Latin

Topraga duwlanan ägirt - 16

Total number of words is 3919
Total number of unique words is 2287
31.2 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
däp-dessurlardan,jynaza mollasynyň”...Taňra sena üçin,Pygambere drut üçin, ölene doga
üçin,özümize sogap üçin,ezel wagt alnym Käbä,ýüzüm kybla,gullugym Taňra,haly
sallahu tagala üçin,Allahu ekber...”diýen dogasyndan soň,merhumyň iki ogly Kakyş bilen
Baýramgeldi tabydyň öňüni,Orazberdi bilen Altyymyrat yzyny tutup,başyny öň tarapa
edip,gonamçylyga alyp gitdiler.Gowy ýeri,sekiz agyzly gonamçylyk obanyň
ýakynynda.Onsoňam,hormatly sport işgäri bolansoň Tirkişi öz ili,işdeşleri,ýakynlary
eginlerine göterip gitmäni kyn görmediler.Jaýlanjak ýere barylýança merhumyň öňünden
bir adamam ýöremedi.Hiç kimden ses çykmady.Dymyşyp barýan adamlar
içlerinden:”Bizem ir-u-giç,nesip bolsa,şeýle bolmaly ahyryn”diýýäne,öň ýaşlykdabeýlekide bir ýerde ýalňyşanam bolsa,indi dogry ýola dolanmagy niýet edip barýana
meňzeýärdi.Merhumy jaýlanjak ýerine eltip, goýmaly ýerinde,weýran depede, kybla
bakdyryp goýulýança, hiç kim oturmady.Dogry,ýaşlar ýaşlyk edip merhumy ilki haýran
depede(adamyň jaýlanjak jaýyndan,içki öýden guburyň sag gyrasyna çykarylýan
üýşmejik guma haýran depe diýilýär) hem goýjak boldular,emma Rahmanberdi aganyň
“Duruň,duruň,ol ýerde diňe, agasy ölensoň gelnejesine dakylan adam dünýäden ötse
goýulýandyr. Wah,kileň “Ruhnamany” okanlarda bular” diýip käýinmegi ýagdaýy
düzedäýdi.Taýýar gabra Kakyş,Orazberdi,Altymyrat we kerpiç örüji ussa dört bolup
girdiler we Rahmanberdi aganyň dogasyndan soň,merhumy sag ýanbaşyna,ýüzüni kybla
goýup içki öýde ýatyrdylar,kependäki daňylan esgileri aýryşdyryp,kerpiç örüp
ugradylar.Bu işi bolanlaryndan soň,merhumyň uly oglundan rugsat alyp,her kim gabra üç
goşawuç toprak atdy,soňam pil bilen gömüp ugradylar.Her kim okamaly dogany okap,üç
130
gezek gum sürüp,pili ýere taşlamalydy.Guburyň üstini düz dört burç etmän,düýäň örküji
ýaly rejelendi.
–Wah,Tirkiş kakamyň mazary ejemiň,agalarymyň ýanyna düşmedi-dä!diýip,Altymyrat aglamjyrady.
–O-ňa gynanma,köşek!Edilýän doga-dilegler ýürekden bolanlygynda,jaýlanan ýeriň
parhy ýok.Ýöne,adamyň merhumlaryny bir ýerräkde göresi gelýänligi tebigydyrdiýip,Rahmanberdi aga ony köşeşdirdi.
Olar şol aralykda kakasynyň,ejesiniň,agalarynyň mazarlarynyň başynda aýat-töwür
etmek islediler.Bäşimiň barmagyny çommaldyp,salgy berşini gören Rahmanberdi
aga:”Barmagyňy çommaltma-da,başyňy at,başyňy”diýip,käýindi.Olar ilki ejesiniň täze
mazaryna golaý barman,aýak üstünde durup,salam berdiler,gol göterip doga
okadylar.Şeýdip,beýlekilere hem aýlandylar.”Ýadyňyzdan çykarmaň-diýip,Rahmanberdi
aga oglanlara ýüzlendi-Öwülýä zyýarat edeniňizde,merhumyň daşyndan aýlanmaly
däldir,ýüzüňe sylmaly däldir,eneň-ataň gabry bolsa posa alsaňam zeleli ýokdur!”...
Tirkişi jaýlap gelen gölegçilere tagam hödürlendi,Begjan molla doga okady,töwir
galdyrdy.Tirkiş kakasy maşgalanyň ulusy bolanlygy üçin doganlar ony kaka hökmünde
görýärdi,olam,gerek ýerinde maslahat,kömek berýärdi.Çökder köp bilýänligi
bilen,olaram ýany bilen alyp gitdi.Durmuşyň her tarapyny alanyňda-da, bir adamlyk
bilýänliginden başga-da,ol,ähli zada diňe ylmy nazardan baha bermekde, aýat-töwürleri
suwara bilmekde öňüne adam geçirmedi.Hudaýa-da ýagşy adamyň gerekligi çyn
ekeni.Hawa-da,”ýagşy-ýamanyň ýokdur, wagty gelip ajaly ýetende gidip durandyr” ýada “ölüm barabardyr şah-u-gedaýa"diýilmeýärmi näme!Nätjek,iman äkiden
bolsun,Hudaý rehim etsin,ölümiň yzy kesilsin,yzyna abadançylyk gelsin diýäýmeseň!...
Birden ýakynda saz çalyndy.Rahmanberdi aga gelene töwür edip,dymyşlygy bozdy.
-Adamlaryň birek-birege perwaýsyzlygy ýetjek derejesine ýetdi,sylag
peseldi,päheýde welin.Bu yrsgalymyzyň gaçmagyna getirýär!Ýürek paralanan ýagdaýda
otyrkak,daş bolmadyk goňşymyzyň aýdym-saz bilen toýa başlamagy,Tirkiş neressäniň
ölümine begenip,heşelle kakmagy hökmünde görýärin.Bir-ä,gam kölüne batyp,ahy-nala
bilen dat-bidat edýär,merhumyň ýakyn dosty hasap edilýän adam bolsa,toý edýär.(Ýakyn
goňşylarynyň bu hereketi Altymyrat üçin hem agasynyň ölüminden agyr täsir etdi)Çakdan aşmadan,çyzykdan çykmadan hüşgär bolmaly-diýip,Rahmanberdi aga sözüni
dowam etdi-Allanyň haram edenini halal,halal edenini haram hasaplamaly däl.Bu ýol
gorpa eltýändir.Kurany kerimiň Mearij süresiniň 8-18-nji aýatlarynda şeýle diýilýär:“Şol
gün asman edil magdan ýaly,daglar bolsa hut reňbe-reň atylan ýüň ýaly bolar.Bir kowum
beýleki bir kowmuň ýagdaýyny biri-birine görkezilse-de soramaz.Günäkär şol günüň
azabyndan goranmak üçin ogluny,özüne ýar bolan ýassykdaşyny,doganyny,arasynda
önüp-ösen tire-taýpasyny we deň-duşlaryny pida edip,özüniň halas bolmagyny
dilär.Ýok,ol azap ody alowly,dessine ýakyp-ýandyrýan otdur,ynsanyň her bir tarapyna
syçraýan jeza odudyr.Arkasyna dönüp, tersine giden we mal-mülk ýygnap,hazyna
edineni özüne çagyrar we çekip alar...”Wah,Kurany okasalar,Magtymgulynyň
goşgularyny öwrenseler beýle zatlar bolmaly däl ahyryn.Begjan molla,şular ýaly zatlara
sen göz-gulak bolmaly,päheýde welin.
-Wah,başlyk,olara şu gün irdenem duýdurdym,bolmanda agşamara,sesini peseldip
saz edäýiň diýdim.Bolmasa,ýene baryp görerin-dä!-diýip,Begjan ýerinden turup gitjek
boldy.
–Aý,başlyk,onda-da ýene baraýyn-diýip,Begjan gitdi.Rahmanberdi aga onuň
yzyndan garap:
131
-Näçe tirkeşenem bolsam,adam tanap bolmaýar ekeni-diýip,başyny ýaýkady-da,
sözüni dowam etdi- Ýygralygy üçinmi,edepliligi üçinmi,garaz,üýşmeleňlerde,pata aýattöwür etmeli bolanda-da,Tirkiş neresse sesini çykarman oturýardy,oka diýip,juda
ýalbaryp durmasaň aýat okamazdy.Asyl,indi göz ýetirýän welin,men onuň ýanynda
başlangyç synpda okaýan okuwçydanam pesde ekenim.Oňa indi göz ýetirdim.Adam
öljek bolup ýatyrka,Kuranyň arşy hasap edilýän ”Ýasyn”okalýar.(Kuranyň jany
Teharet,başy Ygtykat,enesi Alhamdygyny bilýänsiňiz).Ony okaberseň ýatan hassa näme
jogap berjek,näme diýjek,onam bilip bolanok.Ol güýçli dogany men on minutda okap
gutarýaryn,Begjan molla bolsa ýarym sagatda-da okap gutarmady.Elli ikinji aýata
baranda çaşyp,dogany täzeden okap başlady.Ahyrym,Tirkiş neresse,Alla oňa medet
bersin,imany hemra bolsun,durup bilmän:”Molla,sen doganyň pylan ýerini nädogry
okadyň”diýdi welin,Begjan molla tas çaşypdy,gorkusyna:”Şeýtan gelip ara düşdidä”diýen boldy.Tirkiş bolsa:”Bilmeýän zadyňy şeýtanyň üstüne atmazlar”diýip ysgynsyz
jogap berdi.Asyl, Begjan molla öwünýärdi weli,Tirkiş onuň boşlugyny subut etdi
oturyberdi,ol Kurany Kerimi ýatdan bilýärdi...
–Men onuň ýanyna baryp”Agam,ýatyrmyň,ýagdaýlaryň nähili?”diýip soradym
welin ol:“Ýok ýatamok,soňky pelläme ýuwaşja gidip barýan,inim jan”diýip jogap
berdi.Ol soňky pursatynda-da degişjek bolýardy.Dogry-da,walla-diýip,Orazberdi
seslendi.
Türkmende
merhumyň
ýedisi
geçýänçä
oturyp
ýatlanýar,aýat-töwür
edilýär.Rahmanberdi aga merhuma gynanç bildirmek,ýakyn-ýatlaryna göwünlik bermek
üçin gelene:”Ýaşuly,aýat-töwür edip ber”diýip, ýüzlenýär.Olam ýaltanman
okaýar.Gelene
“geliň”,gidene-de:”Taňry
ýalkasyn,bizi
sylany
Hudaý
sylasyn!”diýip,hoşamaý söz bilen ugratmak türkmeniň ganynda bar..Eger oturanlaryň
biri:”Rahman aga,turjak,doga okap ber”diýäýse dagy,onuň möhümi bitirerde,turjak
myhmana we oturanlara garap:
-Adamlar,maňa Rahman diýip ýüzlenmäň!Rahman,Züljelil,Alla ýaly atlar çagalara
dakylmaýar.Alla ýegen däl,Allamyrat,Allaberdi,Rahmanberdi diýseňiz bolar.Bulara
düşündiriş berýän kitaplarym bardy.Gorkyma gonamçylykda gömdim.Soň görsem
çüýräpdir,pide bolupdyr,öňki ýerinde goýup gaýtdym.Diken jürüm hem ýok
bolupdyr.Käte
öwülýä
baranymda,
şol
çukura
doga
okaýýan-diýdi..
Dogry,ýas ýerde merhum ýatlanylýar,onuň bilen bolup geçen wakalar gürrüň
berilýär,şeýdip,öleniň keşbi adamlaryň gözüniň öňünde täzeden janlanýar.Gelýänleriň
bolsa sany-sajagy ýok,Daşoguz,Aşgabat,Lebap ýaly ýerlerden bile okan ýoldaşlary hem
bar.Olaryň biri:”Men bir wakany gürrüň bereýin.Ýaşlyk döwrümiz,komsomol
ýumuşlaryny bitirmedigimiz ýokdur.Aşgabada ýygnaga barsak,Tirkiş hem Sakarçäge
etrap komsomol işgäry Kakajan Nasyr bilen barypdyr.Ýygnakdan soň naharlanmak
üçin,her kimden pul ýygnadyk,Kakajan pul berip bilmedi,beýleki jalbarynda
galanmyş.Şonda Tirkiş degişip:
Komsomol işgäri Kakajan Nasyr,
Kelläňde agaran saçlaryň müsür.
Kisäňde bäş manat puluň bolmasa,
Mäkiýan bolupjyk,ýumurtga basyr!diýip,bada-bat şygyr döretdi-de,oturanlary gyzyl-gyran gülüşdirdi...”-diýse,ýene
biri:”Menem bir wakany gürrüň bereýin.Köýnekow atly biri bilen bile okaýardyk.(Soň ol
ýokary wezipelere ýetdi)Onuň adyny bilmeýärdik,ýöne Köýnek diýäýýärdik.Bir gün
Tirkiş neresse bilen onuň ýanyna bardyk.Ol sapaga taýýarlanýanlygy üçin biziň
132
habarymyzy almady.Garaşyp ýadan Tirkiş:”Eý,Köýnek,egniňdäki köýnegiň iki
ýeňini,ýakasyny kesip taşlaryn welin, onsoň Köýnek bolman Maýka bolarsyň!Näme
bizden habar almaýarsyň?”diýende,ol gülüp:”Wah,men saňa bir zat diýdirjek boldumda!”diýdi”diýip ýatlaýar.
–Türkmenistanda, ştanga götermekde,ýaşlaryň arasynda ilkinji çempion Tirkişdir
diýdiler welin,oňa ynanmadym,asyl ol dogry ekeni-diýip,myhmanlaryň biri dillendi.
–Arabystanyň şazadasy Habyp bir gün Pygamberimize:”Gulagyma degişine
görä,Hudaý meni pygamber edip iberdi diýýärmişiň!Şol gep çyn bolsa delil getir!Hemme
pygamberler
gudrat
görkezipdirler!.Meselem,Nuhuň
älemgoşary,Süleýmanyň
ýüzügi,Ybraýymyň ody.Ysmailiň goçy,Musanyň hasasy bar,Isa öl-ä jan bagyşlady.Hany
sen aýt,meniň çadrymda kim bar hem ony näme üçin bu taýa getirdim?”diýip
ýüzlenipdir.Pygamberimiz dyzyna çöküp Hudaýa çokynypdyr,ybadat edipdir,soň
ýerinden turup:”Eý,Habyp,çadrda gyzyňyz bar,ol kör,ker,elsiz-aýaksyz,sen onuň derdine
şypa isläp şu taýa getiripsiň!Bar,çadryňa girip,gyzyň bilen gürleş!”diýýär.Habyp çadra
girse,hiç zat bolmadyk ýaly,synasy sagat gyzy ýylgyryp garşy alýar.Muny gören
Habyp:”Ýa Muhammet,meni hem Hakyň ýoluna salgyl!”diýip,oňa boýn bolýar.Şoňky
ýaly,Tirkişiň ýeňişlerine ynamsyzlyk bilen garamak bolmaz!-diýip,Rahmanberdi aga
jogap berdi.
-Bir gün Tirkiş kakam bilen Aşgabatdaky kitap dukanlarynyň birine bardykdiýip,Orazberdi gürrüňi alyp göterdi-Kitaplara seredip durkak,ýanymyza biri
gelip:”Inijikler,kitap aljak bolýaňyzmy?”diýip sorady,Tirkiş kakam oňa:”Aý,täze
kitaplara seredýäs”diýip,jogap berdi.”Hol kitaby alaý,gaty gyzyklydyr!”diýip,ol adam
şahyr Şäher Borjagyň täze çykan kitabyny görkezdi.”Aý,Şäher Borjagyň kitaby bolsa
maňa gerek däl,ol diňe hajathanada okalýar”diýip,agam bada-bat jogap berdi.Onda ol
adam beýlede duran ýoldaşyna garap:”Baba Japar ogly,(Baba Eziz hanyň gyz agtygynyň
ýanýoldaşydy)hany bäri gel!-diýip,ony çagyrdy-Baba,bu maryly ýigid-ä,maňa,şahyr
Şäher Borjaga:”Şäher Borjagyň kitaby bolsa gerek däl” diýip,ýüzüme gelip dur!Nähili
görýärsiň?”diýip güldi.Bizem gülüşdik.Asyl ol Şäher Borjagyň özi ekeni,dogry-da
walla...
–Adamlar,bi Tyrry görünenok welin,jany bir sagmyka?-diýip,Rahmanberdi aga
sorady.
–Men ho gün onuň ýanyna bardym-diýip,Orazberdi jogap berdi-Iki aýdan öýüne
gelýän ogly Berdi çopan hem bar ekeni.Men içeri giren badyma,ala-galmagal bolup
oýnaşyp oturan çagalar dyr-pytrak bolup,içki otaga geçdiler.Hallygözel gelnejem hamyr
ýuwurýar,tördäki
tapçanda
bolsa
Tyrry
aga
ymyzganyp
ýatyr.
“Biziň bulamakçymyz edil hyzlawuk ýaly aýlanyp,çül çagany aç etmejek
bolýar,ýaşulymyz bolsa,hon-ha,hiç zada ýaraman,törde,gününi sanap ýatyr!”diýip,Berdi
kakam ýaşula tarap elini salgady.
Tyrry kakam ýerinden gowsundy-da, özüniň oýadygyny aňlatdy.Men oňa hormat
bilen salam berdim. “Hiç zat bilen ugry ýok,”Alla jan,meni ýygnasa gowy boljak”diýip
samrap
ýatyr,kakam-a.Bulamakçym
öý
işlerine,çagalaryň
aladalaryna
ýetişenok,munyňky
hem
olaryň
üstüne...”diýip,Berdi
kakam
seslendi.
“Saňa aýdyp dilim syryldy...Garryny bir -zat etmeli.”-diýip,gelnejem hamyryny
patladyp-patladyp urýar.Tyrry kakam bolsa öçügsi gözlerini gyrpyldadyp iňňildeýär.
”Daýhan adam işden galsa durmuşa bolan höwesi gaçýar,umudy peselýär,o dünýä
howlukýar ekeni”.Bu Berdi kakamyň pelsepesi.Tyrry kakam bolsa uzak ýaşamak
isleýär,hat-da öýlenmek hem hyýalynda ýok däl.Ölümini dileýänliginiň sebäbi bolsa, ata133
baba däp-dessury saklajak bolan bolup,kiçi dilden bärde aýdan bolaýýar.
“Kakamy maýyplar öýüne zyňyp bolmaz-a,başlyk!?”-diýip,Berdi kakam aýalyna
ýalbarýar,olam”Nädeýin.iki elim daňylgy-da meň...”diýýär,äri “Çagalaryň eliňi
daňanoklarmy?”diýse,aýaly”Oglanlar kömekçim,gyz kişi maşgalasy.Gör-ä,gaýyn atam
halys gurady,süňk bolup galdy.Günde eşiklerini çalşyrmaly,meýdany aşagynda. .Gaýrat
et diýýäň,ol diliňde aňsat,onuň azaryny çeken biler”diýýär.Äri bolsa
“Azajyk sabyr etseň aýak üstüne galar gider-dä!Gaýrat et,başlyk”-diýip, aýalyna
ýalbarýar” Ine,Tyrry kakamyň ýagdaýy-ha şeýleräjik,dogry-da walla-diýip,Orazberdi
sözüni jemledi.
–Bu nähili bolýar,adamlar,päheýde welin!?Sandan galdy diýip,garrylar öýüne
tabşyrmalymy?
-Rahmanberdi kaka,sandan galany üçin däl, pensiýa berilmesi kesilenligi üçin.
Öňler boşap ýatan garrylar öýi, indi agzyna çenli dolupdyr,dogry-da walladiýip,Orazberdi düşündiriş berdi.
–Beýlede bir zat bolar ekeni,päheýde welin.Ol türkmene gelişýänmidir?diýip,töweregine garanjaklasa-da,Rahmanberdi aga soragyna jogap tapyp bilmedi...
Adamlar gelip-gidip durlar,gürrüňlerem täzelenip,bir ýatýar,bir möwç urýar.Ýedi günläp
merhumyň ýasyny saklap oturjak bolsaň,ýöne bir dymyp oturyp hem bolanok,nämede
bolsa bir zadyň gürrüňini etmeli.Käte kimdir biri bolgusyz gürrüňe
başlaýdygy,Rahmanberdi aga:”Hany,beýle warsakyny goýalyň-la!Eklenjiň,iliň aladasy
bolsun,gürrüňiňiz!”diýerdi.Obada ýaşasaňam näme,ýere bagryň badaşan...Ýer,malgara,eklenç-ine,oba adamlarynyň aladalary...
–O-how,başlyk,pylany on gektar ýeri mülk edinipdir-diýip,Begjan molla janykdy-Ol
obada ýaşasa-da,gazçylar şäherçesinde işleýär,ýere dahylly ýeri ýok.Gör-ä,puluň
ediberşini?
-Diýmek,durmuşda adyllyk ýokda?Şeýlemi?Päheýde weli...
-Olam her hili,başlyk!Kimiň kisesi galyň bolsa, baran ýerinde hoş diýýärler,ýuka
bolsa-da ýüzüňe urlan ýaly bolup gaýdýarsyň.
–Eger pulum bolmasa,baran ýerimde-de hoş diýip,başymy egmesem näme?
-Onda başlyk ol samsyk bolýar.
–Durmuşda başga-da bir zat bar,molla,päheýde welin!Ýeri mülk diýip beriberseň
mal-garany,dowarlary ýüpe daňmaly bolmazmy?Türkmende beýle zat görülipeşdilipmidi?Inilerimiň biri öwülýäniň günbataryndan mülk aldy,gyrak-bujagyna,suwuň
baryp bilmejek ýerlerine bag-bakja ekdi.Indi ekinlerini mal-garadan gorajak
bolup,mülküniň daşyna çorçukly sim aýlaýar!
-Ýer almadyklar näme etmeli,başlyk?
-lşläsi gelmeýän ýaltalar ýer almazlar,Begjan molla!Olar hakyky daýhan
däl.Hakyky daýhany sowuk ýarag bilenem ýerden çykaryp bilmersiň,päheýde welin.
-Agam,malyň mellege girip,bişmedik almalarymy ýere ýazyp ýör-le,how!diýip,Bäşim,gapdalynda oturan Orazberdä igendi.
–Men nädeýin,sygyrlary zeýkeşiň ýakasyna kowaýyn diýip barýarkam,ol
kökkesilenler dogry ýoly saýlap baga girdiler.Olaryň haýsy birini ýüpe baglaýyn,dogruda walla.
-O ýagdaýyňy bilmedim how,agam,ýöne mallaryň öňem birnäçe gezek mellegimi
torç etdi.
134
–Nädeýin,inim!Obaň öri meýdanlaryny mellek paýladylar.Indi mallary daňyp
saklaýan,günde iki eşek araba ot getirýän,şonda-da doýrup bilemok,dogru-da
walla.Gelnejeňem ýarowsyz,bilýäň-ä!Näme,ol haram ölmüşleri indi sataýynmy?
-Başarmaýan bolsaň sat,ýok et,how! Ine,men malsyz oňup ýörün-ä!
-Haý,ýagşam bir maslahat berdiň!-diýip,Rahmanberdi aga Bäşime gaňrylyp bakdyÖňler şu köçäniň her hojalygynda onlarça dowar,ençeme sygyr,eşek, araba bolardy,indi
barmak basyp sanaýmalysy galdy.Olaram satdyryp,ýumrugyňy ysgap öňjakmy?Nireden
et-ýag,süýt-gatyk,ýüň aljak,päheýde welin?Rahmanberdi
aganyň aýdýanlarynyň jany bardy.Ony birahat edýän zat-oba
mallaryny bakar ýaly öri meýdanyň bolmazlygy.Türkmen hiç mahalam gazykda mal
saklamandy.Töwerekde ýüz hojalyk bolsa ýüz hem çopan gerek.Ol mümkin
zatmy?Ýok.Ýa-da, malyňy gazykda saklasaň, ýatagyňa-da ot düşse,olar ardurja
ýanmazmy,ýa-da sygryň ýüpüne çolaşyp,boglup ölmezmi.Kalhozyň gowy ýeri hem bar
bolsa bardyr.Häkimler üçin aňsat,gaz,tok,suw çekmek üçin topbajyk oba!Ýöne,oba
adamlarynyň köpüsi obada ýaşasalaram,Howuzhana gidip işleýärler.Ine,onsoň olar iki
jahan owarrasy bolýarlar,ýaşaýan ýerlerinde öri bolmansoň mallary ýok,işleýän
ýerlerinde bolsa öri ýeri bar-da mallary,öýleri ýok.Öňler ekin dolanyşygy diýlen zat
bolardy, gowaça ýerine ýorunja,ýorunja ýerine mekge,mekge ýerine ýorunja,ýorunja
ýerine gowaça ekilerdi.Şeýle ýagdaýda mal saklamagam aňsat,bir ekinden beýlek-ä
geçilýänçe mal goýbermäge pursat döreýärdi.Indi o zatlardan oba göçdi.Aýdylýar,ýöne
edilýän zar ýok.Ýerleriň 0,2-0,4 gektardan kärendä berilmegi oňlanmaly zat
däl.Türkmene 0,5-1,0 gektardan az berilse bolmaz,şonda-da,4-5 gektardan az bolmadyk
aýratyn öri meýdan bolmasa mal saklap bilmez,.Aslynda-ha,daýhany öz gününe
goýmaly,ol näme ekmeli,näme goýmaly,nirede ekmeli gowy biler...Arada ýokardan
geleniň biri daýhanlary ýygnap:”Size täze ekiniň tohumyny getirdim,ekiň,mal
saklaň,hezil ediň”diýip,on halta tohum taşlady.Adamlaryň biri oňa “Soý” diýse beýlekisi
“Möý”diýdi.Ine,ýaňky möýuň,ýaldyrap duran syrly tohumyna seredenler,ol-a ekmek
ekeni,hat-da ellemekdenem gorkdylar.Ony nirede,nähili ekmeli,nähili hasyl
berýär,ýokumy neneň, ýa ekmän ýarma edip iýseň gowy boljakmy,bu soraglara jogap
tapyp bilmän,möý çakjak ýaly ýaýdanyşyp durlar.Adamlar ahyrym:”Aý,ýokardakylaram
samsyk däldirler,ýaramaz zady salgy bermezler”diýip,tohumy aldylar,alyşlary ýaly hem
mal ýatagyň bir çetine taşladylar.Ýokardakylaryň halk üçin etjek bolýan “gowy
işleri",şeýdip,öňki ekýän ekinlerinden başga zady bilmeýän daýhanlar tarapyndan
garşylyga duçar bolýar.Ýöne:”Sen 0,16 gektar mellek ýeriňden 0,06 gektary obanyň
umumy öri meýdany üçin bölüp ber!”diýseň,olar iki elläp goldajaklar.Bulary aňynda
aýlan Rahmanberdi aga-Özüm-ä,mal bakar ýaly öri meýdan üçin mellegimiň bir bölegini
berjek,sizem berersiňiz-le!?-diýdi.
–Germanýa-da bolanymda, her obanyň ýakynyndaky 30 gektar öri meýdanyň,
gözüň göreji ýaly goralýanyny gördüm,bizde bolsa ol
edilmeýär,ýogsam,ýerler
daýhanlara paýlanyp berlende-de,onuň päsgelçilik döredýän ýeri ýok ahyryndiýip,häliden bäri sesini çykarman oturan Altymyrat dillendi.
–Ony oba arçynyndan soramaly,päheýde welin.Şamyrat,jogap ber, bolarmy,
bolmaz!?-diýip,Rahmanberdi aga ýaňyrak pata gelen arçyna ýüzlendi.
–Bolmaz-diýip,ol kesgitli jogap berdi-Daýhan,daş edip, öz islegi boýunça ýer
saýlajak,öri meýdan edinjek!Bu pikiri etrap häkiminiň ýanynda aýdaýmanmy,ol ýüzüne
urlan
ýaly
çirkin
gygyrdy-da,otagyndan
kowup;”Gaýdyp
seni
gözüm
görmesin!”diýdi.Dogry hem etdi.Ýerler daýhana berilip,olam ony öz islegi boýunça
135
ulanjak bolsa, onda häkimiň,arçynyň näme geregi bar?Gorbaçew,amrika satylyp,döwlete
dönüklik etdi,daýhana erkinlik berdi,olaram tas häkimiň gulagyny gemripdiler,”maňa
pylan ýerden şunça ýer ber,suwumy üpjün et, hakymy daş edip wagtynda
töle”diýip.Munyň soňy nähili boldy?Hon-ha,indi ol “küýküni”(Gorbaç-küýki diýmek)daş
edip wezipesinden agdarjak bolup ýörler.Ine,saňa erkinligiň netijesi.Daýhanlaryň
arçynlyga,häkimligiň işgärlerine bolan sylagy gaçdy.Olar diňe öz ykballarynyň özleri
tarapyndan çözülmegine rugsap berilmegini soraýarlar.Dogry, “Ene ýer adama Hudaý
tarapyn peşgeş berlen “diýen düşünje bar.Mende bolsa ýere ýakyn adamlaryň
kalblarynyň gyşyklygy,ruhlarynyň pesligi barada düşünje bar.
–Ol düşünjeler sen-de bar,päheýde welin.Özüniňki bolmasa-da,gören zadyna el
urjak arçyndan başga nähili söze garaşjak!-diýip,Rahmanberdi aga başyny ýaýkady-Sen,
iki-üç metr köçä tarap süýşüp jaý gurduň,mellegiň daşyna,türmelerdäki ýaly beýik diwar
galdyrdyň,howa hem girmez ýaly etdiň.Şol gowumy?Goňşylaryňy görüp dursaň
bolmaýarmy?Gaýtam,olardan öýkeli ýaly,gapyňam gaýra bakdyrypsyň,päheýde welin?
-Aý,ony geň görüp oturma,ýaşuly.Haýsy köçä çykyp seret,biriniň jaýy
günorta,beýlekisiniňki gündogara,ýene biriniňki günbatara bakýandyr,edil birek birekden
öýkeli ýaly,daşy hem beýik haýatlydyr.Olam hiç diýseň,biri jaýyny meňki ýaly daş edip,
uly ýoluň gyrasynda gurandyr,beýlekiňki bolsa içdedir.
–Jaýlary taslama esasynda tertipli ýerleşdirmek seniň işiň dälmi?Nirä
seredýärsiň,päheýde welin?
-Ýaşuly,men birki ýyllykda daş edip Müsüre gidip geldim.Şol ýerde hem jaýlaryň
oturşy şeýleräk-diýip,Şamyrat özüni aklajak boldy.
–Ýok,bulary çilim,tirýek,arak zaýalady-diýip,Rahmanberdi aga sözüni dowam etdiAdyny aýdyp oturmaýyn,hol Pylanyny tanaýansyňyz.Ol daýhan adamdy,ýeriň tabyny
bilerdi,bol hasyl ýetişdirerdi.Hasylynyň puluny alyp bilmän,iki- üç ýyl
göreşdi,kösendi,soň,sen köp bilýärsiň diýip, ýerini elinden aldylar welin,ýaňky,içiniň
ýangynjyna içip ugrady.Onsoň,jaýlananyny görmedik bolsalaram,ony öldi hasap
etdiler.Ine,ol birki ýyllap ýitirim bolansoň,ýene obada peýda boldy.Men oňa:”Pylany,sen
ölmediňmi?Mata dolap,öli saklanylýan ýere alyp gidişlerini gören bar!”diýdim welin
ol:”Meni öldürdiler,ýaşuly”diýip,gözünden boýur-boýur ýaş dökýär,kisesinde arak,elinde
duzlanan balygyň bölegi.Men oň halyna erber gynandym.Nebir daýhan ýigitdi
ahyryn.”Zährimary goýaýsaň bolmaýarmy?”diýsem ol;”Goýýanam welin,soň ýene
başlaýan-da”diýýär.Begjan molla oňa araga aňyny aldyryp, şu güne düşen diýýär,men
bolsa onuň sebäbini daýhanyň ýere bolan gatnaşygynyň dogry çözülmeýänliginden
görýän.Ol oýnamaga:”Meni öldürdiler!”diýenok ahyryn,ony ýerden daşlaşdyryp
öldürdiler,päheýde welin!
-Gürrüň etseň aýdara-diýere zad-a kän.Saçagyň başynda bir mährem adamy ýatlap
otyrsam welin,nätjek-dä,aýtmaly bolýar.Gelin-gyzlardan utanç-haýa gitdi,oňa näme
diýjek,başlyk?-diýip,Begjan molla nobatdaky gelene aýat okap berdi-de,hal-ahwal
soralşykdan soň ýene gürrüňini dowam etdi- Adyny aýtmaýyn.Hol pylanynyň
gyzy:”Kaka,men göwreli,şulardan sorag et!”diýip,üç-dört oglanyň suratyny
görkezäýipmişin.Oňa näme diýjek,başlyk?
-Gelinler,aýnanyň öňünde öz gözelliklerine guwanyp,özünden gidýänçä
durýarlar,çaga,öý iş bilen ugrlary ýok,çala bir zat diýseňem goşuny düwüp,atasy öýüne
eňýärler,dogru-da walla...
–Onuň sebäbini men bilýän-diýip,Bäşim Orazberdiniň sözüni böldi-Kirini maşyn
ýuwsa,jaýyny tozan sorujy arassalasa,nahar-çaýyny tifal bişirse,çagasyna gaýyn enesi
136
seretse,öýjükli telefon diýibem bir zat tapyldy,olam elinden düşmese,ýatakda, daňyp
saklamaly sygyrdyr-dowarlar ýok edilse,olara ot bermek,ýatak arassalamak,dersleri
mellege çekmek aladalaryndan dynylsa -ine,onuň sebäbi.Ertirden-agşama çenli men ýaly
kebşirleýji bolup işleseň, agzyň nanly uklap galsaň,özüňe seretmäge eliň degmeseine,meseläniň çözgüdi.Şonda ýürek agyrydan dynarys.
–Ýüz dollary daş edip ýüregimiň üstünde goýsam,meniň-ä ýürek agyrym aýrylýardiýip,Şamyrat seslendi-Hemme zat ýokary derejede ösüp,gyradeňlik bilen kommunizm
gurmalydyk,emma, käbir artykmaçlyklary bolan sosializimi hem doly gurup
bilmedik.Adamlar telpegini görkezip hak almaga halys öwrendi.Ýokarky nogsanlyklaryň
sebäbini men-ä şondan görýän!Onsoňam,gyradeňlige öwrenişen adamlar, çala bir
üýtgeşigräjik düzgün,jaý,ýatak görseler ýatyp bilenoklar.Begjan mollanyň inisi,
Gurbangeldi pyjon,uly ýoluň ugrundaky ata-baba boş ýatan ýerde daş edip hususy dukan
açdy.Içiniň harydy hökümediňkiden arzan,obaň ortasy,hemmeler üçin deňlik.Ine,bir
günem ol ýandy,tokdan diýýärler welin,ol beýle däl,ony ýakdylar.Men ylgap
barsam,Gurbangeldiniň ýeke özi,ýapdan bedreli çuw çekip,ody söndürjek bolýar.Işe
barýan adamlara “kömek ediň” diýse,eginlerini gysyp,gülümsiräp geçip gidýärler.Goňşy
golamdan çozuşyp gelen elleri boş adamlar,ýangyna kömek etmän,gaýtam,
Gurbangeldiniň daşary çykaryp ýetişen süýjilerine,zatlaryna daş edip el urýarlar.Olaryň
biri şokoladyň uly bölegini agzyna atyp:”Hudaýa şükür,şemal ýok,ýogsam meniň
ýatagyma hem ot düşerdi”diýip,gap-gara bolan dodagyny ýalap,gülümsireýär.Men ondan
muny kim ýakdy diýip sorasam:”Pylan alkaş bolaýmasa,galanynam,oduň eli-aýagy ýok,
bilmedim”diýen bolýar,özem Gorbaçewyň üýtgedip gurmagyna kes-kelle garşy
çykýar,”ol soýuzy dargatjak bolýar,men oňa ýol bermen”diýýär,ömründe kolhozyň
öňdäki brigadalarynyň birine ýolbaşçylyk edip geldi,indem,kolhoz dargadyljak
bolsa,olam dargadylaýjak ýaly,hususy eýeçilige,şular ýaly hususy dukanlaryň
açylmagyna garşy çykýar.
–Sen olary nireden bilýäň,Şammy kel?-diýip,Orazberdi sorady.
-Ony arçyndan başga kim bilsin!Arçyn daş edip adam bakýar ahyryn. Ine,onsoň,
dukanyndan el üzen Gurbangeldi gara gäz derini sylyp:”Bä-e,adamlar nähili bolaýypdyra!Ýolda ölüp ýatsaňam halyňdan habar aljak ýok!”diýdi.”Bu Pylan alkaşyň işi-hä
däldirdä?”diýdim welin ol:”Ýok,ol ölse-de,beýle işi etmez”diýdi.Her zatda bolsa men
şonda oba adamlarynyň beýle ýaramaz iş etjegine ynanmadym.Ýöne,öz
“içalylarymyň”üsti bilen men bu işi şol brigadiriň edenligini bildim,nämemiş dukan onuň
kiçi ogly üçin aljak bolýan ýerinde gurulanmyş,onsoňam,baýap barýan adamlar onuň
gözüne ajdarha bolup görünermiş...
-Aý,beýle zatlar öňem bolandyr,häzirem bolýar,soňam bolar.Üýtgäp duran dünýä
bi,päheýde welin.Hezreti Omar:”Musulmanlaryň ruhuny suwda gaýyp ýören agaja
ynanyp bolmaz”diýip,gämi gurmagy gadagan edipdir,Hezreti Osman bolsa oňa rugsat
beren.Bular dogry.Ýöne,meniň pikirimçe,yslam dininiň ýol-ýörelgeleri durmuşymyza
içgin ornaşsa,nogsanlyklary ýok ederis.Özümi bilelim bäri,şemal günbatardan
öwserdi,soňky ýyllar ýa gündogardan,ýa demirgazykdan öwüsýär.Türkmen muny
gowulygyň alamaty hökmünde görmeýä,päheýde welin...Adamlar,rugsat bersreňiz men-ä
turjak!-diýip,Rahmanberdi aga aýat-töwürden soň ýerinden galdy.Altymyrat ony
ugratdy-Pälwan,agaň ölümine gaty gynandym.Imany hemra bolsun!Ölüm baýyň,garybyň
başynda bardyr,özem,agyrdyr,ajydyr,ýowuzdyr.Ölüm garyp üçin gorkunç däldir,baýa
gorkunçdyr.Öleniň yzynda ölüp bolmaýar,durmuş dowam edýär.Sen indi diňe
ýakynlaryňy ýatlap,aýat-töwir etdirip,aňyňda,saçak başynda olar bilen gürleşmeli.Näçe
137
ýygy ýatladygyňça olar ýanyňa gelerler,özleriniň ýatlanyp durulýanlygy üçin hoşallyk
bildirerler,degerli maslahatlaryny, agyrýan ýeriň çykalgasyny salgy bererler,şonda sen
olary ýanyňda ýaly görersiň,soraglaryna jogap berersiň,şeýdip,ajy aýralygyň derdini
ýeňledersiň.Başga ýol ýok.Berjek maslahatym,aňryujy mümkin bolsa,ýadyňda galan
ýakymly ýatlamalary,gazanan üstünlikleriňi,ýakyn dost-ýarlaryňy köpüräjik ýatla.Ünsüň
sowlar ýaly,merhumyň ýedisi geçensoň,nesip bolsa,men seni öýüme alyp
gitjek,hojalygym bilen tanyşdyrjak-diýip,ol hoşlaşdy...
--5—
Altymyradyň Tirkiş kakasyny soramaga keselhana baryşy ýadyna düşdi.Agasynyň
uzyn boýy keltelen ýaly,göwresi çekilen ýaly,nurana ýüzini ýygyrt tutan
ýalydy.Keselhananyň äpişgesinden daşaryk garap durşuna ol Altymyradyň uzadan iki
elini çalaja gysdy.Türkmençilikde iki eliň bilen görüşmek duşan adamyňa bolan
hormatyňy aňladýardy.”Aý,inim,ýagdaýlar-a ganymadyrak-la weli...Seniň soňky
üstünlikleriňi ejem jan görüp bilmedi-dä!Amerikadaky ýeňişiňi görse-de..”diýip,ol
başyny ýaýkady.”Agam,kysmatymyzda bardyr-da”.”Bolsa bardyr,öz-ä!Ejem dokuz çaga
dogurana meňzänokdy,gujurlydy,kakamyň,inilerimiň ölümi çökerdi,bagrynda daş
galdyrdy...Tirkiş oňa häzir ejesiniň däl, öz ýagdaýyny habar berýärdi,agalarynyň ölümi
zerarly döreýän hasraty içiňe salman,diňe aglap gowzadyp bolýardy,ony bolsa Altymyrat
edip bilmeýärdi.”Inim,sen bir giň bol!-diýip,agasy onuň pikirini aňan ýaly göwünlik
berdi-Näme ýüzüň salyk?Tälimçiň bilen ara tow düşdümi?Oňuşjak bol!Amerikaly
jurnalist Mark Gahan”Gazawat urşy”diýen kitabynda"Türkmenler Orta Aziýanyň iň
edermen,urşujy halkydyr...Ganygyzmadan boýun egmezek bolup,olar hiç wagt hem
kadaly dolandyrylan döwletiň raýaty bolmandyrlar,hanlara,emirlere boýun egenlerinden
ölenlerini gowy görüpdirler”diýip ýazypdyr.Näme senem:”Men öz-özüme han”
diýip,Abramýana şony tassyk etdirjek bolýarmyň?Birinjiden-ä,türkmenler ozal köp sanly
uly
döwletleri
döredipdir,beglerem,hanlaram
bolupdyr,olara
gulak
hem
asylypdyr,ikinjidenem,sportda,hasam ştanga-da tälimçi iň bir ygtyýarly adam.Ol islän
oýunçyny islän wagty saýlap alyp bilýär,göwnüne gelşyne görä-de türgenleşdirýär,şol
sebäplem oňa tälimçi diýilýär...”Diýmek,näme etse-de onuň towugyna tok diýmeli däldä!?”diýip,Altymyrat sorady.”Eger sen onuň berýän tälimine
kanahatlanmaýan
bolsaň,başga tälimçi tapyp bilersiň,ýöne oňa gulak asmak seniň borjuňdyr.Dogry,agaň
Orazberdi hem ökde tälimçi,işleşip bilersiň,ýöne haýsy ýaryşa kim gitmeli,kim gitmeli
däldigini Aşgabat, ýagny Abramýan çözýär.Oňa boýun bolmaly.Näme,göwnüň galan ýeri
barmy?”,”Aý,kä ýerlerde haýal-ýagallyga ýol berýär,bolaýmaly zady boldurmaýar.Men-ä
bir agzy sary oglan,hiç zada düşünemok,ýöne ol azy ýaran tälimçi ahyryn”,”Dogry,kä
ýerde onuň hem ýetmezi bardyr,her zatda bolsa oňa gulak asmalysyň.Abramýanda
türkmeniň geleňsizligi bar,ýöne bu ýerde meniň hem günäm az däl.Men seniň ähli
meseläňe goşulmalydym,başarmadym,bagyşla!”diýip,Tirkiş ony gujagyna gysdy...
Tirkişiň ýedisi geçenden soň,Rahmanberdi aga Altymyrady öýüne alyp gitdi,has
dogrusy Altymyrat birneme soňurajyk bardy.Onuň mellegi uly noburyň ýakasyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 17
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.