Latin

Topraga duwlanan ägirt - 34

Total number of words is 2849
Total number of unique words is 1691
31.3 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
52.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Ezizim,Maksat jany getirerler,arkaýyn bol!Ýagdaýyň nähili?
-Ýan bermejek bolýan,ýöne,agam Orazberdi söwer inisini,obam bolsa öz adyny arşa
göteren ýeke
perzendini gorap, saklap bilmedi-diýip,ol dodagyny dişläp,başyny
ýaýkady-da,sag eliniň başam barmagyny galdyrdy.
Güller çagyrylýandyr öýdüp.,onuň ýanyna bardy,emma ol barýança el eýýäm aşak
sallandy.Otagyň içindäkiler,Güller doňan ýaly bolup galdylar. Altymyradyň türkmen
üçin gymmatly ruhy,dünýäniň iň uly hossaryna gowuşmak üçin mukaddes äleme uçup
gitdi.Indi oňa tok hem,Gülleriň agysy hem kömek edip biljek däldi..
–Iline ikilik etmän şöhratly ömür sürdi,ölende hem mertlerçe öldi.Razy bol,
türkmeniň gerçek ogly,ýatan ýeriň ýagty bolsun!-diýip,nämäň nämedigine göz ýetiren
Andreý onuň açyk gözüni ýumdurdy.
Güller özünden gitdi.Ol hakykatdanam ýarowsyzlygy sebäpli, Altymyradyň agaç ata
atarlanny hem görüp bilmedi...
Bu ajy hakykaty eşiden türkmen haýran galdy,hiç kim oňa ynanasy
gelmedi.Özlerine ruhy galkynyş,ýaşaýşa höwes,kalblara buýsanç paýlan gerçek öler
diýip,hiç kimiň hakydasyna gelmeýärdi,gaýtam, o habary getirene”Goýsana how,olam
bir ölermi”diýýärdiler.Bu habar açyk asmanda ýyldyrym çakandan enaýy bolmady...
Gerçegi Aşgabatdan oba getirdiler.Akýab obasynyň üstüni gara bulut gaplandy.Birden
şemal turdy,birdenem ýatdy.Ajy habaryň ýaňy ýaýranlygyna garamazdan ýygnanan
märekäniň hetdi-hasaby ýokdy.Edil sil suwy ýaly çar tarapdan gelýärdiler.Diňe
Aşgabatdan gelen sportçylaryň,janköýerleriň sany ýüzlerçedi.Respublikanyň ähli
künjeginden adamlar bardy.Emeli
un gytçylygyny döredip,(käbiri
ony işden
çetleşdirmek üçin ýörüte edilen zat hem diýýärler) abraýyny eşegiň tezegine çalyşan,
Mary welaýat häkimi Gurban Orazow hem özüniň ähli egindeşleri bilen bu ýerdedi.Adamlaryň köplüginden ýaňa aýak basara ýer ýok diýen ýalydy.Bu olaryň pälwana
bolan hormatlarynyň çökderligini aňladýardy.Hut şol sebäpli bolmagam mümkin,
merhumyň öýünden gonamçylyga barýan iki kilometr aralyk adamlardan ýaňa hyryndykyndy.Ine,onsoň Altymyrat neresäni götermän elden ele geçirip,gonamçylyga çenli
alyp gitmeli boldular.Iň soňky ýigrimi ädimi yrym edip egne aldylar.Her kim
iliň,watanyň agyr keşigini egninde göteren gerçegi,öz egninde göterjek,emma ol iň soňky
ýola gidende-d,ile azar bolmaýyn diýip,eginlere agram bermedi.Şeýdip,ony,Apbasabat
gonamçylygyndaky gümmezli ymarada barýan ýoluň sag gyrasynda,ejesi Oguldurdy
283
daýzanyň golaýynda,Ýaponýada ýaşaýan Gylyç baýyň kakasynyň mazaryndan alynan
toprak bilen bile jaýladylar.
Şeýdip ol,şan-şöhradyny,at-abraýyny iline berip,ogly Maksady,aýaly Gülleri yzynda
ýetim goýup,( ýeri gelende bellemi zat,Maksat ösüp ulaldy,Güller maşgala ojagynyň
oduny öçürmän saklap gelýär) ýekeje mal,ýekeje baýlyk galdyrman ebedi gitdi,gitse-de,
türkmen üçin örän bir ajaýyp buýsanjy,ägirt galkynyş duýgularyny miras goýdy,ýaşlara
görelde bolup,nurly ýol görkezdi,sporta höwes döretdi,ony ösdürjek bolup wagz etdi,
arak,nas,neşe ýaly belalara ulaşyp ýörmekleriniň öňüni aldy.Özem onuň herekedi
mekdeplerde sport sapaklarynyň ýatyrylmagyna,sport meýdançalaryna ekin ekilmegine,
on synply okuwyň dokuza getirilmegine,”her öýde bir gram tirýek bar diýip öý döküp
ýörmäň” diýlip, tirýegiň arakdan arzan döwrüne gabat geldi.Ol hut özüniň şahsy
göreldesi,batyrgaýlygy bilen ýokarky aýdylanlara garşy çykdy.Bu bolsa ýolbaşçylaryň
gözlerine “gara nokat bolup” göründi. Hut şu sebäplere görä-de, Altymyrat olaryň
öňünde”Ýaman atly”boldy,onuň saglygyny dikeltmekde dörän perwaýsyzlyk hem şonuň
netijesinde emele geldi.Bizde şeýleräjik bir ýagdaý boldy.(Gynansagam,ol häziren
dowam edýär) Öz pälwanlarymyzy gözümiz görmedi,emma pälwanymyzyň aýagynyň
basan ýerine degmejek daşary ýurtly sportçylary mazamlamaly bolsa hezil edip,uly
makalalar ýazdyk.Eger Altymyrat türkmen bolman nemes,fransuz ýa iňlis bolan bolsa, ol
barada giňişleýin makala ýazardyk,türkmenligi üçinem onuň ýeten derejesini görmezlige
saldyk.Indi bolsa gazanan netijelerine göz gezdirip,biz onuň öňünde telpegimizi
çykarýarys.Eýsem ýalanmy?
Altymyradyň ahlak arassalaygy,ululara hormaty,kiçilere söýgüsi,janly mahluga
bolan hoşamaýlygy hiç bir zat bilen deňär ýaly däldi.Ol hiç kimiň göwnüne degmedi,hiç
kimi özünden ejiz görmedi,gysga ömründe ynsaply bolup,kämil ynsaply ýaşlary
ýetişdirmek aladasy bilen ýaşady.Ýaşan obasynda, etrabynda,dürli künjeklerde agyr
atletikanyň düýbüni tutdy.Onuň gysgajyk ömründe bitiren işleri biziň düşünjelerimiziň
çäginden has ýokarda durýandyr. Onuň şeýledigini wagt görkezer...
Soňy. 1990-1999-nji ýyllar.
Güýji bilen dünýä dolan.11.10.2008.Zaman, jurnalist Atamyrat Şaguly.
Arada öýmüze Beýik Britaniýadan bir uly hat geldi.Ony Mençester şäherinde
ýaşaýan arkadaşymyz Bähmen Akatabaýy ýollapdyr.Hatyň gapdalynda Amerikanyň
Nýu-Ýork
şäherinde çykýan “San Santinil”gazeti-de bar.Gazetiň esli ýerini
“Türkmenleri dünýä tanadan gerçek Altymyrat Orazdurdyýewiň ýaşan ömri bütin dünýä
nusgadyr”atly makala tutup dur.Ony amerikan jurnalisti Jors Kamillione ýazypdyr.
Makalanyň ortasynda belli ştangaçynyň göwrümli suraty ýerleşdirilipdir.
Makalada dünýäniň üç gezek we Ýewropanyň hem üç(dört) gezek çempiony,dünýä
meşhur türkmen gerçegi Altymyrat Orazdurdyýewiň ömür ýoly yzarlanylýardy.Geliň,ol
makalanyň käbir ýerleri bilen tanyş bolalyň.
“...Meniň türkmen ştangaçysy,dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony demir
goşarly Altymyrat Orazdurdyýew hakynda şu gazetde ilkinji çap edilen makalamdan bäri
19 ýyl geçipdir.Ol makalanyň ady”Sowet ýolbarsynyň akyla sygmajak ýeňşi”ady bilen
1989 njy ýylyň 28-nji maýynda çap edilipdi.Görüp otursam,ol bendäniň aradan
çykanynada eýýäm 12 ýyl geçipdir.
284
Hawa,arada men Nýu-Ýorkuň dünýä belli “Worid Sports”klubyna çagyrdylar.Ol
ýerde dünýäde yz goýan türgenleriň Hatyra güni geçirilýär ekeni.Hatyra agşamynda
maňa Altymyrat hakynda çykyş etmegi tabşyrdylar.Meniň nobatym ýetende ,uly
tolgunma bilen söze başladym.
Altymyrat Garaşsyz Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň “Ak
ýap” obasynda,!969-njy ýylda maşgalanyň dokuzynjy çagasy bolup,sadaja bir öýde
dünýä inýär.Daş töweregi aňňat-aňňat gum depeli,gumaksyja ýolly,ekinzarlykly ol oba
heniz iglije bolup dünýä inen,5 ýaşyna çenli ejesini emen,ikinji synpdan tä altynjy synpa
çenli mallaryna ot ýygan,az-kem ulalansoň kolhoz işine gidip,traktoryň tirkegindäki
bedre şekilli guýguja azat guýýançy,soň çaýçy bolup işlän bu çepiksije oglan bilen
adynyň bütin dünýä doljagyny heniz bilmeýärdi.
Altymyrat okuwyny Aşgabadyň ýörüteleşdirilen sport mekdebinde dowam
edýär.Okuwy tamamlap,ol Watan gullugyna gidýär.Ol ýerde sport rotasynda ştanga
göterýär,”Dinamo”klubynyň hatarynda ýaşlaryň arasynda Amerikada
geçirilen
çempionatynda 19 ýaşly ýigit,75 kilogram agramda çykyş edip,dünýäde birinjiligi
eýeländen soň gullukdan boşadylýar.Soňra ol Aşgabatdaky bedenterbiýe institudynda
okaýar.Şeýdip,ol Gresiýada dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar we
Afinada dünýäniň çempiony bolup,Watanyna dolanyp gelýär.Altymyradyň tälimçisi,33
ýyllap bu ugurda işlän,70-den gowrak sport ussatlaryny taýýarlan Bruna Abramýan ol
hakda”Altymyrat ştangany agramy ýok ýaly edip,ýeňil galdyryp bilýär,bu bolsa ajaýyp
türgeniň mümkünçiliginiň entek çäksizdigini aňladýar”diýýär.
1991-nji ýylda Altymyrat ulularyň arasynda dünýäniň çempiony diýen ada eýe
bolýar.Şonda oňa Aşgabatdan jaý bilen maşyn sowgat edýärler.
Wagt geçip,Olimpiýa oýunlary ýetip gelýär.Ýöne,Barselonada geçiriljek şol
Olimpiada dünýäniň iň gýçli gerçegi Altymyrat ,GDA-nyň agyr atletikaçylar ýygyndy
toparynyň baş tälimçisi bolup işlän W.Alekseýew,sport sowetiniň rugsadyny alman,edenetdiligi we özüniň-de şol ýaryşdan soň ýolbaşçy bolup bilmejegine göz ýetirip,gara nebsi
üçin namart hereketlere ýz urmagy netijesinde,göz-görtele namartlyk bilen ýaryşdan
galdyryiýar.Bu ýaramaz hereketler gerçek ýigidiň biline urlan ýaly edýär.Ýöne,gujurgaýrayt,tutanýerlilik,yhlas ynam sil deýin möwç urup akyp barýan ýigidi togtadyp
bilmeýar.
1994-nji ýylda ol Awstraliýada geçirilen dünýä çempionatyna gatnaşýar.
Şunlukda,her egninde bir adam oturaýmaly,çiginleri naw ýaly türkmeniň gerçek ýigidi
bolgarýaly Iwan Teodorowdan 37,5 ,ýaponiýaly Kozuhiro Nishimuradan 65 kilogram
köp göterip,ýagny,agyr atletikanyň iki görnüşi boýunça 357,5 kilogramy göterip,dünýä
çempiony bolýar.
Pikir edip görüň!Bu akyla sygjak zat däl,357,5 kilo!.Beýle agramy göterip biljek
gerçek ýer ýüzünde başga ýokdy.Altymyrat dünýäniň üç gezek,Ýewropanyň hem
üç(Dört)gezek çempionydyr.Ol dünýä derejesinde ägirt uly ýeňşe eýe bolan ýeke-täk
gerçekdir.Bassyr üç gezek dünýä çempiony bolan adam dünýäde başga ýokduir.
1996-njy ýylda(1997,mart) türkmenleriň adyny arşa göteren Altymyrat pany bilen
hoşlaşdy.Ony önüp-ösen obasyndaky şol gumaksyja köçesinden il-halk egnine göterip
gonamçylyga alyp gitdiler.Bary ýogy ýaşan 27(28) ýaşynyň içindeil-halkynyň ,ýurdunyň,
abraýynyň agyr keşigini egninde göterip gelen gerçek ýigit ýeke sapar,diňe şol sapar
eginlere agram berdi...
Türkmenleri dünýä tanadan gerçek Altymyrat Orazdurdyýewiň ömri bütin dünýä
nusgadyr...”
285
“San-Santinil”gazetinde ýerleşdirilen makalanyň gysgaça mazmuny şeýle.
Makalanyň soňunda Hatyra agşamyna gatnaşan müňlerçe adamlaryň çykyşy bir gulaga
öwrülip,käsi gözi ýaşly,käsi buýsançly başyny aşak edip diňländigini hem-de türkmen
gerçeginiň hatyrasyna mähelläniň ör turup,dymyşlyk edendigi aýdylýar.
Makalany tolgunman okamak mümkin däldi.Onsoň türkmeniň gerçek ogly hakynda
pikir edip,öň ol hakynda aýdylan publisist Amanmuhammet Nepesowyň ”Altymyrat”
diýen kitabyny,meşgur mirasgär Ümür Eseniň “Gaýrat goýazy gelende”,halypa jurnalist
Baýram Sähedowyň “Başyňy belent tut,Altymyrat”,jurnalistler Ylýas Amangeldiniň
”Altyn medalyň arka tarapy”,Annamyrat Akyýewiň “Çempion bolmak kyn düşäýmese”
atly makalalaryny,şahyr Hajy Kakalynyň “Altyn alman gelme balam”,Meret Mälikowyň
“Altymyradym”atly goşgularyny birlaý gözden geçirdim.Bularyň hemmesi Altymyradyň
şöhratly ýoly hakynda söhbet açýardy.
Hawa,şu günki ýaly ýadymda,1992-nji ýylyň ýagyşly-ýagmyrly güýz günleriniň
biridi.Telewideniýede işleýärdim.Bu gün “Salama sataşaýyn diýdim”diýip,Altymyrat
ýanyma geldi.Şonda ýüz-gözleri nurana,giň dünýä garaýyşly ýigit bilen söhbet
edip,birnäçe wagt oturdyk.Oň bilen söhbet etmek gyzyklydy,çünki onda öwrenere zat
kändi.Ýyllar hatar gurap geçdi.1996-njy ýylda Magtymguly günlerini bellemäge Beýik
Britaniýa gitdik.Ana,şol ýerde-de bütin dünýäni sarsdyran ajy habar eşitdik.Altymyrat
nerese ýogalypdyr...Iňlis tele-radio ýaýlymlary bu ajy habara gynanç bildirip,birnäçe
sapar gepleşik berdi.Onsoň uçup gelişimize göni ol ýerden onuň aýatyna gidipdik.Şonda
heýkeltaraş Meret Öwez onuň heýkelini ýasamaga niýet edinýändigini mälim etdi.Aradan
köp wagt geçmänkäde heýkel taýyn boldy.
Men aram-aram şol heýkeliň ýanyna baryp,oturyp gaýdýaryn.Heýkelde
Magtymgulynyň"Iş geldi,başa düşdi,merdana boldum indi”diýen ýörelgesine uýup ýaşan
kebzesinde sök seribermeli,baldyrlary juwazlyk ýaly,döşi birnäçe medally Altymyrat
Orazdurdyýew ellerini ýaýyp agyr daşlary göterip dur.
Ol pursat Ýewropanyň 3(dört) we Dünýäniň üç gezek çempionynyň ýeňiş
jarnamasydy.
Ol pursat Türkmeniň äleme aşgär tanalmagynyň beýannamasydy....”
***
Atamyrat Şagulynyň bu makalasyny tolgunman okamak mümkin däl.Altymyrat
neresse ýogalanda iňlis,amerikan,ýapon,koreýa,türk,rus gazet-jurnallary,tele-radio
ýaýlymlary bu ajy habara gynanç bildirip,birnäçe sapar gepleşik beripdirler,geçmişde
onuň gazanan üstünlikleri barasynda “Kosmas tizligi bilen deňeşdirip boljak
ýeňiş”,”Misli bir ertekidäki ýaly uçýan ädimi bilen”,”Ýaryşda görülip eşidilmedik
ýeňiş”,”Çözülmesi kyn matal”,”Akyla sygmajak tilsimler bilen elleriniň güýjüni
jemläp,agyr daşa gönükdirmegi we diýenini etdirip bilmegi akyla sygardan daşdaky
zat...” ýaly jümleler bien mahabatyny ýetiripdiler,emma gerçegiň öz watanynda welin
hökümet agzalarynyň gysgajyk gynanç haty bilen oňdular.Iň bolmanda olary bir
“dünýäniň iki gezek,Ýewropanyň üç gezek çempiony”diýip,ýalňyş maglumat bilen
aldatmaly däl ekenler.Hökümet agzalary özleri üçin maglumat taýýarlan jogapkär
işgärleriň bu “kemsitmesini” (dünýäniň üç gezek çempiony bolup-da iki gezek diýmek,
Ýewropanyň dört gezek çempiony bolup-da üç gezek diýmek,eýse Altymyrat
neressäni,türkmen halkyny kemsitmek dälmi?) bilip gol çekendirler öýdemok.Beýle
286
maglumatlar kim tarapyndan taýýarlanan bolsa-da, bir zat belli,bu türkmeniň öz-özüni
masgaraladygy bolýar.
Ýene bir zady bellemek gerek.Ol barada çap bolan, ýokarda ady agzalan makalalara
ser salsaň,onda 1992-nji ýyldan öň Altymyrat 1986-njy ýylda Brestde ýaşlaryň arasynda
bolan ýaryşda üçünji ýeri almadyk ýaly,1987-nji ýylda Aşgabatda geçirilen halkara
ýaryşynda birinji ýeri almadyk ýaly,1988-nji ýylda Perwouralskiý şäherinde ýaşlaryň
arasynda SSSR-iň çempiony bolmadyk ýaly,1988-nji ýylda Germaniýanyň Magdeburg
şäherinde halkara sport ussady diýen ady almadyk ýaly,1988-njy ýylda Afinada ýaşlaryň
arasynda ikinji orny almadyk ýaly,ýene şol ýylda Samarkantda 360 kg daş
göterip,ýaşlaryň arasynda çempion bolmadyk ýaly,1989 –nji ýylda ABŞ-da dünýä
ýaşlarynyň arasynda birinjiligi almadyk ýaly görünýär.Sebäbi 1992-nji ýyldan öň ýerli
metbugatda ol barada kelam-agyz zat ýazylmady diýsegem boljak.Altymyrat onuň üçin
gama batyp durmady,aslynda mahabat oňa gerek hem däldi.”Ýaranjaňlaryň baly dilinde
bolsa zäheri ýüreklerinde” ahyryn.Her adamyň ýalňyşy öz bolşy ýaly däl-de, başgaça
boljak bolmaklygyndadyr,ol bolsa ýasama pul ýalydyr..
.
287
Altyn alman gelme,balam.
Ýaryş sary uçar bolduň,alytyn alman gelme,balam!
Eňiş diýip göçer bolduň,altyn alman gelme,balam!
Sen ýat ýerde,uzak ilde,meniň munda gözüm ýolda,
Bu zatlar bardyr ykbalda,altyn alman gelme,balam!
Eşit meni, ýalan-ýadym,Altyjanym-göwün şadym
Körpe guzym,köňül badym,altyn alman gelme,balam!
Türkmen iliň-arkadagyň,asyl köküň,şamçyragyň,
Hoş bolsun senden,ylaýym,altyn alman gelme,balam!
Meniň balam bir bürgütdir,balam ýaly ogul gytdyr,
Eneňden saňa sargytdyr,Oguldurdydan sargytdyr!
Sargydym bek belle, balam,altyn alman gelme,balam!
Bu goşgyny dünýäniň(üç) we Ýewropanyň üç(dört) gezek çempiony Altymyrat
Orazdurdyýewiň ejesi Oguldurdy ejäniň adyndan ýazmagym,goý,biziň ol sada zenanyň
adynyň öňünde,ömrüniň öňünde baş egdigimiz bolsun.Uly-uly ýeňişleri gazanýan
ogullar,goý,ilki bilen ,Enä tagzym etsin.Başyňyza döneýin,külli türkmen eneleri!Siz
hemişe beýik hormata,beýik sarpa mynasypsyňyz!
Altymyrat,ýeňişiň mübärek bolsun,höwri köp bolsun,Olimpiýa oýunlarynda,dünýä
çempionatlarynda,beýleki belent derejeli ýaryşlarda dowamlary bolsun!
Şahyr Hajy Kakalyýew.
Altymyradym
Türkmen topragynda dogdy bir ýyldyz,
Ol ýyldyz berdaşly-Altymyradym.
Şuglasyn jahana çogdy bir ýyldyz,
Ol kowum gardaşym-Altymyradym.
Çagalykda çyn zähmede gaýnady,
Pälwanlaryň demir oýnun oýnady,
Doganlary tälim berdi,boýnady,
aşlykdan gördüşli,Altymyradym.
Janköýerleň biribary çagyrdy,
Pälwan doganlaryň körpe şägirdi,
Älem-jahan,ägirtleriň ägirdi,
Hak ýaratmyş güýçli,Altymyradym.
Hak ogly harlanmaz haramlyk bilen,
Şöhrat almaz para-berimlik bilen,
Ýaryşdan goýdular,karamlyk bilen,
Şondan bagry başly,Altymyradym.
288
Hezreti Dawudy çagyryp joşduň,
Jahan pekordyna pekortlar goşduň,
Mes iner del kükräp,Jeýhun dek daşdyň,
Bahar kimin joşly,Altymyradym.
Üç altyn medalyň eýesi sensiň,
Türkmen sportunyň söýesi sensiň,
Goja Köpetdagyň gaýasy sensiň,
Ýumry-demir döşli,Altymyradym.
Biribaryň ady dilinde bardyr,
Rüstem Zal guşagy bilinde bardyr,
Kaşamşam kuwwaty golunda bardyr,
Başy tylla täçli,Altymyradym.
Sporta bagş etdiň manyly ömri,
Şeýle bolawersin ýüregiň emri,
Näçeräk göterdiň-götärsiň demri,
Ýaşy ýigrim bäşli,Altymyradym.
Meret Mälikow,sport weterany.
Gerçek
Türgen bolup dünýä düşdi nazaryň,
Şägirde ýol goýup ir giden gerçek.
Gomlary deý goja,däli Hazaryň,
Dünýäde yz goýup ir giden getrçek!
Göroglyň kowmy sen,türkmen gerçegi,
Göteripdiň görülmedik ölçegi,
Diýdiripdiň,Türkmenleriň geljegi,
Dünýäde yz goýup ir giden gerçek!
Zarbyňdan galypdy agram asmana,
Howlukdylar,baryp eliň gysmana,
Şan goşupdyň şol gün Türkmenistana
Dünýäde yz goýup ir giden gerçek!
Haýran galdy,Ýewropaly,Aziýaly
Göterenňi görýärdiň sen az ýaly
Gülýärdi gözleriň mydam ýaz ýaly,
Dünýäde yz goýup,ir giden gerçek!
Bäş welaýat,bäş doganlaň biridiň,
289
Ömür-baky aramyzda dirisiň,
Agyr daşy göterenleň şirisiň,
Şägirde ýol goýup ir giden gerçek!
Kakajan Mämmedow,mülkdar.
***
Dünýäniň ençeme gezek çempiony,Türkmenistanyň sport abraýyna abraý goşan
pälwan ýigit Altymyrat Orazdurdyýew barada okyjylardan,sportçylardan şindi şindilerem
hatlar gelýär.Olaryň biri onuň bilen dost bolsa,ýene biri ýönekeý tanyş,hat-da ony
tanamaýanlaram bar,ýöne olar onuň ölemen janköýerleri,onuň üstünliklerine daşyndan
guwanyp ýören adamlar.Elbetde,olaryň hemmesi üçin Altymyrat iň eziz adamlary.Olar
pälwanyň ýagty ýadigärligini ýüreklerinde saklaýarlar.
Ol oglan redaksiýa gelende eli boş gelmedi,dünýäniň çempiony,Türkmenistanyň
abraýyny goran Altymyrat Orazdurdyýew hakynda ýazan goşgusy bilen geldi.
Altymyrat neressäniň ömür güli juda ir soldy.Ajal ony tutuş türkmen iliniň elinden
alyp gitdi.”Karate” sungatynyň açyk çempionatynyň çempiony,1-nji “dan”gara guşagyň
eýesi,”Karate-do boýunça türkmen dillinde çap edilen ilkinji kitabyň awtory
Muhammetjuma Döwletow öz ýakyn dosty Altymyrada şu aşakdaky goşgyny bagş
edipdir.
Altymyratjan.
Ýetimligiň jebri-jepasyn çekdiň,
Armanym,arzuwyn Altymyratjan.
Bir günem ýyldyz dek lowurdap çykdyň,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
Dünýäni aňk etdiň,medallar aldyň,
Abraýyň dag aşdy,belende galdyň.
Mydam öz iliňe şöhratly geldiň,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
Güler ýüz keşbiňde sowuldy ýazym,
Armanda galdyrdyň,epildi dyzym.
Martyň ýedisinde süýnen ýyldyzym,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
Il-günüň gynandy,döküldi ýaşlar,
Tabydyň daşynda egildi başlar.
Seniň baran ýeriň meger behiştdir,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
Ynan dostum,ýaşaýandyr beýikler,
Synan göwnüm seniň adyň seýiklär,
Artar,goşalanar ezber bilekler,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
290
Ajala sabyr ýok,takdyra çäre,
Başga söz tapamok bu gün diýere,
Gerekdiň sen,bu döwletli diýara,
Armanym,arzuwym Altymyratjan.
Aşakdaky setirler Altymyradyň obadaşy, sporta sarpa goýýan
Abdyresulowyň pikir-hyýalynda döredi. Ony bolşy ýaly size ýetirýäris.
Sport senedini arşa galdyran,
Agirtlere geliň, sarpa goýalyň
Alty pälwanmyzyň yzyn göterjek,
Körpe şägirtlere sarpa goýalyň
Tirsegine galsyn goý ussat ägirt,
Biz bilen gülleýär, azat gözel ýurt
Eý, Allajan, ägtlere ber kuwwat,
Agamyz Garýagda sarpa goýalyň.
Agyr atletikada özün aldyran,
Nesillere bagt guşun gonduran,
Öten geçenleriň dowamy bolan,
Agam Orazberdä sarpa goýalyň.
Agyr atletikanyň gurbany bolan,
Üstünlik gazanyp, buýsanyp gülen,
Ady arşa ýeten, agirtlik bilen,
Agam Altymyrada sarpa goýalyň.
Kakabaý sözüni şeýle soňlaýar,
Üstünligi, abyraýy oňlaýar
Sebäp gözel ýurdum şonda gülleýär
Altymyrat halypa sarpa goýalyň.
291
Kakabaý
ALTYMYRADYŇ DURMUŞYNDAN ALYNAN ŞEKILLER
292
Orazdurdy aga maşgalasy bilen.
293
294
Altymyradyň agalary Tirkiş we Kakajan.
295
296
Germaniýa,Altymyrat pälwan Berliniň sport klubynyň “Gaýrat we
agyr daş göterijiler bölüminiň” agzalary bilen.
297
ABŞ, “San-santinel” gazetinde çykan makala we surat.
298
Altymyrat pälwan Balkanly türgeni Baýmyrat bilen.
299
Almyrat, dogany we türgeni Orazberdi bilen.
300
Altymyrat, mekdepde çagalar bilen duşuşykda.
301
Ýaponiýa, Hirosima. Altymyrat pälwan bäşleşikden öň milli türkmen
egin-eşiginde Türkmenistanyň baýdagyny galdyrýar.
302
Altymrat pälwanyň Ýewropa çempionatynda(Daniýa,Olberg
şäheri,14-20,05,1990 ýyl) çykyş edýän pursaty. Surat Rosiýanyň
Ijewskiý şäherinde çykarylýan “Olimp” žurnalyndan alyndy.
SSSR-iň we Rosiýanyň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýew.
303
Belli ştangist, SSSR-iň 65-nji çempionatynyň çempioni, Altymyradyň dosty
Kasapu Fioder,(Moldawiýa,Kişinýew şaheri)
304
Altymyrat pälwanyň Ijewskiý şäherinde çykyş edýän pursaty,(SSSR-iň
ştanga boýunça 65-nji çempionaty)
305
Altymyrat pälwanyň ogly Maksat.
306
Altymyrat barada ýazylan makalalar toplumy
1.Sowetleriň ýolbarsy,29.05.1989,ABŞ,San-Santinel,Jorj Kamillone.
2.Başyňa belent tut,Altymyrat,04.081992,Türkmenistan gazedi,Baýram Sähedow.
3.Sporta gelşmeýän hereketler,Türkmenistan gaz.18.08.1992,Werşinin,Kraşennikow
4.Iň güýçli ýigit,16.03.1993,Türkmenistan gaz.Nurýagdy Oraznepesow.
5.Altyn medalyň arka tarapy,46.1993,Bedew,Ylýas Amangeldi.
6.Çempion bolmak kyn,20.11.1993,Mary-Şahu-Jahan,Amanmuhammet Nepes.
7.Altyn alman gelme balam,26.11.1993,Türkmenistan gaz,Hajy Kakaly.
8.Biz
saňa
guwanýarys,Altymyrat,25.11.1993,türkmenistan
gaz,Ýagmyr
Mämmedow.
9.Altyn medalyň mübärek,1993,Diýar jurnaly,Kuly.
10.Ýeňiş saňa ýar bolsun,Altymyrat.01.01.1994,Edebiýat we sungat,redkollegiýa.
11.Altymyradym,16.03.1994,Hakykat gazeti,Meret Mälikow.
12.Ýene-de bir dünýäniň çempiony,16.03.1994,Hakykat gaz,Söýün Garry.
13.Saglyk jurnaly,Maý-iýun aýlary1994,,jurnalyň ýüzünde Altymyradyň suraty bar.
14.Altymyrat Amerika gidermi?28.04.1995,Nesil gazeti.
15.Zwezda türkmenskoga sporta,1995,Turkmenskaýa iskra,D.Orazkulyýew.
16.Gaýratly ýigit,19.04.1995,Halk sesi gazeti,Taganmyrat Goňujrow.
17.Gaýrat goýazy gelende,27.05.1995,Maru-Şahu-Jahan,Ümür Esen
18.Ussat hakda kitap,25.07,1996,M.Ş.Jahan,Çary Berdiliýew.
19.Altymyratjan,09.08.1997,Sportiwnyý Turkmenistan,Muhammetjuma Döwletow.
20.Güýji bilen dünýä dolan,11.10.2008.Zaman gazeti,Atamyrat Şaguly.
21.Altymyrat “Ýaşlyk”jurnalynyň myhmany.Ýaşlyk,1994,Amanmuhammet Nepes.
307
MAZMUNY
1.Gaýrat goýazy gelende
2.lwanyň ýaşlygy
3.Pälwan okuwa barýar
4.Pälwan oýunlara gyzygýar
5.Ilkinji üstünlikler
6.Ýol Aşgabada tarap
7.Ilkinji ýeňiş,Aşgabat
8.Pälwan oba geldi
9.Pälwan Garrygalada
10.Perwouralskiý şäherinde
11.Germaniýa,Afina,Samarkant
12.Taganrog,ABŞ
13.Afina,ejesiniň ölümi
14.Daniýa,Lipesk,agasynyň ölümi
15.Polşa ýaryşy
16.Pälwan obada
17.Ugur Barselona tarap.Pälwan öýlenýär
18.Melburna barýan ýolda
19.Ýapon topragyna sapar
20.Seula barýan ýol,”Itiň dertli bolmasyn”,soňky pursatlary
21.Altymyrat barada ýazylan makalalar toplumy
22.Güýji bilen dünýä dolan
23.”Altyn alman gelme balam” we beýleki goşgular
24.Altymyradyň durmuşyndan alynan şekiller
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.