Latin

Topraga duwlanan ägirt - 18

Total number of words is 3889
Total number of unique words is 2298
31.3 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
52.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hatarda ştangany agramy ýok ýaly galdyrýar,täsin usulynda,ýyldyrym çaltlygyndaky
herekedinde aýratyn,adatdan daşary güýç bar.Onuň ýaryşa gatnaşyp,baýrakly orunlary
gazanmadyk gezegi ýok,alan medallarynyň sany onlarça.Agyr ştanga onuň ýanynda
woleýbol topunyň agramyça ýok”diýip,bir gazet ýazsa,Olegiň Saraýewadaky ýeňişini
taryplap başga bir gazet şeýle ýazýar.
“Oleg ýygnanan sportçylara minnetdarlygyny bildirmek bilen,biziň beren
sowalymyza şeýle jogap berdi..
–Gadymy grekler agyr atletikany esaslandyryjylardyr.Olar güýçli, syratly,
kynçylyklardan aňsatlyk bilen baş alyp çykypdyrlar
Watan goragçylary bolan biz,ýaşlar hut şeýle hem bolmalydyrys.Rahmanberdi
aganyň aýdyşy ýaly,”14 ýaşa ýeten her bir ýetginjek alty putluk daşy(96 kg)guşaklygyna
çenli göterip bilse,silkme telpek geýmäge rugsat beripdirler”,ýa-da Görogly dessanynda
aýdylyşy ýaly,”agyr daşlar eliňi,kükregiňi berkidýär,öz-özüňden hoşallyk duýduňy
oýarýar”.Men bir putluk daşda türgenleşip başlapdym.Oňa kakam sebäp boldy.
Bir gün urlup öýe geldim welin,ol özüniň gündelik göterýän daşyny öňüme okladyda:”Burnuň sümügini akdyryp ýörme-de,şuny göter,soň seni uran bolmaz”diýdi.Men
şeýdip güýmenip başladym we bäş aýyň içinde saglygymy dikeltdim,soň meni uran
bolmady.Häzirki ýaşlaryň çigit çigitläp,çilim çekip,bolgusyz güýmenjeler bilen köçe
çatryklarynda wagtyny geçirişleri meni gaty gynandyrýar.Kimde-kim ştanga höwes etseonuň üçin meniň we Altymyradyň gapysy açykdyr.Biz olara elimizden gelen kömegi
ederis.Meniň Saraýewoda gazanan ýeňişim,ýöne bir ýeňiş,munda agyz dolduryp aýdar
ýaly zat ýok,şonda-da ol barada durup geçeýin.Ol ýaryş şäheriň merkezi sport
meýdançasynda,ir sagat onda başlandy.Iki sagatdan soň meniň agramymda çykyş edýän
topara gezek ýetdi,oňa çenli beýleki toparlara tomaşa etmeli boldum.Men beýle
garaşmany halamasamam,(garaşsaň tolgunýarsyň,güýjüňi bir nokada jemläp
bolanok)nädeýin,sabyr etmeli boldum,şonda-da ýeňiş gazandym.Meniň bu üstünligimde
Altymyradyň hem goşandy bar.Ol hiç mahal öz üstünlikleriniň syrlaryny dostlaryndan
gizlemedi.Bir seretseň beýle edilmejek ýaly,sebäbi garşydaşyň öwreden syrlaryň bilen
senden üstün çykmagy ahmal,emma Alty başgaça hereket edip bilenok,ýagny onuň öz
sözi bilen aýtsam:”türgenleşik döwründe tehnikada we usulda ýalňyşýan ýoldaşlaryma
seredip,arkaýyn oturyp bilemok,hökman bilýänlerimi öwredäýmeli”diýýär.Ol maňada
köp zat öwretdi.Mysal üçin men türgenleşik döwründe,ştangany galdyran badyma ýere
taşlaýaryn,emma Alty:”Zordan galdyran daşyňy şobada ýere taşlajak bolsaň,onda ony
asla göterme,galdyrdyňmy,iki-üç minutlap sakla,şonda bedeniň ähli agzalary güýjüň uzak
synagyna duçar bolýar we her bir damar öýjüklerine amatly räsirini ýetirýär”diýdi
welin,men onuň aýdanlarynyň dogrydygyna Saraýewo ýaryşynda gözümi
ýetirdim....”diýýär”diýip,gazet onuň ýeňişiniň nertijeleri barada giňişleýin durup
geçipdir.
Olegiň öýüne ýygnananlararam onuň Saraýewoda gazanan ýeňişini gutlap çykyş
etdiler we gyzgyn gutladylar.
–Bu ýeňişlerimiň gözbaşynda Alty dur,men oňa örän minnetdar-diýip,Oleg çykyş
edenleriň soraglaryna jogap berdi.
–Ol ýeňiş seniň şahsy üstünligiň,meniň munda goşandym ýok,dost jan!diýip,Altymyrat Olegiň sözüni böldi.
147
–Berekella,Oleg!Seniň ýeňişiň türkmeniň, etrabymyzyň abraýyny has belende
göterdi.Beýle ýeňişleriň höwri köp bolsun!-diýip,Myrat Hojageldiýew guwançly
seslendi.
Çaý-çörekden soň,märeke birneme saplanan çagy Oleg Altymyrady bir çete çekdi.
–Dost,habaryň barmy, etrabymyzyň obalarynyň birine pagta ýygmaga talyplar
gelipdirler,Güllerem olaryň arasyndamyş.
-Düşünmedim,Güller ol ýerde näme işleýär,dost jan?
-Habaryň ýokmy?Güller marydaky saglygy saklaýyş uçilişesine okuwa girdi,indem
talyplar bilen pagta ýygyma gelipdir.
–Onda ony göreli,dost jan,ilki,Mälik agadan gül alaly!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
Olegiň öýüne ýygnanan myhmanlar gaýdansoň,dostlar işlerini boldum edip, Mälik
aganyň ýanyna bardylar.Ol öňküsi ýaly gülleriň arasyny agdaryp ýördi.Altymyrat eline
pil aldy,Mälik aga gül ýygdy,Oleg oňa kömekleşdi.Ýer agdarýan Altymyradyň burnuna
çagalykdan galan ýakymly,tükeniksiz mähirli bir ys urdy.Onuň nämeligi bada-bat
ýadyna düşmedi.Birdenem,bu ysyň, ýaşlykda üzümleriň pyşta aralaryny agdaranda ene
ýerden çykýanlygyny ýatlady.On ýyldan gowrak wagtyň geçenligine garamazdan bu
ýakymly ys ony diýseň tolgundyrdy.”Ştanga gyzyklanmadyk bolanymda men kakam
ýaly daýhan bolardym,sebäbi ene ýeriň ysyndan ganan her bir adam soň ondan daşlaşyp
bilmez”diýip,ol içini gepletdi.Şol barmana-da Güller üçin ýygylan gülleriň taýýarja
bukjasyny onuň eline berdiler.Ine,onsoň,iki dost,tigirli, niredesiň “Birleşik”obasynyň
pagta meýdany diýip ugradylar.
–Dost,şol ilkinji duşuşygyňdan bäri Güller bilen gatnaşygy giňeltdiňmi,birek-birege
öwrenişmek derejesine ýetdiňmi?-diýip,Oleg sorady.
-Aý,howa dost jan,uly ösüşler bolmasa-da,garaz,kalbymdaky galagoply pikirler
aradan aýryldy,onuň ýerini gyzyň keşbi doldurdy.
–Bä,şeý diýsene!Dost,berk belle,birek-berek bilen öwrenişmek,ysnyşmak gelejekki
durmuş üçin zerurlyk bolup durýar.Sen maňa umumy sözler bilen däl,giňiräjik jogap
ber,ýöne bilip goý,söýgi boýun bolma häsiýetiňi ösdürýändir.
–Şol-a dogry dost jan,men indi öňki özdiýenli,garaşsyz döwrümden şol boýun bolma
ýagdaýa dolanmaly boldum.Indi daşardan aýdyljak gürrüňler ol ikimiziň gatnaşygymyza
täsirini ýetirip bilmese gerek.Biziň söýgümiz tebigatyň ýasama bolmaýşy
ýaly,ýasamalykdan daşda.
–Aňy ýok diýäýmeseň tebigatda ähli zat ýerli-ýerinde,adam bolsa döşüne kakyp
men-menlik satýar,tebigylykdan daşlaşýar.
–Güller hem bu pikir bilen razylaşýar.Ol maňa “sen şahyr bolmaly ekeniň,kalbyň
durmuşyň taraplaryny mahabatlandyrmaga ýykgyn edýär,onda gara tegmil ýok”diýýär.
–Ol seniň kerweniňe goşuldy,indi,çarkandakly zehmet ýoly bilen öňe gidyp,diňe
özüň däl,onuň aladasy bilen ýatyp turmaly bolarsyň.
–Maňa
ol dünýädäki ýeke-täk,başga bolup bilmejek maşgala hökmünde
görünýär,dost jan.
–Saňa şeýle görünýändir,ýöne bilip goý,dünýäde ajaýyp gyzlar başga-da bardyr...
Meselem ...meniň söýgülim...
–Bolsa bolýandyr,ýöne men-ä gowulyklaryň baryny diňe öz söýgülimde göresim
gelýär...
–Bular ilkinji tejribesiz söýgüniň netijeleri-diýip,Oleg eňek berenok.
–Ynsanda ýeke-täk beýik söýgi bolmalydyr,ol adamyň kalbynyň iýmiti,gana
howanyň gerekligi ýaly bir zat..Ýöne,ilkinji söýgüsini taşlap,başga gyzy saýlan käbir
148
uşajyk adamlaryň gysga möhletli söýgüleri bar bolsa-da,olaram söýüp ýaşamagyň
lezzetini inkär etmezler.Çyn söýgüniň synagyndan geçseň şonda hakyky adam
bolýarsyň,bütinadamzat söýgüsine goşulýarsyň.Söýgi kalbyň araçäklerini tebigatyň
gözelliklerine baglaýan tükeniksiz,kenarsyz umman,oňa kynçylyklar, garşylyklar ,bu
günüň,ertiriň aladalary,hat-da ölümem täsir edenok,dost jan.Men...
–Ölümli gürrüňi bir goýsana,how!-diýip,Oleg onuň sözüni böldi-Ýurt
çaýkanyp,ýykyljak-ýykyljagyň üstünde,aladamyzyň ýetik wagty ölümi bir
agzama,onsuzam...Hon-ha,pagtaçylygyň içinde gyzlar görünýär.Biz oňa zeýkeşiň
gyrasyndaky tut agaçlarynyň arasy bilen,görünmän baraly.Wah,şu wagt gyzlara azar
berýänleriň biri duşaýsady!?Sen bilýäň-ä,meniň üçegi depip ýere düşüşimi? Bir jyzzygy
asmana aýlap zyňardym...
–Ol seniň nämäňe gerek,dost jan?-diýip,Altymyrat gözüni tegeledi.
–Gyzlaryň öňünde gahrymançylyk görkezesim gelýär!Gül ýalak gahrymançylyk...
–Öz içiňi özüň ýakyp gargynsaňam,şol-a ýok,oňa derek pagta bar,dost jan,pagta.
–Ýok,elimi çaňňalaga ýyrtdyryp,ejemden käýinç alasym gelenok...
Olar bir çetde ýeke özi pagta ýygyp ýören Gülleriň ýanyna golaýlaşdylar.Güýzüň
ortaky aýy,howa çigrejikdi.Pagta ýygmaga ökde obaly talyp gyzlar öňe saýlanan hem
bolsalar,Güller iliň yzynda öz hatarynyň pagtasyny saplap barýardy,özem käte bilini
ýazyp,töweregine garanjaklaýardy-da ,üşän elini demi bilen ýyladyp,ýygymyny dowam
edýärdi.Ol :”A gyz,arma!”diýen sesi eşidip,yzyna gaňrylyp seretse,Altymyrat topbak gül
bukjasy bilen ýylgyryp dur.”Eliň üşän bolsa ýyladaýyn!”-diýip.
–Özüm bir zat ederin,sag bol!-diýip,Güller mylaýym jogap gaýtardy we özüne
uzadylan güli aldy-da-Waý,eneýy-da,gyz!Oleg,salam.Sen nä beýlede dursuň?-diýdi.
–Güller,bir zat sorasam gaty görmezmiň?-diýip,Altymyrat sorady.
-Soraý,oglan!
-Geliň,üç bolup bileje surata düşeliň,daş edip!
-Toba,goýaweri oglan,bir şol ýetenokdy-diýip,ol gaýra-gaýra çekildi.
–Näme beýle aljyraýaň,Güller jan?
-Hudaý saklasyn,daş edewersin,aýp bolar-a,oglan!Meni duluňa duwlaýançaň,diliňe
berk bol!
-Döwür üýtgedi,häzir...
-Waý,enaýy-da,gyz,döwür üýtgese-de,türkmen däbi üýtgemez-diýip,Güller onuň
sözüni böldi-Ýüz berilmese ýüzün düşüberme,aýal –uýal adamdyr.
–Onda agşam duşuşaýaly?
-Toba,estagfirulla,bir kemim şody-da!-diýse-de,Güllere hem bu gep ýakman
durmady.Her halda ol syryny saklajak bolýardy,ýöne ony ýadyndan çykaryp biljek
däldi.Onuň jemalyna dünýäni aňk eden,ady belli gerçek aşyk bolupdyr ahyryn.Ol nirede
gezip ýör,gulagy nämeleri eşidýär,eşidýäni hakykatmy?Ol şeýle pälwan bilen ýüzbe-ýüz
gepleşýänligi üçin özüni bagtly duýmalydy.Duýýardy,ýöne syr berenokdy,şol sebäplem
-Akylly adam öz ugruna samrap durmaz,oglan!-diýdi.
-Eliňi demiň bilen ýylatjak bolşuňy gördüm-de,nebsim agyrdy.
–Nebsiň agyrsa pagta ýygyş!Çaňňalaklar elimi pers-ala etdi.
–Asyl men şoňa ökde-dä!-diýse-de,Altymyradyň pagta ýygmaga duran
ýeridi.Muny açylan gozalara el urşundan aňan Güller durup bilmedi.
–Saňa manyly-manyly gep ur,birine meçew ber diýseň...
149
–Beýle häsiýet Olegde bar!Gel-eý,dost jan,senem çugutdyryp oturmada, kömek
et!-diýip,Altymyrat
beýleräkde
oturan
dostuna
gygyrdy-Meňem
miltim
ýeterlikdir,minnete galmajak bolaryn.
Onýança Oleg edep bilen başyny atdy-da,elindäki bir gysym pagtany Gülleriň
biline guşanan haltasyna atdy.
–Güller jan,bir dem dursana,mylakatly ýüzüňi bir synlaýyn-la!?-diýip,Altymyrat ýene
pagta ýygyp başlan gyza ýüzlendi.
–Mysapyrsyran bolmasana,oglan!Men gündelik kyrk kilony ýygaýmaly,seniň bilen
gürleşip dursam ony edip bilmen.Gowusy sen sora,men pagta ýygyp ýörkäm jogap
bereýin.Zähmet çekmekligiň hem öz lezzetiniň barlygyna şu ýerde düşünip
ugradym.Bize pagta ýygdyryp,dogry edýär ekenler.
-Menem şoňa dogry diýýän,sebäbi seň bile duşmaga taýynja sebäp
tapyldy.Okuwlaryň nähili?Olegden eşidip,begendim.Durmuşda bir hünär-ä gerek.
–Aý,saglygy saklaýyş ugrundan okaýan...
–Dogry edipsiň.Seni hut şu hünärde göresim gelýärdi,näsaglaryň arasynda,ak
ýektaýly,ak ýüzli,Gün ýaly ýaldyrap...Atamyz Oguz han 3,5 müň ýyl mundam öň aýa
sejde edýän enelik Hudaýdan Güne sejde edýän atalyk Hudaýa geçmegi höküm
edipdir.Edil şol döwürlerde müsür faraony Amon hem(aman- arapça abadançylygyň
gullukçysy diýmegi aňladýar,onuň Oguz han bolmagy hem ahmal) halkyny bir hudaýa
Güne sejde etmegi höküm edipdir.Gün ýerdäki janly-jandara ýagtylyk paýlap,ýaşaýşyň
dowam etmegini gazanýan ýeke-täk çeşme.
–Waý,enaýy-da,gyz,meni
Güne
deňeýär!Toba,beýtme
oglan,birden
Gün
ýakaýmasyn?
-Ýakmaz,Güller jan,men kölege bolaryn,gerek bolsa arşy aşagymyza alarys.Allanazar
Rejep diýen bir agamyň şeýleräk setirleri bar:
Alysdaky gara bulut syrylyp,aý-ýyldyzly gije geçer düşege,
Gujagynda daň saz berýän säheriň,al reňki çaýyp çykar üçege.
Aşyk dünýä geler düýnki görküne,küýsegli nazarny ýaryna salar,
Söýgüniň ýanynda müşgül zat barmy,Arşdan Asman düşer,Ýer ýerden galar....
Gör,nähili ajaýyp setirler!
Polşa ýaryşy.
--1-Hoşamaý Maý aýynyň bir güni,Beden-terbiýe institudynyň üçünji ýylyny tamamlan
Altymyrat dem-dynç almaga öýlerine gaýtdy.Dogrusy,talyplyk döwri ştanga bilen
türgenleşmäge wagt azlyk edýärdi,galyberse-de,talyp naharhanasynda iýýän iýmitiň
derejesi göwün diýerlik däldi.Şol sebäpli hem öýünde gowy iýmitlenip,mekdebiň sport
meýdançasynda hem türgenleşik geçmäge mümkinçilik döreýärdi.Onsoňam,ol obasyny
küýsäp durýardy,nirede bolanda-da ýatlaýardy.Başga bir tarapdan,ejesiniň ýoklygy üçin
onuň öz eli-öz ýakasydy.Gyz doganlary durmuşa çykan ýerleriniň aladalary bilen
gumradylar,erkek doganlary bolsa öýli-işikli,hersiniň öz maşgalasy,öz öýüniň keşgi
bilendi.Şonda-da ol,başga öýüň gowurmasyndan öz öýünde nany suw bilen iýenini gowy
görýärdi.Hawa,öý öý bolýardy.Türkmen ýönelige “Garypja çatmam,syrtymy açyp
ýatmam”diýmändir.Dogry,bu öýde,ejesiniň bar wagtyndaky ýaly ýatakda göleli
sygyr,agylda goýun,duşakda eşek,mellekde bag bakja ýokdy,ejesi gitdi,mallar ýok
boldy,bag-bakjalar hazan uran ýaly gurady.Şora beýlekä mert diýjeksiň,iki düýp nar
150
agajy,bir düýp igde hem gurady.Eýeleri bakyýete gidenligi üçin guraýan baglara,ölýän
mallara neneň onsoň aňsyz,dilsiz-agyzsya diýjek! Ol indi bu öýe eýe çykmalydy,eýe
çykjak bolsaňam öýlenmelidi...
Dogrusyny dogry diýmeli,oba gaýtmanda-da,talyplaryň arasynda hem Altymyradyň
güýmenjesi pes däldi.Onda talyp dostlary Oleg Komlew,Mihail Şuwalow,Ykram
Mätkerimow ýaly özi bilen pikirdeş,ştanganyň keşigini bile çekýän oglanlar
bardy.Altymyrada olaryň ýol görkeziji diýseňem boljakdy.Eger ol birden:”Geliň,pylan
ýere
gezelenje
gideliň”diýdigi,olar
seslerini
çykarman
onuň
yzyna
düşýärdiler,ýogsam,käbiriniň zerur işi,täsirli duşuşygy hem bardy.Olar edil jadylanan
ýaly “Alty-da,Alty”diýişip,nirä gitse gürrüňsiz onuň yzyna düşýärdiler.Bu bolsa käbir dili
duzly oglanlaryň:”Siz gözli kör ýaly,ähli işiňizi taşlap,nirä
gitse onuň yzyna
düşüp,erkiňizi eliňizden aldyrýarsyňyz”diýmeklerine sebäp bolýardy.
Ýöne,hakykatdanam,olar, özleriniň tebigy isleglerini bir ýana goýup,Altymyradyň
yzyna düşüp ýörmeklerini düşündirip bilmeýärdiler.Bir zat welin aýdyňdy,olam
Altymyradyň
demir
ýaly
häsiýeti,agzyndan
gep
çykdygy
yzynda
durýanlygy,sadalygy,adyllygy,başa iş düşse ilkinji nobatda taýynlygy özüne
çekýärdi.Oglanlaryň arasynda Ykram hasam Altymyradyň”Her bir işe başlamazyňdan
ozal oýlan,pikir et,şony ahyryna çenli alyp çykjagyňa ynamyň bolsa,başla,bolmasa
golaýyna barma.Ýogsam,men özüme jaý saljak diýip,käbirimiziň edişimiz ýaly, uly
jaýyň düýbüni tutup,soňam jaýyň boýy ýetende,yzyny başarman haraba edip taşlaýşymyz
ýaly,iliň diline düşüp,masgara bolanyň galar”diýenine eýerýärdi.Ol ”Daş götermekde
Alty hut şu aýdýanlaryndan ugr alýar,üstünlik hem gazanýar,menem ony durmuş ýörelge
hökmünde ulanýaryn”diýýär.Oňa bolsa düýpli sebäp bardy...
Lebaply Ykram Mätkerimow sadadan garyp, bir oba oglany,hiç kimi tananok,hiç
kimiň gözünede ilenokdy.Ýöne,ştangada irginsiz türgenleşik geçýän ýaş ýigitdi.Bagty
çüwüp,şol ýerde Altymyrat bilen tanyşýar.Ykram şonda:”Men bir oba oglany,serişdäm
ýok,idegim ýok,Aşgabady taşlap,Amerika gitmesem boljak däl”diýip,oňa içini
dökdi.Mätäçleriň howandary hökmünde görülýän Altymyradyň ýanyna gelip,her kim
özüniň agyrýan ýerini aýdyp,kömek soraýardy,olam janyny gaýgyrman kömek
edýärdi.Ykram hem onuň kömegi deger diýip,bu zeýrenjini diline getirmändi,ýöne
aýdaýypdy.”Eý,Ykram dost jan,beýle sözi diliňe getirme!Göwnüňi giň tut!Sen instituda
okuwa girersiň,okarsyň.Gowy oka-da diplom al,halal,minnetsiz çörek iýjek bolsaň gerek
bolar!Okuwymy gutarsam men ministr bolaryn,senem çagalaryň türgeni bolarsyň.Nähili
görýärsiň?”diýip,Altymyrat onuň ýüzüne mylaýym ýylgyryp bakdy welin,Ykramyň
egninden dag aýrylan ýaly boldy.Iň bir täsin,geň ýerem,sentýabr aýynyň başynda okuwa
girenligi üçin ony gutlaýanlaryň sany köpeldi,olara ynanman instituda barsa,ady bar!Ýeri
onsoň ol Altymyrada näme diýsin,Hydyr Ata diýsinmi,pir diýsinmi,howandar
diýsinmi?Şeýle kömek bereni neneň ýadyňdan çykarjak,neneň sylag-hormat
etmejek!(Ýeri gelende bellemeli zat,Ykram institudy gutaryp,Altymyradyň aýdyşy ýaly
türkmenistanyň ştangaçylar toparynyň baş tälimçisi bolupdy,ýöne ony halypasy görüp
bilmändi)...
Ine,bir günem ýaňky oglanlar Ýanbaş çeşmesiniň boýuna dynç almaga çykdylar.Bu
ýerde kimdir biri mal soýup,sadaka berýär ekeni.Iýilen we getirilip taşlanan zatlaryň
galyndylary çeşmäniň boýunda dagap ýatyrdy,soýlan goýunlaryň içki goşlary suwuň
içinde.”Geliň,oglanlar,sadakamyzdan dadyp,töwürimize goşulyň!”diýip,olar gara gadyr.Dogry,ol şeýle bolmaly hem,adam öz eden günälerini ýuwjak bolup,Hudaýyň
adyna sadaka berýär,ol şeýle bolup geldi,şeýle bolmaly hem...
151
Birdenem umman ýaly giň,kiçigöwün Altymyrat,sadaka çagyrylany üçin bermeli
sag
bolsun-na
derek:”Oglanlar,arassa
çeşmäniň
boýuny
doňuz
ýataga
dönderipsiňiz.Häziriň özünde ýaýradan hapalaryňyzy ýygnaňda,yzyna alyp gidiň,şeýle
etjek bolsaňyz gaýdybam şu ýerde görünmäň!”diýdi welin,sadaka gelenler şobada,
ýaýradan hapa-supalaryny ýygnamak bilen boldylar,emma özüne göwni ýetýänleriň bir
näçesi,gollaryny çermäp,ýerlerinden turdylar-da:”Ýa-ha sen beýle söz diýmäge hakyň
barlygyny güýjüň bilen görkezersiň,ýa-da biz seniň el-aýagyňy
güýlüp
taşlarys”diýdiler.Altymyrat,olaryň arkalaryny ýaplap oturan,agramy iki ýüz kilo ýakyn
togalak,gara daşyň ýanyna geldi-de,sen-men ýok ony depesine galdyrdy,soňam:”Indi
geplemäge hakym barmy?”diýip,daşy öňki ýerine taşlady.”Düşnükli,Alty, asyl, bu
senmi?Beýle söz diýmäge seniň hakyň bar, bilmändiris,bizi bagyşla!”diýip,olar
görkezilen kemçilikleri düzetmek bilen boldular,hat-da,mallaryň içinden çykarylan
hapalaryna çenli gazap-gazap çeşmäni arassaladylar.Sagaka berýän,döşi gapak
ýaly,daýowdan ýaş ýigit,Altymyradyň bu herekedinden göwni hoş bolan halda:”Maňa
güýjüňi görkezdiň,indi onuň syrlaryny hem öwret!Daşyň ýanyna baranyňda haýsy
dogany okaýaň?”diýip sorady.Altymyrat onuň bilim derejesiniň ýöntemligine
gynanyp,başyny ýaýkady-da:”Munda syr ýok,irginsiz türgenleşigiň netijesi
bar,ýöne,Hudaýy kömege çagyrmany hem ýadymdan çykaramok”diýip,jogap berdi.Şu
jogapdan soň sadaka berýän baý telekeçi Altymyradyň iň ýakyn janköýerleriniň birine
öwrülip gitdi...
Beýle ýatlamalar diňe bir Ykramda däl,ussat bilen bile bolan her bir talypda hem
bardy.Hut şeýle wakalaryň onda-munda gaýtalanýanlygy üçin hem olar Altymyradyň
ýanynda bolaslary gelýärdiler.Emma Altymyrat obany saýlap alypdy...
Ol oba gelşine,ilki bilen Tyrry kakasynyň ýagdaýyny bileýin diýip,onuň öýüne
bardy.Eýwanda oturan Berdi kakasy gözüni ýaşardyp sogan dograýardy,gelnejesi hamyr
ýuwurýardy,çagajyklar eşek-eşek oýnaýardy.Salam-helikden soň,oturmaga ýer görkezen
Berdi gürrüňini dowam etdi.
–Durmuşyň gowulyklaryny görüp bilýän adam üçin Günüň doguşam,ýaşyşam
üýtgeşik bolar ekeni.Şol bir gaýtalanýan zatlar,şol bir şowhun,şol bir gürrüň
ýaly,ýöne,indi ol birneme üýtgedi...Ýokardakylaryň kellelerine bir täsin pikir
gelipdir,täze bir gowy zäkun çykypdyr diýýäler,ondan habaryň barmydyr,Hallygözel?
-Hudaý saklasyn,zäkunam bilmeris,beýlekinem.Şol öňki ýykma-ýykylma
günümiz,biziň-ä!-diýip,aýaly jogap berdi.
-Men ol...Täze zäkun barada...Obada, daýhanlara,traktor sürenlere pensiýa bellemek
barada...
–Heleýleň arasynda şeýle gürrüň bar,ýöne, ony daşyma çykarmakdanam
gorkýan,men-ä,birden
ýalan
bolaýmasyn
diýýän-diýip,Hallygözel,çekinýän
ýaly,töweregine ýaltaklap jogap berdi-Hawa,şeýle gürrüň bar.Eger ol dogry bolsa, gaýyn
atamy garrylar öýüne bermesegem bor.
–Tyrry kakamy o ýere ugratdyňyzmy näme?-diýip,Altymyrat garanjaklady.
–Hudaýa şükür,ol öýde,indi aýak üstüne galyp ugrady,içe-daşa girip
çykýar,iýmitimi, hyzmatymy gaýgyramzok.Lukman hekimiň aýdyşy ýaly,günde bir
bulgur geçi süýdüne hozuň owradylan maňzyny goşup berýäs weli,dikgirdäberýär.Nepes
dugtaram dynman içini ýuwýar.Häzirem ony alyp gitdi,gan basyşyny ölçejek diýip...Ol
ýanyňda bolsa içiň gysjak gumany ýok,gürrüňçil.Aýal almak baradaky “aýdymlaryna-da”
täzeden başlady...
152
Altymyrat gelnejesiniň aýdýanlaryny gulagynyň eşidýanine ynanmady,öň garrylar
öýüne taşlanmakçy bolunan garry indi:”Hudaýa şükür,sagalýarmyş”.Täze çykan kanunyň
netijesinde,pensiýa almaly bolýanlygy üçin ol indi garrylar öýüne zyňyljak
dälmiş.Dogry,Tyrry aga gyşy-ýazy traktor bilen ýer sürerdi,tekizläp sana goşardy,çil-ýap
çekerdi,garaz,der döküp, işlän döwründe ýekeje gün işden galmandy .Pensiýa çykan hem
bolsa,on ýyldan bäri daýhana pensiýa degişli däl bahanasy bilen,ol hiç zat
almaýardy.Täzelikde çykan kanun esasynda bolsa, onuň almaly puly hiç kimiňkiden az
bolmaly däldi,Akmyrat bugoltyr-a:”Tyrry aganyň pensiýasy kolhoz başlyklarynyň
aýlygyndan pes bolmaz”diýýämiş.Diýmek,gelnejesi bu täzeligi eşidip,öňki pikirini
üýtgeden bolmaly.Pul ýaly gowy zat ýok-da.gör,onuň ediberişini!
-Gelneje jan,pensýa beriljek diýip,Tyrry kakamy aýak üstüne galdyrjak
bolup,Lukman hekimiň kitaplaryny hem waraklapsyňyz weli,ol pensiýa alman birden
öläýse nätjek!?-diýip,Altymyrat içýakgyç sorag berdi.
– Alman öläýmeli bomy,oglan?!Wagty gelmese Ezraýyl janyny almaz.Ol bize şu
ýerde gerek,ahyryn !
-Diýmek,täze kanun Tyrry kakamy halas edipdir-dä!Onuň çaltrak ölerini
dilediňiz,garrylar öýüne taşlajak bolduňyz,indi bolsa ol gerekmişin!Diýmek,kanunyň
geň-enaýy,täsirli taraplaryda bar ekeni.
–Ýüwürjim,dogry aýdýarsyň,kanunyň gowy ýerleri hem bar,kemlik edýän
ýeride.Çül çagaly bolamsam kolhoz işine gatnap bilmedim,ýöne,çölde,goýunlardan
owlak-guzy alynýan döwri her ýyl Berdi kakaňa kömekleşdim.Biz sada bolupdyrys,eden
yşimiziň hasaba alynmalydygyny bilmändiris,şoň üçinem biz ýaly gelinlere zat ýok.-Ol
adamsyna tarap gözüni aýlady-da,eli hamyrly Altymyradyň ýanyna dykylyp geldi:Ýüwürjim,senden haýyş,Tyrry kakaň ýanynda şu zäkun barada dil ýaraýmagyn!.
–Gaýta,eşdip begense gowy dälmi,gelneje jan?
-Ýok bilmesin,biläýse,ýakmaz söz gulagyna ildigi ”Pulum bar,gepiňizi çekmerin”
diýerde,döşüne kakyp başlar.
–Gelneje jan,lomaýja pensiýasyny alaňsoň,diýenini etmeli bolarsyňyz-da!Bir
döwürde öýlendirjek diýip ugruny tapýardyň,bir döwürde ol saňa ýük boldy,indem
gadyry artdy.Garryny sylamak borjumyz dälmi?!
–Wah,işe ýaraýan döwri gowudy-la,soň keselläp azar bolaýdy.Tyrry kakaňy
tanaýaň-a!Käte aýdanyma düşünýärem,käte bolsa ketjelik edip dur.Ölümiň bäri ýanyndan
gaýdyp,zordan aýak üstüne galdy.Pensiýa bellenenligini biläýse dagy,onsoň görersiň
oýnuny.Şeýle hötjetlik edende ony ýola salar ýaly zäkun çykarlanokmy?
-Bilmedim men-ä-diýip,Altymyrat ýylgyrdy.
-Zäkün çykarýanlar akylly, adamlar erbet,adamlar.Ynsap gidipdir!Biziň bilýän
zadymyz ýok.Goýun gyrkjak bolanymyzda agyla gabaýarys,näme üçin gabalýanlaryny
bilmän,olar iki-ýana urunýarlar,soýjak bolanymyzda bolsa kyrkyljakdyryn diýip
arkaýynlaşýarlar.Bizem şolar ýaly,hiç zat bilemzok.Sen bir käte gelip düşündirip
dur,ýüwürjim!
–Bilemok diýseňizem,özüňize peýdaly kanun-a saýgarýarsyňyz?
-Çül çagany eklejek bolsaň baý,bilersiň-ä!Azajyk pul toplasam,menem kärendesine
ýer aljak...-diýip,gelnejesi eliniň hamyryny ýuwmaga durdy.
–Eý,keýwany,gep-gürrüň diýip,hamyry başyňdan aýlaýdyň-la,indi ony ýuwurjagam
dälmi?-diýip,Berdi sogan gabyklaryny towuklarynyň öňüne dökmäge gitdi.
–Wah,ýadym gursun-diýip,ol hamyryny ýumruklap başlady.
–Gelneje,ýer,suw,howa adamlara berilen peşgeşi!Olar satylmaýar.
153
–Şamyrat ýalylaryň bir egninde perişde,beýleki egninde jyn oturýar.Iki egni
perişdeli adam öňe düşse ýer satylmazam weli...Haçanam bolsa şol döwür gelse,bizem
ýeriň eýesi bolsak!Ene ýer öz hakyky eýesine garaşýar ahyryn...
–Gelneje,şol döwür hem geler,garaşyber.Onda men-ä gitjek.Tyrry kakama
salamymy ýetir!-diýip,Altymyrat gaýtmakçy boldy
–Ýüwürjim,bu zatlara gowy düşünýänsiň!Biz ýalaky çül çagalylary gözden
salmasalar diýjek bolýan.Adyllyk bardyr-a!.Ömür oba keşgini,öý keşgini galdyrjak bolup
gezdim,yrsgym artsyn diýip,baş wagt namazymy sypdyrmadym,emma...Sen bular barada
ýokaryk arzymy ýetir,aglamadyk oglana emjek berilýän däldir!-diýip,ony ugratdy.
-Bolar- diýip başyny atan Altymyrat göni Rahmanberdi aganyň öýüne gaýtdy..
Ýolda oňa Bäşim gabat geldi.Onuň ýüzi salykdy,keýpi ýokdy,inisiniň beren
salamyny hem göwünli-göwünsiz aldy-da:”Men gyssanýan,soň habarlaşarys!”diýip,öz
ugruna gidiberdi.Umumanam,Bäşimiň düşnüksiz häsiýetleri bardy.Bir görseň şeýle,bir
görseň ýitirip tapan ýaly.Alty oglan,üç gyz-dokuz doganyň hersiniň özboluşly häsiýetleri
bar.Ajy burç iýip,haçan görseň gözi ýaşly,ýöne tükeniksiz arzuwly gezýän Bäşimiň
häsiýeti welin üýtgeşik.Ol hatda ýatanda hem üýtgeşik düýş görüp,ertesi “şular meniň
durmuşymda bolup geçen zatlar”diýip oturandyr.Ýa-da bir gürrüňiň başyny başlarda
birdenem:”Düýn britan patyşasy hanym Tetçer jaň edip:”Kömek etmeli bolsa
aýdaýgyn”diýdi,menem:”Sizden kömek alanymdan ölenimi gowy görerin”diýip jogap
berdim”diýer,ýa-da:”Ho gün ilerki gowaça meýdana suw tutdym.Keşleriň arasy
şapyrdaşyp,balyk bolup ýatyr.Olaryň baryny bir ýere ýygnaýyn diýip, suwly ýabyň
gyrasyna barsam,uly bir lakga balyk ýatyr.Men onuň üstüne atlandym-da, iki murtuna
ýapyşdym,ýokary çeksem suwuň ýüzünde,çep murtuny çeksem çepe,sag murtuny
çeksem saga aýlanýar,şeýdip, keş aralaryndaky balyklary bir ýere ýygnadym-da,azajyk
aralykdan iki halta balyk tutup,iki günläp çagalara iýdirdim”diýer-de,çyna berimsiz ýalan
sözlär,ýa-da:”Bir gezek Leningrada gezelenje gitdim.Meniň gyrmyzy donumy,seçelenip
duran ak silkme telpegimi,gara ädigimi görüp,bile surata düşmäge höwes
bildirdiler,menem
näme,”mugt
Buharda
ýoguny”edip,ep-eslije
pul
gazandym.Şonda,ýaşytdaşyrak bir görmegeý zenan maňa öýüniň salgysyny berdi,emma
wagtym çäkli bolanlygy üçin onuň möhümini bitirip bilmedim”diýer.Bäşimiň häsiýetine
belet Orazberdi bolsa:”O-how,ol-a:”Ugrumy tapmasaňyz, şol gelniň ýanyna
giderin”diýip,aýalynam gorkuzýar,dogru-da walla”diýip,onuň gürrüňlerini tassyklaýar.
Arzuwçyl,hyýalbentliginden başga-da Bäşim gaty okumyş adam.Ol ýazyjy Kömek
Kulynyň “Garry oýnasa...”atly hekaýasyny öwüp dilinden düşürenok,aýalyna-da okap
berýär, Öwezmyrat Ýerbendiniň “hakyky ýazyjydygyny”tekrarlaýar,belli ýazyjy Atajan
Tagan:”Men Ahmet Halmyrada boýun”diýipdir diýip,öwran-öwran gaýtalaýar.
..
--2—
Bulary aňynda aýlap barýan Altymyrat,Şamyradyň nireden peýda bolanyny hem
aňşyrmady.Olar gadyrly görüşdiler.Bu ikisiniň arasynda nähili gatnaşygynyň barlygyny
hiç kim bilmese-de,olar aýrylmaz dostdylar,has dogrusy Şamyrat oňa ýelmeşen
ýalydy.Ol pälwanyň soňky ýyllarda gazanan ajaýyp üstünliklerinden özüçe peýda
gazanmany başarýardy.Dört-bäş ýaş uludygyna,sport bilen dahylynyň ýoklugyna
garamazdan,ol
ussadyň
her
bir
ýeňişinden
özüçe
peýda
tapjak
bolýar,tapýardam.Şamyradyň göçgünli lakgylygy,özüne öte göwniýetijiligi we
kelesaňlygy, dymma,sabyr-takatly,tutuk,sada ynanjaň pälwana düýbünden gabat
154
gelmeýärdi,emma hut birek-birege şeýle gapma-garşy gylyk häsiýetleri sebäpli olar
aýrylmaz dostdylar,biriniň ähli zatdan ugr tapyjylyk zehini,tejribesi ýetik
peýdakeşligi,dellallygy,beýlekiniň pälwanlygy bir nokada sygýardy.Ýer ýüzünde agyr
daş götermek işi Altymyrat üçin bir mukaddes arzuw boluşy ýaly,ömrüni pul
gazanmagyň ýollaryna sarp eden Şamyrat üçin ol gudratly bir hyýaldy.Dogry,ol sportdan
daşda-dy,ýöne öz döwrüniň ýagdaýynyň iň kämil düşünjelerini özünde
jemläp,durmuşdaky gapma garşylyklary ýeňillik bilen ýeňip geçmegi başarýardy.
Altymyrat,onuň bir zat diýjek bolýanlygyny bolşundan aňyp:”Maňa suw al,özüňede çilim!”diýip,ep-esli puly oňa uzatdy.Şamyrat:”Sagja bol,dost,çilimiň gutaranyny
nireden bildiň!?”diýdi-de,daş bolmadyk ýerde ýerleşen dukandan bir çüýşe suw alyp
geldi.Puluň gaýtargysyny bermän,şony hem uly baýlyk hasap edýän kişini oba adamlary
ýigrenselerde,Altymyradyň göwni bir ýalydy,gaýta:”Kösenýän ýeriň bolsa
aýdaýgyn!”diýip,duýgudaşlyk edýädi.Ýogsam,ýüzüni öwüren badyna özi barada gybat
edýänligini bilmän duranokdy.Gybatkeşligi,özüne peýdaly ýerde adam satmany hiç zatça
görmeýänligi üçin ýigrenilse-de,Şamyrat hut şony hem isleýärdi.Adamlar
ýigrensin,ýöne,birnemejik gorksyn diýýär.Rahmanberdi aganyň:”Seniň ruhuň
ölüpdir”diýmesine düşünmedik bolup,kibtini gysýar,öz ýanyndan bolsa:”Birnemejik
gazanç edeýin,häkimlik paýlaşygynda öz ornumy tapaýyn,şonda görersiňiz kimiň
ruhunyň
ölüşini,häzirlikçe
her
bir
mümkünçilikden
peýdalanjak
bolmaly”diýýär.Altymyrat ýaly sada,ynanjaň ýigit onuň üçin tapyndy.Ol hut şonuň
üçinem ony gowy görýär,oňa janyny ynanar.
–Ýakynlarynyň aladasyny gözden salýan adamy akmak hasap edýärindiýip,Altymyrat çüýşeden bir owurt suw içeninden soň seslendi-Sen-ä onda-munda
kaňkap ýörseň,maşgalaňam ýoluňa garap garaşsa,şondan erbet zat ýok.
–Sen meni göz öňüne tutýansyň,bilýän-diýip,Şamyrat jogap berdi-Özüň
dälmi:”Birek-biregi sylap,goldap kynçylyklary ýeňip bolýar”diýen!Men seni
sylaýan,goldaýan.Seni görjek,gürleşjek bolup gelip gidýänleriň hetdi-hasaby ýok,hat-da
etrap,welaýat ketdelerem geldiler.Ýakyn dostuň hökmünde şolaryň öňünde seniň atabraýyňy has-da belende götermekde bitirýän hyzmatlarym az däldir,dogry,seniň
abraýyň galsa meniňki hem galýar,özem goldaw...-Ol tasdanam “özem, goldaw bermeli
bolanda peýdaly tarapyma seredýärin”diýipdi,diýmän dilini dişledi,yzyndanam-Dost,saňa
duşanyma çäksiz begenýärin.Maňa kömek et!Gyssagly Moskwa uçmaly!Işim bulaşyp
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 19
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.