997-nji ýylyň fewral aýynda Altymyradyň tälim beren
ştangaçylary Eýranda geçirilen halkara ýaryşynda birinji baýrakly orny eýelediler,
ştangaçy Babaýew Annaberdi bolsa halkara derejeli sport ussady diýen hormatly ada eýe
boldy...)
Altymyrat öýüne gelen güni ähli aladalary bir ýana goýup,ogly Maksatjygy,aýaly
Gülleri alyp şähere aýlandy.Bir ýyla ýakyn aýralykdan soň giň,owadan köçelere,
mermere bürenen jaýlara syn etmek,gitdigiçe tanalmaz ýaly özgerýän seýilgählere
aýlanmak diýseň lezzetlidi.Olar ilki bilen naharhanalaryň birinde çalaja garbandylar,soň
seýil bagda her hili oýunlara güýmendiler,çagalaryň gezelenç otlusyna mündüler,hiňňillik
uçdular,şeýdip giç agşam öýe dolandylar.Iki-üç gün gezelençden soň bolsa olar oba
gaýtdylar.Şeýdip,adaty durmuşyň kiçijik aladalary bilen güýmenseň,günüň nädip dogupýaşanyny hem aňmajak ekeniň.Niçik bir ýeriň syzlaýsa şonda ünjiň köpeler ekeni.Adam
ykbalynda hemişe bolup durýan şeýle pursatlarda saňa duýgydaş,ýürekdeş söhbetdeşem
gerekdi.
Ine,obadaky köneje jaýlarynda otyrka,bir gün Altymyradyň ýanyna daýysy,ýazyjy
Amanmuhammet Nepes geldi.Altymyrat ony ýitirip tapan ýaly garşylap,mähirli
salamlaşdy,oturmaga ýer görkezdi.
–Ýegen obada diýdiler welin saglygyny soraýyn diýdim.Tüweleme, şol öňki algyr
gözler,nurana ýüz,ýöne onda çuňňur hasrat görünýär,olam ýuwaş-ýuwaş aýrylar.
–Daýy
jan,bagyşla,ýanyňa
özüm
barjakdym,emma
ýarowsyzlyk
ýol
bermedi.Baýram!-diýip,ol gapydan giren inisine ýüzlendi-Daýym jana hezzet-hormat
et!Ýaňy çebiş soýdular,şondan börtme taýýarla.Ýogsa-da,ol ýaramasa tokly soýaýyn?diýip,ol degişip, aljyradyp alyp barýar.
–Sag bol ýegen,bizi sylan Alla sylasyn.Saglygyňy soraýyn diýdim,onsoňam Mary
welaýat kärhanalarynyň işgärleri “Bizi pälwan bilen duşur”diýip,haýyş etdiler.Aňryujy
bir mümkünçilik dörese,gurnaýyn diýip söz berdim.Galanam,näme saňa bagly,ýegen.
–Daýy jan,o diýýäniň bolar-la welin...Men maşyn sürüp bilemok.Her iki sagatdan
özüme sanjym etmeli.Şonda-da wagt tapjak bolaýyn.Köpçüligiň haýyşyny ýerde goýup
bolmaz.
-Men seni öz maşynymda alyp gitjek,getirjek,ony gaýgy etme.Ýanymyza belli
folklarçyÜmür Esen hem goşulýar.
–Bolýar,men razy,gaýta köpçülige çyksam birneme göwnüm açylar.Keselhanada
uzak ýatyp poslapdyryn,halys emgek ýanaýdy-da-diýip,ol mylaýym ýylgyrdy.
Şol günüň ertesi Altymyrat Baýramalynyň pagta arassalaýjy zawodynyň işgärleri
bilen duşuşyga gitdi.
–Daýy jan,meň bir arzuwym bar!Sagalyp gitsem,Atlanta-da geçjek Olimpiada
oýunlaryna gatnaşjak.Iki gezek oýundan galdym,üçünji gezek hökman çykyş edäýmeli.
Ömrümde, şondan belent arzuwym ýok!-diýip,ýolda ol seslendi.
-Ýegen,galdym diýme,seni galdyrdylar!
-Türkmende”Üçden soň puç”diýen gep bar,daýy jan.Şu gezek bolmasa nesibe çeken
däldir-dä diýerin.Onsoň ýaşlary türgenlemäge başlaryn,olardan dünýä arenasyna
275
çykaýjaklary ýetişdirip,bir ýaryşda,dürli agramda üç-dört altyn medal döşlerinde
lowurdar ýaly ederin.
–Arzuwçyl gul dura bara şat bolar,arzuw etmek gowy zat,ýöne ýaşlary taýýarlamak
üçin türgenleşik meýdany,enjamlar gerek.
–Höwes bolsa çatmaň içinde-de türgenleşse bolar,daýy jan.Biziň gujurly ýaşlarymyz
üçin şert hökman däl,höwes,gyzyklanma döretmek hökman.Ähli zatda diňe özüňe bil
baglamaly.
–Dogry,ýegen,sen ony iş ýüzünde ençeme gezek subut etdiň,heniz SSSR
dargamanka, kimiň kimligi bilinmeýärkä türkmeni dünýä tanatdyň..
–Şoňa-da begenýän,daýy jan.Ors lukmanlary böwrek alyşsa bir-iki ýyl ýaşarsyň
diýdi,soňam näme Allaň işidir-dä,görübereris.Bolmanda Tirkiş kakamyň ýaşan kyrk
ýaşyna bir ýetsem...
–Ýetersiň,ýegen,ýetersiň,sen..-diýip,bokurdagy dolan daýysy sözüni dowam edip
bilmän göz ýaşyny syldy-da-Han-ha,Ümür agamyz,”Mary-Şahu-Jahan”gazediniň
işiginde garaşyp dur,ony alaly-diýen boldy.Ýöne ol pälwanyň mertligine,sanlyja gün
ömrüniň galanyny bilse-de,syr bermän,özüni asuda alyp barşyna haýran galdy.Agyr dert
onuň ýanyny ýere ýaplajak bolup,näçe jan etse-de,ol gaýtawul berip, ýaşlary
ýetişdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy,onsoň oňa neneň guwanmajak,neneň
buýsanmajak.Dünýäde öz agramy boýunça ýeke-täk,güýçli ýyldyz bolmagyndan başgada,şeýle agyr gününde özüne erk edip bilşine näme diýjek?!
Hakykatdanam,Ümür aga Altymyradyň çagajyk wagtyndaky ýaly, jadygöýüň
köneje gaýyş bukjasyny goltuklap,garaşyp duran ekeni.
–Hä,ini batyr,sag aman sagalypşol çagajyk
geldiňmi?-diýip,saglyk-amanlyk
soraşykdan soň Ümür aga pälwana ýüzlendi-Ýaňy redaksiýada gürrüň etdiler,kisesi galyň
baýlar öz ýurtlarynda çykyş etmäge çagyranlarynda sen“’MEN DIŇE TÜRKMENIŇ
ÝAŞYl TUGUNYŇ ASTYNDA ÇYkYŞ ETMEK ISLEÝÄRIN”-diýipsiň,bimöçber
mukdardaky puldan ýüz öwrüpsiň.Şonda meň geçim ýaýrap,şeýle-e bir gujurlanma
ýetdim,hi, diýer-aýdar ýaly bolmady.Bu jümle bilen sen türkmeni beýgeltdiň, ini
batyr,onda seniň keşbiň görünýär,sen türkmeniň şuglasy..
Baýramaly pagta arassalaýjy zawodyň giň meýdançasyna ýygnanan märeke olary
uly şowhun bilen garşyladylar.Altymyrady garsa gujaklaýany haýsy,ýüzüne sylýany,elaýagyndan ogşaýany haýsy,näçe bagryna basjaklar welin,kesilen ýeriň bitmezligi,kä
ýerinden çykyp duran maýyşgak tarnowjyklar oňa mümkinçilik bermeýärdi.Halk öz
beýik pälwanyna gaty suwsapdyr.Ümür aga pälwanyň gysgajyk terjimehalyna aýdyp
berdi,adamlar bolsa”Biz ussadyň özüni diňläsimiz gelýär”diýýärler.Beýle uly hormata
has-da ýygrylýan Altymyrat çalaja ýylgyryp başyny atdy oňaýdy.
–Biz seni diňläsimiz gelýär,pälwan!-diýen sesler eşidildi.
–Gadyrly adamlar,meň geplärligim ýokdur.Sorag berseňiz jogap bereýin.Meni
sylaýan ekeniňiz,sag boluň!Muny türkmen halkyna eden sylagyňyz diýip düşünýärin.
–Bu hormaty biz saňa edýäris.Türkmeni dünýä tanadan sen,saňa-da tagzym edýärisdiýip,kimdir biri seslendi.
–Seniň ýarowsyzlygyň baradaky habary hiç ýerde ýazmadylar.Biz ony ýaňy eşidip
galdyk.Bu biagyrylyk bolmanlygynda,başda eşiden bolsak biz saňa iň soňkyja
köpügimize çenli bererdik.
–Saglygym häzir oňuşmazça däl.Döwlet pul goýbermedik bolanlygynda men siziň
öňüňizde durmazdym.
276
-Biz biýäs,puluň nähili goýberilenligini.Heýkeltaraşlar tälimçiň Abramýanyň altyn
heýkelini ýasapdyrlar diýýärler.Milli buýsanjymyz bar bolanlygynda heýkel saňa
ýasalmaly dälmidir?Biz...
–Dünýäniň
Polşada
(1991),Wengriýada(1993),Awstraliýada(1994)
ençeme
çempiony,Ýewropanyň dört gözek,Aziýanyň ençeme gezek çempiony bolsamam, özümi
beýle hormata mynasyp diýip hasap etmeýärin-diýip,Altymyrat gepleýjiniň sözüni böldiTürkmeniň abraýyny äleme ýaýmasam kim ýaýsyn?Bu meniň watançylyk
borjum.Dünýäden ötsemem öz topragymda duwlarlar.Şol meniň üçin uly bagt.Her hili
gürrüňlere gulak gabartmaň, aýdylýan-diýilýän zatlar kändir..
–Metbugatda ýazmasalar eşidenimiz bilen oňmaly bolýas-da...
–Dünýäniň köp künjeginde boldum,durmuş-ýaşaýyşlaryny synladym,ähli ýerde
baýam bar,garybam,gedaýam.Dogry,daşary ýurtlarda bir gezek dünýä çempiony
bolsaň,tä ömrüň ötýänçä eklener ýaly serişdäň bolýar,şonda-da men olaryň adyndan
çykyş edip gazanjak baýlygymyň tarapdary däl.Ondan öz ýurdumdaky çig kerpiçden
galdyrylan pykaraja külbämde suw bilen gury nan iýenimi gowy görýärin...
-Aziýa kontinentinde 1994-nji ýylda bir altyn medal,Ýewropada,1989,1990,1991,
1993-njy ýyllarda dört altyn medal.dünýäde 1989,1990,1994-njy ýyllarda üç altyn medal
gazanan,1993-nji ýylda gaýtalanmajak dünýä rekordsmeni bolan,iner deý
gaýratly,Görögly deý kuwwatly gerçegiň,Watana bolan çäksiz söýgüsini hiç bir zat bilen
deňär ýaly däldir-diýip,Ümür aga ara düşen dymyşlykdan peýdalandy-Ol
ýarowsuyzlygyna garamazdan şu günlerem ýaşlary ýaryşa taýýarlaýar,baryp bilmese jaň
edip maslahat berýär,ýanbermez esger ýaly gaýduwsyz herekedini goýanok.Durmuşda
onuň öz ýörelgesi bar,nähili ussat bolsaňam dile-agza düşmezlik,ýaranjaňlardan
gaçmaklyk,der döküp gazanýan ýeňişlerinde iliniň goşandyny duýmaklyk.Şol sebäpli
bolsa gerek,adamlar oňa suwsap topulýarlar,ony edil Alty Garly ýaly,belli ştangaçy
Alekseýew ýaly,belli küştçi Gasparow ýaly,belli artist Artyk Jally,Baba Annan ýaly
gujak gerip garşylaýarlar.Men ony öňe çykarjak,il bilen içgin tanyşdyrjak bolýan, emma
ol öňünde gorp bar ýaly çekinýär,gaýtam”Men näme Köpetdagy goparyp geldimmi,her
bir türkmeniň edip biljek işini etdim”diýýär.Hany,ogul,men gepläp durmaýyn,ýeňişleriň
barada özüň gürrüň ber!-diýip,Ümür aga ony gyssady.Şol aralykda kimdir biri “Bu
üstünlikleri nähili gazandyň?”diýip sorady.
-Meniň üstünligimiň özeninde özüňe bolan ynam ýatyr.Näçe göterip biljegimi
garşydaşyma görä kesgitleýärin,ol güýçli bolsa deň gidişýärin,güýji pesiräk bolsa
ýaryşyň soňundan girýärin.Maksadym üstün çykmak.Ştanganyň ýanyna barýarkam
eýýäm ony göterjegime ynanýan.Sportda öz-özüňe bolan ynam esasy zat.Näme üçin
diýeniňde ştangada sen daş bilen ýekeme-ýeke çykýarsyň,özüň özüňe maslahatçy.Ejem
jan,agalarym maňa çagalygymdan öz-özüňe bil baglasaň diňe şonda ýokary neytijeleri
gazanarsyň diýip,gulagyma guýupdylar.Menem şol maslahata eýerip,ýeňiş yzyna ýeňiş
gazandym.Ýeňiş gazanyp,basgançaga çykanyňda bolsa,Watanyň baýdagy galyp,gimn
ýaňlananda,köplenç begenjimi saklap bilmän aglaýaryn.Men ömrümde şondan
belent,şondan täsirli duýgy bardyr öýdemok.
-Altymyrat goşgy ýazyp gördüňmi?-işçi gyzlaryň biri seslendi
-Ýok,ýöne men ýeriň,Watanyň,zenanlaryň gözelliklerini şahyrana duýgular bilen
wasp edip bilýän şahyrlara sarpa goýýaryn.Kosmosyň atasy Korolýew ,asmana adam
ugratmakçy bolanda,onuň ilkinjisiniň harby esger bolman şahyr bolmagyny arzuw
edipdir,sebäbi ýeriň owadanlygyny şondan gowy wasp edip biljek ýok hasap edipdir.
–Dogabitdi böwrekde kem bolsa agyr daşyň ýanyna barmaly däl,seňki tersine...
277
–Men ony bilýän,ýöne kemli böwrek bilen uzak ýaşandan az bolsun-uz
bolsunlaryny
etdim.Onsoňam
sport
sagdyn
durmuş
ahyryn.Häzirki
döwürde,neşe,arak,çilim,nas ýaly ýaramaz endiklere ýüz urýanlaryň sany köpelip
barýar.Şeýle ýagdaýda sporty ösdürmek,onuň dürli görnüşleri bilen ýaşlaryň ünsüni
çekmek ýaly mesele örboýuna galýar.Ynha,agalarymyň,galyberse-de özümiň gazanan
üstünliklerimiň arkasyndan biziň obamyzda,etrabymyzda,hat-da respublika möçberinde
hem ştanga sporty köpçüligiň güýmemnjesi hökmünde gülläp başlady.Indi ýaşlara
ýaramaz endiklerden daşlaşyp,erkli-edenli,aýgytly herekede ukyply pälwanlar hökmünde
baha berip başladylar.Biziň obamyz üçin-ä ştanga buýsançly türkmen milli oýnuna
öwrüldi.
–Soňky döwürler agaň Orazberdiden tälim alyp ugranyňy eşitdik...
–Agamyň öwreden zatlary sanardan kän.Onuň ýaryşlara taýýarlanmak baradaky
sapaklarynyň ähmiýeti sport ugrunda okan ýokary mekdebimde öwrenenlerimdem pes
däldigini aýtmalydyryn.Ol daş götermegiň kyrkdan gowrak täze tilsimlerini
açdy,türgenleşikde bedeniň fiziki sagdynlygynyň,kämilliginiň derejesini kesgitledi.Onuň
tälim beriş mekdebi şu ugrdan çorba sowadan tälimçileriňkiden pes däldir.Obaň
mümkünçiliginiň näderejededigini bolsa siz bilýänsiňiz.
–Ýakynlaryňyz ýaryş wagtynda janköýerlik edendirler?
-Hawa,maşgalam,dogan-garyndaşlarym,dost-ýarlarym
ýagdaýlaryna
görä
janköýerlik etdiler.Köplenç daşary ýurtlarda çykyş edenligim üçin olaryň ýardamy
gaýybana boldy,ýöne olaryň ynamy maňa uly goldaw berdi.Ýaryş tamamlanandan soň
hem öýüme gelip gutladylar.Men şol pursatlar başdan giçiren duýgularymy suratlandyryp
hem biljek däl.
–Mekdepde okan ýoldaşlaryň bilen gatnaşygyň barmy?
-Men 13 ýaşymda ilkinji ştanga ýaryşyna gatnaşdym,şonda onuň ömrümde esasy
orun tutjakdygyna düşündim.Indiki ýylam ýörüte sport mekdebine girmegim bilen men
deň-duşlarymdan aýra düşdüm.Meniň üçin indi düýbünden başga dünýä başlandy.Indi
deň-duşlarym däl,özümden uly adamlar bilen iş salyşmaly bolýardym.
Bu bolsa kaka görmedik ýetim çaga üçin uly mekdepdi.Köp zatlary
öwrenýärdim,terbiýelenýärdim,agsak-towsak
ýerlerimi
kakyş-kukuş
etmeli
bolýardym,ejemiň terbiýesi bilen emele gelen ýumşak häsiýetlerimi gataltmaly
bolýardym.Onsoňam bu ýerde tanyşlarym öňki deň-duşlarym däl-de,hut
bäsdeşlerimdi.Ýaryşlaryň arasyndan sypyp öýe gelenimde bile okanlarym bilen
duşuşyklarym meniň üçin diýseň täsirli,tolgundyryjydy.Her duşuşykda deň- duşlarym
özgerip,ösüp barýardy.Indi Artyk öýkelege Artyk Tambow diýmeseň tananoklar.
-Döwlet saglygyňy bejertmäge serişde bermändir,şol dogrumy?
-Bizde, SSSR döwründen gelýän düzgün-sporta döwürleýin çäre hökmünde
garamak düzgüni dowam edýär.Ol düzgün boýunça her bir adam işlän işiniň daşyndan
wagt tapyp,öz islegi,şahsy höwesi esasynda sport bilen meşgullanmaly,oňa bolsa töleg
tölenmeýär.Daşary ýurtlarda beýle däl.Ähli girdeji üstünlik gazanan sportçynyň
hasabyna gelýär,olam gelen girdejiden kanun esasynda döwlete salgyt töleýär.Bar
bolany.Bizde şu güne çenli sportçylar aýlykly işgär hökmünde görülýär.Bu
ýatyrylyp,daşary ýurtlardaky ýaly düzgüne geçilmese sport ösmez.Her bir sportçynyň
gazanan üstünliginden gelýän girdejisini onuň özüne bermeseň sport ösmez.Bu meniň
şahsy pikirim.
Oňa ýenede maşgalasy,çagasy barada köp soraglar berdiler,ýöne Altymyrady
mundan artyk saklamaga mümkinçilik bolmansoň, hoşlaşyp gaýtmaly boldy.Janköýerler
278
daşyny gurşap,ondan nämede bolsa bir ýadygärlik alyp galjak bolýardylar,biri
kitaba,biri suratyna,biri depdere,ýene biri eplem-eplem,mäjum bolan kagyza gol çekdirip
alýardylar.Özüne sanjym etmeli wagty çäkli bolsa-da,ol isleg bildirene ýaltanman gol
çekip berýärdi
–Halk bieln pikir alyşmak,duşuşmak gör,nähili lezzetli.Men munda ruhy galkynyşyň
alamatlaryny duýýaryn.Meniň üçin bu bir altyn medala mynasyp bolandanam gymmatlydiýip,Altymyrat,adamlar bilen hoşlaşyp,maşyna mündi.
Şol günüň ertesi Türkmengalanyň süýt-gatyk öndürýän kärhanasyna gitmelidi,emma
Altymyradyň ýarowsyzlygy üçin ol başa barmady..
.
---4—
Täze guralan Nyýazow keselhanasy giňdi, ýagtydy,otaglarynyň içi howalydy,gijegündiz,gyşy-ýazy şol bir salkynlygyny saklaýardy.Köp sanly otaglarda adatdan daşary
ümsümliok höküm sürýärdi,gapylarynyň agzynda sanjyma niýetlenen arabajyklar,olarda
üstüne hasa ýapylgy her hili gurallar,tilsimatlar bardy.Her iki sagatdan işine ezber
işgärler otaglaryň içini,diwarlaryny,gapydyr-äpişgelerini arassalap durýardylar,şondada,kesellilere urulýan sanjymlaryň,ýodyň,spirtiň we ýene-ýeneleriň ysy agdyklyk
edýärdi.
Iki aý bäri Orazberdiniň bir aýagy keselhanada bolsa,bir aýagy öýündedi.Altymyradyň bäş aý işlän böwregi näsazlyk tapyp ugrapdy.Keselhananyň lukmanlary
onuň şeýleräk häsiýetiniň barlygyny,alty-alty ýarym aýyň içinde onuň beden bilen alyşyp
gitmeginiň mümkinligi baradaky çaklamany öňe sürdüler.Ondan bäri ýedi aý
geçip,sekizinji aýa-mart aýyna gelip ýetipdi,emma soňky günler agyry köpelip,halys
işlemesini goýan böwregiň alyşmajagy mese-mälim bildirip ugrapdy.Lukmanlar her gün
üýşüp-çaşyp maslahat üstüne maslahat edýärdiler,emma belli bir netijä gelip
bilmeýärdiler.Altymyrat
bolsa
“Meni
Moskwa
ugradyň,başga
böwrek
goýsunlar”diýýärdi.Onuň aýdýanlarynyň jany bardy.Hakykatdanam Moskwadaky
lukmanlardan başga böwrek oturdylmasa bolmajakdygyny,özleriniň ikinji gezek
Altymyrady kabul etmäge taýýardyklaryny aňladýan habarlar gelipdi.Ony ýerli
lukmanlar hem bilýärdiler,ýöne böwrek alyşar diýen umyt bilen garaşýardylar.Orazberdi
lukmanlar bilen Altymyradyň arasyndaky sazlaýjy hökmünde hereket edýärdi.Ony
etjegem bolsaň Altymyradyň ünsüni esasy gürrüňden sowmalydy,has dogrusy her hili
gürrüňler tapyp güýmemelidi.
–Inim,seniň gazanan üstünlikleriň şu çaka çenli görülip-eşidilen zat däl,dogryda
walla-diýip,Orazberdi seslendi-Indem, beýle zatlary başarjaklar tapylar öýdemok.Sen
dünýäde öçmejek yz galdyrdyň.Seniň eden işiň,durmuş ýoluň sylag-serpaýa mynasyp.
–Agam jan,meň ugumy ýekelemesene!-diýip,Altymyrat onuň sözüni böldi.-Sen
bilýärsiň,böwrekli waka çenli meniň kelläm hem agyrmady,iýmeli-iýmesiz zatlary
saýladym,neşeden,nasdan,arakdan daşda boldum,bular bolsa saglygyň esasy şertleriniň
biri.Meň häzirki ýagdaýym bir bişeýkelçilik ýaly zat..
–Onda saňa süýtly sygyr satyn alyşymy gürrüň bereýin,dogryda walla.
–Ýok,ol meni gyzyklandyranok.Hany agam jan aýt,näme üçin her iki sagatdan
meniň ganymy arassalaýarlar?Men sagat ahyryn!?
-Olara inime azar bermäň diýäýerin,dogryda walla.-diýip,bokurdagy dolan
Orazberdi äpişgäniň öňüne bardy-da,daşaryny synlady.Ýazyň giç gelmegi bilen ýaňy
ýaprajyklaryny ýaýan baglar gök öwsüp ugrapdy,gülläp ugran irki erikleriň daşynda bal
arylar pelesaň urýardy.Ýazyň salkyn,emma ýakymly şemaly ýaşajyk ýaprajyklary
279
sypalap geçýärdi.Durmuş gaýnap joşýardy.Beýle howada jaýyň içinde oturasyň
gelmeýärdi,emma ol gün-günden horlanyp,saralyp-solup barýan inisiniň ýanynda
hökman bolmalydy-Inim,gelniň Güller gelmesini seýrekletdi welin...
–Maksat jan azajyk ýoňlapdyr.Indi gelip ugrar.Agam jan,sen onuň nähili asylly
zenandygyny meň bilşim ýaly bilseň,başyňy ýaýkarsyň.Ol durmuşyň şatylaryny
zeýrençsiz,mert çekmegi başarýar.
–Başarsa bolýar,maşgalaňa goşulasym gelenok,dogryda walla!.Kim kime al
salýa,kimiň gapjygy boşaýa işim ýok.Dil bir öl ýerde biten zat.Adamlar iliň gürrüňini
etmäge gezek gelende,tüweleme,edil iki paýly ýaly.Öýümde ýumurtga togalabermeli
bolsa-da, çagajyklarymy hor edemok.
–Agam jan,”il agzyny ýygyp bolmaz,çelek agzyn bogup bolmaz” diýleni.Maňa al
salýan ýok,gapjygymyň boşaýanlygynyň sebäbi elime pul düşse sowman oturyp
bilemok.Ýumurtgaly gürrüň bolsa,biz Gülle bilen öýňüze baranymyzda jaýy arassalajak
bolup ähli düşekleri ýygnapsyňyz,şoňa degişip diýlen gürrüň.Sen olary gaty görme,agam
jan!Seniň eden işiň nesilleriňe görelde alarlyk derejede bardyr,men şony anyk bilýän.
–Hany,inim,dogryňdan gel,ýagdaýyň nähili?Agaňa aýt,näme etmeli,kimi
görmeli!?Eger Moskwaly meseläni çynyrgatmaly bolsa,oba gidip, şoňa görä hereket
etjek.
–Agam jan,oba git-de,gelnejemiň ýagdaýyny sorap gel,onýança lukmanlaram
tükeniksiz maslahatlaryny tamamlap,belli netijä gelerler.Menden arkaýyn bol,ýanymda
Tirkiş kakamyň ogly Baýryş bar,ol bolmasa oň agasy Kakyş bar...
Şeýlelikde mart aýynyň başynda Orazberdi öýüne gaýtdy.Onuň ýerini gijesine
Kakyş,gündüzini Güller eýeledi.
Ine,häzirem Kakyş kiçijik oturgyçda arkasyny Altymyradyň ýatan düşegine
diräp,bilini büküp otyr.Aýagyndaky öýde geýilýän ýumşajyk köwşüni bir çykarýar,bir
geýär,käte garaja gözlerini töweregine aýlap,iň soňunda nazaryny Altymyratda saklaýar,
näme diýerkä diýip,diňşirgenýär.Emma Altymyrat gije birahat ýatanam bolsa bu gün ir
ertirden süýji uka gidene meňzeýär.Şol sebäpli ol otagyň içinde ýuwaşlyk bilen iki ýana
gezmeläp başlady.
–Inim jan,ýüregiň gysýan bolsa gaýdyber,okuwyňa bar,häzir Güller geler!-diýip,
Altymyrat çalaja seslendi.
–Alty kaka,seň ýanyňda ýüregim gysanok.
–Gysmasa gowy.Ynha,meň welin ruhumy ejem alyp gitjek bolýar,näme üçindir
menem garşylyk görkezýän,şol wagtda men ýaşajyk çaga öwrülýärmikäm diýýän hemde gezen ýerlerime,suwa düşen güzerime,çilik oýnan,pagta ýygan meýdanlaryma
aýlanýarmykam,onda galdyran yzlarymy anyk görýärmikäm diýýän.Näçe wagt geçse-de,
bular hakydaňdan çykmaz ekeni.Inim jan,dogrumy aýdaýyn,ejemiň göwnüni ýykasym
gelenok,ýöne ýaşasymam gelýär!
-Alty kaka,näme diýjek bolýarsyň?-diýip,Kakyş oňa çiňerildi.
–Men ölümi ýatlaýan,inim jan!
-Alty kaka sen ölmersiň,sebäbi seni dünýäden ir gaýdan kakamdanam,
doganlarymdanam eý görýärin.Seni ajalyň eline bermen.
–Gözümiň öňüni duman tutdy,onuň içinden käte ejemiň keşbi görünip gidýär.Ol
meni ýanyna çagyrýar,menem bolýa diýip söz berdim.
–Alty kaka,enemiň ölenine sekiz ýyl bolup barýar.Ol Apbasabat gonamçylygynda
ýatyr.
280
-Inim jan,gorkma,ýöne ejem janyň ýanyna çagyrýanlygy çyn,hat-da ol meniň
elimden tutup,özüne-de çekýär.Men oň ýumşajyk elini ogşap,”Eje,ýanymda azajyk
bolaý,özüňi dürse,soň öýe bileje gideris”diýip,gujaklap,göterip ýalbarýan
-Alty kaka,düýşüňi çyn ýaly edip aýdyp otyrsyň-da!
-Wah,inim jan,saňa aýtmaly zatlarym kän,ýöne gorkarsyň diýýän.Seň wagtyň boldy
,arkaýyň okuwyňa git!Meň ýagdaýym gowy.
–Alty kaka,ýanyňdan aýrylyp bilemok...
–Şu dünýäde ýaşanyňdan kakaň,kakam,ejem,doganlarym ýaly ir ölüp gideniň gowy
bolaýmasa diýýän
Şol wagt gapy açyldy-da, içerik ýazyň howasy bilen ýaz ýaly bolup Güller girdi.
–Öňkümden bir sagat ir geldim.Uzakly gije ýatyp bilmedim,ezizim elimden gidip
barýan ýaly boldum-diýip,ol seslendi.
–Gülüm jan,bir aýdym bardyr.Ýadyňa düşýärmi,täze ýyl agşamy Gurban Gumman
aýdypdy,şonda saňa“Wagtyndan öň irkiläýse ýüregim,mylaýym söz bilen oýar sen
meni”diýip,şol aýdymyň sözlerini ýatladypdym,şol ýadyňdan çykan däldir-ä!?Ýene
aýdan bir sözüm bardyr,ýadyňdamy?
-Ýok-diýdi-de,Güller şol täze ýyl agşamyny ýatlady.Şol agşam Altymyrat ýaňy
“kaka”,”eje”diýmegi öwrenen Maksatjygy bagryna basyp,niredir uzaklara seredip otyrdy.
–Gel,oguljygym,kakaň indi ýadandyr-diýip,Güller onuň bolup oturşyny halaman
ogluny eline aldy.
–Ýene iki aý geçsin,soň oglumyň kakasy ähli azaplardan dynar!-diýip,Altymyrat
owasyny ýaşdan doldurdy.
-Waý,enaýyda gyz,näme diýjek bolýaň,ezizim?!
-Men böwrek alyşyp gider,keselimden açylyp giderin diýmekçi boldum,Gülüm jan!diýip,Altymyrat jogap beripdi.
Ine,indem şol aýdylan sözüň doly manysyny,onuň ýönelige aýdylmanyny
aňyp,aýagy bişen ýaly,Altymyrada seredýän Andreý atly lukmanyň ýanyna ylgady.
-Seniň galagoplugyň sebäplerine düşünýän-diýip,ol jogap berdi-Täze oturdylan böwrek
bäş aýdan soň işlemän başlady.Bar bolan tejribämize görä,alty aýyny geçiren böwrek
birden alyşyp işläp hem gidiberýär.Häzirem ol käte işleýär käte durýar.Umuman,alyşyp
gider diýip umyt baglaýas. Dogry,Altymyrat meni Moskwa alyp gidiň diýip,telim ýola
bize ýüzlendi,ol ýerde onuň üçin başga böwrek hem taýýarlapdyrlar.Bizem,böwrek
alyşyp gider öýdüp,umytly garaşýas.Ýogsam,alynyp gidilende-de,bolman durmaz
welin... Ýöne, hany,onuň 30-40 müň dollarlyk çykdajylaryny kim öz üstüne
aljak?Meseläniň şu tarapy çözülse men ony ugratmaga garşy hem däl.
–Böwregiň alyşyp gitjegine siziň ynamyzyň barmy?
-Şoňa bil baglaýaryn.Dogrymy aýdaýyn,ömrümde beýle mert,çydamly,diňe özözüne bil baglaýan adama duşmadym.Çökder agyrysy bolupda hiç mahal pylan ýerim
agyrýar diýmedi,asla keseli barada gürrüň etmäni hem halamady.Ol agyrylara,üznüksiz
urulýan sanjymlara çydar ýaly däl ahyryn,emma ol gaty mert ýigit ekeni.
–Hawa,ol “Durmuş munyň özi göreşden durýa,iň soňky demiňe çenli göreşmeli”
diýen şygary baýdak edinip ýaşaýar,bir enaýydyr görseňiz!
-Hawa,tüýs türkmen goç ýigidiniň diýjek sözleri ol...
Şu ýerde Gülleriň ýadyna üç gün mundan ozal bolan gürrüň düşdi.Ir bilen
Altymyradyň ýanyna gelende”Güller,diňleseň wesýet berjek!Ojagymyň oduny
öçürme,başardygyňça sadaka ber,ýetimlere seret,nebsiňe haý diý,namysyňy, diliňi
gora.Bilgin,sen dünýäni aňk eden pälwanyň ýan ýoldaşysyň.Ýöne sen onuň üçin aýratyn
281
bir
hormatdan
peýdalanyp
bilmersiň.Indiki
abraýyň
öz
herekediňe
baglydyr”diýdy,soňam”Şu gün öýlän şu ýerde bar bolan ähli garyndaşlarym
ýygnansynlar”diýip,sözüniň üstüni ýetirdi.
Şol gün öýlän onuň ýanyna Orazberdi,Başim,Baýram,Kakyş,obadan halyny
soramaga gelen aýal dogany Aýgözel dagy ýygnandylar.
–Agam jan,Orazberdi,Bäşim,aýal doganjygym,jigilerim,gelnim Güller,diňläň!Eger
biriňize gaty-gaýrym bir söz diýen bolsam ötünç soraýaryn.Kimiň mende algysy bar
bolsa aýdyp otursyn.Gelip bilmediklere hem haýyşymy ýetiriň ...
Güller bulary ýatlaýar,ýatladygyça-da özüni gara basyp barýan ýaly duýýar.Asyl ol
ähli zady öňünden bilip ýatan bolsa nätjek.Ony bilse-de,mydam köşeşdirip geldi..
Şol wagt tasap gelen şepagat uýasy”Altymyrat”diýip seslendi.Lukmanlar ylgaşlap onuň
ýatan ýerine bardylar.Görseler,ol özünden gidipdi,demi ýok,ýüzi hem üýtgäpdir.Aglap
duran Kakyşy bagryna basan Güller”Bir alajyny tapyň ahyr”diýip,bagyrýar.Lukmanlar
toguň täsiri bilen pälwanyň ýüreginiň urgusyny dikeltjek boldular,emma her näçe
synansalaram,azaplary ýerine düşmedi.Erbet aglaýan Glleriň ýadyna bir zat düşen
ýaly”Hany aýrylyň,men ony oýarjak bolaýyn”diýdi-de,Altymyrady gujaklap ”Ezizim,
mähribanym,”ýüregim wagtyndan öň irkilse mylaýym söz bilen oýar” diýipdiň,oýan
mähribanym,oýan.Men Güller,haýyş edýän”diýip ,ezelendi, aglady, eňredi.Altymyrat
birden gözüni ýalpa açyp”Gülüm jan,maňa näme boldy,bilýärmiň?” diýip,ýuwaşja
sorady.Onuň nurana ýüzi has-da nurlanypdy,ýagtylypdy.Onsuzam ýetik görmegi has
artypdy.
–Mähribanym,seň ýüregiň azajyk irkiljek boldy-diýip,Güller aglap jogap berdi.
– Sen meni gaýgy etme,öýe git-de,baýramçylyga taýýarlyk gör,Maksat janyň,öýüň
aladasyny et,ojagyň oduny öçürme!Durmuş munyň özi göreşden durýar.Soňky demiňe
çenli göreşmeli!Ýöne irginsiz göreş ysgyn-mydaryňy alar ekeni.
–Ezizim,sen ýan bermersiň,bilýän.
–Ýan bermejek bolýan,ýöne...-diýip,ol sakyndy,yzyndanam:-Obadaşym Allanazar
Rejebiň bir goşgusynda şeýle setirler bar,diňle Gülüm jan!
Bilýän,bir gün ýatarynda turmaryn,
Atan daňy,dogan Güni görmerin.
Bularyň barysy hiç weli,dilber,
Wah,seniň ýanyňa baryp bilmerin.
Aýlar dolup,ýyllar aýlanar durar,
Bahar geler,tomus geler,güýz geler,
Aşyklar wadaly ýerine dolsa,
Ýoklugymy senden özge kim biler?
Seň seriňe talaň salarmy arman,
Kimdir biri boljak bolanynda taý.
Ýa dertli ýüregňe bolarmy derman,
Arzuwly gijeler doganynda Aý?
Ýüzüňi ýelpände bahar ýelleri,
Göwräň ezelenip,gitse kanahat,
282
Ýene-de söýeňde akja gülleri,
“Geläý”diý-de ýazaý maňa salam hat!...
Ol goşguny gutardym etdi-de,özünden iki setiri üstüne goşdy.
Şonda men oýanyp gaýdyp gelerin,
Ömürlik wepaly ýaryň bolaryn...
Goşgy ses-sedasyz diňlendi,hiç kim seslenmedi.Beýleki lukmanlaryň öňünde duran
Andreý”Geçdigi bolsun-da!Oh,boje moý!”diýip,dodagyny dişledi,”Allajan,sowuldygy
bolsun-da!”diýip,Güller hem demi-demine ýetdiginden dilegini gaýtalaýardy.
–Meniň ýanyma Maksat jany getiriň!Ony göresim gelip ölüp barýan.Hawa,ýadyma
düşýärkä aýdaýyn.Gylyç kakamyň ýaponýadan iberen topragyny ýanymda goýuň!-diýip,
Altymyrat eşdiler-eşdilmez seslendi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 34
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.