Latin

Topraga duwlanan ägirt - 27

Total number of words is 3841
Total number of unique words is 2388
29.8 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birinjiligi,Orazmyrat ýasy ikinjiligi eýelediler,Döwlet joňk bilen Rejep pälwan ikisi
üçünji orny paýlaşdylar .Aý,garaz,beýleki ýaryşlaryň köpüsinde oba sportçylary ýeňiş
gazanyp,obadaşlarynyň söýgülerine mynasyp boldular...
--7—
Heý,bu türkmeniň gadymy däbini.Kürtäniň astynda ezilen pişik ýaly bolyp,indi nä
bolarka diýip,garaşyp otutran Gülleiň ýüzüni görüp gidýän gyz-gelinleri san-sajagy
ýok.Olaryň biri “Tüweleme,aý ýaly gelin ekeni,apbasysy düwme-düwme” diýse,başga
biri”Gözi şullyrak,çapraz çaňňaly kelteräk”diýdi,ýene biri “Agzy,gupbasy gyşygrak”
diýdi,başga biri”Mynasyba mynasyp,bilezigi,kökenli ýüzügem,gaşly gülýakasam anjaýyn
ajap”diýdi, görüp bilmedikler bolsa”Aý,tamdyra çykman oňasy ýok-la,şonda
synlaýarys,gaçyp gidýän ýeri ýok”diýdiler.Güller bu gürrüňlere üns bermän,günüň
ýaşaryna,Altymyrat bilen ikiçäk galyp,iç döküşerine garaşdy.Hakyna seretseň güýz pasly
gün keltelip adşam çalt düşäýjek ýaly,emma düşüberenok.Dünýä döräp günň yzyndan
gije gelýär ahyryn!
Her zatda bolsa edil häzir Gülleriň keýpini bozjak zat ýok.Ol ilkinji gezek belent bir
duýguny başdan geçirýär,üýtgeşik duýgy,öz ýeke-täk söýýänine,dünýä belli pälwanyna
gowşanlygyna bolan belent duýgy.Häzir oňa hazzyk bir heleý tarapyndan taşlanyp
gidilen,indem,oýanyp aglaýan çagany hasap etmeseň, päsgel berjek ýok.Ony hem”Dodak
gitdi bazara,ejeň bilen syrtlaşyp,bal getirer balama,tagamy bir üýtgeşik”diýip,tapbatlap
ýatyrdy.Şol wagt jigisi Aýgül bilen Lena ikisi,nika gyýmaga wekilleri bilen Begjan
mollanyň gelýänliginiň habaryny getirdiler.Ol özüniň pyýadakazylary bilen nika
gyýdy,däp-dussry berjaý etdi,ýaşlaryň durmuşy süýjülikli dowam etsin diýip,süýjülik
suwuny paýlap çykdy.Agşamlyk bolsa ol,Nyryşka öz çykyşyny az salymlyk bes
edende,ilkinji gezek köpçiligiň öňünde dutar,tüýdük çaldy.Dogrusy,ony sanlyja adam
bilýänem bolsa,köpçülik beýle zatdan habarsyzdy.Ine,onsoň olaryň arasynda
“Mollaçylyk
nire,saz
nire?”diýenler,”Biri
beýlekisine
päsgel
berýän
däldir”diýenler,”Şeýtana özüni oýnadýan bolaýmasyn?”diýenler tapyldy.Begjan molla
bolsa”Bu senetleriň birnäçesiniň dünýä inmeginde şeýtanyň gatnaşygy bar diýýärler,ýöne
meniň çalan mukamlarym arassa yhlasymdan kemala geldi,onsoňam tut bilen erigiň
nikasyndan ýasalan gazmanyň şirin sesi kalbymy heýjana salýar”diýip,jogap berdi.Her
zatda bolsa,şu wakadan soň,Begjan mollanyň oba içindäki sylagy artdy.Şondan
soň”Molla sen käte eýle-beýle akyla sygmajak zatlaram aýdýarmyşyň,beýle zady gaýdyp
223
eşitmäýin”diýip,Begjana gaty käýinen Rahmanberdi aganyň hem gahary birneme ýatyşdy
diýýärler.Dogrusygyny Alla bilmese,bilmedik...
Begjandan soň Tirkiş Tagan bilen bagşy Ata Kakyş ikisi saz çalyp,aýdym aýdyp
hezil berdiler.Umumanam,Tirkiş käbir sazandalar ýaly näzini çekdirip,hondan bärisi
bolup oturmany halanokdy,nyrh kesip saz çalýanam däldi,göwni pes,ýüregi neresse
çaganyňky ýaly,haýsy saz guraly tapawudy ýok,rüstem gelýän ýigitdi,çalýan sazy dagdan
daş togalanyp gaýdýan ýalydyr.Deň-duş sazanda bagşylardan Pirguly neressäniň saz
çalyşyna uly hormat goýýardy...
Artyk öýkelek(indi oňa öýkelek diýmäliň,öýlendi,çagasy boldy)bilen Kakamyrat
ikisi bir sagatdan bäri Altymyrady nika gyýmadan soň ädik çykartma,guşak çözme
hysyrdylaryna taýýarlaýardylar.Göräýmäge,gyrmyzy don,silkme telpek,ädik geýdirmek
,guşak guşamak ýönekeý bir zat ýaly,emma oglanlar nebir açyş edýän ýaly,her bir
hereketlerini ýedi ölçäp bir kesýärdiler.Ädigi geýdirenlerinde,dolaga düwünli ýaglyk
sorap,çykarmaga päsgel berer ýaly etdiler,guşagy düwenlerinde ýedi bagy,amaşa
bagy,kädi bagy,gondy bagy,ig bagy,gyrnak bagy,duzak bagy,syrtmak bagy,aý,garaz,
ýadyna düşen-u düşmedik baglary saldylar. Altymyrat bolsa”Dost janlarym,
beýtmäň,gaty çüwmäň how, gelnim çözübilmez,çözübilmese masgara bolar”diýip, mähri
siňen gelniniň aladasyny edip,boýnuny gyşardyp ýalbarýardy. Oglanlar gulak
asman,etjeklerini edenlerinden sol,Altymyrady göterip,gelniň ýanyna alyp bardylar.
Gelin ilki Altymyradyň telpegini,kynlyk bilen ädigini çykardy,guşaga gezek
gelende bolsa ep-esli eglenmeli boldy.Nika gyýylanda şaýat hökmünde gatnaşýan
Gülleriň jigisi Aýlar,jorasy Lena ikisi oňa kömek etjek bolýardy,emma Altymyratdan öň
öýlenip,bular ýaly zatlarda tejribesi ýetik Kakamyrat olaryň ellerine kakyp”Çekiliň
”diýýärdi.Ahyrym,Altymyradyň özi durup bilmän guşagynyň düwünlerini çözüşmäge
başlady.Guşak çözülensoň,Aýgözel elindäki gaýçysyny şakyrdadyp,ýanaşyk oturan
juwanlaryň üstüne ýorgan oklady-da:”Arpa çörek iýdirme,ýyrtyk köýnek
geýdirme,agyzla gapdyrma,toýnakla depdirme,pamyk kimin güllesin,türşek kimin
döllesin,gelni saňa,senem Hudaýa tabşyrýas”diýip,doga okady, ýüzüne syldy.Altymyrat
deň-duşlaryna,gelin-gyzlara ”Siz näme otyrsyňyz?”diýýän ýaly,mylaýym ýylgyryp
bakdy.
–Sen how,bizi urup,jaýdan çykarmaly -diýip,Kakamyrat seslendi.
–Dost jan,hi sizem urup bolarmy?
-O-how,eliň bilen däl,ýaglyk bilen kowalan bolmaly.
–Aý,dost jan,özüňiz çykaýsaňyzlaň-aýt!
-Ýok,sen bizi ýalandan kowan bolmaly,däbimiz şeýle.
–Hä,däbimiz şeýlemi,dost jan?
-Hawa,başga tarapdan ol”Ine, ýan ýoldaşyň işden ýadap gelipdir,sen onuň ilki
telpegini, ädigini çykarmaly,soň guşagyny çözüp,donuny çykarmaly-da,elini-aýagyny
ýuwmaly”diýen däbimiziň iş ýüzünde,tejribesiz gelne öwretdigi bolýar-diýip,Kakamyrat
düşündirdi.
–Bä, gowy däp ekeni.Aý,şonda-da,özüňiz çykaýsaňyzlaň,dost jan!-diýip,Altymyrat
birhili boýnuny burup ýalbardy.
–O-how,bolmanda,ýeriňden turda, eliňdäki ýaglygy bir aýlan bol,bizem gaçan
bolaly-diýip,Kakamyrat ahyrym ýörüňde ýörüň bolşup duran oglanlar bilen jaýdan
çykdy.
Ýaşlar ikiçäk daldylar.
224
–Alty,uzunly gün ýadansyň,al,bir käsejik çaý iç,şulardan iýip otyr-diýip,Güller
horjunyndan kişmiş,hoz,erlk,pisse süýji we gaýry zatlary çykardy.Altymyrat goýlan
zatlardan çümmül-sümmül eden bolýar,gözi bolsa Gülleri hyrydarlyk bilen
synlaýar.Güller bu nazaryň garşysynda durup bilmän utanyp, başyny egdi-de,mylaym
ýylgyrdy.
–Ahyrym,tapyşdyk.Uzagyndan bolsun-da!-diýip,Altymyrat hem ýylgyrdy.
–Waý,enaýy-da gyz,agzyňdan Hudaý eşitsin-diýip,Güller jogap berdi.
Olar birek-biregi sylap,her bir zatda ylalaşdylar,nahary bileje iýdiler,bileje
ýatdylar.Altymyrat ir bilen öýden çykyp gidýär,agşam ara dolanyp gelýär.Güller bolsa
baş salynýança ýanynda bolýan jigisi Aýlar,jorasy Lena bilen gürleşip oturýar.Bu hem
türkmeniň bir däbi.Gyzyň ýakynlary iki-üç gün gudalaryň öýünde bolup,gyzyň ýat ýere
çalt uýgunlaşmagyna ýardam berýärdiler, baş salma däbinden soň,öýlerine gaýdýardylar.
Bir gün Aýgözel::”Aý-u-u gelin-gyzlar,esasy dawamyz şu gündedir.Gelnimiz
jigimiziň göwnüni tapdy.Indi biz ony öňki gyzlygyndan gelinleriň hataryna
goşmaly,öňündäki saçyny ýagyrnysyna geçirmeli.Oňa “baş salmak”diýilýär,ýagny gelniň
gupbasy,ýaglygy aýrylyp, topby geýdirilýär,saçy arkasyna atylýar,kim ilki saç ujuny alyp
bilse oňa sowgatjyk berilýär..Hyňranyşyp durmaň-da,hany başlalyň!”diýip,Gülleriň
daşyny gallap duran gelin-gyzlara ýüzlendi.Gyzlaryň içinde Maýagözel
“Agamyz,çagalaryňyz bilen
gidişip,güýç-kuwwatyňyz galan däldir,synanyşybam
oturmaň,barybir biz saçy arka atdyrmarys”diýip,aýallara haýbat atýar.Zybagözel
bolsa”Hany,onda gyzlar,ykjamlanyp heriňiz iki gelni saklaň, galanlaryň hem hüjüme
geçýänleri yzyna gaýtaryň.Ahmal bolaýmaň,aýallar mekirdirler,garma-gürmelikde gelniň
ýanyna baraýmasynlar”diýýär.Gyzlar gelniň saçynyň öňünde bolmagyny isleýär,aýallar
bolsa saçy arka atyp,gelni öz hatarlaryna goşmakçy bolýar,ine,onsoň bolýar bir basabaslyk. Orazgül gyzlara garşy topulmaga çem agtarýar.Ol topulaýsa iki gyzy aşagyna
basjak.Topulanam şoldy,birdenem ortadaky düşekde ýatyr.”Haý,berekella,Maýagözel
dogan jan,bi mes heleýleri golaýyňa gelmez ýaly etdiň.A-na,a-na,Berdi kakaň taýpy gelni
gelýär,ol gaýyn atasy Tyrry kakaň bol pensiýasyny alyp,semräpdir,sypjykdyr özem,häzir
boluň”diýip,Zybagözel janykýar.Hallygözel bolsa “A-heý,ýüzügaralar diýsänim,bular
şumat bişmedik gawun-da,biriniň gujagyna dolaýsa bilýäs-le,bujagaz güýjüňiz
bolmanjyk geçer”diýip,gözüni elek-çelek edip,çem agtarýar.Topulýan aýallaryň biri
eýläk ýykylýar,biri beýläk ýykylýar,soňam goşa mar ýaly gara saçlaryny ýere
ýazyp,zordan ýerlerinden turýarlar.Iki gezek Aýlardan ýykylan Aýgözel: ”Wah,gyzlaryň
görgä galyp,ýadap duruşlaryny.Boldy edäýiň,indi,jan gyzlar!Altymyrat jan sizdenem öň
gelni hatarymyza geçirdi ahyryn.Azara galyp durmaň!”diýip,janykýar.”Hany,onda sizem
gelni hataryňyza geçirjek boluňda!”diýip,Maýagözel oňa jogap berýär.Onsoň şeýle bir
tozan turýar weli,hi goýaý.Her zat etselerem,gelinler gyzlardan rüstem gelip
bilmediler.Ine,onsoň Hallygözeliň “Rahmanberdi aga aýdyp gelmesem boljak
dä”diýip,ünsi sowaryna mähetdel,Orazgül gyzlara al salyp,bir topulanda,gelniň ýanyna
ýetdi.”A-na,indä-hä gelinleriň tarapyna geçensiň!Hany saçyň ujuny ber”diýip,ol saçy
ýeňsä atdy-da, ujuny gysymyna gysyp oturan Gülleriň eline ýapyşdy.Däp boýunça kim
gelniň saçynyň ujuny eline alyp bilse,şoňa ep-eslije baýrajyk berilýärdi.Emma Güller ony
beräýjek däl.Ine,onsoň Orazgül “Aý-u,Altymyratjanyň dogany Aýgözel,biz-ä gelniň
aýasyny açyp bilýän däldiris.Oň saçyna dakar ýaly nämejik eçiljek bolsaň
eçil,gyz,ýogsam ol saçynyň ujuny goýberenok.Näme diýýäň?Saçbaga gyzyl hünji dakjak
diýýärmiň?Getir bäri,hünjüňi”diýdi-de,Orazgül Gülleriň elini zor bilen açyp,(belki,gyzyl
monjuk dakyljagyny eşidip Gülleriň özi elini gowşadandyr,zadam gowy zat)saçyň ujuna
225
gyzyl hünji monjugyny dakdy.Munuň özi eýýäm, Gülleriň gelinleriň hataryna
goşulanlygynyň alamatydy.Şondan soň utulandyklaryna göz ýetiren gyzlar dargamak
bilen boldular.Ýöne,bu şanly waka mynasybetli soýulan janlyň börtmesinden gowuja
doýup dargadylar...Türkmen-dä,Rahmanberdi aganyň aýdyşy ýaly ol “oglumy
sünnetletdim”diýibem,ýa sygry guzlasa-da,aty öňe saýlansa-da,maşyn edinse-de,ygalsyz
günleri bulutlar alakjap görünse-de, onlarça mal soýup,şagal meslik edip ýörendir”...
Melburna barýan ýolda..
.
-1—
Ýaş çatynçalar baş-alty aý obada ýaşanlaryndan soň Altymyradyň Aşgabatdaky
jaýyna göçüp geldiler.Garyp gyz görki bilen diýilşi ýaly,Gülleriň akylly gözlerinde,
syratly boýunda aýratyn özüne çekiji owadanlyk bardy.Haçan görseň bir zada begenjek
bolýan ýaly mylaýym ýüzl gaharlanaýsa dagy,hasam görke gelýärdi.Hemişeler,öte
horlanyp ajygan adamlara şeýle gyz-gelinleriň jemalyny görkezermişler,şonda olar
dokunan ýaly bolaýýarmyşlar.Bu bir gep-gürrüň.Ýöne Rahmanberdi aga
aýtmyşlaýyn:”Altymyrat
şu
gelniň
yhlasy
bilen
beýik
ýeňişlerini
gazananmyşyn”.”Gojanyň akly çaşyp ýörmükä?Ol gelnini tanamanka hem uly ýeňişleri
gazandy ahyryn”diýýänlerem bardy,”Goja bihal adam däldir”diýýänlerem bar.Şu
gürrüňleri kellesinde aýlaýan Güller gele-gelmäne jaýyň içini tertibe salyp ugrady.Jaý
gowy bejerilip,oňarylanam bolsa,onuň içinde birki düşekden, Baýryşyň ýorganýassygyndan başga zat ýokdy.Arassalygy gowy görýän Güller otaglaryň içini syryp
süpürmäge,barja zatlary tertipleşdirmäge başlady.
–Ezizim,öwredýä diýme,içerini syraňda duldan bosaga syr,hapaňy bosagadan çykarda,köçä däl,hapa atylýan gapyrjaga at.Çynlakaý üns berseň,adamyň kalbynyň päkligi
onuň öýüniň we töwereginiň arassalygyndan bildirýändir.Öýe gireňde bosagadan sag
aýagyňy ätle,köwüşleri beýdip bosaga tarap bakdyryp goýma-diýip,Altymyrat
hammamdan çykdy-da,köwüşleriň ýüzüni öwürdi.
–Waý,enaýy-da gyz,edil aýdyşyň ýaly ederin,Alty jan.Öz jaýyň bolsa hezillikdigini.
Arzuwym ýerine düşäýdi.
–Ezizim,onyň dogry,ýöne,ýatar ýaly diwanymyz ýok-diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Zyýany ýok,ony birzat ederis,telewizoryň aşagyna tekje-de alarys.
–Nireden aljak,ezizim?
-Nahar bişirilýän çoýun gazany,sallançagy ejemden alarys-diýip,Güller jagap berdi.
–Naharhana otagy üçin halyny hem ondan sora!
-Bolar,ejem menden zadyny gysganmaz.Doganlaryň bolsa-da,sen bir ýetim oglan...
–Ezizim,diňle!Biz ejeňden zat baryny alýarys welin,oň muzduna näme bereris?
-Näme bereris diýmäň näme,oglan!?-diýip,Güller geň-galyjylyk bilen Altymyrada
seretdi-Sen oglum bolaýsa adyna Maksat dakaryn diýdiň dälmi?
-Hawa,diýdim.Ilkinji maksadym oglumyzyň dünýä inmegi,ikinji maksadym indiki
Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmek,üçünji maksadym ejeme sadaka bermek.
–Alla bizi şol maksatlara ýetirsin,ýetirerem,enşala.Ogluň bolsa biz Maksat jany
ejeme bereris welin,alan zadymyzyň muzdy bolar.Goý,alsyn,terbiýelesin,biz bolsa
okuwymyzy dowam etdireris.
Altymyrat näme jogap berjegini bilmän agzyny açyp galdy.Onuň eşitmek islän
zatlary başgady.
226
–Alty,öwüt berýäň diýmeseň bir zat aýtjak, senem iller ýaly döwre görä aýak
urmany öwren,bolmasa yzda galarsyň.
–Ezizim,düşünmedim,men-ä!
–Sen ýokarky ýolbaşçylar bilen duşuşanyňda hoşamaýlyk etmänsiň, başyňy
egmänsiň, döwre görä halanýan zady ýerine ýetirmänsiň, mekdeplerde sport sapaklary
ýapylyp ýörkä, sport mekdepleriniň açylmagyny soraýarşyň....
–Näme, neslimiz üçin peýdaly zady soramagyň aýby barmy?
-Aý,ýok-la,ýöne goňşymyz“Şeýtmese äriň ezenegi galmaz”diýýä.
–Güller,bir zady berk belle,men bir-ä Hudaýyň öňünde,birem,ejem-kakam
bolmansoň seniň öňüňde başymy egýän.
–Saňa öwüt berseňem bolanok.Nähili bolaýypsyň-diýip,Güller öýkeli seslendi.
Altymyrat Gülleriň soňky sözüne jogap berip etişmedi, gapy kakyldy-da, ony
açmaly boldy.Görse,gapyda Artyk dur.Salam-helikden soň ol:
-Iş sapary bilen paýtagta geldim-de,seni göreýin,gürleşeýin diýdim.Indem,ýanym
bilen alyp gidip,bir ýerlerde oturmakçy-diýdi.
–Dost jan,öýde otursak nähili görýäň?Ýogsa-da,meňem sport jemgiýetine barmaly
işim
bardy-diýip,
Altymyrat
geýindi-de,
Artyk
bilen
öýden
çykdy.
Dost jan, wezipäňi ulaltdýlarmy?-diýip,ol köçä çykylanda sorady.
-Aý,ýok-la,näme?
-Oturaly diýip duraňsoň soraýdym.Soňky döwrüň adamlary wezipä geçse derrew
dost-ýarlary bilen oturmany çykardylar.
–Wezipäm-ä ulalanok,ýöne oňa laurýad-a,ýagny dalaşgär-ä etdiler.Bir basgançak
böksem ulalýan.Ýogsa-da,laurýat sözüniň manysyny sorajak bolup ýördüm.
–Greklerde lawr agajy ussatlygyň we mertligiň nyşany hasap edilipdir,şol sebäpli
uly ýeňişleri gazanan esgerlere lawr agajynyň ýapraklaryndan ýasalan halka
geýdiripdirler,şu däpdenem laurýat sözi döräpdir.
Olar özara gürleşip,birinji seýilgähen geçdilerde,”Dinamo”sport jemgiýetiniň jaýyna
golaý geldiler.Altymyrat birden saklandy-da:
-Dost jan,sen tennis oýnap bilýärmiň?-diýip sorady.
–Aý,azda-kände bilmänem duramok.Günorta nahara çykdygymyz başlygymyz
Allaberdi Weldurdyýew biziň barymyzy tennis oýnamaga mejbur edýär.Ýörüte ýaryşlara
çykdym diýsem-ä,ýalançy,ýöne hut şonuň tagallasy bilen edaranyň ähli işgärleri,bölüm
başlyklary hem tennis oýnaýarlar.Nahar wagtymyz bir sagat,şonuň 15 minudynda nahar
iýýäris,45 minutlabam tennis oýnaýas.Ol bir gün,bir aý däl,ýyllap şeýle.Hawa,ýeri
onsoň,näme diýjek bolýaň?-diýip,Artyk Altymyrada soragly nazaryny dikdi.
–Türgenleşik geçýän ýerimde tennis stoly bar.Şol ýerde,türgenim Abramýanyň
garyndaşy barany utup:”Şunça türkmeniň içinde muny bilýäni ýokmy-ka?”diýip,meni
gyjalata goýýar,ýogsam, institutda okaýan oglanlaryň tennise ökdelerem bar,emma,biri
hem gelip ony utjak bolanok.Ýa-da, türkmende milli buýsanç diýlen zat ýok
bolaýdymyka?Eger ol bar bolanlygynda,näme üçin
bir adamam munuň bilen
gyzyklanmaýar?
-Eýsem,sen maňa,sportdan daşdaky dostuňa,şonuň bilen oýna diýjek bolýarmyň?
Birden ýüňsakgal edäýmäýin!?
-Ýüňsakgal etmejegiňi aňýaryn,dost jan.
–Bilmedim-dä,öz-ä!Ýogsa-da,bile işleýän koreý ýigidi maňa towlap urmany
öwretdi.Şamyrat ýaly”Pylan zady edip bilmesem telpegim itiň syrtyna”diýib-ä durjak däl
weli,synanyp göreýin.
227
-Ant içip awy ýalasa-da,Şamyrat tanalman durlanok,ýüpüniň üstüne odun çykap
bolmaz.Arada ol maňa”Indi ýalan sözlemäni goýjak,bolmasa adamlar menden
gaçýarlar”diýdi.(Ýogsamam, dökülen abraýyňy dikeltmek aňsat däldir)Men oňa”Balyk
moja çykar diýseler,towşan suwa böker,at kitap okar,horaz towukdan ýüz öwürer,zenan
atyr sepinmez,araplarda gar ýagar,gaplaň aw etinden irer,gorkak jeňe girer diýseler
ynanaryn,ýöne seniň düzeljegiňe ynanmaýaryn”diýdim.Bolupmy?
-Bolaýypdyr.Nädeli,synanalymy?
–Synanaly,dost jan!Öz garbanyşhanasy bolany üçin döşüne kakýan ol pulmesini bir
utaly.Men barymy-ýogumy orta taşlap şert goýjak,utsa alsyn,utulsa bersin.
Olar tirkeşip tennis stolunyň ýanyna baranlarynda orta boýly,garynlak, burunlak,
murty taýzaryp duran ýigit :”Ara,hany meni utjak jahyllar ýokmy-ka?”diýip gygyrýardy.
–Seni utjak bar!-diýip,Altymyrat onuň alkymyna dykylyp bardy-da,ýaryşyň şertini
yglan etdi.-Üç oýnuň ikisini utan ýeňiji bolar.
Şeýlelikde,uly töwekgelçilik eden Artyk üç oýnuň ikisinde ýeňiş gazandy.
Altymyrat, begenjine dostuny gujaklap,bagryna basdy-da"Berekella,dost,gaýrata
galyp,milli buýsanjymy asmana göterdiň”diýdi,yzyndanam:
-Artur jan,sen indi hiç ýerde küpür geplemegin! Çünki çetki bir obada ýaşaýan
dostumdan utuldyň!Utuş üçin goýlan pullary orta taşla-da, gaýdyp, tennisiň golaýynda
görünme!-diýip,Altymyrat ep-eslije puly kisesine urdy-da-Ine,indi,bir ýerde arkaýyn
oturaýsagam bolar-diýdi.
Şol gün iki dost restoranlaryň birinde iýip-içdiler,Altymyrat zol “Sen meniň milli
buýsanjymy artdyrdyň”diýip,Artygy gujaklaýardy.
-Gürrüňçilik gowy zat,göwrümim giňäp gitdi.Şeýle duşuşyklaryň ýygy-ýygydan
bolmagyny isleýän.Indem, öýünde çaýam bermedi diýme,öýe gideli!
-Alty,bagyşla,elim degenok.Soň bir gün hezil edip oturarys,nesip bolsa.
–Uruşda öljek bolup ýatan adama biz ýeňiş gazandyk diýipdirler welin,ol gözünden
ýaş döküp,ýerinden tarsa galaýypdyr diýýärler.Aýtjak bolýanym,sen şu günki ýeňişiň
bilen kalbymy joşdyrdyň,şatlyk melhemini içirdiň,şatlygymdan uçaýjak bolýan-diýip, ol
dosty bilen hoşlaşdy...
Artygy ugradyp öýüne gelýärkä, birinji seýilgähiň öňünde üç-dört bolup bir oglany
urýandyklaryna gözi düşdi-de,ol ýere barýança oglanlar etjegini edip gitdiler.Altymyrat
ýigrimi ýaşlaryndaky daýow ýigidi ýerinden galdyryp,gara-gan bolan ýerlerini seýilgähiň
içindäki suw ulgamynda ýuwdy,gowy özüne getirdi.
–Sen ýaňky uranlary tanarmyň?
-Hawa,olar şu ýerdäki garbanyşhanada iýip-içýärler.
–Özüňem-ä daýanykly oglan.Näme gün-ä etdiň?
-Aý,naharlanyp çykan badyma köplük bolup daşyma geçdiler.Men-ä olaryň näme
isländiklerini hem bilip bilmedim.Kisäm-ä dökdüler.
–Ýöremäge ýaraýarmyň,dost jan?
-Aý,ýok,ýene azajyk oturmasam başym aýlanýar.
–Onda sen şu ýerden butnama,men häzir...-diýip,Altymyrat garbanyşhana bardy.
Ýarym garaňky otagda üç-dört sany oglan-gyz tans edýärdi,dört-bäş sany oglan
bolsa,walalaýlaşyp, bir ýerde iýip-içip otyrdylar.
–Hany,munuň ýolbaşçysyny çagyryň-diýip,Altymyrat oglanlaryň ýanyna bardy.
–Ara, işiň bilen bol,biz seniň günlükçiň däl-diýip,olaryň içinden daýow bir murtly
oglan jogap berdi-de,ýerindenem gozganmady.
228
Altymyrat onuň çigninden tutup,bir gysdy welin,ýaňky ýigit ýerinden zöwwe turup,
ylgap gitdi-de,garynlak,orta boýly,murty taýzaryp duran,ýaňky Artur tennisçini alyp
geldi. Gelşine Altymyrat ony urup ýykdy,galdyryp ýene urmakçy bolanda Artur:
-Ara,meni tanamadyňmy? Indi urma,ursaň ölýän!Men ýaňy tennisdenem utuldym
ahyr-diýip,iki elini galdyrdy.
–Artur,indiden beýläk kowumlaryň şu jelegaýlarda ýekeje adama azar
beräýseler,ýakaň elimdedir.Şony berk belle!
-Alty,ol serhoş ors oglany ahyr-diýip,Artur özüni aklajak boldy.
–Ol
adam dälmi?-diýip,Altymyrat azgyryldy-Serhoş bolanda kisesini
boşatmalymy?Kim bolsa tapawudy ýok, duýdurmady diýme!
-Indi ýagşylyk etjek bolup duran barmy?Oňa “tentek,däli”diýýärler.
–Eýsem, hoşniýetli pälime şübhelenýärsiň-dä?-diýip,Altymyrat oňa gazaply garady.
-Ýok,ýok,ony diýjek bolamok,ýöne...Köçede ygyp ýörene hemaýat etseň samsyk
diýýärler,galanynam özüň bil.Döwür başga.Munda ýa perwaýsyz bolmaly,ýa,gohgowgasyz künjek gözlemeli.
–Beýle zady maňa öwretme! Indiden beýläk.adamkärçiligi ýadyňdan çykarma,kişi
mertebesini basgylama,etmeseňem özüňden gör!-diýdi-de, Altymyrat ýaňky oglanuyň
ýanyna gelip,ony öýüne eltip gaýtdy.
Gije bir çene baran ekeni.Güller oňa daşarda garaşyp durdy
--2—
Altymyrat ertesi“Dinamo”sport klubyna türgenleşige baranda täze türgen
Baýmyrada gabat geldi.Ol ony ilkinji gezek mundan dokuz ýyl ozal Çülüde
görüpdi.Şonda ony onuň türgenleşik geçýän ýerine Abramýan alyp geldide:”Ine,Altymyrat,bile türgenleş,bilmeýän ýerini öwret"diýip tabşyrypdy.Şondan bärem
olar kä o ýerde,kä bu ýerde duşuşýardylar.Ýöne,,bu günki duşuşyk aýratyndy.Onuň
özüne ýeterlik sebäbi bardy.
Şu ýylyň güýzünde agyr atletika boýunça 65-nji dünýä çempionaty geçmelidi,oňa
bolsa baş tälimçi gerekdi,sebäbi Türkmenistanyň agyr atletika boýunça baş tälimçisi
Boris Abramýan Tunise işlemäge gidýärdi.Indi bolsa şeýle uly ýaryşa gatnaşmaga
mynasyp ştangaçylaryň arzuwynyň gury hyýal bolup galmazlygy üçin öz işini kemsiz
bilýän ynamly tälimçi gerekdi.Türkmenistanda şeýle tälimçiler onçakly köp bolmasada,garaz bardy,mysal üçin oňa Baýmyrat Hangurbanowy,Altymyradyň agasy Orazberdi
Orazdurdyýewi görkezmek boljakdy.
Ýeri gelende,biz ilki bilen Baýmyradyň terjimehaly barada durup geçeliň.Ol heniz
Nebitdagyň 3-nji orta mekdebinde okap ýörkä,sportyň ştanga götermek ýaly,daşyndan
göreniňde gyzyksyz görünýän ugruna höweslidigini mälim etdi.Mekdebiň sport
meýdançasynda başlanan
höwes soň şäher stadionyndaky tejribeli tälimçiniň
gözegçiliginde hasam gowulaşdy.Ol ilki Nebitdag şäherinde,soň welaýatda geçirilen
bäsleşiklere gatnaşyp başlady.Gaýratly,dury pähimli,süňklek epeý ýetginjekden
tälimçiniň göwni suw içensoň,ol Türkmenistanyň baş tälimçisi Abramýanyň hem gözüne
ildi.Şeýlelikde ol öz tutan maksadyndan birjikde gaýra çekilmedi,gaýta kynçylygy ýeňip
geçmek üçin üstüne süründi.
Her gezek ştanga göterilýän meýdança çykanda,öz-özüne göwünlik
berdi,tälimçiniň”Gaýratyňa gaýrat goşmak,giň göwrümlilik,tutanýerlilik,erjellik özüňe
baglydyr”diýen sözüni ýörelge edindi.Ol 90-100 kilogram ştangany götermekde öz
229
agramyndaky sportçylardan görnetin tapawutlanmagy başardy.Türkmen döwlet
bedenterbiýe institudynyň talyby döwründe onuň ussatlygy hasam artdy,dört gezek
Türkmenistanyň çempiony boldy,SSSR-iň sport ussadynyň normasyny doldurdy.1982-nji
ýylda ýokary bilim alyp Nebitdaga dolanyp gelenden soň agyr atletika boýunça ýaşlara
tälim berip başlady.Özüne ynanylan wezipä uly höwes,yhlas bilen ýapyşdy.Ýokary sport
ussatlygynyň respublikan mekdebiniň Nebitdagdaky bölüminde mugallymçylyk edýän
döwründe,ol ýetginjekleriň onlarçasyna agyr atletikanyň inçe tilsimlerini öwretdi.Eden
işiň netijesi görünmese,adamyň öz-özüne ynamy gaçar ekeni.Şoňa görä-de,her bir sport
bölümlerine gatnaşýan ýaşlardan talap hem ýokary bolmalydy.Talap ýokary boldugyça
adam çalt kämilleşýär.Şol sebäpli hem onuň tälimçiliginde ştangaçylaryň bäşisi sport
ussady diýen ada mynasyp boldy.Onuň tälim beren ýaşlaryndan F.Faýzullaýew,
S.Zagyrow, Z.Kazyýew,G.Mäterow dagy häzir ýörüte bilimli sportçylar bolup,dürli
ýerlerde çagalara bedenterbiýe ugrundan sapak berýärler,Merdan Güljagazow bolsa
birnäçe gezek Türkmenistanyň çempiony boldy.
Baýmyrat hem edil Altymyrat ýaly uly,agzibir,bagtly maşgalanyň bir agzasy.Onuň
ata-enesi,nebitçi,gurluşykçy,energetik bolup ýetişen doganlary bar.Kakasy Garabeg aga
ogullarynyň her bir işine,maşgaladaky herekedine talapkär garaýan,telli-pelli zada göwni
ýetmeýän adam..Beýle ýaşulynyň ogullary hem asylly,işjanly bolaýmalydy...
Indi Orazberdi barada.Başda-da ençeme maglumatlary agzap geçenem bolsak,bir
zady nygtamak gerek,onuň tälimçilik ussatlygy,tejribesi hiç kimiňkiden pes däl,ýöne
onda daýhana,maldara mahsus ýere,mala seretmäni ilkinji orunda goýýan häsiýet
bar.Olary özüniň uly maşgalasyny eklemek üçin eklenç çeşmesi hökmünde
görýär.Dogry,ol köp ýyllardan bäri ştanga boýunça ýaşlara tälim berip gelýär,az-owlak
aýlygam alýar,emma ol maşgala üçin ýeterlik däl,mal saklap daşyndan gazanç etmese
bolanok.Şeýle-de bolsa, Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasy baş tälimçiniň boşan
ornuny eýelemekde onuň hem adyny agzady hem-de bu meseläni çözmegi Altymyrada
tabşyrdy.Altymyrat bolsa agasy bilen telefonda düşünişip bilmejegine göz ýetirip,bu
wajyp meseläni çözmek üçin oba gitdi.Sekiz-dokuz sany sygyrlary bilen garabaşynagaý
bolup ýören agasyny ýatak arassalap ýörkä tapdy.Salam-helikden soň-Agam jan,armaweri!Säher tutan işiň rowaç alsyn!Sygyrlaryň sanyny
köpeldäýdiňmi?-diýdi.
–Aý,köpelýärem,ölýärem,dogry-da walla.Birki günlükde bakyp oturan öküzçäm
haram öldi.
–Wah-waheý,şeýlemi,agam jan,başa gelen belany sowsun.
–Inim,aýdanyň bolsun!Häzir işi gutaraýyn,onsoň aýagy uzadyp çaý içeris,dogru-da
walla.
–Agam jan,seniň bilen maslahat bar.
–Gyssanmaýan bolsaň garaş,gyssansaňam aýdyber,iki gulagym sende.Ir bilen gowy
dilegler etdiň,aslynda,ýüregi päk,ynsaply,adamyň dili dogaly bolarmyş,dilegiň ýerine
düşsün-dä,dogry-da walla.Indi aýdyber,maslahatyňy.
–Agam jan,sport federasiýasy uly ynam bildirip,saňa Türkmenistanyň baş tälimçi
ornuny hödürleýär, paýtagtda ýaşarsyň,jaý,maşyn bererler,ýakynda Melburnda geçiriljek
dünýä çempionatyna bileje gideris.
–Bu sygyrlara kim sereder?-diýip,Orazberdi dersi üýşürip durka, başyny hem
galdyrman jogap berdi.
–Agam jan,saňa uly wezipe,illeriň arzuw edip ýetip bilmejek orny hödürlenýär,sen
bolsa sygyr diýip...Sygyrlaryň dokuz bolsa, wezipäni eýeleseň sany on dokuz bolar.
230
–Nädip ol on dokuz bolsun?
-Agam jan,onda aljak aýlygyň ençeme sygyra ýetýär ahyr.
-Bu mallary nädeýin?
-Sat baryny,ýa-da iniň Bäşime ber,goý,seretsin.
–Hawa,Bäşim iki günde ýok etsin diý,dogru-da walla...Aý,ýok-la,men ony
başarman,on ýaşlarynda çagalam bar,gelnejeň Jennedem ýarowsyz.Ol-a, tälimçilik
ekeni,ministrlik ornuny hödürleselerem sygyrlarymdan aýrylyp bilmen.
–Heý,sygyrlaryň bar bol-a!Özüňem şolara meňzäp gidipsiň,agam jan.Men seni
ösdürjek,kömek etjek bolýan,senem...Ýagşam bir gep tapdyň. Agam jan, düşün,ýagşy
niýetli geldim.Biz birek-birege mydama gerek,men sensiz,senem mensiz oňup
bilmeris.Ýöne,öz golaýjygymda bolaýsaň diýen niýet bilen etjek bolýan herekedimden
ýüz öwürmegiň meni gaty gynandyrýar.
–Inim,dogrumy aýtsam,gelnejeň ýarowsyz,ýanyndan aýrylyp bilemok,dogry-da
walla.Men gitsem oňa kim seretsin?Çagalar-a,entejik körpe...
Altymyrat öýde ýaraman ýatan gelnejesiniň ýanyna bardy, hormat bilen salam
berdi,hal-ahwalyny soraşdy.
–Ine,menem şeýdip,lokga daş ýaly, gymyldaman ýatandyryn,ýüwürjim, biribaryň
edenine şükür kylyp.Agaňam nebis atyna atlandy,birini iki etjek bolýar.Allanyň berenine
kanahat etmeli halyna...Geliniň şäher bilen öwrenişýärmi?-diýip,gelnejesi Jennet
ysgynsyz sorady
-Hemme zat gowy,gelneje jan!
-Agzibirje ýaşasaňyz berekediňiz artar,ýadyňdan çykarma!
-Jennet gelneje,sag boluň,keseliň ahyry gelsin.Men gyssagly yzyma gitmeli.
–Gitseň ýoluň ak bolsun,ýoldaşyň hak bolsun.Şeýdip gelip durgyn,ýüwürjijigim Men
keselimiň üstüne söze,mähre zar bolýan.Gelip soradyň,pagyş-para bolaýdym.Azajygam
bolsa,içiňi dökseň derdiň egsilen ýaly bolaýýar.Hoş söz,hoş gylyk hoşniýetliligi
döredýär...
Altymyrat agasy bilenem hoşlaşyp, Aşgabada gaýtdy...
Indi ol Türkmenistanyň agyr atletika Federasiýasynyň ynam bildiren adamsy-baş
telimçilige bellenen Baýmyrat bilen Melburnda geçjek ýaryşa taýýarlyk görüp
başlady.Bu uzak ýoly geçmegiň ýeňil däldigi,dünýäniň onlarça ýurdundan gelen
ştangaçylaryndan öňe saýlanaýmak uly ukyby,irginsiz türgenleşigi,gerek ýerinde
emeli,ugur tapyjylygy talap edýändigi köplere mälim bolsa gerek.
Geliň,gowusy Melburna tarap ýola düşeliň!...
Uzak ýola Altymyrady ugratmaga Ykram Mätkerimow uçar menziline gelen
ekeni.Özi ýaly garyp ýerden çykan,köneje,ýöne arassaja eşik geýişinden,iň arzan
naharhanalarda nahar iýişinden tanap oturmaly bu sada,göwniaçyk ýigit Altymyrady
diýseň gowy görýärdi,nirä gitse ugradýardy,gelende garşylaýardy.Ine,häzirem ol ýany
bilen iýer-içer ýaly azyk,birnemejik pul getirip,ýaryşda ýeňiji bolup gelmegi arzuwlap
ony ugratdy..
Uçar Aşgabatdan Birleşen Arap Emirligine tarap ýola düşdi.Daglyk-düzlikden
geçen uçar ummana aralaşdy.Ýokardan göm-gök asmany ýadyňa salýan umman
çaýkanýardy.Kenara gelip urulýan tolkunlar esrän ineriň agzyny ak köpürjik edişi ýaly
köpürjiklere öwrülip,ýitip gidýärdi.( Ol oňa balygyň gerşi ýaly ak tolkunlaryň hataryna
seredip,göz ýetirýärdi)Günorta-günbatara uzalýan Umman gitdigiçe daga dyrmaşýan
ýalydy. Häzir oňa,edil gar ýaly, aýagyň aşagyndan typyp gidýän ýyljajyk çägeli ýalpak
kenarda dynç almak ,nähili ýakymly görünjekdi,ýöne ol mümkin däldi.Zyýany ýok,ol
231
Melburnda,Hindi ummanynyň kenarynda aýagyny gyzgyn çägä gömüp,hiç zady pikir
etmän dynç alar...
–Biz Abudabi şäherine geldik-diýip,Baýmyrat ony oýaly-ukuly halda oýardy.
Olar bu ýerde düşüp,bernemejik dynç alyp,başga bir uçarda ýollaryny dowam
etdirmelidi.Ýol bolsa uzakdy.
–Bizi ugradanlarynda “öňüňizden çykyp garşylarlar,aňryk ugradyp goýbärler” diýip
söz beripdiler welin,hany olar?-diýip,Baýmyrat töweregine garanjaklady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 28
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.