Latin

Topraga duwlanan ägirt - 28

Total number of words is 3741
Total number of unique words is 2328
30.3 of words are in the 2000 most common words
42.7 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Türkmende şeýleräjik häsiýet bolmaly,agam jan.Aň bilmez çaga ýaly bir zady
aýdyp goýberer,soňundanam”Aý,ýanymdan gitse bolýar”edip,aýdanyny ýadyndan
çykarar,lebzini ýuwdar.
–Alty,hany türkmeniň”sözlän sozüň dogry we dürs bolsun,niýet-päliň düzüw
bolsun” diýen ahlak päkligi!?
-Kim bilýär,agam jan,ol terbiýämize bagly bolýan bolaýmasa.”Çaga şu günki beren
nädogry terbiýämiz,biziň ertirki ahy-nalamyzdyr”diýip,Rahmanberdi aga aýdypdy.
–Indi nätmeli bolar?Araplara dilimizi nädip düşündireris?
-Aý,Hudaý bardyr,agam jan,horlamajak bolsa
alajyny tapar-diýip,Altymyrat
arkaýyn jogap berdi.-Gel,gowusy garny otaraly.Nähili görýärsiň agam jan?
-Makul görýän-diýip,jogap beren Baýmyrat elini ýuwmaga ýer gözledi.
–Eli naharhanada ýuwarys,ýör,hany,agam jan.Türkmende “Ozalynda elini
ýuwmadyk özüni sylamaz,ahyrynda elini ýuwmadyk duzyny sylamaz”diýen aýtgy bardiýip, Altymyrat uçar menziliniň içine aýlanyp ýörkä,naharly gap-çanagyň suraty çekilen
pessejik diwary gördi.Onuň bir gapysy bolup,gapynyň sag tarapynda el ýuwmak üçin
ulgam goýlupdyr.
–Agam jan,hany”Uly başlar,kiçi işlär”edeli,ilki eliňi ýuw,yzyndan men ýuwaryn.
Olar ýuwunyp naharhananyň içine girdiler-de boş ýeriň birine çökdüler.
–Dil bilmesek iýjek naharymyzy nädip düşündireli?
-Men iňlisçe käbir zatlary bilýän,agam jan,arkaýyn otur-diýip,Altymyrat göwni bir
ýaly jogap berdi-Türkmen iki daşyň arasynda galsa-da, başyny çarar.
–Alty,seret,hol oturan ýaş ýigidiň ýüzi trkmene gaty meňzeş -diýip,Baýmyrat yşarat
etdi.
–Kim bilýär,belki bolsunda.Ol şeýle bolaýmalam.Niýazow“Türkmen dünýäni
eýeläp,ýetmişe ýakyn döwlet gurupdyr”diýýär.
–Seň ýadyňa oýun düşýär-diýdi-de,Baýmyrat sesini gataldyp soragyny ýaňadan
gaýtalady-Alty,seret, şol oturan ýaş ýigit türkmendir!Seret,seret,ýüzi-gözi,sypaty bize
meňzäp dur.
Baýmyradyň sesini eşiden ýigit ýalt edip bärsine bakdy-da,tarsa ýerinden turup
olaryň ýanyna geldi.
–Es-salowmaleýkim,ini-agalar!Siz türkmenmi?-diýip,ol salamlaşmak üçin iki elini
uzatdy.
-Hawa, biz türkmen,ýanymda oturan ýigit dünýäniň ençeme gezek çempiony belli
ştangaçy Altymyrat Orazdurdyýew,menem onuň tälimçisi Baýmyrat.Biz Melburna
ýaryşa barýarys.Bu ýerde öňümizden çykyp,ugrukdyryp goýbermelidiler,olam
bolmansoň kyn güne galdyk duryberdik.Ne bu ýeriň dilini bilýäs,ne bäýlekisini,nädip
nirä gitjegimizi hem bilemzok.
–Agam,maňa,Rahmana duşan bolsaňyz indi hiç zadyň pikirini etmäň.Biz,bu ýerde
ýaşaýan türkmenler bolup Altymyrat pälwany görsek diýip arzuw edýärdik,asyl, ol öz
aýagy
bilen
üstümize
gelen
ekeni.Häzir
sizi
naharlarlar,hezzet-hormat
232
ederler,myhmanhanada ýerleşdirerler,soň men Altymyrady uçar menziliniň başlyklary
bilen tanyşdyrjak.Olar beýle hormatly myhmany hezzetsiz goýbermezler- diýen ýigit
sözüni soňlamanka,edil ertekilerdäki ýaly,olaryň oturan ýerini her dürli ir-iýmişden,dürli
naharlardan doldurdylar- Arkaýyn iýip-içiň,men häzir siziň ýol petegiňizi,wizaňyzy
düzedişdirip,uçuryp goýberer ýaly ýörüte uçar tapyp ýanyňyza gaýdyp gelerin.
Rahman giden badyna olar bir-birleriniň ýüzlerine seredip. ”Bu nähili bolaýdy,erteki
dagy
däldir-dä"
diýişip,
başlaryny
ýbaýkadylar.
Beýle
zada
asla
garaşmandylar.Tolgunmakdan
ýaňa
Baýmyradyň
hat-da
bokurdagy
hem
doldy.Altymyradyň bolsa şol bir bolşy, gaýtam”Hudaý bir alajyny tapar diýdimä”diýip,mylaýym ýylgyrýar.
Şeýdip olar nahar iýdiler,myhmanhana ýerleşdiler,wizalaryny oňartdylar,agşam
bolsa,uly bir restoranda, Altymyradyň hormatyna gurnalan
hezzet-hormata
gatnaşdylar.Oňa bu ýerde ýaşaýan türkmen oglanlaryň ençemesi,uçar menziliniň
ýolbaşçylary,tutjar baýlar geldiler.Özlerine edilen beýle hormaty olar hiç ýerde,hat-da
türkmenistan-da hem görmändiler.Altymyrat bir,sada,ýüregi çagaňky ýaly açyk
oglan,özüne hormat edýänler we olaryň ýaşaýan ýurdy barada ähli zadi biljek bolup
janserek,Rahmanam ýaltanman gürrüň berýär.
Bu arap döwleti hem Türkmenistan ýaly çägelik,gurak bolup,bary-ýogy 25 ýylyň
içinde öz ösüşinde haýran galdyryjy böküş edipdir,ýarym feodalçylyk gatnaşyklaryndan
gönümel
kapitalistik
gatnaşyga
geçmegi,özüniň
hil
aýratynlygy
nukdaýnazaryndanam,burjuaziýanyň ýörelgelerine seredeniňde hem(hany Marks-EnglsLeniniň taglymatlary?)taryhda deňi-taýy ýok ýörelgä eýeripdir.Şunuň ýaly geçiş üçin
Ýewropa ýurtlaryna ýüzlerçe ýyl gerek bolup,olam uly sarsgynlyklar bilen utgaşan
bolsa, bu ýerde ol 25 ýylyň içinde parahatçylykly amala aşypdyr.Beýle çalt ösüşden soň
ýurdy dolandyrmakda ýerli milletden bolan hünärmenleri hem taýýarlamalydy.
Ömrüni çölde geçirýän käbir arap taýpalary öz çagalaryny mekdebe okuwa
ibermekden boýun towladylar.Onsoň hökümet ekleýjisini ýitiren hökmünde okaýan
çagalara aýlyk töläp başlapdyr welin,mekdepler,ýokary okuw jaýlary okuwçylardan
dolupdyr.Çagalar ýokary okuw jaýlarynda mugt okadylýar,uly möçberde aýlyk
tölenýär,okuwy gutaransoň,hökümetiň howandarlygynda hünärini kämilleşdirmek üçin
daşary ýurtlara ugradylýar,tejribe toplap gelse,iş bilen upjün edilýär.”Men yrakly
türkmenlerinden,ýöne,Türkmenistanda kowumlarym bar.Olaryň habar bermegine
görä,ata-eneler çagalaryny öz harçlaryna ýokary bilim berjek bolup jan edýärmişler.Çaga
okap,ylym-bilimli bolsa döwlet üçin peýdaly dälmi,jemgiýetiň aň-düşünjesi ýokarlansa
gowy dälmi?Türkmenistanda bir million tonna däne alynýan bolsa bu ýurtda ol iki
million tonnadan geçýär,ýylda her sygyrdan alynýan süýt 5-6 tonna ýetýär.Tozap ýatan
çägeliklerde tegelek görnüşde açylan meýdanlaryň merkezine lagym bilen suw
eltilip,olam pürküjileriň üsti bilen ekine ýaýradylýar.Munda hem suw tygşytlanýar hemde mallar üçin ot-iýme,dänä bolan islegler kanahatlandyrylýar.
Gurhan döwletde durnuklylygyň we asudalygyň kepilnamasy bolup,ol
Konstitusiýanyň ornuny tutýar.Bu ýerde hiç hili toparlar,partiýalar ýok,baýlar garyplar
diýen düşünje hem ýok.Gurhanyň kadalaryna laýyklykda, gurply adamlar her ýyl
özleriniň ýyllyk girdejisiniň bir bölegini garyp hasap edýänlerine paýlamak üçin
gaýtadan hasaplaýarlar...
Rahman arap,dilinden başga-da,iňlis,rus ispan dillerini hem bilýär ekeni...
233
–Gör-ä,Alty,köp dil bilseň bolýan zatlary,galyberse-de,bu ýerde seniň at-abyraýyň
bizi golda-dy-diýip,myhmanhanada dynç alyp ýatyrkalar,Baýmyrat başyny ýaýkady-Öýe
dolandygym,azyndan iki-üç dil bilmegi öňümde maksat edip goýjak.
–Menem sekiz ýyl bäri iňlis dilini öwrenýän-diýip,eýýäm irkilip başlan Altymyrat
oýaly-ukuly jogap berdi...
Melburna ýetmek üçin olar özlerine berilen uçara münüp,tutuş Hindi ummanyny
geçip,ýigrimi sagatlap uçdylar.Türkmenistanda noýabr aýynyň ortasy
bolsada,Awstraliýada tomus pasly dowam edýär ekeni. Bu ýerde olar Altymyradyň 76
kilogram agramda çykyş etmelidigini bildiler,emma onuň agramy aşgabatdan gaýdanda
79 kilogramdy.Ynha, şu meselede birneme kelle döwmeli,birneme işlemeli
boldular.Munda güýjüňi ýitirmezden üç kilogram horlanmalydy.
–Üç kilo näme,men Afinada bäş günüň içinde bäş kilogram agramymy gaçyrdymdiýip,Altymyradyň göwni bir ýaly.
Oňa düzgüne görä güýçli iýmitleri berip başlan Baýmyrat ,onuň her bir
herekedine,özüni alyp barşyna,şol bir wagtda türgenleşigi dowam etdirişine berk
gözegçilik etdi.Netijede, ştanga göterilýän meýdança çagyrylmazynyň öň ýanynda
Altymyradyň agramyny çekdiler,elektron terezi 75 kilogram 710 gramy görkezdi.76 kilo
agramda çykyş etmeli ukrainaly Sawçenko Altymyratdan 30 gram agyr boldy.Ynha,şol
otuz gram hem Altymyradyň peýdasyna bolup çykdy.
Ýaryşyň jemleýji tapgyrynda bäsleşik Ruslan Sawçenko bilen Altymyradyň
arasynda gitdi.Bu ikisi şol agramdaky 21 ştangaçydan öňe saýlanyp bildiler.Agyrlyk
götermegiň iki görnüşi boýunça
ýetilen dereje hem deň boldy-370
kilogram.Netijede,Ruslan bilen Altymyradyň aratapawudy olaryň agramy arkaly
çözüldi,ýagny Altymyrat garşydaşyndan elli gram ýeňil geldi..Şeýdip,Altymyrat bu ýerde
hem dünýäniň çempiony diýen belent ada mynasyp boldy.
Iň tolgundyryjy pursat ýaryşyň ýapylyş dabarasynda bolup geçdi.Baýmyrat ýany
bilen
döwletiň
ýaşyl
Baýdagyny
hem-de
Gimniniň
ýazgysyny
alyp
gaýdypdy.Ana,şolaram Türkmenistandan iň uzak ýurtda,olara öz ata-watanlaryny
ýatlatdy.Altymyradyň boýnuna altyn medal dakyldy,türkmen baýdagy ýuwaşlyk bilen
belende göterildi,ýaňlanan Döwlet Gimni bolsa ozal şatlykdan doly göwünlere egsilmez
buýsanç paýlady...
Elbetde,her hili ussat bolsaňam,türgeniň gerekligine söz ýok,ýöne weli,Altymyrat
ýaly ştangaçynyň türgeni bolmaklygyň özi ýetip bolmajak bagt.Ol türgeniniň işini juda
ýeňilleşdirip bilýän ussat.Onuň iň artykmaç tarapy-da,Baýmyradyň pikiriçe,gylykhäsiýetiniň tebigy berlen artykmaçlygy.Altymyrat özüni şadyýan,göwniaçyk saklamagy
başarýar.Şol häsiýet onuň bäsdeşlerine urgy bolýar,ondan çekinýärler.Munuň özi onuň
sporty söýýänliginden,şeýle bäsleşik üçin dünýä inen ýigitdiginden habar berýär...
Aý,garaz,Altymyrat bu gezek hem ýeriň aňry ujundan,Awstraliýadan altyn medal
alyp,Aşgabada gaýdyp geldi.Uçar menzilinde ony uly dabara bilen garşyladylar.Ýakyn
dogan-garyndaşlaryndan başga-da, hökümet agzalary, wezipeli adamlar bar.
Şol bir habarçy,ine indi üçünji gezek şol bir sorag bilen oňa ýüzlendi.
-Siz bu gazanan üstünligiňizi kime bagş edýärsiňiz?
-Hökümet başlygyna bagş edýärin diý, mahabatlandyr!”diýip,hökümet agzasynyň
biri,ýuwaşlyk bilen onuň böwrüne dürtdi.
Oňa gaňrylyp sereden Altymyrat:
234
-Men ilkinji ýeňişimi mähriban ejeme,soňky ýeňişlerimi doganlaryma,bu ýeňişimi
bolsa, geler diýip,öýümde,gözüni bosaga dikip oturan gelnim Güllere bagşlaýaryndiýip,jogap berdi...
---3—
Güller bu gün ir turdy-da,ýatanda geýýän ýukajyk donunyň guşajygyny biline guşap
äpişgäniň öňüne bardy.Altymyrat ondan öň,beden ,maşklaryny etmek üçin çykyp
gidipdi.Ol mydama oýananda Gülleri oýarýardy we “Ezizim,turaweri!Sen indi şu
hojalygyň eýesi,hojalykbaşy.Hojalykbaşy bolsa iliň öňünden turmaly,ýan ýoldaşy
çagalary turmanka ýuwunyp,ardynyp,olara owkat taýýarlamaly,işe gitjekleriň egineşiklerini tükellemeli,iýdirip-içirmeli.Ejem jan pahyryň ýörän ýoluny tutsaň
ýalňyşmarsyň.Häzir-ä öýde myhman ýok,bolan bolsa öýdäki geýnişiň göze ilerde,iliň
diline düşerdi,tur!”diýýärdi.Güller şondan soňam tursammykam diýip,näzirgenip, ep-esli
ýatýardy,ahyrym turmaly bolýardy.
Hawa,ol äpişgäniň öňüne baryp,ýasyl ýaprakly balhy tut agajynyň ýapraklaryndan
boşan ýalaňaç çybyklaryna seredip,güýzüň düşenine göz ýetirdi.Güýz aýlary baglaryň
ýapraklary ýere gaçýardy,awara salkyn şemal olary bir ýere üýşürýärdi.Ine, şol
ýapraklaryň içini dörüp,iýmitini tapan bir serçejik jürküldäp,ganatyny ýaýyp,uçup gitdide,oňa Altymyradyň aýdan ýaňky sözlerini ýatlatdy.Serçejik,heniz ganaty doly
bekemedik çagajygyny naharlamaga gyssanýan bolmalydy.Şu pursatda ol serçejigiň
ornunda,bukja-bukja azykdan ýüklenip gelýän ejesini gördi.Kömek etjek bolup,öňünden
ylgap çykanda,ejesi:”Gyzym,daş çykanyňda egniňe geýýän lybasyňy seljer,ýöne,şo bir
ýeňiljek eşikleriň ýa-da endamyňy yzarlaýan eşigiňi geýip, iliň gözüne ilmejek bol,sen
indi uly gyz ahyryn.Ilçilikdir,her töwra adam bardyr.Ýamanlary ýazgaryp,ýagşylary
ýaran edin.Dünýädä ölümden başga zat ýokançdyr, ýaramaz gylyklaryň ýokmagyndan
ägä bol.Meni hiç kim tananok,hiç kimiň gözüne ilemok diýmegin.Il iliň
aýnasydyr.Il”Tüweleme,bir asylly ýeriň ar-namysly çagasy bolarly” diýip,ýüzlerine sylar
ýaly bol”diýýärdi.Ol ors mekdebini tamamlan hem bolsa ar-namys,ojaga wepalylyk
meselesinde türkmen gelin-gyzlarynyň derejesiniň ýokarydygyny bilmän duranok.Ukrain
şahyry Grabowskiniň “Teke gyzy” poýemasyndaky namys üçin özünden uly aýal
doganynyň ýagyrnysyndan ak saplyny sanjan ýaşajyk türkmen zenanyndan olam pes
däl,ýa-da,Watançylyk urşy ýyllarynda ýanýoldaşy bilen bary-ýogy üç gün ýaşap,soňam
uruşda wepat bolanlygy üçin onuň ojagyny ömri ötýänçä wepalylyk bilen saklap oturan
daýzasynynyň duran ýerinde olam durar.Dogry,soňky döwürler gelin-gyzlaryň ruhy
dünýäsiniň birneme pese düşendigi barada köp gürrüňler edilip başlandy.Ejesiniň arnamys baradaky ýaňzytmasyna hem şol sebäp bolan bolmaly.Zenan hormaty,edebi
barada nusga alarlyk maslahatlara giň orun beren Gurhan,Şerigat kadalarynyň,Sünnet
düzgünleriniň könäniň zyýanly galyndylary hökmünde halkyň aňyndan,kalbyndan
kowlup çykaryljak bolunmagy onuň başynda dur.
Bu pikirleri aňynda aýlan Güller ”Waý,enaýy-da gyz,bu ne ahwalat?Bu gözüme
görünýärmi-kä?Serçejik we onuň çagajygy nireden kelläňe gelýär?Daşarda gar sepelejek
bolup
durka
serçejigiň
çagasy
bolmaly
däldir-ä”diýip
seslendi.
Birdenem böwründe bir zat gymyldan ýaly boldy.Ol ilki,Altymyrat duýdansyz gelip,ot
ýaly gyzgyn,ýakymlydan täsin eli bilen arkasyny sypalandyr öýütdi.Emma olam
däldi.Ýakymly,täsin el diýmeginiň sebäbi bar.Bir gün Gülleriň dişi agyrdy.Lukmana
görkezeýin diýse gije ýarym bolupdyr,däri dermanyňam peýdasy degenok.Onsoň ol
235
agyrysyna çydap bilmän,Altymyrady turuzdy.Onuň turup bir edeni,sag elini Gülleriň
agyrýan dişiniň üstüne goýdy.Agyry pursatsaýyn peselip gitdi,nädip uklap galanynam
bilmedi.Ýogsam ol ne däri-derman,ne beýleki zat ulandy.Soň görüp otursa saglygy
saklaýyş kärden daşdaky Altymyradyň sag elinde elektron sagatlary
işlemeýänligi,ýanýan şemiň eline täsir etmeýänligi,demir çemçeleriň magnita ýelmeşen
ýaly e;linde asylyşyp durýanlygy,çüýşe döwükleriniň üstünde arkaýyn ýöräp
bilýänligi,ýog ylmynyň käbir taraplaryndanam habarlylygy belli boldy.Köp keselleri
bejerip biljegem bolsa ol özüni tanadasy gelmeýärdi ...
Birden onuň gulagyna”Üstüňe ganatyny gerip duran ýanýoldaşyň ar-namysy,iliň
öňüne düşüp ýören gaýyn ataň ak sakgaly,jägildäp dünýä inen badyna agzyna
tutdyrylýan ene süýdi hakydaňdan gitmesin”diýen ejesiniň sesi eşidilen ýaly
boldy,şobada hem ähli düşnüksizlik aradan aýryldy.Asyl onuň eşideni serçejigiň
jürküldisi bolman öz göwresindäki bäbejigiň
sesi bolmalydy,gymyldap,böwrüni
sypalaýanam şoldy.Şoldyr elbetde,çünki.söýgi esasynda çaga emele gelýär ahyr.Şular
ýaly ýagdaýda ejesiniň “Nesil öndürmegi göwnüňde beslemegiň özi-de
ýanýoldaşyňa,ojagyňa wepalylygyň alamatydyr”diýjegini bilýär.Dogry,”söýgide çekilýän
dertler,azaplar ondan alýan lezzetiňden müňlerçe esse ýokarydyr,olara çydamadyk
söýgüniň lezzetini bilmez” diýýänlerem bar.Ejesi bolsa”Dirilik bilen ölümiň arasynda
näçe menziller,jebir-sütem,horluk,şatlyk bar,şolaryň dynnym ýaljagy eşretdir,şojagaz
eşret üçinem ýaşamak gerek.Danalar “bütin ömrüňden iň gowy pursatlary saýlasaň
deňizden bir damja alan ýalydyr”diýýärler”diýýär.
Türgenleşikden gaýdyp gelen Altymyrat öýe girende Güller henizem äpişgäniň
öňünde daşary seredip durdy.Ol bir tarapdan gelin bolup başlan ilkinji günlerinden
özbaşdak durmuş gurmaly bolýanlygyna begenipdi,oňa öýdäki borjuň näderejede
jogapkärlidigini düşündirjek,gelen gelne göräräk bolmagy özüne kiçilik biljek gaýyn
enesi ýokdy.Başga bir tarapdanam häzir oňa gelin bolup ätlän gapysynda ýürek
gürsldisine diň saljak,onuň nämeler diýýänligini diňe bir gulagy bilen eşitmegi däl,eýsem
kalby syzyp,goltgy bermegi başarýan gaýyn enäniň gerekligini edil howa ýaly
syzdy.Rysgalyňa şärik bolup,onuň bilen bile ýaşasaň,özi üçin garaňky bolan güzeran
görmek,göwreliligiň derdini çekmek,dogjak çaganyň sagdyn ösmegi üçin edilmeli
hereketleriň garaňkylyg aradan aýryljakdy.Gaýynly öý-gazanly öý diýip dogry
aýdypdyrlar.Ejesi bu barada “Gaýyn atam-ganarym,dolar durar dulumda,gaýyn enemgazanym,gaýnar durar alnymda”diýýär.Şol dogry ekeni.Oňa häzir gaýyn ata-da,gaýyn
enede
ýetenok,olaryň
gelen
gelniniň,ogullarynyň
her
bir
ädimlerini
yzarlamak,ýüreklerindäkileri syzmak,käte ogly jahyllyk joşgunyna bäs gelip bilmän bir
nämakul herelet edäýmeginden,gelniň tejribesizligi zerarly nämakul herekediniň öňüni
alyp,olaryň edil bal bilen saryýag ýaly garylyp-gatylyp gitmeklerini gazanmak üçin olar
gerek.Iň bärkesi ol häzir gaýyn enesi bolan bolsa öz göwresinde döreýän üýtgeşmeler
barada pikir alyşyp,ähli zadyň anyňyna ýetip biljekdi,Altymyrada bolsa olar barada soň
habar berjekdi,olam bolmanson, häzirlikçe dymanyny kem görmedi.
–Ezizim,äpişgäniň öňi salkyndyr,özüňem ýukajyk eşikde-diýip,Altymyrat seslendi.
–Gije bir enaýy düýş gördüm-de,pikirlenip durun.
–Düýş görmeýän barmy,ezizim!Adamyň gylyk-häsiýetiniň,durmuşynyň bir-birinden
tapawutlanyşy ýaly,olaryň görýän düýşleri-de tapawutlanýarlar.Olar bir-birlerine
meňzemez,ýorgutlary hem tapawutly bolar.Meselem,bir adam üçin ýoldaky ýatan daş ar
almak,kynçylyk,böwet bolsa,başga bir adam üçin ol ykbaldaky agyr kynçylykly
üstünlik,sebäbi adamyň gelejegini kesgitleýän daş, ştanga götermek durmuş
236
kynçylyklaryny aňladýar,Men ýaponiýada bolanymda ýaryşa asly Indoneziýaly bir adam
bilen duşuşdym,ol adam aýagy ýeterden daşda bolan künjekde ýaşaýan Senoý
taýpasyndan ekeni.Ol “Biz örän bagtly ýaşaýarys,öz aramyzda jenjel,dawa,uruş-sögüş
diýlen zat hiç wagt bolmaýar,sebäbi biz düýş bilen meşgullanýan halklaryň arasynda
öňdäki orny eýeleýäris.Gije düýş gören çaga daň atan badyna öz ata-enelerine gören
düýşlerinu gürrüň berýärler,olar bolsa indiki gije her hili ýagdaýlar ýüze çykanda özüňi
nähili alyp barmalydygyny öwredýärler,şeýlelikde çagalaryň pikirleniş,seljeriş ukuby
artýar,oýalykda
we
düýşünde
görýän
zatlaryna
dogry
baha
bermegi
öwrenýär”diýdi.Meselem,men düýşümde owadan kebelege öwrülip,Mälik aganyň
bägülleriniň içinde perwaz urdum,şol goşa bägüle gondum-da,özümi bagtly duýdum.Indi
bolsa öz-özüme “Sen kim?Düýşümdäki kebelekmi ýa-da şol kebelegi huşunda gören
Altymyrat?” diýen soragy berýän,jogabyny hem tapamok.
–Waý,enaýy-da gyz.Biz mekdepde Gogolyň “Burun”hekaýasy boýunça düzme
ýazdyk.Hekaýada burnuny ýitiren Kowalýowyň ýiti tolgunmasy beýan edilýär.Eger häzir
onuň burnuny ýitirenligini,indi oýanmazlygy mümkindigi barada oýlansam,bu waka
maňa has-da ýiti täsir edýär.Sebäbi düýşdäki sypatyň,egin-eşikleriň seniň jemgiýetde
tutýan ornuňy görkezýär,ýöne oýalykda hem adamlar egniňdäki geýmiňe görä
garşylaýarlar ahyryn.Ine,goňşymyň aýaly,gaty bir üýtgeşik geýim geýip,bezenip
barmasaň gapysyndanam salanok...
–Ýogsa-da,ezizim,gören düýşüňi gürrüň berjekmi?
-Men täsin düýş gördüm.Murtlary syh-syh,uzyn boýly adam bagt paýlaýar,mert
adamlara isledigiçe berýär,ejiziňem üstünden gülýär.Maňa dynnym ýaljak bagt berdide:”Galanyny ölensoň alarsyň”diýdi.”Maňa bagty bir gujak ber”diýip,möňňürip aglamda
oýandym.Men muňa düşünmedim.
–Ezizim,Allanyň beren bagtyny az görme,kanahat et!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
(Güller hiç zada düşünmedi,ýöne,aradan ýigrimi ýyl geçensoň,Altymyradyň atabraýynyň dilden dile geçmegi,şan-şöhradynyň artmagy esasynda ondaky ujypsyzja
bagty pursatsaýyn artyp başlady,şonda “ölensoň alarsyň”diýilmeginiň manysyna düşünip
galdy)
---4—
Altymyrat şol gün Gülleri hem ýanyna alyp,onuň nobatdaky ýeňişiniň toýuny tutýan
obasyna ugrady.Toý adatda boluşu ýaly Tirkiş Taganlarda geçirilýärdi.Ol ýere etrap
merkezinden,welaýatdan pälwanyň janköýerleri ýygnanypdyr.Olaryň arasynda
Rahmanberdi aga,Annaberdi aga,Begjan molla,Garýagdy aga,asly şu obaly belli ýazyjy
Anna Paýtyk,şahyr Ata Täzebaý,belli mirasgär Ümür Esen,baýry jurnalist Seýitli Söýün
pälwanyň ýakynlary,dost-ýarlary
bardy.Adatça bolşy ýaly,adamlar ir-gözünden
dabaranyň geçiriljek ýerine gelipdiler we Altymyrat bilen çaý başynda gümür-ýamyr edip
oturmak isleýärdiler.Edil häzir Altymyradyň bir ýere gidenligi sebäpli, edilýän gürrüňiň
özeni şol barada barýardy.
-Adamlar,Altymyrat jan özi baradaky öwgüleri halanok,päheýde welin,şonda-da
size düýnki wakany gürrüň berjek-diýip,Rahmanberdi aga seslendi-Etrap
mugallymlarynyň nobatdaky ýygnagyna baranymda internatda bile işleşen
mugallym,ýoldaşym Akmyrat çepbä(Gurbangulyýew)gabat geldim.Ol Altymyradyň
tarypyny edip tükedibilenok,”Alty jan ýaly ogul bolmaz,onuň süňk sypaýyçylygy bu
görlen däldir.Demir galdyrmak üçin bedeni buýrulyp ýasalan ýaly.Entäkler ol köp-köp
üstünlikler gazanyp,türkmeniň gurduny gündiz uwladar,biz ýene ençeme gezek köwser
237
suwy lummurdyly,tyllaýy çeşmäniň eýesi bolarys,enşalla.Türkmende “Ýüzden ýüwrük
çykar,müňden tulpar”diýen aýtgy bar,müň kişi daş göterse-de,sportçy çykanok,”Göwün
bar-da,güýç ýok,ýelin bar-da,süýt ýok”diýenleri ýaly,iş işe goşulanda”Bä-ä,bü-ýä beýle
eken-ow”diýip,gyra çekiliberýärler.Emma Alty jan “Hemedan daş bolsa,kädibaş
ýakynyny”edýärde orta çykyberýär.Dogrusy,ol daş göterende aňlar-aňlamaz galpylda
gaplanyp,Allany çagyryberýän”diýýär,päheýde welin.
–Men “Daýhan”obasynyň pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri Aşyr Garrydiýip,uzyndan arryk adam Begjan mollanyň ýanynda oturan ýerinden seslendiSakarçäge-Birleşik
ýolunyň
ugrunda,gözümize
gurt
düşen
ýaly
bolup,derläp,kirläp,çorlap,etrabyň geýregini artdyrmak üçin pagta ýygýan ýygymçylaryň,
pagtany zaýalaman ýygyşlaryna seredip ýörkäm,birden, kömege gelen talyp gyzlaryň
arasynda,türkmeniň solmaz säheri,nurly bahary,gülälekli gollary,gök gaýmaly
kölleri,guwanjymyz-begenjimiz bolan pälwana gözüm düşäýdi.Şol pursat göwnüm
göterildi,obamyzda pagta planymy ilkinjileriň hatarynda dolduryp biläýsem diýen
gorkym üçin, birneme çöken eginlerim silkinen ýaly boldy,ýüzüm ýagtyldy.Men Altyny
pagtaçylar bilen tanyşdyrdym.Ol özi barada gysgajyk,ýöne manyly,täsirli gürrüň
berip,pagtaçylaryň armasyny ýetirdi.Netije-de,köňülleriň joşguny zerarly,şol gün öňki
günlerden iki esse artyk pagtany harmana tabşyrdym.Görýäňizmi,milli buýsanjymyzyň
zähmet adamsyny joşdurandaky netijesini!Men geçen ýyl,ilkinji gezek ýüz tonnadan
gowrak pagta ýygdym,ýurdumyzam taryhda ilkinji gezek million tonnadan gowrak hasyl
ýygnady.Pagtalar harmanlara sygman,goşmaça meýdançalara hat-da gara ýollaryň
ugruna-da döküldi,million diýen zat köp zat boljak ekeni..Bularyň bary daýhanlara
berilen erkinlige milli buýsanjyň goşulmasy esasynda döredi.
-Başlyk,meni teleýaýlymda saz çalyp ber diýip,Aşgabada çagyrdylar-diýip,Begjan
molla Rahmanmberdi aga ýüzlendi-de,gürrüňe goşuldy-Altymyrat jany gowy görýänleriň
biri,onuň bilen obadaşlygym we tanyşlygym üçin meni öýüne çagyrdy.Oňa Soltanmyrat
Jygaýew diýýärler,sazanda,şäheriň Gaýgysyz Atabaý köçesinde ýaşaýar.
Men etrap gurluşyk edarasynyň başlygy bolup işleýärkäm, agaç işläp bejerýän
ussahanamyň ussasy Söýün Garrynyň ýanyna Soltanmyrat gelip, dutara gapak,sap
ýasadardy.Aşyr aga,Söýün seniň iniň bolmaly,onuň asly käri jurnalist,etrapda çykýan
“Hakykat”atly gazetde tä ýapylýança işläp, ýapylansoňam agaç ussaçylyga işe gelipdidiýip,Begjan molla ýanynda oturan Aşyr aga ýüzlendi-de,sözüni dowam etdi-Ine,onsoň
Soltanmyrat işini bitirip,agşamlaryna
myhmanym bolardy.Biz sazanda Geldi
Begli,bagşy Halsähet Nursähediň ogly Hapyz,Girman bagşynyň ogly Patyşaguly dagy
bolup,gije bir çene barýança aýdym aýdardyk,saz çalardyk.Soltanmyrady öýüne
ugradanymda
“Aşgabada
aýagyň
düşende
myhmanym
bolmasaň
gaty
görerin”diýensoň,onuň öýüne bardym.Ol ýerde,”Ýow bagşy”,”Durdy bagşy”sazlardan
başlap,ýene-de alty-ýedi sany saz çalyp berdim-de,”Bularyň haýsysyny teleýaýlymda
çalarkam?”diýip,Soltanmyrada
ýüzlendim.Ol
“Begjan
sen
“Durdy
bagşa”ýanaşma,gowusy “Ýow bagşyny” çalaý diýip,maslahat berdi.Saz çaljak bolup elim
gijäp duransoň men:”Wah,şu wagt deň kowalaşar ýaly sazanda bolaýsa-dy”diýip,öý
eýesiniň ýüzüne garadym.Onsoň onuň ýanynda oturanlar “Ol bolmazmy-da,bi
bolmazmy?”diýişip,eli dutar tutýanlaryň adyny bir ýandan sanap ugradylar.Şonda
Soltanmyrat “Biziň içimizde-de,taraň-tireň eden bolýany bar,bilmedim,ol seni kowalap
biljekmi!?”diýdi-de,ýorgança dolanan dutary arkasyndan çykaryp,gapdalymda oturan
inçemik,barmaklary
uzyn
pyýada
berdi.Men
dutara
seredişime”Onda
başlaberelimi?”diýdim-de, ”Hawa,hawa,menem barybererin garama-garama”diýen ýaňky
238
pyýadanyň dutaryna dört-bäş şelpe uruşyndan,eýýäm kim bilen iş salyşýanymy
aňdym.”O-how,başlyk,tanamadyk sylamaz diýleni.Kimdigiňi bir aýt ahyryn!?”diýip,men
Soltanmyradyň ýüzüne seretdim.”Ol öz ildeşiň Ýazgeldi Kuwwat”diýip,
tanyşdyranyndan soň men dutarymy taşlap,Ýazgeldi bilen ýaňadan görüşdimde:”Ýazgeldi halypa,günämi geçiň.Men siziň dabaraňyzy eşidip,radioda sazyňyzy
diňlesemem,heniz özüňizi görmändim-dä,bagyşlaň”diýip,ötünç soradym-da,onuň
ýanynda gaýdyp dutary elime almadym.Hawa,tanamasaň şeýleräk bolar ekeni,başlykdiýip,Begjan müýnly ýaly Rahmanberdi aga seretdi.
–Hawa,Ýazgeldi obadaşy Bekmyrat Hallynyň şägirdi bolupdy-diýip,Ümür Esen
söze goşuldy-Ýadyma düşýär,Bekmyrat gaçar,Ýazgeldi kowar,söbügini sydyrdyp,şol
barmana
Bekmyrat
aga”Ýazgeldi,Ýazgeldi!Ine,ine!Şujagaz
ýerini
şeýleräk
al!”diýşine,barýandyr dabyrap,sapak salgy berşine,öňbarana goýberilen at ýaly.Dogra
dogry diýmeli,ömrümde Bekmyrat aga ýaly sazanda gördüm diýsem,öte geçdigim
bolardy.Ol käte Nobat bagşydyr,Kiçi Garlyny, Ýazgeldini yzyna tirkäp Bakuwa
giderdi.Ol ýerde dukançylar tykyrap,Bekmyrat aga on sekiz kirişli tary synlamaga-da
bermändir.Onda-da näme...Şeýdip,heniz görmedik zadyny taryhy üşügi bilen düzen
Bekmyrat aga:”Bo-how,jan doganlar,biz Bakuwa aňkarylmaga däl-de,sazymyz,suratsungatymyz bilen aňkarytmaga geldig-ä”diýşine,tolkunlaň pagşyldysyn,sümmülleň
ygşyldysyn,çagbalaň nagmasyn,boz bulaklaň çogmasyn,uja daglaň alawun,ýyldyrymyň
gylawun,gözelleriň näzini,bakyşyny,tözüni gaýypdan inderişine,tutuş töweregi haýrana
goýýar.Şeýdibem,türkmendir azerbaýjanyň gadymy gardaşlygynyň täze bir sönmez
sahypasyny esaslandyran Bekmyrat aga,bakuwyň saýlama sazandalaryndanam üstün
çykyp,özüne we ýoldaşlarynyň hersine bir tar sowgat alyp gaýdýar.Ine,Ýazgeldi janam
şeýle adamyň şägirdi.Onuň saz çalyşy edil tüweleý ýalydyr,özem ol ýek-ýarym
aýdymlaryň ahyryny iň soňky perdedenem aşak düşüp,azerbeýjan mukamlaryna
çalymdaş owazlanmalary ýaňlandyryp goýberýär welin,haýran galyp oturansyň.
-Ümür aga,diňlärin diýseňiz men size bir wakany gürrüň bermekçi-diýip,Tirkiş
Tagan ara goşuldy-Bir gün Mary welaýat medeniýet bölüminiň başlygy Baýram
Mämmet jaň edip:
-Ýanyňa myhmanlar barar welin, şolary agşam Aşgabada ugradyp goýber” diýdi.
Geljek myhmanlaryň medeniýete,sungata degişlidigini aňyp, garşylymak,hezzet-hormat
etmek üçin taýýarlyk gördim.Ýanymda gudam,ýazyjy Amanmuhammet Nepes hem
bardy.Ol gaýtmakçy bolanda:
-Zerur işiň bolmasa myhmanlary bile garşylaly-diýip, ony goýbermedim.
Gelen myhmanlara gözüm düşende begendim.Asyl olar,meniň öň duşuşjak
bolup,duşuşyp bilmän ýören adamlarym bolsa nätjek!
Belli artist Artyk Jally,kinorejissor Kakow Orazsähet,telejurnalist Baýram Sähet
dagyny gadyrly myhmanlary garşylaýan jaýa saldym.Agşamky otly ugraýança nahar
iýildi,çaý içildi,ondan-mundan gürrüň edildi.Oba durmuşy barada gürrüň gozgalanda
men:”Belli sportçy,dünýä çempiony Altymyrat Orazdurdyýew hem şu obaly,hut şu
köçäniň ugrunda ýaşaýar”diýdim welin,Artyk Jally tisginip ýerinden turdy-da:-Aý,ýoga,çynyňmy?-diýip,ýüzüme çiňerildi,meniň baş atmagymdan soňam,sesini çykarman
daşary çykdy.Daşary garaňkydy,käbir sütünlere asylan çyralar töweregi ýagtyldýardy.
Men köçäniň ortasynda saklanan Artygyň ýanyna bardym-da:
-Altymyrat, şu köçäniň ugrunda,gündogarda ýaşaýar- diýdim.
–Adamlar,men örän bagtly!-diýdi-de,Artyk Jally elini ýüzüne syldy-Men örän
bagtly adam,örän bagtly!
239
-Eger bu gün myhman bolsaňyz,size onuň öýüni görkezip biljek,bar bolsa duşuryp
hem biljek.Edil häzir-ä, oňa ýetişmeris,ugramaly wagt golaýlady.Ýogsa-da, Altymyrat
her gezek dünýä çempiony bolup gelende,öýde toý berýärin-diýip,men buýsanjyny
saklap bilmän,gözümiň ýaşyny süpürdim.
Artyk Jally bu söze hasam geň galyp,bir maňa bir ýoldaşlaryna seretdi-de:
-Adamlar,öýe gireliň,Tirkişem maňa onuň oturan ýerini görkezsin-diýdi.
Biz jaýa girdik.Men Artygyň ýaňy oturyp giden ýerini görkezdim-de:
-Ine, Altymyrat hut şu ýerde oturdy-diýdim.
Artyk Jally dyzyna çöküp oturdy-da:
-Altymyrat,türkmeniň adyny dünýä ýaýradan, gerçek oguldyr.
Men size başymdan geçen bir wakany gürrüň bereýin,özem, hut şu gerçek ogul
bilen bagly waka !Onuň tolgunýanlygy,buýsanç duýgusyna gaplananlygy bildirýärdi,hatda töweregindäkileri hem görmeýän ýalydy,has dogrusy öz içki dünýäsine giripdi –Men
şol günler Krymda,nobatdaky bir çeper filmde surata düşýärdim.Özüňiz bilýäňiz,artistler
sportdan daşkyrak adamlar bolýar.Ýöne,işiň arasyndaky çilim çekişlikde,dünýäniň dürli
künjeginden gelen artistleriňem,garaz hemmeleriň gürrüňi Altymyradyň ertirki çykyşy
barada barýardy.Men öň sport bilen kän bir gyzyklanyp ýörmämsoň,bu gürrüňlere üns
bermedim,ýöne kesekileriň dilinden”Türkmen gerçegi”,”Türkmen pälwany” ýaly sözleri
eşidip,derrew gazet- jurnallara seredip çykdym.Asyl, ol barada ähli rus gazetleri,daşary
ýurt gazet-jurnallaram ýazypdyrlar.Şu ýerde,köp sanly artistleriň arasynda ýeke türkmen
bolanym üçin,meniň Altymyrada bolan buýsanjymyň näderejededigini pikiriňizde aýlap
görüň!Özem ol ertiriň özünde boljak çykyş! Ýöne,bu ýerde başga bir zat bar.Bu ikisiniň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 29
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.