Latin

Topraga duwlanan ägirt - 08

Total number of words is 3825
Total number of unique words is 2305
30.6 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bolubam durmaly däl,gerek ýerinde çyk,bolmasa ümsüm otyr-da tejribe gazan.Tejribäň
aýratynlygy başga,ol seni sowukganly,ýeňişe okgunly edýär.
Ol her bir boş wagtyny Gurban,sulhy alýan beýleki esgerler bilen geçirmäni
halaýar,şeýle pursatlardan uly lezzet alýar,kitap okamany,hasam sport taryhyna degişli
kitaplary okamany halaýar.Sportyň iň gadymy görnüşleri ylgamak,,göreşmek,ýaglyga
towusmak,at çapdyrmak,atyň üstünde dürli oýunlary görkezmek,daş götermek,çilik
oýunlary
bolan bolmaly.Adamzat ilkinji günlerden güýjüň şahsiýetine hormat
goýupdyr,döwler,ajdarhalar,ýolbarslar bilen dikleşipdir.Şeýle pälwanlar baradaky
rowaýatlary okamak has-da gyzykly.Bu gahrymançylyklar wagtyň bezeginden
geçip,birneme çişirilenem bolsa,ol diňe asylly duýgulary yzarlaýardy.Pälwanlar Hudaýyň
halaýan adamsy hasap edilipdir,sebäbi halk ony özüniň goragçysy,kyn gününde
diregçisi,Watanyň asudalygyny saklaýjysy,ösüp barýan ýaş nesiliň terbiýeçisi hasap
edipdir.Pikir
edip
görseň,agaçlaryň
sagdyn,berk
bolmagy
üçin
hereket
etmegi,ýagny,şemalyň täsiri bilen iki ýana yranmagy gerek.Pälwanam gündelik
türgenleşigi,gerekli iýmiti bilen kuwwatyny artdyrýar.Adamzat muňa ir
düşünipdir,şondan bärem güýçli bolmagyň her hili usullaryny gözläpdir.
Kitaplarda bar bolan şekillere seretseň,gadymy müsürde adamlaryň ýogyn agaçlary
goltuklaryna alyp baryşlary görünýär.Gorkut Ata dessanynda Däli Domrulyň gury çaýyň
üstünden köpri ýasap,kim geçse otuz pul,geçmedikden ura-ura kyrk pul aljak bolşy,özüne
göwni ýetip ;”Söweşer ýaly menden güýçli är barmyka?”diýip,kükregine
kakmasy,köpräjik pul bereni eşegi zady bilen göterip köprüden geçirmegi,eýsem
pälwanyň işi dälmi?Eşek,üstüniň adamsy bilen 160-170 kilo barýandyr ahyr!Ýa-da Han
Töreliniň Buga bilen söweşişi,onuň guýrugyndan tutup,üç kere göterip ýere
çalşy,süňklerini kül-owram edişi,pälwanlyk dälmi?Buganyň agramy bolmaýyn diýeniňde
170-175 kilo bardyr-a!?Ýa-da,onuň arslany,esrek erkegi ýeňişini näme bilen
düşündirjek?Ýogsam,Hantöreliniň semiz,öňe çykyp duran garny bolmandyr,göwresine
görä eti-gany bolupdyr...Şu wagt agyr atletika-da ýokary agramy göterýänleriň agramy
130-180 kilo golaýlaýandyr.Seljuklar zamanynda Mahmyt atly pälwany göreşde ýeňen
bolmandyr.Soltan Alp Arslan her bir nökeriniň suwda gowy ýüzüp bilmegine,uzak
aralygy ylgamagyna,her hili päsgelçiliklerden baş alyp çykmagyna,sapany uzak aralyga
atmaklyga uly üns beripdir,”Garnyň ululygynyň akyla peýdasy ýok,köp hereketde bolup
az iýmeli,çydamlylygyň ýokary sypatyny görkezmeli,garnyň guly bolmakdan daşda
durmaly”diýip,serkerdelerine tabşyrypdyr.Şol sebäplem onuň tabynlygyndaky nökerler
güýçli,edermen,syrdam-syratly,görmegeý bolupdyrlar.Ýurduňy goramakda,iliň öňüne
çykmakda Soltanyň özem şeýle taplanan,berk beden,gaýratly bolmalydy.Ol şeýle
bolupdyram.”Jan saglyk gowy zat ,ýöne,nöker onuň üstüne gujur-gaýratly,mert,batyr
bolsa hoşuma gelýär”diýer ekeni.Ol sag eliniň orta barmagy bilen almany deşip
bilipdir,barmagy bilen pitiklese,pitiklenen kelle hoz ýaly çişipdir.Öňler uly meşiklerde
62
suw saklar ekenler.Alty at goşulan araba bilen 12 meşik suw alyp barýan arabanyň tigri
döwlüp,nökerleriň öňüni bekläpdir.Soltan muny görüp,arabany egni bilen göterip,tigri
ýerine goýýançalar saklap durupdyr.
Soltan Sanjaryň ölümi bilen seljuk döwleti dargady,netije-de adamyň sagdyn
ösmeginiň,güýçli,batyr,mert bolmagynyň ähmiýeti peseldi.Nedir şanyň,Keýmir körüň
döwründe adamyň güýjüni yzygiderli,akylly-başly ösdürmek meselesine gaýdyp
gelindi.Nedir şa ýüz kilolyk daşy göterip,onuň üstüne ýene bir zat goýup bilen nökerine
erkeklik nyşany bolan silkme telpegi geýmäge rugsat beripdir,şondan soň öýlenmäge
hem rugsat alypdyr.Daşy goltuklap götermek döşüňi,gollaryň güýjüni ösdürýär,şikessiz
lezzet berýär.Obalarda ýaşlaryň arasynda her hili oýunlary,çilik, topgaçdy, gizlenpeçek,
göreş,ýapdan,germewden böküp geçmek we şuňa meňzeş oýunlaryň ösmegine badalga
berlipdir,bu bolsa sagdyn,gujurly nesiliň ösüp ýetişmegine ýol açypdyr...
Sport Ewropa ýurtlaryna 17-18-nji asyrlarda ýaýrapdyr.Agyr atletika sportyň bir
görnüşi hökmünde 1860-nji ýylda hereket edip başlapdyr.Şondan soň toparlar
döräp,özara ýaryşyň düzgünleri resmileşdirilipdir.1896-nji ýylyň tomsunda Afinada
geçirilen birinji Olimpiýa oýunlaryna agyr atletika sport ýaryşy ilkinji gezek
goşulypdyr.Dogry,ol wagtlar sportsmenleriň agramyna görä bölünmegi,ýaş aýratynlygy
ýaly zatlar bolmandyr,kim ýokary netije görkezse şol hem ykrar edilipdir.Bawariýaly
piwo gaýnadyjy Gans Beg diýen adam ýurdunda iteklep götermekde135 kilo,göni
götermekde 130 kilo,jeni 265 kilo netije görkezenem bolsa,Olimpiýa gatnaşyp çykyş
etmänligi sebäpli ykrar edilmändir,oňa derek daniýaly Wigga Ýensen 111,5+66=177,5
kilogram daşy göterip,Olimpiýanyň altyn medalyna mynasyp bolupdyr...
Altymyrat bulary aňynda aýlap ýatyrka,birden Tyrry kakasynyň haýyşy ýadyna düşüp,
gülüp goýberdi.Gapdalyndaky tekjede irkilen Gurban tisginip oýandy-da,töweregine
garanjaklap:
-Näme boldy-how!-diýdi.
–Bagyşla,dost jan!Ýadyma bir zat düşdi-de,gülmeli boldum-diýip,Altymyrat boýnuna
aldy.
–Güler ýaly zat bar bolsa bile güleli-diýip,ol gözüni oýkalady.-Meň Osipýan atly bir
dostum bar.Ol türkmen dilini,däp-dessuryny,girim-çykymyny gowy bilýän diýip
öwündi.Men oňa:”Onda sen aş saýlabam görensiň-le!?”diýsem ol: ”Hawa,öýümde
saýlaýan”diýip jogap berdi.
–O nähili bolýar,dost jan?
-Wiý,sen heniz durmuşyň gädiginden garan dälsiň-ow!.Aýalyň göwresinde çaga galjak
bolandaky aralyk ýagdaýa aş saýlama diýilýär.Indiki degişme Ata Köpegiň adyndan
berilýär.Bir baý türkmen bezelen bedewe atlanyp, geçip barýarmyş.Ýol gyrasynda
oturan şahyr:”Eşegi nirä alyp barýarsyň,how!?” diýip sorapdyr, onda atly:”Eşekmi
şu,eşekmi?Gözüňi giňiräjik aç!”diýip,gaharlanypdyr.Şahyr bolsa ”Gaharlanma,men
bedewden soraýaryn ahyryn”diýip jogap beripdir...Alty,näme güleňok?Ýylgyrma-da,
çynyň bilen gül,how!Men azap çekýärin ahyr,seni güldürjek bolup.-Gurban örän şoh
oglandy,degişme diňlemegi,aýtmagy gowy görerdi,käte ýüzüniň ugruna bir zady aýdyp
goýbererdi welin,haýranlar galyp oturmalydy.Şu günem Altymyrada ol:”Dost,itiň art
aýagyndan suw içmeli boldug-ow!Gör,çelegiň suwy gutarypdyr”diýip,ony güldüripdi.Meniň bir inim bar,dördünji synpda okaýar.Kakam käte onuň mugallymyny çagyryp
iýdirip-içirýär,berk terbiýelemegi tabşyrýar.Bir gün mugallym gelip:”Gardaş,ogluň indi
hapa sözler-ä agzyna alanok,hajathananyň içine-daşyna ýazýanlary bilen
63
oňaýýar”diýip,kakamy begendirjek boldy.Mugallym şol gezek nahar-a iýdi,ýöne çalt
gitmeli boldy.
-Meňem Şamyrat diýen dostum bar,içip,kellämi agyrdýär,öz kellesini bolsa ert-ä
goýýar.
–Be,be,Altyjan,senem bir zatlar tapjag-ow!-diýip,Gurban hezil edip güldi-Biziň bir
içegen goňşymyz bar,aýaly kelemdir käşir dograýar,olam aýalynyň keýpine sogan
dograýar,onsoň köp içýän-ä äri,çaýkanýanam aýaly.Tomaşa etde otyr.Onuň aýaly,şol är
bilenem ýaşap ýör.Äri:”Oba-oba aýlanyp ýüzi gülüp duran samsyjak aýala
öýlendim,wagtyň geçmegi bilen ol akyllandy, indi gülenok”diýýär.Şeýle äriň bolarda
gülki ýadyňa düşermi?.
-Şamyrat kel arakdan doýanda “uçýan tarelkalary” hem görse bolýar!diýip,Altymyrat gürrüňe başlanda, komandir gapyda peýda bolup:
-Gürrüňi bes etmeli,ýatmaly!Alty,seniň üçin bir hoş habarym bar.Ony erte aýdaryn!diýip,gapyny ýapyp gitdi.Şondan soň dostlar seslerini çykarman ýatjak boldular,emma
bolaýýarmy näme!
-Ýaňy,meni oýaryşyň sebäbini aýtmadyň-la!?-diýip,Gurban pyşyrdap sorady.
-Aý,Tyrry kakam-da,şeýle-şeýle diýip haýyş etdi,indi, oba barsam näme jogap
berjegimi hem bilemok.
-Aşgabatda başy boş aýal-a kän.Ol näçe ýaşynda?
-Segseniň gädiginden garady.
–Sen oňa,” Bu ýaşdan soň aýaly näme etjek!” diýmediňmi?!
-Ýok,dost jan,ony diýip bolmaz.Ol diňe aýal tapylar diýen umyt bilen ýaşaýar
ahyryn.Umytdan düşdügi adam gutarýar.
–Onda bilmedim.Hany,ertire bir çykaly,kelle dynç alsyn.Bir alajyny taparys...
Ertesi ir bilen,turmaly buýruk berilmänkä,komandir ýuwaşlyk bilen Altymyrady
oýardy-da,jaýdan alyp çykyp,uzyn boýly,ak sakgally,silkme telpekli,peşeneli ýaşulynyň
ýanyna eltdi.Altymyrat oňa edep bilen salam berdi.
–Täçmuhemmet aga,ýumşuňy diňe şu oglan bitirip berer.Galanynam özüňiz gürleşiň!diýip,komandir olary tanyşdyrdy.
–Oglum.sag-amanlykmy!Ir bilen oýardy diýme.Maňa kömek gerek.Sygyrym gaýadan
gaçyp aýagyny döwdüripdir.Gaçan ýerinde soýjak welin,bogaz.Şony araba ýükleşmeli!diýip,ýaşuly seslendi.
–Bolar,ýaşuly.Geýnip geleýin,gidäýeris!-diýip,Altymyrat jogap berdi.
Daň atanam bolsa jahan ýagtylmandy,howa aýazlyjady.Garrygalada beýle howa
bolubam duranokdy,onda-da şu gün-ä üýtgeşikdi.
Olar dag ýodajygy bilen ýokary galdylar-da,ondan aşak düşüp,içi hozdyr-armytly
jülge bilen esli ýörediler.Jülgäniň daga direýän ýerinde,kiçeňräjik şaglowugyň
ýakynynda,daýaw ala sygyr aýaklaryny serip ýatyrdy.Gyrymsy böwürslene baglanan
eşek,yzyna goşulan arabasyny jygyldadyp,nämedir bir zatlary çöpleýärdi.Çeýneýän
zadynyň hütürdisi mese-mälim eşidilýärdi.
–Ýaşuly jan,eşegiň tüweleme daýaw ekeni.Mende hem şeýle ak eşek bar.Onuň bilen
sygyrlaryma ot çekýärin,daýaw goňur pişigmizem bar..
–Tüweleme,daýhan maşgalasyndan diýsene!Görenimden şeýle çak etdim.Näme
diýseler diýibersinler,ylym-bilim meselesinde-de,durmuşa ukuplylygynda hem oba
oglanlary şäherlilerden öňde.Iki dogmam,okajak diýip,maşgalalaryny taşlap gitdiler.Ber
onsoň gürrüňi.Hersiniň birden,ikiden çagasy bar.Iýdirmeli,içirmeli.Ata bolup çagalaryna
eýe çykaýjak ýaly...Emma...
64
–Ýaşuly,sygyry şu depejige elteýin,soň arabany oňa diräp ýükläris-diýdi-de,Altymyrat
ýatan sygyryň iki öň aýagynyň yz ýanyndan gujaklady-da
ýaşulynyň:
”Dur,dur,kömekleşeýin”diýmesine garaşman,süýräp,ony eltmeli ýerine eltdi.Araba-da
ýükledi.
-Tüweleme,tüweleme,gör,daýhan oglunyň ediberşini!Sygyr iki ýüz kyrk kilodan
agyrdyr.Oglum,adyňam soramandyryn.
–Altymyrat, meniň adym.
–Altymyrat!? Dur-la,dur-la,sen şol Soýuzyň Aşgabatdaky ýaryşynda birinjiligi eýelän
goç ýigitmi?Adyňy eşidip,nähili ýigitkä,nähili adamka,bir görüp biläýsem diýip,arzuw
edip ýördüm.”Yhlasa myrat”diýenleri.Adam arzuw etse boljak ekeni.Ýogsa-da sen bu
ýerde näme işleýärsiň!?
-Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edýärin.
–Onuň üçin, gazykdan boşan däli öküz ýaly ýigitler ýeterlik ahyryn! Ol saňa
galypmy!Sen ýüzlerçe,müňlerçe erkegiň edip bilmejek işini,türkmen halkynyň
abraýyny,şan-şöhradyny dünýä ýaýýarsyň! Gullukdan bize şol wajyp dälmi?
-Ýaşuly jan,men bir sähraýy oba oglany,olar ýaly zady bilemok.Gulluk etmegiň
borjumlygyna welin düşünýän.
–Aý,bolýa-da.Könelerimiz:”Bir ýagşylyk,bir ýamanlyk unudylmaz”diýipdirler.Maňa
kömek etdiň,Taňryýalkasyn!Onuň öwezini nädip dolarkam?
-Ýaşuly jan,taňryýalkasyn berdiňiz-ä,şol bolýar.Hyzmatyňyza mydam taýyndyryn!diýip,Altymyrat
onuň bilen hoşlaşyp,ýodajyk bilen ýokary çykyp ugramakçy
boldy.Emma Täçmuhammet aga ony saklap:
-Ogul,seniň eden bu ýagşylygyňa ýagşylyk bilen jogap bermesem-ä göwnüme jaý
däl.Gel,bir zat edeli.Men häzir malymy öýe taşlap daga dyrmaşýan maşynym bilen
gelip,seniň heniz görmedik ýerleriňi görkezjek.Seni bezegli depä alyp gitjek.Garaşgyndiýdi.
Gar gatyşykly ýagyş hem ýagmaga başlady.Ol eşeginiň nogtasyndan tutup barýan
ýaşulynyň yzyndan garap galdy.
Altymyrat serhet bölümine gelende,esgerler eýýäm nobatdaky türgenleşige
başlapdylar.
–Ýuwun,ardyn,ertirlik edin,dynç al.Ertir sen gyssagly Aşgabada gitmeli,ýaryşa
çagyrýarlar-diýip,komandir oňa hoş habary ýetirdi.
Iki sagat geçip geçmänkä Täçmuhemmet aga täzeje UAZ maşyny bilen ýetip geldi-de,
komandirden rugsat alyp Altymyrady alyp gitdi.
–Men saňa Çendir jülgesinde ýerleşýän “Bezegli depe”diýilýän tebigatyň astynda
müňlerçe ýyllap duran taryhy muzeýi görkezjek.Onuň bilen bütin dünýä alymlary
gyzyklanýarlar-diýip,ýaşuly,dagyň howply-hatarly ýoluny özi ýasan ýaly,maşynyny
basyp barýar.Onlarça menzil ýöräp,kä ýerde peýda bolýan obajyklaryň gapdalyndan hem
säginmän geçdi-de-Çendir jülgesiniň obalary yzda galdy.Şu görünýän depeden aşsak
barmaly ýerimiz edil eliň aýasynda ýaly görüner-diýdi.
Ýaşulynyň ynhajykga,häzir ýetýäs diýeninden soňam onlarça kilometr ýol
geçip,ahyrym iki gyrasy belent gaýaly,gür tokaýly derede saklandylar.
–Seret bu täsinliklere!-diýip,ýaşuly,olaryň duran ýeriniň gabat garşysyndaky gaýa
daşlarynyň ýüzüne çekilen şekilleri görkezdi-Adamlaryň aw edişi,durmuşy,ýaşaýşy
barada habar berýän bu şekilleriň musulman dininiň bize aralaşmagyndan-da owalky
asyrlara degişlidiklerini alymlar belleýärler.
65
Dogrudanam,”Bezegli deredäki”daşlaryň ýüzüne çekilen suratlaryň,şekilleriň aňyrsybärsi görünmän uzalyp giýärdi hem-de açyk tebigatyň astynda duran täsin bir muzeýi
ýadyňa salýardy.Altymyrat olara seredip haýranlar galdy şol bir wagtda ülkäniň “Köw
ata”,”Ak patlawuk”,”Gara patlawuk”,Köýten dagyň tükeniksiz gowaklaryndaky
täsinlikler,şekiller,Artyk obasynyň gabadyndaky dag içinde gizlenen daşa çokunýanlaryň
täsin ymaraty,Saragtdaky 12-nji serhet nokadynyň gabadynda,dag içinde
ýerleşen,adamyň ilkidurmuş döwrüne degişli ymarat,täsin şarlowuklar,”Gyzyl suw” we
ýene-ýeneleriň öwrenilmän ýatandygyna gözüni ýetirdi.
–Sen heniz Bahry-Hazary,Goja Balkany,Awazany,Şagadamy gören dälsiň,olarda hem
şeýle täsinlikler sanardan kändir.Ine,şular Çendir dagy,hol gaýrada hellewläp görünýän
Soňy dagy,günbatardaky Hazar dagydyr.
–Ýaşuly jan,asyl siz Kerim şahyryň ýazmagynda,Döwletgeldi Ökdüriň sazyny döredip
aýdym edip aýtmagyndaky”Pyragyny gören daglara”meni getiripsiňiz-dä?!Men muňa
örän minnetdar,sag boluň,ýaşyňyz uzak bolsun!-diýip,Altymyrat uzyn boýly,peşeneli ak
sakgally,ak silkme telpekli ýaşulynyň elini gysdy.Şol wagt maşyndaky radio-da zehinli
bagşynyň ýakymly sesi eşidildi.
Her kemeriň her bir ýoly,
Müň asyryň ömür ýoly.
Magtymgulyň şygry ýaly,
Kökün ýere uran daglar.
Daşyňyzdan aýlanaýyn,
Da-şyňyzdan aýlanaýyn.
Başyňyzdan aýlanaýyn,
Pyragyny gören daglar...
–Men Döwletgeldi bagşynyň ähli aýdymlaryny halaýan,ýöne şu aýdymy bilen
“Deňiz guşumyny” “Sumbaryň naryny”welin tolgunman diňläp bilemok-diýip,Altymyrat
başyny ýaýkady.-Soňky aýdymynda ol Garrygala daglaryny,kert-kert kemerlerini,belent
başly çynarlaryny,al ýaňakly enaryny,durnaň gözi ýaly dury suwly çeşmelerini
taryplaýar.Haçanda ol taryplamalary öz gözüň bilen göreniňde onuň edýän täsiri başgaça
bolar ekeni.
–Hawa,Sahy Jepbar Döwletgeldini on sany ilhalar aýdym-sazy döredip bilýän
bagşylaryň Hally bagşy,Magtymguly Garly,Girman bagşy,Gurt Ýakup,Oraz Salyp,Nobat
bagşy,Palta bagşy,Öre şyh,Gazak Gara ýaly bagşylaryň hataryna goşdy.Onuň döreden
aýdymlarynyň sany on sekize golaýlaýar,özem hersiniň aýratyn bir döreýiş taryhy bar.Ol
barada näçe gürrüň etseň az.Wagt gijigip barýar.Garaňky düşmänkä mekana golaýlaşalydiýip,goja maşynyna atlandy.
Hawa,Altymyrat heniz beýle täsinligi görmändi.Hut şol sebäpli hem Täçmuhammet
aga öwran-öwran minnetdarlygyny bildirip,onuň bilen hoşlaşdy.Bir adama ýagşylyk
etseň ol saňa artygy bilen gaýtarar ekeni...
Sportçy bolsaňam günüň saparda geçmelidi.Ol ilki baş aý gulluk etdi,iki aý ýaryşda
boldy,ondan gelip iki aý gulluk etdi,indem näçe aý saparda boljagy belli däldi...
Perwouralskiý şäherinde.
Aşgabatda iki aý türgenleşik geçen Altymyrat fewral aýynda Perwouralskiý
şäherine ugrady.Onuň ýanynda ildeşi,sakarçägeli Oleg Komlew we tälimçi Abramýan
66
bardy.Özara gürrüňçilikde,Oleg tälimçi Orazberdi Orazdurdyýewi ýatlady.Orazberdi
ştanga ilki aýak basan türgeniň yhlasyndan,hereketinden,özüni alyp barşyndan nähili
sportsmen bolup ýetişjegini bilýardi.Şol sebäpli bolsa gerek,köp sanly oglanlaryň içinden
ol diňe şu ikisini saýlap,sport mekdebine ugradypdy.Iki ýylyň içinde olara ştanga
götermegiň inçe usullaryny,syrlaryny öwredipdi.Onuň iň esasy talaby tizlik.”Ştanganyň
ýanyna baryp ýaýdanyp durman,çalt almaly,hereket etmeli,şonda endamyňa agram
düşmeýär”Ine, onuň iň esasy talaby.Ol hakykatdan hem kiçigöwün,ýokary ussatlyga
ýeten tälimçidi,dört ýyllap ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň agyr atletika boýunça baş
tälimçisi,SSSR-iň 22 şäherinde çykyş edip,ştanga götermekde dördünji orna mynasyp
bolupdy.Onuň hem ilkinji tälimçisi Abramýandy.Abramýanyň tälim beriş usuly hem
öwgä mynasypdy.Ol barada dürly gazet-jurnallarda köp makalalar ýazylypdy.Bitiren
hyzmatlaryny göz öňüne tutup,oňa SSSR-iň at gazanan tälimçisi diýen hormatly at hem
dakylypdy...
Ine,häzirem, çaý içişlikden soň,Abramýan oturgyja kellesini goýup gyşardy.Uçaryň
käte çaýkanyp,eşidilýän dyngysyz güwwüldisi edil sallançakda üwrelýän ýaly,täsirini
ýetirýärdi.Altymyradyň hem gözleri ýumylyp barýardy.Ol şeýle saparlary halamasada,islese-islemese gitmeli bolýardy.Nirede bolsa-da öýüni küýseýärdi.Oňa galsa ähli
ýaryşlary,öz dogduk mekanynda,obasynda,iň bolmanda onuň golaýynda giçirerdi.Şonda
kalby rahatlanjakdy,derisi giňejekdi,aşygy alçy gopjakdy.Ýöne,ol bolaýýarmy näme?Nirä
gitse,nirede bolsa mydama ejesi gözüniň öňünde,göresi gelip ýüregi eräp barýar.Onuň bu
ýagdaýy ejesini köp emenligi üçin bolsa gerek!Watanyny çaksyz söýýänliginden
bolmagam ahmal.Öz ýeňişiniň şanyna ýaňlanýan döwlet gimniniň ýany bilen aýdyma
gygyrmasy hem şonuň şaýady.Ony başga näme bilen düşündirjek?...Ine,häzirem ol
ejesini ýatlap,uklap bilenok.Oleg oňa ejem ogly diýjek bolýar.Ýok,ol beýle däl.Ol öz
duýgusyny düşündirip bilenok. Oleg bolsa häzir elindäki bölejik kagyzy bir däl,iki-üç
okap oňanok,gaýtalap-gaýtalap ýene okaýar,yzyndanam haty bagryna basyp,gözüni
ýumýarda,başyny ýaýkaýar.Edil kellesi üýtgän Çary däli kakasy ýaly bolup...
–Bolup oturşyň nätüýsli?Böwregiň böküp dur-la, dost jan!?
-Söýýänim hat ýazypdyr...
–Ýazanda näme?
-Söýüşip gör,şonda bilersiň!
-Meni goşunyň tugy ganatlandyrýar,sebäbi men gullukda-diýip,Altymyrat jogap
berdi.
–Söýmek-söýülmek hukugy saňa bagly däl.Onuň girdabyna düşeniňde bilersiň,bir
gün... Sen näme,”Leýli-Mejnuny”,”Zöhre-Tahyry”,”Şasenem-Garyby” okamadyň-my?
-Her bir türkmen çagasy dessanlary bilmese bolmaz ahyr,dost jan.
–Menem olary okadym-diýip,Oleg janykdy- Dessanlarda gyz-gelinleriň
gözelliklerini wasp etmeklik aýratyn ýokary derejä göterilipdir,söýgi-takdyryň howaýy
salgymy hökmünde görkezilipdir hem-de bir-birinden aýra düşen aşyk-magşuklaryň
çekýän hasratlary,ahy-nalalary getirilipdir.Ýöne aşyk-magşuklar köplenç birek-birekden
aýra düşýärler.
–Durmuşda şeýle zatlar bar.Obada bir gyzy söýen ýigidine bermediler.
–Alty,sen söýüp gördüňmi?
-Ýok,heniz!-diýip,ol gyzardy.
–Onda ýaşan ömrüň haýp!
-Men ýaňy on dokuz ýaşa aýak basdym,dost jan...Ýöne...Ýöne,bir gyza güljagaz
sowgad-a berdim.Arada oba baranym-da.
67
–Näme ony dostuňdan gizleýäň?Gürrüň ber-dä,how!?
-Etrapdaky türgenleşik geçýän ýerimize oglanlary göreýin diýip bardym.Daşarda
durus welin,üç-dört sany gyz mekdepden gelýär,Garýagdy kakamam ýanymda,keýpem
kök...Ol ymaratyň öňünde,meýdançadaky gyzyl bägüliň birini ýolup,elime tutdurdy-da:
-Bar,şol barýan gyzlaryň öňdäkisine gowşur!-diýip,gitmejek bolsamam arkamdan
iteiäp ugratdy.Bardym-da, gyzyň ýüzüne hem oňly bakman:”Şuny agam saňa ber
diýdi”diýdim.
–Heý,ýagşam bir iş edipsiň.Agamdan däl,özümden diýmeli ekeniň-dä!Gül berýän
sen ahyryn!
-Aý,diýdim-dä,dost jan!
-Sen ony tanaýarmyň?
-Ýok,gören zadym däl.
-Zat däl ol,how,gyz,özem göwhere meňzeş gyz.Meniň guman edýän gyzym bolsa,
daşdan görüpdim.Biziň ýaşaýan ýerimizden günbatarrakda,etrap bankynyň golaýynda
ýaşaýan bolmaly.Sen ony soramadyňmy?
-Garýagdy kakam-a salgy berdi.
–Salgy beren bolsa anyklamaly ekeniň.Agzyňy öweldip ýörseň gyz tapmarsyň.
–Gyzy ejem tapar,dost jan. Maňa şol bolýar
–Indi näme,ata-babalaňky ýaly, gyzy görmän,zat etmän,ejeňe ynanyp öýlenäýjekmi?
-Ejem maňa erbet gyz alyp bermez-ä,dost jan!
-Olam-a dogry welim...Indi
oňa gül berjek bolanyňda:”Menden sowgat!”
diýgin,bolýamy!
-Bolýa,diýäýerim.
–Ýürekde söýgi ody tutaşmasa,ýokardaky dessanlara düşünip bilmersiň.Men on
ýaşymdakam rus dilinde ”Tristan we Izolda” atly bir Ýewropa romanyny okadym.Soň
“Leýli-Mejnuny” okanymda,bu iki eseriň arasyndaky meňzeşlige gaty geň
galdym.Türkmen dessany nire,Ýewropa nire.Asyl görlüp oturylsa,adamzadyň medeni
durmuşyndaky hadysalaryň ählisi bir-biri bilen nähili hem bolsa bir arabaglanyşyk
saklapdyr.Geň görünse-de,bu şeýle.Ýewropa bilen gatnaşygy bolmadyk türkmen klassik
şahyry Andalybyň döredijiligindäki dessanyň Uzak günbataryň medeniýeti bilen
galtaşmagy ony subut edýär.
–Dost jan,sen örän okumyş oglan!
-Maňa ýöne dost diýäý.Ors hem bolsam türkmen topragy,tebigaty,tagamy,terbiýesi
bilen türkmenleşdim.
–Bolýa,ors dost jan!...Gel,onda ýataly.Dogrusy,ýatjak bolaly.Ýerim üýtgese gözüme
çiş kakylan ýaly,meň-ä!Gör,Abramýanyň hor çekäýşini!
Oleg kellesini oturgyja goýan badyna uka gitdi,belki uklan däldir,ýöne uklan
boldy.Şol bada hem okan hatynyň täsiri bilen arzuwlan gözeli,Aýyň bir bölegi bolup,
gujagyna dolan ýaly boldy.Ol gözelini bagryna basdy,garaja saçlaryny sypalady,al
ýaňakdan öpdi,şonda beýhuş ediji üýtgeşik bir täsirli ys,ýaş gyzyň ysy onuň huşuny
aldy.Huşuny ýitiren adamyňam näme,hereketlerini özüňiz bilýäňiz.
Olegiň eli onuň dyzynyň üstüne düşende,Altymyrat:”Ukudaky adamdyrda,goý,goýsun!”diýenem bolsa,haçan-da ol dyzyň töweregini sypalap-sermeläp ugranda
oturyp bilmedi.
–Eý,dost jan,senem düýşüňde zaňňar Göroglynyň zenandyr diýip Kösäniň dulugyna
agyz urşy ýaly,dyzymy sypalaýarsyň-la!?Çek eliňi!-diýip,ol Olegiň böwrüne hürsekledi.
–Näme bold-aýt,uçar näsazlyk tapdymy?diýip,Oleg gözüni açman sorady.
68
–Sen näsazlyk tapdyň,dyzymy sypalap ugradyň.
–Sypalamda näme,ýagyň azalýarmy?Wah,ýaňy bir gowy düýş görüp,yşk oduna
ýanyp başlapdym weli...
–Ýansaň ýanyber,ýöne eliňi bir çek.
–Ganym gyzyp kelläme urýar,ýüzümem lowlaýar.Beýle dert itiňe-de degmesin
diýsene!
-Ahyry haýyrly bolsun,dost jan!Ýaňy-ýakynda bir dostum şular ýaly “ýoňa”
sataşdy-da,tarpa-taýyn gidiberdi.
–Goýsana how!-diýip,Oleg kellesini galdyryp,Altymyrada gazaply seretdi-Özüň bir
görmegeý,gelşikli oglan weli,agzyňdan çykýan sözler haýyrly däl.”Çykmadyk janda
umyt bar”diýleni.Kimiň öň gitjegi belli däl.
–Beýle sözleri aýtma-da,how,dost jan!
-Nädeýin,ýazzy maňlaýymda samsyklap otursaň...
Şol wagt uçardaky “perizadyň”,syratly sypaty göründi,ýakymly sesi çykdy:”Uçar
menzile golaýlaýar.Kemerleriňizi dakynyň!Howanyň sowuklygy 20 derejede.Ýyly
geýinmegi ýadyňyzdan çykarmaň”...
Olar Perwouralskiý şäheriniň “Gözýetim” myhmanhanasynda ýerleşdiler.Ýaryşyň
geçjek stadiony golaýjykda-dy.Abramýan kofe içip oturan Olege syrly bakdy-da:
-Keýpiň-ä ýok,Oleg jan!Näme,ýoňladyňmy?diýip,sorady.
Oleg hakykatdanam özüni onçakly sagat saýmaýardy.Agraslyk,ýadowlyk,ýaltalyk
basmyrlaýardy.Birki aýlykda degen dümew henizem doly aýrylyp gitmedik bolarly.Ýada ol başga zatdanmy-ka?Söýgülisi düýşüne girip ýatyp bilmändi ahyryn.Söýgi adamy
uçurýar,hyjuwlandyrýar,ganatlandyrýar diýse-de,şu gün-ä onuňky birhili...Her zatda
bolsa ol öz ýagdaýy barada dil ýarmandy,ýöne ýarmalydy.Abramýan onu onsuzam aňdy.
–Aý,ýatyb-a ýatdym welin,birhili ugrym ýok-diýip,Oleg jogap berdi.
–Wah, düýnki haty ýaryşdan soň saňa bermelidim,ýalňyşdym-diýip,Abramýan
başyny ýaýkady.
–Tolgunmaga esas ýok,dost jan,berk dur-diýip,Altymyrat ony köşeşdirdi.
Ertirlik nahardan soň olar stadiona bardylar.Şu gün ýaryş başlanýardy.Sportçylaryň
ýaryşa çykmaga garaşýan ýerinde gaýda gaýmalaşyk köpeldi.Ilkinji bolup,kiçi agramly
ştangaçylar ýaryşa başlamalydy.Zalda oturan sekiz müňe ýakyn tomaşaçy bolsa uly
agramda çykyş edýänlere tomaşa edesleri gelýärdi..Häzir göýäki bir resmi ýaryş dälde,adatdaky tälim alýanlara tomaşa edilýän ýalydy.Ýöne,haçan-da,sportçylar rekord
agramlary alyp ugranlarynda welin,goh-galmagal güýjäp,ýetjek derejesine ýetýärdi.
Altymyrat,52 kilogram agramda çykyş edýän Naum Süleýman ogluny,56 kilogram
agramda çykyş edýän Miligasýany gazanan ýeňişleri bilen gyzgyn gutlady,ýeneki
ýaryşlarda üstünlik arzuw etdi.Haçan-da 75 kilogram agramda çykyş etmelileriň ýaryşy
başlananda,diňe şondan soň ol eşik çykarylýan ýerde,oturgyçlaryň üstünde ýatan
ýerinden Abramýanyň ýanyna bardy.Abramýan Altymyradyň häsiýetine belet
bolansoň,oňa kän bir ony et,muny beýt diýip durmaýardy,sebäbi ol etjek işini gowy
bilýärdi,Olegiň welin ýanyndan aýrylman maslahatyny ýetirip durýardy.
Haçanda Altymyrat ilkinji synanyşygynda iki ýüz kilogram agramy goýmagy
soranda,Abramýan birhili tisginip giden ýaly,ýüzüni öwürdi-de:”Alty jan,özüň gowy
bilýänsiň,ýöne men saňa 190 kilogramdan başlamagy maslahat berrýärin,eger muny alyp
bilmeseň yza gaýtma ýokdur!” diýip,maslahat berdi.Emma Altymyrat sesini
çykarmady,ýogam,boram diýmedi.Ştanga şol agramda hem goýuldy.
69
Göterilmeli ştanga mata sahnajygyň aňyrsynda,tomaşaçylaryň öňünde,adatdan
daşary yşyklandyrylan meýdançanyň ortasynda dur.Oňa barmak üçin on bäş ädim
ädäýmeli.Emma çagyrylanlygyna garamazdan Altymyrat,şar gara saçly başyny aşak
egip,gozganman otyr.Zalda goh-galmagal hasam güýjäp ugranda Abramýan:”Alty
jan,wagtyň boldy”diýip,oňa duýduryş berdi.Şondan soň ol uludan demini aldy-da,köp
sanly
tälimçileriň,bekewülleriň,lukmanlaryň,oýkalaýjylaryň
arasy
bilen
geçip,howlukman ýöräp ugrady.Olaryň nazarlary ortadaky ştanga gönükdirilendi.Näme
üçin diýeniňde,ştanganyň taryhynda heniz iň soňky almaly agramy ilkinji aljak bolan
ýokdy.Ine,meseläniň şu ýeri gyzyklydy.
Altymyrat on basgançak ýokardaky sahna çykdy-da, bir gyrada duran içi
magneziýaly dörtgyraň gapyrjagyň ýanyna bardy.Ondan hek ýaly ak garyndyny
alyp,gataňsy ellerine çaldy-da,sabyrsyzlyk bilen garaşýan köp sanly tomaşaçylaryň
gözleri bilen ugratmagynda baryp ştanga ýapyşdy.Sahnanyň aňyrsyndan:”Alty,seniň 15
sekunt wagtyň galdy”diýip,Abramýanyň sesi eşidildi.
Ol ştanganyň üstüne abanyp egildi-de,agasy Orazberdiniň:”Ştanganyň ýanyna
baraňsoň çalt hereket etmeli,ýaýdanyp durman götermeli” diýen sözlerini ýatlap,ukudan
oýanan ýaly bolup güýjüni jemledi.Zalda şeýle bir dym-dyrslyk höküm sürýärdi,hat-da
siňek uçsa eşidiljekdi.Tomaşaçylar heniz ady sory belli bolmadyk syratly oglanyň beýle
batyrgaý herekedini,demlerini alman synlaýardylar.
Ine,ştanga agramy ýok ýaly,ýöne ýuwaşlyk bilen ýokary galdy-da,Altymyradyň
kükreginde saklandy.Indi ony ýeňillik bilen ýokary galdyraýmak gerekdi.Iki ýüz
kilogramy galdyraýmak dilde aňsat, hawa, dilde aňsat.Ýöne ştanga ýokary
galdy.Altymyrat ony depesinde saklamaly wagtyndanam has artyk saklady...
–Wa-a-a!-diýen sesler zaly göçürere getirdi,el çarpyşmalar ondanam beter boldy,
”Berekella!Berekella!Berekella!” diýen sesleriň yzy gutarmady.Ony iki sapar sahna
çagyrdylar,üçünji gezek hem ...
–Seniň ýene iki gezek galdyrmaga hakyň bar.Agramy artdyrmakçymy?diýip,Abramýan ondan sorady.
–Ýok,Iki ýüz bolýar.Ol gowy san,şeýle dälmi,Oleg jan?-diýip,ol ýanynda duran
Olege ýüzlendi.Olam ony mähir bilen gutlady-da:
-Iki ýüz- iki ýüz bolarda,gardaş!-diýip,jogap berdi.
Altymyrat ştanga götermegiň iki görnüşi boýunça 355 kilogram alyp,öz agramy
boýunça ýaryşda birinji orny eýeledi we altyn medala mynasyp boldy.Ol 155 kilogram
agramy hem özüniň ilkinji synanyşygynda almagy başardy.Oleg Komlew Sergeý Li
bilen ýaryşdy.Altymyrat:”Sen dördünji orna çykýarsyň,ýöne gaýga batma!”diýip,Olegi
soňky synanyşyga ugratdy.Abramýanyň çaky hem şeýleräkdi. Oleg bolgarýaly,ukrainaly
sportçylardan yza galyp,öz agramy boýunça dördünji orna çykdy.Şonda-da,Abramýan
ýagşydan ýamandan oňa hiç zat diýmedi.Sportda her hili ýagdaýlar bolýardy ahyryn.
–Şowsuzlyga uçradym diýip gaýga batma!Bu bolýan zatlar.Arkaýyn dynç al,gowy
taýýarlan.Nesip bolsa indiki ýaryşlarda senden öňe geçen bolmaz-diýip,Altymyrat ony
köşeşdirdi.
Myhmanhananyň naharhanasynda,ýaryşa bagyşlanyp geçirilen duşuşykda, gazetdirradionyň habarçylary Altymyradyň daşyna ýygnandylar.
–Beýle batyrgaý üstünlik gazanmagyň syrlary nirede?-diýip,bir habarçy sorady.
–Ony tälimçim gowy bilýär-diýip,Altymyrat Abramýany görkezdi.Kim näme sorag
berse-de, ol diňe şu jogaby berdi.Duşuşygyň ahyrlarynda germaniýaly bir habarçy
Altymyradyň üstünligini gutlap şeýle diýdi:
70
-Seniň ynamly ýeňişiň german janköýerlerini diýseň guwandyrdy.Olar maňa jaň
edip goýanoklar.Magdeburg şäheriniň ýaşlar ýygyndy komandasynyň baş tälimçisi öz
ýurdunda çykyş edip bermegi senden haýyş edýär,öz toparynyň,seniň kömegiň bilen
ýokary derejä ýetjekdigine ynanýar.Ýol harjy bilen az owlak sowalgany öňünden
berýär.Ýaryş ýene bir hepdeden geçirilýär.
Altymyrat bu berilen soraga näme jogap berjegini bilmän,Abramýana seretdi.Olam
ýaýdanyp:
-Bilmedim-dä!Maslahatlaşyp görmeli,ýolbaşçylardan soramaly.Jogabyny soň aý
daýmasam-diýip,jogap berdi.
Dogrudanam,ol beýle meseleleri ýeke özi çözüp bilmeýärdi,ony Soýuzyň baş
tälimçisinden,ministrlikden soramalydy.
Nemes habarçysy
gelýänçä Altymyradyň
Germaniýa gitmek meselesi
çözüldi.Ol,jurnalistiň çagyryşy bolmanda-da,SSSR-iň ýaşlar ýygyndy komandasynyň baş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 09
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.