Latin

Topraga duwlanan ägirt - 31

Total number of words is 3879
Total number of unique words is 2292
30.7 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Ony irmän-arman kakam öwretdi.Asly Marynyň garahmetlerinden bolan kakam
uruşda,kyrk üçünji ýylda nemeslere ýesir düşýär,ol ýerdenem ony Hirosima şäherine
getiripdirler.Ol öň ýarag,häzir sport enjamlaryny öndürýän zowatda işläp başlapdyr.Kyrk
bäşinji ýylda “seniň watansöýüjilik duýgyň azlyk edýär” diýip,ony Okinawa adasyna
sürgün edipdirler.Şolam ony atam bombasyndan ölüp gitmeden gorapdyr.Soň ony Kusýu
adasynyň demirgazygynda ýerleşen Tikuho atly kömür käninde işlemäge
ugradypdyrlar,şol ýerde-de,ene-atasyny,doganlaryny
ýitirip,şöhleden ýaralanan,
Hirosimadan gelen ýetim gyz,meniň ejem bilen tanyşýar.Kakam iň az töleg bilen agyr
zähmetde işlän zenanlaryň,şol sanda ejemiň gürrüňini köp ederdi.Iki ýyldan soň olar
Hirosima gaýdyp gelýärler.Kakam ýene şol öňki zawotda işläp başlaýar.Atom
bombasynyň taşlananyna dört-bäş ýyl geçenligine garamazdan olam şöhle keseline duçar
bolýar.Men olaryň ýeke çagasy.Ejem 1954-njy ýylda çaga üstünde ýogalýar,soň meni
kakam terbiýeledi.Kakam pahyr,ölünçä watan-watan diýip gitdi.
–Diýmek onda siz sport harytlaryny öndürýän zawodyň eýesi-dä?
--Hawa.Agyr atletika boýunça geçirilýän ýaryşlarda harytlarymyzyň sergisini
gurnaýarys,mahabatyny ýetirýäris.Bu gezeg-ä Aziýa ýaryşyna özbaşdak respublika
bolan ilimden gelen adam bolmazmyka diýip,aýalym bilen şu dukanyň gapdalynda
ýerleşýän jaýymda garaşdym. Oňat,nesibäm bar ekeni-Gylyç aga sagadyna seretdide:”Ota gitdi-öte gitdi”diýleni bolaýdy-la,bi,gelmedi-le-diýip sözüni tamamlan badyna,
gapyda ýüzi-gözi ýapon biçüwli,türkmen gelinleri ýaly uzyn pombarh köýnekli, syratly,
mapraç aýal peýda boldy-da:.
–Klyç eke,çaý-nanyň taýýardyr-diýdi.
–Gelneje,salowmaleýkim!-diýip,Altymyrat sag golunyň ýeňini uzadyp,aýal bilen
gadyrly görüşdi.
–Klyç baý,şol garaşýan ildeşiň geläýen ýaly,gözüň aýdyň.Myhmanyňam nahara
çagyr,bileje türkmençeläp “baş barmak” iýeliň.
–Bolar,Tumarçam!Inim-ä
tüýs
türkmen
ekeni,ýüzüňe
ýalym-ýulum
edip,gapdalyňdan gypdaklajakdan däldigi görünýär.Hany,Alty jan,ýör biz bile.
–Aý,agam jan,taňryýalkasyn,nahary özüňiz iýäýseňizläň,men birhili...-diýip,diňe
ýüzi däl,eýsem gulagyna çenli burç ýaly gyzaran Altymyrat jogap berdi.
–Kakamyň ýetsem diýip ölünçä arzuw eden ýurdyndan gelip,duzymy datmasaň
gaty öýkelärin.Türkmende duzdan uly bolmazlar hem diýilýär.
–Ýör,oglum!-diýip,Tumar daýza Altymyradyň ýoguna beýlekisine seretmän
ýaşaýan jaýyna alyp bardy.
Türkmen halylary bilen bezelen jaýyň ortasynda ýazylan dokama saçagyň üstündäki
ýasy jamda gazaklaryň “baş barmagy”bugaryp durdy,onuň töwereginde adyny tapan
iýmitiň bardy.Olar saçagyň başyna geçdiler.Her kimiň öňünde bir agaç çemçe.
–Pälwan inim,al hany,bissimylla et!Türkmenlerde,şol sanda gazaklarda
hem(gelnejeň gazaklygy üçin aýdýaryn)nahary bir saçagyň başyna üýşüp
iýýärler.Utanma!
-Bissimylla!-diýip,nahara başlan Altymyrat sözüni dowam etdi-Bu ýerde utanar
ýaly zat ýok.Ejem pahyr garry atasyndan eşiden bir gürrüňini diline getiripdi.Bir oba
düşman çozjak bolup,öňürti jansyzyny iberenmişin.Olam gaýdyp gelip”Köre hasa bolup
duran zady-ha gördüm,olam türkmenler bir saçagyň başyna üýşüp,nan iýýärler
ekeni”diýipdir.Onda duşman serkerdesi”Oň ýaly boljak bolsa olaň üstüne çozjak bolup
guşgunymyzam syrdap oturmalyň,bize per bermezler”diýip,ýüzüni yzyna öwrenmişin.
257
–Dogry edipdir,päheýde welin-diýip,Gylyç aga seslenende,Altymyrat oňa
Rahmanberdi aga gepleýändir öýdüp ýylgyrdy.
Olar nahar iýenlerinden soň,öý eýesi myhmanyny otagyň içki gapysyndan alyp
çykdy.Ini boýy on metre barabar ýerde kiçeňräjik towuk ketegi,bedene ketegi
bardy,galan ýeri limon,alma,erik we birnäçe gyrymsy agaçlar tutýardy.
–Bu ýerde ýer çökder gymmat.Bilýänsiň,ýurdyň dört tarapy umman,adamlar artyp
gidip otyr,ýer bolsa çäkli,onsoň ýygnanýan hapalardan beton böleklerini ýasap,onam
ummana agdaryp ýer ýasamaly bolýar.Olam, örän gymmat düşýär.Bahasyny aýdyp
oturmaýyn,diýseň gymmat.Gymmadam bolsa tebigata ýakyn bolaýyn diýip,şujagaz
hojalygy döretdim.Ine,otuz-kyrk sany towuk gygyldaşyp,jüýjelerem ýanlarynda
jürküldeşip durlar,honha-da,alaň-açyklykda hiç kime bamysyňam diýmän,petekesini
gaýşardyp oturan horaz,”kyrk heleýiň äridirin”diýip.Ine,bu hem otuz sany
bedene,ýumurtgasyny peýdalanýas,onuň aňyrsyndaky, Nemrudyň meýdan eden ýerinde
gögeren temmäki agajy.Kakam pahyr bat keselime peýda diýip ekipdi.
–Nemrutly wakany heniz eşitmändim.
–Eşitmedik bolsaň aýdaýyn.Özüni hudaý saýýan Nemrut patyşa bir gün uýalygorkuly
meýdana
oturypdyr,onam
weziri
görüpdir-de:”Bä-ä,heý,Hudaýam
beýdermi?”diýipdir.”Ýa senem-ä,kelte kakýaň-ow,men ýazylamok-da,tohum oturtdym
ahyryn”diýip,Nemrut jogap beripdir.Soň görseler,ol ýerde temmäki agajy ülpüldäp
otyrmyş.
–Gylyç aga,hödüriňiz üçin sag boluň,men ertirki çykyşa taýýarlanmaly,gideýindiýip,Altymyrat seslendi.
Gylyç aga ony hormat bilen ugratdy-da”Ýene görüşýänçäk sag bol”diýdi.
Altymyrat şol günüň ertesi ,türkmeniň gyrmyzy donyny,ak silkme
telpegini,gyrmyzy ädigini geýip,ýaryşa gatnaşdy we 42 döwletiň sportçylarynyň arasynda
iň ýokary netije-ştanga götermegiň iki görnüşi boýunça 372,5 kilogram göterip,Aziýanyň
çempiony diýen hormatly ada eýe boldy,dünýä rekordyny täzeledi..Onuň bu ajaýyp
ýeňişini ilkinji bolup gutlan Gylyç aga boldy.
–Sen ynamymy ödediň,inim!-diýip,ol Altymyrady bagryna basdy-da,sözüni dowam
etdi-Men saňa “Şu zat maňa Gylyç agamdan galdy”diýip,ýatlap durar ýaly bir zat
bermekçi.Pul bersem almarsyň,altyn-kümüş hödürlesem olam göwnüme jaý däl,onsoň
“Gel,muňa ähli goşmaça zatlary bilen bir toplum ştangany bereýin”diýen netijä geldim.
Ony eýýäm uçar menziline eltip tabşyrandyrlar.Sen menden az görme,inim!
-Aýdýanyňyz näme,Gylyç kaka,gerek däl!?Ol çökder pula durýar ahyryn.Azara
galmasaňyz bolmaýamy?-diýip,beýle zada garaşmadyk Altymyrat aljyrady,näme
diýjegini bilmedi,içinden bolsa düýnki eden dileginiň hasyl bolýanlygy üçin begendi.
–Oň azary bolmaz.Sen ondanam has uly zatlara mynasyp,asla seniň bahaňa ýetme
ýok.Bu ýerde bolan bolsaň diňe şu günki ýeňişiň üçin ömrüňe ýeterlik serişde
gazanardyň...Eliň degse gelniňi ýanyňa alda myhmançylyga gel.Gözümiň üstünde ornuň
bardyr.Ýaşaýyn diýseňem mümkünçilik döredeýin.
–Gylyç kaka,sag boluň...
Ertesi uçar menziline aýaly bilen Altymyrady ugratmaga gelen Gylyç aganyň elinde
bir düwünçek bardy.
–Inim,senlik bir ýumuş bar.Bu kakam pahyryň wesýeti.Ol ölmänkä
“Oglum,babalylar gelip meni ýuwarlar welin,şol ýuwundy dökülen toprakdan bir
goşawuç alda,aňryujy bir ýagdaýyn tapsaň ata watanyma ugrat,goý,şol topragy
öwülýäleriň birinde jaýlasynlar”diýip wesýet edipdi.Ine,şol toprak.Men şuny saňa
258
tabşyrýan hem-de kakamyň soňky wesýetini amal edersiň diýip umyt edýärindiýip,toprakly düwünçegi,ep-esli dollary, ştanganyň Altymyradyň eýeçiligine berilýenligi
baradaky resminamalary oňa gowşurdy.Olar edil iň ýakyn adamlar ýaly bolup
aýrylyşdylar...
Uçar bir günde Hirosima-Tokiýanyň üsti bilen Moskwa geldi. Ştangany
Türkmenistana aşyrmak üçin bolsa,bir aýlap uçar menzilinde,ýüküniň üstünde ýatyp
garaşmaly boldy.(Ahyrym ol getirildi.Şol ştanga häzir Sakarçäge etrabynda täze guralan
sport mekdebinde,ýaşlara tälim bermekde ulanylýar.).
--3—
Hawa,üç ýüz kilolyk ýüki uçar bien alyp gidäýmek dilde aňsat,ýok,ol ýaponiýada
dilde däl,işde aňsat,emma ähli zady süýrenjeňlige salmaga halys öwrenen ýurtda dilde
aňsat.Başda otly bilen gaýdyberenliginde boljakdam welin,olam ýatyryldy-da,ýurda diňe
uçarly gitmeli boldy.Olam munça ýükli adama mümkin däl.Ol bu meselede kömek
isläp,Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasynda terjimeçi bolup işleýän öz obadaşy
Orazgylyç Orazmämmede ýüz tutdy.Onuň üsti bilen ýüki “Türkmenhowaýollarynyň”
hasabyna alyp gaýtmak üçin resminamany aldy.Şeýdip,öýden çykyp gidenine kyrk gün
bolanda,çagasyna aýak bitmänkä öýüne dolanyp geldi-de,ştangany “Dinamo”klubyna
tabşyrdy.Asyl ştanganyň arasy bilen otuz kişilik ýapon pombarh matasy,on müň
amerikan dollary hem salynyp göýberilen ekeni.Ol olary alyp öýüne geldi,gelşinede,sallançakda uklap ýatan çagajygy bagryna basdy,ýüz-gözünden ogryn-ogryn
ogşady.Öňküsindenem has gelşige gelen Gülleri gujaklady,pombarhat bilen sagbolsunny
ýetirdi,olam şol öňki müýnsiz ýylgyryşy bilen jogap berdi.Zähmet rugsadyna çykanlygy
üçin Güllere kömek berýän Aýýa ejesine hem buşlugy üçin bir kişilik ýapon
pombarhadyny,ep-esli puly sowgat berdi,beýleki aýal doganlaryna,ýakynlaryna galan
matalardan hersine bir kişilik pombarhady we ep-esli puly eltip bermegi oňa tabşyrdy..
–Waý,enaýy-da gyz!Ejemem maňa şeýle matany berdi-diýip,Güller ýylgyrdy.
Altymyrat uzak ýoluň ýadowlygyndan soň dynç alaýyn diýip hammama
girdi,ondanam içki jaýa girip ýatdy.Şol wagt Maksatjyk oýanyp aglamaga başlady.
–A gyz,çagany emdir-ä!-diýip,aşhanada güýmenip ýören Aýýa seslendi.
–Men-ä şekerli süýdi gyzdyryp beräýmesem nätjegimi bilemok.
–Toba essagpyrulla,beý diýme gelin.Ene süýdüniň çaganyň süňňüne-synasyna
neneňsi täsiriniň bardygyna sen gowy düşünmeli.Altymyradyň ejesini näçe wagtlap
emenini bilmän duraňok.Eger göwsüňde süýt kemterlik edýän bolsa onda sen çaga
mähriňi berýan dälsiň,ýa-da bir kemiň bardyr.
–Ýaňy gyzy bolan goňşy gelniň süýdi çagasyndan artýamyş,bolmasa şoňa alyp
gidäýmeli...
–Toba,essagpyrulla,goýaweri gyz,goýaweri,beýle sözi agzyňa alma-diýip,elini
öňlügine süpüren Aýýa oňa çiňerildi-Sen nä ogluň gyza meňzemegini,naçar kakuw
bolmagyny isleýärmiň?
-Waý,enaýy-da gyz,beýle zatlaram bolýanmydyr?
-Bolýandyr.Ýasama süýdem berme,başga-da emdirme, çynyňy etde özüň
emdir,nädersiň süýdüň gün-günden köpeliberse...Toba,essagpyrulla,ýakasyz köýnekli
nädip emdirjek?Bar ol artybyňy çykarda ýakaly köýnek geý.
–Ýakaly köýnegimem ýok meň-ä.
–Ýok bolsa öýde geýilýän haladyňy egniňe sok,bar,çaga aglap halys boldy259
Güller kynlyk bilen dar we ýakasyz köýnegini çykaryp halat geýdi-de,sallançagyň
gyrasyna ýaplanyp,göwsüni çaga bereninden soň Aýýa sözüni dowam etdi-Ejem pahyryň
giň,ýöne bagjykly ýakaly köýnegi bolardy,çaga emdirende onam ýazdyryp ýörmejek
bolup,has amatly bolar ýaly göwsüniň gapdalyndan ýörüte ýakalyk-golturmaç
açardy.Aslynda köýnegiň sogaby bagjygynda-dyr.Dogry,ýakaň ýiriljiräp ýatsa-da
halanýan däldir welin,çagaly bolup ýakasyz köýnek geýmek bolmaz.Çagaňy etegiňi
galdyryp
emdirjekmi?Etegiň
alty
garyş,ýeňiň
ýedi
barmagam-a
däl
seň,tyrralyp.Könelerimiz ýönelige “Gul gudurasa guýa gaçar,gyrnak gudurasa golturmaç
açar”diýmändirler ahyryn.
–Waý,enaýy-da gyz!Indi o zatlara üns berýän barmy.
–Üns berýän bar,onsoňam öteräjik käýýediň diýme,bigänäniň söýünjünden,dözmeziň
käýinji müň mertebe ýakawutlydyr.
–Daýza,senden bir zat sorajak-diýip,çagasyny emdirip bolan Güller çallançaga bat
berdi-Muny diňe saňa aýdýan.Alty “ejem ýaly köp çagaly bolarsyň” diýýä,emma ol
meniň okap,ýokary bilim almak arzuwyma päsgel berjek.Netmeli bolar?
-Adamyň bilen maslahatlaşyp çözersiň.Ol seniň okamagyňa garşy bolup durmaz,bir
alajyny tapar.
–Eger başga bir emel edilse...
–Toba,essagpyrulla,näme gyz o diýýäniň?
-Goňşy gelniň aýdyşy ýaly,indi äriň boldy bolmady tapawudy ýokmuş.Şäherlileriň
köpüsi bir-iki çagadan soň çaga dogmaz ýaly şol emeli ulanýamyş.Ol”Görseň men ýeňil
gopýandyryn,ozal-a alla welin,ärim näçe gysajaga salsa-da,ýakamy ýyryljiräp çagaň
keşigini çekmerin”diýýä.
–Toba,essagpyrulla,toba-diýip,Aýýa onuň sözüniň arasyny kesdi-Goýaweri
gyz,goýaweri.Hi,onam adam edermi?Munyň allaň berenine kaýyl bolmazlyk
bolýar.Dogry,obamyzda birdir-ýarymdyr ýarowsyzrajyk heleýleriň biri kä ýarym
üýşmeleňlerde “Ömrümi biderejik ýakypdyryn,beýle zadyň barlygyny öň bilen bolsam
çaga diýip,görüme gümmez galdyrmajaklar üçin
ukudan galmazdym,ýekeje
gijede”diýýänini eşidýädim.Bu habardan soň hakyt imanym uçandyr.Türkmeniň
tohumyna dalaş edip ugrapdyr,bi haram heleý,haltasyny silkdirip.Oň samsyjak äri
“Azabym
biderek
boljak
bolsa,menem
aýal
eşigine
giräýjek”diýip
samahyllaýarmyşyn.Gör-ä,bu bolýan zatlary.Dogry,Rahmanberdi aga aýtmyşlaýyn
geçmişde-de,dogumyna bäs gelip bilmedik,töweregine ters täsir edip,seňrigini
ýygyrýanlar bolupdyr,emma halkyň nesil saýyrdyňlygynyň,üşükdir zehininiň esasan
aýallara baglydygyna akyl ýetiren gojalar”Gyz oglany kyrk ýerden gys”diýen aýtga
wepaly bolup,çyzykdan çykýanlaryň öňüne taýak taşlapdyrlar.Häzir ony etjek bolup
gör,taýagy seň öňüňe taşlarlar.Her zatda ar-namysyny tug edinýän,”Äri haýbatly
bolsa,heleý uýatly bor”diýilýäne eýerýänler aramyzda bar,hudaýa şükür.
–Daýza,Şamyrat şugul-a,”Orslarda puluny töleseň,saňa tarpdan çaga dogrup berýän
heleýlerem bar”diýip,agzyny uçukladyp gürrüň berýär...
–Heýt,şo Şamyrat gursun,aýaly, çagalary barka,üstüne başga heleý alyp,obamyzyň
erkeklerini ýoldan çykarýar.Ýaman zadyň ölümden özgesi ýaýragyç bolar ekeni.
–Waý,enaýy-da gyz,oň aýaly-ha gowy.
–Bir bende “Eý,Hudaýa,bar Hudaýym!Näme maşgala jüplenmesiniň ýazgydyny
maňlaýa ýazaňda,bir akylly bilen bir alasamsygy kökene çataýýaň-la?”diýip
soranmyşyn,toba essagpyrilla,onda Hudaý:’Wah,bigapyl bendäm!Olaň ikisem gant bilen
gurdy,eşek tezek bilen söki tanamaz dyllymdeşik bolsa,onda ýaňkylaň çaga-çolagyny
260
kim oda-suwa ýykylmaz ýaly etsin?”diýip jogap beripdir.Şol aýdylyşy ýaly,kimem bolsa
biriň paýhasly bolmalydyr.
–Daýza,diýmek senem maňa paýhasly bolmagy,bir işi etjek bolsaň ýedi ölçäp bir
kesmegi maslahat berýäň-dä?
-Maslahatly biçilen don kelte gelmez diýleni,galanynam näme Hudaý ýalkajak bolsa
ara düşen gysyr çybynyňda işi gaýdar.Ýalançy-da Şamyrat ýaly ýamanlar bilen deň
bolman,ýagşylygy bilen ýamanlary ýagşa öwürýän jigimiň durmuşy aňsatdyr öýtme.Sen
oňa diňe goltgy bermeli.Onsoňam bilgin,ol ýöne-möne däl,dünýä özüni ykrar etdiren
gerçekdir,hat ýazan ençeme gyzlaryň içinden diňe seni saýlap öýlendi.
–Onyň-a dogry-la.daýza.Meň özümem şular ýaly oglana durmuşa çyksam armanym
ýok diýip,arzuw edipdim.Asla öz bagtymdan çykar diýip gumanam etmändim.Şoňa
ýetmekde seniň hem goşandyň kiçigirim däldir,daýza,taňryýalkasyn.
Aýgözel bilen Güller ikisi pikir alyşyp,gürleşip doýmadylar.Şol barmana Altymyrat
hammamdan çykdy.Güller oňa sallançagyň bagyny berip,ýuwunmaga gitdi.Altymyrat
oguljygyny mähir bilen ogşady-da,sallançagy üwräp ardynjyrady.
–Aýýa ejem jan,çagalaryň saglygy gowumy?Men saňa bir özümi tutsam,ýaşar ýaly
jaý alyp berjek diýipdim.Şony edip bilmeýänime gynanýan.Kakajan kakamyň,Tirkiş
kakamyň çagalaryna-da kömek etmeli.Ýaňky matalary pullary pullary hemmesine deňderman paýla.
–Toba essagpyrulla,jigimiň basga düşüp ýören zadyny?Ýüregiňi ele alma.Sen bizi
däl,öz aladaňy et.Ýaponlardan agyr daşy alyp gaýtjak bolup Moskwada bir aýlap
ýatdyň,saglygyňa zeper ýetirip.O daş seň nämäňe gerek?Ýaşlaryň aladasyny sen däl,
hökümet etmeli,edýärem.
–Ştanga üýtgeşik bir zat.Ol ýaşlary özüne çekmäge kömek eder,olaryň sany artsa
bolsa,ülkämiziň dünýä ýaryşlarynyň merkezine öwrüljegi ikiuçsyzdyr.
–Toba,essagpyrulla,şular saňa galypmy?Sportda,senden başga-da nan iýip,telpek
göterýänler bardyr-a?
-Men-ä ony pikir etmän,sporta goşandymy goşjak bolýan,Aýýa eje.Dogry,getirjek
bolup gaty kösendim,sähel eýleň-beýleňlik etseň başardaýjagam däl.Getiremsoň bolsa
edil ejemi emen ýaly arkaýynlaşdym.
–Jigim,iliň aladasyny etmeli,etme diýjekgäl,ýöne onuň üçin halys öýüňden bizar bolan
ýaly ylgap ýörmekligem gelişikli däl.Bolan bolsa ejem pahyram ony oňlamazdy.
–Ýogsa-da,Aýýa eje,bir haýyşym bar-diýip,Altymyrat ýerinden turdy-da,daşky
eýwandan Gylyç baýyň beren içi toprakly düwünçegini alyp geljek boldy,birdenem ýaş
çaganyň ýanyna beýle zady getirmegi gelşiksiz gördü-de,gaýdyp geldi-Ýaponlarda
dünýeden gaýdan adam “Mazarymdan alynan bir gysym topragy ýurdumda jaýlaň”diýip
wesýet edipdir,ine,şol adamyň ogly maňa kakasynyň wesýetini amala aşyrmagy haýyş
edip,içi toprakly düwünçegi berip goýberdi.Aýýa eje, sen şony alyp gidip,türkmen däpdessuryny berjaý edip,ýerläp bilmezmiň?
-Toba,essagpyrulla,jigim,maňa beýle ýumuşy buýrma,öwülýä baryp bilmen.Oba
gideňde wesýeti özüňjik berjaý etseň gowy bordy.
–Gowusy men şeýdeýin-diýip,Altymyrat razylaşdy-da,ertirden bäri teleýaýlymda
irginsiz gaýtalanýan Serdar,Ruhnama baradaky gepleşikleri,aýdylýan aýdymlary diňläsi
gelmän öçürdi,çünki,olar şeýle bir irizýärdi welin,halys ýüregiňe düşüp,öýden çykyp
gidiberesiň gelýärdi.Onsuzam bir hepde bäri dowam edýän erbet yssy argyn
bedenine,saglygyna oňaýsyz täsir edýärdi...
261
Seula barýan ýol.”Itiň dertli bolmasyn”.Soňky pursatlar
--1—
Bu gije hem Altymyrat rahat ýatyp bilmedi.Soňky günler birden baş aýlanma
peýda boldy,birdenem gyzdyryp-üşüdip başlady.Sowuklandyr diýse olam däl .Öz
ýagdaýyny
gasygynda peýda bolan çybyndan gördi.Çybyn diýlen zat agyrak
bolup,dömmesi kyn geçer ekeni.Ejesi pahyr bolanlygynda oňa emel tapardy.Ýadyna
düşýär,Kakajan kakasynyň boýnuna çybyn çykanda,soganyň içine kir sabyn
dograp,onam gyzdyryp ýara ýapypdy,ertesi ýara ýarylypdy.Çybyn aýrylyp gitse-de,tende
yzy galar ekeni.Şeýle edilýänini bilse-de,ýarasyna em etmeli
bolanda ol gaty
geleňsizlige salýardy.Onuň azary bolsa çekip-çydar ýaly däldi.Bularyň üstüne,öňki
agşam düýşüne ýene şol gara deşikli waka giripdi.Onsoň bulam-bujar pikirler hasam
köpelýär.Tebigatam ony aňan bolarly,tomsuň tüp yssysynda birden ýagyş ýagdy,häzirem
damjalaryny sepeleýar.Asmanyň çytyklygy bir açylýar,bir ýapylýar,Altymyrat ýaly tukat
günde galan bolmaly.Rahmanberdi aga şeýle ýagdaýda”Bular ýaly günler kalby päk
adamlaram ejir çekermiş”.Hiç ýeri agyrmaýan wagty ol özüni bagtly duýupdy,sähel bir
şikes tapyndygy ejir çekýär.Näme üçin kyn günüňi ýeňleder ýaly,ýagşy günlerden zat
alyp bolmaýar-ka?Aý,bolýan däldir-dä...
–Nä tukat otyrsyň?-diýip,Güller Maksatjygy göterip geldi-Dünýä giňden
owadan,ýöne ol sen ýanymda bolmasaň owadan bolmazdy.Şeýle dälmi ezizim?
-Belki şeýledir.
–Belki şeýledir diýme,şeýle diý.
–Bor-la,Güller jan.
–Ýok,borla däl,şeýle diý!-Güller edil basdaş ýaly jedelleşesi,öz diýenini gögerdesi
gelýärdi,emma Altymyradyň hem kejirliginiň boýy ýetikd-Bol,oguljygym Maksat
jan,kakaň garaja saçyndan tut.Çek oglum.çek,diýenimize däl diýjek bolsa.
–Güller,birhili ýüregim gysýa.Näme etjegimi bilemok.
–Diýýäniň näme,oglan?!
-Ejem,doganlarym ýaly menem birden ölüp gitmeli bolaýsam....
–Goýsana oglan.Beýle gürrüň etjek bolsaň men-ä ýanyňdan gitjek-diýip,Güller
ýerinden turmakçy boldy.
–Diňle.Düýn lukmanlar meni barlap,Günorta Koreýada boljak ýaryşa goýbermezlik
kararyna geldiler.
–Waý,enaýyda gyz,şol-a gowy bolaýypdyr.
–Menem oňa begenmänem durmadym,birhili aýagym çekenok,ýöne, geljek ýyl
Amerikada geçjek Olimpiada ýaryşyna gatnaşjak bolsam Koreýa gidäýmeli.Bize
nebitdagly Remezanow
atly täze türgen bellenildi,ol “Alty,gideli,saňa hiç zat
bolmaz,menem bir dünýä çempionyny taýýarladym diýer ýaly bolaýyn ahyryn”diýip
goýanok.
–Waý,enaýy-da gyz,özüň bor diýmeseň seni äkitjek barmy diýsene.
–Ol-a dogry welin...Agramym kada gelmejek bolýar.Men şondan gorkýan,bir
ýandanam çybynym.
–Beýle bolsa hasam gitme.
–Aý onda-da tälimçim Remezanow “witaminler bilen alyp çykarys”diýip göwünlik
berýär.Bor diýäýdim-dä.
262
–Meň diýenimi etseň-ä şu ýaryşa gitme,ýalbarýan!-diýip,Güller gözüniň ýaşyny
syldy.
–Goýsana,Güller jan!Saňa gözýaş gelişenog-a!-diýip,Altymyrat gelniniň ýaşyny
aýasy bilen süpürdi...
Şundan soňky bolan wakalar göz-açyp ýumasy salymda bolup geçdi...
Baş türgen Remezanowyň teklibi boýunça,güýçli witamin sanjymlary bilen
agramyny kada getiren Altymyrat Günorta Koreýanyň Pusam şäherinde geçirilýän
halkara ýaryşa gatnaşdy.Bu ýerde ol,gasygyndaky çybyny güp ýaly çişenem bolsa,
gollarynyň kuwwatyny iň soňky gezek görkezdi,ýagny birinji tapgyrda 190 kilogram
göterdi-de,tekjede goýan suwundan bir owurt içdi.Suw edil awuly ýaly,içini yzarlap
gitdi.Ikinji tapgyrda 200 kilogramy göterjek bolanda, erbet agyry döräp,(ol çybynym
ýaryldy öýdýän diýmäge ýetişdi) ujydynyň ujundan bir zat akan ýaly boldy-da,başy
aýlanyp,gözi garaňkyrap ýykyldy.Şol pursat alyp baryjy bekewül Ýung Çen Dong diýen
adam ýaryşy saklady-da,derrew tiz kömegi çagyryp,Altymyradyň alynyp gidilmegini
gazandy.Ýerli lukmanlar zäherlenme netijesinde böwrek işlemesini bes edipdir diýen
karara geldiler.Ol şol günüň özünde watanyna gaýtmaly boldy.Aşgabada gelip,”Krasnyý
Krest” keselhanasynyň böwrek bejerýän bölümine ýerleşdi.Böwregi işlemän,onuň eýýäm
endamy çişip ugrapdy.Bu ýerde, Osipýan atly bir ermeni aýal lukmany Altymyradyň içen
suwundan zäherlenenligi barada netijä geldi,başga bir lukmanyň aýdyşy ýaly,onuň
gasygyndaky çybyn içine ýarylyp,şonuň netijesinde zeherlenme döräpdir,netijede
Altymyradyň dogabitdi bir böwregi işlemesini bes edipdir.Emma oňa itergi beren başga
bir sebäp hem bardy.Ony diňe Altymyradyň özi bilýärdi.
Keselhanada ýatan dördnji güni,agasy Orazberdi onuň ýanyna haşylap geldi.
–Ne boldy,Alty jan,ne boldy!?diýip,ol inisini gujaklady-da,gözüniň ýaşyny süpürdi.
–Aý agam jan,saňa”türgenim bolup ýanymda gez,meni gora” diýdim,etmediň. Aý,
ondanam däldir-le,boljagydyr.Ejem janyň aýdyşy ýaly maňlaýda bardyr.
–Hany,inim,agaňa bar zady bolşy ýaly gürrüň ber.Indi sen sport ýolbaşçylaryna
gerek bolmarsyň,maňa bolsa sen gerek,dogry-da walla!
-Edenim-ä,bir owurt suw içdim,olam awap,içimi yzarlap gitdi,soňam ştanga
göterjek bolamda çybynym ýaryldy.Men-ä böwregiň işlemezligini agramymy kada
getirjek bolup urulan güýçli-güýçli witaminlerden görýän.Muny Remezanowyň özüne
aýtma welin,maňa ol wagt güýçli dermanlar däl,bedenime gowy dynç bermek gerekdi.
–Ony türgeniňe aýtmaly ekeniň-dä,dogry-da walla.
–Aýtmadym,çekindim,nebsim agyrdy.Türgen bolup başlan ilkinji günlerinden
çempion ýetişdirerin diýip öz öňünde goýan maksadynyň puç bolmagyny islemedim.
Aý,boljagydyr-la,bi.Çaryýar
kakam
on
sekiz
ýaşda
näumytlykda,heniz
öýlenmänkä,ötegçi ýaly bolup, böwrekden gitmedimi?Çagalara ylym-bilim
beren,köpümiziň ylym atasy saýylan Tirkiş kakam kyrk ýaşynda gitmedimi?Goly dertlä
derman bolup,ömri sogaba ýugrulan,neresse çaga ýaly Kakajan kakam 27 ýaşda
gitmedimi?Ömrüni kolhoz malynyň birini iki etjek bolup,çölden-çöle selpäp gezen
aýlowsyz Ýolaman kakam gitmedimi? Dokuz çagany dünýä inderip,keşiklerini
çekip,olaryň hözürini görmeli bolanda gözden gaýyp bolan,obanyň gelşigi,ömri ala-ýaz
ýaly Ejem jan gitmedimi?
-Hany,inim,beýle gürrüňleri goýaly-la,dogry-da walla.Indi nätmeli,şonuň aladasyny
edeli.
-Agam jan,indi alada gutarandyr.
263
–Inim,beý diýme,dogruda walla.Men lukman bilen gepleşdim,ol diňe böwregi
çalyşmaly diýýär.Ony çalyşjak bolsaňam oturdyljak böwregiň togsan göterim häsiýeti
oturdylýanyň beden gurluşyna,häsiýetine gabat gelmelimiş.Izrail döwletinde oturdyljak
böwregiň bedeni kabul etme takyklygy 65-75 göterime deň bolup,işiň bahasy 160 müň
dollara barabar,ABŞ-da,Hindistanda 55-65 göterime deň bolup,140 müň
dollar,Moskwada 35-40 göterime deň bolup,25 müň dollara barabar diýýärler.Ýokarda
agzalan döwletleriň Moskwadan we Türklerden öňňesinde heniz Türkmenistanyň
ilçihanasy ýok,onsoň biz diňe soňky iki döwleti saýlamaly bolýarys.
–Onda agam jan,nädeli diýsene?Maňlaýy ilki türklere diräli,soňunam görübererisdiýdi-de,giden halkyň garamatyny gerdeninde göteren gerçek,türkmen kanagaty,türkmen
geçirimliligi bilen,ýorganyna görä aýagyny uzadyp ýaşaberdi.
Ýaşap,ne ýaşamak diýsene.Böwrek işlemänsoň siýdik gana geçýär,olam endamyňy
awundyryp urundyrýar.Aýyň 27-sinden 28-ne geçilýän gije,ýürek işlemesini bes edip
ugranda,ony Nyýazow adyndaky keselhana äkidip,şol ýerde bar bolan guralyň kömegi
bilen ganyny arassalap,ýene yzyna getirdiler.Ony äkidip durman,şol keselhananyň
özünde ýerleşdirjek bolup,Orazberdiniň eden tagallalary başa barmady.Onsoň ol obadan
tapanja puluny ýygnap,birki malyny satyp,resminama kagyzlaryny tükelläp,Altymyrady
türklere, Ankara şäherine alyp gitdi.Olar uçardan düşen batlaryna, Türkmenistanyň
Ankaradaky ilçisi mähirli garşylap,Altymyradyň goltugyna girip,özüniň gulluk maşynyna
mündürdi-de,”Sag-aman gelen bolsaňyz bolýar.Ýanyňyz bilen watanyň howasyny hem
getirdiňiz”diýip,olary ilçihananyň jaýyna alyp bardy.Orazberdi ilçihananyň işgärinden
beýle hoşamaýlyga,beýle mähire garaşmandy,ol diňe “Sag boluň,ýaşuly,sag
boluň”diýmäni bilýärdi,ýogsam olaryň Ankara gelýänligini özlerinden başga bilýän
ýokdy ahyryn.Emma hormatly ilçi bir ýerden eşidip,olaryň öňlerinden ýörüte
çykypdyr.Bu Orazberdiniň öňde-soňda gören-eşiden zady däldi.
–Siz häzir çaý-kofe içiň,onýança keselhana ýerleşdirmegiň aladasy edeýindiýip,ýüzi nurly ilçi oňa-muňa jaň etdi,işi bitirdim edensoňam,telefony ýerinde goýdy-da-Ata baba aýdyşlaryna görä çyn zatlar ömürlik galarmyş .Alty jan,sen türkmeni ilkinji
bolup dünýä tanadan şol çyn ogullaryň biri.Çyn zatdan biri galmaly bolsa,seniň
adyňam,özüňem müdümilik galarsyň.Sebäp sen şu gysga ömrüňde,başga biriniň ýüzlerçe
ýylda edip bilmejek işini etdiň.Seniň dok wagtyňdan aç wagtyň köp boldy,ýöne sen dok
bolub-a döşüňe kakmadyň,aç boluban eliňi sermediň, ýogsam, hantamaçylyga suwsan
ýalançynyň pyssy-pyjurlygy seni sylamady.Her zat etselerem sen ýan bermediň.Seniň
watansöýüjiligiňi hiç zada deňär ýaly däl,million dollar pul berselerem watanyň
hyzmatyndan gaýtmadyň.Ýaňy Naum Süleýman ogly
jaň edip ”Ene dilde
geplemegem,milli lybas geýmegem türkmendigiňi görkezýär,türkmen dilinde beýleki
halklaram gürläp bilýär,ýöne,Altymyradyň türkmendigini subut edýän esasy aýratynlygy
öz topragyna,eziz watanyna bolan çäksiz söýgüsidir.Ol ony hiç zat bilen
çalyşmaýar”diýdi.Ol dogry aýdýar.Sen watanyň öňündäki borjuňy ene-ataň öňündäki
borja deňeýärsiň.Mundan ýokarda zat ýok.-diýip,Nurmuhammet sözüne dyngy berdide,goşaryndaky sagada seredip,sözüni dowam etdi- Häzir keselhanadan gelerler,
ýerleşdirerler,hiç zadyň gaýgysyny etmäň.Men elimden gelen kömegi,dil,pul gaýraky
kömekleri gaýgyrmaryn,bejergi alýançaňam türgen agaň meniň öýümde ýaşar. Nähili
görýärsiňiz?
-Sagja boluň,agam jan,bizi sylany alla sylar.Dogrusy,bokurdagym dolup,näme
diýjegimi hem bilemok men-ä.Siziň hoşamaýlygyňyzy görüp, edil öz öýüme gelen ýaly
boldum, taňryýalkasyn!-diýip,Altymyrat ysgynsyz seslendi.
264
–Sag boluň,agam! Ankara gelip,dünýäde gowy adamlaryň barlygyna
begenip,aňyrsyna çykyp bilemok.Özüm barada welin...Onuň haýsy birine ýanyp,haýsy
birine köýjegimi bilemok.Gel,şu gürrüňi goýaly-la.Dogruda walla-diýip,Orazberdi
janykdy.
Keselhanadan gelen lukmanlar Altymyrady göterip,maşyna mündürmek üçin
nosilka saldylar.Nosilkanyň bir tarapyny Nurmuhammet göterdi,beýleki tarapyny bolsa
salam berip ýetip gelen Naum Süleýman ogly Orazberdiniň elinden aldy.Ol “Alty
jan,men saňa Türklere gideli diýip kän ýalbardym,etmediň.Indi puluň bolmasa ýüzüňe
seretmezler” diýip, başyny ýaýkady-da,münüp gelen maşynyny ilçihananyň agzynda
goýup, çykdajylary öz boýnuna alyp,Altymyrat bilen keselhana gitdi,Nurmuhammet
bolsa Orazberdini ýanyna alyp, ilki ýaşaýan jaýyny görkezdi,azaşaýan ýagdaýynda öýi
aňsat tapar ýaly telefony,öý salgysy ýazylan kagyzjygy berdi.Soň olaram Altymyradyň
yzyndan gitdiler.
Ilçiniň ýardamy bilen keselhananyň ähli lukmanlary,Altymyradyň ýagdaýyny
barlap,iki günde netije çykardylar,ýagny,böwregi çalyşmaly,ýöne ony diňe keselliniň
ýakyn garyndaşlaryndan alyp çalyşyp bolýar diýdiler.Bu habary eşiden Orazberdi
öýlerine gaýdyp,dogan-garyndaşlaryny ýygnap maslahat etmegi makul bildi.Her gün
diýen ýaly Altymyradyň ýanynda bolýan Naum bolsa ”Böwrek çalyşmanyň ähli
çykdajysyny men boýnuma alýan,sen git-de,çalt yzyňa dolanjak bol”diýip,ep-eslije puly
Orazberdiniň eline tutdyrdy.Soň Nurmuhammet ikisi uçar menziline gelip, ugradyp hem
goýberdiler...
Orazberdi öýlerine gelip ähli-dogan-garndaşlaryny ýygnady we ýagdaýy gürrüň
berdi,şeýle-şeýle,”erkek göbekliden haýsyň böwregini bermekçi bolsa aýdyp otursyn”
diýdi.Emma hiç kimden ses-seda çykmady.Orazberdi”Bäşim,sen böregiňi berseň Alty
gowy bolýar”diýip degişdi,emma ol”Berjekgäl”diýip kesgitli jogap gaýtardy.Onsoň ol
“Maňa az-owlak pul kömegini ediň,türklere gidip,Altymyrada bir böwregimi berjek”
diýip,ýol şaýyny tutdy.Aşgabatdaky uçar menziline barýarka Altymyrada sereden ermeni
lukman aýal gabat geldi.Ol ýagdaýlary sorady,jogaby eşidibem şeýle diýdi.”Men saňa bir
maslahat berjek,diňleseň!Dünýä tejribesinde başga böwrek goýulan beden ony kabul
edenok,kesekiniň böwregini alanok.Dünýäde başga böwrek göterýän adamyň iň köp
ýaşany Amerikada ýigrimi,Daşkentde on ýyldyr.Biziň şertimizde beýle adam bir-iki ýyl
ýaşar,sebäbi, böwrekdäki togsan häsiýet birek-birege gabat gelmeli,ony bolsa tapyp
bolanok.Eger sen böwregiňi Alta berseň,ol bary-ýogy bäş-alty aý ýaşar,soň özüň hem
keselli bolup galarsyň.Galanynam özüň çöz!”.
Şonda-da,Orazberdi “bir dogan-bir dogranlaryny” edip,böwregini bermäge Ankara
gitdi.Ol ýerde hem uzak barlaglardan soň ýaňky ermeni lukmanyň aýdanlaryny
gaýtaladylar.Ine, onsoň ilçiniň üsti bilen Moskwa çykyp,böwrek çalyşmak üçin nobada
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 32
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.