Latin

Topraga duwlanan ägirt - 11

Total number of words is 3735
Total number of unique words is 2051
29.6 of words are in the 2000 most common words
41.8 of words are in the 5000 most common words
48.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Sagdynyň dünýä parahatçylygy baradaky setirlerini ýüz dile terjime edip,Birleşen
Milletler Guramasynyň gapysynda
asyp goýdular.Onda şeýle setirler bar:
“Adamzat
diýmeklik-milliard
adamlaň,bir
göwrä
düzülen
bogunlarydyr,
şolaryň
birini dert
eýelese,beýlekileriniň-de boguldygydyr”.Gör,ne
ajaýyp
sözler!Onda,hoş, sag-salamat bol!- diýip,Mahmyt Altymyrat bilen gujaklaşyp hoşlaşdy...
Şeýle duşuşyklardan soň Altymyrat özünde ruhy galkynyşyň alamatlaryny duýdy.Ol
onuň üçin altyn medala mynasyp bolandanam ýokarda-dy...
Altymyrat Aşgabada gelende,özüniň,wagtyndan dört aý öň, goşun gullugyndan
boşadylýanlygyny,bir aý Pöwrüzede,iki aý Moskwada türgenleşik geçip,sentýabr aýynyň
başlarynda Afinada geçiriljek dünýä we Ýewropa ýaryşyna gatnaşmalydygyny bilip
galdy.Öýüne baryp,ejesini görüp gaýtmaga hem wagty bolmady.Ol halkyň,watanyň
abraýyny ýene-de has belende galdyrmagyň aladasy bilen gumrady.Bu barada döwre däp
bolan ýoldaşlyk degişmesinde,”Tokmak”jurnaly azajyk ýaňzydyp hem geçipdir.
Biabraýçylyk özüňki diňe,
Abraýyňa bolsa şärikdir iliň.
Bilýärmisiň,näme diýýärler saňa,
Gojalar suratyň ýüzüne sylyp:
-Biziň oglumyzdyr Altymyrat jan,
Uzak bolsun ýaşy...
Dik bolsun başy...
Dünýäde birinji boldy golaýda,
Göterip ýigrimiki putlyk bir daşy...
–Kim bolýar-aý,Altymyrat bolanda?
Orazdurdyýüf!
Tüweleme,göz degmesin.Tüf,tüf,tüf!...
Afina.Ejesiniň ölümi.
---1—
“Şu gün agyr atletika boýunça Afinada bilelikde geçiriljek dünýä we Ýewropa
çempionatyna SSSR-iň ýygyndy komandasy ugrady.Olar bu ýerde ýaşlaryň arasynda
boleýbol boýunça geçirilen dünýä ýaryşynda üstün çykan SSSR-iň ýaşlar ýygyndy
komandasynyň ýerini eýelediler.Indi woleýbol meýdançasy özüniň ýüzüni täzeläp,agyr
atletika boýunça geçiriljek ýaryşa taýýarlanýardy.
Bu uly ýaryşa taýýarlaşyk işleri SSSR-iň ýygyndy komandasyna dalaşgärleriň
arasynda,Podolskiniň eteginde geçirilipdi.Ýeňil etletika boýunça netijeler eýýäm belli
bolanam bolsa,beýleki ugrlarda häli-häzire çenli özara türgenleşikler geçirilýärdi.Olaryň
içinden iň güýçlileri saýlanyp Afina barmalydy..
88
SSSR-iň ýygyndy komandasyna A.Wasilýew ýolbaşçylyk edýär.Toparyň agzalary
geçen Olimpiýa ýylyna garanda täzelenipdi,ýagny, toparyň içine heniz ady dünýä näbelli
ýaşlaryň birnäçesi çekilipdi.52-kilogram agramdaky toparda biziň ştanga göterijimiz
çykyş etmez,56 kilogram agramda Hafyz Süleýmanow çykar.Ol ulularyň arasynsynda
ilkinji gezek çykyş etmeli bolar.Moskwada goşun gullugynda bolýan,22 ýaşly bakuwly
ýigit,ýaşlaryň arasynda geçirilen Bütinsoýuz ýaryşynda çempion bolupdy.60 kilogram
agramda hem ýygyndy topar çykyş etmez.67,5 kilogramda ermenistandan Miligosýan
çykyş eder.Ýygyndy komanda ýaňy goşulan,özem topar agzalarynyň iň ýaşy Altymyrat
Orazdurdyýew(Aşgabadyň “Dinamosyndan”) häzirlikçe köp bir tanalýan sportçy
däl,ýöne onda ýaşlaryň arasynda dünýäň we Ýewropanyň çempiony diýen dereje
bar.Heniz hiç kime näbelli,75 kg agramda çykyş etjek,ýigrimi ýaşyna giden sportsmeniň
ýygyndy komandanyň hataryna girmegi tötänlikmi?Ony wagt görkezer...”
“Grekleriň meýdançasynda” ady bilen çykan bu makalany “Sowetskiý sport”gazediniň
habarçysy I.Obrazsow ýazypdyr.(14-nji sentýabr,1989 ýyl).
“...Şu ýyl Alty Orazdurdyýew kosmos tizligi bilen deňeşdirip boljak uly ýeňişleri
gazandy.Aşgabadyň “Dinamo”klubynyň uçurymy,Abramýanyň tälim bermeginde misli
bir ertekilerdäki ýaly uçýan ädimi bilen dünýä we Ýewropa çempionatlaryna
gatnaşyp,ilki 75 kilogram agramda ýaşlaryň arasynda dünýä çempiony soň Halkara
çempiony boldy,indi bolsa bu ýerde,Afinada Soýuzyň ýygyndy komandasynyň içinde iň
ýaş sportsmeni,ulularyň arasynda geçirilen ýaryşda görülip eşidilmedik ýeňiş gazanyp,bir
wagtda dünýäniň we Ýewropanyň çempiony diýen ada eýe boldy.Ol ýaşlaryň arasynda
hem,ulularyň arasynda hem iki gezek çempion...”
“...Agyr atletika boýunça hünärmenler bir agyzdan täze dünýä çempionynyň fizika
ýagdaýyna baha berenlerinde,özüniň diýseň ýaşlygyna garamazdan örän köp tejribe
toplan sportçy ýaly ýeňil hereket etmegi hem-de gysga wagtda beýle uly ösüşe
ýetmeginiň syrlaryny çözmek barada köp kelle döwdüler.Hakykatdanam,onuň agyr
atletika bilen türgenleşip başlan bäş ýylynyň içinde şeýle belende galmagy çözülmesi
gaty kyn matal.Hawa,häzirlikçe ol çözülip bilinmejek matal.19-nji sentýabrda onuň
görkezen ägirt uly üstünligi netijesinde dörän soraglara onuň özünden başga hiç kim
jogap berip bilmez,ýöne ol jogaplary Altymyradyň erjel häsiýetinden gözlemek dogry
bolsa gerek.Daşyndan göräýmäge asudadan sada ýigidiň akyla sygmajak tilsimler bilen
elleriniň güýjüni jemläp,agyr daşa gönükdirmegi we diýenini etdirip bilmegi akyla
sygardan daşdaky zat.Onuň alty gezek synanyşyp,şonuň diňe bir gezeginde ýalňyş
goýbermegi,onam yz ýanyndan düzetmegi gerçegiň mümkünçilikleriniň çäksizligini
aňladýardy...”( Afina,”Sow sport”gazetiniň habarçysy I.Obrazsowyň”Meýdançadaky
baýramçylyk”atly makalasyndan,21.09.1989)
Ine,Afinada eden çykyşy üçin Altymyrada berilýän bahalar!Özem muny türkmen
däl,rus habarçysy ýazýar.”Kosmas tizligi bilen deňeşdirip boljak ýeňiş...”,”Misli bir
ertekidäki
ýaly
uçýan
ädimi
bilen...”,”...ýaryşda
görülip-eşidilmedik
ýeňiş...”,”...çözülmesi kyn matal...”,”...akyla sygmajak tilsimler bilen elleriniň güýjüni
jemläp,agyr daşa gönükdirmegi we diýenini etdirip bilmegi akyla sygardan daşdaky
zat...” ýaly jümleleri okanyňda türkmenligiňe guwanýarsyň,buýsanýarsyň.Bäş ýyl bäry
türkmeniň adyny arşa göterip gelýänem bolsa,henize çenli hususy jaýy
bolmansoň,talyplaryň umumy ýatak jaýy bilen oňňut edip gelýänligine,harajadynyň
bolmazlygy sebäpli naharlanyşynyň ýaramazlygyna gynanýarsyň.Ýogsam oňa
”Amerikada üstünlikli çykyş etseň jaý bereris,harajadyňy artdyrarys”diýip söz hem
beripdiler.Dogry, jaýyň açaryny oňa berdiler,emma ol ýerde eýýäm başga bir adam
89
ýaşaýar ekeni.Şu gezek ýaryşa gaýtmaly bolanda
hem bir aýlap
Pöwrüzede,”Köpetdag”dynç alyş öýünde türgenleşik geçdi.Emma,ýokarda öň agzalyp
geçilişi ýaly, gerekli şertleriň bolmanlygy üçin göwün diýen türgenleşik geçmedi,gowy
netije almady.Şeýle”Görülip-eşidilmedik...”üstünlik gazanýanam bolsa ony bu gezek
hem Afina ýaryşyna alyp gitmejek boldular...
Altymyart Moskwanyň etegindäki Podolski şäherçesinde bar bolan
myhmanhanalarynyň birinde uklap bilmän halys kösenýärdi.Uklar ýaly boldumy
diýsene?Ol edil ýaňyja,gün ýaşmazynyň öň ýany radio-da, özüniň Afina ýaryşyndan
galdyrylanlygyny,oňa derek Kuznessowyň iberilýänligini eşidip galdy.Ony tälimçi
Abramýan hem bilýär ekeni,ýöne gije keýpini bozmaýyn,erte aýdaryn diýipdir...
Ol soňky günlerde Afinada boljak dünýä ýaryşyna gatnaşmak arzuwy bilen ýatypturýardy,bar maksady şoňa gönükdirilendi,ýogsam,türgenleşikleriň birinde eline azajyk
şikest hem alypdy.Ýöne onuňky şikest diýip aýdar ýaly zadam däldi.Çep eliniň goşaryny
oýkalap
duranyny
gören
Abramýan:”Näme
eliňi
agyrtdyňmy?”
diýip
sorapdy,olam:”Aý,hawa,çalaja
agyrdy”diýip,jogap
beripdi.Bu
gürrüň
ýokary
ýolbaşçylaryň gulagyna ýetipmi,ýetmänmi,belli däl,garaz,ony ýaryşdan galdyrmaly
edilipdi.Altymyradyň ozalam,bolgarýaly Wyrbanow,pus ştangaçysy Kuznesow ýaly atlyabraýly sportsmenleriň arasy bilen ýygyndy komanda düşerin diýen tamasy ýokdy.Onuň
agramynda çykyş etjek sportçylaryň altysy Afina gidýärdi ahyryn.Her zatda bolsa ol
Podolskide geçirilen türgenleşiklerde ýokary netijeleri görkezipdi,ýagny Afina gitmeli
sportçylaryň ählisinden diýen ýaly ýokary netije gazanypdy.Ony bilse-de,beýle ýokary
ýaryşlara gatnaşaryn diýip pikir edmeýärdi.Ýaşy boýunça özünden uly,tejribeli,güýçli
spotçylar sanardan kändi.
Ýöne,radio-da adynyň agzalmazlygy ony gaty tolgundyrdy,süňňi gowşap,halys
ysgyndan gaçyp barýan ýaly boldy.Şeýle boljagyny öňem aňýardy,ýöne aňmak bilen
hakykaty eşitmek başga zatdy.Heniz özüniň gögeledigigine,käbir ştangaçylaryň beýle
derejä ýetmek üçin onlarça ýyllap garaşýanlygyna gözi ýetip dursa-da,garaz,tamasyny
üzesi gelenokdy.
Dogry,öz tälimçiňden başga-da, ýygyndy komandanyň düzüminde baş tälimçi,onuň
kömekçileri,komandanyň fiziki sagdynlygyna jogapkär adamlar,lukmanlar bardy.Adatça
baş tälimçiniň garamagynda gereginden has kän bäsdeşler bolýardy.Aýgytlaýjy seçgiden
soň,olaryň diňe az sanlysy ýaryşa alynýardy.Bu hökman bolaýmaly zatdy.Sportçylar
tälimçiniň görkezmesine görä,leji çykýança türgenleşýärdiler,komandanyň bähbidi üçin
janlaryny gaýgyrmaýardylar,şeýdip bir ýerde ýaşap doganlaşýardlar,soňam seçilip,birekbirekden aýra düşmeli bolýardylar.Ýygyndy komandanyň ähli agzalary hem
güýçlidi,ýöne kimleriň bijebaşy boljagy diňe baş tälimçä baglydy.Şeýle ýagdaýda her
kim zordan özüne erk edip bilýärdi,köp ýaryşlary görenlerem birhili iňkise gidip,özlerine
erk edip bilmeýärdiler.Altymyradyň häzirki ýagdaýy bolsa olaryňkydan üýtgeşikdi.Heniz
nämäň nämedigine doly düşünmän,özüni bir zatdan erber gorkan ýaly duýýan
Altymyrat,goşlaryny ýygnap,häziriň özünde öýüne,ejesiniň ýanyna gaýtmagy ýüregine
düwüpdi.Onuň ýagdaýyna şondan başga düşünjek ýokdy.Ol gijäniň bir çene baranlygyna
garamazdan Abramýanyň bolýan ýerine bardy.
–Näme,ýüzüň ak esgi ýaly bolaýypdyr,gözüň nemi ýaşdan doly!-diýip,telegörnüşe
syn edip oturan Abramýan Altymyratdan sorady.
–Bagtyň çüwmese nätjek,tälimçi agam?!
-Käte şeýle bolaýýar-da...-diýip,gürrüňiň äheňine düşünen Abramýan jogap berdi.
90
–Kim,kim,siz meni tanaýarsyňyz,agam jan.Men öz güýjüme bil baglaýaryn.Şoňa
ynanýarmysyňyz?
-Hawa,ynamym bar.
–Agam jan,onda näme üçin görkezen netijelerim ýokary bolsa-da,Afinadan galmaly
men bolýan?
-Ony sport federasiýasyndaky topar kesgitleýär.Ol karary üýtgetmek gaty kyn,asla
mümkün däl zat.Kuznesowyň abraýy olaryň öňünde seniňkiden ýokary gelýär.
–Agam jan,beýle diýmek olaryň towugyna tok diýip bolmajagyny aňladýarmy?
-Hawa,edil
özi.Munda
men
güýçsiz.Dogry,käbir
jurnalistler,janköýerler
tarapgöýligiň alamatlaryny aňladyp bilerler.Kuznesow olaryň özüniňki,ors ştangaçysy.
–Agam jan,özara ýaryşda men ýeňiji boldum dälmi?
–Ol ýere iberiljekler bir ýaryşyň däl,köp ýyllaryň jemi boýunça saýlanylýar.
–Agam jan,onda iki eliňi gowşyryp,öýe gaýdybermelimi?Tälimçi hereker
etmeli,göreşmeli,özüniňkini dogry etmeli dälmi? Siziň öňüňize düşüp ýörsem-ä gelşiksiz
bolar!?
–Tälimçiňem başarýan,başarmaýan işleri bar.
–Agam jan,onda bir zat edeli.Ertir türgenleşigiň soňky güni.Men ýaryşa gitjekleiň
ählisi bilen adaty däl ýagdaýda güýç synanyşjak.Kim ýokary netije gazansa,goý, şol hem
Afina gitsin.
–Beýle kesgitli aýdar ýaly özüňe ynamyň barmy?
-Bar,agam,bar.Özüňem maňa “ynanýan” diýipdiň ahyr.
–Aý,näbileýin-dä!...
–Türkmende:”atylan ok daşdan gaýtmaz”diýen aýtgy bar,agam jan.Men mertebämi
goramany başarýandyryn.Janköýerlerim maňa jaň edip “adalatsyzlygyň pidasy
bolma,göreşiňi gowşatma”diýýärler.Dogry,özüm barada aýdanymda,ýygyndy komanda
alynmadyk ýagdaýymda hem bu karardan nägilelik bildirmezdim,bardy-geldi şeýle
bolaýanynda hem görmäýin-köýmäýin diýip,basyrnyp ýatardym,ýöne
obamda
üstünligime garaşýanlara näme jogap bereýin?Ejeme,agalarym Tirkişe, Orazberdä,
Bäşime,aýal
doganlarym
Aýgözele,Gurbanbibä,Orazgüle
näme
jogap
bereýin?Onsoňam,näme üçin türkmenlere beýle ynamsyz garaýarlar?Şoňa düşünip
bilemok!...
Ýaňy ýigrimi ýaşa aýak basan Altymyrada ulularyň arasynda çykyş etmek
ynanylypdy.Daşyň dünýä belli sportçylar, ol bolsa heniz doly adygmadyk ýigit.Şonda-da
ol 1988-nji ýylda Seulda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp,ýeňiş
gazanjakdy,emma onuň 75 kilogramda çykyş etmeli agramy SSSR-iň baş tälimçisi we
Olimpiýa komiteti tarapyndan 24-nji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň komitetine
berilmändir,has
dogrusy,”Biz-de
beýle
agramda
çykyş
eyjek
ýok”diýilipdir.Ýogsam,ondan
öň
ol
näçe
çykyşlar
etdi,näçe
ýeňişler
gazandy!Saraýewoda bolan Ýewropa ýaryşynda 82,5 kilogram agramda çykyş edýän
Özbegistanly bir sportsmen keselledi welin,onuň ornuna gyssagly suratda hiç kime
näbelli Oleg Komlewi iberdiler,ol bolsa dünýäniň ençeme gezek çempiony
bolan,bolgarýaly Milewden üstün çykyp,Ýewropanyň çempiony boldy.Ýaşlara ynamly
garasalar,gör,nähili tötänlikler bar?Adatça sportda eger sen ýaş bolsaň:”Gamlanma,uly
ýaryşlarda çykyş edersiň,geljegiň öňde”diýýärler.Seul olimpiadasyndan galdyrylanda
Altymyrada hem şeýle diýdiler...
Umuman,türkmen
ştangaçylarynyň
ykbaly
birhili,düşnüksiz
bolaýýar,ýogsam,Aşgabatda ýaşaýan baş tälimçi, bu ugra gözegçilik edýän ýörüte
91
edaralar,adamlar bar.Hany olaryň hereketleri?Bu ýerde bir düşnüksizlik göze dürtülip dur
ahyryn...Altymyrat şulary dile getireninden soň Abramýan ep-esli dymyp oturdy-da:
-Bu teklibi ýokardakylar bilen maslahatlaşaýyn,belki, ugruna bolaýady-da.Hemme ýerde
ellerini serişip otyrlar how!-diýip, jogap berdi.
–Agam jan,ony şu wagt çözmeli,erte giç bolýar-diýip,Altymyrat gününe goýman
ony meseläni çözmek üçin ugratdy...
Ertesi geçirilýän türgenleşige adatdan daşary köp janköýer geldi.Aýdylmasa-da, edil
duýdurylan ýaly,olar ikä bölünip,bir topar Altymyradyň,beýleki topar Kuznesowyň
tarapyna geçdiler.Soňky toparyň janköýerleriniň agdyklyk edýändigini, Kuznesowyň daş
götermäge çykandaky,tomaşaçylaryň goh-galmagallary,goltgy berýän sözleri bilen ýa-da
Altymyrat öňe çykanda eşidilýän närazylyk sesleri bilen aňsa bolýardy.Bu ýaryşyň
köpçülik bolup oýnalmaýanam bir gowudy.Munda diňe öz güýjüňe bil baglanylýardy...
Öňler,ýaşlaryň arasyna öwrenişen,indi bolsa ulularyň arasyna düşen Altymyrat birneme
çekindi,utandy.
Indi ol Kuznesow,30 ýaş,(Moskwa),Kasapu,28 ýaş,(Moldawan),Werbanow,29
ýaş,(Bolgariýa) ýaly dünýä belli ştangaçylar bilen ýaryşmalydy.Olar Altymyrada kän bir
ýüzem bermeýärdiler,göwniýetmezçilik edýärdiler.Meseläni oňyn çözüp gelen
Abramýanyň howatyrly soragyna”Sizi ýüňsakgal etmerin,agam jan,ondan arkaýyn
bolaýyň”diýip beren sözüni,çekeleşmeli adamlaryny göz öňüne getirip,uzakly gije ýatyp
bilmedik Altymyrat,etresi erbet tolgunyp ugrady,gorkdy,näçe rahatlanjak bolsada
bolmady,asyl aljyrap näme edýänini hem bilmän ugrady.Dört sany güýçli sportsmeniň
diňe biriniň ýaryşa gitmeli bolýanlygyny göz öňüne getirende,onuň aýagynyň damary
çekip,ýöremekden hem galdy.Şonda gözüniň öňünde ejesi,agalary,obadaşlary,dostýarlary,hasam Döwlet joňk peýda bolup:”Altymyrat,biz saňa ynanýarys,üstünlige
garaşýarys”diýip durlar.Ine,onsoň ýeriňden galyp bilmeseňem,borjuňy ýerine ýetirmek
üçin aýaga galmaly bolýar.Ýöne kalbynyuň çuňluklarynda dörän gorky welin aýrylyp
gidibermedi.Birdenem ol:”Men nämeden gorkmaly,näme üçin gorkmaly?Öz güýjüme
ynanýaryn ahyryn!Her hili ýagdaýlar dörände-de,men olardan ýokarda ahyryn!Soňunyň
nähili boljagyny bilmän eliňi goýberseň gowy däl ahyryn!Men bu ýaryşda üstün
çykaýmaly!Üstün çykaryn hem”diýip,öz-özüni köşeşdirýär.Şu wagt aýagyna geýen
köwşi hem agram berýän ýaly.Ol dünýä hem özi barada alada edýän Hudaýy kömege
çagyrýar,gaýtalamaly süresini gaýtalaýar,kisesindäki Gurhany ýatlaýar.Şular onuň ýeke
däldigini,ýatdan
çykarylmaýanlygyny
aşgär
edýär.
Onuň
öňünde
indi
Kuznesowdan,Kasapudan öňe düşüp,öz agramynda Afina gitmegi üçin ýeke-täk 207
kilogramlyk ştangany götermek wezipesi durýar.Ol
iki synanyşykda ony alyp
bilmedi.Şonda-da,öňe saýlanyp ugrajaklygyny aňan tomaşaçylar indi ony goldap
başladylar.Olar özleriniň abraýyny dünýäde gorap biljegiň ýeke-täk Altymyratdygyna
göz ýetirip ugradylar.Şondan soň onuň çykyşy dowamly el çarpyşmalar bilen
garşylandy.Içinden irginsiz gaýtalaýan süresiniň täsiri ýetdimi ýa tomaşaçylaryň, ýa-da
üçünji gezek götermäge barýarka,gapdalyndan çykan Kuznesowyň:”Sen-ä her zat
etseňem Afina gitmersiň!”diýip,gyjalat bermegi täsir etdimi,garaz,ol täze dünýä inen ýaly
boldy-da, ejesini ýatlady,gyjalata galmajak bolubam,güýjüni jemledi-de, aýagynyň
agyrsyna döz gelip,207 kilogramy göterdi.Şeýlelikde,Altymyrat diňe öz güýjüne bil
baglap, güýjüniňem çäksizligini görkezip,Afina gitmeli edilen sportçylaryň arasyna
adyny goşduran ýeke-täk sportçy boldy.Beýle zat öň taryhda bolmandy,Altymyrat ony
boldurdy.Seredip otursaň,güýçli bolanyň bilen seni ganatynyň astyna alyp,goldajak
bolýan ýok ekeni,ýogsam, şeýle bolaýmaly ýaly welin.Asyl ähli ýerde diňe öz güýjüňe
92
bil baglamaly ekeni.Altymyrat ilkibaşdan şu ýoly saýlap alypdy,şonuň hem dogrulygyna
indi anyk göz ýetirdi.
Şol
gün agşamara
onuň bolýan otagyndaky telefon jyrlady,aňyrdan
”Alty!Alty!”diýip,Orazberdiniň sesi eşidildi.
–Agam jan,salowmaleýkim!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Edil ýaňyja “Nemes tolkunlary” radiosynda seniň Afina gitjekligiň baradaky
habary eşidip begendim-de,gutlaýyn diýdim,dogry-da walla.Tolgunýan dälsiň-ä!?
–Sagja bol,agam jan! Birneme tolgunmanam duramokdym.Indi azda-kände
öwrenişdim.
–Dünýä çempiony Kuznesow bilen darkaş guranyňy eşitdim.Bu seniň üçin eýýäm
dünýäniň açyk derwezesi,dogru-da walla.Tälimçi Abramýan senden razymy?Oňa salam
aýt hem-de ermenistandaky ýer yranmasy üçin gynanjymy oňa gowşur.
–Hawa,agam jan,olam saňa salam gönderýär,”duýgudaşlygy üçin sag bolsun”
diýýär.Nesip bolsa täze ýylyň öň ýany oba baryp gaýtmakçy.Ejemi gaty göresim
gelýär.Oňa salam aýt.Hiç zadyň pikirini etmesin.Men oňa gowy bir köýnek,gowy bir don
aldym,saňa-da kostýum...Afina meselesinde käbir nogsanlyklar döredi,baramda gürrüň
bererin.
–Sen özüňde günä bardyr öýdýärmiň?
-Ýok-la,agam jan,günä mende däl,şonda-da birneme bozuldym.
–Moskwada gar ýagýarmy?
-Hawa,syrap ýagýar,daşary çakar ýaly däl.Garam gar welin,habarçylaryň topary
gapymyň agzynda.Agam jan,bilýäň-ä,men olardan gaçýan.
–Boş wagtyňy nämä sarp edýäň?Rahmanberdi mugallymyň sargytlaryny ýadyňdan
çykaran dälsiň-ä?
-Ýok,ýadymda.Irginsiz
gaýtalaýaryn.Elim
degse
ýerli
gazet-jurnallary
okaýaryn.Ýogsa-da, daýym Amanmuhammet Nepesiň “Ýunost”jurnalynda bir powesti
çykypdyr,rus dilinde şony okaýaryn,Afinada gerek bolar diýip iňlis dilini öwrenýän.
–Dil öwrenseň zyýany degmez,dogry-da walla.Boş wagtyňy biderek geçirmede bir
zatlary öwrenjek bol.Biziň obamyzdanam ermenistana kömek etmäge gidýänler
bar.Dostuň Aman jyk-jyk gidýär öýdýän,bilmedim weli...
–Obadaşlarymdan ýer yranmasy zerarly weýran bolan ýurdy dikeltmäge gitjeginiň
barlygyna guwanýaryn,agam jan.Olaň hemmesine salam aýt!
-Bolýar,hoş sag bol!Ýanymda aýal doganyň Orazgül,salam gönderýär.
–Oňa-da,beýleki doganlaryma-da salamymy ýetir,agam jan!Tyrry kakamada
sowgatjygym bar,aýdaý!...
Şonluk bilen gepleşigiň arasy kesildi,ýöne,ol Altymyrat üçin edil Moskwanyň
gazaply güýzünden Türkmenistanyň güneşli güýzüne dolanyp gelen ýaly täsir etdi,birhili
süňňi bilen gyzyp giden ýaly boldy.Watanyň täsiri onuň üçin şeýle güýçlidi...
–Alty,gazanan üstünligiňi gutlaýaryn!-diýip,gepleşik gidip durka gelen Naum
seslendi-Indi nähili belentlige ýetmegi arzuw edýärsiň?
-Meniň
maksadym üstünlik gazanmaga gönükdirilen däl-de,özümiň nämä
ukyplydygyny bilmegime gönükdirilen.Kim öz bedenini diňe şöhrat üçin ulanýan bolsa,
aýdanlaryma düşünmez.Her adamyň gazanýan ýeňişi - ýetmeli pellesi.Mende öz-özümi
ýeňmekdäki tutanýerliligim güýçli bolansoň,nobatdaky üstünliklerim,kalbymda nähilidir
bir bärden gaýtma bar ýaly,ýetmeli derejäme heniz ýetip bilmedik ýaly duýgyny
oýarýar.Ine,şu gün hem şeýle-diýip,Altymyrat perwaýsyz jogap berdi.
–Düşünmedim.Näme diýjek bolýarsyň?
93
-Ýeňiş üstüne ýeňiş gazanmagym maksadymy küteldýär,owarramçylygymy
artdyrýar,pikirlerimiň dagynaklygyna getirýär.
–Bu pelsepäň eýýäm seniň nobatdaky ýeňişi gazanjagyň kepilnamasy.Ikimiz iki
hepdeläp Afinada bile bolmaly,şony aýdaýyn diýip geläýdim.
--2-Dogrudanam,olar Afina bile gitdiler,ikisi goňşylykda ýerleşdiler.Naum 56 kilogram
agramda çykyş edip,ýaryşyň ilkinji güni dünýäniň we Ýewropanyň çempiony
boldy.Altymyrat iki gün soň çykyş etmeli bolansoň,ony tüýs ýürekden gutlady.
–Dost,edil özüm ýeňiş gazanan ýaly boldum,berekella!Sen meniň hem ýükümi
ýeňletdiň!
-Alty,düşünmedim.Meniň ýeňişimde seniň nähili ýüküň bolup biler?Sen mydama
pelsepe otarýarsyň.
–Dost jan,onam diýme.Sen eýýäm çempion!Altyn medal alyp soýuzyň abraýyny
goradyň.Ýaryşda asgynlyk çekäýsemem oňa gynanjak däl.
–Aý,seň o aýdýanlaň erteki-läýt.Bäş köpüge tagzym edilýärkä abraýyň,mertebäň
gürrüňini edýärsiň.Çempionlyk ýeterlik derejede pul bilen berkidilse,diňe şonda onuň
abraýyny duýsa bolýar.Öňem,men-ä bir, häki,goşun gullugymy tamamlap öýe gidemde,daşyndan çaý puly bolaýsyn diýdim.Ras o diýenim bolmajak bolsa daş baryny
götermek nämäme gerek!
-Sowalga berilýändir-ä,dost jan?
-Meniň der döküp gazanan çempionlygymdan düşýän girdeji Sport komitetiniň
gaznasyna girýär,onuňam ýüzden bir bölejigini dadyrýarlar.
–Ol-a dogrydyr welin.Her nämede bolsa,gaýrat et,dost jan.Biziň ýagdaýymyza-da
garan tapylar.
–Garnyňy suwa at-da garaşyber,”hüşt”bilmez it ýaly.
–“Düýä haýt diýmegem medet”diýilişi ýaly, günümizi dikgirdäpjik aýlaýas,özünä,dost jan.
–Ne aýlamak diý!Nä aýlamak.Öldürdim-güldürdim edýär diýsene!Öýe bir kilo süýji
eltsem,jigilerim”men iýjekde-men iýjek”.Zordan gaçyp sypýan...Men saňa dogrymy
aýdaýyn-la!Men türklerden gaçybatalga soramakçy bolýan-Naum bu sözüň oňa nähili
täsir edişini synlaýan ýaly üşerildi,soňam sözüni dowam etdi-Bilýän,sen borç barada
pelsepe otararsyň,ýöne,borjuň kanunyna garanyňda başga bir has ýokary kanuna tabyn
bolmaly bolýan.Kim adamzady öňe iterjek gahrymançylygy amala aşyrmak üçin dünýä
gelen bolsa,onda onuň doglan ýurdy däl-de,onuň etjek bolýan işine mümkünçilik
döredýän ýurt onuň ýurduna öwrülýär.Türkler maňa şeýle mümkünçiligi döretjekler.Şol
sebäpli men diňe ahyrky netijedäki ýokary,içki maksadymyň öňünde özümi jogapkär
saýýaryn,munda içki borjum döwlet bähbitlerine çapraz geler.Ol dogry,Watanyňwatanlygyna galýanlygam dogry,ony inkär edip bolmaz.Sen bir zada düşün,birden
syrkowlaýsam,oňa ýeterlik serişde goýbermegi boýnuna almaýanlar ýa-da oňa gaýraty
çatmaýanlar bilen nähili oňuşjak?Kär,wezipe eýeleri akyla sygmaýan,düşünmeýän
zatlaryna ynamsyz garaýarlar.Her taraplaýyn goldalynyp durulanda kim Watany terk
etek!?
-Bir baýdagy taşlap giden beýlekäde dönüklik eder,birinden ýüz öwüren beýlekäde
haýynlyk edip biler,dost jan-diýip,Altymyrat ep-esli dymyşlykdan soň jogap berdiGaçgak her hili ýagdaýda-da ýigrenç duýguny oýarýandyr,baran ýurdunda-da
94
şeýledir.Emma
sen muňa düşünmeýärsiň,düşündigiň, şo bada öz ýagdaýyň
pajygalydygyna göz ýetirersiň.
–Azeriler şeýleräjik ,ýöne,türkmenler wagtlaýyn hem bolsa öýlerinden daşlaşmany kyn
görýärler,oturymly halk.Sen şeýle düşünjeden saplanyp bileňok.
–Sen gyltyma kowalaşýarsyň,dost jan!Gazanýan üstünlikleriň Watanyňa,onda ýaşaýan
ýakynlaryňa,deň-duşlaryňa nähili täsir edýänligine düşünmekden we guwanmakdan
gowy lezzet bolmaz.Taryhda seniň adyň gaçgak hökmünde ýazylar,ol bolsa nesilleriňede
ýakymsyz täsir eder.Onsoňam,Germaniýa barýarkak uçuş menzilinde Nail bilen
duşuşanymda sen maňa”Watan dönügi bilen gürleşme,ondan daşda dur”diýipdiň,indem
özüň Watanyňy terk etjek blýaň,bu waka düşünmedim men-ä!
–Wakalaryň nädip,nähili amala aşýanlygynyň taryh üçin parhy ýok,ol diňe meňki ýaly
beýik maksatlara ýetýänleriň tarapynda bolar,onsoňam,adamzat taryhynyň ýazgydy-juda
ajaýyp işleri bitirenleriň ählisi diýen ýaly gyrmyzy gana boýalan görnüşde bize
ýetipdir,bizem şolaryň biri bolarys-da... Ýogsa-da,ýadyma düşüp durka aýdaýyn.Şu gün
agşam ýanyma gel.Çempionlygy belläli.Dostum Naim,tälimçim,sen...Içip bir içimizi
sowadalyň.
–Bolýar,baraýaryn,ýöne men içýän däldirin...
Hawa,Altymyrat Soýuzyň abraýyny goraýan güýçli oglan bilen dogan ýaly
gatnaşdy,sylady,gowy gördi.Ikisiniň ýaşytdaşyraklygy üçinem däl,ýürekdeşligi üçinem
däl,ýönekeý adamkärçiligi üçin gowy gördi.Onuň ýanynda taryhdan,däp-dessurdan, toýýasdan gürrüň et,ählisinden bir ýarym adamlyk bilýänligi üçin,ony gonambaşy
edäýmelileriň hataryna goşdy.Sada adam ynanjaň,köwegräk bolar ekeni,hoş söz bilen
töwella-tagsyr edip,uguny ýekeleseň,onsoň
oňa Hudaýa ynanýan ýaly ynanýar
ekeni.Altymyradyňky hem şeýle boldy,Nauma gaty ynandy.Ol bolsa ony aldady...
Şol gün agşamky duşuşyga Altymyrat gijiräk bardy.Aslynda barjagam däldi welin
Naum gelip:”Naim seni soraýar,salamlaşmak isleýär”diýip duransoň bardy.Ol dünýäde
tanalýan,”ştangada birinji orunda durýan we şeýleligine galýan” Naim bilen gadyrly
görüşdi,saglyk-amanlyk soraşdy.Ol öz hususy uçary bilen türgenleşdiren oglanlaryny
alyp gelipdi,şol bir wagtda,64 kilogram agramda çykyş edip,dünýäniň çempiony
bolupdy.Ondan öwrenere zat kändi.Ýöne şonda-da, näme üçindir Altymyrat olaryň
ýanynda uzak oturasy gelmedi.Ol gürrüňden gaçýardy.Her bir ädiminiň
yzarlanýanlygyndan çekinýärdi...
–Saňa bir zat aýtmakçy,Alty inim!-diýip,Naim ony ugratmaga çykanda seslendi-Sen
örän güýçli,entäk-entäk janköýerleriňi guwandyrjak ýigit,ýöne käbir hereketleriňe
düşünmeýärin.Sen meselem Magdeburg şäherinde,Germaniýanyň,Türkleriň özara
şertnama baglaşmak haýyşyndan ýüz dönderipsiň.Sen her ýyl ol ýere gidip,klub-da çykyş
edip, komandanyň ýokary orunlara çykmagyna ýardam berýärsiň,onuň öwezine derek
tölenmeli tölegden bolsa ýüz dönderýärsiň.Beýle eder ýaly sen çäksiz gurplymy?Iki
sygryň bolany bilen gurply bolýarmyň?Ýa-da dünýäde iň baý döwlet bolan germanlaryň
ýa-da türkleriň puluny gysganýarmyň?Näme üçin şertnama baglaşyp,kanuny esasdaky
pulyňy almaýarsyň?Men seniň bu herekediňe düşünmeýärin.Göräýmäge sen akylly
ýigit,hereketleriň bolsa samsyklaç.Sen meni bagyşla!Aýdaly, sen birden ýarowsyzlyk
tapdyň-da!Hudaý saklasyn,beýle zat bolmasyn,ýöne ol bolaýsa sen özüňi nämäň
hasabyna bejertjek?Sizde keselhanalar tölegli,beýleki zatlar tölegli.Men öz mysalymda
düşündireýin. Bolgarýada keselledim,emma maňa berilýän pul ne kesel bejertmäge
ýetdi,ne başga zada.Ölmejek bolsaň çykalga gözlemeli.Ine,onsoň türklere gaçmaly
boldum.Ol ýerde maňa jaý,ýörüte uçar berdiler,keselimi bejerdiler,günümi gowy aýlar
95
ýaly pul berdiler.Men saňa ýurdyňy taşla diýjek bolamok,ol öz şahsy işiň,ýöne alyp
bolaýjak kanuny zähmetiň hakyndan bir gaçma diýjek bolýan.
–Beren peýdaly maslahatlaryň üçin sag bol,Naim aga.Men şonda azajyk
ýalňyşypdyryn,ýöne indi giç!-diýip,Altymyrat onuň bilen gadyrly hoşlaşdy...
Şol günüň ertesi,hepdäniň ikinji güni ýaryşa çykmaly Altymyrat Naumyň Türkiýä
gaçyp gidenligini eşitdi.Irki gazetler eýýäm ol baradaky makalalary çap edipdirler.
Altymyrat bu gün dünýäniň her künjeginden gelen örän tejribeli sportçylar bilen
ýaryşmalydy,olaryň içinde dünýäniň üç gezek çempiony Wyrbanow ýalylar,Olimpiýa
çempionlarynyň ençemesi bardy.Ýöne,ol bu gün özüni ýönekeý türgenleşik geçýän
günlerindenem has arkaýyn duýýardy.Diýmek,nähili hereket edenliginde hem ýeňiş onuň
tarapynda-dy.Ol şeýle ynam bilen ýaryşyň geçirilýän ýerine,Afinanyň etegindäki Glifada
şäherjiginiň sport merkezine geldi.Ýarym sagatdan ýaryş başlandy.
Her ýerde geçirilýän ýaryşlaryň düzgünleri hem aýra bolar ekeni.Bu ýerde meselem,
her bir çykyş edýän sportça göni iki minut wagt berilýärdi,şonda ýetişmeseň ýaryşdan
galdyrylýarsyň.Bulardan habarsyz Altymyrat çykyş edýän her bir sportçynyň herekedine
daşyndan syn edip dur.Ony tälimçisi Abramýan duýduraýjak ýaly,emma olam
bolgarlaryň öňki tälimçisi,öz ildeşi bilen gürrüňe gyzyp,zatdan habarsyz...Ine,ştanga
160 kilogram daş goýuldy.Italýan dilinde kimdir biriniň ady okalýar.Altymyrat bolsa
Frunzeli (Gyrgyzystan-)Li çykyş eder diýip garaşýar.Şol barmana Abramýan ylgap geldide:”Alty,sen çykmaly,bar!”diýdi.Altymyrat ştanganyň ýanyna baranynda ýene 20 sekunt
wagty galypdy.Bu ýagdaý onuň çykyşyny aradan aýyrmak üçin ýörüte edilen bir zat
ýalydy.Ol ilkinji synanyşykda agramy alyp bilmedi.Adam özüniň çykjagyny öňünden
bilmedik,taýýarlyksyz ýagdaýynda şeýle hem bolýardy.Ikinji synagynda ol agramy
ýeňillik bilen göterdi,soň 165-şi aldy,170-şi bolsa alyp bilmedi.Ikinji görnüşde ol ilki
200,soň 205,210 kilogramy alyp,jemi 377,5 kilogramy göterdi...Şeýdip,Afinada özüniň
ýeňiş gazananlygyny diňe öňe çykaranlarynda bilip galdy.Dogrusy,onuň özem beýle
üstünlige garaşmandy,öz mümkinçiliginiň Türkmenistanyň,bolmanda Soýuzyň çäginden
çykýandyr öýütmeýärdi.Haçanda baýdak galdyrylyp,Döwlet Gimni ýaňlananda onuň
gözünde begenjiň,buýsanjyň,tolgunmanyň ýaşy göründi.Sebäbi onuň ýeňişi dünýä
derejesinde-de ýokary netijedi.
Ýeňijä
baýrak gowşurylan badyna Altymyradyň daşyny habarçylar gurşap
aldy.Olaryň ilkinji soraglary;“Ýokary üstünlik gazanmak üçin gowy türgenleşik
geçmeli.Sen-de ol ýagdaý nähili?”diýen sorag boldy.
–Türgenleşige şert ýok diýip bolmaz,ol bar.Sport bilen çynlakaý gyzyklanýan adama
meniň pikirimçe şert hem gerek däl,esasy höwes gerek,höwes,soň şert.Umuman
aýdanymda öwüner ýaly zad-a ýok.Aşgabatda
bir otagda
40 oglan bolup
ýaşadyk,şertleri hem ýabygorly.Ukrainada köp bolanym sebäpli anyk bilýän,ol ýeriň
obalarynda döredilen şertler biziň paýtagtymyz Aşgabatdaky şertlerden gowy.Men
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 12
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.