Latin

Topraga duwlanan ägirt - 14

Total number of words is 3760
Total number of unique words is 2059
30.0 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
48.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
kesgitlese,haýwanlaryň hinleriniň agzyny kydla tarapa edip gazan ýylynyň gyşynyň
sowuk boljagyny aýdyp bilýärdi.Asyl gyşa ýakyn çöl haýwanlarynyň ählisiniň tüýi
galňap,reňkiniň üýtgeýänligini duýmaýan ekenik.Ol bolsa adamlaryň üýşen
ýerlerinde:”Adamlar,bu ýyl gyşdan gaty gorkmaň, tilkidir-şagallaryň reňkleri haýal
üýtgeýär”diýer.Haýran galaýmaly,şol ýylyň gyşy mylaýym geler.Ol bulary gürrüň berip
otyrka,eňegini sypan bolup,gözleriniň owasyny süpürerdi.Gojanyň kalbynda gopýan
harasadyň nämedigini anyk bilmese-de,onuň sözlerinden çen tutsaň,ynsapsyz,päliýaman
adamlar tarapyndan talaňa düşen tebigy gözelliklerimiziň düşen halyna ýürekden
gyýylýanlygy bildirýär.Her nämede bolsa ol özüne erk edip bilýän adamlaryň
hilindendi...
Altymyrat giçlik öýüne bardy.Ol Orazberdi,Bäşim dagy bilen otyrka ýanyna
Aýgözel gelip, garsa gujaklady-da,aglady.Olar aglaşdylar.
–Ejem janam gidiberdi-dä!-diýip,Aýgözel gözüniň ýaşyny syldy-Geçen ýyl ýaryşa
giden döwürleriň ejemiň ýagdaýyny soramaga gelipdim.Ejem süýjülik keselinden ejir
çelýärdi.Keseliň namardy ol.Begenmegem,gynanmagam bolanok.Seniň gazanan
üstünligiň habaryny eşidip begenipdir.”Birhili,ýüregim süýşen ýaly boldy-”diýýär.Şol
günler Tirkiş kakamam ýaraman ýatyrdy,ýapyk saraltma diýdilermi,nämemi.Ony
eşitdirmeli dälem weli,nätjek bolanokda.Şonda ol:”Kakaň bilen iki oglumyň ölümini
gördüm.Indi bir bagyr awusyny görkezmesin”diýip aglady...Nätjek,jigim,öleniň yzynda
ölüp bolanok!Ejem-ä gitdi,Alla janam ýetim galanyň öwezine saňa maşyn,jaý berdi.
–Baýlyk eliň kiri ýalydyr,eliňi ýuwarsyň,kir aýrylar.Meň gözüme maşynam,jaýam
görünenok,dogan jan!..Ýöne,aýal doganlarymdan ölünçäm razydyryn.Moskwada
113
türgenleşikde bolanymda,siz,aýal doganlarym, kolhoz işine gatnap,pagta ýygyp,gazanç
etdiňiz we gysganman maňa pul iberdiňiz.Ministrleriň ogullaryda mençe ýaşan
däldir.Aýal doganlarymyň janlary sag bolsun!Indiki ýaryşa gidip gelsem,enşalla,saňa bir
gowy jaý alyp berjek.Beýdip,kireýine ýaşap ýörmeziňiz ýaly...
–Alty jan,janyň sag bolsa,maňa şol besdir, zadyň gerek däl!
-Ejemiz biz üçin aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän älemdi,dünýä giňişligidi,dogan jan...
–Alty,ýoldaşym Baýram senden gaty razy,seni öwüp dilinden düşürenok.”Nirä barsa
onuň gapysy açyk.Onuň ady bilen baran ýeriňde islän zadyňy berip goýberýärler”diýýär.
–Maňa siz bagtly ýaşasaňyz bolýar,dogan jan.
–Men bagtly-diýip,Aýgözel jogap berdi-Ýöne,durmuşa çykanyma bäş ýyl bolsada,ejem Baýramy öýe getirmedi,”özüm halat-serpaýyny taýýarlap,çagyrýançam
gelmesin” diýdi.Käte raýona ýoly düşende ýanyma baraýsa-da:”Köreken gelmänkä
turaýyn”diýip,turmak
bilen
bolýardy,”Eje,bir
gijejik
ýatyp
gidäýmel-ä!?”
diýäýsemem:”Goýeweri gyz,toba,toba,hi körekeniň öýünde-de ýatyp bolarmy?Ile gürrüň
bolanymy isleýärmiň?”diýerdi.Umumanam,türkmençilikde näme üçindir, körekenler
halanmaýar.”Körekeni alamana iber,gelse-de peýdaň,gelmese-de”diýen aýtgy hem ony
tassyklaýar.Ejem türkmeniň bu däbini berk saklaýardy.Belki, söýüşip baranlygym
üçindir?
-Zyýany ýok,jigim.Ejem çagyrmadyk bolsa,körekeni biz çagyraýarys,dogry-da
walla.Bize sen bagtly bolsaň bolýar-diýip,Orazberdi ara goşuldy.
–Ýaňy aýtdym-a,men bagtly diýip.Bagtly bolmak üçin irginsiz zähmet
çekmeli,kynçylygy tutanýerlilik bilen ýeňmäni başarmaly,her gün ýagly-ýüzli iýjek
bolsaň maňlaý deriňi dökmeli,maşgalaň bilen ylalaşykly ýaşamaly.Muny ejem pahyr
aýdardy.Men onuň ýanynda soňky demine çenli boldum,amanadyny tabşyrýan
pursatynda-da,akyl-huşy ýerinde-di,pahyryň...-Aýgözel sakynyp,gözüniň ýaşyny syldyGoňşym maňa:”Daşyňdan synlaýan welin,sen gaty işeňňir gelin,hojalygyňy başam
barmagyňda aýlaýaň.Ýemreli gyzy-ha dälsiň-dä?”diýip,hojalygymyň tertipliligine syn
edip baha berdi.Men:”Diýmek,olar işeňňir bolmaly,şeýlemi?”diýip soradym.Ol
bolsa:”Men taryh mollymy.Taryhda:”Orta Aziýadaky general-gubernatoryň ýanyna birini
tutup getirseler:”Ýemreli türkmenimi?”diýip,sorar ekeni,sebäbi, olar öz diýenini
etdirýän,jöhütler ýaly ýörüte hasapda durýan il bolupdyrlar.Türkmenistanda ýaňyýakynlara çenli ýekeje harby mekdep ýokdur,sebäbi bu türkmenleriň aýratyn hasapda
durýanlygy üçindir.Ýemreli Akmyrat baý biziň ýurdumyzy harytdan dolduryp
ugranda:”Ony ýanyňa golaýlaşdyrma,ýeriňe dawa eder”diýip,Prezident bilen arasyna çöp
atdylar,ýogsam,onuň wezipe dawasy ýokdy ahyryn.
–Bermeli ýerinde bermeseň iş düzedip bolanok-diýip,häliden bäri sesini çykarman
oturan Bäşim dillendi.
–Beý diýme,agam jan!-diýip,Altymyrat garşy çykdy-Durmuş häzir Şamyrat kel
ýalylaryň peýdasyna işleýär.Berýän çaý puly hem gazanýandyr.
–Ynsaply ýaşasaň arkaýyn ýatyp turýarsyň.Şonda-da,käte goltugy bukjaly organ
işgärini göreniňde birhili aljyraberýärsiň.
–Doganjygym,ejem pahyr”ynsaply ýaşaber,bereket taparsyň”diýerdi--diýip,
Altymyrat Aýgözele mähir bilen garady...
Bu gün doganlar özara gürleşip,gije ýaryma çenli oturdylar...
Daniýa,Lipesk, agasy Tirkişiň ölümi.
114
---1-Ýylyň dowamynda geçirilýän sport ýaryşlarynyň sany sanardan köpdi.Olaryň
hemmesine gatnaşmaga Altymyradyň mümkinçiligi hem ýokdy.Diňe bir 1990-nji ýylda
geçirilen ýaryşlar barada ýatlasaň olar şu aşakdakylardan ybaratdy.Bu ýylyň mart aýynyň
2-4 aralygynda Tbilisi şäherinde SSSR-iň ýygyndy komandasynyň dalaşgärleriniň
“Kubok Drujby”atly ýaryşy geçirildi.Onda ýeňiş gazananlar Ýewropa çempionatynda
çykyş etmelidi.Ýöne bu ýaryşa Militosýan,Hrapatin ,Zaharewiç, Kurlowiç ýaly dünýä
belli ştangaçylar gatnaşmady.Olar Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçiriljek halkara
ýaryşa gatnaşmalydylar.
“Kubok Drujby” ýaryşynda 52 kg-da çykyş edýän Matewosýan,56 kg-da çykyş
edýän koreýaly Kim Zen Nam,75 kg-da çykyş edýän Kuznessow,82,5 kg-da çykyş edýän
Rubin dagy ýokary netije gazandylar.Melburun ýaryşynda bolsa öz agramlarynda çykyş
eden Militosýan,Hropatyý(SSSR),Amin(Müsür),Kunew (Bolgariýa) dagy gowy netijeleri
gazandylar.
Mart aýynyň 11-15 aralygynda 13 Soýuz respublikalardan 139 ştangaçy,Ýaşlaryň
arasynda Ýewropada geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Ijewskiý
şäherine ýygnandylar.Ýaryşyň bir aýratynlygy ýeňiş gazanan ştangaçylara “Olimp”atly
sport klubynyň ýörüte pul baýragy berilýärdi.Altymyrat hem Oleg Komlew bilen oňa
gatnaşmalydy,emme çalaja ýoňlap gidip bilmedi.Bu gezek ildeşlerimiz,82,5 kg-da çykyş
eden Komlew 362,5 kg göterip birinji orna,56 kg-da çykyş edýän Tursunmagambetow
255 kg göterip ikinji orna,60 kg-da çykyş edýän Tonýan 270 kg göteriň üçünji orna
mynasyp boldular.Guwanmaly zat bularyň üçüsiniň hem Türkmenistanly
bolmagydyr.Olar SSSR-iň ýaşlar ýygyndy komandasynyň baş tälimçisi O.Pisarewskiden
hormatly baýragy kabul etdiler. Ýaryşyň gyzykly ýeri taryhda ilkinji gezek oňa
Nowosibirskili Swetlana Adam diýen gyzyň gatnaşmagy boldy.Görkezen netijesi
onçakly bir ýokary bolmadsa-da,ol ýaryşyň gidişine özboluşly bir gyzyklanma döretdi.
Bu ýaryşdan soň Oleg Komlew Maltanyň La-Waleta şäherinde geçirilýän ýaşlaryň
arasyndaky 16-nji çempiponatyna gatnaşmak üçin,Moskwanyň etegindäki Podalskiý
şäherçesinde taýýarlyk görüp başlady.Soň ýaryşa gatnaşyp,öz agramynda dünýäniň
çemlpiony boldy.Onuň bilen giden ildeşimiz M.Şuwalow hem 60 kg-da çykyş
edip,çempion boldy.
Bular örän guwandyryjylykly,ýakymly wakalardy.
Aprel aýynyň 19-na,Moskwanyň sport klubynyň we federassiýasynyň aladasy bilen
weteran-ştangaçylaryň arasynda hem SSSR-de birinjiligi almak boýunça ýaryş
geçirildi.Gyzykly ýeri oňa 40 ýaşdan 67 ýaş aralykda ştangaçylaryň gatnaşmagydyr.Epesli ýyl geçenden soň köne garşydaşlar ýaňadan güýç synanyşdylar.Dogry,habarsyz
galyp,ençene
ýaşuly
ştanmgaçylar
gatnaşmadylar,şonda-da,ýaryş
gyzykly
geçdi.Türkmenstanly A.Saryýew 60 kg-da çykyş edip öz agramynda ikinji orny
eýeledi.Dünýäniň ençeme gezek çempionlary Şatow,Lopatin,Puşkarýow,Duganow,Kozin
dagy weteran ştangaçylary gadyrly garşyladylar we hormatly baýraklary gowşurdylar.
Dört günden soň,edil şu ýerde dünýäniň ilkinji çempiony Grigoriý Nowagyň
ýadygärligine bagyşlanan birinji Bütindünýä ýaryşy geçirildi,oňa Ruminiýa,Wengirýa,
Çehslowakiýa,Mongoliýadan we SSSR-den 92 ştangaçy gatnaşdy.Has tejribeli
sportçylaryň
Ýewropada
geçiriljek
çempionata
taýýarlyk
görýändiklerine
garamazdan,ýaryşyň netijeleri erbet bolmady.Mongol ştangaçylarynyň üçüsi öz milli
rekordlaryny täzelediler.Türkmenistanly A.Saryýew bu ýerde hem şowly çykyş etdi. Ýeri
gelende “Demir adam”adyny alan Nowak barada kelam agyz durup geçeliň.
115
Uly Sowet ensiklopediýasyn-da ýazylyşy ýaly,ol Ruslaryň at gazanan
artisti(1969ý),SSSR-iň
ilkinji
dünýä
çempiony(1946ý),SSSR-iň
on
gezek
çempiony,ýüzden gowrak dünýäniň we soýuzyň rekordyny täzelän adam.Ol barada
“Demir çagajyk”ady bilen dünýä metbugatynda köp ýazdylar.Ol ştanga-da şeýle bir köp
rekord täzeledi welin,onuň sany hem ýitdi,şol bir wagtda her rekordyň ägirt uly
üstünlikdigini ýadymyzdan çykardyk.Onuň gazanan üstünlikleri ştangaçy ençeme
nesilleriň ömrüne ýetjek.”Demir adam”,”Göteriji ýük
maşyny”,”Rekordlaryň
fabrikasy”,”Sowet Gerkulesi"...ýaly atlaryň sanyny näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly...
Daniýanyň Olberg şäherinde,maý aýynyň 14-15-lerine geçirilen Ýewropa
çempionaty esasan SSSR-iň we Bolgariýanyň ýygyndy komandalarynyň arasyndaky
çekeleşikli ýaryşlar esasynda dowam etdi.Bu çekeleşik indi ençeme ýyl bäri dowam
edýärdi we ýene näçe ýyl dowam etjegini bilip bolmaýardy.Her bir ýurdyň özboluşly bir
ştanga merkezi,özboluşly ýoly,däbi bardy.Topara ýaşlaryň gelip goşulmagy bolaýmaly
zatdy,şoňa taýýar bolunmalydy.Diňe bir ýaşlar däl,olaryň tälimçileri hem çalşyp
durýardy.Daniýada,meselem bolgarlaryň ýygyndy toparyna Nurikýan ýolbaşçylyk
etse,SSSR-iň toparyna Alekseýew ýolbaşçylyk edýärdi.Alekseýew öň tälimçilik
wezipesinde işlemändi.Daniýada onuň tälim beren sportçylary ilkinji synagdan
geçýärdiler.Ilkinji synag bolsa kynlyk bilen amala aşýardy.Şonda-da sportçylar 5 altyn,2
kümüş,2 bürünç medal gazanyp,4 altyn,2 kümüş,bir bürünç medal çazanan bolgar
toparyndan
üstün
çykdy.Umuman,Alekseýewiň
topary
ynamly
ýeňiş
gazandy.Diýmek,soňky ýyllarda tälimçilige bellenen Alekseýewiň alyp barýan ýolunyň
dogrulygy belli boldy.Sebäbi,toparyň düzümi ýaryşdan has öň täzelenip,türgenleşik
döwründe käte emele gelýän düşünişmezlikleriň aradan aýrylmagyna getirdi,şol bir
wagtda üç ýyl arakesmeden soň,aýratyn bil baglanýan Wladimir Kuznessowyň topara
dolanyp gelmegi,Sergeý Kopytowyň üstünligi,olimpiýa çempionlary Hrapatynyň we
Kurlowiçiň ýokary üstünlikleri,aýratyn hem 1989-nji ýylda Dünýäniň we Ýewropanyň
çempiony,75 kg agramda çykyş edýän,indi 82,5 kg çykyş eden Altymyrat
Orazdurdyýewiň täsin üstünligi,hersiniň öz agramynda hiç kimiň öňe geçmejekliginiň
güwäsi bolup hyzmat etdi...
Şu ýerde “Sowetskiý sport” gazetiniň 19.05.1990-ýylda çykan sanyndaky
S.Rodiçenkonyň “Afina,Olberg.Yzy..” atly makalasyndan bir jümle getirýäris.
“...Soýuzyň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýewiň ýüregi bir zatlary syzýan ýaly gürsgürs edip urýardy.Sebäbi öňde 82,5 kg agramda çykyş etjekleriň synagy bardy.Oňa
düşünse bolýardy.Dogry,Altymyrat Orazdurdyýew diýseň güýçli,garadan gaýtmaz
sportçy.Geçen ýyl ol dünýä derejesindäki basgançaga çykyp,iki sany altyn medalyň
bukjasyny gazandy,ýaşlariň we ulularyň arasynda çempion boldy.Indi bolsa Daniýada
ýeňiş gazanmaly sportçy ilkinjileriniň hatarynda dur,ýöne başga agram
derejesinde.Afinada geçen dünýä we Ýewropa çempionatyndan bäri geçen sekiz aýda
Altymyrat 7,5 kg “agralypdyr”,has dogrusy ol,agramy ýetmese-de, 82,5 kg agramda
çykyş etmäge isleg bildiripdi.Hut şu ýerde hem Alekseýewiň tolgunmagy üçin uly bir
sebäp ýatyrdy.Alty bu agramda çykyş edip bilermikä?
Dogrusy,Altynyň öňünde duran mesele ýeňil-ýelpaý däldi.Geçen ýyl bolgarýaly
Kiril Kunew Sergeý Liý-i ýeňip,ony dördünji orna çykarypdy,ýogsam 82,5 kg-bu biziň
basgançagymyza degişlidi.Hut şu agramda Ýuriý Wardanýan ýaldyrap öňe çykypdy.
Haçanda çekilip görülende Alty öz esasy garşydaşlary bolan bolgar K.Kunewden,polýak
Semiondan has ýeňil geldi.Ştangany birbada galdyrmakda ilki başlan Kunew 165 kg
göterdi,Alty 167,5 kg bilen jogap berdi,şeýdip ondan 2,5 kg öňe çykdy.Polýak Semion
116
167,5 kg galdyrdy.Indi ştangany itekläp götermekde üçüsi hem 200 kg-dan
başladylar.Polýak 200-kg-dan ýakary çykyp bilmedi.Alty ikinji gezek 205 kg
göterdi,emma Kunewyň özüne aşa göwni ýetýänligi üçin ol agramy geçirip,210 kg
agramy göterjek boldy, üç synanyşykda hem göterip bilmedi.Alty hem bu agramda
synanyp gördi,bolmady.Ýöne, ol onuň üçin esasy zat däldi.Alty özüniň onsuzam ýeňiş
gazananlygyny bilýärdi.Ýeňiş oňa üpjündi.Ol Daniýada geçen 68-nji Ýewropa
çempionatynyň çempiony bolup,iki görnüş boýunça 372,5 kg agramly ştangany
göterdi.Ýaryşa gatnaşýan toparyň ýolbaşçysy Nikolaý Parhomenko:”Alty bu ýerde örän
ynamly çykyş etdi,hat-da ol tolgunmaýardy,birhili şadyýandy hem”diýýär.
W.Alekseýewiň ýüregi şondan soň rahatlandy,ýerine geldi:”Ýöne bir seredip durman
şu ştangany özüm alan bolsam maňa ýeňil düşerdi.Bolsa-da,türkmeniň gerçek ogly meniň
ynamymy öde-di”diýip,maňlaýynyň derini barmagy bilen syldy-da,Altyny mäkäm
gujaklady,soňundaänam:”Umuman alanyňda men öz toparymyň gazanan üstünliklerine
guwanýaryn.Bäş sany altyn medal-bu az zat däl.Indiki maksadym Budapeşt şäherinde
geçiriljek dünýä ýaryşynda ýeňiş gazanmak.Meniň başga maksadym ýok.Dogry,ýaryş
ýeňil bolmaz.Her zatda bolsa men ýokary netijelere bil baglaýaryn”diýip,daniýaly
jurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda nygtady...”
26.05-03.06.1990-njy ýylda Ýugoslawiýanyň Saraýewo şäherinde ýaşlaryň arasynda
dünýä çempionaty geçirildi.Oňa ildeşemiz M.Şuwaýew 60 kg agramda çykyş edip,ikinji
ýeri,O.Komlew 82,5 kg agramda çykyş edip birinji ýeri eýelediler we altyn we kümüş
medallaryň eýesi boldular.
09.09.1990-nji ýylda Lipesk şäherinde SSSR-iň agyr atletika boýunça 65-nji
çempionaty barada bolsa şu aşakdakylary aýtsa bolar.
Soňky ýyllarda dünýä möçberinde Altymyradyň gazanan üstünlikleri netijesinde agyr
atletika bolan gyzyklanmanyň has-da ösen wagty, ol barada giňişleýin gürrüň etmezlik
mümkin hem däl.Ondaky bar bolan meseleler,çözülmesi derwaýys işler barada
hünärmenler,jurnalistler,türgenler köp ýazýarlar.(Men bu ýerde ors gazet-jurnallarynda
çap bolýan makalalary göz öňüne tutýaryn,gynansagam türkmenistanyň metbugatynda
beýle makalalara duşmak aňsat däl)Ýöne olaryň käbirleri ähmiýetsiz şowhunlar bilen
örtülip,esasy meselelerden baş alyp çykmakda hiç hili ýol salgy bermeýärler..Ştanga
sporty barada ýörüte neşiriň,jurnalistleriň ýoklugyny göz öňünde tutsak,onda biz beýleki
gazetleriň ýazýanlary bilen öňmaly bolýarys.Onda bolsa ýokary hünärli türgenleriň
çykyşlary azlyk edýär.Şol sebäpli hem Lipesski-de geçirilen ýaryş barada giňişleýin
durup geçmek bilen,bu ugurda ýazýan jurnalistleriň hataryna girmeýän hem
bolsak,garaz,ilkinji synymyzy hödürläsimiz gelýär.
Ilki bilen 52 we 56 kg agramda çykyş edýän Mois Matewosýan bilen harkowly
Albert Nasibullin ikisi bolgar sportçylary Iwan Iwanowyň we Sewdalyn Narynowyň
garşysyna Budapeştde çykyş etmeli bolarlar.Ikisi hem ýaş,ýeňişleri öňdäki
pälwanlar.Lipesskide Motewosýan kemerowaly Kolokolsewden üstün çykyp,birinji orny
eýeledi,Nasibullin bolsa Seul olimpiadasynyň çempiony Mirzoýandan üstün çykdy.Ikisi
hem garşydaşlaryndan on kg artyk göterdiler.60 kg agramda çykyş edýän groznaly
Muhady Seraýewiň dünýä ýaryşyna gitmäge mümkünçiligi bar,galyberse-de,onuň
halkara ýaryşlardan tejribesi ýeterlik.1987-njy ýylda Ýewropa çempionatynyň bürünç
medalynyň eýesi.Ol hakykatdanam Lwowly A.Azizowdan üstün çykyp,birinji orna
mynasyp boldy.60 kg agramda çykyş edip,köp wagtdan bäri öňdeligi elden bermän
gelýän Naum Süleýman oglunyň ajaýyp üstünligini (itekläp götermekde152,5 kg,birden
götermekde 190kg=342,5 kg) täzeläp biljek başga ştangaçy bardyr öýdemok.Ol 1984-njy
117
ýyldan bäri hiç kimi öňüne geçirmän üstünlik gazanyp geldi.Ine,birdenem,lukmanlar
onuň saglygynyň ýaramazlaşmagy zerarly,ştanga galdyrmagy gadagan etdiler.Köp
maslahatlardan soň ol uly sporty taşlamagy ýüregine düwdi.Biz indi ony türkleriň milli
ýygyndy toparynyň tälimçisi hökmünde göreris?Ony wagt görkezer.Öz öňki agramyna
dolanyp gelen moskwaly Waleriý Ýurowyň çykyşy şowly boldy.Öň has ýokary agramda
çykyş etjek bolmasy oňa üstünlik getirmedi,gaýtam şikest aldy.Bu ýaryşda bolsa ol
groznaly Musaýewden üstün çykyp,ýeňiş gazandy.
Geçen ýylyň dünýä we Ýewropa çempiony Militosýan we bu ýylky Ýewropa
çempiony W.Kuznessow bu ýaryşa gatnaşmadylar.Atly sportçylar “içki ýaryşlara
gatnaşmasagam ýygyndy toparyň hataryna girdik”diýen ýörelgeden ugur alyp
başladylar,emma baş tälimçi Alekseýew:”Diňe içki ýaryşlarda üstün çykana dünýä
ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk beriljrkdir”diýip,bu ugrda täze düzgüniň girizilmegini
isleýär.Sebäbi onuň özi haýsy ýaryş bolsa bolsun,hemmesine deň gatnaşardy.
Moldawiýaly ştangaçy Fedor Kasapunyň ermenistanly Kýawanaksýan bilen bolan
ýaryşyna tolgunman seretmek mümkin däl.Fedor 1983-nji ýyldan bäri Soýuzyň
çempionatyna gatnaşýar,ençeme gezek kubogyň eýesi boldy,çempion hem boldy.Ýöne
bu ýerde onuň ýygyndy toparyň hasabynda dünýä çempionatynda çykyş etmek arzuwy
amala aşarmyka?Ol öňem ençeme gezek çempionat ýaryşlaryna,Olimpiýa oýunlaryna
gatnaşjak bolup synanyşyk edipdi,emma başa barmandy.Bu gezek welin ol özüniň
güýçlidigini subut etmek üçin Altymyrat Orazdurdyýew bilen ýaryşmaly bolýardy.Onuň
bolsa näderejede mümkin boljagyny bilýän ýokdy.(Ýeri gelende bellemeli zat,dünýä ýada Ýewropa ýaryşlary bolaýmasa gaty bir özüni görkezjek bolmaýan Altymyrat bu
ýaryşda Fedoryň arzuwynyň amala aşmagy üçin öz goşandyny goşdy,götermeli
agramyndan has az göterdi.Sebäp diňe bir onda hem däldi,agasy Tirkişiň ölümi zerarly ol
bu ýaryşa gatnaşmak höwesinden daşda-dy,ýöne ol bolaýýarmy näme?).
Asly Frunzeli Sergeý Li bir ýyldan gowrak ýaryşlarda görünmedi.Geçen ýyl Soýuzyň
çempionatynda ýeňiş gazanan Sergeý dünýä çempionatynda şowsuz çykyş edip,dördünji
orny eýeläpdi,şol sebäpli keýpi bozulyp,dynç almagy we türgenleşik geçmegi ýüregine
düwüpdi.Onuň öý türgenleşigi bu ýaryşa gatnaşýan ştangaçylar we janköýerler üçin
garaşylmadyk tötänlik getirdi.Ol öňki ýaryşlarda edişi ýaly,ştangany götermegiň ähli
synanyşyklarynda hem ussatlyk görkezip,öz agramy boýunça gürrüňsiz ýeňiş gazandy we
ermenistanly Karapetýandan on kg artyk göterdi.90 kg agramda çykyş edýän
A.Hrapowyň ýaryşa gatnaşmazlygy orýol oblastyndan gelen W.Rubiniň öňe saýlanmagy
üçin şert döretdi.Emma ol öz mümkünçiliginiň çäginden pes netije görkezdi,alyp
bolaýjak agramyda alyp bilmän,almataly A.Popowdan,groznaly Ruslan Seidowdan hem
yza galyp,bäşinji orna düşdi. Ştanganyň münberi indi iki özbek ştangaçysynyň özara
ýaryşyna öwrüldi.Olaryň ikisi hem ştanga ýaňy ýapyşan pälwanlar däl,öňden belli
pälwanlar.Muhamýarow olimpiadanyň kümüş medalynyň eýesi,Sadykow bolsa “Kubok
Drujby”ýaryşynda Sergeý Kopytow bilen deň netije gazandy,emma agramynyň agyrlygy
üçin Olberg ýaryşyna gidip bilmedi.Bu gün bolsa Sadykow öz güýjüni görkezip,ýaryşyň
çempiony boldy.
Tälimçi Alekseýew gelejegi bar bolan ýaş ştangaçylary seçip-saýlamakda uly işleri
geçirip başlady,şonuň bilen birlikde ol gadagan edilen dermanlary ulanjak bolýanlar
bilenem rehimsiz göreşi ýola goýdy.Şol sebäpli Budapeşt ýaryşyna gatnaşdyryljak
ştangaçylaryň ählisini barlagdan geçirmegi maksat edindi.German alymy Denikäniň
usuly,gadagan edilen dermanlaryň barlagyny takyk geçirýärdi we gowy netije
berýärdi.Ol ştanga-da diňe öz arassa güýjüňe bil baglaýan pälwanlary saýlap seçmek
118
bilen bir hatarda derman ulanýanlary toparyň hataryndan çykaryp,atlaryny hem ile äşgär
etmek isleýärdi.Şonuň bilen birlikde ol öň gadagan dermanlary ulanyp ýaryşdan
galdyrylan güýçli ştangaçylary hem täzeden ýaryşa çekilmegine garşy bolup
durmaýardy.Meselem,1987-njy ýylda dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýän döwri
geçirilen barlagda Artur Akoýew,Wyktor Tregubow ýaryşdan çykarylypdy,üç ýyl
geçenden soň bolsa bu ikisi ýene ýaryşa goýberilipdi.
Umuman alanyňda ýaryşa täze gelip goşulan ýaş ştangaçylaryň gaty azlygy
gynandyrýar.Ýygyndy topara barýan ýoluň açyklygyna garamazdan,ýaşlar ýygyndy
toparynyň gazanýan netyjelerini kanahatlanarsyz hasap etse bolar.Olaryň içinde “ýokary
toparyň
hataryna gelip goşuljagy barmy?”diýen soraga baş tälimçi Oleg
Pisarewskiý:”Öňden çaklap hiç zat aýdyp biljek däl.Meniň üçin dünýä ýaryşlarynda
Altymyrat ýaly sowukganlylyk bilen çykyş etmegi başarýan ýaşlaryň ýeterlik bolmagy
gerek.Şol ýok ýerinde ýeňiş hem gazanyp bolmaz”diýip jogap berýär.
Soňky döwürlerde agyr atletikada dörän durgunlyk barada,onuň ýolbaşçylarynyň ýerliýerinde bolmazlygy,işe jogapkärçiliksiz çemeleşilmegi ýaly ýagdaýlar barada köp
gürrüňler edilýär,çözülmely meseleler aýdyňlaşdyrylýar.
Dogry,günäni haýsy hem bolsa bir ýolbaşçynyň üstüne atmak gelşiksiz bolardy,onda
ýörüte hünärmenler,tälimçiler,sportçylar bar.Ýöne bir zady welin,açyk aýtsa
bolar.Soýuzyň sport ýolbaşçylarynda her zat etmeli ,ýöne gazanylýan medallaryň sanyny
artdyrmaly diýen ýörelge bar.Ol ýaryşyň nertijesine ýaramaz täsirini ýetirýär.Ýaş
aýratynlygynyň kadalary,synp normalarynyň aşa galdyrylmagy netijesinde janköýerleriň
sanynyň azalmagy dowam etdi,bu bolsa öz gezeginde sportçylaryň gazanan netijesine
görä sylaglanmagyna ýaramaz täsir etdi.Umuman munda çözülmeli meseleler sanardan
kän.Olary şu gün çözmesek erte ondanam agyr soraglaryň döremegine alyp geler.Sowet
sportynda ýene bir täsin,50 ýyllap dowam edýän kada bar.Sport-bu esasy işiň daşyndaky
güýmenje hasap edilýär.Sen hökman bir hünäriň eýesi bolmaly,daşyndanam sport bilen
meşgullanmaly,öz hünäriň ussady bolmagyňdan başga-da,zowod-fabrikleriň,kolhozsowhozlaryň işgärleriniň öňünde çykyş edip,olaryň sporta bolan höweslerini artdyrmaly...
Ol şeýle hem bolýardy...
--2—
Bu wakalary aňynda aýlap,Aşgabadyň köçeleriniň birinden gelýän Altymyrat
ýanyndaky Oleg Komlewe, çatrygyň bir burçunda üýşüp oturan çagalary görkezdi.
–Görýäňmi,dost jan,ýaşlar şeýdip,gije bir çene barýança çigit çigitläp,çilim
çekip,nas atýp,arak içip,neşe edip oturýarlar, garaz,boş wagtlaryny zehinlerini
artdyrmak,hünär öwrenmek,bir zada höweslenmek üçin ulanmaýarlar.Bularyň üstünede,mekdeplerde sport sapaklary ýatyryldy.Şeýdip jenaýatçylyga ýol açylýar ahyr-diýdi.
–Dost,dogry aýdýarsyň,ýöne, olara görelde görkezseň täsiri örän güýçli bolar
ekeni.Ho gün men şeýle çagalary ýanym bilen alyp gidip, hiç zat aýtman türgenleşik
geçdim.Şondan soň eline ştanga alýanlaryň sany köpeldi.Biz diňe şeýle ýol bilen olary
terbiýeläp bileris.
–Ýokary bilim alaýyn dost jan,şondan soň bihuda gezip ýören çaga
görmersiň,ählisini sport toparlaryna çekerin!
-Öwünüber dost,Rahmanberdi aga:”Är öwünmese,aýal bezenmese bolýan däldir
adam garrasa ähli güýji diline geçer ekeni,öwünjeň bolýar”diýýär.Ýöne meň woleýbol
oýnaşymy görýänsiň,başymdan agdaryp-agdaryp,pökgüni ýokary zyňyp,bar güýjüm
119
bilen aýlanyp urýandyryn,çagalar diňe şu herekedime syn etmäge hem gelýärler.Sen
bolsa pökgüni bir eliňde tutup,beýleki eliň bilenem urýarsyň.Ol zenanlaryň pökgi
oýnaýşyna meňzeýär-diýip, ýüreginde kine saklamaýan,ýüzünden mähir çogup duran
Altymyrat ýylgyrdy.
Umuman,bu iki dost üçinem mahsus häsiýetdi.Şol wagt köçeden atlaryny
daýyrdadyp, alty atly geçip gitdi.
-Gör-ä,bulary!Ajaýyp gözellik.”Atym bar diýip Ahala barma,aýdymym bar diýip
salyra,sazym bar diýip saryga,manadym bar diýip Mara barma” diýipdirler.Menem şular
ýaly atlaryň birini edinmekçi boldum,emma kakam:”Oglum,puluňy nirä sowjagyňy
bilmeseňem at bir alaýmagyn.Onuň çykdajysy çökder,onsoňam her bir öýde maşyn
bar.Atly harby bölümlerem 1953-nji ýylda ýatyryldy”diýdi.
–Dogry,dost jan,at gerek,haçanda eliň boş,baýlygyň tükeniksiz bolsa!diýip,Altymyrat dillendi-Aýlow gura, ýaryşa çyk,pul goý,pul gazan,keýp çek.At diňe
şonda gerek.Häzir her welaýatda serişde bary çykarylyp, aýlaw gurýarlar.Maňa galsaha,ony aty gowy görýän pulmesileriň öz şahsy hasaplaryna saldyrardym.Halk çörege zar
wagty ýadyňa aýlow düşermi?...
-Ildeşler,türgenleşikden
gelýäňizmi?-diýip,olaryň
öňünden
çykan,orta
boýly,sypaýydan syratly adam mylaýym ýylgyrdy.
–Jumadurdy aga jan,salowmaleýkim!-diýip,Altymyrat onuň bilen gadyrly görüşdide,Olegi tanyşdyrjak boldy.
–Ikiňizem gowy tanaýaryn-diýip,ýazyjy Jumadurdy Nepes olaryň salamyny aldyTürkmenistanda däl,dünýäde sizi tanamaýan barmy näme?Ikiňizi hem “Ýaşlyk”jurnalyna
myhmançylyga çagyrýaryn.Gül ýalak garşylaryn.Ýogsa-da,eliňiz boş bolsa öýe
gideliň.Höwes bilen hezzetläýin,aşagyňyza täzeje haly ýazaýyn! Ýanymda sylagyňyz
uludyr.
-Ýaşuly,sag boluň,biz işli-diýip,Oleg sypaýyçylyk etdi.
-Jumadurdy aga,siziň
jurnalyňyzda çykarýan batyrgaý eserleriňizi,taryhy
makalalaryňyzy başga hiç bir adam berip bilmez.Siz beýik we batyr redaktor.Ondan
başga-da, sazyny, sözüni döreden aýdymyňyzy özüňiziň aýtmagyňyz, ýakymlydan şirin
owazyňyz meniň gulagymdan gidenok.
–Alty jan,ýör öýe,men ýene aýdym aýdyp bereýin,ýör!Myhman barsa şeýle bir hezil
edýärin,hi goýaý!
-Ýaşuly jan,ýene bir gezek-de bararys!Sag boluň,çakylyga minnetdar!diýip,Altymyrat onuň bilen hoşlaşdy,ep-esli ara açanyndan soňam- Ol örän
myhmansöýer adam,daýym Amanmuhemmet Nepes bilen baryp duzuny datdyk,meýdana
bileje gezelenje hem çykdyk.Bişirýän nahary,aýdýan aýdymy şeýle bir şirin,şeýle bir
süýji.Ýekeje gezek myhman bol,gaýdyp ömür ýadyňdan çykmaz .
–Alty,sen öýe baryber,men teke bazaryndan oduk-buduk aljak!-diýip,Oleg ýoldan
sowuldy.
Altymyrat şäheriň 1-nji seýil bagynyň günorta ganatynda ýerleşen jaýyna tarap
barýar-ka,yzyndan gelýän adamynyň ýanyndaky iglije çagasy bilen edýän gürrüňi
gulagyna ildi.Gürrüň özi barada barýandyr öýdübem,hyrra yzyna öwrüldi-de:
-Siz kime bu sözi diýýärsiňiz?-diýdi-de,ýumrugyny düwüp,uzyn boýly,syrdam
oglanyň alkymyna dykylyp bardy.Hiç zada düşünmedik adam iki elini öňe uzatdy-da:
-Bu-do,bu-do!-diýip seslendi.
–Hawa,men-dä şol!-diýip,Altymyrat gaharly jogap berdi.
120
–Sen bolsaň ýaş ýigit,ilki salamlaşaly,düşünişeli.Özüň-ä,menden kiçiräjik
görünýäň!?
-Kiçiräk bolanynda adamyň mertebesini peseltmelimi,dost jan?
-Men-ä beýledir öýdemok!-diýip,ýigit elini goýberdi.
–Eýsem,”Iglije,emziklije çagajyk”diýmek mertebäňi peseltmek dälmi?
-Burnunyň sümügini oňarmaýan igli çaga:”Kaka,menem karatä gatnaşjak”diýip
dursa diýersiň-dä!Diýdiňmi oglum?
-Diýdim!-diýip,çaga bada-bat jogap berdi-Menem karatä,ol bolmasa Altymyrat
kakam ýaly ştanga sportyna gatnaşjak.
–Ol şeýle diýdi,menem;”Sen heniz iglije,agzyň emziklije çaga,birneme
ulal”diýdim!Ýa diýmeli dälmidim!?-diýip,ýigit garşydaşyna çyňerilip bakdy:-Dur-la,durla,ýüzüň tanyş welin,sen Altymyrad-a dälsiň-dä?!
–Hawa, Altymyrat!
-Gör-le muny...Ýaňy oglum tanyşdyr diýip ezelenýärdi welin,asyl onuň özi
öňümizde duran bolsa nätjek!Hany,dünýä çempionyna salam ber,iglije ogul!
-Essalowmaleýkim,Alty kaka!-diýip,çagajyk iki elini uzadyp salam berdi-Meniň
adam Batyr.
–Waleýkim,essalam,Batyr jan!Size-de salowmaleýkim!-diýip,Altymyrat ataly-ogul
bilen gadyrly salamlaşdy.
-Altymyratlygyň çyn bolsa ,maňa-da Muhammetjuma Döwletow diýýärler.
–Asyl bu senmidiň,kareteçi,dost?Ýene bir gezek salowmaleýkim.Adyňy
eşidýärdim,özüňi birinji gezek görşim.Tanamadyk-sylamaz diýipdirler,bagyşla.
–Oňa derek men seni näçe gezek ekranda gördüm.Üstünlikleriňe
guwanýaryn,inim!Amerikada gazanan ýeňişiň meni joşdurdy,buýsandyrdy.
–Menem karate sungaty boýunça türkmenistanyň açyk çempionatynyň çempiony
bolanyňy,birinji “Dan” gara guşagyň eýesidigiňi bilýän.
–Bilýän bolsaňam, ýumrugyňy düwüp,topulyp gelýärsiň özüň-ä!-diýip,
Muhammetjuma güldi-Ýa golaýlaşdyrman göterip zyňaryn diýdiňmi?
-Aý,tanamasaň näme,dost jan...Onsoňam,meni ýanyňa golaýlaşdyrman etjegiňi
ederdiň-dä!-diýip,Altymyrat ýylgyrdy.
–Alty jan,tanyşdyk.Gatnaşykda bolaly.Oturaly,gürleşeli diýsem-ä, howlukýan.
–Häzir menem howlukýan,dost jan.Gel,bir zat edeli.Agşam sagat sekizlerde
“Aýna”kafesinde duşuşaly.
–Bolar-diýip,Muhammetjuma bir az pikirlenenden soň razylaşdy-Hany,oglum,Alty
kakaň bilen hoşlaş!
-Alty kaka,sag bol!-diýip,Batyrjyk sag goluny galgatdy...
Şol gün ol agşamyň hoştap howasyndan dem alaýyn,Aşgabadyň gijeki gözelligine
ser salaýyn diýip,Aýna kafesine pyýadalap gitdi.Gönüleseň,barmaly ýeri onuň ýaşaýan
jaýyndan onçakly bir uzak hem däldi.Irräjik çykanlygy sebäpli ol aýlowlyrak ýol bilen
ýöräp kafe bardy.Muhammetjuma eýýäm gapyň agzynda garaşyp duran ekeni.
–Geldiňmi?-diýip,ol guwançly seslendi-Käbirleri sözüniň eýesi däl,barjak diýýärde
ýadyndan çykaraýýar...
–Şähere seýil etdimde ,azajyk eglendim.Ýör,kafe gyreli!Meň-ä iýjek zadyn ýok.Bir
bulgur kofe içjek!
-Menem şeýle...
Olar boş ýerli saýlap oturdylar.
121
–Ýogsa-da,ýadyma düşüp durka bir zat sorajak!-diýip,Alty seslendi-Hälki
duşuşykda eliňi uzadyp:”Bu-do”diýdiň.Men oňa düşünmedim.
–Hä,men şeý diýdim.Ol biziň dilimizde “ýaragly dawanyň gutaranlygyny”
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 15
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.