Latin

Topraga duwlanan ägirt - 24

Total number of words is 3734
Total number of unique words is 2105
31.7 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kylar”diýipdirler-diýip,Altymyrat pert jogap berdi.
–Şeýle diýjegiňi bilýädim.Sen gaýduwsyz sportçy,ýöne,gyssanma,pikirlen,ilkinji
nobatda saglygyň barada oýlan,ýokarda aýdanlarymdan netije çykar, belli karara gel.
–Bolar-diýip,Altymyrat ylylaşdy...
Bir gün nobatdaky türgenleşikde Alekseýew Altymyradyň gelen netijesini sorady.Ol
öňki aýdanlaryny gaýtalap,agyr agramda çykyş etmäge taýýarlygyny tekrarlady.
–Alty “alňasan ajally”,”alňasan kör”diýen aýtgylar bar.Şonda-da men seniň
yhlasyňa,gursagyňdaky hyjuwyň hasyrdysyna guwanyp,öz
hasabyma iýmitiňi
gowulandyrdym,başardygymdan ýaryşa taýýarlykly barar ýaly şert döretdim.Sen bir
ýetim oglan,ýetime bolsa ideg gerek.Men bir şert bilen seniň idegçiň bolaýyn,indi agyr
daşlardan daşlaşmaga söz berseň,sebäbi men seniň saglygyň aladasyny edýärin.
–Men bu ýaryşdan galyp biljek däl,oňa garaşyp näçe gezek göge näz edýän
sähralary geçirdim,gaýmakly gözýetimlere garadym,akja sapak ýaly günler
geçip,indem,özümiň iň arzuwlan wagtym gelende,ondan dänmerin.
–Lukmanlar onsuzam saglygyňa şübheli garap,ýaryşa goýbermejek bolýarlar,men
seni şu güne çenli goldap geldim.Ony ýadyňdan çykardyňmy?
-Ýok,Wasiliý
Alekseýewiç,ýadymdan
çykarmadym,hyzmatyňyz
üçin
Taňtyýalkasyn,ýöne şu gezegem gaýrat edip,kömek ediň!Men siziň gadryňyzy bilerin.
–Onda bir zat edeli,sen 82,5 kilogramda däl,75 kilogram agramda çykyş etmäge
taýýarlan,soňunam görüp gelen ýok-diýip,Alekseýew sözüni tamamlady.
Altymyrat Alekseýewiň öň bir zat diýip,indem başga pikiri aýdyp durmagyna
düşünmedi.Ugramaga bir hepde galanda dürli respublikalaryň ýokary wezipeli adamlary
gelip,ýaryşa gidýän sportçylaryna ak ýol,üstünlik arzuw etdiler,kömek geregine goldaw
berdiler.Rosiýa respublikasynyň Ýokary Sowetiniň başlygynyň orunbasary Hasbulatow
hem gelip,ýaryşa ugraýan ýygyndy topara üstünlik arzuw etdi.Ol gelip giden gününiň
ertesi,Sank-Peterburgdaky ýaryşda Altymyratdan pes netije gazanan Ibragim Samedowyň
hem topara goşulanlygy belli boldy.Şeýlelikde olar ýaryşa dört gün galanda
Barselonadaky sport obajygyna bardylar.
Köp ýyllardan bäri sportçylaryň ýaşamaly ýerine oba diýýärdiler.Bu at 1932-nji
ýylda, Los-Anjelosda geçirilen onunjy Olimpiýa oýunlarynda tapylypdy.Emma
198
Barselonada gurulan oba, uly şäheriň içindäki şäher diýse boljakdy.Ol ýüz gektar
töwerek meýdany tutup,bir wagtda 12-15 müň adam ýaşamaga mümkünçilik
berýärdi.Obada ýaryşy alyp baryjylaryň jaýy,25 görnüşli sport ýaryşlary barada islän
wagtyň
maglumat
almaga
niýetlenen
ymaratlar,dört
sany
giňişleýin
naharhana,dukanlar,hyzmat nokatlary bardy,saglyk hyzmaty üçin bellenen uly göwrümli
jaýda saglyk kömegini berýän,türgenleşigiň derejesini barlaýan bölümler bardy,bulardan
başga-da sportçylara medeni hyzmat etmek üçin kinokonsert zallary,tans
meýdançalary,kitaphanalar,aragatnaşyk merkezleri bardy.
Ýaryş gününiň öň ýany Altymyrat näme üçindir birden gozgalaň tapdy,ýanynda
bolýan Ibragim bilenem gepleşmedi,beýleki dostlaryny hem görmejek bolup lal
açdy,naharhana barmady,gijäni uklap bilmän geçirdi.Hawa,azajyk irkildi,şol pursatda-da
ejesini gördi.Ol aýagy köneje galoşly,egni köneje donly,başy köneje ýaglykly, ýyrtyk
bürenjekli gidip barýar,isle sähralyk,isle alaň,isle jülge,isle dag-derýa tapawudy ýok,aýak
basan ýeri geň-enaýy bägüllere bezenýär,hat-da hiç mahal niç zat gögermyýän
Gyzylgaýa ýaly, öň Uran magdany gazylyp alynan depede hem,onuň aýagynyň degen
ýeri öwüşginli ýaldyraýar.”Eje,hamyrdan gyl sowrulan ýaly bolup gidiberdiň,oňa
öwrenişip
bilemok.Ýanyňa
baraýaýyn?!”-diýip,ol
soraýar,ejesi”Ýok,balam,saňa
seretmäge elim degenok,gowusy ýanyňa özüm bararyn”diýýär.”Eje,dünýäde ýaman
adam ýok diýýäädiň,bar eken-ä?”diýip,ol soraýar,ejesi “Özüň gowy bolsaň ýamanam
düzeler,mert bol.Gybatymy edýärler diýip bozulma,”Il agzyny ýygyp bolmaz”diýen gep
bar,senem “It üýrer kerwen geçerini”et. Ynsapsyzyň günäsi bilen şowsuzlyga duçar
bolanyňa nalama,ony adaty bir zat hökmünde kabul et,duýgyň, kalbyň ýelkenidigini
ýadyňdan çykarma”diýýär.
Ertesi ejesiniň aýdanlaryny sallarlap görse,asyl,onuň özi hem soňky bir aýyň içinde
şowsuzlyk barada pikir etmedik wagty bolmandyr.Özüne ynamy güýçli bolsa-da,şu güne
çenli şowsuzlygyň kesekiniň günäsi bilen amala aşjagyny bilmändir,bir säwlikde şol
ýagýaýa özi düşer öýdüpdir.Indi bolsa ejesi onuň gözüni açdy.Ol nemme zada
düşündi.Şol sebäpli hem çykyş etmeli güni jaýyndanam gozganmady,öňki endigi
boýunça ýaryşa barmaly halyna ýatdy.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň(GDA)
ýygyndy komandasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary A.Kolesow gelip, ýaryşa
çagyrmadyk bolanda,ýatyp, asla öýdenem çykjak däldi.
–Alty,sen bu gün 75 kilogram agramda däl-de,82,5 kilogram agram kotegoriýasynda
çykyş etmäge goýberilýärsiň!-diýip,Kolesow oňa “täsinligi” gürrüň berdi.
–Men,ilki,75 kilogram agramda çykyş etmäge taýýarlandym,ýaryşa bir sagat galanda
ony üýtgetmäňiz näme?-diýip,bulutsyz gün gök gürlän ýaly tisginen Altymyrat
sorady.Şol bada hem ejesiniň aýdanlary ýadyna düşdi.”Käbäm ejem,sen meni mydama
goraglap gelipdiň,indi hat-da dünýäňi täzeläňde hem aladamy edip ýörsüň.Oňa nädip
jogap berip bilerkäm?”diýip,başyny ýaýkady.Duýgudaşlyk edýän ýaly,ispan topragyna
negä bir ýagýan ýagyş ýagyp başlady-da,onuň ýaňagyny ýalady.
–Bilmedim,ony Alekseýew çözýär-diýip,ýüzi düýe daban ýaly galňan Kolesow
perwaýsyz jogap berdi.
Olar ýaryş geçýän uly zalyň kömekçi otaglarynyň birine,baş tälimçi Alekseýewiň
ýanyna bardylar.Asyl ol ýerde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçy
işgärleriniň ählisi-prezidenti,wise prezidenti,baş sekretary,hatda Abramýan hem bar
ekeni.Altymyrat olaryň bu ýerdeligini diňe şu ýere gelende bilip galypdy.Eýýäm 75
kilogram agramda çykyş edýänleriň ýaryşy tamamlanypdy.Bu agramda çykyş eden
moldawan Kasapu 357,5 kilogram göterip,birinji,kubaly Pawla Lara 354,5 kilogram
199
göterip ikinji,koreýaly Kim Mio Nan 352,5 kilogram göterip üçünji orny eýeläpdiler.indi
gezek 82,5 kilogram agramly sportçylaryňkydy.
Altymyradyň damarlary joýa-joýa bolup gatady,ömründe birinji gezek
dyňzap,bokurdagyna gelen gaharyny saklajak bolup yzly-yzyna ýuwdundy,her zatda
bolsa özüni dürsäp:
-Wasiliý Alekseýewiç,bi näme etdigiňiz boldy? Siz şeýle-şeýle diýdiňiz,menem
aýdanlaryňyzy ýerine ýetirdim,soňky pursatda lebziňizi ýuwutdyňyz?-diýdi.
–Alty jan,düşün,etjek bolýan zadymy maňa etdirmediler.Ýokardan gelen buýruk.Men
seni 82,5 kilogram agramda çykyş etmäge goýberjekdim,emma iň soňky pursatda ýeriňe
başga birini sokmaly boldy.
–Ony bilýän bolsaňyz,näme üçin duýdurmadyňyz?
-Aý,şeýle boldy-da,Alty.Duýdurmaga pursat hem bolmady,onsoňam, “sen bir
ýuwaş,sada,dilsiz –agyzsyz oglan,düşünersiň-le” diýdim.
–Indi meni 82,5 kilogram agramda çykyş etmäge hem goýberjek dälmi?
-Alty,düşün,seniň saglygyňy howp astyna salasym gelenok.
–Men öň bu agramda çykyş edip dünýä rekordyny täzeläpdim,382,5 kilogram
göteripdim,siz ony bilýärsiňiz,şonda-da ýaryşa goýbermejek bolsaňyz munuň özi eýýäm
eden-etdilik bolýar.Onda meni näme üçin çagyrýarsyňyz?
-Saňa nebsim agyrdy-da,göreýin,teselli bereýin diýdim.Bilýän,ýaryşa çyksaň bu
kategoriýada hem asgyn gelmejegiňi,ýöne,seň saglygyňy orta goýasym gelmedi,ýokardan
gelen höküm hem güýçli boldy..
–Ýaşuly,türkmenlerde ygrara wepalylyk iň ýokary,gowy häsiýetleriň biri hasap
edilýär,ol adam jemgiýetde sylanýar,hormatlanýar.Siz-de bolsa jinnek ýaljagam ygrar
ýok ekeni...diýdi-de,-Altymyrat “Ismi agzam” dogasyny okap,elini ýüzüne sylyp,oň
gowy tanamadyk,indi bolsa geçi pisint adamdan daşlaşdy..
82,5 kilogramda çykyş edýänleriň üçüsi hem iki görnüş boýunça deň netije, 370
kilogram göterdiler,kimiň haýsy ýeri eýelänligini bilmek üçin bolsa olaryň agramlary
çekildi.
Netijede
gresiýaly
Kiordimos
birinji,polşaly
Semýon
Kşetow
ikinji,ýokardakylardan 50 gram agyr gelen Ibragim Samedow üçünji ýeri
eýeledi.Baýraklar gowşurylanda bolsa üçünji ýere mynasyp bolan Samedow özüne
berilen bürünç medaly ýere taşlap,aýagy bilen depgiledi-de,çykyp gitdi.Beýle
masgaraçylykly
ýagdaý
Olimpiýa
ýaryşynyň
taryhynda
heniz
görülipeşidilmändi.Netijede rus toparynyň gazanan medallarynyň biri hasapdan öçürildi,
ýolbaşçysyna soňky käýinç berildi.Bu masgaraçylygyň soňunyň näme bilen
gutarjagyna,ýurduna gaýdyp baranda,bolmanda wezipesi bilen hoşlaşmaly boljagyna
düşünen Alekseýew nirädir bir ýere ýitirim boldy.Gör-ä,muny!Alla tagala Altymyradyň
okan dogasyny kabul edip,adalatsyzlyga ýol beren adamy masgaralady,il öňünde ryswa
etdi.Ýogsam,ol nirädir ýitip,adamlardan gaçyp ýörmezdi ahyryn.Aý,ol jähenneme gitsinle!
Altymyrat
indi
nätmeli?Gursakda
tirpildisi
barka,kime
synyk
göwnüni
seýiklletmeli?Heňňam göçünde maýrylan är ýaly bolana,kim teselli bermeli?Eýsem ol
nätmeli?Gapyl adam ýaly, jyzlan ömrüni arza ýazmak,derňetmek,günäkäri tapmak işlere
sarp etsinmi?Ýok,wezipe ol däl,gaýtam, gara nebsi üçin şeýle işi edýän pes adamlaryň
dogry ýola düşmegi üçin göreşmeli.(Ol hiç mahal matlaply haýyr etmändi,etmezem.)
Işleşýäniň paýhasy biçilen ynsapsyz,ygrarsyz adam bolsa nädip göreşmeli?Birki
ýyllykda tälimçisi Abramýan”Meniň Alekseýewe ep-eslije bergim bar”diýip,dilinden
sypdyrypdy.Indi pikir edip görýär weli,Abramýanyň geljek ýyl daşary ýurda
200
gidýänlihgine garamazdan , şu ýaryşa gaýtmazlygyna şol bergi sebäp bolan bolaýmasyn?
Belki,Alekseýewiň bu haýynlygyny hem şondan gözlemelidir?onda-da ol soňky pursatda
ýaryşy görmäge gelipdir,oňa näme diýjek?Adam alasyny tanap bilmeseň mydam
jowranyp ýörmeli bolýarsyň.Ýöne,kimem bolsa birine ynanmaly bolar ahyryn!Dogry,ol
hemmelere ynanýar,hemmeleriň hem özüne ynanmagyny isleýär.Ýaryşa bile gelen
ýoldaşlary"Alty,sen heniz ýaş,gelejegiň öňde,gaty gynanma,bu gezek bagtyň
çüwmedimi,indiki Olimpiada gatnaşarsyň,ýeňyş gazanarsyň.Bizem öz tarapymyzdan
Alekseýewiň bu eden-etdiliginiň jogabyny aljak bolarys”diýip,göwünlik berýärler.Oňa
1988-nji ýylda heniz ýaş diýdiler,indem aýagyna badak atdylar,haýynlyk etdiler,indiki
1996-njy ýyla bolsa onuň ynamy gaçdy.Öň dyňzap kenaryny ýarjak bolýan ynamy
gaçdy.Bolmanda-da,süýtde agzyň bişse,suwa müňkür gararsyň...
--3—
Barselolanyň Remblo köçesiniň iki gyrasy dukandyr-naharhanaly,köp adamlydy.Bu
köçe bilen barýan,ýetim göwünli,hemişe haýyrly pälwanyň örüsi daraldy,hyrydarsyz
halal niýetleri gowşady.Aýagy hereket edýär,emma nirä,näme üçin barýanyny
bilenok.Olimpiada özüniň iň arzyly oýnudy,şonuň bilen birlikde ol Güllere hem ýeňiş
bilen dolanaryn diýip söz beripdi.Wah,ýaryşa goýberilen bolsa ol özüniň kimligini,nämä
ukyplydygyny,dünýädäki milliardlarça adamlaryň içinden ýeke-täk öňe çykyp,iň agyr
daşy göterip bilýänligini äleme subut etjekdi,diňe bir onuň üçinem däl,bäş-alty ýyllap
sokjap emen ene süýdüniň halallygynyň hatyrasyna etjekdi.Ol Rahmanberdi aganyň
nygtaýşy ýaly”çylşyrymly durmuşyň muşakgatlary”iň bir mukaddes hasap edilýän sport
dünýäsine aralaşandyr”diýip,ýatsa-tursa pikir edmändi,onda-da”Dostluk we mähir bilen
gurşalan meýdança-da her bir şahsiýetiň fiziki we şahsy kämilliginiň ösmegine ýardam
bermegi maksat edinen Olimpiýa ýaryşynda”şeýle adalatsyzlygyň dörejegine ynanasyň
gelmeýärdi.Her dört ýylda geçirilýän bu mukaddes oýunlaram ýa, obada bolup geçen bir
waka ýaly çär-ä öwrüläýdimikä?Bürküç ýyllykda obanyň barjamly kişisi Pygamber ýaş
toýuny belledi.Kim oňa niýet-päline atlanyp,göwün yhlasyndan alabag işip gelýär,kim
äpet halyny egnine atyp,ýegşerip, zordan ýöräp gelýär.Şonda,köňlüniň ýyly sözüni
sakgaldaşyna arzuwlap duran bir mysapyr kişiniň elinden mikrofony aldylar-da”Haly
getirýanler üçin gezek binobatdyr”diýdiler.Sadaja geýnen adam tasdanam aýak astynda
basgylanypdy.Ýöne,bu wakanyň Altymyrada näme dahyly bar?Ol ýerde ýürek
ýylysyny,arzuwyny dostuna aýtmaga geleni gyrakladyp,haly getiren ýaranjaňa nobat
berildi,bu ýerde kimede bolsa ýokardakylaryň birine ýaranjaňlyk etjek,ýa pul gazanjak
bolan Alekseýew ony ýaryşdan çetleşdirdi.
Ýürek ýaly mert zat ýok.Oňa jahana sygmadyk zatlar sygýar,ýürek ýaly duýgur zat
ýok,ol gözden öň görýär,gulakdan öň eşidýär,dilden öň sözleýär.Ýaregiň mertligi
gowy,ýöne...Altymyrat häzir hiç zady göresi,eşidesi gelenok.Ol agyr ýüküň astynda
galdy,ganatlary gyryldy,dünýä hasraty başyna indi.Şeýle ýagdaýda ynsanyň gözünde
dowzah ody lowlaýar,töweregine ýigrenç bilen garaýar.Şeýle nazar köpeldigiçe dünýä
düýrügip başlaýar,onuň soňy bolsa ýowuz hasrat bilen gutarýar.
Altymyrat oňa düşünýär,şol sebäpli hem ýüregindäki ýigrenji uzak saklasy
gelenok,ýöne
islese-islemese
gahary
gowzaýança
saklamaly
bolýar.
Hawa,ol agyr gaýgyny,ahmyry başyndan geçirýär.Ahmyrly bolup gaýdan diňe ol
däl,Türkmenistanyň tutuş MOK-y diýseňem boljak.Şu ýerde haýran galaýmaly bir
ýagdaý bar.Olimpiada gatnaşýan-a bir adam,onuň üsti bilen näçe adam çykdajy bary
çykarylyp Barselona barypdyr.Baryp taň edipdirler,ýöne bir san bolmaly däl-de,adalatyň
201
berjaý bolmagyny üpjün etmeli ekenler.Bolmasa olaryň ol ýerde nä körleri bar?Eýsem
olar Olimpiada gatnaşmaga hukuk gazanyp bilen,baýrakly orunlara dalaş edýän ýeke-täk
türkmen gerçeginiň ýaryşa-da çykyp bilmän gaýtmagynda näçerägem bolsa özlerini
günäli duýýarmykalar?Goý,muny olaryň wyjdanlary jogap bersin.Ýogsam, jogapkär
işgärler eýeleýan wezipelerine has hem jogapkärli,yhlasly çemeleşen bolsalar beýle
ýagdaý bolmaly däl ahyr
Hawa,Altymyrat gynanýar,onuň gynanjyna bütin türkmen halky goşulýar.Ol her
gezek ýaryşdan uly ýeňiş bilen gaýdyp gelende dogan-garyndaşlary,ulus-il begenýär,şu
gezegem onuň Olimpiadadan altyn medally gaýdyp gelmegine garaşýarlar.
Ýöne,nätjek!?Adamyňky hemişe şowuna bolup durmaýar.Dogry,asuda akyp barýan
durmuşyň kä wagtlar tersine sowulaýýan pursatlaryda bolýar,ýöne şeýle pursatda ruhdan
düşmezligi başarmak welin,hemmä başardyp durýan däldir.Oňa”Sende şeýle akymyň
hötdesinden gelmäge güýjüň bardygyna ynanýandyrys,Altymyrat!.Ine,şu ynam hem bizi
begendirýär.Sen heniz ýaş,ýaňy ýigrimi üç ýaşadyň,görjegiň öňde,uly ýaryşlaram
öňde,entek-entekler
altyn
medallary
köp
getirersiň
diýen
ynam
bar”diýýärler.Hawa,boljak iş bolansoň,gönüläp aýtsak,öňdenem ýetim Altymyrady beýle
uly,jogapkärli ýaryşa ýöne bir “bar,pylan zady dukandan alyp gel”diýen ýaly edip
ugratmagyň
özi
hiç
heňe
gelmeýän,trkmeniň
başdansowmalygymyzyň,
owarramçylygymyzyň netijesi dälmi?Altymyrat ýagdaýyň şeýle boljagyny ýolbaşçylara
duýdurypdy ahyryn,şonda-da oňa hemme zat gül-ala-güllük diýip,gitseň bolýar diýen
ýaly yzyndan iteläp ugratmaklaryny näme bilen düşündirjek?Bar,aýdaly GDA döwletleri
öz toparlaryny rus ýygyndy komandasynyň ýany bilen ugratmaga ylalaşypdyrlar
diýeli,ýöne,türkmenistandan beýleki döwletleriň jogapkär adamlary öz toparlarynyň ýany
bilen ýaryşa bardylar ahyryn!Asyl,indi görüp otursa,türkmenistanlylaram il deňinde ol
ýere baran bolsa nätjek!Peýdasyz baranlarynda näme?Biz Altymyrada “seniň sarpaň
türkmen halkynyň ýanynda örän belentdir,köňlüňdäki gaýgy-hasraty bir ýana zyňda
başyňy belent tut,gussa çekmek namarda ýaraşar” diýip üznüksiz gaýtalasagam,onuň
hasratyny birjikde gowşadyp biljek gumanymyz ýok.Damarynda türkmen gany akýan her
bir ynsan Watanyny,göbek ganynyň daman ýerini gözüniň göreji ýaly
görýändir,söýýändir,ýöne hiç kim hiç wagt Altymyradyň watansöýüjiliginiň derejesine
ýetip bilmez.Oňa”Sen,Watanyňda ýaşa-da,gerek wagty biziň ýurdymyzyň adyndan çykyş
edip ber,biz saňa gowy ýaşamak üçin ähli mümkünçiligi döredeli,ýylyňa pylança million
dollar bereli”diýip,öwran-öwran aýtdylar,emma ol ony etmedi,aç bolsa-da,horlansa-da
Watan mukaddesligini harlamady,eýsem muny Altymyratdan başga kim edip biler?Oňa
“Nähak edilen işiň ýerde galýany ýokdur,Alekseýew irde-giçde bu etmişi üçin jogap
bermeli bolar,hat-da öz wyjdanynyň öňünde hem jogap bermeli bolar”diýip,göwünlik
berýärler.Olar ýene”Seniň namartlyk bilen bäsleşikden çetleşdirilmegiň bize,ýaryşa
gatnaşýan ýüzlerçe sporçylara örän agyr täsir etdi.Seniň egsilmez güýç-kuwwatyň bar,biz
oňa ynanýarys,ruhdan düşme-de,beýleki ýaryşlara taýýarlanyber,sebäbi sen Olimpiada
heniz tanalmaýan agyr atletikaçy hökmünde däl-de,eýýäm,dünýä janköýerleriniň uly
söýgüsine mynasyp bolan sportçy hökmünde gelipdiň.Seniň munda günäň ýok.Oňa diňe
sen däl,bütin dünýä ynanýar,ruhdan düşme-de,geziber.Biz ýüzlerçe sportçylaryň gol
çekmeginde Alekseýewiň bu gabahat herekedini derňemegi,oňa adalatly baha bermegi
talap edip,Moskwanyň Olimpiýa komitetiniň başlagynyň adyna arza berdik.Ol işi bilen-ä
hoşlaşar welin,jogapkärçilige hem çekilmegi ähtimal”diýdiler...
Ýeri gelende bellemi zat,dogrudanam,dolanyp baran batlaryna berk käýinç bilen
Alekseýew işinden boşadyldy.Öz etmişi üçin wyjdanynyň öňünde hem ezýet baryny
202
çekenligi barada käbir maglumatlar bar.Bu barada şu setirleriň ýazaryna agyr atletika
boýunça Türkmenistanyň tälimçisi Ykram Mätkerimow soň bir aýlowda gürrüň
berdi.(Şol Altymyrat neressäniň okuwa salyp,ugrukdyryp goýberen ýigidi)
”2002 –nji ýylda Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilen dünýä çempionatyna
gatnaşmak,türkmen pälwanlaryna hem miýesser etdi-diýip,ol gürrüňe başlady-Ol ýere rus
ştangaçylaryň tälimçisi bolan Wasiliý Alekseýew hem baran ekeni.Men onuň barlygyny
eşidip,şu wagta çenli özümi birahat edýän soraglara jogap almak maksady bilen
duşuşmak isledim,has dogrusy oňa jaň edip”Men saňa türkmen palowuny
iýdirjek,gel,hormatly myhmanym bolarsyň”diýip,çagyrdym.Ol bolýa diýenem bolsa
gelmedi.Men ikinji gezek oňa jaň etdim.
–Ykram,men baryp bilmen,Alty neressäniň,bütin türkmen halkynyň öňünde
geçirimsiz iş etdim,barsam siz meni öldürersiňiz.Türkmenleriň ygrarly adamlardagyny
bilýän, Alty janyň aýdyşy ýaly men ygrarymy ýuwutdym,şol sebäpdenem,günämi
geç,baryp bilmedigim üçin ýazgarma-diýip, jogap berdi.
-Ýaşuly,meniň kalbymda şu güne çenli size bolan ägirt ýigrenç möwç urýar,ikiçäk
bir ýerde gabat gelseňiz her zadyň bolaýmagy ähtimaldygyny aradan aýyrmaýaryn,ýöne,
wagt geçdigi saýy gahar ýumşaýar,şonda-da Alty neressäniň iň arzyly,iň
höwesli,ömrüniň ýeke-täk guwanjy hasap eden ýaryşyndan hut siziň günäňiz bilen
galanlygy ýadyma düşende,şol öňki gaharlarym ýene bokurdagyma geläýýär.Alty meniň
üçin iň ýakynlarymdanam ýakyndy,özümiň adam bolup gitmegimde onuň täsiri
bardy.Hawa,siziň wyjdanyňyzyň öňünde ezýet çekýänligiňizi eşidip süňňüm
gowşady,ýöne,beýle ynsapsyzlyk etmäge saňa nähili güýç täsir etdikä diýen sorag
günüme goýanok.
–Boljak iş boldy,wagt geçdi,indi bu soragyňa arkaýyn jogap berip bilýändiýip,Alekseýew sözüni dowam etdi-Olimpiada gatnaşmaga hukuk almak üçin SankPeterburgda bolan ýaryşda çeçenistanly Ibragim Samedowyň ýaryşda Altymyratdan
galyp,üçünji ýere düşenligini bilýänsiň.Hut şol sebäpli hem men Alta 75 kilogram agram
kategoriýasynda çykyşa taýýarlanmaly boljagyny aýtdym.Ol şony hem etdi.Barselona
gitmäge baş gün galanda Podolskä Rus Federasiýasynyň Ýokary Sowetiniň başlygynyň
orunbasary Hasbulatow gelip”Näme üçin Olimpiada gidýänleriň arasyna ýekeje çeçen
sportçysyny goşmansyň?Orsýetde ýaşaýarsyň,işleýärsiň,ýeterlik aýlyk alyp,ýokary
wezipäni eýeleýärsiň,emma Watançylyk duýguň ýabygorly”diýdi,menem”Aý,ine,şeýleşeýle,kim ýeňiji bolup hukuk gazansa ýaryşa şol gidýär,düzgün şeýle”diýip jogap
berdim,onda ol”Men başgaňy bilemok,ýöne işiňde işlejegiň çyn bolsa diýenimi
edersiň.Muňa buýruk diýseňem bolar”diýdi.Ýeri onsoň,men nädeýin?Ýokary Sowetiň
başlygynyň orunbasarynyň buýrugyny ýerine ýetirmän bilmen ahyryn.Ine,onsoň iň soňky
pursatda Ibragim Samedowy gatnaşýanlaryň hataryna goşup alyp gitmeli
boldum.Ilkibaşda ony alyp gitsemem,ýaryşa Alty gatnaşar,altyn medala eýe bolar diýen
pikirdedim,emma kimem bolsa biri bu pikirimi ýokaryk ýetiripdir,onsoň ol ýerden
“Buýruk ýerine ýetirilmese Barselonadan geljegem bolma”diýdiler.Dogrumy
aýdaýyn,gorkdym,ýöne beýle etmeli däldim.
–Hawa,beýle etmeli däldiň.Bu hereketiň üçin barybir seni işden
aýyrdylar,Altymyrady ýaryşa goýberen bolsaňam zor etseler işden aýyrardylar,ýöne oňa
derek ýurdyňyzyň altyn medalyň sany köpelerdi.Sen bolsa ne altyn aldyň,ne
kümüş,ýaryşda üçünji ýere düşüp alan brünç medalyňam-a,Ibragim Samedow aýagy
bilen depgiledi,netijede Olimpiýa komiteti ony hasapdan aýryp,döwlet bürünç medaldan
203
mahrum boldy.Ýeri aýt,sen ýaman atdan,masgaraçylykdan, kemsidiji sözleri eşitmekden
başga näme gazandyň?
-Şondan başga gazanan zadym ýok.Men Arhangel oblastynda dogulan hem bolsam,
dostum Ýuriý Wlasowyň Rostow oblastynda,Don derýasynyň boýundaky dynç alýan
mesgeninde eden
türgenleşigimden bäri,aýalym Olimpiadanyň,(geň görme
hakykatdanam onuň ady şeýle),maslahatlaryna gulak asýaryn.Bilýämiň ol näme
diýdi”Sen “sport güýjüňe bil baglap,hakyky ýeňşi gazanmagy hem-de mertebäňi
peseltmän utulmagy ýa utmagy, diňe durmuşy däl,eýsem ony gurşap alýan ähli zady
öwredýär”diýärsiň,emma Barselona-da sen şol aýdanlaryňy unutdyň”diýdi.Aýalym dogry
aýdýar.Her bir sportçynyň edil artistler ýaly ykrar edilmegi gerek,gowy artist köpçülygy
güýmeýär,sportçy bolsa ilki geň galdyryp janköýer gazanýar,soň ony tolgundyryp,özüni
söýdürmäni başarýar.Köpçüligi diňe adatdan daşary bir täsin hereket bilen geň galdyryp
bolýar,şonda seni ykrar edýärler.Alty şeýle ykrar edilen,dünýäde deňsiz-ytaýsyz,ýeke-täk
sportçydy.Onuň
gazanan
netijesini
gaýtalap
biljek
gerçek
tapylar
öýdemok.Gorkaklygym zerarly eden ýaramaz herekedim onuň at-abraýyny asmana
göterdi,meni bolsa örän pese düşürdi...”diýip,ol jogap berdi...
Hawa,wagt kerweni geçip barýar.Olimpiadanyň netijesi onuň peýdasyna
bolmady,ýöne onuň edibiljek zady ýok,bir gynandyrýan,özem gaty gynandyrýan
ýeri,Gülleriň öňünde dili kelte bolýanlygy.Günäsi bolmasa-da,üç toýy birleşdirip belläris
diýip,küpür gepläpdir.Mydam hyýalynda şu pikir.Onuň hilesiz,emelsiz adamkärçiligi,her
bir
kişini,isle
uly
bolsun,isle
ýaş-ýeleň,mertebesini
ulaldyp
gidýänem
bolsa,aý,garaz,özüňe näçe gowy diýdirsede aýagyňa badak atjak tapylar ekeni.Ýaryşa
hyjuwy gaty uludy.Watanyň abraýyny galdyrmak niýet-pälidi.Garşydaşlaryndan gözgörtele bir mertebe artykmaçlygy aýan ýagdaýda hem,altyn medaldan mahrum bolmagyň
her neneň edenli ýigitleri göwniçökgünlige batyrjakdygyny hasaba alsaň,onda öz milli
buýsanjymyz Altymyradyň mertligine haýranlar galyp,aňyrsyna ýetip bilmeýärsiň.Iň
ýamanam,bu wakanyň sebäpkärleriniň Soýuzyň dargamagy netijesinde,öz eden
biedepligi üçin hiç hili jogapkärçilik çekmänligidir.Aslynda Altymyrat beýle çäräni
islemeýärdi hem.Onuň ýeke-täk islegi,hiç kime görünmän obasyna gaýdyp barmak.Ol
ýene bir aýdan Güller bilen durmuş toýuny toýlamalydy,onuň üçin bolsa etmeli işleri
sanardan agdykdy.
Hut şu sebäpli bolsa gerek,ol Barselonaly waka mynasybetli Türkmenistanda
geçirilen Metbugat ýygnagyna hem gatnaşmady.Ýygnagy Türkmenpress habarlar
agentligi we Türkmenistanyň sport jurnalistleri gurapdyr.Ýygnakda Türkmenistanyň
milli Olimpiýa komitetiniň (MOK)prezidenty Aman Şanyýazow çykyş edip,şeýle diýdi.
–Arkalaşygyň çempionatyndan soň,GDA-nyň agyr atletikaçylarynyň ýygyndy
komandasyny toplamak bilen baglanyşykly düşnüksizlikler Barselonada hem dowam
etdi.Birleşdirilen toparyň ýolbaşçysynyň orunbasary A.Kolesowyň Altymyrat
Orazdurdyýewiň agyr atletika boýunça halkara federasiýasy tarapyndan,onuň taýýarlyk
gören 75 kilograma çenli agram kategoriýasynda däl-de,82,5 kilograma çenli agram
kategoriýasynda çykyş etmäge goýberendikleri hakyndaky habary,ilkinji garaşylmadyk
ýagdaý boldy.Aslynda ol ony ýaryşa çykmaga sanlyja pursat galanda yglan edipdir,emma
ýaryş güni Altymyrady oňa hem goýbermediler.Ýygyndy toparyň baş tälimçisi
W.Alekseýew GDA-nyň sport soweti rugsat bermezden özbaşdaklyk edip,ony olimpiýa
ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanowyndan aýrypdyr...
Türkmenistan gazetleriniň,telegörnüşleriň we radiosynyň,Moskwada çykýan
neşirleriniň bir topary Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary
204
Alekseýewiň
eden-etdiligine
ýol
bermän
bilermidiler?”
diýen
sowala
A.Şanyýazow”Alekseýew öz hereketlerini amala aşyranda bize çäre görmäge wagt
goýmady,ol Altymyradyň ýaryşdan çetleşdirilenligini,diňe sportçylaryň agramlarynyň
çekilmegine 15 minut galanda yglan etdi”diýip,jogap berdi.(Bu ýerde Türkmenistanyň
ýokary wezipeli adamlarynyň özlerini bir tomaşaçy hökmünde alyp barmaklary geň
galdyrýar,olar Altymyradyň çykyş etjek wagty haçan,haýsy toparda,sagat näçede,haýsy
resminamada bu zatlar hasaba alynypdyr,şular ýaly meseleler bilen bir hepde öňünden
gyzyklanyp,ähli zady ýerli-ýerinde goýmalydylar,emma Merkezi Olimpiýa komitetiniň
agzalary bolup,”Bize çäre görmäge wagt goýmady”diýip, özleriniň gönümel wezipe
borçlaryna başdansowmalyk etmekleri, eýsem geçirip bolmajak hata dälmi?) Iki gün
geçeninden soň, Alekseýew sport sowetimiň Türkmenistan toparynyň talaby boýunça
çagyrylan ýygnakda öz herekedini şeýle düşündiripdir,hamala diýersiň,Altymyrat 82,5
kilograma çenli agram kategoriýasynda üstünlikli çykyş edip bilmejek ekeni,sebäbi, ol
has ýeňil agramda-75 kilograma çenli agram kategoriýasynda çykyş etmäge
taýýarlanypdyr.(Altymyrada şeýle görkezme beren onuň hut özi ahyryn).Ine,şu ýerde
ýaryşa ugramanka Altymyradyň tälimçisiz,jogapkär adamsyz beýle möhüm ýaryşlara
sportçynyň diňe özüni ugratmagyň ýalňyşlygy baradaky pikiriniň dogry çykýanlygyna
göz ýetirýärsiň. A.Şanyýazow sportçyny ýaryşlara gatnaşmaga goýbermäge ýa-da
goýbermezlige W.Alekseýewiň resmi taýdan hakynyň bardygy ýa-da ýokdugy
hakyndaky sowala jogap berende,şular ýaly ygtyýarlaklary oňa hiç kim bermändi
diýip,nygtap geçdi.Olimpiýa komandasynyň sportyň beýleki görnüşleri boýunça uly
tälimçilere hem şular ýaly ygtyýarlaklar berilmändir,ýöne, olaram kä halatlarda öz
sportçylary babatda şular ýaly hereketlere ýol berenligi geçmişden görünýär.
Jurnalistleri jogapkärçilikli ýaryşyň öň ýanynda,sportçynyň tälimçisiniň,bolmanda onuň
ýerine başga bir jogapkärli adamynyň goýulmanlygy baradaky sowal
tolgundyrýardy.”Abramýany biziň ýurdymyzyň Milli olimpiýa komitetiniň resmi
toparynyň hataryna goşup bolardy-diýip,A.Şanyýazow jogap berdi-Emma biz tälimçiniň
Merkezi Olimpiýa komitetiniň ugry boýunça Barselonada ýerleşdirilmeginiň oňa nähili
hukuklary berýändigini olimpiada çenli bilmeýärdik.”(?)
Şeýle hem ol Altymyrat bilen bolan wakany jemläp,Türkmenistanyň MOK-y
türkmen sportçylarynyň sportyň dürli görnüşleri boýunça ýakyn wagtlarda boljak uly
halkara ýaryşlarynyň hemmesine goýberilmegi hakynda aýratyn kararyň kabul
edilmegini haýyş edip,Halkara olimpiýa komitetiniň prezidenty H.A.Samarança ýüz
tutjakdygyny aýtdy.
Ine,Altymyradyň başyna düşen ähli şowsuzlyklaryň gözbaşy nirede ekeni.Olimpiada
geçmezinden öň öz etmeli işlerini etmän,Altymyrady ýöne bir başga ýurdyň toparyna
goşup goýbermekligiň baryp ýatan başdansowmalykdygyny burny sümükli çagada
düşünýändir.Onuň şeýledigini Şanyýazowyň özi hem,”Barselona Abramýana hähili
hukuklaryň berýänligini ýaryşdan öň bilmeýärdik”,”ýaryşlara goýberilmegi hakynda
aýratyn kararyň kabul edilmegini haýyş edip,Samarança ýüz tutjak”ýaly jümleler
tassyklaýar.Özüň garaşsyz döwlet bolup,ýerine ýetirmeli işleriňi başdansowmalyk
edip,wagtynda ýerine ýetirmän,soňam munda başgany günälemek gaty gelişiksiz
görünýär.Gelşiksizem bolsa ýagdaý görüp durşuňyz ýaly.Bulary diňläp
pikirlenýärsiň,kelle döwýärsiň,emma etjek alajyň ýok.Durmuşda käte ýadyňa-oýuňa
düşmäýan zatlar bolar ekeni.Sen-ä taýýarlanyp,ynamyňy ýüregiňe besläp,ata mekanyň
şan-şöhradyny beýgeltmek maksady bilen ýaryşa barýarsyň,ol ýerde bolsa aýagyňa badak
atagetdin seni duýdansyz agdaryp goýberýärler.Onsoň nähili hasraty başdan
205
geçirersiň?Munda,türkmeniň göz-guwanjy,milli buýsanjy,tükeniksiz gujur-gaýratly,uly
ýeňişleri gazanan ilkinji sportçysy Altymyradyň nähili güne düşenligini göz öňüne
getirmegem kyn...
--4—
Altymyrat bu günem,özüni garşylamaga Aşgabada gelen Orazberdi,Rahmanberdi
aga,Annaberdi aga,Garýagdy aga,Tiktiş Tagan,Baýram Nury,Ata Muhat dagylar bilen
saglyk-amanlyk soraşyp,olar bilenem otla mündi.Garybata menzilinde düşüp,öýüne
geldi.Daň atyp barýanam bolsa,daşary heniz garaňky-dy.Işikdäki bagyň içi irginsiz
jürrüldiden,her hilije seslerden doludy.Olary diňleseň,ýaşlygyň,geçmişiň ýadyňa
düşýärdi.Her hilije pikirler gaplap alýardy.Gijäniň tümlüginde asmany bezeýän
ýyldyzlar,günbatara uzalyp gidýän “Akmaýanyň ýoly”ýyldyzlar toplumy,gündogardan
ýalpyldap çykan daň ýyldyzy,Ýedigenler,ýaşyp barýan Aý,Zöhre ýyldyzy
gyzyklandyrýardy,ir turup,olara seretmäni gowam görýärdi.Orta asyrlardan bäri asmanyň
ýedi
planetasy,Gün,Aý,Merkuriý,Wenera,Mars,Ýupiter,Saturn
adamlara
belli
bolupdyr(Uran,Neptun we Plutan planetalary soň açylypdyr,Ýer şary bolsa adamyň
aýagynyň
diregi
hökmünde
hasaba
alynmandyr),ýene-de,ýedi
metalyaltyn,kümüş,mis,demir,gurşun,symap,rtut bilipdirler.Şol sebäpli ýedi planeta ýedi
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 25
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.