Latin

Topraga duwlanan ägirt - 21

Total number of words is 3767
Total number of unique words is 2332
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.5 of words are in the 5000 most common words
51.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
aýrylýandyklaryny
yglan
edendikleri
agzalýar.Ýene-de
gazetlerde:”Öň raýkom,indi kim bolar?”,”Ukrainada Leniniň ýadygärligini
ýykýarlar”,”28-nji gurultaýdan soň Kompartiýa özüne gelip bilenok”,”Hasyl
ýetişdi,ýygnaýan ýok”,”Pars aýlagy,Yrak-Kuweýt dawasy”,”Pakistan,Benazir Bhuttanyň
172
çetleşdirilmegi”,”SSSR dargady,täze raýdaşlyk şertnamasy”,”Özbegistan pagta
ýygymynyň tölegini ýokarlandyrdy” ýaly we ýene şuňa meňzeş habarlar bar.
Altymyrat SSSR-iň dargamagyna gaty gynandy,onda adamlaryň aladalary ilkinji
orunda durýardy,okuw,saglyk hyzmatlary,hökmany dynç almaklyk mugtdy,harytlar
arzandy,bahalar bir durkuny saklaýardy,puluň hümmeti hem şeýledi.On bäş
respublikanyň islän ýerine gidip bolýardy.Indiki düzgünde onuň ykbaly nähili
bolarka?Kim sportça eýe çykar?Kim goltgy berer?Öňler dünýä ýaryşlaryna gatnaşmagyň
hysyrdyly aladalaryny Moskwa çözýärdi.Indi ony kim çözer?Dek düýn Türkmenistanyň
SSSR-iň düzüminde galýanlygy baradaky ählihalk referendum geçirilipdi.Döwletleriň
aglabasy diýen ýaly garaşsyz boldy,Türkmenistan hem nämädir bir zada garaşan
ýaly,ahyrym öz garaşsyzlygyny yglan etdi...
Bulary pikirinde aýlap,uçardaky ornuna çöken badyna,esger ýigit salam berdi-de,
onuň gapdalyndaky boş ýerde oturdy.
–Alty ,Polşadan gelýärmisiň?-diýip,ol bada-bat sorady.
–Hawa.Sen meni nireden tanaýarsyň?
-Seni dünýä tanaýar.Meň adym Magtymguly,obadaşyň,aýdym-saz mugallymyň Tirkiş
Taganyň ogly men.Ho gün Türkmenistanly esgerler bolup teleýaýlymyň öňüne
ýygnandyk.Polşadaky ýeňişiň şeýle bir galkyndyrdy,şeýle bir begendirdi,ony söz bilen
beýan edip bilemok.Hut seniň üstünligiňe ruhlanyp,söweşjeň tabşyrygy ýokary bahada
ýerine ýetirdim hem-de on gün ata-enemi görüp gaýtmaga hukuk gazandym.Öýe görmegörüşe barýarkam saňa duşmagym bolsa meniň üçin aňyrsyna ýetip bolmajak
bagtlylyk.Ikimiz deň-duşuragam bolmaly,şeýle dälmi?
–Ilki bilen-ä meni bagyşla,üns bermändirin,tanamandyryn,dost jan,soragyňa bolsa,öz
ýaşyňda gulluga alynan bolsaň, men senden ulyrakdyryn diýjek...
–Olam ahmal,ýöne gep onda däl.Rugsat etseň bir zatda pikir alyşmakçy.Senem gulluk
edensiň,bilýänsiň.Esger gullukda nämäniň plkirini edýär?Öýi,ata-enesi,söýgülisi.Esger
söýgülisinden hat alsa,şol gün onuň üçin baýramçylyk.Oňa diňe men däl,ähli esgerler
bolup begenýäris.Hat gelmese weli...Iki ýyl gullukda.Köp zatlar ýadyňdan
çykýar,ýadyňdan çykmajaklaram kalbyň çuňlugynda ýer alýar,durmuş,dünýä anyk
görünip başlaýar,adam gatnaşyklaram şeýle.Harby okuwdan ýadap gaýdyp
gelersiň,esgerleriň ýüzlerine sereder ýaly däldir,nämedir bir zada ynanyp garaşýan
hasratly ýadow gözler oýnaýandyr,goh-galmagal asmana galýandyr,ine,birdenem gazetjurnallar bilen bilelikde garaşylýan hatlar geler weli,seslere suw sepilen ýalydyr.Daňydaňy, topbak-topbak hatlar elden-ele geçerde eýelerine gowuşar.Şonda äpet meýdany
tutýan esgerleriň umumy ýatak jaýynda şeýle bir ümsümlik höküm sürer,hat-da, ýekeje
siňegiň sesi hem eşidiler.Bu pursat esgerleriň iň gizlin,syrly ýüreklerde müdümi ýer
aljak,käbirini
joşdurjak,käbirini
hasrata
gömjek
pursatlaryň
biri.Menem
soňkulardan,sebäbi,yzynda,öý belgisi ýazylan,içi suratly,sabyrsyzlyk bilen garaşan hatym
gelmedi.Tas däliräpdim.Bir ýyllap kalbym ýagtylykda ýaşady,birdenem hat kesildide,garaňkylyga düşdüm.Nätjegimi bilemok.Maslahat ber.
–Kalbyňdaky hasratyňy eşidip bozuldym,inim jan,ýöne,sen öýüňe barýarsyň,
duşuşarsyň,düşünişersiň,hemme zat gülala-güllük bolar,maňa ynanaý!-diýip,Altymyrat
jogap berdi-Gulluk eden döwrümde söýüşýänim-ä ýokdy,ýöne bir esgere gelen haty okap
görüpdüm.Onda:”Ezizim,bagyşla,seniň öňüňde ýalan sözläp biljek däl...Ýöne sen
kalbymdaky
ýagty
ýatlamalaryň

gowularynyň
biri
bolup,ömürlik
galarsyň...”diýilýär.Ýagty ýatlamalar,olaryň iň gowulary..Bularyň aňyrsynda nämeleriň
gizlenip ýatanyny bilýärmiň?
173
-Ýok,bilemok.
–Hatyňda söz oýnadyp, köp nokat goýmak,gyşarylmak aňsat,ýöne ony okan her bir
ýürek onuň nämedigine düşünýär ahyry...”Ýigrimi birinji asyrda pylan döwrüň gyzgelinlerine duşmarsyň” diýilýäne ynanmasamam,bir hili öňkülerde bar bolan
wepalylyk,utanç-haýalyk ýaly gymmatlyklar azalana çalym edýär.Maňa “Sen nirede
gezip ýörsüň?Bu zatlara beýle çynlakaý garama.Belki ol başga bir söýgülisine
duşandyr”diýjekler tapylar.Ýöne, çyn söýgä wepalylyk,söýeniňe ýürekden berilmek ýaly
gatnaşyklara duýgynyň,pikirleriň,düşünjeleriň jemi hökmünde garalýar.Ol şeýle
bolmalam.
–Bir esgeriň söýýän gyzy:”Saňa iki ýyllap garaşmak,munuň özi durmuşymyň
doňduryldygy bolýar”diýip ýazypdyr.Gör-ä,muny?Bir zat diýseňem,asyryň üstüne
atýarlar.Men oňa ynanmaýaryn,çyn söýgüniň barlygyna bolsa ynanýaryn.Onsuz ýaşap
bolmaz-a!-diýip,Magtymguly garaja gözlerini Altymyrada gönükdirdi.
Altymyrat nätsin?Gizlin,her sözi gyzyla gaplaýmaly hatlaryň yzy kesilse,esgeriň nä
güne düşýänligini ol ýaňy bilmeli däl.Beýle ýagdaý,daşyňy gurşap alýan, dürli
öwüşgünlere beslenen, duýgulara baý bolan ýeriňde dörese,onda onuň agyrysy
ýeňil,watanyňdan uzakda,gullukda bolsaň agyr.Munda bagtly halyňdan betbagt hala –
gutaran adam ýaly ýagdaýa düşmegiň gaty ahmal.Saňa kazylyk etjek bolmaz,özüň özüňe
kazysyň.Ýöne bir zat weli aýdyňdyr,sen isle harby gullukçy,isle daýhan,isle işçi-kim
bolsaňam,adama gyýa göz bilen garamak,ony kiçeltjek,peseltjek bolmak ýaly duýgulary
kalbyňda götermeli dälsiň.Bu ynsan üçin iň esasy zat bolup durýandyr.
-Alty,ýene bir zat soramakçy—diýip,Magtymguly seslendi-Uçardan düşeris weli,ol
öňümden çykmaly.Ýok.ol hökman çykar,çykjagyny bilýän.Şonda onuň ýanyna bileje
barsak diýjek bolýan.Goý,ol meniň kim bilen ýoldaş bolýanlygymy,meniň ýöne-möne
oglan däldigimi bilsin.Ýogsa-da,sen ol gyzy tanaýansyň.Ol Gurbangeldi pijonyň
gyzy,garşylamaga Aşgabada gelmeli.
–Şo işi bitdi hasap edäý,inim jan-diýip,Altymyrat jogap berdi
-Alty,dutar çalýarmyň?Onda näçe perdäniň barlygyny bilýärmiň?
-Çalmasamam
dutar
diňlemäni
gowy
görýärin,perdeleriniň
atlaryny-da
bilýärin.Dutarda, birinji baş perde bolýar,ikinji Nowaýy perde,üçünji ýokarky açyk
perde,dördünji zaryn ýa-da kyýamat perde,bäşinji ady ýok perde,altynji Gökleň
perde,öňler oňa lal perde diýipdirler,ýedinji aşaky açyk perde,sekizinji ýetim(haky
giden,ogruja) perde,dokuzynjy geňzew perde,onunjy tişirwan perde,on birinji lal
perde,on ikinji şirwan perde,on üçünji lal perde,on dördünji çille perde-jemi on dört
perde bar,şelpe,şabram şelpe,ýelken kakuw ýaly kakuwlary bar.
–Dutar çalsamam men bulary doly bilemok-diýip,Magtymguly boýnuna aldy...
Şol wagt uçaryň Aşgabat menzilinde gonmaga taýýarlyk görýänligi barada habar
berdiler.Her kim aýnadan, giňäp barýan paýtagtyň gözel keşbine syn etmäge başlady.Inede,uçar gondy.Altymyrady,agasy Orazberdiniň başda durmagynda garşylamaga aşgabada
gelen dogan garyndaşlaryndan başga-da,oba aksakallary Rahmanberdi aga,Begjan
molla,Annaberdi aga,şahyr Ata Täzebaý,Türkmenistan sport komitetiniň başlygy Aman
Şanyýazow,hökümet agzalarynyň bir näçeleri,elleri ter gülli ýaş oglan-gyzlar aýdymsaz,dabara bilen garşyladylar.Altymyrat olaryň hemmesi bilen salamlaşyp
çykdy,Rahmanberdi agany bolsa gujaklady.Beýle hormat diňe bir pälwana däl,onuň ýany
bilen gelen Magtymgula hem edilýän ýalydy.Magtymguly,obadaşlaryndan çekinip,bir
çetde ony garşylamaga gelen eli ter gülli gyzy gördi-de,atylyp,onuň ýanyna bardy.Şonda
Altymyradyň üstünden agyr ýük aýrylan ýaly ynjaldy.Ol şeýle boljagyny,hemme zadyň
174
gowy gutarjagyny öňünden bilýärdi ahyryn.Gol tutuşyp hol aňyrdan barýan bagtly
ýaşlary gözi bilen ugradan Altymyrat:“Bizem Güller bilen şeýle bagtly
bolarmykak!?”diýip pikirlendi-de:-Tüweleme,bizi garşylamaga gelenleriň aglabasy
ýaşlar-diýip,Orazberd-ä seretdi.
–Hawa,hut şeýle.Ýaşlar her üstünligiňe bizden beter begenýärler.Ýöne,ine, seni idäp
gelen başga-da bir arryjak goja bar.Ol çykyşlaryňy sypdyrman synlaýar ekeni,hat-da şu
gün geljek wagtyňa çenli bilýär ekeni-diýip,Orazberdi özüniň daýow göwresiniň
aňyrsynda, diňe köneje sypal şlýapasy görünýän gojany görkezdi.
-Salam,ýoldaş mugallym!Bagyşlaň,görmändirin!-diýip,Altymyrat onuň bilen gadyrly
salamlaşdy,soň Orasberdä ýüzlenip:-Ýoldaş mugallym“Ylmy Kommunizmden” bize
sapak berýär,tanyş bol,agam jan!-diýdi.
Şol wagt suratçylar Altymyradyň ýoguna beýlekisine garaman suratyny
aldylar,eýtdiler,beýtdiler,garaz, ony goýbermediler.Şol bir habarçy bolsa”Bu ýeňişiňizi
siz kime bagyşlaýarsyňyz?”diýip,gününe goýmady,ahyrym:”Ýeňişimi doganlaryma bagş
edýärin”diýeninden soň onuň yzyndan galdy.
Ahyrym yzyna dolanyp gelen Altymyrat:
-Ýoldaş mugallym,sizi birneme sakladym weli,bagyşlarsyňyz-da!Indi meniň iki
gulagym syzde!Islediňizçe gürleşip biljek-diýdi.
–Örän ajap,örän ajap!-diýip,goja aýalaryny bir-birine sürtdi,barmaklaryny silkişdirdiMaňa on minudyňy sarp etseň bolany.Sapaga jogap bermek üçin ondan kän wagt
geregem däl.Çek soragyňy,jogabyny häzirle-de,ber zaçotkaňy!-diýip,ol ýazgyly bir näçe
bölejik kagyzlary uzatdy.
–Ýoldaş mugallym,öýe baraly,ekzameni şol ýerde alarsyňyz,zaçetkam ýanymda ýok!diýip,Altymyrat jogap berdi.
–Rälwan,şu gün ekzamen tabşyranlygyň baradaky kagyzy hökman ýapaýmaly.Seni hiç
tapyp bilemok,ýa türgenleşikde,ýa ýaryşda,men nädeýin!-diýip,goja boýnuny burdy-Saňa
dogrymy aýdaýyn!SSSR dargady,Kommunistik partiýa ýolbaşçylyk wezipesini
ýitirdi,indi “Ylmy Kommunizm”kime gerek?Ol obkomyň birinji sekretaryna-da gerek
däl,saňa-ha hasam.Şonda-da,düzgün-düzgün bolýar,men işimi edäýmeli.Zaçetkaňy
ber,baha goýaýyn...
–Bolar,ýoldaş mugallym!-diýip,Altymyrat jogap berdi...
Pälwan obada.
---1-Garaýaplylaryň “Akýaplylar ýalançydyr” diýmeleriniň asla ýapa degmeýänligini
bellemeli.Akýap-da ýalançy bolmaz,olaryň käbiri jypdyrmakda ýalňyşýar,ýöne ol
ýalňyşma Altymyrat ýaly gerçegi ýetişdiren täsin oba üçin asla göze hem ilenok.Munda
agyr atletika boýunça türgenleşik geçmek üçin gurulan ymarat bar,olam Aşgabatdaky
“Köpetdag-dan”kem däl,mekdep-internat ýaly ýörüteleşdirilen okuw jaýyny başga
ýerden tapmarsyň.Bäş müň ýyllyk taryhy bolan gadymy Mary hem ilkibaşda akýap ýaly
adaty obajyk eken-ä,ýa-da bolubilse çolaja şäherçe...
Pah, pah, serediň, serediň-ä, muňa, akýaplylaryň öz pälwanyny garşy alyşlaryny,
ýüzlerindäki buýsanjy,birek-biregi sessiz gujaga gysyşlaryny? Bu bimöçber üýtgeşik
tolgunyşyk,ruhy galkkynyş!Ähli akýaply işi-pişesini taşlap pälwany garşylamaga
175
çykdylar.Hiç kim başga hiç zat hakda pikir edenok,hat-da Annaberdi mantiýoryňam,
Garýagdy Hojaguly bilen oýnaýan güýmenjesi-küşt oýny ýadyna düşenok,Begjan mollada küşt oýnunyň soňuna sogan ekdi,ýöne oňa derek Tirkiş Taganyň şu güne çenli öýüň
bir burçunda,üstünde siňekler gäberişip ýatan “Ýamahasynyň”ýakymly sesi weli, obany
göçüräýeýin diýýär.Bu gün durmuş gaýnady.Her kim Altymyrady gujaklajak,bagryna
basjak,mähirli sözlerini aýtjak,bir-birinden öňürdip, tüýt-müýt etjek.Adamlar onuň
daşynda pelesaň,biri beýlekiniň elinden ony diläp alýar,ýene biri soragsyz-zatsyz ony öz
toparyna “ogurlaýar”.Bu başagaýlyga kesesinden syn edýän edep-ekramly zenanlar bolsa
garaşmakdan başga çäre tapmaýar.Her kim Altymyrady gepletjek,gürrüň diňlejek,emma
ondan gep alanyňdan gysyr geçiden süýt alanyň aňsat.Onuň ýüzüne has-da gelişik berýän
mylaýym ýylgyrmasyndan başga zady ýok...
Ejesi gaýdanyndan bäri Altymyrat şagalaň etmäni kesdi,oňa derek onuň her bir
üstünligine özüçe begenýän Tirkiş Taganyň öz öýünde ony dabaraly bellemegine weli,
göwünjeň razylaşdy.Ine,bu günem ir säherden tutuş oba aýak üstünde.Altymyradyň
öýünden günbatara uzalyp gidýän,soňy Tirkiş Taganlarda gutarýan giň köçäniň ugry
adamlardan ýaňa mygyl,olaryň ýüzleri eýýäm baýramçylyk sazyna başlan öýe,Tirkiş
Taganlara tarap. Altymyrat hem gazçylar şäherçesinde kebşirleýji bolup işleýän agasy
Bäşimiň,Orazberdiniň,işdeşleriniň,daýhanlarynyň,mugallymlarynyň,lukmanlarynyň,
zeýkeşiň gaýradsyndaky goňşy obadan,demir ýoluň ilersindäki künjeklerden
gelenleriň,hat-da,gaňňasy gyşaryp ýatan eşejigi bilen ot ýygmaga barýan gyzjagazyň
dabaraly ugratmagynda,olar bilen ýöräp barýar.Ýoluň iki gyrasyndaky jaýlardan köçä
çykyp,ýa penjirelerini açyp raýdaşlyk bildirýän mähelle,pälwany ýüzüne sylýardylar,oňa
buýsanýardylar.
Ýoluň ortasyndaky tigirli öýjagazdan aýdym-sazyň ýakymly owazy eşidilýär,öňdäki
meýdançada aýal-gyzlar,çagalar gaýmalaşýarlar.Çagalaryň bir bölegi,çommalyp oturşyna
uly kagyz gapyrjagynyň agzyny eli bilen ýelpäp,siňekleri kowýan ,käte
bolsa”Buzgaýmak bar”diýip,zowladýan söwdegäriň daşynda mygyldy,puljagazy bolan
zat satyn alýar,bolmadyk alandan dileýär.Tirkişiň öýüniň öňi her hili zerli matalar bilen
bezelen,adamlar gaýda gaýmalaşyk,bugaryp duran çorbaly gazanlaryň daşynda,biline
süpürgiç gysdyran aşpez,aýakly garpyz ýaly moýmuldap ýör.Käte zoguny zykgyldadyp
gelýän maşynlaryň,ses güýçlendirijileriň üsti bilen ýaňlanýan aýdym-sazyň
sesleri,dynuwsyz goh-galmagalyň üstüne goşulyp,düýnki epge-ge derek, säher bilen
turan salkyn şemala garyşyp,birhili gahrymançylykly mukama öwrülýär-de,göwünleri
ruhlandyrýar,onsoň nirädir bir ýere at salyp gidesiň,ganat baglap alysdan-alysa uçasyň
gelýär.Bu alamatlary döredýän Altymyradyň ýeňişleri...
–Eý,gudratly Taňry!Eger beýik adamlaryň ýaşan ýerinde,olaryň ruhundan nähilidir bir
ülüşjik galýanlygy çyn bolsa, onda seniň ruhuňdan obamyzyň topragyna galýan ülüşjikmegerem Altymyradyň ýeňişleridir-diýip,Rahmanberdi aga töwereginde aýbogdaşyny
gurup,çaý
süzüşip
oturan
halaýyga
ýüzlendi-Siz
bilýäňiz,bilmeýänlere
aýdaýyn.Pälwanyň
ýeňişlerinden
ruhlanan
obamyz
ýyl-ýyldan
gadamyny
batlandyryp,önüm öndürmekdäki işde bedenlerine täzeden jan giren ýaly boldy.Hi öň
görülen zatmy?Oba bu ýyl ýüzlerçe tonna däne artyk ýygnady,pagta hasyly artyp gidip
otyr,bu adamlaryň bir zada ruhlanan wagtynda bolýan zat.Göräýmäge
başagaýlyk,meýdanda
ýetişiksiz
der
dökýärler,ýöne
hözürini
hem
görýärler.Ine,bagşymyz Tirkiş mugallym kärende ýerinden bol hasyl alyp,ep-eslije puluň
eýesi boldy,bu günem Altymyradyň ýeňişiniň hatyrasyna öýünde sadaka berýär,baýram
176
edýär,özem iki-üç ýyl bäri şeýle edýär.Onuň berýän sadakasy kabul,kabul
mübärek,bayramy gutly bolsun,halaýyk!-diýdi-de,doga okap elini ýüzüne syldy.
Rahmanberdi aga dogry aýdýar.Mihail Gorbaçewiň ýurda ýolbaşçylyk etmegi
bilen,üýtgedip
gurmak,aýdyňlyk,açyklyk
döwri
başlandy,türkmen
tele-radio
ýaýlymlarynda “Ýedigen”,”Ýartygulak”,”Bökelek” ýaly ýiti tankytly,täsirli gepleşikler
peýda boldy,olary diňlemäge adamlarda höwes döredi.Oba hojalygynda ýerleri
kärendesine,mülk bermek,ýygnalan hasylyň bahasyny gijikdirmän tölemek ýaly
kadalar,1985-1991-nji ýyllar aralykda öndürilýän önümleriň iki-üç esse artmagyna
getirdi,adamlar erkin,azat zähmetleriniň hözürini aç-açan görüp başladylar.Ýygylýan
pagta ammarlara sygman maşyn ýollaryň üstlerine döküldi,ülke taryhda ilkinji gezek bir
million tonnadan artyk hasyl aldy.Şonuň bilen birlikde açylan kiçi kärhanalaryň,hususy
firmalaryň sany Sakarçäge etraby boýunça 750-ä ýetdi,olarda yşleýänleriň sany on müň
adamdan artdy.Ýurtda işsizligiň derejesi gaty peseldi.Eger ýagdaý şu tertipde
saklananlygynda,Türkmenistan 5-10 ýylyň içinde uly ösüşlere eýe boljakdy,
ýöne,arman,SSSR-iň dargamagy netijesinde garaşsyzlygy alan Türkmenistan,näbelli
sebäplere görä ol düzgünler kem-kemden ýatyrdy,bäş-alty ýylyň içinde önüm
öndürmeklik pese gaçdy,işsizlik görülip eşidilmedik derejede ýokary galdy,täsirli
gepleşikler ýatyryldy,gazet-jurnallarda bir adamynyň şahsiýeti görülip eşdilmedik
derejede ýokary göterildi.Bu bolsa özüniň ýaramaz netijelerini görkezdi.
Elmydama nämedir bir zady okaýan Rahmanberdi aganyň gapdalynda eli Kuranly
Begjan molla otyr,beýleräkde Annaberdi aga bilen Garýagdy aga ikisi küşt oýnuna
başladylar,Tirkiş Tagan bolsa ýetişen we ýetişip gelýän sazanda ogul gyzlary
Muhammede,habry gullukdan gelen Magtymgula,Ýagşa,Azada, baş bolup,gezekligezegine saz çalyp,aýdym aýdýardy,durmuşa çykan gyzy Ogulgerek bilen Maral ikisi
bolsa daşyna beýleki gyzlary üýşürip meýdançada tans edýärdiler,käte göwün göterýän
dabaranyň sebäpkäri bolan Altymyradyň oturan ýerine gözlerini aýlap
kikirdeşýärdiler.Hasam,12-13 ýaşlaryndaky,diýseň syratlyja,garaja gözlüje Maral,sakgyç
çeýnemesini goýman,aýdyma hiňlenýärdi,tans edýärdi,hemem kikirdäp,bir zatlar
diýýärdi.
Erkek adamlardan aňyrrakda,özbaşdak bir topar bolup aýallar otyrdy.Türkmeniň
ädehädi şeýle,toý-tomgada olar aýra oturmaly.Ýaş-u-garry diýmän,olaryň başy
pürenjekli,ýöne ýaşy durugşanyraklary pürenjeklerini serpip,ýüzlerini açýarlar,agzy
ýaşmakly ýaş gelinleriň weli,diňe sürmeli alaja gözleri görünýär.Käte pürenjegiň
astyndan görünip gidýän tylla bilezikli näzik goşarlary diýäýmeseň...Aslynda türkmen
zenany şeýle bolmaly hem,sebäbi pürenjegiň astynda ajaýyp bir keşbiň gizlenýänliginden
habar berýändir.Şonda-da,olar ýaşmagyň astyndan kökejik çeýneşip,biri göräýmesin
diýýän ýaly howatyrly bakyşyp,özara gybatlaryny goýmaýardylar.Tirkişiň aýaly
Sapargül ýeňňe hem olaryň ortasynda,töweregini bezäp otyrdy.
Asly Daşoguzyň Tagta etrabyndaky ýemrelilerden bolan,aýdym aýtmaga höwesek
Sapargül ýeňňe öz döwründe,Aşgabatdaky medeni aň-bilim tehnukymyna okuwa gelipdi
we şu ýerde okaýan Tirkiş bilen tanyşypdy,bir ýyldan soň oňa durmuşa çykyp,dört
ogul,iki gyzy dünýä inderipdi.Ene-atanyň edebiýata we sungata dahyllygy çagalara
täsirini ýetiripdi.Ogullary Muhammet,Magtymguly,Ýagşy,Azat,gyzy Maral dagy aýdym
sazyň muşdaklaryna öwrülipdiler.
1986-njy ýylda, Mary welaýat medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy,ýokary adamkärçiligi
bolan Öwelek Durdymyradyň tagallasy bilen maşgala aýdym-saz toparlary peýda bolup
başlapdy.Şonda Tirkiş hem öz maşgala toparyny ýaryşa taýýarlady,onuň üçin ol
177
kompozitor Daňatar Öwezowyň,Baba Japarowyň goşgusyna ýazan”Kakam gelmedi”
atly,öň hiç kime näbelli,basylyp ýatan aýdymy saýlap aldy we ony aýtmagy ogly
Magtymgula tabşyrdy.Ýaryşda diňe bir aýdym-saz däl,goşgy okamak,sahna oýunlaryny
görkezmek,saz
çalmak
ýaly
görnüşler
hem
bardy.Ine
onsoň,Tirkiş
Taganyň,Muhammediň
sazandarlyk
etmeginde,Ýagşynyň
dep
kakmagynda,Azadyň,Maralyň goşgy okamagynda,Ýagşynyň we Ogulgeregiň sahna
oýunlaryny görkezmegindäki maşgala topar welaýatda birinji orna mynasyp
boldy.Şondan soň olary uly ýygnaklara,çärelere çagyryp ugraýarlar,hat-da Moskwa
teleýaýlymynyň “Towaryş pesniýa”ady bilen geçirýän dünýä ýaryşyna çagyrylyp,uly
üstünlik gazanýar.Hut şu üstünlikler hem toparyň, Türkmenistanyň, sirkiň jaýynda
geçirýän gurultaýynda çykyş etmegine ýol açýar.Ol ýerde dik durma bagşylardan diňe,
Babamyrat Hamdanow bilen Magtymguly Tirkişowyň çykyş etmegine rugsat
berildi.Magtymgulynyň aýdan“Kakam gelmedi” aýdymy ençeme pursatlap el çarpyp
garşylandy,hatda gözüne ýaş aýlan ýurt baştutany ýaşajyk Magtymgulyny gujagyna hem
gysdy...
Ine,häzirem,bu wakany gözi bilen gören Altymyrat,körekeni Altymuhammet bilen tans
edip duran ýerinden Magtymgula:”Kakam gelmedi-ni”aýdyp bersene!?”-diýdi.Ol özüniň
adatdan daşary mylaýym sesi bilen aýdymy ýerine ýetirdi...Bu aýdymy diňläp,hol
aňyrrakda,oba harazçysy Kössi daýyň (hakyky ady Konstantin Iwanowiç)aýaly,türkmen
dilini ors dilinden gowy bilýän Marusýa daýza,daşyna çül-çagajyklaryny ýygnap,ýogalan
adamsyny ýatlaýar,onuň ýanynda tatar ýigidi,çagalara dil we edebiýatdan sapak berýän
Abdylla mugallym bar,onuň ýanynda obadaky telefony oňarýan aragatnaşyk işgäri,nemes
ýigidi Wiktor Zeldman maşgalasynyň adyndan Altymyrady gutlaýar,ýanynda Rahym atly
uýgur dosty hem bar,ors dersinden çagalara sapak berýän koreý maşgalasy Polina hem bu
ýerde.Sapargül daýzanyň ýanynda bolsa,uzyn boýly,görmegeý ukrain gyzy,şahyr Ata
Täzebaýyň gazçy inisi Gurban Täzebaýyň aýaly Maşa gelin iki çagasy bilen otyr.Bu
dabara onuň hem dabarasy,sebäbi Tirkişiň uly ogly Muhammediň aýaly, Ata Täzebaýyň
gyzy...Altymyrat bu mähellä göz aýlap,hem guwanýar hem ejesini ýatlap gözüne ýaş
aýlaýar...
Ine,ol daşyndan göräýmäge ejizje görünse-de,üsty ot ýükli arabany mytdyllap çekip
barýan salpygulak ak eşegi idip barýandyr,Altymyrat bolsa düşbüje,geplemese-de gepiňe
düşünýän,dur diýseň durýan,”Hyh”diýseň ýöreýän eşegiň üstünde.Ejesi:”Ata peýanyň
gozakly maşynyndan gowudyr,bi,ýag soranok,pylan ýerim döwüldi ýa agyrýar
diýenok,goýnuň,sygryň agzyndan galan-gaçan otlaram dannamaz”diýip,öz ugruna gepläp
barýandyr...Bir gezek weli,ol gaty gorkdy.Gaňňasyz eşegini suwa ýakmaga alyp
barýarka,gaýa-gopuz ýok ýerinden, burnuna ýel düşen ýaly,eşegi ony alyp gaçdy.Ýalyň
tüýlerine ýapyşyp,ýykylman zordan suwa ýetdi.Bolsa-da ol ejesini ýüzigara
etmedi.Ýykylan bolsa “Pylanyň ogly eşekden ýykylypdyr”diýen gürrüňe galmaly
bolýardy.Ol bolsa Altymyrat üçin aýagy döwülenden enaýy däldi...Hany indi o
zatlar?Ejesi gaýtdy,eşegem keselledi,beýleki mallaram.Asla indi obada eşegem
galmady.Olar ýok,yrsgalam ýok...
Bu gün Altymyradyň hormatyna guirnalan dabara ýene bir zat goşulypdy.Türkmende
gadymdan gelýän bir täsin däp-dässur bar,ony kiçilik bilmän aýtmaly.Gyzyňy durmuşa
çykaranyňdan bir näçe wagt soň,hormatly,ýakyn garyndaş hökmünde körekeniňi öýe
çagyryp,onuň hatyrasyna kiçeňräjik toý tutulýar.Beýle däp dünýäniň hiç bir künjeginde
ýok bolsa gerek.Tirkiş Tagan hem türkmen.Ol geçen ýyl durmuşa çykaran gyzy
178
Ogulgeregiň adamsy Altymuhammet Nepesi hut şu gün görme-görüşe çagyrypdy.Ol
bolsa bu dabarany şowhunyny hasam aýtdyrýardy.
Altymuhammet-inçemik,uzyn boýly,syratly,buýra saçly,sakgal-murty syrylan,gözleri
oýnaklap duran ýigit.Ýigide müň hünärem az diýleni,elinden gelmeýän zat
ýok.Ýopanlaryň kamerasyny,”Ýamaha”atly türkmene ýoň bolan saz guralyny bejermäge
ganym ökde,olary kül-uşak edip täzeden ýygnaýar,tele-radiony özüçe ýasaýar.Onuň
ýanyna Kerkiden Hudaýberdi Rüstemow,Astanadan Allaş Allaberdi,Balkandan
Rejepdurdy Kerim,Daşoguzdan Sapargeldi Möwlam ýaly bagşylar we ýene ýeneler gelip
öz saz gurallaryny oňardyp gidýärdiler.Dogrulygyna güwä geçip bolanok,ýöne Tirkiş
Taganam ençeme gezek “ýamahasyny” öz öýünde oňardanmyş,şeýdibem ol Tirkişiň
gyzy Ogulgerek bilen tanyşan bolmaly.Käte bitniksiz hereket edýän,köptaraplaýyn
bilimli,bar
zady
bilesi
gelýän
bu
ýigit,käte
ýeri
gelse-gelmese
himiýadan,fizikadan,awtomatikadan hat-da Keramatly Kurandan tymsal baryny
getiriberýär,özem ýöne bir samahylla däl,derekli tymsallar.On üç doganyň iň kiçisi
bolanlygy
üçin,ejesi,doganlary
ony
läliksiretdiler,her
zatda
bolsa
jalaýlygy,oturşygy,göwün açmany gowy görýän,bar zadyny orta dökýän,sahydan sypaýy
ýigit bolup ýetişdi.Altymyrat onuň bilen iki ýyl mundan öň,Aşhabatdan öýüne gelýärkä
otluda tanyşypdy. Buýra saçy eginlerine düşüp duran,iň soňky hokgalar boýunça
geýinen ýigit,daşy mata dolanyp,saralan iki sany goşy bilen Änewde otla münüpdi.Ol
goşlaryny giren ýerinde,aýak goýulýan ýerde goýanlygy üçin,girip çykana päsgel
berýärdi.Altymyradyň hat-da aýgyny goýmaga mümkünçiligi ýokdy.
–Näme,päsgel berýärmi?-diýip,ýigit oňa tikgesini dikdi.
–Päsgäl-ä berýär,öz-ä...
–Menem bulary götere-götere halys bolýan,ýöne zyňyb-a bilemok,eklenç belasy
bar.Änewli oglanlar bejer diýdiler.
–Sen onda dost jan...diýip,Altymyrat sowala çemelendi.
–Maňa,saz gurallaryny,bloklary,wideokameralary bejerýän belli blokçy Alty Nepes
diýýärler.Türkmenistanda tanamaýan ýokdur-diýip,ýigit buýra saçyny silkeläp goýberdi.
–Boksçy bolsaň kärdeş hem atdaş ekenik.Haýsy toparda çykyş edýäň?
-Boksçy däl,blokçy,”Ýamaha” saz gurallaryny bejerýän,özem Türkmenistanyň dört
künjeginde bejeren gurallarymyň sany ho ýaşulynyň saçynyň taryndan kändir-diýip,ol
otlynyň aýnasyndan daşary seredip oturan keltejik adama tarap ümledi.Onuň bärsinde iki
sany talyp gyz
gürrüň diňläp otyrdylar.Ýigidiň sözüne Altymyrat hezil edip
güldi,gyzlaram ýylgyrdylar,sebäbi,ol adamynyň kellesinde iki-üç sany gyljagaz
dikgeripjik durdy.
–Käriňiz üýtgeşik ekeni,ýöne Altymyradyňky ýaly howp-hatarly-ha däl-diýip,gyzlaryň
biri seslendi.
–Hä,hawa,hol ştanga göterýän atdaşymmy?Aý,ol-a,ýarym tonnalyk daşy togalap
goýberiberýändir,how!
-Sen ony tanaýarmyň?-diýip,Altymyrat ýylgyrdy.
–Munuň diýýänine seret?Heý-de men ony tanamanmy?!Ol ýegenim ahyryn.Onsoňam
bilip goýuň,men ykbalymda bolup geçjek wakalaryň baryny öňünden bilýän,hatda
özümiň 46 ýyl,6 aý,6 gün ýaşap,öljegime çenli bilýän-diýip,gyzlaryň öňünde gomparmak
isledimi nämemi,Altymuhemmet atdaşynyň ýüzüne bakman seslendi,birdenem, öteräk
geçenini aňdy.(Ýöne,onuň ýigrimi ýyl öňünden öljek wagtyna çenli aýdyp
oturmagy,geňiräk hem bolsa,dogry çykdy)Ol Altymyradyň amerikada gazanan ýeňişini
ýazgyda
görüpdi.Häzirem
atdaşyna
siňe-siňe
seretdi-de-Heý-de,men
ony
179
tanamanmy?!Bolubilseň,sen Altymyrat bolmaly!Hany,salamyň?Men senden iki ýaş uly
ahyry-diýdi.
–Daýy jan,ilki otla müneňde salam berdiň,bizem jogap berdik.Indi agam,daýym
hökmünde ýene salam berýärin-diýip,Altymyrat elini uzatdy.Olar gadyrly görüşdiler.Daýy,diňle!Meniň saňa pisindim oturýar,şoň üçinem haýyş edýän.Ýaňky ýaly pylança
tonna daş göterýär diýip,men şunça ýaşaryn diýip,gaty çişirmegin.Ony Alla biler.Gowusy
aýagyňy ýerden üzme-diýip,Altymyrat ýylgyrdy...
Şu duşuşykdan soň Altymyrat bu gün onuň bilen ikinji gezek gabatlaşýardy.Ýakyndan
tanyşyp,sulhy alanlygy sebäpli,tä ýadap,süllümbaý bolýança onuň bilen tans etdi,ilki
daşarda,soň içerde tans etdi.
–Tirkiş kaka,jaýyň agaç düşegi döwüläýmesin!-diýip,tans etmegi halaýan Altymyrat
sorady.
–Döwülse,goý,döwülsin!Seniň üçin janymy bermäge taýýar-a,men!-diýip,Tirkiş jogap
berdi...
Tans edýänleriň aýaklarynyň astynda lagar düşen agaç jygyldap,şirin saz çalýan Tirkiş
dirňildäp,,dep kakýan Muhammet,çemçe çakyşdyrýan Ýagşy tirňildäp,şaý-sepe
beslenip,hyzmat edýän ýaş gelin Ogulgerek şaňňyrdap,aýdym aýdýan Magtymguly bolsa
iňňildäp kalba üýtgeşik täsir edýärdi...
--2—
Wagt günorta ýakyn bolanda,Altymyrady oba mekdebinde duşuşyga
çagyrýandyklary barada habar geldi.Olar lükgeligi bilen şol ýere ugradylar.
–Mekdebe gidiljek bolsa men şlýapamy geýeýin-diýip,çaý içip derläp oturan Orazberdi
derini sylyp,motorynyň gozagyna taşlanan sypal kellepoşuny geýdi.Ol ony häkimleriň
golaý goltumynda gezýänlere çalymdaş görkezýärdi.Dogrusy,şlýapaly gürrüň
akýaplylara iş boldi.Onuň nämä geregi bar?Türkmende gözüň ýagyny iýip barýan nepis
tahýalar bar ahyr.Ol hasam beter sekiz sygrynyň oty belen garabaşynagaý bolýan
Orazberdä geregi ýok.Käbiri,”beýle diýmelem däl” diýýär.Şlýapanyň möhüm hyzmaty
barmyş,birinjiden-ä ol ýeňiljek,yssyda derläňok,ikinjiden,häkimlerden başlap ähli
ketdeler şony geýýärler.Orazberdi hem kellepoşuny käte motorynyň ot-çöpli gozagyna
taşlaýar diýäýmeseň,ony sypdyrman geýýär,özem medeniýetli adamlaryň hataryna
goşulýanlygy üçin şeýdýär.Ony mugallymlaram,lukmanlaram geýýärler,bir gezek hat-da
ol aýal adamynyňam şeýle kellepoşy geýenini gördi.Orazberdiniň pikiriçe,edara
ýolbaşçysy bolmak üçin güýçli akyl-paýhasyň,kelläň hem geregi ýok,täzeje şlýapany
taýaga geýdirip,edaranyň öňünde oturtsaňam ýeterlikmişin...
Bu gün Gurban Gurbanow adyndaky 17-nji dünýewi orta mekdebiň töweregi
baýramçylyk bezege bürenipdi,milli lybasly,elleri ter gülli oglan-gyzlar,hormatly dynç
alişdaky aksakallar Altymyradyň maşyndan düşenine mähetdel,daşyny gurşadylar.Her
kim pälwanyň nurana ýüzüni görjek,elini gysjak.Dogrusy,adamlar edil suwsan goýnuň
suwa çozuşy ýaly topulýardylar,onuň şanyna öwgüli sözleri ýagdyrýardylar,kimdir
biri:”Ýaşasyn Altymyrat pälwan!”diýip,telpegini göge zyňdy,başga biri Orazberdiniň
kellepoşuny asmana zyrladyp goýberdi,olam tüweleýiň zarbyna gabat gelip ýitirim
boldy.Şondan soň Orazberdiniň daýawdan edenli göwresi birhili kiçelen ýaly
boldy.Altymyrat agasynyň arkasyna kakyp:”Agam,gynanma,nesip bolsa,saňa bir täsin
italýan kellepoşyny getirip bererin”diýip,ony köşeşdirdi...
180
Oba görk berip,gür baglygyň içinde ýerleşen kaşaň mekdep jaýynyň ikinji gatynda
bolan duşuşygy direktor Gurbandurdy Myradow açyp,gysgajyk söz sözledi,soň ussadyň
tälimçisi,sport ussady Orazberdä orun berdi.Ol gysgajyk,diýseň täsirli gürrüň
berdi.Geplemäni halamaýan Altymyrat hem çykyş edip,öz ýeňişleriniň sanyny
artdyryp,döwletiň baýdagyny has-da belende galdyrjakdygyny tekrarlady...
Duşuşyk pälwana gül gowşurmak bilen tamamlandy.Ol edil ussadyň özi ýaly sada
ýagdaýda geçdi...
Topar şol öňki lükgeligi bilen Tirkiş Taganlara gaýdyp geldiler.Iki atdaş gürleşip
kän otyrdylar.Alty Nepes öz ýanyna ýygy-ýygydan gelýän Bally Hajy,şorta söz ussady
Nuryşka barada köp zatlary gürrüň berdi,”Kakam ir ýogaldy,ejem täze guran jaýymyň
işigindäki daş basgançaga ýykylyp,aýagyny döwdürdi”diýip,dodagyny dişledi,öňki köne
jaýynyň ýerinde täze jaý galdyranlygyny,onuň öňünde sekiz ganat ak öý
dikenligini,daşyna howly aýlanlygyny,indem, saz-gurallaryny oňartmaga ülkäniň dürli
künjeginden gelýän Lebaply,Daşoguzly,Balkanly,Maryly müşderilerine höwes bilen
hyzmat edýänligini gürrüň berdi...
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 22
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.