Latin

Topraga duwlanan ägirt - 12

Total number of words is 3792
Total number of unique words is 2214
30.1 of words are in the 2000 most common words
42.9 of words are in the 5000 most common words
51.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
munuň sebäbini ýerli ýolbaşçylardan däl,Soýuz ýolbaşçylardan gözlärdim.
–SSSR Soýuz Respublikalar,a az üns berýär diýjek bolýaňmy?
-Hawa, diýýärin.Ýurdumda degişli şertleriň ýoklugy zerarly men öz serişdämiň
hasabyna Krymda,Moskwada türgenleşik geçmeli bolýaryn,käte ençeme aýlap hem
bolmaly bolýaryn.Jogapkärli ýaryşlara gatnaşjak bolsaň ony etmeseňem bolanok.Ol
ýerlerde sportçy üçin ähli mümkünçilikler bar,oňat iýmit,häzirki zaman sport
merkezleriniň ençemesi,türgenleşige gerek bolan dürli enjamlar,saglygyňy dikeldiş
merkezleri,köp sanly myhmanhanalar bar.Şol sebäpli hem ukrain,rus sportçylary gowy
türgenleşik geçip,uly ýaryşlarda guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.Eger bu aýdylanlaryň
96
ondan biri bizde bolan bolsa men türkmenistandan çykmazdym.Bilýänsiňiz,türgenleşik
üçin öz ýurdyň howa şerti,iýmiti,tebigaty gerek,galyberse-de, türkmen öýdeçiliräk,oňamuňa gidip,ýurduny,dogan-garyndaşlaryny taşlap ýörenok.Şonda-da görşüňiz ýaly biziň
respublikamyzda ençeme dünýä,Ýewropa çempionlary bar.Beýle ýagdaý Soýuzyň
şäherlerinde,Ýewropanyň iri merkezlerinde hem ýok.
–Seni daşary ýurtlara çagyrypdyrlar diýip eşitdik.Şoňa düşündiriş beräýseň?!
-Hawa,maňa Germaniýada,Türkiýede çykyş etmegi,şertnama gol çekmegi
hödürlediler,emma göwnemedim.Olam,ýokarda agzan sebäplerime görä etmedim.
–Olar ägirt uly serişde hödürläpdirler ahyryn! Ýa, sport komiteti saňa olardanam
artyk töleýärmi?
-Dogrusy, men bular barada pikirlenmändirin.Ýaryşlardan Sport komiteti näçe
gazanýar,maňa onuň näçesi düşýär gyzyklanyp hem göremok.Näme berseler şonuň bilen
oňaýýan.
–Naumyň herekedine nähili garaýarsyň?Onuň Afinada bolan soňky agşamyna
gatnaşypsyň hem diýýärler.
- Men Afinada iki gezek,1988-nji ýylda ýetginjekler arasynda çykyş etdim,bu ýyl
bolsa ulularyň arasynda dünýä çempiony boldum.Men bu ýerde Naum bilen goňşy
ýaşadym,ikimiz hem SSSR-iň ýygyndy komandasynyň agzalary,ol öz agramynda
çempion boldy,menem öz agramymda.Indem gaçypdyr diýip eşitdim.Meniň pikirimçe
kimem bolsa biri onuň başyny aýlan bolmaly.Ol maňa“çempion bolanyňda hem berilýän
zat ýok,ýaşamak üçin şert döredilenok,gazananym Sport komitetiniň hasabyna girýär,
sport ýolbaşçylarynyň ekleýjisi bolasym gelenok”diýip,Naimyň ýaşaýyş şertini gürrüň
berdi.Bu ýerde Naumyň näderejede günäkärligini bilemok.Ol menden bir ýaş uly,akyl
berere ýagdaýym ýok.Her nämede bolsa baýlyk üçin Watanyňdan,dogangaryndaşlaryňdan ýüz öwürmek akyllylyk däl.Maňa hem şeýle teklip etdiler,emma
“Müsürde şa bolandan öz ilimde geda boljak”diýdim.
-Ol näme diýdigiň bolýar?Düşünmedik!
-Bizde,türkmenlerde şeýle atalar sözi bar,şony dile getirdim.Ýene bir aýtjak
zadym,Afinada men öz agramymdan bäş kilogramy aýyrmalydym.Naim bilen Naumy
bile görüp,bu ikisiniň nähilidir bir pirim gurjak bolýandyklaryny aňyp,uzakly gije ýatyp
bilmedim.”Naum komandamyzy taşlap gitse,gör,nähili biabraýlyk”diýip,iki egnime
agdarylyp,pikir etdim.Bütin komandamyzyň abraýy,borjy,jogapkärçilik duýgulary
gerdenimden basyp,ýagyr edýän ýalydy,has dogrusy aýagy duşakly malyň ýörejek bolşy
ýaly,pikirlerim hem garjaşykdy.Bilmedim,näme bolanyny,ertesi özümi çekip görsem
artyk agramym gaçan ekeni.Ýokardaky duýgularym ony kemeldendir,ýogsam şonça
agramy aýyrmak üçin özüňi näçe buga tutmaly,näçe iýmesiz-içmesiz zatlary bar diýip
pikirlendim...
–Sizde mekdep okuwçylary pagta ýygymyna sürýlýärmi?
–Gizläp nädeýin.Türgenleşige başlan ýyllarym,sagat ik-ä çenli mekdep,soň pagta
ýygym,agşamlaryna türgenleşik-halys surnugyp ýatýarsyň,ýöne şol günler ýadyňdan
çykanok.Şolary men hiç bir baýlyk bilen çalyşjak däl...
Jurnalistler bilen bolan bu duşuşykdan soň,Altymyrat tälimçisi Abramýan bilen
myhmanhana geldi.Olar ýol ugruna bu ýerde rus dilinde çap bolýan gazetleri satyn
aldylar.Olaryň köpüsinde Naumyň gaçyşy baradaky habarlar bardy.Altymyradyň okan
gazetleriniň käbirleriniň berýän habarlary şeýleräkdi...
ÝUPI agentligi habar berýär:”Hepdäniň ikinji güni ir sagat bäşde Afinadaky Türk
ilçihanasyna,56 kilogram agramda çykyş edip,iki gün mundan öň Afinada geçen ýaryşda
97
dünýä çempiony bolan 22 ýaşly bakuwly Naum Süleýmanow hem-de onuň tälimçisi we
owkalaýjysy Witaliý Stabrow gelip syýasy gaçalga soradylar.Bu barada ilçihananyň
wekili Orhan Tüng habar berdi.Ol Naumyň azerbeýjanly türklerdenligini aýtdy.Bu
habary Ankarada tassyk etdiler hem-de ikisiniň hem türk ilçihanasynda bardygyny
aýdyp,haçan Ankara ugradyljakdyklary barada habar bermedi.Türkiýanyň daşary işler
ministriniň orunbasary Farhat Ataman:”Syýasy gaçybatalga soranlaryň arzalaryna häzir
seredilýär”diýdi...
Frans-Press agentligi habar berýär:”Melburn,dekabr,1986.Süleýmanow, öz
agramynda dünýäniň iň güýçli ştangaçysy,bolgarýany terk edip,türklerden syýasy
gaçybatalga sorady”
Ýene şol agentlik:”Afina,sentýabr 1989.”Süleýmanow,56 kilogram agram boýunça
dünýäniň we Ýewropanyň çempiony,iki gün geçensoň Sowet ştangaçylarynyň toparyny
taşlap türk ilçihanasyndan gaçybatalga sorady..
Bu sözlerden ýalňyşlyk gözlemäň!Bular şol bir Süleýmanowlar däl,birinjisiniň ady
Naim,bolgarýada doglan türk,ikinjisiniň ady Naum,azerbeýjanda doglan türk.”Sen Naim
ýaly
türklere
gidesiň
gelenokmy?”diýip,onuň
ýeňişine
bagyşlanan
ýygnanyşykda,jurnalistleriň biri oýun edip sorady,onda ol:”Eger türkler haýyş etseler
“Hawa”diýerdim”diýip,degişme äheňde jogap berdi.Hemmeler bu jogabyň degişme
bolup galjagyna ynanýardylar.Ýöne geçen dynç alyş güni Maum uzak wagtyň
dowamynda Naimyň ýanynda gününi geçirdi.Hepdäniň ikinji güni bolsa türk
komandasynyň esasy ýolbaşçylary,ýaryşyň soňuna çenli galmaly bolsalaram,ýaryş
gutarmanka Afinany terk etdiler..”
“Sowetskiý Sport”gazeti,habarçy I.Obrazsow, Afinadan:”Haçan-da radio-telegörnüşiň
alyp baryjysy Sarkisýans bilen çempionatyň press merkezine gelenimizde,biz üçin diýseň
ýakymsyz habar garaşýardy.Ilki bolgar kärdeşlerimiz bize,” hepdäniň ikinji güni daň
bilen Naumyň öz tälimçisi bilen Sowet ştangistleriniň toparynyň ýaşaýan ýerini terk
edip,türk ilçihanasyndan syýasy gaçybatalga sorandyklaryny” habar berdiler.Ýöne bu
habar barlaga degişlidi.Onsoň men äm-säm galmajak bolup,Sowet toparynyň
ýolbaşçylaryna ýüz tutdym,ol ýerde bu habaryň dogrulygyny tassyk etselerem,metbugat
üçin ýörüte habar berilmedi.Edil şol ýerde birden maňa Naim pete-pet gabat
geläýmezmi.Men ondan:”Sen atdaşyň nirä ýitirim bolanyny bilýärmiň?”diýenimde, ol iki
elini musulman däbine görä kükregine goýup,Alladan ant içdi-de:”Menem edil sen
ýaly,bilýän zadym ýok “diýdi.Edil şol günem ýörüte uçary bilen onuň ýurduna
gidenligini habar berdiler...”
---3—
TAAS-yň habarçysy I.Sysoýewyň:”Naum gaçýarmyň? Gaçýarsyň!...”atly makalasy,
(”Sowetskiý Sport”gazeti,sentýabr,1989.Afina). “Turuwbaşdan boýnuma alaýyn,bu
makalany ýazmak maňa gaty agyr düşdi,sebäbi bary-ýogy iki gün mundan öň Afinada
geçýän 59-nji dünýä çempionatynyň geçişi baradaky habarlary ýaýradýan jurnalistler
bolup,biz Afinanyň etegindäki Glifada diýen ýerjagazda Sowet ştangaçylarynyň
üstünlikleriniň hatyrasyna ýaňlanýan SSSR-iň Gimnini dabara bilen diňläpdik.56
kilogram agramda komandamyz alty ýyl ýeňiş gazanyp bilmändi,bu gün bolsa Naumyň
ýeňişi bu agramda birinji orna çykarýanlygy üçin,biz Moskwada Goşun gullugyndaky bu
ýigidi örän gyzgyn garşyladyk.Biziň bu begenjimize ştanganyň bu görnüşi boýunça
janköýerleri,hasam Naumyň
dogduk mekany bolan Sumgaitly janköýerleri
98
goşulandyrlar.
Men Afinanyň gijeleriniň birinde bu şatlykly habary öz ýurduma ýetirmek üçin nähili
gyssananlygymy göz öňüme getirýärin.Bu ýaryşda Soýuzda ilkinji çempion bolan Naum
bilen
gürrüňdeş
bolanymda,
ol
bu
üstünligiň
gazanylmagynda
öz
janköýerlerine,tälimçisine minnetdarlygyny ýaňzytdy,komandanyň ýolbaşçysyna sag
bolsunyny ýetirdi.Göräýmäge ol muny çyn ýürekden diýýän ýalydy.Gelejekki
meýilnamalary hakda:”Azajyk dynç alanymdan soň,türgenleşige has ýakyn
girişjek”diýdi.Şol günüň ertesi men ýakymsyz habary eşiderin öýdüp ýatsam-tursam pikir
etmändim.”ANA” atly ýerli habar beriş bölümi bu habary ýaýradan-da,Afinadaky
toparyň
ýolbaşçysy
Porhomenko:”Süleýmanow
bize
ýakymsyz
sowgatjyk”taýýarlapdyr”!Biz dowamly türgenleşik geçirip,onuň üstünlik gazanmagy
üçin örän köp serişde çykardyk,öz çagamyz ýaly gowy görüp,elimiziň aýasynda
sakladyk,örän jogapkärli dünýä ýaryşyna ýol açdyk.Ýaryşyň ilkinji gününde üç agramda
çykyş eden ştangaçylaryň üçüsem ýeňiş gazandylar.Olary sylap,depämize täç etdik.Men
bir zada hiç düşünip bilemok,ol näme üçin hut çempion bolan gününiň ertesi şu ýürek
bulandyryjy herekedini etdi?Indi döwür üýtgedi,öňki demir derweze açyldy,ähtiýalanlyk
bilen gaçman degişli ýerlere ýüz tutanlygynda hem indi ony saklajak ýok ahyryn.Eger öz
watanyna söýgüsi gaçyp,duz iýen ýerine hyýanatçylyk edesi gelýäni çyny bolsa,ony
saklajak ýok!Ol köp sanly janköýerleriniň ýüzüni gyzartdy.Görýän welin,ýaş ýigitde
namys,wyjdan,ygrar diýlen düşünjeler ýok ýaly,eger bar bolanda bolsa az mukdarda
bolmaly.Sebäbi,Naumyň bu üstünligine biz özündenem beter begendik ahyryn.Emma
bolmady.Ol gaçyp gitdi diýip biz hapa bolmarys.Ol Watansyz oňup bilse biz onsuz
oňarys.Çempionat döwri onuň bu gödek herekedi komandanyň netijelerine täsir edip
bilmez.Şu günki Altymyrat Orazdurdyýewiň gazanan altyn medaly sözümiň
dogrulygynyň şaýatnamasydyr.Altymyradyň şu günki üstünligi biz üçin iki esse
ýakymly.Naumyň gaçan gününiň ertesi altyn medal alyp,biziň mümkinçiliklerimiziň
çäksizligini,şular ýaly ýaramaz hereketleriň komandanyň agzalaryna täsiriniň
ýetmeýänligini görkezdi,ýogsam,Naumyň bu herekedi komandanyň netijelerine täsirini
ýetirer diýenlerem tapyldy.Ýaşajyk çempion Altymyrat,gujurly,görmegeý,ýüzi nurana
türkmen ýigidi maňa öz tälimçi agasy Orazberdi barada,Sakarçägede geçen türgenleşik
barada,Ýewropanyň kubogyny almak üçin başlanjak ýaryş barada,obasy,onda özüne
sabyrsyzlyk bilen garaşýan ejesi,doganlary barada köp gürrüň berdi,özüniň indi sport
ussady diýen ady hem-de oňa degişli nyşany alyp biljekligine,uly sporty taşlamaly
bolanda-da,özüniň gününi görüp biljekligine ynamynyň barlygyny aýtdy.Sözüniň
arasynda Altymyrat türk ştangaçysy Naimyň Seul Olimpiadasynda gazanan ýeňişi üçin
edil ertekilerdäki ýaly uly baýlyga eýe bolandygyny ýaňzytdy.
Ýeri gelende bellemi zat,bolgarýanyň ýygyndy komandasynyň öňki agzasy Naim
Şalamanow bir günüň içinde türklerden gaçybatalga sorap,Naim Süleýman ogly adyny
aldy.Afinada geçirilýän häzirki ýaryşa ol daşynyň köp sanly goragçylary bilen,hususy
uçarynda geldi.Naumy Naimyň meslekdeşleriniň arasynda görenler bar.
–Men häzire çenli Şalamanowy-Süleýmanowy ýatlanymda gaharym gelýärdiýip,Bolgarýanyň baş tälimçisi Iwan Abadjiýew kellesini ýaýkaýar-Çynymy aýdaýyn,ol
bizden gaçan-da, diýseň agyr ýagdaýy başdan geçirdim.Häzirki ýaryşyň geçirilýäm
döwründe Naumyň Naimyň ýanyndan aýrylman ýörmegi ünsümi çekdi.Ýaş ştangaçynyň
tejribeli adam bilen dostlugyna düşünse bolar,ýöne onuň tejribe toplamak maksady bilen
ýaramaz adamyny saýlamagy indi düşnükli bolaýdy.Naumyň bu herekedine ygraryny
ýuwdan diýip baha bermesem başgaça baha berip bilemok...
99
Haçan-da,SSSR-iň gyzyl baýdagy asmana galanda biziň ählimizi tolgunma gurşap
alýar,begenýäs,gözümize ýaş aýlaýas.Häzirki,dünýäniň we Ýewropanyň täze çempiony
Altymyrat Orazdurdyýew hem hormatly birinji ýeriň basgançagynda durka gaty
tolgundy,begendi,gözüne ýaş aýlady.Onuň ýagdaýyna biz düşünýäris!Ol Watanyň tüýs
gerçek ogly.Belki,şeýle ajaýyp tolgundyryjy pursatlar üçinem sport dörändir?Biz bu ýaş
sportçynyň we beýlekileriň ýenede beýik-beýik ýeňişleriniň şaýady bolup,dünýäniň dürli
künjeklerinde SSSR-iň gimniniň ýaňlanjaklygynyň,baýdagynyň galdyryljaklygynyň
şaýady boljakdygymyza ynanýarys.Ýöne,sen Naum indi bu ajaýyp pursatlary başga
tarapdan-beýleki tarapdan seredersiň.Sen özüň bu ýoluňy saýladyň!...”
Altymyrat bu ýazgylary okanyndan soň,ýatýan jaýyndaky bar bolan ähli gazetlere
göz gezdirip çykdy.Okamaga,bilmäge,öwrenmäge bolan höwes onuň zandynda
bardy.Diňe bir onda däl,deň-duşlarynda,obanyň
ýaşuly neslinde-de bu “kesel”
ýörgünlidi.Okamaga gezek gelende oba oglanlary edil suwsan goýnuň suwa çozuşy
ýalydyr.Her gün atly,indi bolsa tigirli(welosipetli) gazet paýlaýan Sapar mütüniň gelerine
edil toýa garaşýan ýaly garaşylýardy.Obada gazet-jurnal almaýan hojalyk ýokdy.Nury
Muhadyň okumyş ogly Baýram Meskewde çykýan daşy gowy bezelen
“Ogonýok”,”Wokrug sweta” jurnallaryny alýamyş diýýärdiler.Ol şeýle bolmalydy,sebäbi
Sapar müti paýlamaly gazet-jurnallaryny göterip bilmän obany bäş-ä bölerdi ahyryn.Her
hojalyk almadym diýende günde iki-üç gazet alardy.Sapar müti:”Gazediňizi alyň!”
diýip,olary gapydan gütüledip taşlandan soň,geň-enaýy hereketler başlanýardy,her öýde
toý-baýramçylyk ýaly,her kim öz söýgüli gazedini ýa jurnalyny alyp,daşa-güneşde,ýa-da
işikdäki bagyň kölegesinde okamak bilen bolar.Işe gidýänler işden gelip,gazet
sorarlar,oňa göz gezdirip çykmasalar naharyna hem oturmazlar.Dokuz çagany ýetişdirýän
Oguldurdy daýzada,olaryň iýjek-içjegini zordan tapýan bolsa-da,etrapda çykýan
“Hakykat” gazedini we “Ýaşlyk”jurnalyny alýardy. Boýy keltejik,iglije bolany üçin müti
lakamy alan Sapara tabşyrýandyrlaram welin,heniz onuň gazetleri paýlamadyk günini hiç
kim ýadyna düşürmez,tigiri döwülse eşekli paýlar,emma gazet wagtynda geler.Ýetmiş
ýyllap adamlara bilim-sowat öwretmekdäki bu beýik aladasyny,başga hiç bir zat bilen
deňäp bolmajak aladasyny “ezilmek”diýip düşünmeklik gelşiksiz görünýärdi...
Altymyrat Afinada bolan bir hepdesiniň dowamynda ine, şulary ýatlady.Oňa bu ýeriň
gyzyla çaýylan, surat ýaly otaglaryndan, özüniň pessejik çig kerpiçli jaýy eý
göründi,sygyr ýatakdan,eşek ýatakdan,düýe ýatakdan,ýorunja orulandaky ýa ýer
agdarylandaky çykýan yslar oňa ýetenokdy.Esasy ýetmeýän zady –ejesidi.Onuň ejesini
gowy görşi hiç zat bilen deňär ýaly däldi.Ejesi hem dokuz çaganyň içinde ony gowy
görýärdi.Dogry,Orazdurdy aga,çagalary alada-ünjüsiz ýaşar ýaly,güzeran-yrsgallaryny
doly üpjün edipdi.Emma,dünýäsini täzelemegi bilen,aýalynyň ýeke özüniň dokuz çaga
hossarlyk,penakärlik etmeli boljagy,hakydaňa getirer ýaly däldi,ýöne,nätsin,muňa
durmuş diýýärdiler.Indi uly ogly Tirkiş onuň maslahatçysy,mydary.Ol käte
gelip:”Eje,halyň niçikdir?” diýip,ýagdaýyny sorap gider,soň Kakajan geler,soň
beýlekiler.Çagalarynyň hemmesi hem eje diýişip,ölüşip ýatyrlar,hemmesi hem oňa
eziz,mähriban.Emma käte Bäşimi:”Eje, sen menden Altyny gowy görýärsiň”diýäýmesi
bar,şonda ol:”Heý-de ene öz bagryndan önen çagalaryny tapawutlandyrarmy!?” diýsyde,Altymyrady ýatlanynda ejizläberýär.Şu ýagdaýam Bäşimiň ýokarky sözi diline
getirmegine sebäp bolýar.Ýöne Bäşimiň gepinde hem maňyz ýok däl.Onuň altynjy
çagasyny has-da gowy görmeginiň düýpli sebäbi bar.Jan ýaly ýanýoldaşynyň ýerini
täzelemigi iki aýlyk çaga erbet täsir etdi,tasdanam ol göwresinden aýrylypdy.Ajy
aýralyk çaga aladasyny ýadyndan çykaraňkyrlapdy.Ýas-ýas ýeride gerekdi,ýöne dogjak
100
çaganyň dünýä inmegi üçin hem eneden edilýän talaplar berjaý edilmelidi.Ol ýok ýerinde
çaga göwräni wagtyndan öň terk etmek bilen bolýardy.
Ýagdaý soňky nokadyna ýetende,çagajyk enäniň düýşüne girip:”Eje,meni ýadyňdan
çykarma!”diýip,ýalbarýar.Galmazmyň onsoň iki oduň arasynda.Bir ýandan adamsynyň
ýasyny ýas ýaly berjaý etmeli,gelenleriň ýanynda aglamaly,eňremeli,”pylanynyň aýaly
pylan hili” diýdirmeli däl,ikinji tarapdan çaganyň sagdynlygyna zeper ýetmez ýaly
hereket etmeli.Ene,ikinji tarapa ýykgyn edip,altynjy çagasyny dünýä inderdi.Gara
gözlüje,buýra saçlyja,mähirlije,ýöne,ajy aýralygyň täsirine düşüp iglän çagasyny bagryna
basanda,”heniz dünýä inmedik jigerbendine” tasdanam kast etmeli bolandygyna öz
ýanyndan müýnürgedi.Ýöne, Hudaýyň gudraty bilen,göwsüne adatdan daşary süýdüň
inmegi,çagaň sagdyn ösüp ulalmagy üçin döräýen bir zatdy.Ene çagasyny alty ýaşa çenli
emdirip,iglilikden gowy saplap bildi.Rahmanberdi aga:”Hudaýyň özi,ähli zada ýetişip
bilmeýänligi üçin enäni döredipdir.Dünýäde dört zenanyň şöhraty ebedi sönmezdir,olar
Asiýa,Musa döwründe ýaşan Firawyň aýaly,Merýem-Isa pygamberiň ejesi,HatyjaPygamberimiziň aýaly,Patma-pygamberimiziň gyzydyr,şolaryň bäşinjisi Oguldurdy
bolmaly”diýip,ýönelige aýdmaýar ahyryn.Ol dogrudyr,belki, ýokarky sebäpler üçinem
ejesi körpe ogluny beýlekilerden gowy görýändir?!...
Altymyrat ejesiniň gürrüň beren bu wakalaryny ýatlanda, hasam, ýüregy gysyp,bir
ýerde karar tapman,girip-çykyp,nazaryny ýola dikip,gussa gaplanyp otyr.Şeýle ýagdaýda
Abramýan gelip:”Bilýän,ejeňi göresiň gelýändir.Gaýrat et,erte ugraýarys!Aşgabada
barşyňa öýüňe gidersiň”diýip,maslahat berdi...
Altymyrat soňky gije uklap bilmedi,nähilidir bir ajy habara garaşýan ýaly
aljyrady.Kimdir biri gelip,ýakymsyz,gaýgyly habary getirjek bolýan ýalydy.Emma habar
gelmeýärdi.Kalbyna aralaşan bu birahatlygyň nämedigini doly aňlap bilmese-de,onuň
ejesi bilen baglydygyny syzdy.Şeýdip uklap galdy...
Dýşünde rjesi tapçanda,bir adam bilen üzüm iýip otyr.
–Eje jan,ol kim?-diýip,Altymyrat soraýar.
–Ol kakaň,balam jan! Tanamadyňmy?
-Ýok,eje jan.Men ol öleninden soň dünýä inipdirin...Kaka jan,gel,seniň bilen gowja
görüşeýin!?
-Görüşme,balam,onuň elem,ýüregem ýaraly-diýip,ejesi gamgyn seslendi-Kakaň
Garýagdy kakaňy,Kakajan kakaňy gündelik görüp dursa-da,ýalňyzlykdan ejir
çekýär,manysyz geçýän ömründen zeýrenýär.Maňa “Ody,gideli,aýralygy bile
çekeli”diýýär.Menem “bolýa”diýäýdim-dä,jan balam!
-Eje jan,meni taşlap gitme!Gitseň men nädeýin!?-diýip,Altymyrat iniňi
jümşülledýän erbet sesi bilen aglady.
–Aglama!Aglasaň men-ä sowuk tünegime gidäýjek!-diýip,kakasy seňrigini
ýygryp,kibtini gysyp ýerinden turýar.Ejesi hem tarsa galyp,käte garanjaklap, günbatara
tarap ýeňsesini tüňňerdip barýan kakasynyň yzy bilen ylgaýar.
Altymyrat muňa çydaman,ejesini alyp galjak bolýar,emma aýaklary diýen
edenok,gymyldap hem bilenok .Öwran-öwran synanýar,bolanok,onsoň erbet aglaýar...
Oz oýansa iki aýagy diwanyň bir ýerine sokulyp galypdyr,özem gara der...
---4--Bu ýakymsyz duýgulara gaplanan Altymyrat Aşgabada nädip gelenini bilmedi.Ol
gelşine öýüne hyýallandy,emma ýaşar ýaly jaýyň,täze maşynyň berilýänligini Ýokary
101
ýolbaşçynyň duşuşmak isleýänligini aýdyp, sakladylar.Bu gezek jaýyň açaryny däl, özüni
berdiler,GAZ-24 maşyny meýdança getirip goýdular,ýolbaşçy bilen duşuşdy.Bular iki
güne çekdi.Şol iki gün hepdä döndi ýüregi ejesine,obasyna ýetsem diýip,talwas urup
goýmady.Ol mydama-da şeýledi,ýöne, soňky günler has üýtgeşik.Wah,ol öňňün,gelen
güni gitjekdi, jaý,maşyn ara düşdi-de...Dogrusy,ol bu zatlara begenäýjek ýaly,emma
begenmek nire,zat nire.Asla zat gözüne görünmese nätjek!...”Ejem ýaranok” diýlen
ýakymsyz habara derek:”Täzeje maşyny ejemize görkezeli”diýip,agasy Bäşim iki ýana
zowzullaýar,ýakymsyz habary aýtmaga dili öwrülenok,bogny ysanok,gaýtam:”Muny
görse ejem nähili begener”diýip,inisiniň göwnüni awlajak bolýar.
–Täze maşyn,täze jaý berdiler,begenäýjek,guwanaýjak ýaly,agam jan.Emma,
göwnüme bolmasa,birhili, hiç haçan dolanyp gelmejek bir ezizim daşlaşyp barýan ýaly...
–Alty,o näme diýdigiň boldy?Agzyňdan haýyr aç!-diýse-de,Bäşim inisiniň
duýgurlygyna haýran galdy.Ol heniz aýdylmadyk habary aňýardy,bilýän ýalydy.
–Wah,haýyr
açjak-la,agam
jan,nädeýin,ýürek
ýarylyp
barýar.Iki
agamyzy,Çaryýary,Kakajany ýitirdik..Olary ýatlaýaň weli...Näme maşyny haýal
sürýärsiň?Ilki Ors bazaryna sowul,ejeme bir gujak gyzyl bagül aljak!
Altymyrat bazardan altmyş sany terje bägülleri alyp,daşyny owadan bir,kümüşsöw
kagyzlara dolatdy,üç litrlik çüýşe gaba suw guýduryp,gülleri oňa oturtdy,soňam ony
maşynyň yzyndaky agaç gapyrjaga mäkäm saldy-da,gelip maşynyň öňüne atlandy.
–A-na,indi göni öýe gidip bilersiň,agam jan.Özem, birneme çaltyrak sür!
–Aý,täzeje maşyn,apkatka geçmeli...
–Sür,gatyrak,agam jan,ýüregim agzymdan çykyp gelýär!
-Näm-ä gyssanýarsyň-aýt?!
-Ejemi göresim gelýär!-diýip,Altymyrat aglaýjak boldy.
–Meňem ony göresin gelýär-diýip,bokurdagy dolan Bäşim zordan jogap berdi.
–Agam jan,bilýäň-ä,onuň galjaňlygyny?”Ynha geler”diýip,ýolumyza garap
durandyr.Oturyp-da bilmez,ýatyp-da...
–Hawa,ol-a dogry.Men käte oglanlar bilen oýna gyzyp,ýarygijeler öýe gelýän
weli,gapyň agzynda garaşyp durandyr:”Oguljygym,geläýdiňmi?”diýip...
–Agam,näme gözüňi süpürýärsiň?-diýip,Altymyrat sorady.
–Aý,göze bir zad-a gaçdy!-diýip,Bäşim gözüniň ýaşyny süpürdi.
–Öň bilemokdym,indi bolsa...Indi men agam, ejemiň yssy sözlerine
suwsaýaryn...”Dawudym,balam jan”diýer weli,dünýäň giňäp gider.Urşa giden
adamsynyň ojagyny ýalňyz saklap oturan goňşymyz ýogalanda:”Wah,perzent hözürini
görmänjik gitdi-dä.Oňa derek meni alan bolsadyň,Hudaý-jan!”diýip,aglapdy,maňada:”Gönezligiň halallykdan-dyr,şony ýadyňdan çykarmagyn!”diýip sargardy.Men onuň
manysyna düşünemokdym,indi düşünýän...
–Hawa,işden
ýadap
gelseň,ýa
bir
ýeriň
agyrsa:”Janyň
bir
sagmy,köşek!”diýip,maňlaýyňy ellär weli,ähli derdiň ýok bolýandyr...
–Gatyrak sür diýýän-ä,agam saňa!-diýip,Altymyrat ýene seslendi.
–O-how,howa sowuk,doňaklyk.Häzir bolmasaň bolanok-diýip,Bäşim her näçe
sypalak etse-de,badyny birneme gataltmaly boldy.Ýogsam,Moskwadan,goranmak
ministrliginden ýörüte jaň gelip,Altymyrada jaýyň, maşynyň hökmany suratda berilmeli
edilenligini,bu habary eşidenden bäri ejesiniň ençeme gezek ýola çykanlylyny Bäşim
bilýärdi.Ýüregi agyrly ejesine sowuk howa çykmak,galyberse-de, aşa tolgunmak
bolmaýardy...
102
–Be,agam jan,beýle karar ýokardan berilipdir diýsene!?-diýip,Altymyrat başyny
ýaýkady-Men bolsa bu Ýokary Ýolbaşçymyzyň islegi bilen edilýändir öýdüpdim...
Her zatda bolsa ömründe, bolsady edeniňde-de artyk zady tama etmejek bu wakaýokary ýolbaşçylar bilen duşuşygy bolupdy.Hökümet başlygy özüniň juda
janypkeş,hoşgylow,mähirli tarapyny görkezdi,pälwanyň üstünliklerine ýokary baha
berdi.Altymyradyň
özüni mertebeli alyp barmagy,gazanan üstünliginiň
belentligi,ajaýyplygy,SSSR döwründe ady-sory bilinmeýän Türkmenistany özüniň
ajaýyp ýeňişi bilen dünýä jar etmegi ony gyzyklandyran bolsa gerek,sebäbi ol:”Ogul,saňa
jaý,maşyn bererler.Öňüňde ähli gapylar açykdyr”diýip,ony hoşamaý ugradypdy.Munuň
özi diňe ýokarkynyň buýrugy boýunça hereket edýän beýleki ýolbaşçylar bilen onuň
gatnaşygyna
amatly
täsirini
ýetiripdi.Hökümdar
ýyly
söz
berdi,gowy
garşylady,diýmek,hemmeler ony hoşamaý kabul eder,gazet-jurnallaryň hem gözüne
iler.Altymyrat üçin bu geň-taňlyk däl,ol soňky döwrüň adamlarynyň pylan zady et
diýmeseň jogapkärçiligi boýnuna alyp özbaşdak hereket edmeýänligini bilýär,ýöne
habarçylar,jurnalistler welin,şondan soň kimiň-kimligini tanan ýaly,onuň ajaýyp
üstünlikleriniň derejesine ýaňy göz ýetiren ýaly, öz ilinde atsyz-sorsuz ýigidiň
edermenligini taryplap başladylar.Şeýlelikde, islendik gowy başlangyja badak urmaga
endik eden ýolbaşçylar(gynansagam beýle ýagdaý bize endik bolupdyr)öz hereketlerini
birneme gowşatdylar.Şondan soň pälwanyň görkezen ägirtliginiň hakyky ölçegini,nurana
ýüzüni wasp edýän makalalar, watanyň gazet-jurnallarynda çap edilmegine ýol
açyldy.Ýogsa, ýolbaşçylar, ýurdyň abraýyny,şan-şöhratyny belende göteren
gerçegi,ýokardan
buýruga
garaşman,
özleri
hem
sylaglap
bilýärdiler
ahyryn.Dogrusy,pälwana sylag derkar däl-di,gazanylýan at-abraýyň diňe bir onuňky
bolman,eýsem,bütin türkmen halkyna degişlidiginiň bilinmegi,özüniň bolsa adam
hökmünde mertebesiniň saklanmagy derkardy.Afina gitmekçi bolanlarynda, Kasapu-nyň
yzyndan Moldawiýanyň Ministrler Sowetiniň başlygy,Naumyň yzyndan Azerbeýjanyň
daşary işler bölüminiň jogapkär wekili,Werbanowyň yzyndan Bolgariýanyň
Moskwadaky ilçisi,ors toparynyň yzyndan ýokary döwlet işgäri Hasbulatow dagylar
gelip,dünýä ýaryşyna ugraýan ildeşleriniň hal-ýagdaýlary,gerek zatlary bilen
gyzyklandylar,üstünlik arzuw edip,ugradyp goýberdiler.Altymyrat bolsa,dogrusy,adam
sypaty bolmadyk ilçi Nurgylyjowdan beýle “hormata”asla-da garaşmaýardy,şondada,näme adam bir süýt emip ulalanda,olam ýurduň jogapkär adamlaryndan göwün
edipdi...
–Ejemiz-ä ýola çykyp garaşýandyr?
-Garaşýandyr,agam jan,öýe sygman daşarda,gözüni ýola dikip garaşýandyrdiýip,Altymyrat jogap berdi-Ejemiz biz üçin aňyrsy-bärsine göz ýetirip bolmajak
älem.Älem giňişlikdir,diýmek, ejemiz sag bolsa bizem şol giňişlikde sagsalamatdyrys.Magtymguly atamyz:
“Gudratyndan on sekiz älem ýaratdy,
Ýüz ýigrimi dört müň pygamber ötdi...”
diýip,älemiň hem on sekiz bölekden durýanlygyny ýaňzydypdyr...Ejemem
şeýle...Men ýedinji synpda okaýarkam düýş gördüm.Çölde gulan gabat geldi.Sarç maldyr
weli,gaçman gaýtam, ýanyma gelýär.Men oňa münüp asmana uçdum.Ýere gonmanam
oýandym.Muny ejeme gürrüň bersem:”Bu seniň gelejekki ýeňişleriň tymsaly. Kakaň
dana,pälwan
adamdy.Men
amanadyny
tabşyrýan
wagtynda-da
kakaň
ýanyndadym,bendäniň akyl-huşy ýerinde-di.Ol çagalaryna laýyk maslahatlary beripdi:
“ýagly-ýüzli iýjek bolsaň zehmet çekmelidir,her ýerde ýürekdeş,ygtybarly dost
103
tutunmalydyr,maşgalaň bilen ylalaşyp,mylakatly,agzybir ýaşamalydyr.Şulary çagalara
sargagyn.Beýlekiler-ä bilmedim weli,şu göwräňdäki çaga biziň ýitip barýan “Pälwan”
adymyzy dikeltse gerek!- diýipdi” diýip,ejem gürrüň beripdi...
Gije sagat birlerde olar esasy ýoldan sowulyp,gonamçylygyň gyrasy bilen oba
sowuldylar.Altymyrat maşyny sakla diýen ýaly yşarat etdi,maşyn durandyram
weli,özüniň bilýän dogalaryny okap,gonamçylykda ýatan merhumlara,ýakynlaryna aýattöwür etdi, maşynyň yzky gapyrjagyndaky gülleri ýanyna aldy.Ondanam öýlerine
barsa,başy telpekli adamlar gaýda gaýmalaşyk.
–Agam jan,bu adamlar kim?Näme olaryň ýüzleri salyk?Hany ejem?Näme ol bizi
garşylanok?-diýip,Altymyrat elewredi.
-Alty,ejem...Ejem-ä...!-diýip,Bäşim uzak ýoluň dowamynda kalbynda saklan
hasratyny çykardy-da,möňňürip goýberdi.Aşgabatdan gaýtjak bolup durka oňa: “Ejeň
ýagdaýy gowy däl,basymrajyk gaýdyň”diýip,habar edipdiler,emma ol ony içinde
saklapdy.
Altymyrat adamlaryň üýşmeleňini görüp,ejesi üçin niýetlän,kagyza dolangy gyzyl
bägülleri goltugyna salyp,merdem ädimleri bilen öýe ugrady.Ol heniz näme-nämäň bolup
geçenini doly aňşyrman,”Bägülleri ejeme sowgat bererin welin,gör,ol nähili
begener”diýýärdi,hat-da çaga ýylgyryşyny hem edip başlapdy.Emma öýe girjek bolanda
agasy
Orazberdi
ony
saklap:”Inim,sen
ýaş,ejemiň
ýüzüni
görseň
gorkarsyň,tisginersiň”diýip,öýe
goýbermejek
boldy,emma
agasy
Tirkişiň:”Goý,girsin,indi onuň sesi ýognaldi ahyryn”diýenini eşidip,gapydan
aýryldy.Almtymyrat, ejesiniň ýatyşyny görüp,saralan ýaprajyk kimin sandyrap gitdide,ýüzi ak-tam bolup,üstünden gaýnag suw guýylan ýaly tisgindi.Ejesiniň heniz açyk
gözleri:”Geldiňmi,balam!Men saňa kän garaşdym”diýýän ýalydy.
–Ejem saňa kän garaşdy,”öýe gir” diýsegem etmedi,sowuk howa, ýüregi
çydamady.Ýaňy jan berdi!-diýip,agasy Tirkiş ony hem gujaklady hem aglady.
Altymyradyň bagülleri ýere gaçyp, pytrap gitdi.Ol möňňürip aglaýardy hem:”Wah,gijä
galdym-da!Wah,ejem jany görüp bilmedim-dä!?”diýýärdi.Onuň göwnüne bolmasa
işiklerindäki baglar eýmenç güwwüldäp,mellekdäki beýleki agaçlaram şemal ýok
ýerinden hellewleşip,onuň depesinden basyp,daşarda ýazylan sowuk çägä ýykýan
ýalydy.Ýok ol daşarda däl,ejesiniň ýanynda dyzyna çöküp:
-Eje,eje jan,men geldim.Gürläý,mähribanym!Şujagaz elleriň bilen başymy
sypalaý,jana-janym!-diýip,aglady,ejesiniň buz ýaly eliniň üstüne elini goýdy.
–Ogullar,hany çykalyň.Adam ölende derrew onuň el-aýagyny ýerli ýerinde
goýmaly,ýogsam,gatap galsa kyn bolýar-diýdi-de, Rahmanberdi aga aýallary çagyryp,özi
bilen erkek göbeklini daşary alyp çykdy.Aýallar merhumyň aýagynyň başam
barmaklaryny,äňini daňdylar, otagyň düşegi syrylyp çäge dökülen ýerine emaý bilen
geçirtdiler-de,üstüni köneje ýaglyk blen basyryp,çagalary çagyrdylar.Altymyrat ortada
süýnüp ýatan ejesine syn edip,demi-demine ýetmän aglady.Ejesi pany dünýäň hesretşatlyklaryny ebedi zyňyp,has arkaýynlaşan,nurana ýüzi has gözelleşen görnüşdedi.Heniz ejesiniň beýle süýnüp,arkanlygyna arkaýyn ýatan gezegine duş gelmändi.Ol
mydama çep egniniň üstüne,aýagyna çenli basyrnyp ýatardy,ýatanda ýüzi mydama gapa
bakardy.Altymyrat pişik basyşyny edip jaýa girse-de,şol bada:”Geldiňmi,balam jan,çaýnan iýjekmi?”diýip sorardy.Onuň haçan ýatyp-turýanyny biljek gumanaň
ýokdy...Altymyrat bulary ýatlanda, bogazyna sygdygyndan gygyryp,bütin älemi
ýaňlandyryp aglasy gelýärdi,onam başarmaýardy...
104
Altymyrat agalary Tirkiş, Orazberdi,Bäşim dagy bylen, indi öz öýüne myhman
alynan ejesiniň başujuny saklap,gijäni geçirdi.Mundan ýigrimi ýyl ozal, kakasy
ýogalandan bäri çagalara hem kaka hem eje bolup gelen mähriban aýal bu gün tabytda
ýatyr.Kakaňy ýitirmegem gowy däl welin,ejeňi ýitirmek gaty erbet zat ekeni,ýüregiň
sogrulyp,göwräň boşap galana dönýäň ekeni,iň eziz,iň ýakyn,iň mähriban adamynyň
ýoklugyna hiç ynanasyň gelenokdy.Göwnüňe bomasa ýüzüne nur çaýylyp,indi hasam
gözelleşen ejesi ýerinden turup:”Jan balam,men ýatyp galaýypdyryn,geleniňem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 13
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.