Latin

Topraga duwlanan ägirt - 23

Total number of words is 3822
Total number of unique words is 2320
30.0 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
–Hawa,tötänlikde köçede duşan aýalam”A gyz,gyzyň saçyny kesdiräýdimi?”diýip
soraýar,özem bu “samramalaryň”siz tarapdan çykýanlygyny ýaňzydýar.Şonuň üçinem
gudaçylyga gelen bolsaňyz gyzymy synlap gidiň!
-Toba estagpurulla,siziň gyzyňyzy men öň kän gezek gördüm,ol aýdylýanlaryň
ýalanlygyna güwä geçip biljek-diýip,Aýgözel janykdy.
–Güwä geçýän bolsaň goňşy jan goý,ýaşuly hem gözi bilen görüp,ýüregini sowuk
suwa batyrsyn!Ýörüň,hany!-diýip,öý eýesi içki otagda dokma dokaýan Gülleriň
gapysyny açdy.
-Ýok,men bu masgaraçylygy edip bilmen,aljak gelnimiz bilen görüşmek bolmazdiýip,Rahmanberdi aga götünjekledi-Gowusy,Aýýa gyzymyň özi görsün,gürleşsin,men
şu
ýerdejik
oturybererin.Men
beýle
zady
asla
islämok.
–Bolmasa özüm görüp çykaýaryn!-diýip,Aýgözel otaga girdi,girşine-de,Güllere gözi
düşp,doňup galdy.:”Bä, janlarym,bu görünýän suratmyka ýa adammyka?“diýip,töre
geçdi.Onýança-da Güller “Salamälik.daýza!”diýip gobsundy.Gülleri görmäge
göz,diýmäge sypaýydan sypaýy söz,gözelligini görüp,üýtgemän,ýüzbe-ýüz bolup
oturmaga päk ýürek bilen utançdan,haýadan eýi ýeten ýüz gerekdi.
–Gyzym,daýyň bilen söz aýtmaga gelipdik,onda-da,özüň bilen gepleşmeli
diýdiler.Biz islemesek hem elbetde, bu zatlar size öňünden aýandyr-diýip,Aýgözel
,özleriniň
ata-babalaryny,obalaryny,kimdiklerini,haýsy
tiredenligini,öýlenjegiň
adyny,bitiren işlerini aýdyp,sözüniň üstüni ýetirdi.
–Daýza,,şerigat boýunça barjak bilen aljak adam bir-birlerini görmeli we gelejekleri
hakda pikir alyşmaly.Siz şuňa nähili garaýarsyňyz?-diýip,Güller mylaýym sesi bilen
sorady.
–Şerigat aýdýan bolsa dogrudyr,onuň şeki ýokdur,gyzym!-diýip,türkmeniň ruhuna
gabat gelýän .sözi gyzyň agzyndan eşidýänligine monça bolan Aýgözeliň ýüzi
mähirlendi-Biz jigimizi görkezip bileris,ýöne ol Aşgabatdan gelýänçä bir hepde
garaşmaly bolar.
–Bir hepde bolsa ýagşy-la,ol bir aý däl ahyr.
–Bolýar,gyzym,men saňa Erem bagyna eýe boljak,geplemese düýe boljak,gara güýji
bilen dagy goparyp,saýa boljak pälwany,jigimi görkezerin.Oňa göwnüň ýetse
gerek!Sorag berýä diýme,ýylyň nämedir?
-Ýylym itdir, daýza.
–Ýylyňy bilýär ekeniň,sag bol,sen,towuk ýylynda doglan Altymyrat bilen agzybir
ýaşarsyňyz!-diýip,Aýgözel ömründe ilkinji gezek ýalan sözledi.Haýyr işde ýalan
sözlemek bolýardy,ýöne,täleýe görä towuk ýylda doglanlar it ýylda doglanlar bilen
oňuşykly ýaşap bilmeýärdiler.Täleýnama ynanýanam bolsa,ol,käte bu ýazgylaryň
hemmesiniň dogrylygyna güwä geçip bilmeýärdi.Ol muny öz durmuşyndan
bilýärdi,belki, pälwanyň gelejegi hem özüniňki ýaly gowy bolmagyny arzuwlap,ýalan
190
sözi agzyna alypdy.Indi bolsa agzy ot alan ýaly lowlaýardy.Ýalan sözlemek ýaly
agyr,jepaly zat ýok ekeni .Onuň hat-da ýüzi hem lap-lap gyzarýan ýalydy.
–Daýza,,it bilen towuk oňuşarmyka?-diýip,Gülleriň beren sowaly Aýgözeli hasam
aljyratdy.Öý eýesi ara goşulmadyk bolanda tasdanam dogrusyny aýtmaly bolýardy.
-Gyzym,ýaglygyň aşagynda gizlän saçyňy çöşlede,görkez!Ýogsam kesilen
diýäýmesinler-diýip,ene gyzynyň başyndaky öýme ýaglygyny sypyrmakçy boldy.
-Bor-la,eje,saçy mazamlamak gyza gelişmez!-diýip,Güller elini salgap goýberdi.
Saçy kesilen diýen söze ýüzi çapady ýaly gyzaran Aýgözeli der basdy, gyjalata
galyp,haly teňlige ýetenem bolsa, seslenmän durup bilmedi.
–Türkmeniň dulunda oturan päkize,gyz ýaly, ynama geçen zat barmyka?Bir wagt
bir ýitigi sorapdyrlar,tapmandyrlar,ahyrym törde oturan uly gyzdan sorasalar:”Hool,pylan ýere baraýyň”diýipdir.Barsalar goýunlar mäleşip,otlaşyp ýör diýýä.Men
päkize,hemme zady öňünden aňlaýan gyzy gördüm,indi,turaýsamam bolýar.Rugsat
bolsa,gudamyzyň çöreginden yrym üçin bir bölejik horjunyma saljak!?
-Bolar,gitseňiz aman baryň!-diýip,horjunyň içindäkileri alyp,onuň ýerine bir tegelek
çöregi,bir çümmük duzy salan öý eýesi,myhmanlary hormatlap,ýedi ädim ugratdy...
Olar çykyp gidensoň dokmasyna eli barmadyk Güller plklre batdy.Ol alynmaz
galasyna,ýykylmaz binýadyna golaýlaşýardy.Kalbyndaky möwç urýan söýgi
güýçlendigiçe syrly dünýä has gyzykly,şatlykly,paýhasly görünýärdi,ony ýumak ýaly
çöşläsi,ik ýaly aýlasy,haly ýaly dokasy gelýärdi hem-de Zeminiň üstüne,Älemiň astyna
ýazasy gelýärdi.Söýgüden doýma ýok diýleni,”garny doýsa-da gözi doýmazam" bärden
gaýdýar,sebäbi, giň dünýäsiniň bezegi,ömrüniň manysy Altymyrat.Oňa gezek gelende ol
örän açgöz,erjel, diliniň süýjemegine,durmuşynyň güllemegine,kalbynyň nur saçmagyna
eltýän ykbal gapysy açyldy.Indi ol ähli zada söýgülisiniň gözi bilen seredip,dili bilen
sözledi,durky bilen oňa öwrülip nur saçdy,bu pikirine imrindigiçe bolsa özüni horan mal
ýaly duýdy.Neneň duýmasyn,Altymyradyň ýüregi edil nurana keşbi ýaly mylaýymýumşakdan owadan ahyr,joşup dur,ýürek joşsa ýüz gülýär,ýüz gülse ömür gülleýär,ömür
güllese ykbalyň çüwýär,ykbalyň çüwsy datly miweler peýda bolýar,ol miweden dadanlar
hoşwagt bolýar,diýmek,bir ynsanyň ýüreginiň üsti bilen bütin dünýä gülleýär,abat
bolýar...Şular ýaly pikirlere gumra bolan Güller,per ýassygyny mynçgalap kükregine
gysdy-da,sag böwrüne gyşardy...
Barselona,Olimpiýa oýunlaryna tarap.
Altymyrat üçin aýgytly ýyl geldi.Oňa dört ýyl garaşdy,dört ýyl,sebäbi Olimpiýa
oýunlary her dört ýyldan geçýärdi,öň Seulda,indi Ispaniýanyň Barselona şäherinde
geçmeli.Oňa bolsa ýylyň başyndan taýýarlyk görmeli.Ilki Moskwanyň etegindäki
Podolsk taýýarlanyş merkezinde iki aý türgenleşmeli,soň Sank-Peterburgda Olimpiýa
oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin geçirilýän ýaryşa gatnaşmaly,öňki Soýuz
respublikalaryň on ikisinden ýygnanan ýüze ýakyn ştangaçy bilen ýaryşmaly,üstün
çyksaň,Podalskide ýene iki aý taýýarlanyp,Barselona gidýärsiň.Bu hysyrdyly taýýarlyk
işleri Altymyrady kejikdirýär.Onuň özüne ynamy bar,dört aýlap irginsiz taýýarlyk göresi
gelenok,ýöne nätjek,düzgün-düzgün bolýar,düzgüne boýun bolaýmaly.Kejikmesiniň
sebäbi bolsa onuň bir täsin häsiýeti bar,öýünden etraba barsa öýüni,etrapdan welaýata
barsa etrabyny,welaýatdan paýtagta barsa welaýatyny,Türkmenistandan daşary gitse
Aşgabady küýseýär,sebäbi dogduk mekanyny,göbek ganynyň daman topragyny hiç bir
ýer bilen çalyşmak islemeýär.
191
Ilki mekdep ýyllary,soň institutda ol geometrýa sapagyndan kejikýärdi,göni,egri
çyzyklar,deň derejeli we kesişýän nokatlar,sinus,kosinus,tangens,bessektrisalar ýürege
düşýärdi,ýöne,olaram biläýmelidi.Ýogsam,agyr atletika sinusyň saglygyňa,tangensiň
tälim almagyňa,kosinusyň kömegine bagly zat däldigini bilmeýän barmy diýsene.Kimem
bolsa biri şulary okatmaly diýipdir,indem şol dowam edip gidip otyr.
Mart aýynyň salkyn,ygally günleriniň birinde ol Aşgabatdaky “Dinamo” sport
merkezine bardy,özüni gyzyklandyrýan soraglary merkeziň ýolbaşçylaryna,tälimçisi
Abramýana
berdi.Oňa,SSSR dargandan soň Moskwada Garaşsyz Döwletleriň
Arkalyşygynyň(GDA)agyr atletikaçylarynyň ýygyndy toparynyň peýda bolanlygyny,şol
toparyň baş telimçisi hökmünde,öňki SSSR-iň baş tälimçisi Wasiliý Alekseýewiň
bellenenligini,özüniň
göni Podolskä,Alekseýewiň ýanyna barmalydygyny
düşündirdiler.Olimpiýadanyň ähli meselelerini şol çözýärmiş,öň özüniň tälimçisi bolan
Abramýan bolsa daşary ýurda,Kipre gidýärmiş,gitmäýende-de,Abramýanyň Merkezi
Olimpiýa Komitetiniň hasabyna Barselona iberilmeginiň oňa nähili hukuklary
berýänligini heniz hiç kim bilmeýärmiş.Aý,garaz,şeýle düşnüksiz gürrüňler Altymyrady
howsala saldy.Ol bu zatlaryň şeýle boljagyny,gyzba-gyzba gelende özüniň eýesiz
galjagyny aňýardy.SSSR döwründe,ähli ýaryşlarda tälimçisi Abramýan ýanynda
bolardy,şonda ýüregi suwlujady,ynamlydy,öz güýjüne bil baglaýanam bolsa,nähilidir
daşynyň goragy bardy, garaşsyz döwletde ol goldow hasam gerekdi.Emma
Respublikalaryň hemmesinde özara gatnaşyklaryň,düzgünleriň täzeden döredilýän şeýle
bulaşyk pursatda, jogapkärli ýaryşa özüniň ýeke goýberilmegini ol, hiç bir akyla sygjak
zat däl diýip hasap etdi.Şonda-da,näme,ol gitmelidi ,garaşsyz ýurdyň abraýyny
goramalydy,şan-şöhradyny galdyrmalydy...Ýeri gelende Abramýanyň bu meselede gaty
peýwaýsyzlygy ony geň galdyrdy.Ol Kipre bu ýyl däl,indiki ýyl gidýärdi ahyr.Özem hälişindi öýe,myhmançylyga çagyrylyp,sylanyp ýörülen adamynyň beýle herekedine düşünip
bilmeýärdi.
Şu ýerde jurnalist Nurýagdy Oraznepesowyň bu wakadan bir ýyl soň”Iň güýçli
ýigit”ady bilen ýazan makalasyndan bölek getirmegi makul bildik.(1993-nji ýyl, 16-njy
mart,”Türkmenistan”gazeti) ”...Indi ony iň ýakyn janköýeri,tälim öwreden süýtdeş
dogany Orazberdi Orazdurdyýew türgenleşdirýärdi...Polady ýumşak,sadadan sypaýy bu
iki gerçek bilen gürrüňdeş bolanymda bir ýakymsyz ahwalatyň şaýady
boldum.Altymyrady soňky oýunlara çenli taýýarlan Abramýan meniň söhbetdeş bolup
oturanymy görüp,torsarylyp,hüňür-hüňür edip,jurrnalistleriň Altymyrada has aýratyn üns
berýändiginden närazydygyny aýtdy.Görüp-eşidip otursam,Altymyradyň at-owazasy
bilen öz adyny arşa çykaran bu kişi asyl doganlar bilen gepleşenogam,hatda taňry
salamyny hem almaýar ekeni.Häli-şindi ýörüte öýlerine myhmançylyga çagyrylyp,sylap
söwüş edilip,türkmen ojagynyň töründe hormatly orun berlip ýörlen adamyň bu gün taňry
salamyny hem alman ýörmeginiň düýp sebäbem,nämemiş,Altymyradyň agasy Orazberdi
öňdäki jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görmekde şärikli edilipdir.Men Abramýana köp
wagtdan bäri belet,Altymyrada tälim bermekde bitiren işlerini inkär edemok,ýöne köp
öwnüp,özüne çendenaşa baha bermegi kän bir halanylyp durulýan zat däl...”(Şu
makalanyň hut şu ýerde getirilmeginiň sebäbini okyjylar soň düşünerler)...
Altymyrat giç agşam, jaýyna bardy.Ýaryşlardan gaýdyp gelse-de,bu jaýda
bolanyndan obada,köneje jaýlarynda bolanyny kem görmeýärdi.Şol sebäpli hem ol jaýyň
açaryny Tirkiş kakasynyň talyp ogly Bäşime berip,ýaşa,seret,göz-gulak bol
diýipdi.Bäşim iki ýyl bäri ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýardy.
–Alty kaka,çaý-nahar bilen araň neneň?-diýip,ol güler ýüz bilen ony garşylady.
192
–Maňa gara çörek bilen garpyz ber,böwregi arassalaýyn-diýip,ol eşiklerini çykardyda,hammama girdi.Ilki sowuk,soň gyzgyn suwa ýuwundy,wannany gyzgyn suwdan
dolduryp,howlukman içine girdi-de,garpyz bilen gara çöregi iýdi,yzyndanam elýeterde
duran magnitofonyň nurbadyny towlap,Atageldi Garýagdynyň aýdymlaryny diňledi,Bu
ussat aýdymçynyň aýdymlaryny ol indi bäş-alty ýyl bäri,oňa ilki duşan gününden bäri
diňleýärdi.Ol, Mary şäheriniň etegindäki obalaryň birine,tanyşynyňka myhmançylyga
barsa,kiçeňräjik üýşmeleň gidip dur.Güýz aýlarynyň başlary,jaýyň uly otaglarynyň
birinden aýdym sesi çykýar.”O-o-o”diýip aýdym aýdýan bagşy bize geldi-diýip,çagajyk
düşündiriş berdi we dostuny çagyryp getirdi..Salam-helikden soň dosty:”Atageldiniň
beýle gowy aýdym aýdýanyny bilmeýärdim,akkardionam onuň elinde edil adam ýaly
gepleýär,ýor,diňläli”diýip,Altymyrady jaýa saldy.Dogrudanam, Atageldi akkardiony
gepledip,aýdan aýdymyny döwýardi.Üýtgeşik,beter gowy gara reňkli,“Woltmeýster”atly
polýak akkardiony onuň elinde saýraýardy,ýok,barmaklar ýöne bir işlemän ýelpäp –
ýelpäp barýardy.Ol Ödeniýaz Nobatyň,Girman bagşynyň aýdymlaryny şeýle bir aýtdy
weli,märekäniň
içinde
oturan
Ödeniýaz
bagşy
turup-gelip,ony
mäkäm
gujaklap:”Aýdymlary kül-uşak edýäň,kül-uşak,hiç bolar ýaly däl!”diýip,onuň derden
ýaňa myjjyk bolan köýnegini çykardyp,täze köýnek geýdirdi.Ol daň atýança joşup aýdym
aýtdy,myjjyk bolan köýnekleriň sany bolsa artdy.Altymyrat öň täze ýyl agşamlarynyň
birinde,Atageldiniň pionyna çalyp,özüniň hem aýdym aýdanyny teleýaýlymda
görüpdi,emma şu günki ýaly aýdym aýdyp,akkardion çalyp bilýän ussat başga bardyr
öýdenok.”Ol Türkmenistanyň Muslim Mogamaýewi bolmalydy,Moskwada Çaýkowski
adyndaky ýokary mekdebi gutaryp,Italiýa gitjekdi,emma SSSR dargady-da, gidip
bilmedi.Ýetim
oglan,puly,serişdesi,goldawy
ýok.Zehini
daş
ýarýar,sesi
ýakymly,emma...Häzir hemme ýerde diňe pul oýnaýar"diýip,dosty Altymyrada
düşündiriş berdi...Ine,ol şol günden bärem ussat bagşynyň aýdymlaryny ýanyndan
aýyranokdy...
Şeýdip ol iki sagada golaý wagtyny geçirdi.Hammamdan çykyp,seýil bagyň
ýodajyklarynda gije sagat ona çenli gezim etdi,öýüne gaýdyp gelip,ýazyjy Atajan
Taganyň”Saragt galasy”romanyny,gözi ýadaýança okady-da,ýerine gyşardy.Gyşarsa-da
oňly ýatyp bilmedi,göwnüne bolmasa jaýyň içi tamdyr ýaly gyzypdy.Gat-gat beton
jaýlaryň ýaşamak üçin amatsyzdygyny,tomsuna yssy,gyşyna sowuk bolýanlygyny bilmän
duranokdy,ýöne obadaky durky bilen çig kerpiçden dikeldilen pessejik jaýlarynyň içi
weli,tomsuna sowuk,gyşyna ýylydy,içiniň howasy hem jana ýakymlydy.Şu gijäni eýdipbeýdip geçirse,erte ol oba gidip,dogan-garyndaşlaryndan az-owlak pul ýygnamalydy,iki
günden soňam Moskwa uçmalydy.
Ol ýassygyny Güller diýip gujaklap uklap galdy.Ir sagat altyda,şol bir turýan
wagtynda oýandy-da,her hili maşklary ýerine ýetirdi,daşada bir sagat
ylgady,gaýdyp,öýüne
gelip,aýagyny
ýüreginiň
derejesinden
ýokary
galdyryp,ýadowlygyny gowşatdy,gyzgyn,sowuk suwa ýuwundy.Şonuň bilen birlikde ol
beden agzalarynyň aladalaryny hem ýadyndan çykarmady.Ýaryşlarda,islän iýmit bilen
däl-de,berilýän iýmit bilen oňňut etmeli bolýanlygy üçin,ilkinji nobatda bagrynyň
aladasyny etmelidi.Lukmanlar “böwregiň aladasyny gije,bagyryň aladasyny öýlän sagat
ýedilerde etmeli”diýselerem,Altymyrat ony ir bilen edýärdi...Hawa,ýadyna düşýär,ýazda
erikler,almalar ýaňy düwüp ugranda ol dostlary Döwlet joňk,Aman jyk-jyk,Artyk
öýkelek dagy bolup,çig almalardan gerk-gäbe doýardylar.Şorja alma janyňa hoş
ýakýardy,dişleri-de gamaşdyrmaýardy.Asyl,indi görlüp otursa,ol iýmitler bagryňy
arassalamakda iň gowy serişde bolup çykdy.Hut şol sebäplem,ol obadan gaýdan-da,ýany
193
bilen turşy almalary,gyrylan käşiri,azajyk syry, limony alyp gaýdypdi.Şolary iýip,ertirlik
edindi.Ol belokly we uglewodly iýmitleri aýyl-saýyl edýärdi.Et beloklydy,ýöne onda az
mukdarda uglewod hem bardy,çörek uglewodlydy,ýöne onda belok bardy.Bu ýerde
gürrüň belogy we uglewody köp bolan iýmitler barada barýardy.Ine,onsoň
ol,meselem,günorta naharynda gaýnan eti iýse,çörek iýmeýär,(biz bolsa çöreksiz et
iýemzok)kotlet, manty,çekize iýse,şeker iýmeýär,şekerli çaýy içmekçi bolaýanda-da,bäş
sagatdan soň içýär,kelemli çorba iýse,içiniň kortoşkasyny iýmeýär.Bulary aýyl-saýyl
etmeseň bolaýjagam däl.Ol Amerikada iki gezek,Germaniýada üç gezek,garaz bütin
Ýewropa,Aziýa döwletlerinde boldy,her ýurdyň howasy,iýmiti,suwy başga.Şol sebäpli
sen özüň üçin özüňe ýaramly iýmitleri saýlamany başarmaly.Ol saglyk ýagdaýyňa amatly
täsir etmekden başga-da,agyr atletikada gerek agramyňy tapmakda uly kömek
edýär,meselem,75 kilogramda çykyş edip ýören bolsa,ýene bir aýdan 82 kilogramda
çykyş etmeli diýseler,öz agramyny şoňa ýetirip bilýär, ýa-da,tersine azaldyp bilýär.Beýle
zady ştangaçylaryň köpüsi başarýan däldir.Galyberse-de,onuň iýmitleniş usuly ýadyň
ýitileşmegine hem amatly täsirini ýetirýär.Meselem,Parijiň Eýfel diňinde kofe içip
otyrka,ägirt uly meýdany tutýan Kanada döwletiniň adynyň “Çatmajyk”diýen
manysynyň bardygyny,Daniýada bolanda amerikada ýaşaýan milletleriň içinde sany
boýunça iň köpüşiniň nemeslerdigini,olaryň 58 milliondan geçýänligini,Afinada bolanda"
Zenit” sözüniň uzaga atýan top diýen manysy bolan arap sözüdigi ýadynda gowy
galypdyr...
Altymyrar bir hili adam,hiç wagt öz aladasyny öňünden etmeýär,bir ýere ugrajak
bolsa-da,diňe wagtynda barýar.Ine,bu günem ol otly ugramagyna bäş minut galanda
bardy.Menziliň içinden geçip barýar-ka,kellesini gapdala ýaplap,mejalsyz halda
oturgyçda oturan orta boýly horja aýala gözi düşdi.Şol bada ejesini gören ýaly,ýüregi
jigläp gidensoň,zenanyň ýanyna barmaly boldy.”Daýza,halyňyz teň,ýüzüňiz salyk
welin,menlik näme hyzmatyňyz bar?”diýip,ol zenanyň öňünde çöküne düşdi.Zenan
dikeldi-de,öçügsi gözlerini Altymyrada dikdi,soňam:”Wah,jan balam!Men oglumy goşun
gullugyna ugratmaga Duşakdan gelşim,uzakly gün bir owurt suw içmäge ýagdaýym
ýok”diýip,ysgynsyz jogap berdi.Altymyrat otlynyň ugraýanlygyna garamazdan menziliň
günbatar çüňkünde ýerleşen naharhanadan bir çäýnek çaý,bäş bölek gutap,nan alyp geldide,zenanyň gapdalyndaky boş ýere çökdi.”Daýza,alyň, şulary iýiň,bir käse ajy gök
çaýdan içiň,onsoň kelleňizem agyrmaz,özüňize-de gelersiňiz,aglamaň!Ejem pahyra,şeýtsem dikeläýýärdi”diýip,Altymyrat bir käse çaý guýup uzatdy.Zenan boýur-boýur
dökülýän ýaşly gözüni dikdi-de:”Wah,balajygym,men neneň aglamaýyn,oglumyň edip
bilmejek ýagşylygyny senden görýärin.Şeýle adamkärçilikli goç ýigidi Allanyň maňa
duşuranyna begenip,aglaýaryn.Eliň-gözüň dert görmesin,Hudaýym.Ýaşyň uzak
bolsun!”diýip,jogap berdi.Zenan naharyny iýip,çaýyny içip bolýança Altymyrat
garaşdy,soňam gap-çanaklary ýygnaşdyryp:”Enem jan,birnemejik özüňize gelen
bolsaňyz bolýar,men-ä,onda gidiberjek!?Öýňüze gaýtmaga ýagdaýyňyz bolmasada,ine,al!”diýip,eslije puly oňa uzatdy,emma zenan puly alman:”Eliň-gözüň dert
görmesin,Hudaý jan!”diýip,şol bir sözüni gaýtalaýardy hem-de sessiz aglaýardy.
Altymyrat gap-çanaklary tabşyrdy-da,taksini saklap:”Meni şu giden otlynyň yzyndan
ýetir!”diýdi.Sürüji Änewe otly bilen deňje bardy...
Ol hiç zada ünsüni sowman, otlynyň aýnasyndan tebigata syn edip otyr.Ine,Gäwirsiň
öňündäki çäge depeleri.Olary bezeýän ojardyr-sazaklar misli bir öýlerindäki erik agaçlary
ýaly,şahalaryny ýaýradyp,seleňläp görünýär,iki düýbüň arasyny bolsa,göm-gök,gyrymsy
otlar,dürli reňkli güller misli bir türkmen halysyny ýadyňa salýar.Bu gözel mekanda ir
194
döwürler gelmişekler az wagtlyk ýaşan bolmaly,ýogsam Gäwürs adyny almazdy.Mundan
geçseň giden bir takyrlyk,suw bolsa kesewiňi dürtseň gögerjek bereketli toprak.Ol tä
Baýramala çenli dowam edýär.Ondan aňyrda çäge
aňňatlary.Hojalyklaryň
gazlaşdyrylmagy netijesinde ol aňňatlar gür tokaýlyga öwrülip gitdi. Ine-de, baga bürenip
oturan Artyk obasy.Otly saklanan badyna üç sany 10-12 ýaşlaryndaky oglanjyklar,alagalmagal bolup geldiler-de,Altymyradyň gapdalynda çökdiler.Olaryň biriniň elinde
düzüm-düzüm çig almasy bolan şaha bardy,ýolup almaga ýaltanyp,şahasy bilen döwüp
alyp gaýdan bolmalydy.Altymyrat olary synlady-da:-Çagalar,geýim geýşiňize,arassalygyňyza seretseň-ä,siz akyllyja oglanjyklar
ýaly,emma ula salam bermezligiňiz oňa meňzemeýär,bolmanda oturmaga rugsat hem
soramadyňyz.Bu gowy däl.Siz baga bürenen,tebigaty gözel Artyk obasyndan
bolmaly,şeýle gözelligiň eýesi siz.Gözellik Güneşli Günüň aşagyndaky azat durmuş.Siz
ony diňe bir goramaly däl-de,aňyňyza siňdirip,nesilleriňize ýetirmeli.Siz
nädýärsiňiz?Almany şahasy bilen döwseňiz aňyrsy sanlyja ýyldan bagly obaňyzy
ýalaňaçlarsyňyz,onsoň bujagaz iýýänje almaňyzam bolmaz,beýlekem.Alma özüňiziňki
däldir,ýogsam-a...diýdi-de,ol eli şahaly oglana seretdi.
–Aý,gelýäkäk,ýoldaky almadan alaýdyk-da-diýip,ol özüni aklajak boldy.
–Näme alman,eýesiz, hyrowa gögeren alma-diýip,ikinji oglan dostuny goldady.
–Eýesiz däl,ol kolhozyň bagy-diýip,üçünji oglan düzediş berdi.
–Kimem bolsa ony biri ekendir-ä?Onsuzam,soňky ýüzýyllyklarda170 görnüş janlyjandar,130 görnüş guş,sansyz ösümlyk dünýäsi ýok boldy.Hany aýt,sen öz wyjdanyňa
gulak asýarnyň?
-Ol haýsy teleýaýlymda görkezilýär?-diýip,ikinji oglan içýakgyç sorady.
–Görýän weli,siziň aklyňyz kemterlik edýär,mekdepde berilýän öý işleriňizi-de eneataňyz işleýän bolmaly.Hany aýdyň,ol bagy kim ekipdir?
-Atam-a oňa “Dostlugyň we bagtyň bagy”diýýär,käte “Baharyň bagy”hem
diýäýýär,”ýer yranmasy netijesinde weýran bolan obamyzy dikeltmäge,dürli milletleriň
wekilleri geldiler,şonda Bahar eje ilkinji bagy oturdyp,dostlugyň bagy diýdi.Onuň
başlangyjyny adamlar alyp göterdiler,şeýlelikde oba bagy döredi”diýýär-diýip,birinji
oglan jogap berdi.
–Görýäňizmi,Bahar eje ekipdir,siz onuň miwesini iýýärsiňiz,indi siz bag ekseňiz
miwesini nesilleriňiz iýer.Düşüniň,biriň “meniň wyjdanym arassa”diýip,şaha döwüp
ýörse,beýlekiň oňa goltgy berse,ýene biriň kömege mätäjiň gapdalyndan geçip,wagtym
ýok bahanasy bilen wyjdanym arassa diýse,nähili bolar?Men ertir Leningrad şäherinde
boljak ýaryşa ugraýaryn.Şäher Piotr birinji tarapyndan batgalykda gurulanlygy sebäpli,
ýollar,ýodalar, jaýlar,arassa we hapa suw ulgamlary agaçdan bolupdyr,şol sebäpli
şäherde çilim çekmek,köçeleriň ugruna ekilen baglarda,ösmegine päsgel berýär
diýip,ýuwulan zatlary asyp guratmak gadagan edilipdir,kanun bozanlara berk çäre
görülipdir.Görýäňizmi!?...Siz nädýäňiz?-diýip,Altymyrat ikinji oglanjygyň saçyny
sypalady-Sen dostuň tarapyny tutýarsyň,arkasynda durýarsyň,ol gowy zat,ýöne onuň
ýaramaz hereket edenligini görmejek bolýarsyň.Siz obaňyzdaky baglary,dag
ösümliklerini,janly
jandary
goramaly
dälmi?Guşlar,howa,çeşme
suwy,janlyjandar,tokaý,gyrymsy
ösümlikler,dag,obaňyzyň
ekin
meýdany-bular
ýaşaýan
obaňyzyň,has dogrusy göbek ganyňyzyň daman topragynyň,Watamyňyzyň tebigaty
dälmi?Tebigaty gorasaňyz Watanyňyzy goradygyňyz bolýandyr,şoňa düşüniň.Siziň
dünýä inişiňiz ýaly,tebigatdaky ähli zat nesil dowamaty üçin tohum taşlaýar,onuň bir
bölegi çüýreýär,bir bölegini guş-gumrylar çöpleýär,sanlyja bölegi bolsa gögerýär,şol
195
gögerýänini hem ýok etseňiz bolmaz!Hany,kim bag-bakja ekip gördi?-diýip,Altymyrat
soragly nazaryny olara gönükdirdi.
–Men atamyň oýtagynda ýagyş suwuna düme gawun ekmäge kömekleşdimdiýip,şol bir oglan jogap berdi.
-Eken bolsaň bilýänsiň,çigidi ýere taşlasaň gögerer,taşlamasaň gögermez.Tebigat
hem edil biziň ýaşaýşymyz ýaly ýaşaýar,emma biz oňa düşünmeýäris,düşünjek hem
bolmaýarys.Hany aýdyň,tebigat diýmek näme?
-Tebigat bize ýakmaga odun berýär.
–Tebigat meniň üçin ýaz paslynyň dag etegi,gülzarlyk,ondaky saýraýan guşlar!
-Tebigat meniň üçin gök asman,arassa suw,arassa howa we atamyň kärende ýeri.
–Siziň jogaplaryňyzy birikdirseň tebigat bolýar,diýmek,tebigat-Watan,dogduk
mekan bolýar...
Men her ýyl bir döwlete ýaryşa gitmeli bolýaryn,tebigaty synlaýaryn,käbir
üýütgeşikler bolaýmasa tebigat tebigat bolýar,bizdäki bar baglar olarda ýok,olardaky
haýwanlar bizde ýok,aýdaly alahekge bizde ala,olarda kül reňk.Ýaryşlardan gaýdyp
obaňa aýak basýarsyň weli,bezzat alahekgelerem gözüňe yssy görünýär. Diýmek,Watan
seniň göbek ganyň daman topragy,daşyňy gurşaýan tebigat!Bizde,heniz adamynyň eli
degmedik tokaýlyk,ösümlik dünýäsi bar,şoňa guwanmaly.Ýapon döwletinde tebigy
tokaýlyk gür baglyga we seýil meýdançalaryna öwrülip gidipdir.Biz beýle ýagdaýa
düşmejek bolmaly,ýogsam...
–Kaka menziline geldik, düşmeli-diýip,çagalar goşlaryny ýagnap başladylar.
–Daýy,men düşündim,beýle işi gaýdyp gaýtalaman-diýip,hoşlaşyp çykyp
barýarka,eli şahaly oglanjyk seslendi...
--2—
Altymyrat bir günüň içinde dogan-garyndaşlaryna aýlandy,azajyk pul
toplady,Gülleri görmäk üçin,Mary şäherine,okaýan ýerine bardy,emma onuň tejribe
toplamak maksady bilen keselhana iberilenligini bilip,özüniň Olimpiýa ýaryşyna
ugraýanlygyny,görüp bilmänligine gynanýanlygyny,nesip etse ýeňiş bilen dolanyp
geljekdigini,onuň hem gutaryş synaglardan üstünlikli geçmegini arzuw edýänligini
ýaňzydyp,gysgajyk ýazgy ýazdy-da,bile kaýan jorasy Ýelena gowşurdy.Şol agşamam
Aşgabada,ertesi uçar bilen Moskwa,Podolskä bardy.Ol bu ýerde iki aý türgenleşip,maý
aýynda Sank Peterburgda,Olimpiýada gatnaşmaga hukuk almak üçin geçirilýän ýaryşa
barmaly,ýeňiş gazansa topara goşulyp Barselona gitmelidi.Bu mesele ony birjikde
pikirlendirmeýärdi,özüne göwni ýetýänligi üçin arkaýyndy,birahat edýän zat
başgady.Türkmenistandan pul gelmedi bahanasy bilen,ony naharhana goýbermediler.Her
zatda bolsa,ýany bilen birnemejik serişde alyp gaýdany gowy bolupdy,has dogrusy şeýle
ýagdaýyň boljagyny öňden gören ýaly hereket edipdir.Bu ýeriň bir gowy zady,naharlar
arzandy,eliň boş bolsa güýmener ýaly,kitaphana,kino,hyzmat ediş otaglary bardy.
Altymyrat kitaphana baryp,1980-nji ýylda Moskwada geçen Olimpiýa oýunlary
baradaky maglumatlara seretdi.Dogrusy,ol ony 11 ýaşlarynda-ka,teleýaýlymda,başyndan
aýagyna çenli syn edipdi,şondan bärem,dünýä sportynda gazanylýan atlaryň,derejeleriň
iň hormatlysy hasap edilýän Olimp ýaryşlaryny höwes edip synlaýardy
Moskwada ýakyljak Olimp ody,ondan bir aý öň Gresiýanyň Olimp şäherindäki Gera
hramynyň meýdançasynda, Gün şöhlesiniň kömegi bilen alynypdy.Ol Moskwa çenli
4000 kilometr ýol geçdi.Bu ot ,ony alyp barýan adamlaryň ýedi günüň dowamynda birek196
birege geçirmeginde,grek topragyndaky gadymy Salonik,Korinf ýaly şäherleriň üsti bilen
1136 kilometr ýol geçip,Afinanyň mramor stadionynda dabaraly garşylandy,soň
Bolgarýanyň içi bilen742 kilometr,Rumynýadan 575 kilometr ýol geçip,Moldawiýa
bardy,ondanam Ukrainanyň üsti bilen 1600 kilometr ýol geçip,dokuz günde Moskwa
geldi.Oduň geçen ýoly böleklere bölünip,her sportçy bir kilometr aralygy ylgap,ony
öňündäki garaşýana geçirýärdi,şeýdip,günde 180 kilometr ýol geçip,1980-nji ýylyň 19nji iýulynda Moskwanyň Lujniki stadionynda dabaraly ýagdaýda ýakyldy,şol ýerdede,Olimpiadanyň ak baýdagynyň, ortasynda,bir-biriniň içinden geçen ýaşyl, sary, gara,
gök,gyzyl halka bolan,(dünýäniň bäş kontinentini aňladýar) baýdagy dikildi.Oduň
ýakylmagy hem gadymdan gelýän däp-dessur.Gyje-gündüziň deňleşýän wagty adamlar
Hudaýa hormat hökmünde,şaman ot ýakyp,onuň daşyna aýlanyp tans edipdirler,
göreşipdirler, böküşipdirler,dürli ýaryşlary geçiripdirler,ot ýakmak düzgünem şondan
galypdyr.
Bulardan başga-da ol, ilkinji Olimpiýa oýunlarynyň biziň eramyzdan öňki 776-nji
ýylda geçenligini,biziň eramyzyň dördünjy asyrynda soňky oýunlaryň bolanlygyny,394nji ýylda bolsa imperator Feodosiý tarapyndan ýatyrlanlygyny kitaplardan okady.!9-njy
asyrda fransuz jemgiýetçilik işgäri Piýer de Kuberten ýatyrylan oýunlary täzeden
dikeltmek barada teklip bilen çykyş edýär we 1894-njy üylda birinji Olimpiýa
oýunlarynyň Gresýada geçirilmegini gazanýar.
Şondan bäri onuň ikinjisi,1900-njy ýylda, Parijde,üçünjisi, 1904-njy ýyl, Sent-Luis
şäherinde,dördünjisi, 1908-nji ýyl,Londanda, bäşinjisi, 1912-njy ýyl, Stolşkgolm-da,
altynjysy,1916-njy ýyl, geçirilmedi, ýedinjisi, 1920-njy ýyl, Antwerpen şäherinde,
sekizinjisi,1924-njy ýyl, Parijde, dokuzynjysy, 1928-nji ýyl, Amsterdam-da,
onunjysy,1932-nji ýyl, Los-Anjelos-da, on birinjisi, 1936-njy ýyl, Berlinde, on ikinjisi,
on üçünjisi uruş zerarly geçirilmedi, on dördünjisi, 1948-nji ýyl, Londan-da, on bäşinjisi,
1952-nji ýyl, Helsinkide, on altynjysy, 1956-njy ýyl, Melburn-da, on ýedinjisi, 1960-njy
ýyl, Rim-de, on sekizinjisi, 1964-nji ýyl,Tokio-da, on dokuzynjysy, 1968-nji ýyl,
Mehiko-da, ýigriminjisi, 1972-nji ýyl, Mýunhen-de, ýigrimi birinjisi, 1976-njy ýyl,
Monreal-da, ýigrimi ikinjisi, 1980-nji ýyl Moskwada, ýigrimi üçünjisi, 1984-nji ýyl,
ýigrimi dördünjisi 1988- nji ýyl, Seulda geçirildi,indiki ýigrimi bäşinjisi bolsa
Barselonada geçmelidi.
Mundan başga-da 1924-nji ýyldan bäri her dört ýylda gyşky Olimpiýa oýunlary
geçirilýärdi.
Rim-de geçen oýunlarda Altymyradyň söýgüli ştangaçysy Arkadiý Worabýow ýeňiş
gazandy,Monreal oýunlarynda bolsa Wasiliý Alekseýew dünýäniň rekordyny
täzeläp,çempion boldy...
Podolskide iki aý türgenleşen Altymyrat, Sank-Peterburg ýaryşyna gatnaşyp,öz
agramy boýunça ýeke-täk çempion boldy we onlarça sportçylaryň içinden Barselona
gatnaşmaga hukuk gazandy.Podolskä gaýdyp geleninden soň onuň daşynyň kölegeli
gürrüňleri köpelip başlady.Tälimçi Wasiliý Alekseýew onuň dynç alýan otagyna
gelip,hal ýagdaýyny sorady,kömek gerek bolsa ýaýdanman ýüzlenmegi teklip etdi.
–Muýunhen ýaryşyndan soň men öz-özüme sorag berdim-diýip,ol gürläp başladyWagt geçýär,ýaşyň goýalýär,bedeniň agzalary ýadadym diýýär, parahat
durmuşda,asudalykda ýaşamak islegi döreýär.Şonda-da men göreşimi dowam
etdirdim,ýöne türgenlik usulymy üýtgedip,öň günde otuz tonna demir göterýän
bolsam,indi onuň geregi ýoklugyna düşünip başladym.Men indi bedenimiň agzalarynyň
sagat bolmagy,onuň her hili synaglara döz gelmegi barada aladany edip
197
ugradym.Bedeniň sagat bolsa ruhuň sagat bolýar,şol bir wagtda ol güýjüňe,gazanjak
ýeňişiňe uly ynam döredýär,ýogsam,dünýäde iň güýçli adam diýen ady aljak bolýanlar
gyt däl ahyryn...Ýadyma düşýär,1973-nji ýalda,Ispaniýada geçirilen Ýewropa
çempionatynda,tomus örän salkyn boldy.Bu ýerde Leningrad şäherinden Pawel Perwuşin
atly sary saçly görmegeý ýigit uly ýeňiş gazanyp,agzymy açdyrdy,onsoň güýjüme
ynamym bolansoň menem üstünlikli çykyş etmegi maksat edindim.Emma,
öňümde,belgiýaly Reding atly pälwan bardy,ol birden götermekde 182 kilogramy
alypdyr,men bolsa ol agramy heniz almandym.Nätmeli?Iýýän iýmitlerimi azaltdym,bir
hepde-de 152 kilo bolanymdan agramymy 143 kilo getirdim.Ýaryş gutarýança kimiň
nähili ýeňiş gazanjagy belli däldi.Şol gezek ýeňişi men gazandym.Aýtjak bolýanym,hiç
wagt pylany ýeňiş gazanar diýip bolmaýar,emma seň güýjüňe welin ynanýaryn.Şu ýerde
başga mesele ýüze çykýar.Sen 75 kilogram agramda çykyş edip,Barselona gitmäge
hukuk gazandyň,emma maňa 82,5 kilogram agramda çykyş etjek sportçy
gerek.Öňem,soňky agramda ençeme gezek ýeňiş gazananyňy bilemsoň soraýaryn,şol
agramda çykyş etmäge sen razymy?
-Meniň üçin 75 kilogramda ýa-da 82,5 kilogram agramda çykmaly,parhy ýok.Ýedisekiz kilo agralmak itiň aňsady.Onsoňam,”ryskymy Huda kylar,özgesi
juda
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Topraga duwlanan ägirt - 24
  • Parts
  • Topraga duwlanan ägirt - 01
    Total number of words is 3727
    Total number of unique words is 2407
    27.6 of words are in the 2000 most common words
    39.5 of words are in the 5000 most common words
    46.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 02
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2333
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 03
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2248
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 04
    Total number of words is 3799
    Total number of unique words is 2213
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 05
    Total number of words is 3750
    Total number of unique words is 2052
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 06
    Total number of words is 3806
    Total number of unique words is 2274
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.7 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 07
    Total number of words is 3865
    Total number of unique words is 2300
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 08
    Total number of words is 3825
    Total number of unique words is 2305
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 09
    Total number of words is 3694
    Total number of unique words is 2102
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    41.6 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 10
    Total number of words is 3725
    Total number of unique words is 2187
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.9 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 11
    Total number of words is 3735
    Total number of unique words is 2051
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    41.8 of words are in the 5000 most common words
    48.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 12
    Total number of words is 3792
    Total number of unique words is 2214
    30.1 of words are in the 2000 most common words
    42.9 of words are in the 5000 most common words
    51.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 13
    Total number of words is 3886
    Total number of unique words is 2332
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 14
    Total number of words is 3760
    Total number of unique words is 2059
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    48.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 15
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2334
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 16
    Total number of words is 3919
    Total number of unique words is 2287
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 17
    Total number of words is 3814
    Total number of unique words is 2399
    29.7 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 18
    Total number of words is 3889
    Total number of unique words is 2298
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    52.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 19
    Total number of words is 3905
    Total number of unique words is 2341
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 20
    Total number of words is 3790
    Total number of unique words is 2279
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    42.8 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 21
    Total number of words is 3767
    Total number of unique words is 2332
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    51.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 22
    Total number of words is 3867
    Total number of unique words is 2277
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 23
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2320
    30.0 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 24
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2105
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 25
    Total number of words is 3797
    Total number of unique words is 2346
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    43.2 of words are in the 5000 most common words
    50.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 26
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2419
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 27
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2388
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    43.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 28
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2328
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    42.7 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 29
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2402
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 30
    Total number of words is 3800
    Total number of unique words is 2318
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    45.5 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 31
    Total number of words is 3879
    Total number of unique words is 2292
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 32
    Total number of words is 3850
    Total number of unique words is 2256
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    44.2 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 33
    Total number of words is 3855
    Total number of unique words is 2313
    31.6 of words are in the 2000 most common words
    45.6 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Topraga duwlanan ägirt - 34
    Total number of words is 2849
    Total number of unique words is 1691
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.