Latin

Topraga duwlanan ägirt - 20

Total number of words is 3790
Total number of unique words is 2279
30.4 of words are in the 2000 most common words
42.8 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolan höwesini artdyrdy.Belki,şonuň üçindir,birden ýadyna Güller düşdi.Öýe degip,onuň
ýanyna giderin diýip barýarka,öňünden tasanjyrap Hallygözel gelnejesi çykdy.
–Ýüwürjim,maslahatsyz bir zady haýyş etdim weli,meni bagyşla!Agaň partiýa
agzasy,uluja gyzym döşüne kämsomol belgisini,oguljygym boýnuna pionir bagjygyny
dakynýar.Onsoň il näme diýer!?Gowusy,syýasata goşulmaýyn.Ýaňky aýdanlarymy
ýadyňdan çykar.Ýaşasyn Leýlin partiýasy diýjek men-ä!Biz şu höküwmetden gaty razy,
bagyşla!-diýdi-de,ol gelşi ýaly ylgaşlap yzyna gitdi.
Altymyrat gelnejesiniň bolup barşyna syn etdi-de,Rahmanberdi aganyň:”Men hiç hili
syrly güýje ynanamok,ýöne özümiň her bir ädimimiň yzarlanýanlygyny welin
bilýän”diýen sözlerini ýatlady.Gelnejesiniň gürrüňi eýýäm bir ýerlere ýeten
bolmalydy,ýogsam,beýdip alakjap gelmezdi.Ol bir kinoda Staliniň:”Sen Kliment,öz
ýoldaşlaryňy gowy tanamaly ahyryn”diýip,Woroşilowyň arkasyna kakyşyny
164
görüpdi,şoňky ýaly Altymyrat hem öz obadaşlaryny tanaýardy.Bu ýerde geň galarlykly
zat ýokdy...
---4—
Öýünde oňa gyssagly Aşhabada gelmeli diýen habar garaşýardy.Ilki paýtagtda bir
aý türgenleşip,soň Polşada geçiriljek Ýewropa çempionatyna gatnaşmalydy.Paýtagtyň
demir ýol menzilinde öňünden çykan Abramýanyň ýüzi galagoplydy.Salam-helikden soň
-Bilýänsiň,SSSR-iň dargamagy bilen ýüze çykýan bulaşyklygyň yzy gutaranok!Ony
guran ýewreýler, ýykýanam şolar.Hi bular bir akyla sygjak zatmy? Durmuşda,
önümçilikde, maşgalada eriş-argaç bolup,birek-birege baglaşdyrylan on bäş
respublikanyň hersi indi özbaşdak.Ýetmiş ýyllap ýola goýulan aragatnaşyk haýsydyr bir
iki-üç sany akylsyzyň günäsi bilen bir günde üzüldi.Hi, akyla sygjak zatmy?.Bu
onlarça,müňlerçe
adamlaryň
ömür
tanapynyň
üzülmegine,aýylganç
aýraçylyga,yktysadyýetiň
çökmegine,özara
dawalaryň,uruşlaryň
köpelmegine
getirer.Dogry, her respublikanyň özbaşdaklygynyň tarapynda,ýöne,men ol bir günde däldä,ýuwaş-ýuwaşdan amala aşsa adamlar üçin gowy bolardy diýjek bolýan.Ine,indi
sportda hem hiç zada düşüner ýaly bolmady.Her respublikanyň wekili öz sportsmenini
iberjek bolup,uly göreş gidýär,goh-galmagal.Görkezen uly üstünlikleriňe garamazdan
seniň hem bu ýaryşa gatnaşmagyň uly sorag bolup galýar.Sebäbi,şu ýyla geçip uly
ýaryşlaryň
birine
hem
gatnaşmadyň,
netijeleriňi
görkezmediň-diýdi.
–Burun,agam jan,bilýäň-ä,ştanga-da öz ýolum bar.Men diňe esasy ýaryşlarda
bolaýmasa,başga ýerde öz güýjümi doly açyp görkezmeýärin,has dogrusy onda alyp
biljek agramymdan on-on bäş kilony az alýaryn.
–Hut şonuň üçin hem senden öňe geçip,Ýewropa ýaryşyna gatnaşmaga hukuk
gazanýanlaryň sany köpeldi.Ýöne,men bu meseläni baş telimçi Alekseýew bilen çözjek
bolaryn.Belki,çözerin hem.Bilýäň-ä,Alty,dünýä,Ýewropa ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk
gazanmak üçin diýseň gujurly bolmaly.Seniň agramyňda “A” we “B” topar bolup,her
topar 12 adamdan ybarat,jemi 24 sany güýçli ştangaçy özara ýaryşýar.Şolaryň içinden
biri öňe çykmaly.Beýle üstünlige eýe bolaýmak üçin nähili güýç sarp etmeli,nähili
türgenleşik geçmeli,nähili gujurly,tutanýerli bolmaly!Göz öňüňe getirip gör!Men öwüp
aýtjak bolamok,ýöne sen-de bu häsiýetleriň bary jemlenipdir.Sen ştanganyň agramy ýok
ýaly edip ýeňil galdyryp bilýärsiň,bu bolsa mümkünçiligiň çäksizligini aňladýar.Edil
häzirki döwürde dünýäde güýjüň,tehniki taýýarlygyň boýunça senden öňe geçip biljek
sportçyny göremok.Men 33 ýylyň türgeni,70 gowrak sport ussatlaryny taýýarladym,şol
sebämlem muny arkaýyn aýdyp bilýän...
Dogrudanam,jurnalistler Abramýandan:”Türgenleşikde nähili geň usullary
ulanýarsyňyz,belki,aýratyn syryňaz bardyr?Siziň eliňizde türgenleşen ýaşlar güçli
bolýar!”diýip soraýardylar,ol bolsa:”Gizlin syrym ýok.Ştangany nähili dogry
galdyrmagyň tilsimlerini öwredýärin,galanlary oglanlaryň yhlasyna,güýjüne,höwesine
bagly”diýip,gysgajyk jogap berýärdi...
–Alty,Moskowaly meseläni çözýänçäm sen bu ýerde türgenleşik geçmeli,oňa bolsa
iki ýol bar-diýip,Abramýan gürrüňini dowam etdi-Bir ýol Pöwrüzede,ikinji ýol
“Dinamo”sport mekdebinde.Haýsyny saýlaýarsyň?
-Gowusy,sport mekdebinde galaýyn,agşamyna jaýymda tämizleşik geçerin,tapantupanlarym bilen günümi görerin...
165
–Men saňa az-owlak sowalgajyk bereýin!Başga goldaw bolmasa,sport komitetiniň
puly
bilen
oňubam
bolmaz
welin,şonda-da,nätjek-dä,gaýrat
et,gardaş!Biz
çempionymyzdan puly,zady gysganmaly däl,emma ýorganymyza görä aýagymyzy
uzatmaly bolýarys.Öňden gelýän düzgün şeýle!Ol bizde şeýle, daşary ýurtlarda bolsa...
Ine,Moskwada çykýan “Sowetskiý sport”gazetinde”Sportçylaryň gazanjy”atly
makalada şeýle diýilýär:”Meşhur sportçylaryň bir ýylyň dowamynda näçe
gazanýandygyny bilmek gyzykly bolsa gerek.Milli basketbol assossiasiýasynyň “Çikaga
Bullz”toparynyň oýunçysy Maýkl Jordan bir ýylda 17 million dollar,”Orlanda” toparyň
oýunçysy Şakil O Nil 12 million dollar,”Formula-1”awtomobil ýaryşyna gatnaşýan
germanýaly Mihael Şumaher 5 million dollar,Geohard Berger 11 million dollar,nemes
tennisçileri Şteffi Graf 6,5 million,Boris Bekker 5,5 million dollar,boksçy Jorj Furman 7
million dollar,Italýanyň”Milan” futbol komandasynyň oýunçysy Roberto Bajo 4,5
million dollar,belli german ştangaçysy M.Nerlinger 12 million dollar
gazanýarlar”diýilýär.Biz üçin bular ertekä meňzeş bir zat,emma haçanam bolsa bizem
şeýle düzgüne,sportçynyň öz gazananyny özüne bermek düzgünine geçmesek bolmaz diýip,Abramýan özüni aklajak boldy.
–Bolýar,agam jan-diýip,Altymyrat ylalaşdy-Ýöne,Polşa gitmezimden öň, mahabat
ýaryşlaryna gatnaşyp,gazanç etmesem-ä bolmaz!
-Ýene bir hepde-den Eýran Yslam döwletinde şeýle ýaryşlaryň biri geçirilýär,eger
isleseň şoňa gidip bilersiň!
-Bolar,agam jan!-diýip,Altymyrat ylalaşdy...
Dogry,azajyk ajyrak gezýär diýäýmeseň Altymyrat zatdan kösenmeýärdi,bir näçe
otagly jaýy,maşyny bardy.Emma daşary ýurtlaryň öz çempionyna edýan sylaghormaty,berýän pul serişdeleri bilen deňeşdireninde,pikire batanyny duýman
galýardy.Dünýä çempiony bolanda oňa bir müň dollar,Ýewropa çempiony bolanda ýedi
ýüz dollar pul sylagyny beripdiler,emma şol bir Naum Sülaýmanow Afina-da çempiuon
bolanda 1,5 million dollar sylag alypdy,her aýda tölenýän otuz müň dollardan
başga...Ähli zat pul bilen ölçenilmeýär diýjeklerem tapylar.Şeýle diýe-diýe şu derejä
ýetmedikmi näme?Her zat diýselerem,sportçy öz gazanan halal zähmetiniň
puluny,ýokarda
Abramýanyň
getiren
mysallaryndaky
ýaly,
alaýsa
kem
bolmajakdy,sebäbi ol sagdyn öser ýaly ýeterlik iýmitlenmelidi,geýinmelidi hem...
Polşa gitmek üçin taýýarlyk görülýän döwri,şu ýazgylaryň ýazaryna Altymyrat bilen
duşuşmak miýesser etdi.Şäheriň seýil,medeni we dynç alyş bagynyň ileri etegini tutýan
gat-gat jaýy tapmak oňa kyn düşmedi.Ir ertirligine garamazdan, Tirkişiň
ogly,Altymyradyň inisi Baýram eýýäm aýak üstünde ekeni.Ol hoşamaýlyk bilen
garşylady-da:”Hä,daýy,sizmi!?”diýip,başyny atdy,soňam:”Häzir çaý içeris. Alty ylgap
gelýänçä arkaýyn oturyň”diýdi...Ine,pälwana berilen jaýyň birinji gatynda ýerleşýän
otagy.Onuň içiniň ýönekeýligi haýran galdyrýar.Köneje maşyn halynyň iki sanysy,bir
oňa-muňa atylan köneje keçe.Göze görünip duran zat-pälwanyň ýeňişleriniň şaýady
bolan kuboklar,altyn,kümüş medallar. Pälwanyň dynç alýan otagynda,diwarda asylgy
halynyň ýüzünde,ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionynyň altyn medaly
lowurdaýar,garbanyşhanada bolsa onuň Ýewropa çempionatyna gatnaşanlygy baradaky
boýna asylýan şekiller görnükli ýerde asylypdyr,onuň ýanynda,Türkmenistanyň Bilim
ministrliginiň gutlag hatlary bar.
Şol wagt gara dere batan Altymyrat geldi-de,myhman bilen gadyrly
salamlaşdy, hammamda ýuwundy,seçelenip duran şar gara saçyny süpürip,özüne bir
bulgur kofe taýýarlady
166
–Daýy,jaýy synladyňyzmy?-diýip,ol kofeden owurtlady.
–Gözel jaý,häzirki zaman talabyna gabat gelýär,içi howaly,giň,ýagty...
–Ol dogry,ýöne...Meniň üçin-ä obadaky çig kerpiçden galdyrylyp, daşy aklanan
pessejik jaýymyz gözüme yssy görünýär.Bular ýaly gat-gat jaýlar türkmeniň ruhuna
gabat gelenok.
–Menem şeýle pikirde-diýip,myhman razylaşdy.
–Daýy,ýaňy bir waka gabat geldim.Nädip aýtjagymy hem bilemok.Goňşymyzyň
ogly:”Nireden tapsaň tapda maňa pul tap”diýip,ejesini ýakalap dur,olam:”Men nireden
tapaýyn?Bary-ýogy kyrk manat pensiýä alýadym,onam ýatyrdylar,gaýtam,bagryňy
eredip ýörme-de, maňa kömek et!Alla jan,şu geroin diýen belany tapanyň öýi ýykylsdynda!Ol edil gurçuk ýaly içimize ýaýrap barýar”diýip,aglamjyrap zeýrenýär.Meniň ol aýala
nebsim agyrdy.Ogluny ur,ýenç peýdasy ýok,onsoň ýanymda barja puly berip gaýtdymdiýip,ol kofeden owurtlady.
–Obada ýagdaý ondanam erbet.Gapyňda taňňyryň,kündügiň,taňkaň,gazanyň durjak
gumany ýok,ogurlap,deger-degmeze satýarlar.Bularyň bary ”Öýünde bir gram tirýek
saklaýar diýip,adamlara azar berip ýörmäň”diýlenden soň köpeldi.Tirýek,geroin ,arak,nas
aýylganç bela bolup,ýaşlary zaýalaýar.Munuň öňüni almak üçin ýaşlary iş bilen üpjün
etmeli,eli boş bolsa,bir zatlara güýmener,hünär öwrener ýaly mümkünçilik
döretmeli,sport bilen gyzyklandyrmaly.Bu döwletiň,jemgiýetçilik guramalaryň işi...Ýeri
bolýar,ýegen,hany aýt,saglygyň nähili,näme täzelik bar?!
-Saglyk ýaman däl.Ýewropa ýaryşyna gitmäge serişde gazanmak üçin Eýrana gidip
geldim.Tähranda bir telekeçi öz öndürýän harydyny mahabatlandyrmak maksady bilen
ştanga ýaryşyny gurnapdyr.
Meni türkmen ilçihanasynyň wekili Gandym Gurban garşy aldy.Daýy,ýogsa-da ol
obadaşyňyz,tanaýansyňyz.Gandym aga kiçigöwünli,sada,uly alym ekeni.Işiniň köplügine
garamazdan öňüme düşüp,Eýranyň medeni,taryhy ýadigärliklerine aýlady,gyzykly
gürrüňleri berdi.Pars dilini suwara bilýär ekeni.Ýaryşyň guramaçysy Omar begiň ýanynada ol alyp bardy,tanyşdyrdy.Gür baga bürenen howlunyň derwezesinden giren badymyza
Omar beg bizi uly hormat bilen garşy aldy-da:”Siziň ýaly belent mertebeli kişi bilen
görüşmäge mümkünçilik döredeni üçin, men Beýik Taňra minnetdardyryn.Men,orta
boýly,gelşikli,mylaýym ýylgyryşy bilen göreni özüne çekýän pälwany teleýaýlymda
görüpdim.Batyrgaýlyk,aýgytlylyk jähtde senden öňe geçen bardyr öýüdmeýärin.Ine,bu
günem sen meniň hormatly myhmanym!Bize deňsiz-taýsyz güýçli pälwanyň gelenliginiň
hatyrasyna,köne däp-dessurymyzy berjaý ederis”diýip,sözüni soňlady.Şol bada hem iki
adam, şahlary burum-burum,agramy 50 -60 kilo ýetäýjek daýaw goçy getirdiler-de,senmen ýok,edil meniň aýagymyň aşagynda diýen ýaly ýatyryp,damagyny çaldylar.Goçuň al
gany syçrap,töwerege,üstüme ýaýraýanlygy üçin men yza çekilmekçi boldum,emma
Gandym aga:”Gozganma-da, dur!Bu öte sylanýan,güýçli pälwanyň bu topraga aýagy
düşsün,emgek belasy gelmesin diýilip,Alla ýoluna goç gurban edilýän örän gadymy däpdessur.Degme,gaýtam gan köpüräjik syçrasyn,ýuwaýmaly bolar.Bularda ol gowy alamat
hökmünde kabul edilýär”diýip,meni saklady.Şeýdip,Omar begiň öndürýän harytlarynyň
öňünde surata düşüp,ýaryşda ýeňiş gazanyp,onuň sylag diýip beren alty müň dollaryny
aldym-da:”Men bu sylagy gadymy toprakda özümiň ornumyň, mertebämiň has ýokary
göterilmesi hökmünde görýärin”diýdim. (Ýogsam,men ol ýere pul gazanmak üçin ýörüte
barypdym.)Omar beg bolsa:”Siziň mertebäňiz bujagaz baýrak bilen ölçenilmeýär,Siz
beýle zatlardan has ýokardaky adam”diýip,bizi hoşamaýlyk bilen ugratdy...
167
Men Tähranyň uçar menzilinde Gandym aga bilen gadyrly hoşlaşdym.Bilýänsiňizem
weli,şu ýerde bu adam barada bilýänlerimi dile getirmekçi.Ol Türkmen döwlet
uniwersitetinde bir ýyl açylyp,soňam ýapylan pars dili bölümine okuwa giripdir.Bu dili
öňem azda-kände bilýär ekeni.Pars dilinde ýokary bilim alan hem bolsa onuň kandidatlyk
ylmy işi Magtymguly Pyragydan bolupdyr.Bu işini ýazýarka Täjigistanda işläpdir.Soň öz
okan ýerinde mugallym bolup işläp başlaýar.Onuň ýanynda, bir döwürde eýrandan gelen
Begenç Kerimi,Guwanç Kerimi,Aşyrpur Meret,Yslami ýaly pars dili mugallymlary
işläpdirler.Gandym aga ylmy işlerinden başga-da “Köne türkmen ýazuwy”atly göwrümli
kitap ýazypdyr.Bu kitap arap elipbiýinde ýazylan köne türkmen ýazuwyny öwrenmegiň
iň aňsat usuly diýip gürrüň edýärler.Pars,arap elipbiýinde bir nokadyň üsti bilen bir söz
ummadan çykýar,ony öwrenmegem kyn.Şonda-da, Gandym aga okadýan sapagyny berk
sorapdyr,sapaga girseň diňe pars dilinde özara gepleşmeli edilipdir,sebäbi bu dili çalt
özleşdirmeklige kömek edipdir.Belki şu talap edijiligi üçindir,kim bilýär,ony işinden
aýryp,ilçihana terjimeçi edip Eýrana ugradypdyrlar.Bu ýerde-de ony:”Sen pylan ýerde
pylan hili gürrüň edipsiň”diýip,yzarlapdyrlar.Hiç kimiň ýurduny taşlasy,oňa hyýanat
edesi gelenok ahyry.Bizde bolsa pylan diýipsiň diýip,ýürekleri ýarylaýjak
bolýarlar,derrew garalap,duşman saýyarlar.Umuman alanyňda,bizde,adamynyň,alymyň
gadyry bilinmeýär.Gandym aga duşup,men şu zatlara gözümi ýetirdim...-diýip,Altymyrat
dymdy,galanja kofesini owurtlap,sözüni dowam etdi-Daýy,ine şeýdip,eýran topragynda
ýol
harjymy
gazandym,ertirem
Polşa
ugramaly.Ýogsa-da,ýakynda,gazetleriň
birinde,”Galkynyşda-dy” öýdýän,Oguz hanyň yzyny yzarlap atly möwzük
bilen”Amazonkalylar kimler?”atly makalaňyzy okadym.Men öň Ahmet Bekmyrat diýen
bir alymyň”Sadrançnamasyny”,”Andalybyň oguznamaçylyjk däbini”,”Göroglynyň
yzlaryny” okapdym,Siziňki hem şolara kybapdaş ýazylan.Ol meni parhsyz
goýmady.Dogry,Ahmediň
sowatlylygy,okumyşlygy,gözýetiminiň
giňligi,pikirleniş
ukybynyň aýratynlygy maňzyma batýar.Onuň dür çöpleýän ýaly bir-birine gabat
gelmejek ýaly görünýän delilleri hatarlap,bir kerwene düzüşine,ony subutnamalar bilen
delillendirişine synym oturýar.Siziň hem gozgaýan meseleleriňiz örän gadymy.Siz bilen
pikir
alyşmak,oturyşmak,çaý
içişmek,taryhy geçmiş
baradaky garaýyşlary
maslahatlaşmak örän lezzetli.Siz türkmeniň gadymy medeni gymmatlyklaryna özboluşly
çemeleşýärsiňiz.Mysal üçin Siz”...türkmeniň “Är”diýen sözi bar,çaga haýsam bolsa bir
gahrymançylyk görkezip at alýança oňa är diýer ekenler.Ýewropa döwletlerinde häzirem
ol ýörgünli,nemisler erkek adama ýüzlenenlerinde “ger”,iňlisler “ser”,fransuzlar
“mer”diýýärler,olaryň asly köki türkmeniň är sözünden gaýdýar,şu hem dilimiziň
gadymylygyny subut edýär”diýeniňizde,siz müň kerem mamla.
–Dogry.Magtymgulynyň özboluşly bir çeperçilik täri derejesinde meşhur bolan
sözleriň syrly işledilmegi ýaly şahyrana ugruna düşünmek kyn,ýaňky är söz baradaky
pikirlerem onuň goşgularyndan eriş-argaç bolup geçýär,ýöne ony ymykly öwrenmek
gerek.Ýogsa-da,ýegen,ýaman däl,köp okaýanlygyň bildirýär.
-Bir zada güýmenmesem oturyp bilemok.Ejemiň öwreden endigi,”oglan bikär
oturmaz,bolup bilse ot bolar,ot bolmasa ýat bolar”diýýärdi,pahyrjygym.-Ol diwardaky
sagada seretdi-de-O-how,şägirtlerim garaşýandyrlar,gideýin.Siz bilen näler oturasym
gelýär welin,nädeýin-diýdi.
–Men äkidäýerin-diýip,myhman ýerinden turdy.
–Azara galmaň,özüm giderin.Siz Baýram bilen oturyp çaýlaşyň-diýdi-de,ol içki jaýa
girdi,girşi ýaly hem bir eli bukjaly,agzy nanly gaýdyp geldi-Ertirlik edinmäge elim
degenok.Nanymy ýolda iýerin,sag boluň!-diýip,ol ylgaşlap daşary çykdy.
168
Myhman onuň yzyndan seredip galdy-da,pikire batdy.”Ähli yhlasyny türkmen
sportyny ösdürmäge bagş edýän pälwanyň gury çörek iýip,öz ýanyndan göwnihoş
boluşyny görüp,taryhyň jümmüşine köki uzan halkymyzyň abraýyny,mertebesini belende
göterip,ony bir gez beýgeldýäniň sarpasynyň ýeterlik derejede saklanmazlygy lapyňy keç
edýär.Sporta gatnaşýanlygy üçin berilýän gündelik hak-gün-güzeranyny ýykma-ýykylma
aýlamaga zordan ýetýär,ýogsam oňa “ýeňiş gazansaň bolýa,ine saňa pul”diýip,döwlet
tarapyndan mümkünçilik döredilse-de boljak ahyr...”diýeniňi duýman galýarsyň.
Ine-de, Altymyrat Moskwanyň etegindäki türgenleşik meýdançasynda.Öňler özi ýaly
ýaşlaryň arasynda bolansoň,indi ulularyň arasyna düşmagi ony birneme
çekindirýär,utandyrýar.Ol Kuznessow,Kasapu,Kasanow ýaly dünýä belli ştangaçylar
bilen ýaryşmaly.Olar kän bir ýüz hem bermeýärdiler,göwniýetmezçilik edýärdiler.SSSRiň dargamagy bilen kim nämä jogap berýär,kim nämäni çözýär,biler ýaly däldi,büýrbulaşykdy.Belki şondan,belki ýaryşa üç sportçynyň biriniň gitmeli bolýanlygy
üçin,Altymyrat gije ýatyp bilmedi,tolgundy,aýagynyň damary çekip,ýöremekdenem
galdy.Gözüniň
öňünde
agalary,obadaşlary:”Biz
saňa
ynanýarys,üstünligiňe
garaşýarys”diýýärler.Ine,onsoň ýeriňden galyp bilmeseňem,olaryň umytlaryny ödemek
üçin aýaga galmaly bolýar.Her zatda bolsa,ondan öňe geçip,Polşa gitmeklige hukuk
gazananlaryň sany köpeldi.Altymyrat üçin ýaryşdan galmak howpy döredi.Iň soňky
pursatda,Altymyradyň daş göteriş usulyna belet bolan Alekseýew ony goldady,ýaryşa
gitjekleriň hataryna onuň adyny goşdy.Sebäbi Alekseýewiň özi hem dünýä çempiony
bolan gezekleri şeýle usuly saýlar ekeni.Ol usul bolsa öz alyp biljek agramyňy diňe ýaryş
geçirilýän döwri görkezmeli!...
Şeýlelikde ol Polşada çykyş edýän,netijeleri boýunça ondan ýokarda bolan
bolgar,türk,polýak ştangaçylary bilen ýaryşa girdi.Onda,diňe özüne belli bolan
duýgy,öňden görüş alamaty bar.Meýdança çykmaly bolýança,öňki endigi boýunça
ýatyp,gözüniň awusyny aldy,çykmaly diýip turuzanlarynda bolsa, ilkinji synanyşygynda
näçe agram götermelidigini hem bilenok.Ony diňe garşydaşlaryň gazanan netijeleri
boýunça kesgitleýär.Ondan öň bolgarýaly 192,5 kilo,polýak 195 kilo,türk 192 kilo
agramy göteripdir.Her gezek mesele şeýle aýgytly çözgüde ýetende,ol eýmendiriji
dymma adama öwrülýärdi,hamala diýersiň doňup galana dönýärdi,sebäbi, özüne aňrybaş
derejede erk etmegi başarýardy.Şeýle sowukganly arkaýynlygy sebäpli hem,edil aýnada
ýaly meseläniň soňuny görýärdi.Has dogrusy,ilkinji synagda haýsy agram bilen
başlamaly,soňuny nähili gutarmaly-her garşydaşynyň anyk mysalynda,diňe şol pursatda
çözmäni başarýardy.Bir seretseň onda hiç hili hasap,ölçeg ýok ýaly,emma ol ýedi ölçäp
bir kesmän herekete başlamaýardy.Käbirleri oňa batyrgaýlyk diýip düşünýär,emma
batyrgaýlyk bir zady pikirlenmän edip,köre-körlük bilen öňe okdurylmak däl-de,eýsem
oňa hatyrjem we paýhasly çemeleşmedir.Altymyradyň batyrgaýlygy onuň içki
hyjuwlarynyň gazanynda gaýnaýar,soňra sagdyn pikirlenmäniň eleginden geçirilýär,hut
hyýalyň we paýhasyň şol birleşmesiniň esasynda hem üstünlik gazanylýar...
Altymyrada häzir ähli zat düşnükli.Iň ýokary agram göteren garşydaşy näçe göteren
bolsa ol ondan birneme artygrak agram bilen öňe düşmeli.Hut şonuň üçin hem ol ilkinji
synagynda 202 kilogramy göterende:”Sen eýýäm Ýewropa çempiony bolduň!”diýip,ony
gutlamaga başladylar.Şol üsrünlik,şol gutlaglar hem ony birneme gowşadan
bolmaly,sebäbi ol nobatdaky 210 kilogramy göterip bilmedi.Emma ol öz güýjüne
ynanýar,eger 210-215 kilogram galdyranyňda,dünýä çempiony bolýarsyň diýseler,ol ony
hökman göterjegini bilýär.Ol şeýle pälwandy...
169
--6—
Altymyrat Polşadan Moskwa gaýdanynda,öňki SSSR-iň,häzirki Orsýetiň baş
tälimçisi Wasiliý Alekseýewiň gapdalynda oturmaly boldy.Bu tötänlikde boldumy belli
däl,emma Altymyrat üçin ol örän ähmiýetli duşuşyga öwrüldi.Ýerinde oturan badyna ol
Altymyradyň elini gysyp,gazanan bu ajaýyp ýeňişi üçin gyzgyn gutlady.
–Alty,gorkym uludy weli,tamamy ödediň,sag bol.Dogrusy,seni edil öz oglum ýaly
eziz görýärin,hat-da ýüzümizde,daşky sypatymyzda hem meňzeşlik bar.Saňa bir zat
aýtmakçy,özem şuny ýadyňdan çykarma!Ýaş bolsaňam sen eýýäm özüňi dünýä tanadan
sportçy,Ýewropanyň,dünýäniň ençeme çempiony.Saglyk ýagdaýyňy göz öňünde
tutup,berjek maslahadym.Lukmanlar seni şu ýaryşa hem goýbermek islemediler,asyl sen
ýeke böwrekli gezip ýörseň nätjek.Ýeke böwrekli agyr daşlary göterýäň,ol iki bolanda
dagy nähili bolardy?Aýtjak bolýanym,şu gezek ähli jogapkärçiligi öz boýnuma alyp,seni
ýaryşa goýberdim,gowy netije hem gazandyň.Ýönä, indi-den beýläk uly ýaryşlara
gatnaşmagy maslahat bermeýärin.Näme üçin diý?!Saglyk ýagdaýyň üçin.Dogry,senem
edil men ýaly özdiýenli,gaýduwsyz, garadangaýtmaz, söweşmäge ukyply,türgeniň
diýenlerine-de kän bir pitiwa edeňok.Ýöne ýaryşdan galmaly-da,ýaşlaryň türgeni
bolmaly,bilýänleriňi olara öwretmeli...
–Sözüňizi bölenim üçin bagyşlaň!Aýdýanlaryňyz dogry,ýöne meňem siz ýaly iki
gezek bolmesa-da,iň bolmanda bir gezek Olimpiada ýaryşyna gatnaşmak arzuwym
bardy-da!-diýip,Altymyrat seslendi.
–Bilýänsiň,bilmeseň aýdaýyn,men sekiz gezek dünýä çempiony,Müýnhen we
Monreal Olimpiadalarynyň ýeňijisi boldum,segsene ýakyn dünýä rekordyny
täzeledim.Çempionlyk üçin birine şah çykmaly bolsa maňa çykardy.Men ertekilerdäki
ýaly islän wagtym dünýä rekordyny täzeläp bilýärdim.Şu mümkünçilik şu güne çenli
dowam eden bolsa-da,ýaryşdan çykyp,türgenlige baş urdum,sebäbi maňa saglyk
gerek!Şol saglyk saňa-da gerek!Käşgä,daşary ýurtlardaky ýaly,dünýä ýaryşlarynda
gazanýan ýeňişiň muzdy bada-bat berilýän bolsa-dy,onda pekord gazananyňa
degýärem,bizde ol ýok.Goýberilýän baýragyň bir göterimindenem azyragy berilýär,onuň
bilenem çaga ekläp bolanok,onsoň täze rekordlary gazanjak bolup azara galanyňa
degenok.Dogry,menem seniň ýaşyňdakam bir zady ederin diýip,şony etmesem göreşimi
gowşadmaýardym,garşydaşyň güýçli boldugyça şonça-da höwesim artýardy,öňümde
ýeňip bolmajak basgançagym bolmaly däl diýýärdim.Meniň türgenleşik geçişim hem
iliňkä meňzemeýär.Häzir eýle-beýle türgenleşýärdim diýip,agzymy dolduryp,aýdyp
otursam:”Derejä ýeteniň öwünmäge haky bar”diýjekler tapylar,emma öwünip
aýdamok.Häzir köp sportçylar meniň usulymyň peýdalydygyna göz ýetirip başladylar.Ol
bolsa şulardan ybarat-güýjem gerekdir weli,esasy höwes,hyjuwdan doly isleg
gerek!Fiziki taýýarlygyň üznüksiz ýokary bolsa-da,ýeňiş gazanjagyňa bolan güýçli
ynamyň bolmasa bolanok.Dürli döwürlerde janymy ynanýan türgenlerimiň
maslahatlaryna eýerdim,emma hiç mahal ony köre-körlük bilen ýerine ýetirmedim.Soňky
döwürlerdä-hä,öz-özümi özbaşdak türgenläp ugradym.Bu usulym hiç bir ylmy
kitaplarda,ýazgylarda ýokdur.Bar bolan ýazgylarda “irginsiz türgenleşip,göterip biljek
soňky agramyň
derejesindäki agramy köpüräjik göterip ýeňiş gazansa
bolýar”diýilýär,men oňa ynanamok.Umuman dürli usullar barada gürrüňler bar,ýöne
anyk ýoly görkezip bilýän ýok,sebäbi, ol her kimiň öz-özüniň üstünde işläp bilmegine
bagly.Ine,häzir türgenleşik meýdanlarynda ştangaçy öz ýetmezini öwrener ýaly,uly
göwrümli aýnalary goýdular.Oňa seredip ejiz ýeriňi tapjak bolmaly däl-de,öz kalbyň
170
isleýän zadyny tapmagyň pikirini etmeli.Türgenleşigiň häzirki usuly 1950-nji ýyllardan
bäri üýtgemän gelýär.Onda,mysal üçin “birden götermekde täze bir basgançaga çykmak
isleseň,şol ugrdan irginsiz türgenleşibermeli”diýilýär.Men bolsa ony etmän,beden
agzalarymyň damarlarynyň güýjüni artdyrmagyň aladasyny edýärin.Has düşnükli
aýtsam,sen näçe türgenleşik geçseňem birden götermekde netije ýok diýeli.Şeýle
ýagdaýda bedeniň haýsy agzalary,eti,damarlary aýdylan görnüşi ýerine ýetirmäge
gatnaşýan bolsa,men dürli sport hereketleri,usullary bilen ýaňky agzalaryň güýjüni
artdyrmagyň aladasyny edýärin.Görüşiň ýaly gowy netijelerem berýär.Oňa başga ýol
ýok.Bu usul haýsy agramda çykyş edýänligiňe garamazdan peýdaly-diýip,Alikseý
sägindi,ýüzüniň derini ýaglygy bilen süpürdi-de:-Maslahatymy alsaň,indi Olimpiada hem
diýme,beýlekem,öýlen-de,çul çagaly bol,türgenlikde işläber,jaýyň,maşynyň bar.Isleseň
ýanyma alyp,on müň manat aýlyk belläýin, isle ýurduňda gal,tälimçi bol,tapawudy ýokdiýdi
- Maslahatyňyz üçin taňryýalkasyn,ýöne meňem öz etsem-petsemlerim bardiýip,Altymyrat jogap berdi.
-Diýmek,sen öz pikiriňde galýarsyň-da,şeýlemi?
-Edil şeýleräk diýsemem boljak,galanynam,türgenim Abramýan,agam Orazberdi
bilen maslahatlaşyp göreýin-diýip,Altymyrat jogap berdi.
Ol häzir, ştanganyň naýbaşy hasap edilýän adamynyň maslahatyna bor
diýmelidi,etmesede bor diýmelidi,sebäbi,ol beýle maslahaty her bir öňýetene
bermeýärdi.Altymyrat özdiýenlilik edip ýalňyşdy,özüni goldajak adamynyň maslahatyny
kabul etmedi.(Dogrylygyna güwä geçip biljek däl,ýöne“hut şu ýalňyş hem, geljek ýyl
Olimpiada ýaryşlaryna onuň gidip-gitmezligi baradaky meselä täsir edipdir”diýip,netije
çykarýanlaram tapyldy).
–Men,gözelligine guwanyp,käte “özünden gidýän” aýalyma bir gün:”Ezizim,saňa
kiçeňräjikden köp sowgat alaýynmy, ýa-da ulurajyk birini!?”diýip ýüzlendim,”Sowgadyň
köpüräjigini alaý,biz kommunizme golaýlaşýas ahyry!”diýip,zat bolsa gowşaýan aýalym
jogap berdi.Men oňa bir bulgur çigit sowgat berdim-diýip,Alekseý çep gapdalynda
häliden bäri hor çekip,indem oýanan Abramýana bakyp ýylgyrdy.Altymyrat bolsa
Alekseýiň bu degişmesini özüne berilen maslahatyň jemlemesi hökmünde kabul etdi.
–Komunizmde türme,dürli din akymlary bolmaly däl,arak içmeli däl diýerdiler,indi
şol diýýänleriň biri gedaý,köçede oturyp pul dileýär,beýlekisi bazarda hyýar
satýar,üçünjisi “namaz okamak taňry buýrugy” diýip,Hudaýy çagyryp,mollaçylyk
edýär.Olar agşam özlerine düşen pullaryny sanap görenlerinde:”Eý,Hudaý,hyýar
satmadan bir bizi özüň goraweri”diýip,ikisi doga-dileg edipdirler,sebäbi hyýar satanyň
puly hemmeleriňkiden az gelipdir.Aýtjak bolýanym,aýalym:”önüm öndürýäniň sylagy
peseldi”diýip gaharlanardy,asyl ol dogry ekeni-diýip,Abramýan jogap berdi.
–Aýalyňa gaharyň gelse onuň oturan ýerini ýumruklabermelidir.Ýogsada,ýanymyzda heniz öýlenmedik ýaş ýigit bar,gelşiksiz-diýip,Alekseý ýylgyrdy.
–Filippin adalarynda ýaşaýan är-aýallar bir-biriniň diline düşünmeýärmişin,hersiniň
dili başgamyş.Menem Alty jana şolaryň birine öýlen,güň bilen ýaşaýan ýaly, janyňy
ýakmaly bolmarsyň diýjek,sebäbi, aýal-suwy alynmadyk nar,durky bilen näz-kirişmesi
bar.Atam pahyr ýüz ýaşap öldi,ondan:”Sowet hökümeti saňa näme berdi?”diýsem,”Beren
zadyny-ha bilemok,üç aýalym bardy,şolaryň ikisini bolşewikler aldy”diýip,jogap
berdi,diýmek köp aýallylyk gowy bolmaly.
–Bruna,belki, ol gowudyr,emma jemgiýetiň,döwletiň kanunlary hem bar,oňa boýun
bolmaly.Aýalym bir şahyr dostuma topalaňçy,bozgak diýýär.Onuň bozgaklygy,iki
171
aýalyny eklejek bolup,yrsgalynyň öňünden barýar.Ine birdenem ol, “dil baýlygymy
artdyrjak,türme
şiwesiini
öwrenjek”diýip,urşup,türmä
düşdi.Aýalym-a:”Gowy
bolupdyr,belki,ony ol ýerde alybam galarlar”diýip,begenýär,sebäbi ol kanuny bozýar,iki
aýal saklaýar...Geläýdik öýdýän!?-diýip,Wasiliý sagadyna seretdi...
Uçar Moskwanyň “Domodedowa”menziline gondy.Alekseýew bilen Abramýan bu
ýerde galdylar,Altymyrat bolsa Algabada uçmak üçin petek nobadyna durdy.Şol bada
onuň böwrüne biri dürtdi.Seretse-Şamyrat.Ol Altymyrady ýitirip-tapan ýaly,gadyrly
görüşdi,hal-ahwal,ýagdaý soraşdy
-Saglygym erbet däl,nobatdaky ýeňişimi gazanyp,Polşadan gelýän,dost jan.
–Wah,meň ýagdaýym nemeräjik bolansoň Odinsowa şäherine gidip bilmän durunda.Ors gelnejeňi ýüki bilen ugratdym,yzyndan gitmäge bolsa gara köpügim ýokdiýip,Şamyrat naýynjar seslendi.
–Wah-eý,ol-a bolmandyr,dost jan-diýip,ýüzlek,geçirimli Altymyrat öňki diýenlerini
ýadyndan çykardy,ýogsam,maşgalasyna seretmyýän bilen dostlugy pozmagy niýet
edinipdi ahyryn- Meniňem zordan Aşgabada ýeter ýaly serişdäm bar.
–Aý,bir zat edersiň-le,sen öýe barýarsyň ahyry,maňa kyn,maňa.Ýürek agyrym
aýrylar ýaly,şuny maňa beräý!-diýip,ol soraman zat etmän,Altymyradyň akja köýneginiň
kisesine elini urdy-da,ondaky ýüz dollary garbap aldy.
–Şol saňa ýetýärmi,dost jan?-diýip,Altymyrat sorady.
-Ýetmese nädeýin,başga pulum ýok diýdiň-ä...
–Hakykatdanam,pulum-a ýok,ýöne saňa gerek bolsa alaý,dost jan.Men eýdip-beýdip
günümi görerin-diýip,Altymyrat jogap berdi...
Şamyrat puly alan badyna,elini galdyrdy-da,hoşlaşman diýen ýaly, adamlaryň
akymyna siňip gitdi,Altymyrat bolsa,ýolda okar ýaly gazet satyn alyp, nobatyna bardy
hem-de gazetler bilen tanyşyp başlady.Gazetlerde,ýurtda bolup geçýän bulaşyklyklar
barada,onda Ýelsin bilen Gorbaçewiň günäkärdigi,buýruk beriji yktysadiýet
maksatnamasyndan bazar gatnaşygyna yzygiderli geçmek baradaky Kosiginiň kararynyň
agsaýanlygy,azatlygyň
salkyn
şemalyna
başy
aýlanyp,islän
zadyny
etmekde,aýtmakda,hödürlemekde,bellemekde adatdan daşary açyklyga eýe bolan
adamlaryň,üwelen ete nobada duranlaryndan gazet-jurnallary almak üçin nobada
duranlaryny gowy görýändiklerini,açyklyk,aýdyňlyk zerarly jurnalistleriň,habarçylaryň
hat-da oba habarçylarynyň-da islän adamsyny Ýokary Geňeşlige saýladyp bilýändikleri
baradaky bellikler bardy.(Oňa aýdyň mysal,ýaňra,gözboýagçy,ýerli guramalary tankyt
astyna alyp,iki-üç sany makala ýazanlygy üçin käbir adamlar tarapyndan arçynlyga
göterilen Şamyrady görkezmek boljakdy,bolsa-da ony uzak işletmediler.).Gazetlerde
ýene-de,SSSR-iň dargamagy bilen milletara jedelleriň,uruşlaryň artanlygy,halkyň
ýaşaýyş derejesiniň gaty pese gaçanlygy,prokrotura,kazyýet işgärleriniň bolýan
wakalaryň syýasy bahasyny anyklap,gatyrak gidýänleriň öňüni almagyň
deregine,gaýtam, ol işlere goşulýandyklary,Kommunistik partiýada bölünişigiň
barlygy,Partiýanyň gurultaýy gidip durka,Ýelsiniň partbiletini taşlap çykyp
gaýdanlygy,ýol berilmesiz bu ýagdaýa Gorbaçewiň göz ýumanlygy,syýasy baha
berip,ýazgarmanlygy,hat-da, bu gözdençykgynç herekediň metbugatda hem bahasynyň
berilmänligi zerarly,bir gijäniň içinde rus,ukrain,belorus ýurtlary özara şertnama
baglaşyp,SSSR-den
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 21
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.