Latin

Topraga duwlanan ägirt - 01

Total number of words is 3727
Total number of unique words is 2407
27.6 of words are in the 2000 most common words
39.5 of words are in the 5000 most common words
46.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
AMANMUHAMMET NEPES
TОPRAGA DUWLANAN ÄGIRT
ROMAN
1998-99.
1
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
-Sport gujur-gaýratyň,gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr.Beden we ruhy taýdan
sagdynlyk
adamyň
durmuşa
bolan
ynamyny we
höwesini
artdyrýar.
Ogul-gyzlarymyzda çagalykdan başlap sport endiklerini kemala getirmek olaryň uzak we
sagdyn durmuşda ýaşamagynyň girewidir.Beden we ruhy taýdan sagdyn nesiller üçin
bolsa ýetip bolmajak sepgit,amala aşyryp bolmajak wezipe ýokdur!
Ýaşlara berjek nesihatym-sporty söýüň!
Sport güýç-gaýratyň,saglygyň gözbaşydyr!
Sporta bolan söýgi durmuşa bolan söýgüdir!
-Biziň borjumyz we ilkinji nobatdaky wezipämiz sport hem-de olimpiýa herekedini
höweslendirmekden we ösdürmekden,oňa ýaşlary işjeň çekmekden,tükmenistanlylarda
çagalykdan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwes döretmekden,zähmet
endiklerini kemala getirmekden,sagdyn durmuş ýörelgesiniň,zähmetsöýerligiň we
döredijiligiň esasyny düzýän gymmatlyklary ykrar etmekden ybaratdyr.
2
Giriş
Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,şäherçeleriň we etrap merkezleriniň
ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin
milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki günlere çenli ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde döwrebap sport mekdepleridir sport desgalary gurlup ulanylmaga
berildi. Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda
görkezýän şahsy göreldesi bolsa döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň her biri üçin ajaýyp
mekdepdigini bilýaris.Milli liderimiziň sporty ösdürmekdäki döwlet derejesinde alyp
barýan syýasatyna ser salanyňda oňa BITARAP TÜRKMENISTANYŇ SPORT
GIŇIŞLIGINDE-PARAHATÇYLYGYŇ, DOSTLUGYŇ WE BELENT RUHUŇ
ILÇISI diýip,açyk aýtsa bolar.Liderimiz, ösüş we parahatçylyk ulgamynda sportuň barha
ösýän ähmiýetini ykrar edýär,sebäbi ol geçirimlilik hem-de birek-birege hormat goýmak
ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berýär hem-de ýaşlaryň,aýry-aýry
şahsiýetleriň,toparlaryň hukuklarynyň we mümkünçilikleriniň giňelmegine şert
döredýär,şeýle hem saglygy goraýyş,bilim we durmuş taýdan jebisleşmek maksatlaryna
ýetilmegine goldaw berýär.
“Ol ýöne
topraga duwlanaýypdyr.Ynha,basym görüner-de,agasyny,dünýäni
haýrana goýar.”Ümür Eseniň Altymyrat neressäniň guburynyň öňünde aýdanlaryndan...
Türkmenistanda,agyr atletikanyň taryhynda,Altymyrat ýaly yz galdyran gerçek
azdyr.Onuň ykbaly,durmuşda geçen ýoly okyjylary,onuň janköýerlerini gyzyklandyrýan
bolmaly.Eliňizdäki kitapda şolar baradaky maglumatlar,wakalar jemlenip.pälwamyň
hakyky sypatyny janlandyrmakda käbir işler edildi.
Bu
ýazgylar,adamlaryň ýatlarynda galan gürrüňler ägirdiň keşbini,türkmen
sportunda galdyran yzlaryny yzarlaýar.Ýöne,ol diňe bir sportda däl,durmuşyň dürli
ugrlarynda hem uly yz galdyryp biljek gerçekdi.Ol suratkeşlikde,saz sungatynda,
okumyşlykda bir adamlyk baş agyrdyp bilýärdi.Ýöne ol ilki bilen ştanga erk edip
bilýärdi. Sportyň bu görnüşinde onuň öňüne geçen bolmady,şonuň bilen birlikde ol oňa
ýigrim-ä ýakyn täze usullary,tilsimleri girizdi.Bir seretseň ol asyryň gapma garşylykly
döwri barada janyny ýakyp,dogry ýoly salgy berýän akyldar bolsa(şolaryň iň esasy
SSSR-iň dargamagy) bir seretseň adamlaryň agysyny aglaýan,ejizlere kömek
edýän,ýüregi ýuka,sada,garynjany basmajak bolup,ýoluny üýtgedýän adam! Özüni
türkmen saýýan gerçek,milli däp-dessurymyzy gözüniň göreji ýaly gördi,ýöne Ewropa
medeniýetiniň aramyza aralaşmagy üçin hem alada etdi.Dünýäniň haýsy künjegine barsa
onuň öýi taýyndyr,gujak gerip garşylarlar,ýöne hakykatyň hatyrasyna aýtmaly bolsa,
onuň öz Watanyna bolan gyzgyn söýgüsi welin, hiç bir zat bilen deňeşdirilip
bilinmez.Täsin ykbally,kelte ömründe,gyzykly durmuş ýoluny geçen şeýle gerçek
dünýäde kän däl bolsa gerek ...
“...Sen türkmen aganyň ujasyndan uzap,ýanynda ýaýran,goly ganaty,döşi-damary
dälmi? Onda sen saýhallydan sarmakly,gaýratlydan görmekli,namysdyr arly,çyn kesbikärli,didesy nurly bolmaga borçlusyň. Eger sen gowulygyň gyrasynda görünmän,baran
ýeriňi çaý-çanak edişiňe,oglan atasy bolansoňam,dirinikligiň bilen waýa başyňy
çatmadyňmy? Onda ilk-ä seň şärikli öwülýäňde ýatan ataň tümmegi titirär,soňam...Hawa,
hawa, süňkleri şakyrdap,oňurgasyna beze çykar,yzyndanam,seň soňy saplanmaz pyssypyjurlykly alasamsyklygyň zerarly,tä kyýamat-magşar bolynça göründe dik
oturar.Ana,şol sebäplem,biz bakylyga baran baba-kelamlarymyzy birahat etmezlik
üçin,gitdigiçe wakyballyga,gitdigiçe pugtumallyga ýetip,gitdigiçe-de,goşgunymyzy
3
syrdamaly.Edep-ekramdyr girip-çykymymyz bilen ýagşylyga ýaran bolup:”Aý,ini,ataňa
rahmet!”diýdirip,alkyş almaga çalyşmaly.Şeýle-de,ynsaby täretli ynsan balasy öz
kökenly kowçumyna egele guradyp otyrmy ojagyndaky saçak başynda?Şonda ol
ýerliksiz ýaňralyga ýaran bolşuna,pyňkyragetdin,sümügine at daňaýmaly etmän,ýa gaýry
bir gotur gijemä etmän,belaý-kalaý öz hatyrasyny goraglamaly.Goňşy-golamyň ýaýlymly
ýygynçagyna baranynda-da,öz nesil ulgamyna ysnat getirmän,oň at-abraýy üçin
çalyşmaly.Işdir ýa, gaýry alada gabat gelşiňe,ýanaşyk syrgyna düşdüňmi?Onda-da sen öz
küren-kendiňe kesapat,ýagny,çirk ýetirmezligiň aladasynda berlişiňe,pälypäkizlik bilen
dem alaýmalysyň.Oň
başga dagysy bolmaz.Ýa-da sen etrapdyr welaýatyňdan
çykyp,golaý uluslaňňa aralaşdyňmy,täleý tüweleýi tigirlänsoň?Şeýle halatlarda hem sen
egniňi sallaýman,guýma dürdäneligiňi saklaýşyňa,göbek ganyň gatylan sahabatly
topragyň üçin kükrek germäge taýýar bolmalysyň.
Eger sen birden-bire dogduk Diýaryňdan daşlaşyp, uzak ülkelere aralaşdyňmy?
Şonda sen öz mährem mekanyňa gep getirmeden-ä, elli bizar, gaýta oň mertebesini
göge galdyrmaly. Çynma-çyna gelende bolsa, Ata Watan üçin gandyr jan bermäge
ýekeje-de ikirjiňlenäýmeli dälsiň.Hawa,eziz ýurduny gözüniň göreji ýaly apalap ýören il
ogly,hakykatdanam,şeýle ýanbermez bolşuna,meşhur Magtymgulynyň:”Iş geldi,başa
düşdi,merdana boldum indi” diýen ýörelgesinden ugur almalydyr.Onsuz onuň
ýyndamlygy samanhana çenlidir.Onsuz ol ýalan ýylgyranyň synyndan aslyşakgetdin,bäş
günlük elpe-şelpelik üçin,alyslara aşar-da:”Aý,bir ýazykdan är ölesi ýokla”diýşine,ýandym şäherinden hatyny gönderip ugrar. Eger il ogly-gerçegiň,aýasy
sürçegiň, deri burçak-burçagyň Watana-götene bolan mähir-muhabbeti baş perdeden
owazlanma, onda-da zarňyldyly owazlanma berdimi?Onda ol baran işini bitirip,giden
ýerinden getirip, eden işi nusgalyk, geplän gepi güwälik merdi-merdana öwrülme
bilendir
Ş a n- şöhraty dünýä doluşyna, türkmen topragyna at-abraý äkelen Altymyrat inem
jany jenewüt ýaly gaýraty goýazylaryň biri. Köpden bäri onuň bile ýüzbe-ýüz oturyp,
hemsöhbet bolmaň arzuwynda gezip ýörsemem, herki zadyň wagty-sagady bar
diýleni.Tä azaphon aşnalam Amanmuhammet Nepesdir Hangeldi Myrat Kiçi dagy
yzlaryna kelte tirkelen ýaly edip,akýaply Altymyrat Orazdyrdylara eltinçä, tä ýazyjy
Amanmuhammet Nepes özüniň Altymyrat barada ýazan kyssasyna meniň redaktor
bolmagymy ündeýänçä,men üç öwre dünýä çempiony bolsa-da,onuň erjellikden gelip
çykýan edermenlige beslenen ömür ulgamyna beletligim diňe daş gulakdandy. Şonda
biz Altymyrat inini tälimçi agasy Orazberdiniň öýünden gözlesegem,ahyry ony bir
duşdaşynyň aýdym-sazly üýşmeleňinden tapdyk.Dogrusyny dogry diýmeli.Men:
Gerdenleri çiginlek,
Syrdam boýly eginlek,
Erleň-ýarlaň burunlak,
Gujak ilmez garynlak
-diýen-ýapy ýaly bir äpet pyýada gabatlaşjakdym welin, gör-ä,onuň:Atamyrat
pälwan,Alymämmet pälwan,Amangeldi pälwan,Annaberdi pälwan,Annadurdy –
Ýagsoran pälwan,Arabaçy pälwan,Artyk pälwan,Balkan-Rejep pälwan,Bähbit pälwan,
Beken,Berberi,Bähbit pälwanlar,Wellek,Gazak,Gapur Gara, Garly, Geldymyrat, Gotur,
Guldurdy,Gurban,Güýç pälwanlar,Möwlan, Mädreýim, Mämmet, Mäti pälwanlar,
Naýza, Nepes-Çaka, Nurgeldi pälwanlar,Öküz-Gurbanberdi pälwan,Öwezli pälwan,
Pallak, Palta, Peleň, Pendili, Popuş, Poşmak, Päwi, Salar pälwanlary, Teke, Töre, Dady,
Dowul,Doň, Düýe-Begjan pälwanlary,Jeň,JollykJumamyrat, Zomy, Kese,Kiçi, Leňňer,
4
Läheň pälwanlary, Mola, Mommy,Torköýnek-Orazdurdy, Täşli-Goçak pälwanlary,
Hojamyrat,Hokgaýaka,Hudaýberdi,Çary,ÇolukÇopan,Ylýas,Şalar,Şally,Şeňňew,Ekizbaý,
Ýazjan pälwanlary ýaly, atly türkmen pälwanlarynyňky kysmy syrtlaşyp münäýmeli
murtam,ýüzüňe garadygy howuňy basyp zamanaňy jünnek edýän hyrsyz syratam,guşak
ýetmez bilem,at maýrar agramam ýok.Akgam pahyr aýtmyşlaýyn,bisakgaldan bir ýalym
ýüz ýaş ýigit.Ýöne jigerli ýüzünde dogum ody oýnaklap duran orta boýly Altymyrat ini
edil çeňk ýaly.Seredäýmäge müçesi çaklaňrak görünse-de,basan ýeriden ot
çykyp,gördügiň gözüňi dokundyrýar.Görşende elleriniň gataňsylygy aýalamma
aňdyrmadygam bolsa, onuň otlukly gözlerindäki güýç-gaýratdyr gujur gorabanyny
diýsene. Aslyýetinde,şeýdip,dogumyň daşyp,hyjuwyň joşup,imriner ilerlemelere
ýetirmese,sen her näçe ýürek ursaňam,telwasly ýeňşe ýaran bolmarsyň. Galyberse-de,
azym-azym ülkelerden eline tüýkürişine,ynamyny uçganakladyp,müňde bir arzuw bile
bäsleşmä gelen tözi ýetik gerçekleri tozanyňa garagetdin,Türkmen aganyň baýdagyny
parladyp,onuň Gimnine kebzäňi jümşüldeder göçgün berdiräýmek Ärmämmediňem
Ermämmediniň hem işi däldir.
Ine,şeýdibem,Türkmeniň abraýyny arşa götermek üçin berçawly böwetleri böwsüp
gelen Altymyrat jan bilen tanyşdym.Oňa egni deňäp,Baýramalynyň pagta arassalaýjy
zawodynyň işgärleriniň öňünde-de çykyş etdik.Ana, şonda jemagatyň oňa buýsançdyr
begenç,söýünçdir guwanç bilen garaýşyny göremde:”Wah,meň şu kem-köşeligim haçan
galarka?Näme üçin Altymyrat inini zähmet çekýänler bilen ýüzbe-ýüzlige irräk
ýetirmedimkäm?”diýip,özümi sykladym.Ol dözmez janköýerleri bilen pikirini paýlaşyp
durka-da,türkmen sportunyň asyrlardan aşa-aşa biziň günlerimize gelip ýeten şanly
sahypalaryny ýatladym.
Taý tapylmaz zehinidir, pähim-paýhasy bile jümle-jahanda birinji bolup sadranç-küşt
baýdagyny bulan Muhammet as-Suly as-Şadranjy, Atasy Jygaly beg tarapyndan tekimi
tutulan Gyraty bile,görülmedik menzillere ýetip,giňliginden elheder alaýmaly çaýlardan
dal bedewini towusdyryp,ýedi pilden ok geçiren Görogly agam,Ala golly sapany bile
ganymyna paýhynlama salan erenler biçüwli Garaja çopan,sesini ýarym menzile
ýetirşine,1857-nji ýyldaky Garrygala söweşinde öwrüliş pursatyny döreden Durdy han
ýanyk,şol uruşda çyrpyly sapanyny şarpyldadyp,ýowuz ýagynyň serkerdesi Japarguly
hanyň eýeriniň gaşyndan uran Söýün Sapanly,Birinji jahan urşunda ýüzin salyp barýan
bedewleriniň bykynyna bukulyp:”Be,biz biçak bagtl-ow!Gör-ä,bir topar tagy at gelýädä,üstümize tasap”diýşip duranlary berdilik işgilini-zynjyryna kökeren ýelden ýüwrük
türkmen jigitleri,jöwmes jahylka haýatyň ugruna haýdaşlap,onuň erňeginde goýlan
telpegi aýagi bilen kakyşyna,ýanaşdyrylyp goýlan ýedi taýharyň üstünden,şeýlede,Güljemel hanyň toýunda iki sygyrly döläniň depesinden gaýdyrylyp geçen,
Gandaharda ýesirkä, çommalyp, ýagny it oturyşyny edip, okdurylyşyna, elini ýere
dirägetdin uly haýkylyk bile ýokarysy gyzganly iki adam boýy howludan aşyrylyp,
owganly
garyndaşlara
şowhunly
tomaşa
görkezen
Garry
bagşy...
Hawa, biziň kewzesinde sök seräýmeli, baldyrlary juwazlyk ýaly, ineriň budundan burup
aldygy, ony uzyn-uzyn bagyrdybilýän döşi gapak kysmy könelemmiz nirede bolsa-da,
halkynyň abraýy üçin aşyklysyna agram düşürip, garşydaşlaryna çopan badakdyr- şallyny
(ol emeller Çopandyr Şally pälwana dahylly) salmadan gaýra durmady. Şeýle-de:
Bir ýyl öňe seretseň,süle ýetişdir
On ýyl öňe seretseň,daragt ýetişdir
Elli ýyl öňe seretseň,gyz ýetişdir
Ýüz ýyl öňe seretseň,ogul ýetişdir
5
Müň ýyl öňe seretseň,şägirt ýetişdir-diýen ýörelgä ten berip,mynasyp oruntutarlaryňam
burnuny sykdy
Hawa, jan inim, Altymyrat! Sen türkmen sportunyň lowurdyly halkasy! Sen külli
Türkmeniň göz-guwanjyna öwrülip, onuň adyny ilkinji bolup äleme
çawlandyrdyň. Goý, seniň aýagyňa ýörme çolaşman, gadamyňa gül bitsin! Sen ýeňişli
ýörelgäňe husurlanma saljak kastly kitüwkeşleňňem, näme,ýoly ters bol-a.Şeýdip,il
buýsanjyna ganaty goşalanmalar girizip ýörkäňem, şägirtleň daşyňda egele gurap,yzyň
jaňly kerwene dönsün...
Ýazyjy Amanmuhammet Nepesiň Altymyrat barada ýazan bu kitaby tüýs ýerlikli
edilen iş diýip hasaplaýaryn. Kitap okyjy köpçüliginiň söýgüsini gazanar diýen tamam
bar...”
Ýokardaky ýazgylary mirasgär Ümür Esen pahyr goýup gitdi. Menem ony kitaba
goşdum
Dünýäde meşhur adamlar şeýle bir kän hem däl.Ýöne,şol meşhurlaryň içinde-de,
älemi aňk eden ýyldyzlar bar.Şolaryň birem,Türkmenistany ilkinji bolup dünýä
tanadan,daş götermekde dünýäniň üç gezek,Ýewropanyň dört gezek çempiony
Altymyrat Orazdurdyýewdir.Eneden bolanda iglije bolan,şol sebäpli hem alty ýaşyna
çenli ejesini emen,çagalykda ýaşytdaşlaryndan has çepiksiligi bilen tapawutlanan ,fiziki
kemterligini ruhy sagatlygy,erjelligi bilen ýeňen,şeýdibem, diýseň meşhurlyga ýeten bu
ştangaçynyň ömür ýoly,beýik sporta gelişi hemmeler üçinem gyzykly bolsa gerek.Bäş
ýaşyndan gün-güzerany üçin mallaryna ot ýygyp başlan bu oglanjyk nädip sportyň daş
götermek görnüşine düşýär?Daşy akyla sygmajak ýeňillik bilen götermek üçin nähili
“jadygöýlüklere” eýe bolmaly?Ýer togalagynda iň meşhur adam bolmak üçin nädip
zähmet çekmeli,nähili kynçylyklary ýeňip geçmeli?Türkmenistanda, agyr daşlary
götermegiň taryhynda ol nähili yz goýup ýetişdi?Şonuň ýaly ussat indi dörärmi?Bu
sowallaryň uly-kiçi hemmeleri gyzyklandyrýandygy şübhesizdir,hasam
türkmen
ýaşlaryny gyzyklandyrsa gerek.
Aslynda,Altymyrat kim,nähili adam bolan?Ony gurşap alanlar kim bolupdyr?Şu
kitapda biz şu we şulara meňzeş soraglara jogap berjek bolarys.Şonuň üsti bilenem siz
onuň nähili adamdygyna,nähili şahsiýetdigine göz ýetirip bilersiňiz. Galanynam,okap
baha beriň!
Pälwanyň ýaşlygy.
Sakarçäge etrap Akýap obasynda Altymyradyň adyny göterýän sport kluby
bar.Bir topar çaga garabaşynagaý bolup,gezekli-gezegine demir göterýärler hem-de
birek-biregiň berekellasyny ýetirýärler.Olar
edep bilen salam berdilerde,klubyň
ýapykdygyna garamazdan özleriniň ýygnanandyklaryny,basym,pälwan Altymyradyň
hatyrasyna geçiriljek
ýaryşa taýýarlyk görýändiklerini
guwanç bilen gürrüň
berdiler,aralaryndaky ýaş, ştanganyň ezber ýigidini,gelejekki “Altymyratjyk” bilen
tanyşdyrdylar.Göwünleri açyk,ýüzleri nurana, hyjuwly,gujurly sagdyn ýaşlara
begendim.Il ykbalynyň şeýle güýçli gollarda boljagyny göreniňde begenmän durup
boljak däldi.Şol gün ýaşlaryň tälimçisi,Altymyradyň agasy Orazberdi Orazdurdyýewe
gabat geldim.Ol:“Ýaşlaryň sporta,aýratyn hem ştanga götermek görnüşine bolan
höwesini hiç zat bilen deňär ýaly däl.Inim Altymyrat olaryň köňüllerinde öçmejek ody
ýakdy.Indi şular ýaly baýramçylyk günleri hem sapakdan,öý işlerinden sypan wagtlary
göni sport merkezine gelip,höwes bilen türgenleşik geçýärler.Olary çagyryp getirmek
gerek däl.Ýogsam,men olara baýramçylykda dynç alalyň diýipdim,emma şonda-da
6
ýygnanypdyrlar.Men ýaşlaryň agyr atletika bolan höweslerini artdyrmakda janymy
gaýgyrmaýaryn.Olar arak,nas,çilim,neşe ýaly ýaramaz endiklere baş goşmasyn
diýýärin.Häzir-ä,görşümiz ýaly,ýagdaýlary gowy.”Gowy niýet-ýeňişe
ýarty” diýýärler. Pälimiz-niýetimiz gowy,galanam gowy bolar,enşalla!”diýdi.Oba
ýaşlarynyň Altymyradyň hatyrasyny belentde saklap,ýadowsyz türgenleşip,sporta janten bilen ýapyşyp ýatmaklary gaty begendirýär hem-de ,oýa batyrýar.Saçlary buýralanyp
duran,gözleri hyjuw bilen uçganaklaýan Altymyradyň ýaşlyk ýyllary göz öňümde
janlanýar.
Bir adam hakda gürrüň gozgalanda ,köplenç onuň ata-babalary agzalýar,
sebäbi,nesiller pederlere bagly bolýar. ”Ogul ata çeker” diýlen nakyl ýönelige
döredilmändir. Altymyradyň babasy Şalar pälwanyň Orazbibi.Oguldurdy,Ogulbike atly
gyzlary bolan.Şalar türkmeniň dört künjeginde ady belli, ýetmişe ýakyn pälwanyň biri.
Onuň kakasy Öwezberdi pälwanyň 8 ogly, üç gyzy bolan.
Şalar pälwanyň syrtlaşyp duran murtam, garadygyň, howuňy basýan hyýyrsyz
ýüzem,guşak ýetmez bilem,at maýrar agramam ýok,ýöne, güýji bilen daýaw öküzi
ýykyp bilýanlerden.Ýüzünde dogum ody oýnaklap duran orta boýly çeňk ýaly
adam!Aitymyrat edil bir almany iki bölen ýaly babasyna meňzeş.Onuň ejesi Oguldurdy
Şalar pälwanyň üç gyzynyň biri,mamasy ýaly, ýumşakdan mylaýym,orta boýly
aýal,kakasy Orazdurdy aga bolsa uzyn boýly,gujur-gaýratyna bäs gelip bilmän
ýören,Oraz,Aşyr,Çary atly doganlaryň biri.Ol pagta bazasynda işleýän döwri,arkasy
ganarly pagta tümmeginiň depesine durman çykýar.Bir käse gowurdak bilen ýarty nany
iýer,soňam ýoldaşlary bilen deň iýişip oturandyr.Ol şeýle bolmalam.Göwresi ony talap
edýär.Altymyradyňam näme,göwres-ä ejesine,güýjem kakasyna çeken bolmaly.
1969-nji ýylyň gyşy gazaply geldi.Ol asyl,bir günem gowşamasa nädersiň.Ähli zat
doňňara-daşa döndi.Hiç kim öýünden çykyp bilmedi,asla çykar ýaly bolmady.Şondada,galjaň adamlaryň matasyndan bolan Orazdurdy aga,ekin meýdanlara aýlanyp ýörkä,
bir gulak suwuň zeýkeşe akyp ýatanyny görüp, sogaply bolansoň,durup bilmän,gatlanyň
öňüniň buzuny aýyrmakçy bolýar.Ýogsam, bu jelegaýlarda ,onuň ekin ýeri hem
ýokdy.Buzy döwjek bolanda ýaba ýykylyp,ölümiň öýünde suwdan çykdy, 25-30
derejeli sowukda,öl-myjjyk halyna öýüne gaýtdý.Ýöremeli ýeri hem ep-esli bar.Öýüne
ýetse-de ýetdi welin,öýken sowuklama zerarly bary-ýogy baş aý ýaşady.Gyş örän uzaga
çekdi.Beýle gyşy görmedik adamlar gaty kösendiler.Orazdurdy aga hat-da işigindäki
baglary,ejesinden galan köneje sandygy hem peje salmaga mejbur boldy. Altymyrat
kakasynyň kyrky güni dünýä indi.Enäniň agyr hasraty çaga ýaramaz täsir eden
bolmaly,sebäp Altymyrat doglan gününden çyrçykly boldy,maşgalada doglan altynjy
ogul bolany üçinem Altymyrat adyny aldy,ýogsam kakasy ölmänkä:”Arçmandan şypa
tapdym,oglum bolsa adyna Arçman dakaryn”diýipdi.
”Geçen gyşyň üýtgeşik sowugy şu balamyň dünýä inmegi netijesinde dörän
hadysa”diýmegi halaýan ejesi, kinniwanja, çyrçykly çagany buýsanç bilen eline
alyp,emdirip otyrka,uly ogly Tirkiş çagajygyň aýajyklaryny sypalady-da:”Eje,munyň
garagol,lälik bolar,goňşylara ot ýakdyrmaz!”diýdi.”Sen ýaşlykda öz eden garagollygyňy
az görýärmiň? Oguljygym garagol bolmaz,ölmese bir käriň başyny tutarda ejesini
begendirer”diýip,ejesi jogap berdi.Dogrudanam,dokuz çaganyň iň kiçisi bolany üçin
Altymyrat hasam läliksiredilipdi.Hemmeler onuň göwnüni görjek,diýenini etjek,aýdan
zadyny tapjak.Dokuz çaganyň hersiniň bir häsiýeti bar,hersiniň hem dilini tapmak enä
bagly.Käte Kakabaý :”Eje,sen, agam Tirkiş bilen Altymyrady bizden gowy
görýärsiň,olaryň diýen zatlaryny alyp berýärsiň,biz bolsa galan zatlary
7
geýmeli,iýmeli”diýýärdi.Oguldurdy
daýza
“Ýok,oglum,ol
göwnüňedir,beýle
däldir”diýse-de,garaz, her bir ene özüniň ilkinji dünýä inen çagasyny,birem soňky
çagasyny beýlekilerden ileri tutýanlygy hakykata ýakyndy.Hasam ol Altymyrady gowy
görýärdi.Bir ýere çykaýsa dagy onuň gonjuna gor guýlana dönýärdi,howsala
düşýärdi,elewreýärdi,gaýga batyp gara jany galmaýardy.Ol enäniň iň süýji,mähriban
çagasydy.Käbiriňiz “Mundanam bir gürrüň bolarmy?Heý-de,ene öz bagryndan önen
çagalaryny tapawutlandyrarmy?”diýersiňiz.Belki şeýledirem,ýöne Oguldurdy ejäniň
Altymyrada aýratyn göz bilen bakmasynyň özüne ýetik sebäbi bardy.Bu syr adamsy öleli
bäri enäniň diňe özüne mälimdi.
Orazdurdy aga suwa gaçyp öýüne gelende,adamsynyň gany gaçan ýüzünden gorkan
enäniň göwresindäki iki aýlyk çaganyň aýrylmak howpy döredi. Lukmanlar hem çagany
aýyrmaly diýip maslahat berdiler,bularyň üstesine enäniň saglyk ýagdaýy hem pese
düşdi,böwregiň işleýşi bozuldy.Ýaraman ýatan Orazdurdy aga:”Sekiz çagany dünýä
inderdiň,şolar sag-aman ösüp ulalsalar besdir, lukmanlaryň diýeni bilen
bolaý!”diýip,maslahat berdi.Ýöne,göwresindäki indi gymyldap ugran perzent welin,bütin
durky bilen enäni özüne maýyl etdi.Şonda-da,lukmanlaryň :”Indi bäbekleseň janyň üçin
howply,diňe aýyrtmaly”diýmeklerine razy bolup, ertesi irden keselhana barmaklyga
boýun boldy...Gije enäň düýşüne çagajyk girip,garaja gözleri bilen naýynjar bakdyda:”Eje,indi sen meni şeýdäýjekmi?”diýdi.Bu söz onuň ýüreginden parran geçen ok
bolup göründi.Şol sebäpli hem ene:”Ýok,balam jan,men ony etmen.Ýok”diýip,çirkin
gygyrdy.Öz sesine özi hem oýandy.Oýaly-ukuly ýatan Orazdurdy aga:”Otja, näme
boldy?Çagalaryň ýüregin-ä ýardyň?”diýip seslendi. ”Ýok,men hiç ýere gitmerin,ony
etmerin”diýip, ene ýaňagyndaky ýaşyny aýasy bilen syldy-da,jogap berdi.Adamsy onuň
näme diýjek bolýanyna düşünmän gözüni mölertdi-de:” Otja,goýun ýüňünden,geçi
sakgalyndan,eşek
ýalyndan,at
gerşinden,it
burnundan,sygyr
şahyndan,düýe
ardyndan,çaga
elinden,ýigit
dyzyndan,zenan
yzyndan,goja
süýeginden
üşär”diýleni,onsuzam uzakly gije üşäp ýatyp bilmedim,seňki näme? “diýip, soragly
nazaryny oňa gönükdirdi. Ene jogap bermän, öz diýenini gögertdi,netijede bolsa kemlije
hem bolsa altynjy çaga dünýä indi.Ene çagajygy bagryna basyp:”Taňrym,heý-de
bujagazymyň dogmazlygynyň öňüni alyp bolarmy?Ak ýüzlijäm,gara gözlüjäm,buýra
saçlyjam maňa şeýle mähirlije bakyp ýylgyrmazmydy? “ diýip,hopukdy,atanlykda,heniz
dünýä inmedik eziz jigerbendine tasdanam kast etmeli bolandygyna öz ýanyndan
müýnürgäp aňyrsyna çykyp bilmedi.Belki,şonuň üçindir,körpesini eý görüşi? Belki,
şonuň üçindir,adatça eneler bir-ik ýaşda çagasyny süýtden aýyrýan bolsa,Oguldurdy eje
bäş-alty ýaşyna çenli Altymyrady ene emmesinden kesmedi.Bu bolsa onuň kiçilikden
derde garşy göreşip,ösüp-örňäp gitmegine oňaýly täsir etdi.
Çagalar, men muny üstüne goşamok,bolan zady bolşy ýaly aýdýaryn.Belki,siziň
araňyzda-da ejesini şeýdip emenler bardyr,bolsa aýby ýok.Ol aýyp däldir.Altymyrat
welin,bu sözi eşidenden :”Duruberiň bakaly, men size kimiň emziklidigini
görkezerin”diýýärdi.
Indi,Orazdurdy aga barada kelam agyz durup geçeliň!
Daşoguzyň gadymy Akdepe topragynyň günbatarragynda “Ýemreli oý” diýen bir ýer
bar.Ýemreli ýomutlaryň uly tireleriniň biri bolup,Wasyň içine süsňäp girýän ýerinde,uzak
ýyllaryň dowamynda ýaşandyklary üçin ýokarky ady alypdyrlar.Ýemrelileriň Anna baý
atly il öňüne düşýän kethudasy bolupdyr.Pespäl,garybyň hossary,mesele çözmekde
diýseň adyl bu adam jomartlygy bilenem tanawutlanypdyr.Onuň myhmany bolan
Jüneýit hanam:”Saňa döwletli-nobatly diýip gulagyma degsede,beýle berekediň bardyr
8
öýdmeýärdim”diýip,ony hormatlapdyr.Soň ol Jüneýit hanyň yzy bilen Eýrana,Owgana
aşypdyr.Anna baýyň
Gara Batyr atly hyzmatçysynyň kesp-käri daýhançylyk
bolansoň,ol bir gulak suwuň üstünde dörän agzalalyk zerarly heniz Eýrana
göçülmänkä
“Ýemreli oýy”taşlap,ýany bilen
inisini we aýal doganyny alyp,
Sakarçägäniň “Akýap” obasyna göçüp gaýdypdyr.Häzir şolardan ýaýranlar “Akýap”
obasynda müňe ýakyn adam bolup otyrlar.Altymyradyň kakasy Orazdurdy aga hem
şol ýemrelileriň neslieriniň biri ...
Orazdurdynyň kakasyna Aýdogdy batyr diýýärdiler.Aýdogdynyň Nazar atly inisi hem
bardy.Ikisi etrabyň merkezinde et satýardylar.Şalar pälwanam gassapçylyk edip,olary et
bilen üpjün edýärdi, hem et satyşýardy.Şalar pälwanyň ortanjy gyzy Oguldurdy öýünde
nahar bişirip,gündelik kakasyny naharlamak üçin gelerdi.Şeýle günleriň birinde
Nazar:”Pälwan,sen şujagaz gyzyňy bize beräý!Orazdurdy öýlenip bilmän gezip ýör"diýip
degişdi,Şalaram oňa:”Geregiň gyz bolsun!”diýdi.Oýunlyk bilen aýdylan sözüň yzy çyna
ýazdy. Aýdogdy batyryň uly ogly Orazdurdy Watançylyk urşundan sag aman gaýdyp
gelen,25 ýaşlaryndaky syratly,edenli ýigitdi.Bir näçe wagtdan soň ol Şalar pälwanyň
ikinji gyzyna,Oguldurda öýlendi.
Etrap merkezinde,şol et satylýan ýeriň ýakynynda,taýzaryp duran murtyny palta
kesmez,gözleri ýanyp duran, Annageldi Murt diýen adam ýaşaýardy.Ol ölemen
awçydy.Öz döwründe ol “üçlük”diýilýän hökmürowan toparyň agzasy bolanlygy
üçin:”Baý,köp adamyny ýygnandyryn-ow!”diýip,öwünmäni halaýardy.Onuň iki gyzy,bir
ogly bardy.Gyzlarynyň ulusy mekdepde okan döwründe, ökde woleýbolçy Akmyrat
çepbe bilen halaşyp,soň oňa durmuşa çykypdy.Akmyrat çepbe bilen Şalar pälwan goňşy
ýaşaýardylar.Ine,onsoň Akmyrada aýal bolup gelen Bossan,Şalar pälwanyň üçünji gyzy
Bikäni öz jigisi Merede alyp bermekçi boldy.Orazdurdy muňa kes-kelle göwnemedi,
gaýyn atasy Şalar pälwanyň ýanyna baryp:”Gyzyňy olara berme, berseň aglap geler
durar!”diýip,duýdurypdy.Emma oňa gulak asman Bikäni Merede durmuşa
çykardylar.Meret üýtgeşik jalaý,awçy,kän bir hojalygyň aladasy bilen bolman,keýpi-sapa
bilen gününi geçirýän adamdy,ýöne,özüniň ugr tapyjylygy,ýamanlygy, ýeserligi,gözüni
gyrpman garşydaşyny aldap bilýänligi bilen tapawutlanýardy. Çagalaryny welin hor
etmeýärdi,aw eti onuň öýünde mydama tapylýardy.Onuň ýeserliginden bir mysal-ýokary
wezipelerde işleýän adamlaryň käbirleri oňa näme üçindir:”Polkownik Meret
Gurbanowiç!”diýip ýüzlenýärdiler,naharhanalara girse-de,”näme gerek?”diýişip,öňünde
ylgaşlap ýördüler, ýangyç nokatlaryna,ýag guýmaga barsa-da, ýagdaý şeýledi.Ol
adamlary edil jadylaýan ýalydy.Hiç kim onuň nirede,nähili işde işleýänini
bilmeýärdi,ýöne ol wezipelidi,onda-da uly wezipelidi..
Indi gürrüňi Altymyrat barada dowam edeliň!
Bir gün Altymyrat işikdäki sekide ejesini emip otyrka agalary Kakajan bilen Tirkiş
türgenleşikden gaýdyp geldiler.Kakajan öýe girip gitse-de,Tirkiş hemleli:
-Bes et,eý sen,utanaňokmy?-diýdi.
-Beýle diýme,jan balam,ene süýdi ähli derdiň dermany-diýip,ejesi jogap berdi.
-Ýigit çykansoňam şeýdip,emdirde ýör...
-Gerek bolsa emdirerin,balamy.Ol her bir enäniň borjy.Ine,görersiň,ene süýdi muny
pälwan ýigit edip ýetişdirer.
-Aý,bilmedim-dä,eje,şunyň ýarty nan bilen şöhradyň,ýa-da Alaşa piriň pälwany
bolaýmasa...
-Entäk diýiber,diýiber,jan balam.Muňa Aly Şir huda goltgy berer!
9
-Men pälwan bolaryn-diýip,heniz pälwanyň nämedigini hem bilmeýän Altymyrat
emmeden agzyny aýryp ,jogap berdi.
-Elbetde,bolarsyň-diýip,Tirkiş Altymyradyň ugrundan gopan boldy-Sen garşydaşlaryň
ählisini,ýere däl-de garnyň üstüne ýykarsyň, şeýdip,meni,ejemi masgara edersiň-diýip,
ha-ha-haýlady.
-Ýere ýykaryn,ýere pylçap-pylçap uraryn!
-Şeýder, meniň balam,şeýder.Munuň
horjalygyna seretme,süýtden gowyja doýsa
garynlak,erinlek
bolar-diýip,Oguldurdy daýza Altymyradyň başyny sypady.
-Ine,muny bildiň eje,garynlaga bolar, özem aýaklyja garpyz ýaly bolaýsa gerek!
-Aýakly garpyz ýaly-ha bolmaryn!
-Biziň adymyzy arşa göterer,meniň bujagaz balam!-diýip,Oguldurdy daýza çagasyny
bagryna basdy.
-Her-nä, şeýle bolsun-da-diýip,Tirkiş ejesiniň ugrundan gopdy-Indiden beýläk muny
özüm taplap başlaryn,duruber bakaly-diýip,ol öýe girip gitdi.
Dogrudanam,şondan soň Tirkişdir Kakajan ikisi Altymyrada göz bolup başladylar,uly
ýapda-noburyň ýalpak güzerinde ýüzmäni öwretdiler,ylgamagyň peýdasy barada gürrüň
berdiler.Ýöne Altymyrat doganlarynyň öwredişi ýaly ylgasy gelenokdy,öz ýoldaşlary
bilen oýnasy gelýärdi.
Ol şeýle hem etdi. Kowdum-gaçdym oýnaýan çagalara goşuldy. Birdenem
meýdançadaky gür otlugyň içinden bir zatjagaz aldy-da:”Oglanlar, tapdym!”diýip, zut
gaçdy.Oglanlar nebir zat tapandyr öýdüp yzyndan kowdular, kowalap-kowalap ýetdilerde, eliniň aýasyny açyp gördüler, onda eplem-eplem inçejik simdir ýa-da nurbatjyklar.
Onuň demre bolan höwesi gaty täsindi.Ol kän bir geplemäni hem bilmezdi.Göni
garagyna bakyp soraýmasaň
gürrüňe goşuljak bolubam ýörenokdy. Käte bolsa çagalar, şaýlyk tapandyr diýip onuň
yzyndan kowalap ýumrugyny açdyrsalar ol: ”A-na,sim uçup gitdi!” diýip, elini asmana
göterip, gözüne ýaş aýlardy.
Bir günem sekide Tirkiş bilen Kakajan Altymyrady çagalykdan sporta gönükdirmek
barada pikir alyşyp,sportyň haýsy görnüşiniň oňa peýdaly boljakdygynyň gürrüňini
edýärdiler.Ýüpden boşanan göläniň yzyndan Altymyradyň erjellik bilen ylgaýşyny
synlan Kakajan:”Altymyrady ýeňil etletika bilen meşgullandyrmak gerek”diýen pikiri
orta atdy.
-O-da bolsa bolar,ýüreginiň urşy,dem alyşy gowy, ýöne bir azajyk ýaşyrak-da.
-Ýaşyna laýyk hereket etdirmeli bolar-da...
-Ejem göwnemezmi-kä diýýärin.
-Hany diýip göreli-diýdi-de,Kakajan ullakan waharmany goltuklap gelen ejesine
ýüzlendi-Eje,Tirkiş bilen maslahat etdik,Altymyrady sporta ýazsak diýýäs,ylgamaga...
-Wiý,balam,ol häzir ylganokmy?Gün-uzyn
onuňky öňňürdikde,ýorga ahyr...
-Ol ylgawdan peýda ýok,eje,ylgaw düzgün,tertipli bolmaly.
-Düzgünli-tertipli
bolsa,gowy bolsa gowudyram welin.ol entäk ýaş.
-Ýaşlykdan başlasa
beýn-ä siňýär,bedeni gowy gataýar-diýip,Kakajan janykdy.
-Bir-hili nebsim agyrýar-da,balajygyma.Özüňem ýokary bilimli lukman welin ,aýňalyp
gidibereňok-da!-diýip,ene Kakajana igendi.
-Eje,meni gaýgy etme!Çagaň köçäniň täsirine
düşäýse,soň giç bolar!
-O diýýäniň-ä dogry balam.Onsoňam näme siz onuň öňünde parlak ýyldyz.Ol siziň
yzyňyza eýererem.
10
-Ine,munyň boldy.Eje,tabyň niçikdir?Sen öz aladaňy etmän şu mürtügiň gürrüňini kän
edýärsiň.
–Tüweleme,ejem hiç kime eýgerder ýaly däldir,tüweleme,tüweleme,göz
degmesin.Kakamyzyň yzynda ýene bir ömürjik ýaşaýsam diýýär.Çynyňy aýt,nädip araňy
sazlap bildiň?-diýip,Tirkiş mylaýym ýylgyrdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 02
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.